Latin

Keltegoňur kyssasy - 4

Total number of words is 3560
Total number of unique words is 2346
27.3 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýagşy dilegler kyldy. Gaýdyşyn baş sopy: «Rahmete
uçraganyň gutly-mübärek bolsun!» diýip, Gulalyny
gujaklap özüne dartdy, sag egnini sag egnine, çep egnini
çep egnine çakyşdyryp aýyrdy. Bu ýokary sylagyň,
belent mertebä mynasyp bolmagyň alamatydy.
Agşam çaglary çöp kümäniň öňünde ýanýan oduň
pessaýja şemala oýnaklaýan ýalny halka gurap oturan
sopulary kä garaňkydan saýlap, kä garaňka batyrýardy.
Ömründe köp günä edeni üçin özüni müýnli duýýan
Atalyk sopy ak selleli, gaba sakgally dindarlaryň
daşyndan aýlanyp, olara hyzmat edýärdi: gara
kündükden çaý guýup berýärdi. Ondan-mundan urlan
gürrüňçilik ahyry bir ugra gönügipdi. Enbiýalaryň
kyssasyny ýagşy bilýän Sary sopy her zaman-her zaman
yslamyň kasdyna döreýän sütemkärleriň öz möwriti
ötýänçä musulman bendelere köp zulumlar edişini
75
aýdyp otyrdy.

Hazreti
pygamberimiz
Muhammet
aleýhyssalamnyň mukaddes kowumlaryga jebrijepalar berip, ganlar ýuwtduran pelide Ýezidi lagna ibn
Magauwiýa diýenler. Oşol käpir Kerbela jeňinde ymam
Hüseýiniň ýetmiş iki esgeriniň garşysyna gurat ýaragly
dört müňlük leşgeri urşa goýberen. Ýowuz söweşde
pygamberiň eziz agtygynyň mübärek tenlerine sansyz
ýerinden sanjylan-çapylan ýaralar düşen. Ol şehitleriň
patyşasy bolup, behiştde Allanyň tagtynyň ýakynynda
müdimilik mesgen tutýar. Ýezitler ymam Hüseýiniň
hem onuň ýaranlarynyň başyny kesip alyp gidende,
Allahytagalanyň magşar azaby iner gorkusyndan
ýedi gat ýer endiräp-sandyrap, asman elenip, pelekde
melekler nala-perýat kylypdyr.
— Neneň kylmasynlar?! Toba, estagpyrylla! Toba,
estagpyrylla! – diýen sesler, haşşyldap dem almalar
eşidildi. Hasratdan ýaňa odam öçen ýaly bolup peseldi,
sopularyň ýüzi garaňka duwlandy.
— Hudanyň resuly körpe agtygyny şeýle bir söýer
ekeni! Jan-dilden oňa muhabbet nuruny saçar ekeni!
– diýip, Sary sopy sözüni dowam edende, ýürek
joşgunyndan ýaňa onuň bokurdagynyň dolandygy
76
duýuldy. — Ol hatda namaz okalýan mahaly, körpe
balajygy gelip dyzynyň üstünde oturanda-da ýa
arkasyna hopba bolanda-da, ony aýyrdyrmazmyş!
Namazyny bolubam: «Ýürekleriň aramy sen! Ýigitleriň
serdary sen!» diýip söýermiş!
— Wah, wah! Pygamberiň ezizi! Hudanyň halany!
Gör, ne ezýetler çekip şehit bolupdyr! Hiç dözer ýaly,
çydar ýaly däl! Ýedi yklym neneň elenmesin?!
Hälki çaý guýup berýän Atalyk ýasawul boşan gara
kündügi dik duran ýerinden ýumşak çägäniň üstüne
dükledip oklap goýberdi-de, gaharly gürledi:
— Şeýle ýowuz süteme Taňrytagala nädip ýol
berdikä?! Güýji ýetmedimikä? Hany «La howle wela
kuwwata illa billah» diýilmänmi? Beýle adalatsyzlygyň
bolmaga haky ýog-a! Men şuňa düşünemok! Nädip
düşünjegimi bilemok!
Atalyk ýasawul içiniň ýangyjyna gykylyklap dur.
Sopy boldy-da, din ýoluna halys başy bilen berläýdi
bu Taňrynyň bendesi. Şu adam ýaňy-ýaňylaram
hudaýsyzlar guramasynyň başlygydy diýseň, häzir hiç
kim ynanjak däl.
— Atalyk sopy! – diýip, baş sopy pessaýdan berk
gepledi. — Size-bize küpür sözlemek külli aýypdyr.
77
Kurany kerimde aýdylany ýaly, Alla has uzakdan
görýändir, has aňyrdan ölçeýändir! Allanyň kylan işi
hemişe dürsdür! Hemişe adalatlydyr! Hemişe belentdir!
Siz oňa çirk ýetiriji bolmaň! Aýdan gepiňize toba eýläň!
Atalyk sopy agzyndan sypdyran bijaý gepini
pygamberiň söýgüli agtygyna dözmezlik edip aýdanlygy
bilen aklajak boldy. Emma baş sopy onuň bu tutarygyny
kabul etmän, müň kerem estagfyr aýtmagy buýurdy.
Şunuň bilenem gyzykly gürrüňçilik ýürek gysgynjyrak
tamamlandy.
Ýassy namazyndan soň her sopy aýratynlykda öz
isledigiçe tagat okaýardy. Olaryň käbiri gijäniň agramly
bölegini Ýaradanyň adyna hamdy-senalar aýdyp
geçirýärdi. Haktagalanyň özüne tarap rahmet nurunyň
tejelli bolup saçylýandygyny kalby bilen syzýan Gulaly
sopy hem, ak alaňlaryň çägesi näçe müň-müň zerre
bolsa, şonça-da subhan aýtmak arzuwy bilen joşýardy.
Ol şu islegini berjaý ede-ede, gijäniň ikinji ýarymyny
hem ortalanda, namazlygynyň üstünde bir ýanyna
gyşaryp uklap galdy. Şu ýatyşyna-da täsin bir düýş
gördi.
Edil oýalykdaky ýaly aýdyň-oraşan görnen bu
düýşde Gulaly, hamana, öz öýünde, çagajyklarynyň
78
arasynda parahat durmuşda gaýgy-aladasyz ýaşap
ýörenmiş. Ynha, ol öýüniň dulunda namazlyk ýazyp,
ikindisini okap durmuşyn. Sežde edip bolup, çöküne
düşende (ýeri, nireden ýadyňa düşdi diýsene!), körpeje
oguljygy gelägede, dyzynyň üstünde oturyberýämiş!
Edil pygamberiň agtygynyň gelip oturyşy ýaly! Päheý,
eşiden zadyňy düýşüňde görüp ýörjek bolsaň, nätmeli
bor-aý! Onsoňam, namaz okaýanyň başga zada göwni
bölündigi, onuň namazy bozulýar-a! Namaz okanyňda
akyl-huşuň, pikir-duýgyň, tutuş durkuň Biribaryň
dergähine gönügmeli ahyryn! Gulaly sopynyň bolsa
ýüreginiň mähir-muhabbeti tutuşlygyna körpe
guzujygyna tarap yňýar-da, şoňa siňip dur, şoňa siňip
dur. Sopynyň diliniň senasy üýtgäp: «Gözümiň guwanjy!
Ýüregimiň karary!» diýen sözlere öwrülýär. Onuň
mähnet penjesi, küti aýasy dyzynyň üstünde ümsüm
oturan körpe balajygyň sary galpagyny sypalaýar. Ýeri,
ynha, şu-da bolşy! Aýaly bilen gyzjagazlary hem bu
hezillige guwanyp, ýylgyryp bakýar.
Eger bu düýş edil şu ýerinden kesilip tamamlanan
bolsa bolaýmajakmydy! Onda Gulaly sopy düýşünde
ýüregi ýukalyk edip, perzent söýgüsiniň öňünde ejizläni
üçin özüni günäli hasaplap, toba edip oňaýmaly bolardy.
Emma düýşüň soňy has howsalaly bolup, maşgalanyň
79
atasyny diýseň ynjalykdan gaçyrdy. Gulalynyň ganym
duşmanlary, hökümediň atly jigitleri, duýdansyz ýerden
çozup girdiler-de, onuň aýalyny, gyzlaryny, oguljygyny
ýesir sürüp gitdiler. Özüni bolsa, «Itden çykarmak
üçin», elini arkasyna baglap, depäniň aňyrsyna alyp
ugradylar. Ine, şu ýerde-de namazlygynyň üstünde
uklap galan sopy hopugyp oýandy.
Bu bulam-bujar düýş Gulalynyň eňter-pelegini
öwürmezmi! Düýnki göwün rahatlygyndan, Huda
rahmediniň hözirini görüp ýörmesinden nam-nyşan
bir galsyn-da! Ony Taňrydan daş düşürmek üçin,
şeýtan peläketiň al salşyna bak-a! Iň dözmezini, eziz
balasyny ara goşuşyny gör-ä! Soňundanam aýal-oglanuşagyny başbitin ganymlaryň goluna berip goýberişine
sered-ä! «Ýüregiň daşdan-demirden bolmasa, şu
zatlara perwaý etmän nädip durup bilersiň?! Onsoňam
Allanyň rahmedine duçar bolmak üçin, hemme zatdan
geçmeli diýleni dürsmükän berin? Ýogsa-da, düýşümde
gören şol pajygaly wakyýam – çagajyklarymyň ýer-ýesir
sürlüp äkidileni hakykatda bolan däldir-le. Hudaýym,
meni şol belaýa bir giriftar kylmaweri! Sen meniň
ejizlerimi öz penaňda gorap sakla, menem saňa tä
ömrüm ötýänçä tagat-ybadat edeýin! Daň-säher çaglary,
rahmet işikleriň açylan wagty, meniň dileglerimi kabul
80
kyl, Biribarym! Belent başymy özüňden başga bir närsä
egdirme, Hudaýym!..»
Ertir namazyndan soň çöp kümäniň kölegesinde
sopularyň hemmesi toplumy bilen iýip-içip otyrkalar,
baş sopy bir zat aňan ýaly, Gulalynyň ýüzüne siňesiňe seretdi. Düýş gören sopy syr bildirmejek bolup,
aladasyz sypatda görünmäge jan etdi. Ol müýnürgeme
bilen: «Beh, ýüzüm üýtgäýdimikä?» diýip, özüni
oňaýsyz duýdy. Her zat bolsa-da, töweregindäkiler
bilen hoşamaý gürleşmäge, olaryň ýüzüne açyk göwün
bilen bakmaga, ýylgyrmaly ýerinde ýylgyrmaga güýç
tapdy. «Biribara pugta bil baglamagym gerek, Onuň
penakärligine jan-dilden berilmegim gerek...» diýip, ol
öz-özüne göwünlik berdi.
Uçmah ýaýlasy oba-garadan uzakda bolsa-da,
keramatly piriň at-owazasy bu ýere ýygy-ýygydan
zyýaratçylaryň gelip-gitmegine sebäp bolardy. Sadaka
aýdylan mal-garany, baýlaryň hüşür-zekadyny
getirýänlerem bardy. Olaryň käbiri bir salkyn, iki salkyn
düşläp, myhman bolup galardy. Sopular olardan ýurtda
bolýan üýtgeşik wakalary, il-ulusa ýaýran del gürrüňleri
eşiderdi. Ine, häzirem şonuň ýaly myhmanlaryň biri,
Ahal ilinden gelen alagöz, buýrasakgal, geplemsek
ýaşuly geň-taň täzelikleri ýetişibildiginden madyrdap
81
eňterip otyrdy.
— Älhepus! Gün geldikçe gulagyň gowy zad-a
eşidenog-ow! Bu dünýäň gowgasy artyp gidip barýarow! Hudaýsyzlar ýurdy ele aldygyça milletiň üstüne
beterden-beter dyzap gidip otyr-ow! Päli azyp, jynsy
üýtgäpdir pelitleriň! Gör, ahyry edýän işlerini! Şäheriň
ýakasyndaky gadymy galalardan biriniň daşyny berkidip,
derwezesine tüpeňli garawul goýanmyş. Höküwmetden
gaçyp-tezip ýörenleriň dogan-garyndaşlaryny, aýalebtadyny, çaga-çugasyny girewine aldym edip şol gala
dykyp durmuş. Millet şol gala eýýäm adam dakypdyr.
«Ýesirgala» diýýäler...
— Toba, Hudaýym, beýle-de bir masgaraçylyk bolar
ekeni!..
— Höküwmede gelişýän zat däl! Çaga-çugany ýerýesir edip...
— Aý, tersanyň höküwmedidir-dä. Heý, onuň
gowulykda görnen mahaly boldumy?!.
— Biziň könelemmizde «Gaçany kowuja bolma»
diýen gep bardyr welin, bu namartaý onuň ýaly zadam
bilenok...
— Garazhaý, milleti mundan beýlägem horlajak-da...
82
Sopularyň hersi bir zat diýensoň, geplemsek myhman
madyrdap, gaýtadan alyp göterdi.
— Il arasynda dowul düşüpdir. Halk janyna jaý
tapanok. Her kim özi gizlenjek, çagasyny obadan
gaçyrjak. Golaýda men şol «Ýesirgalanyň» duşundan
geçemde, nebsim-janym agyrdy. Yzlaşyk, eňreşik.
Yllaki goýun sürüsiniň üstüne guzusy çozdurylan ýaly...
Şum habardan ýaňa Gulaly kellesine taýak degen ýaly
sähneläpdi. Ol hyrçyny dişläp, uly göwresini bir gysym
edip müzzerilip otyrdy. «Agşamky düýşüm düýşem
däl ekeni, çagalarymyň dady-perýady ekeni» diýip, ol
galagop pikirlere berlipdi. «Meniňkilerem eýýämhaçan
ele salaýdylarmykan? Eger entek ele salmadyk bolsalar,
men olaryň ýerini üýtgedip ýetişermikäm? Gumuň
jümmüşine siňdirip, goňur baýlarynyňkyda gizläýsem
näderkä? Gaty tiz äkitmesem, soňuna galaýmagymam
daş däldir. Pirden rugsat sorasam, gitme diýmezle. Perzentlerimi goramak Hudaýyň öňünde meniň
parzym-borjum dälmi?..»
Gulaly indi terziniň üýtgändigini baş sopudanam,
beýlekilerdenem gizlejek bolup duranokdy. Içinden
turýan howsaladan gizläp saklamaga häzir onuň asla
ýagdaýy ýokdy. Baş sopy hem onuň ahwalyna düşünen
83
bolmaga çemelidi: indi öňküsi ýaly gyjalatly, yzgytsyz
nazary bilen iýip baranokdy. Gaýtam tersine, sopular
işli-işine darganda, ol Gulalyny bir çeti çekdi-de, oňa
iňňän adamkärçilik bilen söz gatdy.
— Gudratly Taňrym müşgilleriňi asan eýlegeý,
balalaryňny öz penasynda aman saklagaý, eshabylkäpler kimin ýaman gözden gizlegeý. — Baş sopy ýüzüni
aşak salyp, az wagt oýlanyp durdy-da, soňra başyna
iş düşen söhbetdeşiniň göwnünde umyt uçgunyny
döredip, täze bir röwüşde gürledi. — Öňräkden bäri
pirimiz bilen geňeş etsem diýip küýüme salyp ýördüm.
Indi barmaly wagtym boldy gerek. Oňa aýtmakçy
zadym seni höküwmet bilen ýaraşdyrmagyň gürrüňi.
Özüm welaýata gidibersem diýýän. Netim ijraýkomda
gulluk edýän birinden sorag salmak. Eger Gulaly
ýaragyny tabşyrsa, onuň günäsi ötüljekmi – şony açaçan aýdyň diýip bilip gaýtmak. Kimden, nireden
habar gelendigini duýdurmakçy däl. Tanşyň tanşynyň
üsti bilen iş görmekçi. Ijraýkomda meniň ýegenimiň
doganoglany gulluk edýän bolmaly. Şonuň üsti bilen
sorag salmakçy. Eger ijraýkomda «Gulaly ýaragyny
tabşyrsa, biz onuň günäsini geçýäris» diýseler, onda
seniň bagtyň getirdigi. Arkaýyn gezibermeli borsuň.
Aslyýetinde, seniň ötülmez-geçilmez ýaly günäň
84
barmy?! Öldüreniň-ýitireniň ýok ahyryn!
Gulaly baş sopynyň ýüzüne uly minnetdarlyk bilen
garap, oňa öz ykbalyny hem maşgalasynyň ykbalyny
ynanýandygyny duýdurdy. Şol günüň agşamy sopularyň
kethudasy nirädir bir ýana gürüm-jürüm boldy.
Gulalydan hem pirden başga hiç kim baş sopynyň
nirä gidenini bilenokdy. Baş sopynyň dört günde, bäş
günde yzyna köwlemänligi çöp çatmanyň hudaýhon
ýaşaýjylarynda köp-köp çaklamalar hem sowallar
döretdi. Pir hezretleriniň hyzmatyna gatnap başlan
Sary sopy hem bu sowallara jogap bererden ejizdi.
Şunça günläp ýola göz dikip garaşýan Gulaly bolsa,
gaýgy-hasratdan hem näbelli ýagdaýdan ýaňa dälilik
hetdine ýetipdi. Gündizlerine janyna jaý tapman,
gijelerine gözüne uky gelmän, Uçmah ýaýlasyndaky
sazaklyk tokaýyň içinde zowzuldap aýlanyp ýördi.
Wagt-wagt baş sopynyň dolanyp gelerine-de garaşman,
maşgalasyny halas etmäge eňibermäniň küýüne
düşýärdi. Birdenem, belkem, baş sopy ýagşy habar bilen
geler diýip inçe tama bolýardy. Şu zeýilli nalajy ýagdaýda
horlanyp, bir hepdäni arka atanda, şuralaryň üstüne
ilçi bolup giden kethuda ahyrsoňy yzyna gaýdyp geldi.
Baş sopynyň ýüzüniň salyklygy, keýpiniň synyklygy
ýoluň argynlygy bilen bagly bolmaly däldi. Onuň tutuş
85
sypatynda göwnüne deglen adamyň çuňňur nägileligi
bardy.
— Näletkerde käpirler! – diýip söze başlanda,
onuň çal sakgalynyň gahardan ýaňa sandyraýany
bildirdi. — Beglik ýeten bedasyllar! Sen adam ýaly
töwella edip barsaň, olar gyýrjanlaryny ýakalaryndan
çykarýalar! Nämemiş – güýçleri ökdemiş! Ýeňleniň
ýeňsesinden basjaklar, masgaralap keýpini görjekler!
Türkmende «Göni gelen keýigiň iki gözünden başga
aýyby ýok» diýilmeýänmidir? Emma bu doňuzlaryň
aýdýanyna bak-a! Sen şäheriň Teke meýdanynda
bazar güni uly mähelläniň öňünde dyza çöküp
ýaragyňy tabşyrmalymyşyň! Urşup ýeňlen it ýaly
guýrugyňy ýamzyňa gysyp çyňsamalymyşyň! Bedasyl
haramzadalardan ötünç soramalymyşyň! Şondan
soňam ýaragyňy eliňden alyp, jemagatyň öňünde
süýt etjekmişler. Süýt näme jeza berse, şoňa-da kaýyl
bolmalymyşyň.
— Özüm barman! – diýip, Gulaly çürt-kesik jogap
berdi.
— Ýör, onda piriň ýanyna!
Baş sopy alyp gelen habaryny, gaharyny ýuwdaýuwda, pire-de gürrüň berdi. Ak guş ýaly bolup oturan
86
ýagşyzadanyň gan-koksuz süýnmek ýüzünde çala
bildirýän çytawunlyk göze kaklyşyp gitdi. Ol gunda
ýaly juw-ak sakgalyna uzyn süňklek barmaklaryny
ýetirdi-de, başyny ýaýkap:
— Men müridimi ölüme ýollap bilmen. Käpire
ynanmak janyndan ireniň işidir – diýdi.
— Gaty dürs aýdýaňyz, pirim! – diýip, baş sopy
gyzmaçlyk bilen alyp göterdi. — Olaryň bolan bolşuny
göremde, edil özümiňem goluma ýarag alyp çöle
çykasym geliberdi. Meniň diýenim bolsa-ha, Gulaly
sopynyň elini boş goýbermäň, pirim! Çagalaryny has
ynamdar ýerde gizläp gelýänçä, onbirataryny beräýseňiz
näder?
— Ýaragyň zamany ötdi. — Pir göwnünde saldarlaýan
oý-pikirleriniň agramyna görä çalaja yranjyrap gepledi.
— Käpir biziň ýurdumyza doly eýe boldy. Indi onuň
döwran sürmeli zamanasy başlandy. Hudanyň beren
möwritini sürüp gutarýança, oňa hiç zat kär etmez!
Wagty gelende, buz erän ýaly, pagyş-para bolup gider.
Şondan soňky hezreti Nurnepes pir Gulaly sopa gol
göterip ak pata berdi. «Möhümiňi bitirip, aman-esen
gaýdyp gelgeýsen» diýip ýagşy dileg etdi.
Gulaly goňur Uçmah ýaýlasynda otlap-suwlap ýören
87
atyny sypalap-sermeläp eýerledi-de, agşam çaglary
ýüzüni garaňka tutup, çöl-beýewana çykdy.
***
Gyrak-çetine gözýetmez giň alalykdan barýan
otrýad birdenkä asmanyň eteginde emele gelen ajaýyp
mugjyzany görüp, haýran galmakdan ýaňa aňk bolup,
at başyny çekip durdy. Bu görünýän jadygöý tebigatyň
söz bilen waspyny ýetirip bolmajak belent sungatydy.
Ine, görseň, bir-birinden owadan, bir-birinden haýbatly
ak mermer köşkler, gök gümmezler, haşamly minaralar
başyny asmana diräp, adaja endireýän howada behişdianber sereşdiň ymaratlary ýaly akylyňy haýran edýärdi.
Atlara gamçy çalsaň, sanly salymda alkymlap baragada,
derwezesini tark-tark kakyp açdyraýjak ýalydyň. Bu
täsinlige uçursyz göwni galkynan Daşaýak gapdalynda
üzeňňisini çakyşdyryp duran Änewlä garap joşup
gepledi:
— Hydyr gezen çölde, bak, ne gudratlar bolar ekeni!
«Isgender, Jemşit saldyran beýik binalar görüner...»
Hemişe öz ýörelgesinden başga ýörelgäni äslemeýän
Mädoraz dypow salgymyň manysyny derrew özüne
ýordy:
— Ýok, ýok! Bu ýerde Hydyr-pydyra dahylly zat bolup
88
bilmez. Hakykatyny aýdanyňda, bu surat gadymyýetiň
suraty däl-de, biziň şanly geljegimiziň suratydyr!
Biziň şu günki gurýan täze jemgyýetimiziň misilsiz
keşbidir! — Dypow öz sözünden ylham tapyp, ýasy
ýalpak ýüzüni goýazylandyryp, endigine görä, başyny
yralap-yralap gepleýärdi. — Görýäňizmi, nähili ajaýyp,
nähili owadan?! Biz, ine, şunuň ýaly geljegiň hatyrasyna
barlyşyksyz göreş alyp barýarys. Şu ýowuz göreşde biz
san-sajaksyz duşmanlarymyzy ýer bilen ýegsan etdik.
Indi olaryň gala-galmasyny hem kül-peýekun ederis!
Muňa şek-şübhe bolup bilmez!
Köpçüligiň oýlanmak endigini galypa gapgarjak
bolmak mydama-da bar zat. Emma Daşaýagyň
hötjet beýnisi şunuň ýalyda hemişe tersine işleýär:
«Dogrudanam, ýom-ýok etmegiň-ä kemini goýamzok —
diýip, ol içinde küpür bolýardy. — Ýöne şu aýdylýanlaryň
ýerine düşjegine kepil geçip bormuka? Bardy-geldi bu
dökülen ganlar biderek bolup çykaýsa, şonda näderkäk?
Munuň soňuny görüp gelen ýok ahyryn. Salgymdaky
köşgi-eýwanlaryň, gümmezdir minaralaryň hakykata
öwrülip, gözümizi guwandyrjagyny kim bilýär...»
Salgyma aňkaryp birdem daýanan otrýad häzir
ümmülmez alanyň içi bilen gezerine goýberip eňip
barýardy. Atlaryň toýnagyndan zyňylýan gumbaýrak
89
ýagyş gurbagasy ýaly bökjekläp düşýärdi. Daşaýak
öz pikirinden özi alada tapynyp, ünjüli gözlerini öňe
ümzük atýan alaşasynyň şabram ýalyna dikipdi. «Siňek
öldüremzog-a... Adam öldürýäs. Onda-da iň edermen,
iň dogumly ýigitleri saýlap gyrýas. Häzirem Gulalyny
çölüň çaýkellerine şam etmäge barýas...»
Daşaýak birdenkä başga bir zat göwnüne gelen
ýaly, hälki salgymy gören ýerine ýalt edip bakdy-da,
öňki ajaýyp köşkleriň, haýbatly gümmezleriň, belent
minaralaryň sypba-sypyrylyp ýitirim bolandygyna
haýran galdy. «Edil-aýt ýaňyja-da mesaňa-mälim
görnüp durdy diýseň, şu mahal hiç kimem ynanmasa
gerek! Hamala, düýbünden bolmadyk ýaly! Asla hiç
haçan bolmajagam ýaly!..»
Heran-haçan ýol ugrunda duş gelýän çakyr süňkler
bir mahal bolup geçen hasratly wakalara şaýat bolup
çagşap ýatyrdy hem bu ümmülmez çölüstanyň öňünde
janly-jandaryň gaty ejizdigi barada oýlanmaga mejbur
edýärdi. Käýerde kiçeňräk depeleriň başyny eýeläp
oturan mähnet guşlar geçip barýan atlylara biperwaý
garap: «Ýüz ýyllyk ömrümizde siz ýalylaryň gözüni köpköp çokalandyrys-a. Ýene-de çokalar ýaly, biri-biriňizi
köpräk öldüriberiň!» diýýän misillidi. Çölüň asman
bilen tapyşýan sepgidinde, uzak-uzak gözýetimde,
90
süýnüp barýan keýik sürüsimi ýa-da ala buludyň
kölegesimi, çala göze kaklyşyp ýitip gidýärdi. Bu
täsinlikleri synlap barýan Daşaýak: «Çölem bir gudratow! Munuň göwsünde näçe gezseňem, asla özüne
öwrenişdirenok!» diýip, öz ýanyndan içini gepledýärdi.
Giç öýlän atly jigitler hol öňlerinde bir gara gördüler.
Kowup ýetseler, ynha, bir eşekli goja. Ýagyrnysyny
tüňňerdip ýaýkyldap barýar. Iki egni gulagyna ýetäýjekýetäýjek bolýar. Şu gözgyny halyna onuň il-ulusdan
uzaklaşyp, şeýle howply ýola çykyşyny geň gören jigitler:
— Häý, goja! Ugur nirä-haw? Oba-garadan ýaman
arany açypsyň-la! Sen özüň Hydyr ata bolaýma? Hernä,
habarlaşman, gözden gaýyp bolup gidibermegin! –
diýip, ýerli-ýerden sorag ýagdyrdylar.
Kerlew goja bir bada soraga düşünmän, çöňňelen
gözlerini gyrpyldadyp bakdy. Gaýtalap gatyrak
soransoňlar aglamjyraýan ýaly naýynjar ses bilen jogap
berdi:
— Uçmak ýaýlasyna barýan, balalarym.
— Uçmah ýaýlasynda näm bar?
— Uçmah ýaýlasynda uçmahyň ak perişdesi,
sadagasy boldugym Nurnepes pir bar. Men onuň
91
odun-suwuny daşap, külüni atmaga, aýak tozuny togap
etmäge barýan. Ölmezimden öň günämi döküp, sogap
gazanaýyn diýip barýan.
Nurnepes pir isimli, hudaýhonlyk hem takwalyk
resiminde
deňi-taýy
bolmadyk
ýagşyzadanyň
çölüstanyň jümmüşinde, uzak ýaýlada, çöp çertekde
ýaşaýandygy owalam jigitleriň gulagyna degmän
duranokdy. Il içinde ýaýran gürrüňe görä, Nurnepes
pir pany dünýäniň gykylygyndan gaçyp, galan ömrüni
üznüksiz tagat-ybadatda geçirmek maksady bilen, çola
ýerde mesgen tutanmyş. Bu dünýäniň nygmatyndan el
üzüp, nebsini öldüren diri öwlüýäniň selälikde höregi
bir tokga gurt, bir döwüm nan, bir käse suwmuş. Ol
her günüň daňdany günäkär zeminiň üstüne dogmak
islemeýän altyn güneşi töwella-tagsyr bilen dogdurmak
üçin, özi ýaly gudratly pirler bilen bilelikde ak guşa
öwrülip uçup gidýärmiş hem yzyna gaýdyp gelýärmiş.
— Nurnepes pir Hudaýyň halany, pygamberiň
saýlanydyr – diýip, eşekli goja bu gürrüňleri halamaýan
dypowyň içini byjykladyp, sözüni dowam etdi. —
Sadagasy boldugym aý-güni dogduryp durmasa, zemini
gaflat tüni basar. Musulman-käpir heläk bolup, zir-zibir
dargap gider.
92
Mädoraz dypow gahardan ýaňa çişip, eşekli garryny
jylaw çeýnäp bökjekleýän atyna depeledäýjek bolup,
oňa gödek darady:
— Eý, akyly çaşan goja! Sen bar-da, şol piriňe aýt:
biziň oňa çigit ýalam minnetimiz ýok! Elinden gelse,
goý, asmany aşak çeksin! Zemini düňdersin! Kyýamat
goparsyn! Biz köne dünýäniň harabasynda ýalpyldap
göz gamaşdyrýan täze dünýä gurarys! Siziň köne
dünýäňize müň degýän ajap dünýäni bina ederis!
Misli urşup aýrylan ýaly, nämedir bir zada jany ýanan
dypow atyna gamçy çaldy-da, toplum jigidiň öňüni
çekip gitdi. Eşekli goja ýol üstünde aňk bolup galyberdi.
Alalygyň demirgazyk ýakasyny parawuzlan gum
ulgamy alys uzakdan salgymlap göze ilende, düýeli
biriniň yzyndan sürüp ýetdiler. Sorap görseler, bu düýeli
adam hem keramatly piriň aýagyna ýykylmaga barýan
ekeni. Muny eşidende dypow öňküdenem beter ýüzüni
kürşerdip, hüňürdäp-gargynyp, ýene atyna gamçy
çaldy. Daşaýak onuň bolşuna düşünmän: «Bi, näme,
milletiň pir diýip yňyp barşyna göriplik edýärmikä?
Halky öz aýagyna ýykjak bolup gabanýarmyka?» diýip
pikir öwürdi hem: «Megerem, şeýledir» diýip, belli
netijä geldi.
93
Ilkagşam guma aralaşan otrýad çetilik ýapylaryň
arasynda dem-dynç almak üçin düşledi. Şu ýerde ýatypturup, daň bilen ugradylar-da, Gün naýza boýy galanda
Uçmah ýaýlasyna gadam basdylar. Uçmah adyny alan
bu ýaýla neneňsi ýerkä diýip barsalar, ynha, sazagysözeni tokaý bolup giden ýapy-ýapy pessaý gumluk.
Nurnepes piriň çöp çertegini gözläp tapýançalar,
atyň kellesine ýetýän gum agaçlarynyň içinde ep-esli
aýlanmaly boldular. Uzyn-uzyn sözen pudaklaryndan
gurnalyp, daş-töweregi, üsti çöp-çalam bilen ykjam
basyrylan çertegiň darajyk agzyndan içine garasaň,
düşek deregine ýumşajyk urkaçy selin ýazylandygy
görünýärdi. Ortarada diýseň syratly, diýseň nazarkerde,
emma gaty hor kişi juw-ak sakgalyny döşüne
saçalandyryp, ak peşini tegeläp, gansyz ýüzüni goýry
salyp, Kuran kerimi okap otyrdy.
— Habarlaş! – diýip, Mädoraz dypow atyň üstünde
oturan ýerinden çöp çertegi ädiginiň ökjesi bilen
depip goýberdi. Çöp çertek çagşyldap sarsyp gitse-de,
nazarkerde ýaşuly bir oturyşyny üýtgetmedi. Jigitler
atdan düşüp, komissar bilen piriň arasynda nähili
gürrüň bolarka diýip heşerlenişip durdular. Onýança
Nurnepes pir iki eliniň aýasyny ýüzüne sylyp, «Allahy
ekber» etdi-de, kitaby ýapyp, äwmän-alňasaman daş
94
çykdy.
— Essalamaleýküm, huda bendeleri! – diýip, ol uzyn
hor synasyny saýhally göneldip durdy. — Geliň-de,
myhman boluň! Gadamyňyz mübärek! Soýara söwüş
goýnum ýok. Ýöne, isleseňiz, Allanyň nury rahmedini
saçaýyn üstüňize!
— Sen, ýaşuly, din zäheriňi kimiň üstüne pürkseň
şoňa pürk! Emma ony bize hödürleme! Sen, gowusy,
Gulaly galtamany nirede gizleýäniňi aýt! Dinadaty perdelenip, halk duşmanyna hemaýat edeniň
bilinmeýändir öýdýäňmi? Sömelip durma-da, tiz jogap
ber!
Mädoraz dypowyň bu haýbatly sözlerine ýaşy segsene
ser uran husnubelent goja parh etmedi. Ol asylly agras
ýüzüni, hormata mynasyp salyhatly sypatyny, özüne
ynamy bolan ynsanyň mertebeli görnüşini üýtgetmän,
dolanyp içeri girdi-de, hakyky iňlis onbirataryny okly
hatary bilen alyp çykdy. Jigitler muny görüp, öz gözlerine
ynanmajak boldy. Kurandan başyny galdyrman oturan
terkidünýä pir kim, munuň ýaly dembermez ýaragyň
bolmagy kim?!
— Alyň, merhemetli musulmanlar! – diýip, pir
hezretleri onbiratary dypowyň eline berdi. — Men size
95
Gulaly goňruň ýaragyny tabşyrýan. Hudaýyň gudraty
bilen ol meniň huzurymda toba kylyp, pälinden
gaýtdy: mundan bu ýana şura hökümeti bilen uruş
etmäni goýýan, gahar-gazabymy ýuwudýan diýdi. Siziň
galtaman diýýäniňiz gol uzadyp, dyza çöküp, sopy
boldy. Menem oňa päk ýürekden ak pata berdim.
Jigitler bu gürrüňe haýran galyp, bir-biriniň ýüzüne
seredişdi. Gulaly ýaragyny taşlady diýseň kim ynanar?!
Bu bolup biljek zatmy? Emma welin, honha, gundagyň
inçe boýnuna göz-dilden goraýan alaja ýüp oralypdyr
ahyryn. Hut Gulalynyň onbiratarynda şol misilli alaja
bolmaly diýip gürrüň edilmeýärmidi?
— Indi, ýagşy ýigitler! – diýip, Nurnepes pir sözüni
dowam etdi. — Sizem Gulalyny yzlap-kowlap ýörmäňde, welaýata gaýdyberiň. Birek-biregi gyryp, hakykata
ýetilen ýeri ýokdur. Zorluk nadanlykdyr. Zulum
körlükdir...
Pire sözüni soňlamaga maý bermän, dypow oňa
azgyryldy:
— Goý-aýt, goja! Sen oňa-muňa toba etdiren bolup,
synpy göreşiň gün-günden möwjeýän galkymyny
syndyraryn öýtmegin! Biz seniň tutup goýan guşuňy
birçak ütüp gidendiris! Sen gan içiji synpyň wekillerini
96
diri galdyrjak bolýansyň welin, onyňdan netije çykmaz!
Gulaly ýaragyny taşlady-taşlamady, biz üçin parhy
ýok! Raýkom bilen ijraýkomyň bilelikdäki mejlisinde
Gulalyny ýok etmek hakynda karar kabul edildi hem
bu kararyň ýerine ýetirilmegi şu aýyň iş planyna
goşuldy. Otrýad bu tabşyrygy wagtyndan ileri berjaý
etmek barada öz üstüne möhüm borçnama aldy.
Jigitler Gulalyny ýok eden bada, biz ýokary organlara
maglumat bermeli.
— A-haý, ýaşuly! – diýip, çylkasyz Meret sähnede gapdaldan goşuldy. — Gulalynyň kellesi üçin epesli baýragam garaşyp dur. Bardy-geldi, sen bizi şol
baýrakdan dagy kesjek bolaýsaň, aýtdy-aýtmady diýme,
özüm-ä seni pir-öwlüýä diýip sylaman! Aýt, nirede
gizlediň Gulalyny?!
— Gulaly gum içinde!
— Haýsy oýda? Haýsy ýaýlada? Haýsy çopanyň
goşunda?
— Pir müridini belaýa giriftar kylmaz.
— Onda özüň bela giriftar bolarsyň – diýip, dypow
piriň mübärek sakgalyndan penjäni urup dartdy. —
Eziji synpyň haýyn wekili.
97
Aýak üstünde zordan duran ysgynsyz goja ýüzüni
üýtgetmän merdemsi gepledi:
— Maňa eziji synpyň wekili diýmegem galatdyr.
Bolşewik ýurdy alandanam bir ýyl ileri, erbet açlykda
men mal-döwletimi ýetim-ýesire üleşdirip, nebsimi
öldürip, ine, şu çertekde mesgen tutdum. Meniň bir
baýlygym ruhy-rowanym bilen nury-imanymdyr. Men
müridimiň haýsy ýerdedigini aýdabilmen. Aýtsam,
imanymdan jyda düşerin.
— Aýtmabilseň aýtma! – diýip, Mädoraz dypow
Meret sähnä ümledi. Kelesaň jigit ysgynsyz gojanyň
arkasyndan baryp, bir depende ony ak çägäniň üstüne
serreltdi-de, gamçy bilen şarpa-şarpa inläp başlady.
Garry biçäre bolsa rehimsiz urgynyň astynda naýynjar
towlanjyrap, janhowluna ümzügini öňe atyp, süýrenip
sypjak bolýardy. Jellat ýürekli Meret sähne ony ömür
sypdyrjakmydy!
Dypow ädiginiň burny bilen gojanyň bili diýmän,
başy diýmän dözümli depýärdi:
— Aýt! Aýt! Aýtmasaň, Uçmah ýaýlaňy dowzah
ýaýlasyna döndärin!
Agzy gum garban gojanyň gymyldysy galansoň,
oňa ezýet bermelerini bes etdiler. Edil şol wagtlaram
98
komandiriň ýörite iberen üç sany atly nökeri tüpeňlerini
gezeşip, piriň sopularyny öňlerine salyp sürüp getirdiler.
Ýesirleriň arasynda baş sopyny, Sary sopyny, Atalyk
ýasawuly hem başga-da birnäçe hudaýhon kişileri
görmek bolýardy.
Allanyň dürrüýä nurdan ýaradan eziz perişdesiniň
gum-gursa garylyp, depgilenip, har bolup ýatyşy bu
görjegi ýaman betbat sopularyň ýüregini ýarmazmy!
«Waý, pirim! Jan pirim!» diýşip, olar waýkyryşyp
eňşeşdiler, dyza çöküp gol serdiler. «Maňlaý dirän
medetkärim! Taňrynyň dergähinde howandarym! Diri
bolsaň, tirsegiňe gal! Mübärek didaryňy görkez! Hak
senasyn zyban kyl! Käpiriň golunda bizi ýetim goýup
gitme!..»
Sopular dady-perýat bilen pirlerine tarap ümzük
atyp, dyzanaklaşyp süýşdüler. Otrýadyň komandiri
olaryň howuny basmak üçin, öňlerini gabalap durdyda, mauzerini pagladyp atdy.
— Bes ediň! Haýýar jögüler! Gan içen synpyň
şermende wekilleri! Siziň bu kejeňek gojaňyz Gulaly
sopyny nirede gizländigini aýtmajak bolup öldi. Eger
aýtmasaňyz, sizem ölersiňiz! Aýdyň! Aýdyň! Sen aýt!
Saňa diýýän!..
99
Otrýadyň komandiri «Sen aýt!» diýip, mauzeriniň
gögümtil öwüsýän gara nilini baş sopa çenedi.
Hudaýhonlaryň çalsakgal kethudasy eýmenip, el bilen
ýüzüni penalady.
— Men bilemok, kemendir! Men bilemok!
— Ýalan aýdýaň! Sen hökman biläýmeli! Aýtmasaň,
ala sakgalyňy otlaryn, iki gözüňi köwlärin!
— Gulalynyň nirä gidendigini, şu mahal nirededigini
bilmeýänligime ant içýän!
— Alladan, Kurandan, din-imanyňdan ant iç!
— Hemmesinden ant içýän! Hemmesinden!
Komandir baş sopynyň antyna ynanyp, onuň
başyndan sowuldy-da, Sary sopyny gyssap ugrady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keltegoňur kyssasy - 5
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.