Latin

Ilki ýürek ölýär - 3

Total number of words is 3986
Total number of unique words is 2174
30.8 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aňyrsynda hapa gara ýagyň ýatandygyny ol indi bilýärdi. Gün bilen arada indiki «gara belaň»
peýda bolaryna garaşmak islemedi. Şähere tarap bir-iki ädim ätse, relsden ätläp geçäýmelidi.
Öýüne barsa-da, Maýsasynyň özüni oklan bolkony bardyr. Oglunyň dili başga zat diýip
dursa-da, möleje gözüniň ejesini sorap durşuna çydamalydyr. Gözüň boş bolkonda, öz
ejizligiňden, M. ýalyňam ýüzüne göni bakyp bilmeýänligiňden, namartlygyňdan ýana-ýana
aglamalydyr…
Ýüregindäki Maýsa gowuşmak hakyndaky ýiti islegi ýuwaş-ýuwaşdan ýene-de janlanyp
ugrady. Ol adam ätläp geçip bilmän duran relsiniň üstüne çökdi.
«Maýsam, Maýsam sen meni nä güne goýup gitdiň…Ýazyjym, sen maňa düşün, häzir
gidäýsem sähel salymdan duşuşyp biljek Maýsamyň üstünden atanak çekip gitdigim bolar.
Şeýdip ondan aramy açamsoň, özümi ömürboýy günäli duýmakdan gorkýan. Maýsamyň ýüzüni
ýapyp duran gyzyl gyňajy göz öňümden gidenok...»
Hälki «gara beladan» gorkusyndanmy ýa göz öňündäki gyzyl gyňaçdanmy ol adamyň
ysgynsyz dyzlary titiremäge başlady. Hälden bäri içinden hernäçe «Maýsam» diýip gaýtalasa-da,
sesi çykmaýan ol adamyň dykylyp duran bogazy ýyrtylan ýaly boldy. Ses edip aglady. Onuň bu
agysyny, başyny sypap geçmesini goýmaýan ýaz şemalyndan başga bir men eşidýärdim. «Ýok,
Maýsam, men saňa ýetip bilemok. Diriligiňde-de ýetip bilmedim, öleňsoňam ýetip bilemok…»
Agy gatyşykly ejiz sesi bilen ýene-de bir zatlar diýdi. Ony saýgarmak, hat-da maňa-da
başartmady.
Birdenem gahrymanymyza güýç geldi. Ol hapa çagyllary penjeläp, iki penjesinem daşdan
doldurdy. Olary zarp bilen ýerden göterip zarp bilenem yzyna urdy. Bigünä daşlar, özi ýaly
daşlara degip, hersi birýana syçyrap gitdi. Gara ýag penjesi daşdan boşanda, ejesinden şarpyk
iýen wagtkysy ýaly ol adamyň nähak ejir çekýän diýip ýüregi syzlap gitdi. Säginmän, batly
ädimleri bilen demirýoldan ätläp geçdi-de, şähere, öýüne tarap ugrady. Ädiminiň badyna ol tas
taýyp ýykylypdy. Hernä ýykylmady. Içinden «Ýaşajak bol, ýaşajak bol. Bu saňa ölmekden kyn
düşmez» diýip barşyna, gaty-gaty ýöräp demirýoldan daşlaşdy. Içinden gaýtalap-gaýtalap
aýdýan sözleri demirýoldan ätläp geçende Maýsasynyň üstünden ätläp geçdimmikäm diýdiren
ýaramaz duýgusyny basyp ýatyrmaga kömek etdi. Ol gaňyrlyp yzyna seretdi. Yzynda edil ýaňam
üstünde ýatan demirýoly öýkeli ýaly garalyp galdy.
Ölüp bilmedige ýaşamakdan başga alaç ýok. Ol adamam ýaşamaly boldy. Dälliremedem,
ölmedem...
* * *
Ol adam ýaralanan gaplaň ýaly maňa alarylýardy.
- Hawa, dälliremedimem, ölmedimem. Dälliredäýjeksiň, öldüräýjeksiň, arkaýyn bol,
ýaşaryn! Ýaz, demirýoldan öýüme gelişimem ýaz. Ýaz, baryny ýaz. Adamlar bilsin
adamyň kimdigini...
Ol adam arkasyna öwrüldi aňyrlygyna gaharly ýöräp ugrady. Men ondan birjikde
çekinmän, yzyndan ýetip, goltugyna girdim. Onuň şobada gahary ýatdy, iteklemäge derek gaýta
meni özüne gysdy. Ýazgylarymy ýazmagymy dowam etdirdim.
* * *
Ol adam demirýoldan ätläp geçip, üsti-başy gara ýag, bialaç ädilýän aýaklarynyň yzyna
düşüp gaýtdy. Bu bolup barşy oňa, otlyň aşgynda galyp ölüp gitmekdenem beter ejir çekdirendir,
kim bilýär?
Iki-ýeke öňünden çykýan adamlaryň ýüzüne seredip bilmeýärdi. Nätanyşlar şeýle täsir
edýärkä tanaýan adamlary duşaýsa dagy nähili bolar?
«Öýde ogluma nädip görünerin?»
Aýaklary kelläň geljek karary bilen işi ýok, ähli hukugy özüne geçirip, şähere tarap
ädimläp gidip otyrdy. Bu sypatda öýe barandan, ýamaşgan gara ýag relsiň üstünde süýnüp
ýatmak Ol adamyň gözüne eý görünmäge başlady. Emma, aýaklary, häzir diňe beýnisi däl, tutuş
kellesi egninden düşäge-de, öňüne geçip «Dur, yzyňa dolan. Beýdip ýaşap bilmersiň. Öleniň
gowy. Dolan!» diýse, ony mynjyradyp, depeläp geçjekdi welin, yzyna dolanmak beýlede dursun,
hatda saklanjagam däldi. Mynjyramak islemedik beýni başga çykalga tapdy. Ol öz eýesine elini
galdyrdyp taksi saklatdy. Ýyljyraklap, üst-başynyň ýagy üçin sürüjüden ötünç soratdy:
- Aýyplaşmaweriň. Ýaňy razýezdde ýük düşürmeli boldy. Institutymyza priborlar
geldi. Aýagym taýdy-da relsiň üstüne ýykylaýdym. Hernä ýeňsäm degmedi. Alym
halymyza bize-de ýük düşürdýäler-dä. Bolmasa oturgyja ýaplanman oturaýaýyn.
Sürüji näçe müşderi islese-de, beýle sypatdaky adamy maşynyna mündüresi gelmedi.
- Bäri-bärde razýezd barmy, agam?
- Şondan bärik pyýadalap gelşim-dä. El galdyran maşynymam duranok. Sen bir gaýrat
etdä.
Taksiçi gözüni alartsa-da, mundan soň hiç zat diýmedi. «Agzyndan aragyň ysy gelenok.
Durmuşda her zat bolup bilýär» diýip pikir etdi. Ol adam özüni zordan maşyna atdy. Bir taksiçiň
maşynyna münmek üçin şeýle kiçelmeli bolaryn öýtmändi. Büküdip, arkasynyň ýagyny oturguja
çyrşamajak bolup oturşy, ýalan sözlänine utanjyna büküdip, ýere girip bilmän oturana
meňzeýärdi.
«Ýok, ýazyjy, men ýalan sözlänime büküdemokdym. Men maňa ynanlaryna utanjymdan
büküdýärdim. Gör, ynandy! Ýalan sözleme diýmedi. Ýalanam bolsa, özüň ynanyp aýdyp bilseň,
saňa ynanmazçylyk etjek adam ýok...»
Biraz arkaýynlaşyp, gobsundy.
«Durmuşda hiç kimem hakykysyny aýdanok. Her kim öz ýalany bilen töweregini aldap,
ýaşap ýör. Seret muňa, maşynyny arkaýyn süren bolup otyr. Hakykatyny aýytdyrsaň welin ýa
aýalyndan, ýa oglundan, ýa kakasyndan, ýa ejesinden, dostu-doganyndan ya-da hemmesinden
birlikde ýanar-tütär oturar».
Sürüjem göz gytagyny müşderisinden aýyranokdy. Könelip giden çeholuny onuň puluna
täzeletmäň hasabyny çykarýardy.
- Çeholyň enesini üwrediň-aý, dost. Meniňki bitsin, seniňki ýitsin-aý adamlaňky.
- Ýolda galaýynmy dagy, menem öýüme aşmala?
- Nätseň, şony et how. Ýene meni götinogry etjek bolýaraý. Demirýola seni men
ýykdymmy? Görä, indi şu çeholda adam oturar öýdýäňmi?
- Ýag etmejegä bolýan.
- Etjegiňi etdiň, relsiň gara ýagy ýuwanyň bilenem aýrylmaz.
- Bolmasa, tölemeli bor-da.
- Töläňde-de täze mata alyp tikdirmeli. Giden görgüçilik. Häzirden aýdýan elli manat
bermeli bolarsyň.
- Elli manat?
- Näme kän görýäňmi? Arzan düşer öýtseň özüň tikdiräý. Men saňa iň arzan bahasyny
aýtdym.
Ol adam sesini çykarmady. «Demirýolda baryndan dynmak» oňa nähili gymmat düşdi!
Elli manat onuň aýlygynyň ýarsyna golaýdy. Taksiçem ilki bir dymyp otyrdy. Emma diýen
bahasyna müşderisiniň razydygy entek anyk däldi.
- Berersiň gerek?
- Bererin how, bererin.
«Pul janyňy alsyn. Ýöne, pul janlaryny almaz bular ýalylaň, gaýta, halasgäridir pul. Pula,
ýalana bürenip, ýaşar ýörer. Dogryňy aýdanyň bilenem, öleniň bilenem üýtgejek zat ýok».
Beýnisi şeýle netijelere gelip, aýagy bilen ylalaşyga girip ýörkä, «Oglum öýde bolaý
bilsedi hernä, sürüjiň puluny bermäge ylgadar ýaly» diýip, pikir etmäge-de ýetişdi. Sähel salym
mundan öň «Ogluma nädip görünerin?» diýişi ýadyna-da düşmedi. Ine-de, öýlerine ýetdiler.
- Häzir alyp çykýan.
- Dur, öňem ençemesini gördük. Çykmanjyk geçäýýäler.
- Onda näme edeli? Meň-ä ýanymda pasport-beýlekim ýok. Wiý dur, şahadatnamam
bolma-la.
Ol adam şahadatnamasyny ölemden soň kimdigim bilinsin diýip ýörite ýanyna alypdy.
- Şahadatnamaňy başyma ýapaýyn-maý. Bar çaltyrak git-de getir. Özem ellidir.
- Bor-bor...
- Dur. Getir ýaňky şahadatnamaňy.
Ol adam gara ýag eli bilen jübsünden çykaran şahadatnamasyny sürüjä uzatdy.
«Görýäňmi, ýazyjym, adamy. „Halyň teň görünýä-le. Üstü-başyň özi ýykylanyňka
meňzänok. Bir derdiňä bar, agam“ diýmez. Häzir şuňa «Aýalym özüni öldürdi. Menem özümi
öldürjek bolup, başarman yzyma gelýän» diýäýsem dagy üstümden gülüp, ilkinji duşan
müşderisi bilen gybatymy etmese, zat bilmedigim. Bolmanda «Dünýede başga aýal gytmy?»
diýip galar. Sen bolsa bulaň ýüzüne seretmäge utandyrjak bolýaň. Bulaň garagynyň içine
bakmalydyr. „Me, elli manadyň“ diýip puly maňlaýyna ýelmemelidir. Çynyňy gizläp, ýalanyňy
aýtmalydyr. Dünýe, dünýe. Muňa «ýalançy» diýmegem bärden gaýdýar...»
Ogly kakasynyň keşbine geň galyp baksa-da, sürüjä elli manady berip, eli şahadatnamaly
geldi. Relsiň üstüne ýykylşyny ogluna-da ynandyrmak kyn düşmedi. Ol diňe «Öýe getirmäge
edaraň maşyny ýokmudy?» diýip sorady. Oňa-da «Olam şo wagt bir ýerigä güm bolup gidipdir,
kireýe giden bolaýmasa. Başymyzyň sadakasy bolsun. Puluň çykmaýan ýeri ýok» diýip jogap
berdi.
- Taksiçi ýaman gaharjaň adam eken. Eşikleriňem gara ýag edipsiň. Ýuwanyň bilen
aýrylmaýaram.
«Eşigiň garasy hiç-le...» diýen ol adam oglunyň möleje gözüne hernäçe parahat bakmaga
çalyşsa-da, syrynyň açylaryndan gorkup, ýanyndan gaçanyny kem görmedi. Birdenem baryny
ýeke-ýeke gürrüň berip, içini dökse, derdi ýeňlejek ýaly boldy...
- Näme üçin ogluňdan syr gizleýäň? Aýt baryny, ol seň ýeke dikraryň. Aýt,
aýdylmadyk haykatdan zäher syzar.
- Ýok. Durmuş özi akymyna goşup halas edip durka, garşysyna gidirjek bolýarmyň?
Häzir ýuwunmaly, ähli hapalyklardan ýuwunmaly. Ýuwunmak üçin bolsa hökman
ýeke galmaly, ýekelik halasgärim. Ýeke dikraryň! Ýeke dikrarym bolanda näme,
diňleýärkä nebsi agyrar, gynanar. Soňam ejesi ýadyna düşende ýüzüme tüýkürer.
Oglum ýüzüme tüýkürenden aýbymy ýaşyranym dogry bolmazmy?!
- Ogluň bilenem derdiňi paýlaşyp bilmeýän bolsaň, özüň öz ýüzüňe tüýkürdigiňdir.
- Her niçigem bolsa başga biriniň tüýküliginden öz tüýküligiň gowy. Ony ýuwudybam
ýörmeýäsmi näme...
Darajyk hammam jaýyna giren ol adam gapyny yhlas bilen içinden gulplady. Wannany
ýyly suwdan doldurdy. Onuň içine girip çyp ýalaňaç ýatyrka:
- Aklyma aýlanmadyk bolamda men häzir şeýdip ýyly suwuň içinde däl-de, sowuk
tabydyň üstünde ýalaňaç ýatardym, onda-da böleklerimi çöpläp bilseler – diýdi.
- Oňa derek sen aglamazdyň, töweregiňdäkiler aglardy.
Ol adama «aglamazdyň» diýsemem gözünde bir damja-da ýaş görmedim. Gözi däl, tutuş
göwresi aglaýan ýaly, aglap bilmedigiçe ony der basýardy. Gaharyna içinde ýatan suwuna
ýumrugyny urjak boldy. Düwülgi ýumrugy howada galdy. Edil ýaňam dup-dury suwuň ýüzüne
hapa ýag al-ýaşyl gaýmak bolup ýaýrapdyr. Hapa ýagyň suwuň ýüzünde älemgoşar ýaly dürli
reňkde öwşgün atyp duruşyna üşerlip seretdi. Gahary ýatdy.
- Görýärmiň şuny, ýazyjym! Indiden beýläk durmuşym hapa ýag ýaly bolsa-da, ony
kesesinden seredene şunuň ýaly al-ýaşyl öwsüp, owadan görüner ýaly ederin. Başgalaryň
boýnuna towky bolup ilýän şeýtanyň oýunlary meniň boýnumdan halas ediji halka bolup iler.
Esasy zat gark bolup suwuň düýbüne çökmejek bolmaly...
Men ol adama näme jogap berjegimi bilmedim. Hammamyň dymyk, bugly
howasyndanmy menem der basdy. Şol wakadan soň ep-esli wagtlap gahrymanymyň gapysyndan
barmadym. Ol menem unutdy, özünem...
* * *
Wah, hezil edip ýaşap ýördüm, ýüregim ýitdi, senem bir ýerden çykdyň. «Ýokarkama» geljek diýipdi. Oglumyňam gelmegi mümkin. Aý, oglum uzak oturasy ýok. Ýa jaň
edip bu gün gelme diýäýsemmikäm. Öz aýalyň bilen ýaşaşyp ýören bolsaň şeýdip
zowzullaklap ýörmelem däl.
- Onda-da Maýsa ýalysy bilen!
- Oň nämesi üýtgeşikmiş, şo dälmi meni şu günlere salyp ýören. Boldy meniň başyma
namysjaň?!
- Ol-a namysyňy ýitirmek eken, ýüregiň ýitende-de hiç zat bolanok diýjek bolýaňmy?
Adamsyna bagly bolaýmasa. Kim bar günäni-sogabam bilenok, namysam oňa hiç zat.
- Hawa-la, kim bar namysjaňmyş, watan diýip bir galajyga ýygnanyp uly döwlet bilen
urşa girýär. Nämemiş şehit boljakmyş. Bolduňam-da şehit, onsoň nämä?
- Şu ýagdaýyňda şehitlere dil ýetirmäňde bolanokmy?
- Ýagdaýyň, ýagdaýyň diýip sen meni günüme goýaňok. Ýa öldürjek, ýa däliretjek.
Ýürek diýilýän, bilýäňmi kime gerek, on sekiz ýigrimi ýaşly oglana-gyza gerek. Olam
söýüşmek üçin. Ondan soň şol ýüregi ýatlaýan bir barmy? Iki agyzlaryndan ýüregime
düşme diýerler. Ýürek indiki adamlar üçin münülip düşülýän meýdança öwrüldi.
Ýalanmy ýogsa?
- Seňkem öňde bir tilkiň alyp bilmeýän üzümine turşy eken diýişine barýar. Ýekeje
gürsüldisine zar bolup otyrkaň nasos diýdiň, meýdança diýdiň.
- Ynsan hakykatdanam geň mahluk. Şu wagt ýürek diýilýäni görseň durşuna gan bolup
ýatan lokga etdir. Şonym ýitipdir diýip ala-basga galyp otyryn. Ne gözel aýagyny
kesdirmeli bolýanlar nädip çydaýarka? Agyrysy hiç, seni ýöredip ýören, gözüň görüp
duranja aýagyň ýokdugyna, indem hiç haçan bolmajakdygyna çydamakda iş bar.
- Boýun bolmak diýibem bir zat bar-a.
- Çydamaňda-da etjek alajyň ýok bolsa, boýun bolup ýaşaberýäň, şeýlemi? Onda
Maýsa-da ýaşabermelidi-dä, näme üçin ýaşamady? Gury meňem günümi bulady.
- Aýrylyşjak diýip özüň bir zat tapdyň.
- Ýok mesele mende däl, özi öňi-soňy ölmeli diýdi.
Ol adam oglanka-da ölüm hakynda köp pikir ederdi. Dogrusy ölmegem däl-de, bir gezek
mundan artyk ýaşamazlyk gowy diýen netijä gelipdi. Öňi-soňy ýeriň aşagynda çüýreljek bolsa
ýaşap, görgi üstüne görgi görüp ýörmek nämä gerek? Öl, jaň kakylanda sapagyň gutarşy ýaly
bary gutarsyn. Bu pikiri çyna ýazmaga golaýlaberende bir sadakadamy, ýa-da ýoldaşlaryndan
birindenmi, öýlenmedik oglan ýogalanda tabydyna gelinaljysyna daňylmaly atgulagyň
daňylýandygyny eşitdi. Muny eşidende özüni tabydyň üstünde, atgulagam gapdalynda galgap
barýan ýaly boldy. Gelinaljyň ýerine-de bir topar gölegçiler. Toý ýerine-de ýas. Hemme kişi
öýlenmedik oglan ýogalypdyr diýip gynanýar. Ol edil öl diýlip durlan ýaly içinden «Ölsemem,
öýlenip, toýumdan soň öleýin» diýen karara gelipdi.
- Wah, şol wagtkyja ýüregim. Heniz ölüm-beýleki bilenem ýaralanmadyk. Ol-a ýara
eken, ýüzünde ýekeje gasynam ýokdur. Hem sagdyndy, hem tämizdi, hem terdi.
Maýsany nähili söýerdi, adyny ýatlanymdan edil tansa çykan ýaly towsaklabererdi.
Saçyna barmagyň degdi diýip agzymdan çykyp barýandyr. Ýüzümi güldürerdi, dilimi
saýradardy.
-
Bilýäňmi haçan sen Maýsaň döşünden itipdiň, oňa gapyl diýipdiň? Gedemligiň bilen
ýüzüne atanak çekipdiň?
Ol adam bu sowala jogap bermedi. Mundan artyk öýünde-de ýeke oturmaga karar
tapmady. Telefony öňüne alyp „ýokardakysyna“ jaň etdi.
- Bu men.
- Tanadym. Ýagşy bolýaňmy?
- Ýok. Seni görmesem gutulamok. Göroglam Agaýunusuna gözi düşende sagalar eken.
- Işden sypyp bilemok. Kabinetimdäki «siňek» şeýle-de gep gözläp ýör. Ol ikimiz
hakynda-da bir zatlar aňjak bolýan ýaly.
- Aňyp geçsin, tiziräk gelmeseň ýedilere oglumam gelermikä diýýän. Garaşýan.
- Bolýar. Men ýöne açdyryn.
- Menem dok däl. Ýoldan bir zatlar alyşdyraý, N-uşa.
N. köp garaşdyrmady. Iýere-içere alan zatlaryny stoluň üstünde goýup durşuna jykyrdap
gülüp gürrüňe başlady.
„Bilýäňmi, bir waka boldy, gülüp ýykylarsyň. Ýadyňa düşýämi serwandymy satjak
diýýädim. Ahyry biri aldy. Bir firmaň eýesi. Ýükçülerini iberipdir. Iki sany ýaş oglan. Biri gaty
dilewrja hem uzyndan, görmegeý oglan eken. Köwüşlerini çykaryp içeri girdiler. Serwandy
göterip lifte çykardylar. Menem ýaňky owadan oglana gyssanjyma köwşüňi geý diýjek bolup
„Balagyňy geý, oglan“ diýäýipdirin. Içimden «bile bolaýsaň» diýip pikir edendirin-dä. Ýaňkylar
hezil edip güldüler. Men hem utanjyma ýere girip bilemok, hem gülen bolýan.“
N.-ň bu gürrüňine ol adam güljeginem bilmedi, gülmejeginem. Şol iki arada çala açyk
galan gapydan otaga uly bir ýylan süýnüp girip ugrady. Ol hindi ýylanbazlarynyň boýunlaryna
çolap oýnaýan ýogyn ýylanlary ýaly äpetdi. Ol adam birbada gözlerine ynanmady. Hem M.-e
«Sen tetellini kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim» diýeni ýadyna düşdi. Şeýle ýogyn
ýylanyň şäheriň merkezindäki on alty gat binanyň edinji gatyna çykyp, şeýle arkaýynlyk bilen
gapydan girmegi bolup biljek zat däldi. Ýylan gelşine diwanyň aşagyna sümülip gitdi. Ol
adamyň dili tutuldy, zöwwe ýerinden galdy. Hiç zatdan bihabar N. oňa geň galyp bakdy.
- Sen hökman doktora görünmeli. Göwnüme bolmasa ýüzüň reňki üýtgän ýaly.
N. stoluň başyna geçen ol adamyň ýanyna usullyk bilen baryp, maňlaýyna elini degirdi.
N. ol adamyň sowuklygyndan ýylan ellän ýaly tisginip gitdi. Ol adam N.-ň tisginşini görüp
diwanyň aşagyndaky ýylanam unutdy. Emma diliniň „Ýylan“ diýenini özem bilmän galdy.
- O nämäň ýylany?
Ol adamyň oslagsyz aýdan bu sözüni N. ilki öz sowuklygyna diýýändir öýtdi. Soňam
özüne çekdi. Emma bu-da manysyzdy.
- Greklerdemi, ýylana ölümsizligiň simwoly diýilýäni?
- Grekler nirden ýadyňa düşüp ýör?
- Sen gelmänkäň telewizorda gördüm. Ýylanyň ýüregem ýok oýdýän?
- Bilmedim. Bar bolaýmasyn. Ýüregi bolmasa gan nädip aýlansyn?
- Meniň bilşime ýürek gaty köp jandarda ýok. Garynjalarda, kebeleklerde... umuman
mör-möjeklerde. Adamam ýüreksiz ýaşap bilermi?
- Adammy? Adam ýaşamaz. Gurluşy başga. Arteriýa bar, wena bar. Birinde hapa gan,
birinde arassasy. Ýürek bolmasa olar garyşar... Fu, seňem tapýan gürrüňiňi.
Ýüreksizem adam bolarmy?! Muny mekdep okuwçylaram bilýär. Ýa bilgeşleýin
edýäňmi?
- Ýok. Ýöne bu ýerde başga bir mesele-de bar, ýüreksiz adam nädip öler? Ölmän ýaşar
ýörermi?
- Gyýw, sen aklyňdan azaşyp ýören bolaýma?
- Nädip öler? Gany aýlanmasyny goýaýarmyka?
- Goýsana oýnuňy. Ýok zatlaň gürrüňini edip, başymy agyrtjak bolup çagyrdyňmy
meni?
- Ýok. Ýöne birden kelläme geläýdi.
-
„Dogrudanam men muny näme üçin çagyrdym? Şuňa baryny aýdaýsammykam? Ýok,
ýok. Gowsy muny çaltyrak ugradaýyn“. N. ikinji gezek ol adama elini degirdi. Ýene tisginip
elini çekdi. Içinden: «Ýylan diýip durany şuň özi bolaýmasyn? Ajdarhalykdan geçip, ýuwha
bolan ýylan islän zadyna öwrülip bilýärmiş diýibem eşidipdim?» diýdi. Ol adamdan endamyň
näme beýle sowuk diýip soramakdanam çekindi.
- Men gaýdaýyn. Üstümize ogluň geläýmesin. Işden rugsat almalam däl ekenim.
Näzi çekilmänsoň, gahar edip, hem gorkup, çalarak towlanjyrap N. çykyp gitdi. Ol adam
derrew diwanyň aşagyna seredip gördi. Ýylan öz öýüne gelen ýaly kellesini pola goýup gaty
rahat ýatyrdy.
„Bu meni çakyp öldürer. Ýok, gözüme görünýändir. Ajalym bolaýmasyn? Men näme
üçin gorkamok? Ýüregim näme üçin gürsüldänok? Olam menden gorkanok“
Ol adam ýüreginiň ýokdugyna gaharlanan bolup ýylanyň guýrugyndan ýapyşdy. Ýylan
gözüne görünýän salgym bolup, eli boş geçer öýdüpdi. Emma eliniň aýasyny dolduran tene
endamy dyglap gitdi. Goýberesem gelmedi. Gysyp mynjyratmaga-da güýjem, gaýratam
çatmady. Diňe biraz silkeledi. Ýylan muňa çala garşylyk görkezjek ýaly etdi. Ýene-de jansyz
ýatan ýüp ýaly silkilen ugruna süýreldi. Ýylany sypdyrman Ol adam ýerinden turdy. Boýy bilen
boýdaş sallanyp duran ýylan onuň aýagyna degmejek bolýan ýaly kellesini çalaja galdyryp iki
ýana towlanýardy. Çaksyn diýýän ýaly şypbykly aýagyny ýylanyň agzyna has ýakyn getirdi.
Aýagyň ysyny halamadyk ýylan kellesini has ýokary galdyrdy. Bu oýnuň uzak dowam
etmezliginiň mümkindigi kellesine urup, ol adam ýylany taşlap goýberdi. Bu gezek ýylan öz
agramyna aşak, Ol adamyň aýagynyň üstüne patylap gaçdy. Başga biri bolsa gorkudan jany
bogazyna gelerdi. Ol adam welin parahatdy. Ýylanam göwni bir ýaly towlanyp ýene diwanyň
aşagyna gitdi.
„Bu ýöne zat däl. Öldüräýsemmikäm? Öldürjek bolsam janhowluna çakaýsa?“
Bolýan wakalaryň syrlylygy ol adamy howsala salyp ugrady. Hasyr-husur telefona
ýapyşdy.
- Oglum gyssagly gel, saňa görkezjek zadym bar.
- Menem bir ýumuşa çykyp barýan. Kaka, agşam barýan diýdimä.
- Köp wagtyňy aljak däl.
- Kaka häzir düýbünden mümkin däl.
- Bor-da onda...
„Bulam gereklense bir iş tapynar.“
Ol adam gyssanyp ýene diwanyň aşagyna seretdi. Ýylan gaty arkaýyn ýatyrdy. Ol adam
eline pol ýuwulýan agajy alyp ony dürteklemäge başlady. Ýylan has aňryk çekildi. Aňryk
çekildigiçe-de ol adamyň beter göhi gelýärdi. Birdenem ýylan guýrugy bilen kakan ýaly etdi.
Agaç jorta döwüldi. Ol adam elindäki döwük agaja geň galyp bakdy. Ol beýle bolar diýip asla
garaşmandy.
„Bu oglum ikimize-de aldyrtmaz. Zoologiýa institutynda ýylançylar bolmaly. Olary
örüzsem, ýylanam gözüme görünýän bolsa? Uly binaň ýedinji gatynda ýylan näme işleýär?!
Onda bu agajy men döwdümmi? Ýa bijaýrak urup döwäýdimmikäm? Ýok-la guýrugyny
kakanyny gözüm bilen gördüm-ä. Göwnümedir. Iň gowsy ýataýyn. Onda-da şu diwanyň
üstünde!“
Ol adam şeýle etse dogry bolar diýen netijä geldi. Özüni ynandyrmaga çalyşdy.
„Hemmesi gallýusinasiýa. Sen alym adam ahyryn. Häzir bir zatjyk garbanmaly-da
ýatmaly. Arkaýyn, ähli damarlaryňy gowşadyp, hindi ýogalary ýaly ýatmaly. Dynç almaly.
Ýüregiňem ýerindedir, ýylanam ýok“.
Ol adam N.-iň getiren zatlaryndan günortanlyk edinjek boldy. Emma iýibem seri
bolmady. Diwanyň aşagyna ýene bir gezek seretdi. Ýylanyň şol ýatyşydy. Ýene içinden
gallýusinasiýa diýip gaýtalap, özüne zor edip diwanda süýndi. Aňy ýadan bolmaga çemeli,
ýuwaş-ýuwaş uka gitdi.
Düýşüne jigisi Halyl girdi.
- Halyl… Halyl… Halyl jan senmiň asyl? Ýogalanyňa baryp näçe ýyl geçdi!? Ýa menem
äkitmäge geldiňmi? Dodajygyň çapylan ýeri şindem bitmändir.
- O hiç. Sen bu oglanjygy görsene?
Halyl ýanyndaky ýedi-sekiz ýaşlaryndaky bir oglanyň başyny sypap durdy hem ýyly suw
ýaly jana ýakymly sesi bilen geplemesini dowam etdirýärdi.
- Muňam ady Halyl. Seň agtygyň.
- Meniň agtygym ýok.
- Bar, ýöne dünýä inenenok.
- Dünýä inenok?
- Hawa, dodagynyň çapylaryndan gorkýar.
- Sen oňa aýtsana, dodagy çapylmaz. Ataň seni gorar, hiç kime ýykdyrmaz, ýanyňdan
aýrylmaz diý.
- Ol saňa ynananok. Enesinem...
- Enesinem, senem men ýykmadym-a?
- Menem aýydýan welin, onda näme üçin ejeň ony urdy diýýär.
- Seniň ýeriňe men ýykylan bolsam ejem seni urarmydy? Urmazdy. Urmazdy gerek?
- Ejem gaharjaň-a.
- Gaharjaňam bolsa seni urmazdy. Urmazdy, urmazdy...
- Ol poýezddenem gorkýar...
Nämä ýaňzydylýanyna düşünen ol adam öýkesi içine sygmaýan, emma ony daşyna
çykarmagyňam ugruny tapmaýan çaga ýaly bogazy dolup, mundan artyk gepläp bilmedi. Şol bir
wagtky poýezd öňünden şakyrdap geçmäge durdy. Halylam, oglanjygam poýezdiň aňry
tarapynda galdy. Halyl yzyna öwrüldi-de ýuwaş-ýuwaş daşlaşmaga başlady. Poýezd geçip
gidende olar eýýäm ýokdy. Bogazy dykylan Ol adamyň sesi öz içinde galdy:
- Dur Halyl. Meni bagyşla. Halyl jan men näme üçin seni dirikäň häzirkim ýaly gowy
görmedimkäm?
Birdenem pişik oýnaýan ýaly ýylan oýnap oturan öz oglanlygyny görüp, ol adam tisginip
oýandy.
Gyzaryp ýaşyp barýan Günüň şapagy penjirä, gana boýan ýaly, gyzyl reňk çaýypdyr. Ol
adam diwandan düşmän onuň aşagyna seretdi. Alagaraňkyda ýylanyň bardygy saýgarmady.
Ýylan gidendir öýdüp begenjine tarsa ýerinden turup çyrany ýakdy. Ýene-de diwanyň aşagyna
seretdi. Ýylan gitmändir. Ol adam oturgyja özüni goýberdi. Könelip giden oturgyç onuň
agramyna jygyldap gitdi.
- Oglum geler welin muny öldürerin.
- O seniň ruhuň bolaýmasyn?
- Ruh diýdiň, ýene diýdiň. Men bilýän, öldüň gutardy. Ruh näme işlesin?!
- Ýaňky Halyl näme? Sen ýaňy onuň ruhuny öýkeletdiň.
- O bir düýş. Derdi kekirdegine ýeten adamyň düýşi.
- Bilýäňmi näme, sen bir wagt pygamber pygamber bolýan bolanda daşlanmazdy
diýipdiň. Sen Halyly dirikä gowy bolany üçin ýigrendiň, pygamberi hem pygamber
bolany üçin seniň ýalylar daşlady.
Ol adam gözüni ýumdy. Ýene uzaklaşyp barýan poýezd gözüne göründi. Ýalpa gözüni
açyp saçyny penjeledi. Bir seretse diwanyň aşagyndaky ýylan daşyna çykyp barýar. Onuň
towlanyp akyp baryşyny görmäge göz gerekdi. Özünden, dünýesinden göwni hoş, towlanyp,
süýkenip, her bir hereketinden lezzet alyp akyp barýar. Ýogsa gözünde gorkunçlyk, agzynda
zäher. Teni dagam buz ýaly, içinde ýüregi bara meňzänok.
„Kleopatra-da ölümsizligiň bakylyga alyp gitmegini - özüni ýylana çakdyryp ölmegi
saýlap alypdyr. Gitme, gel ýylanym, gel ruhum. Isleseň çak, isleseň öp. Menem seni saýladym“.
Towlanjyrap barýan ýylan bu çakylygy eşiden ýaly yzyna gaýtdy. Ol adam dişini gysyp,
ýylanyň gelip çakaryna garaşyp oturmaga güýjüni jemledi. Ony guýrugyndan tutup ýokary
göterşini ýatlady.
„Indi näme birden gorkup başlaberdim? Kleopatraň ölüşi gorkuzdymy? Käşkä Kleopatra
bolsaň öleniňe-de degýär. Bu dünýede ejirden başga gören, armandan başga çeken zadym
bolmady. Indem öz ajalymy özüm çagyryp ölmelimi? Ýanymda ne janym galdy, ne-de
janyçkam. Halas ediň diýip gygyrsamam dadyma ýetişjek ýok.“
- Kaka, näme ýatyrmyň? Açsana gapyny.
- Oglum, jan oglum. Häzir bardym.
Ol adam suwa gark bolmakdan gorkup barýanyň kenary görüp begenşi hem oňa ýetmäge
gyssanşy ýaly gapa tarap ýönelenden, hälden bäri parahat ýylan, haşşyllap öňüni gabady.
- Küş ýok bol. Men saňa näme etdim. Küş diýýän. Ýogsa-da häzir bogazyma
sygdygyndan gygyrýan.
Ýylana seniň gykylygyň bildirýän ýeri ýok. Ol gazap bilen kellesini galdyrdy. Sähel
artykmaç hereket etse öljekdigini aňan ol adam doňan ýaly bolup galdy.
- Kaka. Ýa hammamdamyň?
Onuň dili tutulyp, ogluna jogap beribem bilenokdy. Ol edil ýaňam ýylany çagyryp
„Isleseň çak, isleseň öp“ diýip durdy diýseň ynanar ýaly däldi. Ýene-de ýylanyň özi köşeşdi.
„Diýenlerimi bitirmeseň janyňy jähenneme iberäýerin“ diýip elindäki ýesir guluna hökümini
aýdyp gutaran zalym ýaly gyňyr-gyňyr seredip, towlanjyrap ýene diwanyň aşagyna girip gitdi.
Ol adam şindem ýerinden gozganyp bilenokdy. Aýaklarynda ysgyn mydar galmandy.
- Kaka.
Bu gezek oglunyň sesi has gaty çykdy.
- Barýan.
Gapyda garaşmakdan ýadap göwünlerine her zatlar getirmäge başlan ogly bilen gelni
içerden gelen gyryljyk jogaby zordan eşitdi.
Ol adam bolup ýören zatlary ogluna gürrüň bermekden bireýýäm ýüz öwrüpdi. Muny oňa
ýylan tabşyryp giden ýalydy. Çyrany ýakdy. Diwanyň aşagyndaky ýylanyň sowuk hem içiňden
geçip barýan gözlerine ýene bir seretdi. Baryp gapyny açdy. Oglunyň gaharyna-da, öýkesine-de
üns berenokdy. «Uklaýypdyryn» diýdi. Onuň „Hany bir zatlar görkezjek diýýärdiň-ä“ diýmesine
„Näme görkezeýin? Şonuň ýaly bir gep tapmasam gelýäňizmi näme?“ diýip jogap berdi. Onam
diliniň ugruna „isleseňiz gaýdyberiň“ diýen ýaly aýdyp goýberdi. Ogly aşhanadaky gelniniň
ýanyna turup gitdi.
- Näme diýýär? Görkezjek zady näme eken?
- Şoňam bir görkezen zady bolarmy?
- Gyýw bolşuň nähili, o seň kakaň.
- Şeýle kakaly galanymdan sopbaş ýetim galan bolsam gowy bolardy.
- Saňa-da düşer ýaly däl. Birdenä kakam, kakam diýip ölüp-öçüp barýaň, birdenem
saňa kaka gerek däl.
- Ýaňy bir sagatlap gapyny bilgeşleýin açmady. Biz binamys, şonda-da gaýtmadyk.
Diwanyň üstünde bir nokada diňkesini diken bolup oturşyny göreňokmy?
- Senem telefon eden badyna gaýdaýmaly-da.
- Hawa-la, men atamyň melleginde işläp ýörendirin, gaýdasym gelen wagty gaýdyberer
ýaly.
- Häzir naharyň başynda açylşar.
- Men bilýän, ol diňe ýokardaky N-ini görende açylar. Häzirem şol geljek diýendir.
Ejemem şuň näzini çekmekden bizar bolup öldi.
- Goýsana könäni ýatlamaňy. Baraýsana kakaň ýanyna. Men häzir ajyja çaý elteýin.
Ýene bir gezek ýanyma göçip gel diýip gör. Şol sary içýanyndan arasyny açjak
bolaly. Jaýyňy satyp maşyn äbereýin diý. Özüçe ýoklar kileň maşynly.
- Göçeli diýseň beter jyny atlanar.
- Onda-da ýumşaklyk bilen ýene aýdyp gör-dä. Bolmasa oglumyzyň boljagyny aýt.
Begener. Olam agtyk küýseýändir.
- Haý näbileýin.
Hakykatdanam ol adam oglunyň „Kaka doktorlar bir „myş“ tapdylar. Ogul agtygyň
bolaýjak ýaly“ diýmesine ilki üşerildi. Halyly düýşünde görüşi ýadyna düşdi. Soňam „Seň
habaryň ýok. Oň dünýä inesi gelenok“ diýdi.
- Düşünmedim, o näme diýdigiň boldy?
- Dodagynyň çapylaryndan gorkýar.
- O nähili dodagynyň çapylaryndan gorkýar?
Oglunyň bu sowalyna ol adam jogap bermedi. Ýene-de bir nokada diňkesini dikip
oturmasyny dowam etdirdi. Ogly kakasynyň bu düşnüksiz gepine düşünjek bolup derde galdy.
Ahyrynda-da „Siz çaga seretmegi oňarasyňyz ýok“ diýdigidir diýen netijä geldi. Entek
öýlenmänkä kakasynyň „Oňarsaň ýokary bilimli gyza öýlengin“ diýip bizar-petini çykaryşyny
ýatlady.
„Aýna ýokary bilimli bolmanda-da, bir çagany idetmäni ilçe oňarar. Bu adamyň ýürek
bulamadan başga işi ýok“. Sahy beýleki jaýa geçip bir ýerlere telefon etdi.
- Kaka, hezil edip, bile palow iýäýjekdik, biziňki boljak däl. Işden gyssagly gel
diýýäler. Haçan boşajagymam belli däl. Ýatylmanka Aýnany gelip äkidäýmesem.
Oglunyň gitmekçidigini eşidip ol adamyň ýüzi açyldy.
- Ýok, gelniňi ýeke goýup gitme. Özüme borluk palowy özüm bişirerin.
- Etini gowurypdyr.
- Bolýa, bolýa. Seniň işiň şu tarapy ýaman-da. Onda-da gaýrat et, işläber. Palowy ýene
bir gün iýeris.
Ogly-gelni ýüzlerine urlan ýaly bolup çykyp giden soň, ol adam diwanyna nazaryny
aýlady. Indi onuň aşagyna seretmek hökman däldi. Ýylanyň öňki ýatan ýerinde gözüni bir
nokada dikip ýatany ikuçsuzdy. Ol adamam öýünde durasy gelmän geýinip, daşary çykarman
boldy. Ýöne nirä, kimlere gitmeli?
- Gowsy restorana gideýin. Bolmasa «ýokardakyny» ýoldaş edinäýerin.
- Ýoldaş nämäňe gerek?
- Seniň gapylyp oturmagyň üçin gerek.
Hernäçe çetime degse-de men sesimi çykarmadym. Ol adam geýnip daşary çykmak üçin
gapyny açsa, gapyda «ýokardakysy» ýyljyraklap dur.
- Çagyrmasaňam geläýendirin.
- Men seni alyp restorana gitjekdim.
- Hany ol gysyr geçi gelniň palow bişirmedimi?
- Etini gowurdy öýdýän.
- Biz hiç ýere gitmeris. Häzir palow iýýäs. Ogluň dagyny ýörite kowduň gerek? Görseň
ýürejigiňi bilip durandyryn.
- Ýüregimden öňürti sen şü diwanyň aşagynda nämäň bardygyny bil.
- Näme bilmän? Oň aşagyny düýn özüm ýuwdum.
- Ömrüllaňda-da bilmersiň.
- Näme baýrak goýýaň?
- Islän zadyňy.
- Doglan günüme bir gowy köwüş.
- Gepleşdik.
- Seret, özüm saýlajakdyryn.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ilki ýürek ölýär - 4
  • Parts
  • Ilki ýürek ölýär - 1
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 2221
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 2
    Total number of words is 3944
    Total number of unique words is 2242
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 3
    Total number of words is 3986
    Total number of unique words is 2174
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 4
    Total number of words is 3973
    Total number of unique words is 2227
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 5
    Total number of words is 1407
    Total number of unique words is 931
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.