Latin

Gylsyrat - 6

Total number of words is 1166
Total number of unique words is 790
39.4 of words are in the 2000 most common words
51.6 of words are in the 5000 most common words
59.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ol gyzykly sowal berdi.
108
Atabaý çypar:
-Hm, şonam bileňokmy? Şäheriň haýwanat
bagyndaky ýolbarslar iýip gutardy – diýdi.
Duranlaryň içinde muňa ynanany az boldy. Heý,
ýolbarsam eşek etini iýermi? Haýwanlaryň şasyna
ýaraşjak zatmydyr şü? Ynha, keýik ýa gulan iýer
diýseň, hä diýse bor.
Häliden bäri çetde bir özi gürrüňçilige goşulman
oturan, Şamyrat aga nasyny gapdala tüýkürdi-de:
-Hany, şü eşegi duşap biljegiňiz barmy? – diýip, hiç
kimiň garaşmadyk sowalyny orta atdy.
Üşerilişip, dymdylar.
Şamyrat aga oslagsyz sowallar bilen adamlaryň
sustuny basmagy gowy görerdi. Ilden tapawutly
görünmek üçin hemişe adamlary haýran galdyrmaga
çalşardy. Niçikmi, gürrüňdeşiniň osal ýerini tapdygy
bes, sypdyrmazdy. Hüjüm ederdi. Öwünmegi
halaýardy. Häzirem ol tüýs jaý pursatda hereket etdi.
Biraz eglense, adamlaryň dagap gitmegi mümkindi.
-Barmy? – diýip, Bekki Şamyrat aganyň sowalyny
gaýtalady. – Menem bilemok şony. Öwrenmeli-hä
bolar. Araba goşman-a öňki eýesinden öwrendim.
-Inim Bekmyrat! Bular eşek duşamany bilmez. Gaňňa
salmanam bilmez. Araba goşmanam bilýändirler
öýdemok. Sen bulardan eşegiň haýsy tarapyndan
münüp, haýsy tarapyndan düşmelidigini sora, şonam
bilýän däldirler – diýip, Şamyrat aga igendi.
-Hakyky zat, bilemzok – diýip, Jepbar boýun aldy.
Çary mugallym nägilelik bilen:
-Bilmek geregem däl. Nämä gerek? Eşekdir-dä –
diýdi.
Şamyrat aganyň muňa girre gahary geldi:
109
-Çary, gerekdir, gaty gerekdir. Eşekdir-dä diýip
kemsidýäň welin...
Ol demsalym oýurganyp durdy-da:
-Gaýraky tutly ýaby kimiň çekenini bilýäňmi? –
diýip, Çary mugallymdan sorady.
“Bu sowal nireden geld-aý bu ýere?” diýýän ýaly, her
kim geňirgenme bilen Şamyrat agaň ýüzüne seretdi.
Çary mugallym bilmeýän ekeni.
-Bilemok – diýip, ol gysgajyk jogap berdi.
-Bilýäňizmi? – diýip, Şamyrat aga beýlekilerden
sorady.
Hiç kimden ses çykmady.
Ýaşuly ähmiýetini artdyryp esli dymansoň:
-Bilmeýän bolsaňyz, bilýän otyr ýanyňyzda. Kiçilik
bilmän, soraň – diýdi. Diýdi welin:
-Kim çekdi? – diýişdiler.
-Kakam pahyr çekdi – diýip, ol aşak seredip dymdy.
Duranlar tutly ýap bilen eşegiň näme baglanyşygynyň
bardygyna düşünmän, ýene soragly nazaryny Şamyrat
aga gönükdirdiler. Ýaşuly olaryň wajyp gürrüňi
diňlemän, dagabermeginden ätiýaç edip:
-Nädip çekenini bilýäňizmi? – diýip sorady.
-Kimiň çekenini bilmesek, nädip çekenini näbileli? –
diýip, Atabaý çypar takat etmän, kineli dillendi.
-Kakam pahyr ummadan akylly adam bolan – diýip,
ol köne zamanyň gürrüňini edip ugrady. – Bir gün,
ine, şü gaýraky tutly ýaby çekmeli bolýar. Ýerem
nätekiz. Ýap çekmek kyn däl, nätekiz ýeriň arasy
bilen suw çykarmak kyn. Şo gezek Batman aga
aljyrapdyr. Batman aga diýýänim şo döwrüň başlygy.
Aljyrap, näderini bilmän, kakama ýüz tutupdyr.
Kakam, näme, ömürboýy o zatlaň içinde gezip
110
ýörensoň, darykmandyr, “Arkaýyn bol!” diýipdir.
Onsoň noburyň sakasyna barakgetdin, horjunyň iki
gözünem çägeden dolduryp, eşegiň gerşine basypdyr.
Ýene bir haltanam çägeden dolduryp, keseligine
eşegiň ýagyrnysyna ýükläpdir. Onsoň “Byssymylla!
Hyh, janawer!” diýip, eşegi kowup goýberipdir. Özem
eline pilini alypdyr-da, eşegiň ýörän yzyny çapyklap
gaýdyberipdir. Başlyga-da “Meň pilimi uran ýerim
boýunça gazyp gaýdyber ýabyňy” diýipdir.
Şamyrat aga bir gulaga öwrülip diňläp oturan
adamlara seredip kanagat tapdy. Ardynjyrap, täze
açyş eden ýaly, dabaraly gürledi:
-Hergiz bilip goýuň! Üsti ýükli eşek hiç wagt beýik
ýere tarap ýöremez. Ýeriň pesini adamdan gowy
bilýändir.
Jepbar:
-Bäh, kellä geljek zat däl-aý. Adamdan emel gutulmaz
– diýip, çyny bilen geňirgendi.
Amaty gelenini bilip, şu ýerde Şamyrat aga bireýýäm
ölüp giden aslyny öwmegi hem ýadyndan çykarmady:
-Kakam pahyryň bilýänini kagyza geçirseň, bir tam
kitap bolardy. Ummadan akylly adam bolan pahyr.
Indi ol adamlar ýok. Biz şolarça bolup bilemzok.
Adamlar üýtgedi.
Şamyrat aga barmagyny çommaldyp, beleň aldy:
-Hany, obada eşek münübilýän ulugyz barmy?
Ýokdur. Tapmarsyňyz. Öň eşek münübilmeýän
ýokdy, indi tersine. O-ol eşek münüp, meýdanda
kätmen urýan gyzlar indi oral aýal boldular.
Hamana şu duranlar günäkär ýaly, Şamyrat aga
adamlara gaharly göz aýlady.
111
-Ikindiň wagty girdi, men ýöräýin – diýip, Jepbar
Güne seretdi.
Şamyrat aganyň muňa-da az-kem gahary gelen ekeni.
-Sen, Jepbar, şu ýere gelip, eşegi ellediňmi? – diýip ol
ýene-de bir syrly soragy berdi.
-Ýok, ellämok. Ony nämüçin soraýaň?
Jepbar böwrüne doňuz diňini salyp, Şamyrat aga
gürläp başlamanka jogabyny üýtgetdi.
-Dur entek, elledim öýdýän. Sypaladym öz-ä.
-Hä-ä bolýa – diýip, Şamyrat aga töwereginde
kejikdiriji duýgulary döredip, dymdy.
Jepbar ýerinden tursa-da gidip bilmedi. Ýaşuly bir zat
diýmekçi bolýar. Ony bilmän, gidib-ä bolmaz.
-Hawa, Şamyrat aga, ýekeje gezek sypalap gördüm.
Ýuwaş eşek ekeni. Hä, sypalamaly däl ekenimmi?
-Ýok, sypala, sypalaber. Ýöne ikindini okajak bolsaň,
täretiňi täzelegin diýjek bolýan.
Şeý diýip, Şamyrat aga hiç zat bolmadyk ýaly, hiç hili
geň gürrüň etmedik ýaly, kesä bakyp dymdy.
Jepbaram bir tünt ekeni.
-Täretim bar-a. Öýläni okamakam täret kyldym-a –
diýip, günortanky eden işini ýatlady.
-Ýene täzelemeseň bolmaz. Eşege eilini degireniň
täreti bozulýandyr – diýip, Şamyrat aga başyny belent
tutdy.
Bekki Şamyrat agaň ýüzüne seredip, myssa ýylgyrdy.
“Ýeri, bu gürrüňi nireden oýlap tapdyň? Häzir bu
duranlaň biri subut et, ynanamok diýse nätjek?” diýip
pikir etdi. Eýse, onuň ýaşulyny ýalançy edesi
gelmedi, dilini dişledi.
Şamyrat aganyň bolsa töweregindäkileriň ählisiniň
agyzlaryny öweldişip, aňkarylyp duranlaryny görüp,
112
ýüregi joşdy. Adamlary ýene bir gezek haýran
galdyryp bilenligi üçin buýsandy.
-Eşegiň aslyny bilýänsiňiz-ä. Ýa onam bileňzokmy?
Onam aýdyp bereýinmi? – diýip, ol süründi.
Aýtsa, aýdyp bererdem welin, şu ýerde öý eýesi
Bekki garasöýmezlik etdi-de, adamlary tiziräk
dagytmak maksady bilen:
-Weý, hany, beýdip eşegiň ýanynda durmalyň-la! Öýe
gireliň-le! – diýdi.
Adamlar: “Ýok-la öý bolmaz. Işim kän. Ýene bir
gün” diýişip şo bada hersi bir tarapa dagaşyp gitdiler.
Jepbaram ýeňsesini gaşap, iňkis bilen öýüne gaýtdy.
Şamyrat aga-da ýerinden turdy. Aýtmaly möhüm bir
zady unudyp, indem ony hakydasyna getirjek bolýan
ýaly eşege seredip biraz oýurganyp durdy. Aýdara
degerli zat ýadyna düşmänsoň, Bekkä ýüzlenip:
-Eşeg-ä meňem edinesim gelýär welin, arman elim
ýuka. Işigiňde gannyzyny titredip, hynçgyryp duran
eşegiň bolaýsa! Menem bardyryn haw diýip, obany
ýaňlandyryp aňňyryp dursa-da! Şuňa şeýle bir höwes
edýän welin, hiç zadyň çaky däl. Häk... – diýip, arman
bilen başyny ýaýkady. Şol wagt ol Bekkiniň gözüne
“Şu eşegiňi maňa beräý. Eşegiň gadryny men senden
has gowy bilýän” diýerli göründi.
Soň Şamyrat aga:
-Setdaram ýaman kejeňek. Hol arada eşek alaly
diýsem, “Ýykylyp bir ýeriňi döwdürersiň. Hany indi
eşek çapyşyk geçirilýämi öňki ýaly. Indi gezek
atyňky. Eşek däl-de, at çapylýa indi” diýýä. Hamana,
men o zatlary bilmeýän ýaly – diýip, öýdeş oglundan
zeýrendi.
113
Bekki: “Beh, bi işigaýdan eşegi nätjekkä? Meňki ýaly
ot-çöp daşara mal-garasy ýok. Eýläk-beýläk gidere
oglunyň suw ýaly aýagulagy bar. Ýaşam ýetmişden
aňyrda” diýip pikir etdi. Näçe pikir etse-de, eşegiň
ýaşula nämüçin gerekdigine teý düşünip bilmedi.
Ýetirilmesi derwaýys habar ýadyna düşdi öýdýän,
“Hä, dur entek” diýip, Şamyrat aga dikeldi. Eşegiň
öňündäki suwly bedrä garap:
-Aýyn bolmasa, at diýýändirler. Atam gowy janawer,
şekim ýok. Ýöne eşekden egsik ýeri kändir – diýdi.
Bekkiniň kellesinde “Haryň işi hardyr, dostlar, müň
magtasaň atça bolmaz” diýen setirler biygtyýar
gaýtalanyp ugrady.
-Ine, şü janaweriň suw içýän bedresinden senem içip
bilersiň – diýip, Şamyrat aga dowam etdi. – Ýöne
atyň suwa ýakylýan bedresinden suw içmek haram
bolýar, bilseň. Sebäp näme diýseň, ady eşegem bolsa
bi janawer suwy dişinden syzdyryp içýär. Bedresine
demi düşýän däldir. Emma welin, at muň ýanynda
halamadyr. Içýän suwuna pyşgyrýandyr. Sarkdyryp,
dökan-saçan edýändir... Häk, ýaňky Jepbara
aýtmalydym şuny.
Şamyrat aga kädisini çykardy-da, düýbüne pitikläp,
umumy gürrüň etdi:
-Eşegem bolsa, hyzmatyny görjek bolsaň, janaweriň
göwnüne ýetmelidir. Bilmedik zadyň bolsa, soramak
aýyp däldir, arkaýyn sorabergin. Öwrederin.
Bekki gysgajyk:
-Bor – diýdi. Ol geplemsek bolsa-da, Şamyrat aganyň
ýanynda kän gürlänokdy.
Şamyrat aga nasyny atdy-da, öýüne gaýtdy.
Dodagyny müňküldedip, nasyň pinegini görüp gelşine
114
bir wagtlar kakasynyň eşekden düşüp, täretini
täzeleýänini ýa täzelemeýänini göz öňüne getirjek
boldy. Hiç ýadyna salyp bilmedi.
Maý, 2013 ý. Mary.
115
Mazmuny
Gylsyrat
Ham-hyýal
Uky pillesi
Ýüp
Sawçy
Namyrat
Ejemiň aglan güni
Suratkeş
Eşek we käbir beýleki beýleki
zatlar barada
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gylsyrat - 1
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2193
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 2
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2113
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 2111
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 4
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2211
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 5
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2172
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 6
    Total number of words is 1166
    Total number of unique words is 790
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    59.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.