Latin

Keltegoňur kyssasy - 2

Total number of words is 3593
Total number of unique words is 2394
27.2 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özüni dürsäp, akylyna aýlandy. Paýhasly zenan hasyrhusur nanmyň, gatlamamyň, toklyň kellesi ýaly
gowurmaly garynmyň – tapan-tupan zadyny torba
dykyp, adamsynyň eline tutduragada: «Atyny eýerlep
ugramanka tiz ýetiş!» diýip yzyndan ylgatdy.
26
Gulaly iňläp ýatan giň çölüstanyň nirede janlyjemendesiz, çoladan-çola ýeri bolsa, şondan ýoluny
salyp, giç ikindine çenli köp-köp ulgamlary aşdy. Alalyga
aralaşdym-ow diýende, çerkez-çetili bölejik gumuň
içinde täsir bir zada gözi düşüp, atynyň başyny çekdi.
Görse, ynha, bir arryjak adam, megerem, gaňňadan agan
bolsa gerek, eşeginiň gapdalynda, ak çägäniň üstünde
boýnuny sallap bir gysym bolup otyr. Süňklek dyzlary
iki egninden ýokarda somalyşyp dur. Tüýi bulaşyk
gaba telpegiň astynda, göwşüllän pagtaly donuň içinde
gymyldy-hereketden nam-nyşan bildirenok. «Bagty
ýatan bende oturan ýerinde gatap galaýdymyka?!»
diýdirýär. Ýel ýüregräk ötegçi-geçegçini-hä howatyr
etdirmänem durjak däl. «Bu ýol-ýodadan uzak ýerde
adam näme işlesin, arwah-jyn bolsa bildiňmi?» diýip,
sandygyňa howp saljakdan.
Galtaman atyň üstünden aşak eglip, gamçynyň
sapy bilen çölde azaşyp heläkçilige uçran eşekliniň
ýagyrnysyna dürtüp goýberdi welin, betbagt ziňkildäp
göneldi-de, «ihh» edip ysgynsyz seslendi. Gönelende,
onuň eýmeşişk çal tüý basan hor ýüzi bilen çylpyklap,
ýaşaryp duran büzük gözleri göründi. Onuň ahwalynyň
gaty ebgärdigini aňan, häzir muny şu taýda taşlap
gitseň eliň bilen öldüren ýaly boljakdygyny bilen atly
27
atyndan düşdi-de: «Özüme-de çaý-owkat edinere
wagt boldy gerek» diýen pikir bilen ot ýakyp, tüňçäni
goýdy. Hernä meşigindäki suwy ýarta golaý bar ekeni.
Gulaly jöwen ýaly «gara dermany» çaýa ezip, sus oturan
adama içirensoň, zaňňaryň çylpykly gözleri ýalpa-ýalpa
açylyberdi. Oda gyzdyrylan nan bilen gowurmaly çaýçorbadanam aňyrsyna ýagşy gonduransoň, ýüzüniň
gürmek tüýüni gäwüş çalşy bilen deň gymyldadyp,
hüň-hüň gepläp ugrady:
– Haram ölmeli bolamda... Hydyr ata ýaly ýetişdiň...
Azaşyp, nirä düşenimem bilemok... Janymdan
umydymy üzüpdim...
– Bu boluşda, bu halda ümmülmez beýewana sopbaş
çykybermek bolarmy? Ugur hanjak?
– Uçmah ýaýlasyna, doganym! Uçmah ýaýlasyna!
– O taýda seniň näme işiň bar? Ogluň-gyzyň,
dogan-garyndaşyň ýaşaýamy? Ýa-da Nurnepes piriňkä
zyýarata barýaňmy?
– Wah, bildiň-le, halasgärim, bilebildiň! Men
sadagasy boldugym, keramatly piriň öňünde dyzyma
çöküp, onuň aýak tozuna ýüzümi sürtmäge barýan!
Ine, şeýdip, ine, şeýdip! – Ol birdenkä garaşylmaýan
zady edip geň galdyrdy: çök düşüp, öwran-öwran
28
ýüzüni çägä oýkady. Soň naýynjar owaz bilen ahmyrly
gürledi. – Wah, meniň günämi ýer göteren sary öküzem
göterip bilmez! Meniň günämi ölçemäge magşar güni
mizan tereziniň daşy hem ýetmez! – Nätanyş şu ýerde
bir sägindi-de, galtamanyň ýüzüne büzük gözlerini
çiňerdip bakdy. – Sen meni ölümden halas edeniň
üçin sogap gazanandyrynam öýdýänsiň?! Öýtmegin!
Öýdäýmegin! Gaýtam sen meni şu egri gylyjyň bilen
kerçem-kerçem edip çapyp giden bolsaň, ana, şonda
haj sogabyny gazanardyň! Ýagşyzadalaryň hataryna
goşulardyň! Kesewiň gögärdi!
Neşesi ýetip, damarda gany at salyp oýnaýan adam,
häzir görseň, hälki eşeginiň ýanynda lapbarylyp
oturan çalajan biçärä meňzänokdam. Onuň gepläýşinidagysyny diýsene! Öz-özüni näletläp, tagnalap oturyşyda geň galmazça däldi. Emma Gulaly ýaly öz derdi
başyndan agdyk kişiniň keseki ykbalyna gyzyklanmaga
eli ýetýärmi? «Bu meniň nä görgimdi?» diýen pikir
gamaşdyryp oturyşyna göwünli-göwünsiz soran boldy:
– Nähak gan dökdüňmi? Garyp-pukaranyň malyna
kast etdiňmi?
– Wah, onuň dagyňam çaky däl-le! Iň gabahat, iň
pis iş edenem menden abraýlydyr! – diýip, nätanyş
29
alyp göterdi. – Gürrüň bermäge-de diliň aýlananok.
Hawa, men Hokurdawuk obasynda arçynyň ýasawuly
bolup ýörkäm, ižraýkomdan, dypow edarasyndan
ýanbaşy mauzerli, gözi otlukly, aldajy peläketler
gelip başlady. Birinji gün baýlaryň, işan-mollalaryň
ispisegini düzdüler. Ertesi oba şurasynyň öňünde «Din
halk üçin tirýekdir» diýen ýazgyly gyzyl mata gerdilerde, şol ýerik obanyň uly-kiçi ilatyny sürüp getirdiler.
«Täze dünýäni gurmakda ýoksullaryň ýoluna böwet
bolýan dini päsgelçiligi böwsüp geçmek hakynda»
hudaýsyzlaryň ýygnagyny geçirdiler. Ýumruklaryny
galgadyşyp, kellelerini silkeleşip, dişlerini gyjaşyp,
din-ygtykaty näletlediler, ýerden alyp-ýere sokdular.
«Mundan bu ýana biziň Hokurdawuk obamyzda it
üýrer, eşek aňňyrar, doňuz bögürer, emma azan sesi
eşidilmez!» diýip ant içdiler. Soň milleti öňlerine salyp,
işan aganyň öýüniň ýanyndaky metjidi ýumrup, onuň
eziz görýän işanyny-da bala-çagasy bilen bile Syrderýa
sürgüne ugradarys» diýdiler. Iň ýamany hem, metjit
ýykmany musulmanlaryň hut öz eli bilen etmek üçin,
her hili abaý-syýasata, hile-pirimlere ýüz urdular.
Ýokardan gelenleriň arasyndan Mädoraz dypow
diýilýän birisi aýratyn ilgezeksiräp, dyzmaçsyrap, gözebaşa düşýärdi...
30
– Hany, dur-la! – diýip, Gulaly bir zat anyklamak
üçin nätanşyň gürrüňini gap bilinden ýoldy. –
Mädoraz dypow diýdiň dälmi? Ýogsa-da, Müňbazaryň
kerwensaraýyndaky otrýada kiçi komandir bolup täze
biri gelenmiş diýýäler. Şonuňam adyna Mädoraz dypow
diýäýdiler öýdýän.
– Bäh, şo bolsa-ha, bijaý tüpbozar, hilegär, ýurtýykan
bolmalydyr.
– Golaýda Ýalkap baýy tutup äkitmek üçin birtopar
atly jigit iberen ekeni. Ýeri, ümsüm gezip ýören baý
bilen näme işiň bar diýsene!
– Aý, ol peläketiň işiniň ýok adamy bolmaz! Baýy
tutup äkidipmidirler?
– Ýok, äkitmändirler. Hernä gelen jigitleriň arasynda
birki sany akylly-başlysy bar ekeni.
– Meniň tanaýan Mädoraz dypowymyň ýüzi awulyk
bilen suwarylan ýaly bolmalydyr. Kellesini yralapyralap, akyllysyran bolup geplemek häsiýeti bardyr.
Hawa, onsoň şol öňki gürrüňimiň yzyny aýtsam,
ýaňky bidin peläket: «Ýykyň, çekinmäň!» diýip,
metjit ýykdyrjak bolup, jahyl-jeleňe meçew berýärdi.
Emma Hudaýyň gazabyndan gorkýan millet metjide
batyrynmaga batyrlyk edip bilenokdy. Muny aňan
31
hudaýsyzlar uly baýrak çykaryp, görümsiz garyplaryň
nebsini otukdyrmagyň küýüne düşdüler. Kimde-kim
ilden öňürti metjidiň synasyna kerki ursa, onuň birinji
goparan kerpiji üçin, «Owlaksakar» atly jylawuna
towsup duran, ilde ýok mes aty sylag bermegi wada
etdiler. Ikinji kerpijine gözüň agyny iýip barýan jowur
şempa telpek, üçünji kerpijine buzgunç ysy uçmadyk
täzeje gyrmyzdon, dördünji kerpijine aýnagonç ädik,
bäşinji kerpijine tirme guşak nyrh kesdiler, iki göwünli
bolsaň agzyň suwarar ýaly etdiler. Päh, oba arasynda
bezenip-beslenip, şempa telpegiň buýrasyny ülpüldedip,
«Owlaksakar» ýaly jyns aty münüp gezmäniň diýseň
keýpi bardyr-a! Bu meniň ömürboýy ýetip bilmän ýören
arzuwymdy! Häli-şindi düýşümde-de toý mähellesiniň
öňünden, gyz-gelinleriň alnyndan at oýnadyp öterdim.
Ine, ömürlik arzuwym elimiň aýasynda dur. Alladan
gorkmasam, nap-nagtja alaýmaly. Mädoraz dypow
meniň ikirjiňlenýänimi aňdymy-nätdimi: «Bol, bol!»
diýip, arkama kakdy. Menem: «Haý, näme bolsa şol
bolsun-la!» diýägede, kerkiniň sapyna ýapyşdym.
Metjidiň ed-dil mährabyna aýlap salyberdim. Men
oburyp, kerpiç yzyna kerpiç goparýan, halaýyk
bolsa häziriň özünde asmandan towky nälediň otly
halkasy gübürdäp iner öýdüp, gorkusyna iki eli bilen
32
ýüzüni tutup dur. Mädoraz dypowyň ýasy-ýalpak
mysalasynda gepini gögerden adamyň kanagatlanmasy
görünýärdi. Ol başyny ynamly, ulumsy yralap, millete
akyl öwredýärdi: «Gorkmaň! Eýmenmäň! Size bir
zat bolsa, men jogapkär! Ýerem yranmaz! Günem
tutulmaz! Gögem gürlemez! Men kyrk metjit bilen
kyrk öwlüýäni dagy ýykdyrdym. Görüp durşuňyz
ýaly, meniň bitimiň burnam gananok. Biz bolşewikler
aýratyn berk polatdan ýasalandyrys! Bize Allanyňam,
pygamberiňem, öwlüýäniňem edip biljek käri ýokdur!
Atalyga-da hiç zat bolmaz. (Atalyk diýip ol meniň
adymy tutdy). Gaýtam ol baýragyny alyp gönenip galar.
Hany, getiriň bäri «Owlaksakary»! Gowşuryň Atalyga!
Sylag serpaýyny geýip atlansyn! Şonda görersiňiz onuň
neneňsi gerçek goç ýigitdigini!». Aýdyşy ýaly, men
bezenip-beslenip, arzuwlan argamagyma mündüm.
Şondan soň obanyň, raýonyň guramalary meni,
bäý, götergiländirler-ä. Partiýa salyp, hudaýsyzlar
jemgyýetiniň başlygy saýladylar. Menem komsomoly,
köne döwürde ejir çekenleri daşyma üýşürip, birsalym
baýlara, işan-mollalara ulukjyn açdyrdym. Namaz
okaýan, oraza tutýan, nika gyýdyrýan, jynaza durýan,
aý, garaz, Allanyň parzyny, pygamberiň sünnetini
berjaý edýän musulman bendesi, hamana, gabahat iş
33
edýän ýaly, şo zatlary ogryn etmäge mejbur boldy. Sensen diýseler, baý, göterilendirin-ä! Atymy dükürdedip,
sapançamy mazamlap, haýbat bilen oba arasyna
çykamda, millet bary arslan-şir gören dek, öýliöýüne sümlüp, işigini içinden temmelärdi. «Gudraty
güýçli Hudaýym, şu gelýän belaýy-nägehany biziň
duşumyzdan beri sag-aman geçireweri!» diýip dileg
ederdiler. Obanyň aýallary aglak çagalaryny diňdirjek
bolanda, «Gap sesiňi! Ýogsam Atalyk ýasawul atyna
süýredip alyp gider!» diýip gorkuzardylar. Haý, edilen
iş gaty köpdür-ow, aýdardan kändir! Bir ýola halaýygyň
gözüniň öňünde gadymdan galan kitaplaryňam bir
üýşmegini lowladyp ýakypdym. Şol kitaplaryň arasynda
birnäçe sany Gurhanam bardy. Edil şol işi edip durkam
dik depämden ýyldyrym urup, aýagymyň astynda
ýer hopmaýşyny diýsene! Emma görjegim öňümde
ekeni. «Kasas kyýamata galmaz» diýleni maňlaýyma
geldi. Öňki-soňky eden etmişlerimiň jezasyny egnim
bilen çekmeli boldum. Ylgap ýörenje ýaş oguljygym
bardy. Dil çykaryşjygyna, her bir aýdan enaýyja sözüne
guwanyp, üstünde kökenekdim. Atly gelemde öňüme
alyp, öýümiziň daşyna aýlardym. Ine, bir gün neressejik
goňşymyzyň gapysyndan daş guýa gaçyp öläýmezmi!
Şundan soň görner-görünmez bela-beterleriň hemmesi
34
biziň maşgalamyzyň üstünden ýol salan ýaly boldy.
Öňki awunanym ýadymdan çykmanka, öýümize ot
düşüp, ýyl hassasy garry atam düşeginde ýatan ýerinde
diriligine ýanyp öldi. Menem oglum bilen atamyň
heläk bolşuny aýalymdan gördüm. Urup, sögüp, igenip,
oňa azar ýamanyny berdim. Ahyry çydaman, olam
atasy öýüne turup gitdi. Şundan soň şäherden Mädoraz
dypow geldi-de, hudaýsyzlar jemgyýetiniň ýygnagyny
geçirdi. «Aýalyna baý-feodal gözi bilen garaýan çüýrük
adam» diýip, meni tankytlap ýere sokdular. Hudaýsyzlar
jemgyýetiniň başlyklygyndan hem oba şuranyň
ýasawullygyndan aýyrmaly diýen karar çykardylar. Men
öz ýetişdiren şägirtlerimiň üstüme hüjüm edişlerini,
ýat itiň dalanyşy ýaly dalanyşymy ýaman gaty gördüm.
Mädoraz dypowyňam olara gylaw berýänligi hasam
göwnüme degdi. Metjit ýykdyrjak bolanda-ha men
oňa gerekdim. Meniň ýalylar köpelensoňam ol meni
başyndan aýlap urdy. Arkalanýan adamyň dönüklik
etse, ýagyrnyňdan pyçak sanjylan ýaly bolar ekeni.
Şondan soň bar güýmenjäm göz guwanjym bedew atym
boldy. Emma basym «Owlaksakary» hem elimden alyp,
kolhoza tabşyrdylar. Gaharymy, öýke-kinämi içime
salyp, sümelgämde sopbaş galyberdim. Halaýyg-a
meni öňki eden etmişlerim üçin ýek ýigrenýärdi. Edil
35
gözünde oky bolsa urjakdy. Guramalaryň ýanyndada maňa it degipdi. Il-günüň gözünden düşen
ýigrenjidigimi bilenim üçin, öz-özümden göwnüm
geçip, märekä barmaga zardym. Obadaşlarymyň
gözüne ildigim: «O görbe-gör-ä gelýär-ow» diýjekleri
gümansyzdy. Şeýle bolansoň, sygyr kümäniň öňüni
dolan tünegimde busup oturmaga endik edipdim. Soňsoňlar halys was-wasa öwrülipdim. Endamym bessebesse agaryp pis açdy. Birnäçe gezek janymdan irip,
özümi asmaga hyýallandym. Emma oňa-da gaýratym
çatmady. Ahyram toba etsem, ärleriň-pirleriň aýagyna
ýykylsam, Hudaý günämi ötmezmikä diýen umyt bilen
ýola çykdym. Şu barşymam Nurnepes piriň hyzmatyna
diýip ugraýşym. Baranymda ýüz bererem öýdemok.
«Sen tetelli zandy käpiri görmegem dürs däldir» diýip
kowup goýbermegem ähtimal. Ýeri, şonda nirä gidersiň
diýsene! Dogrusyny aýtsam, meniň ýaly messebini
ýuwudan, din-adatyny depelän ygrarsyz pelide rehim
etmegem dürs däldir! Barysam şol Mädoraz dypowdan
boldy-da! Şonuň alyna aldanyp, oýnatga öwrülenimi
soň bildimem welin, indi ahmyrdan peýda ýok, wahh!..
Atalyk ýasawul özüniň ömür beýanyny aýdyp
tükedýänçä ýadap lagşadymy-nämemi, egnini gysyp,
boýnuny sallap lapbarylyp oturdy. Öçüşen oduň köreçel
36
şuglasyna onuň eýmeşik tüý basan ýagallak ýüzünde
namutlyk alamatyny görmek bolýardy. Agşamyň gamgussaly iňrigi barha goýalyp, töwerekdäki gandymçerkezli ýapylary eýýäm gara sudura öwrüpdi.
Dembermez ýaraglaryň eýesi, sähranyň moýsepidi öz
garşysynda oturanyň ýaňky gürrüňine hä-de bermän,
hawa-da diýmän, ýüzüni gamaşdyryp, dommarylyp
otyrdy. Onuň gyňyr sypaty, aýratynam dymmasy
Atalygy az eýmendirenokdy. Ol öz ýanyndan: «Şu adam
ýöne-möne adam bolmaly däl» diýip çak urup otyrdy.
Birdenkä-de ýaragly adam dil ýardy:
– Sen hudaýsyzlaryň hemme günäsini doly
aýtmadyň! – diýende, onuň haýbatly sesi gök gürlän
ýaly bolup töwerege ýaňlandy. – Siziň günäňiz bilen
millet bary ata-baba ýurdundan zir-zöwran pytrap
gitdi. Nirdesiň Eýran, Owgan diýip, tutuş obalar, ýel
süren bulut ýaly, garly daglardan aşdy. Allanyň öýi
ýumrulýan memleketde dini musulmana durarlyk
galýarmy? Halkyň eli ýarag tutanam hudaýsyzlaryň
berýän azaryna çydaman, ata çykyp, çöle siňdi. Arnamys üçin, azatlyk üçin gara kelläni orta goýdy.
Olaryň köpüsinem hökümet goşuny yzarlap-kowalap
gyrgyna berdi. Şeýdibem milletiň gözüniň ody alyndy,
howalasy basyldy. Oňa burunnyk salyndy. Islän ugruňa
37
idibermeli edildi. Dogrumy şu aýdýan zatlarym?
– Gaty dogry!
– Dogry bolsa, menem şol hudaýsyzlardan ulukjyn
alyp ata çykanlaryň birisi.
– Şeýdiýsene! Şeýlemikänem öýtdüm-le. Ýogsa-da,
siz kim borsuňyz?
– Tanarsyň! – diýip, mähnet pyýada many bilen çep
eliniň penjesini öňe uzatdy.
Atalyk oduň şuglasyna şol eli görüp tisginip gitdi.
– Gulaly goňur – diýip, ol gorkudan ýaňa hopugyp
samyrdady. Gyzgyn gülle külembikeden ýalap,
ogulhajatdan tamşanyp, bu elde üýtgeşik nyşan
galdyryp giden. Eýsem giň çölüstanda bu eliň kimiň
elidigini tanamaýan barmy?! Gulaly galtamanyň çep
elini kesip getirene baýrak bellendi diýip, gören ýerde
jar çekilip ýörmänmi? Häý, bagty küle çeken Atalyk!
Sen janalgyç Ezraýylyň demir penjesine dis-dirije
düşäýmediňmikäň? Hany, häli gürrüň başlanda: «Meni
kerçem-kerçem edip çapsaňam heniz azdyr» diýen
bolýadyň-la. Ýene-de tap-da şol gürrüňiňi! Nädersiň
aýdyşyňdanam beter edip ötägitse!
Hernä Gulaly goňur öňküsi ýaly haýbat bilen
38
öldürmän, käýinjiräp gepledi.
– Din-messebini, nury imanyny ýeke gylýal bilen
ýeke laý soýka satan namart diýerler saňa! Ýeri, gorkupgalpyldap oturma! Men seniň pis açan bedeniňe halal
ýaragymy degirmen. Hudaýyň özi saňa göz görkezmek
kemini goýmandyr. Toba edip, päliňden gaýdanyň
çynyňmy, ýalanyňmy – onam Hudaýyň özi biler. Sen
bolmaňda-da, meniň bu günde-ertede jeza bermeli
adamym gyt däl. Päliýaman serdarlardan birini kowumhyşy bilen wer-tarham etmäge çykyşym. Ol meni ile
betnam edip jar çekdirdi. Menem resmimi bozup,
agyr ýola çykmaly boldum. Aý, bu işiň soňam nirä
degse, şoňa deger-dä. Görüberýäs, bu-da bir görmeli
adamymyzdyr-da, hümm...
Gulaly özüne azap berýän agyr oýlary içine sygdyryp
bilmän, daşyna çykarypdy. Ol bu zatlary Atalyk
ýasawula aýtman, öz-özi bilen gürleşýän ýalydy. «Ýa
Ýaradan perwerdigär! Sen meni neneňsi zabun güne
goýduň?! Näme üçin şeýle ýowuz töhmediň astynda
galdyrdyň? Indi men milletiň gözüniň öňünde özümi
aklaýyn diýsem, gör, näme etmeli! Adam ganyny sil
ýaly akdyrmaly! Ýaman ýeri, şunuň başga alajy ýok. Dil
bilen ýa pul bilen bitjek iş däl...»
39
Öz başyndan ölüm howpunyň sowlandygyny aňan
Atalyk ýesersiräp, galtaman bilen deň söhbetdeş ýaly
bolup gürläberdi:
– Haý, Gulaly, başga zadyňy-ha bilemok welin,
ýöne şu aýdýanlaryň hudaýsyzlaryň oýlap tapan tilki
sapalagy bolaýmasa diýgin?! Aman serdary gaýym satyn
alagada, oňa ýörite jar çekdiren bolsalar bildiňmi?! Şu
dypowlardan çykmajak haýynlyk bolmaz, ynanaýgyn,
men bulara beletdirin...
– Bardy-geldi, Aman serdar pula satylan bolsa, onda
ol bagtyýatanyň ýazygy hasam çökder bolmaýarmy?
Şol zerarly meniňem işim köpelmeýärmi?
– Şeýledigine-hä şeýle welin, ýöne şonda-da
sen dypowlaryň oýnatgysyna öwrülýäň-dä. Olar
aýdar: «Gulaly galtaman ilki bilen-ä Aman serdaryň
obasyndan heleý süýredi, soňam onuň ýurdunda
ýumurtga togalabermeli etdi». Ine, onsoň sen adalat
üçin ata çykan adam bolman, gan içen garakçy bolup
galyberersiň! Hudaýsyzlar maksadyna ýetip, heşelle
kakarlar!
– Bäh! – edip, Gulaly goňur mähnet kellesini aşak
egdi-de, nyşanly elini maňlaýyna ýetirdi. – Biçeme
däl-ow. Güman etseň, edibermel-ow. Bigünä ýeriňden
40
enter-pelegiňi öwräýjekler-dä! Haý, pedernäletler!
Galtaman agyr güne galyp, ederini bilmän, gaýgyhasrata batdy. «Gaýtam Begsoltanyň töwellasyny
alyp öýde oturan bolsam, has abraýly boljak ekenim»
diýip pikir öwürdi. Başga-da köp-köp oýlary aňynda
aýlady. Emma bulaşan kelebiniň ujuny tapyp bilmedi.
Ahyrsoňunda-da hezreti Nurnepes pirden dogry ýol
salgy almak üçin, gijäniň içinde Uçmah ýaýlasyna
bakan sürdi. Atalygam eşegini gyssap, onuň yzyndan
galmady.
Gün adam boýy ýerden saýlananda bular terkidünýä
ýagşyzadanyň mesgen tutan çolalyk ýaýlasynyň bir
çetinden girdiler. Köpi gören galtaman ätiýajy goldan
bermezlik üçin, ýaýlanyň daş ýany bilen aýlanyp, birlaý
yz çaldy. At yzyna duşmansoň, dogrulap sürdi.
Uçmah ýaýlasy diýilýän mekanda sözen-sazak,
gandym-çeti başyna gögeren ýaly belent boý alyp, biribirine tutaşyp, eşeklinem, atlyna astynda gizlärçe bardy.
Mukaddes ýere gelen iki ýol ýoldaş tokaýyň içinde,
pessaý ýapylaryň arasynda ellerini, ýüzlerini çitenege
çyzdyryp, esli aýlanansoňlar, bir ýerde tüsse göründi.
Bärden barsalar, başy selleli, ala donly bäş-alty adam
ullakan çöp kümäniň öňünde ot ýakyp, kellebaşaýak
41
ütüp, deri duzlap, öz işlerine gümra bolşup ýören ekeni.
Sellepoşlar piriň sopulary bolup çykdy.
Myhmanlaryň öňünde çaý-nan goýlansoň, baş
sopy pir hezretleriniň aýry bir çertekde täk-ýegana
ýaşaýandygyny, nebsini öldürip, dünýäligi terk edip,
namaz-orazadan, tagat-ybadatdan öňňe zada baş
galdyrman oturandygyny mälim etdi. Atalygyň
möhüminiň bitmesi has aňsat boldy. Pire hyzmat edip
günäsini dökmäge gelenler şu sopulara goşulyşyp
gezibermeli ekeni. Olar näme iş etse, täze gelenlerem
şolara görä bolubermelidi. Yhlas görkezene uzagyndan
piriň özi mübärek gollaryny uzadyp, penakärlik saýasyny
salýardy. Emma pany dünýäniň gykylyk-galmagaly
bilen pire ýüz tutmak aýyp görülýärdi. Öňürti baş
sopynyň üsti bilen habar gatmalydy. Ine, şu maksadyna
ýetýänçä, Gulaly çöp çatmada üç gün ýatyp, günde bäş
wagtyna sopular bilen bile namaza durmaga mejbur
boldy. Dördülenji gün diýlende baş sopy ony Nurnepes
piriň huzuryna alyp gitdi. Ardynjyrap baranlarynda,
Uçmah ýaýlasynyň ýagşyzadasy çöp çertegiň içinde
asmandan düşen ak perişde ýaly bolup, süýnmek hor
ýüzüni goýry salyp, gunda ýaly juwwar ak sakgalyny
ýaýyp, Gurhany kerime ünsüni berip oturypdyr. Piriň
hak nuruny saçýan aýdyň mübärek keşbini görende,
42
Gulalynyň galagoply kalbyna şypa beriji rahatlyk
aralaşdy. Baş sopy galtamanyň onbirataryny, okly
hataryny, egri gylyjyny sypyryp aldy-da, çertekden kyrk
ädim gaýra çekilip garaşyp durdy. Pir töwir galdyransoň,
geliberiň diýip myhmany çagyrdy, salam-helikden soň
eglenmän onuň habaryny aldy. Gulaly öz başyna düşen
agyr muşakgaty, Aman serdardan ýeten zabun töhmedi
ýanyp-bişip gürrüň berensoň:
– Günäden sapdygym, töhmetden päkdigim hak
tagala görnüp durandyr, pirim! Sizem hakyň saýasynda
oturan erenleriň birisi. Hakykat size-de aýandyr – diýip
özelendi. Birdenem ol, şert edýän ýaly, özüniň nyşanly
çep penjesini piriň öňünde selin düşegiň üstüne goýdy.
– Pirim! Eger siz meniň bigünäligime sähel şübhelenýän
bolsaňyz, men size ynha, şu elimi çapyp bereýin! Sizem
ony Aman serdara iberiň! Onam etmeseňiz, maňa pata
beriň: serdaryň obasyna gan çaýkap gaýdaýyn!
Ýagşyzadanyň ösgün çal gaşlary, aýdyň asylly ýüzi
çytylyp gitdi. Ol sary selniň üstünde ýatan arkasy gylly
mähnet gara penjäni emaýlyk bilen göterdi-de:
– Bu elde ýazyk ýok, muny çapmak hebesdir –
diýdi. – Ýöne, bilip goý, serdaryň obasyna gan çaýkap
gaýtmaga-da saňa pata berilmez!
43
– Ýa, pirim! Bu niçik ahwal boldy? «Şerigatda şerim
ýok» diýilmänmi? Yslamyň gylyjyny ýa aňry çalyň, ýa
– bäri! Indi gan dökmän hakykata ýetip bolmaz. Maňa
hakykat gerek. Siz külli zeminde Allanyň emini bolup
otyrsyňyz. Diwal kesiň!
Gulalynyň gepini gögertjek bolup zomamasy, çürtkesik etjek bolup dyzamagy piriň salykatly, saldamly
äheňini üýtgedip bilmedi.
– Garadan gaýtmaz beg ýigit! Allanyň dergahyndan
daş bilen urlup kowlan şeýtanlagyn seniň kalbyňy
eýeläpdir. Zorluk, zalymlyk, zabunlyk şeýtanyň
ýoludyr. Gylyç çalyp, gan döküp, hakykata ýetip
bolmaz. Hakykatyň diýaryna kerwen tartan merdan
ynsanperwerlikden, rehimdarlykdan, ýagşylykdan,
geçirimlilikden, ýene şonuň kimin haýry-yhsandan
ýüküni tutmalydyr. Ine, şonda hakyň hem hakykatyň
ganym duşmany şeýtan maksadyna ýetip bilmän,
örtenip-bişip, namut galar.
Ýagşyzadanyň öwüt-ündewi galtamanyň ýüreginde
gopýan harasady köşeşdirip bilmedi. Goňur begi
gaýtam öňküdenem janygyp gepledi:
– Ýa, tagsyr! Hudaýsyzlar Allanyň öýüni ýumrup,
külli musulmany gyrgyna berýärkä, geçirimlilik etmek,
44
dözümsizlik etmek eýsem dürsmüdir?! Biz gaýtam
olaryň özündenem bäş-beter bolmaly dälmi?
– Ýok, ýok! – diýip, Nurnepes pir özüniň gury süňk
ýaly juw-ak hor penjesini daldalady. – Biz bihuda
mynapyklyklaryň kesbini kesp edinip bilmeris!
Kelamullada, «Käfirun» süresinde aýdylany ýaly, olaryň
öz ýoly bardyr, biziňem – öz ýolumyz. «Dini küm wel
ýedin» diýlendir. Allanyň öýüni ýumranlar bolsa şu
dünýäde jezasyny çekerler. Olaryň kasasy kyýamatada galmaz. Käbeýi agzamyň kastyna pil sürüp gelenler
näme gördi?
Şu ýerde birdenkä Atalyk ýasawulyň şum ykbaly
Gulalynyň güpbe ýadyna düşäýmezmi. Hudaýsyzlar
jemgyýetiniň öňki başlygynyň gepe gidip, metjit ýykyşy,
soňam zabun azaplara sezewar bolşy, dogrudanam,
piriň aýdanyna gabat gelip durdy.
Pir hezretleri aýdyň ýüzlerinden parasatlylyk
şuglasyny saçyp, dünýäniň düýbüne göz ýetiren ýaly,
ynam bilen sözüni dowam etdi:
– Bu kerçeşmäniň, gyrlyşmanyň ahyry puçdur. Ýene
elli-altmyş ýyldan häkimlerem, raýatlaram dyzyna
urup ahmyr eder. «Gyrlyşyp bitiren işimiz bolmady»
diýerler. Bitiren işleri atasy öldürilip ýetim galan
45
çaganyň bir katra gözýaşyna degmez! Ynsanyň bigünä
balasy Hudanyň akganat perişdesi ýaly päk närsedir.
Onuň ýüreginde melal bolmaz. Adam ulalanda-da
şonuň ýaly bolup galsa bolmaýamy? Özüňde perzentzürýat barmydyr?
Duýdansyz sowala myhmanyň uly göwresi tisginip
giden ýaly boldy. Bu sowal onuň wawwaly damaryna
degip, dert-azaryny gozgady. Onuň göwni söýen wepadar
zeni, ýaňy ýerden saýlanyp ugran ejiz perzentleri gaýym
gizläp goýan ýerinde başbitin gezip ýörmükä? Ýa-da
hudaýsyzlaryň oba-şäher diýmän ysyrganyşyp ýören
jansyzlary olary tapyp, rehimsiz jellatlaryň penjesine
beräýdilermikä? Wah, şolaryň gaýgy-aladasy gijedegündizde birsalymam Gulalynyň howsalaly kalbyndan
çykanok. Ol öz zürýatlarynyň üstüne – bäş gyzy bilen
ýekeje oguljygynyň depesine kökenek ganatymy gerip
dursadym diýýär. Iň ýamany hem, hudaýsyzlar onuň
maşgalasyny girew alagada, bigaýratlyk edip ölüm
howpuny salsalar, Gulaly bialaç barmaly bolar. «Özümi
nätseňiz şeýdiň-de, olary boşadyň» diýip dyza çöker.
Ol atasy Gulmuhammet goňruň adyny dakan ýalňyz
ogly Atajany boşatmak üçin, iň ýowuz jeza-sütemlerede döz gelse gerek. Öten-geçenlerden galan gürrüňe
görä, Gulmuhammet goňruň ady öňem bäş öwran
46
dakylan bolmaly. Şol Gulmuhammetleriň her haýsy
segsen-togsan ýyl ömür sürüp, dünýäden öten. Birbirine sepleseň, nesil köki, sözeniň köki ýaly uzapuzap, gadymyl-eýýamlara siňip gidýär. Şeýle köküň
gyrylmagyna nebsiň agyrman bolarmy?.. Gulaly goňur
öz pikirine gümra bolup, piriň soragyna jogap bermänide undupdy. Ýa-da gizlin syrynyň üstüni açmakdan
howatyr edäýdimikä?
Keramatly pir onuň göwnündäkini aňan ýaly,
jogapsyz galan soragyny gaýtalap durjagam bolmady.
Ýagşyzada az salym oýlanyp oturdy-da, has wajyp
gürrüňe geçdi:
– Ata-babalarymyzyň ýurduny hudaýsyzlara
bermezlik üçin, milletimiziň saýyrdyň, namysjaň
ogullary müňläp-müňläp ata çykdy. Hawwa, senem
şolaryň birisi. Emma başyňyz birikmedimi ýa-da
hudaýsyzlaryň ýaragy güýçli geldimi, bilmedim,
näme üçindir, siz ýeňildiňiz, basyldyňyz. Ata çykan
merdanlaryň aglabasyny hökümet leşgeri gumuň ak
çägesine garyp, ýer bilen ýegsan etdi. Halkyň ýagşy
ogullary saýpallap tükendi. Indi takyrda ten berip, toba
etmeli zaman geldi. Haka sygnyp, hasap-hesibi ulug
perwerdigäriň öz ygtyýaryna tabşyrmak gerek. «Oýunçy
utulanyny bilse ýagşy» diýlendir. Il içinde ýene bir
47
gürrüňem ýaýrapdyr: dypowlar boýun bolmadyklaryň
neslini pürrelejekmiş. Körpe balalaryňyza haýpyňyz
gelsin! Şolary ganymyň ganly goluna bermäň!
Päh, öňler, howalasy belentkä, demi daş ýarýarka,
goňruň galtamany piriň häzirki aýdyp duran zatlaryny
eşiden bolsa, beýle sözleri ýaman gaty görüp ör-gökden
gelerdi. «Siz maňa ýaragyňy tabşyr diýýäňizmi?!
Hudaýsyzlaryň öňünde uly boýuňy kiçeldip dyza çök
diýýäňizmi?!» diýip gygyrardy. Emma häzir ol her näçe
gygyrasy gelse-de, gursagynda, demliginde gygyrmaga
güýjüniň galmandygyna göz ýetirdi. Göreşde
ýeňlen, uruşda basylan gözgyny kişiniň lapykeçligi,
göwnüçökgünligi onuň uly göwresini gaplap alyp,
salyny gowşatdy. Atajanyň üstüne abanýan howp
bolsa ony basmarlap aşagyna düýrledi. Şonda-da, sesi
hyýgyldap ysgynsyz çyksa-da, ol gepiniň bir bölegini
gögertjek bolup elinden gelenini etdi.
– Pygamber ornunda oturan pirim! Sen maňa näme
buýursaň buýur-da, emma öz eliň bilen ýaragyňy
eltip ber diýme! Owalda-ahyrda nahak gan dökmedik
halal ýaragymy haramylaryň alnyna taşlasam, gözümi
tutmazmy?! Şol ýaraglar ençe ýyllap meniň demir
galam bolup, daşymy gorady. Indem men olara
biwepalyk kylaýynmy? Eger razy bolsaňyz, men olary
48
siziň mübärek goluňyza tabşyraýyn!
– Getiriň!
Haý, bigaýrat dünýe! Sen arslan ýürekli merdanlary
hem gaýgyrmaýan ekeniň-dä! Gulaly goňruň ömründe
şeýle ejizlän pursaty bolar diýseň, kim ynanardy! Ine,
ol mähnet göwresiniň galpyldysyny gizlejegem bolman,
hyrsyz ýüzüni egşidip, ýaraglaryna tarap ugrady. Baş
sopynyň ýanyna baryp, dembermezlerini düýrläp aldyda, bäri gaýtdy. Olary getirip, piriň öňüne taşlanda,
ýüregi sogrulan ýaly bolup gyýlyp gitdi.
***
Çölüstanda täzeligiň tiz ýaýraýşyna haýran
galaýmalydyr. Bilmersiň ony selinleriň ujunda şuwşuw seslenýän gepçi şemal ýaýradýarmy ýa-da gözüň
kaklyşan bada süýnüp gaýyp bolýan boz jerenleriň
ýyndam toýnagy! Aman baýy çapmaga çykan Gulaly
galtamanyň pälinden gaýdyp, Uçmah ýaýlasyna
sowlany, üstesine-de Nurnepes pire gol berip, sopy
bolany Ýalkap baýyň obasyna gelip ýetende, baýyň aýaly
Begsoltan gelin, uly bir belanyň sowlandygyna begenip,
Hudaýa köp şükür etdi. Emma onuň bu begenji uzaga
çekmänkä başga bir ýagdaý ony has beter gynanja
goýdy: Meret sähnäniň yzyna düşüp gelen jigitleriň
49
täze topary Ýalkap baýy aman-zamanyny bermän tutup
äkitdi.
Ömrüne horluk çekip görmedik tosun, tultuk baýy
şäher türmesiniň hapa kamerasyna taşlap, öňden tussag
saklap ýören garawullara-da ynanman, demir gapynyň
öňünde jigitleriň birini ýörite gözegçi goýdular. Mädoraz
dypow: «Goý, içine salyp, gaýgy edip horlansyn» diýen
ýaly, baýy bir-iki hepdeläp soraga-da çagyrmady,
oňa barmysyňam diýmedi. Alagaraňky, porsy «ýeke
adamlyk» kamera Ýalkap ýirjigi daş ýumrugynyň
içinde gysyp-gowrup, owup-mynjyradyp, soka salma
edip gynaýardy. Asly tebigaty züwwetdin gorkak baý
gün-günden howsala galyp, böwrüni diňledigiçe dowul
tapyp: «Bu jigtekçelerden oňlulyga garaşmaly däldir,
bular adam atmany siňek öldürenden enaýy görenog-a»
diýip sazanaklap otyrdy. Türmäniň koridorynda dagy
aýak sesi eşidiläýdigi, özüni atuwa äkitmäge gelýändirler
öýdüp, onuň bütin bedeni galpyldy tapynýardy. Peläket
özüniň başyna düşen şumlugy ömürboýy edip gelen
günäleriniň jezasydyr öýdüp: «Ýa, Ýaradan! Ýazygymy
ötüp-geç! Müň kerem toba edýän! Gaýtmyşym!
Gaýtmyşym!» diýip gaýtalaýardy. «Sadaka belany sowar»
diýlen gürrüňi ýatlap, ähli mal-döwletini hudaýýoluna
aýdýardy. Ol agras lopbuş ýüzüni sallap, monjuk ýaly
50
kiçijik, tos-togalajyk gözlerini bir nokada dikip, paşşyk
burnuny myşşyldadyp, selçeň mor sakgalyny titredip,
özüniň bilýänje gysgajyk dogalaryny sanaýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Keltegoňur kyssasy - 3
  • Parts
  • Keltegoňur kyssasy - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 2
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2394
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 3
    Total number of words is 3617
    Total number of unique words is 2402
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    47.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 4
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2346
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 5
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2362
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Keltegoňur kyssasy - 6
    Total number of words is 2176
    Total number of unique words is 1525
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.