Latin

Ilki ýürek ölýär - 2

Total number of words is 3944
Total number of unique words is 2242
29.9 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
suwuny bedre bilen daşap gutarjak bolmaga meňzese-de, ony ömri ötünçä daşap gezmäge-de
taýýardy. Emma indi ojagynyň päklenmesini asla mümkin zat däl diýip hasap edýärdi. Onuň
agyr keselinden bäri bakmaýan hassaňka meňzeýän ýüzünden ynsan kalbynyň bagyşlamak
ukybynyňam çäginiň bardygyny okap oturmalydy.
Biraz salymdan adamsy bilen aýrylyşmaga razydygy hakynda ýazan arzasyny getirdi.
Maýsa her ýagdaýa düşende-de, maşgalasyndan geçer öýtmedik ol adam arzany haýran bolup
okap oturşyna alaçsyz galdy. Bu arza onuň üçin diňe maşgalaňdan, çagaňdan aýrylmagy
aňlatmaýardy. Ol şu wagta çenli ýaşan ömrüňe, söýgüňe atanak çekmek, iliň gözünden düşmek,
ýaşaýyşyň ähli tagamyny ýitirmek diýmekdi. Şonda-da ol adam bu ýagdaýyna «Aýaly bilen
aýrylyşyp ýören gytmy» diýip özüni köşdirjek düşünjeler bilen garady. Emma, köşeşmäge derek
ýüregi ezildi. Aýylganç bir wakanyň bolanyny syzdy.
Şol wagt bolkon tarapdan Maýsaň çirkin sesi geldi. Ylgap çyksa hol aşakda aýalynyň
gana bulaşyp jesedi ýatyr…
Ol adam ilki gözüne-de ynanman, soň bolsa liftiň gelerine-de howlugyp basgançakdan
ylgap aşak düşýänçä töweregiň baglaryna seredýän Ybraýym aga gana bulaşyp ýatan Maýsaň
gyzyl gyňajyny ýüzüne ýapyp ýetişipdi. Hereketsiz, gaňyrlyp ýatan elleri rezeli goýup, eşiklerini
düzedişdiripdi. Indi kelläň degen ýerindäki gan diýäýmeseň Maýsa ýüzüni ýapyp, rahat ýatana
meňzeýärdi. Ol adam gelişine Maýsaň ýüzüni açjak boldy. Ybraýym aga ony döşünden itip, zor
bilen saklady.
- Oglum, kysmatydyr. Özüňi dürse. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Maňlaýynda bardyr,
bendäň. Kir serişdirjek boldumy, nätdimi aýagy taýandyr. Beýdip köçe-de ýatmasyn, adamlar,
öýe ýygnalyň.
Az salymyň içinde hümer bolup üýşen adamlaryň biri bir ýerden aşagyna düşär ýaly
köneräk keçe getirdi. Ybraýym aga «sen beýt, sen eýt» diýip gaty parahat buýruk berýärdi.
Jesedi göterip keçäň üstünde ýatyrdylar. Ýarylan kelleçanakdan ganyň gelmesi henizem
kesilenokdy. Ýaşulyň aýdyşy ýaly dört adam keçäň daşyndan jesedi gujaklap göterip alyp
ugradylar. liftiň agzyna gelenlerinde Ybraýym aganam aljyraňňylyk basdy. Jeset lifte
sygmaýardy.
- Şu gidişiňize basgançak bilen gidiberiň bolmasa.
Ol adam adamlaryň öňüne geçip sakga durdy. Jesedi çala dikeldibiräk gujagyna aldy-da,
lifte girdi.
- Dur-dur, öli diriden agyrdyr, götertmez. Oglanlar biriň kömek ediň.
Emma ol adama nädip kömek etjek? Kimdir biri liftiň ýedilik ýazylgy düwmesine basdy.
Liftiň içinde ýene birine ýer ýokdy. «Agyrdyr» diýilenini eşidenden boldumy ol adamyň dyzlary
biygtyýar epilip çommaldy. Bu dünýä gelip, eden ähli etmişleri gujagyna berlen ýaly boldy. Oňa
şu wagt kömek etmän haçan etjek? Ol adamyň welin, isleýän kömegi – kömek etmek isleýän
ynsanlaryň gözünden halas bolmakdy. Bu dilegi kabul bolan ýaly liftiň gapysy ýuwaşlyk bilen
ýapyldy.
Şeýdip ol adam, gujagynda Maýsa ýokary göterlip ugrady. Maýsaň ýyly ganynyň soňky
damjalary keçeden geçip onuň goluny jümşüldetdi. Dartylyp duran gyňaç jesedi biynjalyk edýän
bolaýmasyn diýip ony çekmekçi boldy. Elindäkini tas gaçyrypdy. Bäbegi elinden gaçjak bolan
ene ýaly gorkan ol adam, gyssanyp jesedi berk bagryna basdy. Bu zatlara parhsyz lift iňläp
ýokary göterlip gidip otyrdy.
«Wah şeýdip göterle-göterle o dünýä çenli bileje gidip bolsa bolmaýarmy?»
«Bolmaýaýar» diýýän ýaly lift ýedinji gata ýetip sakga durdy. Gapy ýene ýuwaşlyk bilen
açylanda agzynda garaşyp duranlar jesedi aldylar. Ol adam gan bolan bilegini gizlemäge
gyssandy. Ýerinden turmaga rowgaty ýokdy. Maýsaň erkek doganlaryndan biriniň turmaga
kömek etjek bolup elini uzatmasyna ol bilegindäki gan yzyny görjek bolýandyr öýdüp tisgindi.
Birdenem kömek ediljek bolunýanyny aňyp:
- Sen baryber, özüm turaryn – diýdi.
Özüm turaryn diýse-de, wagty bilen aýagy ýazylmady. Onýança-da liftiň gapysy
ýapyldy-da, aşak inip ugardy. Liftdäki öçügsi sary ýagtylyk ýeke galan ol adamyň beýnisini
gurşap aldy. Esli wagtlap ol hiç zady görmedi, hiç zady eşitmedi, hiç zada akylam çatmady. Iki
garagyna saman, çöp-çalam dykylan ýaly bar zat sarylygyň aňyrsyndady.
Tabyda mündürlen Maýsany ýedinji gatdan aşak düşürmegem aňsat düşmedi. Sähne ýaly
bolup ýören ol adam indi ony gujagyna alyp lift bilen düşürip biljek däldi. Asla düşürjegem
bolanokdy. Obadan gelen ýaşulylaryň biri gaharyna «Ölüsini otlamalymyka munda ýaşaýanlar?
Nä myrdar bü?» diýip, elindäki hasasyny diwara urdy. Lifte-hä asla sygmajak tabyt,
basgançaklardanam aýlatdyrmansoň, tabydy boşadyp, jynaza duruljak ýere jesedi keçäň arasyna
salyp düşürdiler. Içinden ruhy giden öli däl-de, özi dar basgançakda iki ýana aýlanana meňzeýän
ol adamyň jeset ýere düşenden soň dünýesi giňedi.
Tabytda ykjam ýerleşdirilip, üsti örtülen Maýsa: «Indi boldy. Men iň dogrusyny
etmedimmi näme? Meniň bilen ýaşaşmagyň, ýa-da menden aýrylyşmagyň aladasyny edip
ýörmän, sen indi öýüňe arkaýyn girip çykarsyň. Tabydyň haýsy ýana öwürseňem dar
basgançakdan geçmeýişi ýaly, ikimiziň bile ýaşaşyp bilmejegimizem görnüp duran zatdy ahyryn.
Onsoň iki jahan owarrasy bolup ýörenden ahyrynda barmaly dünýämi saýlanym dogry dälmi?
Oglumam garnyny dok, eşigini bitin etseň, meni küýsese bäş gün küýsär. Öýeribilseň soň
menem gerek bolman, senem» diýen ýaly boldy.
Ol adam boş beýnisine bu pikirleriň nireden gelendigine haýran galdy. Onynça-da jynaza
namazy okalyp bolnup, Maýsaň ýakyn dogan-gardaşlary ses edip tabydy ýerden göterdiler. Ol
adam märekä goşulmaga zordan ýetişdi...
* * *
Maýsanyň ölümi bilen ömründe iň aýylganç wakany başyndan geçirendirin öýdüp
ýüzüni ýerden galdyrman ýören ol adama has kyn günler garaşýardy. Durmuşda bir aýylgançlyk
özi ýaly başga bir aýylgançlygam yzyna tirkäp gelýän bolarly. Maýsa pahyryň ýedisi güni
ýygnanan mähelle üçündäkidenem kän boldy. Töweregiň, goňşy-golamlaryň üstüne ol adamyň
asla tanamaýan adamlaram goşulypdy. Olar özlerini tanadanlarynda esasan aýalynyň daşgynrak
garyndaşlary bolup çykýardylar. Emma hemmeden soňa galan, ýüzi dolmuşyrak, buýra gara
saçly, dogumy ýüzüne çykyp duran, orta ýaşyna-da ýetmedik biri goňşy-golamam, garyndaşbeýlekem däl eken. Gürleşende gaty hoşamaý bu adam, prokuraturanyň sülçüsi bolup çykdy. „Şu
taýdan aýagy taýyp ýykylaýdymy, bende?“ diýip bolkona aýlandy. Soň „Prokuratura çakylyk
ýazyp oturman dilden aýtsamam bararsyňyz-la. Agam, biziňem borjumyz. Ony-muny
soraşdyrarys. Kyn görmäň. Ertir irden dokuzda on altynjy otaga baraýyň. Amanowyň ýanyna
diýseňiz görkezerler.“
Ol adama ertesi gün sülçi Amanowy tapmak kyn düşmedi.
- Il-gün bir gowy zat. Maňa galsa bendäni ýere depin etmänem oňarjak däl. Şäherde
garyndaşymyzam ýok. Obadakylar bilenem aýda bir gezegem görüşilýän däldir.
Şäher durmuşy-da özüň beletsiň.
- Diýmek şäherde ýakyn garyndaşlaryňyz ýok. Aýalyňyzyňkam ýokmydy?
- Garryja ejesi bardy. O pahyram ýaňy bir aýlykda ýogaldy.
- Waka bolanda aýalyňyzy ilki gören Ybraýym aga diýdiňizmi?
- Hawa. O mydam diýen ýaly daşarda.
- Nädip ýykylanyny ol görmänmi? Size zat gürrüň bermedimi?
- Aýagy taýaýdy öýdýän diýdi. Ýöne ýedinji gatda näme bolup ýörenini o nä bilsin?
- Näme siz onuň aýdanyna ynanmazçylyk edýäňizmi? Ýa başga gören-eşideniňiz
barmy?
- Ýok gören zadymam ýok, eşiden zadymam. Men başda aýtdym ahyryn, men öýde
bolsamam, içki jaýdadym. Öz işleri bilen girip çykyp ýören aýalymyň bolkondan
nädip ýykylanyny görmedim.
- Şo gün aýalyňyzyň özüni duýuşy nähilidi? Tukatmydy? Gaharlymydy?
Aljyraňňymydy?
- Üns bermändirin. Mydam bir bolşudy-da. Kän içindäkini daşyna bildirmeýärdi.
- Siz aýalyňyzyň kir serilýän simi düzedişdirjek bolup ýykylanyny ýene bir gezek
tassyklaýaňyzmy?
- Men-ä başga sebäp göremok.
- Men bolkonyňyzdaky o simi gördüm. Ýasyňyza gelen goňşularyňyz bilen gürleşdim.
Her kim geň görýär. Özi ýykylmajak ýaly diýýärler.
- Nä bileýin kysmatydyr-da.
- Siziň bilen bir öýde ýaşaýan biri aýalyňyzyň öz janyna kast edenini aýdýar.
Sülçüň garaşyşy ýaly bu habara ol adam özüni ýitirdi. Elini owkalaşdyryp sesini
çykarman otyrdy. Kärine ökde sülçem dymyşlygy bozmady. Agyr ýuwdunyp ol adam zordan
„Kim ol? Olar ýaly zatdan habarly bolsa, öňünden maňa aýtsa bolmaýarmy?“ diýdi.
- Öňündenmi?
- Dagy näme? Söweş gutaransoň batyr köpeler edýäler.
- Olaram edil şol gün bu wakaň boljagyny bilmändirler. Umuman... Soňky bir aýyň
dowamynda aýalyňyz gaty gussaly gezipdir.
- Bolup biler. Adam-da kä gün gamlyrak bolýar, kä gün açygyrak.
- Aýalyňyzyň soňky bir aýda gaty sus gezenini ogluňyzam tassyklaýar. Ýarawsyz
bolup kakam bilen doktora gatnadylar diýýär.
- Hawa doktora gatnatdym.
- Haýsy doktora?
- „Gyzyl haja“.
- Nerw keseli bilen baglanyşyklymy?
- Ýok. Aýal ugrundan.
- Bolýar. O goňşyňyzyň aýdýany ýalanam bolup biler. Goňşularyňyzdan siziň aýalyňyz
bilen hatda sene-mene edeniňizem görmändiklerini aýdýanlaram bar.
- Il bilýändir.
- Ýöne o aýal... – sülçi görkezme bereniň aýal adamdygyny dilinden sypdyranyna
ökünen ýaly sözüni soňlaman biraz sägindi – siziň maşgalaňyzdaky agzalalygy öňden
bilýärdim diýýär. Aýalyňyz bilen ýakyn tanyş, jora eken diýseňem boljak.
- Men aýalymyň ýeke-täk ýakyn gatnaşýan adamsyny bilýän, olam oglumyň
mugallymy. O şolmy?
- Size tapawudy näme? Eger ol şyltak atýan bolsa, sözüni ýalana çykarmaly borus.
Ýok, dogrusyny aýdýan bolsa-da, onam subut etmek gerek.
Menem tutsaňyz oglum ýeke galar.
Diýmek aýdylýan zat ugrunda bar-da?
Ýok. Men töhmede ynanyp, meni tutsaňyz diýjek boldum.
Size beýle töhmet atar ýaly, duşmançylyk edýänem bardyr öýdýäňizmi?
Ilçilikdir, her haýsysy tapylyp biler. Maňa ynanmasaňyz Ybraýym agadan soraň.
Ýokarky gatda goňşym bar, şondan soraň.
- N.-mi? Siz ol aýal bilen bile işleýäňiz dälmi?
Sülçiň „N.-mi?“ diýşini Ol adam halamady.
- Bile işlämde näme?
- Gürleşip gördük. Gerek bolsa ýene-de gürleşeris. Edaraňyzda-da sizi sylaýan ekenler.
Şujagaz ýere gol çekiň. Ýaňky beren soraglaryma jogaplaryňyz. Isleseňiz okap görüň.
Ol adam ýazylanlary ýeke-ýeke okap çykdy. Soraglaryňam, jogaplaryňam gysgadan anyk
ýazylanyny görüp haýran galdy. Bu ýazgydan sülçüň näme niýetiniň bardygyna asla düşüner
ýaly däldi.
- Bu-da şäheriň çäginden çykmaly däldigiňiz hakynda karar. Şu gün hepdäň ikinji güni.
Dördünji günem görüşeliň. Şu günki gelýän wagtyňyz geläýiň. Işiňize özümiz habar ederis.
- Şo gün, onsaň, dynarmykak?
- Kimden? Hä, bu işlerdenmi? O siziň özüňize bagly.
Ol adam özüne nähili baglydygyny göz öňüne getirip bilmän, sülçüň bu gepine nähili
düşünjegini bilmedi. Onuň „Oglumyň mugallymdyr“ diýenem dogry bolup çykdy. Emma, goňşy
mugallym gaýtmyşym etmedi.
«Sen näme şundan soňam ogluňa kakaňdyryn diýjekmi? Sen oglum diýseňem ogluň saňa
kaka diýmez. Ony sopbaş ýetim goýan özüň. Etjegiňi edip, indem çagany ara goşup,
halymsyramaň näme? Sensizem ony adam eden tapylar. Beýle çagaň aladasyny edýänlerden
bolsaň, ejesine zulm etmeseň bolmaýarmy?» diýdi.
- Mugallymdan mundan gowsuna garaşmalam däl. Telefonam etmesem gowy boljak
eken. Öýüne baran bolsam dagy kowardy. Onuň bar pikiri ogluma arka çykan bolup,
iliň öňünde abraý gazanmak.
- Baryny eden özüňkäň bagşa birni günäkärlemek nämä gerek? O mugallym bolmasa,
ýene biri tapylardy. Ybraýym agaňam aýrylyşjak bolup suda baryp ýöreniňden habary
bolmaly.
- Goýsanaý, ýazyjy. Habary bolany bilen Ybraýym aga maňa garşy görkezme berer
öýüdýäňmi?!
- Nähak gan ýerde ýatmasyn diýip, aýtsa aýdar oturar-da.
- Aýtsyn, bar senem git-de aýdaý. Oturyp gelmeli bolsa, oturar gelerin. Oturyp
gelýänlerem özüni mençe görýändir. Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter
etjek-dä siz.
- Meni ara goşma. Men ýöne, Ybraýym agaň bar zatdan habarlydygyny ýatladýan.
- Ony diýjek bolsaň bu binada kim kimden habarly däl? Sülçiň: „N.-mi?“ diýen
bolşuny eşitmediňmi? Sülçi olaň hemmesiniň görkezmesinem alandyr, gybatynam
diňländir. Ýöne bary biderek. Ýapyşara bir zat eşiden bolsa, sülçi meni bir eýýäm
ýygnatmajakmy?
- Sülçi „Goňşularyň „Sene-mene edeninem görmedik”diýdiler diýmedimi näme?
- Dagy näme diýsin? Şonda-da birden... Eger türmä düşsem meňkiň gutardygy.
Institutda-da işletmezler, alymam bolmaryn. Botanika bagyna bagban edibem
almazlar. Entek türmeden diri geljegimem belli däl. Näme etmeli? Näme etmeli?
-
* * *
Ol adamy soňam birnäçe gezek soraga çagyrdylar. Ahyrynda-da Maýsa pahyryň özüni
günäkärläp işi ýapdylar. Maýsaň ölüminde Halk sudunyň däl, wyždan sudunyň öňünde etmişini
boýun alsa-da, ol adam ýene-de iň soňunda esasy günäni aýalynda görüp, esli wagtlap özüni
aklap gezdi.
«Men näme görülmedik, ilden çykgynç bir iş etdimmi? Özi kesel tutup, aýalynam
keselledip ýören ýeke menmi? Birentek doktor şol keseli bejerip, hak alyp, çagasyny ekläp ýör.
Şeýle nermi-näzik, ilden üýtgeşik namysjaň bolaňda-da, ýedinji gatdan özüňi oklap bolmaz-a.
Bar men hiç, ogluňy ýetim goýmaga neneň dözdüň… Käşge seniň saçyňdan bir tarynyň
ýolunanyna degýän bolsam, men şeýtdi diýip janyňa kast eder ýaly…»
Boljak iş bolandan soň ol adam elindäki hatyna baýrynyp aýalyny gorkuzmak, dyza
çökermek pälinden özi howp edipdi. Özüni zäherli ýylana deňäp ýigrendi. Içinden «Men bir
gömülgen. Gömülip ýatan ýylan. Biri eline kepjesini alyp adam sypatyndaky men ýylany
kerçem-kerçem etsedi» diýmäge çenli baryp ýeten ol adam özüni hiç haçan şeýle ýigrenmändi.
Eline kepje düşse welin, ol ähli ýigrenjini şeýle «zäheri» aňyna guýan, şeýle haty goltugyna
gysdyryp goýberip, ony ýylan eden M.-den çykarjakdy. Özünden öňürti ony kerçem-kerçem
etjekdi. Ol adamyň aňynda bolup geçýän bu gowgalardan bihabar M. o wagtlar Maýsa pahyryň
üçünem, ýedisinem sowuşyp ýördi. Dostunyň içini hümledip, gözüni alardyp ýörşüni ol başyna
düşen ýasdandyr diýip çaklapdy. Biraz soň ol adam M.-e bolan ýigrenjini basyp, ony bagyşlajak
ýalam edipdi. Çünki kyn gününde onuň iň ýakyn maslahatdary ýene M. bolup çykypdy.
O günler Maýsaň ölüminde günäkärlenip Ol adamyň soraga çagyrylýan günleridi. Sülçi
aljyradyp barýardy. Ol adamyň «Menem bassaňyz çagany sopbaş ýetim goýarsyňyz.
Beýtmeseňiz bolmaýarmy? Bir alajy ýokmy munuň?» diýmesine sülçi ýüzüni gatadyp:
- Adamlara haýran galýan. Etjeklerini edýäler-de «Bir alajy ýokmy?» diýmäge
başlaýalar. Ýa maňa duşýanlar şeýle? – diýdi. Ol adam tas sülçä «Özüňem ilden üýtgeşik dälsiň»
diýipdi. Ýene dilini dişledi.
Dadyna suda ýüz tutmakçy bolup ýygnan hatlary, hasam M.-iň beren haty ýetişdi.
Maýsaň ýaramaz kesele uçurap özüni bejerdendigi hakyndaky haty okap, sülçi edil öz ejesi
aýplanan ýaly lampa aşak oturdy. Hat galpdan ýazylandyr öýdüp M.-iň edarasyndan düýbüni
barlap gördi. Emma bu elhençligiň «düýbi düzdi».
Sülçi dagy alaç tapman ol adamyň özüni gepletjek bolup: «Ony şeýle kesele kim
ýolukdyryp biler?» diýip sorady. Bu sowalyň jogabam M. bilen taýyn edilip goýulypdy: «Ony
merhumdan soraň. Özüň ýaramaz gezseň, kesel ýokuşdyrjak tapylar»…
Şeýdibem Ol adam kerçelmedi, kepje pil ýere oklandy. Şol günem M. ýeňişlerini
„ýuwmak“ üçin bir çüýşe arak alyp dostunyňka geldi. Öý eýesem bir çüýşe çykardy. Köp içilse
soňuny bozýan ol adamyň bu gezek turuwbaşdan ýüzi salykdy. Ýarylyp bilmän hümläp
oturşyna, ikinji çüýşe ýarpylanyberende içndäkini daşyna çykardy.
- Bilýäňmi näme, biz ýeňmedik, ýeňildik. Maýsa bigünä halyna öldi, menem günäkärkäm
ýeňenlerden bolup arak içip otyryn. Sen düşünýämiň şuňa? Ýok düşünmersiň. Sebäbi seniň
ýüregiň meňki ýaly ýanyp duranok. Seniň beýniň öýjüklerinde meniňki ýaly köz ýok. Ýedinji
gatdan özüni oklap gana bulaşyp ýatan aýalyňy gujaklap göreňok sen entek.
- Sen näme maňa-da şony isleýämiň?
- Saňa nämäni isleýänimi bilesiň gelýämi? Men… men… sen tetellini elimden gelse
kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim, düşünýäňmi?
- Aý goýsanaý, ýüz gram içdigiň ýok gürrüňleri tapyp başlaýaň. Ertesem bagyşla diýip
jaň edip otyrsyň.
- Ýok, men saňa bagyşla diýmen. Sen… sen… maňa aýalymyň ruhunyň öňünde-de iklik
etdirdiň. Oňa öz agzym bilen şyltak atdyrtdyň. Maýsamyň tämiz ruhuny hapalatdyrdyň. Sen
meni zäherli ýylan etdiň.
- Özüň dälmidiň dirikä o bendäni hapalan? Bu masgaraçylyga çydaman ölensoňam onuň
ru-u-hunyň tämizliginiň gürrüňini eden bolýaň.
- Bar zada seniň şol hatyň günäkär. Sen şony ýazyp berip, tutaryk edin diýmedik bolaňda
men Maýsaň ýanynda demimem alyp bilmezdim. Men şol hatyňa aldandym. Şol nejis hatyň
bilen ony gorkuzaryn öýtdüm. Düşünýäňmi? Maýsam öldi halas boldy. Maňa-da on ýyl, on bäş
ýyl beren bolsadylar, oturar gelerdim. Gelmän türmede çüýresemem gynanmazdym. Jezamy
çekerdim. Ýok, o-da bolmady. Men ölmedimem, çüýremedimem. Ýok çüýredim, ölmän
çüýredim, sen meni diriligime çüýrütdiň. Sen… sen… şoňa düşünýärmiň?
- Haý-haý-haý, görsene muny, her kim goňşusyny günäkärlär, dostuny günäkärlär,
enesini-atasyny günäkärlär welin özüm günäkär diýmez. Sülçi daşda däl barda...
- Sen enäni-atany nämä ara sokýaň? Maňa akyl öwreden bolmaň näme? Çyk öýden,
gözüme görünme.
- Hä, gorkduňmy? Türmede çüýremek dilde aňsatdyr. Bilseň sen maňa taňryýalkasyn
aýtmaly.
- Saňa taňryýalkasyn aýdar ýaly kim sen? Seniň ýalyny, meniň ýalyny Taňry ýalkamaz.
Onsaňam meniň saňa bergim ýokdur, taňryýalkasyn aýdar ýaly. Maýsa üçinem, özüm üçinem
aňryýany bilen hasaplaşandyryn.
- Näme beren puluňa gynanýadyňmy? Gönüjäňi aýdaýmal-a.
- Ýok bol diýdim men saňa.
Gaçyp diýen ýaly öýden çykyp, arany açyp barýan M. ol adamy jogapsyz goýmady.
Yzyna gaňyrlyp soňky awusyny pürkdi.
- Başarsaň özüň ýok bol. „Ýokardakyňam“ men tapyp berdimmi saňa?
- Ýok bol diýdim… deýýus…
M.-iň yzyndan gygyryp galan ol adam ýumrugyny howada galgadyp janyna jaý tapmady.
Saçagyň gyrasynda togalanyp ýatan boş çüýşäni edinji gatyň penjiresinden daşaryk dazyrdadyp
zyňdy. Onuň bilenem çäklenmän, hamala her zyňan çüýşesi M-e baryp degip duran ýaly,
saçagyň üstündäki içi arakly çüüýşänem bireýýäm garaňkylyga siňip giden dostunyň yzyndan,
öňküsindenem gara çyny bilen zyňdy. Aşakdan döwlen çüýşeleriň ilki biriniň, soň ikinjisiniň
pagşyldysy eşidildi. Ol adamyň göwnüne ikinji ses çüýşäňki däldi-de, ony zyňanda ýüreginiň
sogrulyp, asfalta urlup, çym-pytrak bolup gitmesiniň sesi ýaly boldy. Ol adam döşüni ýassyga
berip uzak gijesini aglap geçirdi. Bu serhoş adamyň bolup ýatyşyny görüp, ýedinji gatdan özüni
oklan aýalynyň däl-de, edinji gatdan zyňan arak çüýşeleriniň agysyny aglaýar diýseňem diýip
oturmalydy. Hakykatda ol özüniň şol çüýşelerçe-de bolup bilmeýändigine, asfalt trotuara
pagşyllap urlup bilmeýänine aglaýardy. Dogrusy, ol muňa soň synyşypdy...
* * *
Şol bir wagtkysy ýaly, özüni dograp geçmeli poýezd şakyrdap, ol adamyň gözüne
görnüp, sydyrdyp geçip gitdi. Erbet tisgindi.
- Belki ýazmarsyň? Muny ýazmaň nämä geregi bar?
- Ýüregiň şonda... gorkyňdan...
* * *
Ol adam bu wakany gaty seýrek ýadyna salardy. Hakydasyna geldigi titiräbererdi. Ony
ýatlamajak bolardy, ünsüni başga zada sowardy.
Şol gün... Hawa, şol gün, M.-i öýünden kowandan bir hepde-on gün soň, onuň on
ýaşlaryndaky, özüni ýaşyndan uly görkezýän oglunyň gözleri kakasynyň tüýsüniň üýtgänini çala
aňdy. Emma, oglan akly beýle çylşyrymly ýagdaýlara düşünerden ejizdi. Gaýta, «Kaka, ejem
nähili gowudy! Gowudy gerek, kaka?» diýip, bilmezlikden ýarasyna duz sepýärdi.
Ol adam şol gün özüni otla kakdyrmagy karar edipdi. Şäheriň çetinde ýandak güllerini
çöplemäge gidende üstünden geçen gara ýag demirýoly göz öňüne gelip çalaja ýylgyrdy. «Ine
meniň halasgärim! Demirýol! Demirýola ýeteýin-de, baryndan dynaýyn» diýip öýünden çykdy.
Niýetine ýetmek üçin bolup barşyna ilki düýşüdir öýtdi. Aňynda diňe demirýoluň gaýtalnyp
durmasy, töweregindäki ýaşaýyşyň bolsa özüne täsir etmän, nirädir uzaklara şakyrdap barýan
otly ýaly akyp durşy, ony düýşde ýaşap ýören ýaly etse-de, häzir düýşi däldiginem ol oňat
bilýärdi. Ähli hereketlerini öz erkinden çykyp edýänini aňýardy. Ony Maýsaň yzyndan gitmegiň
ýiti islegi gynaýardy. Ol isleg ýürek-bagryny gyýym-gyýym edip, indem damagyny çalmak
hyýalyna münüpdi.
Suwsuz çöl beýewanda teşnelikde galanyň bir damja suw tapylsa, ähli zada razy bolşy
ýaly, häzir ol adamam boýny zynjyrlyja güjüge dönüp, isleginiň yzyna düşüp, bar zada kaýyl,
selkilläp barýardy. Bar erki isleginiň elindedi. Ädimleri özüniňki däldi, dury pikirlenmek, edýän
işiniň manysyna düşünmek ýokdy. Gürs-gürs urýan ýüregi münen niýetine bir urgusynda ters
diýse, beýlekisinde dürs diýýärdi. Gözleri elek-çelekdi. Sary boşlukda hiç zat parhyna däldi.
Ýogsa köçäň gyrasynda çigit satyp oturan daýzaň ýanynda saklanyp, bir guýguçjyk çigit alandada, şol çigide güýmenip, pikirem üýtgese üýtgäp biljekdi. Emma, çigidem almady, asla çigitçä
golaýlamadam.
Demirýol şäheriň o çetindedi. Pyýada barardan daşdy. Ol adam öýünden çykmanka oňa
nähili ýetjekdiginiň çyzgysyny aňynda çyzypdy. Jübüsindäki onlugynyň bäşini berende taksi ony
şäheriň çetine çykarjakdy. Saklan taksisiniň sürüjisem geplemezek adam eken. Diňe aljak
pulunyň pikirini öwrüp oturan ýaly, ol adamyň ýüzüne-de bakanokdy. Mümkin ol bu müşderini
düşürip, indiki müşderini almaga ýetişmegiň aladasyndadyr, kim bilýär? Şäherden çykyp, ol
adam çola ýerde düşüp galmakçy bolanda-da, sesini çykarmady. Onluga gaýtargyny ýedi
bersemmikäm ýa-da bäş bersemem bolarmyka diýip pikir etdi. Müşderiniň gaýtargysyna
parhsyzdygyny görüp, güýmeň-süýmeň etdi. Pul çykarmak niýeti bar ýaly, elini jübüsine sokan
boldy. Onýança-da gaýtargysyny almak aňyna-da gelmeýän müşderi maşynyň gapysyny ýapdy.
Günbatardan ösen sergin şemal ol adama taksiçiniň bermedik kömegini bermäge ýetişjek
bolýan ýaly ýüzüni, saçyny sypap geçdi. Munuň bilenem kanagatlanman ony durşuna gujaklady.
Şemalyň sowujak «teni» ýakasyndan girip endamyny jümşüldetdi, ony aňyna aýlajak ýaly etdi.
Öňem bir gezek, Maýsaň özüni oklan bolkonyna çykanda, öz niýetinden gorkyp, aljyrap
töweregine garanjaklapdy. Ýene töweregine garady. Emma, häzir bir ädim beýlesinde oglunyň
mähri, gülküleri bilen elinden çekýän ýyly otag ýokdy. Töwerek ýalaňaç, açyklykdy. Uzak bir
ýerde torgaý saýrady. «Bu jelegaýda senden başga menem bar...»
Ol adam torgaýyň «men baryna» üns berjege meňzänok. Ol häzir özüniňem dünýede
barynyň-ýogunyň parhynda däl. Gözi demirýolda. Hol-ha bir otly ýetip gelýär. Aýak aldygyna
ylgasa… Ylgamady. Onuň niýeti heniz bişmedik ýara ýaly ýüregine yza berip durşuna, ýarylyp
bilmeýärdi. Onsoňam onuň göz öňüne getirýän ölşünde otlynyň öňüne ylgap barmaly däldi.
Onuň beýnisinde başyny goýmaly demirýol relsine, üstünde süýnüp ýatmaly ýagly agaçlara çenli
hemmesi aýan görnüp durdy.
Geçen otly şakyrdap gözden ýitip barşyna barha bat alýardy. Ine-de gözden ýitip gitdi.
Ýazyň sowujak şemalam bir batlanyp, soň, otly geçensoň öz ejizligine düşünen ýaly gaýyp
boldy. Demirýol, tutuş dünýe boşap galdy. Ol adama aýagynyň aşagyndaky çagylyň şagyrdysy,
geçip giden otlynyň sesinden gaty eşdilip ugrady. Ol relse ýakyn gelipdi. Saklandy. Çagylyňam
şagyrdamasy galdy. Ol aýagynyň burnuna seretdi. Gözi köwşünde däldi. Ýogyn, ýasy, gara ýag
şpallara bakýardy. Otlynyň tekerlerinden syçyran ýaga kirlän çagyl daşlaryny sanaýan ýaly ýekeýeke gözden geçirýärdi. Demirýoluň polat relsi göwnüne sowujak görnüp, hälki şemaly ýatlatdy.
Ýazyň bu günki mylaýym howasynda, egni ýuka köýnekli bolsa-da, yssylaýardy. Ýanyp barýan
ýüregi sowugy küýseýärdi. Niýetine düwüşine görä aňyrdan otly çala görünende demirýoluň
üstünde kese ýatmalydy. Aýaklaryny uzadyp, kellesini gara relsden daşyna çykaryp, oňa
eginlerini berip, arkan ýatyşyny aňynda görýärdi. Otlynyň agyr tekerleri onuň ýüregini ezip
döşünden geçmelidi. Şonda ol hiç bir agyrynam duýup ýetişmez…
Agyry… Dişiniň agyrsyna-da çydaman bökjekläberýän adam ölümden gorkanda-da,
agyryny göz öňüne getirip gorkýan bolsa gerek. «Maýsaň yzyndan gitmek» hakynda netijä
gelende, ol ilki bilen bu işiň agyrsyz bolmagy hakynda oýlanypdy. Onuň pikiriçe otlynyň
tekerleri ejiz göwresini ýüzüniň ugruna parçalap geçmelidi. Şonuň bilenem bary gutarmalydy.
Edil gara asfaltyň üstünde gyrmyzy ganyna bulaşyp ýatan Maýsaňky ýaly…
Ol adamyň gulagyna otlyň sesi gelen ýaly boldy. Demirýoluň ugruna seretdi. Gündogara
tarap uzap ýatan demirýol tükeniksiz merdiwana meňzäp gözýetimde ýitip gidýärdi. Ol adam
gözýetime siňip gidýän uzyn şekile maýyl bolup bakdy. Turup onuň ugry bilen ylgaberesi geldi.
Arman, ol Maýsa duşurjak ýol däldi. Gaýta tersine, bu ýol üstünde keserip ýatsa, Maýsa duşuryp
biler. Ýatyp relse gulagyny goýdy. Otlyň sesi barha aýyl-saýyl eşidilip ugrady. Günbatarsyna
seretdi. Uzyn merdiwanyň gutarýan ýerinde bir gara nokat göründi. Bu otly bolmaly. Ol adam
hasyr-husur göwnüne getirişi ýaly iki sany gara agajyň arasynda gaty demirleriň birine ýeňsesini
berip, beýlekisine aýaklaryny atyp ýatdy. Bu ýatyşyna ýatsa otlynyň tekerleri boýnundan
düşjekdi. Damagy çalynan towuk ýaly bolup ölmek islemedi. Biraz gobsunyp ýokary süýşdi.
Pilçesi gaty demir relse gabat geldi. Ýeňsesi çagyllyga ýetmän, kellesi asyl-asyl bolup galdy.
Elek-çelek gözleri gök asmanyň ýer bilen sepleşýän ýerine – görünişi baş-aşak gözýetime dikilip
doňdy. Oňa häzir başaşaklyk düzüwlik. Mümkin hakykatdanam başaşaklyk düzüwlikdir? Çünki,
onuň pikiriçe, ýaşamak däl-de, ölmek dogry. Bu «dogrulyk» oňa hiç zady saýgartdyrmaýardy.
Kellesiniň bijaýlygynam, boýnuna düşýän agramam. Diňe elleri ýatmaly ýerini tapmanmy, ýada, çüýrük ýüp ýaly üzülip gitjekdigini bilýän ýaly bir uzaýardy, birdenem döşüň üstünde
tapyşýardy. Olar ahyry özüne tarap uzap gelip, soňam otlynyň gelýän tarapyna geçip gidýän
demir relsiň üstünde gondy. Ýatmaly ýerini tapyp rahatlanyp, indem ony sypdyrmajak bolýan
ýaly barmaklary relsi penjeledi.
Otlynyň sesi barha golaýlaýardy. Näme üçindir ol zoguny çaldy. Ol adamyň günbatara –
otlyň gelýän tarapyna seredesi gelenokdy. Eger seredäýse, otly sakga durberjek ýalydy. Ol
özüniň derleýänini duýdy. Birden gygyraýmaýyn diýip hyrçyny dişledi. Relsleri penjelän elleri
hapa ýagy syzdy. Rels otlynyň agramyna titiräp başlady. Ol adam göwresini gaplan galpyldyny
saklamaga dyrjaşdy. Emma, özüne zor saldygyça-da beter galpyldaýardy. Otly ýene-de zoguny
çaldy. Ol bu gezek has uzyn gygyrdy. Otlynyň sürüjisi ýolda bir zadyň ýatanyny gören bolmaga
çemli. Ol adamam otlynyň özüne barha ýakynlaýandygyny görmese-de, on iki süňňi bilen
syzýardy. Otly her näçe zoguny çalsa-da, badyny gowşatmaýardy. Ýene-de sähelçe salymdan ol
adam Maýsaň yzyndan gitmek niýetine gutulgysyz ýetmeli.
Näme üçindir birden ol adamyň şol ýiti islegini kanagatlandyryp, Maýsasyna
gowuşdyrjak güýji göresi geldi. Çalt ýüzüni günbatara öwürdi. Hälden howada asylyp duran
ýeňsesi daşlara degip olary ýakymsyz şagyrdadyp goýberdi. Daşlaryň sesi beýnisindäki
öýjükleriniň içine düşüp, erbet seslendi. Günbatardan elhenç gara bela ýakyn gelipdir. Ol adam
gorkusyna halas bolmak üçin towlanyp göwresini relsden düşürmekçi boldy. Şaglap gelen otlyň
sesi gulagyny gapdy. Demirýoluň gyrasyna dökülen çagylyň üstünden togarlanyp barşyna
dünýesi çöwrüldi. Birdenem dünýe çöwrülmesini goýup diňe tirkeş-tirkeş wagonlar beýnisiniň
içinden geçýän ýaly, deňesinden geçmäge başlady. Ýiti islegi ýene-de islegliginde galdy…
Sähelçe ýetişmedik bolanda ol adam häzir bu wagonlaryň geçişini görmeli däldi.
Teninden çykan ruhy görse görer, emma gara gözler görmek ukybyndan galmalydy. Sähelçe…
Ol adam şol sähelçä begenibem bilenokdy, gynanybam. Döş kapasasyndan çykyp bilmäninemi
ýa-da ýyly gursakdan zor bilen çykaryljak bolanynamy, ýüregi henizem çapalanyp durdy. Älemjahanda dem alara howa ýetmeýärdi. Asyl ol ýokdy. Suwdan çykarylan balygyň gyssanyp, hiç
bir peýdasyz agzyny açyp ýumuşy kysmy, ol adamam dem almaga derek, ýöne «haş-haş» edip
ýatyrdy. Ine-de wagonlaryň iň soňkusy geçip gitdi. Otlyň ýelginine goşulyp, hälki semal has
batly gelşine ony ýene garsa gujaklady. Oňa ýüregi küýsän sowuklygyny getirdi. Derden ýaňa
myžžyk bolan tenini şemal buz bolup örtdi. Ol şemal däldi-de, bu wakany daşyndan synlap
ýören perişdelerden biriniň «özüňe gel» diýip üstünden guýan bir bedre sowuk suwy mysalydy.
Şemal maksadyna ýetdi — azaşan ynsany özüne getirdi. Dünýäň lerzan urup durmasy gowşap
ugrady.
Ol adam dikeldi. Dikeleni bilen gözleri garaňkyrap gitdi. Birazdan özüni dürsedi. Gara
ýag elleriniň ýagyny ýüzyne çalmajak bolup goşarlarynyň, bilekleriniň ýag degmedik ýerleri
bilen ýüzüne ýelmeşen daş bölejiklerini syryşdyrdy. Onuň gözüniň ilki gören zady başy tüssedumanly şäher hem-de onuň bilen arada ýatan gara demirýol boldy. Şäher tarapa däl-de, boş, düz
meýdana tarap togalanan eken. Sesimi çykarmasamam men oňa golaý bardym. Ol maňa
naýynjar bakyp:
- Öýüme gaýdasym gelýär – diýdi.
Ol adamyň halyna dözer ýaly däldi.
- Men mundan nädip ätläp geçerin?..
- Näme ýogsa, indiki otlyň gelerine garaşjakmy?
Bu sowalyma näme jogap berjegini bilmän ol ýoluň ugry bilen günbatara biygtyýar
seretdi. Ýaşmasy golaýlap, has gyzaran Gün gara relsiň gutarýan ýerine gonup, ony ýalbyradyp
görkezýärdi. Ol adamy bagryna basasy gelýän, üstünden ätletmeýän, özüne çekiji demirýol
Günden gaýdan demir gollara meňzeýärdi. Bu gollaryň özüne çekijiliginiň, ýalpyldysynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ilki ýürek ölýär - 3
  • Parts
  • Ilki ýürek ölýär - 1
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 2221
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 2
    Total number of words is 3944
    Total number of unique words is 2242
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 3
    Total number of words is 3986
    Total number of unique words is 2174
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 4
    Total number of words is 3973
    Total number of unique words is 2227
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 5
    Total number of words is 1407
    Total number of unique words is 931
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.