Latin

Ilki ýürek ölýär - 5

Total number of words is 1407
Total number of unique words is 931
39.4 of words are in the 2000 most common words
51.9 of words are in the 5000 most common words
58.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Hawa, ýok. Gowu-da ýok bolsa, iň bärkisi ýürek agyrydan-a ölmen!
Ol adamyň ýüzüme hem gülüp, hem naýynjar bakyşyna dilimi dişledim. Häzir oňa bir
gep az iki gep köpdi. Gulagynyň biri gopup gaçan bolsa, bir bada ile çykmasa çykmazdy. Ýöne
soň rezin gulak ýasatdyrardy, saçyny ösdürerdi, görünmez ýaly ederdi, ugruny tapardy.
Ýüreksizlik welin, ugruny tapyp boljak zat däl. Ony hiç kim görmese-de, özüň görýäň.
Ýokdugyny hiç kim bilmese-de özüň bilýäň. Ol adamy köşeşdirer diýen pikir bilen kelläme
gelenini aýtdym.
- Agaçlaram ýüreksiz ýaşap ýörler-ä!
- Agaçlarmy? Agaçlar bilen işiň bolmsyn. Agajy ynsana deňejek bolma, bilip goý, o
saňa beton däl, demir däl – ýumşakdyr, päkdir, ýylydyr. Agaç ýaly mährem, sabyrkanagatly, ýazyksyz zat ýokdur. Şahalaryny ýaýradyp, ýapraklaryny gerip, özüçe ýok,
biz ýaly mahluklary saýalar oturar. Sesinem çykarmaz, gybatyňa-da goşulmaz, kä
wagt bir başyny ýaýkar. Ýöne olaň başyny ýaýkanyna kim bakýar?! Men olaryň
şahasyny sallap, gyşyn-ýazyn şol bir oturdylan ýerlerinde oturyşlaryna çagakam
gynanardym.
Ol adam Maýsaň özüni oklan bolkonyna çykdy. Çilim otlandy. Birbada daşaryk seredesi
gelmän, bolkonyň germewine arkasyny berip durdy. Öňünde öýi, arkasynda dünýä. Ömürboýy
öýüni daşardaky dünýäden aýratyn, özbaşdak ýaşatmaga dyrjaşyp gelipdi. Elek ýa suw diläp bir
goňşusynyň gapysyndan barmandy. Hiç bir goňşusam onuňka gelmändi. Hiç kime azaram
bolmandy, hiç kimiň azarynam çekmändi. Tünegine daşardan diňe öz islän zady içeri girip
bilýär, daşyna-da şeýle. Emma, hakykatda şeýlemi? Gaýta tersine islemeýän zadyndan içersi
doldy, çykmasyny islemeýän zadam edil suw syzan ýaly, akyp gitdi. Adamlaryň dogan bolup
ýaşasy gelýär, hem kesekiň durmuşyna garyşmagy hiç kim dogry hasap etmeýär. Ýene-de
kesekiň gybaty iň süýji, iň gyzyklandyryjy, iň wajyp gürrüň... Kesek, keseki kesek...
Bu pikiri edende Ol adam oglunyň mugallymyny, M.-i, bile işleýän ýoldaşlaryny, ähli
tanyş-bilişlerini, tutuş adamzady göz öňünde tutdumy açyk bilmedim. Kim bilýär, hiç kimem
däl, diňe özüni göz öňünde tutandyr?! Aşaky gatyň bolkonynyň gapysynyň açylany eşidildi.
- Eje, men şu taýda oýnaýaýyn?
Ol adam gulagyna hoş ýakan sesjagazyň eýesini görmek üçin germewden aşak seretdi.
Gyzjagaz köneje gurjagyny bir esgä dolajak bolup başyna gaýdy. Ol adam bolkondan çalt öýüne
girdi-de, geýinmäge durdy. Tiz geýnip çykybam, ýolda taksi saklady.
- «Çagalar dünýäsi» magazinine äkidermisiň?
- Näme äkitmän agam, münüň.
- Aý sag bola! Adam diýeniň şeýle bolar-la!
- Gaty daşam-a däl. Ýa magazine däl-de şol töwereklere barjakmydyňyz?
- Ýok, magaziniň özüne barjak. Biraz howlukmajyrak.
- Düşnükli. Agtyklaň biriniň doglan günüdir, onam unudansyňyz, indem ýetişmeli. Çalt
çykaryn diýseňiz garaşaýyn?
- Garaş diýsem garaşarsyň-la, ýöne garaşdym diýibem eslijä tamakinsiň-dä?
- Beý diýme, agam, göwnüňden çykaranyň maňa bolýar. Ýok, howlukman aljak
zadymy saýlajak diýseňiz, o başga gep.
- Saýlap saýlamaz ýaly aljagym bir gurjak-la.
- Onda garaşaýaryn.
Ol adam sesini çykarmady. Içinden «Garaşsyn, göreli-le» diýdi.
Maşyn magazine iki çatyrykdan geçip derrew ýetdi.
- Onda basym çykyşymy edeýin.
Ol adam içi gurjakly gutyny gujaklap diýişi ýaly çalt çykdy. Alan gurjagyny sürüjä
görkezesi geldi. Soňam göwnüne ýoknasyzlyk ýaly göründi. Sürüjem guta gyzyklanma bilen
seretse-de, sesini çykarmady.
«Bolkondan gitmedik bolsa bolýar».
- Agtyjagyňyz begense gerek, näçe ýaşady?
- Öz agtygyma däl, goňşymyň gyzjagazyna. Gowja çaga. Ýaňy oýnap oturan eken
welin, gurjajygynyň el-aýagy gopuk. Täzesini alyp bereýin diýip gaýdyberdim.
- Hä, şeýdiýseňizläň. Häzirki gurjaklar o beýle berk dälmi, derrew bir ýeri gopaýýar.
Mende-de bir gyz bar...
Maşyn ol adamyň öýüniň deňine ýetdi. Sürüji özüne uzadylan bäş manady kän görüp
gaýtargam berdi. Ol adam muňa ýylgyryp başyny ýaýkady.
Lifte mündi. Tas altynjy gatyň düwmesine basypdy. Ýene ýedinjini basyp öýüne geldi.
Eşiginem çalşyrman bolkondan aşak seretdi. Gyzjagaz öz dünýesine gümra, aşakda oýnap
otyrdy. Ol adam derrew bir ýüpjagaz tapdy. Ony getiren gurjagynyň biline daňyp aşak sallamaga
durdy. Özi bolsa ýüpüň beýleki ujundan tutup, görünmez ýaly yza çekildi. Gyzjagaz ýokardan
sallanyp gelýän täzeje gurjagy görüp aň-taňk boldy. Ine-de ol deňine ýetdi. Gyzjagaz gurjagy
garbap aldy. Ýüpüň ujy ol adamyň elinden sypyp aşak gaçdy. Gyzjagaz ejesini gygyrmaga
durdy.
- Eje, eje seret, Alla jan maňa täze gurjak berdi.
Ol adam aşak boýnuny uzdanda bolkonda gyzjagazyň ýokdugyny gördi. Ejesi gyzyna bir
bada üns bermedik bolmaga çemeli. Soň ikisem bolkona çykdy. Ol adama sesleri eşidilip durdy.
Onuň hem olara görünesi gelýärdi, hem görünmekden çekinýärdi.
- Haýsy ýerden, gyzym?
- Ýokardan diýdimä, Alla jandan. Ýüp bilen sallanyp geldi.
- Şu ýüp bilenmi?
- Hawa-hawa. Çekdim-de alaýdym.
- Kimkä gyz, bu allajanlarym. Enelerem-ä aşakda ýaşaýar?
Ýokarda ýene on gatyň bolkonlary bardy. Kimden görjek?
«Ýüpi beýle uzyn-a däl. Şo alymsumak ýaşulymyka gyz? Gäbi azan, dul ýer çeken.
Ýokarkysyny az görýärmikä?...»
Ol adamyň mundan soňuny eşidesi gelmedi. Ejesi näme diýende näme, gurjagy çaga
oýnamaly.
- Eje, eje Alla jan jiginem maňa şeýdip ýüp bilen sallap berermi? Hä? Aýdaý-da eje?
Gelin gyzy bilen däldi. Ol ýokarky gatdaky «garry eprutyň» üstüne barsammykam, ýa-da
şu taýdan gygyraýsammykam diýip pikir öwürýärdi. Ah-eý üstüne baryp nä derdim diýip pikir
etdi-de:
- Gyýw goňşy – diýip, gygyrmaga başlady.
Ol adam gizlenip saklanyp bilmän ýylgyryp boýnuny uzatdy.
- Goňşy, bu siziň işiňizmi?
- Haýsy iş? Hä gurjakmy? Hawa. Ýaňy magazinden alyp geldim. Täzejedir.
- Bolup galsyn täzeje. Näme bizde pul ýokmy aljak bolsak? Bolduňyz meň başyma
pully, ýuka ýürek.
- Men ýuka ýürek däl. Mende asyl ýüregem ýok. Ýöne siz gurjagy zyňmaň. Sowgat
diýip kabul edesiňiz gelmese, satyn alaýyň. Ine gutusy, bahasam ýazylgy dur. Otuz
manat. Okap göräýiň, oklaýynmy?
- Näme öz halamadyk zadyňyzy bize sokjak bolýaňyzmy? Şujagaz gurjaga-da onça pul
berlermi?
- Bahasy-da, daşary ýurduňky, hili gowy, aňsat döwülmez. Gutusyny oklaýyn diýýän-ä
özüňiz okap göräýiň.
Guty çala gaýyp goňşularyň bolkonyndan sowa geçdi.
- Wah içigargalan. Gelin siz maňa ynanaýyň. Maňa puluňyzam gerek däl.
- Maňa-da siziň gurjagyňyz gerek däl. Geliň-de äkidiň, ýogsa-da aşak zyňýan.
- Haýyş edýän. Gyzyňyzam ony gowy gördi.
- Bar işim siz däl, eşidýäňizmi? Leýla, taşla gurjagy. Hany özüňki?
- Özümiňki köne.
- Ýene uruljak bolýaňmy? Kakaň bir gelsin.
- Haýyş edýän, kyýamat güni goňşudan diý...
Ol adam sözüni tamamlamanka bolkon boşap galdy. Boş bolkonyň ortarasynda
islenmedik gurjak ýüzün ýatyrdy. Ol adam oňa eýe çykmalydy.
«Baryp gepleşeýin, belki razy ederin...»
Emma başarmady. Ol adam gurjagyny goltugyna gysyp yzyna geldi. Ejesi bolmasa, gyzy
oýnajagam... Diwana geçip lapy keç oturdy. Gyzyl köýneklije gurjak gapdalynda ýatyrdy. Ol
adam ony ýene eline aldy. Satyn alanda howlugyp synlap bilmänindenmi jorapjygyna,
köwüşjagazyna çenli seredişdirdi. Ýatyryp-dikeldende «Eje» diýip ses çykaryp, gözüni
ýumuşyna ýylgyrdy. Onuň owdanja saçjagazlaryny sypady.
- Seniňem ýüregiň uranok, meniňem. Ýeke tapawudymyz men biraz köpräk söz bilýän,
özümem alymmyşym. Ýöne seniňki ýaly «Eje» diýmäni welin başaramok. Nähili
şadyýan, gülüp duran gözleň bar... Ýöne sen gynanma. Ýüreksiz bolsaň şu tarap-a
gowy, häzir seni aşakdaky goňşy öýünde goýmady, şonda-da saňa bildirýän ýeri ýok!
Ýürekden begenmersiň, ýürekden gynanmarsyň, ýürekden geplemersiň, ýürekden
diňlemersiň... Näme etjek meni gepledip, şeýdip ýüreksiz ýaşasym gelýärdi, şol
arzuwyma-da ýetdim. Ömür boýy arzuw edip gelenimiň nämediginem oňa ýetemsoň
bilip galdym... Ýöne ikimiziň bir tapawudymyz bar. Aşakdaky çagany diňdiresim
gelýär. Oglumy oglum, gelnimi gelnim ýaly söýgüläsim gelýär, agtyk söýesim gelýär.
Jigim dodagyny çapdyrmaz ýaly ýerine özümiň ýykylasym gelýär. Häzirem seniň
ýeriňe özüm utanjymdan ýere girip bilmän otyryn. Menden däl, başga birinden bolsa,
gelin gurjagy hökman alardy. Alardy, eşidýäňmi, alardy. Sen maňa Maýsamy
ýatlatdyň. Gyzka oňam mydam ýüzi güler durardy...
- Alman geçsin-le, öýde arak gutarypdyr, ýör magazine gideli. «Ýokardakam»...
- Bilýäňmi näme, şu gün Maýsaň ýogalan güni bolmaly.
O nirden ýadyňa düşüp ýör, ondan bäri ýigrimi bäş ýyl geçdi.
Elli ýyl geçse-de, ýigriminji iýýun onuň ýogalan güni. Saham düýn anna agşamsy
diýip gelnine palow bişirtjek bolandyr...
Ol adam damagy dykylyp aňyrsyna bakdy. Gahrymanym ýüzüni sowsa-da ony
gujaklaberesim geldi. Onuň ýylysy ýerine gelendir. Ýüregem... Ol adam böwrüni diňläp, yzyna
öwrüldi. Maňa çiňňerilýärdi.
- Hany termometr, hany termometr – diýip, tekjäň üstündäki termometri gyssanmaç alyp,
Ol adamyň goltugyna goýmakçy boldum. Ol termometri yzyna itip, gözlerini tegeläp maňa ýiti
seretmesini dowam etdirýärdi. «Ýüregim... ýüregimem urýar». Muny dili däl, menden sähel
salymlygam sowulmaýan, ýanýan göreçleri aýdýardy. Fonodoskoba ýapyşdym. Onuň demrini
köýneginiň üstünden tutup gulaga dakylýanyny gulagyna ildirjek boldum. Olam maňa ýüregini
diňletjek bolýardy hem gözünden biygtyýar, boýur-boýur dökülýän ýaşyny süpürýärdi. Ahyram
fonodoskobly elimi tutup gursagyna goýdy. Ýüregi gürsüldäp durdy. Men ony garsa gujakladym.
Biz bir adama öwrülip gitdik.
Gurjagy alyp bolkona çykdym. Goňşy gyzjagaz çykanymy aňan bolmaga çemeli,
ýokarlygyna bakdy. Meni görüp ýylgyrdy. Derrew ýüp tapdym. Gyzjagaz sallanyp gelýän
gurjaga begenjinden çapak çarpyp bökjekleýärdi. Şol wagt edil ýerden çykan ýaly ejesi peýda
boldy. Gurjagy gapyp aldy-da, eliniň tersi bilen aşaklygyna zyňyp goýberdi. Men elimi galgadyp
galdym. Gurjak kelemenläp aşak gaýtdy. Hiç zada ilişmän, hiç zada degman asfalta uruldy.
Meniň dünýäm sarsyp gitdi. Gurjak aşakda gyzylja nokat bolup ýatyrdy. Lifte-de garaşman aşak
ylgadym. Gurjagy goltugma gysyp tünegime girdim.
Oglumyň işine jaň etdim.
- Sahy gerekdi?
... Ýokmudy? Soň ýene bir jaň edäýerin.
Öýüne jaň etdim.
- Aýna gelin? Açaýmaly-da şo ýaşmagyňy. Men barýan. Sahy jaň etse-de, gelse-de aýt,
kakaň göçüp geljek diýdi diý...
-
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ilki ýürek ölýär - 1
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 2221
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 2
    Total number of words is 3944
    Total number of unique words is 2242
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 3
    Total number of words is 3986
    Total number of unique words is 2174
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 4
    Total number of words is 3973
    Total number of unique words is 2227
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 5
    Total number of words is 1407
    Total number of unique words is 931
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.