Latin

Keltegoňur kyssasy - 1

Total number of words is 3602
Total number of unique words is 2264
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
SAPARGELDI ANNASÄHET
INER OGLY
KELTEGOŇUR KYSSASY
(powest)
KELTEGOŇUR KYSSASY
(powest)
Çöl beýewanda atlaryny gorgunyna goýberip
gelýän gyrmyzy donly, silkme telpekli bir toplum jigit
«Ýirjikleriň ýaýlasy» diýilýän obaly-oturymly oýa aýak
basanda, tüpeňi egninden sypyryp, öňüne keserdip
aldy. Takyryň syrt kenarynda hatar tutan öýlerde
neneňsi nägehan belanyň «geläýseň bolýar» diýip
pynhan ýatanyny nireden bilersiň? Hernä, bolsa-da,
ýataklarda iltelgi duran at-ulag-a göze ilenok. Ýalkap
baýyň beýleki öýlerden gümmezekläp saýlanyp duran
alty ganat ak öýüniň gapysy hem, görmäge, imisalalyk.
Etjek işiňi dessalym, tarka-turkasyz edip gaýdybermeli.
Kowalaýanyň garakçy-galtaman bolsa, munuň ýaly
amatly pursat her haçan tapdyryp durýamy. Jigitleriň
baştutany Gara Baýmyrat – Daşaýak lakamly dyzmaç,
batyr syýak esger üzeňňä galyp:
– Sürüň-haw, ýigitler! – diýdi-de, öňden gümürdäp
eňdi.
Gamçynyň şarpyldysyna ýel ýaly göterilen atlar salym
geçmänkä oba aralaşdy. Baýyň öýüni töwerekleýin
gallap, hamala, at däl-de, aždarha ýaly, agyzlaryny giň
açyşyp, gyzgynyna gaýşaklaşyp, biri-birinden beter
2
bökjekleşdi. Daşaýak ýanynyň iki sany jigidi bilen
uly şakyrdy turzup, işikden urrukdyryp girdi. Emma
öýüň törüne gezelen bäşatardyr onbiratarlaryň niliniň
öňünde, jigitleriň hyrsyz garaklarynyň astynda baýyň
garry enesi, aýaly, gelni, ýetişen gyzy hem çülpe çagalary
diýmeseň, başga adam ýokdy.
– Ýeňňe, Ýalkap baý nirede?
– Mal-gara aýlanaýyn diýip, Tüme gitdi.
Ýaşy kyrka ser uranam bolsa, juwanlyk görküni
saklan baý aýaly Begsoltan ýaragly jigitlerden
birjigem eýmenmän, gelşikli boý-synasyny dim-dik
saklap, polat suwy berlen ýaly ýüzüni berk tutup,
gaty ynamly hem merdemsi jogap berýärdi. Zenanyň
owadan gara gözlerinde gandaryny gören adamyň
ýangynly ýigrenç duýgusy ot-alaw bolup ýalp-ýalp
çakylýardy. Hakykatdan hem, bu jigitler onuň ganym
gandarynyň janalgyç jelladydy. Eýsem bular öten gyş
Begsoltanyň ile belli galtaman dogany Dähede batyry
ymgyr çölüstanyň Düňderilen düz diýen ýerinde
atyşyp şehit etmänmidi. «Wah, Dähede dogan nähili
ýigitdi!» diýip, ahmyrly zenan içini tutup jowranýardy.
«Ýigidiň naýbaşy diýerdiler oňa! Özem dogan okaşan
ýegre dosty Gulaly goňur bilen Alynyň ala meýdanyna
3
atlanyp çykanda, ol ikisi bilen ýüzbe-ýüz duruşmaga
bujagaz jigdekçeleriň ömrylla bogny ysýamydy?! Ýöne,
şol gezegem, şol armanly atyşykda-da, ony halys köpläp
alaýypdyr namartlar. Her näçe edermen batyr bolandada, ýüz adamyň öňünde iki kişi durup bilmez ahyryn.
Onsoňam Dähede bilen Gulaly oýtaksyz, tümmeksiz
şyr takyrda ýatyp atyşmaly bolýar. Jigdekçeler bolsa
titirligiň içinde şor tümmekleri pena edinip, özleri
üçin amatly ýagdaýdan peýdalanyp, karam uruş eden.
Gün ýere duwlanyp, iňrik garalanda, Dähede neresse
ýazzy maňlaýyndan ok degip, amanady tabşyrýar. Birki
ýerinden gyltyz ýaralanan Gulaly bolsa ýüzüni garaňka
tutup gaçyp sypypdyr. Ol kyýamatlyk doganynyň
ganyny almak üçin, häzirem bu ganymlara ulukjyn
aldyryp ýör. Süýtdeş doganymyň kyýamatlyk dogany
eýsem meniňem kyýamatlyk doganym bolmaýarmy?
Ol meniň eziz doganymyň ornuny tutmaly dälmi?..»
Ondan-mundan gulaga degýän gürrüňlere görä,
Gulaly goňur serhet aňyrsyndan ýurda darap giren
mahaly, her gezek Ýalkap baýyň öýünde myhman
düşüp geçýärmiş. Begsoltan bolsa ony gadyr bilen
garşylap, edip bilen hyzmatyny edýärmiş. «Jan
doganymyň janybir dogany gelipdir» diýip, söwüş
goýun soýdurýarmyş. Ýanynda ýanaşyk oturyp, onuň
4
çaýyny agdaryp-guýup berýärmiş. Ugradanda başyna
iňňeden çykma akgaýma jambörük geýdirip, egnine
goşa gyrmyzdon ýapyp, aýagyna kamys ýaly ak dolak
dolap, horjunyny gatlamadan hem ýahnadan dykalap
dolduryp goýberýärmiş. Ýalkap baý bolsa aýalynyň bu
edýän işlerine däl diýmeden geçen, gaýtam onuň özi hem
Gulaly galtaman bilen dostsuran bolýamyş. Naýynsap
baý dabarasy dag aşan galtamana arkalanyp, goňşy
çarwalary ata-baba oturan ýerinden hem mal örüsinden
gysyp çykarýarmyş. Ýeri, güýjüm ýetýär diýip, munuň
ýaly göz-görtele sütem edibermeli bolarmy?! Bu zatlar
türkmeniň gadymdan gelýän urp-adatyna-da sygjak zat
däl ahbetin. Özem, düýp-teýkaryny yzarlasaň, belanyň
körügi şu baýyň aýalynda bolmaly. Ýüz-gözi lowurdap
duran bu gylykly zenan akyly, erkanalygy bilenem
tapawutlanyp, öýüň bar ygtyýaryny öz eline alypdy.
Ýalkap baýy bolsa-ha ol baryp ýaş gelinkä gyzgyn
söýgüsi bilen jadylap, gapy guluna öwrüpdi. Däbe görä,
uly baýlar başdaşynyň üstüne ikini-üçini alyp, dünýäniň
sapasyny sürýändir welin, emma Ýalkap baýyň beýle
zada milt edibem biljek gümany bolmaz. Häzir bolsa
Daşaýagyň baştutanlygynda gelen bu jigitler otrýad
komandiriniň orunbasary Mädoraz dypowyň ýa-da
jigitleriň öz arasynda aýdyşy ýaly aýdanyňda, dypow
5
komandiriň buýrugy bilen galtaman ýarany Ýalkap
baýy tutup äkitmelidi.
– Baýyň Tüme gidenine birki gün boldy – diýip,
Begsoltan ýüzüni berk tutup, jigitleri äsgermeýän
ýaly, ap-arkaýyn üstaşyr seretdi. Bu gepiň aç-açan
ýalandygyna Daşaýagyň gözi ýetigem bolsa, aýal
adamy nähili tär bilen dogry gepledip bolýandygyny
bilip bilmän, jigit özüniň alaçsyz ýagdaýyna gaharlanyp
durdy. Daşaýak özüniň gelşikli garaýagyz ýüzüni çytyp,
şar gara gözlerini ünjüli gyrpyldadyp: «Bu aýjyna el
urubam-a bolmaz. El urmasaňam bu kes-kelläm zat
aýtmaz» diýip, çykalga gözleýärdi. Ol hiç haçan zenan
maşgala el urup gören adam däldi. Beýle işiň häzirem
onuň elinden gelmejegi bellidi. Şu ýagdaýda gury
haýbat atan bolmadan başga alajam galanokdy.
– Biz baýyň obada bardygyny anyk eşidip gaýtdyk.
Siz dogryňyzy aýtsaňyz, özüňiz üçin gowy bolar...
– Eziz doganymyň ganyna galaňsoňyz, men sizden
gowulyga garaşar öýdýäňizmi? «Nähak gan ýerde
ýatmaz» diýlendir. Ynha görersiňiz, kasas kyýamata
galmaz! Hemmäňiziň serpigiňiz çekiler! Hudaý jan
tepbediňizi berer! – diýip, Begsoltan gahardan ýaňa
saňňyldap sürünýärdi, ýumrugyny ýumrugyna urup,
6
dişini gyjap, agzyndan ot saçýardy. – Wah, Taňrym
meni aýal ýaradaýypdyr! Ýogsam, özüm ata çykyp,
tä ölýänçäm siz bilen gidişerdim! Sizi gyryp, içimi
sowadardym!..
Şu mahal baýyň aýalynyň köýneginden ýapyşyp
duran iki-üç ýaşly körpeje gyzjagaz ejesiniň ýangynly
gepleýşine agyzjygyny öweldip, howatyr bilen bakýardy.
Daşaýak Ýalkap baýyň nirededigini aýtdyrjak bolup,
gaýtadan gyssap başlanda, ýaňy dil çykaran gyzjagaz
öýüň dulunda gök kürtäniň astynda güberilip oturan
gelne bakan inçejik barmajygyny çommaltdy-da:
– Dätde, dätde – diýip peltekledi.
Hakyky ady Aýdogry Käşän bolsa-da, obasynda
Änewli lakamy berlen tüňňümaňlaý, mölegöz, burunlak
jigit gödeksi häsiýetine görä düňk edip, töre böküp
geçdi-de, çalasynlyk bilen ýaşyl kürtäni silkip aldy welin,
duranlar içini çekenlerini duýman galdy. Görseler,
ýaşyl kürtäniň aşagynda gara dere batyp, selçeňje
mor sakgalyny sallap, müzzerip oturan ýirjik tiresiniň
arsyz baýy Ýalkabyň özi bolsa näme! Wah, türkmeniň
adyna ysnat getiren peläket diýse! Beýdip janyňy
gutaranyňdan-a müň kerem öleniň abraýly dälmidir?!
Ýigitler atlaryny güpürdedişip gelende, gyssagarada
7
baýyň başyna kürte atan, megerem (günäsini it götersin
welin), onuň basan ýerinden ot çykýan dogumly aýaly
bolsa gerek. Indem ol aýal duýdansyz ýerden syrynyň
paş bolanlygyna aljyrap, dili tutulan ýaly bolup durdy.
Ýa, Hudaý, indi nähili borka? Bu gan ýuwdan janalgyçlar
baýy alyp gidibirmikäler? Honha, gör, ol mölegöz
murtlak päliýaman, baýyň ezeneginden çaňňaly urup,
ony zöwwe ýerinden galdyrdy.
Bu öýüň garry enesem, uly gyzam, çülpe çagasam
äkidiljek bolnup duran betbagtyň syýyndan asylyp, uly
ili bilen «waý-da-waý» aglamaga başlady. Ýalkap ýirjigiň
özem lopbuş ýüzüniň ganyny gaçyryp, monjuk ýaly
togalajyk gözjagazlaryny depesine dikip, selçeň mor
sakgalyny saňňyldadyp, öz ýanyndan öýüdir çagalary
bilen hoşlaşyp durdy. Belkem, ol eýýäm janyndanam
umyt üzendir. Emma şu ýerde düýbünden garaşylmadyk
bir zadyň bolmagy hemmäni haýran galdyrdy.
– Atlanyň-haw, ýigitler! Bu öýde erkek göbekli ýok
ekeni! – diýdi-de, Daşaýak gapyny şakyrdadyp, dazlap
daş çykdy. Änewli bilen beýleki jigidem onuň yzyndan
okduryldy.
Baýyň aýaly Begsoltan aňyna aýlanyp-aýlanman,
işikden daşary garanda, jigitleriň tutuş toplumynyň
8
atlaryny ýüzin salyp, obadan saýlanyp barýandygyny
gördi.
Şol günüň agşamy hem baýyň öýüne onuň
husnubelent keýwanysynyň kyýamatlyk dogany Gulaly
galtaman gelip düşdi.
***
Şäherdäki uly kerwensaraýyň giň howlusyny
eýelän atly jigitleriň otrýady komandir bilen onuň
orunbasarynyň öňünde irki nyzama düzlüpdi. Egni
ykjam gaýyş kurtkaly, başy papakly, gapdalyndan
mauzer asan Nazar komandir hatara atlylara, endigine
görä, asudalyk bilen göz astyndan syn edýärdi. Jigitleriň
pikiriçe, komandir her näçe talapkär hem bolsa, özi
diwaly dogry kesýän, hak ýerinde jigidiň arkasynda
durýan adyl adamdy. Emma komandiriň orunbasary
diýlip täzelikde iberilen Mädoraz dypowyň näjüre
kişidigine jigitler entek doly göz ýetirip bilenokdy. Çyn
bolsa, hökümet hemme otrýadlara dypowdan adam
iberip, olary syýasy taýdan berkidýärmiş diýen gürrüň
bardy. Aýdylany ýaly, Mädoraz dypow gelen gününden
syýasata agram berip başlapdy. «Galtamançylygy
tutuşlygyna ýok etmek üçin diňe bir ýarag güýji
ýeterlik däldir» diýip, ol häli-şindi nyzamyň öňünde
9
gaýtalaýardy. «Galtamanyň bilini oňurmak üçin has
zarply serişdäni, ýagny syýasaty ulanmak zerurdyr.
Biz halk bilen galtamanyň arasyndan çuňňur jar
geçirmelidiris». Jigitleriň içinden garagol birisi «jar
geçirmeli» sözüne düşünmediksirän bolup: «Näme,
indi biz elimize pil alyp, gazy gazmalymy?» diýip,
içýakgyç sorag beripdi. Emma orunbasar erkanalyga
öwrenişen jigitleriň ýaňsydyr gülküsine üns bermän,
etjek işini berk bilýän adam ýaly, gün-günden otrýadyň
ygtyýaryny öz gysymyna gysyp barýardy. Ady tutulanda,
köne endige görä, oňa «kiçi komandir» diýip ýüzlenýän
bolsalaram, ol Nazar komandirden pes oturanokdy.
Nazar komandiriň bolsa, bilmersiň näme üçindir, işden
eli sowapdy. Ol başga käre geçjekmiş diýibem gürrüň
edilýärdi.
Ynha, häzirem Mädoraz dypow arasy açyk goýlan
ýuwansy bäbeneklerini süzgekledip, başyny yralapyralap, uçursyz parasatly hem köp bilýän adamyň agras
keşbine girip, öwrendegine görä, gep nokatlap, nyzamyň
öňünde nokgy-nokgy sözleýärdi:
– Ýoldaş Baýmyradow! – diýip, ol Daşaýaga
ýüzlendi. – Siz bilýäňizmi, Ýalkap baýyň kimdigini?
«Ýoksullar häkimiýetiniň ganym duşmany» diýsek,
siz ylalaşarsyňyz dälmi? Ýa-da «Gulaly galtamanyň
10
hemaýatçysy» diýsek, muňa-da garşy bolmarsyňyz-la?
Şu ýagdaýda baýy tutup getirmek barada size gönüdengöni buýruk berildi. Dogry gerek? A siz nätdiňiz?
Howply duşmany ele salybam, tutman gaýtdyňyz! Ýeri,
muňa nähili düşünmeli?
– Aý, kiçi kemendir! Men heleý bilen uruş etmek
üçin ata çykamok! – diýip, Daşaýak kejeňeklik bilen
ýüzüni kese-kese sowup jogap berdi. – Namartlap,
kürte berenen erkek kişi türkmençilikde heleýçe-de
görülýän däldir! Ol bagty ýatany maslyk süýrän ýaly
süýräp gaýdan bolsak, il-gün bize näme diýerdi? Hanha,
haýatyň aňry ýüzünde ýurduň uly bazary wag berýär.
Şoňa ýygnanan millet näme diýerdi? Şol bazaryň agzyna
düşen gürrüň ertesi gün bütin Türküstana dolmaýarmy?
Siz, gowusy, meni heleý üstüne ibermäň-de, Alynyň ala
meýdanynda gapma-garşy, ýüzbe-ýüz durşup biljek
gylyç gemren, gülle ýuwdan aždarhanyň üstüne iberiň!
Türkmençilige sygmaýan zady buýurmaň!
– Päheý! «Türkmençilik» diýip bir zat tapdyň-a! –
Mädoraz dypow ýalpak ýüzüniň ulumsyja, ynamlyja
sypatyny üýtgetmän, gözlerini içýakgyç süzgekledip
gepleýärdi. – Köne dünýäni teýim-takyra öwrüp, onuň
ýumrulan harabasynda täze dünýäniň binýadyny
tutýarkak, taryhyň çarhyny kommunizme tarap
11
burýarkak, şu tetelli galak düşünjelere ten bermek aýyp
dälmidir? Köne dünýäni çagşatmagyň, ýykyp weýran
etmegiň, ýumurmagyň hatyrasyna, biz hiç zatdan
gaýtmaly däldiris. Baýlary, kulaklary, ruhanylary hemde olaryň guýruklaryny köki-damary bilen köwläp ýok
etmek biziň mukaddes borjumyzdyr! Synpy ýigrençden
ýaňa biz dişimizi gyjap, daşa agyz urmalydyrys. Sizde
bolsa, ýoldaş Baýmyradow, synpy ýigrenç ýok! Biler
bolsaňyz, biziň paýymyza uçursyz hormatly taryhy
wezipe düşendir! Taryhy wezipäni ýerine ýetirmek
bolsa uly bagtdyr! Biz adamzadyň geljege barýan
ýoluny arassalaýarys. Şu ýolda duşman näçe köp
bolsa, şonça-da ony köp gyrmalydyr. Duşmana rehim
etmek ynkylabyň işine göz-görtele hyýanat etmekdir.
Biziň parasatly serdarymyz, ine, şeýle öwredýär. Siz
düşünseňiz, munuň ýene bir emmasy bar! Şol peläket
baý: «Meni para-peşgeş bilen boşatdylar» diýip gürrüň
ýaýradaýsa, şonda näderis? Ýaňky bazar diýeniň bu gepi
bütin Türküstana doldurmaz öýdýäňmi? Ýeri, şonda
özüňi nädip aklarsyň?..
– Äň-ňini ýazdyraryn şonuň ýaly töhmet atanyň!
Boýnuny sograryn – diýip, Daşaýak gazap bilen arlady.
Ýigidiň gozgalaňy münüp oturan atyna-da ýetişdi.
Janawar ýeňsesini tüňňerdip, jylawuny çeýnäp, duran
12
ýerinde towsaklady.
Kiçi komandir bilen harçaňlaşan Daşaýak bolman,
başga biri bolan bolsa, onuň birçak temmisi berlerdi.
Emma batyrlykda özüni tanadan, «söweşde oňa taý
gelýän» Gara Baýmyradyň otrýadda aýratyn sarpasy
tutulýardy. Ine, şu sebäpdenem Nazar komandiriň
özi «ähem-ähem» edip, haýbatly ardynjyrady-da, ara
goşuldy hem sypaýyçylyk bilen gürrüňi jemledi:
– Ýeri, bolýar! Kimi iberenimizde şol züwwetdin baýy
tutup getirmeýär? Jigitleriň içinde gitmäge göwünjeňi
hem tapylar-la!..
Komandir sözüni aýaklap-aýaklamanka, Meret
sähne diýilýän beýnisi ýukarak, akly gelip-gitmeliräk,
göterim, badyhowa jigit elini bykynyna urup, kellesini
ulumsy gyşartdy-da:
– O ýumşy bize buýraýyň, kemendir! – diýdi.
Ýigitleriň hataryna pessaýja gülki bilen hümürdi
ýaýrap gitdi. Atlylar «tüýs bolaýdy» diýen manyda biribirine ümleşdiler, göwnüýetmezçilik bilen ýylgyryşdylar.
«Haý, ýigid-ä jeňiň gürmegine wurjag-ow!» diýen ýaly
kinaýaly sesler gulaga ildi. Aňsat ýerden abraý gözleýän,
ejize ganym Meret sähnä heleý süýremeli, öý otlamaly,
mal sürmeli bolanda iki paý berlen ýalydygyna
13
hemmeler beletdi. Ýalkap ýirjikden garaw görmejegini
aňyp, ol gaty göwünjeň ýola düşdi. Özem on sany jigide
baş bolup gitdi. Merediň «men gideýin» diýip, ilgezik
topulmagynyň ýene bir sebäbi hem bolmalydy. Ol täze
gelen orunbasar bilen gaty basym arany sazlapdy. Onuň
Mädoraz dypow bilen hymy-symysy kändi. Şu gezegem
ol baýyň yzyndan özüniň gitjegi barada-da dypow bilen
öňünden maslahaty birikdiren bolmalydy.
***
Irki nyzamdan soň jigitleriň bir toplumyna bazara
çykmaga rugsat edildi. Olar ikiden-üçden bölünişip,
kimsi aşhanadan ýagly piti iýmäge, kimsi çaýhanadan
nabatly çaý içmäge, kimsi-de waharman gawunyň
lezzetini görmäge höwesekdi. Emma köpüsiniň
gyzyklanýan zady ähli äleme meşhur bolan bu
ümmülmez bazaryň hyň berýän göz gamaşdyryjy
mähellesine, bu taýdaky görlüp-eşidilmedik geň-taň
harytlara, täsin wakalara tomaşa edip gönenmekdi.
«Müň bazar» adyny alan bu söwda-satyg dünýäsi her
haýsy aýratyn bir giňişligi tutup duran ymgyr kän
bazarlardan ybaratdy. Ynha, sary gawunlaryň, ala
garpyzlaryň, palawkädileriň harman-harman üýşürilip
goýlan bir bazary. Ondan aňyrda mäş, bürünç, bugdaý,
arpa, jöwen, künji tümmek-tümmek. Ýene bir ýerde
14
howut-halyk, gaňňa-palan, irişme-şaldyr. Mal bazary,
mata bazary, haly bazary... biri-birinden uly – aňyrsy
görnenok. Alyp-satýan jemendeden ýaňa taýak atsaň
ýere düşjek däl. Märekäniň wagyrdysy belende galyp,
depäňde ýaňlanyp dur. Söwdagärleriň her bir ötegçä
öwsünip-özelenişini görseň, olar edil harydyny zor
bilen boýnuňa dakjak bolýan ýaly.
– Daraýy! Keteni! Çepbetew! Sowsany!..
Hataryň ugruny syryp gelýän iki jigidiň biri Daşaýak,
beýlekisi Änewlidi. Olar uzyn dükanyň öňünden
geçiberende:
– Kelebende gel! Kelebende! – diýen gykylygy
eşitdiler.
Änewli özüne görä has düşünjeli diýip hasaplaýan
hemrasyna ýüzlenip:
– Gardaş jan, onuň «kelebent» diýýäni nä jüre zadaýt? – diýip sorady.
– Aý, bu bazarda ömrylla adyny eşitmedik zadyňam
satylýandyr. Geň göresi zat ýok – diýip, Daşaýak şol
zadyň nämedigini özüniňem bilmeýändigini mälim
etdi. – Derýanyň ýakasy bilen aşak syryp gitseň, şo
ýanda jan bazaryna-da gabat gelersiň. Adam jany
15
satylýan ýere!
– Nätdiň-aýt! – diýip, Änewli gözüni mölertdi. – Heý,
adam jany hem bazara salnarmy?! Şony sen öz gözüň
bilen gördüňmi? O neneňsi zat bolýar?
– Meň, tirýek, morpiý, kodein...
– Äh, şeýdiýsene! Men adam janynyň edil özüni
çüýşe gaba salyp, damja-damjadan satyp durmukalar
öýdüpdirin. Güp ynanaýsam näme!..
Emma şol pursatda jarçynyň çasly owazy bazaryň
üstünde belent ýaňlanyp, adam janyna kesilen nyrhy
şeýle bir aç-açan yglan etdi welin, iki dost haýran galyp
aýak çekmäge mejbur boldy hem biri-biriniň ýüzüne
seredişdi.
– A-ha-haý, ha-aw! Haý, halaýyk, ha-aw! Eşitdimeşitmedim diýmäwergin, ha-aw! Garaýörmäniň
kethudasy Aman serdar uly baýrak goýandyr-la, haaw! Kimde-kim Gulaly galtamanyň çep penjesini çapyp
getirse, serdar oňa bäş ýüz goýun baýrak berjekdirle, ha-aw! Her barmagyna ýüz goýun-la, ha-aw! Haý,
Gulaly goňruň çep penjresinde nyşan bolmalydyr-la,
ha-aw! Ogulhajatyny ok jontup, külem barmagyny hem
ýalap geçen bolmalydyr, ha-aw! Haý, millet, bäş ýüz
maňramaz guýrugyny göterip bilmän ýatandyr-la, ha16
aw! Gerçek-goç ýigitler bagtyny synap görsün-le, haaw! Haý, eşitdim-eşitmedim diýmäň-le, ha-aw!..
Süňkbaşy iri Änewli tolgunmadan ýaňa mähnet
omuzlaryny oýmuldadyp, hyrçyny dişläp:
– Bäh! – etdi. – Bu niçik ahwalat boldy-ow?!
– Gulaly Aman serdary kölgeläp oturan pukaranyň
gelnini süýräpdir-le, ha-aw! Serdar aga namys edýändirle, ha-aw!..
Boý-syraty gelşikli Daşaýak, gara gözlerini
süzüljiredip, birsellem, öz ýanyndan pikire batyp
durdy. «Deslap kellesini togalamasaň, Gulalymydyr
saňa çep penjesini çapdyrjak?!» diýip, ol içini gepletdi.
«Gaýratyň bolsa, hany, onuň dyrnagyny gyrkjak bolup
bir gör! Nädersiň, gulagyňy-burnuňy kesip, özüňe
eşege ters mündürip goýberse! Onuň bilen Alynyň
ala meýdanynda dulugyňy tüpeňiň gundagyna goýup
garşyma-garşy ýatmaga atyň kellesi ýaly ýürek gerekdir.
Emma müňbazarda şunuň ýaly jar çekiler öýdüp güman
edýämidik? Gör ahyry, bu nirede urup çykdy?..»
Ýene birsalymdan Daşaýak bilen Änewli öňem birki
gezek baran çaýhanalarynda nabatly gök çaýyň başynda
jemagatyň gürrüňine gulak asyp otyrdy.
17
Köne zamanda ýurduň kazysy bolup diwal kesen ak
selleli, ak sakgally ýaşuly çäýneginiň gapagyny oýnap,
käýinjiräp gepledi:
– Ol-aýt, goňruň Gulalysy gäbi azyp, jynsy üýtgäp,
guduz ite dönüp ýörmükä? Ady ýaman, pygly pis
peläket indi çem gelen zada agyz uruberjekmikä?
Türkmeniň namysyna degseň-ä, agzyň gum garbajagy
belli dälmidir?! Obasyndan heleý süýrelse, Aman serdar
bäş ýüz goýun-a däl, müň goýunam baýrak goýar!
Başga biri: porrugrak burnunyň asty pezzik murtly,
gazalanan eňegi gök öwsüp duran pyýada tüfdanyň
çägesini egri gaňyrçak barmagy bilen dörjeläp, nasyny
byjyrdadyp dökdi-de, lagyr-lugur edip gürrüňe goşuldy:
– Päý, hökümetler byny gazýete-de jykaran eken:
biz Gulaly pisint azgynlara gelin-gyzlammyzy
depeletmeris diýipdir. Halkyň ar-namysyny goramak
çura hökümetiniň mukaddes bo-ojydyr diýipdir. Gaty
dürs aýdylan gürrüň-dä.
– Aman serdar Gulalynyň gülle ýalan penjesini
müňbazaryň baş derwezesine çüýläp goýjakmyş. Bütin
millete göz edip – diýdi-de, ýene biri alyp göterdi. –
Hakyna baksaň-a, päliýamanyň özüni şol derwezeden
başaşak asyp goýaýmaly! Diňe şonda halkyň içi sowap,
18
ýüregine ýerine gelse gerek.
– Wah, etmelisi şodur-la! Mundan buýankysyna göz
bolardy!..
Şol wagt çaýhananyň töründe häliden bäri dymyp
oturna pil ýaly mähnet pyýada laňňa ýerinden galagada,
gysymyna gysyp duran gamçysynyň sapy bilen ädiginiň
gonjuna pat-pat urdy-da, war-war gepläp, jaýyň içini
ýogyn sesi bilen doldurdy:
– A-haw, jemagat! Aýdyp oturan gürrüňiňiz näme?!
Gulalymydyr şonuň ýaly haramzadaçylyk etjek?!
Ýagşam-da bir gep tapdyňyz! Kim diýse şony, galat
aýdypdyr! Galat!
Goňruň galtamanyny ýerden alyp, ýere sokan hälki
myjabatçylar dili tutulan ýaly lak bolaýmazmy. Gaba
telpek, pişge murt, mähnet pyýada bolsa apaň-apaň
basyp, çaýhanadan çykdy gidiberdi. Nätanyş adamyň
yzyndan aňkarylyp galan köpçülik: «Kim-aý, bi-de,
kim-aý, bi?» bolşup, bir-biriniň ýüzüne seredişdi.
Onýança possun bazar tarapdan «Ýar, jan-haw!» diýip
gygyrýan bagşynyň çirkin sesi eşidilip, jemagat şol ýana
eňdi.
Änewli çaýhanadan çykyp giden mähnet pyýadanyň
şeýle kesgitli aýdan sözüne nähili düşünjegini bilmän,
19
gür gaşlaryny çytyp, tüňňi maňlaýyny egdi:
– Bäh! Zalym ogly kişi kimin Gulalynyň arkasyny
alybildi-aýt! Onuň gaňryşyna bir adam dagy bir
mydyrt etsin-le! Ýogsa-da, halypa, şonuň aýdany
dogrumykan-a?
– Eger onuň aýdany dogry bolsa, onda jar çekdiren
bilen gazýede ýazanyňky ýalan bor-da! Seniň şuňa
akylyň ýetenokmy? – diýip, Daşaýak ýoldaşyny
haýalçyratdy.
– Şol-aýt, diýseň-diýmeseň, şeýle boljag-ow! Bäh!
Beýle zadam ýalandan ile jar ediler oguşýa?! Ynsabaiman sygjak zatmydyr bi?! Aý, ýok-la, bir emmasy
bolmasa, bi giden bazaryň ümmülmez jemendesine jar
çekilmezdi ahbetin. Dogry aýdýan dälmi?
Daşaýak sesini çykarmady. Ol gelşikli ýüzüni ünji
bilen çytyp, böwrüni diňläp oturyşyna: «Dogrudanam,
Gulalynyň gäbi azyp ýörmükän? Galtamanyň sergezdensepil ýaşaýşy, hakykatdanam, adamynyň jynsyny
üýtgedäýdimikän? Öňki salgyny eşitseň-ä, ol juda beýle
hat-hata bermelem däl ýaly» diýip oýlandy. Gulalynyň
ne sebäpden ata çykyşy, näme üçin galtamançylyga ýüz
urşy barada eşiden zatlaryny ýatlady. Il içinde edilýän
gürrüňler çyn bolsa, Gulaly ozal Goňur obasynyň şura
20
başlygy, bolşewigiň sarpaly adamsy bolanmyş. Baýkulaklara mergi bolup gelen ýigrimi dokuzynjy ýylda
ol öz obasyndaky gurply daýhanlaryň bir toparyna
arka durup, olary dypowçylara tutdurmajak bolup
synanan. «Bu adamlar öz gara zähmeti bilen gurplandy.
Bular baýam däl, kulagam» diýen. «Şura hökümetiniň
özi bulara ýer-suw berip, hemaýat etmedimi? Hany
adalat? Hany hakykat?» diýip aýak dirän. Başyna giden
dypowçylar, gulak asmadan geçen, gaýtam onuň özüne
öjügenmiş. «Seniň özüň hökümet işine aralaşan duşman
element bolmaly» diýip, gylyjyndan gan damýan
adam iýijiler Gulalyny tussag edenler. Töhmet baryny
ýapyp, «halk duşmany» diýip ile ýaýradanlar. Jyny
düşen adamlaryny «halk duşmany» diýip şyltaklamak
dypowçylaryň ökde käri-dä. Gulaly gaty dogumly adam
bolansoň, atuwa alnyp barylýarka gaçmaga maý tapan
hem ata çykyp, özüni heläklänleriň garşysyna uruş edip
başlan. Şeýdibem bigünä bendeleriň arkasyny aljak
bolup, özi bela galan.
Gulalynyň atan oky hata geçmeýän, guşuň gözünden
urýan mergendigini hem jigitler bilerçe bolupdy.
Goňruň galtamany bilen ak çägäni ýassanyp, ýüzbe-ýüz
ýatyp atyşmaga atyň kellesi ýaly ýürek gerekdi. «Kimiň
gaýraty bolsa ýekme-ýek çykyşsyn» diýip, ol oturyp21
turan ýerinde gürrüň ederdi. Emma onuň garşysyna
hiç wagt başa-baş çykman, mydam näçe esse köp bolup
çykardylar. Ýerli-ýerden üstüne ok ýagdyryp, kellesini
galdyrmaga maý bermezdiler. Şonuň ýaly bir gezekde
ony kyýamatlyk dogan okaşan dosty Dähede bilen
ýalazy meýdanda ahmallyga salypdylar. Dähedäniň
ýazzy maňlaýyndan urup, onuň läşini seripdiler. Emma,
geň galyp oturmaly ýeri, Gulaly nijema mergenem
bolsa, şu çaka çenli jigitleriň birine-de ölüm ýarasyny
salmandy. Onuň ýalaň sag çiginden urşuna haýran
galyp oturmalydy. Syn etseň, edil ýörite edýän ýalydy.
Jigitleriň dört-bäş sanysyny-ha ol şeýdip hatardan
çykardy. Çiginden urmany başarýan kelledenem
çüýläp biläýjek ýaly welin, ýa-da olar gandar bolmany
ynsabyna sygdyryp bilmeýärmikän? Ony diýseňem,
galtamanda-da ynsap barmy diýip üstüňden güljekler.
Eger şol niýet bilen gan etmeýän bolsa-ha, onuňam
nähilidir bir hakykata gulluk edýän boldugy bolýar. Aý,
garaz, düşüner ýaly däl: bary bulam-bujar boldy-ow!
Munuň ahyry näm bilen gutararka?..
Daşaýak şu pikirlere gümra bolup, ýanýoldaşy
Änewli bilen çaýhanadan çykyp gaýdanda, jarçynyň jan
bazary tarapdan ýaňlanýan sesi şindem üzlem-sapkam
gulaga gelip durdy:
22
– Haý, jemagat, ha-aw! Baýrak goýandyr-la, ha-aw!..
***
Jarçynyň Müňbazarda waň-waňlap ýaňlanan
belent owazy, onuň uly ile yglan eden ryswaýy-wejera
gürrüňi agyzdan-agza geçip, ahyry Gulmuhammet ogly
Gulalynyň gulagyna ýetdi. Namysjaň galtaman gahargazapdan ýaňa mähnet göwresini sandyradyp, gaty
görmeden ýaňa örtenip-bişip, gapana düşen çöl gurdy
dek goşaryny gemrip-çeýnäp urundy. «Bäh, bu nähili
boldy-ow?! Elheder-aman!» diýip, ol kelebiniň ujuny
ýitiren basga galdy. «Beýle-de bir heýwere töhmet bolar
ekeni. Şu tetelli mojuk möhidiň astynda galanyňdan-a,
depäňden şowurdap inen gara gylyjyň zabun demine
düşüp, parçalanyp öleniňem ýüz esse abraýlydyr! Ýeri,
indi sen lagnatly günäniň gara tagmasy ýazzy maňlaýyňa
bazyrdadylyp basylansoň, nä ýüzüňe kişiniň gapysyndan
sürüp bararsyň? Heleý süýrän zynahor garakçyny kim
öýüniň törüne myhman edip geçirer? Baraňda salamyňy
alman, ýüzlerini terse sowsalar nädersiň? Ölermiňýitermiň?! Ine, şu mahalam men Ýalkap baýyň öýünde
hondan bärsi bolup güberilip otyryn. Eýsemdänim öý
eýeleri halys ýüzden geçip bilmän, kowmanyň ugruny
tapman, nalajy sypaýyçylyk edýän bolsalar bildiňmi?
Hasam, diýýän-ä, şu Begsoltanyň öňünde ýaman
23
utanj-ow! Ol-a maňa «Şehit ölen Dähede doganymyň
kyýamatlyk dogany» diýip, tüýs ýürekden gadyr eçilýär.
Menem ynha, bir bigaýrat, barypýatan binamys, şu
ýaman ada eýe bolanymdan soňam, munuň päkize
töründe pisimi aşyryp, lapbarylyp otyryn-da! Begsoltan
ýaly päk ýürekli gadyrdan zenanyň sylag-hormatyna
men asyl-ha mynasybam däl ahyryn...»
Duýgur ýürekli gelin myhmanyň mähnet kellesini
goýry salyp oturyşyndan, küti-ýumry irimçik ýüzünde
ýowuz çytawunlygyň peýda bolşundan onuň kalbynda
gopýan harasady aňypdy.
– Dogan jan – diýip, öýüň keýwanysy mylaýymlyk
bilen myhmanyna gep gatdy. – Gözümden aldanmaýan
bolsam, şu gün seniň öňki durkuň ýok ýaly görýän.
Ýüzüň gaty gubarly.
Gulaly «hümm» edip başyny atdy-da: «Senem,
heý, gözüňden aldanarmyň, mähriban uýam?» diýip
içini gepletdi. «Seniň ajaýyp gözleriň dogruçyl nazary
astynda paş bolman galjak syr barmydyr?!»
Myhman başyny agras yralap, ahmyr bilen hyrçyny
dişledi. Soňra ýüzüni gara bulut ýaly gamaşdyryp ýerden
göterildi-de, dembermez ýaraglaryny dakynmaga
durdy: iňlis onbiratary, ýalaw gylyç, kümüş gynyna dürli
24
nagyşlar salnyp, zer çaýylan jöwher pyçak... Çölüstana
hökmüni ýöredýän galtaman birdenkä ýarylyp,
gazapdan ýaňa sandyraýan sesi bilen matlabyny daşyna
çykardy:
– Şol pedernälet Aman serdaryň uludan-kiçä bar
öwladyny gyran-jyran edip, tutuş obasyny ot-ýalna
bermesem, meniň dert-azarymam egsilmez, içim
sowap, ýüregimem öňki ornuna gelmez!
Näzenin gelniň çyraýly ýüzüne gum urlan ýaly boldy.
Ol hopugyp, gyssanyp, töwella etdi, özelendi.
– Waý, doganym, saklanawer! Paýhas et! Seniň çigit
ýaly günäň ýokdugyny men bilýän ahyryn!
– Sen ony nireden bilýämişiň?
– Wah, ýüregim aýdyp dur, ýüregim!
– Seniň şol ýüregiň aýdyp duran zadyny külli
türkmene nädip ýetirjek?
– Ýetirmän näme! Geljek bazarda şol öňki jar çekilip
ýaýradylan gürrüň ýalan töhmet diýägeden, täzeden jar
çekdirjek! Öň bir adam jar çeken bolsa, indi iki adama
iki ýerden zowladyň diýjek. Hakyny berseň, sesini
gysganarmy şolar?!
– Haý, boldy-da welin! Meniň adymy gaýtadanam bir
25
gezek bazara ýaňlandyrjak diý-dä! Ýok, beýle ýol bilen
özüňi aklajak bolmak elinden kär gelmez namardyň
gylygydyr. Beýle gylyk maňa ýaraşmaz. Men öz etjek
işimi ýagşy bilýän!
Gahar-gazaba ygtyýaryny aldyran galtaman
ganguýma gözlerini ýerden galdyrman, gapa tarap
ätmer-sätmer gadam urdy. Begsoltan işigiň öňünde
gerlip duragada, Gulalynyň ýoluny baglasam diýibem
bir hyýallandy. Emma onuň bolşundan eýmenip,
üstümden urrukdyryp geçiberse näderin, bijaýrak
galtaşyp dagy ötse, zenanlyk mertebäme nogsany
degmezmi diýip saklandy. Saklanmagynyň ýene bir
sebäbi: Ýalkap baýyň özem häzir öýdedi-de, aljyraňňy
görnüşde tärime arkasyny berip, gürrüňe goşulyp
bilmän, ellerini owkalap durdy. Onuň seljeňçe mor
sakgaly titräp, kinniwan gözjagazlary gyrpyldaýardy.
Galtamanyň bolşy oňa-da güýçli täsir eden bolmaga
çemelidi.
Şu ýagdaýda ýene-de öýüň keýwanysy öňürti
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keltegoňur kyssasy - 2
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.