Latin

Gökdepe galasyndaky söweş - 4

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2268
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
biraz salym ýykylman saklanar ýaly daýanç taýagyna öwrülmändiklerine ömürboýy aglarlar.
Belkem, wagtyň geçmegi bilen ojagaz bäbejiklerem, men ýaly öz atalarynyň ýüz keşbini
unudarlar. Her näçe jan etselerde, olaryň kimdigine göz ýetirmek üçin şehitleriň merdana
sypatyny hakydasyna getirip bilmezler. Çyrlaýan çagajyklaryň haýygan ýüzlerinde men ors
kemendirini, onuň reňksiz reňkli pogonyny, ondaky erände der basdyryp, gözüňi ýaşardýan
simaba meňzeýän ýyldyzyny görýärin. Güne ýalpyldaýan ädigi, aýnasy öňe zomap duran äýnegi
bile ol kemendir garga meňzeýär. Onuň aňyrsynda bolsa çöldäki maslyga gonup-uçup ýören
dazzarkeller hatar gurap oturan mysaly. Olar çommalyşyp bir-birine boýuny deňläp otyrlar we
kimdir biriniň barmagyny galdyryp “maslyga tarap çozuň” diýip buýruk bererine garaşýarlar.
Men gözümi açdym. Maňlaýym derläp gidipdir. Men ýerimden turdum we daşary çykdym.
Göňşy tamda çagajyk aglaýardy. Onuň sesi şeýle bir zaryndy weli, göwnüme biri meniň
ýüregime neşder sokýan ýalydy. Serime gelip-geçýän gorkunç oýlardan ýaňa meniň başym
aýlanýardy, ýakymsyz duýgular döreýärdi. Bu perişan düýşden açylmak üçin daşyma
garanjaklaýardym.
Gala täze bir keşbe giren ýalydy. Golaý-goltumdaky obalar eýýäm bu ýere göçüp gelipdi.
Täzelikde dikilen öýleriň bir-birine degşip oturyşy zynjyrly halkany ýadyňa salýardy. Bu
zynjyry, bu halkany böwsüp biljek güýç ýokdur diýdirýärdi.
Hemme ýerde şatlyk höküm sürýärdi. Adamlaryň ýüzi begençli ýylgyrmadan nurlanýardy.
Başlaryna gyzyl gülli ýelýyrtan ýaglyk oranan aýallaryň öý arasyndaky hereketi togtamaýardy,
goňşy-goňşysyna kömek etjek bolup ot-elekdi.
Men tamdyrda täze bişirilen çöregiň ysyna melul bolupdym. Gyzaran tamdyrlaryň başyna aýallar
üýşýärdiler. Hem çörek bişirýärdiler hem özara öý-içeriň aladasynyň gürrüňini edýärdiler.
Gopuzyň hem-de läle kakýan gyzlaryň sesi gelýärdi. Ese-boýa galan çagalar agaçdan at ýasanyp
öýleriň arasynda ikiýana çapyşýardylar.
Bu şatlyk-şagalaň ýöne ýere däldi. Bu gün Batyr hanyň ogly Adyna hanyň toýydy. Bu günki
gelin alyjyny, üsti kejebeli heşdek maýany ugratmaga howlugylmaýardy. Gelin alynjak obanyň
özi galanyň içine göçüp gelipdi. Toý tutýan Batyr han bilen gudalaryň arasynda üç-dört sany öý
bardy.
Öýleriň serpigi galdyrylypdy. Galanyň üştiaşyry köwsarlap gelýän säher şemaly çigräp ugran
güýz howasynyň hoşroý ysyny getirýärdi.
Onunjy perdäniň owazy
GÜN ÝAŞYP BARÝARKA
Hemişede şeýle. Haçanda adamlar bir maşgala öwrülip ýaşaýarka, bir saçagyň daşyna üýşüp
tagam iýýärka, aýlar-günler şeýle bir çalt aýlanýar weli, biz dokuz aýyň nädip duşumyzdan
geçenini hem duýman galypdyrys.
Dokuz aýdan soňam, birnäçe güň geçdi. Eger-de bu günleri ýygnap tereziň okaralaryna salagada, çekip görseň, ajy hem-de gaýgyly günleriň şatlykly, şüýji günlerden agyr geljekdigi
ikuçsyzdy. Şo döwürde sährada wehim-howatyr hökum sürse-de, galanyň içi parahatlykdy,
adamlar garagünleri bilen başagaýdylar. Orslaryň bolsa, öňküleri ýaly galanyň daşynda düşlän
oýlaryndan başga yere göçmän oturyşlarydy. Ýöne, aram-aram, gije ol oba çozulypdyr, bu oba
talanypdyr, kerweniň ýüki urlupdyr gürrüňleri çykýardy.
Şol gün irden gala çyg düşüpdi. Gün naýza boýy galsa-da şöhlesi galaň içine düşenokdy. Men
mallary sürüp barşyma, Batyr hanyň öýüniň deňine ýetemde adamlaryň girip-çykmasynyň
artandygyny aňdym. Öýe giren aýallar begenişip, ýüz-gözlerini güldürip çykýardylar.
Şu ýerde, öten agşamky waka ýadyma düşdi. Men aýal maşgalanyň agy sesini eşidip ukudan
oýanamda ýary gijeden agypdy. Bu ses Batyr hanyň öýi tarapdan gelýärdi. Öten agşam, olara
galanyň ähli köpi gören garry aýallary ýygnanypdy. Meniň çakyma, agy sesi daňdana çekipdi.
Häzir weli öýden agy sesi eşidilmeýärdi, aýallaryň gijeki howsalasy ýokdy.
Men hemmesine düşünip galdym. Aýallaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary bäbejigiň dünýä
inendigini aňladýardy. Uç gyraksyz asmandaky sansyz ýyldyzlaryň içinde täze biriniň
dogandygyny habar berýärdi. Ýaňy dünýä inen çaga dokuz aý, dokuz günüň garaşmasyndan soň
Adyna hanyň depesini göge ýetiripdi, Batyr hana ilkinji agtyk görmek bagtyna miýesser edip,
ony atalyk mertebesine ýetiripdi.
Nurberdi hanyň aýaly ýylgyryp Batyr hanyň öýünden çykdy. Onuň süňkbaşy göwresiniň
iridigine garamazdan edil, bahar aýlary uçup gelen kebelek ýaly howada gaýyp ýörene
meňzeýärdi. Ýogsam, bolmanda käbir dili uzynlar “hanymyzyň aýaly ýigrimi putdanam agyr”
diýip, gülüşdirýärdiler. Ikibaka ylgaşlaýan aýalyň öz begenjini beýlekiler bilen paýlaşasy
gelýärdi. Bu bagtly günden birnäçe gün ozalam Nurberdi hanyň aýaly: “Nesip bolsa Batyr hanyň
ogul agtygy bolar!” diýip, göňşy-golamlary begendirýärdi.
Haçanda men onuň bilen pete-pet gelemde saklanyp bilmän:
— Gelneje, nirä howlukýaňýz, Batyr hanyň agtygy ogulmy-gyz?
Ol maňa tarap çiňerilip seretdi-de, uly göwresine dem alyp:
— Haý garagol diýsäni, hiý, şu wagta çenli gelnejeňiziň çakynyň iki çykanyny gören bamydyr?
Hä? Ýogsa-da ogul!
— Onda, nirä barýaňyz, gelneje!
— Wah, dünýäm Ahmet ahunyňka barýan, bäbegiň gulagyna ilki Azan sesini eşitdirmesek
bolmaz ahyry…Soňra Batyr hany tapmaly, onuň buşluga näme berjegini göreris, ynha, ogul,
görseň, gelnejeň asyl ýetişer ýaly däldir.
— Näme, Batyr han ogul agtygynyň bolanyndan bihabarmy?
— Oň habary ýok, daňa golaý öýden çykyşy… Ertir namazyndan soň öýüne dolanar öýtdük,
emma, häzirem gara berenok.
Gelneje soňky sözlerini mazaly arany açansoň aýdyp barýardy. Menem mallary kowup öz
ugruma gitdim. Mallaryň sürlenişip galanyň derwesine tarap gidesi gelýärdi. Meniň weli häzir
ähli güýmenjämi, dowarlary bir ýana taşlap, galanyň içine ylaglap aýlanyp çykasym gelýärdi.
Hemmelerden öňürtiläp Batyr hana agtygynyň bolandygyny buşlasym gelýärdi.
Hyýalymdaky arzuwlarymy jemläp galanyň beýyik diwarlarynyň üztünden uçup çykaýjak
ýalydym. Meniň ilki nazaryma ilen zat garawullaryň garaköl telpekleri boldy. Men olara
sygyrdym, soňra elimi bulap:
— Goragçy, Alla saňa medet bersin!
Meň täze tutunan köpegimem guýrugyny bulaýlap garawullara tarap üýrmäge başlady. Diňdäki
garawul bizi gördi we elini galdyrdy. Merdemsi sesi bilen: “Taňry ýalkasyn!” diýip, jogap
gaýtardy. Soňra maňa hüşgär bolmagymy sargady:
— Galadan daşyna çykjak bolsaň orslardan ägä bol! Seret, birden geçen ýylkyň ýaly
goýunlaryňy eliňden aldyraýma!
Menem:
— Maslahatyňa sag bol! – diýip, jogap berdim.
Çopan taýagymy egnime atyp, mallara haýkyryp, derwezä tarap ýola düşdüm. Ala köpek bir
eýläk, bir beýläk loňkullap yza galýan ýa-da gyra çekilýän goýunlary gözünden sypdyrmaýardy.
Metjidiň deňesine ýetemde onuň işiginde üýşüşip duran aksakallary gördüm. Olaryň arasynda
Batyr hanyň tanyş, pälwansypat keşbi göze ilmeýärdi. Metjide has golay baramda ylgap içine
nazar aýlap gaýtdym. O yerde hem Batyr han görünmeýärdi. Kyblasyny bakyp oturan gojalar
köpdi we olar ellerindäki tesbisini sanap, birsyhly Allanyň adyny gaýtalaýardylar. Men metjidiň
alagaraňky böwrüne seretdim. Ýene iki günden Gurban baýramy başlanýardy. Men hyýalymda
Baýram namazyna bu ýere ýygnanjak märekäni göz öňüne getirmäge çalyşdym. Bu sapar
adamlar meýdançany doldurar. Galanyň içine göçüp gelenleriň hemmesi bir ýere ýygnansa,
metjidiň içiniň darlyk etjegi görnüp durdy. Şo gün tüýs “iňňe atsaň ýere düşmez” diýileni bolar.
Metjidiň daşyndan maňa garaşyp halys bolan itiň öýkeli sesi gelýärdi. Men ukudan açylan dek
mallaryň yzyndan ylgadym.
Derwezä ýakynlaberemde gaýraky garawul diňinde kim barka diýip garanjakladym. Goragda
duranyň kimdigini daşdan bilmek kyndy. O duran elini kölegeledip galanyň daşyna esewan
bolýardy. Birdenem onyň egninden asylgy hyrlysynyň ýokdugy meniň ünsümi çekdi. Göwnüme
bolmasa ol Batyr handy. Golaýrak baryp bokurdagyma sygdygyndan gygyrdym:
— Salawmaleýkim ýaşuly! Sag-aman örüşdiňizmi? Orslardan näme habar?
Yzyna öwrülen göwräniň gyrçuw sakalyny görenimden depäm gök diredi. Batyr han ýylgyryp:
— Waleýkumessalam, oglum! Sähra dynçlyk, asmanymyz arassa – diýdi.
Soňra ýene-de aňyrsyna bakyp uzaklara seretmesini dowam etdirdi.
Meniň gökdäki dilegim ýerde gowuşypdy. Beýle bagta Allaň özi miýesser edäýmese, öz eliň
bilen uçramak mümkin däldi. Nurberdi hanyň aýalyňyň bu ýere, gaýraky diňe gelip ýetişmejegi
görnüp durdy. Men artyk oýlanmazdan galaň diňine tarap haýdadym, basgançaklardan üstiaşyry
böküp, ýokary galdym.
— Gözüň aýdyň, han aga! Buşluk, siziň agtygyňyz boldy!
Batyr han meni ömründe birinji sapar görýän dek dikanlap seretdi. Onuň ýüzüne meniň gözümiň
alnynda bagt hem-de şatlyk nury çaýyldy.
— Ýaşyň uzak bolsun, köşegim! Ogulmy-gyz?
Men gyssanjyma oňa agtygynyň oguldygyny hem aýtmadyk bolsam nätjek.
— Ogul agtygyňyz boldy. Nurberdi hanyň aýalynyň ertirki sizi gözläp ýörşi.
Süriniň jaňly goçunyň düňňürdisi eşidildi. Jaňly öweç mallaryň içinde iň semizi hem-de iň
daýawydy. Batyr han äwmezlik bilen: ”Nurberdi hanyň aýalyna-da buşluk haky beriler, ony
gaýgy etme! Bar, honha şol jaňly öweç seň baýragyň bolsun, razymy sylagyňa?”
Men öz gulaklaryma ynanmadym.
Batyr hanyň görejinde azu-kem alada-ünji görüp oňa sorag berenimi duýman galypdyryn:
— Ýaşuly, Sizi ünji basan ýaly-la?
Ol galanyň aňyrsyndaky baglara elini uzadyp:
— Meniň ýüregim şo tarapdan bir belanyň süýşüp gelýänini duýýar.
— Näme, bir ahwalat gopdumy?
— Aý, ýok häzir-ä gopan zat ýok weli, ýöne welisi bar-da…
Batyr öz gürrüňini ahyryna çenli aýtmady. Men ondan:
— Ýaşuly sähralyg-a dymýar, adam-gara görnenok – diýdim.
Batyr han uzap ýatan sähra nazaryny dikip:
— Wah, sähraň şol dymmasy bar bolsun! Şo meni ynjalykdan gaçyrýar – diýdi.
Dogrusy men onuň näme diýjek bolýandygyna doly düşünmedim. Onuň ýadaw göreçlerindäki
hasraty ilkinji ogul agtygynyň buşluk habary-da aýyryp bilmeýärdi.
Meniň Batyr hanyň göwnüni göteresim geldi:
— Söňky günler-hä orslaryň hüjümi ýatyşdy, mallaram örüde hezil edinip ýaýnaýar…
Batyr han meniň sözümi kesip:
— Sadalyk etme, oglum! Olaryň bir zadyň başyny jemleýänini aňyp durun! Ýene iki günden
Gurban baýramy. Her nähili ahwalat bolsa-da biz Baýram namazyny şu galada okap doga
etmelidiris!
Şeýle diýmek bilen ol esasy sözümi gutardym hasap etdi we sakalyny uzyn, gödeňsi barmaklary
bilen sypalady.
— Siz dagy heniz ýaş ahyryn… Bolsa, ýaňy on ýedi bahary görensiň-dä! Mallaryňdan hüşgär
bol, oglum! Maly bolmadygyň haly bolýan däldir… Alla öz bendelerine rehimdardyr, kereminiň
hiç soňy ýokdur. Bu aladalaň soňy düzdür işallah!
Mundan soň ol öri meýdanyň çäklerini görkezip:
— Ozümize degişli örüden daşyna çykma! Gala göçüp gelen goňşylarymyza-da sonarlykda ýer
berdik, olaryňam paýy biz bilen des-deňdir.
Kelleden tahýamy çykaryp, onuň çaň degen ýerlerini kakyşdyrdym we Batyr hany
köşeşdirmekçi boldum:
— Ýaşuly mallaryň, örüniň gaýgysyny etmäň! Agtygňyzyň gaýgysyny ediň, gowusy! Onuň
aglaýan sesi älem-jahany göçürip barýandyr.
Batyr han heziller edinip güldi. Men sözümi dowam edip:
— Mallar Gurban baýramyna taýyn, ýene iki günden adamlaryň hemmesi menden razy bolsalar
gerek!
Gürrüň şu ýere ýetende men Batyr hanyň buşlugyma beren süriniň jaňly öwejini ýatladym.
Ýanyndan aýrylşamyzda men Batyr hana şeýle diýdim:
— Eger siz rugsat berseňiz, men Gurbanlygyň ilkinji güni şol şürini çekýän öweji ýykaýsam
diýýän, niçik görýäňiz?
Batyr han assajadan:
— Enşallasa – diýip razydygyny aýtdy.
Men galanyň diňinden aşak düşemde-de howlugyp, birküç tekjeden üstiaşyry bökýärdim.
Arkamdan Batyr hanyň doga okap, yzyndanam: “Eý, Allam, bela-beterden özüň goraweri!”
diýip, dileg edenini eşidip galdym.
Men Batyr hanyň haýsydyr bir aladanyň ýüküniň aşagynda galandygyny aňdym, emma, haýsy
gaýgynyň ony horluga salandygyna düşünip bilmedim.
Galanyň daşynda, durşuna ýaşyl mahmala bürenen üç-gyraksyz sähralyk ýaýylyp ýatyrdy.
Örüniň jümmüşine ýetensoň mallar çar ýana ýazylyp ýaýrady.
Bu gün-ertirki başlanjak gurbanlyk hakynda, adamlaryň hemmesiniň Allanyň rehimdarlygynyň
hatyrasyna janly kesjekdiklerini ýatladym. Nesip, bolsa menem, şahlary burum-burum, äwmän
ýörände boýnundaky jaňy ýaýla ýaň salýan öweji Allanyň ýoluna bagyş ederin. Beýleki çagalar
ýaly gurban kesilen malyň damak ganyndan barmagymy ölläp, maňlaýyma degiräge-de, Allanyň
öňünde oňa gerek bolsa islendik gurbany bagyş eýlejekdimi subut etjekdigimi göz öňüme
getirdim.
Meniň gürrüňini berýän şu günlerimde – ýaş ýigitleriň orslaryň leşgerine gijelerine edýän
çozuşlarynyň şowly günlerinde galanyň halkynyň şatlygynyň çägi bolmazdy, şükür edýänleriň
elleri göge göterilýärdi. Aýallar bolsa, dürli-dümen tagamly naharlary bişirip sadaka paýlardylar.
Bu olaryň Alla minnetdarlygynyň alamatydy.
Bu serime gelip-geçýän oý-pikirleriň arasynda galamyza tarap seredýärdim. Gala uzakdan
gaýanyň bir bölegine meňzeýärdi. Onyň bütewiligini bozup biljek güýç bardyr öýtmeýärdim.
Körükde ýakylyp bişirilen gyzyl kerpiçlerden nagyş ýaly örülen belent diwarlar galany
gözýetimden seredeniňde, sarsmaz hem-de mahabatly köşklere meňzedýärdi.
Men maýsalygyň üstüne özümi göýberdim. Orslarda ýesirlikde bolalym bäri gapdalymdan
goýman göterýän sapy gysga jöwherimi gynyndan çykardymda, ony synlamaga başladym.
Pyçagyň tygy günüň nuruna lowurdaýardy. Dem alasy pursatlarda şu pyçagyň ýerine köneje hem
bolsa bir tüpeň, hyrly ýa-da goşanil bolsa bolmaýarmy, menem il deňinde at münüp, ululara
goşulyp, orslar bilen garpyşyga girerdim diýen pikirler kelläme gelýärdi.
Wagt ikindä sapyp ýördi. Asman garalýardy we ilerdäki daglaryň başy al öýme atynan gelini
ýadyňa salýardy. Daş-töweregiň niresine nazar aýlasaň elwan reňke boýalypdy. Giden-giden öri
meýdanlary, hat-da Galanyň üstündäki asmanyň gümmezem ýaşyp barýan Günüň hoşlaşyk
şöhlesi bilen, gyrmyzy reňke boýalypdy.
Ýataga gaýtmaly pursady aňýan mallar bir ýere jemlenişip gala tarap ýüzlerini öwürdiler. Men,
mallary birlaý tükelledimde ýataga kowup ugradym. Malyň yzyna eýerip gaýtmaly bolansoň,
ýolda garaňky gatlyşyp göz baglanypdy. It öňde dilini sallap seňkilläp barşyna, aram-aram durup
diňşirgenýärdi. Men onuň burnuny ysyrgadyp, çyňsanda teşwişli garaýan depelerine, gerişlerine
ünsli seredýärdim. Daş-töwerekde ünsüňi çekýän zat ýokdy.
Emma, weli it üýrmesini kesmeýärdi. Men çopan taýagymy egnime atyp, ylgap iň golaýdaky
depäniň üstüne çykdym. Itim guýrugyny bulaýlap, üýrüp gelşine menden galmady. Depä çykyp,
dört ýana garadym. Ilki, parahatlyk ýaly duýulsa-da, bir ýerden nätanyş bir güňleç sesiň
gelýänini aňdym. Depämden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Gulagymy ýere goýup, diň salamda
ýeriň astyndan düňküldä meňzeş sesi eşitdim. Endam-janymy sowuk der basdy. Men dikilgi
gazyk ýaly somalyp durşuma daş-töwerege esewan bolýardym. Ýüregim çalt-çaltdan urup
ugrady. Maňa indi nätanyş sesler, ýeriň aşagyndan däl-de, golaýda, alaňyň aňyrsyndan gelýän
ýalydy. Sebäbi, birden güňleç sesleriň erkek kişiniň gülkisine öwrülýändigi aýyl-saýyl
bildirýärdi.
Men bu gülki sesleriniň orslaryňkydygyna ynandym. Taýagymy berk gysymlap, jöwheri
gynyndan çykardym. Garaňkylykda men birnäçe kişiniň göwresiniň suduryny saýgaryp
başladym. Aýagymyň ragwaty gaçyp, dyzlarym saňňyldap gitdi. It janawer artykmaç saklanyp
bilmän, gara görnen tarapa üýrüp başlady. Orslaryň sesi galdy, olaryň kölgesiniň hereketu ýatdy.
Men assadan yzyma süýşdüm we mallary gözden salmaýyn diýip, sürä tarap ylgadym.
Mallar sozanguýruk bolup gala tarap barýardylar. Men gala tiziräk ýetjek bolup egri taýagy
bulap olary hasam gyssadym.
On birinji perdäniň owazy
METJITDÄKI MASLAHAT
Agşam kemsiz düşüpdi. Gijäniň garaňkysy, galany gara keçe bilen örtülen dek tümlüge öwrüpdi.
Adamlar metjide ýygnandylar we hemmeleriň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşmaga başladylar.
Gijä galanlar metjidiň bir böwründe namaz okaýardylar. Ümsümlige öwrenişmedikler,
beýlekileriň ünsüni sowmak ücin, gijeki çozuşlardaky öz başyndan geçirenlerini gyzygyp gürrüň
berýärdiler.
Aksakallar öňki hatarlarda ornaşypdylar. Hajynazar han we Aga han örän aladalydy. Batyr
hanam olaryň arasynda otyrdy. Ol elindäki tesbisini sanap, tesbih okaýardy.
Biz metjidiň agaç gapysyny jygyldadyp açyp, içine girdik. Hemmeleriň nazary bize tarap
gönükdi. Meniň yzymdan elleri tüpeňli Adyna han we onuň nökerleri girdi. Jemagatyň arasynda
bir pyşyrdy döredi. Men ýuwaşlyk bilen adamlaryň arasyndan töre, gadymy Kuran kitaplary we
beýleki ders kitaplary goýulýan tekjäniň öňüne bardym. Içerdäkileriň ýarsynyň ünsi mende,
ýarsynyňky bolsa Adyna handa we onuň ýoldaşlaryndady. Özgeleriň nazarynyň nyşanasy
bolmak maňa aňsat düşmeýärdi we tahýamy çykaryp, elime alanymy, ony bir epläp, bir ýazyp
oturanymy duýmandyryn. Üşerileşýän adamlaryň göreçleri maňa naýza bolup sanjylýardy. Çar
tarapdan sorag ýagdyryp ugradylar:
— Sen näme orslara sataşdyňmy? Näme görüp, näme eşitdiň?
— Orslar näçe adam eken?
— Hany, gürle-dä-haw!
Galmagal göterilipdi. Hemmeler meni gürletjekdi. Men sesimi çykarman başymy aşak salyp
oturyberdim. Adyna han bilen onuň ýoldaşlary öňe şüýşdüler.
Indi hemmeleriň ünsi olara gönükdi. Batyr han elindäki tesbisini kisesine saldy we adamlara
tarap garap, doga okady. Soňra, sakalyny emaý bilen sypalaşdyrdy. Oturanlaryň hemmesi onuň
yzyny göterip, “Ämin” diýişdiler. Adyna han kakasynyň gulagyna bir zatlary pyşyrdady-da, bir
gyra çekildi. Batyr han ýaşulylara birlaý göz aýlap, olardan geplemäge rugsat sorady.
Hemmeler agzyna suw alan dek dymdylar. Dymyşlygyň jümmüşinden Batyr hanyň: ”
Bismyllahy-r-Rahmani-Rahym!” diýen, sesi eşidildi.
Men dogrusy nähili beýle bolýanyny bilmedim, Batyr hanyň sesini eşidenimden, bütin
endamyma gyzgyn howur aralaşan ýaly boldy. Men ýene-de kelläme tahýamy geýdim, ezýaka
köýnegimiň ýeňi bilen maňlaýymyň derini syldym. Batyr hanyň mylaýym sesi kalbymy
köşeşdirýärdi.
— Aksakallar, ýaşkiçiler, jemagat baryňýz eşidip oturyň, şu gün, ikinden soň, biziň ilimiziň
çopany Ýaşbagşy ilerki baýyrlykda orslaryň sesini eşidip, garaňkyda çala suduryny görüp
galypdyr…
Adamlar gürrüňiň yzyny eşitmek üçin Batyr hanyň näme diýjegine garaşdylar. Batyr han Adyna
hany we onuň ýoldaşlaryny görkezip:
— Men Ýaşbaşyň yzysüre ýigitleri ugradyp, “Bu habary anyklaň” diýdim. Olaram “Hiç kime
sataşmadyk” diýip, ugur-utga tapman geldiler…
Oturanlaryň içinde eýýämden arkaýynlaşanlary tapyldy.
— Hudaýa, şukür!
— Ertir Gurbanlyk, Orslar baýram güni üstümize çozup durasy ýok-la!
— A-haw, orslar Ýaşbagşyň gözüne görünen bolaýmasyn?
— Hawa-laý, gorkana käte goşa-da görüňýändir-how!
Metjidiň içiniň gowury gitdigiçe ulalýardy. Batyr hanyň söze başlamagy bilen ýene-de sesler
ýatyşdy.
— Doganlar, iniler! Men orslaň dek ýatmajagyna ynanýan, olar bir zadyň hyýalyna çykandyr!
Kimdir biri:
— Ýaşuly, beter basga galmak gerek dälmikä diýýän! Eger çozaýsalaram, bu gezegem olaryň
garşysyna durarys – diýdi.
Oturan ýaş-ýeleňler baş atyp ony göwüňjeň goldadylar.
—Barymyzyň başymyz jemlenensoň, daşymyzda-da şular ýaly berk galamyz barka, kimden
gorkmaly biz?!
— Her birimiziň orsuň bäşisine taý geljegimize-hä söz ýokdur, adamlar!
Olary eserdeňlik bilen diňleýän Batyr han: “Hiçiňiziňem urşdan heder etmeýäniňize şübhäm
ýok, ýöne…” – diýip, içki ikirjeňlenmesini daşyna çykardy. Sözüne dyngy berdi-de, başyny aşak
salyp: ”Şo generalyň ýedi pyştyna, şeýtan Skobeliň adyna nälet siňsin-le!” diýdi.
Onuň sesi gahardan hem-de ýigrençden doludy. Ol öz içindäki duýgulara bäs gelip bilmeýärdi.
Aga han we beýleki aksakallaram Skobelewiň adyna edilen gargyşy gaýtaladylar.
Nurberdi han ýerinden ör turaga-da Batyr hana ýüzlendi:
— Batyr han, eger men ýalňyşmaýan bolsam, sen bir zady-ha bizden gizlejek bolýaň? Böwrüňe
sanjy edip ýörmän, aladaňy halk bilen paýlaşaýarlar ahyryn…
Oturanlaryň içinde ýene-de biri Nurberdi hanyň pikirini goldady:
— Ýaşuly, aramyzda keseki ýok, onsoňam siziň aýdanyňyza ýok diýjekler bu ýere gelmezdi!
Batyr han uludan demini alyp, ýuwaş gurledi: ”Eýýäm giç, başymyza bela ýeriň aşagyndan
gelýär öýdýän!”.
Adamlar geň galyp bir-birleriniň ýüzlerine seretdiler. Gaşlar çytyldy.
Nurberdi han telpegini çykaryp, Batyr hana edep bilen ýüzlendi:
— Ýaşuly, pikiriňi açykrak aýtsana! Ýeriň aşagyndan geljek bela, o niçiksi belamyş?
Bu ýere gelenleriň biri çydaman:
— Aý, bu gürrüňler il içiniň boş gürrüňinden başga zat däl-läý! – diýdi.
Emma, men Batyr hanyň çaklamasynyň, howatyrlanmasynyň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna
ynanýardym. Soňky wagtlarda Batyr hany gözlämde, galapyn ýa-ha metjidiň içinde, ýeke özi bir
alada gaplanyp oturka ýa-da galanyň goragçylarynyň arasynda dürbi bilen alyslara seredip,
golaýlaşyp gelýän bela garaşýan dek ot-elek bolup duran ýerinde tapardym.
Onuň, orslaryň täze meýilleri bilen baglanşykly howsalasy ýöne ýerden döremeýärdi. Meniň
uçin bu ikirjiňlenmeler has-da hüsgärlik, böwrümde sanjy döredýärdi. Çünki şol gün orslaryň
arkaýyn gülüsip ýörendiklerini bir pursat görüpdim. Orslaryň boluşlarynyň täze bir “hokga”
çykarjaga meňzeýändigi asyl kellämden çykmaýardy.
Batyr hanyň köne gamlarynyň oýanýandygy ýüzünden bildirip durdy.
— Men, indi Skobelewiň arwahyňkydanam pis niýetine düşünip galdym. Biz ähli obalary gala
ýygnap ýalňyşypdyrys.
Adyna hanyň ýoldaşlarynyň biri saklanyp bilmän:
— Ýaşuly, bi ýere ýygnanmak geňeşiň gelen karary dälmi ahyry? – diýip, sorady.
Batyr han oňa howlukman jogap gaýtardy:
— O karar, dogy karar! Bir ýere toplansak, biziň güýjümiz öňküsinden on esse artar. Şo geňeşde,
biz galanyň içinde jebisleşsek, goranmaga bähbitli bolarmyka öýtdük. Emma, beýle haýynlyga…
Ol ýene-de sözüni böldi. Oturanlar sorag baryny ýagdyrdylar. Men adamlaryň gözlerinde gorky
alamatyny gördüm. Olar Batyr hanyň sözüniň dowam ederinden, asla onuň gürrüňni eşitmekden
gorkýardylar. Ahyry, biri çydaman:
— Ýaşuly, hany, sen näme äýtjak bolsaň, aýtda dynsana! Kapyrlaň haýynlygy hakda näme
bilýän bolsaň, baryny bize aýt!
Batyr han uzak garaşdyrman sözüni dowam etdi:
— Galanyň daşynda baglaryň hatara ösüp oturanlygyndan hemmäňiz habarlysyňyz. Olaryň
ýapragy güýz düşmänkä saraldy, ýere döküldi. Bela gelýä, diýýänim orslar ýeriň aşagyny köwüp
gelýärler. Olardan her hili zalymlyga garaşybermeli!
Hemmeler aňka-taňka boluşdylar. Dogrudanam, oturanlaryň hemmesi galanyň daşyndaky
baglaryň wagtyndan ir saralanyny görýärdiler. Ýöne, olaryň biwagt saralmasynyň orslar bilen
baglanyşygy bardyr diýip hiç kimiň kellesine-de gelmeýärdi.
Batyr han ýene-de gürrüňini dowam etdi:
— Şu gün şapak diýseň gyzaryp ýaşdy. Meniň pikirimçe, bu betbagtçylygyň alamaty.
Ol soňra yzky hatarlarda oturanlara ýüzlenip gygyrdy:
— Çopanlardan, Satlyk, Kakabaý, Hudaýberdi, Garýagdy barmy? Bar bolsaňyz aýdyň, heý-de
soňky günlerde baýyrdan ilerde şübheli sesler eşidildimi? Heý-de itleriň bolşunda üýtgeşiklik
duýmadyňyzmy, hä? Aýdyp oturyň.
Hemmeler yzlaryna gaňrylyşyp seredişdiler. Atlary tutulan çopanlar ýanaşyk otyrdylar.
— Hawa, men-ä käte-käte geň-taň düňküldi …
— … Esasanam, gün batandan …
— …Eşidýädim. soň, gürp-gürp köpelýän ýalydy…
— Hawa, birnäçe gün mundan owal, itimiň yzyny üzmän üýreni meňem ýadyma düşýär.
— Beý, dogrudanam, meniňem köpeklerim, birden, ala-basga düşuberýärler-how, şu soňky
günlerde…
— Wah, meň kelläm gursun, ýene-de Arkaja möjek gelipdir-ow diýip ýörsem nätjek?!
Batyr han uludan demini aldy-da, ýene elini tesbisine ýetirdi. Oturanlara gala-gopluk aralaşdy.
— Beý, asyl duşman aýagmyzyň aşagyny gazyp ýör diýsene, biziň weli zatdan habarymyz ýok.
— Hä, barymyzyň tepbedimiz okalyp ýör diýsene!
— Aý, orslaň topunyň dagam sany-sajagy ýok diýýälerle-how?
— Toplarynyň nili dagyň gowagyndan ulumyş?
— Bizde, bary-ýogy ýekeje top bar ahbeti…
— Oňam, ady top-haw, bary ýogy des-deň, topuň ýaragyň şaý bolmasa-ha, näçe goşunyň hem
bolsa, ýagyň garşyna durmak kyndyr…
— Baýram aga! Wagtyndan öň şumluk ýagdyrmasana, Öňki, uruşda, seň gaýtaran ýagyň
azmydy, indi näme birden topy bahana ediberdiň?
Batyr han hem adamlaryň näme hakda aýdýanlaryny diňleýärdi hem ýetişibildiginden tesbisini
sanaýardy. Onuň bütin durky – gür gara gaşlary, çal saçlary we uzyn sakaly sylag-hormat
döredýärdi. Onuň taýsyz giň kalby bardy, çensiz köp syrlaryň öýjügidi, häzir weli onuň ýüregi
bu oturanlaryň ertirki takdyry hakda ünjüli urýardy, öz halkynyň gelejegini gaýgy edýärdi.
Bir burçda duran Adyna han kakasyna ýüzlendi:
— Kaka, seň aýdyşyňa görä, orslar şunça wagtlap, goş basyp ýatman, galanyň aşagyna ötük
gazypdyrlarda?
Batyr han Adyna hana ötgür gözlerini dikip, sakalyny sypap, nälajy gepledi: “O zandyýaman
Skobelden her zada garaşybermeli”. Oturanlardan ýaşy ulyraklaryň biri:
— Batyr, han, eger Hökümet goşunlaryndan kömek sorasak niçik bor? Biziň güýjümiz nähili
bolaýanda hem orslaň agdyklygy görnüp dur?
Batyr han onuň soragyna şeýle jogap berdi:
— Menem, başdan bu hakda az oýlanmadym. Gajar şa, meniň tanaýşymça, öz kölgesinden
gorkup ýören adam. Onuň gaýraty bar bolsa, Kawkaz orslaň eline mugtuna düşermidi? Häzir-ä
baýaky, ol bizi goldamaga gorkýar… Eger-de biz ýeňäýsek, ýeňiji diňe Gajar şa bolar, eger,
bardy-geldi orslar ýeňäýse, weli, onuň murtuna şemal degençe-de bolmaz. Bir adamsyny
ugradar-da, närazylygyny duýdurar oňaýar. Kawkazdaky urşuň näm bilen gutaranyny gördük
ahyry…
— Hawa, öz-ä şeýle bolupdy.
Men, gapdalymda duran pyýadanyň ýaragyna söýendim. Onuň tüpeňine ýaňy ýag çalynan ýaly
ýaldyraýardy. Men ony tanamaýardym. Ol Batyr handan: “Eger, Gajar şadan bize kömek
bolmajak bolsa, orslar bilen özümiz gepleşip görsek niçik borka?” diýip, sorady.
Bu soraga Batyr hanyň gahary geldi. Ol ellerini galgadyp gygyrdy: “Asla! Şuny berk belläň,
adamlar! Eşidýäňizmi? Iman bilen küpüriň arasynda hiç wagt köpri gurulýan däldir. Biz
nämeden gorkýas? Gorky, ölmekden has erbetdir. Näme, mundan ozal biz duşmanyň depesinden
gylyç salmadykmy? Daglarda, düzlerde jandan geçip ýagy bilen ýüzbe-ýüz garpyşmadykmy?
Indi, näme urşuň agyrysy artandyr öýdýäňizmi? Ýa-da duşmanyň size rehmi inermi? Häzirkisi
ýaly biziň güýjümiziň köpelen, jebisleşen wagty öňde-soňda bolmandy, adamlar! Skobel kimi
dyzyna çökerse-de bizi çökerip bilmez, şuny ýadyňýzdan çykarmaň!”.
Men henize çenli Batyr hany şeýle gaharly halda görmändim. Bu gahar, bu gazap onuň ýüregini
durşuna eýelän aladanyň, halkyň öňüne çykan serkerdäniň öz üstüne nähili ýüki alandygyna
düşünmegiň aňyrsyndan çeşme suwy ýaly syzlyp çykýardy.
Aga han onuň soňky sözlerini diňläp, ýerinden galdy-da, onuň ýanyna bardy. Soňra, märekä
baka garap şeýle diýdi:
— Adamlar, ertir kimiň başynda näme kyýamat gopjagyny, bir Alla bilýär. Hiç kim kysmatdan
nägile bolmaly däldir! Emma, häzir weli biziň barymyz bir jaýyň içinde, bir-birimize
gerdenimizi deňläp otyrys. Häzir hiç zat bizi biri-birimizden aýryp bilmez, bardy geldi ölmeli
bolaýsagam hemmämiz bilelikde öleris, duşmanyň öňünde gul bolandan şeýdip baryň gyrlanyň
ibalydyr!
Bu günki gürrüňlerden enter-pelegi çykan adamlardan biri ýene-de: “Ýaşuly, indi biz näme
etmeli?” diýip, Batyr hana ýüzlendi.
Batyr han uludan demini alyp şeýle jogap berdi: “Eger, meniň çakym çak bolsa, orslar indi kän
garaşmaz, biz muňa taýyn bolmaly. Eger, ertir Baýram namazyny okamaga ýetişsek, Alladan
kapyryň gazabyny bizden daş etmegini diläris, eger ýagy üstümize dökülse, onda öňi bilen aýalebtatlaryň, çagalaryň gaýgysyny etmeli, olaryň kapyryň eline ýesir düşmegine ýol bermeli
däldiris!”
Adyna han bir ädim öňe şüýşüp otlukly nazaryny adamlara dikip şeýle diýdi:
— Adamlar! Aljyramaň! Biziň topragymyzy elimizden almaga gelen duşman bilen garpyşmaga,
jan-alyp jan bermäge hemmämiz taýyndyrys! Kimde-kim ýarag atmany öwreneýin diýse, agşam
galanyň ilerki derwezesiniň ýanyna barybersin!
Batyr han Ahmet ahuna baş atyp yşarat etdi. Ahmet ahun hemmeler eşidiler ýaly ilki Kurandan
birnäçe aýat okady. Soňra, kapyrlar bilen boljak söweşde Allanyň goldaw bermegini dileg etdi.
Hemmeler gollaryny göterip ”Ämin” diýdiler. Batyr han ýene-de bir gezek adamlara ýüzlendi:
“Adamlar, şu pursatdan başlap hüşgär boluň! Ýaraglary, gylyçlary, gyrkylyklara çenli taýýnlaň!
Gyýnynda köp duran ýarag poslagyç bolýandyr, adamlar!”
Adamlar metjitden çykyp dagap başladylar. Batyr hanyň elleri titräp, gözlerine ýaş aýlandy. Ol
ýaşulylara tarap ýöredi. Hemmeler oňa ýol berip, öňe geçirýärdiler. Batyr han howlukman
ýaşulylaryň golaýynda oturdy we titireýän sesi bilen: “Biziň bar umydymyz Alladyr, howpdan
gutulmak üçin Alla doga etmelidiris! Öljegimizi bilsegem, söweşe taýyn bolmalydyrys!” diýdi.
Men aksakallaryň ýüzüne garadym. Bu gije, olaryň hiç biri, ne Batyr han, ne Aga han gözüňi
ýummaz, olar tä gün dogýança Alladan kömek sorarlar.
Beýleki adamlaryň arasy bilen menem metjitden çykdym. Daşary içerden salkyndy. Sowuk
şemal ýüzüme urdy. Arassa howadan öýkenimi dolduryp galanyň ileri künjüne ugradym. O
ýerde eýýäm tüpeň atmagy öwrenjekler hatara düzülipdiler.
Adyna han bir töňňäniň üstünde otyrdy, onuň aýagynyň ujynda birnäce hyrly ýatyrdy. Ol
tüpeňleriň nilini uzyn çişler bilen arassalap içini däriden dolduryp, aksakallara uzadýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasyndaky söweş - 5
  • Parts
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 1
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2332
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 2
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2335
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2325
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 4
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2268
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 5
    Total number of words is 3137
    Total number of unique words is 1971
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.