Latin

Keltegoňur kyssasy - 6

Total number of words is 2176
Total number of unique words is 1525
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýüregi bükgüldidemikä? Aý, şu eýýamda hiç zady geň
125
görer ýaly hem däl. Çöl gaty zaýalanypdyr.
Jigitler adam şekilli salam berip bardy. Atlary
suwa ýakyp, özleriniňem düşläp geçjekdigini aýtdy.
Myhmanlaryň garakçy-galtaman däldigi mese-mälim
görnüp duranam bolsa, näme üçindir, çopan bilen
çoluk gadyr açyp, «Geliň-geçiň» diýjege meňzänokdy.
Olar, müýnli ýaly, ýüzlerini sortduryşyp durdy.
— Kimiň çopany borsuňyz?
— Ýalkap baýyň.
— Äh, şeý diýsene...
Soňky aýdylan söz edil gyjalat ýaly ýaňlandy. Hamala,
baý husyt bolmanda, onuň çopany-çolugam gysyk bolar
eken diýen many çykdy. Emma muny hiç kim gaty
görmedi. Gaýtam ikisem goýunlary agyla salypdyr-da,
germewajy ýapyp, ýüpüni daňyp-çöşüp, biderek ýere
güýmenişen bolup dur. Iň bärkisi, «Hanha, guýynyň
ýanynda goş bardyr, işimizi bolup bizem bararys, siz
eglenmän düşüberiňem» diýenok. «Aý, diýmeseňiz
diýmäň-le» diýip, üç atly guýa bakan özbaşdak sürüberdi.
Barsalar, çolugyň garry düýesi janawar gäwüşini çalyp,
lapbarylyp çöküp otyr. Guýynyň utunynyň ýanynda bili
ýüpli iki sany çelek dur. Uzyn nowanyň iki gapdalyndaky
suw dökülen çalpaw ýer tutuş torç edilip, goýnuň goşa
126
syňrak yzyndan doly. Goş-golamyň arasynda bolsa bir
adam uzyn süýnüp, başyny gaýym basyrynyp, parahat
uklap ýatyr. Jigitler guýynyň süýji suwundan atlaryny
ýakyp, mytaralaryny dolduryp, bu ýüz berilmedik
ýerden ugrajak bolup durka, ýaňky başyny basyrynyp
ýatan pyýada agyr hassa ýaly hykgyldap, üstündäki
ýapynjany serpdi. Ol dik oturyp, ýüzüni galdyranda,
kowguçylar şir-peleň gören ýaly, ýaragyna ok sürenini
duýman galdy. Olaryň alnynda oturan adam Goňruň
galtamany Gulmuhammet ogly Gulalydy.
Çopan bilen çolugyň ýaňy jigitleri sowuk-sala
garşylaýşynyň sebäbi indi aýan boldy. Olar Gulalynyň
goşda ýatanyny bildirmek islän däldir. Emma gaçgagyň
özi paş edilenine känbir parh goýmaýan ýalydy:
— Geçiberiň, oglanlar! Oturyp, dem-dynjyňyzy
alyň. Ýadansyňyz – diýip, ol merdemsi hem parahat
äheňde gepledi. — Men agyr ýaralandym. Sag pilçämiň
aşagyndan giren gülle bukawlygymyň düýbünden
çykdy. Ýagdaýym ebgär meniň. Şu ýere nädip özümi
taşlanyma özüm haýran galyp otyryn...
Hakykatdanam, gaçgagyň egniniň üstünden aýlanyp
salnan ýasy sargy ganjaryp durdy. Jigitler sessiz-üýnsüz
atdan düşüp, keçe ýazyndy. Onýança çopan bilen
127
çolugam haýdaşyp geldi. Gulaly olara söwüş goýun
soýmagy buýrup:
— Agaňyza ahyrky hyzmatyňyzy ediň, soňam
maňlaýdakyny görübermeli bolarys – diýdi. — Bu
oglanlardanam ýüzüňizi çytyjy bolmaň. Tozanly gije
sazaga saralgy durkam, jigitleriň biri agzyma suw tutup
berdi welin, yllaki Köwser suwumykan öýtdüm. Soň
biri daňymy kesip gitdi. Görýäňmi, Allanyň rehimi
ynsana erkini ýöredýär.
Daşaýak nahak töhmet ýapylan Gulala arassa
göwünden täzeçe garap, onuň ýagşydan ýagşy ynsan
keşbine öz ýanyndan kaýyl galyp oturdy. Merdana
kişiniň agyr ýaraly bolup, yza çekip oturyşyna nebsi
agyrýardy. Ol şu duýgy bilen garaňky düşmänkä
ýaralynyň daňysyny täzeläp bermegi ýüregine düwdi
hem torbasyndan däri-derman, sargy çykardy. Gaçgak
jigidiň näme etjek bolýandygyny bilip, çaga ýaly
begendi. «He-he, heý, äteňet!» diýip güldi. Ýarasyny
çöşmäge ygtyýar berdi. Daşaýak ýasy guşak bilen
daňlan ýarany açanda, okuň giren ýerinden beter çykan
ýeriniň barmak sokaýmaly hoňkaryp durandygyny
gördi. Deşigiň agzyna lagta gan ýygnanan ekeni. Jigit
ýarany ýyljak çaý bilen ýuwup, hoňkaryp duran ýerine
täzeden ykjam daňdy. Näçe agyrýanam bolsa ýüzüni
128
çytman oturan Gulaly:
— Ýedi pormy guýduň-ow! Derman dagy däldir
– diýip begendi. — Inim, taňryýalkasyn! Hudaýdan
gaýtsyn! Rehimdar ýüregiňe görä bagt tapasyň!
Myratyňa ýetesiň!
Birsalymdan nahar-şoram ýetişip, gowrulan
etden doly gara gazan ýaralynyň öňünde ornaşykly
goýuldy. Çopanda artyk-süýşük gap-gaç bolýarmy
näme?! Barysy şol gazanyň daşyna aýlanyp, gaçgagam,
kowguçylaram, çopan bilen çolugam bile tagam iýdi.
Alty adam gowrulan etiň hezilini alansoň, gazanyň
düýbünde galan lödereli ýagdanam kaşyklap içdi. Giç
agşama çeken gürrüňçilikden soň çopan bilen çoluk
agylyň ýanyna ýatmaga gitdi. Gaçgak bilen jigitler bolsa
goşda uklap galdy.
Ertesi daň atyp, jahan ýagtylanda, ýarasynyň
agyrysyna çydaman oýanan Gulaly başyny galdyryp
baksa, jigitler eýýäm zym uçan ýaly bolupdyr. Zalym
ogullary daň atyp-atmanka ogrynça göterilen bolmaga
çemeli. Ýene bir geň ýeri, olar Gulalynyň başujunda
sahabyna gaýyş çekilen küti kitaby goýup gidipdir. Bu
Uçmah ýaýlasynda şehit bolan hezreti Nurnepes piriň
Kuranydy.
129
***
Çoluk oglan üç gün çöl söküp, ýolda-yzda görgi
baryny görüp, agyr ýaralyny Ýalkap ýirjigiň öýünde
düşürip gideli bäri, baý aýalynyň dert-aladasy köpelipdi.
Syratly, edenli, gollary gujurly Begsoltan öýüniň duluny
dolduryp ýatan pil ýaly pyýadanyň üstünde kökenegini
gerip:
— Eziz doganymyň kyýamatlyk dogany Gulaly jan!
Dähede neressäniň öleni azmy? Sen berin ölmäwergin!
Ýaraňa derman bolýa diýseler, guşuň süýdünem taparys
– diýýärdi.
Ýaňaklary lowurdap duran görmegeý gelin edýän
işinden birjigem müýnürgemän, hakykatdan hem
özüniň süýtdeş doganyna janköýerlik edýän ýaly,
ýarala batyrgaý el urup, ony ýatan ýerinden galdyryp
oturdýardy. Emaýlyk bilen sargysyny çöşläp, ýaradan
gelýän iriňli jerhedi ýüzüni çytman arassalaýardy.
Keseden garap duran adamsyna dözümli gepläp:
— Amanat ýaly bolup durma-da, gel, kömekleş-dä!
Men arkasyndan aýrylsam ýykyljak ahyryn! – diýende,
Ýalkap baý haýdap gelip ýapyşýardy. Onuň aýalynyň
gepinden çykyp biljek gümany ýokdy. Aýalyna haý
diýmelem bolanda, onuň dili baglanan ýalydy. Ýogsam,
130
ol öz aýalynyň gözüniň öňünde nämährem erkek
kişiniň bilinden ýokarsyna ýalaňaçlap oturmagyna
ömür razymydy. Begsoltan sülük ýaly barmaklary bilen
galtamanyň gapak ýaly kükregine, digir ýaly çiginlerine,
howut ýaly boýnuna galtaşanda, baý gabanjaňlykdan
ýaňa guduza dönýärdi. Onuň göwnüne bolmasa, aýaly
pälwan sypatly Gulalynyň gujurly bedenine guwanç hem
söýgi bilen garaýan ýalydy. Şu pikir göwnüne gelende,
baýyň hamyrsak lopbuş ýüzünde goşa monjuk ýaly
bolup duran tos-togalajyk gözleri çerrelip hanasyndan
çykaýjak bolýardy, selçeň mor sakgaly titir-titir edýärdi.
«Aýalyň saçy uzyn-da, akyly kelte» diýleni çyn
eken. Ýogsam Begsoltan göz-görtele beýdip durman,
baýyň hatyrasynam az-kem tutaýmaly ahyryn. Baý
ony şu ýaşyna çenli eliniň aýasynda saklap geldi. Boýsyratyna, görk-görmegine guwanyp, senden öňňe maňa
gerekmez diýip, üstüne aýalam almady. Dünýäde göwni
islän zadyny tapyp berdi. Indem oňa eýle bolma, beýle
bolma diýseň, ör-gökden geler. Sen meniň ak ýürekden
edýän işime betgüman bolýaňmy diýer. Sen öz ýüregiňe
osup, göwnüňe garalyk getirýäň diýer. Onsoň, aýal
adama näbeletmi, onuňky dogry hasap ediler-de,
senem gara ýürek, dargursak, was-was adam bolup
galyberersiň. Aýdanyňa müň kerem puşeýman edersiň.
131
Aýtmasaňam, içiňe sal-da, jowran-da ýör. Ýalkap baýyň
içine salmadan başga alajy ýokdy.
Mahal-mahal Gulalynyň ýarasynyň azary artyp, bütin
bedeni ýanar ot içinde lowlaýardy. Okuň parran geçen
ýerleri aýylganç şarpyldap, ony bar-bar bagyrybermäge
uwundyrýardy. Emma ýaradar dişini berk gysyp, özüne
buýrup, düýrügip-düwdek bolup saklanýardy. Şonda
onuň çekýän azabyndan ýaňa ýüzi gara-ört bolup,
maňlaýy sowuk der damjalary bilen örtülýärdi. Baý
ony şunuň ýaly ebgär ýagdaýda gören mahaly birneme
giňemänem duranokdy. «Bu işigaýdanyň öz derdi
başyndan agdyk ahyryn. Aýala-gelne eli ýeter ýaly
däl-ä» diýip, Ýalkap ýirjik akylyna aýlanjak ýaly edýärdi.
Wah, hemişe şeýle bolsady! Emma adamyň isläni bolup
durmy?!
Içiňi ýakaýyn diýen yaly, birden-birden Gulalynyň
ýagdaýy allanäme gowulanybam duruberýär. Şonda
Begsoltan düşegiň gyrasyna legeni süýşürip, ýaradaryň
goluna özi kündükden suw akydýar. El-ýüzüni
ýuwduryp, çaýyny üç öwran agdaryp goýýar. Häzir
içjegini käseden käsä agdaryp sowadýar-da, eline
tutdurýar. Wah, Begsoltan özüniň nikaly ärine bir
gezegem şu zeýilli gadyrly hyzmat etmedi-dä! Näme,
şunuň ýaly jana ýaramly hyzmaty Ýalkabyň göwni
132
islemeýändir öýdýämikä? Ol peläket bolsa, men
Gulalyny diýýän-ä, özüne edilýän hezzet-hormatdan
göwnühoş bolup ýylgyryp otyr. Begsoltanyň jandan
syzdyryp aýdýan gürrüňine hä berýän manyda
çalajadan başyny atýar. Arasynda agyr gabaklaryny
galdyryp, onuň keýwanysyna owsunjy nazaryny aýlaýar.
Dogrudanam, onuň nazarynda tabyn ediji, pagyş-para
erediji bir jady bar. Gelin-gyzlar-a şu nazaryň astynda
süňňüni saklabilmän sazanakläberýän bolmaly.
Ine, şu ýerde Ýalkap ýirjik türmede otyrka
Jumamuhammet işandan eşiden zatlaryny göz öňüne
getirdi. Asyl bu galtaman pürsýäniň ýurduna aşanda
jelephanalardan çykman, üç-dört lolyny puluna tutýan
bolsa näme! Meýlis gurap, şol lolularyň wejera oýnuna
tomaşa edýämişin. Päliýamanyň biri, ýalaňaç heleý
görmäge halys endik bolansoň, düzüwli ýere gelip, egni
lybasly zenan maşgala garasa-da, ony ýalaňaç sypatda
göräýýämiş. Barypýatan dinden çykan haramzada
diýerler muňa! Şu bolşuna ýanyna Gurhan göterip,
käwagt kitabyň gatyny açanam bolýar-a. Bu pygly
ýaman Begsoltana seredende-de, ýaňky aýdylany ýaly,
ony wejera sypatda gözüniň öňüne getirýän bolsa gerek.
Wah, seni edäýmelisi belli welin... özümde gaýrat ýokda! Ýogsam şeýdip, göz-görtele namysymy depeleder
133
ýörerdimmi?! Öýüniň dulunda aýgyr eşek saklaýan
adama binamys diýmän, eýsem kime diýersiň?! Şu
bolşuňdan-a öleniňem ýüz esse gowudyr!..
Ýalkap ýirjik lopbuş ýüzüni myrdar egşedip, mor
sakgalyny saňňyldadyp, daşary çykdy-da, mähnet
türkmen paltasy bilen adamyň bili ýaly ýogyn sazaklary
parka-parka ýaryp başlady. Ol çüýräp pide bolan
sazakdan gaharyny çykarjak bolýan ýalydy. Şol wagt
onuň aýaly işikden boýnuny uzadyp, çaga käýinýän
ýaly igençli gepledi:
— Gapyňda goşa talaban barka odun aýyrmak saňa
galypmy? Gürpüldedip-parkyldadyp durma-da, goý
ahyryn! Ingiňi beterletseň haýryňmy?
Wah, seni! Keseki adamyň ýanynda ingisini ýatladyp,
baýy ýere sokdy oturyberdi heleý! Bir gapdal ingisiniň
taýyň torbasy ýaly salparyp durmagyna baý owalam
öz ýanyndan kiçelip özüni şikesli adam hasaplap ýördi
ahyryn! Ýeri, indi hol öýüň dulunda güberilip oturan
aýgyr eşek näme pikir eder? Ol şu gürrüňi eşidensoň,
Begsoltana öňküsindenem bihaýa garamazmy? «Päheý,
gelin-ä ärden kösenen eken-ow! Ingisi salparyp duran
betbagtdanam munuň ýaly görnükli zenana ýanýoldaş
bolarmy?!» diýip içini güldürmezmi? Betgümanlygyň
134
oduna jany örtenen baý paltasyny aýlap ýere urdy-da,
ýüzünden gar ýagdyryp, öýüne girdi. Ol dula seretmezlik
üçin, tärime tarap ters öwrülip, torba elini sokdy. Näme
gözleýändigini özi hem bilmän, torbanyň düýbüni
dörjeläp, kaşyk-susak ýaly zatlary şakyrdatdy. Şol wagt
Begsoltan Gulalynyň täzeje syrylan tap-takyr kellesine
iňňeden çykma ak gaýma jambörük geýdirmek üçin
onuň üstüne egildi. Şonda keýwanynyň altyn şaýly,
ujy düwmeli ýos-ýogyn örme saçy ýagyrnysyndan
syrylyp düşdi-de, ýaralynyň dulugyna degip sallandy.
Düwmeleriň şaňňyrdysyna Ýalkap ýirjik ýalt edip
bakdy. Ol gözüniň gören zadyna ýüregi ýarylan ýaly
bolup ziňkildäp gitdi: onuň göwnüne, Gulaly ullakan
burnuny öwrüp, Begsoltanyň ýogyn saçyny nebsewürlik
bilen ysgan ýaly göründi. Baý guduza dönüp, daşaryk
ylgady-da, ederini bilmän, ters aýlandy. Gapyda ýatan
agyr palta gözi düşüp, ony donunyň syýyna çolagada
içerik girdi. Görse, aýaly eýýäm gapböwre geçipdir.
Gulaly bolsa Kuranyň gatyny açyp, doga okamaga
ürdüni beripdir. Galtamanyň täzeje jambörük geýen
päkizeje kellesi, baýyň içini ýakmak üçin diýen ýaly,
şeýle gelşikli görünýärdi. Üstesine-de, ol edil urmak
üçin goýlan misilli, diýseň maýaç durdy. Ýalkap baý
eglenmän, Gulalynyň arka tarapyna aýlandy-da, hasyr135
husur paltany çykaragada gapyl oturan adamyň dik
depesinden bar güýji bilen inderdi. Paltanyň çüwdesi
kelleçanagy parka ýaranda, Gurhanyň açyk sahypasyna
ynsan gany paýrap döküldi. Muny gören Begsoltan
ýüregi ýarylyp: «Hiý-waý!» etdi-de, dazlap daş çykdy.
Ol öýüň gamşyna ýaplanyp, uly sesi bilen möňňürip
aglady. Ol aglap-aglap içini boşadýança ýygnanjak
milletem ýygnandy. Baýyň gapysynda üýşmeleň emele
geldi. Ana, şonda Begsoltan köpçüligiň gözüniň öňünde
adamsyna ýumrugyny salgap-salgap urdy:
— Sen bar-a, Ýalkap baý! Sen heleýçe ýok ekeniň!
Seniň erkek däldigiňi başyňa bürenjek atynaňda-da
bilipdim!
Şol wagt ilerki ýapgydyň ýüzünden bir bölek atly
jigidiň oba eňip gelýäni göze ildi.
***
Başdan-aýak bu wakalaryň içinde bolan hem
elli ýyldan soň bu zatlary bize gürrüň beren Sähet
Iner Owgany Gulaly galtaman baradaky kyssanyň
munuň bilenem tamamlanmaýandygyny aýdanda,
biz geňirgenmänem durmadyk. Ýeri, ölenden soň
oňa näme bolup biler diýenimizde, ýaşuly kinaýaly
gülümsiräp: «Ölenden soň gözüni garga çokany»
136
diýen gepi eşitmänmidiniz diýdi. O nähili boldy diýip
soranymyzda, ynha, şeýle gürrüň berdi.
Tötänlikde Gulalynyň ölüminiň üstünden baran
jigitler onuň jesedini keçä dolap alyp geldiler hem
Mädoraz dypowyň buýrugy bilen, bazar güni milletiň
derwezeden geçýän ýerinde onuň ýüzüni açyp goýdular.
Edil şeýdäýmeseň ýanbermez garakçynyň ölenine
aňsat ynanjagam däldiler. Şura hökümetine pitjik atyp,
seňrigini ýygran bolýanlar! Hany, siz ynanmabilseňiz
indem bir ynanmaň-da! Hanha, Garagumuň gara döw
ýaly Moýsepidi gözüňiziň alnynda läş bolup keserip
ýatyr!..
Maslygy alyp gelen jigitleriň toparyna baştutanlyk
edýän Meret sähne, näme üçindir, birki gün bäri göze
ilenokdy. Kerwensaraýyň howlusynda ertirine-agşama
nyzama durýan jigitler: «Nirä gitdikä-de, nirä gitdikä?»
diýşip, biri-birinden soraýardy. Emma sähnäniň
nirä gidenini bilýän ýokdy. Ýöne welin, üçülenji gün
diýlende, zaňňaryň biri, niredendir bir ýerden zompa
çykaýmazmy! Özem-aýt, peläket, han ogly ýaly,
geýnebilenini geýnipdir, bezenebilenini bezenipdir.
Aýagynda sagry ädik, egninde goşa gyrmyzdon, bilinde
ýüpek guşak, başynda şempa telpek. Jigitler onuň
bu bolup gelşine geň galyp: «Zaluwat, sen oljanyň
137
lomaýyna çaňňal uran ýaly-la! Bu serpaýy nireden
aldyň?» diýip sorady. Meret sähne batnyksyz kikirdäp:
«Wah, lomaýyna el uzatdym welin, arman, aldyrmadyda» diýip, özüniň nireden gelendigini habar berdi. Ol
hilbir iş bitiren ýaly öwnüp gepledi: Gulaly görgüliniň
çep penjesini çapyp alagada, ony bazarda jar çekdiren
Aman serdara eltip berendigini hem baýrak goýlan
bäş ýüz goýny ondan diländigini gürrüň berdi. Aman
serdar merhumyň ok ýalap geçen nyşanly penjesini
alypdyr-da: «Hoş gelipsiňiz, ýagşy ýigit! Ýöne, biz
Gulaly galtamany kimiň öldürenini eýýäm eşitdik. Seni
hem, yhlas edip geleniň üçin, boş goýbermeris» diýip,
şu serpaýlary ýapypdyr.
Meret sähnäniň eden bu gabahat işi jigitleriň uçursyz
gaharyny getirdi. Ýerli-ýerden sögünç baryny ýagdyryp,
onuň üstüni paýyş söz bilen gömdüler. Änewlidir
Daşaýak ýaly gyzmalary bolsa, ony urmadanam gaýtjak
däldi.
— Sen, wenezzyna! – diýip, Daşaýak sähnäniň
ýakasyndan towlap alypdy. — Bir ýeriňde gaýratyň
bar bolsa, Alynyň ala meýdanynda atyşylyp ýatyrka,
sen onuň ýazzy maňlaýyndan urup, elini kesip gaýtsaň
bolmadymy? Nädersiň, şu wagt janyňy jähenneme
iberägede, eneňi dula bakdyraýsam?! Bigaýrat
138
haramzada!
Hernä dypow wagtynda ýetişip, özüniň gowy görýän
jigidini köpüň gazabyndan halas edäýdi. Ertesi ir bilen
nyzama düzülende, ol onuň öwgüsinem ýetirdi:
— Meret Akmeret ganym duşmanyň penjesini
çapyp almak bilen, özüniň synpy ýigrenjini örän güýçli
aýan edipdir. Men onuň bu hereketini tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Çünki, ynkylabyň duşmanlaryny külpeýekun etmekde synpy ýigrenç diýilýän zat iň kuwwatly
ýaragdyr! Men hemme jigitlere Meret Akmeretden
nemuna almagy maslahat berýärin...
Ine, şu ýerde Daşaýak oslagsyz ýerden orta çykdy-da:
— Meret Akmeretden nemuna almaly bolsa, men bir
sagadam otrýadda durup bilmen! Alyň ýaragyňyzy! –
diýip, dypow komandiriň eline tüpeňi bilen hataryny
tutdurdy. Änewli bilen Siňrenem dessine ýaraglaryny
tabşyrdy.
Ýene birsalymdan üç atly kerwensaraýyň
howlusyndan sürüp çykdy hem şäherden saýlanyp,
Ahal iline bakan giň çölüň içi bilen gönüläp ýola düşdi.
Olar menzil aşyp, giç ikindinler uç-gyraksyz alalykdan
barýarka, şol bir mahalky ýaly, asmanyň eteginde emele
gelen ajaýyp salgymy gördi. Üçüsem haýran galyp, aňk
139
bolup, at başyny çekdi. Ine, görseň, bir-birinden haýbatly
ak mermer köşkler, bir-birinden belent gök gümmezler,
beýik-beýik minaralar geljegiň misilsiz keşbi ýaly
howada howalanyp dur. Emma ýaşyp barýan Günüň
mämişi şuglasy astynda bu husnubelent ymaratlaryň
üstünden gara gan syrygyp duran ýaly. Köşkleriň
düýbünde-de gan deňzi çaýkanyp ýatyr. Älhepus, bu
nämäniň alamatyka?! Bu elheder aldyryjy mugjyzany
gören atlylar gorkudan ýaňa nähilidir bir galpyldy
syzyp: «Eý, Hudaýym! Ertirki gün biziň başymyzda ne
belalar barka?!» diýip howpurgady.
140
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.