Latin

Millioneriň syry - 2

Total number of words is 3978
Total number of unique words is 1811
33.2 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Men rasy. Bije atyşarys.
Bir ýylyň dowamynda bankyňy çalşyp bolar, hasbyňy ýapyp bolar ýa-da iň bolmanda banka bolan
zatlar barada habar berip bolar we çek boýunça tölegi tyogtadyp bolar. Bu babatda ozal hem çaklasa
bolardy, diýmek ýitirilýän zat ýok. Indi bolsa ol hiç bir alada etmezden on müň funt utup hem biljek.
Bildirmejek bolsa-da, ýaş adamyň ýüzünde özüne göwniýetijilikli ýylgyryş peýda bolup gitdi.
Biraz utanjygady-da, ol, belki, Basym Millioner muny duýan däldir diýip ynam etdi. Gynansa-da, goja
örän duýgur adamdy.
--Ýene bir şert bar,--diýip, millioner aýtdy.—Eger siz utulsaňyz, onda maňa çeki tölejekdigiňiz
barada hakyky söz bermelisiňiz.
Ýaş adamyň ýüzi gyzaryp gitdi. Bu goja tilki ýaly mekir diýip, ol oýlandy. Megerem, ol adamlaryň
pikirini açyk kitapdaky ýaly okamagy başarýar. Ýöne ol islese islemese-de razylaşmaly boldy.
Millioner şaýlygy ýokary zyňmaga taýýarlanan wagty, birden myhman ony saklady.
--Men şaýlygy gözden grçirip bilerinmi?—diýip sorady. Millioner ýylgyrdy.
--Näme diýseňem, gadyrdan, siz maňa ýaraýarsyňyz. Siz ätiýaçly adam, bu bolsa size ençeme
ýalňyşlyklardan sowlup geçmäge ýardam eder. Ýöne bilip goýuň, aýrtyn hüşgär bolan bolup, ençeme
ajaýyp mümkinçilikleri elden gideräýmeli däl.
Millioner şaýlygy mayghmana uzatdy, ol ýaşluguň iki tarapyny-da ymykly ünsden geçirdi.
--Reşka,--diýip, ol ahyr dillendi.
Millioner şaýlygy ýokary zyňdy. Ýaş adamyň ýüregi ilkinji söýgi duşuşygyndaky ýaly gürrsüldäp
urdy. Onuň ömründe ilkinji gezek köp mukdarda pul utmaga mümkinçilik döredi. Şaýlygyň howada
aýlanyşyna ol tolgunma bilen seredýärdi.Ynha-da ol stoluň üstüne gaçyp, tigirlenip gitdi we ahirsoňy
saklandy.
--Bürgüt!—diýip, millioner şatlykly yglan etdi, dessine-de şeýle diýip, sözüniň üstüne goşdy:-Men gaty gynanýan...
Ýaş adam çeke gol çekmeli boldy. Onuň eli çala titreýärdi. Belki-de, haçan-da bolsa bir wagt ol,
hakykatdan-da, uly möçberdäki çeklere gol çekmäge endik hem eder, emma häzirlikçe ol özüni örän
oňaýsyz ýagdaýda duýýardy. Millioner çeki ünsli gözden geçirdi, ony iki epledi-de jübüsine saldy.
--Indi men siziň syryňyzy bilip bilerinmi?—diýip, ýaş adam sorady.
--Elbetde,--diýip, millioner jogap berdi.—Sizde bir list kagyz tapylmazmy? Men iň gowusy ony
ýazaýyn, şeýtsem siz ony unutmasaňyz gerek.
Ýaş adamyň demi tutuldy. Millioner öz syryny—on müň funt berlip satyn alnan syry ýekeje list
kagyza ýazmak isleýär.
--Bagyşlaň, mende kagyz ýok,--diýip, myhman ahyrsoňy seselendi.
Ine, şu ýerde-de millioner şeýle söz diýdi welin, ýaş adamyň ýüregi jigläp gitdi.
--Ýogsa-da, sizde hödürnama haty bolmaly. Siziň daýyňyzyň meniň ýanyma iberýän adamlarynyň
ählisiniň ýanynda hödürnama hatlary bardy.
Ýaş adam jübüsindan daýysynyň beren hatyny çykardy we çekinjeňlik bilen ony Basym Millionere
uzatdy. Ol ünsli hojaýynyň ýüz keşbini synlady,emma ol bukgada arassa karyz listini görüp, geň hem
galmadyk ýalydy. Millioner eline galam aldy, oturgyja geçip otyrdy we haty ýazmaga başlan ýaly etdide, birden kellesini galdyrdy we myhmana hyzmatçyny çagyryp gelmegi haýyş etdi.
--Siz ony aşhanadan, däliziň iň çet künjeginden taparsyňyz.—diýip, hojaýyn düşündirdi.
Haçanda ýaş adam hyzmatçynyň ugratmagynda bu ýere gelende, millioner, eýýäm, bukjany
ýelimläp durdy. Ol ýylgyrýardy we özünden gaty göwnihoş görünýärdi.
--Biziň myňmanymyz bu gün bizde galar,--diýip, ol hyzmatça ýüzlenip aýtdy.—Gaýrat ediň, ony
myhmanlar üçin otagda ýerleşdiriň.—Soňra ýaş adama tarap öwrülip, şeýle diýdi:--Ynha-da, syr.
Millioner bukjany saklap duran elini edil öz ömründe örän möhüm geleşigi edil şol pursat baglaşan
ýaly dabaraly galgatdy.
--Men sizden bir zady haýyş etjek. Bukjany otagda bir özüňiz ýeke galýançaňyz açmaň...Biý,
ýogsa-da, ýene bir şert. Meniň ýazan zatlarymy okamazdan ozal, maňa, haçanda baýanyňyzda,
beýlekiler, biraz kembagalrak adamlar bilen bu syry paýlaşmaga öz ömrüňiziň bir bölegini sarp
etjekdigiňize söz beriň. Eger siz razy bolsaňyz, onda hut menden meniň syrymy bilen iň soňky adam
bolarsyňyz. Şonda meniň işim tamamlanar, men bolsa özümi meniň häzirki bagymdan has ulurak
bagdaky güllere ideg etmäge doly bagyşlap bilerin.
--Eger siz syryňyzy paýlaşmaga taýýar däl diýip hasap etseňiz, onda size şindem oýlanmaga wagt
bar, ýöne bu ýagdaýda siz bukjada näme ýazylandygyny bilmersiňiz, men bolsa siziň çekiňizi yzyna
bererin. Öýüňize gaýdyp baryň we şu wagta çenli ýaşaýşyňyz ýaly ýaşamagyňyzy dowam
etdiriberiň.—diýip, ol sözüni tamamalady.
Şol wagta çenli ýaş adamyň bilesigel;ijiligi şeýle derejä ýetipdi welin, ol hatda yza çekilmek
barada pikir hem edip biljek däldi.
--Men razy.—diýip, ol aýtdy.
4-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM BENDILIGE DUÇAR BOLÝAR
Ynha-da biziň ýaş adamymyz şeýle bir owadan bezelen, myhmanlar üçin niýetlenen otagda ýeke
özi galdy. Öýüň bezegini synlap, ol gymmatly hatyň bardygyny-da unutdy. Ýerden örän ýokarda
ýerleşýän ýekeje penjire seýilgähe bakyp durdy. Şol ýerden bag hem görnüp durdy. Şol bagda biziň
gahrymanymyz ilkinji gezek gülleri milaýym söügi yhlas bilen ideg edip ýören goja millionere gabat
gelipdi.
Sabyr-kanagatsyzlukdan ot alyp, ýaş adam gymmatly syrly bukjany eline alanda daş-töwerege
tutuksy ýagtylyk saçyp, doly aý dogupdy. Köp ýyllaryň dowamynda baýlyk onuň üçin ýedi gulpyň
aşagyndaky syr bolup galypdy we ynha indi mukaddes açar onuň elindedi.
Ol bukjany açdy, içindäki hatyň gatlaryny ýazyşdyrdy we ak, sap arassa kagyza aljyraňňylyk bilen
seretdi. Ol gyssagly kagyzyň arka ýüzüne seretdi. Hiç zat ýok. Iki tarapda-da ýekeje-de belgi ýok. Goja
samsyk adam ýaly ony aldap urupdy. Hiç hili ýok syr üçin şeýle uly mşçberdäki çeke gol çekmek!
Ýöne goja diýseň halal adama çalym edýärdi. Biraz ägä blunmaly eken, ýöne ýere hakyky halal
adamlar hiç wagt hem baý bolmaýarlar diýip ýöne ýere aýdylmaýan bolsa gerek. Näme-de bolsa bu
sözlerde belli bir hakykat, magaram, bar bolsa gerek. Belki-de mende hiç hili işewürlik duýgusy ýok,
şonuň üçin-de çeşşege şeýle ýeňillik bilen düşendirin diýip ýaş adam pikir etdi.
Ýaş adam gaharyny saklap bilmän haty bölek-bölek etdi we onuň böleklerini galyň ýumşajyk
halynyň üsüne seçip goýberdi. Ýekeje duýgy oňa kanagatlanma berýärdi, onuň howul-hara
hereketinden hiç kim zeper çekjek däldi, başgaça bolanda onuň durmuşy ähli manysyny ýitirjekdi.
Indi näme etmeli? Bolup geçýän zatlaryň ählisi onuň üçin hakyky zatlar däl ýalydy. Ol ýagdaýdan
ýekeje çykalgany görýärdi—gaçmalydy. Bu ýerden mümkin boldugyndan çaltrak gaçyp gitmeli. Belkide bu ýerde haýsydyr bir howp gizlenip ýatandyr. Oýlanyp oturmaga wagt ýokdy, ýaş adam bu geň-taň
mülkde ýene bir gije asla galmak islemeýärdi.
Ýuwaşlyk bilen, barmagynyň ujunda ýöräp, ol gapa golaýlaşdy we hüşgärlik bilen tutawajy çekdi.
Nälet siňmiş! Gapy daşyndan ýapylgydy. Ol çatak ýagdaýa düşüpdi. Ýaş adam penjirä tarap okduryldy.
Ol ýeňillik bilen açyldy, emma ýere çenli azyndan otuz fut dagy bardy. Megerem, bökäýseň boýnuňy
omursaň gerek. Nähili bu ýerden çykmaly? Ýeke täk çykalga hyzmatçyny çagyrmak galypdy.
Duýdansiz bu ýerden gitmek indi başartmasa gerek.
Ýaş adam çagyryjy jaňy basdy, emma hyzmatçy gelmedi. Ol ýene bir gezek çagyrdy. Hiç kim
habar almady.
Öýde gum-guklykdy. Megerem, hemmeler ukuda bolsa gerek. Belki-de jaň işleýän däldir. Diýmek,
gygyrmak gerek. Ýöne ýaş adam gygrmaga ýürek edip bilmedi. Eger ähli delilleriň tersine, millioner
hakykatdan-da dogeruçyllyk eden bolsa näme? Hiç bir esassyz daş-töwweregi özüňiň gykylygyň bilen
oýaryp bolmaz ahyryn.
Ahyrsoňy biziň gahrymanymyz ukusyny almagy ýüregine düwdi, emma hiç uklap bilmedi:
gözüniň alnynda öten güniň wakalary janlanýardy. Ol islendik delili tapmaga çalyşdy, emma olaryň
bary-da bolup geçýän zatlaryň düýbünden akla sygmajak zatdygy baradaky barha berkeýän duýga
urlup çym pytrak bolýardy. Ak kagyz listi! Bir list ak kagyz üçin on müň funt! Ahyrsoňy gözüne uky
geldi, ýňne ol hem ýeňillik döretmedi. Ýaş adamyň düýşüne tutuş gelejekki durmuşy bagly bolup duran
aýratyn möhüm galyň resminama dessine gol çekmegi talap edýän nätanyş bir adam girdi, emma biziň
gahrymanymyz oňa aýgytly garşylyk görkezýärdi, sebäbi resminama hakyky arassa ak listlerden ybarat
bir bogy kagyz üýşmegidi...
5-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM YNANMAGY ÖWRENÝÄR
Basym Millioner naharhjanada arkaýyn otyrdy. Onuň egninde bagbanyň arassa, emma biraz
könelişen şol ozalky geýen eşigi bardy. Giň etekli uly şlýapa onuň öňünde stoluň üstünde ýatyrdy. Eger
ol samandan edilmedik bolsady, onda ony jadygöýüň şlýapasy hasap etse-de bolardy. Millioner şaýlygy
ýokary zyňyp gapyp, ony sanap otyrdy. Ol sekize çenli sanady.
--Dokuz,--diýip ol şaýlykdan gözüni aýyrman hüňürdedi.—On.
―Onbire‖ derek ol:--Ýa, bolmady,--diýip, içini çekdi.
Ol şaýlygy aýasyna gysdy we başyny galdyrdy.
--Onbire ýetmek aňsat başardanok,--diýip, ol aýtdy.—Her gezek şol bir zyňyşymy gaýtalaýaryn,
barybir on bürgütden soň bir reşka düşýär.
Ýaş adamy ýyldyrym uran ýaly boldy. Ol özüniň iki gezek aldanandygyna düşündi. Ol bürgüdi
alsa-da, reşkany alsa-da bary bir utup biljek däl eken.
--Meniň kakam gözbagçydy. Ol, meselem, on bäşden aşak almazdy,--diýip, millioner
düşündirdi.—Men onuň zehinini miras almandyryn.
Ýaş adam millionerden şaýlygy haýyş edip aldy we ony ýokary zyňdy. Bürgüt. Reşka. Bürgüt.
Reşka. Ol adaty şaýlykdy, belki onda göze ilmeýän bir gizlin mehanim bardyr.
--Biziň oýnumyzda hiç hili galplyk edilmedi,--diýip, millioner nygtady.—Men diňe pullar bilen iş
salyşmagyň ussatlygyny görkezdim. Ýeri gelende bellesek, şeýle netijä gelen ýeke siz däl. Adamlar
köplenç ussatlygy eli egrilik hasap edýärler.
Ýaş adam näme diýip jogap berjegini bilmedi. Diňe şu ýerde ol bu ýere näme üçin gelenini ýada
saldy. Ol kagyzy galgatdy-da, ony stolyň üstüne zyňyp goýberdi.
--Siz meni ussatlarça aldadyňyz, ser. Siz ýeňil gazanç etdiňiz—10 000 funty haýsydyr bir boş
kagyz üçin tölemek!
--Ol boş kagyz däl, eýsem baýlygyň syry,--diýip, millioner arkaýyn özüni alyp barşyna garşy
çykdy.
--Haýyş edýärin, düşündiriň. Siz meni samsyk adam hasap edýärsiňizmi?
--Samsyk hasap edýän? Asla beýle däl. Size ýönekeý duýgurlyk ýetmeýär, ýöne bu kadaly
ýagdaýdyr. Siziň aňyňyz heniz has ýaş we kämilleşmedik.
--Belki şeýledir, ýöne näme-de bolsa, eger meniň arassa kagyz listi görsem, ony saýgaryp bilmäge,
şeýle-de siziň meni aldap urandygyňyza göz ýetirmäge ýagdaýym bar, ser.
--Siziň ýene näme isleýändigiňize men düşünip bilmeýärin. Men size hut şu arassa kagyz list bilen
örän baýap biljekdigiňize söz berdim. Bir döwür hut meniň özüm hem şeýle ýagdaýda millioner
boldum. Bu şeýle bolupdy...ýögsa-da, biziň wagtymyz az, meniň güllerim maňa garaşýarlar, geliň iň
gowusy men size kömek edeýin. Meni ünsli diňkäň, sebäbi bir döwür geler, siz bu syry başgalar bilen
paýlaşmaly bolarsyňyz. Haçanda siz garyplyk zynjyryndan boşanyňyzda, siz şindem elleri bagly
adamlara ýol görkezmäge borçlusyňyz. Men sizden maňa edil düýn beren sözüňizi täzeden
gaýtalamagyňyzy haýyş edip bilerinmi?
Hawa, bu täsin adam ynandyrmak sungatynda özüne taý tapmaýan bolsa gerek. Mundan 5 minut
ozal ýaş adam bu gojanyň mazaly suwuna degmäge taýýardy, indi bolsa ol , eldeki owlajyk ýaly onuň
elinden iým almaga boýun bolupdy.
Hatda gojanyň diýenlerini etmezlik onuň kellesine-de gelmedi, ol dabaraly kasamy täzeden
gaýtalady. Goja ýylgyrdy. Şunuň ýaly ýylgyryş edil dek düýn, haçanda goja bagyň içi bilen ýöräp
gelýän bu ýaş adamy ilkinji gezek görende peýda bolupdy.
--Siz syry özbaşdak açyp bilmediňiz, şol sebäpli-de men ony düşündirmek bilen meşgullanmaga
mejbur boldum.Ýene bir gezek duýdurýaryn, hakykat bolardan meniň syrym has ýönekeý ýaly bolup
görünmegi mümkin. Sadalayga özüňizi aldadaýmaň. Eger müňkür bolup başlasaňyz, onda Mosarty
ýada salyň: ähli genial zatlar ýönekeýdir. Siz entek ýaş, şonuň üçin-de ilkibaşda siz hökman müňkür
bolarsyňyz. Soňra, wagtyň geçmegi bilen garaşylmadyk ýagdaýda baýlyk size akyp başlanda, siz
düşünip başlarsyňyz.
--Siziň bilen açykdan-açyk gürleşmekçi,--diýip, ýaş adam dillendi.—Meniň iň esasy ynma edýän
zadym-da—düşünişmek.
--Has gowy. Ynamyň yzy bilen hakyky düşünişmek gelýär. Haçan-da syry ele salanyňyzda, oňa
näme üçin ynanýandygyňyza düşünersiňiz. Ýöne ilkibaşda, onuň ýönekeýdigine garamazdan, bu syr
oňa düşünmejek we hatda ynanyp bilmejek ýaly şeýle bir täsin ýaly görüner hem. Men sizden diňe
ynama garaşýaryn. Munuň özi hiç bir zada ynanmaýan adamyň Hudaýa ynanmaga synanyşy ýaly bir
zatdyr. Eger Hudaý bar bolsa, onda ynam etmek bilen siz ähli zada eýe bolýarsyňyz; eger ýok bolsa,
onda siz hiç bir zat ýitirmeýärsiňiz. Meniň syrym hem şunuň ýalydyr.
6-NJY BÖLÜM: ÝAŞ ADAM MAKSATDA ÜNSÜNI JEMLEMEGI
ÖWRENÝÄR
--Kelläňize gelýän islendik sowaly maňa berip bilersiňiz,--diýip, millioner aýtdy.—Men olara uly
höwes bilen jogap bererin. Tiz wagtdan sizde şeýle mümkinçilik bolmaz, sebäbi biziň duşuşyk
möhletimiziň wagty çäkli, şonuň zçin-de soraberiň. Ine size galam. Sizde kagyz barmy?
--Ynha.
--Siz hakykatdan-da baýamak isleýärsiňizmi?
--Elbetde.
--Onda gowy.Siz näçeräk pul edinmekçi bolýandygyňyzy, şeýle-de bu möçberdäki puly gazanmak
üçin özüňize näçeräk wagtyň gerek boljakdygyny ýazyň. Munuň özü-de baý bolmagyň syrydyr.
Ýaş adam Basym Millioner ýene-de özüniň uguny ýekeleýändir öýdüp pikir etdi.
--Şu sanlary ýazan dessime pullar asmandan meniň üstüme ýagyp başlar diýip pikir edýärsiňizmi?
--Hut şeýle,--diýip, millioner tutanýerly aýtdy.—Siziň biynjalyksyzlanmagyňyz meni geň
galdyrmaýar. Men ozal hem syryň örän ýönekeýdigi barada duýdurypdym. Maňa geň galyjylyk bilen
seredip durmagyň zerurlygy ýok. Düşündirmäge başlamazymdan ozal maňa bir zat barada aýtmaga
puryja beriň. Meniň gabat gelen millionerlerimiň ählisi-de, haçanda öz öňňlerinde belli bir möçberdäki
puly belli bir möhletde gazanmak babatda maksat goýan pursatlaryndan başlap hem baýap gidendikleri
barada gürrüň berdiler.
--Bagyşlaň, ýöne men düşünmeýärin. Meniň puluň möçberini we möhletini ýazanymdan näme
peýda bar?
--Eger siz nirä barýanyňyzy bilmeseňiz, hiç ýere-de ýetip bilmersiňiz.
--Belki-de, bu zatlaryň ählisi-de, meniň göwnüme bolmasa haýsydyr bir gözbagçylyga çalym
edýän ýaly.
--Ol hut şeýle-de—mukdarly maksadyň syrly gadygöýlügi. Geliň, meselä başgaça seredeliň. Siz
özüňizi iş gözleýän adam diýip göz öňüne getiriň. Siz arza berdiňiz, söhbetdeşlikden geçdiňiz we belli
bir wagt geçenden soň size adyňyzyň dalaşgärleriň sanawyna goşulandgyny habar berýärler. Ýene-de
biraz wagtdan soň siziň kandidaturaňyzyň makullanylandygyny habar berýärler, siz işe kabul edildiňiz
we köp pul gazanyp başlarsyňyz. Muňa siziň garaýşyňyz nähili bolar? Ilkibaşda siz özüňize
guwanarsyňyz. Eýsem näme, sizi onlarça ýa-da belki-de ýüzlerçe dalaşgärleriň arasyndan saýlap
aldylar.Mundan ozal siz, göz öňüne getirip görüň, tutuş üç aýyň dowamunda işsiz oturdyňyz, ýa-da,
diýeliň, siziň işiňiz bar, ýöne siziň häzirki wezipäňizden siz baryp bir ýyl ozal ösüp kemele geldiňiz,
şonda siz özüňiziň işiňiziň şowly bolandygyna müňkür bolmaýarsyňyz. Ýöne eýforiýa geçip gidýär we
şonda siziň hereketleriňiz nähili bolar?
--Ilki bilen, men haçan işe başlamalydygymy bilerin. Soňra, ―köp pul‖ diýen sözüň anyk nämäni
aňladýandygyny bilmek islärdim. Dünýäde ähli zatlaryň gytaklaýyndygy sebäpli, men iş hakymyň,
sylag tölegleriniň we beýleki ýeňillikleriň anyk möçberini bilmäge çalşardym.
--Siz, ýaş ýigit, meniň pikirimi gaýtalaýarsyňyz. Eger siz öz başlygyňyzdan ―köp puluň‖ nämäni
aňladýandygyny sorasaňyz, ol bolsa sizi hakykatda-da örän köp pul aljakdygyňyzy ynandyryň başlasa,
megerem, siziň onuň bilen iş salşasyňyz gelmese gerek? Munuň üstesine-de, siz oňa halal
işlemeýänlikde müňkzür bolup başlarsyňyz. Eger ol aýlyk zähmet hakynyň möçberini aýtmak
islemeýän bolsa, onda, belki-de, zähmet haky şeýle bir köp hem däldir ýa-da bu ýerde haýsy-da bolsa
bir pyrryldak ýatan bolmaly. Şonuň ýaly-da, eger ol size işe başlamagyň anyk wagtyny aýtmasa, bu
size asla ýaramasa gerek, şeýle dälmi?
--Elbetde,--diýip, ýaş ýigit gojanyň delilleriniň hiç birinde ekeje-de nogsanlyk tapman razylaşdy.
--Eger siziň berk talap edýändigiňize garamazdan, szi näme-de bolsa anyk jogap alyp bilmeseňiz,
şonda siz näme ederdiňiz? Ýeňsäňizi öwrüp, başga bir iş gözlemäge ötägiderdiňiz—şonda siz hakyky
mamla bolardyňyz.
--Hut şeýle. Bu iş hödürleýän ädäm ýa meni gul etmek isleýär, ýa-da ol adaty kezzap. Näme-de
bolsa, maňa bu işi çalyşmagyň zerurdygyny boýun almaga mejbur eder.
Millioner Sokrat ýaly öz şägirtleri bilen aýratyn jedelden soň lezzet alýan deýin göwnühoşdy. Ol
bir minutlap dymdy, onuň dodaklry birazajyk ýasamalyk bilen çekildi, emma hoşniýetli ýylgyrdy.
--Edil şu wagt siz göz öňüne getirilýän iş berijiden anyk delilleri talap etdiňiz gerek? Size köp
tölenjekdigini bilmek doly ýeterlik däl, eýsem näçeräk tölenjekdigi has möhüm. Siziň işe alnandygyňyz
baradaky habary ýöne tassyklamak ýeterlik däl. Mundan beýläk size haýsy günden işe
başlaýandygyňyzy bilmek möhüm. Munuň üstesine-de siz şol şertleriň ählisiniň hat görnüşinde,
şertnama ýa-da ähtnama görnýşinde beýan edilmegini islärsiňiz, bu has ynamlyrak bolýar. Elbetde,
belki-de ekeje söz hem ýeterlikdir, ýöne aýdylan sözi delil edip bolanok, ýazylany-- bolýar. Biziň
durmuşymyzda-da ähli zat şeýle bolup geçýär. Adamlaryň köpüsi, iň bolmanda işi şowsuz bolýan
adamlaryň tas ählisi diýen ýaly, hatda durmuşyň biziň nämäni sorasak, şony-da berýandigini göz
öňüne-de getirip bilmeýärler. Nämedigi anyk däl zady soraýarsyň, namedigi belli däl zady-da alýarsyň.
Azrak soraýarsyň, azrak hem alýarsyň. Eger durmuş saha ujypsyz zat berýän bolsa, geň galyp oturma,
ahyrsoňunda şol hem hut seniň soran zadyňdyr.
Ýaş ýigidiň diňleýändigine göz ýetirip, goja millioner sözüni dowam etdi:
--Öz talaplaryňy dogry kesgitlemegi başarmak gerek. Ilki bilen, olar örän anyk we takyk
bolmalydyrlar. Eger gürrüň pul barada barýan bolsa, onda onuň möçberini we ony edinmegiň soňky
möhletini kesgitlemek gerek. Adamlar adatça näme edýärler? Hatda eger olara pul hakykatdan-da örän
zerur bolsa-da, şol bir ýalhyşlyklary goýberýärler. Subutnama hökmünde islendik adamdan ýöne onuň
üstümizdäki ýylda näçeräk pul gazanmak isleýändigini soraý we pikirlenmezdendessine jogap
bermegini talap et. Eger ol adam üstünlik gazanmagyň ýoluna düşen bolsa, eger ol dogrudanda nirä
barýanyny bilýän bolsa, özem şunda size bu babatda size habar bermäge onuň islegi bolsa, ol dessine
size jogap berip biler. Ýöne adamlaryň ondan dokuzysy ýüz ugra şeýle ýönekeý sowala jogap berip
bilmeýärler. Munuň özi iň giň ýaýran ýalňyşlyklaryň biridir. Durmuş siziň ondan nämä
garaşýandygyňyzy bilmek isleýär. Eger hiç zat barada soramasaňyz, hiç zat hem alyp bilmersiňiz.
--Indi bolsa şol sowaly özüňize beriň,--diýip, goja sözüni dowam etdi.—Siz baýamak
isleýändigiňizi aýtdyňyz.
--Bu hakykat.
--Üstümizdäki ýylda siz näçeräk gazanç etmek isleýärsiňiz?
Ýaş ýigit ýeke agyz hem söz aýdyp bilmeýändigini duýdy. Ol goja millioneriň delilleri bilen doly
ylalaşýardy, ýöne baýamak isleýän, emme bu sözüň näçeräk möçberde aňladylmalydygyny anyk aýdyp
bilmeýän köp sanly adamlara özüniň hem degişlidigine düşünýärdi. Halys aljyrap, onuň ýüzi doly
gyzardy.
--Men bilýän däldirin,--diýip, ol zordan gürledi.—Men özümiň esasy ýalňyşyma düşündim.
--Ol Örän çynlakaý ýalňyşlyk. Ýeri näme, geliň ony düzetmäge çalşalyň. Pikir edýän möçberiňizi
ýazaýyň.
--Mende bu babatda hiç hili hyýala getirme ýok,--diýip, ýaş ýigit hüňürdedi.
--Ýöne bu örän ýönekeý ahyryn. Bolýar, onda şeýele edeliň. Size bir minut oýlanmaga puryja
berýärin. Haçan-da şol wagt geçendem soň siz, diýeliň, şu günden başlap, bir ýylyň dowamynda
gazanmak isleýän pul möçberiňizi hökman ýazmalysyňyz. Çaltrak pikirleniň, wagt gigdip barýar.
Şol sözlerden soň goja öz öňünde stoluň üstünde durab çäge sagady ters tarapyna öwürdi.
Ýaş ýigide öz ömründe heniz şeýle ezýetli pikire çümmek miýesser etmändi. Bu oýun asla
ýönekeý hem däldi. Onuň kellesinde dürli sanlar aýlanýardy, olaryp biri beýlekisinden manusyzdy,
wagt bolsa gigdip barýardy. Ynha-da sagadyň iň soňky çägejikleri akyp gutardy, ol bolsa hiç bir zady
pikirlenip ýetişmedi.
--Wagt tamamalandy,--diýip, çägniň akyşyndan ýekeje pursat hem gözüni aýyrmadyk goja
aýtdy.—Öz möçberiňizi aýdyň.
Ýaş ýigit has amal edilip biliniläýjek sany ýazdy. Titgeýäm barmaklary kynlyk bilen sanlary
çyrşady.
--Otuz müň!—diýip, milliioner aýtdy.—Bu örän az, men üç ýüz müň dagy ýazardm. Ýöne başda
bu bolýar. Basym millioner bolmak üçin siz kän işlemeli bolarsyňyz. Ýöne görersiňiz, bu iş,
göräýmäge, biziň durmuşymazda iň bir çynlakaý işdigine garamazdan, şeýle bir agyr hem däldir. Şunda
siziň näme bilen meşgullanýandygyňyz möhüm hem däldir. Munuň özi özüň üçin işlemek diýlip
atlandyrylýar.
7-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ÝIGIT ÖZÜNIŇ "MENINIŇ" KEŞBINIŇ
GYMMATY BARADA BILÝÄR
Naharhana hyzmatçy kofe we bulkajyklary alyp geldi. Ýaş ýigit ir ertirden bäri hiç zat iýmändi,
başyndan geçiren tolgunmalary bolsa onuň işdäsini has açypdy. Ol iýmäge başlady, sapak bolsa şondada dowam edýärdi.
--Oýlanýan pursatlaryňyz siziň bilen bolup geçen zatlary düşündirmek üçin men size birnäçe soäal
bermekçi,--diýip, Basym Millioner aýtdy.—Şol minutyň siziň üçin öran gysga bolan bosa gerek, şeýle
dälmi?
--Elbetde.
--Bolup geçen ýagdaýdan ilkinji gelip çykýan netije şeýle: şu bölejik kagyza siziň ýazan sanyňyz
siziň göz öňünde tutan sanyňysdan hem esli agdykl;yk edýän bolsa gerek. Bu san iň soňky şaýlyklaryna
çenli anykdan anyk siziň mynasyp bahaňyzy kesgitleýär, elbetde, siziň özüňizi öz göz öňüne
getirişiňize görä. Öz gözüňiziň alnynda, siz meniň bilen ylalaşýaňyzmy ýa-da ýok, siziň bahaňyz bir
ýylda otuz müň funt. Bir şaýlyk köp hem däl, az hem.
--Näme diýmekçi bolýandygyňyza düşünmeýärin,--diýip, ýaş ýigit nygtady.—Men bu sany saýlap
aldym, diýmek men ýagdaýa görä we sagdyn pikir edýärin. Häzirki wagtda men mundan artyk nähili
gazanç edip biljekdigimi göz öňüne getirip bilmeýärin. Mundan başga-da, meniň ýokary bilimim we
gowy işim-de ýok, bank hasabatymda bolsa hiç zat galmady.
--Siziň pikir ýöredişiňiz dogry we hornata mynasyp, ýöne ähli mesele olaryň siziň häzirki
ýagdaýyňyz bilen baglylygynda. Iş ýüzünde bolsa daşky ýagdaýlar şeýle bir ähmiýetli hem däl.
Ýadyňyzda berk saklaň: siziň durmuşyňyzdaky islendik wakalar, goý, olar duýgy, durmuşy ýa-da
hünär bilen bagly ugurlarda bolsun, tapawudy ýok, siziň pikirleriňiziň aýnaň ýüzüdäki ýaly
sypatlanmasydyr. Gynansak-da, siziň akylyňyz entek bu hakykaty kabul etmäge taýýar däl. Ol giň
ýaýran, daşky ýagdaýlar köp derejede adamyň durmuşyny kesgutleýär diýen illýuziýa daýanýar,
hakykatda bolsa, biziň durmuşymyzda ähli zat bolup geçýän zatlara biziň gatnaşyklarymyza, biziň öňde
goýan maksatlarymyza esaslanýar. Durmuş biziň ony sypatlandyryşymyz ýalydyr. Siziň bilen näme
bolup geçýän bolsa, olaryň ählisi siziň edýän pikir-hyýallaryňyzyň netijesidir. Diýmek, eger siz öz
durmuşyňyzy özgertmekçi bosaňyz, onda pikir-hyýallaryňyzy özgertmekden başlamak gerek. Belki-de,
siz bu şeýle hem däl diýip pikir edip bilersiňiz, emma, muňa garamazdan, ―ýerlikle pikir edýän‖
adamlaryň köpüsi bu ýörelgäni kesgitli inkär edýärler.
Diňleýjisiniň ýekeje sözi-de sypdyrmaýandygyna göz ýetirip, goja çaltlyk bilen sözüniň üstüni
ýetirdi.
--Uly üstünliklere eýe bolanlaryň ählisi, olaryň haýsy ugurdadygynyň ähmiýeti ýok, adatça
oýlanyşykly pikirlenýän intelligentlerde ýüze çykýan inkär etmeleri mydama-da belläp geçýärler. Olar
pikir alyşýarlar, ölçäp biçýärler, delilleri tapýarlar, emma haçanda gezek işe gelende ähli gürrüňler boş
bolup çykýar.
--Meni intellekte garşy durýan adam diýip pikir edäýmäň,--diýip, millioner sözüni dowam etdi.—
Gaýtam tersine. Üstünlik logiki pikirlenmegi başarmazdan mümkin däldir, ýöne bu hem hemmesi däl.
Logiki pikirlenmek—bu siziň gurallaryňyz, siziň sadyk gullaryňyz, ol başga hiç zat däl. Ýöne olar
btýik üstünliklere alyp barýan ýolda köplenç geçip bolmagak päsgelçiliklere öwrülýärler. Kim
paýhasyň güýjüne ynanýan bolsa, şol hem uly üstünlikleri gazanýar. Garaşylmadyk ýagdaýlaryň öz
ýoluna böwt bolmagyna hiç wagt hem ýol bermeýän bu adamlar baýlygy magnit ýaly özlerine
çekýärler. Köp halatlarda beýik üstünliklere eýe bolen adamlaryň durmuşynda gabat gelen ýagdaýlar
olaryň döwürdeşleriniň başlaryna büşen ýagdaýlardan hiç hili tapawutly-da däldi. Mundan başga-da, bu
adamlar uly kynçylyklar bilen köp iş salyşmaly bolupdylar, ýöne müşgüllikler diňe olaryň içki gujurgaýratyny joşdurypdy. Bu adamlaryň ählisi-de özleriniň beýik işleri etmäge ukyplydyklaryna
ynanýardylar. Baýamak başardan adamlaryň ählisi-de baýlyga eýe boljakdyklaryna çyn ýürekden
ynanýardylar. Ynam- ine, olaryň üstünlikleriniň esasynda ýatan zat.
--Geliň, biziň ýazgylarymyza dolanalyň,--diýip, goja sözüni jemledi.—Meniň bir sowalyma jogap
beriň. Şol 30 000 funt pul, megerem, siziň kelläňize gelen ilkinji san däl bolsa gerek.
--Siz mamla, ilkinji gelen däl,--diýip, ýaş ýigit gogap berdi.
--Ilkinjisi haýsy sandy?
--Ýada salyp bilemok, meniň kellämde ençeme dürli sanlar at salyp geçipdi.
--Meselem?
--Diýeliň, 50 000.
--Näme üçin siz bu sany ýazmadyňyz?
--Bilmedim. Megerem, şol möçberdäki pul maňa asla elýeterli däl görnen bosa gerek.
--Ol siz oňa ýetip boljakdygyna ynanýançaňyz elýeterli bolman galar. Eger hasaba almaly bolsa,
siz otuz müňneh başladyňyz, siziň öňüňizde örän uly işler garaşýar, millioner bolmak üçin size köp
wagt gerek bolar. Indi bosa siziň öz göwnüňize ýetip biläýjek iň uly möçberdäki puli ýazyň.
Ýaş ýirit biraz pikirlenip durdy, soňra bolsa 40 000 funt puly ýazdy.
--Gutlaýaryn,--diýip, Basym millioner aýtdy.—Siz hut şu wagt birnäçe sekuntda 10 000 funt
gazandyňyz. Erbet däl gerek?
--Ýöne men olary entek gazanmadym ahyryn.
--Gazandym diýip hasap edäýiň. Size öňe saýy uly ädim ätdiňiz. Haçanda siz 30 000-e derek
40 000 gazanyp biljekdigiňize ynanan pursatyňyz, siz özüňiziň Men keşbiňiziň serhetlerini giňeltdiňiz.
Goý, ol uly bir böwsüş hem bolmasyn, ýöne näme bosa-da ösüş. Rim hem bir günde gurulmady ahyryn.
Biziň her birimiziň içimizde şeýle Rim, syrly şäher ýatyr we ol biziň her birimiziň ony
sypatlandyryşymyz ýalydyr. Özüňiziň içki şäheriňiziň möçberini özüňiz kesgitleýärsiňiz, eýsem bu
täsin dälmi? Ýöne bu şäheriň bardygyny diňe az sanly adamlar bilýärler. Onuň serhetleri—― öz
Meniňiň keşbi‖ diýilýänidir. Haçanda siz şu kagyz liste barha köp sanlary ýazýan wagtyňyz siz
özüňiziň içki şäheriňiziň serhetlerini giňeldýän mehanizmi herekete getyrýärsiňiz. Siziň içki Rimiňiz
ulalyp başlaýar. Asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlar iň geçmesi agyr päsgelçilikleriň adamyň öz
öňünde özüniň goýýan päsgelçiliklerdigi barada aýdyp gelipdirler. Adamyň üstünlige barýan
ýolundaky iň uly päsgelçilik onuň kellesinde-aňynda ýatandyr. Özüňiziň pikir galybyňyzy giňeldiň,
şonda siz öz durmuşyňyzy hem giňeldersiňiz. Özüňiziň içki päsleçilikleriňizi partladyň, şonda siz
durmuşda siziň alnyňyzda peýda bolýan päsgelçilikleri-de partladarsyňyz. Ine şonda, siziň
durmuşyňyzyň şertleri ertekilerdäki ýaly özgerer. Bu hakykatdyr, men ant içýärin.
—Ýöne men özümiň pikir pasgelçiliklerim barada nädip bilip bilerin?—diýip, ýaş ýigit sorady.—
Siziň aýdan zatlaryňyz hakykata laýyk gelýän ýaly, ýöne ol sözler häzirlikçe meniň üçin boş, düşnüksiz
pikir.
— Men edil şu wagt size siziň aňyňyzy gaplap alan we özüňiziň Meniňiziň keşbini kesgitleýän
serhetleri nähili ýüze çykarmalydygyny düşündirdim, —diýip, millioner aýtdy.—Siz olary anyk bir
ululyga geçirdiňiz we olary kagyza ýazdyňyz. Täsin, siziň her biriňiziň öziňiz barada edýän pikiriňizi
hakykatda kesgitlemek hähili ýeňil. Her gezek siz şu herekeleri edeniňizde, siziň ýazan sanyňyz siziň
Meniňiziň hakyky keşbini açyp görkezýär. Adama onuň hakyky durmuşynda emele gelýän
çäklendirmeleri bilen anykdan anyk gabat gelýän, onuň özüniň pikir çäkliligi oňa päsgel berýär.
Durmuş adamyň özi tarapyndan, bilipmi ýa-da bilmän, öz öňünde goýýan päsgelçiliklerini ýeňip
geçerden ejizdir. Şunda işi şowsuzlar diýilýänleriň üstünligiň we baýlygyň şu esasy ýörelgesi babatda
hiç hili düşünjä eýe däldiginde hem betbagtlyk ýatyr. Tersine, üstünlikli adamlar diňe bir ony bilmän,
eýsem özleriniň Meniniň keşbiniň üstünde bar başarnygyny sarp edip işleýärler.
--Bu işe täze başlaýanlar üçin iň ýeňil usul—arassa list karyzy alyp, onda barha köpelip barýan
sanlaryň hataryny ýazmak. Ýatda saklaň, eger siz baýamagy başarmaryn diýip pikir edýän bolsaňyz,
onda baýap bilmersiňiz. Siziň Meniňiziň keşbi hökman baýap biljek adamy häsiyetlendirmelidir. Şu
wagta çenli ýazan sanyňyzdan has köpräk sany ýazyň.
Ýaş ýigit bignäçe sekunt pikirlenip durdy. Ol özüni örän oňaýsyz dyýýardy. Kagyzda san peda
boldy: 60 000.
--Myndan köpe men hatda umyt hem etmeýärin,--diýip, ol boýnuna aldy.
--Belki-de, ol siziň ynam edip biljek iň ýokary möçberiňizdir, ýöne iş ýüzünde siziň gazanyp biljek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Millioneriň syry - 3
  • Parts
  • Millioneriň syry - 1
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1751
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 2
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1811
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 3
    Total number of words is 4004
    Total number of unique words is 1836
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 4
    Total number of words is 3957
    Total number of unique words is 1800
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 5
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1897
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Millioneriň syry - 6
    Total number of words is 123
    Total number of unique words is 104
    62.4 of words are in the 2000 most common words
    70.9 of words are in the 5000 most common words
    73.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.