Latin

Derdeser - 7

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 2083
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
eýesiz diýip. Nirden çykd-aý bular?! Bi gumuň içinde
näm işläp ýörler, Alla bilsin!.. Men muny ýöne
goýman, ertir ugruna çykarynam, bellisini ederinem...
141
Häk siziňem bir... - diýip, erbet-erbet sögünip yzyna
dolandy. Haşlap gelişine ýolugra köwşüni gözledi.
Garaňkyda köwüş ilýämi gözüňe?! Tapmady.
- Ýiten şo köwüş bolsun. Baribir ol könelipdi.
Täzesini aljak bolup ýördüm onsuzam. Ol hiç-le. Atam
pahyrdan galan ýekenili tapsam bolýar. Onam
ýitiräýsem-ä Amangül üçin igenç obýekti bolýan. Be-e!
Çerkez, ine, şu ýerde ýalňyşlyk goýberdi, şol ýerden
gabatlap, guma siňdi. Ol köwşünden geçipdi.
Welosipedindenem tamasyny üzüpdi. Indi diňe tüpeňi
tapmalydy.
“Şol daýaw ak sazagy tapsam - Boýnagy tapdygym.
Boýnagy tapsamam - tüpeňimi. Be-eý, walla!”
Ol içini hümledip ýörşüne daş-töweregine
garanjaklaýardy. Barybir gözüne hiç zat ilmeýärdi.
“Ýeri, ala-böle bi gijäň Aýsyzlygy näme diýsene.
Hemişeler Aý diýeniň dagyn arabaň tigirçegi ýaly bolar
durardy. Häý, dogman geçen!”.
Uzaklardan
bir
ýerlerden
möjekleriňmi,
şagallaryňmy, kim bilýä, uwlaýan sesi eşidildi. Şundan
soň ol gorkup ugrady.
“Şagallara şam bolmakam gideýin bärden. Äý,
tüpeňem jähenneme gitsin-laý. Ertir gündizlikde gelip
taparyn. Gideýin diýýän welin, uly ýolam-a ýitirdim.
Haý, günüňe ýanaýynyň Çerkezi”.
Ol hakykatdanam azaşypdy. Diňe azaşmak hem däl,
haýsy tarapa nämüçin barýandygyny bilenokdy.
“Häk, şu Boýnagy tapaýsam-a... Uly ýoly
taparmyka? Itler ökde bolýa şular ýaly ýerde. Gelen
ýoluny derrew tapýarlar”.
Ol gaty sesi bilen itiniň adyny tutup gygyrdy.
142
- Boýnak, Boýna-ak!
Gaty uzak bolmadyk bir ýerden Boýnagyň uwlama
gatşykly çyňsaýan sesi geldi.
“Aý, şü-ýä diýseň-diýmeseň Boýnak. Hä,
uwwullyňa döneýin-ä. Ýa, Alla!”
Ol ses çykan tarapa ýöneldi. Bir alaňdan aşdy
welin, hakyt Boýnak dur. Özem guýrugyny bulaýlap
Çerkeze ýalynjaňlyk edýär. Ak sazagam görünýä. Inede, ýekenil tüpeň. Ol tüpeňi goltugyna gysdyrdy-da,
itiniň boýnundaky ýüpüni çözdi. Şoňa mähetdel it
Çerkeze gysyldy.
“Gorkandyr biýem. Hmm... Bu gorkunç ýerde
galan özüň bolma”.
Boýnak hakykatdan hem gelen ýoluna belet, ol
ýüzüni oba tutup senkildäp ugrady. Çerkezem onuň
yzyna eýerdi. Asfalt ýola ýetensoňlar garşydan motor
sesi eşidildi. Çerkez aýak çekip, tüpeňine söýendi. Az
salymdan ýiti çyranyň şöhlesi onuň gözüni
gamaşdyrdy. Motor hol beýleräkde saklandy.
- He-eý, kim-eý sen? – diýip, motorly gelen gygyryp
sorady.
“Şammy kel ýaly-la, how, bi”.
- Eý, Çerkez , senm-eý bi? Şumat tutuş goňşygolam seni gözläp ýör. Heleýiňem aglap otyr
öldürendirler diýip.
“Şol, Şammy kel, meni gözläp gelipdir. Nä iňňemi
men ýitäýer ýaly. Hmm...”
Motoryň çyrasynyň ýagtysyna tüpeňiň nili ýaldyrap
gitgi.
- Ýygn-eý, tüpeňiňi, Çerkez!
Çerkez tüpeňe ok sürüp, iki ädim gaýra çekildi.
143
- Tüpeň bilen oýun etmeý, Çerkez! Tanamadyňmy
meni. Men Şam...
- Gümp...
Boýnak sessiz-üýnsüz bagryny ere berdi. “Daňman
atsaňam boljak eken” diýip Çerkez pikir etdi.
- Nämetdiň-eý ony? Ýygnasan-aý tüpeňiňi! – diýip,
aňyrdan Şammy kel gygyrdy.
- Atdym, how, inim, atdym, görmediňmi ýaňy?!
- Nämüçin?
- Amangül ikimiziň ölümimizi dileýä, uwlaýa,
düşündiňmi?
Şammy kel düşünmedi.
Aprel, 1991. Aşgabat.
HAJATHANA
Hekaýa
Kemman agsaklaň hajathanasynyň ýerini ütgetmeli!
Çünki mellegiň aýagujunda gurlan bu hajathananyň
çukurynyň soňky gezek gazylanyna oýun-oýunluk
bilen üç ýyl bolupdyr. Şu üç ýylyn içinde-de munuň
çukury tas düzleniberipdir. Düzlenmez ýalam däl,
dogrusy. Kemman agsaklar, tüweleme, on bir baş
maşgala. Olaryň ikisi üçin gyssanan ýerleri hajathana.
Hajatyny mellegiň aýagujynda bitirýänlerem dokuz.
Olaryňam birinden başgasy günde orta hasapdan iki
gezek şu hajathananyň gapysyny açyp, ýapýar. Şundan
144
çen tutsaň-a, ini, uzynlygy, çuňlugy bir gulaç çemesi
çukuryň düzlenmegi üçin üç ýyl gaty kän bir
möhledem däl. Galyberse-de, hojalyk bi. Myhman
bolýa. Mediwan bolýa. Sawçy gelýä, habarçy gidýä.
Toý diýdi. Tomgy diýdi. Bi öýe şenbaşa it ýylgyrşyny
edip, humarbazarlaryňam gelibermesi bar. Geldiklerem
gözleri hajathanada. Ýene-de hajathanany zor görmeli,
ysyny çykarsa-da, sesini çykarman otyr.
Hajathananyň
ýerini
üýtgetmäge
bir
çen
bolandygyny ilki aňşyranam Kemman agsagyň özi.
Şundan soň ol bir hepde gowrak dagyn içini hümledip
gezdi. Ýene bir hepdänem sähetli güne garaşýan ýaly,
bu işiň başyna barman geçirdi. Soň bir gün Kemman
agsak gara daňdan böküp ýerinden turdy-da, ýalpyldap
duran kepjesini eline aldy. Bular ýaly işde iki gulakly,
uzyn saply, daýaw piliň däl-de, şular ýaly kiçijik, ýeňil
hem ykjam kepjäniň oňaýlydygyny Kemman agsak
senden-menden gowy bilýär. Şu hajathananyň
çukuryny öňem telim öwre täzeläninden bolsa-da,
ahmal.
Kemman agsak täze çukury hajathananyň göni üç
ädim ileri ýüzünden gazyp başlady. Ýer ýumşakdy. Bir
gulaç çemesi çuňlugy emgenmän işläninde-de bir
sagada ýetirmän gazyp boljakdy. Kemman agsak sähel
salymda bir gezlik çukuryň gumuny gyra çykardy.
Tomsuna adamlaryň ukusy gysgalýar. Daşarda,
tapçanyň üstünde ýatýanlaryňk-a baýaky.
Kemman agsagyň ortanjy ogly Nöker ir oýandy.
Oýanan dessine-de ýerinden galman, başujynda ýatan
çilimden birini otlandy. Ejesiniň girende, çykanda
geýýän, köne şypbygyny aýagyna gowaldaň ildiribem,
145
hajathana garşy ugrady. Mellegi deň ikä bölýän çilden
haýal ýöräp gelýärkä ol kirpiklerine ýelmeşen
çylpyklary aýyrmak üçin gözlerini owkalanda
kakasynyň bir işlere mübtela bolup duranyny gördi.
Kemman agsak ondan bihabar.
- Bä-ä, kaka, sen-äraý, deň bilen bir iş-ä goparjak
bolýaň-aý... - diýip, ol has golaýa gelensoň, ernindäki
çilimini ýogyn-ýogyn sorup, kakasyna habar gatdy.
Kemman agsak dikelip bir durdy-da, bary-ýogy bir
agyz:
- Tuwalet gazýan – diýdi.
Nöker kakasynyň işine seredip, biraz duransoň,
gözüni çukuryň guşluk tarapyndaky bir nokadyna
dikip, şeý diýdi:
- Maladis-aý! Biziň-ä kellämize-de gelmändir-aý şo.
- Siziňkä gelmese, meňkä geldi - diýip, Kemman
agsak çukury bilen boldy.
Nöker howlukmaç hajathana girdi.
Kemman agsak has-has edip, kepjesini işledýärdi.
Soň “jy-ýy-yk” edip, hajathananyň gapysy açyldy.
Nöker çykandan soňam açylyşy ýaly, “jy-ýy-yk” edip
ýapyldy.
- Hm, tuwalet gazýan diýdiň-ow – diýip, Nöker
kakasynyň golaýyragynda çommalyp oturdy.
- Hawwa, tuwalet gazýan – diýip, Kemman agsak
gaýtalady.
- Tuwaledem, opçim, gerek zat.
- Ýogsa näme?! Tuwaletsiz bolmaz-a.
- Hawwa. Bolmaz... Bäh, şü gadym türkmenler
tuwaletsiz-zatsyz
nädip
ýaşadylarka?
Haýran
galaýmaly!
146
- O döwürler obaň çetine çykar ekenler. Ot-çöpüň
arasynda, adam-gara ýok ýerde.
- O-da aňsad-a bolan däldir, her gezek çete çykjak
bolsaň. Donuň syýny basyp, bükgüldäp oturmalydyr.
Gözüňem töweregiňde. Aý, it durmuşy-laý... Şü
tuwaledi oýlap tapan adamyň kellesi nähilikä?.. Gaty
üýtgeşikdir.
- Ähtimaldyr, bolup biler.
- Suwa düşer ýaly hammam bolmandyr. Ýa o
döwürler suwa düşülmedimikä? Türkmen indi-indi
adam boljak bolýar.
Nöker süzgüjine çenli çeken çilimini ejesiniň köne
şypbygy bilen öçürdi.
- Bäh, Bäh! – diýip, ol biraz dymyp oturansoň,
boýnuny süýndürip-süýndürip, esli gumy daşyna
oklanan çukuryň içine ýiti-ýiti seretdi. – Urşa
gatnaşanyň bildirip dur-aý, kaka!
Kemman agsak düşünmedi. Başyny galdyryp:
- Hä? – diýdi.
- Aý, akop gazan adamyň nemesi-dä.
- Aý, ondan däldir-le.
- Bildiräýýä, how, kaka!
- Ony diýseň, senem-ä gullukda akop gazyp gören
bolmaly.
Nöker mölerildi.
- Ilki baraýan wagtlammyz-a birazajyk gazyp
görüpdik. Soň-a gazdyrdyk.
- Birazajyk gazanam bolsaň, bildirmelidir öz-ä.
- Aý, onsoňam-ow, kaka, gullugyň akoby
gullugyňky bolaýýa, how.
147
- Tapawudy näme? Hemmesem bir akopdyr-da.
Urşuňkam edil gullugyňky ýaly.
- Urşuňky hakyky-da.
- Uruşda çynyň bilen gazýaň diýjek bolýaňmy?
- Hawwa.
- Hä-ä, ol-a şeýledir – diýip, Kemman agsak
tassyklady. – Hakyky akoplar uruşda gazylýa.
Gullukdaky häki bir öwrenmek üçin-dä. Ýöne tuwalet
gazmak üçin üýtgeşik bir neme gerekgämikä diýýän
men-ä.
Nöker kakasynyň soňky diýenlerine pisint etmedi.
Ýerinden turdy.
Gerindi. Soň:
- Hany, şo kepjäňi maňa-da ber, kaka! Menem gazyp
göreýin – diýip, kakasynyň üstüne abandy.
- Gazyp görseň, gazyp göräý – diýip, Kemman
agsak kepjesini Nökeriň eline tutdurdy.
- Kör abraý bolup bilmezmikäk?!
Şuny diýip, Nöker syrtardy.
- Hany, bakaly!
Kemman agsak iki ädim çete çekilip, gyýma
balagynyň jübüsinden kädisini çykardy. Düýbüne
pitikledi. Nas atdy.
Nöker kepjäň gumhanasyna çenli dolduryp, çukuryň
daşyna gum çykarmaga durdy.
Kemman agsak orta boýly adamyň guşaklygyndan
aşagy ýalyrak ýerini gazypdy. Emma munuň özi
ýeterlik däldi. Kemman agsagyň pikiriçe, ýene
bolmanda birki gez aşak çümmelidi. Giňiräk, çuňurak
bolmalydy. Garaz, çukury çuňaltmak üçin indi onuň
içine girmelidi. Bu bolsa işi görnetin kynlaşdyrýardy.
148
Nöker jalbarynyň gonjuny çermäp, çukuryň içine
girdi.
Kemman agsak kesä bakyp, dodaklaryny
müňküldedýärdi. Nasyň keýpini görýärdi.
- Häk, Şammyň ekiskywatyry bolaýsa! Göni bir
mintda bellisini edýä şuňňaly tuwalediň – diýip, Nöker
bolsady ekdi.
Kemman agsak sesini çykarmady.
Dört-bäş gezek sessiz-üýnsüz eglip galansoň, Nöker:
- Tuwalet gazýan ýeriň dagyn näteňed-aý, kaka?! –
diýdi.
Kemman agsak dodaklaryny berk ýumup oturyşyna
gözi bilen ogluna sorag berdi: “Düşünmedim?”
Nöker gaýtalady.
- Tuwalet gazýan ýeriň näteňet diýýäň?!
- Hä? – diýip, Kemman agsak nasyny tüýkürdi. –
Näm boldy?
- Aňkap dur-a myň ysy – diýip, Nöker hajathana
ümledi.
- Aňkasa nätjek?
- Ho-o towukketegiň ýanyndan gazaýmaly.
- Gaýtyb-a şu taýy oňat.
- Tuwalediň ysyndan durar ýaly däl-ä by taýy.
- Şuwadam bir pille.
- Aý, indi ýerimizi üýtgedip ýörmäli. Ýene bir az
gaz! Onsoň-a bolaram-la.
- Özüň ys bilmäňsoň, nemedýän dälsiň.
Ýene biraz eglip-galansoň, Nöker!
- Arasynda dynjyny alaýmasaň şüý-ä biliňem
uçurjag-ow, kaka! – diýdi.
- Guşagyň ýokdur.
149
- Şo-da. Guşagym ýok-da.
- Guşagyň bolsa, hiç zadam etmez.
- On-a bilýän-le.
Nöker dikeldi, has-has edip demini aldy.
- Bäň, gadym türkmenler guýyny nädip gazdylarka?
Pil bilen-ä gazan däldirler. Bir emel eden bolaýmasalar.
O zamanda traktoram-a ýok. Guýyň çuňlugy näçe metr
bardyr öýdýäň?.. Ýadadýar-aý, biý-ä. Bolmazm-aý
indi?
Kemman agsak gözüniň gytagy bilen ogluny
synlady-da:
- Eýýäm ýadadyňmy? – diýdi.
- Eýýäm bom-aý? Diýip goýberiberýäň-aý, kaka!
Ýaman çalt ýadadýa, how, bi.
- Ýene bir depik alsaň-a, bolaýmagam mümkin.
Nöker kepjäni işledip ugrady.
- Özem-aý, kaka, myny ýaman giň edipsiň-aý.
Howuz ýaly, how, bi - diýip, ol birhaýukdan dikelip,
dynjyny alyp durka aýtdy.
- Gowu-da giň bolsa.
- Nämesi gowy?
- Göwnejaý bolýa-da. Hem uzaga gidýä.
- Dar bolsa nä? Göwnejaý dämi?
- Aý, oglum, edeniňe görä giňiräk, ulurak etseň
diýýän-dä. Şeýtseň, siňek-piňegem bolmazak bolýa-da.
Nöker sesini çykarmady. Haşlap demini aldy.
- Hany bir göreýin men, bolar ýaly dämi? – diýip,
Kemman agsak Nökeriň üstüne abandy. - Öz-ä
alyberipsiň... Nöker jan, oglum, o taýyny daraltma, al!
Ine, bi ýüzüňde.
Kemman agsak çukuryň beýleki tarapyna aýlandy.
150
- Nöker jan, ana, ho ýerinem al! Neme ýaly bolup
durmasyn! – Şuny diýende onuň agsak aýagynyň aşagy
opurylyp, esli gum Nökeriň üstüne, ýakasyna döküldi.
Nöker kakasyna ýowuz garap:
- Haýwandan tapawudyň ýog-aý, kaka, nädýäň-aý?!
– diýdi.
Kemman agsak ilki sesini çykarmady. Diňe birazdan
yza çekilip, şeý diýdi:
- Nöker jan, bar sen ýuwun-da, çaýyňy iç, ogul!
Galanyny özüm gazaryn.
- Ýo-o, indi kän zat ýok-laý.
- Hany kepjäni ber. Ikibaşdan özüm girmeli boljak.
Nöker çukurdan çykyp, kepjäni kakasyna uzatdy.
Ýüzüni birhili edip çilim otlandy. Ajy tüssäni içine
çuňňur-çuňňur
sorup,
hajathanany
synlady.
Bokurdagyny arçap:
- Kaka! - diýdi.
- How!
- Tuwalediň özünem-ä täzelemeli bolupdyr, kaka!
- Hä-ä, tuwalediň özünem täzelemeli. Oňat ýatladyň
şuny – diýip, Kemman agsak guşagyny çekdirip durka
aýtdy.
- Şu gezek nemetseg-ä hasam oňat bordy.
- Hany, men şu çukury bir birýaňalak edeýin. Onsoň
görübiris.
- Ähä!
Kemman agsak kepjesini alyp, çukura girdi.
Nökerem ýeňsesini gaşap, işige ýöneldi.
15-nji dekabr, 1993-nji ýyl, Aşgabat.
151
KAKAMA GITME DIÝJEK
Hekaýa
Men erkek adamyň güňleç sesine ukudan oýandym.
- Saklajak bolup, nähak azara galýaň. Men gitmeli.
Bu ýerde galyp biljek däl. Düşünýäňmi, galyp biljek
däl!
Bu kakamyň sesidi. Diýmek, ol gelipdir.
- Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Geleniňem-ä şu wagt
– diýip, ejem aglamjyrady.
Kakam öňňin ir bilen öýden çykyp gidipdi. Iki
günläp ejem ikimiz daş işige çykyp, onuň ýoluna
garadyk. Ynha, indem gelipdir-de, çaky, ýene bir ýere
gitjek bolýar.
- Adamyň azarynyň ýetmejek ýerine gitjek.
Hemişelik gitjek. Işlejek. Dynç aljak – diýdi-de, kakam
äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syrdy.
Asmanyň ýüzünden galkyjaklap barýan Aýyň
şöhlesi jaýyň içini, esasanam ejem bilen kakamyň
duran ýerini oňat ýagtyltdy. Ejem ýatyş köýneginde
sary-sadylla bolup durdy. Hortaň eginleriniň, elleriniň,
aýaklarynyň, bütin endamynyň galpyldysy onuň
aljyraňňylygyny mese-mälim edýärdi. Kakam,
kesesinden seredeninde, biparh görünýän-de bolsa,
häzir aladalydy. Hereketleri haýal, garaýşy sowukdy.
152
Egninde şol öňki gök penjegi bardy. Şu wagt penjegiň
tämiz däldigini men açyk görmesem-de, bilýärin.
Ejem burnuny çekip, ýalbarmaga durdy.
- Bärem dynç almazça ýer däl-ä. Işläber şu taýda.
Hiç kimiň azary ýetmez. Men seniň rahatlygyňy
goraryn. Eşidýäňmi?
Kakam gödek jogap berdi. Onuň sesinde ýadawlyk,
argynlyk bardy.
- Sen ilki özüňi oňar. Men özüme goraga mätäç
bolmadyk rahatlyk tapynaryn. Umuman, men bu ýerde
galyp biljek däl, gitjek... Hany, süýş beýläk. Maňa
garaňky berme.
Ejem äpişgäniň öňünden aýrylan dessine ol Aýyň
ýagtysyna çüňkde üýşüp duran kitapdyr kagyzlaryny
dörüşdirip ugrady.
Öýde bolýan mahallary kakam uzakly gün başyny
galdyrman kitaplaryna seredýärdi, ýapyrylyp bir zatlar
ýazýardy. Käteler ýazýan zatlaryny çyzyşdyryp,
ýyrtyşdyryp, kellesini tutup oturýardy. Şonda ejem oňa
golaý barmazdy. Maňa-da ondan daşrak dur diýerdi.
Kakamyň işleri ugruna däl bolarly. Ol hemişe diýen
ýaly keýpsizdi. Ýüzi tutykdy. Maňa hoşamaý bolsa-da,
ejem bilen yzgytsyz gürleşerdi. Häzir ol öňki
bolşundan az-kem sypaýy, mylaýym, ýumşak.
- Onda bizem özüň bilen alyp git. Sen bolmasaň,
biziň bu ýerde nä körümiz bar?! – diýip ejem aýtdy.
Kakam kagyzlaryndan başyny galdyryp:
- Ýok, siz bärde galarsyňyz. Meniň ýanymda işiňiz
ýok – diýdi. Soň ejemiň ýüzüne seredip,
başardygyndan asuda gepledi. – Men golaýda bir zada
akyl ýetirdim. Bu ýagdaýda, bu ýerde hiç zat başa
153
barmajak eken. Tenha özüm ilden çete çykmasam, hiç
hili gala alyp bolmajagyny bildim. Indi ähli zatdan
geçmesem, özüme dözmesem, uzak bir näbelli ýere
gitmesem bolmady. Men giderin. Ähtimal, bir gün
yzyma-da gaýdyp gelerin. Sen haçanam bolsa bir
mahal meniň dolanyp gelmegimi dile! Şu sözleri
aýtmagyň maňa nähili kyn düşýändigini bilýärmiň?
- Bizi beýdip taşlama. Gowusy, öldürip git!
- Sizi öldürip, nä sizde köýüp ýatan arym barmy?
- Onda nämüçin beýdýäň? Biz saňa näme erbetlik
etdik? Bizi taşlap gitme. Biziň bagtymyzy ýatyrma –
diýip, ejem çöküne düşüp, aglady.
- Nädeýin? Başga alaç ýok! – diýip, kakam jogap
berdi.
- Onda men özümi öldürjek.
- Ol öz işiň – diýip, kakam şol öňki biperwaý äheňi
bilen gürledi. – Ýöne seň ýeriňe men bolsam-a
beýtmezdim. Özüňi öldürer ýaly bu ýerde üýtgeşik zat
ýok. Men gidýän. Sizem galarsyňyz, mensiz
ýaşarsyňyz.
- Sensiz-ä ýaşamarys. Eýsem, nädip ýaşaly, ä? Suw
bolmasa, balyk ýaşamaz-a.
Kakam
pikirlenmän
jogap
berdi
öýdýän.
Kagyzlaryna gümra bolup durşuna bir agyz:
- Ýaşar – diýdi.
- Nädip ýaşar, ä? Düşündir-dä, nädip? – diýip, ejem
janyýangynly gepledi.
- Bilýäňmi näme, keýgim, men suw däl, senem
balyk däl. Sen adam çagasy. Adam çagasy dowzah
odundan başga ähli zada çydam edip biler. Çyda!
154
- Eýsem, sen bizi nirede goýup gidýändirin öýdýäň?
Dowzahda dälmi?
- Küpür gepleme, samsyk heleý! Hudaýyň
gazabyndan gork – diýip, kakam gaharlanjak boldy.
Onsoň
dymdylar.
Esli
wagtlap
kakamyň
kagyzlarynyň şygyrdysyndan hem ejemiň sojaýan
sesinden başga hiç zat eşdilmedi. Daşarda-da
ümsümlikden başga zat ýok bolarly.
Ahyry ejem:
- Ýüregiň daşdan bolmasa, bize rehimiň insin! Biz
horlanarys – diýdi.
- Siz horlugy şu gün görmeli däl. Öwrenşersiňiz.
- Gyzyňa haýpyň gelsin! Biz heläk bolarys.
Barybir kakamyň äheňi üýtgemedi.
- Agzy açyk aç ölmez – diýip ol parahat jogap berdi.
- Ýok, men seni goýbermen. Gitmersiň. Eşidýäňmi,
gitmersiň. Gitseň, razy däldirin – diýip, ejem eňräp,
kakamyň dyzyndan berk gujaklady.
Kakam kitapdyr kagyzlaryny saýlaşdyryp boldy-da,
olary halta meňzeş bir zadyň içine saldy. Agzyny
bogdy. Çak bilen agramyny aljak bolýan deý, ony bir
elinde göterip gördi.
- Hany, gyzym bilen hoşlaşmaga maňa maý ber –
diýip, ol güýç bilen diýen ýaly ejemiň elinden sypdy.
Onsoň meniň ýatan ýerime tarap ýöräp gaýtdy. Men
jaýyň ýagty düşmeýän garaňky çüňkünde ýatyrdym.
Şonda-da oýalygymy bildirmejek bolup, gözümi
ýumdum. Ukuda ýatan adamyň edişi ýaly, birsydyrgyn
dem almaga başladym. Kakam sermeläp, meni tapdy.
Başymy sypap, maňlaýymdan hem ýaňagymdan öpdi.
Şonda onuň ösgün sakgal-murty meniň ýüzümi
155
çokjalady. Görmesem-de, burnuny çekişinden onuň
damagynyň dolup, gözýaşa boglup durandygyny
bildim.
- Ýeri, bolýar. Men gideýin – diýip, birazdan kakam
hoşlaşyk sözlerini aýtmaga durdy. – Sag bol. Özüňi
horlama. Menem idäp ýörme. Nähak köseneniň galar.
Darykma, giň bol. Hudaý bardyr. Hudaýa sygyn!
Ejem sesini çykarmaýardy. Iki eli bilen ýüzüni tutup,
hünibirýan aglaýardy. Kakam eglip, ony gujaklady,
maňlaýyndan öpdi. Soň göwünlik berdi.
- Ynha, pullansam, size az-owlak harjylyk ibärin.
Garaz, bir mydar edersiňiz. Men gitdim. Hoş!
Kakam gitdi. Ejem bolsa öýüň ortasynda çöküne
düşüp, sesli aglaýardy. Men ony köşeşdirmek niýeti
bilen ýerimden turup, ýanyna bardym. Ol meni
gujaklap, öňküsindenem gaty aglamaga durdy.
Arasynda-da şu sözleri diýdi:
- Kakaň gitdi, gyzym. Bizi taşlap, hemişelik gitdi. Ol
indi gelmez. Özi gelmen diýip gitdi... Biz bir bagtygara
bolduk, gyzym... Biz hossarsyz galdyk...
Men ejemiň göwnüni götermäge çalyşdym. Agysyny
goýar öýdüp:
- Eje, kakama gel diýip gygyraýynmy? Gitme
diýeýinmi, hä? – diýdim.
Ejem köşeşmedi. Kem-kemden güýjeýän agy sesiniň
arasy bilen şu sözleri diline getirdi:
- Bar, gyzym, şeýt... Kakaňy dola, gyzym... Gel diý.
Gitme diý. Bizi taşlama diý... Gygyr, gyzym!...
Onsoň ejem meni gapa garşy çalaja itip goýberdi.
Men daş işige çykyp, kakamyň giden ýerine
seretdim. Anha, ol, ilerik agan Aýyň ýagtysyna
156
çalasudur ýegşerilip, gidip barýar. Men onuň yzyndan
gaty sesim bilen töweregi ýaňlandyryp:
- Kaka-a-a! – diýip gygyrdym...
Sentýabr, 1998. Mary.
ŞAHYRYŇ EJESI
Hekaýa
Sadap ejäniň ogly Ilgeldi okuwyny gutaryp,
Aşgabatda işe galdy.
Sadap eje muňa az begenmedi. "Illew janam özi
aşgabatly boljak" diýip, oturan-turan ýerinde agyz
dolduryp gürrüň etdi. Uly-il ýalandan-çyndan:
"Tüweleme! Bolubilýä. Nirede bolanda-da hor bolmasa
bolýa" diýse-de, goňşusy Ogulsabyr muny kän bir
unamady.
— Aşgabatda näm iş edýämiş — diýip, gaýtam urtut garşylykly hüjüme geçdi.
— Illew jan şahyr bolup işleýä — diýip, Sadap ejede dylym-dylym etdi. Goňşusyny haýalçyradaryn
öýtdi.
— Bärde nä şahyr bolup bolanokmyşmy?
- Elbetde, bolýan däldir. Bolsa, galmazdy.
— Goý, gyz, goý! Heýem bir bolmazmy?! Beterem
bolýa. Şahyr diýilýän jemendäň bar işi goşgy
ýazmakdyr-da?
157
— Hawa, goşgy ýazmak. Illew janam goşgy ýazýada.
— Goşgusyny bärde ýazanda näm bolýamyş?
— Onçasyn-a biljekgä welin, şu Illew janam bilmänä bir iş etmez. Şonam kellesi ikimiziňkiçeräk
işleýändir. Bäş ýyllap okansoň...
— Beýdip ýörenden-ä gelsin, mollumçylyk etsin,
oglan okutsyn. Ana, Ýanaw dagy işleşip ýörler-ä
birenaýy bolşup. Şolaram okap geldiler şoň okan
ýerinde.
— Wah, öýden örüp ýörse menem ynjaljak-la, ýöne
Illew janyň özi üşükli bolansoň men-ä... – diýip, şol
gezek Sadap eje özüniňem ýaýdanjynyň ýetikdigini
gürrüň arasynda çalarak ýaňzytdy. Soňam içindäki
şübheli soraglarynyň birini daşyna çykardy. - Gyýw,
Illew jan oba gaýtsa, şahyrçylygy kim etsin onsoň?
— Muň alada edýän zadyna sered-ä.
— Meň-ä aladasyny etdigimem däl welin,
şahyrçylyk hemme kişiň oňarýan pişesi bolmaly däl.
— Oňaryp-oňarman, goşgudyr-da, gyz, kim ýazanda
gelişmän dur. O zatlara gulak gabartma-da, ogluňy
getir ýanyňa. Öýer, tiziräk aýagyny duşakla. Şahyrpahyr diýip, ýat ilde, ýat ýerde bolgusyz zatlara
güýmenip ýörmesin — diýip, Ogulsabyr eje Ilgeldiniň
şäherde galmagyny oňlamaýandygyny ýene bir gezek
äheňinden syzdyrdy.
- Öýermesine-hä nirde bolanda-da öýereris – diýsede, Sadap eje barybir goňşusy bilen ylalaşmady. Özem
şol gezek Ogulsabyr ejeden biraz göwni galdy.
Esasanam “Bolgusyz zatlara güýmenip ýörmesin”
diýip, Ilgeldiniň ähli etsem-petsemlerini püçege
158
çykarýan gürrüňini ýokuş gördi. Içgussalygyny edip,
telim gün sust gezdi.
Soň bir gün Sadap ejäni Hojak milise çykgynsyz
güne saldy:
— Be-e, asyl ol Illew goşguçy diýsene?! Ýo-o, biz-ä
begenýäs.
Tuweleme!
Berekella!
Içimizde
şahyrymyzam bolsun-a. Hä-ä, onsoň diýýän-ä, Sadap
ýeňňe, näme hakda goşgy ýazýaka ol?
— Illew jan gaty kän zat hakda goşgy ýazýar. —
Sadap eje dagy näme diýerini bilmedi.
— Hm-m... Ond-a ol miliseler-zatlar hakynda-da
ýazýandyr?
— Hawa-la. Ýazýandyr-la.
— Nememikä onsoň Sadap ýeňňe, men hakda-da
ýazarmyka Illew? Öwüp... Şeýdäýse, walla, hakyky
şahyr boldugy şoň.
— Ýazar, Hojak jan, hökman ýazar. Eýýäm ýazyp
goýan bolmagam mümkin Ýazmadyk bolsa-da, özüm
ýazdyryn. Ynhalykga, basym özem gezmäge geljekmiş.
Şonda ýaňzydaýaryn men oňa.
Ýene bir gün Ilgeldiden gürrüň çykanda Sähet
garawul pikirlenmän-zat etmän, zoňtar bir zady diýip
goýberdi:
— Şahyrçylyga baş goşan bolsa, Illewiňem tüýs
däliräp ýörenligi. Şahyrlar däli bolýa-da. Çäşdepeli
Öwez däli-dä. Olam şahyr. Goşgy ýazýar. 0-da
Aşgabada gidip, şeýle bolup geldi. Öň düzüwdi.
Mazalyjady.
Şonda Sadap eje onuň merkini berdi:
— Sähet! Diliňe eýelik et. Agzyňa ak gelse-de, gara
gelse-de, ýaňrap oturmazlar. Ynha, Illew jan gelse,
159
kimiň dälidigini gözüňe görkezer. "Sähet sähne, Sähet
däli" diýip, bir tankytlap goşgy ýazar welin... Asyl
ýazmajagam bolsa, şujagaz gepiň üçin özüm ýazdyryn.
Bilip goýaýgyn, hä-ä!
Başga bir gün Ýasawul aganyň Aşgabatda, uly
okuwlaryň birinde okap ýören ogly Şükür gelip, Ilgeldi
tarapdan köp dogaý salam getirdi. Soň:
— Sadap gelneje, Illew neme diýdi, ejemiň diýdi,
artygyrak-süýşügräk puly bolsa diýdi, birazajyk ibersin
diýdi, kyn görmän diýdi, ýok bolsa hökmanam däl
diýýä — diýip habar berdi.
— Illew jana gerek bolsa tapylmajak zat bolmaz.
Şükür jan, garaş häzir — diýip, Sadap eje düýpki otaga
ýöneldi. Sandygyny açyp durka öz-özi bilen gürleşdi.
— Pulsuz kösenýändir çagajygym. Olaň işiniň bir zady
keçjeräkmişin. Diňe ýazan zadyňa pul berýäler diýýädä. Iýjek nanyňy goşgy ýazyp gazanmalymyş. Hm-m...
Bir tarapdan-a erbedem däl ýaly... Şükür jan, me, hany,
şuny bir al. Men häzir ýene getireýin. Garaş, Şükür jan.
Illew jana gerek bolsa...
Sadap eje ýeňil gopup, Ogulsabyr ejelere garşy
ýumlukdy:
— Artyk-süýşük puluň-a ýokdur?
— Kän gerekmi?
— Kyrk manat dagyn bolsa. Pensiýä çenli.
Ogulsabyr eje "Puly nämetjek?" diýip, biderek sorag
berip durmady. Şonda-da Sadap eje "Illew jana iberjek"
diýip, tas dilinden sypdyrypdy. Ýöne goňşusynyň araky
edişi ýaly tükezzibana tutduraýmagynyň ähtimaldygy
ýadyna düşüp, dilini dişledi.
160
Pul bilen birlikde Şükürden iki sany çörek, kiçiräk
pitide gowurdak, birki goşawuç alma we erik kişdesini,
bir jüp ýüňden dokalan jorap ugratdy. Birgiden sargyt
etdi. Sygry guzlansoň, özüniňem ýörite baryp
gaýtjakdygyny aýtdy.
Soň, agşamlyk süýt sagyp otyrka Sadap eje: "Ýok
bolsa hökmanam däl diýip, sypaýyçylyk eden bolşuny
diýsene çagamyň. Ejeme ýük bolmaýyn diýendir.
Bilýän" diýip, oglunyň sözlerinden many çykarmaga
oturdy.
Noýabr, 1993. Aşgabat.
KESEKINIŇKIDE KIREÝINE
Hekaýa
Ýanwardy. Sowukdy. Aýaz güýjeýärdi. Daşarda on
bir günüň gary baslygyp ýatyrdy. Jaýlaryň üçeklerine
juda golaý gelen bulutlaryň bu jelegaýlaryň asmanyny
terk eden mahaly ýerde ýatan al-ýaşyl gar ýüzüňi
kesim-kesim edip, gözüň ýagyny iýýärdi.
Adamlaryň agşamlyk naharyny edinip, ýatylýança
oňa-muňa güýmenäýýän çaglary Näzik gelin ör turup,
äpişgeden daşaryny synlaýardy. Köçe tarapdan
çagalaryň jagyl-jugly eşidilip durdy. Olaryň häzir gar
zyňyşyp oýnaýandyklary tüýs bir heňe geläýjek zatdy.
161
Ahyry gapy açylyp, Hekim geldi. Ony görüp, Nazik
gelniň haýýaty göçdi:
- Gyýw, näm boldy? Waý-ý!...
Hekimiň sag ýany boýdan başa palçykdy. Kä
ýerlerinde entek eräp ýetişmedik gar ýokundylary
bardy. Ol eginlerini silkişdirip, eli bilen saçyny
daraklady-da, ähli zada perwaýsyz garaýan adamyň
äheňinde:
- Aý, ýaňy ho taýda çalarak ýykylan boldum-laý –
diýdi.
- Üst-başyň-a çalarak adamyňka meňzänok – diýip,
Näzik gelin äriniň daşyna aýlandy.
- Şu gün meni sorap, öýe hiç kim gelmedimi? –
diýip, Hekim daşky eşiklerini çykaryşdyryp durşuna
başga zadyň gürrüňini etdi.
- Ýok. Hä-ä, gelmelimidi biri?
- Gelmesin-ä gelmelidi welin, aý, zyýany ýok-laý.
Pul sorapdym-da birinden...
Hekim agyr penjegini gapyň agzyndaky asawaçdan
asdy-da, köwşüni çykaryp, töre çemlendi.
Äriniň haýal-ýagal hereketlerini sypdyrman synlap
duran Näzik gelin oňa gaty kyn sowal berdi:
- Jaý tapybilen dälsiň?
- Ýok – diýip, Hekim gysgajyk jogap berdi.
Ýaşaýan
jaýlarynyň
kireýini
wagtynda
tölemeýändikleri (töläp bilmeýändikleri üçin diýseň
has dogry bolardy) sebäpli öýüň eýesi düýn gelip, üç
günüň içinde jaýy boşatmaklaryny Hekimden talap
edip gidipdi. Hekimiň bolsa şu gün gara daňdandan
kireýine ýaşar ýaly jaýyň idegine çykyp, şu wagt gelip
162
durşudy. Gep salgysyndan mälim bolşy ýaly, ol
netijesiz dolanypdy.
- Indi näderkäk? – diýip, Näzik gelin howsala düşdi.
Hekim giňlige saldy:
- Ertir bir alajyny ederis-le.
Biraz oturyp, Nazik gelin:
- Sen açmyň? Iýjekmi bir zatlar? – diýip sorady.
- Sen nä?
- Men-ä dok.
- Meňem işdäm ýok.
Şunuň bilen bu gürrüňem gutardy.
Hekim pallap başlady.
Näzik gelin az-kem çekinibräk:
- Hekim! – diýdi.
- How?
- Hekim, men gorkýan.
Hekim geňirgenme gatyşykly bilesigelijilik bilen
Näzik gelne soragly bakdy.
- Nämeden gorkýaň?
- Biz köçede galarys.
Hekimiň göwnüne bolmasa, onuň ýüregini kimdir
biri kän mahallap suwda ýatan posly pyçak bilen dilimdilim edýän ýaly bolup duýuldy. Ol ýasama açyklyk
bilen:
- Aý, seň-ä samsyk ekeniň-aý. Meni masgara etjegaý halys. Şu gürrüňiňi dagyn biri eşidäýse, ile çykar
ýaly bolmaz – diýdi. Soň agraslandy:
- Biri birki aýlyk wagtlaýyn ýaşamaga jaýym ba
diýdi. Juda bolmasa, şonuňkuda nemedäýeris.
- Wagtlaýyn bolsa-da, bolýa-la – diýip, Näzik gelin
birneme ynjaldy.
163
Hekim diwara ýaplanyp oturan ýerinde uklap
ugrady.
- Gyýw, uklajak bolýaňmy? Tur, ýeriňi salyp
bereýin – diýip, Näzik gelin gapböwürde eplengi duran
düşekleri düşeşdirip ugrady.
- Daş çykyp gelmeli welin ýaman ýaltanýan – diýip,
Hekim gözlerini süzdi. Birdenem laňňa ýerinden galdyda:
- Ýaltalykdan oýun bolmaz – diýip şohsurady.
Soň daş çykyp geldi. Ýerine geçip gyşardy. Gyşaran
dessine-de:
- Sen ýatjakgäm-ow? – diýip, Näzik gelne habar
gatdy.
- Ýatjak – diýen jogaby alansoňam:
- Çyrany özüň öçirsiň-dä onda – diýdi.
Hekim uklady. Näzik gelin şondan soňam esli mahal
äpişgäniň öňünde söýenip durdy. Soň çyrany öçürdi.
Onsoň derrew ýatybermedi-de, Hekimiň ýüzüne
seredip oturdy. Horoşaja-da bolsa, hiç kese kireý
tölenmeýän, kesekä dahylsyz, hususy bir jaýyň
arzuwyny etdi. Bolsady ekdi. Göz öňüne getirdi. Biraz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 8
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.