Latin

Ilki ýürek ölýär - 4

Total number of words is 3973
Total number of unique words is 2227
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol adam baş atdy.
- Onda... Gyş köwşüň, köneje çemodan, içinde kagyzlaň bar. Onsaňam kir ýuwulýan
maşynyň deşilen şlangasy. Bolany.
- Bolanymy? Hany indi bar-da seret.
- Düýn-ä şo zatlar bardy. Soň başga bir zat sokansyň-da.
- Hiç zadam sokamok. Ýöne gorkaýmagyn.
- Näme bar?
- Gör-dä näme bardygyny.
N. diwanyň aşagyna seretdi.
- Hih, ýylan!
- Gorkma, gorkma.
„Gorkma“ diýse-de N.-niň zähresiniň ýarylan ýaly bolanyny görüp, özüniňem ýüzünde
gan-pet galmady.
- Waý oň ullakandygyny! Ýene gorkma diýýäň? Meni oňa çakdyrjak bolduňmy?
- Ýok.
- Onda näme seret diýdiň? Jaýa girmänkäm saklasaň bolmaýarmy? Dogryňy aýt.
Maýsanam şeýdip gorkuzyp öldüripmidiň?
- Aýdýanyň näme? Men...
- Hawa, sen?
- Men ondan gorkamok. Guýrugyndan tutup görkezeýinmi?
- Waý tutma, waý tutma. Men gideýin, soň näme etseň edäý.
Bolup duran zatlara düşünýän ýaly ýylan diwanyň aşagyndan çykdy-da, öňküsi ýaly
haýbatly hem keýp bilen süýnüp gapa bardy.
- Gapyny näme ýapyp goýduň? Açyk bolan bolsa çykyp gitjek eken.
- Gapy bolsa ýapylar-da, men nirden bileýin çykjagyny?
- Sen ony ýörite getirensiň. Häzir ikimizem çakyp öldürer. Ähli syrymyzam ile jar
bolar.
- Gorkma. Stolyň üstüne çyk. Eliňe-de şuny al.
Ol adam elleri titireýän N.-e döwülen taýagy berjek boldy.
- Oňa bunyň nämejik?
- N.-uş, sen gorkma. Ol degmedige degenok. Seret arkaýyn ýatyr.
- Sen bilýäňä, ýylandan nähili gorkýanymy? Meni näme üçin çagyrdyň?
- Özüň geldiň-ä.
- Men guraýyn. Dözmän yzyňa düşüp ýörün. Ýok et muny. Polisiýa jaň et.
- Polisiýa oňa näme etsin?
- Näme eder, tüpeňläp öldürer. Näme dursuň? Jaň et.
- Ýok, öldürtmäli. Dözemok.
- Muň diýýänini! O saňa şeýle bir dözer. Telefony ber bäri.
Ol adam telefony bermedi. Gapa tarap ýöneldi.
- Men häzir gapyny açaýyn, çyksyn gitsin.
- Dur, gitme. Çakar. Seni çakyp öldürdigi men gorkymdanam ölerin.
- Gorkma ol meni ýaňam çakmady.
Ol adam gursagyny elleşdirdi-de, ýüreginiň urmaýanyny görüp ýylana garşy ýöräp
ugrady. Ýylan ol adam özüne golaýlaşdygyça kellesini galdyrýardy, diwanyň aşagyndaky ýaly
busjaga meňzemeýärdi.
- Küş, küş diýdim men saňa.
Birdenem ýylan kellesini aşak goýberip, ol adamyň öňünde süýnüp ýatyberdi. Ol adam
çommalyp ýylanyň kellesinden sypasy geldi. Ähli gorkusy birden nirädir zym-zyýat boldy.
Ýylany eline aldy.
- Goýber çakar, çakar. Waý! Waý!
Ol adam baryp gapyny açdy. Ýylan onuň elinden näz bilen süýnüp düşdi-de, soňam açyk
gapydan çykyp gitdi. Onuň yzy bilen N.-em zym-zyýat boldy. Ol adam onuň yzyndan:
- Nirä? Restoran... – diýip galdy.
Töwereginiň boşap galanyna ol adam ilki bir hili boldy. Edil ýaňam gapyň agzynda
haşşyllap ýatan ýylanam, doglan gününe köwüş aldyrasy gelýän N.-em birdenkä ýitip gitdi.
- Sen olary kowmadyň ahyryn?
- Gümlerini tapsynlar-la.
- Dogry aýdýaň, seni däl, gümlerini tapsynlar.
Ol adam gaty parahatlyk bilen kitaplarynyň ýanyna bardy. Ýene M.-e «sen tetellini
elimden gelse kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim» diýeni aňynda aýlandy. Kitaplaryň
üstünden keseligine sokulan papkadan bir ak kagyzy çykardy. Stolunyň başyna geçdi. Kagyzyň
ýüzüne owadan edip „Ýürek ölümi“ diýip ýazdy. Soňra täze setriden ýazmasyny dowam etdirdi.
„Eger ýüregim ölen bolsa, men näme üçin «ýokardakyň» erbet gorkanyna gynandym?
Näme üçin ýylany öldürmän goýberdim?
Eger ölmedik bolsa, onda näme üçin men ýylany elime alamda gorkmadym? Näme üçin
ne begenjimden, ne-de gorkudan ýüregim gürsüldemedi? Elimde ýylan tutsamam, ýa biriniň elini
gyssamam indi maňa tapawudy ýokmy? Ýa men ony kerçemelimidim?“
Ak kagyzyň ýüzünde şygyr-şygyr ýöreýän ruçkasyny saklady.
- Ýazyjym, sen barkaň bu zatlary nämäme ýazyp otyryn-a?
- Ýazanyň gowy. Bolýan zatlardan baş çykarmagymyz gerek. Ýaňky ýylan nireden
geldi?
- Menem haýran? Men oňa-da, ýüregimiň ýoklugyna-da galýusinassiýamyka diýipdim.
- Bilýäňmi näme, sen şu günden beýläk ähli bolýan zatlary ýeke-ýeke ýaz. Beýle-beýle
zatlary entek hiç kim başyndan geçiren däldir.
- Ýazgylaňňy tassyklamaga gerek bolar öýdýäňmi?
- Biri tassyklar ýaly, men ýalan zat ýazamok
- Onuň ýalandygy, çyndygy hiç kimi gyzyklandyrmaz. Her kim „Bu bolup biljek
zatmy, ýa-da ýok?“ diýer.
- Ahyrynda ýüregiň ýokdugy belli bolar ahyryn.
- Nädip? Doktora barar öýdýäňmi?
- Başga çäräň barmy?
- Ýazanlaryňa ynansynlar diýip doktora baraýynmy? Ondan-a gowsy hiç zadam ýazma.
- Sen alym adam. Pawlow öz ölüminiň gelşini ýazdyrypdyr ahyryn?
- Men Pawlow däl.
- Pawlowyň itlerinden birem dälsiň, şeýle dälmi?
- Ýok, şeýle. Biziň hemmämiz tejribä ýaraýas.
Ol adam öňündäki kagyzyň ýüzündäki „Ýürek ölümi“ diýip ýazanyna gözüni aýlady-da,
ony düýrläp zyňyp goýberdi. Arkaýyn aşhana geçip eti gowurlan palowy bişirmäge durdy.
- Häzir jaň etsem oglum öýündedir.
- Ol işden çagyrdylar diýip gitmedimi näme?
- Diýibersin. Häzir jaň etsem öýdedir.
- Öýde däldir. Her kime özüň ýalydyr öýtme.
- Ol mendenem beterdir. Mendenem bir basganjak galarak, ol meniň dowamym.
- Goýsanaý.
- Jedelmi?
- Öýde bolsa näme diýjek?
- Hany barlap göreli...
- Alo, Sahy, özüňmi?
- Hä, kaka? Keýpinemi?
- Göni öýe gaýdansyň diýip jaň edýän.
- Häzir eşigimi çalşyryp gitjek. Näme gulluk?
- Gulluk – dulluk. Sag-aman işle.
- Dulluk ýadadan bolsa, öýlenäý.
- Öýlenjek bolsam wagtynda öýlenerdim. Indi meni kim başyna ýapsyn.
- Ilçilikdir, tapylar. Oýun däl, ugruna çyk diýseň-ä daş edeýin?
- Goýsanaý, seňem tapýan zadyňy.
- Dogrudan. Ýaňy öýde-de şony aýdyp bilmän kösenip otyrmydyň? Öňdenem öýlen
diýjek bolup ýördüm. Illeň kakalary ýetmiş ýaşabam öýlenip ýör.
- Aý, bir gäbi azandyr-da.
- Ýok, kaka, aýal garraňsoň gerek diýýä.
- Kimaý ol?
- Bile işleýän ýoldaşymyň kakasy. «Ýokardakyňam-a» bardyr?
-
«Ýokardaky» diýýäniň kim?
Kaka, sen meniň nirede işleýänimi bilýäňä. Dogrudan, göwni söýen ýylan etini iýer.
Ýylan etinimi? Ýylan etini iýsem özümem ýylan bolaýmaýyn? He-he-he.
He-he-he...
Ýaşymyň soňunda ýylan etini iýdirjek-dä sen maňa. Bor-da. Alsak öýe-dä eýe bolar
ol?
Ýogsa-da aýal edinip alaňsoň öýüňe eýe bolar-la.
Hany telefonda biderek gürrüňi goýaly. Işden sypynyp bilseň geläý diýjek bolýan.
Maslahaty dowam edeli diýseň barjak. He-he-he.
Gelmeseň ýagdaýyňa seret. Palow-a häzir bişer.
Sypyp bilsem bararyn, ýöne söz bermäýin. Baramda birden gapy ýapyk bolmaz ýaly
ilki jaň edäýeýinmi?
Edäý, ýöne indi ýapyk bolmaz...
* * *
- Sen ony utandyrak bolýaň, gördüňmi nätdi? Aýtdyma bir basganjak ýokarydyr diýip,
Göwni söýen ýylan etini iýer diýýär. Öýlen diýýär. Umuman dogry pikir.
- Ýüregiň ýiteni ýürekdeşiň ýoklugyndanam bolup biler.
- Bundan soň meniň ýürekdeşim hälki ýylandyr.
- Hiç aklyma syganok, ol nirden çykdy? Töwerek beton, asfalt, bir giden adamlar. Şeýle
ulalýança hiç kim görmändir. Özem hiç kimi çakmndyr. Çakan bolsa, bilinerdem, öldürlerdem.
- Ol ýylanam däl bolaýmasyn? Biz ýaly adamdyr.
- O nähili?
- Işde siňek diýilýänem bar, äýnekli ýylan diýilýänem.
- Olaňky bir lakam. Bilýäňmi seniň lakamyň näme?
- Ýok.
- Bilýäň, boýun alasyň gelenok.
- Kölegesiz diýäýýäler öýdýän.
- Kölegesiziň ýüreksizden tapawudy näme?
- Tfu, hemmesem edebiýatçylardan. Ýürekde mähir barmyş. O nämäň mähiri? Gaharam,
ýigrenjem, mähirem... ýene näme?.. gaýgy-aladaňa çenli hemmesi beýniden gaýydýar. Olaryň
döreýän ýerem beýni, işleýän ýerem beýni. Ýürekde gandan başga zat ýok. Ýogsa-da, subut
etsinler. Ýüregiň haýsy damary, haýsy öýjügi mähirden dolumyş? Beýniň belli-belli öýjügini
gyjyndyryp adamy agladybam bolýar, güldüribem. Ýürekde ýok ahyryn beýle zat! Diwara ýürek
bilen peýkamyň suratyny çekip ýören nadanlardan tapawudymyz ýok. Hany ylym? Günäsini
dökjek bolup, oduň üstünden towsup ýörenlere gülmelem däl. Biziňem şolardan artyk ýerimiz
ýok. Bar zat ýürekdemiş?! Wraç bolmaly ekenim. Şo ýüregi elime alyp myžžygy çykýança
öwrenerdim.
- Sençe öwrenen bardyr.
- Bar bolsa näme üçin ýazmaýalar?
- Ýürekde hiç zat ýok diýip ýazsynlarmy? Kim ony bilenok?
- Uf, şu dünýedäki ýasama düşünjelerden şeýle bir ýadapdyryn welin sen goýaý.
* * *
Ol adam biygtyýar döşüne baran elini meniň seredýänimi görüp, ýuwaşjadan aşak
goýberdi. Syr bermejek bolup hiňlenjirän, ýyljyraklan boldy. Ýüzünde welin ýylmanaklygyndan
nam-nyşan galmandyr. Gözlerine sähel bahana tapylsa ýaş aýlanjak bolup durdy. Aýagyndaky
öýde geýýän köneje, mata şypbygynda nazary saklandy. Ol şeýle mähremdi, mähribandy, eger
ölseň soň ony geýjek gümanyň bolmaz... Bujagaz çäýnekden çaýy belli günleriňe gelenler içer.
Ol adamyň göwnüne gözüne ilen zat ondan aýrylşyp barýana döndi. Ýerdäki könelşip
ugran fabrik halysyna, köpden bäri reňk-bejergi görmedik jaýynyň diwaryndaky suwagynyň
gopanja ýerine çenli. Ol ýuwaşlyk bilen oturgyçdan turup, beýleki jaýdaky düşegine geçdi.
Düşegi adatdakysyndan has ýumşak ýaly boldy. Aýakuçdaky eplengi ýorgany emaý bilen ýazdy,
ýapyndy.
- Nähili ýyly! Ysam öz ysym... Bu zatlary taşlap ölüp ötägitmeli bolarmykam? Men entek
garramogama? Meniňem hakym bardyr-a il ýaly pensiýa çykmaga? Bu kesel nähili kesel? Atuw
berlen ýaly şeýdip duýman durkam, ölüp gidibermelimikäm? Atuw berler ýaly günäm näme?
Ýekeje özüm aýlyjagyma kaýyl, ýaşapjyk ýördüm... Ýok, ýazyjym, entejik ýaşap ýörün...
Ol adam soňky sözlerini diýip diýmän düşeginden turdy. Gaşlary welin ýazylmaýardy.
Gije bir çene baranam bolsa geýinip daşary çykdy. Tomus gijelerinde howa has ýakymsyzdy. Bir
gyzyp, bir sowaýan şemal ýapraklary darap iki ýana at salýardy. Holha gara pişik mawy
gözlerini ýaldyradyp zibilhanaň arkasyna aýlandy. Biri-birine degiş duran beýik jaýlaň
arasyndaky darajyk köçe bilen uly ýola tarap sowulan ol adam nirä, näme üçin barýanynyňam
pikirini etmeýärdi. Hiç kimi, menem diňlemän, düňle ýaly ýöräp barýardy. Ine-de uly ýol.
Maşynlaryň sary çyrasy, köçeleriň çyrasynyň sarysy... Aýam ýokarda saralyp, tegelenip dur. Ol
adam sarylyga düşmejek bolup töwerekden başga reňkleri gözleýärdi. Emma, hatda gara asfalt
köçe-de çyraň ýagtysyna saralyp görünýärdi. Ýene biraz ýörese dynç alar ýaly edilen kiçiräk
meýdança çykjagy aklyna geldi.
Bu meýdança ol adam her gün irden ylgamaga gelerdi. Meýdança ala garaňkydy. Onuň
isleýänem şoldy. Ortaradaky çüwdürim kiçeňrägem bolsa bagyň howasyna täsirini ýetirýärdi.
Meýdançaň oturgyçlarynyň birinde kimdir biriniň oturany göründi. Ol adam ony birbada
tanamasa-da, ýakynyna gelenden soň tanamajak gümany galmady. Bu Ybraýym gojady. Olam
tanady. Indi salamlaşmazlygam mümkin däl. Ýogsa, gojaň bolup oturşy gaçgynynyň
adamdygyny gözüňe dürtüp durdy. Ol adama-da hiç kim gerek däldi. Salam berse-de, elleşip
görüşmedi. Ýene goja salamdan soň dil ýarman oturmagy özüne aýp bildi.
- Giçläpsiň-le?
- Aý, hawa. Ýatmankam gezim edeýin diýdim.
- Oňarypsyň. Şeýtseň rahat ýatarsyň.
- Gezim edeniň bilen rahat ýatyp bolýan bolsa bolaýmajakmy?
- Hä näme beýle? Güni seniňkiden rahat adam ýokdur diýýädim. Ýa ýekesirejek
bolýamyň?
Ybraýym goja bir ýana süýşüp oturgyçda ýer açdy.
- Ybraýym aga, men oturmaýyn. Ýekesiremekdenem beter, mesirgejek bolýan
bolaýmasak, bizde başga dert ýok.
- Meslikden beter dert gerekmi? Mesligi goýun göterer, oňam garasy diýilmeýärmi
näme?
- Şo-da. Özüňem ýagşymyň, Ybraýym aga?
- Biziňkem näme, „Dert ýamany garylykdyr ýaranlar“ diýilýän-dä... – diýip, goja kikirkikir güldi.
Bu gülki ol adamyň has hem kejebesini daraltdy. Hoşamaýlyk edibem durman ol ýoluny
dowam etdirdi. Içinden Ybraýym gojaň ýeke gyzynyň gaçyp durmuşa çykyp, iki sany
öýeräýmeli ogullarynyňam bir biderek zadyň üstünde oňuşman, kiçisiniň ulusyny pyçaklap
öldüreni, soň onam türmede agasynyň dostlarynyň öldüreni hakynda eşidenlerini ýatlady. Gaçyp
gidende ýüzüni görmen diýen gyzyny öýüne göçürip getirip, giýewisi bilen bir ýerde ýaşamaga
mejbur bolan Ybraýym gojaň, öýde-de karary ýetmän, köplenç daşardadygyny ol adam bilýärdi.
- Menem oglumyň ýanyna göçüp baraýsam, Ybraýym aga ýaly daşarda günümi geçirmeli
bolaýmaýyn?
- Seniňki edil beýle bolasy ýok. Töweregiňe seret, adamlaň ýüzüniň tapawutly bolşy
ýaly, gün geçirşem başga-başgadyr.
- Şonda-da öz çatmaň öz çatmaň bolaýmasa.
- Sen janyçkalaňdan aýrylyp bileňok. Adamyň nähili duýgyny başdan geçirip, aňynda
nähili pikir öwürýändigini daşyna aňdyrman bilýäni, uýat ýerini ýapýanyndanam gowy ýaly
bolup dur.
- Dagy näme. Ýör, öýe dolanaly.
Ol adam öýüne gelşine ýatmak bilen boldy. Çyralary söndürende aňynyňam pikirlenmek
ukybyny söndürip ýatasy geldi. Kellesine näme gelse kowýardy. Oýanmaga synanşan islendik
ýatlamasyny bada-bat öçürip hiç zady ýatlamajak bolýardy. Kellesi soňa-baka içiniň goşy
zyňylan boş sandyga döndi. Diňe şondan soň uklap galdy. Düýşüne Maýsa girdi. Ol heniz gyzka
çolaja köçede duşuşyşlary göz öňünde janlanmaga başlady. Maýsa nähili owadandy! Alabaharda
üstüniň gary erän, göklüginden ýaňa gözüňi iýip barýan hakyky maýsalyk meýdanyň
owadanlygam onuň ýanynda hiç zatdy. Ol adamyňam şol bir wagtky ýigitligi. Ilkinji gezek
Maýsaň uzyn saçyny goşawujyna ýygnanda owuçlary zerden doldumyka diýipdi. Olaryň hem
ýumşak hem parlaklygy haýran edipdi. Soň Maýsaň elleri! Inçeden uzyn barmaklary!
Barmagyndaky ýüzügini bahana edip ilkinji gezek Maýsaň elinden tutdy. Beýle batyrlyk edip
bilenine begenjinden ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Elinden tutup durşuna, göge galkmaga
başlady. Kalby heýjana geldi. Şatlygy ony asmana çüwdürlen suw mysaly göterip alyp gidip
barýardy. Ganaty ýok, uçýardy. Iň esasysam ýeke däl, Maýsasy bilen. Ýa bu Maýsaň ruhumyka?
Uçup o dünýä... Birdenem Maýsa elinden sypyp aşaklygyna gaýtdy. Aşakda ýer. Asfalt. Ýoluň
gyrasyndan geçýän trotuar. Maýsany ýere ýetmänkä tutjak bolup, aşak inmekçi boldy. Emma
göwresi gaýyp, towlanyp hiç aşaklap bilmedi. Hernäçe yhlas etse-de, duran ýerinde towlanjyrap
durmakdan başga zady başarmaýardy. Towlana-towlana ol ýylana öwrüldi. Onýança-da Maýsa
ýere ýetdi. Öňküje ýatan ýerinde, hol aşakda gyzyl nokada öwrülip, gana bulaşyp ýatyr. Ol adam
elini, aýagyny galgadyp aşak inmekçi boldy, emma ne eli bardy, ne-de aýagy, howada
gaýmasyny dowam etdirýärdi. Niredendir bir ýerden N. we şoňa meňzeşler peýda bolup biri
onuň agzyna suw damdyrjak bolýardy, ýene biri krosword çözdürjek bolup sorag berýärdi. Olar
daşyny gallapdylar. Ol adam elsiz göwresi bilen towalnyp, haşşyllap, kellesini bulap olary
kowjak, aşakda ýatan Maýsasyny görjek bolýardy.
Aşakda, Maýsaň ýanynda bir ýerden ejesi, soň kakasy, soň ol adamyň ejesi-kakasy peýda
bolup, tiredeş garyndaşlaryna çenli adamlar toplanyp ugrady. Gelenem ol adamy soraýardy. Ol
adam gaýyp ýören ýerinden «Men bärde, men bärde» diýip şubela gygyrsa-da, ony hiç kim
eşitmeýärdi. Birdenem deňine guş sypatynda ogly uçup geldi.
«Sen ejemiň ölümine sebäp bolan…» diýip, üstünde pel-pellemäge başlady. Ol adam
oglunyň goşa ganatyny, guş sypatyny geň görmekdenem beter, bürgüdiňki ýaly içiňden geçip
barýan, ýiti gözüne haýran galdy. Ogulam kakasyna ýyrtyjy guş ýaly, şeýle aýylganç seredip
biljek eken.
- Senmi ýüregimi öldüren? Şeýdip ejeň aryny aldyňmy?
Gaty ganatlaryny şapyrdadyp uzaklaşmaga başlan ogly, kakasynyň yzyndan gygyryp
aýdan soňky sözüni eşidip yzyna gaňryldy. Onuň bu gezekki seredişi öňküsiniňem çeni däldi. Ol
häzir kakasynyň üstüne gonup, egri çüňküni garnyndan geçirjege meňzeýärdi. Ol hakykatdanam
yzyna öwrüm etdi-de, ganatlaryny käwagt bir kakyp göni kakasynyň üstüne gaýtdy. Gözünden
çokmak isleýän ýaly depesinde pelpelledi. Gaty ganaty bilen kakasynyň ýüzüne urmaga başlady.
Ol adam kellesini bulap, towlanjyrap ýyrtyjy guşdan goranmaga jan edýärdi. Birdenem her goly
inçeräk, özi ýaly ýylana öwrülip göwresinden çykdy. Ol muňa begendi. „Gel indi gelip bilýän
bolsaň“. Guş gorkarly däldi. Ol bir zarbada ýylanlaryň birini penjesine gysyp goparyp aldy. Ol
adam gopan golunyň agyrsyna oýandy...
Aşagynda galyp gurşup giden goly şol bir wagtky keçeden geçen gana çygjaran goludy.
Ol adamyň mejalsyz gözleri ýene ýumuldy. Dar basgançakda iki ýana aýlanýan üsti Maýsaly
tabyt, döşünden itmesini goýmaýan Ybraýym aga gözüne görnüp ony aljyraňňylyga salýardy.
Özüni dürsemek üçin maňa ýapyşyp, dikeljek boldy. Emma dikelip bilmedi. Ony gara basýardy.
Birdenem ölüpdir-de, dört sany sakally adam ony ýuwmaga geldi. Içinde biri aýat
okaýardy: «...Kalplarynda hassalyk bolan münafyklar bilen käfirler hem netijede: «Allah bu
mysal bilen nämäni düşündirmek isledikä?» diýsinler...», ýene biri doga sanaýardy, beýleki ikisi
bolsa özara gybat edýän ýaly düşnüksiz pyşyrdaşýardy. Olar hereketsiz ýatan Ol adamyň
köýneginiň iliklerini ýazdyrmaga durdular. Köýnegini çykardylar. Guşagyny aýyrdylar.
Jalbarynyň syrmasy jygyrdap beýnisini gemirdi. Ol adam ýuwaş-ýuwaş ýalaňaçlanmakdan
utanjyna, sypmak üçin dyzady. Emma, gymyldabam bilmedi. Bunuň mejalsyzlygyndan däldigine
düşündi, özüni ölüp, gatan ýaly duýdy. Ony çyp-ýalaňaç etdiler. Aňy ýerinde bolansoň ol
utanjyna näderini bilmeýärdi. Aýbyň bolsa ýaşyrmaly, ýöne nädip? Bialaçlykdan ýaňa ol laýdan
çykan gurçuk ýaly birden düýrükýärmikäm, birdenem ýalaňaç endamynyň sypalmasyna
gerilýärmikäm diýýärdi. Gaty süňkleriniň aňyrsynda, arkasynyň çep tarapynda, pilçesiniň
aşagynda birden-birden sanjyp gidýän agyra çydaman ugrady. Boýun damarlarynyň içindäki
ganynyň guýulara ýer tapman, gataýanyny duýdy. Hernä yhlas bilen öli ýuwýan ýaşulynyň daşy
mataly ýumşak ellerine damarlary ýumşap, süňkleri gagşap ugrady. Ol özüne janlanarmykam
diýip garaşdy. Emma dirilerli däldi.
- Meni nämäme ýuwýaňyz? Ýazyjym aýtsana bulara! Görsene, öleňsoň ýuwanam
bolýalar! Ölüňem ýuwup, hapasyny gutaryp bolarmy? Men tutuşlygyma, derrew gömülmeli hapa
ahyryn…
Öz jesediniň ýuwulşyny oýalykda ýaly görýän ol adam gygyrjak boldy. Başarmady.
Üstüne perde ýerine deşik-deşik mata tutup, ýene birem suw akydyp, ýaşulylar başagaýdy. Olar
bir zada ýetişjek bolýan ýaly howlugýardy. Indi ýalaňaç bedeniniň ýüzünden ýöreýän el ýumşak
däldi. Onuň aşagynda demirtiken bar ýalydy. Çümýärdi, endamyny gyýym-gyýym gyýýardy.
«Beýtmäň» diýmeden geçen, dem-düýtsüz ýatyşy ol adamy şeýle jebirleriň berilmegine kaýyl,
hatda muny isleýän ýaly görkezýärdi.
- Ýazyjym, wah şu wagt gabaklarymy gymyldadyp bilsemem, diri eken diýşip bujagaz
ýaşulylar dyr-pytrak bolar...
Iň ýönekeýje hereketinde – gabagyny gymyldatmasynda şeýle uly many, güýç bardyr
öýdüp şu wagta çenli pikirem etmedik ol adam gabagyny galdyrmaga dyrjaşdy. Dirilikde özünede bildirmän çalt açylyp-ýumulyp duran gabaklar häzir sähelçe-de tirpildemeýärdi. Ähli güýjüni
jemläp bir agyr ýüki ýerinden gozgamakdanam beter yhlas edýän ol adam, gabagynyň şeýle agyr
ekendigine, özünde şony galdyrmaga-da erkiň ýokdugyna gahary geldi. Gahardanam peýda ýok.
Öldüňmi, öli bolubam ýatmaly. Ol-a demirtiken bilen ýuwulmak eken, etiňi çeýneselerem çydap
ýatmaly...
* * *
Ol adam zordan gözüni açdy. Şonda-da, ölüşi, jesediniň ýuwulşy göz öňünden gitmedi.
Häzirem özüniň ölüdigine ýa diridigine düşünip bilmeýärdi. Penjireden düşýän ýagty, üstünde
ýatan diwany, stoluň üstündäki fonodoskop, kitap tekjesi... gözüniň düşen zady diriligiň
alamatydy. Emma ýaşulularyň öňünde çyp ýalaňaç ýatyşy, gatan bedeni ölülikdi. Görmediktanamadyk ýaşulylarynyň onuň ölüsini ýuwuşlary, şonda gabagynam gymyldadyp bilmän
ýatyşam gözüniň öňündedi. Hatda ýaşululardan biriniň okan aýatam gulagyna gelip durdy.
„O dünýe bu dünýeden azda-kände tapawut etmelidir ahyryn.Ýatan ýerim gabryň içi däl,
öýümiň jennet däldigem belli. Ýa dowzahdamykam? Jennetdenem, dowzahdanam öň, eden
etmişiňi, günäňi boýnuma goýmak üçin ýaşan öýüme getiren bolaýmasynlar? Eden jenaýaty
boýnuna goýulanda jenaýatkär jenaýat eden ýerine äkidilmeýärmi näme?! Onda günämi
boýnuma goýjak nirede? Hany Hudaý? Ol öz wezipesini maňa görünmän ýerine ýetirer.
Garaşaýyn, nämeden başlarka ?“
Ol adam töweregine diňşirgenip eslije ýatdy. Arasynda ýüregine diň saldy. Emma üýtgän
zady duýmady. Deminiň gidip-gelýänine begendi.
„Ýok men diridirin. Meni ýuwsalaram gömmän goýberipdirler. Jaýym gitdigiçe
ýagtylýar, diýmek Gün dogýar. Ýüregim urmasa-da demim gelip-gidip dur. Gymyldap bilsem
turaryn.“
Gurşan goly, aýaklary çala gymyldasa-da doly diýenini etmedi. Olar erbet agyrýardy.
Eline direnip dikeldi, aýaklaryny owkalaşdyrdy. Gurşugy ýazyldygyça aýaklaryna jan girýärdi.
Men ellerini owkalap berip oturşyma:
- Ýüregiň ýoklugyndan ganyň kyn aýlanýarmyka? Bolmasa ýene doktora jaň edäý? –
diýdim.
Öň näme gördüm jaň edip? Häzir aýagymyň gurşugy ýazylsa turaryn, doktor nämäme
gerek?
- Doktor diýilse seniňki bolanok.
- Men doktordan gorkamok, kesellemekden gorkýan. Doktora ýüz tutduňmy, sen
keselli.
- Keselli bolanyň öli bolmakdan gowy dälmi näme?
- Ýazyjym, bar zady gapyşdyrmasana. Düýş görüpdirinmi, basyrganypdyrynmy, indem
oýandym. Görýäň-ä ölmändirin.
- Menem ölümiňi isläp duramok.
- Eh! Isle sen, isleme sen, ajalym ýetse, öljek däl diýsemem ölerin. Ajalym ýetse
diýsem, ajal yzymdan kowalap gelýän güjük däldir, bilýän. Her kimiňem ölümi
yzynda däl-de, öňünde. Ajaly kowalap ýören biziň özümiz. Ajalym meni ýetmez, men
ajalyma ýeterin. Häzir bolsa, ýerimizden turaly.
Ol adam ýerinden turdy.
„Hany gezim edip gelemizsoň rahat ýatjakdyk-la. Haý, Ybraýym goja, men aýtmadymmy
rahat ýatmagyň beýle aňsat däldigini“.
Doly özüne gelen ol adamyň ýene-de şol gezim eden meýdançasyna gidesi geldi. O ýeri
häzir hasam çoladyr. Ýene geýinmek, ýedinji gatdan aşak düşmek ol adama ýamaşgan
uklamakdan, aýylganç düýşleriň girdabyna düşmekden kän enaýy göründi. Ýeňillik bilen
geýindi, penjireden daşaryň ümsümligine bakdy. Gören erbet düýşüni ýatan ýerinde goýup
gidýän ýaly düşegine ýene bir gözüni aýlady-da, ýuwaşja ädimläp jaýyndan çykdy.
Köçede maşyn-gara ýok diýen ýalydy. Tegelek aý aşak iýnip jaýlaryň arkasynda
galypdyr. Gara asman patrak ýaly ýyldyzlardan ýaňa buraw bilen deşim-deşim deşilipdir.
Meýdançanyň agaçlary başlaryny ýaýkaşyp, pyşyrdaşýardylar.
Görsene muny, Ybraýym goja! Henizem gitmändir. Gijäň içinde çyradan düşýän ölügsije
ýagtyda-da, başga biri bolaýmasyn diýer ýaly däl. Öňkü ýerinde, öňküsi ýaly çugtduryp otyr. Ol
adam bu gezek goja duşanyna begendi. Her nähili ýagdaýda bolsa-da, ýeke-hä däldi.
- Ybraýym aga, sizem ýatyp bilmediňizmi?
- Howaň ýakymy ýokmy, şu günler öýe sygamok. Gijämem deň, gündizem.
Iki adama niýetlenip ýasalan kiçeňräk oturgyçda gyslyşybyrak sygyşmaly boldy.
- Ýeriňi daraldaýdymmy?
- Göwün sygsa göwre sygar. Sygyşmajak bolsa-da, tutuş dünýä gözüne dar görner,
göwün peläkede.
- Oturgyçlaram dar ýasaýalar.
- Sen sygdyň dälmi, menem sygdym.
Gojaň ýüzi güldi. Ol adam welin çynlakaýlygy küýseýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ara
düşen dymyşyklygy uzaga çekdirmän, boş gürrüň başlamanka, gyssanmaç içindäkini daşyna
çykardy.
- Ybraýym aga, köpden bäri şuny sorasym gelip ýördi. Oňat adam diýýäler, erbet adam
diýýäler. Oňat adam nähili adam bolýar, hä?
Gojaň öňünde altmyş ýaşlam bolsa, ol adamyň beren soragy ýaş oglanyňky ýaly göründi.
Gürrüňdeşiniň gara çynydygyny görüp, Ybraýym aga ardynjyrady.
- Oňat adammy? Wah, şonuň nähili adamdygyny bilip bolsa, her kim şol
bolaýmajakmy. Ynha, ejem pahyr bardy, gowy adamdy, şony bilýän. Ýöne nähili
gowy adamdy diýseler welin, aýdyp biljek däl. Onsoňam, hiç kimem ejem erbetdi
diýesi ýok.
Ybraýym agaň ejesini ýatlanda dem alyşam has aňyrdan çykyp, ýüzi ýagtylyp gitdi.
Ol adam „Maňa-ha beýle däl“ diýmän zordan saklandy. Gojaňam ýüzüniň açylmasy
uzaga çekmedi. Şu petişlikde-de üşedýän ýaly eginlerini ýygyrdy, gürrüňini dowam etdirdi.
- Indi dünýede zyýanlyksyz adama gowy diýibermeli bolupdyr. Biri beýlekä zyýanyny
ýetirmeýän bolsa gowy boldugy.
- Her kim şony diýýär. Ýöne bu ýeterlik däl bolaýmasa?!
-
- Ýogsa ýeterlik boljakmy? Şonda-da kim bolsa bolaýsyn, gabrystanda „Pylany nähili
adamdy?“ diýlip soralsa, „Gowy adamdy“ diýip gygyrýas. Özümize gezek gelende-de, şuny
islämizsoň diýýäs. Ýogsa, her kimem bilip ýörendir kimiň kimdigini.
- Ybraýym aga, siz-ä gowy adam. Men muny ol-a gabrystan eken, o dünýede sorasalaram
arkaýyn aýdaryn. O dünýe diýilýän çyn bolsa?
- Menem ynanamokdym welin, şol çyn bolaýmasyn? Her zadyň soňunda hasap-hesip
edilýär. Biz-ä tutuş bir ömri ýaşadyk. Oňam hasaby çykarylsa gerek. Sen maňa gowy adamdy
diýip şaýat bolsaň, şolam uly ýeňillik. Şu oturgyçda oturyp kän gezek o dünýede beriljek
soraglary özbaşyma çak edip gördüm. Çaşan garry-da, şujagaz oturgyjyň üstünde ýeke özüm,
ýary gije o dünýäni göz öňüme getirjek bolýan. Günä-de edildi-dä oglum, bu ýaşa çenli. Şol
günälemden öz öňümde özümi aklajak bolýanam welin başardanok. Hemme zady görýär
diýilýän Allaň öňünde-hä bu asylam başartmaz. Boýnuňy sallap „etdim“ diýip duraýmasaň
aklanyp biljek gümanyň ýok.
Ybraýym agany bu gezek der basdy. Gojaň der gatyşykly ysy Ol adamyň burnuna urdy.
- Boş zatlardyr olar Ybraýym aga, özüňi horlap ýörme. Bu dünýeden gör näçe adam
geçipdir. Ýene-de gör näçesi geçjek. O dünýede olaň baryndan ýeke-ýeke sorag etjek
bolsaň, gutarar ýerde gutarjakmy? Bolmajak zatdygy görnüp dur-a.
- Uzaga çekmez, oglum. Men bütin ömrümi saňa aňry gitse bir günüň içinde gürrüň
berip çykyp biljek. Bir güne-de çekesi ýok-la. O ýerde-hä meniň samahyllymy
diňlemezlerem. Saklaga-da „Muny näme üçin etdiň, muny näme üçin etmediň?“
diýerler. On ýyllap alan bilimiňi instituta gireňde üç soragjyk bilen mugallym
kesgitläp oturmanmy? O taýda bolsa...
Goja gürrüňini dowam etdirip bilmedi. Göwünli-göwünsiz gülen bolaýdy. Esli oturyp soň
sözüniň üstüni ýetirdi.
- Şol sorag-jogaba çekileňde bilner gowudygyň erbetdigiň.
- Oňa çenli bellisi bolmajak bolsa, soňam bilindi näme, bilinmedi näme?
- Sen muny begenýän ýaly edip aýtdyň-la...
- Üýtgeşik begenemogam, gynanamogam. Il bilen gelen toýda baýram diýjek boldum.
- Il bilen däl ogul, ýeke-ýekeden, ýekeje-ýekejeden. Bu dünýede başyňa gelýänlerem, o
dünýe-de başyňa geljeklerem şeýledir. Uruşda aýagyny aldyran dostum bardy. Bende
häzir biziň göz öňüne-de getirip bilmän oturan zadymyzy bir ýyl, hawa-da bir ýyldan
biraz köpräk wagt bäri görüp ýatan bolmaly. Şo bende agaç aýagyny tyrkyldadyp:
„Wagt-wagt şu aýagym abat aýagymdan gözüme gowy ýaly görünýär. Nirä bassa-da,
nämä bassa-da gury agaç-da, bildimem edenok“ diýerdi. Indi men özümi mysal alyp
diýýän, içimden: „Özümiz tutuşlygymyza şo bendäň gury agaç aýagyna döndük,
arassanam bilemizok, hapanam. Tyrkyldan bolup barýas“.
Ybraýym aga ýene gülümsiredi.
- Gowsy gidip ýataly, ýaşuly.
Ol adam tas «ýaşulyşka» diýipdi.
- Ýatylyp bolunýan ýer nire? Menem gideýin-le şo ýere. Hi-hi-hi.
- Wagty gelende goýaslary ýok.
- Göwnüňe degäýdim öýdýän?
- Aýdýanyň näme? Ýok-la, ýok-la.
- Bolýar ýatsak ýataly. Sagadam bir çene barandyr. Menem seniň bilen ýöräýin.
- Ýör ýöreseň, ugrumyz-a bir.
- Hemmäň ugry birdir, hi-hi-hi.
- Ybraýym aga, näçe görgi görseňem, şol gülümsiräp ýörmegi bize-de öwretsene.
- Ony öwrenme gerek däl. Gülüber. Aglasyň gelip bogazyň dykylyp dursa-da gülüber.
Aglaýaňmy sen, gülýäňmi sen, baş çykaryp bilen adam bolmaz. Özüň baş çykaryp
bilseň, şol bes. Bar indi liftiňe münde uç ýokarlygyna. Baryňyz meniň depämde
otyrsyňyz, onsoň men neneň aglamaýyn-gülmäýin. Hi-hi-hi.
- Bolýar sag-aman ýatyp turuň.
Bolýar sag bol. Ukyň tutmadyk gijesi ýaňky ýere baraý men bardyryn. Gülüşesiň
gelse.
- Bararyn, Ybraýym aga, hökman bararyn.
- Hökman diýme, hökmanlygy ýok, ýatyp bilseň ýat arkaýyn. Ana, liftiňem geldi.
Birinji gatda ýaşaýan Ybraýym aga bilen hoşlaşyp, ol adam lifte mündi. Bir mahal
gujagynda Maýsa, o dünýä çenli äkit diýende ýedinji gatda sakga duran lift ony ýene göterip
ugrady.
-
* * *
Bu gün eýýäm ikinji gün, ol adam ýüreksiz oýanyp dünýä diňşirgendi. Ir oýanýan köçäň
sesi çala gelýärdi. Ýuwaşlyk bilen elini döşüne ýetirdi. Dym-dyrslyk. Maýsaň ýogalan gününiň
ertesem ony edil şunuň ýaly ýürekgysgynç ümsümlik gurşapdy, soňam geçipdi. Bu-da geçer.
Telefon jyňňyrdady. Ol adamyň şonam galdyrasy gelmedi. «Ýokardakysyndanam»,
oglundanam ýadapdy. Birdenem işden bolaýmasynlar diýip telefony aldy.
- Hawa.
- Turduňmy, ýigrenji. Uzak gije gorkymdan ýatyp bilmedim. Niräme seretsem seň
ýylanyň.
- Men...
- Dur, gepleme. Maňa seň sesiňem ýigrenji...
Ol adam telefony goýup goýberdi. Gaharam gelmedi, gynanmadam. Aşhana gidip
çaý goýundy. Stoluň üstündäki gap-gaçlary ýuwuşdyryp ýygnaşdyrdy. Çäýnegini çaýkap oňa
käkilik otly çaýyndan atyndy. Stoluň üstünde ýatan fonodoskoby eline aldy.
- Bu guralyňyz geçen asyryň guraly, ýazyjym. Häzir hiç zada-da ýaranok? Hiç zada.
Onuň bilen sesini diňläp bolýan ýürekler däl indiki ýürekler.
Ol adam tapan bu pikirine çyny bilen güldi. Elindäkini bir çete oklap goýberdi.
- Kimde bar seniň diýýän ýüregiň? M.-demi ýa N.-demi? Olar ýalylaňka ýürek
diýmezler, içinden gan aýlanyp duran iki klapanly, dört kameraly nasos, nasos
diýerler olaňka!
- Sende şolam-a ýok.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ilki ýürek ölýär - 5
  • Parts
  • Ilki ýürek ölýär - 1
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 2221
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 2
    Total number of words is 3944
    Total number of unique words is 2242
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 3
    Total number of words is 3986
    Total number of unique words is 2174
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 4
    Total number of words is 3973
    Total number of unique words is 2227
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ilki ýürek ölýär - 5
    Total number of words is 1407
    Total number of unique words is 931
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.