Latin

Gylsyrat - 2

Total number of words is 3868
Total number of unique words is 2113
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Wawwasy bar ýaly göterilip eltilen hassa şo günüň
özünde bökjekläp, ylgap gaýdypdyr. Tebipçiligem
edýär. Deminiň güýçlidigine gümanym ýok, ýöne işan
agaň elem gaty sebäpli. Baran haýyr tapýa. Çagasy
bolmaýan-a ýüzüniň ugruna duza dem salaga-da, okap
goýberýär. Öň çagasy bolmadyk heleýleň işan agaň
23
duzuny alansoň, topugyna gan degmedigini
tapmarsyň.
Şemşadyň gürrüňlerine şunça belet bolsa-da,
Kümüş onuň Esen işan barada aýdanlarynyň
hemmesine güp ynandy. Göz öňünde milletiň derdine
dowa üçin hudaýtarapyn iberilen işan aganyň hiç
kesiňkä meňzemeýän keşbi janlandy.
- Waý, Allajan-eý, ana, hakyky gudrat. Aknur
ýykylmaly ýerini tapypdyr.
- Kümüşiň soňky sözleri Şemşada ýakmady.
Hamana, Aknur hakykatdan-da oglunyň derdiniň dep
bolmagy üçin işan agalara gidip barýan ýaly, ol
goňşusynyň pikirine garşy gitdi.
- Işan agaň Aknura nepi degäýermikä? Men-ä
deger öýdemok.
- Wi-iý, nädäýdiň, gyz? O nämüçin? – diýip,
Kümüş muňa allaniçigsi boldy.
- Sebäbi Hudaý oň çagasyny ýaradan mahaly
kerligi keýpine berendir öýdýäňmi? Şeýtdigi, saňa
heleý ýok, sen müjerret ötmeli diýdigi. Onsoň
sadagaň gideýin, işan aga ýanyp duran ot bolanda-da,
gije–gündiz Gurhan okap, düwünçek–düwünçek
doga–tumar berende-de Aknura ýeke şaýylyk peýany
bolmaz.
Bu pikir bilen Kümüş hiç hili ylalaşmady.
Ýakasyny tutup, içini çekdi.
- Toba, toba! A gyz, agzym–burnum gyşarar
diýip gorkaňokmy? Birden işan aga göz
görkezäýmesin. Sen ilki Aknury işan agalara elt,
doga-tumar alyp ber, soňuny gör, onsoň geple.
Şemşat öz pikiriniň dogrudygyny tassyklaýan
delil hökmünde şeý diýdi:
24
- Hudaý Aknuryň ogluny ker edip ýaratdymy?
Heleýsiz ötmeli diýen manysy barmy şuň? Bar.
Onsoň işan aga heleý tapylar ýaly doga ýazyp berse,
Hudaýyň garşysyna gitdigi bolmazmy?
- Onçasyny biljek däl. Ýöne maňlaý işidir.
Bilip bolmaz. Bagty işläp, öýlense, nä öýlener
oturybiýr. Ol-a ker ekeni, onça ýok ýarty-ýurty
adamlaram öýlenip, illenip, il biri bolýarlar. Eger
öýlenmek nesibesi ýok bolsa, başga gep – diýip,
Kümüş öz pikirinde galdy.
Şemşat biraz ylalaşan ýaly etse-de, barybir şo
perdeden gopdy:
- Bary–geldi, işan agaň keramaty bilen
öýlenäýse-de, heleýi uzak durmaz. Kere kim heleý
bolsun? Hany, aýt! Indiki heleý bolýan ganjyklaň
birnäçesi synasy sagat, şatyr ýaly ärde durýamy
diýsene.
Şu ýerde Kümüşiň: “A gyz, Aknurdan-a bir
ýanan ýeriň bar öýdýän. Näme, o görgüli bereniňi
iýmedimi?” diýip sorasy geldi.
- Küpür geplän bolsak, günämizi geçeweri,
işan aga! Ata–babaň gurbany bolaýyn! Biz bilen deň
bolmaweri, işan aga! – diýip, Şemşat pessaý ses bilen
Esen işana gaýybana ýalbardy.
Näme-de bolsa Şemşadyň Kasyma bolan
garaýyşy Kümüşiň maňzyna batmady. Gulagynyň
agyrlygy Kasymyň aýbymy näme? Ýaradanyň beren
derdi–emgegi üçin bendesi günäkär däl ahyryn. “Dert
berer dermany bilen” diýipdirler. “Bendäm bendäme
sebäp” diýen gürrüňem bar. Alla işan agany sebäp
etse, Kasymyň işi şowlap, gulagy jam ýaly bolar
gidibiýr. Bilse, Esen işana Şemşadyň özi baryp
25
ýykylmaly. Gyzy Gyzylgüliň dili diýenini edenok,
peltek. Aýtjak gepini oňly aýdyp bilenok. Üstesine “r”
harpyna-da dili öwrülenok. Ýetişen gyzyň şeýle
ýagdaýdaka, ýeri, seniň il bilen näme işiň bar? Git-de,
ilki bilen öz gyzyň aladasyny et!
Kümüşiň Şemşada gahary geldi.
- Gyýw, ilki özüň gitmeli ekeniň-dä – diýdi.
- Nirä?
- Esen işanlara diýýän, ilki özüň gitmeli
ekeniň.
- Nämüçin?
- Gyzylgül üçin. Belki, haýyr tapardyň.
Şu ýerde Şemşat başga adama öwrüldi
oturyberdi. Kümüş onuň gözlerinde kyn güne düşüp,
bir alaç gözleýän, ýöne näme ederini bilmeýän, bir
mysapyr aýalyň keşbini gördi. Ozaldan tanap ýören
goňşusynyň häzirki halyny, megerem, ömründe ilkinji
gezek görýänligi üçin oňa nebsi agyrdy.
- Haýyr taparmykam? – diýip, Şemşat ünjä
gidip, çyny bilen sorady.
- Hawa, taparsyň. Özüň aýdyp otyrsyň-a, demi
güýçli diýip. Ysmaz bolanam ýöretdi diýdiň-ä.
Zyrrajym dälini açýany çyn bolsa...
- Çyn, çyn.
- Onda näme?
- Aý, şü ýaga depjek ýaly ýaýdanyp otyryn.
- Waý-eý, nämeden ýaýdanýaň, gyz? Saňa-da
düşer ýaly däl.
Şemşat gorkusyny mälim etdi.
- Ters täsir ederinden gypynç edýän. Doga
güýçli zat, gyz. Birden ters düşüp, lal-jim bolup
26
oturaýmasyn diýip çekinýän. Göze görnen gyz,
ötmeli, geçmeli...
Şemşadyň ýaýdanjy Kümüşi oýa batyrdy.
- Işan aga ýykylyp baranlaň içinde dogasy ters
düşen ýa zyýan tapan barmyka? – diýip, ol
gyzyklandy.
Bu barada anyk bilmänligi sebäpli Şemşat
pylan zat diýmedi, gümp-samp etdi.
- Ýok bolaýmasa. Ýokdur. Bolsa, eşdiläýjek
ýaly.
- Menem şony diýjek bolýan. Ýokdur. Ras, il
haýyr tapýan bolsa, senem iliň biri borsuň. Netiňi
gowa tutyp bar. Onsoňam çynyň bilen ynanmalymyş,
gyz. Ynanman baranyň peýdasy ýok.
- Wah, ynanýan-la. Öňem telim şaýlandym şuň
üçin. Gyrandegen, göwnüme ýok zatlar gelip, ýene
oturyberýän. Hiç aýagym çekenok.
- Göwnüňe getirseň-ä, bolmaz-la.
Edil şol wagt tamyň arkasyndan öwrülip,
Kümüşiň äri Gurban geldi.
- Salawmaleýkim, ýeňňe! – diýip, ol gele–
gelmäne Şemşada salam berdi.
- Äleýk! Saglykmy, Gurban, oňatmy?
Gurban agzyny çalaja gymyldadyp, “Şükür!”
diýdi-de, Kümüşi gyssady:
- Meň eşiklerimi ütüklediňmi? Bol, çaltrak,
bol, başlyk garaşyp dur. Gitmeli.
Kümüşiň ynanmak, göwnüňe getirmek, haýyr
tapmak ýaly zatlar baradaky soňlanmadyk gürrüňi
jedel bilen dowam edesi geldi.
Şemşat bolsa jedelden ellibizar, oňly salam–
helik alyşmanlygy hem kän bir ýüz bermänligi üçin
27
öz ýanyndan Gurbana gahar edip, öýüne gaýtdy.
Gelýärkä Kümüşiň: “Netiňi gowa tutup bar” diýen
sözleri ýadyna düşüp, ony özüçe elekden geçirmäge
synanyşdy. “Şü heleýem mynny-mynny edip, ýaman
köp kümsükleýä. Netiňi gowa tut diýen bolup, näme
diýjek bolduka? Meň netim bilen näm işiň bar?”
diýip, pikire çümdi.
7.
Bir Kasymy öýereniňden onuň yzyny basyp
gelýän dört ogly öýli–işikli edeniň aňsat düşer.
Kasymyň özi ýaly biraz nemeräk maşgala tapmak
kyn. Tapmagam kyn däl, onuň ene–atasyna hä
diýdirmek ýeňil bolmaz. Iş, ine, şunda bar. Sen soňky
dört ýigdekçäni alada etme. Olar saňa tekge berse,
berer, ýöne ýük bolmaz. Sen ile çykyp, aladasyny
etmäniňde-de, olara heleý boljak kel gyrnak tapylar.
Olar sensizem öz günlerini görer. Niýetiňde bolsa,
hersini bir-ä däl, ikem öýerip bolar... Häýt, häýt,
gatyrak gitdiň öýdýän, Atalyk!
Kasymyň deň-duşlarynyň içinde birlän–ikilän
bolaýmasa, aýagy duşaklanmadygy ýok. Ýaş gidip
barýar, ýaş! Kasymyň ýaşyndaka Atalygyň iki çagasy
bardy. Ýaşyň gidenem hiç, eger synasy düz bolsa,
Gepi–söz-ä dura–bara düzelişer-le welin, şü
gulagynyň agyrlygy bar işi bökdäp dur. Munuň kör
düýesini köprüden geçirjek bolsa, Aknuryňam kowlan
ýeri köp bolaýmasa. Ýöne, kowulsa-da, nätjek, duluňa
bir gara geçirmeseň-ä, bolmaz.
Arada Tagan aga-da gelip, utanman, sakgally–
sarmykly halyna:
28
- Atalyk, ol ogluňa heleý alyp berseň, işiňi
köpeldersiň. Şu wagt diňe özüni ekleýän bolsaň,
soňlugy bilen çagalarynam eklemeli bolarsyň. Iň
gowsy, birbada muny goý-da, beýlekilere hüjüm et.
Öýeriniň yrsgyny aýryber. Ýogsa, bu olaryň öňüni
gabzar durar. Maňlaýyna müjerret ötmeli buýrugy
ýazylan bolsa, ikimiziň çärämiz bolmaz. Menden
maslahat sorasaň, şeýt! – diýýär.
Ýeri, senden maslahat soraýan barmy diýsene!
Aknur bir eşitsin şuny! Edil ýöne sakgalyňdan
hiňňildik uçaýar. Hataryň ýaşulysy bolup otyr welin,
tapýan gürrüňine seret! Gaty görer–beýlekem
diýenok. Göni ýüzüňe seredip, diýjegini diýip dur.
Şuňa Atalygyň bijaý gahary geldi. Entegem Tagan
agaň ýaşyny sylady. Ýogsa, “Ýetmiş ýaşapsyň welin,
özüň heleýsiz oňup bilermiň?” diýäýmeli. Oňup
bilmejegi görnüp dur. “Ýekelik – Hudaýa ýagşy”
diýipdirler. Heleý diýeniň bir höwürdir. Tä ölýänçäň
gerek zat.
Tagan aga bir gepinde “Soňlugy bilen
çagalarynam özüň eklemeli bolarsyň” diýipdi. Onuň
şo diýýäni–hä ugrunda bar. Atalyk öz gününi özi
tigirläp, eklenç edip ýören Kasymy göz öňüne getirip
bilenok. Eýsem-de bolsa, sowady, hünäri bolmadyk,
üstesine-de gulagy agyr oglan günemasyny nädip
dolasyn? Şageldi mugallymyň aýdyşy ýaly, hat–
petegini düzedişdirip, maýyplyk hatyny alsaň,
hökümet kömek puluny berse, bererem. Eger şol haty
almaga haky bar bolsa, hat-petegini düzetmegiň-ä bir
alajy tapylardy. Ýöne şü maýyp diýen at gowy däl.
Iliň dili gursun! Aýyn bolmasa, “Pylanyň ogly pylany
pylança manat maýyplyk pensiýasyny alýar” diýip,
29
galyň millet gürrüň eder. Hamana, o berilýän pul öz
jübüsünden çykýan ýaly. Aslynda Atalyk bu çaga
üçin beriljek kömek pula mätäç däl. Hudaýa ýüz-de
müň şükür, eklenji ýetik. Emma Atalygam ýalança
baky gelen däl. Ähtimal, sanalgy deminiň ýarpy
gowragyny sanap ýörendir. Sanap, aňyrsyna
çykyberen bolsa-da belli däl. Muny Atalygam, hiç
kimem bilenok. Bir Alla bilýär. Atalyk muňa kaýyl.
Bolubilse, bir başa – bir ölüm. Başga zat däl. Ol
mundan gorkanok. Atalygy gorkuzýan başga bir
ýowuz hakykat bar: ene–atasyndan jyda düşensoň,
Kasymy kim eklesin? Kasymyň gününe it aglar!
Maşgalasynyň gününi gök esgä düwjegi görnüp dur.
“Agzy açyk aç ölmez” diýýärler. Dogrudyr. Her kesiň
yrsgyny Alla berýär. Muňa-da şübhe ýok. Ýöne bu
ýagdaýy bilen Kasym nädip aýry öý-öwzar bolsun?
Atalygyň ynjalygyny gaçyrýan meseläň biri, ine, şü!
Muňa Şageldi mugallym:
- Şoň üçinem maýyplyk pensiýasy gerek –
diýdi.
Jähennem, maýyplyk hatynyňam, kömek
puluňam bir zady bolar. Ýöne gelinligi nireden
tapmaly? Ýitigiňi haýsy gapydan gözlejek? Ýitik
diýýäniň nähiliräk bolmaly? Lalmy, kermi, güňmi?
Hany, üýşüp ýatan lal, ker barmy? Ilki bilen, ine, şü
meseläni çözmeli!
Aknur-a hol gün Şemşadyň gepini-gürrüňini
hem ibaly düşündirip bilmeýän sakaw gyzyna sawçy
bolup gitdi-de, yzyny ýel çalmanka kowlup geldi.
Atalyk oňa “gitme” diýip kän aýtdy. “Şolar birhili
diktumşugrak görünýä” diýdi. “Göwnemezler. Entek
howlukma” diýdi. Etmedi. Ynha, indem Mämmet
30
uzynyň ýaşy otuzdan agan garry gyzy Aknur üçin
sawçy gitjek diýip, şaýlanyp otyr. Heý, boljak zatmy
şü? Şü çaka çenli Mämmet uzynyň garry gyzyny
sorap baryp, gurt bolup gaýdan barmy? Ana,
Burkudyň ýoluna aýdylan ýaly, barany kowup,
enesiniň duluny alyp otyr. Sen şir–peleň bolup
barsaňam, gaýdaňda tilkisiň. Pah, wagtynda o
gapydan gaty kän aznawur kişiler ýüzlerini sallap
çykyp gaýdandyr. Hany, şü heleýe düşündir-dä şony.
Düşünip, aňyrsyna geçýär. Görüp–bilip otyr. Şondada “Aý, bir bagtymy synaýyn” diýýär. Bagtyňy synar
ýaly, o nä utuşa goýlan lotoreými? Ýa Mämmet
uzynyň gyzy ertekidäki şa gyzy ýaly äre barjak
ýigidini synagdan geçirýärmi? Synagdan geçmeli
pälwanam Kasymmy? Päheý-de welin!..
Atalyk: “Bi heleý gep ýassygy bolup, ili
güldürýänçä pälinden gaýtmaz. Bir ýüregine
düwdümi, soňuny görmän, düýbüni deşmese,
ynjalmaz. Gitse, gidibersin, hany, göreli welin,
gidişinden gelişi çalt bolaýmasa” diýdi.
Aknur Atalyga hä diýmedi. Üst–başyna
serenjam berip, saçagyny täzeledi. Ýüzüni garaňka
tutup, Mämmet uzynlara garşy ugrady. Tä barjak
ýerine barýança diňe özi eşider ýaly sesde
dodaklaryny müňküldedip, bir zatlar okaşdyrdy.
8.
Mämmet uzynyň gyzy Aknuryň synasynda ýa
akyl–huşunda göze dürtülip duran kem ýeri ýok.
Ýöne mahaly bilen bu gyzyň bagty açylybermedi.
Juwan ýyllary muňa söz aýdyp, atan oky boş geçen
31
ýigitleriň häzir ýapy ýaly ogullary, depe ýaly gyzlary
bar.
Aknura ilki bolup söz aýdan, aýdan badyna-da
it ýaly dalanan Ýagşynyň başga bir gyza öýlenenine
on dört ýyl bolupdyr. Emma bularyň henize çenli
perzendi
ýok.
Ýogsa,
barmadyk
tebipleri,
ýykylmadyk öwülýäleri galmady. Dogtor diýýäniň-ä
baýaky. Netije welin bolmady. Çünki, şu meselede
aýaly däl-de, Ýagşynyň özi bedibagt eken. Köpelip,
köl bolmak nesibesi munuň maňlaýyna ýazylmandyr.
Şol sebäpli täzelikde Ýagşy inileriniň birinden
ogullyk aldy. Elbetde, Aknuram bu zatlary öz
eleginden geçirip otyr. Şol wagt Ýagşa ýyly söz berip,
durmuşa çykan bolsa, bu gün haly niçik bolardy?
Perzentsizlik dagyny çekip, örtenmezmidi? Elbetde,
örtenerdi. Ýagşynyň halyna ýüregi awasa-da,
perzentsizlik derdiniň şol gezek özünden sowlup
geçendigi üçin Aknur şükür edýär.
Aknury aparmaga Çaryýar neresse-de bir hyýal
edipdi. Ol bu gyzyň yşgynda saralyp–solup, üç aý
diwana bolup gezdi. Her tarapyndan baryp gördi.
Bolmady. Ahyrynda Mämmet uzyndan almytyny
alansoň, gaharyna şäherde ýaşaýan daýzasynyň
gyzyna öýlendi. Yzýany hem ulag heläkçiliginden
ýogaldy. Maňlaýyna ömür ýyldyzy ir süýnen
Çaryýaryň ýazylmanlygy üçin hem Aknur şükür
edýär.
Şol haý-haýly wagt, sawçylaryň yzynyň
üzülmeýän döwürleri goňşy obadan Begenç diýen bir
görmegeý oglan Aknur üçin ejesini bassyr üç gezek
gudaçylyga iberdi. Abraýly, döwletli ýerler eken.
Assyrynlyk bilen sorap–idänsoň, Aknur munuňam
32
hokgasyny öňüne oklady. Begenji ýükisaman gördi.
Indi seredip otursa, dogry edipdir, şol birmahalky
Begenç häzir şäherde-de aýal saklaýar eken diýdiler.
Ýitigini Mämmet uzynlardan idäp geleniň,
dogrusy, hetdi bar-da, hasaby ýok. Emma,
gynandyrýan ýeri, olaryň iň bolmanda biriniňem ýitigi
bu ýerde däl eken. Olar gelmeli ýerlerini
ýalňyşypdyrlar. Olaryň gözleýän ýitigi başga-başga
gapylardan çykdy.
Şol kowulanlaryň içinde saçagyny açyp
bolaýjak biri bardy. Ol gaýraky köçedäki Penjiniň
daýzasy bolup çykdy. Mekdebi tamamlaýan uçurlary
Aknur şo daýzanyň Penjilere ýygy-ýygydan keýpine
diýen ýaly gezmäge gelýän ogluna ýüreginiň bir
gizlin künjünden bilniksiz ýer beripdi. Ony her gezek
göreninde ýüzi lap-lap gyzyp, otly köýnek geýerdi.
Özüni ýitirip, erärdi. Aljyraňňy ýagdaýda ajylygy,
süýjüligi düşnüksiz bolan bir gussa sebäpli örtenerdi.
Ol oglanam Aknuryň syrly–syrly bakyşlaryny
jogapsyz goýmady. Haýal etmän, ejesine Mämmet
uzynlaryň öýüni salgy berdi. Ýöne Aknuruň ejesi
“Entek başy ýaş. Okatjak. Işletjek. Häli–häzir gyz
göçürmek niýetimiz ýok” diýip, olary sypaýyçylyk
bilen ugradyp goýberdi. Soň Penjiniň daýzasy gara
bermedi. Oglandanam habar-hatyr bolmady. Aradan
ýoňsuz wagt geçmänkä oglanyň uly okuwlaryň
birinde okap ýörendigini aýtdylar. Şeýdip, Aknury
ýüpsüz kökerip, otdan alyp, suwa salan duýgular
kütelişdi. Ýüreginde dörän şol kiçijik yşk közem öçüp
gitdi. Öçmesine-hä, doly öçenok öýdýän. Sebäbi
Aknur ol oglany käte bir düýşünde görýär. Öz
düýşünde özüni hem görýär. Emma özüni häzirkisi
33
ýaly, terligini ýitirip, az-kem ýygyrt atan hem ýarsan
keşbinde däl-de, şo-ol birmahallarky juwan, sarç,
entek çynlakaý ejir çekmedik, durmuşyň uly
gussalaryna dahyly bolmadyk görnüşinde görýär.
Soňam Aknuruň garamatyny ynanyp bolaýjak
ýigitler tarapyndan eli saçakly gelenler boldy. Ýöne
edil ters doga edilen ýaly, hiç biri başa barmady. Başa
barsa-da, barardy, Aknur olaryň içinden özüni rowa
görer ýaly hiç kimi tapmady. Ejesiniň: “Şular erbet
ýerler däl ýaly. Sorap–idäp göräýeli” diýenlerine hem
näme üçindir kes-kelläm göwnemedi. Wagt
geçdigisaýy ýat myhmanlaryň bu gapyny kakmalary
hem seýrekleşdi. O barmana-da ýüz gapa baryp, ýüz
tapman, kowulanlar gelşip başlady. Olara-ha asylam
ýyly söz berip boljak däl. Kowlan ýeri kän bolsa,
hersiniň bir emmasy bardyr. Emmasy bolmasa,
kowulmazdy.
Baýak, hol günem telpegagan bir şäherli üçin
geldiler. Birem däl, iki geldiler. “Garyndaşlyk
açaýsak” diýşip, oýkanjyraşyp otyrlar. Şuňa Aknur
gaty namys etdi. Kim gelenem bolsa, şu çaka çenli
telpegagan gelmändi. Iň ýaman ýerem, ejesi: “Hany,
özi bilen geňeşip göreli” diýip, bulaşdyryp barýar. Bir
agyz: “Bolanok! Göteriliň!” diýip, çöp döwen ýaly
edäýmeli welin, diýibilmän, ýaýdanyp otyr. Onsoň
Aknuryň özi daş işikde durup, çagyrylmadyk
myhmanlar eşidäýer ýaly sesde: “Utananoklaram. Her
kim öz deňini bilse, ýagşy. Ýa bizi hiç zat bilmeýän
samsyk hasap edýärlermikä? Adam pahyr ölmese, her
zat görjek ekeni. Daş edewersin!” diýip hüňürdäberdi.
Şondan soň olaram ýakalaryna tüýkürişip, derrew
34
ýeňselerini el ýaly etdiler. Muňa-da Aknuruň ejesiniň
girre gahary geldi.
- Sen, gyz, öz çeniňi bil! Ýaşyňdan habar al,
ýaşyňdan! Haýsy–haçana çenli beýdip, ejeň duluny
alyp oturjak? Töweregiňe seret, utan, aýp et! Bolman,
indiden soň seni hanyň boýy ýeten boý ogly üçin
idärler öýdýäňmi?.. Eşitdim, eşitmedim diýme, şu
günden şeýläk heleý üstüne aljak diýip gelselerem,
ýok diýmen. Pikir etme, edil ýöne daşyňy dolaga-da,
bukjaňy eliňe berip goýberäýerin. Bolan bolşuny, gyz,
müň. Be-e, bolmaz-a – diýdi.
Diýende näme? Diýse, diýibersin. Aknur
ejesine belet. Oňky kiçi dilden bärde. Boş haýbat.
Özüni şunça arkaýynlyga saljak bolsa-da, şol gezek
Aknuruňky bolmady. Kejebesi daraldy. Ünjüsi artdy.
Ol özüniň alyslarda galan ýaşlygyny ýatlady. Bigam
ötürilen şo-ol juwan ýyllaryna dolanasy geldi. Şol
haýp geçen ýyllary täzeden ýaşasy geldi. Özüne
hyrydar göz bilen bakan ýigitleri ýaňadan synap,
sawçylyga gelenleri ýene bir gezek diňläsi geldi.
Geçmişe dolanmak islegi ýönekeý bir höwes. Gury
ham-hyýal. Oňlulygy wada bermeýän syrly gelejegiň
nämälim gorkusy çig süýt emen adama öten günlerini
küýsedýär.
Aknuryň agysy tutdy.
9.
Esen işanyň dogasy Şemşadyň gyzy
Gyzylgüliň bagtynyň açylmagyna sebäp bolup
bilermi? Kümüşiň aýdyşy ýaly, bu gyzyň
35
peltekliginiň, sakawlygynyň emi işan aganyň
dogasynda bolmasyn? Şeýlemikä?
Esen işanyň güýjüne bolan ynamy Şemşadyň
ýaýdanjyny zym-zyýat etdi. Göze görnen gyzynyň
indiden soň diliniň düzeljegine müňkür gitse-de, onuň
bagtynyň açylyp, döwletli bir hojalygyň keýwanysy
bolup biljekdigine degerli şübhe tapmady. Işan aga
sähel ýardam etse bolýar. Galanyny Şemşadyň özi
alyp çykar. Gyzylgüliň, tüweleme, Aýdan ary,
Günden dury görki bar. Nury meşigiň üstünden
gyzgyn ýag dökülip, ýüzi-gözi bütin endamy bilen
alabeder bolup ýanan yşnaksyz yşaratyna-da är
tapyldy. Wah, adamyň owalebetinde iki barmak
maňlaýy işlesin!
Şemşat indi oturyp hasap edip görýär welin,
asyl garyndaşlyk açmak üçin bu gapyny kakanlaryň
içinde saýlap–seçer ýaly sawçy bolmasa nätjek?! Äri
Amanýazyň-a göwni bir ýaly. Ýetişen gyzynyň
aladasyny etmelidir öýdenok. Gaýtam:
- Heleýleň işine goşulyp bilmen. Goşulsam,
ýene men günäkär bolaryn – diýip, ters gürrüň tapýar.
Onuňky düşnükli, şu meselede ähli zady Şemşadyň
boýnuna goýup, özi gyrada galjak bolýar. Şemşadyň:
- Men-ä Esen işana ýykyljak. Şondan haýyr
tapýan kän. Allajan, belki, şu albassyň maňlaýy
açylyp, bagty işlese, işan aga bir halat ýapjak - diýen
gürrüňinem ýaňsa aldy.
- Asyl Esen işanyň adyny iki gün bäri aýdym
edindiň diýýän welin, şular ýaly bir belaň bar ekeni.
Menden maslahat soraýan bolsaň-a, eň şu wagt!
Eglenme! Halat ýapjagyňy dagyn biläýse, işan agaň
36
özem sawçy ugradar. Sawçyň yzy sabamasa, senem
öýderäk bolaýsaň gerek...
Ine, mundan eşidýän jogabyň!
Esen işana maňlaýyny diremese, indi
Şemşadyň ynjalygy bolmaz. Amanýazam näme diýse,
şony diýsin! “Biziň söwdügimiz-ä ötmän oturan
gyzymyzyň maňlaýynyň açylmagy üçin Esen işandan
doga–tumar almaga gitdi. Indi hemme zat emele
ýatdy” diýip, onda–munda samsyklap, ýaňramsa
bolýar. Amanýaz diýlen adam il ýaly, aýbyny
ýaşyryp, abraýyny artdyrmany hem oňaranok.
Şemşat Esen işanlara diýip gitdi. Ir bilen
çykyşyna heleý öýlesi bolanda ökjesi ýeňläp, dylym–
dylym edip, dolanyp geldi.
10.
Asmandan indimi, ýerden çykdymy, nireden
nädip peýda bolany belli däl, bir gara
“Ýüzükýitireniň” çola oýunda dünýäni unudyp, ot
ýygyp oturan Kasymyň üstüne abandy-da, sen–men
ýok, ebşitläp ýakasyndan tutup, ýokary galdyrdy.
Galdyryşy ýalam:
- E-eý, saňa diýýän, kerruh! – diýip,
ýürekýargynç gaty sesi bilen gygyrdy.
Kasym dikelip, garap görse, ine, Mämmet
uzynyň uly ogly Çerkez haşlap, agzyndan ak köpük
saçyp dur.
- O nä eşitmedik bolýaň?
37
- Nämäni? Eşitýän. Eşitýän-ä – diýip, Kasym
aljyrady.
Çerkez tüýküligini syçradyp dübledi.
- Onda nämüçin men ýaňy gygyran wagtym hä
bermediň?
- Görmändirin. Ot ýygyp otyrdym.
- Indi görýäňmi?
- Hawa.
Çerkez Kasymyň ýakasyny goýberdi. Bir ädim
gaýra çekilip, onuň elindäki orakdan ätiýaç edýän
ýaly:
- Oragyňy taşla! Taşla diýýän oragyňy – diýip
gygyrdy.
Kasym oragyny taşlansoň, Çerkez daş–
töweregine ýalt–ýult garanjaklap, biraz pessaý ses
bilen:
- Ejeňi kim iberdi bize? – diýdi.
Bu sözler Kasymyň gulagyna “Ejeň iberdimi bi
ýere” diýip eşdildi.
- Hawa, ejem iberdi... Ýok, özüm geldim.
Mallara ot ýygýan – diýip, özüçe jogap berdi.
Çerkez gahardan ýaňa sandyrap:
- E-eý, kerruhlyga salan bolma! Ejeňi bize sen
iberdiňmi diýýän, jogap ber – diýdi.
Ejesiniň Mämmet uzynyň gyzy Aknur üçin
sözaýdyjy bolup gideninden bihabar bolanlygy üçin
Kasym:
- Ýo-o, men-ä bilemok – diýdi.
- Onda kim iberdi?
- Ä?
- Onda kim iberdi?
- Bilemok.
38
- O nähili bileňok? Eý, kerruh, boýnuňa al, özüň
ugratdyňmy?
- Ýok, ýok, men-ä ota gaýtdym.
Muňa Çerkez bolmajysy boldy. Alaçsyz adamyň
sypatyna girip, sag eliniň ýumrugyny çep eliniň
aýasyna urup durşuna janyýangynly gürledi.
- Eý, sähne, kerruh, samsyklyga salyp,
düşünmediksirän bolma. Şu gün diýemok men. Öňki
agşam ejeňi bize sen ugratdyňmy?
Kasym gürrüňiň näme barada barýanlygyna teý
akyl ýetirip bilmänsoň, anyklamak üçin:
- Nämüçin? – diýip gorkuly sorady.
Çerkez düwülgi ýumrugyny gezäp, dişlerini
gyjyrdadyp, haýbat atdy.
- Aýdaýynmy nämüçinligini? Bilesiň gelýämi?
Bilesi gelýänem bolsa, Kasym gypynç etdi.
“Hawa” diýmäge dili barmady. Ýaýdandy. Çerkeziň
gylygy geň däl.
- Häzir burnuňy nas ýaly edip, gözüň aşagyny
gögerdip goýbereýin, onsoň ejeň aýdar sebäbini. Ýa
özüm aýdyp bereýinmi? – diýip, Çerkez süründi.
Kasym ýenjiläýmeginden heder edip, yza
çekildi.
- Häzir git-de, ejeňe aýt, kime tokunýanyňy bil
diý, ýogsam, almytyňy alarsyň diý. Çerkez aýtdy diý.
Düşündirip aýdyp bilermiň şu zatlary?
Kasym hawa diýen manyda baş atdy.
- Ejeň bize ýene bir gezek baraýsa, menden
eýgilige garaşmasyn, düşdüňmi? Aýt, şeý diý-de!
Çerkez tüýkürip, sögünip gitdi.
39
Kasym şunça pikir etse-de, hiç zada
düşünmedi. Çaky, ejesi Çerkezlere barypdyr. Barmak
bolanokmyka?
Eýsem-de bolsa, Mämmet uzynyň gyzy Aknur
üçin gudaçylyga barylmagy Kasymyň akylyna sygjak
zat däldi.
11.
Kasymyň ejesi Aknur Mämmet uzynlardan
dolanyp gelensoň, iki günläp lapykeç halda ýüzüni
sallap, sust gezdi. Çaý-suw bilenem kän bir ugry
bolmady. Hesrete ýugrulan oý-pikirleriň astynda
ýegşerilip ýörşüne ahyry baryp, Atalygyň ýanynda
ýaryldy. Zol–zol uludan demini alyp oturyşyna:
- Gyrandegen, baran ýerimizden it ýaly
ýüzümizi aldyryp, kowulmak maňlaýmyzda barmyka?
– diýip, janyýangynly zeýrendi.
Atalygyň aýalyna ýüregi awady. Göwünlik
bermek üçin:
- Hiç kimem bir baran ýerinden goparyp
gaýdýan däldir. Il deňinde ogluň aýagyny deňlejek
bolsaň, entek kän köwüş tozdurmaly borsuň. Şuňa
kaýyl bol! – diýdi.
- Janym ýanýar. Özümçe bar–ýok galyň heleý
hondanbärsi bolup, dilimiň gysga ýerinden tutýarlar.
Kerligi diläp alan bolsak, käşgä.
- Ine, görersiň, biziňem nesibämize bir maşgala
garaşyp oturandyr “ynha, gelerler” diýip. Şoň
üstünden barýançaň entek telim gezek tilki bolarsyň.
Nätjek-dä?!
40
Aknur kowulmaly gapylaryny, tozdurmaly
köwüşlerini tilki bolmaly günlerini çen bilen göz
öňüne getirip gördi gerek, öwhüldäp, iki egninden
dem aldy. Soň dem salym demini alman oturdy-da:
- Näbileýin-dä. Kyn günde galan-a bolduk özi.
Alla abraý bersin hernä! – diýdi.
- A sen beýdip, urlup–çapylyp, öňýeteniň
işiginden ätläp ýörme. Sorap, idäp, ýitigiň çykaýjak
ýerine bar.
- Meselem? – diýip, Aknur gyzyklandy.
Atalyk ýaýdandy. Gümp–samp etdi:
- Be-eý, kimlere bar diýsemkäm?!. Äý,
pylanylara bar diýer ýaly mende belli–külli bir neme
ýok. Göz öňünde tutýanym ýok.
- Mende bar welin – diýip, Aknur gorka aýtdy.
- Göz öňünde tutýanyňmy?
- Hawa.
- Bäh, kim-aý ol? – Atalyk gyzykdyrdy-da,
aýalyndan anyk jogaba garaşdy.
Aknur ýöwselledi.
- Gaty bir oňlarsyň öýdemok-da.
- Oňlap–oňlamaz ýaly meň näme nemäm bar
bu ýerde?
Esasy zat, sen göwneseň bolýa.
- Batyr jellaplara baryp göräýmeli diýjek
bolýan. Ärinden aýrylyp gelen gyzlary bar.
Bu sözleriň niçiksi täsir döredendigini görmek
üçin Aknur assyrynlyk bilen ärine seretdi.
Atalygyň
ýüzünde–gözünde
häzirlikçe
bilesigelijilikden
gaýry
alamat
görmänsoň,
howlukmaç gürledi:
41
- Kasym jan bilen gözlije ýaşyt bolmaly. Bir
klasda bileje okandyrlar.
- Muny saňa biri salgy berdimi ýa öz kelläňe
geldimi?
- Hiç kimem salgy berenok. Öňdenem bar
kellämde şü pikir. Hä, näme?
- Aý, hiç... Onsoň ol ärinden nä sebäbe görä
aýrylyp geldikä? – diýip, Atalyk Aknura gaty kyn
sowal berdi.
- Bilmedim-dä.
- Ilki bilen şony bilmeli.
- Ilki bilen şolar razy bolarmy, bolmzmy, ana,
şony bilmeli.
Aýalynyň bu pikiri bilen Atalyk ylalaşmady.
Asuda düşündirmäge synanyşdy.
- Ony nädip biljek? Baryp, habaryňy aýtmasaň,
bilip bilmersiň-ä. Ýöne entek barmankaň, habaryňy
bermänkäň
şo
gyz
bize
boljakdanmy,
bolmajakdanmy, şoň bellisini et!
- Belki, razylyk beräýediler-dä. Erbet ýerler-ä
däl – diýip, Aknur öz pikirni dowam etdi.
- Erbet ýerler diýýän ýok. Meň diýýänim, eger
göwnüň şolarda bolsa, başyny şo gyzyň nämüçin
aýrylyşanlygyndan başla. Seň o diýýäniň başy
bogulmadyk gyz däl-ä. Öňem bir ýabyň suwuny içen.
Düşýäňmi?.. Düşýän bolsaň, özi gaýdypmy, ýa
kowulypmy? Haýsy bolanda-da sebäbini bil!
Aknur gözüni bir nokada dikip, sähel salym
oýa çümüp otyrdy-da, ärine ugrybir üç sowal berdi:
- Nämüçin aýrylyşandyr öýdýäň? Kim bilýäkä?
Nädip bilip bolar?
42
- Aý, ony özüň biläýmeseň, men-ä bilmedim.
Şular ýaly zada heleýler ökde bolýar.
- Hawa – diýip, Aknur ylalaşdy. Soň sözüniň
üstüni ýetirdi. – Hemme heleýiň gürrüňine ynanybam
bolanok. Peşeden pil ýasaýan bar, toslap, çişirip...
Öz gezeginde Atalyk hem biraz pikire çümüp
oturansoň, howatyrly gürledi:
- Onsoň diýýän-ä, birden bi guda bolaga-da,
beýlämize geçirsek, iliň gep–gürrüňem-ä bardyr.
Öýlenmedik boý oglana ärinden aýrylyp geleni alyp
berseň, il-gün näme diýerkä? Men-ä, how, şoň
yzyndan boljak gybatyndanam ýaýdanýan.
- Ýaýdanmasyna menem ýaýdanýan welin, ýa
birhili bolaýarmyka?
- Aý, ýok-la, hiç hilem bolmaz.
- Ýa goýbolsun edelimi?
Atalyk “Men-ä bilmedim-aý” diýýän terzde
aýalyna seretdi. Şonda ol Aknurda çözmesi kyn
meseläniň öňünde durup, gözýaş döküp, aglaýmasa,
dagy başga alajy bolmadyk ejiz adamyň keşbini gördi.
Aýalynyň şular ýaly naýynjar hem ýürekparalaýjy
keşbini ömründe ilkinji gezek görýänligi sebäpli
kalbynyň iň bir çuň ýerinde ejir çekdi. Özüni gollary
gandally bendi saýdy. “Adamy, ine, şular ýaly zatlar
garradýar. Ölmän gezip ýörse, garramajak ýokdur-la
welin, wagtyndan öň garramagyňa sebäp bolýar.
Kesel goýýanam şu zatlar” diýip pikir etdi. Anyk
jogap berip, nädibem bolsa, Aknuryň göwnüni
götermelidigine akly kesdi. Ony başarmaýanlygyna
gahary geldi. Şeýle ýagdaýlar ýüz beren halaty näme
etmelidigi barada bireýýämler pikir edip, çözgüt tapyp
goýmanlygy üçin özüni kötekledi. Gaharly oýlaryň
43
hem kejikdiriji duýgularyň ezýet berýän şeýle
pursatlarynyň birinde Şeýtanmy-kimmi, bir-ä: “A sen
öz ogluňdanam bir habar al-a!” diýip, gulagy agyr
ogly Kasymy Atalygyň ýadyna saldy. Aý, ýok,
Şeýtan-a däldir. Melgun gudaçylyk ýaly haýyrly işe
goşant etmez, diňe al salar. Şu ynanç içden gelen şol
sözleri bolşy ýaly daşyndan gaýtalamaga Atalyga
itergi berdi.
- A sen öz ogluňdanam bir habar al-a! Ilem,
näme, diýer, goýar-da. Il diýeniň halta däl, agzyny
bogup, ýapar ýaly.
- Wah, muň ýagdaýy şu zeýilli bolansoň,
menem islän gapymy kakyp bilemok – diýip, Aknur
ogly Kasymy göz öňünde tutup aýtdy.
- Ýagdaýy şu zeýilli diýip, busup otursaňam-a
bolmaz.
Aknur halys ugruny ýitiren adamyň äheňinde:
- Onda men näme etsemkäm? – diýip sorady.
- Ilki sorap–ide? Ýuwaşlyk bilen anygyna ýet.
Nämüçin aýrylyşanyny bir bileli. Kim bilýär...
Atalygyň “Kim bilýär, bir bolmasy zat edip,
kowulan bolmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, olaňam
işigini kakyp oturasy iş ýok. Ýitigiňi başga ýerden
gözle” diýesi geldi. Diýmedi. Dymdy.
Aknuram dymdy. Ikisem şol bir wagtda
kellesinde dörän sowallara özüçe jogap agtarmaga
başlady.
12.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gylsyrat - 3
  • Parts
  • Gylsyrat - 1
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2193
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 2
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2113
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 2111
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 4
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2211
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 5
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2172
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 6
    Total number of words is 1166
    Total number of unique words is 790
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    59.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.