Latin

Keltegoňur kyssasy - 3

Total number of words is 3617
Total number of unique words is 2402
27.0 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
47.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bir-iki hepdeden tussagyň nalyşy Perwerdigäriň
dergähine gowuşdymy ýa-da Mädoraz dypowyň
kellesine üýtgeşik bir hyýal geldimi, garaz, baýy
öňküden giňräk kamera geçirdiler. Ýalkap täze
kameranyň gapysyndan ätläp baksa, ynha, bir gürzelek
çal sakgally, ýüzi peşeneli, burunlagrak, gözleri goçak
daýanykly ýaşuly poluň üstüne donuny ýazypdyrda, allanäme namaz okap dur. Baý ýüregini döküşere,
derdini bölüşere hemra tapanyna, onda-da, görseň
gözüň dokunýan ýagşyzada sypat kişä gabat gelendigine
az-küş begenmedi. Husnubelent keşbi howuňy basýan
ýaşuly gopbamsy ýa tekepbir bolman, gaýtam alçak,
gadyrly adam bolup çykdy. Onuň ýanynda petir nan,
gowurdak, gant diýen ýaly azyk-owkadam bar ekeni.
Demir gapynyň daş ýüzünde duran saklawyň dilini
tapyp, demlengi gök çaýam getirtdi welin, Ýalkap
baý iýip-içip, etlek duluklaryndan burçak-burçak
der akdyryp, derisi giňäp, gönenip galdy. Şondan soň
mesawy gürleşip, tä gije ýarymdan agýança hümürdeşip
oturdylar. Ýaşulynyň peşeneli sypatyna kybap maňzyňa
batýan manyly gürrüňleri hem bar ekeni.
51
– Hazreti hak resul pygamber aleýhyssalam «Hadysyşerifde» aýdypdyrlar ki: musulmançylyk on hisseden
ybarat bolsa, şonuň dokguzysy halallykdandyr diýip.
Owwaly bilen ynsanyň süňňi-bedeni, on iki synasy,
ondan soň päli-öwzaýy, ýüregi-kalby päk bolmalydyr.
Mömin-musulmanyň renjinde-ryzkynda, lebzinde,
nikasynda, perzendinde, kesbinde-kärinde haram
ýoky bolmaly däldir. Emma hany o zatlar? Hudanyň
parzyny, pygamberiň sünnetini berjaý kylan närsäni ýer
ýüzünden goluň çyragly gözläp tapmaly zaman geldi.
Älemi kesapat tümlügi gaplap aldy. Millet halaly taşlap,
harama topuldy. Kyýamat-ahyrzamanyň nyşanlary
zahyr boldy: ganhorlyk, anthorlyk, bahyllyk, neşebentlik,
zynahorlyk... Şeýtan şat bolup heşelle kakdy. Ine, şu agyr
günäleriň jezasy diýip, Allatagala bolşewigi ýer ýüzüne
inderdi. «Ýäjüç-mäjüç geler» diýlip, köne kitaplarda
aýdylýan bela şu peläketdir. Taňrydan tagýyr tapýança
munuň garşysyna durup bilen närse tapdyrmaz. Hawa,
onsoň Ýalkap baý bolsaňyz, siziňem etmişiňiz az däldir.
Nebsini öňüne salan adam ynsabyny undup, günäniň
goýusyna bora-boýy bilen batyberýär. Dürs aýdýanmy?
– Wah, näsini aýdýaň, Jumamuhammet aga! –
diýip, henizem janyndan gorkusy bolan baý özelendi.
– Allanyň öňünde ýazygym köpdür! Puşeýman edip
52
aňyrsyna çykyp bilemok!
– Indi puşeýmandan ne peýda? Päliňden gaýdyp,
günäňi ýuwmak gerek.
– Nädip ýuwaýyn?
– Owalky nädürs eden işleriňi indi dürs etmegiň
gerek!
– Men bir goly bagly bendiwan ahyryn. Nädip edeýin?
– Netiň etmede bolsa, Allatagala ýoluny açar.
Perwerdigäriň emri ýetişse, müşgiller asandyr.
Jumamuhammet aga özüniň ne sebäpden türmä
düşüşini hem gizläp goýmady. Ony işan bolany üçin
tussag eden ekenler. «Halkyň aňyny zäherläp gelen
alahöwren ýylan» diýip sud edipdirler.
– Hamala, ulamalar halkyň aňyny zäherleýänmiş –
diýip, ýaşuly garaňka gaplanan kamerada tagta naryň
üstünde gyşaryp ýatan ýerinden haýpy gelmek bilen
seslendi. – Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?!
Iliňe kast etme, kesekiniň malyny ogurlama, arakşerap içme, ýalan sözleme, agzynlyga-zynahorlyga
küýüňi berme, ulyny syla, päliňi pes tut... Ine, biziň
millete wagzy-nesihat edýän zadymyz. Eýsem şuňa
halkyň aňyny zäherlemek diýip bolarmy?! Ýagşa ýaman
53
diýmek, aga gara diýmek hebes dälmidir?! Hakykaty
melamata öwürmek melgunyň kesbi dälmidir?!
Şol wagt kameranyň demir gapysy şakyrdap açyldyda, koridordan düşýän köreçel yşykda nätanyş bir kişi
garalyp göründi.
– Salawmaleýkim, işan aga! Serdar agamyz size köp
dogaýy salam gönderdi. Sadakamyzdan dadyp aýattöwwir kylsyn diýdi.
– Haýsy serdar?
– Aman serdar – diýdi-de, nätanyş kişi getiren
zadyny goýup, howlukmaç çykyp gitdi. «Satyn alnan
saklaw» demir gapyny gürpüldedip ýapansoň, turup
görseler, goýnuň kellebaşaýagy bilen omaça bary salnan
uly kersen tümmek bolup dur. Hudaýyň gudrat bilen
inderen ryzky diýmän, muňa näme diýersiň! Gaýym
iýip doýansoňlar, işan aga uzyn-uzyn dogalar sanap,
töwwir kyldy. Baýyň onçakly kesgir bolmadyk akyly
täsin bir açyş etdi: «Görýän welin, bu işan ýöne-möne
adamyň hilinden bolmaly däl. Seret ahyryn, şu garaňky
zyndan hem onuň sarpasyny syndyryp bilenok. Gudrat
bilen onuň nesibesi iň berk saklawdan hem böwsüp
geçýär. Men bolsam bir hepdeläp surnugyp otursamda, hossarlarym garaşyk edip bilmedi...»
54
Baýyň göwnüne, garaňky kamerada goýazy ýaňlanýan
ýakymly owaz işanyň sesi däl-de, göze görünmeýän
keramatly perişdäniň sesi ýalydy:
– Garaçydan nazarkerde adam dörese, şonuň biri
Aman serdar bolar. Jennet nyşanly, lebzi halal, hakykatçy,
dürs adam. Emmaki, haýp, Gulaly goňur diýen päliazan
bedasyl il halar serdaryň abraýly adyna çirk ýetirdi. Ara
ar-namys düşmezden milletiň gelnini süýremek dinimusulmana sygmajak gabahatlyk dälmidir?! Şerigatda
iň ýaman günäniň biri zynahorlykdyr. O dünýäde
zynahoryň jaýy jähennemdir. Gulalyny içinden çiş
ötürip, oda çirkizip, Sakar dowzahda azabennar
kylarlar...
Gulaly barada il arasynda ýaýran bu wejera gürrüň
öňem baýyň gulagyna degipdi-de, ýöne onuň muňa
ynanasy gelmändi. Gulaly onuň öýünde ýatyp-turup
gidýär ahyryn. Baý oňa Hudaýa ynanan ýaly ynanyp
ýörmänmi?! Ondan zyýan geler diýip gümanam
edenog-a. Ýeri, şeýle güp ynanar ýaly, ol seniň
doganyňmydy ýa ýegeniňmidi?.. Ýüregine kül-küle
düşen baý birdenkä aýaly Begsoltany göz öňüne getirip,
heziliniň gaçýandygyny duýdy. Ýaşy kyrka ser uranam
bolsa, ter ýaňaklary gyzyl alma ýaly lowurdap duran,
gözleriniň balkyldysy ýüregiňi bökdürýän, synasy
55
syratly zenan baýyň gözüniň öňünde örboýuna galdy.
Sataşan gününden ýüregini bendiwan eden, şunça
ýyl bile ýaşabam höwesi öçmedik, ak öýüniň hökümli
hany, ähli mal-döwletiniň eýesi Begsoltan baý üçin
dünýäde iň gymmatly zat dälmidi näme?!. Ol nädip
özüniň iň gymmatly zadyny yzyna it salnyp kowalanyp
ýören galtamana, azgyn ýat bigänä ynanyp bildikä?!
Wah, işigaýdan Ýalkap ýirjik! Sen bir köwek sähraýy
betbagt bolmasaň şeýdermidiň?.. Betgümanlygyň
ajy burugsysy Ýalkabyň kükregini gaplap, ýüregini
endiredýärdi, akyl-huşuny basmarlaýardy. Işan aga
bolsa öz gozgan gürrüňiniň kameradaş hemrasyny
melamatyň ýamanyna goýanyny gümanam etmän,
arkaýyn gepläp ýatyrdy:
– Serhetde tirýek ýükli tutulan bir eýranlyny üç-dört
günläp meniň ýanymda sakladylar. Gep salgy, özi şo
taýynyň şäher adamsy bolmaly. Peläket, biziň gaçakçygarakçylarymyzy atma-at sanap otyr. Aňry tarapa
geçseler, päsgelsiz ýaýnap gezýärler diýýär. Şire çekip,
arak içip, meslikden ýaňa bolmajyny bolýarlar diýýär.
Dünýäde bir keýp bolsa edilýän bolmaga çemeli. Bäýbäý, Gulalynyňam tarypyny ýetirýär-ä! Aýdýan zatlaryny
gulak eşider ýaly däl. Barsa, diýýär, bärde urup-çapyp
gazanan bar puluny jelephanalardaky owadan lolularyň
56
öňünden-ardyndan geçirýär diýýär...
Bu gürrüňe Ýalkap baýyň gany hyňzap depesine
urmazmy! Ol ýatan narynyň üstünde sähnelän ýaly
yranjyrap dik oturdy.
– O ýurtlarda jelephana diýen ýere, çaýhana baran
ýaly, aç-açan barybermelimiş – diýip, işan aga sözüni
dowam etdi. – Hökümetem jelephanany gadagan
etmän, gaýtam hojaýyn heleýden salgyt alýamyş. Azgyn
zynahorlar şol heleýe puluny töläp, gözüne ýaran jelebi
saýlap tutaýmalymyş. Gulaly şol gelinleriň üçüsini
birden satyn alyp, ýap-ýagty jaýda çyp-ýalaňaçlap,
oýun-bezim edýärmiş. Kyýamat ýakyn gelende, gör,
nämeler bolmaýar?! Toba estagpyralla! Haram keýp
üçin adamlar iblise imanyny satýar! Şu gabahat zatlary
zybana getirmegem külli günä bolsa gerek! Toba! Toba!
Jelepleri çyp-ýalaňaçlap tomaşa edýän zandyýaman
zynahor soňky gün öz öýüne gaýdyp gelip, öz enesini
egni lybasly görse-de, ony ýalaňaç suratda göz öňüne
getirermiş. Wadaryga! Bak ahyryn munuň günäsine!
Neneň asman inip, ýer çöwrülmesin! Neneň gün
günbatardan dogmasyn! La höwle wela kuwata illa
billäh! Hawa, Ýalkap baý, bu gün dünýäniň gürrüňini
etdik. Indi kelemeýi-şahadatymyzy öwrüp ýataly...
57
Işan aga birsalymdan myrlap uka gitdi. Baýyň bolsa
gözüne çiş kakylan ýalydy. Ol özüni namysy depelenen
adam hasaplap, masgaraçylygyň azabyny çekýärdi.
Käbir zatlary ýadyna salanda bolsa, jany örtenip öläýjek
bolýardy. Anha, Gulaly onuň öýünde pil ýaly bolup,
bir duly tutup ýatyr. Begsoltan onuň başyna iňňeden
çykma jam börük geýdirip: «Dähede doganymyň
kyýamatlyk dogany! Men seni süýtdeş doganym ýaly
görýän!» diýýär. Ol haramy galtaman bolsa alma ýaňak
zenany wagşyýana ýaldyraýan gözleri bilen diriligine
ýuwdaýjak bolýar. Belkem, ol şonda, işan aganyň
aýdyşy ýaly, Begsoltany çyp-ýalaňaç suratda göz öňüne
getirýändir? Wah, haramzada! Nurnepes pire sopy
bolşuna-da ynanyp bolmaz onuň! Şu mahalam ol baýyň
tutulanyny eşidip, yzyna gaýdyp gelen bolsa biçeme däl.
Eýesiz galan öýde hezil edip, eşret görüp ýatan bolsa
bildiňmi? Gödeňsi gollary bilen baý aýalynyň dykyz
çeýe bedenini mynçgylaýandyr pelit! Öwh! Öwh! Eliň
syrma gylyçly üstüni basagada, kerçem-kerçem edip bir
içiňi sowatsadyň!..
Daňa ýakyn irkilen baý erbet gara basyp, hopugyp
turdy. Ýaraly gaplaň ýaly, kameranyň içinde iki ýana
zowzuldap çabalandy. Işanam oýanyp, täret kyldyda, namaz wagty bolaryna garaşyp otyrdy. Penjiräniň
58
demir gözeneginden görünýän asman süýt reňkine
boýalanda, Jumamuhammet işan Allatagalanyň
beýikligini, älemde ýeke-täk Taňrydan başga güýçgudratyň ýokdugyny, ähli bendeleriň keremli Subhana
sygynmalydygyny hem-de Kelamyllada görkezilen
dürs ýoldan ýöremelidigini türmede oturan her jüre
jenaýatçylara we olaryň daşyndan: serhetde tutulan
garakçylara, aýallar azatlygyna garşy çykan baýfeodallara, şuralar hökümetini iňlislere satmakçy bolan
dönüklere hem gaýry halk duşmanlaryna belent ses
bilen jar etdi. Gep salgy, işan özüniň köne endigini
– «Zähmetkeşleriň aňyny zäherlemek» gylygyny tä
ölýänçä goýjak däl bolmaga çemelidi.
Şu mahal demir gapynyň deşiginden ogrynça
gözetläp duran ýalpak ýüzli, egni gaýyş kurtkaly adam
bar ünsüni namaz okaýan işana bermän, baýa beripdi
hem-de onuň ynjalykdan gaçyp, pelesaň urşuna heşelle
kakýardy. Ol: «Hemme zat ölçäp-biçişim ýaly jaýba-jaý
ýerine düşüpdir» diýip, begenjine elini owkalaýardy.
«Gör-ä, wakalaryň bir-birine jebis sepleşip gidişini:
Aman serdaryň adyndan kellebaşaýak gelýär welin,
işan ony öwüp arşa çykarýar. Yzyndanam gürrüňiň
nämä ýazjagy gümansyz bildirip durdy. Gürrüň,
elbetde, serdaryň namysyna el göteren Gulala
59
ýazaýmalydy. Galtamanyň Eýranda edýän azgynçylygy
bolsa depe-düz edip, üstüni doldurmalydy. Çintgäp
otursaň, bu ýerde işan aganyň dyrnak ýaly hem günäsi
ýok. O bende öz ýanyna salnan «tirýek daşaýjydan»
eşiden zatlaryny Ýalkap baýa edil bolşy ýaly tüýbetüý gürrüň berdi ahyryn. «Eşiden gulakda ýazyk ýok»
diýilmänmi, «tirýek daşaýjynyň» dogry sözländigini
ýa egri sözländigini işan nireden bilsin? Aý, bu zatlar
hiç-le. Ynkylabyň duşmanlaryna garşy göreşde näme
etseňem halaldyr. Esasy, Ýalkap ýirjige gabanjaňlygyň
otly donuny geýdirip bilenligimiz. Gör, onuň janyna
jaý tapman çabalanaýşyny! «Dälä ýel ber...» diýipdirler.
Soňunam görüberýäs...»
Ýalkap ýüzüne özünden göwnühoş bolmaklyk hem
ulumsylyk çaýylan Mädoraz dypow pursaty elden
bermän, baýy dessine soraga çagyrmagy müwessa bildi.
– Ýalkap baý! – diýip, ol ýene birsalymdan sorag
jaýynda baýyň daşyna geçip otyrdy. – Çölde siziň
agyp-dönüp ýören dowar süriňiziň, torumly-köşekli
düýe malyňyzyň sany-sajagy ýok. Ýigrimi-otuz sany
çopan-çoluk saklap, ýoksullaryň ganyny sorýaňyz.
Şu çaka çenli şura hökümeti bu zatlara çydap geldi.
Emma mundan bu ýan baýlary synp hökmünde ýok
etmäge girişen ynkylap sizi öz ýolundan syryp-süpürip
60
taşlamaga mejbur bolýar. Düşnüklimi?
Baý hiç zat düşünmän, monjuk ýaly kiçijik gözlerini
gyrpyldatdy. Onuň mor sakgally lopbuş ýüzi öňki
nalajedeýin sypatyny üýtgetmedi.
– Bu zatlaryň üstesine-de, siz milletiň ganym duşmany
Gulaly galtamana öýüňiziň töründen orun berip, gadyrly
myhman hökmünde hezzet-hormat edýämişiňiz. Her
gezek gelende gujak açyp garşylaýamyşyňyz...
Gulalynyň adyny eşidende baý gahary içine dolup,
hum ýaly çişdi. Onuň kiçijik gözleri alakjap, hanasyndan
çykaýjaga döndi. Lopbuş ýüzüne gan uranda, ýumry
duluklary köseleç mor sakgaly bilen reňkdeş boldy.
Baý bokurdagyna dolan gatyny zor bilen ýuwutdy-da,
ýangynly gagyrdap:
– Owarra gitsin! Jähennem bolsun! Adyny eşitmäýin!
– diýip gygyryberdi.
– Weý-weý, baý aga! Bu nä hekaýat? Bu nä
boluş? Hany, siziň öýüňize Gulalyny heýwere gowy
görýärmişler-ä! Töre geçirip, eziz myhmanyň ornunda
oturdýamyşlar-a!..
Bu sözi eşidende baýyň ýüzi erbet egşäp, ol özüniň
mor sakgalyna penjäni urdy. Häzir ol içiniň ýangynjyna
61
sakgalyny şarta-şarta ýoluberjek ýaly göründi.
– Siz näme üçin ony tutaňzok?! Eýsem ýüz sany atlyýaragly jigit ýeke galtamany ele salyp bilmezmi?!
– Gaty dürs gürrüň. Ýöne ol heýwere sypjyk, hilegär
hem köpbilmiş galtaman. Nirdedigini öňünden bilip,
duýdansyz güpbasdy edäýmeseň, ony aljak gümanyň
ýok. Nirede bukulandygyny eşitsek, biz häziriň özünde
onuň üstüne dökülmäge taýyn. Gizlenýän ýerini
aýdaýmaly welin, teý aýdanoklar-da!..
Aýgytly pursatyň gelendigine düşünen Mädoraz
dypow: «Näderkä? Aýdarmyka?» diýip, sabyrsyzlyk
bilen baýa çiňerildi.
– Aýtsaň, biz seni boşadarys. Şu günüň özünde öýüňe
gaýdarsyň. Aýt-da gaýdyber! Çagalaryň garaşýandyr!..
– Aýtman näme! Meni boşatmasaňyzam aýdaryn!
– diýdi-de, tultuk bedenine ygtyýar edip bilmeýän
baý galpyldap gepledi. – Ol şumat Uçmah ýaýlasynda,
Nurnepes piriň, dünýäni terk edip, ýeke özüniň mesgen
tutan ýerinde gizlenip ýatandyr. Ýele salyp bilseňiz
gaýgyrmaň şony! Atyň, öldüriň, ýere sokuň!..
Aýtjagyny aýdyp, içini sowadan baý, ýüki ýeňlän ýaly,
uludan bir dem aldy. Haşşyldanda iki egni sallanyp, gaba
62
göwresi ýeli boşan böwen dek tultardy. Ikindinaralar
ony türmeden çykaryp, öýüne goýberdiler.
***
Owal birmahal Gulaly goňur bilen Atalyk
ýasawul ikisine: «Siz geljek ömrüňizde pire gol
berip sopy bolýaňyz» diýseler, olar beýle zada ömür
ynanjakmydylar?! Indi görseň (ykbal işine bak-a!),
bularyň ikisem, takwa müritleriň hatarynda durup,
«Niýet kyldym», «Ymama uýdum» diýip, günde bäş
wagtyny yrman namaz okap ýörler. «Allahy ekber» diýip
eglip-galýarlar, «Allahy ekber» diýip maňlaýyny seždä
goýýarlar. Namaz ahyrynda baş sopy hemmeler üçin
niýetlän ýaly edip wagyz-nesihat okaýar, emma bu öwütündewiň hususan täze sopular üçin gaýtalanýandygyny
aňmak kyn däldi.
– Eýa, dini yslamyň mübärek ýolundan gadam salan
umydygär bendeler! Bu ýolda hergiz daş-töweregiňize
ýaltaklaýjy bolmaňlar – şeýtany lagynny görersiňiz. Ol
sizi, gol bulap, ters ýola çagyrýandyr. Myrada ýetgeý
diýseňiz, Allahytagalanyň dergähine göz dikip, januteniňiz, akyl-paýhasyňyz, tutuş kalbyňyz bilen oňa
bakan owsunyp ümzük atyň! Egerki, siz oňa tarap bir
garyş süýşseňiz, ol size tarap bir gary süýşer; siz oňa
63
tarap bir ädim golaýlasaňyz, ol size tarap on ädim
ýakynlar. Kimde-kim öz nebsini, tekepbirligini, dünýä
höwesini, menligini öldürip bilse, Hudaýtagala onuň
damagyndaky jan damarynda «Men hak! Men hak!»
diýip tyrsyldap durgaý. Allanyň barlygyny, barça
işlere amala edip durandygyny duýup-syzyp bilmeklik
her bir mürit üçin iň belent keremdir, bagtdyr. Şony
duýup-syzyp bilen ynsana bu dünýäde asla bir müşgil
iş galmagaý...
Allanyň gazabyna uçrap, ondan gözi gorkan Atalyk
çöl-beýewanyň her daban ýerine müň kerem maňlaýyny
goýup toba etmäge kaýyldy. Pis açan gollaryndaky bessebesse tegmillere gözi düşende, özüni şu ýere gelmäge
mejbur eden pajygaly wakalary ýatlanda, Haktagalanyň
goly gürzüli perişdesi häzirem onuň üstüne abanyp,
soňky zarbany urmaga taýyn bolup duran misillidi.
Gulaly sopy bolsa günämi ýuwaýyn diýip ölüpöçübem baranokdy. Köpçülik näme edýän bolsa, olam
il ugruna gaýtalan bolup ýördi. Ol Hudaýyň alnynda
özüniň agyz dolduryp günä diýer ýaly günäsiniň
barlygynam bilenokdy. Ady «galtaman» bolsa-da,
ömründe bir gezegem nähak gan dökmedi ýa-da ilgünüň mal-halyna el urmady. Kesekiniň heleýini süýredi
diýibem oňa töhmet atdylar. Ine, şu sopularyňam
64
käbiri şol gabahat gürrüňe ynansa-da ynanyp ýörendir.
«Ogram özüne osar, orramsam» diýleni-dä.
Öňki galtaman mähnet kellesini agras sallap, gepgürrüňe goşulman, ýürek hasratyny çekýän sypatda
kürşerilip otyrdy. Gysymyna gysan ürgün çägesi onuň
küdüň ýaly ýumrugyndan syzyp akyp dur. Hamana, bu
onuň aňyndan geçýän muşakgatly pikirleriň üznüksiz
akymy ýaly. «Öýümiň diregi ejiz naçarym bilen körpe
balalarym aman-esenmikä? Ýa-da o biçäreler eýýäm
hudaýsyzlaryň penjesine düşüp, jebri-jepaga duçar
boldularmyka?.. Ýa, gudraty güýçli Taňrym! Meniň
başyma neneňsi hupbatlar salsaň sal, men çydaryn.
Ýöne, çülpelerimi öz penaňda sakla! Käpirler olary ýerýesir edip alyp gitmesin!..»
Ýene bir öwrümde küpür bolup, has erbet zatlary
göwnüne getirýärdi: «Ýa, Biribarym! Eger-de käpirler
meniň balalarymy alyp gitdi diýen habar gulagyma
ýetäýse, onda gaýtadan ýaraga ýapyşyp, öňde-soňda
etmedik işlerimi etmeli bolaryn! Hudaýsyzlaryň
öýüni başyna ýumrup, olaryň haram ganyny derýa
dek akdyraryn! Meni şeýtmekden özüň sowawer,
Hudaýym! Gahar-gazap atyna atlandyrma, zalymlyk
ýoluna iterme!..»
65
Gulalynyň göwnündäkini ýüzünden aňan baş sopy
agşam namazyndan soň ony garaňkynyň içinde tokaý
tutup oturan beýik sazaklaryň arasyna çekdi-de,
mylaýymlyk bilen söz gatdy:
– Eý, meniň dindei, mezhepdeş doganym! Bir
etege ýapyşan pirdeşim! Gudraty güýçli Taňrytagala
ten berip, onuň emrine kaýyl bolmagyň gerek. Bu
dünýäniň gülüm-ýalymyna aldanmak hebesdir.
Kurany kerimde aýdylyşy ýaly, ýaradan Alla behişdiň
ähli eşretini biziň ezizi pygamberimiz Muhammet Hak
resul aleýhyssalamga bagyş kylandyr. Pany dünýäniň
tutuş lezzeti howzy-Köwserniň bir katra suwuça bolup
bilmez. Biziň pygamberimiz bolsa ummatlarym behişte
girýänçä özüm girmen diýenmiş. Gör, ne ajaýyp
arkadagymyz bar biziň! Müň kerem elhamdylylla!
Şonuň dek arkadagymyz barka, biziň göwnümiz giň,
janymyz rahat, keýpimiz çag bolmazmy?! Sen näme
üçin agyr gussa çekýäň, Gulaly sopy? Dök etegiňden
daşy!
Gulaly biragyz dil ýarman, mähnet kellesini yraladyda, garaňkynyň içinde aňyrsyna öwrüldi. Onuň agyr
ezýet çekýändigine düşünip haýpy gelen baş sopy:
«Hudaý rahmet etsin! Ýaradan giňlik bersin!» diýdide, bialaç dolanyp gaýdyberdi. Pire gol beren galtaman
66
bolsa, özüni çola çekmek üçin, bir depeden aşyp,
eňňitden çäge akdyryp, çuň gola eňdi. Goluň düýbünde
çök düşüp oturyşyna çar tarapdan seňňerläp abanan
ümmülmez dünýäniň dem-düýtsüz dymmasyna üstüni
basdyryp ýegşerildi. Ägirt uly älemiň dymmasy hem
ägirt bolar ekeni. Gulak perdäňden ötüp, akyl kädiňe
kürsäp urýan bu eýmenji ses-sedasyzlyk gara basan
ýaly labyryny atyp, sandygyňa howp salyp, hopukdyryp
alyp barýardy. Bu elheder aldyryjy bela nägehan,
megerem, bijanlygyň, ölümiň, ýoklugyň alamatydyr.
Mundan başyňy gutarmak üçin, belkem, gara basýan
adam ýaly, allaniçigsi gygyryp turmalydyr? Gulaly şu
alada bilen nätjegini bilmän otyrka, geň galmaly zat,
iňňän uzakdan, ýedi gat ýeriň teýinden, üznüksiz bir
iňňildi eşidilip başlady. Bu ýürek gyýyjy zaryn iňňildi
kem-kem güýjäp, ölüm getiriji dym-dyrslyk bilen göreş
edýän ýalydy. Gulaly: «Garry zemin iňňildeýär, çölbeýewan eňreýär» diýip oýuňa getirýär. «Bu nämäniň
zarynlamasyka? Bu nämäniň agysyka? Megerem,
türkmen topragy özüniň armanly ölen nazarkerde
perzentleri Eziz Çapyk, Hojaguly han, Ata Mäneli,
Dähede batyr üçin gussa çekýändir! Hudaýsyzlar
bilen deň bolmadyk göreşde guma garylan müňlerçe
şehitleriň ýasyny tutup eňreýändir!..»
67
Gulaly şu halyna näçe wagt geçeninem bilmän, gussa
batyp otyrka, ýokardan adam sesini eşidip, başyny
göterdi. Goluň belent erňeginde, ýyldyzly asmanyň
ýüzünde Atalyk ýasawulyň bigörk egri sypaty garalyp
görünýärdi. Hudaýsyzlaryň öňki baştutany Gulalyny
ýassy namazyna çagyrýardy.
Ertesi günorta naharyna üýşülende sopularyň
arasynda oňat görülýän gürrüňleriň biri – günäňi
ýuwmagyň hem ýalkanmagyň aňsat ýollary hakynda
gep gozgaldy. Sary sopy diýilýän arykdan uzyn köseleç
kişi larky göwresini yralap: «Zerreden ýalkaryn
diýipdir» diýip başlady-da, öňde biriniň günäden
saplanyşy dogruda hemmäniň öňden bilýän tymsalyny
gaýtalady.
Bu gürrüňiň täsiri ýetip gozgalaň tapan Atalyk sopy
gara çyny bilen alyp göterdi:
– Onuň ýaly bolsa, gidägeden, höküwmediň
ketdelerinden birini kaklap gaýdybersem, belkem,
menem ýalkanaryn?..
– Siz ýalkanmak isleseňiz, deslap öz ýüregiňizdäki
şeýtany öldüriň! – diýip, baş sopy onuň al-petinden aldy.
– Kalbyňyzdaky bet pygyllaryňyza, ýaman niýetleriňize
garşy uly jihad urşuny kylyň. Günäden sabamagyň
68
şondan ýagşy usuly bolmaz.
Baş sopy bu zatlary Atalyk sopy üçin aýdýanam bolsa,
onuň sözleri hemeden beter Gulala şaplap degýärdi. «Wah,
iň kyn ýerem öz-özüňe emr edip bilmek dälmi?!» diýip,
täze sopy ahmyr bilen içini gepledýärdi. «Taňrytagala
meniň ýüregimi ýüz ýerinden, müň ýerinden eziz
perzentlerime baglan bolsa nädeýin? Ýüregimiň şol
baglaryny gyryp taşlamaga meniň güýjüm ýetmese, nä
alaç edeýin? Ejizlerimi «maňlaýlaryndan görsünler»
diýip, Allanyň penasynda galdyrmany başarmasam
nirä gideýin? Bu, megerem, meniň Biribara doly bil
baglamaýanlygymyň nyşanydyr. Eýsem guş-gumrular,
hozanaklar-çekirtgeler, garynjalar-gurçuklar, beýleki
dürli-dürli jandarlar Ýaradanyň saýasynda gün görüp
ýaşap ýörmänmi? Meniňem gaýrata galmagym gerek.
Bir ýagdaý etmegim gerek. Gyzgyn gülläniň öňünde
sarsman durubam, şu ýerde ejizleýşimi diýsene!..»
Gulaly işe gümra bolanda az-kem aladasyny
unudýandygyny bilip, guýudan suw çekmelem bolsa,
töwerekden jagrama odun ýygnap getirmelem bolsa,
ýadamany-ýaltanmany bilenokdy. Onuň has gowy
görýän ýumşy sadaka diýlip getirilýän bäşlek-üçlek
dowary gum içindäki obalaryň garyp-gasaryna, ýetimýesirine piriň tabşyrmagy bilen eltip gaýtmakdy.
69
Çöwürmesini gözüniň üstüne berk çümren, göwşüllän
donunyň daşyndan biline ýüp guşan, bir bölek goýnuň
yzynda taýagyny süýräp barýan çopan sypatly bu
geplemezek pyýada şol birmahallar çöle owazasy dolan
galtaman diýseň, häzir hiç kimem ynanjak däldi. Sulhy
öçüp, eginleri sallanyp, göreňde üýşendirýän öňki
nazarkerde, batyr syýagyndan nam-nyşan galmandy.
Gulalynyň soňky sapar sadaka gowşurmak üçin
sorag salyp tapan garaja oraçasy gum obasynyň iň
çetinde garaguruma basyrylyp, ýere ýepbeşip otyr
ekeni. Daşyndan görmäge onda janly-jemende
ýaşaýana meňzänokdy. Emma Gulaly bäşlek-üçlek
dowaryny küş-küşläp, ardynjyrap bärden baranda,
oraçanyň sallam-sajak eňsisi galgap serpildi-de, onuň
aňyrsyndan ululy-kiçili bir toplum çaga bosup çykdy.
Hemmesi aýakýalaň, başaçyk, biri-birinden hor hem
eleşan. Gyz, oglan gatyşyk, uluraklary tur-otura ýaran,
kiçijikleriniň arasynda ýaňy aýak bitenem bar. «Päh,
pir hezretleriniň sadakany nirä ibermelidigini jaýdar
bilşine seret! Edil hemme zady gaýybana görüp oturan
ýaly-ow!» diýip, sopy göwnüne getirdi.
– Habarlaşar ýaly kim bar?
Çülpeler: «Enemiz bar-da, enemiz bar» boluşdylar.
70
Salam berip işikden ätlän Gulaly gurum baglan
oraçanyň içinde oda atsaň tütär ýaly goşuň ýokdugyny
görüp, gap böwürde şyrrygy çykan köne deriniň üstünde
oturan ebla kempiriň bolsa ene-atadan dökülip galan
şu ýetimlere ýeke-täk howandarlyk etmeli adamdygyny
aňyp, amana-toba geldi. Ol: «Eý, Keremli Taňrym, seniň
edýän işiňe biz at dakyp bilmeris! Elbetde, özüň ýagşy
bilýänsiň» diýip, küpür bolmakdan zordan saklandy.
Hyk-çok edip kynlyk bilen oturyp-turýan ebla
kempiriň sadaka gelen zady şu ýetimlere oňaryp iýdirip
bilmegi hem gümandy. Bu ýagdaýy görüp duran Gulaly
goluny çermäp işe başlady: eşegine taýlap ýüklän bogdak
uny bilen suwly çelegini düşürip, çoluklaryň edişi ýaly,
öňi bilen gazanda hamyr ýugurdy. Hamyry alýança,
gapyda, ürgün çägäniň üstünde çagalara ot ýakdyrdy,
özi bolsa sürüp gelen dowarlarynyň arasyndan semiz
bir toklyny hasyr-husur soýup şakgalady. Onsoň
hamyry ýasylap, tegeläp, gora gömägeden, gazanda
buglama atardy. Munuň gapdalyndan, özi çaý içip
nepesini durlamak üçin, suwly tüňçäniň böwrüni
tümmek köze diräp goýdy. Dogramça-dogramça akja
guýruk bilen sözen çybygyna aralaş düzülen bagyrmyň,
böwrekmiň otda jyzyrdap, dumly-duşa tagamly ys
ýaýradyp, agzyňy suwardyp alyp barýardy. Şu mahal
71
aç ýetimleriň hoşgylaw «daýynyň» daşynda pelesaň
urşuny görseň, olaryň oda düşmegindenem howatyr
etmezçe däldi. Gulaly ýagy damyp duran gyzgyn
kebaby çybykdan syryp alýardy-da, eliniň aýasynda
üfleşdirip, dumly-duşdan özüne bakan serlen horja
gollara tutdurýardy, arasynda maý tapsa öz agzynada taşlap, lokuladyp ýuwdup goýberýärdi. Basym
kemsiz bişen gömme nanam gordan çykarylyp, küli
kakylyp, dört gül edilip kesildi. Eti gopup, süňki eliňe
gelip duran buglama-da gazany bilen orta alyndy.
Ýalmawuz bary, guş sürüsi gonan ýaly, saçagyň daşyna
üýşende, esli wagt burunlaryň myşşyldysyndan,
agyzlaryň şapbyldysyndan başga hiç zat eşidilmedi.
Ebla kempir titrewük eli bilen ýetimleriň iň körpejesine
– iki ýaşynyň içindäki oglanjyga iýdirjek bolup azara
galýardy. Rehimdar myhman rowgatsyz kempire: «Siz
özüňiz iýiberiň!» diýdi-de, oglanjygy öz gujagyna aldy
hem oňa öz golundan iýdirmäge başlady.
Ine, şu pursatda öz oguljygy ýadyna düşüp,
Gulalynyň ýüregi pagyş-para eräýmezmi! Atalyk mähri
inip, bütin bedeni gowşap, ol hyjuw bilen kesekiniň
ýetimçesini bagryna basdy. «Atamyň adyny dakan göz
guwanjym!» diýip, uzakdaky perzendine ýüzlendi.
«Sen şu mahal nirede ýörsüň? Ýa-da ýykylyp-sürşüp,
72
agzyň gum garbap, hary-zar haldamyň? Rehimsiz
duşmanlaryň golunda ýer-ýesir bolmasaňam ýagşy!..»
Ynsanyň merdi, sähranyň gurdy gozüni balkyldadyp,
ýetimçäniň başyny dözmezlik bilen sypalady, özüniň
ejizläp oturanyny ýanyndakylar duýan bolmasyn diýen
gorky bilen göz astyndan birlaý garady.
Gemmik agzyny kümşüldedip iýýän ebla kempir
«Hudaý baa-da... Hudaý baa-da...» diýip, göwnündäki
pikire görä seslendi. Gulaly garrynyň näme diýjek
bolýandygyna birdenkä düşünip haýran galdy. Kalbynda
gümmürdäp galan ägirt uly bir duýgy gümmezekläp,
çogum-çogum çişip, asmany-zemini püre-pür
doldurdy. Kurany kerimiň «..Kursiýuhüssemawaty
wel arzy» diýen sözleri sopynyň gözüniň öňünde
hakykata öwrülip, arşy agladan belende göterildi.
Gulaly, baş sopynyň aýdyşy ýaly, janly-jandaryň
howandary Ýaradan Allanyň nagt barlygyny, onuň
gaty golaýdalygyny ömründe ilkinji gezek teni bilen
syzyp-duýup, özüniňem ýönekeý ynsanlykdan has
beýgelendigini aňdy. Täsin ýeri, uç-gyraksyz älemlere
gudratyny ýöredýän Patyşa ýer ýüzündäki iň maýdaja
mör-möjekleri-de gözden salanokdy. Hakykatdan hem,
barça zat Allanyň eradasyndady.
Ruhy
göterilen
Gulaly
73
şular
ýaly
joşgunly
duýgularyň deňzinde ýüzýärkä, garny doýan ýetimçe
onuň gujagynda ymyzganypdy. Oglanjyk pökgüje
dodajyklarynyň öweldip, gözjagazlaryny ýuman
bolsa-da, ol myhmanyň ýeňine eljagazyny sokup,
barmajyklary bilen onuň gylly goşaryny sermeýärdi.
Şu goşar bilen Allanyň rahmetiniň gelendigini onuň
aňy kesmese-de, belkem, kinniwan, tyrsyldawuk
ýüregijigi duýýandyr. Belkem, şu mahal Gulalynyň
körpeje zürýady Atajan hem, Ýaradanyň gudraty bilen,
ýat bigänäniň gujagynda ymyzganyp, onuň mährini
janyna siňdirip imrinip ýatandyr. Eýsem şu gaýypdan
gelen imrindiriji mähribanlyk Haktagalanyň bütin
dünýä howandarlyk edýänine şeksiz şaýar dälmi?!
Gulaly sopy uly bir hakykata ten berip, şowky göterilip,
täze bir ynsana öwrülen ýaly boldy. Öz ömründe
üýtgeşik bir zamananyň başlanandygyny aňyp, öýle
namazyndan soň müň öwran «Elhamdylylla», müň
öwran «Subhanalla», müň öwran «Allahy ekber» aýdyp,
Taňrytagalany alkyşlady.
Gulaly Uçmah ýaýlasyna gaýdyp gelende, baş sopy
onuň ýüzünden öňki ýowuz sypatyň öçendigini
görüp begendi. Kalbynyň öýünden turýan ruhlanma
sopynyň irimçil gödeksi keşbini mylaýymlandyrypdy.
Ol öňküsi ýaly kürşerilip, tüňňerilip ýörmän, beýleki
74
sopular bilen hoşgylaw gürleşýärdi. Şu zerarly ol ilkinji
ýola uly hormata mynasyp boldy. Baş sopy Uçmah
ýaýlasynyň ak perişdesi hazreti Nurnepes piriň çola
ýerde özbaşdak dikilen çertegine ugranda, täze sopyny
hem ýany bilen alyp gitdi. Baş sopynyň golunda nanly
saçak bilen naharly okara, Gulalynyň golunda bolsa
suwly küýze bardy. Sadagasy boldugym pir olaryň elten
nygmatlaryny gadyr bilen kabul edip, özlerine-de köp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keltegoňur kyssasy - 4
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.