Latin

Keltegoňur kyssasy - 5

Total number of words is 3586
Total number of unique words is 2362
28.1 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Olam ant içip beladan gutulansoň, Atalyk ýasawula
gezek ýetdi. Hokurdawuk obasyndaky hudaýsyzlar
jemgyýetiniň öňki başlygy Atalyk özüne gep gatylmanka
öňürtiläp, komandire ýüzlenip:
— Salowmaleýkim, Mädoraz Agaöwezowiç! —
Atalygyň sesinde merdemsilik hem içi ýananyň ýaňsy
äheňi duýulýardy. — Köne şägirdiňizi tanamadyňyzmy?
Aý, tanar ýaly hem bolan däldir-le. Päli azan,
jynsy üýtgän, pis açan näletkerdäni tananyňyzdan
100
tanamanyňyz kem däldir!
— Kim borsuňyz? Derrew özüňizi tanadyň! – diýip,
Mädoraz dypow hemle urdy. — Köp ýaňrasaňyz, ýeke
oka tabşyraryn!
— Ýok, sen meni ataýyn diýseňem atyp bilmersiň!
— Atalyk özüne ynamly, gaty arkaýyn gepleýärdi. —
Gulaly goňruň şu mahal nirede gizlenip ýatanyny
kim bilýär? Ýeke men bilýän! Eger meni hem atyp
dynsaň, kim ony saňa aýdar? Hiç kimem aýtmaz! Ýöne
menem içimi boşatman, göwün solpymdan çykman,
saňa gerekli zady aýdyp goýbär öýtme, hawwa! Zorluk
etseň-ä, asylam aýtman!
Gulalynyň kellesi üçin goýlan baýragy almagyň
höwesindäki nökerleriň birnäçesi Mädoraz dypowa
basalyk berip geplediler.
— Degme, komandir! Isläniçe ýaňrasyn! Soňundan
bize gerek zady aýtsa bolýar.
— Batyr jigitler! Men ýaňramok-da, hakyky bolan
işleri ýatlap durun. Ine, siziň şu komandiriňiz maňa
din-yslama kast etmäni, metjit ýumurmany, atababalarymyzyň mazaryny depelemäni, arak-şerap
içmäni, kesekiniň gelin-gyzyna göz gyzdyrmany, aý,
garaz, nirede bir haramzadalyk bolsa, şony öwretdi.
101
Asly haramzadanyň öwredýäni hem haramzadalyk
bolar ekeni!
Dypow nökerleriniň ýanynda özüne «haramzada»
diýilmegine çydaman, ýaragyny göterdi. Emma
nökerler:
— Hiç zat bolmaz-laý! Goý, geplesin! – diýip, ony
ýene-de sakladylar. Atalyk ýagdaýdan peýdalanyp,
hasam beterine tutdy:
— Siz şu doňuz oglunyň yzyna düşüp, kime garşy
söweş edýäniňizi bilýäňizmi? Öz ýurduňyza, öz
halkyňyza, öz-özüňize, ähli mukaddes zatlara! Hawwa!
Emma ahyrynyň näme boljagyny bilerin diýseňiz,
ynha, meni göräýiň! «Kapyra jan çekeniň muzdy gara
gylyç» diýlendir. Täze durmuş gurýas diýlen zadyň
düýbi çüýrükdir. Eýsem, milletiň iň naýbaşy ogullaryny
gyrybam täze durmuş gurulýanmydyr?! Ýok, bu
ýalan gürrüň! Milleti goýun sürüsi ýaly garawsyz
üýşmeleňe öwrüp, onuň üstünden agalyk sürmek üçin
şeýdilýär. Mädoraz Agaöwezowiç ýaly, kesekä satylan
haýynlaram...
— Bes et! Bes et! Häzir seni bar-a...
Dypow özüniň wejeralanmagyna çydaman, gahardan
ýaňa ýasy-ýalpak ýüzüni egşedip, şu sapar Atalygyň
102
ýazzy maňlaýyndan otlarly göründi. Emma otrýadda
sarpasy tutulýan edermen esger Gara Baýmyrat ara
düşdi-de, töwellaçy bolan boldy.
— Komandir! Sen bi düşünjesiz adam bilen deň
bolma! Soň kemini goýman hasaplaşarys! — Daşaýak
lakamly bu esger dypowyň masgaralanyşyna göhi
gelýän ýaly, gara gözlerini garagollyk bilen oýnakladyp
ýylgyrdy hem ýaňra sopynyň üstüne gygyran boldy.
— Senem-how, tizräk tüket sakyrdyňy! Aýtjak bolsaň,
aýt-da dyn Gulalynyň nirededigini! Halys ýürege-de
düşdüň!
— Tükedýän, häzir tükedýän! – diýip, geplemsek
sopy özüniň pis açan alabeder gollaryny köpçülige
tarap uzatdy. — Ine, görýäňizmi, şu pis maňa Mädoraz
Agaöwezowiçden ýokuşdy. Emma men daşymdan
pis açan bolsam, bu ylhanat içinden pis açandyr. Şura
hökümedi buýursa, munuň etmejek zady bolmaz. Hiç
zatdan gaýtmaz: atasynam, doganynam gaýgyrmaz!
Hatda ejesine-bajysyna el urmalam bolsa...
Dypow sopynyň sesini sem etmek üçin pagladyp
atdy welin, hernä Daşaýak onuň elini sowup ýetişäýdi.
Atalyk ýasawul, hamana, hiç zat bolmadyk ýaly, ýene
arkaýyn gepläp dur.
103
— Indi atsaňyz atyberiň. Galan ömrümde Mädoraz
diýen doňza gaýtadan duş gelmek arzuwym bardy.
Göwnümdäkini aýdyp içimi sowatsam diýip ýördüm.
Şol maksadyma-da ýetdim men şu gün. Indem pirimiň
eteginden ýapyşyp, Allanyň dergähine barsam, arman
ýok janymda. Gulalynyň niredediginem bilemok men.
Aýtjagymy aýdýançam, bilýän diýip aldadym sizi...
Daşaýak gara gözlerini gülümjiredip, aradan aýryldy.
Bolan işe göhi gelýän ýaly: «Dypowyň-a ýagşyja
pedigulusyny berd-ow! Nökerleriň öňünde ony ryswa
etdi-ow!» diýip göwnüne getirdi. Şol pursatda-da
mauzeriň gürpe-gürpesi Atalyk sopynyň kükregini
gyzgyn gülleden doldurdy.
Mädoraz komandir beýleki sopulary gyssajagam
bolman, özüniň abraýdan düşürilen ýerinden tiz
daşlaşmak üçin, atlanyp göterildi gaýralygyna. Jigitlerem
onuň yzy bilen eňende, çertek tarapdan bir şatyrdy
eşidildi. Daşaýak gaňrylyp baksa, Meret sähne gojanyň
tünegine ot beren ekeni. «Uçmah ýaýlany dowzah
ýaýlasyna döndärin» diýen gepi zalym ogly hakykata
öwrüpdir. Daşaýak atynyň başyny aýlaga-da, çertege
tarap ýüzin saldy. Baran badyna böküp düşdi-de, gum
garbap ýatan piri arkan agdardy. Gojanyň ölüdiginidiridigini aňşyryp bilmän, her zadam bolsa, ony ot
104
çabrar ýerden daşraga süýredi. Soňra lowlap, towlanyp
galýan ýalna çiňerilip, nämedir bir zat güpbe ýadyna
düşen ýaly, sen-men ýok, urdy özüne oduň içine. Edil
urşy ýaly hem tiz çykyp, geýimine ýapyşan ot-ýalny
söndürmek üçin ürgün çägä togalanyp agynaklady.
Daşaýak eliniň hem ýüzüniň jyz-jyz awuşaýandygyny
syzyp ýerinden galanda, onuň gujagynda otdan halas
edilen Kuran bardy. Jigit keramatly kitaby goltugyna
salyp atlandy-da, hemralarynyň yzyndan kowup ýetdi.
Gorkudan ýaňa haýýady göçen sopular bolsa, Atalyk
ýasawulyň maslygynyň ýanynda zähre-telek bolup
galypdylar. Otrýad gözden ýiten badyna, olar pirlerine
tarap waýkyryşyp topuldylar, dem-düýtsüz ýatan
jesediň aýagyna ýüzlerini sürtüp, Uçmah ýaýlasyny
ýaňlandyryp eňşeşdiler.
Nurnepes piriň patasyna uzak-ýakyn ýaýlalardan
hem-de welaýatdan kän adamyň ýygnanandygy
agyzdan-agza geçip, şu günlere gelip ýetipdir. Emma,
çyn bolsa, sopularyň uzak ýaşan birisi, ýaňy-ýaňylaram
könäni ýatlan mahaly, başga bir täsin gürrüňi «Gözüm
bilen gören zadym» diýip aýdyp bererdi. Şonuň
aýtmagyna görä, sopular pir hezretlerini ahyret ýoluna
ataryp bolup, soňundan Atalyk ýasawuly depin etmekçi
bolanlarynda, görseler, Hudaýyň gudraty bilen, hakykaty
105
aýdany üçin zalymlarça atylyp öldürilen sopynyň
elinden-aýagyndan, ýüzünden-boýnundan, bütin
jesedinden pis açmanyň besse-besse tegmilleri jan beren
pursadynda ýom-ýok bolup ýitip giden ekeni. Mugjyza
gören sopular içlerini çekişip: «Hakykatdan hem hiç bir
närsede Allanyňky ýaly güýç-kuwwat bolanam däldir,
bolubam bilmez!» diýip haýran galanlar. Soňra bolsa
(heý, ömrylla ýadyňa düşjek zatmy?!) hudaýsyzlaryň
owalky baştutany Atalyk ýasawuly sopularyň iki dünýä
howandary keramatly Nurnepes pir bilen ýanaşyk
mazar edip jaýlanmyşlar.
***
Çagalaryny gizlemek üçin ygtybarly ýer gözleýän
Gulaly uzak çölüstanda mekan tutan adybir
garyndaşlarynyň obasyna sürüp baranda, dört
töweregini gum depeleri gabsan at gaýtarym oýda
toý jemendesi göz gamaşdyrýardy. Hatar öýleriň arka
ýüzündäki ak urpakda pälwanlar çyzganyşyp, göreş
tutupdy. Eşigi sypyrylan bir öýde ýaglyga towsulýardy.
Ýene bir ýerden bagşynyň sesi eşidilýärdi. Toplumtoplum toý mähellesi, gaýmalaşýan çaga-çuga haýsy
tomaşa ýetjegini bilmän, ondan oňa agyp-dönýärdi.
Çapuwa goýberiljek satanlak bedewler takyryň
içinde gezim edýärdi. Janly soýulýan ýerde, bugarýan
106
gazanlaryň arasynda dogumly ýigitler çalasyn hereket
edýän bolsa, tamdyrlaryň ýanynda ot goýberýän, nan
ýapýan aýallar öz işine gümrady, suw daşaýan gelingyzlar kak bilen aralykda sallanyşyp gatnaýardy.
Kelte goňruň kethudasy Pereňli baý Gulalyny garşy
alanda, onuň boldumly agras ýüzünde kanagatlanma
alamaty göründi. Ol özüniň hormatly myhmanynyň
iň sylagly ýaşulularyň oturan öýüne saldy. Gapydan
ätlände içerdäkilere ýüzlenip:
— Buşluk, adamlar! Toýumyza sähranyň arslany-şiri
geldi! Gulmuhammet ogly Gulaly beg biziň welaýatly
goňurlarymyzdan. Gandüşer garyndaşymyz. Gumdatümde onuň adyny eşitmedik ýokdur – diýdi.
Sähranyň eýesi maldar baýlar, özüni keramatly öwlüýä
sanýan işan-mollalar Gulalynyň adyny eşideninden
gürre örüp, onuň bilen ýekän-ýekän görşüp çykdy.
Sarpasy belent tutulan hormatly myhman amanlyksaglyk soraşylansoň, ýokary orunda güberilip oturdy.
Emma onuň pil ýaly göwresinde öňki görlen haýbatly,
sussuňy basyjy sypat bolman, gaýtam nähilidir bir
göwni synyklyk göze ilýärdi.
— Garyndaşlar! – diýip, Gulaly aňyrsyndan
hyňzap gelýän güýçli joşguna basalyk berip gürledi.
107
— Men pälimden gaýdyp, Nurnepes pire gol berdim.
Onbiratarymy, okly hatarymy oňa tabşyryp gaýtdym.
Meniň ýaragsyz gelşime synyňyz düşmedi öýdýän. Men
kim, ýaragsyz gezmek kim?!
Bu oslagsyz habara haýran galan ýaşulular bir bada
aýdara söz tapman, dymşyp oturdy.
— Sen ýaragyňy taşlasaňam, bolşewik ýaragyny
taşlamaz ahyryn – diýip, Pereňli baý agras ýüzüni çytyp
gepledi. — Bolşewik seni günüňe goýmasa, şonda
nädersiň? Ýaňadan goluňa ýarag alarmyň?
— Ýok, ýok! «Men ömrylla ýaraga ýapyşman» diýip,
pirimiň öňünde kasam içdim. Hakykatyň ýoluny ýarag
bilen yzlaman, ynsap bilen yzlamalydygyna men köpköp oýlanyp göz ýetirdim. Şu ýolda näçe horlugam
bolsa, ajy ölümem bolsa, men dözmeli bolaryn.
Sähranyň şiri bolup gezen gerçek goç ýigidiň bu
günki ejiz halyna gyýlan kişiler:
— Gulaly sopy, tutan işiň mübärek bolsun!.. Ýaradan
ýaranlyk etsin! Pygamber-öwlüýäler hemdem bolsun!..
– diýşip, oňa göwünlik berdiler. Gulaly özüne aýdylýan
ýagşy dileglere: «Omyşalla! Omyşalla!» diýip jogap
gaýtardy hem göwnüçökgün, päli pes görnüşde ýüzüni
sallap oturdy. Şol wagt ak telpekli bir ýigit çekinjeňlik
108
bilen gapydan yşyklap, nämedir bir zat aýdarman boldy.
Pereňli baý onuň bilen iki agyz gürleşensoň:
— Gulaly garyndaş! Oglanlar seniň atyňam çapuwa
goýberäýsek diýýär. Niçik görýäň, goşsunlarmy? – diýip
sorady. Emma atyň eýesi bu gepi unamady:
— Men Allanyň dergähinde iň asgyn, iň ejiz, iň
pukara bende bolup barmalydyryn. Mundan bu ýana
bäsleşik, tutluşmak, ýaryşmak maňa ýaraşmaz.
— Myhman, seniň bu gepiň bir bidelil ýeri bar
– diýip, goňur ýaýlalarynyň iň abraýly işany inçe
ýülmek ýüzüni sypjykladyp gürledi. — At janawary
myradyndan mahrum kylmak külli günädir. Goýber,
bagtyny synasyn! Ýüreginde arman galmasyn! Nesline
abraý getirsin! Dünýäde at galdyrsyn!
Ýaşulular ýerli-ýerden işany goldap: «Goýber-degoýber!» boluşdy. Başdaşy, syrdaşy, ýaman günde
ýoldaşy bolan bedewiniň özbaşdak ykbalynyň,
aýrybaşga bagtynyň bolup biljekdigi Gulalyny heýejana
saldy. Häzir onuň ýüregi darka iki bölünýän ýalydy.
Ol Nurnepes pire onbirataryny tabşyranda-da şunuň
ýaly ýüreginiň awap gidendigini syzypdy. Emma bütin
dünýäni, ýaşaýşy terk eden müridiň nämedir bir zada
ýüreginiň awamaga haky barmydyr? Öz ýüregine emr
109
edip bilmeýän kişiden hem ulug piriň sopusy bolarmy?
Gulaly şu pikirler bilen dessine özüni ele aldy-da, atyny
ýaryşa goýbermäge razy boldy.
— Gitse gitsin, goýberiň – diýip, ol ýüzüni galdyrman
hümürdedi.
Ogul agtygy bolup, oňa-da atasynyň adyny dakan
Pereňli baýyň bu günki toýunyň tutumy uly diýseň
bärden gaýdýardy. Nahar çekilip başlananda, däbe
görä, işan hezretleriniň öňünde kellebaşaýakly çanak
goýuldy.
— Siziň piriňize barabar keramatly ýagşyzada
türkmeniň çölünde tapylmaz. Oňa sopy bolanyňam
sarpasy aýrybaşgadyr. Sizden burun almaga hetdimiz
bolmaz, alyň! – diýdi-de, işan tagamy Gulalynyň öňüne
süýşürdi. Myhman piriniň hatyrasy orta atylansoň,
bialaç bolup, bir agyz datdy hem kellebaşaýagy köpçülige
geçirdi. Soňra çekdirme, buglama, gömme, keýik
etinden ýapylan kebap, palaw – adyny tutan tagamyň
yzy üzülmän geldi durdy. Içeňde gaňşyrawugyňy
tütedýän agaranly düýe çaly hem ýany bilen. Soňky
döwürde ykmanda durmuşdan halys ýadan Gulaly
adam şekilli iýip-içip, gözi ýerine gelen ýaly boldy. Töwir
galdyrylansoň, uly-uly baýlar ýogyn-ýogyn gägirişip,
110
dünýä gürrüňine başlady.
Birsalymdan myhmanyň atyny ýaryşa goşmagy sorap
gelen hälki ak telpek ýigit ýene-de gapydan yşyklady.
Pereňli baý onuň bilen habarlaşdy-da, howsalaly
görnüşde bärsine öwrüldi:
— Adamlar! Otrýad gelýär. Näderis? Myhmany nirä
gaçyrarys? Üstümizi basdyraýdyk öýdýän.
Öýdäkiler gozgalaň tapyp, ornunda oturyp bilmän,
howatyr bilen gapydan garady. Görseler, honha, ilerki
gumdan çykan otrýad obanyň üstüne abanyp gelýär.
Atlylar iki bölünip, garaguşuň ganat ýaýşy ýaly, sagaçepe ýaýraýar. Megerem, obany töwerekläp, gabawa
salmaga niýetini diken bolsalar gerek.
— Baý aga, alada galmaň! – diýip, Gulaly parahat
gepledi. — Bu zatlar Alladandyr. Takdyra ten berip,
başa näme gelen bolsa görübereris.
Gorkudan ýaňa ýüzüne öliniň reňki uran işan
Hudaýa sygnyp, çäresiz oturmany ýeterlik hasap etmän:
— Şunuň ýaly howp abananda, musulmany käpiriň
zulmundan halas kylmak parzdyr – diýdi-de, Gulalynyň
telpegini selle bilen çalşyrmagy zerur diýip tapdy.
Telpegindenem jyda düşende, Gulaly ýene bir gezek
111
hapa boldy. «Ilki demir galam – ýaragym, soň uçar
guşum – bedewim, indem başymyň abraýy – telpegim
golumdan gitdi. Hudaýym, ýene niçiksi muşakgatlar
maňa garaşýarka?» diýip, ol gyýlyp oturdy. Emma onuň
aýra düşen has gymmatly zatlary hem bardy: wepadar
ömür hemrasy — aýaly, ýürekbagy — perzentleri.
Gulaly olary uzak Ahal ýurdunda garyndaşlarynyňkyda
gizläpdi. Bilseler, onuň naçaryny, çül-çagasyny synpy
ýigrenjiň oduna ýakarlar: ýat illere zir-zöwran sürgün
ederler. Goý, olaryň bardygyny hiç kim güman etmesin!
Hatda Gulalynyň özi hem güman etmeli däldir! Eger
olaryň diri galmagyny islese, Gulaly olary ýüreginden,
aňyndan, huşundan sogrup taşlamalydyr! Ömürlik,
ömürlik unutmalydyr! Goý, ýetimler öz ykbaly bilen
ýaşasyn! Öz ykbaly bilen!..
Jigitleriň bir topary obany gabawa salsa, galany baýyň
alty ganat ak öýüniň işigine toplumy bilen dykylyp
geldi. Pereňli baý atlylary açyk ýüz bilen garşy aldy:
— Ýagşy ýigitler, tüweleme, gaýym toý üstüne
geldiňiz. Düşläň, myhman boluň, dem-dynjyňyzy alyň.
Hyzmat etmesi biz bilen.
— Gan içiji synpyň hyzmaty bize gerek däl – diýip,
Mädoraz dypow baýyň ýüzüni dalady. — Sapalak atma112
da, sen bize dessine Gulaly galtamany tapyp ber!
— A-haw, kemendir! Sen oňa «galtaman» diýýäň
welin, hany, ol pire gol berip, sopy bolanmyş-la. Aýagy
mesili, başy selleli, goly kündükli namazhony sen
nämäňe ýaratjak?
— Pereňli baý! Aýtdy-aýtmady diýmegin: gürrüňi
köpeltseň, toýuňy dargadyp, obaňa ot bererin! Çar
tarapdan pulemýot goýaryn-da, aýal-ebtadyňa, garrygurtyňa, bala-çagaňa çenli paýhynladaryn! Goňurlaryň
bir gyrylmak uçugy bar diýip, owaldan gürrüň edip
ýörüs! Bol, tap Gulalyny! Tap, ýogsamam ynha, gitdiň!
Mädoraz dypow mauzerinii baýyň ýazzy maňlaýyndan
çenände, töwerege üýşen mähelle elheder alyp düýrükdi.
Baýyň haýýady göçüp, ýüzünden adam ruhy uçdy.
Işikde toplum bolup duran işan-mollalar: «Ataram şü
peläket. Atmazam öýtme» diýip, öz ýanyndan howp
etdi. Betbagtlygyň labyry jemagaty basmarlap maýrara
getirdi! Halys çydamaz ýaly bolanda, Gulalynyň özi
işan-mollalaryň arasyndan saýlanyp öňe çykdy-da:
— Geregiň Gulaly bolsa, şol-a, ynha, men! Näme
kasdyň bolsa, gel, menden çykar! Ýöne, başga kişä
azaryňy ýetirme! Milleti gününe goý! – diýdi.
Dypow
komandir
gözüni
113
ümländen,
jigitler
Gulalynyň daşyna hüwwe üýşdi. Ony märekeden
çete çykaryp, goluny arkasyna baglady. «Howply
galtamany» tutup öwnerlik edinen Mädorazyň ýasy
ýalpak ýüzüni ýyljyrakladyp, şu wagtky begenişini bir
görsediň! Indi onuň Pereňli baý bilenem, baýy toýy
bilenem işi ýokdy. Şu wagt jemagat, üstüne suw sepilen
ýaly ýuwaşlap, gynançly halda ýüzüni aşak salyp durdy.
Bolsa-da, ýaryşa giden atlaryň gaýdyp gelýän habary
köpçüligi biraz janlandyrdy. Hanha, ýaryşyň öňi
takyryň günbatar başyndan girip, bäri süýnüp gaýtdy.
Höwesekler: «Haýsy öňde-de, haýsy öňde?» bolşup,
daraklygyna galyp, atlaryň gelýän tarapyna boýnuny
süýndürdi. Çapyşygyň gyzgalaňy hälki sus mähelläniň
içini byjykladyp, ruhuny göterip, başga zady ýadyňdan
çykardy. Köpçülik ýerli-ýerden göçgün tapyp, şowhun
turzup başlady. Gulalynyň atynyň birinji bolup
atylyp gelýänligi, belkem, jemagatyň ýüregini hasam
joşdurýandyr.
— Haý, Gulalynyň aty öňde-le, haw!
— Baý aga, baýragyňy taýynla, haw!
— Wah, at diýibem şuňa diýäýseň!
— Ýyldyrym jan bolgun-a!
— Jigitlerem at çapyşygyna gyzygyp, takyryň günorta
114
ýakasynda toplumy bilen heşerlenişip durdy. Gulalynyň
atynyň ozup gelýäni Mädoraz dypowyň gonjuna gor
guýupdy. Ol ýalaňaç mauzerini depesinde bulaýlap,
takyryň ortasyna gykylyklap eňdi:
— Galtamanyň gylýalynyň ozmaga haky ýokdur! Gan
içijileriň ozýan döwri bir mahal ötüp geçendir! Hany,
şonuň ozuşyny bir göreli-le! Ozaýmanjyk geçmezmikä!
Gök howany parlap, şowurdap böwüsýän
okkesdirme bedew temegini taýzardyp, dypowyň
duşundan sozulyp geçiberende, ol yzly-yzyna mauzerini
patladyp, janawaryň içini gyzgyn gülleden doldurdy.
Pelläni alkymlan at ýer süsňäp agdaryldy-da, takyryň
ýüzüne şalkyldap degdi. Üstündäki çapyksuwar oglan
tüwdürilip ýere düşdi.
Agyr mähelle üstünde ýyldyrym çakan ýaly tisginip
gitdi. «Wah-heý! Wah, arman!» diýen ýangynly sesler
göterilip, wagyrda öwrüldi:
— Päheý, myratyna ýetirmed-ow!
— Ganaty gyrdy-da!
— Ýüregini para-para etdi!
— Bagtyna baran ýagdyrdy!
— Wah, eliňden azar çekesiň!
115
— Aýbygadym haramzada eken!
— Türkmençilikde görlen zat däldir!..
Jemagatyň ýigrenji-gargynjy, gahar-gazaby barha
joş alyp, dypowyň üstüne güwläp gaýdarly göründi. Ol
gaty eýmenip, tizräk jigitleriň ýanyna çekilenini kem
görmedi hem eglenmän ýola düşmegi buýurdy. Gulaly
ýaly galtamany ele salansoň, indi onuň bu ýerde işi
ýokdy.
Otrýad maýdalyna sürüp, garaňky gatlyşanda
odunlyk bir ýere gabat geldi hem şol ýerde düşlemäni
müwessa bildi. Bäş-alty ýerde ot ýakylyp, aşpezler naharçaý atardy. Jigitler kowçum-kowçum bölünip, her topar
bir oduň daşyny gallap otyrdy. Uzyn gününi eýeriň
üstünde haltyldap geçiren Änewli bilen Daşaýak hem
çigreklije agşamda oduň hözirini görüp, maňlaýyny
çygjardyp, ajy gök çaý süzýärdi. Daşaýak gözüni gyzyl
közüň üwmegine dikipdi-de, bir nokatdan aýranokdy.
Günortandan bärde bolan wakalar onuň paýhas
eleginden elenip geçip durdy. «Gulaly-ha tutuldy
welin, ýöne şol ýyldyrym süýnüşli bedewiň zalymlarça
atylmagy ilde-ummatda görülmedik naýynsaplyk,
namartlyk, hyýanatçylyk dälmidir?! Bigünä janawary
toýnagynyň güýji bilen halal gazanan ýeňşinden namut
116
goýmak! Ynha, göräý, şu waka agza düşse, biziň barymyz
ile betnam bolup galarys. Men şular ýaly ryswalyga şärik
bolmak üçin ata çykyp, goluma ýarag aldymmykam?..»
Ýatmazdan öňürti daňyda oturan galtamana garawul
durjak adamlar bellendi. Boýdan-başa ýaragly bolan
bir toplum jigidiň ýanynda ýeke kişini gaçyrman
saklamagyň näme kynçylygy bar? Gezek-gezegine
ukyňy alyp saklabermeli bor-da.
Daşaýagy ukudan oýaranlarynda, gije ýarymdan
agypdy. Ilkagşamky dury howa, häzir görseň, tanar
ýaly däldi. Günbatardan köwsarlap öwüsýän ýel çöpçalamyň başynda şuw-şuw ses edýärdi hem alaňlaryň
depesini çaňadýardy. Tozan gözüňi açdyrman, dişiňde
gyjyrdaýardy. Gijäniň gamaşyk bedroý sypaty ýüregiňi
gysdyryp, göwnüňi gussadan doldurýardy. Gulalynyň
ýogyn sazaga arkasyny berip, ullakan kellesini sallap,
sargy astynda irkilip oturyşy hem her dürli garjaşyk
pikirleri oýuňa getirýärdi. «Şeýle gujurly, edermen,
akylly adamy nebsiň agyrman, gyzgyn güllä tabşyraýmak
bormy?» diýip, Daşaýak öz ýanyndan şübhelenýärdi.
«O günki salgymda görnen ajaýyp mermer köşkleri,
gök gümmezleri, beýik minaralary hakykata öwürmek
üçin gaýtam şunuň ýaly zor adamlar gerek bolmazmy?
Älhepus, bu dünýäniň işlerine düşüner ýaly-ha
117
bolmady-ow!..»
Garawul jigit çelekden suw guýdy-da, doly kürüşgäni
goly bagly bendiwanyň agzyna eltdi. Lebine öl degende
tisginip oýanan Gulaly üstüne abanyp duran jigide
haýallyk bilen ýüzüni galdyrdy hem tanajak bolýan
ýaly siňe-siňe seretdi. Soňra üç ýola agzyny çaýkap
tüýkürensoň, suwy başyna çekdi-de:
— Taňryýalkasyn, Daşaýak inim! Sen mert ýigitsiň!
Mertligiňde durgun! – diýdi.
Ýagşyzadanyň senasy ýaly eşidilen bu söz jigide şeýle
bir güýçli täsir etdi welin, onuň kalbynda Gulala bolan
janköýerlik duýgusy joş alyp gomlap galdy. Häziriň
özünde daňysyny kesägede, bendiwany boşatmak
islegi ony pyçaga ýapyşmaga mejbur etdi. Emma daştöwereginde uklaşyp ýatan hemralaryna ertir jogap
bermeli boljagyny ýatlanda, özüniň bu pälinden el
çekdi. Daň bildirip-bildirmänkä Daşaýak garawullygy
başga bir jigide tabşyrdy-de, ornuna geçip gyşardy.
Ol kellesinde gaýmalaklaýan pikirlerden sabap
bilmän, esli salym ýeliň şuw-şuwuna diň salyp ýatdy.
Daňdanyň süýji ukusyna batansoň, bilmeýär näçe
wagtlap uklanyny, birdenkä turdy, bir gykylyk-zenzele.
«Haý, gitdi-de, haý, gitdi!» Tarkada-turka. «Zalywat
118
sypdyrma!..» Zöwwe galyp baksa, töweregi somsaýak. Kimsi eýýäm atlanyp eňip barýar, kimsi atlanjak
bolup başagaý. Ýel öňküdenem güýjäpdir. Ýerden göge
sowrulýan, daşyňda köwsarlap aýlanýan tozanyň içinde
zat saýgarmak hem aňsat däl. Gepsalgy, Gulaly gaçan
bolmaly. Muny Mädoraz dypowyň mauzerini bulaýlap
gygyryşyndanam aňmak bolýardy:
— Tiz boluň! Gyssanyň! Dumly-duşa ýaýraň!
Gollaryň içini, sazak-sözeniň gür ýerlerini barlaşdyryň!
Uzaga gidermän alalyň! Ýaraty adam uzaga gidip
bilmez. Garawulyň atan oky oňa degen bolmaly.
Daşaýagam atlanyp, il ugruna ýüzin salyp barýarka,
Gulalynyň şol zabun daňydan sypyp gidişini geň görüp,
akylyna sygdyryp bilenokdy. Düýe bolup dyzasaň hem
ondan boşar ýaly däldi. «Zalym ogly nädip sypdyka?
Ýa-da kimdir biri daňyny kesäýdimikä? Ilki menem
bir hyýal etdim-de, soň ýöwselledim-dä. Ýöne, il içinde
mendenem ilgezik pyýadalar bar ekeni. «Sag sagynýança
däli ogluny iki öýär» edäýipdirler. Gör, zaňňarlary!..»
Garawulyň gözüne çöp atyp, ýyldam alaşany münüp
gyp basan Gulaly, yzyndan tüpeň sesi gümpüldäp
eşidilende, eýýäm goşdan ýüz metr arany açypdy. Gurt
ýaly dogumly belany bir ýola goluňdan sypdyraňsoň,
119
gijäniň bimahal çagy çaň-tozanly çölüstanyň içinden
ömür ony gözläp tapýaňmy?! Kowguçy giden jigitler
Günüň ýeri gyzaranda ygym-sagym gelip ugrady.
Gözlegden netije çykmandygyny eşiden dypow
komandir gahardan ýaňa guduza döndi. Ol ýüpüň
kesilen ýerini jigitleriň gözüne sokaýjak bolup
gykylyklady:
— Bu dönügiň işi! Biziň aramyzda dönük bar! Gan
içiji synplaryň içalysy bar! Men ony hökman paş ederin!
Ynha, görersiňiz!..
Gulalynyň yzyndan tüpeň atyp galan jigit, gümpüldi
çykanda, atyň üstünde ýapyrylyp barýan gaçgagyň
ziňkildäp gidendigini, garaz, oňa atylan okuň
degendigini ynam bilen gürrüň berýärdi. Emma oňa
ynanýan azdy: «Garaňkyda, çaň-tozanyň içinde sen
onuň ziňkildänini nädip görüp bildiň?» diýýärdiler.
Jigitleri üç-üçden maýdaja topara bölüp, komandir
gözlege iberdi. Gaçgak tapylmasa, otrýadyň welaýata
gaýtmajakdygyny aýtdy.
— Ýere girenem bolsa, asmana uçanam bolsa, şu
günüň özünde ony meniň gözümiň öňünde gögerdiň!
Diriligine ele salyp bilmeseňiz, maslygyny kese
basyp getiriň! Kellesini kesip äkideris-de, bazaryň
120
derwezesinden asyp goýarys. Millete göz ederis.
Üçbir-üçbir bölünen jigitler täzeden gözlege çykanda,
ýel ýatyp, howa çaň-tozandan mazaly saplanypdy.
Ümsüm ýatan depeler, gollar gijeki harasatdan soň
özüni dürseýän ýalydy. Naýza boýy galan Günüň
gyýtak şöhlesine sazak-sözenleriň kölegesi zyra-zyra
ak çägäniň üstünde uzalyşyp ýatyrdy. Gezerine sürüp
barýan üç atlynyň biri Daşaýak, biri Änewli, ýene
birisem Siňren diýen ýaş ýigitdi. Bular, buýruga görä,
Ýyldyz boýlanyň çyrlasyny barlap, ondanam aňyrda
Düňderilen düzden geçip, Gözoýugyň tümüne ýetip
gaýtmalydy. Ýoluň uzakdygyny bilýän jigitler atyň
arkasynyň mylaýym yralanyşyna aram-aram irkilip,
tä gün günorta bolýança jylawy çekmän, uzyn menzil
aşdylar. Onsoň bir towşanlyk çöketde düşläp, ot
ýakyndylar-da, şara edinip iýdiler. Atlar garbanýança
ondan-mundan mesawy gürrüň edişip oturdylar.
— Daşaýak akga, käýemeseň bir zat aýdaýyn-la –
diýip, Siňren atly saryýagyz ýigit ýazykly görnüşde
ýeňsesini gaşady. — Aý, öňräk bir mojuk iş boldydaraý.
Hiç kime aýtmaly dälem diýdiler welin, aýtmasamam
içimi ýaryp barýar. Göwnüme, şu ymgyr çölem üstüme
abanyp: «Aýt! Aýt!» diýip, hemle urup duran ýaly.
121
— Aýdar-da, dynarlar! – diýip, Änewli Daşaýakdan
öňürdip ara goşuldy. — Aýtmasaň, içiňde dert galar.
Aýdyp goýber!
— Aýtmaga-da utanýanlaý – diýende, Siňreniň
ýuwansy saryýagyz ýüzi uýaljyrap sypajaklady. Şonda
onuň erni bilen burnunyň aralygynda ýerleşen
peşehordanyň solak yzy müňküldäp-müňküldäp gitdi.
— O baýak Meret sähne gijäniň biwagt çagy on jigidi
ukudan oýaryp, aýratyn jaýa ýygnady-da: «Jigitler,
komandir bize aýratyn tabşyrygy ýerine ýetirmegi
ynanýar, agzyňyza bijaý bek boluň!» diýip alyp gitdi. Şol
onlugyň içinde menem bardym. Biz ýeriň pesti bilen bir
obanyň çetinden bardyk-da, baştutanymyzyň öwredişi
ýaly, bir öýe çozup girdik. Gaýtawul beren ýigidi urup
ýykagadan, täzelikde gaýdyp gelen ýaş gelni süýräp
alyp gitdik. Ýigitleriň köpüsi bagty ýatan zenany peçan
edensoň, ony gumuň içinde göz-gülban ýagdaýda taşlap
gaýtdyk. Men hernä el urmakdan saklandym. Hudaý
abraý berdi...
— Dur! Dur! Dur! – diýip, Daşaýak janygyp garysyna
galdy. — Siz Aman serdaryň obasyna baran-a dälsiňiz?
— Şoňa bardyk-da!
— Wah! – edip, Daşaýak hyrçyny dişläp buruljyrady.
122
Gürrüň berýän ýigit sözüniň üstüni ýetirdi:
— Jigitler zorluk edip durka, Gulalynyň adyny
birnäçe gezek gaýtalap, hamala, bu wejeralyk Gulalynyň
emri bilen bolan ýaly edip görkezdiler.
— Häý, haramzadalar! Neneň ynsabyňyz çatdy
diýsene? — Daşaýak zöwwe galdy-da, gahar-gazabyna
bäs gelip bilmän, kökünde guran garry sazagy gara
güýji bilen depip goýberdi. Içi pide bolup giden sazak
pakyrdap ýykyldy.
— Bäh, görlüp-eşidilen zat däl-ow! Heý, beýle-de bir
pidullyk bolar eken! – diýip, gödeksi Änewlem gürmek
gaşlaryny çytdy. Siňren bolsa pajygaly wakanyň soňuny
aýdyp tamamlady:
— Ine, biz şu tär bilen Gulalyny iliň gözünden
düşürmekçi bolduk. Ýogsa-da, Meret sähne näme
diýýär-ä? «Şu eden işiňiz üçin göwnüňize çigit ýalam
melal getirmäň» diýýär. «Ganym duşmany ilata
ýigrendirmegiň uly moral-syýasy ähmiýeti bardyr»
diýýär. «Halkdan arasy üzülen duşmany ýeňmek ýüz
esse aňsatlaşýandyr» diýýär. «Onsoňam, hiç zatdan
çekinmäň, Mädoraz komandir arkaňyzda dag ýaly
bolup durandyr» diýýär.
— Wah, belanyň körügi şol deýýus dypowda dälmi?!
123
– diýip, Daşaýak ýene-de jowranmak jowrandy. —
Ýezidiň oýlap tapan zadyna sered-ä!
Änewli Gulala ýapylýan şyltaklara
turuwbaşdan ynanmandygyny ýaňzydyp:
özüniň
— Ýadyňdamy, halypam? Bazarda jar çekişlik
bolanda, ikimiz çaýhanada otyrdyk. Şo wagt men
aýtjagymy aýtdym ahyryn – diýdi.
— Seniň näme aýdanyň ýadyma düşenok welin,
ýöne meniň göwnüme-hä çiglik gidýärdi: Gulaly
ýaly adamam şu tetelli iş edermi diýip, ýüzbe-ýüz
ýatyşamyzda-da ol ajal okuny atmajak bolup, ýalan sag
çiginden urýardy ahyryn. Bäh, adamy nädäýýärler-ä?
Ýaman horlaýalar-ow! Adam adama şeýle birehim
daramaly bor oguşýa! «Synpy ýigrenç» diýip tapdylar
bir zady. Ýigrenç diýeniň görübilmezçilik, içigaralyk
bor-da. Ýeri, içigaradan näme tama etjek? Ynha, göräý,
bu zatlaryň soňy oňlulyga eltmez!..
Gulalynyň kastyna guralan mojuk ahwalaty näletläp
pislänsoň, üç hemra ýene-de atlanyp ýola düşdi.
Özlerem tä giç ikindine çenli dymşyp, içlerini hümledip
gitdi. Ahyry Siňren dymyşlygy bozdy. Ol atyny ozduryp,
öňde keserip durdy-da:
— Daşaýak akga! – diýdi welin, onuň saryýagyz
124
ýuwansy ýüzi berkäp, çynlakaý bir zat aýtjagy mälim
boldy. — Menem ýenem bir iş etdim. Şonam aýdyp
dynmasam – hiç bolanok!
— Aýt, inim! Egleme!
— Öten agşam Gulalynyň daňysyny kim kesendir
öýdýäň?
— Oňarypsyň, inim! Öňki günäňi ýuwupsyň-da!
— Ýuwdugym bolýa gerek?
— Kemi galmaýa. Günäni ýagşylyk bilen ýuwman,
dagy näme bilen ýuwjak?
Änewlem ýaş ýigidiň öwgüsini ýetirdi. «Sen-aýt,
daşyňdan göreniň ýaly däl ekeniň» diýdi. Bular Ýyldyz
boýlan ýaýlasyna ýetenlerinde, golaýdan jaň sesi
eşidildi. Oýa inseler, honha, çopan bilen çoluk agyr
sürini agyla saljak bolup dur. Iki sany mähnet goýun
iti lowhuldaşyp bäri gaýdanda, çopan bilen çolugam
atly jigitleri görüp, goýunlaryny unudan ýaly boldy.
Olar atlylara aňkarylyp, doňup galdy. Myhman gelende
türkmençilikde ite-guşa haý-küş edilýändir welin, bular
beýle zady bilmeýärmikä? Ýa-da garakçy dökülendir
öýdüp dilleri tutulaýdymyka? Goýunlary sürler diýip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keltegoňur kyssasy - 6
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.