Latin

Gylsyrat - 3

Total number of words is 3846
Total number of unique words is 2111
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şemşat syýrgynyň aýagujyna ýetip gaýtjak
diýip, ak öýlänler öýden çykyşyna gyzar ikindinler
44
dolanyp geldi. Boş gelmedi. Gep–gürrüňden mazaly
ýüküni tutup geldi.
Äri Amanýaz ony ýasama kinaýa bilen garşy
aldy:
- Geldiňm-ow, söwdügim! Şu wagt bizem
çagalar bilen maslahatlaşyp, plan biçip otyrdyk.
Şunça gelmedik bolsaň, seni idäp, herimiz bir
gapydan çykmalydyk. Oňat, bu gezeg-ä çagalary
heläk edip ýörmän, özüň geläýdiň... Wah-eý, çaýyň-a
soňuna galypsyň.
Şemşat äriniň çat maňlaýyna geçip oturdy-da,
öňem telim gezek eşiden kinaýaly sözlerine pisindem
etmän:
- Ýok, çaý bolanda-da, içjek däl. Çaýdan julk
boldum – diýdi.
- Hany, onda aýdyp otur. “Giden getirer, oturan
nyrh sorar” diýýä. Iýen-içeniň özüňki, gören
eşideniňden habar ber! – diýip, Amanýaz nakyla
meňzeş birgiden zat sanaşdyrdy.
Şemşat äriniň ýassygyny tirseginiň aşagyna
çekdi-de, ýanyn süýnüp ýatan ýerinden:
- Mundan çykyşyma ilki bilen Tyllaň ýanyna
sowuldym – diýdi.
- Ýeri, bakaly, onsoň? – diýip, Amanýaz gop
berdi.
- Birki günlükde Tylla bir şakäsäni dolduryp,
ýertudana dadyrdy. Menem gabyny boş gaýtarmaýyn
diýip, birazajyk çekize dadyrdym. Görgüli süýt–
gatygy satyn alyp iýensoň, öler aşy çekize. Ondan
çykybam Abadanyň ýanyna bardym. Gelni ýeňläpdir.
“Ýaşy uzyn bolsun!” diýdim.
45
- Tüweleme! Şol turşy almadan agzy bimaza
bolup ýören gelinmi? – diýip, Amanýaz ýadyna saldy.
- Hawa, ed-dil özi. Gyz bäbejigi bolupdyr...
Abadanyňam ýanyndan wagty bilen gopup bolanok.
Duranja bir gepiň öýi. Eltisiniň üstünden düşüp,
mahaly bilen goýbermedi. Biri bir zat gürrüň berip
otyrka, soňuna çenli diňlemän, turup gaýdybam
bolanok. Äý, mugt gürrüň-le diýip, häsini berip
otyryn.
- Haýsy eltisi? – diýip, Amanýaz gyzyklandy.
- Jumaň darsdabanyna diýýä. Soňky döwür şoň
bilen oňuşanok. Ikisi edil bir göz iýen ýaly. Ýammat
bilen Juma näme üstünde tersleşendir öýdýäň?
- Heleý dawasy üçindir – diýip, Amanýaz çak
urdy.
Şemşat başyny atyp, tassyklady.
- Hawa, bildiň – diýdi.
- Aýdýan-a, bi heleýlermi?!. Amerika bilen
orsy sögüşdirenem heleý diýýäler.
- Yzyny diňle! Abadanyň ýanyndan turubam
bärligine, öýe gaýtdym welin, Ogulkeýik otyr eken
işiginde. Görübem, sowulman geçseň, o-da birhili,
yzyňdan hoňňul–hoňňul edip, müň gepiň başyna
ýetjek.
- “Şu wagt ýaman gyssag. Soň bir gün ýörite
geläýerin” diýmek seňem ýadyňa düşen däldir –
diýip, Amanýaz ýaňsylady. Şemşat bu ýaňsa ýa-ha
düşünmedi, ýa-da onçakly pitiwa bermedi, yzyny
dowam etdi.
- Ogulkeýik oturan ýerinde dünýeden habarly,
gyz. Bilmeýän zady ýok. Batyr jellabyň gyzynyň äre
gaçanynam şol aýtdy.
46
- Aý, goýsana-how!
- Men goýdum onda, sen aýdaý bilýän bolsaň!
– diýip, Şemşat gaharlanjak boldy.
Amanýaz şo bada äheňini üýtgetdi.
- Eşidemok, habarym ýok, bilemok.
- Bilmeýän bolsaň, bilýän otyr ýanyňda.
- Ýeri, bakaly! Haýsy gyzy gaçypdyr diýdiň?
- Uly gyzy. Näzigi.
- Sen-ä, how, halys öte eşidip, öý ýykyp
ýörenlerden bolupsyň. Batyr jellap uly gyzyny öten
ýyl çykardy. Gelnanjysyny keseklemänsiň öýdýän.
Ýogsam-a, bilmeli sen.
- Bilýän. Beterem bilýän. Gelnanjysyny
keseklänimem
bilýän.
Bagşysam
uruldy.
Çagyrjysyna-da gitdim. Ho-ol eşekli oba.
Şemşat äriniň ýüzünden “Düşünmedim”
manyny okap, ugrybir jogap berdi.
- Düşünmersiň sen. Bilýän zadyň ýok. Batyr
jellabyň o gyzy äre çykansoň, bäş aý bolmanka
aýrylyşyp geldi. Enesiniň dulunda biraz oturybam,
ana, güw-w gidipdir.
- Bäh, dogrudanam gaçypmy? Haçan? – diýip,
Amanýaz çyny bilen gyzyklandy.
- Dek öten agşam!
Amanýaz aýýallara mahsus gylyk bilen:
- Toba, toba! Daş edewersin! – diýdi.
- Alla sowsun! Geň-taň göremzok – diýip,
Şemşadam şu wagt ýadyna düşen ýaly ýakasyna
tüýkürdi.
- Öň diňe gyzlar gaçýamyka diýerdik. Indi
aýrylyşyp gelenlerem gaçyp ugradymy? Ölmeseň, her
hili wejeralyk eşidiljek. Şu gidişine gidip otursa, ärli
47
heleýlerem gaçyp başlarmyka öýdýän men-ä. Iň
gorkunç millet – uzyn etekliler. Bulardan
gorkmadygyň imany ýokdur.
Ozal kän eşidip, öwrenşikli bolansoň, Şemşat
äriniň bu gürrüňlerine ähmiýet bermedi.
- Batyr jellabyň şo gyzy öňem idili gezenok
eken – diýip dowam etdi. – Saman astyndan suw
goýberip ýörensoň, öň bilinmän, ynha indi aýan
boldy. Tüýs “Ýere bakandan ýer gorkar” diýilýäni.
Entek gyz mahaly şäherde başga biri bilen arasy bar
eken. Ana, şoňa gaçyp barypdyr. Deň–duşam dälmiş.
Öňem heleýli–zatly, pylança çagasy bar diýdiler.
Batyr jellabyň albassy gyzy indi şoň ikinji heleýi
bolup ýaşamaly. Aslynda başdaş äri bilenem şo
şäherli meýit aýrylyşdyrypdyr.
- Sen, how, pylan – pismidan diýýäň welin,
magadyna ýetmän, günä göterýän bolaýma!
- Günäsini it götersin! Men Ogulkeýikden
eşidenimi aýdýan. Ogulkeýige-de Batyr jellabyň
heleýiniň özi aýdypdyr. “Aýrylyşyp gelenine
nätjegimi bilmän otyrkam, ýüzüme gara çekip, gaçyp
gitdi” diýip aglapdyr.
- Onda Ogulkeýik özünden toslap tapýandyr.
Häli görseň, gaçanam däldir, özleri berip goýberendir
– diýip, Amanýaz müňkür gitdi.
Şemşat ärine şübheli garap:
- Sen näbilýäň? – diýdi.
- Aý, ol düşnükli zat. Iňňeden iner ýasamak
heleýleň häsiýeti.
- Onçasyny, ynha, men ertir ir bilejik
Aýnabatdan sorap bilerin. Şol edil şänik döwen ýaly
edip berer.
48
Onsoň Amanýaz başga diýere gep tapman:
- Şeýtde, öň etegiňi dişläp, etek alty, ýeň ýedi
ylga-da ýör nirede näme gep–gürrüň barka diýip. Bir
gün-ä uçugyňy alarsyň öz-ä – diýip hüňürdedi.
- Kim? Menmi gep gözleýän? Menmi uçugyny
aljak? Ol-a sen heleý ýaly gep gözläp ýören.
Heleýdenem ozduran sen gep gezdirmekde. Meň
ýaňky aýdanlarymam ertit uly ile ýaýradarsyň.
Heleýçe-de ýok sen – diýip, Şemşat ýatan ýerinden
dik–dik galyberdi.
Amanýaz mundan ätiýaç etdi-de:
- Bolýa, how, seňki dogry, meňki ýalňyş. Ýat,
kelläňi galdyrma – diýip, soňuny gümp–samp etdi.
Şemşat welin wagty bilen tüketmedi.
- Ýalanmy, eýse? Heleý ýaly gep gezdirip,
meni Bessir bilen sögüşdirenem-ä sen. Döndiň
ýanynda dilimi kelte edeniňem bardyr. Kümüşiň
ärsumagy Gurbanam soňky döwür salamyny haňk–
huňk berýär. Şonam senden görýän... Senjagazmy?...
Entegem seni men saklap ýörün kimligiňi, nämeligiňi
ile-güne bildirmän. Şasenem ýaly ataýry duşan bolsa,
boýnuň torbaly gedaý gezerdiň. Bilseň, şu hojalygyň
yrsgaly, döwleti mendedir.
Ahyry Amanýaz kädisini tyrkyldadyp, nas atdy-da,
çykyp gitdi.
Batyr Jellabyň gyzy Näzigiň äre gaçyp gidenligi
baradaky habary Kasymyň ejesi Aknur ertesi ir bilen
Gülleden eşitdi. Gülle-de äri Şadyýandan eşidipdir.
Şadyýana bolsa, düýn gijara işden gaýdyp gelýärkä
Amanýaz aýdan eken.
49
13.
Mämmet uzynyň gyzy Aknur özüni heläkläpdir.
“Uksus içipdir” diýerdiler. Uksus diýýänleri sirke
bolmaly. Sebäbi barada hiç kim dil ýarmady. Her kim
öz ýanyndan çak urdy.
Gün ýaşar uçurlary käte çalaja iňňildeýän Aknuryň
mejalsyz göwresini emaý bilen göterip, ýeňil ulaga
ýüklediler. “Çykmadyk janda umyt bar”. Şol umydy
söýget edinip, gyssanmaç keselhana gitdiler. Kän
salym geçmänkä-de, ses edişip, gaýdyp geldiler.
Aknuryň jansyz jesedini düýpki otaga geçirip
ýatyrdylar. Ýakyn–alysdaky hossarlaryna habar
ugratdylar. Goňşy–golamlar ýarygijä çenli merhumy
soňky ýoluna ugratmagyň aladasy bilen boldular.
Ertesi Aknury jaýladylar. Onuň hiç kime rowa
görmedik tenini gara guma gardylar. Uzak–uzak
ýyllar daşdadygy–ýakyndadygy näbelli bolan bagtyna
garaşan, garaşyp–garaşyp garran, belki-de, tanaman,
bilmän, öz bagtyndan özi ýüz öwren, ynha, indem,
bagtyň giçden soňam gelip biljekdigine ynam etmän,
çaky, ýadap, lejigip, ýalan dünýäň ähli mähnetinden
hem mährinden geçen, şirin janyna gyýan bir ykbaly
bir tümmek mazara öwürdiler.
Aknuryň ömür pelsepesine hiç kim düşünmedi. Ol
bu ýagty jahanda özüne taý tapmady. Özüne taý tapyp
bilmedik janyna jaý tapyp bilermi?
Egil beýleki adamlar ýaly, Aknuryňam gursagynda
uç–gyraksyz, biserhet arzuwlar bardy. Olar Aknuryň
ömrüni bezemelidi. Ömrüň manysy bezege öwrülmeli
şol arzuwlardan başlanýar. Aknuryňky ýaly
50
arzuwlaryň amala aşan halaty döwran sürmegiň
nobaty gelýär. Ömür sürmek başga zat. Ömür sürmek
üçin olar ýaly arzuwyň geregi ýok.
Aknuryňky gury hyýala meňzänokdy, bitmejek
bolsady däldi, biraz umyt çaýylan ýönekeý
arzuwlardy.
Köplenç şeýle bolýar: adamyň derdine we ömür
owazyna onuň teni sowan güni düşünjek bolýarlar.
Ýüzlerini sallaşyp, ýegşerilip, gonamçylykdan
gaýdyp gelýän gölegçileriň serini biri–birine
meňzemeýän dürli–dürli oý–pikirler gaplap alypdy.
Olaryň arasynda Aknuryň arzuwlaryna düşünjek
bolýanlaram bardy.
14.
Şemşat gyzy Gyzylgülüň ýanynda, meger,
ömründe birinji gezek çynlakaý gürrüň etdi.
– Gyýw, albassy! Men seni näme edeýin? Kime
bereýin? Sawçyň sabamanka şony aýt maňa! Seni
deňli–derejeli edip, adam çykýan ýere ýerlejek bolup,
şo-ol geleni gaýtardym oturdym. Indi halys başym
çaşdy.
Şemşat gyzyndan jogaba garaşdy. Gyzylgülden
ses–seda çykmady. Eýsem-de bolsa, ol näme diýsin?
“Pylanylara beräýiň” diýsinmi? Diýaýeniňde şo
pylanylar eli saçakly işigiňi kakjak bolup durmy?
“Aý, ýok, munuň ýyly söz alşyp, ümmüldeşýäni–
hä bardyr öýdemok” diýip Şemşat pikir etdi.
- Lal açmadyk bolsaň, diý, gyz, bir zat.
Gyzylgül ejesine soragly nazar bilen bakyp,
dymdy.
51
- Kimiň saçagyny açmaly diýjek bolýan.
Gyzylgül bilemok diýen terzde iki egnini
gysdy.
- Her hili adam gelýä, gyz. Içinde dokuzy
düzüwi ýok. Kowsaň, kowup oturmaly. Saňa gowusy
bolsun diýip, men-ä ugur–utgamy ýitirdim. Hany,
senem bir diňläp göreýin.
Gyzylgül bu gezegem geplemedi.
Şemşat gyzynyň mysapyr garaýyşyndan
“Siziň saýlanyňyz bolar. Özüňiz gowy bilýänsiňiz”
diýen manyny okady. Şondan soň Şemşat: “Onda
men-ä Atalygyň heleýine gelibersinler diýjek. Seni
Kasym üçin soraýarlar. Gulagy agyr diýäýmeseň,
erbed-ä däl diýdiler. Özlerem adam çykýan ýerler.
Bolýamy şol? Näme diýjek?” diýip sorasy geldi.
Ýöne ejap etdi. Onsoň janyny barlamak üçin:
- Ker-kör üçinem idäp durlar. Ýaşygaýdan
üçinem gelýärler. Her haýsysy bar – diýdi.
Gyzylgül gara ýer ýaly dymyp otyrdy.
Şemşat onuň gözlerinde pespällik bilen kysmata
kaýyllykdan gaýry zat görmedi. Gyzyna ýüregi
awady.
Batyr jellabyň gyzy Näzigiň arden turup
gaýdyp, başga birine gaçyp gitmesi Şemşada sapak
boldumyka? Ýa Aknuryň özüni heläklemesinden
elheder aldymyka?
Belki, Esen işan güýç görkezýändir?
SOŇY .
Mart, 2010. Mary.
52
HAM-HYÝAL
Hekaýa
Allaň özi abraý berewersin, Bazar ýeke-hä ýatypýatyp, bir sarydiş aýaly duluna geçirmek barada hamhyýala münendir!
Nurgylyjyň “Dul halky gaty oýnatgy bolar eken.
Başy boş heleý hakda näme gürrüň etseň, güp
ynanýar” diýenini ol eşitmedi öýdýän. Ýa eşidibem
eşitmezlige saldymyka? Aý, ýok, eşiden däldir.
Eşiden bolsa, hökman yzyna dolanardy. Nurgylyjyň
dagy-duwara şular ýaly samsyk oýun etmezligi üçin
içikdiriji sözleri suňşurardy. Iň bolmanda ýaşy
altmyşdan geçen adamy oýnamagyň utançdygy,
öziniň her bir aýdylan gepe ynanyp ýören oýnatgy
däldigi barada, garaz, bir zatlar diýerdi. Eger muňa-da
bogny ysmasa, onda öýke-kine ederdi. Ýok, Bazar
ýeke öýke-kine etmedi. Gaýtam, öz ýanyndan
Nurgylyja alkyş okady, ony tapbiler, aladaçyl oglan
hasap etdi, özüne ýakyn hossar saýdy.
Garaňky gatlyşansoň, ol janyny gul-gula salýan
meseläniň ilki-hä anygyna ýetmek üçin, soňundanam,
eger ugruna bolsa, çynyrgatmak niýeti bilen Artyk
Garanyň ýanyna bardy. Barsa, Artyk Gara çiň-arkan
düşüp ýatyşyna Gurhandan aýatmy, süremi, gaýtalap
okap, dilini ýençýär eken.
Bazar ýeke:
- Pah, pah, tüweleme, tüweleme! - diýip,
özüniň gelendigini duýdurdy. Onsoň gysgajyk salam-
53
helik alyşdylar. Öý eýesi myhmana oturara ýer
görkezensoň:
- Ýekäm, işdäň bolsa, çekinme, nahar getirsinler,
mürähed-ä däl -diýip, mürähet etdi.
- Bereket bersin, şepe, men naharly, ýaňja iýdim diýip, Bazar ýeke-de öz gezeginde ýalan sypaýçylyk
bilen jogap gaýtardy.
- Şeýlemi? Seret ýagdaýyňa, soraýa diýme ...
-Diýmen, diýmen.
- Nememi, ýekäm, senem gara içýäňmi?
- Men çaý dannamok, şepe, gök, gara, parhy ýok.
- Al, onda, ine, gara çaý şü. Oňat demini alan
bolmaly – diýip, Artyk Gara demlenip, basyrylyp
goýlan, çärýeklik diýilýän kiçijik çäýnegi myhmanyň
öňüne süýşürdi. - Sen maňa seretme-de, içiber. Gün
ýaşansoň çaý bilen kän bir ugrum ýok..
- Böwrek heläk edýämi?
- Bo-ow, gaty heläk etýä. Ind-ä mekge gulpagam
peýda edenok.
- Böwregini kesdirip ýörenem-ä bar. Peýda eder
öýtseň, senem kesdirip goýbärler. Baýak Hojagulyň
heleýi bir böwregini kesdiripdir diýdiler. Nepi
degendir, girip-çykyb-a ýör.
- Ih! - edip, Hojagulyň ady agzalandan Artyk Gara
dikeldi. - Hol arada ýüzüni garaňka tutup, Hojaguly
geldi. Gelip, oýkanjyrap otyr. “Beh, bu näme, haw,
azaşyp dagy düşdümikä? Mundan öň tapýan gapysy
däl bu. Halymy soramaga gelmedig-ä belli” diýip
otyryn. Oturyp-oturyp, iň soňunda näme diýendir
öýdýäň?
- Ýeri, näme diýdi?
54
- Namaz öwredäýseň diýýä. Baý-bo-ow, senmi
namaz okajak diýdim.
- Be, be, şü Hojagulymy? - diýip, Bazar ýeke
çyny bilen geň galdy.
- Hakyt şü Hojaguly.
- Ýa-heý, walla, oň sypaty namaz okajaga
meňzänog-a.
- Menem diýdim şony. ”Bi göwräň, bi garnyň bilen
nädip eglip-galjak” diýdim. ”Oýun etmesene” diýýär.
”Aý-how, oglan, oýun däl, çypbakaý çynym,
garnyňdan habaryň barmy, nädip synja kyljak”
diýdim. ”Synja näme bolýar” diýýär gaýtam. ”Sen
synjanam biljek bolma, beýlekinem” diýdim. ”Namaz
seň işiň däl, hötdesinden gelip bilmersiň” diýdim. ”Bu
gün başlan ýaly edersiň, ertirem başarman taşlarsyň”
diýdim. ”Öňem-ä bir aşyk abraýyň ýok” diýdim.
Bazar ýeke Artyk Garanyň soňky sözleri
hakykatdan hem diýenligine güman edip:
- Bä-ä, şepe, göni şeý diýdiňmi? - diýip sorady.
- Diýdim. Göni şeý diýdim. Hä,
name
oňarmandyrynmy?
- Ýok, ýok, oňarypsyň, sazlapsyň.
- Ýekäm, men, dogrusy, namaz öwretmegi zähmet
göremok. Ýöne bi Hojaguly Hudaýa al saljak bolýar.
Ana,şony halamok.
Bazar ýeke düşünmedi.
- Hudaýy aldaryn öýdýär. Hojagula özüni aldatsa,
ondan Hudaý boljakmy?! - diýip, Artyk Gara ýene
düşnüksiz gürrüň etdi.
Göz öňünde Hojagulyň keşbi anyk janlasa-da,
onuň nähili ýol bilen Hudaýy aldajak bolýandygyna
Bazar ýekäniň akly kesmedi. Şoň üçin ol:
55
- Hojagulyda oýun köpdür. Her zat eder - diýip,
dagynyk gürrüň etdi.
- Döwi gelen wagtlary hökimeti talap, ogurlyk
edip, halal-haram ýygnady. Indem namaz öwrenägede, Hudaýyň öňünde akja jüýje boljak bolýar. Eýsem,
häzir men saňa agzymdan gelenini aýdyp, hapa-hapa
sögsem, soňundanam ”Wiý, bilmändirin, bagyşla”
diýsem, nähili bolar? Be-e, bolmaz-a, oglan!
- Bolmaz, bolmaz.
Ondan-mundan bimany gep atyşyp, ýene biraz
oturdylar. Nurgylyjyň gadyr bilmez ärden ýanan,
indem ýekelik dagyny çekip ýatan başy boş aýal
baradaky süýji gürrüňleri Bazar ýekä teý ynjalyk
bermänsoň, ol ýaýdanybraga-da esasy gürrüňe ýol
arçady:
- Şepe, senden bir zady soraýyn diýip ýördim. Sen
bilýäň diýdiler...
Artyk Gara sesini durlamak üçin ýeňil ardynjyrap:
- Weý, soraber, soraber, bilýän zadymy aýdyp
bereýin - diýip, ätiýaçly jogap berdi.
- Nememi, şü ýokarky gatlada oturýan Jumany
tanaýaňmy?
- Juma... Juma... Juma...
- Bir ýerlerde ketde diýdiler. Siziň edaraňyzda
başlyk dagam bolaýypdyr öýdýän.
- Ih, Juma garynmy?
- Juma garynmyka? Şodur-la. Tanaýaňmy şony?
Artyk Garanyň ýüzüne dabara indi. Ol içki
joşgunyny diline getirip, höwesli gürledi.
- Pah, Juma garyny ýasanam tanaýan. Kakasyna
Öwezgeldi syrnyh diýerdiler. Ady özüne şaplaşyp
dur. Syrnyh diýseň syrnyhdy. Ömür boýy nas atandyr
56
welin, öz adyna kädisi ýokdy pahyryň. Il bir gowy
zat, ölýänçä nasy iliň kädisinden boldy. Ýogsa,
pohdan ýasalýandyr, baha-da ýok... Ýekäm, sen
menden uly bolubam tanaňokmy şony?
- Şepe, sen köpüň adamsy, çakylygyň kän, tanyşbilşiň köp - diýip, Bazar ýeke öý eýesine gop berdi. Ýöne adyny eşidýärdim, gören bolmagymam ahmal
toýda-beýlekide. Juma garyn...
- Juma garynyň özüni kakasyndanam gowy
tanaýan. Gaty belet çöpüm. Pensiýa çykmazymyň öň
ýany edarada prorab boldy. Häzirem şo ýerde.
Kakasynyň pohuça-da ýokdur.
Salam–heligem
bilenok. Edarany tozduran şo-da.
- Bizden-ä birki müçe kiçi öýdýän?
- Gowrak kiçidir. Garyn salyp, gomalyp ýörensoň,
ýaşyndan uly görünýändir. Baý, özem bir hapysa
welin, tabakdaş bolar ýaly däl. Men-ä näme, özüň
bilýäň, gabady gelse, gönümelligimi edip goýberýän.
Çekinip duramok. Bir gezek şäherde biriniň
sadakasynda otyrkak gaty gaharymy getirende dalap
aldym. “Sen dagyn heleý bolup dörän bolsaň, är
almazdy” diýdim. “Äwüp-säwüp, bir bagtyýanyň
başyndan iläýseňem, günde eş-şek ýaly taýak iýerdiň”
diýdim.
Şepesiniň şol sözleri Juma garynyň göni ýüzüne
gelip diýenligine şunça güman etse-de, Bazar ýeke
ýene onuň ugrundan gopdy.
- Bä-ä, duzlapsyň-aý! - diýdi.
- Gaty duzladym. Ölinçä içinden çykmaz ýaly
edendirin. Şondan soň meň bilen kän ugry bolmady.
Salamam ajal ýaly sowuk. Pensiýa çykalym bär-ä
57
göremogam. Arada gürrüň etdiler heleýiniň talagyny
beripdir diýip.
Şu ýerde Bazar ýekäni galpyldy basdy. Ýüzi
gyzdy. Ol beýnisine baryp urýan gyzgyn ganyň
sarsgynyny açyk eşitdi. Ýeke dyz oturyp,
ykjamlandy-da, Nurgylyçdan eşidenlerini sowal
hökmünde gaýtalady:
- Hany, o heleýiň özi turup giden ýaly-la?
Artyk Gara “Sen ony kimden eşitdiň?” diýmedi.
Diýen bolsa Bazar ýeke näme jogap bererdi?
- Heleýiniň turup giden ýeri ýok, ýekäm. Otyr.
Menden sora. Oň sebäbi bar. Juma garyn
bireýýämden bäri şäherde heleý saklaýa. Gazanjy
oňat bolansoň, şu çaka çen bildirmän gezipdir. Onsoň
bir ýerden gulagyna ýetendir-dä, bi heleýi muny
biläge-de, Juma garyny öýünden kowýar.
Bazar ýekäniň gözleri uçganaklady.
- Bä, bä, ýaman heleý oguşýan?
- Günäsini it götersin welin, o heleýiň özüniňem
gep-gürrüňi ýetik. Çermegine onçakly gaýym däl
ýaly.
- Şäherdäkisiniň, ä?
- Ýok, haw, gatladakyň gürrüňini edýän, başdaş
heleýi. Şäherdäkisiniň näçe derýaň suwuny içip,
haýsy güzere näçe inenini Ýokarky bilen özünden
başga bilýän ýok.
Bazar ýekäniň muňa ynanasy gelmedi.
- Haýt, haýt, şepe, gatyrak gitdiň öýdýän. Juda bir
beýle-de däldir - diýip, ol halys ynjalykdan gaçyp
sorady.
- Hergiz gatyrak gidýän däldirin, ýekäm,
göwnüňedir.
58
- Görmän-bilmän biriniň maşgalasyna eýle-beýle
diýip, günä göterme diýjek bolýan.
- He-eý, ýekäm, ýa sen meni gepletjek bolýaň, ýada... A-haw, oglan, düzüw maşgala bolýan bolsa,
Juma garyna ikinji heleý bolup barmaz-a.
- Ähtimaldyr. Ikinjisi şeýledir. Şekim ýok. Ýöne
başdaşy asylly maşgala ýaly-la? Biz-ä tanamzok,
dogrusy.
- Weý, sen tanamasaňam, biz tanaýas ony.
Başdaşyna asyllylyk sürtseňem ýokmaz. Tüýs Juma
garynyň taýy. Ýurtýykan, darsdaban. Men o heleýi
birinji gezek göremde tanadym. Juma garynyň
alkymyna dykylyp, iki elinem bykynyna urup, bir zat
öwredip dur eken. Bir-ä ärine zat öwredýän heleý,
birem iki elini bykynyna urýan heleý düzuw däldir.
Hergiz bilip goýgun, ýekäm.
- Çermegine gowşagrak diýdiň welin...
- Gowşagrak däl, gaty gowşak. Asyl çermeksiz.
- Sen ony birinden eşitdiňmi?
- Birinden däl, kän adamdan eşitdim. Görenem bar.
Juma garynyň özem bilýär diýdiler.
Şundan soň Bazar ýekäniň iň soňky umudy hem
puç boldy. Onuň ozalam sykyma gelen göwresi
hasam kiçeldi. Gowşady. Onsoň ol dagy näme
diýerini bilmän:
- Geň-taň göremzok – diýdi.
- Juma garyn sataşan bolsa gerek. “Deň etmän, duş
etmez” diýýär. Duşmanyň heleý bolmasyn!.. Juma
garynyň nädip prorab bolanyny eşitdiňmi, ýekäm?
Bazar ýeke höwessiz:
- Ýok - diýdi. Bu gürrüňi onuň diňläsiniň
gelmeýändigi kesesinden görnüp durdy.
59
- Häzir men derrewjik ýassymy okap alaýyn.
Onsoň aýdyp beräýerin.
- Täretiň barmy? – diýip Bazar ýeke juda dymyp
oturmazlyk üçin sorady.
- Täretim bar.
Artyk Gara namazlyga mündi.
Hezili gaçansoň, Bazar ýekäniň çaý bilen hoşy
bolmady. Ellerini bykynyna tutup, üstüne abanyp
duran haýýar aýalyň keşbi onuň oý-pikirlerinde
ýigrenç gatyşykly düşnüksiz gussa döretdi. Öý eýesi
namazlykdan düşen dessine ol gürrüňi başga ýana
sowmak maksady bilen:
- Şepe, ine, şu namaz okalyp bolansoň, iki egniňe
salam berilýär. Şoň näme manysy bar? – diýip,
ýalandan gyzyklandy.
- Pah, şonam bileňokmy? Dawut pygamberden
galan ol. Dawudyň kyrk ogly bolan. Kyrk ogluna
ymam bolup, namaza durar eken. Onsoň bir gün
namaz okap durka “Ýer ýüzünde men ýaly kyrk
ogluna ymamlyk edýän adam barmyka” diýip, menmenlik edýär. Namazy gutarypgezekli-gezegine iki
egniniň üstaşyry yzyna seredýär. Seredýär welin, kyrk
oglunyň kyrkysam seždä gidipdir-de, gatap galypdyr.
Ana, şondan galan. Ana, men-menlik etseň! Hudaýyň
gazaby güýçli. Juma garyn Hudaýyň gazabynyň
müňden birinem görenok entek. Hojagulam görenok.
Görerler. Bihasap zat barmy nä?
Bazar ýeke “Hojaguly nireden geld-aý bu gürrüňe”
diýip pikir edip otyrka Artyk Gara oslagsyz sowal
berdi:
- Ýekäm, sen Juma garyny nämüçin soranyňy
aýtmadyň-la ?
60
Bazar ýeke gümp-samp etdi:
- Aý, gerekdi bir zat üçin.
Şu ýerde Artyk Gara çyn gatyşykly degişme sowal
bilen:
- Ýa oň heleýine-zadyna göwnüňi böläýdiňmi? Ä?
– diýip myhmanyň ozalbaşky niýetini bildi
oturyberdi.
Gönümel turup gaýdybermäniň ebeteýini tapman
oturan Bazar ýekäniň ýüzi boz-ýaz boldy.
- Şepe, aýaly ölen men bolsamam, heleý seň
ýadyňa düşýär. Bu ýaşdan soň heleý alyp bolasy ýok,
çagalaň göwnemejegi bes-belli. Men ýöne o tüki
Juma garyn edara ketdesi diýensoňlar, seňem ony
oňat tanaýanyňy eşitdim-de, öýdeş ogluma bir işjagaz
soraly diýjek boldum -diýip ol ýalan sözledi.
- Päh-heý, ýekäm, oňardyň-ow. Juma garyn
çözenog-a ony, başlyk çözýär. Juma garyn ketde däl,
prorab, gemriji prorap. Nädip prorab bolanyny aýdyp
bereýinmi?
Bazar ýeke “Aýdyp berme” diýip biljek däldi.
Artyk Gara-da şepesiniň gürrüň giňlemäge
höwessizdigini göze dürtülip duran hem bolsa, egereger duýanok. Ine, şular ýaly biri üçin gyzykly,
beýlekisi üçin ejirli pursatlaryň birinde daşarda it
üýrdi we itden gorkan çaganyň “Wä-ä!” diýen sesi
eşidildi. Onsoň ýa-ha biri gelip, iti kowdy, ýa-da
çaganyň çirkin sesinden gorkdy öýdýän, itiň sesi
çykmady.
Artyk Gara gapydan kellesini çykaryp:
- Küç-aýt, ýat kelläňi galdyrma!.. Kim, haw, sen? –
diýip gygyrdy.
Aňyrdan itden gorkan oglanyň sesi eşidildi:
61
- Artyk kaka, atam ýaranok welin, kakam gelip
gidäýsin diýýä, ýagdaýy agyr diýýä.
- Kimiň ogly, haw, sen? Şirli agaň agtygymy?
- Hawa. Kakam aýdýa, ýasyn okap bersin diýýär.
Gaýrat etsin diýýär...
- Bor, köşek, ine, bardym, häzir barýan.
Artyk Gara eýýämhaçan gitmäge hyýallanyp,
ýerinden turan Bazar ýekäniň ýüzüne seredip durşuna:
- Ýasyn okatjak bolsalar irräk äwmeli eken. Giçden
soň bolarmyka? – diýip öz-özi bilen gürleşdi.
Muny özünden soraýandyr öýdip pikir eden Bazar
ýeke:
- Ýasyndyr-da. Hawa bolar. Iri-giji bolmaz-a –
diýip jogap berdi. Yz ýanyndanam duýdansyz peýda
bolan Şeýtan şübhesinden ätiýaç edip:
- Men-ä bilmedim, şepe, özüň gowy bilýän
bolaýmasaň – diýdi.
- Näçe gün bäri başyny saklap otyrlar welin, biz
ýaly bigeleň ýok, halyny soramaga-da barmadyk,
indem ýasyn okamaly... Hany, ýör onda, bileje baryp
gaýdaly.
- Men barmaýyn, şepe, bir hili görerler. Ertir ir
bilenjik baraýaryn men. Sen özüň her zeýilli bir
näme...
Garaňky çatrykdan olaryň hersi bir tarapa sowuldy.
Şü deýýus Nurgylyjam it ýylgyryşyny edip, ýaman
ýeser gürleýär welin, düzüw adam däl” diýip, Bazar
ýeke gaharly pikir etdi.
Ýanwar, 2011. Mary.
62
UKY PILLESI
Hekaýa
Kimdir biri meniň egnimden tutup, yralady:
-Tur-eý, şepe, bärde beýdip ýatma!
Allajanlarym, nirede ýatyrkam? Nädip ýatyrkam?
Düýn gyzar ikindinler aňrybaş azgynçylygy üçin
önelgesiz aýalymy zäherläp öldürmegi ýüregime
düwüpdim. Muňa öňem üç gezek dagyn
synanyşypdym, emma het edip bilmändim. Şu gezek
welin ýüregimi bire bagladym. Awyny onuň içýän
suwuna goşup, wakanyň soňunyň näme bilen
gutarjakdygy barada pikir etmän öýden çykyp
gaýdypdym. Soň çola garbanyşhanalaryň birinde
ýarygijä çenli oturyp, çakyr içdim. Köp içenimi
bilýän, gabanyşhanadan çykyp gaýdanymy bilýän,
ýolda, bir ýerde ögäp, gusanymy hem bilýän. Ondan
soň nirä gidenimi, näme edenimi bilemok.
Ýene-de biri egnimi yralap, şaňňy ses bilen:
-Işigaýdan uzak gije şu ýerde ýatdymyka? Tur-eý,
bar öýüňe gidip ýat – diýdi. Men bu sesiň eýesinden
kömek sorap bir zatlar diýmekçi boldum welin, hiç
dilim diýen etmedi. Edil häzir ýerimden
turmalydygymy bilýän welin, halysalla gözümi açyp
bilemok. Mejalym ýok. Kelläm güwläp, beýnim
çogup barýardy, süňklerim, süýeklerim yzalydy,
göwrämde ysgyn-mydar galmandy. Gursagymda
düşnüksiz agyry bardy, çep tarapym şeýle bir agyrdy
welin, men özbaşdak aýak üstüne galyp biljekdigime
şübhe edip ugradym.
63
Uklapdyryn.
-Elleme! Eliňi degirme diýýän saňa! Ölen bolsa
nätjek?! – diýen sese oýandym.
Muňa edil gulagymyň düýbünden başga bir ses
jogap berdi:
-Ölmändir. Ölübermeli bormy? Demi gelip-gidip
dur –a.
Çaky, kimdir biri üstüme abanyp duran bolmaly.
-Näme bolupdyr? Kim o ýatan? Tanaýaňyzmy? –
diýip, bilesigeliji aýal sesi gyzyklandy.
-Tanamzok, bilemzok – diýip oňa gysga jogap
berdiler.
Aýal, garaz, anyklamak isledi öýdýän:
-Içip, köçede ýatyp-turup ýören serhoşyň biridirdä.Şeýlemi?
Oňa hiç kim jogap bermedi. Ýa-da jogap
berendirler-de, men eşiden däldirin. Sebäbi uka
gidipdirin. Oýanamda kimdir biri aýagymdan tutup,
süýreýän ýaly boldy, üzlem-saplam sesler eşidildi.
-Aňkap dur, içip-içip, agzy gyşaryp gidipdir.
Öňem içýärdim, ýöne agzym gyşaran ýeri ýokdy.
Köp içen wagtym ertesi ir bilen kelläm hüňleýärdi
welin birki bulgur jyňkydardym. Onsoň dünýäm
düzelerdi.
Häzirem
şeýdäýsem,
näderkä?
Düzelermikä? “Düzelmez” diýip içimden bir ýerden
ses gelen ýaly boldy. “Gözümi açyp bilermikäm
onda?” diýip şol sesden sorasym geldi. Entek
soramankam “Hiç zadam edip bilmersiň. Indi seňki
gutardy” diýip, ol ses heşelle kakdy. Onsoň:
“Nämüçin? Sebäbini aýt!” diýdim. Bilemok diýdi.
“Sen kim onda?” diýdim. Şol wagt başga biri sögünip,
tüýkürindi:
64
-Ö-ök, tfu-u, hapysa haramzada, gusup üstünde
ýatypdyr-a. Tfu-u!
Ine, şu sözlere öler ýaly namys etdim. Utandym,
gözümi açyp bilmeýändigim bähbide çekdi, gözüm
açyk bolan bolsa, ýer ýarylmazdy, menem girmezdim.
Ýagdaýym öwerlik däl ýaly. Ony duýup ýatyryn.
Meni näme-de bolsa bir zat etmelidiler. Belki,
lukmana görkezmelidir, heý, bu adamlaň içinde maňa
kömek etjegi tapylmazmyka? Çep gursagymdaky
güýjeýän agyry bilen agzymyň gyşaranlygy baradaky
gürrüň mende duýdansyz gorky döretdi. Böküp
ýerimden turaga-da, näme-de bolsa bir zatlar edesim
geldi. Ýöne, ol-a böküp turmak ekeni, hatda gözümide açyp bilmedim.
-Muň öýi-öwzary ýokmy? Çaga-çugasy, heleýihossary bardyr-a? Hany, tanaýan barmy şuny? –
diýip, biri sorady.
Meni tanan ýok bolara çemli, hiç kimden ses
çykmady. Gözüm açyk bolan bolsa, ähtimal, meni
tanan tapylardy, tanamasalar hem gözüm bilen ümläp,
ýagdaýymy düşündirerdim.
-Bular ýaly-da öý-öwzar, çaga-çuga, heleý nireden
bolsun – diýip biri akyl satdy.
Dogry, çaga ýokdy, kireýine ýaşaýan-da bolsam,
garaz, sümülere külbäm bardy, zäher içip ölmedik
bolsa aýalymam bar. Barmyka? Ýa öläýdimikä? Düýn
samsyklyk edäýdim öýdýän. Zäher bermeli däldim.
Azgynçylyk etse-de, bihaýa bolsa-da, aýalymyň
ýüregi
ýumşakdy,
dözümsizdi,
maňa
örän
mylakatlydy. Aslynda öňki edişim ýaly onuň bilen
aýrylyşyp oturybermelidim. Iki ýyl mundan ozal
ýeňlesligi üçin ony kowup, başga birine öýlenipdim,
65
ýöne pahyryň ömri gysga boldy, ýarym ýyl töweregi
ýaşaşanymyzdan soň, keselläp öldi. Onsoň nesibe
çekip, muňa ikinji gezek öýlendim. Bir sebäp bilen
ajaldan gutulan bolsa, onuň meni tapyp,
ýygnajakdygna ynanýan.
-Ulagyň aşagyna düşüpmi? – diýip, meniň
ýagdaýymdan bihabar biri sorady.
Öte eşiden başga biri:
-Ulagyň aşagyna düşüpdir. Haramzada kakybam
durman gidendir – diýip, näbelli birine nähak
gargyndy.
Oňa şo bada ýerli ýerden jogap berdiler:
-Ulag geçýämi şu ýerden?
Ulag kakan bolsa, yzy-beýlekisi bolmaly. Heý, şu
ýerde ulagyň yzy görünýärmi?
Ýene-de uklapdyryn. Oýanamda bir ýyly eliň ýüzgözümi sypaýandygyny, gabagymy galdyrjak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gylsyrat - 4
  • Parts
  • Gylsyrat - 1
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2193
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 2
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2113
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 2111
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 4
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2211
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 5
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2172
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 6
    Total number of words is 1166
    Total number of unique words is 790
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    59.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.