Latin

Millioneriň syry - 1

Total number of words is 3905
Total number of unique words is 1751
33.5 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
MILLIONERIŇ SYRY
(Mark Fişer)
1-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM ÖZÜNIŇ BARLY GARYNDAŞYNYŇ ÝANYNA MASLAHAT
SORAMAK ÜÇIN GELÝÄR ................................................................................................................................2
2-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM GOJA BAGBAN BILEN TANYŞ BOLÝAR ....................................................5
3-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM TÖWEKGELLIK ETMEGI WE MÜMKINÇILIKLERDEN
PEÝDALANMAGY ÖWRENÝÄR ....................................................................................................................10
4-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM BENDILIGE DUÇAR BOLÝAR......................................................................16
5-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM YNANMAGY ÖWRENÝÄR ............................................................................17
6-NJY BÖLÜM: ÝAŞ ADAM MAKSATDA ÜNSÜNI JEMLEMEGI ÖWRENÝÄR ..................................19
7-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZÜNIŇ "MENINIŇ" KEŞBINIŇ GYMMATY BARADA BILÝÄR .........22
8-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZI ÜÇIN SÖZÜŇ GUDRATYNY AÇÝAR ...................................................26
9-NJY BÖLÜM:ÝAŞ ÝIGIDE ILKINJI GEZEK GÜLIŇ ÝÜREGINI GÖRKEZÝÄRLER ......................30
10-NJY BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZÜNIŇ AŇASTY AŇYNA ERK ETMEGI ÖWRENÝÄR ......................31
11-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT WE ONUŇ HALYPASY SANLAR WE FORMULALAR BARADA
SÖHBET EDÝÄRLER ........................................................................................................................................34
12-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIDE DURMUŞ WE BAGT BARADA GÜRRÜŇ BERÝÄRLER .....................39
13-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZ ISLEGLERINI TASA GETIRMEGI ÖWRENÝÄR .............................44
14-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZI ÜÇIN GÜLLI BAGYŇ SYRYNY AÇÝAR ...........................................46
15-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT WE GOJA HER HAÝSY ÖZ ÝOLARY BILEN GIDÝÄRLER .................54
SÖZSOŇY .............................................................................................................................................................56
1-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM ÖZÜNIŇ BARLY GARYNDAŞYNYŇ
ÝANYNA MASLAHAT SORAMAK ÜÇIN GELÝÄR
Diýseň baýasy gelýän zehinli bir ýaş adam bolupdyr. Elbetde, şol wagta çenli, muny gizläp
dyrmagyň hajaty ýok, onuň ähli synanyşyklaryndan tamasy çykmandyr we olar şowsuz tamamlanypdyr,
ýöne ol özüniň bagt ýyldyzynyň dogjakdygyna çyn ýürekden ynanypdyr.
Öz işiniň ahyrsoňy şowly boljakdygyna garaşyp, biziň bu ýaş ýigidimiz ikinji derejeli reklama
agentlikleriniň birinde assistent bolup işleýärdi. Bu ýerde oňa şeýle bir gowy zähmet haky
tölenmänsoň, ýaş adam bu işiň özüne barha ýaramaýandygyny duýup başlady. Bu işe höwesi asla
ýokdy ol dagy näme etsin!
Ýaş adam haýsydyr bir başga iş bilen meşgul bolmak barada arzuw edip başlady. Meselem,
meşhur ýazyjy bolmak. Özüniň ähli pul meselelerini çözüp biljek kitaby ýazmaly we munuň üstesinede bu iş awtora meşhurlyk getirip biljekdi. Gynansak-da, ýaş adam hakyky edebiýat nusgasyny
döretmek üçin özýniň zehininiň we başarnygynyň ýetjekdigine ynamy ýokdy. Ynanaýyň, arassa boş
kagyz sahypalaryna köňül boşlugyňy we ruhy garyplygyňy çyrşap oturmakda, eýsem many barmy?
Şeýlelikde, gün yzyna gün geçdi, ýyl aýlandy.Ýaş adam üçin onuň gündelik işi çydap bolmajak
jeza öwrüldi. Her gün ir bilen wagtyny gazetleri okamak we öz gol aşagyndakylara gulluk hatlaryny
ýazmak bilen meşgullanýan, soňra bolsa tagamlyja günortanlyk nahary garaşýan restorana tarap
ýumlugýan başlygyny bolsa asla görmek islemeýärdi. Munuň üstesine-de, bu başlyk her 5 minutdan öz
pikirini üýtgedip durmak we bir-birine düýbünden çapraz gelýän buýruklary bermek sungatyna
ussatlarça emel edip bilýän adamdy. Eger bar iş başlik bilen bagly bolsady... Gynansak-da, ýaş adamyň
daşyny olaryň işi-de ýüreklerine düşen kärdeşleri gurşap alypdy. Göwnüňe bolmasa, olaryň ählisi-de öz
ykballaryna kaýyldylar we gelejek barada arzuw etmegi bes edipdiler. Olara özüňiň baş maksadyň—
ähli zady äpberip, ýaziji bolmak baradaky arzuwyň barada gürrüň bermek dogrusynda pikir etmek hem
mümkin däldi. Hiç kim ol sözleri dogry kabul hem etjek däldi. Ýaş adam kärdeşleriniň arasynda özüni
edil nätanyş ýurda düşen ýaly we ýerli dili asla bilmeýän ýaly duýýardy.
Her duşenbe güni ol öňdäki iş hepdäni nädip geçirerkäm diýen duýgular bilen ukudan oýanýardy.
Oňa iş stolunyň üstündäki kagyz üýşmegi-de, reklama agentliginiň üsti bilen öz awtoulaglaryny,
çilimlerini, piwosyny... satmak isleýän müşderileri-de asla gyzykly däldi.
6 aý ozal bu ýaş ýigit işden çykmak barada arzasyny ýazypdy. Şondan bäri ol azyndan 10 gezek
dagy başlygynyň otagyna jübüsi arzaly giripdi, emma ony başlygyň stolunyň üsünde goýmaga milt
edip bilmedi. Mundan 3-4 ýyl ozal ol, belki-de, beýle ikirjiňlenip durmasa-da durmazdy, emma indi her
gezek ony nämedir bir zat, haýsydyr bir güýç... saklaýardy,belkide, ol zat gorkaklykdyr... Ozallar ol has
gujurlydy. Indi ol zatlar nirä ýok boldy?
Wagt geçýärdi, biziň ýaş ýigidimiz bolsa haýsydyr bir zada garaşýardy, üstünlik barada arzuw
edýärdi, ýöne mydamalyk arzuwçyl adama öwrülip, hiç bir hereket etmeýärdi. Belki-de munuň bary
onuň durşuna bergä batanlygy sebäpli şeýle bolandyr? Belki-de, ol garrap başlandyr(sebäbi bu proses
haçanda adam özüniň geçmişini görmegini bes eden pursatlary herekete gelip başlaýar)?
Dogrusyny aýtsak biziň gahrymanymyz özi bilen nämeleriň bolup geçýändigi barada hiç bir zat
hem bilmeýärdi. Ine-de, ajaýyp günleriň birinde, haçanda has gussaly pursatda otyrka, ol birdenkä
özüniň millioner daýysynyň bardygyny ýadyna saldy. Megerem, daýysy ýegenine gowy maslahat berer,
belki-de, biraz puljagaz eçiler...
Biziň gahrymanymyzyň daýysy, mylakatly we mähirli adam, dessine öz ýegeni bilen duşuşmaga
razylyk berdi, emma oňa ýeke şaý hem bermedi.
--Sen näçe ýaşyňda?—diýip, daýysy ýegeniniň iç dökmelerini diňläp bolandan soň sorady.
--Otuz iki—diyip, ýaş adam daýysynyň gepi nirä çekýändigini aňyp, çekinjeňlik bilen pişirdady.
--Gepiň gerdeşine göra aýtsak, Jon Pol Getti ilkinji millionyny 23 ýaşyna çenli gazanypdy. Mendede seniň ýaşlaryňda eýýäm ýarym millionym bardy. Näme üçin sen şu wagta çenli pul karz berilmegini
sorap gelýärsiň?
--Ýöne men eşek ýaly işleýärin, kähalatlarda hepdede 15 sagatdan hem düşýär...
--Sen, hakykatdan-da, agyr zähmet baýlyk getigýändir diýip ynanýarmyň?
--B-bilmedim, iň bolmanda maňa şeýle diýip öwredipdiler.
--Bir ýylda sen näçeräk gazanç edýärsiň? 15 müň funta bir ýetýärmi?
--Takmynan şeýleräk.
--Kimiň ýylda 150 müň gazanjy bolýan bolsa, ol senden on esse köp işleýändir öýdüp pikir
edýärsiňmi? Elbetde, beýle däl. Bu asla fiziki taýdan mümkin däl: her näçe ylgasaň-da, hepdede 168
sagatdan köp wagt ýok.—diýip, daýysy aýdypdyr.—Diýmek, eger kimdir biri senden on esse köp
gazanç edýän bolsa, özem şunda senden on esse köp hem işlemeýän bolsa, onda seniň ýaly däl-de,
düýbünden başgaça hereket edýän bolmaly. Onda seniň pikir hem etmeýän zadyň-- haýsydyr bir syr
bolmaly, şeýle dälmi?
--Megerem, şeýle bolsa gerek.
--Gowy ýeri sen muňa ahyrsoňy düşündiň.Adatça adamlar şuňa-da düşünmeýärler. Olar gündelik
zerurlyklar üçin gazanç etmek bilen şeýle bir meşgul welin, hatda olaryň biraz aýak çekip we özleriniň
maliýe meselelerini nädip düýpli çözüp boljakdygy we näme üçin muny şu wagta çenli etmändikleri
barada oýlanmaga hem wagtlary ýok.
Ýaş adama ylalaşmakdan başga çäre galmaýar. Özüniň namysjaňdygyna we arzuw-hyýallarynyň
uludygyna garamazdan, ol şu wagta çenli öz ýagdaýy barada hiç-hili pikir etmändi. Mydama-da bir
zatlar onuň ünsüni sowýardy.
Daýysy biraz salym dymyp oturdy, soňra bolsa ýegeniniň gözüne dikanlap seretdi. Onuň dodaklary
mylakatly, ýeňiljek ýaňsyly ýylgyryş zerarly çekilipdi.
--Eşidýäňmi, men saňa nähili kömek edip boljakdygyny bilýärin. Bir adamyň ýanyna bararsyň, bir
döwür ol maňa baýamaga kömek edipdi. Oňa Basym Millioner hem diýýärler. Onyň barada
eşidipdiňmi?
--Ýok, ýeke gezegem däl.
--Ol hamala, dessine, edil bir gijäniň içinde diýen ýaly baýandygy barada hemmelere aýdypdy,
sebäbi ol baýlyga barýan ýolyň syryny açypdy. Bu adam islendik adama şeýle çalt baýamaga kömek
edip biljekdigi barada, iň bolmanda edil millioner ýaly pikir etmegi öwretmäge ýardam edip biljekdigi
barada ynandyrýar. Hany, aýtsana, sen, hakykatdan-da baýamak isleýärsiňmi?
--Hawa, bu meniň iň uly islegim.
--Munuň özi ilkinji we baş şert—zerur şert bolup durýar, emma ol hem ýeterlik däl.Ýene-de nähili
edilmelidigini bilmek gerek.
Ýaş adam çalaja egnini çekdi. Daýysy diwarda asylgy duran uly karta tarap öwrüldi we çeträkde
ýerleşýän az ilatly kiçijik bir şäheri görkezdi.
--Ol şu ýerde ýaşaýar. Sen ol ýerde bolup görüpdiňmi?
--Hiç haçan.
--Onda näme, töwekgellik et, ol ýere git, onuň bilen duşuş, bolup biler, ol saňa öz syryny açar. Sen
onuň öýüni dessine taparsyň, ol tutuş şäherçede iň owadan öýdür.
--Daýy, eger siz şol syry bilýän bolsaňyz, näme üçin ony maňa ynanmaýarsyňyz? Şonda maňa
haýsydyr bir näbelli ýerlere gidip ýörmek hem gerek bolmaz.
--Onuň sebäbi, muňa meniň hukugym ýok. Basym Millioner meniň bilen öz syryny paýlaşanda, ol
dessine maňa bu syr barada hiç haçan we hiç kime aýtmajakdygym barada kasam etdirdi. Ýöne ol
maňa bu syry kimden eşidendigim barada islendik adama gürrüň bermäge rugsat berdi.
Ýaş adam barha artýan gyzyklanma, geň almak we bilesigelijilik bilen diňleýärdi.
--Daýy, dogrudan-da siz hiç bir zat aýdyp bilmeýärsiňizmi?
--Hiç bir zat. Meniň bar edip biljek zadym saňa teklip bermeklik.
Işi uzaga çekdirmän, onuň daýysy äpet dub stolyň çekerini açdy we ondan ýalpyldawuk ak kagyz
çykardy. Galamyny eline alyp, ol gyssagly birnäçe setir hat ýazyşdyrdy, haty epledi, ony bukja saldy
we ýylgyryp ony ýegenine uzatdy.
--Ine, saňa hödürnama,--diýip, ol aýtdy.—Ine-de, Basym Millioneriň salgysy. Ýöne bir zady berk
belle, sen bukjany açmajakdygyňa maňa söz bermelisiň. Eger sen haty okasaň seniň bahaň gara şaýa-da
degmez. Şonda sen haty okamandygyň barada jögülik etmeli bolarsyň, emma bary bir, mälim bolşy
ýaly, temeni haltada saklap bolýan däldir.
Ýaş adam daýysynyň näme barada gürrüň edýändigini biljek bolup alada galypdy. Ahyrsoňy ol
şeýle netijä geldi, goý, ähli zat öz ugruna gidibersin. Onuň daýysy mydama-da geň häsiýetli adam
hökmünde tanalýardy. Şonuň üçin hem ýegeni ony sowallary bilen heläk edip oturmady-da,
minnetdarlyk bildirip, çykyp gitdi.
2-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM GOJA BAGBAN BILEN TANYŞ
BOLÝAR
Şol gün hem biziň gahrymanymyz Basym Millioneriň ýaşaýan şäherçesine tarap ýola düşdi. Täsin,
diyip ol ýolda barýarka pikire batdy, millioner garaşylmadyk myhmany kabul edermikä? Munuň
üstesine-de, ol baýlygyň syryny açmaga döwtalap bolarmyka?
Baryp Basym Millioneriň öýüniň bosagasynda ýaş adam bilesigelijilikden ot alyp, saklanyp
bilmedi. Daýysynyň duýdurandygyna garamazdan, ol bukjany açdy we ilkibada daýym ýalňyşandyr
ýa-da üstümden gülendir öýdüp pikir etdi: bukjada sap arassa kagyz bardy!
Lapy keç bolan ýaş adam bu zatlaryň ählisini goýbolsun edip, yzyna dolanmak isledi, emma
eýýäm giçdi: garawul gelen adamy görüpdi. Garawulyň sarsmaýan galany aňladýan ýüzünde hatda
ýylgyrmagyň sähelçe-de nyşany ýokdy.
--Size näme kömek edip bilerin?—diýip, garawul guraksy sorady.
--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym...
--Ol siziň bilen duşuşmagy gepleşipmidi?
--Ýok, ýöne...
--Sizde hödürnama haty barmy?—diýip, garawul soraýar.
Hat bardy, ýöne onda ýeke setir hem ýazylmandy. Uzak pikirlenip durman ýaş adam ýagdaýdan
çykalga tapmak kararyna geldi we jübüsinden bukjanyň bir ujyny görkezip, ony dessine yzyna saldy.
Garawuly bu ýagdaý kanagatlandyrmady.
--Haýyş edýärin, haty görkeziň.
Biziň gahrymanymyz kyn ýagdaýda galdy. ―Eger men öňa daýymyň hatyny bersem, ol, megerem,
meniň üstümden güljek bolýarlar diýip pikir eder, eger şeýle pikir etmese-de bary bir meni goýbermez.‖
diýip, ol pikir etdi.
Ine, şu ýerde-de ol daýysynyň aýdan, emma özüniň düşünmedik sözlerini ýadyna saldy:‖Eger sen
haty okasaň, sen ony okamadyk ýaly özüňi alyp barmaly bolarsyň‖.
Biziň gahrymanymyza başga çykalga galmandy. Ol jübüsinden haty çykardy-da, ony garawula
berdi. Ol, hamala, ony okady, emma şol pursat onuň ýüzünde hiç hili duýgy alamaty duýulmady.
--Örän gowy, girip bilersiňiz.—diýip, ol aýtdy.
Ol ýaş adamy kaşaň oýüň girelgesine alyp geldi. Gapyny birkemsiz geýnewli hyzmatkär açdy.
--Size näme gerek.—diýip, ol sorady.
--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym.
--Ol häzir boş däl we sizi kabul edip bilmez. Baş üstüne, bagda garaşaýyň.
Gapy hyzmatçysy ýaş adamy esasan seýilgähe çalym edip duran, merkezinde howuz ýerleşýän
bagyň girelgesine çenli ugratdy. Ýodajyklar bilen gezelenç edip we ajaýyp daragtlary synlap, ýaş
adamyň gözi daşyndan seredeniňde ýaşy ýetmişden hem agan goja—gülüň uçlaryny çyrpyp ýören
bagbana düşdi. Giň etekli saman şlýapa onuň ýüzüni ýapyp durdy. Baga gelen adamy görüp, bagban öz
işini goýupdyr we oňa seredip ýylgyrypdyr. Onuň ýiti, şadyýan gök gözleri ýaşlyk hyjuwy bilen şöhle
saçýardy.
--Sizi bu ýere näme alyp geldi.—diýip, bagnan mähirli soraýar.
--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym.
-- Düşnükli. Eger gizlin bolmasa näme sebäpli?
--Bilýäňizmi näme, men...Düşünýäňizmi, men ondan maslahat soramakçydym...
--Düşnükli...
Bagban öz gülleriniň ýanyna dolanyp barmakçydy, emma birden pikirini üýtgedip, gelene ýeýle
sowal bilen ýüz tutdy:
--Ýogsam-da bolsa, sizden bir bäşlik tapylmazmy?
--Bäşlik?—diýip, ýaş adam gyzaryp, ondan gaýtalap sorady.—Mende diňe...diňe 5 funt bar, ol
mende bar bolan ähli pul.
--Örän gowy. Maňa şondan köp pul gerek hem däl.
Bagban bu ýaş adamdan onuň iň soňky puluny almaga mähetdeldi, emma, geň galaýmaly, şeýle
ýagdaýda-da onuň daşky sypatynda nähilidir bir asyllylyk, beýan edip bolmajak özüne çekijilik bardy.
--Men höwes bilen bererdim, ýöne beýtsem, soňra mende yzyma dolanmaga pul galjak däl.—diýip,
ýaş adam aýdypdyr.
--Siz näme şu gün yzyňyza dolanmakçy bolýaňyzmy?
--Ý-ýok...Has dogrusy nahili boljagyny heniz bilmeýärin.—diýip, ýaş adam has aljyrap
hüňürdedi.—Men Basym Millioneri görmän yzyma dolanyp biljek däl.
--Eger şu gün size pul zerur däl bolsa, näme üçin siz ony maňa karz bermäge çekinýärsiňiz? Ertir
hem olar size zerur bolmaz. Kim bilýär, belki siz ertir millioner bolarsyňyz.
Bu sözler ýaş adam üçin mantyga gabat gelmeýän ýaly göründi, emma başga bir bahanalary ol
tapyp bilmedi. Ol puluny çykaryp bagbana berdi. Gojanyň ýüzi ýylgyryşdan ýagtylyp gitdi.
--Adatça adamlar bir satlar soramakdan ýaýdanýarlar, haçanda karara gelenlerinde bolsa, olara
tutanýerlilik ýetmeýär. Munuň özi uly ýalňyşlykdyr.
Şol pursat bagda hyzmatkär peýda boldy.
--Ser,--diýip, ol goja uly hormat bilen ýüzlendi.—Siz maňa 5 funt berip bilmersiňizmi? Aşpez
işden çykyp gidýär we doly hasaplaşmagy talap edýär, mende bolsa 5 funt ýetenok.
Bagban ýylgyrdy we jübüsine elini sokup, ondan galyň, birnäçe müň funtdan ybarat pul daňysyny
çykardy—ýaş adam olaryň arasynda ýigrimi we elli funtlyk pullaryň bardygyny görüp ýetişdi. Ol bu
ýere geleniň şeýle kynlyk bilen bermäge mejbur bolan 5 funtlyk puluny olardan sogrup aldyda
hyzmatkärine uzatdy. Ol minnetdarlyk boldirdi, baş egdi we çaltlyk bilen hem bu ýerden gitdi.
Ýaş adam tolgundy. Nähili bihaýalyk—haçanda öz jübiň puldan doly wagty iň soňky 5 funtuňy
almaklyk—bu akla syganokdy.
--Näme üçin siz menden pul soradyňyz?—diýip, ol bar güýjüni gaharyny sakllamaga sarp edip,
hüňürdedi.—Olar size zerur hem däl ahyryn.
--O nähili ―zerur däl‖,--diýip, bagban garşy çykdy.—Serediň, mende ekeje-de 5 funtlyk pul
ýokdy.---Ol bir bogy pullary gözden geçirip, düşündirmäge durdy.—Men oňa 50 funtlyk puly berip
bilmezdim ahyryn, dogry dälmi?
--Aýtsaňyzlaň, näme üçin şonça puly öz ýanyňyzda göterýärsiňiz?
--Bular meniň sowalga pullarym,--diýip, bagban jogap berdi.—Men mydama-da gapjygymda 10
müň funt puly saklaýaryn. Ýöne şeýle, bir iş ýüze çakaýsa gerek bolar.
--10 müň?—diýip, ýaş adam gümmi-sümmi etdi.
Ahyrsoňunda-da, ol düşündi. Diýseň mylakatly hyzmatkär, jübüsinde bolsa ummasyz köp
möçberde pul...
--Siz Basym Millioner ahyryn, şeýle dälmi?
--Häzirki wagtda şeýle.—diýip, bagban aýtdy.—Sizi görenime şat. Aýtsaňyzlaň, sizi kim bu ýere
iberdi?
--Meniň daýym. Ol bir wagtlar siziň onuň bilen öz syrlaryňyzy paýlaşandygyňyz barada aýtdy.
Siziň bu syry ilkinji ynanan adamyňyz meniň daýym bolmaly.
--Hawa-la, meniň ýadyma düşýär. Bu ir wagtlar bolupdy. Diýlişi ýaly, ähli zehinli adamlar kimin,
ol aýratyn üýtgeşik pikirlenmegi başarýardy. Siz näme, siz näme üçin şu wagta çenli baýap bilmediňiz?
Haçan-da bolsa bir wagt siz özüňize şu sowaly berip gördüňizmi?
--Umuman, ýok.
-- Ine şundan-da başlamak gerek. Eger isleseňiz, bu babatda , hut häzir açyk pikiriňizi aýdyň, men
blolsa siziň pikirleriňiziň akymyny yzarlaýyn.
Ýaş adam birnäçe ýygra, şowsuz synanyşyk etdi we aljyrap dymmaly boldy.
--Gördüňizmi,--diýip Basym Millioner aýtdy.—Siz öz pikirleriňizi daşyňyzdan aýtmaga endik
etmedik adam. Siziň ýaşyňyzdaky adamlaryň arasynda hakyky baý adamlar az däl. Käbirleri birwagt
millioner boldular, beýlekileri indi-indi özleriniň ilkinji millionlaryny gazanyp başladylar. Ýeri gelende
aýtsak, haçanda Aristotel Onassis, şol wagt onuň 26 ýaşy bardy, Günorta Amerikadan Angliýa gämi
gurluşyk imperiýany döretmek arzuwy bilen gidende, onuň bank hasabynda eýýäm 350 000 funt bardy.
--26 ýaşda?—diýip, ýaş adam gaýtalap sorady.
--Hut şeýle. Ol bary-ýogy iki ýüz elliden başlapdy. Uniwersitet bilimi-de, tejribesi-de, hiç hili
goldawy-da ýok... Dogrusy günortanlyk edinmeli wagt boldy,--diýip, goja öz gürrüňiniň arasyny
kesdi.—Maňa ýoldaş bolasyňyzmy?
--Köp sag boluň, höwes bilen.
Basym Millioner yzyna öwrüldi we öýüne tarap ugrady. Ýaşynyň bir çene barandygyna
garamazdan, ol giň ädimler bilen ädimläp ýöräp barýardy. Ýaş adam onuň yzyna düşdi. Naharhanada
olara eýýäm iki adamlyk stol taýýar edilipdi.
--Baş üstüne, oturyň,--diýip, millioner myhmana adatça hojaýyn üçin stolda niýetlenilýän orny—
çep gyrany görkesip aýtdy.Onuň özi sagda, ýüzüne oýulyp ―Wagt puldyr‖ diýip ýazylan çäge sagadyň
edil garşysynda ornaşdy. Hyzmatçy bir çüýşe çakyry açdy we ondan bulgurlara guýuşdyrdy.
--Siziň ilkinji millionyňyz üçin içmegi teklip edýärin,--diýip, millioner bulguryny galdyryp
durşyna aýtdy.
Ol tutuş oturyşlygyň dowamynda ilkinji we iň soňky owurdyny içdi. Nahary-da ol örän çäkli iýdi,
işdäli taýýarlanylan los etinden birnäçe bölejik iýdi.
--Siziň işiňiz özüňize ýaraýarmy?—diýip, millioner myhmandan sorady.
--Ýaraýarmyka diýip pikir edýärin.
--Munuň hakykatdan-da şeýledigine siziň ynamyňyz barmy? Şu wagta çenli meniň bilýän
millionerlerimiň ählisi—uzak ýyllaryň dowamynda maňa şeýle bir köp millioner bilen duşuşmak
miýesser hem etmedi—öz işini söýýän adamlardy. Iş olar üçin dynç alyş ýaly bir zatdy, edil güýmenje
ýalydy. Şol sebäpli-da baý adamlar gaty seýrek dynç almaga gidýärler. Özüňe jeza bermek we öz
halaýan zadyňy taşlap gitmek nämä gerek? Şol sebäpli-da olar işlemeklerini dowam etdirýärler, eger
hatda olar ençeme million gazanan bolsalar-da şeýdýärler...Ýeri gelende bellesek, işe söýgi—bu örän
möhüm zat, ýöne ol ýeterlik däl. Baýamak üçin bir syry bilmeli. Hany, aýdyň, ahyrsoňy siz şeýle syryň
bardygyna ynanyp başladyňyzmy?
--Hawa.
--Örän gowy.Ilkinji ädimi siz ätlediňiz. Adatça adamlar hiç bir syryň bardygyna ynanmaýarlar.
Mundan daşary-da, olar baýap boljakdygyna asla ynanmaýarlar. Olar mamladyrlar: kim üstünlik
gazanjakdygyna ynanmaýan bolsa, ol gazanyp hem bilmeýär. Şeýle hereket etmek gerek: ilkibaşda öz
güýjüňe ynam gerek, soňra bolsa maksadyňa ýetmek üçin çyn ýürekden yhlas gerek. Ýöne, size
aýdaýyn, örän az sanly adamlar, adatça, köp adamlar meniň syrymy, eger men hatda ony ýönekeý
sözler bilen düşündirsem-de, kabul edip almaga taýýar däl. Bilýäňizmi, olara näme päsgel berýär?
Arzuw-hyýalyň ýeterlik dälligi.Şonuň üçin-de baýlygyň hakyky syry—dünýäde iň uly syr bolup durýar.
--Munuň özi Edgar Ponyň hekaýasyndaky hat bilen bagly waka çalym edýär,--diýip, Basym
Millioner sözüni dowam etdi.—Ýadyňyza düşýärmi? Polisiýa işgärleri öýden bir haty gözleýärler, tutuş
öýi agdar-düňder edýärler, emma bary bir haty tapyp bilmeýärler, çebäbi hiç kim ony gizlemändi, ol iň
göze görnäýjek ýerde ýatyrdy. Bu hekaýa Emersonyň ýörelgeleriniň birine ajaýyp goşundy. Polisiýa
haty hyýala getirmegiň ýetmezçiligi sebäpli tapyp bilmeýär. Ýa-da bolmasa, başgaça aýtmaly bolsa,
ozaldan gelýän ýalan ynam sebäpli.Olar gözlenilýän hatyň aç-açan görünäýjek ýerde ýatyp biljekdigine
garaşmaýardylar, şol sebäpli-de olar ony nazardan sypdyrypdylar.
Ýaş adam dykgat bilen, barha artýan gyzyklanma bilen ony diňleýärdi. Hiç kim we hiç wagt oňa
şeýle zatlary gürrüň bermändi. Onuň çaltrak gymmatly syry bilesi gelýärdi. Ol bir zada ynanýardy, eger
hatda millionerde hakykatda hiç hili syr ýok bolsa-da, bary bir ol parasatly, hatda çylşyrymly zatlary-da
ýonekeý we düşnükli düşündirip bilýän gürüňçil adam.
3-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM TÖWEKGELLIK ETMEGI WE
MÜMKINÇILIKLERDEN PEÝDALANMAGY ÖWRENÝÄR
--Ynha, şeýle, indi bosa aýdyň, baylygyň syry üçin siz näçeräk tölärdiňiz?
Basym Millioneriň sowaly ýaş adamyň duýdansyz üstüni basdy.
--Eger men isläýenimde-de, meniň ýanymda ýeke şaý-da ýok,--diýip, ol dillendi.—Dogrusy, men
siziň sowalyňyza jogap berip biljek däl.
--Eger siziň puluňyz bolan bolsa-dy, onda siz näçeräk tölärdiňiz?—diýip,millioner gaýtalap sorady
we çaltlyk bilen öz sözleriniň üstüni ýetirdi.—Islendik sany, kelläňise gelen ilkinji sany aýdaýyň.
--Bilmedim...100 funt...
Ilkinji gezek tutuş gijäniň dowamunda Basym Millioner ýiti we arassa gülküsi bilen hahahaýlap
güldi.
--Bary-ýogumy...Megerem, siz meniň syrymyň bardygyna ynanmaýan bolmasaňyz gerek, şeýle
dälmi? Ýogsam siz onuň üçin has köpräk pul tölemäge taýýar bolardyňyz. Bolýa, size ýene bir puryja
berýärin. Başga bir sany aýdyň. Bilip goýuň, bu oýun däl, bu örän möhüm zat.
Ýaş adam pikirlenmäge durdy. Ol ýene-de Basym Millioneriň öz üstünden gülmegini asla
islemeýärdi, ýöne haýsydyr bir bolgusyz ýagdaýa-da düşmek islemeýärdi.
--Men siziň oýnuňyzy oynamaga razy,--diýip, ol ahyr seslendi.—ýşne mende, mende ýeke şaýyň
hem ýokdugyny unutmaň.
--Munuň üçin azara galmaň.
--Ýöne meniň elimde pul ýok bolsa, onda meniň elim daňylgydyr.—diýip, ýaş adam gaharlanyp
gürledi.
--Eý, Hudaý,--diýip, millioner dillendi.—Adamzat nesli döräli bäri, baý adamlar öz emlägini
beýleki adamlaryň pullaryna daýanyp köpeldip gelýärler. Işine ezber biznesmenleriň hiç birine-de pul
gazanmak üçin pul zerur bolmandy. Man nagt pullar barada gürrüň edýärin. Megerem, sizde çek
kitapçasy bar bolsa gerek...
Ýaş adamyň ―Ýok‖ diýip jogap beresi geldi. Şeýle bolaýmalymy diýsene, ýöne hut şu gün ol,
muňa özi-de kän bir ähmiýet bermän, çek kitapçasyny jübüsine salypdy, onda bolsa göni 12 funt 28
pens bardy. Ýaş adam aldamaga taýýarlyk görüpdi, emma millioner onuň gözüne edil kellesindäki
pikirini okan ýaly, ýiti seretdi. Edil aýylganç jenaýaty boýun alýan ýaly, ýaş adam sakawlap, şeýle
diýdi:
--Hawa, men ony özz...öz ýanyma alypdym.
Buýruga boýun robot ýaly, ol mysapyrlyk bilen çek kitapçasyny çykardy. Aňynda garşylyk
götkezäýmek pikiri-de aýlanyp gitdi we ol dessine körükdi. Bu adam ony gösbagçy ýaly, öz erkine
maýyl edipdi. Ýöne biziň gahrymanymyz Basym Millionerden gorkanokdy. Bu adam tutuş durky bilen
akgöwünlidi, ýogsam onuň özüni alyp barşy hakykatdan-da birtüýslidi.
--Örän gowy,--diýip, millioner aýtdy.—Indi siziň görşüňiz ýaly, hiç hili mesele ýok.
Millioner eline galam aldy, ony ýaş adama uzatdy.
--Aýtmak islän bahaňyzy ýazyň we çeke gol çekiň.
--Ýöne men haýsy bahany ýazmalydygy barada asla bilmeýärin.
--Bolýa. Diýeliň, 10 000 funt bolsun...
--On müň!!—diýip, ýaş adam gygyrdy.—Oýun edýäňizmi?
--Eger isleseňiz, 20 000 goýuň,--diýip, millioner hojaýynyň oýun edýändigine ýa-da dogrusyny
aýdýandygyna düşünmän duran myhmana jogap berdi.
--Hatda 10 000 hem meniň üçin örän köp. Munuň üstesine-de, siz bu çek boýunça hiç zat alyp
bilmersiňiz,ony serişde ýokdugy sebäpli dessine yzyna gaýtararlar, men bolsa bank menejerinden
temmi alaryn. Ol menden tötänlikde aklyňdan azaşdyňmy diýip sorap biler we şunda ol mamla bolar.
--Haçanda men iň uly geleşigimi baglaşanymda, şeýle ýagdaý bolupdy. Men 100 000 funt çeke gol
çekipdim, soňra bolsa şol pullary tapjak bolup, ot alyp barýan ýaly iki ýana ylgadym. Eger şol wagt şol
çeke gol çekmedik bolsam, men ajaýyp bir mümkinçiligi elden gidererdim.
--Munuň özi biznesde meniň ilkinji çynlakaý sapagym bolupdy,--diýip, goja öz gürrüňini dowam
etdirdi.—Eger adam öz wagtyny amatly pursata garaşyp geçirse, onda ol hiç wagt hem hiç bir işi etmez.
Hereket etmek üçin iň amatly wagt hut HÄZIR döredi! Tutuş bu wakadan alnan sapak şeýle: durmuşda
üstünlik gazanmak üçin adam özünde indi hiç hili çykalganyň galmandygyny, özüniň diwara
direlendigini duýmalydyr.Eger sen ikigöwünli bolsaň we ol ýa-da bu ýok diýip, başyňy gutarmak üçin
sapalak atyp, töwekgellik etmek islemeseň, onda sen hiç bir zat edinip bilmersiň. Eger sen diwara
direlen bolsaň, eger ähli ýollar we çykalgalar petiklenen bolsa, saňa diňe özüňiň içki güýçleriňiň
ählisini herekete getirmekden başga çäre galmaýar. Şeýle ýagdaýda adam özgerişleriň zerurdygyny
tutuş durky bilen syzýar. Ýeri onsoň, näme üçin, gadyrdan adam, ikirjiňleýärsiňiz? 10 000 funt çeke
gol çekip, diwara direliň!
Ilki sanlary, soňra sözleri ýuwaşlyk bilen ýazyp, ýaş adam çeki doldyrdy, emma, haçamda oňa gol
çekmeli bolanda, ol muny etmäge gurbatynyň ýokdugyna düşündi.
--Men ömrümde hiç wagt hem beýle möçberdäki çeke gol çekip görmändim.
--Eger siz millioner bolmak isleseňiz, size ilkinji ädimleri ätmek gerek. Size entek mundan has köp
möçberdäki çeklere-de gol çekmek miýesser eder. Munuň özi diňe ilkinji ädimdir.
Ýöne ýaş adamyň gollary diýen etmek islemeýärdi. Sebäbi ähli zat garaşylmadyk ýagdaýda çalt
bolup geçýärdi. Ynanar ýaly däl, ol öz ömründe ilkinji gezek görýän adamyna haýsydyr bir syry
eşitmek üçin örän gümürtik söz bermeleriniň ýerine on müň funt çeki bermek isleýärdi.
--Sizi näme inkise goýýar, gadyrdan,--diýip, Bsym Millioner sorady.—Ýakyn wagtda bu san siziň
üçin ujypsyz zat aýly bolup görner.
--Gep möçberde däl,--diýip, näme diýjegini bilmän duran myhman hüňürdedi.
--Onda näme barada?
Ol bir zatlar diýmekçidi, emma millioner omuň sözüni böldi.
--Bu ýerde sebäbiň nämededigini men bilýärin. Siz meniň syrymyň sizi millioner edip biljekdigine
ynanmaýarsyňyz. Eger siz ynanýan bolsadyňyz, onda ekeje sekynt hem ikirjiňlenmezdiňiz.
Myhmany ynandyrmak üçin, has dogrusy, özüniň nukdaýnazaryny anyk beýan etmek üçin,
millioner şeýle diýip sözüniň üstüne goşdy:
--Eger siz meniň syrymyň bir ýyla ýeter ýetmezden size 50 000 funt peýda getirjekdigine we
munuň üçin siziň häzirkiňizden köp işlemeli bolmagjakdygyňyza, belki-de, azrak işlemeli
boljakdygyňyza hakykatdan-da, doly derejede ynamyňyz bolanda, siz çeke gil çekerdiňizmi?
--Hawa, golçekerdim,--diýip, myňman razylaşdy.—Men 40 000 funt girdeji bilen galardym.
--Onda gol çekiň. Men şol puly siziň gazanyp biljekdigiňize resmi ýagdaýda kepil geçýärin.
--Siz öz kepiliňizi hat görnüşinde beýan etmäge razymy?
Millioner ýene-de hahahaýlap güldi.
--Siz maňa ýaraýarsyňyz, ýaş ýigit. Siz arkaňyzy bir zada diremek isleýärsiňiz. Orän patasatly
ymtylyş. Hatda sizde ýeterlik möçberde pul bolanda-da, munuň özi siziň her bir ilkinji gabat gelen
adama ynanmalydygyňyzy aňlatmaýar.
Goja ýerinden turdy, stoluň çekeriniň ýanyna bardy we ondan taýýar blankany çykardy. Megerem,
ol şeýle ýagdaýlarda mydama olardan peýdalalanan bolsa gerek. Ýaş adama bu ýagdaý asla ýaramady.
Dogrudan-da bu adam öz syryny köp nusgada taýýarlap, islendik adama—Toma, Dike ýa-da Garra
satmaga taýýarmyka?
Millioner kepil hatyny ýazdy we ony ýaş adama berdi. Ol çaltlyk bilen haty gözden geçirdi we
onda ýazylan sözlerden razy boldy. Ýöne şol pursat goja biordenkä başga karara geldi.
--Ýene-de bir pikir bar,--diýip, ol aýtdy.—Bije atylsa nähili görýärsiň?
Ol jübüsinden şaslyk çykardy-da, ony aýasynda bökdürip başlady.
--Şaýlygy zyňýarys. Eger men utulsam, jübimdäki 10 000 funty size berýärin. Eger siz utdursaňyz,
onda çeke gol çekýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda kepil haty baradaky gürrüňi unutýarys.
Ýaş adam biraz pikire çümdi. Teklip asla adaty teklip däldi. Umuman, ideýa erbet hem däl, diýip,
ol pikir etdi. Haýran galaýmaly, goja näme üçin muny teklip edýärkä. Belki, bu ýerde haýsydyr bir hile
bar bolaýmasyn.
--Şu ýerde ýekeje päsgelçilik bar,--diýip, myhman aýtdy.—Oazal hem belleýşim ýaly meniň
hasabymda hiç zat ýok. Eger hatda men size çek beräýenimde-de, siz ol boýunça meniň hasabymda bar
bolan puldan köp zat alyp bilmersiňiz.
--Hiç hili mesele ýok,--diýip, millioner aýtdy,--Men hiç ýere howlukmaýaryn. Men indiki
duşuşygymyza-da garaşyp biljek. Geliň şeýle gepleşeli: göni ýene bir ýyldan duşuşýarys, siz razymy?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Millioneriň syry - 2
  • Parts
  • Millioneriň syry - 1
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1751
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 2
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1811
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 3
    Total number of words is 4004
    Total number of unique words is 1836
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 4
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1800
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 5
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1897
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 6
    Total number of words is 123
    Total number of unique words is 104
    62.4 of words are in the 2000 most common words
    70.9 of words are in the 5000 most common words
    73.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.