Latin

Gylsyrat - 1

Total number of words is 3791
Total number of unique words is 2193
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
KAKAMYRAT ATAÝEW
GYLSYRAT
Powest
we
hekaýalar
2013
Ataýew Kakamyrat. Gylsyrat. Powest we hekaýalar.
Türkmen dilinde. 2013 ý. 116 sah.
Kitaba Kakamyrat Ataýewiň “Gylsyrat” powesti
bilen birlikde dürli ýyllarda ýazan hekaýalary
girizildi. “Gylsyrat” şu günki türkmen adamsynyň we
ýaşlaryň durmuş gurmak baradaky oý-pikirlerinden,
kynçylyklaryndan söhbet açýar. Hekaýalaryň tematika
örüsi giň. Olaryň dili şireli, çeper. Şoň üçinem
akgynly, ýeňil okalýar.
Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenen.
©Ataýew Kakamyrat. 2013.
2
3
GYLSYRAT
Powest
1.
Şemşadyň öýünden çykany-da ýaňydy.
“Kümüşe gorkak damarymdan tutduryp gelmesem, bu
gije ine–gana ýatyp, ukymy alybilmen” diýip,
gaýdanyna geçse, birki käse çaý içerlik salym
geçendir.
- Nireden nädip çykanyny bilemok. Bir
görsem, kellesini gazan ýaly edip, agzyndan ak köpük
saçyp, ýetip gelýä ýerýuwdan. Ýetse, gabyrdadyp,
çeýnejek-dä haram köpek – diýip, ol köçäň o ýüzünde
ýaşaýan goňşusy Kümüşiň gaşynda oturyp, takmynan
ýarym sagat mundan öň bolan ahwalaty biraz
üýtgedibräk, çişirip gürrüň berýärdi.
- Bolsa-da, agyz urmandyr. Dişini geçiren
bolsa, nätjek? Nanyň bitin, şükür et! – diýip, Kümüş
ony köşeşdirjek boldy.
Şemşat şükür ederli däl. Äheňi ýumşasa-da,
gitdigiçe beleň alýar.
- Saňa ýalan, maňa çyn. Aňyrdan ýürekýargynç
üýrüp, ok ýaly atylyp gaýdyşyny görüp, imanym
göçdi. Guduzlandyr öýtdüm. Asyl guduzlamadygyny
kim bilýär? Belli, guduz açandyr. “Mal eýesine
çekmese, şumluk”. Eýesi Tüýli-dä. Onsoň iti guduz
bolmazmy?!
- Eýesine baglymyka ol?! Eýesiz itlerem-ä
guduzlaýar ony diýseň – diýip, Kümüş Şemşadyň
4
soňky sözleriniň gaty bir ýapa degmeýändigine delil
getirdi.
Şu ýerde Kümüşiň Tüýli bilen çalarak
garyndaşlygynyň bardygy Şemşadyň ýadyna düşdi.
Eýesiz itleriň birnäçesiniň Tüýliniňki ýaly eýeli
itlerden has ibalydygy baradaky duza eýelenen sözleri
suňşuraýmaly wagty dilini dişledi. Birhowa dymyp,
ýasama sypaýyçylyk etdi.
- Kimiňkem bolsa, it it bolýa. Bir gün bir işiň
üstünden eltse, gowumy? Ýarak köpegi dagyn
zynjyrlap goýmaly ahyryn.
Şol wagt köçäniň aňry ýüzünden kiçi ogly
gulagyna urlan ýaly:
- Eje!.. Eje-e!.. – diýip zowlatdy.
- Näm bold–uw, bärde men – diýip, Şemşadam
oturan ýerinden gygyrdy. Munuň dury hem şaňňy
sesine Kümüşiň baş–alty ýaşlaryndaky bimar ýatan
gyzjagazy tisginip, ukudan oýandy. Kellesini çalaja
göterip, gözlerini açalak–ýumalak edip, ejesini
gözledi. Üýtgeşik bir abanyp duran howpuň
ýokdugyny bilip, ejesiniňem, ine, ýanynda parahat
oturandygyny görüp, gyzjagaz pallady-da, beýlesine
öwrülip ýatyberdi.
Şemşadyň ogly bolsa şo duran ýerinden gygyryp,
habaryny berdi:
- Aknur geldi. Saňa basymjak gel diýýä-ä.
- Bardym ynha... Haýsy Aknur? – diýip, Şemşat
esli aralykdan anyklamak isledi.
Ogly Şemşadyň soňky sözlerini eşitmedi.
Çapadaňlap, zut gitdi.
- Eşitmedi-dä, kellesi kesilen! – diýip, ol käýindide, Kümüşi gyssady:
5
- Bol, gyz, derrew tutup ber, gideýin.
Soň kime gönükdirilenligi mälim bolmadyk
äheňde:
- Haýsy Aknurka, gyz, ol? Näm iş bilen geldikä?
Öýden çykanymam-a şu wagt – diýip, hümürdedi.
2.
Aknur adyny göterýänler onçakly köp-ä däl.
Çagalary hasap etmäniňde, bütin aýal–ebtadyň içinde
bary–ýogy üç sanysy bar. Olaryňam biri ne eýläk, nede beýläk. Üçlüge degişlem, degişli dälem. Ýagny,
asly goňşy obadan bolup, bu obanyň mekdebine
gatnap, mugallymçylyk edýär. Çagalara hasap–hesip
ugrundan okuw öwredýär. Saçyny ýygnap, başyny
boganyna on ýyl bolan-da bolsa, ol bary–ýogy iki
çaga – bir ogul, bir gyz dogrupdyr. “O ne beýle az?”
diýip, bu ýagdaýdan bihabar oba aýallarynyň käbiri
geň galýar. “Ind-ä asylam dogurjak däl diýýä. Iki
çagany adam edip, sürä goşubilsem, armanym ýok.
Az bolsun, uz bolsun diýýä” diýip, Aknur mugallyma
bilen bile işleýän bir gelin düşündirýär. “Indikileň
hemmesem şeýle. Dogurmany ýaman ýokuş
görýärler” diýip, başga bir aýal gürrüňe goşulýar.
“Dogry edýär. Dogurmak kyn däl, ekläp, saklap, ile
goşmakda iş bar” diýip, Aknur mugallymany
goldaýan hem tapylýar. Aýallaryň hemmesi bu pikire
hä berenok. Kä halatlarda Aknur mugallymanyň iki
çaga dogrup çäklenmesi, bu babatda belli–külli
çözgüdi hakyndaky gürrüňler dyzmaç aýallaryň
arasynda uly jedelleriň döremegine hem sebäp bolýar.
6
Beýleki Aknur Mämmet uzynyň gyzy. Özi-de
heniz durmuşa çykmadyk gyz. Oba aýallarynyň kepil
geçmegine görä, bu gyz üçin bu çaklarda sözaýdyjy
bolup gelýän ýok. Çünki Aknur indi otuz üç ýaşapdyr.
Töweregi çolaryp, sawçysy sabapdyr. Ýaman ýeri, şu
çaka çenli eli saçakly gelenleriň uçdantutma
hemmesiniň hokgasyny öňlerine oklanam bu gyzyň
özümiş. Onuň-da özüne ýetik, dürli–dürli sebäpleri,
bahanalary barmyş. “Bahanasy bolsa, otursyn şeýdip
tulaty. Garrasyn! Hüýr gyz bolup, o dünýede
öňümizden çyksyn!” diýşip, onuň birmahallar bir
mekdepde bileje okan, häzir dördünjimi, bäşinjimi,
çagasyny emdirip oturan köne joralary garaçynlary
bilen gatyrganyşýarlar. “Maňlaýy açylýan däldir.
Maňlaýy açylmasa, o görgüli nätsin?” diýip, içinde
haýpy gelýänem bar. “Dogry edýäň. Är gerek däl.
Gara bagryňy gan etjek biri maňlaýyňdan çykaýsa,
gül ömrüňi tüssesiz ýakar” diýip, ärden ýanyp
ýörenleriň ýek-ýarymy öz ýanyndan akyl hem satýar.
Mämmet uzynyň gyzy Aknuruň özünden kiçi oglan
jigileriniň ikisi bireýýäm öýli–işikli bolup, üçünjisem
alty aýdan bäri bir gara gaş gözeliň näzini çekip ýör.
Iň kiçi gyz jigileri bolsa, geçen ýyl mekdebi gutaryp,
iki aýdan bäri başga obaly bir oglan bilen Aşgabat
diýen ýaly uzak bir şähere gaçyp gitmegiň kül-külüne
münüp ýör. Çaky, oglan tarapyň ene–atasy bularyň
kiçi gyzlary üçin gudaçylyga gelip, kowulan bolarly.
Mämmet uzynlar bilen goňşuçylykda ýaşaýan
aýallaryň üçüsi birki günlükde edil dil birikdiren ýaly
täze bir gürrüň tapdylar. Oturymy şäherli gartaşan bir
aýal özüniň telpegagan ogly üçin Aknurlara at
tezegini guratman gudaçylyga gatnaýarmyş. Ejesi
7
şäherli aýala ýyly söz berse-de, Aknur kes–kellam
göwnemeýärmiş. Oňa özi bilen ýaşytdaşrak, boý
oglan gerekmiş. Göwün diýen ýigidi tapylýança
entekler ejesiniň dulunda oturjakmyş. Öz diýeni
bolmasa, asla durmuş gurmak pikirinde hem ýokmuş.
“Bahasyny bilmez gyrnak!” diýşip, bu habary eşiden
oba aýallary Aknura gaýybana käýindiler.
Aknurlaryň üçünjisi saçyna ak çozan oral aýal.
Onuň biri–biriniň söbügini basyp gelýän bäş ogly
bilen bir gyzy bar. Uly oglunyň adyna Kasym
diýýärler. Kasymyň gulagy agyr. Gygyryp aýtmasaň,
eşidenok. Şol sebäpli gaty bir zerurlyk ýüze çykmasa,
onuň bilen mesawy gürrüň edýänem ýok. Bir zat
hakynda sorasa-da, köplenç gysgaça jogap berýärler.
Jogabyny hereket bilen aňladýan hem bar. Şeýle
bolansoň, ol dünýäni gözi bilen diňläp, dürli oý–
pikirleriň ummanynda öz–özi bilen gürleşip ýör. Käte
elipden şermende halyna kitap hem okajak bolýar.
Emma käbir nätanyş harplar onuň kitaba bolan ojagaz
höweisni gaçyryp goýberýär. Baryp–ha mekdepde
okaýan döwürleri “Mugallymalaryň hiç biri-de
Kasymdan sapak soramaýarmyş” diýip, agyz
dolduryp, gürrüň edýärdiler. Hamana, günde mekdebe
baryp, garagolluk etmän, boş parta saklap gaýtsa,
mekdep müdiri-de kaýylmyş. Kasymyň özi bilen
bilelikde ene–atasy-da bu ýagdaýdan nägile dälmiş.
Şol döwürde mekdebiň ähli okuwçysynyň Kasyma
gözi gidýär diýýärdiler.
Täzelikde oba arasynda hakykata juda golaý bir
“myş” ýaýrady: Kasymyň ejesi Aknur bilen kakasy
Atalyk özleriniň gulagy agyr ogullary üçin gelinlik
gözleýärmişler. Entek sorap-idäp, belli–külli baran
8
ýerleri bolmasa-da, olaryň derek ýaly, synasy sagdyn,
üşükli gyz taparys diýen umytlary-ha ýokmuş.
“Umytlary bolanda-da, olara synasy sagat, menikli
maşgala tapdyrmaz. Kasymyň özi bilen dertdeş, ker
ýa-da güň gyz gözlemeseler bolmaz” diýip, obada
gürrüň edip başladylar.
3.
Gudaçylyk gürrüňi gysgadan dartgynly boldy.
Aknur heniz habaryny doly berip–bermänkä,
Şemşat öwhüldäp, oturan ýerinden ot alyberdi.
- Toba–toba, toba–toba! Goýaweri, goýaweruw!.. Waý-eý, duluňda oturan Aý ýaly, allanäme
gyzyňy bir kerruh üçin sorap otursalar, hiý, ölermiň,
ýitermiň?! Goý-uw, agzyňdan al kaksyn, goý! – diýip,
Şemşat ýakasyny tutup, ör-gökden geldi.
Aknuryň ýüzi ogurlykda tutulanyňky ýaly boz–
ýaz boldy. Ol öý bikesiniň ýüzüne seredip, gürlemäge
ýaýdandy. Kesä bakyp:
- Aý, näme, “Garganyň gaz balasy, her kimiň
öz balasy”. Diläb-ä almandyk o derdi. Ýokarkyň
beren emgegi, nätjek, başymyzda bardyr-da.
Onsoňam “Müňüsi geler, nesibeli alar” diýipdirler –
diýdi. Şeý diýip, Aknur Şemşadyň birneme badyny
alyp,
haýalçyradaryn
öýtdi.
Şemşatmydyr
haýalçyrajak?!
- Onda-da, jan dogan, hiý, şuňňaly
masgaraçylyk
bormy?!
Heýem
bir
şeýdip
äsgermezçilik edilermi?! Goýawer-uw, il bir
eşitmesin... Waý-eý, bar işiňi taşlap, çynyň bilen şuň
üçin geldiňmi? Ýa biri üstümizden gülmek üçin
9
bilgeşleýin ugratdymy?.. Ullakan heleý halyňa
utanmadyňmy, uýalmadyňmy? Ýurdy alahekge
soranda-da, seň bi edip oturan gürrüňleriň ymmata
sygjak zat däl-ä. Daş edewersin!..
Mazaly ýüzi alnyp, dalanan Aknur öňden
taýynlap goýan sözleriniň baryny ýadyndan çykardy.
Diýere gep tapman kösendi. Şular ýaly ýere Orazgül
ýaly baran ýerinde sözi geçýän, bir gepiňe on gep
bilen jogap berip bilýän, howalasy belent, edenli
heleýi alyp gaýtmanlygy üçin özüne gahary geldi. Bir
tarapdanam ýeke gaýdyp, bu söwdany ilden ýaşyryn
edýändigine şükür etdi. Bular ýaly ýerde ýoldaşly
bolsaň, saçagyň açylmanlygy şol günüň özünde galyň
uzyn eteklä gürrüň bolar. Adyň ile dolansoň, indiki
açjak gapylaryňy müýnli kakarsyň. Asyl gapy
kakasyň gelmez. Aknuryň ady entek ile dolanok. Ol
bu pikirinden kanagat tapdy. Şol bir wagtyň özündede başy çaşdy. Gep ugrunyň hanjakdygyny aňşyryp
bilmän kösendi. Şemşat bolsa meseläni bireýýäm Aý
dogan ýaly edip çözüpdi. Bu gürrüňlerden soň guda
bolunmajagy köre hasa. Ýyly söz berjek heleý biraz
sypaýy gürlärdi, gepiňi doly diňlärdi. Iň bolmanda
çaý-paý goýardy. Kakmaly gapyňy ýalňyşaýdyň
öýdýän, Aknur!
Bu ýerden tiziräk garasyny saýlamalydygyny,
eglense, eýgilik ýokdugyny, Şemşadyňam gitdigiçe
bujurygynyň artýandygyny bilse-de, Aknur göni tutup
gaýdybermegiň ebeteýini tapmady. Aljyrap:
- Nämeden utanmaly? Her kimiň öz deňi-dä –
diýdi.
- Gyýw, sen indi biziň deňimiz bolduňmy?
Waý-eý, Hudaý-eý, adam özün bilmez, ham-hyýal
10
bolar. Utan-a, senem öz ogluň ýaly ker gözle, lal
gözle, juda bolmasa, ötmän oturany ide! – diýip,
Şemşat Kasymyň ejesiniň al–petinden aldy.
Diline gelen şo boldy gerek, Aknur:
- Siziň gyzyňyzam neme däl-ä, o diýen bir
dokuzy düzüw däl-ä – diýdi.
Şundan soň-a Şemşadyň hasam perzi üýtgedi.
Eli, aýagy titräp, bütin endamy saňňyldamaga
başlady. Bereketli ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Ol
gözlerini agdar–düňder edip oturyşyna:
- Waý, asyl bi heleý meň bilen sögüşmäge
gelen eken. Dost-duşmany güldürip, millete ryswa
edäýdi-dä. Waý, näme etsemkäm indi men?..
Turawer-uw, gözümiň öňünden üýtgäwer-uw! Hakyt
ile–güne masgara bolduk-da... Anha, saçagyň, anha
hokgaň, anha-da, gapy! Çykawer-uw çaltrak – diýip,
ellerini işige garşy salgap, bolmajysy boldy.
Şeýdip, Kasymyň ejesi Aknur birinji baran
ýerinden kowuldy.
4.
Tüýliniň itiniň Şemşady gorkuzanlygy
baradaky gürrüňler mazmun taýdan üýtgedi.
Agşamlyk bu gürrüňiň bir tarapyny myjabata ýanap:
“Şemşadyň üstüne iti asyl seň özüň küşgüren ekeniňä” diýen görnüşde Tüýlä ýetirdiler. Muny eşidip,
Tüýli görgüli gyzgyn çägäniň üstünde aýaklaňaç
ýöreýän adam ýaly zowzanaklaberdi.
11
- E-eý, duruň, duruň! Töhmet atmaň! Töhmet
erbet zatdyr. Kim ýaýradyp ýör bu gürrüňleri? –
diýip, ol gözi bilen gören zatlaryny aýdyp berdi. –
Şemşat gelnejemiň beýle diýmedigini anyk bilýän.
Sebäbi ed-dil şol wagt men hajathanada otyrdym. It
üýren wagty hajathananyň işigindäki kiçijik deşikden
jyklap gördüm. Görsem, Şemşat gelnejem öň etegini
dişläp, ala–basga düşüp, ylgap barýar. Bärdenem, ine,
sapandan sypan ýaly Goňurja okdurylyp barýar. Ilki
menem pikir etdim, “Häk, Şemşat gelnejemiň
agzynda uçuk gaýnatjag-ow biý-ä” diýip. Ýöne
Goňurjamyň adama degmek häsiýeti ýok. Kän bir
üýrüp ýören item däl bi. Oraz çepbe ýaly halys jyny
almaýan ýeksurunlara hyňranaýmasa, gyzdan gylykly,
ýuwaşdyr janawer. Ine, onsoň seredip görsem,
aňyrdan Şemşat gelnejemiň ala pişigi ot alan ýaly
gaçyp barýar. Goňurjamyň Şemşat gelnejem bilen
asla işi ýok. Gözi diňe pişikde. Mündi ýaňky pişigiň
söbügine. Esli ýere çenli kowalap gitdi. Yzyndan
ýetenini–ýetmänini bilemok. Ýöne Şemşat gelnejemiň
birki gezek büdränini gördüm. Gorkan bolmagy
mümkin... Ýak, walla, çala eşidip, çatma ýykyp
ýörsüňiz-aý. Siz nä Goňurja näbeletmi? Şemşat
gelnejemiň özünden gorkýanyny näbilsin ol?!
Biläýende-de, ejize ganymlyk etmez. Haýwanam
bolsa, akyly gözündedir. Şemşat gelnejemem, näme,
indi bäbege garaşyp ýören ýaş gelin däl. O diýdigim,
itden gorkany üçin çagasynyň düşjek gümany ýok.
Aslynda it Şemşat gelnejemden gorkmaly...
Soň Şemşat tarapdan başga gürrüň getirdiler.
- Şol haram köpegi öz elim bilen gynap
öldürmesem, içen çaýym suwsan ýerime barmaz.
12
Asyl barmaz. Nädäýersiň, bir dogramça ete iňňe
sünjüp beräýsem, iýen ýerinde kakynyp-kakynyp,
saňgaty bolup galaýsa. Men ony hökümediň it atýan
adamlaryna aýdyp, ýeke oka tabşyrdybam bilýän. Arz
etmeli ýerinem tapýan. Dogtora baryp, it kowalady,
özem guduz açan it diýsem, şo günüň özünde eýesi
bilen gümlama iberiljeginem bilipjik durun. Gatyrak
gidiberseler, gerek bolsa, onam ederin...
Şundan soň Tüýli gahar bilen goranyş usulyny
saýlap aldy.
- Şo heleýe aýdyň, şu sözi üçin şu günden
şeýläk meň itimiň özi ölse-de, ýa bolmasa, başga biri
ganyna galsa-da, Şemşadyň adyna gidýär. Asyl
indiden beýläk Goňurjaň bitiniň burny ganasa-da,
Şemşat günäkär – diýdi.
- Heleý bilen deň bolsaň, seni heleýçe-de
görmezler. Özüňçe bar–ýoguň bolar–bolgusyz gepini
eşidip ýörýänçäň, itiňi daňanyň gowy dälmi?
Töweregiňde dostdan duşman kän – diýip, Tüýliniň
aýaly Aýjemal ärine töwella gatyşykly akyl berdi.
Onýança Şemşat tarapdan haýbata ýugrulan
täze habar geldi.
- Men ojagaz itiň özi ölýänçä garaşyp ýörmen.
Menden başga ol itiň ganyna galjagam ýok. O
tarapdan-a ýasy ýanyny ýere taşlap, ýaman arkaýyn
bolsun, şol haram it öldügi menden görübersin.
Işşalla, ajaly menden. Nesip bolsa, sanalgy demi
bardyr. Uzak uwlamaz.
Bu gürrüňleriň birýan çeti Şemşadyň äri
Amanýazyň gulagyna hem ýetdi. O-da öz gezeginde:
- Ýer-ow, söwdügim, indi kim bilen näme
diýişýäň? Özüň-ä şer tapsaň, toýa gitmeli däl sen.
13
Näme-de bolsa, soňy bir düz bolsun! Kimligiňi,
nämeligiňi bildirmän yza çekiläýme! Basylaýma!
Gidişiber! Diňe öňe! – diýip, kinaýa bilen duzlady.
- Waý, goý, sen bir gepleme! Sen gepleseň,
içim tüteýär. Arkamy tutup, tarapymdan çykyşyňmy
şü? Saňa akyl satyp, many-many gürle diýseň. Wah,
gara bagrymy gan edip, dirije ýakan-a sensiň-le meni
– diýip, Şemşat şo bada äriniň sesini sem etdi.
Garaz, Tüýli bilen Şemşadyň arasynda
gaýybana söweş başlandy.
5.
Kasymyň öýde öz etmeli işleri bar. Ilki bilen
iki sany göleli sygyr hem-de bakyda duran üçýaşar
öküz. On-onki sany towugam bar. Ine, şulara ot, iým,
suw bermek, ýataklaryny arassalap, dersini çykarmak
Kasymyň boýnunda. Mellegi agdarmak, ekinlere
seretmek, dökün döküp, suw tutmak ýaly işleri hem
Kasymdan başga edýän ýok. Günüň dowamynda iki
gezek “Ýüzükýitirene” gidip, galtagy mas ýükläp, mal
oty ýygyp gelmelem Kasym. Onsoňam hojalyk bi.
Başga-da ownuk-uşak iş çykyp dur. Olaryňam bir
gyrasynda Kasym durmasa, bitjek gümany ýok. Käte
goňşy–golamlar bir ulurak işiň düýbüni tutsalar, el
kömegi diýip, oňa-da Kasymy ugradýarlar.
Baýak bir gün Jemşitler täze salan tamlarynyň
üstüni suwanlarynda ýowar etdiler. Şonda Kasym
hezil berdi. Suwaýanyň tam bolsa, çekýäniň laý bolsa,
onuň ýeňil ýeri-hä ýokdur-la welin, şol gezek bu işiň
iň agyr ýerinde Kasymy goýdular. Ol işden
basylanok. Işiň agyryna, ýeňiline hem seredenok.
14
Işdir-dä. Edibermelidir. Kasym haýdap ýör. Käte bir
Baky gelip: “Ýadan bolsaň ýerimizi çalşaýaly” diýip,
gulagyna gygyryp gidýär. Beýleki oglanlar bolsa,
muňa eşitdirmän, ýeňsesinden gürrüň edýärler.
“Atalygyň şu ogly edil traktor ýaly işleýär.
Ýadamany, ýaltanmany bilenok”.
“Maňlaýy güýçli bolup, kör düýesi köprüden
geçäýse, heleýine iş ýetirmez”.
“Muňa heleý bolup geleniň gurdy gündiz
uwlar. Sebäbi kim bilen näme gürrüň etseňem,
Kasymyň eşitjek gümany ýok”.
“Ýöne muňa heleý bolup geljek tapylarmyka?”
“Hawa, tapylar. Gyz bilen duza gytçylyk
barmy nä?! Nädersiň, Kasym bir ýerlerden özi ýaly
depme ker bir gyzy tapaga-da, heleý edip alaýsa?!”
“Ikisem ker bolsa, baý, gyzykly bolar-ow. Göz
öňüne getirip gör, bir zady düşünişmek üçin bütin ili
örüzip, biri–biriniň gulagyna gygyrşyp dursalar”.
“Öňem bir ker bazara barýan eken. Gidip
barýarka, öňünden başga bir ker çykypdyr diýýä.
Onsoň bärden barýan ker aňyrdan gelýän kerden
soraýarmyş: “Bazardan gelýäňmi, how?” diýip. Olam
jogap berýärmiş: “Aý, ýok, men-ä bazardan gelýän”
diýip. Onsoň bärden barýanam: “Aý, näbileýin, how,
bazardan gelýämikäň öýdüp soraýdym” diýipdir
diýýä. Ha-ha!”
“Muň maňlaýyna ýazylanam özi ýaly bolaýsa,
şol iki keriň gününe düşjek-dä.”
Eşitmesine-hä bu gürrüňleri Kasym eşidenok.
Ýöne duýýar. Özi hakynda ýakymsyz, kemsidiji,
ýaňsyly gürrüň edilýändigini oglanlaryň syrly
garaýyşlaryndan,
batnyksyz
gülümsireýän
15
ýüzlerinden görüp dur. Kasym gaýtawul berenok.
Olar bilen deň sanaşyp durmaga onuň ýagdaýy ýok.
Ýeri, nädip düşünişjek?! Olaryň bir sözi eşidilse, iki
sözi gulaga ýetenok. Onsoň gulagyňy tutup, “ä”
diýersiň, muňa-da gülüşerler.
Kasymyň bir klasda bileje okan oglan
klasdaşlarynyň tas hemmesi diýen ýaly öý–işik
boldular. Klasdaş gyzlarynyň ählisi gelin bolup, bir
öýüň törüni bezäp otyr. Ýok, ählisi däl, Batyr jellabyň
gyzy Näzik goňşy oba durmuşa çykyp, bäş aýdan soň
aýrylyşyp geldi. Sebäbini bilýän ýok, ene–atasyndan
soramaga çekinýärler. Özem bu barada hiç ýerde dil
ýaranok. Klasdaş oglanlarynyň biri bolsa, entek
öýlenip ýetişmänkä işleýän edarasynda ogurlyk bilen
tutulyp, ýyl ýarymlyk türmä diýip gitdi. Gitmedi-de,
has dogrusy, äkitdiler. Başga bir oglan klasdaşy
sopbaş ýetim. Il içinde egnini gysyp ýör. Eli ýuka,
pukara diýmeseň, ulugyz ýaly ýuwaş, oňat oglan.
Atly–ýaragly ugruna çykýan ýok onuň. Soňky
döwürde oba içinde kän görnenok welin, talap diýip,
şähere–beýlekä siňdi öýdýän.
Emma, Hudaýa şükür, Kasymyň ene–atasy
aýatda diri. Özleri açyk pyşgyrmasa-da, olaryň
Kasymy gözli–başly etmegiň ugrunda gezip
ýörendikleri kesesinden belli. Deregini başga hiç bir
zat tutup bilmejek bu tolgundyryjy hem begençli
habary oňa hiç kim aýdanok. Özi ýürejigi bilen
duýýar. Ýöne utanyp, bilmediksirän bolup ýör.
Duýmaz ýalam däl. Soňky döwürde ejesi onuň egin–
eşigine aýratyn üns berip başlady. Baýak täzeje
köwüş bilen iňňeden çykma penjek–balak hem äberdi.
Ejesi bilen kakasy indi Kasym bilen mähirli,
16
mylakatly
gürleşmäni
çykardylar.
Ejesiniň
buýsançdan hem guwançdan doly garaýyşlaryny
Kasym günde telim görýär. Kakasam indi oňa
öňküleri ýaly ýüz bermän ýörenok. Gürrüňçilikde ýa
bir işiň başy tutulanda çagasyradanok. Hamana, uly
adam bilen gürleşýän ýaly, çynlakaý gürrüň edýär.
Hatda Kasyma maslahat salýan wagtam bolýar. Arada
atam eýýamda agaç–ugaçdan ugralla dikeldilip, kim
bilýä, ne söwdalary başdan geçiren, indem könelişip,
itseň ýykyljak bolup duran mal ýatagy täzelemek
barada gürrüň gozgaldy. Şonda kakasy:
- Kasymguly! Ýatagymyz-a halys lagşady. Bu
gün bolmasa, ertir gürpüldäp gaýdar. Hany, muny
näderis? – diýip, çyny bilen sorady.
- Muny ýykyp, ýerinden täzesini salmaly –
diýip, Kasym teklip etdi.
- Wah, on-a özümem bilýän-le. Ýöne nireden
salmaly, nähili pormyda bolmaly, şony gowja
pikirlenmeli.
Kasym täze ýatak barada ozaldan ýüreginde
besläp ýören ähli etsem–petsemlerini orta goýdy.
Kakasam häsini berdi.
- Ýerini beýgeltmeli!
- Hökman beýgeltmeli. Zeý çykmaz ýaly gowy
bor.
- Kerpiçden salmaly!
- Hawa, bişen kerpiçden etmeli.
- Ulurak, giňiräk bolsa...
- Dogry aýdýaň, soňlugy bilen maly
köpelderis, giňişiräk etmeli, dar bolmasyn.
- Towukketegem aňryk göçürmeli!
- Onsoň?
17
- Hajathanaň ýerinem üýtgetmeli!
- Hajathanaň özünem täzelemeli bolar.
- Gowaçanam bu ýere däl-de, ana, hol ýere
basmaly!
- Dogry. Dogry şo. Nesip edenden şeýtmeli.
Kasym kakasynyň soňky sözlerini aýyl–saýyl
eşidenok.
Ýöne
kakasynyň
ýüz-gözündäki,
hereketlerindäki makullaýjy alamatlary görýär.
Indi ejesiniňem gepi–sözi üýtgäp, birhili dili
süýjäpdir. Kasymyň boldumluja göwresine, uzyn
boýuna guwanyp seredýänligi bes–belli. Muny
görmese-de, Kasym duýýar. Garaz, öýerjek bolýarlar.
Nirä barylýa, kim üçin söz aýdylýar, belli däl. Ýöne
gelinlik gözleýänleri çyn.
Öňler-ä gelinlik diýlende nämüçindir Kasymyň
göz öňüne goňşulary Kerwen agaň kiçi gyzy Akmaral
gelerdi. Öz ýanyndan başa bararyndan barmazy ýakyn
hyýaly söwda baş goşardy. Soň bir sähetli gün
Akmaraly daş oba durmuşa çykardylar. Şonda
Kasymyň ýüreginiň bir gizlin ýeri çalaja “jigg” edip
gitdi. Bolany. Başga hiç zat üýtgemedi. “Guly hyýal
öldir” diýen ýaly, Akmaral baradaky bitjegi-bitmejegi
gümana bir kör islegiň ýesirliginden boşap bilmedi.
Çendan atasy öýüne görüşmäge gelýän Akmarala
pynhan–pynhan seretmesi-de şoň üçin.
Aýal edinmek, öý–işik bolmak, güzeran
dolamak barada Kasymyň öz pelsepesi bar. Pelsepede däl ol, häki bir hyýal ýüwürtme. Gelinlik diýlende
Akmaral gözüniň öňünden üç hatar geçip gidýär. Öý
diýlende ýene Akmaral. Biş–düş edip, öýe serenjam
berip, girip–çykyp ýören, ýaşmakly–zatly Akmaral.
Güzeran agzalanda ilki bilen hyýalynda bir süri mal
18
janlanýar. Soňam güžžüldedip, sygyr sagyp oturan
Akmaral.
Akmaralyň bu zatlardan bihabardygy, hatda
Kasym diýen biriniň bary–ýogy hakynda birjigem
pikir etmän, göwni bir ýaly gezip ýörmegi bu gulagy
agyr oglany käte kejikdirýär. Käte bolsa bu pikirlerini
Akmaralyň duýaýmak ähtimallygy gorkuzýar.
Kasym o diýen gorkak bolmasa-da, çekinjeňdi.
Eýse, Kasymyň ýerinde bolup, Akmarally meselede
gorkmajak barmy?
6.
Şemşadyň oturyp–turup mazasy bolmady. Ol
öýünde karar tapman, Kümüşiň ýanyna gitdi. Gapdal
goňşularynyň ikisi bilenem Şemşadyň weji ýok. Sag
tarapky goňşulary bilen-ä asyl gatnaw hem edenok.
Barmyňam diýenok. Onuň bilen haçan nämäniň
üstünde dawa edip, tersleşendigi Şemşadyň ýadyna
aýyl–saýyl düşenok. Çaga üstünde bolaýmasa. Çep
gapdalyndaky goňşusy bilen bolsa enteg–ä çürt–kesik
tersleşenok. Arada tersleşäýmeli hem boldy. Şemşat
bu goňşusynyň ýanynda Güjük agalaryň ortanjy gelni
Dürnabat barada aýtmasyz, ýakymsyz bir gürrüň
edipdi. Özünden toslamandy. Ilden eşidenini
aýdypdy. “Bilmedik bolgun, gyýw. Onda–munda
ýaňrap ýörme. Gürrüň şu ýerde galsyn” diýibem birki
gezek berk sargyt etdi. Bi albassy heleý bolsa
Şemşatdan eşidenlerini şo günüň özünde gyzgyny
bilen Dürnabada ýetiräýse nätjek?! Aýdylan gürrüňi
19
gylyny gymyldatman ýelmemek gowy däl, bu
darsdaban, ataýry heleý onam etmändir. Birgiden
bolar–bolgusyz zatlary toslap, goşup, Şemşadyň
diýmedik, hatda kellesine gelmejek gürrüňlerini
diýdiripdir. Dürnabat bilen gyrlyşdyrjak bolýanlygy
bes–belli. Niýeti gowy däl. Gepçi, arabozar, görip!
Ýene
Şemşat geçirimlilik etdi. Dübläp, üstüne
barmady. Tersleşmedi. Heňkirip, içini sowatmak üçin
dili gijäp, içi byjyklap duran-da bolsa, goýberen
hatasy sebäpli hyrçyny dişledi-de, oturyberdi. Arman
çekdi. Örtendi. Goňşusyny welin, mazaly tanap
goýdy.
Ozalky endigi boýunça ol Kümüşiň ýanyndada ilki goňşularyndan zeýrendi. Esasanam araky
myjabaty üçin çep gapdalyndaky goňşusyny Hudaýa
tabşyrýandygyny gaýta–gaýta ýanjady. Soň Kasymyň
ejesi Aknuruň üstünden düşdi. Ýok, Aknurly gürrüňi
özi başlamady.
- Hol günki gelen haýsy Aknur eken, gyz? –
diýip Kümüş gyzyklandy.
- Haýsy Aknur bor öýdýäň?! Ynha, şü gaýraky
Atalygyň heleýi Aknur.
Şemşat Kümüşiň “O nämeüçin gelipdir” diýen
soragly garaýşyna sorag bilen jogap berdi:
- Nämüçin gelendir öýdýäň? Heý, şo heleý idili
gürrüň bilen gelermi?
- Gudaçylyga gelendir. Kasym üçin. Şeýlemi?
Şemşat gapdalynda tüpeň atylan deý ziňk edip
gitdi. Ýüzi böz–ýaz boldy. Gaşlary çytyldy. Ýüreginiň
gürsüldisi güýçlendi. ”Kimden eşitdik-ä, gyz? Ýa
çaklap urýamyka? Ýa bolmasa eýýämhaçan
hemmesiniň aňyrsyna çykyp, indem muny meň
20
agzymdan eşitjek bolýarmyka? Heşelle kakmak üçin
edýämikä?” diýen sowallaryň ejirini çekip oturşyna,
eliniň titreýänini bildirmejek bolup, başbogusynyň
daňysyny täzeledi.
- Kimden eşitdiň, gyz, muny? – diýende sesi
sandyrap çykdy.
Kümüş müýnsüz, arkaýyn gürledi.
- Aý, ýok, hiç kimdenenm eşidemok. Öz
ýanymdan gudaçylykdyr öýdüp otyryn. Bildimmi?
- Ýa eýýäm şolar ýaly gürrüňler ýaýrap, men
ondan bihabarmy? – diýip, Şemşat, garaz, anyklamak
isledi.
Kümüş ör–gökden gelip:
- Goýsana, gyz, ýok zat nireden ýaýrasyn?!
Senem bir zat tapaýýaň oturan ýeriňde – diýensoň, ol
biraz ynjaldy. Onsoň il içinde bular ýaly gürrüňleriň
ýaýramanlygyna bolan ynamyny berkitmek hem-de
beýnisiniňmi, ýüreginiňmi, bir ýerlerinde çykman
ýatan müňkürligi derbi-dagyn etmek maksady bilen:
- Onda sen nireden aldyň bi gürrüňi? – diýdi.
- Aý, näme, ogly ýetişen gyzy ýetişeniňkä
köplenç gudaçylyk üçin barýa-da. Aknuram döwletli
ýerler diýip, size geläýendir öýtdüm – diýip, Kümüş
çekinibräk jogap gaýtardy.
Şundan soň-a Şemşat hasam arkaýynlaşdy.
Ozaldan taýynlap goýan sözlerini huşuna getirmek
üçin gözlerini süzdi. Bogazyny arçap, sesini durlady.
Hekgerip:
- Gudaçylyk diýýäniň çalarak ugrundan barýar
– diýdi.
Kümüşiň bilesigelijiligi artdy. Ol Şemşady
gürletmäge ilgezik boldy.
21
- Bilýän-ä men, Aknur Kasym üçin gelinlik
gözleýändir – diiýp gürrüňi gyzykdyrdy.
- Hawa. Bilipsiň. Gelinlik gözleýäni çyn. Ýöne
gelinlikden öň doga-tumaryň ugruna çykypdyr.
- Doga-tumaryň?
Hawa,
doga-tumarsyz
saçagynyň
açylmajagyna akly ýetipdir.
- Waý, Alla-a! – diýip, Kümüş ýakasyny tutdy.
– Hakyt şeýlemi? Saňa doga alyp ber diýdimi?
Şemşat ykjamlandy.
- Neme diýdi, siziň ataň öýňüz tarapda diýdi,
güýçli işan bar diýýäler diýdi. Menem Esen işandyr ol
diýdim.
Şemşadyň atasy öýi bu ýerden uzakda bolup,
hakykatdan hem ol obada Esen işan atly köpe ýaramly
biri bardy. Bu barada Kümüşem azda-kände bilýän
eken.
- Hawa, Esen işan diýib-ä eşidýäs. Gören
adamymyz däl.
- Ata-babasynyň gurbany bolaýyn, aňyrsy
ýanyp duran güýçli işan. Özem garaçydan çykan.
- Dogrudyr. Onsoň? Aknur näme diýdi?
- Aknurmy? Neme diýdi, hawa, şol Esen işan
diýdi. Şony göräýjekdim diýdi. Işanlyk näme işiň bar
diýsem, Kasymguly jany gözli-başly etjek bolýan
welin, baran gapym ýapyk diýdi. Işan aga ýykylyp,
bir doga-tumar alaýsam diýdi. Ýolumyz açylyp,
bizem bir ile meňzesek diýdi. Gaýrat edip, öňüme
düşäýseň diýdi.
- Sen näme diýdiň onsoň?
- Näme diýeýin? Ýok diýjekmi? Daşymdan bor
diýsemem, içimden, haý, näbileýin, depme keri doga-
22
tumar heleýli edibiläýse ne ýagşy diýip otyryn. Gyýw,
gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn welin, petigara
baran ýerinden kowulýar – diýip, Şemşat soňky
sözleri ýarym pyşyrdy bilen aýtdy.
Kümüş aýal nebsagyryjylygy bilen:
- Wah, wah-eý! Aknur görgüli aljyrap, ugruny
ýitirip ýör oguşýa. Özüň abraý berewer, Allajan! –
diýdi.
- Ugruny ýitirip ýörmi, tapyp ýörmi, biz-ä
bilmedik. Alla sowsun! Daş etsin! – diýip, Şemşadam
özüçe dileg etdi.
- Gyýw, onsoň nememi, bi Esen işan diýýänleri
duza dem salýamy? Ýa oturan ýerinde okap berýämi?
Dogtora gatnan ýaly oňa-da zol gatnap ýörmelimi? Ýa
bir baraňda belliňi edýämi?
- Näme edýänin-ä biljek däl. Ýöne gaty güýçli
işandygyny biläý! Haçan barsaň, işigi adamdan doly.
Bi görlen däl. Ho-ol itiň ölen ýerinden gelip durlar.
Galyň bende zir–zöwran. Ynansaň, gyz, hakyt
zynjyrlaýmaly zyr dälinem açýamyş. Güýçliligi şol.
Güýçli bolmasa, millet bary işan aga diýip, işiginde
goş basyp ýatmaz-a. Dogry dämi?
- Dogry. Hak gürrüň. Güýçliligine şekimiz ýok
– diýip Kümüş goldady.
- Hol arada ysmaza ýolugan birini eltipdirler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gylsyrat - 2
  • Parts
  • Gylsyrat - 1
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2193
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 2
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 2113
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 2111
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 4
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2211
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 5
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2172
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gylsyrat - 6
    Total number of words is 1166
    Total number of unique words is 790
    39.4 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    59.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.