Latin

Gylsyrat - 5

Total number of words is 3731
Total number of unique words is 2172
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nedir pejiň alkymyna dykylyp oturyşyna:
-Bagtym, tenekar näm-aý? Kän gaýtalaýaň şu
sözi – diýip, düýbünden başga zadyň gürrüňini etdi.
Bagty gelin garaşylmadyk sowala jogap tapyp
bilmän, bir pursat oýurgandy. Ol tenekaryň
nämedigini anyk bilmeýärdi. Onsoň sowaly jogapsyz
galdyrmazlyk üçin:
-Tenekarmy? Janyňa ýaramly zat-da. Gowy zat.
Tenekar diýilýä-dä şoňa – diýip, çaklap urdy. – Ejem
pahyrdan geçipdir. Şo kän gaýtalardy.
Süňňüne biraz ýyly ornansoň, Nedir dyzyna
galyp, äpişgeden daşaryny synlady.
-Bah, gaty uşaklaýar-ow biý-ä. Ertire çenli
ýagaýsa gerek. Ýaganam doňar. Ertir iş bir
bolarmyka?
-Ertir nan bişirmeli. Nan gutaryp barýar. Artyp,
odunam çyg çekendir...
Onsoň ikisem az salymlyk dymyp, ünjä gitdiler.
Hersi bir zadyň pikirini etdi.
-Naharymdan habar tutaýyn men. Süňk asdym
bu gün – diýip, birazdan Bagty gelin turup gitdi.
Derrew dolanyp geldi-de, oturyp uly jama gatap ugran
çörek dograp başlady.
87
-Nahar-a taýyn bolýar häzir... Neme, bir zad-a
aýdaýyn diýip durdym, gyz. Artyp, eýýäm şu ikarada
Şeýtan kakyp aldy-da dilimden.
“Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de diýen
ýaly, Şeýtanam bir gara ýakyn bedibagt. Näme bolsa
şoň boýnuna ýüklenäýýär” diýip, Nedir oýlandy.
Daşyndan başga zat diýdi:
-Şeýtana gerek bolsa, bize zerurlygy ýok.
Jähenneme gitsin! Hany, ýassyk okla maňa. Pej-ä
meýmiredip ugrady.
Bagty gelin ýassyk oklady. Unudan zady güpbe
ýadyna düşüp, gyssanmaç gürledi:
-Wiý, wiý, ana ýadyma düşdi. Häli ho-ol Akym
diýilýän adam geldi. Öňräk türmeden boşap gelen
Akym bar-a...
-Hä-ä, Akym kel. Kelte kel. Geler ol... Gelmelidä.
-Nämüçin gelmeli ol?
-Geler ýaly etdim-dä.
-Hm, karz pul sorandyr. Senem ýüzünden geçip
bilmän ýüzlekligiňi edensiň. Şeýlemi? Bildimmi?
Nediriň gaşy çytyldy. Ýüzüne solgun reňk
çaýyldy. Ol ýasama ýylgyryş bilen:
-Bagtym, ýüregiň ýaman gara seň – diýdi. –
Derrew müňkür gidýäň. Akym kele karz bererlik
puluň ýokdugyny bilýäň-ä sen.
-Onda nädip geler ýaly etdiň?
-Birki günlükde gabat gelip zeýrendi ol.
Menem, näme, özüň bilýäň, ýürek ýuka, nebsim
agyryp, seni öýerjek diýdim. Edarada başy boş ýaş
gelin bar, şony alyp berjek diýdim. Üsti gyzyl el,
kileň heleýi ölenler ýa heleýi bilen aýrylyşanlar yzyny
88
üzmän ideşip ýörler. Heleýini kowup, aljak bolýanam
bar. Ýöne o gelniň özi göwnänok diýdim. Telpegi
agana özüni rowa görenok. Öýlenmedik boý ýigit
bolsa barjak diýýä. Ine, sen tüýs şoň diýýäni, ýöne
göwnärsiň öýdemok diýdim.
Bagty gelin agzyny açyp, ilkinji gezek görýän
ýaly, ärine aňalyp seretdi.
-Gyýw, masgara, heleýleň etmeli işlerine-de
garyşyp ugradyňmy indi?
-Ýa-heý, Bagtym, seňem tüýs köprüden idip
geçiräýmeli türk janyň bar-ow. Güpür-tapyr ynanýaň
oturyberýäň.
Bagty gelin çalarak ýylgyryp:
-Ýa aldadyňmy ony? Ynandymy onsoň? –
diýdi.
-Ilki ynanmajak boldy. Ýöne ynandyrdym men.
-Işini tükeden diýerler saňa... Oň ýanynda-da
Nedir şa bilen atdaşdyryn diýip gomaldyňmy onsoň?
Nedir oýa çümdi. Kellesini silkeledi.
-Be-eý, bilmedim-dä, ýadyma düşenok...
Diýsem, diýendirin. Kim bilýä? Diýenem bolsam,
ýalan däl.
-Indi näme jogap berjek oňa?
Nedir ýene oýa batdy. Birazdan çykalga tapdy.
-Jogap berip-bermän, näme... Seni pukara
görýä, ene-atasy göwnänok diýäýmeli. Ýa-da gijä
galdyň. Sen gozganýançaň, ana biri eýýäm aparypdyr
ony diýsemem bolup dur.
Bagty gelin bir eli bilen ýakasyny, beýleki eli
bilen agzyny tutup:
-Gyýw, o görgüsiýamany beýdip oýnap ýörşüňe
bir zadyň üstünden baraýma. Birden edaraňa baryp,
89
sorap-idese nätjek? Onsoň o gelin halar öýdýärmiň? –
diýdi.
-He-eý, Bagtym, seňem şol tüntligiň-ow... Ahow, oňňaly gelin ýog-a edarada. Asla uzyn etekliden
hiç kim ýok. Men ony ýöne asmandan alyp, diýip
goýberdim. Äý, Kel hanyň biraz göwni göterilsin
diýdim-dä. Azajygam bolsa, birki günlügem bolsa,
özüni dul gelniň ýyly gujagynda ýaly duýsun diýdim.
Ýa oňarmandyrynmy?
Bagty gelin bir agyz:
-Oňarmansyň! – diýdi. Dograp oturan çöregini
taşlap, bir meýdan gözüni süzüp oturdy.
-Şu sowukda kellesi ýalaňaç, saçam syrylgy,
egninde-de köne gök penjek, pahyr digdenekläp... Sen
beýdip oň üstünden gülüp ýörme. Oýnalýanyny bilip,
gaharyna seni bir zat edäýmesin. Öňem adam öldürip,
türmä gitdi dämi? Men-ä gorkýanam...
-Adam öldürip, ol ganhor däl-ä. Sähet agalaň
köne haýatyny ýykanda düýbünde bir çaga oýnap otyr
ekeni, o-da görmändir. Iş wagty tötänden bolan zat ol.
Bagty gelin pikirlenmän-zat etmän:
-Eger göwnese, Akyma laýyk biri bar. Äri
ölen... – diýdi.
Nediriň gözleri uçganaklady. Höwesli dillendi.
-Kim ol?
-Gelnejemleň atasy öýi tarapda. Ýöne biraz ýaşy
giden-dä. Akymdan ulumyka diýýän. Iki sany
çagasam bar. Göwnärmikä?
-Göwnär. Gitjek ýeri ýok göwnemän. Bu
ýetimligi, bu pukaralygy bilen pylança ýyl türmede
oturyp gelensoň, kaýyl bolman nirä gitsin.
90
Endamynyň ýylysy gitmedik uzyn etekli bolsa, Akym
gözüne sürme etmeýämi?!
-Görgüliň jaýam bir meňki bolsun diýer ýaly
däl. O ýykylmyş tünekde düşek-beýlekem bardyr
öýdemok – diýip, Bagty gelin halys ýürekden
gyýyldy.
Akymyň ýeke otagly garyp tünegi göz öňüne
gelip, Nedir şo bada pikirini üýtgetdi, ýaýdanmaç
gürrüň etdi:
-Ä-äý, Bagtym, gowusy goşulma. Özüňe hossa
bolar. Erteki gün diliňi gysga etmesin! Öý şekilli öýi
bolsa käşgä.
Bagty gelin zenan dözmezligi bilen Akymyň
şum täleýine, waý halyna çyndan gyýyldy, ýüreginiň
bir ýerlerinde ejir çekdi. Nediriň wada eden başy boş
gelni, ähtimal, şu pille Akymyň bagtyna öwrülendir.
Aýagy ýere degýän däldir. Uçandyr. Ganat kakyp,
güw gidendir. Ýedi gat asmana çykyp, pelpelleýändir. Ganat ýaýyp, gaýýandyr. Bir çümmük
bagt! O-da waglaýyn. Ojagaz bagtynyň ogurlanjagy
ikuçsyz. Ynha, Nedir sypaýy sözler bilen ol gelniň
nesibesiniň başga ojaga çekenini aýdar welin, Akym
neresse şo bada ganat-perden aýrylar, ýokardan
kelemenläp gaýdar-da, patlap ýere gaçar. Mahaly
bilen özüne gelmez. Ýene öňküsi ýaly sust gezer.
Akymyň bagtyny uzaldyp boljak gümany ýok.
Çöregini dograp bolup, Bagty gelin başyny
galdyrdy.
-Bilse, Akym entek howlukmaly däl. Sen oňa
neme diý...
-Bagtym, bar guýaý-how indi naharyňy. Gyzyl
aç men. Akymam gününi görer...
91
Bagty gelin jamyny göterip, aşhana gitdi. Nahar
getirdi-de, özem äriniň çat maňlaýynda oturdy.
Edil şol wagt daşarda it üýrdi. “Jy-ýy-yk” edip,
daşky gapy açyldy. Eýwana otuz çemesi ýaşlaryndaky
bir erkek kişi gelip girdi. Ol başgapsyzdy. Täzelikde
syrylan kellesi ýaňy garalyp ugrapdyr. Egninde sary
giden köne, gögümtil reňkli penjegi bardy.
Gysga boýly bu kişiniň ýüzi garaýagyz bolup,
özi çenden arrykdy, küýküräkdi. Çekinjeňligi,
ebeteýsizligi kesesinden mälim bolup durdy. Gözleri
öçügsidi, nursuzdy, olarda düşnüksiz gam bilen
mysapyrlyk bardy. Ýüzi agyr, aladaly, tutukdy. Onuň
serini agyr-agyr oý-pikirleriň basandygy şübhesiz.
Adatça şeýle adamlar içgussa bolýar. Zoraýakdan
ýylgyrýar. Dymmalyk olaryň keseline öwrülýär. Ir
ýadaýar. Onsoň şular ýaly göwresi sykyma gelen
argyn adamlary gören wagtyň: “Beh, munuň ýürek
diýilýän zadynda gaýgy-hesretden ýaňa arzuwa,
umyda ýer bir galdymyka?” diýýärsiň, ýylgyryşy ajy
bolansoň, gülküsiniň çyndygyna güman edýärsiň...
...Ol eýwanda, gapydan giräýen ýeriňde bir
sekunt diňşirgenip duransoň, ysgynsyz, gyryljak ses
bilen:
-Nedir! Öýdemiň? – diýip gygyrdy. Jogaba-da
garaşman, köwşüni çykaryp, Nedir bilen Bagty gelniň
oturan otagyna ýöneldi. Indi gapyny açyp, otaga
giräýmelisi galypdy. Şol wagt içeriden:
-Bir gaýynenesi söýen-ä geldi. Ýagşy ýigit aş
üstüne diýen ýaly... Kimkä?.. Geliber, how, kimem
bolsaň – diýen ses eşidildi. Bu Nediriň sesidi.
Ol gapynyň tutawajyna ýetip barýan elini çekip
aldy. Hyrra yzyna döndi. Ýasawyna gelişmeýän
92
çalasynlyk bilen köwşüni aýagyna gowaldaň ildirip,
wawwasy bar ýaly daşky gapyny açdy, wawwasy bar
ýaly edibem daşyndan ýapdy. Gapy açylanda-da,
ýapylanda-da barybir öňki edýän jygyldawuk sesini
gaýtalady.
Otaga wagty bilen hiç kim girmänsoň, Nedir:
-Bagtym, ikigat bolsaňam, men ýaly ýadaw
dälsiň sen, bar gör, kim geldikä? – diýdi.
Başgapsyz, köne, gök penjekli kişi it üýrüzip,
köçä garşy ýöredi. Daşarda bolsa, bu kişiniň aýak
yzlaryny tizräk ýitirmek üçin gyşyň ilkinji ak gary
gyýalap, bol ýagýardy. Syraýardy, tozgalaýardy.
Şeýlelikde, ýegşerilip barýan ol kişini hiç kim
görmedi.
Fewral, 2013. Mary.
EJEMIŇ AGLAN GÜNI
Hekaýa
Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni.
Obada.
Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal
edenlerinde ejem kakama ýüzlenip:
-Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan
heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
93
Men surat çekip ýatan ýerimden assyrynlyk bilen
kakama seretdim. Ol asuda ses bilen:
-O heleýimden zat artmaýan bolsa, sizi ekläp
bilmezdim-ä. Ekläp otyryn-a, ine – diýdi.
-Minnetiň näme, gyz? Näme diliňe çolan bolýaň?
Ekleýämişin-ä... Bökersiňem eklemän.
Men gorky bilen ýene-de kakamyň ýüzüne
seretdim. Birden ejemi ýenjibermesin diýip
howatyrlandym. Sebäbi ozal şular ýaly galmagal
edenlerinde kakam ejeme: “Ýenjerin. Gaty gidiberseň,
suwasalma ýenjerin” diýipdi. Eger şo diýýänini
edäýse, özümiň näme etmelidigim barada öňünden
pikirlenip ugradym. Kakam pikirlerimi duw-dagyn
etdi.
-Onda akyllyja bol. Keseli diläp alýan ýok. Oň
ýerinde özüňem bir goýup gör.
-Keselem bir bahana – diýip, ejem hüňürdedi.
-Seň şu guşbeýniň näme pikir edýärýkä? Keselli
diýip, başdaş heleýimi kowaga-da, seni oba göçürip
äkider öýdýäňmi?
-Guşbeýni özüň. Guşbeýni bolmasaň, oba
göçjegimi, göçmejegimi bilerdiň.
Şol gezek kakam gaharly çykyp gitdi.
Şol gezek men ejemden:
-Guşbeýni näme? – diýip soradym. Ol gözýaşyny
gizläp:
-Lal bol – diýdi, guşbeýniň nämedigini aýtmady.
Men muny keýpi kök wagty kakamdan sorap bilerin.
Biz şäherjigiň çetinde, köne jaýyň ikinji gatynda
ýaşaýardyk. Öýde galapyn ejem ikimiz bolýardyk.
Ejemiň aýtmagyna görä, men indiki ýyl mekdebe
gatnap başlamalydym. Şoň üçin kakam maňa suratly
94
kitap bilen depder, galam getirip berdi. Kakam
köplenç gijelerine öýde bolmazdy. Gündiz gelerdi.
Giç agşama çenli ejemiň ýanynda bolardy. Meň
bilenem oýnardy. Kakam ikimiz köplenç surat
çekerdik.
Başga bir gezek nämedir bir zadyň üstünde
gygyryşanlarynda kakam indi gelmejekdigini aýdyp,
ejemiň gaharyny getirdi. Şonda ejem:
-Onda ogluňam alyp git. Maňa çaga gerek däl –
diýip, samsyk gürrüň etdi.
Men möňňürip aglap, ejemiň boýnundan aslyşdym.
-Gitjek däl. Seň ýanyňda galjak – diýdim.
Gapydan çykyp barýarka kakam:
-Akmak heleý diýerler saňa. Çagaň zähresini
ýardyň. Ýürejiginde gorky kesel galsa nätjek?! –
diýip, ejeme käýindi. Ejem onuň yzyndan gygyryp
galdy:
-Şermendelik etme! Eşidýäňmi, çagany bahanalan
bolup, meni haýalçyratjak bolma. Ojagaz tilki
sapalagyňa men beletdirin. Sypatyň gursun, sypaty
guramyş!
Şol gün agşam ýatmak üçin ýerimize girenimizde
men ejemden:
-Eje, meni kakama berip goýbermersiň gerek?
Kowmarsyň gerek? – diýip soradym.
Ejem meni bagryna basyp, ýaňagymdan ogşady.
-Bermen, oglum, bermen. Hiç kime bermen. Bal
oglum, ballar oglum, gül oglum, güller oglum! –
diýdi.
-Häli özüň çaga gerek däl diýdiň-ä.
-Ony gaharyma diýäýendirin, oglum.
95
-Indi diýmegin, eje, gaharyň gelse-de, diýmegin –
diýip men öwretdim.
Ejem başymy sypady. Eli bilen saçymy daraklap
ýatyşyna:
-Saçyňam örübermeli bolupdyr. Kiçeltmeli – diýip,
gürrüňi başga tarapa sowjak boldy.
Men ynjalykdan gaçyp:
-Kakamam kowmarsyň gerek? – diýdim.
-Kowman, oglum, kowman – diýip, ejem jogap
berdi. Biraz dymyp, tirsegine galdy-da, edil uly adam
bilen gürleşýän ýaly äheň bilen gürrüňine düzediş
berdi. – Men kowamog-a ony. Özi gitjek diýýär. Men
hiç wagtam kowmadym.
-Nämüçin gitjek diýýär?
-Bilmedim.
-A sen ony goýberme. Gitme diý. Sakla.
-Nädip saklaýyn? – diýip, ejem gaty kyn sowal
berdi. Nädip saklamalydygyny bilmänim üçin:
-Sakla-da bir zat edip. Goýberme – diýdim.
-Saklamasak-da, gidip bilmez. Hälem oýun edip
diýendir. Gitmez – diýip, elem arkaýyn gürrüň etdi.
Halys ynjalygym bolmansoň, men:
-Çyny bilen diýen bolsa näbilýäň? Birden ertir
gelmese, nätjek? – diýip soradym.
Şu sowalym ejemi birneme oýlandyrdy öýdýän. Ol
esli wagt sesini çykarman pikirlenip jogap berdi:
-Geler, gitjek ýeri bolmaz. Hany, ýat indi.
-Birden gelmedi-dä, nätjek?
-Gelmese, gözläp taparys.
-Eje, o heleýi sen gördüňmi?
-Haýsy heleýi?
96
-Şo obadaky heleýi? Sygyr ýaly symyşlaýa diýdiňä? – diýip ejemiň ýadyna saldym.
-Samsyk çaga! Ululaň gürrüňine goşulma
diýmedimmi saňa?.. Ýat indi. Ukla. Ýogsam, şo
heleýe bererin seni – diýip, ejem ýalandan haýbat
atdy.
-Eje!
-Ýat diýýän indi.
Ejem çygjaran gözlerini eliniň aýasy bilen süpürip,
beýlesine öwrüldi. Göz ýaşyny gizleýär diýip, men
pikir etdim.
Şol gezek kakam bäş günläp gara bermedi. Çaky,
öýkelän bolarly.
-Kakam-a gelmedi welin, gözlemäge gidelimi? –
diýip men ejemden soradym.
-Hany, şu günem garaşyp göreli, gelmese, ertir
gidäýeris – diýip, ejem meni begendirdi.
Nireden gözlemelidigini bilmesem-de, kakamy
tapjakdygymyza men berk ynanýardym. Ýöne
gözlemäge gitmeli bolmadyk. Şol gün öýlänler
kakamyň özi geldi. Ol gapydan giren dessine ejem:
-Azaşman neneň tapdyň? – diýip ýalňyş sorag
berdi. Sebäbi kakamyň azaşmajakdygy bes-bellidi.
Men onuň häzire çenli öýmüzi tapman azaşan
gezegini bilemok. Ähtimal, kakamyň bäş gün mundan
öň öýkeläp gidenini ejem häzir bilýän däldir, bilse-de,
bilmediksireýändir.
Kakam sesini çykarmady. Meň ýanyma geldi-de:
-Hany, salam et – diýip elini uzatdy. Men
salamlaşdym. Ol meniň ýaňagymdan öpdi. Onsoň
ejem bilen kakam beýleki otaga geçdiler. Olaryň
pessaý hümürdileri eşdilip durdy. Seslerinde gödek
97
äheň duýulmaýardy. Ýogsam, ejem häzir kakamyň
üstüne gygyryp başlar öýdüp garaşýardym, emma o
çakym çykmady. Ol kakamdan ownuk pul alyp, maňa
berdi-de:
-Oglum, bar dükana gidip, çörek alyp gel – diýdi.
Soň meni geýindirdi.
Gapydan çykyp barýarkam:
-Köçeden geçeňde seresap bolgun! Puluňa-da
gaýym bol, ýitirip, gaçyryp ýörme. Iň gowusy, jübiňe
sal – diýip berk tabşyrdy. Şol wagt ýadyma düşdi-de,
yzyma dönüp:
-Eje, surat depderem alaýaýaýyn – diýdim.
Ejem maňa ýene biraz ownuk pul berip goýberdi.
Men öýmüzden gaty uzak bolmadyk ýerde – köçäň
aýagujynda ýerleşýän dükana gitdim. Çörek aldym,
surat depder aldym, ýene biraz pul galdy welin, oňada galam aldym. Ýolboýy ejem bilen kakamyň
sögüşmezligini diledim. Eger sögüşmeseler, kakamyň
obadaky aýaly barada soramagy ýüregime düwdüm.
Öýe gelsem, kakam aýbogdaşyny gurup, meniň içi
suratdan doly depderimiň sahypalaryny agdaryşdyryp
otyr. Ejem onuň dyzyny ýassanypdyr-da, bir eliniň
barmaklary bilen kakamyň köýneginiň iliklerini
dyrmalaýar, beýleki eli bilen bolsa onuň arkasyny
sypalaşdyrýar, ýuwaş ses bilen bir zatlary süýjüdip
gürrüň berýär. Kakamam diňleýär. Gürrüň arasynda
ikisi hem ýuwaşja gülýär, käte ýylgyrýar. Ejemiň
gülüp duran gözlerinde, mähir çogýan ýüzünde juda
seýrek gabat gelýän, üýtgeşik ýakym gördüm. Häzir
onuň özüni juda bagtly duýýandygy barada gepgürrüň bolup bilmez. Elbetde, bu ýagdaýa men şeýle
bir begendim, hiç aýdyp-diýer ýaly däl.
98
Kakam meni ýanyna çagyrdy-da, çeken
suratlarymdan birini görkezip:
-Bular kim? – diýip sorady.
-Biý-ä ejem, bu-da sen – diýip, men düşündirdim.
-Hany öz suratyň? Özüňi çekmediňmi?
Dogrudanam öz suratymy çekmek kelläme
gelmändir. Ejem bilen kakamyň ýanyndan öz
suratymy çeksem, has-da gowy boljakdygyna
düşündim. Onsoň:
-Häzir çekjek, kaka. Täze depderime çeksem
bolarmy? – diýip soradym.
-Hawa, gowy bolar. Täze depderiňe çekiber indi.
Şatlykdan, begençden ýaňa meniň ýüregim
gürsüldäp durdy. Onsoň bu bagtyýar pursaty uzaltmak
üçin men kakamyň bizi taşlap gitmese gowy
boljakdygyny, eger gidäýse-de, ejem ikimiziň ony
hökman gözläp tapjakdygymyzy, bu barada ejem
bilen maslahat edendigimizi aýdyp bermek kararyna
geldim. Ejemiň halamazlygy-da mümkin, emma
barybir onuň hol gün iki gezek dagyn menden
gözýaşyny gizläp, aglandygyny hem kakama gürrüň
bermegi ýüregime düwdüm. Birem guşbeýni nämekä?
Şuny hem kakamdan soraýsammykam?
Mart, 2013. Mary.
99
SURATKEŞ
Hekaýa
Ülkä belli suratkeş goşgy heserine ulaşdy. Surat
çekýän galamyny döwet galamyna çalşyp, dünýäni
unudyp, şygyr sungatynyň näzini çekip başlady.
Gündiz çaý-naharyny sowatdy, gije ukyny gysgaltdy.
Irkildi, ymyzgandy, ýöne çuň uka çümüp bilmedi.
Surat çekýän döwürleri görýän düýşleri dagy ýele
ýanyndanam geçmedi. Şeýdip, bir aý diýlende küti
depderi
goşgudan
dolduryp,
edebi
gazetiň
redaksiýasynyň gapysyndan ätledi.
Suratkeşi onda-munda kän görünýän, ýaňy adygyp
ugran ýaş şahyr – bölüm müdiri garşylady.
- Ine, şuňa goşgy diýerler. Gazetiňde güzlediber
birýanyndan. Suratym bilen bile bererin diýseň, onam
getirjek – diýip, suratkeş bir aýlyk zähmetini patladyp
bölüm müdiriniň stoluna oklady.
Goşgy, şygyr diýilse, işdäsi açylyp, ökjesi ýeňleýän
ýaş şahyryň gözleri uçganaklady.
- Beh, dogrudanam? Öz goşgyňyzmy? Hakyt
özüňiz ýazdyňyzmy? - diýip, ol çyny bilen sorady.
- Weý, dagy kim ýazsyn?! Elbetde, özüm ýazdym.
Bölüm müdiri depdere işdämen topulyp,
sahypalaryny gyssanmaç
waraklap
oturyşyna
geňirgenmesini gizlejegem bolman:
- Men sizi diňe suratkeş diýip tanaýardym welin,
asyl siz şahyram oguşýan! – diýdi.
- Pah, bu goşgular gursagymda garrady, ýogsam,
bireýýäm ýazylmalydy. Suratçylyk işim birneme
päsgel berdi. Ynha, indi elim boşaşdy, bir aý bäri diňe
100
goşgy bilen gidişýän. Entek mende ýeterlik güýçkuwwat bar, gaýratym egsilenok. Goşga bolan
hyjuwym dyňzap dur, ýüregim joşýar. Nesip bolsa,
şu-gün erte düýpli bir poema ýazyp başlajak.
Ýaş şahyr agzyny açyp diňläp otyr, suratkeşe
gözügidijilik bilen seredýär. Gör-ä, ülkäň iň bir atly
suratkeşi! Eserleri sergiden sergä gatnaşyp ýören,
dünýäň köp ýerinde tanalýan beýik zehin, tapylgysyz
ussat, tanymal suratkeş indi şygryýetde öz güýjüni
synaýar. Suratçy halky synçy bolýar, gözelligi
duýmaga ökde, tebigat, peýzaž, daşarky dünýädäki
sazlaşyk suratkeşiň gözünden sypanok, ol dürli
reňkler bilen görýän zatlaryny kagyza geçirýär, her
eserinde çuňňur mana ýugrulan pelsepe bar, olary
synlap, manysyny çözlemek özüňe bagly. Bu adam
goşga-da uçursyz ökdedir. Eýse näme, gözelligi
duýup bilýän adamdan erbet goşgy çykmaz!
Bölüm müdiri suratkeşiň häsini ýetirdi, gop berdi:
- Tüweleme! Poema başlasaňyz, näme, şowly
bolsun! Höwri köp bolsun! Ýazmak siz bilen, çap
etmek biz bilen!
- Okamak paýam okyjyňky! – diýip, suratkeş
üstüni ýetirdi.
- Onda näme, depderiňizi goýup gidiň, üç-dört
günden
habar
tutuň,
menem
okaşdyraýyn,
başlyklaram okasyn, hökman çap ederis – diýip,
bölüm müdiri tüýs suratkeşiň garaşýan jogabyny
berdi.
Çykyp barýarka suratkeş:
- Nememi, suratymam berjekmisiňiz ýa hökmanam
dälmi? – diýip sorady.
101
- Bereris, hökman bereris. Indiki geleňizde
suratyňyzam alyp geliň.
Suratkeş hoş bolup çykyp gitdi.
Bölüm müdiri hem depderi açyp, goşgularyň
birýan çetinden girdi. Girişi ýalam lapykeç boldy.
Keşde çeken ýaly sünnälenip ýazylan owadan setirler
goşgy däl-de, gury bir sarnama ekeni. Ne tagam bar,
ne tagsyr. Duýgam ýok, pikirem. Bogun ölçeglerindede deňlik saklanmandyr. Setirleriň ahyryndaky
sazlaşygy gaty pes. Üstesine-de durşy bilen öwüt
berýän sözler. “Wah, jan agam, goşguda akyl
satmaklykdan haçan eýýäm oba göçdi, okyja akyl
gerek däl, goşgy gerek, goşgy! Beýtme ahyryn! Wah,
wah!” diýip, ol suratkeşe gaýybana ýalbardy. Kejikdi.
Suratkeşlikde uly sungat döreden zehiniň şular ýaly
goşga meňzeş pes setirleri ýazyp biljekdigine ynanasy
gelmedi. “Heý bir üýtgeşijek setir, delje detal, iň
bolmanda täze kapyýa dagy ýokmuka?” diýip,
sahypalary agdaryşdyryp ugrady, goşgy yzyna goşgy
okady. Hamana, şeýdende gowy goşga öwrüläýjek
ýaly, ýerinden turup, edil sahnada çykyş edýän dek
ellerini hereketlendirip, labyz bilen gaty sesde
daşyndanam okady. Okadygyça-da körkeýp boldy.
Depderi stoluň üstüne taşlap, duzsuz, ýuwan nahar
iýýän ýaly işdäsi tutuldy, seňrigini ýygyrdy.
“Indi näme etmeli?” diýen sowal ýaş şahyra ejir
berip ugrady. Ýaňy kellesiniň gyzgynyna “Hökman
çap ederis” hem diýäýdimi? Şu öl ýere biten dil
diýmeli zadam diýýär, diýmesiz zadam. Ahyry bir
zadyň üstünden baraýan bolsaň gerek! Ýeri, indi
nätjek? Bulary täzeden işläp, her bendinde bir setiri,
ýa bäş-üç sany sözi üýtgedip, tasa getirerdenem daş.
102
Tutuşlygyna täzeden ýazsaň-a bolaram welin, bi
suratkeşiň öňünde nädip durjak? “Hany, meň
goşgym?” diýse, näme jogap berjek?
Ýaňy bir gepinde suratymam beräýseň diýjek
boldumy? Haý, işigaýdan! Adamyň ýaşy gaýdyşsa
işem gaýdar ekeni. Ýa işi gaýdansoň ýaşy
gaýdýarmyka? “Işigaýdan, ýaşy gaýdan! Ýaşy
gaýdan, işigaýdan!” diýip, bölüm müdiri ikibaka
gezmeläp ýörşüne hümürdedi. “Ýeri, goşgy ýazmak
nireden kelläňe geldi? Çekiber-dä suratyňy!” diýip, öz
ýanyndan suratkeşe igendi. “Jan agam, goşgyny, ine,
şeýle ýazmaly!” diýip, haýran galdyryjy, ajaýyp bir
şygry döredesi geldi. Nusga görkezäýsem diýdi.
Görkezjek nusgasynyň ýaşuly suratkeş tarapyndan
gara şaýa alynmajagyna üşügi ýeten dessine: “Ýok,
munyň-a bolanok, han ogul, munyň çykalga däl,
çykalga däl! Başgarak bir zat tap” diýip pälinden el
çekdi.
Onsoň bölüm müdiri ýatyp-turup, oýlana-oýlana,
ahyry çykalga hökmünde bir pirim oýlap tapdy.
Suratkeşiň geljek gününe gabatlady-da, bir petde
ak kagyzy öňüne alyp, özüçe surat çekip başlady.
Çem gelen zadyň suratyny çekdi. Ugralla çekdi.
Birinji kagyza tes-tegelek çyzyk çekdi, ikinjä süýri
tegelek, üçünjä üçburçluk, dördünjä bäşburçluk,
bäşinjä ýene bir zat... Galamy haýsy tarapa ýöräsi
gelse, ýöretdi, ýaýdanmady, gypynç etmedi. Sähelçe
wagtyň dowamynda telim “surat” çekdi. Çeken
“suratlaryny” iş otagynyň diwaryna ýelmeşdirdi. Az
gördi. Ýene çekdi. Ýene-de diwara ýelmäp ugrady.
Ine, şeýdip, ber-başagaý bolup ýörkä-de ardynjyrap,
103
gapydan suratkeş girdi. Salam-helikden soň ol
äýneginiň üstaşyry diwardaky “suratlara” göz aýlap:
- Pah, pah, bu kagyzlar näme? - diýip sorady.
Bölüm müdiri göwnübir jogap berdi:
- Kagyz däl olar, surat!
- O nähili surat? Kimiň suraty?
Bölüm müdiri gülmän-yşman:
- Surat-da. Meň çeken suratlam. Geçen gezek gelip
gideniňizden soň mende suratkeşlige höwes döredi.
Höwes däl, höwes diýseň, bärden gaýdýar, söýgi
döredi. Şu günler goşgyny goýup, diňe surat çekýän.
Kiçijik çaga wagtlarym hem surat çekerdim. Ýöne
goşga başlap, suratdan elim sowady. Indi, nesip bolsa,
surat bilen goşgyny bile ýöretmekçi. Ýeri, nädýär,
boljakmy? - diýdi.
Suratkeşiň gözleri tegelendi. Üşerildi.
- Beh - diýip, ol bir “suratlara”, bir bölüm
müdiriniň ýüzüne seredip, aýdara-goýara söz
tapmady.
- Suratkeşleň sergisine gatnaşmak üçin näme
etmelikä? Men gatnaşaýsam diýýän - diýip, bölüm
müdiri gökden düşen ýaly aňalyp duran suratkeş üçin
mojukdan mojuk gürrüň tapdy.
Ýaşuly suratkeş şübhesini ýaşyrmady:
- Çynyňmy ýa oýun edýärmiň?
- Agam, siziň ýadyňyza oýun düşýär. Men bolsa...
Siz gowy bilýänsiňiz, şo sergide çeken suratlaryňy
gowja bahadan satyp bolýarmyş. Çynmy şol? Men
näme etsem...
Suratkeş bölüm müdiriniň sözüni böldi:
- Haý, inim-m! Akmak oglan ekeniň. Akyllyja,
üşüklijemikäň diýýärdim welin...
104
Bölüm müdiri hem suratkeşiň gepini soňlatmady:
- Weý, agam, näme boldy? Ýa halamadyňmy
suratlarymy? Ýa-da ol sergi diýýänim ugursyz
gürrüňmi?
- Seň özüň ugursyz! - diýip, suratkeş gaharly
janykdy. - Oglan, akmak bolmasaň sered-ä! Suratmy
şü? Ine, şü suratmy? Ynha, şu çeken zadyň nämesi
surat?
- Ýaşuly-y! Nädiberýäň-aý, ýaşuly? Meň gijegündiz ýatman çeken azabym-a bular. Gül ýaly
suratlar, sergä niýetläp çekdim - diýip, bölüm müdiri
ýasama gahar bilen çytyldy. Ynjydylan çaga ýaly kesä
bakdy.
Suratkeş bolsa köşeşer ýaly däl. Gahary joşup,
gitdigiçe beleň alýar:
- Şu ýaşyma sen ýaly gepe düşmez tünte
duşmandym. Indem duşurmasyn! Ýagşam bir iş eden
ekeniň. Saňa kagyz zaýala diýseň! Ana, seň başarýan
işiň! Häý, nadan!
Ine, şu ýerde bölüm müdiri: “Amatydyr-da, Alla!”
diýip, goşguly depderi eline aldy-da, kesgitli:
- Ýaşuly, me, depderiňi al! - diýdi.
Suratkeş äýnegini gözünden aýryp, täzeden dakdy,
aljyrady.
- Ä? - diýdi.
- Depderiňi al diýýän, goşguly depderiňi - diýip,
bölüm müdiri depderi suratkeşiň eline tutdurdy.
Bu wakanyň soňunyň nähili gutarany belli däl. Her
hili gutaryp biler.
21-nji aprel, 2013-nji ýyl. Mary.
105
EŞEK WE KÄBIR BEÝLEKI
ZATLAR BARADA
Hekaýa
Bekki goňşy obadan eşek satyn alyp geldi. Daýaw,
gök eşek. Mada däl. Şaýy-july bolmasa-da, tamam
esbaby tükel. Arabasy, agyzdyrygy, keçesi, gaňňasy,
hemmesi ýerbe-ýer.
Ozalky eýesi muny satmakçy däl ekeni. Zerura
düşüpdir. Ogly gyz alyp gaçypdyr-da, gyssagara toý
şaýyny tutmaly bolupdyr.
Bekki hem zerura düşüp aldy. Bakyda duran bäş-alty
baş gara malyň iýjek ot-çöpüni meýdandan galtak
bilen daşaýmak aňsat däl. Aýlanyp-dolanyp aldajy
gyşam gelip dur. Dokuzyňy üçe ýetirmek üçin oňam
öňünden gaçmaly. Köneje-de bolsa, bir ulag
edinibilse, kemje-kerdem boljak däl welin, Bekkiňem
çagalary ýetişip gelýär. Okatmaly, öýermeli,
çykarmaly. Wagtynda öýerip-çykarmasaň, biri gyz
alyp gaçarmy, ýene biri ýüzüne gara çekip, äre gaçyp
gidermi, nädermi?
Eşek getirilen güni ondan-mundan eşidip-görüp,
goňşy-golam Bekkilere üýşdi. Bekki ilkibada: “Beh,
eşek alamda şunça adam üýşýän bolsa, täze maşyn
alaýsam dagy nähili bolarka? Bulara çaý-suwam
bermelimikä?” diýip, öz ýanyndan biraz gaýga-da
106
çümdi. Ýöne adamlaryň çaý-suw azaryna däl, gelen
ilki bilen eşegiň daşyndan böwür berip, terslin-oňlyn
aýlanýar-da, ur-tut bahasyny soraýar. Bekki hem
aýdýar. Onsoň dileg edýärler, gutlaýarlar:
-Nesip etsin!
-Haýryny bersin!
-Gutly bolsun!
Bekki zol “Taňyrýalkasyn! Aýdanyň gelsin!” diýip,
jogap berýär. Arasynda ýeňsesini gaşap, ýeserlik
bilen:
“Nätjek?
Boljakmy
özi?
Ýa
oňarmandyrynmy?” diýip, adamlaryň pikirini bilmek
üçin soraýar. “Oňarmansyň” diýýän ýok.
-Oňarypsyň.
-Sazlapsyň.
-Derdiňe ýarasa, bolanlygy şol.
Eşegem ýat oba düşdüm diýip, ýadyrgap duranok.
Öňüne oklanan ot-çöpe äwmezlik bilen agyz urup,
gaty arkaýyn. Gelenler mahaly bilen dagabermänsoň,
ol birki gezek hynçgyrdy-da, özüniň hakyky
eşekdigini tassyklamakçy bolýan ýaly, adamlara gepüýn alyşdyrman, diň-gögüne garap uzy-yn aňňyrdy.
“Ana-da, ana!” boluşdylar. “Gördüňmi ediberşini!”
diýişdiler.
Gelenleriň biri:
-Nesip etsin welin, indi sen muň bilen näme iş
etmekçi bolýaň? – diýip, Bekkiden sorady.
Bekki:
-Öňde-de bir eşek bilen düýäni toýa çagyrypmyşlar –
diýip, tymsala tutdurdy. – Eşek begenip, aňňyryp,
mesirgäp, bolmajysy bolupdyr. Şonda düýe: “Ýer-ow,
uzyn gulak, ýaman hyzzyn atýaň-la? Näme boldy?”
diýip sorapdyr. Eşegem: “Ikimizi toýa çagyrdylar.
107
Men-ä şuňa begenip, iki bolup bilemok. Sen näme
begeneňok?” diýipdir. Düýe näme diýendir öýdýäňiz?
Ha-ha! “Häý, eşek dost! – diýipdir. – Oň üçin
tanapyňa towsup, gaňňaňy garnyňa alma, ikimizi toýa
çagyrýan bolsalar, men-ä guýudan suw çekmeli
bolaryn, senem odun daşarsyň” diýipdir. Ha-ha-ha!
Bu gürrüňi öň eşiden bolsa gerek, Atabaý çypar
gülmän-yşman, göz-gaşyny çytyp:
-Obada ýene kimde eşek bar? – diýip, başga zat
sorady.
Bada-bat:
-Mälikde bar – diýdiler.
-Ýene kimde bar?
-Ho-ol Toýlyda bar. Ýöne oňky mada eşek. Deme
gelen wagty golaýyna eltenok.
-Ýene?
Juda derwaýys zadyň jogabyny gözleýän ýaly, her
kim oýa batdy, obany öýin-öýin hyýalyndan geçirip,
başga eşek tapmadylar.
-Ýaňy-ýaňylaram her öýde bir eşek bardy. Üýtgeşik
jandardyram öýdülmezdi. Ynha, indi Bekkiň eşegine
edil muzeýiň eksponaty ýaly seredýäs. Döwür üýtgäp
gidip otyr. Gerekmejek zatlary aýryp zyňýar, ýerini
başga zatlar bilen doldurýar – diýip, Çary mugallym
köpmanyly gürledi.
Bekki: “Eýse, men indi döwrüň zyňan, gerekmejek
zadyny aldygym boldumy? Özüni oňarmaýan ysnat
boldummy? Onda nämüçin...” diýip, pikir edip ugrady
welin, gapdaldan Jepbar çykyp, onuň pikirini
bulaşdyrdy.
-Dogrudanam şo eşekler nirä ýitirim bolduka? – diýip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gylsyrat - 6
  • Parts
  • Gylsyrat - 1
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2193
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 2
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2113
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 2111
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 4
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2211
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 5
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2172
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 6
    Total number of words is 1166
    Total number of unique words is 790
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    59.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.