Latin

Millioneriň syry - 4

Total number of words is 3957
Total number of unique words is 1800
31.5 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bir list kagyzda öňüňde durýam maksatlary bellemek, olary amala aşyrmagyň möhletiniwe
möçberini kesgitlemek—hyýalyňdaky zatlary durumuşa geçirip başlamakda ilkinji ädimi ädimlemegi
aňladýar.
Bäş ýa-da on ýylyň dowamynda millioner bolmga ymtylýan her bir adam şeýle zatlara üns
bermelidir: eger ol bir ýylda 20 000 funt gazanýan bolsa we onuň daşyndan,diýeliň, 10 goterimlik
goşmaça gazanja garaşmaýan bolsa, onda ol, eger işini çalyşmasa ýa-da goşmaça girdeji çeşmelerini
edinmese, hiç haçan hem milloner bolup bilmez.
Munuň özi diňe görnetin ýagdaýdyr, munda hiç hili erbet ýa-da ýazgaryp bolar ýaly zat ýok.
Elbetde, siziň emlagiňiziň, siziň aktiwiziňiziň her ýyl ozalky ýyl bilen deöeşdidrilende iki esse artyp
durmagynyň formulasy millioner bolmagyň ýeke-täk usuly däldir, emma onuň syry—mukdar islegidir,
ýagny oňa ýetmegiň möçberi we soňky möhleti üstünlik gazanmak isleýän islendik adam üçin
ýaramlydyr.
Meselem, siz bir ýylda öz girdejiňizi 5 000 funt artdyrmak isleýärsiňiz. Eger häzirki wagtda siz bir
ýylda 25 000 funt gazanýan bolsaňyz, siziň maksadyňyz 30 000 funt bolar, isleseňiz 40 000 bolar, ol
bolsa siziň häzirki oturan öýüňizi satyp, goşmaça çykdajy etmezden räze öý satyn almaga mümkinçilik
berer, şeýle-de ozal sizde bar bolan ulagdan has täzerägini almaga şert döreder.
Şol maksada ýetmek üçin şeýle bir ýönekeý formula bar. Diňe ýeýle diýip gaýtalaň: ― Şu ýyl men
öz girdejimi 5 000 funt (ýa-da 10 000) artdyraryn we 30 000 (ýa-da 40 000) funt gazananryn.‖
Nädip isleýän netijäňizi gazanjakdygyňyz barada oýa batmaň. Diňe bir zada düşüniň, özüňiziň
häzirki işiňizde ýeke-täk ynam edýän zadyňyz – birýyllyk 10 göterim goşmaça girdeji bolup durýar,
şunda siz goşmaça işi üstüňize almak isleýärsiňiz, onda size aýlygyňyzyö galdyrylmagyny talap etmek
ýa-da işiňizi çalyňmak meselesi öňde keserip durýar, başgaça siz öz maksadyňyza ýetip bilmeýärsiňiz.
Bu göze görnüp duran zat, emma özleriniň maddy ýagdaýlarynyö gowulanmagy barada arzuw edýän
müňlerçe adamlar munuň üçin düýbünden hiç bir zat etmeýärler. Bu näme, nadanlykmy? Ýa-da olar
esasan öz ýagdaýlaryndan närasy dälmi, ýogsam olar bu babatda her gün diýen ýaly nalaýarlar.
Maksada ýetmek üçin özüňiziň adaty durmuşyňyzy özgertmegiň zerurdygy baradaky netijä
geleniňizde, siziň özüňize şeýle diýmegiňiz mümkin: ―Men hiç hili gabat gelýän zat göremok.‖Siz
özüňize nadip şol goşmaça bäş ýa-da on müň funty gazanyp bilerkäm diýen sowaly berersiňiz.
Howsala düşmäň, bu düýpli müşgüllik däl. Esasan yzygiderli şol bir möçberi we möhleti ýazmak
arklay öz öňüňizde goýan maksadyňyz bilen öz aňasty aňyňyzy iýmitlendirip durmagy bes etmezlik
möhamdir. Galanlaryny siziň aňasty aňyňyz ýerine ýetirer. Siz ýokary galmaly, barmaklaryň üstüne
münmeli. Aýgytlylygyňyzy ýitirmäň! Haçanda işler öz-özünden gowy bolup gidibermeýändigine göz
ýetireniňizden soň, hiç hili ikirjiňlenmezden özüňiz üçin dörän islendik mümkinçilikden peýdalanyň.
Gorka özüňizi üsgyndan gaçyrmaga mümkinçilik bermäň. Şu sebäpli müňlerçe adamlar öz arzuwlaryny
amala aşyryp bilmeýärler. Hiç bir zat etmezden siz isleýän goşmaçalaryňyzy alyp bilmersiňiz. Şonuň
üçin hem ikirjiňlenmezden öz maksadyňyza tarap ädimleri ädiň.
Eger siziň aňasty aňyňyz dogry programmalaşdyrylsa, ol gudrat görkezip başlar. Oňa öz girdejiňizi
10 000 funt artdyrmak barada buýruk beriň, ol buýrugy ýerine ýetirer. Bu barada oňa her gün ýatladyp
duruň, ol siziň buýruklaryňyzy üstünlikli ýerine ýetirer. Ol öz-özi ugrugýan raket ýaly,siziň ýoluňyzda
duran ähli pasgelçiliklerden geçip, maksada tarap okdurylar.Siziň etmeli işiňiz—takyk ölçegleri
bermek.
Goja millioner doweam etdi:
--Raketanyň ýarylmaly nokady nämäni aňladýar? Haçan partlama bolup geçmeli? Siziň
raketaňyzyň nyşany—10 000 funt, partlama möhleti—ýylyň aýagyna.
Öz öňüňizde maksat gomak bilen bir ýagdaýy göz öňünde tutuň, köp ýagdaýlarda adamlar örän
seresaplydyrlar. Näme üçin? Olar haýsydyr bir gowy zada mynasypdyklaryna ynanmaýarlar. Bu
adamlarda özleriniň Meniniň keşbi örän pes derejede durýar.
Şu ýerde goja millioner mysal hökmünde öz durmuşyndan bir wakany şägirdine gürrüň bermek
kararyna geldi.
--Mundan birnäçe ýyl ozal öz kärhanalarymyň biri üçin men iş dolandyryjyny işe kabul etdim,-diýip, millioner edil syry aýan edýän ýaly pyşyrdap gürledi.—Men oňa bir ýylda 45 000 funt aýlyk
bermäge taýýar diýip karara geldim. Söhbetdeşlikde, haçanda gürrüň zähmet haky barada gidende, ol
guraksy, biraz tolgunjaňlyk, hatda buýruk beriji äheňde şeýle diýdi: ―Men 30 000-den az boljak
möçbere razy bolmaryn.‖
Men uzak wagtlap dymdym we edil hamala ylalaşýan ýaly şeýle diýdim: ―Siziň derejäňizi göz
öňünde tutup, men 30 000-e razy.‖
Eger ol menden 35 000 soran bolsa, men bererdim. 40 000 hem, hatda 45 000 hem bererdim. Men
söhbetdeş bolmazdan ozal oňa şeýle zähmet hakyny bermmäge taýýardym. Mundan başga-da
söhbetdeşlikde ol mende şeýle bir gowy äsir galdyrdy welin men oňa 50 000 begmäge hem taýýardym.
Şeýleleik bilen meniň işe kabul eden adamym birnäçe minutda bir ýylda gazanjak pulunyň
20 000-ini ýitirdi. Bu bolsa az pul däldir. Pikir edip görüň—on ýylda ol 200 000 bolýar!
Näme üçin ol bu pullary elinden gidirdi? Ol özüniň bir ýylda 50 000 funta durýandygyna
ynanmaýardy. Diňe ynanmaýardy. Onuň talabyny eşidip, men hatda ony başga iş gözlemäge
ibermelimi diýip oýa batyp, binäçe minut ikirjiňläp durdym. Her bir adam özüniň gymmatyny
beýlekilerden gowy bilýär. Ol özüniň başarnygynyň we tejribesiniň bary-ýogy 30 000-digini aýdypdy,
men bolsa 45 000-e durýan adamy gözleýärdim. Belki-de, men nädogry saylap alandyryn? Gelejek
saýlawyň dogrydygyny görkezdi. Men oňat hünärmeni işe alypdym we köp pul tygşytladym. Bu
adamyň bärden gaýdýan ýeri onuň özüne ynamynyň ýokdugyndady. Ol özüne kembaha garapdy.
Ençeme ýyllaryň dowamynda ol kem-kemden bu meseläni çözdi—men ençeme gezek onuň aýlyk
zähmet hakyny galdyrmaly boldum. Ol şol pullara hem degýärdi...
Durmuň biziň her birimiz bilen meniň öz iş dolandyryjym bilen özümi alyp barşym ýaly alyp
barýar. Ol bize diňe ondan garaşýan zadymyzy berýär. Köp hem däl, az hem. Mydama-da biz bir zady
ýatdan çykarýarys, durmyş bize biziň endik eden zatlarymyzdan ep-esli köp bermäge, biziň göz öňüne
getirişimizden hem has köp bermägä taýýardyr.
--Men köp samahylladym,--diýip, goja öz gürrüňini tamamlady.—Siz bu zatlara nähili
garaýarsyňyz, ýaş ýiýgit?
-- Olar hakykat bolardan diýseň ýakymly,--diýip, ol aýdylanlaryň ýekeje sözüni-de sypdyrmasa-da,
ikigöwünli jorap berip goýberdi.
--Hut şu ýonekeý usul hem meniň millioner bolmagyma ýardam etdi,--diýip, goja belledi.—Ilki
maňa, sohra meniň bilen bu syry paýlaşan adamlaryň ählisine. Söz aýratyn güýje eýedir. Adamyň erki
nähili güýçli bolsa, şonça-da söz kuwwata eýe bolýar. Olar patyşa permanlary ýaly, ýerine ýetirmek
üçin hökmany zada öwrülýärler. Çyňňyr içki ynam bilen doldurylan we mydama gaýtalap ýörmegiň
odunda bişişen ynamlar barha we barha çalt keşbe girip başlaýarlar.
--Siziň düşündirişleriňizi diňläp, men bu oýun däldirle diýip pikir etdim,--diýip, myňman goja
millioneriň sözüni böldi.
--Mümkin. Taýýarlygy siz görmeli, muny size derek hiç kim etmez. Siz öz formulaňyzy
daşyňyzdan azyndan bir günde elli gezek, başarsaňyz ondan hem köp gaýtalap gezmeli. Hatda günde
ýüz gezek bolaýsa. Bu oňat türgenleşmekdir. Meniň özümä ilkibaşda düşege süýnüp, barmaklarymy
ýere urup sanaýardym. Ilki bir elimiň barmaklaryny gezekli gezegine, soňra beýleki elimiň
barmaklaryny, garaz bäň gezekden urýardym.
--Ylalaşaýyň, ol endigi talap eden bolsa gerek.
--Ilkibaşda maşklar şeýle bir ýönekeý däl ýaly bolyp görünmegi-de mümkin. Size ünsüňizi bir ýere
lemlemek kyn bolar. Jümleleri on gezek dagy gaýtalanyňyzdan soň siz başga zatlar barada pikir edip
başlarsyňyz. Şonda bu işe täzeden gaýdyp geliň we gaýtadan noldan başlap, ellini sanaýançaňyz
dowam etdiriň. Eger özüňizi şeýle ynjyk derejede tertibe salyp bilmeseňiz, onda iň gowusy özüňiziň
baýlyk edinmek baradaky arzuw-hyýallaryňyzy taşlaýyň...Ine, men size näme teklip edýärin, meniň
dostum. Muny siziň başarjakdygyňyzy men bilýärin. Ýeke-täk gerek zat –tutanýerlilik.
--Formulany daşyňdan gaýtalamak nämä gerek?
--Ol aňa täsirini güýçlendirer. Siziň aňasty aňyňyz daşyňdan aýdylan sözleri daşardan gelen
buýryk, ýagny has hökümli ýaňlanýan buýruk diýip kabul edip biler. Edil gargyş ýaly, budda mantrasy
ýaly şol bir sözleri birmaňzeş we takyk gaýtalaň. Wagtyň geçmegi bilen siziň formulaňyz öz hususy
durmuşy bilen ýaşap başlar.
Eşiden zatlary ýaş ýigide uly täsir etdi. Ýylgyryň millioneriň ýüzünden aýrylypdy, ol, hakykatdanda, ykbala pal atýan orakul ýaly çynlakaý gürrüň edýärdi.
--Ilkibaşda siziň sesiňiz we gaýtalanylýan formula sizi ýaýdanjaňlyga salyp biler, emma wagtyň
geçmegi bilen siz oňa öwrenişersiňiz. Ilkibaşda diýseň ýiti bolup görnen öňde goýlan maksat, elýeterli
we hatda ýeňil hem görner.
--Eger haýsydyr bir pursat mende bolup geçýän zatlaryň ählisiniň üstünden gülmek islegi ýüze
çykaýsa näme edip bolar?
--Şeýle pursatlarda adaty ýagdaýlardakydan has tutanýerli bolmaly bolýar. Siz müňkürligi ýeňip
geçmelisiňiz. Men barada pikir ediň. Men siz bilen her bir pursat, hatda şol pursat öz bagymda—bu
ýerden uzaklarda, başga baglarda bolsam-da siziň bilen bolaryn. Men size kömege gelerin. Müňkür
bolan ýardaýyňyzda meniň size söz berendigimi ýada salyň. Siziň işiňiz ugruna boklar.
--Siz muňa ynanýaňyzmy?—diýip, ýaş ýigit ynamsyzlyk bilen sorady.
--Men näme üçin ikirjiňlenmeli? Men basym millioner boldum, siz hem bolarsyňyz. Meniň
göwnüme bolmasa siz eýýäm bu ýörelgä düşündiňiz we ony kabul edip aldyňyz. Kim oňa düşünýän
bolsa, şol hem häkimiýete eýedir, şunda-da durmuşyň syrly kanuny gizlenýär.Muny bilmeklik size
erkinlik getirer. Siziň millioner boljakdygyňyz—çözülen mesele. Aňyňyzda siz eýýäm millioner
bolduňyz, ine şu has möhümdir.
--Ýöne meniň hasabymda gara şaý ýok...
--Syrly formulany gaýtlaň, şonda kem-kemden üýtgeýändigiňizi dyýarsyňyz. Siziň maksadyňyz
size barha we barha tebigy ýagdaý ýaly bolup görner. Ol siziň durmuşyňyüyň bir bölegine öwrüler.
Edil şonuň ýaly, siziň şu wagta çenli sizde siziň ýaşamagyňyzyň aýrylmaz bolegi ýaly bolup size
görnen, emma iş ýüzünde ol bary-ýogy siziň hyýala getirmeleriňiziň miwesi bolan, munuň üstesine-de
ter miwesi bolmadyk, siziň Meniňiziň gelşiksiz keşbi-de şeýledir. Şu wagta çenli siz özüňize başga bir
sanawaçlary aýdyp berdiňiz, indi bolsa başgalaryny gaýtalamaly bolarsyňyz. Şunda siz öz gelejegiňizi
özüňiziň isleýşiňiz ýaly ýugruma getirersiňiz we özüňiziň ykbalyňyzyň hojaýyny bolarsyňyz. Eýsem
bu biziň her birimiziň, hatda sözde munuň bilen ylalaşmaýanlaryň hem iň pynhan arzuwlary dälmi?
Ýaş ýigit duýgulara çümüp oturşyna başyny makullamak bilen atdy. Onuň göwnüne bolmasa
gojanyň sözleri onuň başda pikir edişindan has köp mana eýe ýalydy. Elbetde, onuň usuly biraz täsin,
ýöne munuň eýsem, eger ol peýda edýän bolsa ähmiýeti barmy näme?
12-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIDE DURMUŞ WE BAGT BARADA
GÜRRÜŇ BERÝÄRLER
--Indi bolsa, men size ýene bir formulany bereýin, bu gezek hemmeler üçin hem amatly
formulany bereýi,--diýip, Basym Millioner öz şägirdine aýtdy.—Ol size ençeme gezek ýardam
eder, sizi goldar we siziň bütin durmuşyňyzyň dowamynda bahasyna ýetip bolmajak peýdany
getirer. Ol sizi düýbünden üýtgeder we siz hakyky baýlyga ýetňp bilersiňiz. Men diňe maddy
gymmatlyklary göz öňünde tutmaýaryn, meniň dijek bolýanzadym has möhüm. Gürrüň
durmuňa bolan gatnaşyk barada barýar.
Maňa bir maslahat bermäge ygtyýar beriň. Meniň usulyýetimiň ýardamy bilen siz özüňiziň maliye
maksatlaryňyza ýetip we hatda olardan öte hem geçip bilersiňiz, ýöne baýlyga kowalaşyp bir ýagdaýy
unutmaň: eger siz özüňiziň bagtlydygyňyzy duýmasaňyz, onda ähli zady ýitirersiňiz. Pula kowalaşmak
ýeňillik bilen hyjuwa öwrülip biler, ol bolsa size durmuşdan lezzet almaga mümkinçilik bermez.
Meşhur nakylda şeýle diýilýär: ―Eger bütin danýä eýe bolup, aňyny aldyran adamdan ne peýda?‖
Belki-de, häzir kimdir birine bu mesele sap dini ýa-da metafiziki hadysa ýaly bolup görnüp, gülki
döredip biler, ýöne men ynanýaryn: pul—ajaýyp hyzmatkär, ýöne zulumly hojaýyndyr.
--Munuň özi pul bilen bagtyň bilelikde oňşup bilmejekdigini aňlatmaýarmy?
--Beýle zat bolup bilmez, ýöne pul siziň aňyňyzy almaz ýaly mydama hüşgär bolmak gerek. Jon D.
Rokfeller dünýädi iň baý adam bolupdy, emma ägirt köp baýlyk ony edil ony öz agramy
bilen mynjyradan ýaly edipdi. 50 ýaşynda ol goja ýaly görünýärdi we, eger sypaýyrak edip
aýtsak, ölüme buýrulan ýalydy. Ol mydama öz baýlygyny ýitirerin görkusy bilen, ýakyn egindeşleriniň
özüne ýamanlyk ederine garaşyp ýaşapdy. Pul onuň hojaýynyna öwrülipdi. Olar oňa hiç hili şatlyk
getirmändi. Bu adam oňat günortanlyk nahardan lezzet almaga ukyply adaty edara işgärinden hem
garypdy.
--Ilkidaşda siz meni baýlyk bilen öjükdirdiňiz, indem onuň bilen gorkuzýarsyňyz,--diýip, ýaş ýirit
aýtdy.
--Men sizi gorkuzmak islemeýärin,--diýip, millioner belledi.—Men size onuň kömegi bilen
duzakdan sypyp biljek formulany bermek isleýäri. Şeýle duzaga baýlyga kowalaşýanlaryň köpüsi
düşýärler. Adam heniz garyp wagty ýeter-ýetmezlikden çykmak üçin başyny galdyrman işleýär.
Haçanda onda ilkinji artykmaç pullar peýda bolup başlanda, onda dessine özünde çuň ornaşan
gopbamsylyk oýanyp başlaýar we oňa barha we barha köp baýlyk gerek. Ahyrsoňunda, haçanda ol köp
pul gazanyp başlanda, onda bir pursat şol pullary ýitirerin diýip gorky aralaşyp başlaýar.
Meniň formulam örän ýönekeý. Bu formula lukman Emil Kueniň öz häsaglary üçin işläp düzen
meşhur formulasynyň bir görnüşidir. Onda şeýle diýilýär:‖HER GÜNDEN BAŞLAP, MYDAMA WE
ÄHLI BABATDA MENIŇ IŞLERIM BARHA WE BARHA GOWY GIDÝÄR.‖Bu jümläni her gün
irden we agşamara daşyňyzdan elli gezek gaýtalaň, günüň dowamynda—başardygyňyzça. Siz olary
näçe köp gaýtalasaňyz, şonça-da olaryň size täsiri güýçli bolar.
Parasatly goja dymdy. Onuň göz öňünden özüniň uzak, bagtly we wakalara baý ahli durmuşy at
çapyp geçip gitdi. Ýaş ýigit öz gapdalynda oturan şu goja gabat gelýänçä, heniz öz ömründe hiç wagt
bagtly adamlara duşmanduguna düşüdi.
--Adamlaryň hemmesi-da bagtly bolmak isleýärler,--diýip millioner sözüni dowam etdi,--ýöne olar
näme gözleýändiklerini bilmeýärler we hiç bir zat hem tapman ölüp gidýärler. Eger birdenkä
tapaýanlarynda hem muny bilip bilmezdiler, sebäbi näme gözleýändiklrini bilmeýärdiler. Bu adamlar
biziň düýn gürrüňini eden, baýlyk barada arzuw adýänlere meňzeş: olar baýamak isleýärler, emma
olardan garaşylmadyk ýagdaýda bir ýylda näçeräk gazanmakçy bolýandyklaryny sorasaň, jogap berip
bilmezler. Nirä barýanyny bilmeýän adam hem nämälim ýerlere-de düşýär.
Ýaş ýigit goja millioneriň näme diýmekçi bolanyna düşündi. Hemme zat diýseň ýönekeýdi. Geň
galaýmaly, näme üçin ozal ol bu zatlar barada pikir etmedikä. Bu, megerem, ozal onda aýak çekip
oýlanmaga mümkinçiligi bolmandygyndan bolsa gerek. Oýlanup durmaga wagt ýok, ine esasy
ýalňyşlyk. Şonda ol öz-özüne mundan beýläk ençeme ýalňyşlyklardan gaça durmak üçin köpräk pikir
adip durjakdygyna söz berdi.
--Bagtyň kesgitlemesiniň million gornüşini tapmak bolar,--diýip, millioner sözüni dowam etdi.—
Biziň her birimiziň, hatda kim bu meçelaniň üstünde kelle döwýän bolsa, bagt barada öz düşünişleri bar.
Ýöne men size kesgitleme hödürlemek islemeýärin, eýsem aňyrsynda bagtyň gizlenýän gapysynyň
açaryny bermek isleýärin. Bu açardan islendik adam peýdalanyp biler, ol hemmeler üçin peýdalydyr.
Durmuşyň islendik pursatynda siz onuň kömegi bilen anyk, hiç hili ikirjiňlenmesizden özüňiziň
hakykatdan-da bagtlydygyňyzy, ozaly bilen—özüňize şatlyk getirýän iş bilen hakykatdan-da
meşgullanýandygyňyzy bilip bilersiňiz. Duýdurmak isleýärin: meniň aýtjak zatlarym ilkibaşda sizi
alada goýmagy mümkin, hatda ýakymsyz görünmegi-de we belki-de ýerliksiz bolup görünmegi-de
mümkin. Şeýlelikde, özüňizden soraň: ―Eger şu günüň ahyryna çenli men ölmeli bolsam, ölüm
pursatynda öz-özümden şu güne meýilleşdiren işlerimi edip bildimmi diýip sorap bilerinmi?‖
Ýaş ýigit geň galmak bilen gaşyny galdyrdy.
--Düşünýän däldirin,--diýip, ol aýtdy.
--Eger siz özüňiziň içki Meniňiziň hasap edişi ýaly bir günde etmeli işleriňizi doly ýerine ýetiren
bolsaňyz, onda siz islendik wagt bu dünýäni borjuňy ýerine ýetiren duýgy bilen goýup gidip
biljekdigiňizi duýarsyňyz. Ýöne bir zady belläň, hakyky etmeli zadyňyzy edýändigiňize 100 % ynamli
boljak bolsaňyz, onda siz öz edýän işiňizi söýmelisiňiz. Eger adam özüne şatlyk getirmeýän iş bilen
meşgul bolsa, onda ol bagtly bolup bilmez. Ol uzak günläp öz söýgüli işi barada arzuw edip biler,
emma özüni bagtsyz saýyp biler, sebäbi arzuwlar boş hyýallar bolup galýarlar. Eger adam betbart bolsa,
ol ölümi islendik wagt garşy almaga taýýar bolup bilmez.
--Men ýaňy ýaşap başladym, siz bolsa maňa ölüm barada edil ol bizden iki ädim golaýda ýaly
gürrüň berýärsiňiz,--diýip, ýaş ýigit alada bilen aýtdy.
--Bir zady anyk belläp geçeýin, ilki göräýmäge meniň pelsepäm size ölüm pelsepesi ýaly bolup
görner, ýöne bu 100% durmuş filisofiýasydyr. Eger adam özüne hakyky şatlyk getirmeýän iş bilen
meşgul bolsa, eger ol öz arzuw-hyýallaryndan ýüz öwürse, onda şeýle adam diri merhuma öwrülýär.
Meniň filosofiýama düşünmek üçin özüşize şu sowaly gaýta we gaýta beriň we oňa çyn ýürekdem
jogap beriň. Eger ýalan sözleseňiz, siz özüňize ýalan sözleýärsiňiz we bu oýunda utularsyňyz.
Eger siz ertir öljekdigiňizi bilseňiz, özüňiziň şu gün üçin niýetlenen meýilnamalaryňyzy
üýtgederdiňizmi? Belki-de, siz galan wagtyňyzda şu güne çenli eden işiňizden başga zatlary etmek
bilen meşgul bolardyňyz?
--Anyk bilýän däldirin, ser.
--Megerem, siz muňa taýýarlyk görüp başlardyňyz—eger şu güne çenli etmedik bolsaňyz
wesýetnama ýazardyňyz, dogan-garyndaşlaryňz we dost-ýarlaryňyz bilen hoşlaşardyňyz. Ýöne bu
adaty işler siziň bir sagatdan köp wagtyňyzy almazdy. Galan 23 sagatda siz näme derdiňiz? Şu sowaly
kimi tanaýan bolsaňyz olaryň hemmesine berip görüň. Jogaplaryň ählisini birini sypdyrmazdan iki
topara bölüp bolar. Durmuş heç hili şatlyk getirmeýän betbagt adamlar size düýbünden başga zatlar
bilen meşgul boljakdklaryny aýdarlar. Müňkür bolup oturmaň, olar hakykary aýdarlar. Eger bary-ýogy
24 sagat ömrüň galan bolsa, onda halamaýan ýa-da ýigrenýän işiň bilen meşgul bolmak nämä gerek
diýerler.
Beýleki adamlar—gynansak-da olar azlyk—adatça her gün näme bilen meşgul bolan bolsalar,
şonuň bilen hem meşgul bolkakdyklaryny aýdarlar. Olaryň işi—olaryň höwesi, näme üçin olar ondan
ýüz öwürmelimiş? Olaryň söýgüli işlerini ömrüniň soňky pursatlaryna çenli dowam etdirjekdigi eýsem
düşnükli dälmi?Beýik kompozitor Bah şeýle adam bolupdyr. Ölüm ýassygynda ýatyrka ol özüniň iş
soňky eserine düzedişler girizipdir. Elbetde, ömrüň soňky pursatlaryna çenli höwesli işlemek üçin
akyldar bolmak hökman däl.Siziň her biriňiz özüňizçe öz ugruňyzda, goý, ol ykrar edilmedik hem
bolsun, akyldar ýaly bolup bilersiňiz. Akyldar bolmaklyk näme? Diňe özüňe şatlyk getirýän iş bilen
meşgullanmakdyr. Kim şeýle edýän bolsa şol hem parasatly ýaşaýar. Ortaça adam beýlekiler bir zat
diýäýmesin diýen gorky bilen, ynamlylyygyny we durnuklylygyny ýitirmek gorkusy bilen hiç wagt
hem özüniň halaýan işi bilen meşgullanyp bilmez.
--Hyýaly bir zada ynammy?—diýip, myhman suňşurdy.
--Hut şeýle. Özüňize şeýle sowal beriň: eger men ertir ölmeli bolýan bolsam, onda ömrümiň iň
soňky sagatlary men näme bilen meşgul bolardym? Meniň ymtylmalarym bilen hiç hili dahyly ýok
zatlar bilen meşgullanardymmy? Hut şu sagatlarda-da halamaýan işim bilen meşgullanmagy özümi
mejbur edip, özümi doly sylaman, öz özümiň kölegäm bolup galmaga razylaşardymmy?
Siz öz dostuňyzy öýüňize hojalyk işlerinde ýardam etmegi üçin çaryrýarsyňyz diýip hasap ediň.
Eýsem siz iň hapa işleri onuň üstüne atarsyňyzmy? Elbetde, ýok. Özüňiz üçin kemsitme hasap edýän
işiňiz bilen meşgullanmaga özüňizi mejbur etmek nämä gerek?Näme üçin öz-özüňe ganym duşman
bolmaly? Näme üçin özüňe iň gowy dost bolmaly däl?
Şu sözlerden soň otaga ümsümlik aralaşdy.
Biraz dymyp, millioner ýene sözüni dowam edti:
--Eger siz ertir ölmeli bolanlygyňyzda näme ederdiňiz? Şol ozalky edýän işlriňizi ederdiňizmi?
--Ýok,--diýip, ýaş ýigit boýun almaga mejbur boldy.
--Diýmek siz, has dogrysy, bagtly adam däl. Aýtsaňyzlaň, ertir ölmejekdigiňize aýratyn ynam
etmek dogrymyka?
Ýaş ýigit alada galdy. Goja indi birnäçe gezek özüniň gelejegi görüp bilýän aýratyn ukybyny
birnäçe gezek aýan edipdi. Eger ol myhmana ölümiň gutarnykly ýakynlaşýandygyny, elbetde, gönüläp
aýtmasa-da, duýdurýan bolaýmasyn?
Aljyraňňylyk ýaş ýigidiň ýüzünde şeýle bir aýdyň görünýärdi welin, millionere özüniň şagirdiniň
pikirini okamak hem zerur däldi.
--Howsala düşmäň, siz ertir ölmersiňiz,--diýip, goja biraz ýylgyryp aýtdy.—Siz entek gaty
garraýançaňyz ýaşamaly we ýaşamaly... Maňa dowam etmäge rugsatb ediň. Sizi bulaşdyrmazlyk üçin
geliň bu gezek haýsydyr bir başga ýagdaýa, has umumyrak ýagdaýa seredeliň. Eger siz durmuşa öz
pähim-paýhasyňyz gözi bilen seretseňiz, ölüm siziň üçin başga bir mana eýe bolar, emma adamlar,
adatça, bu derejä ýetip bilmeýärler. Siziň üçin ähli durmuş öňdedir diýip pikir etmeklik özüňe artykmaç
göwiýetijilik bolýana däldir? Ölüm adamyň üstüni duýdansyz hem basyp biler, emma adamlar hyýaly
zada ynanmagy müwessa bilýärler. Olar öz öňlerinde entek wagtyň köpdügine ynam edýärler we şol
sebäpli-de belli bir karara gelmegi mydama yza çekdirip ýörýärler. Olar özlerine şeýle diýýärler:
―Zyýany ýok, entek wagt bar, ýetişerin, bu iş bilen soňrak meşgul bolaryn.‖ Soňra bolsa garrylyk gelip
ýetýär we olar bolsa bary bir hiç zat etmändirler.
--Ine, şonuň üçin-de biz şeýle diýýäris: ―Eger ýaşlyk bilsedi, garrylyk başarsady.‖—diýip, ýaş ýigit
belledi.
--Gynansak-da, bu hakykat! Diýmek, bagtyň syry—her bir güni hamala siziň durmuşyňyzyň iş
soňky güni ýaly hasap edip ýaşamak. Her güni, eger siziň sanalgyňuz dolan bolsa, onda etmel, etjek
zatlaryňyzy edip, joşgun bilen ýaşamak gerek. Hakykatda bu şeýle hem, biziň sanalgymyz azalýar,
emma biz köplenç muny has az wagt galanda, haçanda eýýäm örän giç wagty duýýarys.Sonuň üçin-de
size gaýrata galyp, dessine hereket etmek gerek. Şeýle pikir bilen ýaşamaly: ―Men söügüli işim bilen
meşgul bolmaga başlamazdan ölmek islemeýärin. Men jemgiýetiň meni aldandygy, onuň menden üstün
çykandygy, meniň arzuwlarymy puç edendigi baradaky ýakymsyz oýlanmalar bilen ölmek islemeýärin.‖
Siz gorkynyň arzyw-hyýallardan güýçli çykandygy baradaky, özüňiziň ahyrsoňy hakyky şatlygy
bilmän ölýändigiňiz baradaky ýakymsyz duýgular bilen ölmeli dälsiňiz. Batyrgaý hereket etmegi
öwrenmek gerek.
--Men ylalaşýaryn, ýagny siziň aýdýanlaryňyz bilen ylalaşýaryn. Ýöne şeýle sowal ýüze çykýar:
meniň öz edýän işimi hakykatdan-da halamaýandygyma doly ynamym ýok. Men düýbünden
müşgüllikler we kynçylyklar bolmaýan ýekeje-de hünäri bilmeýärin.Eger ähli zat has oňat bolanda biz
şu wagt bu ýerde bile oturmazdyk.
--Siz düýbünden mamla. Hatda iň halaýan işiňde-de ýaramaz taraplary bolýar. Sizň hakykatdan-da
öz işiňizi halaýandygyňyzy bilmegiň ýene bir usuly bar. Özüňizden şeýle diýip soraň: ―Eger ertir
meniň bank hasabymda million funt sterling peýda bolsa, men öz işim bilen ýene-de meşgul
bolardymmy? Eger siz ―Ýok‖ diýip jogap berseňyz, onda siz öz işiňizi çyn ýürekden söýmeýärsiňiz.
Eger birden millionere öwrülseler köpler öz işinda galarmydy diýmegiňiz mümkin. Öran az adam galsa
gerek. Ýere gelende bellesek, ―Hawa‖ diýenleriň köpüsi eýýam baý adamlar boldular. Adatça adam
köp möçberdäki puly edinip, ir dynç alşa gidýär ýa-da meşgullanýan işini çalyş’ýar, emma meniň
tanaýan millionerlerimiň hemmesi diýenýaly dynç alşa gitmeýärler we has goja ýaşlara ýetýänçäler
işlemeklerini dowam etdirýärler. Men hatda şeýle diýerdim, ähli millionerler diýen ýaly, eger öz
baýlygyny miras alan adamlary ýa-da ony şowly nika esasynda edinenleri hasaba almasaň, diňe öz
edýän işlrini söýendikleri sebäpli baýapdylar.
--Ynha-da meniň pikir ýöretmelerimiň halkasy bileşdi,--diýip, goja sözüni dowam etdi.—Millioner
bolmak üçin ýa-da, iň bolmanda, baýamak üçi siz öz işiňizi söýmelisiňiz. Kim özüniň halamaýan işi
bilen meşgul bolýan bolsa ol iki esse temmi alýar. Iş diňe bir olary surnykdyrmaýar, eýsem, has
ýaramaz ýeri, ol hatda olara maddy bolçulygy-da getirmeýär. Nahili geň görünse-se, adamlaryň köpüsi
öz durmuşyny hut şýle hem geçirýärler. Näme üçin? Olar üstünligiň hakyky kanularyny bilmeýärler.
Şeýle hem gorky zerarly olar öz durmuşynyň günlerini biderek harçlaýarlar, durnuklylyga ýapyşyp,
hakykatdan-da baý bolmagyň mümkinçiliklerini elden giderýärler. Olar özlerini baýlygyň beýlekiler
üçin niýetlenendigini, munuň üçin bolsa olarda zehin ýeterlik däl diýip özlerini ynandyrypdylar.Siz
nähili pikir edýärsiňiz, näme sebäbe görä olar özlerini aldamaga ýol berdiler we hyýaly zada ynandylar?
Hakyky zatlary görerden, hakykaty hyýaly zatlardan tapawutlandyrardan olaryň aňy ýeterlik güýçli
däldi. Häsiýetiň ykbala kybapdaşdygy baradaky sözleri siz entek unudan dälsiňiz? Öz aňyňyzy berkidiň,
şonda bolaýmaly ýagdaýlar siziň hyjuwyňyzyň öňünden sowlar. Öz durmuşyňyzy özüňiz gözegçilikde
saklarsyňyz.
--Aýtsaňyzlaň, eýsem siz mydama bagtly bolupdyňyzmy?—diýip, ýaş ýigit sorady.
--Dogrymy aýtsam, bolmandym. Meniň hem agyr günlerim bolupdy. Kähalatlarda men hatda
özümi öldürmek barada hem pikir edipdim. Bu ýagday ajaýyp günleriň birinde üýtgeşik bir adama—
millionere duşýançam dowam etdi. Ol meniň size häzir gürrüň berýän zatlarymyň ählisini diýen ýaly
öwretdi. Ilkibaşda me onuň sözlerine ynanmandym, bu taglymatyň meniň ýagdaýymda ulanyp
boljakdygyna men ynanyp bilmedim, ýogsam bu adamyň durmuşynyň özi onuň usulynyň işleýändigini
tassyklaýardy. Ýöne şol döwre çenli men eýýäm ähli ugurlary synap görüpdim we işi şowsuz adam
bolup galypdym, şonuň üçin=de synanyşyp görmek isledim. Bary bir men hiç zady ýitirmeýärdim.
Men eýýäm 30 ýaşymdadym, men öz ömrümi biderek geçirýändigimi duýýardym. Ol suw gyzymlan
ýaly elimden sypyp gidip barýardy.
--Ýöne siz bu gün şol geň gojanyö maslahatyna gulak asandygyňyza ahmyr edýän dälsiňiz?
--Ol meniň özümiň özüme hojaýyn bolup biljekdigimi, özüm bilen bolup geçýän ähli zatlary
gözegçilige alyp biljekdigimi tükeniksiz tekrarlaýardy. Men ynanmaýardym. Onuň sözleri meniň üçin
ylmy fantastika ýaly bolup görünýärdi. Ýöne ol bu sözleri ýene we ýene-de gaýtalaýardy we ahyrsoňy
men özüme şeýl;e diýdim: ―Eger goja mamla bolsa näme? Eger durmuş meniň şu wagta çenli pikir edip
gelşim ýaly däl-de, başgaça bolaýsa, belki ol belli bir derejede öňünden bilip bolmajak we gözegçilige
alyp bolmajak, şowlulygyň we ykdalyň höküm sürýän zynjyry däl bolsa näme?‖ Eger adam aňyny
türgenleşdirip başlasa onuň öz ykbalyny dolandyryp biljeldigini duýdum. Meniň aňymda özgerişler
bolup geçdi, ýöne ol diňe haçanda meniň halypamyň maňa beren formulasymy gaýtalamaga belli bir
wagt sarp edenimden soň bolup geçdi: ―Her günden başlap, mydama we ähli babatda meniň işlerim
barha we barha gowy ýola düşýär.‖
Bu sözleri her gün gaýtalaň we mümkin boldugyça ýygy-ýygydan. Olar size ruhy asudalyk we
ünjüsizlik duýgusyny berer, onsuz bolsa durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek mümkin däl. Haçanda
meniň halypam bu formulany maňa berende, ol dünýäniň ähli syrlarynyň içinde bu syr iň
gymmatlysydyr diýipdi. Ol bu hazynan maňa beripdi, men bolsa ony size berýärin. Men hiç wagt hem
bu formulany gaýtalap ýörmegi we özümiň halupamyň masalahatlaryna uýmagy bes etmedim. Men
indi sizden hem şoňa garaşýaryn.
13-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZ ISLEGLERINI TASA
GETIRMEGI ÖWRENÝÄR
--Siz ilkingi ädimiňizi ätdiňiz,--diýip, millioner ýaş ýigide ýüzlendi.—Men formulany we pul
möçberi we söňky möhlet hökmünde öňde goýlan mukdar maksady göz öňünde tutýaryn. Indi
ikingi ädimi ätlemegiň wagty geldi. Bir list kagyz alyň we durmuşda näme isleýän zadyňyz bolsa
şoleryň ählisini ýazyň. Hakykata öwrülmek üçin arzuw-hyýallar anyk bolmalydyrlar. Meniň
özümä ilkibaşda şu aşakdakylary sanawa girizdim:
* 300 000 dollarlyk öý.
* 20 000 dollara köneräk ―Mersedes‖. 30 000 dollara täze BMW.
* Hiç hili bergiň bolmaly däl.
* 200 000 dollar nart pulda we beýleki ýerlenip bilinjek aktiwler.
* 200 000 dollar aksiýalara we beýleki maýa goýumlary.
Islegleriň sanawy siziň nähili adamdygyňyzy aýan eder. Siz özüňiziň islegleriňiziň takyk görnüşini
görersiňiz. Adamyň pikirleri görnüşe eýedir, olar janlydyrlar, her bir aýdylan pikir amala aşmaga we
hakykata öwrülmäge ymtylýar. Pikir näçe anyk görnüşe eýe bolsa, şonça-da onda durmuşa ornaşmana
mümkinçilik bar. Gör, bölekler nähili möhüm. Eger anyk bir pikiri mydama götergiläp ýörseň, onda ol
iň bir garaşylmadyk ýagdaýda we hatda syrly ýol bilen özüniň amala aşmagy üçin şertleri döreder.
Ýaş ýigit ynamsyzlyk bilen öz halypasuna seretdi, ol bolsa dowam etdi:
--Düşünýärin, bularyň bary hyýaly zatlar ýalydyr. Meniň ozal hem belläp geçişim ýaly, siziň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Millioneriň syry - 5
  • Parts
  • Millioneriň syry - 1
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1751
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 2
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1811
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 3
    Total number of words is 4004
    Total number of unique words is 1836
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 4
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1800
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 5
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1897
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 6
    Total number of words is 123
    Total number of unique words is 104
    62.4 of words are in the 2000 most common words
    70.9 of words are in the 5000 most common words
    73.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.