Latin

Millioneriň syry - 3

Total number of words is 4004
Total number of unique words is 1836
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
iň ýokary bahaňyz däldir. Munuň özi örän çäkli sandyr. Käbir adamlar bu möçberi bir aýda gazanyp
bilýärler, beýlekiler—hepdede, üçünjileri—her gün, ýylyň her güni altmyş müňden. Myňa garamazdan,
sizi gutlamaga rugsat ediň. Siz ajaýyp ösüş etdiňiz—özüňiziň Meniňiziň keşbini iki esse
gowulandyrdyňyz we şonuň ýaly-da özüňiziň pikir çägiňizi giňeltdiňiz. Elbetde, meniň isleýşim ýalyha däl, ýöne sizi howlukdyryp durjak däl. Ilkibaşda size öz öňüňizde siziň üçin kyn, göze ilgiç, şol bir
wagtda-da hakykata laýyk gelýän maksady öňde goýmak gerek. Eger maksat size has agyr görünse siz
oňa ynanmarsyňyz. Maksadyň syry onuň irnikliliginde hem-de şol bir wagtda-da amala aşyrylyp
bilinjegindedir. Öz öňüňizde maksat goýanyňyzda muny mydama-da ýatda saklaň. Beýleki bir tarapdan,
adamlaryň köpüsiniň köne ülňülere wepalydyklaryny ýatdan çykarmaly däl. Olar özleriniň pikir ediş
çäklerini giňeltmekden gorkýarlar we bu gorky olarda edil endik ýaly bolup barýar. Adamlar tukat
gündelik durmuşda ýaşamaga öwrenişýärler we özgerişsiz oňňut edýärler. Olar muňa durmuş didýip
ynanýarlar, olar arzuw etmekden gorkýarlar. Pikir çäkleriňizi giňeltmekden hiç wagt hem çekinmäň.
Kagyz liste ýöne ulalyp barýan sanlary ýazmak bilen, bir sagadyň dowamynda ajaýyp netijeleri
gazanyp bolar. Ine, sizi alyp göreli. Binäçe minutyň dowamunda siz öz maksadyňyzy iki esse
artdyrdyňyz.
--Soňrak, haçanda öz otagyňyzda ýejke galanyňyzda şeýle wezipäni ýerine ýetiriň,--diýip, goja
milliomer sözüni dowam etdi.—Oturyňda maliýe üstünligine eltýän öz ugryňyzy bellik edişdiriň.
Nähili? Ynha şeýle. ―Şu günden başlap, alty ýyl geçenden soň men millioner bolaryn‖ diýip ýazyň.
Munuň özi meniň syrymyň iş ýüzüne geçmegidir, hut şeýle etmek bilen men Basym Millioner boldum.
Eger maksada ýetmek üçin alty ýyl gerek bolsa, onda bu nähili basym bolýar diýmegiňiz mümkin.
Ylalaşýaryn, ýöne size maliýe üstünligine alyp gitjek ulary otlamak we açary towlamak üçin bary ýogy
ýekeje pursat gerek bolar.
Eger men barada gürrüň etmeli bolsa, onda men 10 000 funtdan başlapdym. Bu pullary maňa bir
goja millioner beripdi. Özümiň ilkinji millonymy gazanmak üçin maňa bäş ýyl we on aý gerek boldy.
Şondan bäry şu formulany ulanmak bilen men kän öňe gitdim. Köpler meniň ýörelgämiň üstünden
gülýärler, ýöne şol gülýänler baý bolup baraýanoklar.
Bu formula diňe millioner bolmak isleýänler üçin hem peýdaly däl.Ahyrsoňy, baýlyk barada
hemmeler arzuw edio baraýanok. Şunda-da meniň syrymyň ähli ajaýyplylygy jemlenýär. Ol islendik
arzuwyň—ýönekeýlerinden başlap, iň bir geň-enaýy arzuwlaryň amala aşmagyna şol bir derejede
ýardam edýär. Meselem, goşmaça bäş müň funt gazanmak ýa-da özüňiň ýyllyk girdejiňi iki esse
artdyrmak, ýeri gelende bellesek doly amal edip boljak wezipe.
Indi bosa, siz rugsat etseňiz, men özümiň güllerimiň ýanyna gitmekçi, siz bolsa öz otagyňyza
gidiňde meniň size aýadan jümlämi ýazyň: ―Şu günden başlap, ýene alty ýyldan men millioner bolaryn.
Diýmek, men ...çenli millioner bolaryn.‖Günini, aýyny we ýylyny ýazyň. Ähli täsir galdyran zatlar we
kelläňize gelip biljek pikirler barada, olaryň mazmunyna seretmezden ählisini ýazmagy unutmaň.
Kagyzy stoluň üstünden taparsyňyz. Baryň we meniň formulamyň üstünde biraz kelle döwüň, ol ýakyn
alty ýylda siziň durmuşyňyzy kesgitlejek ýörelge bolar.
8-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZI ÜÇIN SÖZÜŇ GUDRATYNY
AÇÝAR
Wezipeleriň üstünde kelle döwmeklige çümen ýaş ýigit bir sagadyň nähili geçenini bilmän
galdy. Pikir derýasyndan ony hyzmatçynyň sesi çykardy.
--Hojaýyn size bagda garaşýar,--diýip, ol aýtdy. Ýaş ýiýgit hyzmatçynyň ugratmagynda baga tarap
ugrady. Hojaýyn ýaňyja tertibe salnan gülleri synlap, oturgyçda otyrdy. Aýak sesini eşidip, goja
kellesini galdyrdy. Onuň ýüzünde ýagty ýylgyryş alamty duýulýardy.
--Ýeri, işler neneň?—diýip ol sorady.—Gaytalamalar peýda berýärmi?
--Hawa, ýöne mende ençeme sowal bar.
--Şonuň üçin-de men bu ýerde otyryn,--diýip, goja myhmany öz ýanynda oturmaga çagyrdy.
--Meni iň alada goýýan zat, ýene alty ýyldan, hatda bu bolgusyz jümläni ýazsam hem we onuň
üstünde işläp başlasam-da nädip meniň milloner bolup biljegim. Men hatda haýsy ugutda
işlejekdigimi-de bilmeýärin. Munuň üstesine-ds, meniň göwnüme bolmasa milloner bolardan heniz
men ýaş ýaly.
--Ýaşlyk—päsgelçilik däl. Müňlerçe adamlar sizden hem ýaşrak wagtlary baýap bildiler. Mesele
ýaşda däl, syry bilmezlekde ýa-da ony ulanmak islemzlikde.
--Men siziň syryňyzy ulanmaga taýýar, ýöne maňa özümi millioner bolmaga ukuplydygymy hähili
ynandyrjagymy bilmeýärin.
--Diňe bir usul bar, ýagny siziň ulanýan şol bir usulyňyz, haçanda siz özüňizi, eger siz muny näçe
isleýän bolsaňyz-da hiç haçan milloner bolup bilmejekdigiňizi tersine ynandyryp bileniňizde mümkin
bolar. Soňky günleriň dowamynda, has takygy, soňky hepdelerde siz öz şahsyýetiňizi ―basym
millioneriň‖ şahsyýerine öwürmäge ymtyldyňyz. Elbetde, ençeme ýyllaryň dowamynda dikeldilen
diwary ýykmak üçin wagt gerek. Syr keşpler bilen utgaşdyrylýan sözlerde. Biziň pikirlerimiz özlerini
şeýle aýan edýärler. Her bir pikir özi barada ýa söz bilen, ýa-da keşp bilen habar berýär. Adamyň
häsiýeti nähili güýçli bolsa, şonça-da onuň pikir-hyýallary uly güýje eýedir, şonça-da olar onuň durmuş
ahwallaryny emele getirip, çalt durmuş hakykatyna öwrülýärler. Filosof Geraklitiň ―Häsiýet ykbala
barabardyr‖ diýen parasatly jümleleriniň esasynda şu pikir ýatandyr.Isleg—biziň pikir-hyýallarymyzy
goldaýar we ugrukdyrýar. Siz näçe güýçli isleýän bolsaňyz, şonça-da çalt siziň isleýän zatlaryňyz siziň
durmuşyňyzda peýda bolar. Baýamak isleýäňizmi—arzuw ediň, ot alyp muny isläň. Çynlakaýlyk we
hyjuw—ine üstünligiň zerur goşundysy.
--Ýöne men baý bolmagy çyn ýürekden isleýärin,--diýip, ýaş ýigit seslendi.—Men indi ençeme
ýyllar bäri munuň üçin ähli mümkin bolan zatlary edýärin, emma hiç zat kömek etmeýär.
--Alaw ýaly isleg—hökmany şert, ýöne ol ýeterlik däl. Size ýermeýän zat ynam. Siz millioner
boljakdygyňyza ynanmaga borçlysyňyz.
--Ýöne men nädip şol ynama eýe bolmaly?
--Men şu tema degişli örän köp kitap okadym. Olarda gelinýän netijeler meniň halypamyň maňa
öwreden zatlary bilen gabat gelýär. Ynama eýe bolmagyň ýeke täk usuly –sözleri gaýtalamak. Söz
biziň içki we daşky durmuşymyzda ägirt uly güýje eýedir, emma köp halatlarda adamlar bu babatda hiç
hili düşünjä eýe däldirler, ýa-da bu ýörelgäni iş ýüzünde ulanmaýarlar... Ýok, men ýalňyşdym, olar ony
ulanýarlar, emma diňe özleriniň zyýanyna. Sözler ähli babatda güýçlidirler, muny ýatdan çykarmaň.
--Siziň pikirleriňiziň gaşysyna gitmek islämok, ýöne, meniň göwnüme bolmasa, siz biraz meseläni
mahabatlandyrýarsiňiz ýaly.—diýip, ýaş ýigit garşy çykdy.—Düşünýän däldirin, nädip söz maňa
milloner bolmaga ýardam edip biler. Elbetde, olar belli bir ähmiýete eýe, ýöne ylalaşaýyň, diňe
gytaklaýyn.
Basym Millioner öz pikirlerine çümüp oturşyna hiç zat aýtmady. Soňra şeýle diýdi:
--Siziň otagyňyzdaky stoluň üstünde men siziň üçin bir köneje, şu taglymaty örän elýeterli
düşündirýän kitaby goýupdym. Haýyş edýän, baryňda ony edil şu wagt okap görüň, ol öran gysga
ýazylan, soňra şu ýere geliň we biz öz söhbetimizi dowam etdireris. Size amatly bolar ýaly oagyň
gapysyny ýapyp bilersiňiz.
Ýaş ýigit öz otagyna gaýdyp geldi, gapyny ýapdy we gürrüňi edilen kitaby gözläp başlady, emma
kitabyň ýerine hat tapdy. Bukjada onuň ady ýokdy, ýöne biziň gahrymanymyz bu haty özi üçin ýazylan
hasap etdi, sebäbi onda ―Ýaş millionere hat‖ diýen ýazgy bardy.
Ol bukgany açdy. Kagyz listde gyzyl syýa bilen ýazylan ekeje söz bardy.
―Hoş galyň‖. Aşagynda bolsa gol: Basym Millioner.
Myhmanyň ýüregi gürsüldäp urdy.
Şol pursat haýsydyr bir ýaňlandy. Yzyna öwrülip, ýaş ýigit ozal bu ýerde bolmadyk kompýuteri
gördi. Myhman bagda wagty kimdir biri ony bu ýere getiren bolmaly. Ses işläp duran printerden
gelýärdi. Ýaş ýigit kompýutere ýakyn geldi we printeriň şol bir jümleleri çykarýandygyny gördi:
Seniň bir sagat ömrüň galdy
Seniň bir sagat ömrüň galdy
Seniň bir sagat ömrüň galdy
Seniň bir sagat ömrüň galdy
Seniň bir sagat ömrüň galdy
Eger bu degişme bolsa, onda ol gödek degiöme diýip, ýaş ýigit pikir etdi. Elbetde, bu degişme.
Basym Milliopner näme üçin ony öldürmelimiş? Ol goja hiç hili ýamanlyk etmedi. Her näme-de bolsa
bu ýer täsin ýer. Belki-de, bu goja özüniň mylakatlylygynyň aňyrsynda adam öldürmäge niýetini
gizleýän akly çaşan adamdyr?
Ýaş ýigit halys aljyrady. Eger bu degişme bolmasa, onda bu ýerden heniz giç däl wagty çaltrak
jyrmak gerek we gojanyň çegine, syryna, onuň sada kellesine guýan ähli jadyly taglymatlaryna atanak
çekmek gerek diýip, ýaş ýirit oýlandy.
Ol haty poluň üstüne zyňyp goýberdi we gapa tarap okduryldy, ýňne ol berk ýapykdy.
Aljyraňňylyga düşmek bilen ol gapyny açmak üçin bar güýji bilen tutawajy basdy. Peýda etmedi. Bu
gezek, megerem, goja millioner aşa öte geçdi.
Özüni ýitirip, ýaş ýirit aýnanyň ýanyna towsup bardy we millioneri gördi. Goja bagda işläp ýördi.
Ýaş ýigit munuň manysynyň bardygy barada pikir etmezden gygyryp goýberdi. Jogap bolmady. Ol has
gatyrak gygyrdy. Ünsünlik. Belki, goja çala eşidýändir. Şol wagt bagda hyzmatçy peýda boldy we ýaş
ýiýgi güýjünde baryny edip gygyrdy. Peýdasyzdy.
Bu nä boluş? Olaryň bary birden ker bolaýmalymy?
Birinji hyzmatçydan soň baga ýene biri geldi. Myhman ýene gygyrdy, ýöne ikinji hyzmatçy hem
gykylyga üns bermedi. Ýaş ýigidi howsala gaplap aldy. Bu nähilidir bir elhenç dildüwşük diýip, ýaş
ýigit oýlandy.
Ilkinji gezekde bolsy ýaly ýaş ýigit penjireden çykyp gitmek barada pikirlendi, ýöne bu pikirini
dessine taşlady. Ol öz boýnuny omurmak islemeýärdi. Şu ýerde-de onuň gözi telefona düşdi.
Paňkelle!—diýip myňman öz-özüne sögündi. Näme üçin ol muny osal görmedikä? Kime jaň etmeli?
Polisiýamy? Halas ediş gullugunamy? Eger howp ýok bolsa, ony ýalan çakylykda aýyplarlar.
Ol telefon belgisini aýlady. Telefonda oturan zenanyň sesi tasin eşidildi. Ýaş ýigidiň haýyşyna
jorap edip ol ýakynda ýerleşýän polisiýa bolüminiň telefon belgisini berdi. Ol gyssagly belgini aýlady.
Gysgajyk gudoklar gitdi. Nähili ýakymsyz seseler! Ol belgini täzeden aýlady, ene-de telefon meşguldy.
Ýok, onuň işi halys şowuna däl. Ýaş ýigit üçinji gezek belgini aýlamaga durdy, ýöne şol pursat telefon
apparatyň özünde ýazylan belgini aýlap oturandygyny bildi. Ol öz otagyna jaň edýärdi.
Ol ýene-de gapyny döwmäge çalyňdy, emma bu başa barmady. Penjiräniň golaýyna gelip, ol giň
gara plaş geýnen we etegi giň şlýapaly adamyň öýe tarap gelýänini gördi. Ýaş ýigidiň endamyna sowuk
aralaşdy. Eýsem ol hkyna tutma jellat däldi, kim bolup biler? Edil alaka ýaly gapana düşdüň. Çykalga
ýok. Häzir ony öldürler.
Girelgeden aýak seslri eşidildi. Ädimler golaýlaşýardy. Ýaş ýigit goranmak üçin bir zatlar gözläp,
çepe we saga howsalaly äňedip, gapydan aýryldy. Gapyda açar towlandy, tutawaç gaňryldy, gapy
açyldy. Bosagada alagaraňkyda gara göwre durdy, ine-de ol içeri girdi. Nätanyş ýeke söz diýmän,
heýkel ýaly bolup sarsman durdy, soňra ol elini jýbýsine sokdy. Ýaş ýigit şol ýerden pistoletiň peýda
boljakdygyna garaşdy, ýöne hätanyş pistoletiň ýerine şol bir wagtda ýüzüni ýapyp duran şlýapany
galdyryp, jübüsinden bir bukja çykardy. Iň bir ýaramaz netijä garaşyp, jadylanan ýaly bolup duran ýaş
ýigit şlýapanyň astynda milloneriň ýüzüni gördi.
--Siz bagda öz hatyňpyzy ýatdan çykaryp raýdypsyňyz,--diýip, Basym Millioner aýtdy. Ýaş ýigit
indi biraz özüne gelip, gyzyklanma bilen gojanyň eşigine seretdi.—Siz meniň salgy beren
kitapjagazymy tapdyňyzmy?
--Ýok, ýöne men ine şuny tapdym,--diýip, ýaş ýigit jogap berdi. Gojanyň sesi ýene-de ozalkylary
ýaly dostlukly eşidildi we myhmanyň ýüregi biraz köşeşdi.
Ol aşak egildi-de poldan bukjany galdyrdy.
--Bu ýerde siz nähili oýny guradyňyz?—diýip, myhman talap edijilik äheňde gürledi.—munuň
ýaly zat üçin men sizi kazyýete berip bilerdim, düşünýäňizmi...
--Ýöne...bularyň bary ýöne bir söz ahyryn. Kagyz liste ýazylan birbäçe jümle. Siz hakykatdan-da
şu kagyz üçin meni kazyýete bermekçi bolýaňyzmy? Siziň özüňiz sözüň güýjüne ynanmaýandygyňyzy
aýtdyňyz ahyryn, şeýle dälmi? Seretseňizläň, siz nähili ýagdaýda...
Ýaş ýigit gojanuň näme diýmekçi bolýandygyna birdenkä düşündi.
--Men siz sapak bermek isledim,--diýp goja aýtdy.—tejribe taglymata görä has gowy mugallym.
Dogruläp aýtsak, tejribe munuň özi durmuşdyr. Gýotäniň näme diýenini bilýäňizmi? ―Çal—munuň özi
hazaryet, meniň dostum, durmuň daragty bolsa mydama ýaşyl owüsýändir.‖ Siz indi sözüň gudratyna
düşündiňizmi? Ýene-de bir zat: sözüň güýji şeýle bir uly welin olar hatda ýalan alyp gelýän wagty-da
adamlara täsir edýärler. Ynanaýyň, mende hiç hili ýaramaz isleg ýokdy.
--Men nireden bileýin?—diýip, kem-kemden köşeşýän myhman aýtdy.
--Siz bu zatlaryň üstünde logiki pikirlenip bilersiňiz. Hany, aýdyň, maňa sizi öldürmek nämä gerek?
Siz hiç wagt hem maňa hiç hili ýamanlyk etnediňiz. Goý, hatda şeýle-de bolsun, ýöne men barybir ar
almak barada pikir etmezdim. Häzirki wagtda meniň höwes edýän zadym öz bagyma serenjam bermek.
Häzirlikçe ol gelejekde maňa garaşýan agaýyp bagyň diňe solgun kölegesi. Siz logika ynam etmelidiňiz.
Ýogsam-da bolsa, siz özüňiziňkä meňzeş ýagdaýda logikanyň nähili güýçsüzdigine göz ýetiren
bolsaňyz gerek? Haçanda siz bize gygyranyňyzda, biz hem ony eşitmediksirän bolanymyzda, siz nähili
erbet ýagdaýa düşdüňiz. Siziň ýalňyşlygyňyz ozalyndan gurnalan haty okanyňyzda däl-de, eýsem şol
haýbat atmalara ynananlygyňyzda. Siz adam aňyny dolandyrýan iň esasy kanynlaryň birine instinkt
boýunça boýun bolduňyz. Haçanda hyýala getirmeler bilen logika bir-birlerine ters gelenlerinde,
köplenç, gürrüňsiz hyýala getirmeler ýeňiş gazabnýandyr. Siz ýene-de bir, has erbet ýalňyşlygy
goýberdiňiz—siz özüňize düýbünden degişli hem däl howp salynma sebäpli başyňyzy çaşyrdyňyz.
Millioner printeriň ýanyna bardy, ony öçürdi, hat ýazylan kagyzy aldy we ony myhmana berdi.
Ýaş ýigit ör-gökden geldi. Sahypanyň iň ýokarsynda nätanyň adamyň ady ýazylgydy. Ol hatda haýbat
atylýan sözleriň öz adyna degişli däldigine hem üns bermändi. Ýaş ýigide bu wakanyň diňe onuň
özüniň hyýala getirmeleriniň miwesi bolandygy üçin örän utançly boldy.
9-NJY BÖLÜM:ÝAŞ ÝIGIDE ILKINJI GEZEK GÜLIŇ
ÝÜREGINI GÖRKEZÝÄRLER
--Şu günüň dowamynda siz ençeme möhüm zatlary öwrendiňiz,--diýip, milloner ýaş ýigide
aýtdy.—Siz olary diňe paýhasyňyz bilen däl, eýsem tutuş ýüregiňiz bilen hem syzdyňyz. Indi siz, biz
muny isleýärismi ýa-da ýok, sözlerip biziň durmuňymyza nähili täsir edýändigini duýduňyz. Siz
düýbünden özüňize degişli hem däl haýbat atmalardan öler ýaly gorkduňyz. Ýöne näme-de bolsa ol
biderek bolmady, siz gymmatly sapagy özleşdirdiňiz. Pikir, eger ol ýalan bolsa-sa, eger biz onuň
hakykydygyna ynansak bize täsir edip biler. Haçanda biz pikir-hyýallaryň ähmiýetliligini, takyk
aýdylanda, biziň öňa berýän ähmiýetimizi kesgitlemegi öwrenenimizde, biziň aňymayza rahat pikir
etmek başarnygy gaýdyp gelýär. Diňe siziň aňyňyz haýbar atmalar bilen bagly sözlere ähmiýet berdi.
Eger olar size nätanyň dilde ýazylan bolanlygynda, siz olara jinnek ýal-da ähmiýet bermezdiňiz.
Millioner şägirdine eşiden sözlerini aňynda öwrüp-çöwrer ýaly pyrsat berip dymdy we biraz
garaşyp sözüni dowam etdi:
--Gelejekde, her gezek, haçanda müşgüllikler bilen gabat gelseňiz, üstünlige barýan ýolda siziň
öňüňizde ençeme päsgelçilikler gabat geler, ýalan howp darada ýatlaň. Özüňize şeýle göwünlik beriň,
bu müşgüllik şol ýalan howp ýaly size hiç hili dahylly däldigini aýdyň. Megerem, bu siziň üçin öte
geçmek ýaly görner, çebäbi müşgüllik bilen siz ýüzbe-ýüz bolýarsyňyz, emma ony aňyňyz bilen başga
ugra gönükdiriň. Onuň size däl-de, eýsem başga birine niýetlenendigini hyýalyňyza getiriň. Men
diýmek islän zadymy size düşündirmegi başardymmy, bilemok. Hiç bir ýagdaýda-da müşgüllige sizi
ýoluňyzdan yza gaýtarar ýaly üns bermek gerek däl. Haçanda siz muny öwreneniňizde, bu bolsa asla
ýeňil däldir, ynanaýyň, siz bahasyna ýetip bolmajak endik edinersiňiz we özüňiziň ähli arzuwlaryňyzy
amala aşyryp bilersiňiz. Ýöne duýdurmaga ygtyýar beriň, şol endigi edinçänçäňiz size uzak, kyn ýol
garaşýar. Hiç haçan yza çekilmäň, ine şonda, sizi ynandyrýaryn, netije sarp edilen tagallalara mynasyp
bolar. Ajaýyp günleriň birinde, men ynanýaryn, siz hatda durmuşyň iň ýokary maksadynyň
nämededigine düşünersiňiz. Beýleki zatlaryň ähmiýeti ýok.
Özüniň pikirlerini aýdyp, çuň oýlanmalara çümüp, millioner dymdy.Onuň gözleri tukatlandy.
Biraz dymyp, ol aýdylanlary jemleýän ýaly, sözüniň üstüni ýetirdi:
-- Durmeş agaýyp gülleýän bag ýaly-da ýa-da ýer üsnüdäki dowzah ýaly-da bolup biler. Ähli zat
siziň pikirleniş çägiňize baglydyr. Ine, şu güljagaz barada oýlanyň. Islendik wagt, haçanda siziň
ýoluňyzda müşgüllik ýüze çykanda, gülüň merkezine ünsüňizi dikiň. Gülüň ýüreginiň içine giriň we
onda ýitip gidiň. Ýatda saklaň, howp size däl-de, başga birine degişli. Eger siz isleseňiz, müşgüllik size
däl-de, başga birine tarap gönükdiriler.
Goja öz sözleriniň ähmiýetini aýratyn nygtap, dowam etdi:
--Adamlaryň köpüsi meniň edil şu wagt aýdan zatlaryma düşünmäge ukyply däl. Olar muny
bişişmedik optimizmden başga zat däl diýip pikir edýärler, ýöne şu sözlerde has ähmiýetli zatlar
gizlenip ýatyr. Ýaramaz zatlary görmegi başarmaýanlar üçin ýaramazlyk ýok. Dünýä—biziň içki
dünýämiziň aýnada görünýän zatlar ýaly şöhlelenmegidir.Eger sizde hiç hili gowşaklyk bolmasa, onda
ýaramazlygy hiç bir zat özüne kabul edip bolmezdi, ol size degişli bolmazdy, howp sizi gorkuzmazsy.
Ýaramazlyk ýok diýip mydama gaýtalaň we öz ünsüňizi gülüň ýüreginde jemläň. Bu ýerden
siz düşbülik taparsyňyz,ol bolsa sizi durmuşda öňe alyp gider. Bu ýerden siz durmuşda ýetmeýän
zadyňyzy—öz edýän işiňize söýgini, adamlara hormaty,hakyky baýlygyň goşalanan syryny taparsyňyz .
10-NJY BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZÜNIŇ AŇASTY AŇYNA ERK
ETMEGI ÖWRENÝÄR
Bu uzaga çeken, täsirli gürrüňini tamamlap, milloner ýadawlyk bilen dymdy. Binäçe minut
dymyp oturandan soň ol her bir sözüne basym berip, gürrüňini dowam etdi:
--Ine, näme üçin meniň size beren formulam şeýle güýje eýe. Hatda, eger ozalbaşda siziň haçan
hem bolsa bir wagt millioner boljakdygyňyza ynanmak kyn bolsa-da, bary bir siz millioner bolup
bilersiňiz. Şu formula bilen hem siz edil howp bilen iş salşyşyňyz ýaly çemeleşiň—onuň mazmunyny
hakykat ýaly kabul ediň, sebäbi hut ynam hem islendik üstünligiň iň beýik syrydyr. Eger siz özüňiziň ol
ýa-da beýleki maksada ýetip biljekdigiňize ynansaňyz, siz bu ukyba hem eýe bolup bilersiňiz.
--Men şu günden başlap, ýene alty ýyldan millioner bolup biljekdigime asla ynanyp bilemok.
Howp bilen bagly ýagdaýda men kellämi ýitirdim we özümi aldatdym, emma formula—bu düýbünden
başga zat,--diýio, ýaş ýigit aýtdy.
--Hatda eger siz formulanyň täsirine ynanmasaňyzda, ol size täsir edip başlaýar. Siz näçe ony
özleşdirdigiňizçe, ol näçe size aralaşdygyça, şonça-da ol güýçli bolup başlaýar. Sebäbi bu ýerde siziň
logiki deliller bilen ynandyryp bilinjek oýlanyşykly pikirlenýän aňyňyz hereket etmeýär. Ýalan howpy
ýada salyň. Logikanyň nukdaýnazaryndan ol size doly derejede bolgusyz bolup göründi, emma ol,
bellemeli bolsa, sizden güýçli çykdy. Siziň haýsydyr bir bölegiňiz—siziň hyýalyňyz—ýalan howpy
hakyky diýip kabul etdi. Biziň aňymyzyň bu gizlin bölegi ―aňmaýan bölek‖ diýlip atlandyrylýar.
Gizlindigine garamazdan ol biziň aňymyzdan esli deregede güýçlidir. Hut şil hem biziň durmuşymyzy
ugrukdyrýar. Aňmazlyk taglymaty barada men gagatlap gürrüň edip bilerin, ýöne men bir jümle bilen
çäklenmekçi: aňasty aň sözüň güýjüne biçak duýgurdyr. Megerem, indi size alty ýyla ýeter-etmez
wartda millioner bolmak babatda hakykat ýüzünde we amala aşyryp boljak mümkinçilige ynanmagyň
kyndygy düşnükli bolsa gerek.
--Gynansam-da, beýle däl.
--Sözlem görnüşinde emele gelýän pikirler, başgaça aýdanymyzda sözler, ençeme ýylleryň
dowamynda aňasty aňa çuňňyr aralaşýar. Wagtyň geçmegi bilen ýaňyňda saklanýan ähli zatlar siziň
Meniňiziň keşbini döredýär. Siz muny aňmaýarsyňyz, emma, muňa seretmezden, siziň ähli geçmiş
tejribäňiz, siziň özüňiz bilen alyp baran ähli içki söhbetleriňiz sizi millioner bolup biljek adam däl diýip
ynandyrypdy. Ýogsam, hakykay aýtmaly bolsa, munuň üçin sizde ähli zerur häsiýetler bar. Siz öz göz
öňüne getirişiňizden hem az zähmet sarp edip millioner bolup bilersiňiz. Siziň Meniňiziň keşbi, biziň
her birimiziň Men keşbimiz ýaly, şeýle bir uly güýje eýe welin, ol siziň islegiňize bagly bolmazdan
siziň ykbalyňyza öwrülýär. Daşky ýagdaýlar täsin takyklygy bilen siziň özüňiz baradaky göz öňüne
getirmeleriňizi gaýtalaýarlar. Baý bolmak üçin size öz Meniňiziň täze keşbini özüňiz üçin döretmek
gerek.
--Men tagalla ederin, ýöne ol meniň meselämi çözermi? Men bu taglumatlaryň ählisini örän kabul
etmek islärdim welin, ýöne men näme-de bolsa özümi millioner bolmaga ukyplydygymy nädip
ynandyryp bilerin?
--Bu örän aňsat ahyryn, görmeýärsiňizmi, eýsem? Ýene-de bir gezek ýalan howp barada ýatlaýyň.
Ol ýalandy, emma size hakyky ýaly täsir etdi. Şeýle hikäni özüň bilen hem etmek gerek. Siziň aňasty
aňyňyz ozalky sapardan has parasatly bolup çykmasa gerek. Çaga döwrüňizde, soňraklar hem, haçanda
siz nämedir bir zat bilen ylalaşmaýan bolsaňyz-da, hatda ol ýalan bolsa-da, siz öz aňasty aňyňyzy şol
ýalany kabul etmegi meşbur edip, ony aladansyňyz. Ýenede siz şony etmeli bolarsyňyz. Aňasty aňa
islegiňe görä täsir edip bolýar, soňra bolsa, haçanda ol siziň aýdan zatlaryňyzy kabul edende, bu bolsa
şeýle bir çylşyrymly hem däl, siz isleýän zatlaryňyzyň ählisine etip bilersiňiz. Näme üçin? Sebäbi sizň
aňasty aňyňyz siziň başarjakdygyňyza ynanýar. Ol muny, edil şu wagtdaky ýaly, siziň köp zatlary edip
bilmejekdigiňiz baradaky ynamyňyzy hakykat diýip kabul edişi ýaly, ony-da hakykat diýip kabul eder.
Munuň özi meniň ozal aýdan zatlarym bilen baglydyr. Adam—onuň aňasty aňynda pynhan
saklanylýan pikir-hyýallaryň şöhlelenmesidir.
Ýaş ýigit halypasyny barha artýan gyzyklanmasy bilen diňleýärdi, ol bolsa gürläp durdy:
--Iň esasy mesele—ol ýa-da beýleki zadyň hakykatdygy barada gümansyramak, ol bolsa ýerine
düşýär. Aňasty aňy nähili güýje eýedigine garamazdan, hakykaty ýalandan saýgaryp bilmeýär. Ir ertir,
siz haýbat atmalara sezewar bolanyňyzda, siziň aňasty aňyňyz onuň ýalandygyny aňlamagy başarmady
we oňa belli bir derejede garşy durmaga çalyşdy. Eger siziň akylyňyz hatyň mazmunyny kabul etmedik
bolanlygynda, eger ol, diýeliň, aňasty aňyň öňande gapyny ýapan bolanlygynda, onda siz bu zatlaryň
ählisine örän arkaýyn çemeleşerdiňiz we ýagdaý aýdyňlaşýança garaşardyňyz.
--Hawa, ýöne haçanda aň bilen aňasty aňyň arasynda gapma-garşylyk ýüze çykanda nämeler bolup
geçýär? Eger meniň aňym baýlyk baradaky pikiri kabul etmese näme bolar?
--Eke-täk çykalga, özem iň çalt we netijeli çykalga,--gaýtal;amak.
--Gaýtalamak?
--Nut şeýle. Bu usuly adatça öz özüňe ynandyrmak hem diýip atlandyrýarlar. Biziň her birimiz
bütin durmuşynyň dowamynda ony mydama ulanýarys. Her gün bize ynandyrrmak we öz-özüňi
ynandyrmak täsir edip durýar. Biziň her birimiziň özümize gönükdirilen dynuwsyz iç gepletmelerimiz
biziň durmuşymyzy kesgitleýär.Kimdir biri hiç haçan üstünlik gazanyp bilmejekdigini tükeniksiz
gaýtalaýar, sebäbi işi şowsuzlar maşgalasynda doglanmyşlar. Ýa-da eýýäm birnäçe gezek şowsuzlyga
uçrapdyrlar we olary ykbal kesgitleýji boldy didiý hasap edýärler. Bu adamlar şowsuzlykdan
şowsuzlyga olarda üstünlik gazanmak üçin zeryr häsiýetleriň ýokdugy üçin däl-de, eýsem diňe
düşünmezden özlerini işi şowsuzler diýip görkezýändikleri üçin uçraýarlar.
Özlerini zenanlar üçin düýbünden görmeksiz hasap edýän erkekler bar, ýogsam olar hakykat
ýüzünde olar mähirlilikden şöhle saçýarlar. Nähili pikir edýärsiňiz, dogrudan-da zenenlar olardan edil
mergiden gaçan ýaly gaça durýarlar. Olaryň aňasty aňynda şöhlelenýän Men keşbiniň güýji olaryň
garşysyna işleýär we zenanlary çetleşdirýän ýagdaýy döredýärler.
--Eýsemde bolsa, biziň durmuşymyza şeýle derejede diýseň täsir edýän oňyn däl formulany
gaýtalamagy başgaça-da ulanyp bolar, biz ony hem ýerine ýetireris,--diýip, goja özüniň pikirini
tamamlady.—Aňasty aň—özüniň kuwwatyna daýanyp, bizi özüne bakna edip biljek guldyr.Ýöne ol
kördür, ony aldap bolar. Şuny-da öwrenmek gerek.
Elbetde, ýaş ýigit bu gürrüňiň ählisine düşünmedi, muňa seretmezden, ol onuň peýdasyna boldy.
Ol gojanyň onuň bilen bolup geçýän zatlaryň sebäplerini görkezip, nyöany dogry urandygyna düşündi.
--Bu taglymatyň ajaýyplygy, oňa hatda ynanmasaň-da, ondan peýdalanyp bolýanlygyndadyr,-diýip, millioner seslendi.—Ýöne netije gazanmak üçin ony herekete getirmek zerur, bu bolsa
ertekilerdäki ýaly öz-özünden bolaýan däldir. Munuň syry ýönekeý: ähli zat, meniň eýýäm belläp
geçişim ýaly, gaýtalap durmaga bagly bolup durýar. Hatda ozalbaşda size muňa ynanmak kyn bolsa-da,
iň bolmanda birnäçe günüň dowamynda formulany gaýtalamaga çalşyň. Şol wagtyň dowamynda siz
belli bir netijäni duýarsyňyz.
Bu formula size diýseň ýönekeý bolup görünmegi mümkin, ýöne size bir zady aýtmaga rugsat ediň,
hut şunda-da zeminiň iň kuwwatly syry jemlenendir. Bibliýadaky sözleri ýada salyň: ―Ilkibaşda Söz
bolupdy.‖ Söz, ýagny dil. Öz-özüňi ynandyrmak biziň durmuşymyzda uly ähmiýete eýedir. Eget biz
muny aňmasak, onda köp halatlarda ol biziň garşymyza hereket eder. Tersine, eger biz ony özümize
gulluk etmäge mejbur etsek, onda onuň biçak uly güýjüniň ählisi biziň elimizde bolar.
--Meni ynandyrdyňyz diýip pikir edýäri,--diýip, ýaş ýigit aýtdy.—eger hakykaty aýtmaly bolsa,
men heniz hem köp zatlara düşünmeýärin.
--Zyýany ýok. Häzir size şu zady etmek gerek. Ýene-de ol size örän ýönekeý bolup görünmegi
mümkin, ýöne intellektual ölçegler boýunça däl-de, eýsem netije boýunça çözgütleri çykarmaly
bolarsyňyz...
11-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT WE ONUŇ HALYPASY SANLAR
WE FORMULALAR BARADA SÖHBET EDÝÄRLER
Millioner oturguja çökdi we myhmany hem çanynda oturmaga çagyrdy. Kagyz we galam alyp, ol
birnäçe sanlary ýazyşdyrdy.
--Siziň formulaňyz şeýleräk bolar,--diýip, ol aýtdy.
Listde şeýle sözler bardy: ―Şu ýylyň aýagyna mende aktiw görnüşinde 31 250 funt pul bolar. Men
bu möçberi bäş ýylyň dowamynda her ýyl iki esse artdyrýaryn we (şu ýerde boş setirler galýar) men
millioner bolaryn.‖
--Aktiwleri girdejiler bilen garyşdyraýmaň,--diýip, millioner düşündirdi.—Aktiwler—haçanda aşli
gündelik hasadatlar we salgytlar tölenilenden soň galýan pullardyr. Muňa maýa goýumlary ýa-da
beýleki emläkler, aksiýalar ýa-da bank süýşürintgileri girip biler. Şeýlelikde, eger alty ýylyň
dowamynda siz millioner bolmak isleýän bolsaňyz, bu bolsa etip bilinjek maksatdyr, onda siziň
formulaňyz şeýle model esasynda düzülip bilner. Eger birinji ýylyň aýagyna siz 31 250 funt sterling
möçberdäki aktiwe eýe bolsaňyz, onda siz eony her ýyl iki esse köpeltmek gerek we şonda siz ýene alty
ýyldan millioner bolarsyňyz.
Näme üçin iki esse artdyrmaly? Bu ýönekeý işi siziň aňasty aňyňyz aňsatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Muny ýatda saklamak hem aňsat. Yzygiderli ösüş kepillendirilýär. Şunda siz ilkinji milliony edinmek
üçin artykmaç, ýedinji ýyly sarp etmeli bolmaýarsyňyz.
Mundan başga-da, eger siz şeýle gysga möhletde—alty ýylda millioner bolmak isleýän bolsaňyz,
bu formula siziň üçin örän möhümdir. Ýöne ilkinji ýylyň aýagyna siziň aktiwleriňiz talap edilýän
31 250 funtdan az bolmagy-da mümkin. Eger bu san siziň üçin örän köp görünse, onda özüňize ýene
bir ýyl goşuň. Ýedi ýylda millioner bolmak hem erbet netije däl. Onda siziň maksadyňyz birinji ýylyň
aýagyna aktiw görnüşinde 15 625 funt bolar. Ynanaýyň, bu hakyky bolup biljek we amala aşyryp
boljak zat.Ynanan pursatyňyz ýylyň aýagyna sizde 15 625 funt möçberde ajaýyp baýluk emele geler,
siz ony edinersiňiz.
―Men ... ýyla(aýyny we ýylyny ýazyň—bäş, ýedi ýa-da on ýyldan) milloner bolaryn‖ diýen
formuladan başga-da, size gysga möhletli aralyk maksatlary düzmek gerek bolar. Olar baýlyga barýan
ýolda siziň ýol belgileriňiz bolar. Olardan başga-da, ýyllyk maksat zeryrdyr.
--Iň möhüni maksatlaryňy kagyza ýazmaksyr,--diýip, goja millioner nygtady.—Eliňiza galam alyň
we sanlar we ýyllar bilen biraz meşgul boluň. Gorkman, olar zeper ýetirmeýärler. Oýnuň dowamynda
siz sanlara we pul möçberlerine öwrenişip gidersiňiz. Müňlerçe adamlar baýamagy arzuw edýärlet,
ýöne olaryň ýüsden biri baýlyga barýan ýoly kagyzda neýan etse-di, onda gowy bolardy. Olar ýaly
bolmaň, meýilnamalary we kartalary düzüň! Özüňiz üçin amatly meýilnama düzýänçäňiz bu işe
synanyşyň. Göänüňizi galkyndyrmak üçin şu ýerde, meniň bilen edişiňiz ýaly yzygyder synanyşyk ediň,
goý, siziň hyýalyňyz erkin işlesin we nirä gitmek islese şol tarapa-da uçup gitsin. Siz baýamak
baradaky arzuwlardan başlamalysyňyz. Öz pikir-hyýallaryňyza, olary pullara we senelere öwrüp,
mukdar kesgitlemäni bermegi öwreniň. Bu siziň ilkinji synanyşygyňyz bolar. Sanlary öwrüp-çöwrüň,
we tiz wagtdan bu pýnuň size hakyky mümkinçilikleri açýandygyna göz ýetirersiňiz.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Millioneriň syry - 4
  • Parts
  • Millioneriň syry - 1
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1751
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 2
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1811
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 3
    Total number of words is 4004
    Total number of unique words is 1836
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 4
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1800
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 5
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1897
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 6
    Total number of words is 123
    Total number of unique words is 104
    62.4 of words are in the 2000 most common words
    70.9 of words are in the 5000 most common words
    73.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.