Latin

Millioneriň syry - 5

Total number of words is 4043
Total number of unique words is 1897
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aňyňyz näçe güýçlendigi saýy, şonça-da siz onuň başaryp bilmejek zadynyň ýokdugyna ýokary
derejede syzýarsyňyz. Siz adam aňynyň adatça adamlaryň pikir edişlerinden ençeme esse güýçlidigine
ynanmaýarsyňyzmy? Ýada salyň, Hristos—Isa pygammer ynam daglary süýşürip biler diýýärdi.
Myhman bir söz aýtmaga hem ýagdaýy bolman dymyp otyrdy.
--Ozaly bilen akylyň güýjüne ol netijeli işlär ýaly ynanmak möhümdir. Iň bolmanda siz özüňizi
ynama tarap ugrukdyrmaga borçlysyňyz. Ýüwrüge mümkinçilik beriň we öz sanawyňyzy düzüň.
Eýsem siz şu wagta çenli hem bu ýönekeý maksatlara öz ömrüňiziň dowamynda doly ýetip
biljekdigiňize düşünmeýärsiňizmi?
--Maňa pikirlenmek gerek,--diýip, ýaş ýigit garşy çykdy.
--Örän gowy. Edil meniň şu wagt aýdan zatlarym barada oýlanyň. Siziň aňyöyzyň haýsydyr bir
bölegi eýýäm maňa ynanýar. Beýleki böleginiň bolsa ýeterlik bilimliligi we şowsuz tejribe sebäpli
gözleri daňlgy we agyzlary bagly. Ýöne aňyňyzyň bu bölegi diri! Ol siziň hyşan bildirmegiňize,
oýadaryňyza garaşýar. Bu inçe, çalaja eşidilýän, öz durmuňyna hojaýyn we jenap bolmak üçin özüňiziň
aňyňyzyň jümmüşinde uklap ýatan içki sesiňize gulak asyň, onuň gulçulykdan surnugan, ýagdaýlardan
basgylanan zaryna gulak asmaň. Oňa erkin içini dökmäge mümkinçilik beriň. Meniň formulalarymy
näçe köp gaýtaladygyňyzça, şonça-da bu ses gaty we güýçli eşidiler, şonça-da ol sizi ynamly
ugrukdyrar. Bu siziň düşbüligiňizdir, bu siziň içki dünýäňiziň sesidir, özünize hökümdarlyk etmegiň
syryna alyp barýan ýoldur.
Bu sözlerden başy aýlanan ýigide dynç alamak zerurdy.
--Ýörüň baga gideliň,--diýip, millioner teklip etdi.—Gezelenç ederis, dynç alarys. Gowy dostum
bilen iň soňky gazak bagda höwes bilen gezim edeýin.
--Bu gussaly sözler ýaş myhmany hasrata batyrdy. Eýýäm ençeme gezek goja edil...hamala ozüniň
ölüm pursaty indi uzakda däldigini bilýän ýaly yşarat edipdi.
14-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZI ÜÇIN GÜLLI BAGYŇ SYRYNY
AÇÝAR
Goja we ýaş ýigit seslerini çykarman bagyň içi bilen ýöräp barýardylar. Millioner ajaýyp
güllere büreniň oturan gül çogdumynyň ýanynda saklandy, güljagazüň üstüne egildi we pikire
çümdi. Birnäçe wagtdan soň dikelip, şeýle diýdi:
--Men ömrümde müňlerçe gezek bägüli ysgap gördüm we her gezek hem olar täzeçe ys saçýarlar.
Bilýäňizmi, näme üçin? Men şu ýerde we edil şu wagt ýaşamagy öwrendim. Geçmişi unutmak gerek,
gelejek barada pikir etmek gerek däl. Bu örän ýönekeý. Ähli syr—pikiriňi bir ýere jemlemekde. Siziň
aňyňyz näçe bir ýere çugdam bolsa, şonça-da ol şu ýerde we edil şu wagt ýaşaýar, munuň üstesine-de
ol meşgul bolýan isine ähli ünsüni gönükdirendir. Ünsüňi bir ýere jemlemek—durmuşyň ähli
ugurlarynda üstünlige eltýän açardyr. Siz näçe oňat ünsli bolsaňyz, şonça-da çalt we netijeli işlärsiňiz,
sebäbi beýlekileriň görmedik zatlaryny görersiňiz.
--Üstünlige we baýlyga eýe bolanlaryň hemmesi, eýsem, ownuk zatlara üns bermegi
öwrendilermikä?
--Eklbetde. Ünsüňi bir ýere jemlemek ukybyňy artdyrmak bilen, siz delilleri bellige almagy we
parasatly netijelere gelmegi başararsyňyz, bir bakyşda adamlaryň kimdigini kesgitläp, olara takyk baha
bermegi öwrenersiňiz. Siz sözüň hakyky manysynda, iň bolmanda bu sözüň çuň manysynda durmuşa
sagdyn göz bilen garaýan adam bolarsyňyz. Siz ähli zady bolşy ýaly görersiňiz. Pikirleriň örtügi we
hyýaly düýşleri siziň dünýä göz ýetirmegiňize mundan beýläk päsgel berip bilmez. Adamlar, adatça,
mydama başga zatlar bilen meşgul bolýarlar we durmuş ýoly bilen, edil lunatikler ýaly, ýolda duş
gelýän zatlary-da, adamlary-da aňman ýöräp barýarlar. Olar edil düýşde ýaly ýaşaýarlar, olar hüç wagt
hem häziki günde, ―şu ýerde we şol wagt‖ bolmaýarlar,--diýmek, has dogrulap aýtsak, olar düýbünden
ýok. Bu adamlary mydama ýalňyşlyklar we şowsuzliklar yzarlaýar, olaryň aňy gelejegiň öňünde
gorkudan baglanan.
--Meniň göwnüme bolmasa, ünsüňi bir ýere jemlemek—biziň taglymatymyzda iň ýönekeý
baglanyşyk bolsa gerek.
--Seresaplyrak, ýaş ýigit. Ünsüňi bir ýere jemlemegi öwrenmek şeýle bir ýeňil hem däl, ol
hemmelere başardaýanok. Ýöne, haçanda aň ünsi bir ýere jemlemegiň belli bir derejesine ýetende,
adam müşgüllikleri çözmegiň täsin ukybyna eýe bolýar. Ýok, siz gaýgy-aladasyz bolmarsyňyz, siz diňe
hakykata daýanýan adam bolarsyňyz. Müşgüllikler sebäpli gijelerine ýatman we dyrnagyňyzy gemrip,
öz gaharyňyzy getirip oturmagyň ýerine, siz diňe olary çözmegiň ugruna çykarsyňyz. (Ýatda saklaň,
kim müşgüllikler üçin alada galýan bolsa we has gaýgy edýän bolsa, olary çözmäge ukyply däldir.
Munuň üstesine-se, ol aşgazanyň baş keseline duçar bolup ýa-da infarkt alyp biler!). Özüňize
düşünmegi başarnygyňyz hem üýtgär. Her bir adam—açylmadyk syrdyr. Esasy mesele biziň
hemmämiz diňe beýlekiler üçin däl, eýsem özümiz üçin hem açylmadyk syr, bularyň ählisi-de
ünslüligiň ýetmeýanligindendir.
Ýaş ýigit bir sözi-se sypdyrmajak bolup, millioneriň sözüni bölmäge milt edip bilmedi. Ol bolsa
dowam etdirdi:
--Bir ýere ünsi jemlemek netijesinde siz näme üçin durmuşda şol duran ýeriňizde durandygyňyza
düşünersiňiz. Bu sowala jogap siziň üçin barha we barha düşnükli, barha we barha ýönekeý bolup
başlar. Siziň aňyňyza kanagatly, ynamly pikir girip başlar we siz uzaga çeken çuňňur ukydan soň bolşy
ýaly şeýle diýip, gygyrarsyňyz: ―Ähä, gör, men kim ekenim! Gör, näme üçin şu pursat men bu ýerde!
Gör, men öz islän zadymy edýärin! Gör, näme üçin meniň ýanymda ol ýa-da beýleki bi adam!‖ Bu
duýgyny ykbal duýgusy diýip atlandyryp bolar, siz öz ykbalyňyza düşünersiňiz we siziň aňyňyza kabul
edijilik duýgy kürsäp girer. Men siziň ykbala ornuňyzy berersiňiz diýiň aýtmaýaryn, emma haçanda siz
şu pursat durmuşda öz ornuňyzy takyk göreniňizde, siz belli bir derejede ony kabul edersiňiz—siz
haýsy ýerden bat alýandygyňyzy görersiňiz we bu bolsa size özüňiziň mundan beýläkki ösüş
basgançagyňyzy ugrukdyrmaga we ykbalyň üstünden hökmurowanlygy öz eliňize berk almaga ýardam
eder.
Millioner dymdy we ýene-de ýakymly ysy ysgamak üçin gülüň üstüne egildi.
--Örän gadymy döwürlerden bäri bägül durmuşyň alamaty bolup gelýär. Haçanda siz özüňiziň
aňyňyza gözegçiligi doly ýola goýanyňyzda munuň näme üçin beýle bolandygyna düşünersiňiz.
Pytanak—munuň özi durmuş tejribesi, synaglaryň we betbagtlyklaryň ýoludyr, ony bolsa biziň her
birimiz durmuşyň hakyky gözelligine düşünmek üçin başymyzdan geçirmelidiris.
Bu sözleri aýdyp, ol jübüsinden bag gaýçysyny çykardy we bägüli ýolup, ony şägirdine uzatdy.
--Ony bütin ömrüňiz özüňizde saklaň,--diýip, goja aýtdy. Ol siziň tumaryňyz bolar, size üstünlik
getirer. Onuň Alyjenaby Şowlulyk hakykatda-da bar, ýöne, elbetde, muny hemmeler bilmeýärler. Oňa
ynanyň. Ony öz pikirleriňiz bilen sypalaň, ondan islän zadyňyzy soraň, ol jogap berer. Üstünlik
gazanýan adamlaryň ählisi-de şowlulyga ynanýarlar we, goý, kimdir biri olary yrymçyl hasap etse-se,
olar mamla.
Şu güljagaz bilen men sizi Bagül Ordenine kabul edýärin. Her gezek, haçan zerur hasap etseňiz,
ony tapyň, ol size kuwwat-güýç berer. Her gezek, haçan özüňiz barada müňkürlük dörese, haçan
durmuş size çekip-çydap bolmajak derejede görünse, şu simwoliki bägüle dolanyp geliň we onuň size
nämäni aňladýandygyny ýada salyň. Her bir synag, her bir müşgüllük, her bir ýalňyşlyk bir gün ajaýyň
gül ýaprajygyna öwrüler. Hasrat çejmeklik, uzyn we ýiti puntykly baldak kimin, ýagtylyge we
gözellige alyp barýar. Her gün bägüliň ýüreginde öz ünsüňizi jemlemek üçin biraz wagty oňa sarp ediň.
Eger gol astynda gül ýok bolsa, islendik güljagazda, gara tegmilde ýa-da ýalpyldaýan bir zatda ünsüňizi
jemläň. Güle ýa-da gara tegmile gözüňizi aýyrman barha we barha köp seredip duruň. Haçanda
gözüňizi aýyrman 20 minut töweregi seredip durup bilseňiz, siziň ünsüňiz beýik derejä ýeter. Haçan
siziň ýüregiňiz şu gül ýaly bolanda, siziň bütin durmuşyňyz özgerer.
Ýaş ýigit güli ysagp hem etişmänka, millioner öz sözüniň üstüne goşdy:
--Syryň akyl ünsüniň jemlemesindedirini ýene-de bir gezek gaýtalamaga rugsat ediň. Ünsüňi bir
ýere jemlemek maşklarynynyň kömegi bulen siziň aňyňyz güýçli we özüne ynamly bolar we
durmuşşgüllikleriniň indi size hökmürowanlyk etmeýändigini aňarsyňyz. Şonda siz meniň şu wagt
aýtşak zadyma düşünersiňiz. Göý, ol size eýýäm mälim we lenç edilen bolup görünmesin. Müşgüllik
haçan müşgüllik bolýar, haçan siz ony müşgüllik hasap edeniňizde.
Bu nämäni aňladýar? Islendik waka, eger siz ony düypli we halulat ýüzünde ähmiýetli hasap
etmeseňiz, ol siziň gözüňiziň alnynda düýpli-de, hakyky ähmiýetli-de bolmaz. Müşgüllikler siziň
aňyňyz näçe gowşak bolsa, şonça-da olar uly we ýeňip geçip bolunmajak ýaly görner. Aň näçe güýçli
bolsa, şonça-da siziň müşgüllikleriňiz has ähmiýetsiz görner. Şonuň üçin hem ünsüňizi bir ýere jemläň.
Ünsüňi bir ugra jemlemek—üstünligiň möhüm düzümleriniň biridir.
Millioner we onuň ýaş gürrüňdeşi öýe tarp ugradylar. Asman birdenkä gara buluda bürendi,
ýogsam edil ýaňyrak hem gün ýalpyldap çykyp durdy. Tupan ýakynlaşýardy. Öýde ýeýle bir
garaňkydy ýelin, çyrany ýakmaly boldy. Goja şemdanda oturdylan şemleriň ýedisini otlady we otag,
muhmana lezzet berip, dessine romantik görnüşe eýe boldy. Hojaýyn pengiräniň ýanyna bardy. Ol
şemele galgaýan tutyny düzedişdirdi, asmana seredip hem şeýle diýdi:
--Mydama ýatda saklaň, belli bir belentliklerde hiç haçan hem bulut bolýan däldir. Eger siziň
durmuşyňyzda bulutlar günüň öňüni tutýan bolsalar, onda bu ýagdaý siziň ruhuňyzyň ýeterlik derejede
ýokary galmandygyny aňladýandyr. Adamlaryň ählisi diýen ýaly şol bir ýalňyşlyklary gaýtalaýarlar—
olar müşgüllikler bilen göreşýärler. Bu bolsa bulutlary dargatjak bolmak ýaly bir zatdyr. Belki-de olary
biraz wagt dargadyp hem bolar, ýöne olar ýene-de dessine gaýdyp gelerler we ene-de günüň alyny
tutarlar. Siz bulutlaryň üstüne mydamalyk çykmalysyňyz. Bägüliň ýüregine barha we barha köp
wagtlap serediň we siz hiç wagt hem bulut bolmaýan, mawy asmanda mydama gün çykyp duran
belentliklere tarap barýan ýoly ýoly tapyp bilersiňiz. Edil şol pursat ýene gaýdyp geläýjek bulutlary
kowmaga wagtyňyzy sarp etmäň.
--Belki-de, siz häzirlikçe hemme zada düşünen hem dälsiňiz,--diýip, ol sözüni tamamlady,--ýöne
meniň sözlerimi kabul ediň we olara ynanyň.
Goja millioner we ýaş myhman günortanlyk nahar edinmek üçin oturgyçlara geçip
oturdylar.Hyzmatçy geldi we stola çakyr we çörek goýuşdyrdy.
--Mende edil şu wagt bir sowal ýüze çykdy,--diýip, ýaş ýigit aýtdy, ýogsam, gönüläp aýtmaly
bolsa bu sowal düýnden däri ony biynjalyk edýärdi.—Men siziň aýdan zatlaryňyzyň hakykatdygyna
ynanýaryn. Men siziň syrly formulaňyzyň kömegi bilen millioner bolup biljekdigime we içky dünýäme
aralaşjakdygyma ynandym. Ýöne bir zady bellemeli, meniň haýsy ugurda işlemelidigim barada hiç hili
düşünjäm ýok.
Millioner hezil edip güldi. Näme üçindir bu adatdan daşary çynlakaý sowal ony güldürdi.
--Durmuşa ynanyň, özüňiziň aňyňyzyň güýjüne ynanyň,--diýip, aýtdy.—Howsala düşmäň.
Ilkibaşda öz öňüňizde maksat goýuň, soňra bolsa özüňiziň aňasty aňyňyza özüňizi ugrykdyrmagy
naýyş ediň. Sowal beriň we garaşyň. Jogap uzak garaşdyrmaz.
Ýaş ýigitdiň jogapdan göwni suw içmedi. Ol has anygrak bir jogaby eşitmek isläpdi.
Millioner edil şägirdiniň pikirlerini okaýan ýaly, oňa duýgudaşlyk bildirýän ýaly baş atdy we
dessine şeýle diýiň sözüniň üstüni ýetirdi:
--Ilki bilen siziň özüňize ýaraýan işi tapmak gerek. Siziň söýgüli hünäriňiziň ähli jemi eýýäm sizde
bar. Siz häzirlikçe muny aňmaýarsyňyz, sebäbi özüňiziň hakyky tebigatyňyz bilen bir tolkuna düşüp
bilmediňiz. Tutanýerli ünsüňizi bir ugra jemlaň we aňyjylyk size öz-özünden aralaşyp başlar, soňra
bolsa jorap hem taýýar bolar. Adamlaryň köpüsiniň bütin ömürleriniň dowamynda bir zatlary
gözleýändigine, hiç bir zady tapyp bilmän bolsa durmuşyň manysyz zatdygy barada netijä
gelýändiklerine düşünersiňiz. Siz öz ýaşaýyş durmuşyňyzyň syrly manysyny bilersiňiz, siz oňa diňe
paýhasyňyz bilen däl, eýsem tutuş kalbyňyz bilen düşünersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen siz muňa
düşünersiňiz.
--Ýöne öz işime başlamak üçin puly men nireden almaly?—diýip, ýaş ý igit sorady.—Mende hatda
eke şaý hem ýok.
--Size näçeräk pul gerek?
--Bilmedim. Iň bolmanda on müň—size başda gerek bolan pul ýaly bolaýsa.
--Eger siz gözleseňiz bu puly tapyp bilersiňiz. Siziň pikiriňizçe, munyň näçeräk bariantlary bar?
--Dogrymy aýtsam, ýeke bariant hem görmeýärin. Hiç bir bank hem maňa karz pul bermez, sebäbi
mende zamynçy ýok. Aýyň aýagyna çenli meniň zähmet hakymdan hiç zat galmaýar diýen ýaly.
Mende hiç zat ýok, hatda ulag hem...
--Siz ozal kars pul almaga synanyşyp görüpmidiňiz?
--Ýok, ýöne men bilýärin...
--Siz bu ýalňyzy indi gaýtalamaly däl. Hiç haçan hem söweş etmezden boýun bolmaly däl. Munuň
özi hiç wagt we hiç hili işi etmezligiň, çigit ýaly-da üstünligi gazanmazlygyň iň gowy usulydyr. Bary
bir hiç bir netije bolmaz diýen pikir bilen hereket edip, başga-da bir duzaga düşäýmäň. Şeýle etmeklik
ozalbaşdan utuljakdygyňy aňladýar. Öz pikirleriňizi we hereketleriňizi sazlaşyga getiriň, öz-özüňiz
bilen szlaşykda boluň.
--Men isleýänemle, ýöne meniň müşgülliklerim bary bir çözülenok. Elbetde, men mydama
synanyşyba biljek...
--Siz çözgüdiň bardygyna—siziň müşgülligiňiziň ajaýyp çözgüdiniň bardygyna bark ynam bilen
başlamaly. Aňyň güýji we siziň maksadyňyzyň jadyly güýji çözgüdi hökman tapar we muny siziň asla
garaşmadyk ýoluňyz bilen amala aşyrar. Üstünlik gazanjakdygyňyza pugta ynanyň, şonda üstünlik
geler. Müňkürlige hiç hili ynam goýmaň, aňyň ukyply ähli başarnygy bilen ony kelläňyzden kowuň.
Müňkürlyk—gara güýçleriň aýrylmaz bir bölegidir, ynamly bomak bolsa ýagtylyk şalygyna we
durmuşa degişlidir. Bu iki güýç mydamalik gapma-garşylykda bolýarlar. Siz müňkürlik bilen tutanýerli
söweşmelisiňiz. Müňkürlik hem oý-hyýaldyr, ol beýl;eki oý-pikirler ýaly maddylaşmaga ymtylýarlar.
Eger siz karz aljakdygyňyza doly ynanýan bolsaňyz, onda alarsyňyz…Siz karz aljakdygyňyza
ynanýaňyzmy?
--Hawa. Siz meni ynandyrdyňyz.
--Özüňiziň häzirki ýagdaýyňyzda maksadyňyza ýetmek üçin, ýagny karz almak üçin siz näme
ederdiňiz?
--Bilemok.
--Eger sizde öz işiňiz açmak üçin on müň funt başlangyç maýa edinmek üçin biraz wagt,--diýeliň
bir sagar,--bar bolan bolsa, siz näme edetdiňiz?
--Bilýän däldirin...
--Edil şu wagt siziň öňüňizde sizi bu işlere ynandyran we goltgy beren, siziň üçin üstünligiň syryny
açan millioner otyr, siz bolsa şonda-da näme etjekdigiňizi bilmeýärsiňizmi? Siziň kelläňize hiç bir pikir
gelmeýärmi?
Şol pursat ýaş ýigit ghojanyň nämä kakdyrýandygyna düşündi. Eýsem ondan talap edilen zat diňe
millionerden karz pul soamakmydy? Ikirjiňlese-da, ýaş ýigit karara geldi.
--Siz maňa on müň karz pul berip bilermisiňiz?
--Ine gördüňmi. Ýeňil gerek? Diňe zerue zat—soraýmaly, emma adamlar hiç wagt hem soramaga
milt edip bilmeýärler. Size soramaga ýürek edip bilmegi başarmak zerur.
Goja jübüsinden on müň funt –onuň üçin şeýle bir uly bolmadyk, emma adaty adamlar üçin diýseň
kän, millioneriň jübi puluny çykardy. Daşki dünýäden çetleşdirilen ýaly ýagdaýda ýaşaýan millioner ol
puly bary bir sowmaly bolmandy.
Ol bir daňy pula gynanýan ýaly seretdi, emma bu bakyňda hiç hili ahmyr ýopkdy we ol puly öz
şägirdinr berdi. Ol puly tolgunmakdan birhili titräp aldy. Ol heniz ömründe şunça puly elinde saklap
görmändi.
--Siz, belki, bu pul size aňsatlyk bilen ýetdi diýip pikir edýünsiňiz,--diýip goja aýtdy.—Ýöne maňa
ynanaýyň, sizde gelejekde-de pul tapmagyň agyr boljakdygy barada alada etmäge esas ýok. Gynansakda, adalar adatça şeýle pikir edýärler. Pul üçin köp we örän agyr zähmet çekmek gerek diýip, olar
aýdýarlar. Ýöne iş ýüzünde zähmet diňe adamy köpräk pikirlenmäge mejbur edip, aňyň güýjüni we
gujurlylygyny berkidýändigi üçin möhümdir. Haçan siz köpräk pul gazananyňyzda—eger siz meniň
usulymy ulansaňiz, bu ýagdaý çalt bolup geçer,--siziň gatnaşygyňyzyň, siziň pikir gurluşyňyzyň,
islegiňiziň güýküniň we ony maksadyň pul manysynda aňladylan, anyk güýjiniň kömegi bilen
ugrykdyrmak ukybyňyyzyň mşhümdigine düşünersiňiz. Kim bu düzgünleri äsgermezlik etse, adatça,
şowsuzlyga uçraýar we gününi dolamak üçin agyr ýa-da halamaýan işi bilen meşgul bolmaga mejbur
bolýar. Ýatda saklaň, daşky ýagdaýlar diňe siziň aňyňyzyň ýagdaýynyň şöhlelenmesidir, siziň çuňňyr
ynanjyňyzyň tebigatynyň şöhlelenmesidir.
Edil şu wagt eýe bolan karz puluna şatlykdan joşýan ýaş ýigit goja halypasynyň parasatly sözlerini
diňe ýarym gulak diňleýärdi.
--Şeýlelikde, ýagşy ýigit, haçan size pul gerek bolsa näme etmelidigini ýatda saklaň: eger siz ony
aňsat we çalt taparynöýdüp ynansaňyz, şeýle hem bolar. Eger siziň aňyňyza iň bolmanda sähelçe-de
mükürlik aralaşsa, şu wagt eliňizde saklaýan on müň funtyňyz barada ýatlaň. Diňe soramak gerek.
Dessine soraýan zadyňyzy alyp biljekdigiňize berk ynanyň, siz ony eýýäm alandygyňyz we hakykatda
alandygyň barada oýlanyň. Ýatda saklaň, biziň çuňňur ynançlarymyz mydama-da durmuňa geçýär.
--Eger men müňkür bolup başlasam näme?
--Müňkürlikden saplanmagyň iň gowy usuly—öz-özüňe ynandyrmgy ulanmak we gatşylyklaýyn
ynandyrmalary gaýtalap, garşylyklasyn maksatlary döretmek. Öz sözleriňizi patyşalaryň permenleryna
öwrüň. Haçan siziň aňyňyz ýeterlik güýç toplanda, her bir pikir-hyýallaryňyz buýruga öwrüler we
şonda sözler we hakyky durmyş bütewi bir zada öwrüler.Buýruklary ýerine ýetirmek üçin zerur wagt
barha we barha gysgalar we ahyrsoňy olar dessine ýerine ýetirilip başlar. Şol wagta çenli siz
hakykatdan-da özüňize erk etmegi öwrenersiňiz. Siz öz paýhasyňyzyň hökümdary başga adamlara
zeper ýetirmäge ukyply pikirlerden saplanmak üçin hem bolmalysyňyz. Beýlekileriň hem abadançylyry
üçin oňyn pikir etmegi öwreniň we şonda siziň sözleriňiziň güýji hiç wagt hem siziň agrşyňyza
öwrülmez.
Millioner ýene-de gysgajyk arakesme etdi.
--Bu pullar,--diýip, ol daňy;gy pul desselerini görkezip, sözüni dowam etdi,--umumna, ol karz däl...
Ol uly bir täsir doredip biläýjek sözleri seljerýän ýaly bitnäçe sekynd dmdy.
--Bu karz däl...Bu meniň size sowgadym,--diýip, millioner aýtdy.—Ine-de, halka ýapyldy. Bir
döwür bu pullary maňa meniň halypam men öz işime başlar ýaly beripdi. Siz hem bu puly hiç bir zat
üçin ulanmaň. Injiliň nesiňatly hekaýatlaryndaky ýaly gahrymanyň ýalhşlyklaryny gaýtalamaň, ol bolsa
bilýän bolsaňyz öz pullaryny özüne işletmegiň ý erine olary ýere gömýär. Kim şeýle edýän bolsa ýene
bir, has ýaramaz ýalňyşlygy edýär: olar gorka özlerini itmäge ýol berýärler. Gorky müňkürligiň
dogany—siziň ganym duşmanyňyz. Siz ony ýeňmäge borçlysyňyz. Edermen we batyr boluň. Kim
gazanan pulyny gizleýän bolsa, goý, hatda islendik zerur bähbitler üçin bolsa-da, olara mynasyp däldir.
Ol pula mynasyp däl, ol megerem haçan-da bolsa bir wagt oňa eýe bolup bilmez, sebäbi durmuşyň iň
bir ajaýyp kanunlaryny—bolçulyk kanunyny bozýar. Köpelmek üçin pullar erkin akmalydyrlar.
Ýaş ýigit jomart adamyň sözlerinden eýe bolan sowgadyndan az lezzet almady.
--Näme-de bolsa, meniň beren bu pullarym düýp esasynda karz diýip hasap edäýmeli. Haçanda
bolsa bir wagt siz hem, öz gezegiňizde, bu puly kimdir birine berersiňiz. Ençeme ýyllar geçenden soň
siz hem özüňiz ýaly ýagdaýa duçar bolan adama gabat gelersiňiz. Siz ony bägüliň belgisi boýunça
tanarsyňyz—onuň ýakasynda gül bolar. Oňa meniň beren pulymy berersiňiz. Şol döwre çenli bu pul
siziň üçin ul;y bir zat bolmaz, ýöne bir jübi puly bolar. Siz edil meniň edişim ýaly etmelisiňiz: özüňiziň
alan puluňyz ýaly puly oňa öz işini ýeterlik başlangyç maýa bilen başlar ýaly bermelisiňiz. Bu ýagday,
eger puluň hümmetliligi şeýle derejede duranda mümkindir, ýogsam şol on müňden derek galmaz.
Myhman ylalaşmak bilen baş atdy.
--Puly alyp, bu ýaş ýigit, haçan-da bolsa bir wagt sizden alan bilimini—siziň bolsa menden alan,
mundan beýläk dowam etmek üçin bermek barada dabaraly ýagdaý da kasam etmelidir. Bu zynjyr hiç
wagt hem üzülmeli däldir, ýogsam üstünlik sizi taşalap gider. Men bilýärin, siz dogruçyl adam, size
ynanmak bolar, şonuň üçin hem men size bu syry heder etmezden ynanýaryn.
Ylalaşmakdan klaby joşgunly ýaş ýigit halypasyna çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
--Siz ýene-de bir möhüm zady bilmelisiňiz...
Şol pursat ahyrsoňy tupan güýçlenip başlady. Jümläni tamamalaman nillioner dymdy, onuň ýüzi
tukatlandy.
--Ähli alamatlar gabat gelýär,--diýip, ol pyşyrdady.—meniň diýşim ýaly,--ol ýene-de myhmana
tarap öwrüldi,--siz ýene-de bir örän möhüm zady bilmeli:siziň menden öwrenen bu ajaýyp syryňyz
siziň öz öňüňizde goýjak islendik maksadyňyza doly ýetmäge kömek eder. Men ägirt uly baýlyga meni
şeýle güýçli derejede pul gyzyklandyrýandygy üçin ýetmedim. Iş ýüzünde munuň özi diňe aňyň güýjini
ynamsyzlara aýan etmegiň bit usulydyr.
Goja ýene sözüne dyngy berdi, ýöne ýaş ýigit eke sowal bermäge-de taýýar däldi.
--Adamyň iň ajaýyp emlägi—erkinligidir,--diýip, millioner dowam etdi.—Baýlyk erkinlik getirýär.
Oňa eýe bolup, siz ençeme hyýaly zatlaryň ýok bolup gidýüdigini görersiňiz. Hakyky erkinligiň
perwaýsyzlykdadygyna düşünersiňiz. Munuň özi erkinligiň iň ýokary derejesidir. Kim iki eli boş gitse,
ol hem baky bagyň solmaýam güllerini arzuw edip biler. Bu erkimlige ýetmek meniň bu dünýäde
ýaş’amagymyň pynhan syry bolupdy. Kim daşky sypat boýunça baha berýän bolsa, meni işi şowly
biznesmen hasap edýärdi, men bolsa mydama-da ýönekeý bir bagbandym.
Şu pursat ýaş ýigit sowal bermek kararyna geldi:
--Näme üçin siz bu zatlary maňa gürrüň berýärsiňiz? Siz näme üçin maňa pul berdiňiz? Siz maňa
hiç bir babatda-da borçly däl... Meniň ýerime başga biri-de gelip bilerdi.
--Ýöne hut başga biri däl-de, hut siz geldiňiz. Siziň islegiňiz sizi meniň ýanyma getirdi. Durmuş
wakalarynda mydama-da şeýle bolýar. Ýöne ýere şägirt taýýar bolsa halypa tapylýar diýilmeýär.
Mundan başga-da, men şeýle bir köp zada eýe boldum welin, bermek meniň üçin kadaly ýagdaý.
--Belki,--diýip, ýaş ýigit gaty bir öz aýdanlaryndan yza çekilmejek bolyp gürledi.—Ýöne näme-de
bolsa näme üçin meni saýaldyňyz?
Basym Millioner ýylgyrdy.
--Siz gönümel. Men hem şeýle.—Ilkinji gezek mydama agras, biparh garaýyş onuň ýüzünden
aýryldy, ol ýaş ýigide mylakatly, peder nazary bilen seretdi.—Ýeri bolýar-da, eger hakyky sebäbi
bilmek isleseňiz, onda aýdaýyn. Siz meniň sözlerimi şu wagt kabul edip bilersiňizmi, biljek däl. Belkide, haçan hem blsa bir wagt...
Ýaş ýygydy duýgy gaplap aldy, ýogsam ol edil şu wagt weşiden zatlaryna düşünendigine şeýle bir
ynamy-da ýokdy. Millioner onuň ýanyna geldi. Şu wagta çenli ol ýeke gezek hem şeýle dabaraly
görünmändi. Uzyn boýly we syrdam, ol patyşa ýaly ädimläp ýöräp barýardy. Ýyllar, göwnüňe bolmasa,
onuň nur saçýan ýüzüne täsir etmedik ýalydy. Ol sag eliniň süýem barmagy bilen myhmanyň
maňlaýyna mylaýymlyk bilen degirdi-de şeýle diýdi:
--Özüňiziň kimdigiňizi hakykatdan-da özüňiz üçin açyň. Hakykat mydamalyk sizi erkinlige
goýberer.
Başga ol hiç zat diýmedi. Tupan çalt peýda bolşy ýal-da çalt geçip gitdi, asmanda gün şöhle
saçýardy. Goja gerekmejek şemdany alyp, sesini çykarman öýden çykyp gitdi. Ýaş ýigit elinde gojanyň
beren bir petde puly bilen ýeke agys söz aýtmaga ýagdaýy bolman otyrdy, kellesini dürli pikirler
gaplap alypdy. Ol özüni diýseň ýalňyz duýdy.
15-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT WE GOJA HER HAÝSY ÖZ
ÝOLARY BILEN GIDÝÄRLER
Ýaş ýygyt ýekelikde uzak wart oturmady. Nirdenkä hyzmatçy eli bukjaly peýda boldy. Ol
ýaş ýigide şeýle sözler bilen bukjany uzatdy:
--Hojaýyn şuny size gowşurmagy maňa tabşyrdy. Ol şu hatyň mazmunyny otagda, ýekelikde
okamagy towakga edýär. Siz bu ýerde ýene bir gün bolup bilersiňiz, onsoň siz bu ýerden gitmeli
bolarsyňyz. Şojaýynyň islegi şeýle.
Bilesigelijilikden ýüregi ýarylyp barýan ýaş ýigit minnetdarlyk bildirdi we gulak asyjylyk bilen öz
otagyna tarap ýöneldi. Bu gezek ol, bilip bolmaz, nobatdaky pyryldakdan ätiýaç edip, gapyny açyk
ýagdaýda galdyrdy.
Sekiniň bir gyrasyna çöküp, ol bukjany gyssanmaç ýyrtyşdyrdy we gara syýa bilen owadan
ýazylan haty ondan çykardy. Hatdan bägüliň çalaja ysy gelýärdi.
“Şunda meniň size iň soňky haýyşlarym beýan edilendir ,--diýip, hatda aýdylýardy.—Men size
özümiň tutuş kitaphanamy wesýet edýärin. Bu kitaplar size örän zerur bolar. Adamlryň köpüsi
kitaplara dogry çemeleşmeýärler. Käbirleri kitaplaryň mazmuny hiç hili gymmata eýe däl diýip
ynanýarlar we edil özleri dünýäni täzeden çýan ýaly ýaşaýarlar. Kitaplarda jemlenilen bilimlerden
ýaraglanman, olar geçen nesilleriň ýalňyşlyklaryny gaýtalaýarlar, munuň üçin biderek ýere ençeme
wagtlaryny we pullaryny sarp edýärler. Beýlekileri bolsa başga bir öte geçmelere ulaşýarlar—
kitaplarda aýdylýan zatlaryň ählisine seljermesizden ynanýarlar. Olar indi özlerine oýlanmagyň
zerur däldigini, sebäbi kitaplaryň awtorlarynyň eýýäm olar üçin ähli zady oýlanyp goýandygyny
aýdýarlar. Awtorlar, köp halatlarda mynasyp adamlar, durmuş ýolunda özleriniň uzak wagtlyk
syýahatlarynyň dowamynda köp zatlary gören adamlar. Islendik kitap—belli bir derejede
jahankeşdelik barada hekaýadyr. Ýöne siz öz ýoluňyz bilen gidýärsipis we başga biriniň ýoluny
gaýtalamaýarsyňyz. Kitaplardan wagtyň synagyndan geçen zatlary alyň. Ahyrsoňynda-da, size şeýle
diýmekçi. Özüňiziň iň uly baýlygyňyzy—kelläňizi ulanyň. Häzirlikçe, oýlanmak üçin şondan gowy
zat oýlanyp tapylmady. Gynansak-da, adamlar adatça bütin ömri diňe özbaşdak pikirlenmekden
sypjyklyk etmek bilen meşgullanýarlar. Adam tebigaty şeýle: ýeňil ýoly, has anygrak edip aýtsak,
göräýmäge ýeňil ýoly gözlemek bilen meşgul bolýarlar. Tebigat we instinkt adamlardan rüstem
gelýär. Ýöne siziň aňyňyz ýeňiji bolmalydyr. Biziň ilkinji tanyşlygymyzdan başlap, özümiň uzak
ýylllaryň dowamynda ýygnan parasatlylygyň merjenini size bermäge çalyşdym. Şu bukjada siz ýene
bir haty taparsyňyz. Onda meni ruhy mirasym bardyr. Ony mümkin boldugyndan köräk asama
bermäge çalşyň, şonda men biderek ýaşamandyryn diýip hasap edip bilerin. Biziň duşuşyklarymyz
barada, meniň syrlarym barada gürrüö berersiňiz, ýöne şondan ozal siz olary öz başyňyzdan
geçirmelisiňiz. Diňe ymykly barlanylan we synagdan geçen usul gymmata eýedir. Ýene alty ýyldan
siz millioner bolarsyňyz. Şondan soň meniň ruhy mirasymy adamlara hödürlemek we biziň
duşuşygymyz barada gürrüň bermek üçin ähli zerur zatlary erkin edip bilersiňiz.
Indi bolsa men siziň bilen hoşlaşýaryn. Meniň güllerim maňa örän kän garaşdylar.”
Joşup gelen duýgulardan demigip, ýaş ýigit bukjanyň içine sderetdi. Onuň içinde bägül görnüşli
gyzyl mum mşhür bilen möhürlenen ýene bir bukja bardy. Ýaş ýigit seresaplylyk bilen möhüri aýyrdy
we bukjany açdy.
Goja millioneriň ruhy wesýetnamasy elde iri, ajaýyp harplar bilen ýazylan, binäçe sahypadan
ybarat uzyn bir hatdy. Göwnüňe bolmasa bu harplar durmuşdan joşgun alyp, dem alýan ýalydy.
Myhman okamaga durdy we minutdan hem köp däl ýaly bolup görnen bir sagadyň nähili geçenini
bilmän galdy.
Haty okap bolup, ýaş ýigit dessine goja millioneriň ýanyna bu bahasy ýok sowgady üçin
minnetdarlyk bildirmäge barmak isledi. Çalt ädimläp ol naharhana bardy, emma ol ýerde hiç kim
ýokdy. Ol öý hyzmatçysyny çagyrdy, emma jogap bolmasdy.
Myhman tupandan soň goja öz gülleriniň ýanyna barandyr diýen karara geldi. Ol baga tarap ylgap
gitdi we goja millioneri çagyryp başlady, birdenem onuň gül nahallarynyň ýanynda ýerde ýatandygyny
gördi. Onuň ýanynda ýanyp duran ekeje, özem uzyn şemli şemdan bardy, beýlekileri ýanyp gutarypdy.
Ilkibaşda ýaş ýigit täsin goja şeýle bir amatly däl ýerde dynjyny almak isländir diýip pikir etdi.
Ýakynrak baryp, ol haýsydyr bir çynlakaý zadyň bolandygyna düşündi.
Goja topugyna çenli ýetip duran ak geýimde, döşünde goýulan elinde ýekeje güli saklap ýatyrdy.
Onuň aladasyz ýüzünde hiç nili agyrynyň, hasratyň alamatlary ýokdy, ol adatdan daşary bagtyýarlyk
bilen ýalpyldaýardy. Ýaş ýigit dyzyna çökdi we gulagyny gojanyň döşüne goýdy. Ümsümlik. Iň
ýaramaz müňkürlik dogry bolup çykypdy: goja ýogalypdy.
--Nähili täsin ölüm!—diýip, ýaş ýygyt seslensi. Goja millioner özüniň dünýe bilen hoşlaşmaly
boljakdygyny oňünden takyk bilipdi. Belki-de, ol bu pursaty diňe onuň özüne mälim syrly usul arkaly
belländir? Ýa-da ol ýöne ölmek isländir? Muny ýaş ýigit indi hiç wagt bilip biljek däldi. Özüniň soňky
syryny millioner özi bilen alyp gidipdi.
Ýaş býigit özüniň hem bu ýerden gitmeli wagtynyň gelendigini duýdy. Ýöne, mülkden çykyp
gitmezinden ozal ol gojanyň elinde gysymlap ýatan gülüni almak isledi. Meýdiň üstüne egilip, ol güle
elini degirdi, emma birden elini yzyna aldy. Ol şeýle etmek bilen goja milloneriň hakydasyny
depgilejekdigine düşündi. Ol onuň gülidi, onuň iň soňky hemrasy we ýoldaşydy. Dikelip, ýaş ýirit
semdanda soňky şemiň heniz hem ýanyp duranyny gördi. Onuň gözüne ýaş aýlandy. Ol goja bilen köp
wagt bile hem bolmady, emma oňa edil atasy ýaly, kemsiz öwrenişipdi.
Şemiň alawlaryna seredip, ýaş ýigit hiç wagt hem goja millioneri ýüň sakgal etmejekdigine kasam
etdi. Ol onuň taglymatyna eýerer, soňra bolsa ony beýlekilere öwreder. Ol sözünde tapylmak üçin ähli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Millioneriň syry - 6
  • Parts
  • Millioneriň syry - 1
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1751
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 2
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1811
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 3
    Total number of words is 4004
    Total number of unique words is 1836
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 4
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1800
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 5
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1897
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 6
    Total number of words is 123
    Total number of unique words is 104
    62.4 of words are in the 2000 most common words
    70.9 of words are in the 5000 most common words
    73.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.