Latin

Gökdepe galasyndaky söweş - 5

Total number of words is 3137
Total number of unique words is 1971
29.0 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gojalar gezek-gezegine tüpeňi ellerine alyp galanyň beýleki tarapynda asylan çal tokly derisini
nyşana alyp atýardylar.
Galanyň orta gürpünden, aýyň ýagtysyna üýşüp läle kakýan gyzlaryň dury sesleri gelýärdi:
Ekin ekdim bitmedi,
Sapan atdym ýetmedi,
Haram ölmüş Nekeleý
Üstümizden gitmedi.
Orslar geldi bu ýurda,
Dawa gurdy obada,
Bu ne bela bilmedik
Halkyň agzy tobada.
Ekmekçidim patrak,
Barysy boldy çetrek,
Gowşyr meni ilime
Däli Gürgen, Etrek.
Janym gezen düzi,
Hem goýun otlar hem guzy,
Gurasyn orsuň yüzi,
Sürdi çykardy bizi.
Gaýra, gaýrada galdy
Oklar ýarada galdy,
Biziň bilen deň-duşlar,
Bizden gaýrada galdy.
Aýlan tabak men tabak,
Obam göçdi men galdym,
Biziň bilen deň-duşlar,
Bizden gaýrada galdy.
Asmandaky ner bulut,
Ýere dökýäň der bulut.
Asmanda käriň näme,
Yere dökýäň der bulut
Owsana jan, owsana,
Saçym çagba ýuwsana.
Duşmanymyň üstüne,
Gurşun bolup ýagsana.
Daglarym jigerim dagy,
Çöllerim gözümiň agy,
Dünýäni seýl eden bulut,
Haçan sowuljak bu ýagy?..
Gyzlaryň gaýgyly aýdymy gijäniň ümüş-tamyşyna siňip gidýärdi.
Men indi-indiler düşündim Batyr hanyň wagt tapsa metjitde ýeke oturyp, keseki gözlerden ogryn
gözüni ýaşlap Alladan öz halkynyň ykbalyna rehim etmegini irmän-arman dilemesiniň sebäbine.
Emma o wagtlar niçik belanyň üstümize abanýanlygyndan bihabardym. Wah, indi bilýän...
On ikinji perdäniň owazy
DIRILIGE DÄL, ŞEHITLIGE GÖREŞ
Irden, boý täredini alamdan soň, süňňüm ýeňläpdi. Öýe girip, iň täze eşiklerimi geýindim.
Çarygymyň bagyny berk daňaga-da öýden çykdym. Heniz daň atmandy.Ýöne, horazlaryň sesi
galany göçüräýjek bolýardy, ýene-de bir daňyň atýandygyndan habar berýärdi.
Gökdepe galasy sähralykda seleňläp, häzirem berk durdy. Galanyň haçan galdyrylandygyny
bilýän ýokdy. Diňe, onuň duranyna birnäçe asyrlaryň geçendigi hakda aýdylýardy; o zamanlarda
adamlaryň bar ok-ýaragam peýkam bilen ýaý ekeni. O döwürlerde galanyň içide, ýokardaky
asmanam däriniň ysyny almandyr, toplaryň gümmürdisinden titremändir.
Gala dört tarapyndan goralýardy. Her tarapdaky garawul diňlerinde gije-gündiz eli ýaragly
ýigitler nobatçylyk çekýärdiler. O diňlerden bütin sähra eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Galanyň
diwarlary beýikdi hem-de giňdi, onuň üstünde iki araba dagy birlikde ýöräp biljekdi.
Adamlar topar-topar metjide baka gelýärdiler. Bir-birege mähribanlyk öňkülerindenem artypdy.
Ýüz-gözlerde şatlyk uçganaklaýardy. Iki ellerini uzadyp görüşýärdiler, bir-birlerini Gurban
baýramy bilen gutlaýardylar. Baýramyň öňisyrasy galanyň içi toý tutuljak ýaly arassalanypdy.
Gara öýleriň biriniň gapdalynda keçede oturan ýaş ýigitleriň biri uzyn ak saply gamasyny
çalýardy. Käte-käte gamaň ýüzüne suw sepeleýärdi. Agylyň öňünde baga dakylan goýunlaryň
birini güýleýärdiler. Dünýeden bihabar bir çaga ýaşyl otlaryň maýsasyndan onuň öňüne atýardy.
Çagalaryň höwesi maňa jaňly öweji ýatlatdy. Bu gün onuň bilen hoşlaşmaly günümdi. Batyr
handan we Ahmet ahundan gurbanlygyň taryhy hakynda kän gürrüňler eşiden bolsamam,
ençeme ýyllap öwrenişen, süriniň serkesiniň damagyny çalyp, gaýnap duran gazanlara atmak
maňa aňsat däldi. Aýdyşlaryna görä adamlaryň her biri öz eý görýän malyny Allanyň ýoluna
gurban etmeli. Meniň eý görýän zadym, elbetde jaňly öweçdi. Ondan aýrylaşym gelmese-de
Gurban baýramynda men anyk netijä geldim.
Il hatarynda menem gymmatly hasap edýän janlymy gurban etmekçidim. Men indi gaýdyp
görmejek merhumlaryň, her näçe jan etsemde hakydamda mähriban keşplerini täzeden
janlandyryp bilmeýän adamlarymyň hatyrasyna süriniň serkesinden geçjekdim.
Adamlar eýýäm metjide sygmaýardy. Il üýşüp Baýram namazyny okamaga we ondan soň
gurbanlyk mallaryny kesmäge rugsat berilmegine garaşýardy. Menem hemmeler bilen elleşip
görüşip, gurbanlyklarynyň kabul bolmagyny dileg edip metjide girdim. Öten agşamky ýerimde
oturdym.
Batyr han adamlara bakyp, Ybraýym pygamberiň öz söýgüli ogly Ysmaýyly Allanyň eradasy
bilen gurban kylmakçy bolşuny gürrüň berýärdi. Ondan soň Aga han, Ahmet ahun gurban ediljek
malyň ýetim-ýesire, hossarsyz bendelere paýlanyşy hakynda wagyz etdiler. Şeýdibem, Baýram
namazyna durduk.
Namaz tamamlanandan soň, yzky hatarda duranlar öňdäki hatara – aksakallaryň ýanyna
gyssanyşdylar, olar ilki bilen gojalara «Dilegleriňiz kabul bolsun!» diýmäge howlugýardylar.
Metjidiň içine deňziň ullakan tolkuny ýaýraýan mysalydy. Tolkun menem öňdäki hatara eltdi,
men gabat öňümde oturan ýaşulynyň elini gysdym. Elimi gysyp, baýram bilen gutlaýan gojanyň
ýüz-gözlerinden nur ýagýardy. Hatara goşulyp aýlandym we iň soňunda Batyr han bilen
salamlaşdym. Batyr han elimi gysdy-da ýumşak sesi bilen: “Alla, seniň kokun-gurbanlygyňy öz
dergähinde kabul eýlesin, oglum!” diýdi.
Şol mahalam nägehan gopdy. Daşarda ahy-nala hem-de gykylyk ýaňlandy. Sarsgynyň bady
metjidiň gapysyny erbet şarkyldatdy.
Hemmeler basga galyp daşary cýkjak bolýardylar. Men daşarda näme bolup geçýänine düşünjek
bolýardym. Hemmeleriň ýüzünde reňk-pet galmandy. Alniçiksi wakadan aňka-taňka bolup
galdym, endamym tikenek-tikenek boldy. Beýlekiler bilen birlikde metjitden çykdym.
Düydansyzlykda ýer ikinji gezek sarsyp gitdi. Men ýere ýazylyp gitdim. Gulaklarym gapyldy.
Ahyry demimi dürsäp, ýerimden galdym. Galanyň diwarynyň uly bölegi weýran bolan ekeni.
Howa tot-tozana we däriniň ysyna gaplanypdy. Aýallar ýokarsyna garap, ýakasyna
tüykürýärdiler, duşmana gargaýardylar, çirkin gygyrýardylar.
Men mundan ozal beýle sarsgyny görmändim. Gökde çakmaly ýyldyrym ýere düşen ýaly
bolupdy. Şondan bolsa gerek, ellerimiň we aýaklarymyň sandyramasy galmaýardy. Galanyň
diňinde duran garawullaryň gözi töweregindedi. Galanyň daşy imi-salalykdy. Näme bela gopsa
galanyň içinden, ýeriň aşagyndan gopupdy.
Batyr hanyň “Bela ýeriň aşagyndan geläýmese” diýen sözleri gulagymda ýaňlandy. Öten agşam
biziň hiç birimiz onuň näme üçin howpurgaýandygyna düşünmändiris, orslaryň galanyň aşagyny
köwüp, däri gömüp ýörenliginden bihabar galypdyrys.
Tozanyň we däriniň tüssesiniň içinden bir garry aýalyň: “Ahyr zaman geldi, ahyr zaman,
Hudaýym!” diýip çekýän nalasy eşidildi.
Başga bir aýal bolsa, ýakasyny tutup Alladan hemaýat gözleýärdi: “Allajan! Ahyr zaman geldi!
Hudaýjan özüň kömek edeweri!”
Duýdansyz, edil topuň atylyşy ýaly Batyr hanyň buýrugy eşidildi:
— Adamlar! Özüňizi ele alyň! Öýli-öýüňize dagaň, häzir bolup oturyň!
Hemmeler öýli-öýlerine dargaşdylar. Ýaş ýigitleriň birnäçesi ýaralylara kömek etmek üçin
galdylar. Olar ýaralylary üstünde ýaňy namaz okalan namazlyklaryň üstünde ýatyrýardylar.
Dumly-duşdan çagalaryň agysy gelýärdi. Olar ejeleriniň goltugyna gysylyp, ýene-de bir belanyň
inerinden goranýana meňzeýärdiler. Ulular çagalaryň agysyny eşitmeýärdiler. Olar haçan
orslaryň goşunynyň galada peýda bolaryna garaşýardylar.
Men Batyr hany gözläp ugradym, ol top-tozanyň içinde bir görnüp, birem ýitýärdi. Diňe onuň
sesi yzygider eşidilýärdi:
— Adamlar öýli-öýňüze dagaň! Ýagýň hüjümine taýynlanyň!
Il deňinde menem tam kepbä tarap ylgadym. Birden asmany dolduryp gümpüldi ýaňlandy. Men
munuň topuň zalpydygyny bada-bat aňdym. Dem alasy saly geçensoň, gabat garşymdaky garaja
öý asmana göterildi. Men sessiz-üýnsiz ýere ýykyldym, gözüm garaňkyrady. Dogrusy, maňa
näme bolýanyna-da düşünmän galdym. Başym aýlanýardy, gulagymda yzy üzülmeýän bir ses
peýda boldy. Galanyň içindäki öýler gözümiň öňünde gaýyp ýördüler. Ýer öz ornundan
gobsunýardy.
“B…u…m…”
Içimden turan sarsgyndan ýaňa, düňýä başaşak öwrüldi duruberdi. Kimdir biri kesede durup,
içegelerimi daşyna çekýämikä öýdýärdim.
Meniň ýagdaýym gitdigiçe agyrlaşýardy. Birden aýal maşgalanyň gyzyl gana boýalan,
parçalanan göwresi gözüme ildi. Ganyň lokgasdy bilen birlikde topragyň läbigi hem damagyma
doldy. Erbet ýüregim bulanýardy, gusmaga başladym! Gözlerim ýaşa doldy, ähli iç-goşum
damagyma doldy, dem almam kynlaşdy.
Ýene-de bir gezek, ýer sarsdy. Asmana galan gara-guranyň nämedigini saýgarmak mümkin
däldi. Men asmanda gaýýan zatlaryň galanyň kerpiçleridiginem, adam göwresiniň
parçalarydygynam bilmeýärdim. Ýene-de serpigi galgaýan öýlerden agy-efgan çykýardy. Şol
barmana, galanyň diňindäki goragçylaryň biri: “Ors geldi-haw, ors geldi!” – diýip zähresi
ýarylan dek gygyrmaga başlady.
Garawulyň sesi şo demde galanyň içine ýaýrady. Eli hasaly garryja aýalyň üstüme egilip bir
zatlar diýýänini gördüm, emma onuň näme diýýänligi eşidilmeýärdi. Diňe onuň maňlaýyndaky
gasynlaryň kenara urulýan däli tolkunlara meňzeşdigi, sesiniň şol tolkunlardan ýasalandygy
hakydama gelýär. Garry aýal titreýän ellerini göge tutup: “Alla jan, goý, olara nälet siňsiň!”diýýärdi.
Tüpeň sesi, topuň gümmürdisi köşeşmeýärdi. Diňli galanyň depesindäki çal duman
aýrylmaýardy. Oduň hem-de tüssäniň içinde garawulyň galanyň daşynda kimdir birini nyşana
alýandygyny we mäşäni gysandygyny görüp ýetişdim. Aýak ýalaňaç, sandyraýan aýaklaryma
zordan erk edip, gana boýalan ýerden geçip, top okunyň öýan oýuklarynyň içi bilen, jesetleriň
üstünden ätläp diňli galanyň diwaryna golaýladym.
Basgançaklardan üstiaşyry böküp, mergenleriň durýan çykgydyna galdym, soňra emedekläp
daşary ok atýanlara tarap süýşenekledim. Garawullaryň biri hyrlyny däriden doldurýardy,
beýlekisi hem nyşana alyp orslara tarap atýardy. Galanyň gädiginden seredip, sähraýy meýdany
göremde, bedenime sowuk der indi. Sähranyň gözelliginden zat galmandyr. Orslardan ýaňa, ýere
gurt düşen ýalydy. Göwnüme bolmasa müňlerçe garga maňa tarap çiňerilip seredýän ýalydy. Ors
leşgerleri gala tarap zabt edip çozýardylar, olaryň tüpeňleri günüň şöhlesine ýalpyldaýardy.
-P-a- r- t!
Bu garawulyň göçýän därisiniň sesidi. Asmanda goýy duman emele geldi. Ors esgerleriniň biri
arkanlygyna serilip gitdi.
Şu pursatda meniň göz öňüme garadan gaýtmaz, Gyrata atlananda ganhorlary we duşmanlaryny
sypdyrmaýan Göroglynyň keşbi geldi. Bu ýöne ýerden däldi. Çünki men häzir alnymda
Göroglunyň peýda bolmagyny we edil ýapraklaryň gaýyp şahasynda gaçyşy ýaly orslary derbidagyn etmegini näler isleýärdim.
Batyr hanyň gaharly çykan sesi top atylan ýaly bolup eşidildi:
— Eý, düş, aşak! Bu ýerde saňa ok deger.
Ol sözüni gutarmanaka atlar kişňedi. Bir topbak atly galadan daşyna okdurylyp çykdy. Olaryň
elindäki gylyçlar tozany bölüp ýaldyrap gidýärdi. Gaty aşak düşmänkäm, ýene-de bir gezek
galanyň daşyna garadym. Orslaryň tüpeňleri biziňkiden tapawutlanýardy, olardan tüsse
çykmaýardy. Atylan oklaryň biri diwaryň bişen kerpijini örülen ýerinden gopardy, onuň
bölekleri asmana uçup gitdi. Men eglenmän aşak düşdüm.
Aşakda, ors esgerleriniň betnyşan sypatlaryny görüp depe saçym düýrükdi. Batyr hanyň
ýokardan berýän buýrugy hemmelere degişlidi: “Aýal-çaga metjide girsin! Henize çenli Allanyň
öýünde gan dökülen ýeri ýokdur. Metjitden amatly ýer bolmaz!”
Şo pursadyň özünde çar ýandan aýallar hem-de çagalar metjide tarap ylgaşdylar. Batyr han indi
erkeklere görkezme berýärdi: “Erkek göbekliň, eliňize ilen zat bilen ýagyny gaýtaryň! Haram
kapyrlaryň aýagyna Watany depeletmäliň!”
Men birinji gezek Batyr hanyň gyssanýandygyny görşümdi. Onuň damarlarynda gyzgyn gany
gaýnaýardy. Ol ýaraly gaplaň kimin ikiýana topulýardy, ýetişip bildiginden buýruk berýärdi.
Meni görenden gygyrdy:
— Ýaşbagşy, men seň bilendirin, ylga metjide gir!
Onuň sesi kesgitlidi. Men näme üçin, näme sebäpden diýip bilmedim. Ýöne, hemme erkekleriň
duşman bilen garpyşmaga taýýarlanýan pursatynda, aýallar bilen galmaga bognum ysjak däldi.
Men pyçagymy gynyndan çykaryp:
— Ýaşuly! Menem iller ýaly duşman bilen gyrlyşmaga taýyn – diýdim.
Batyr hanyň muňa gahary geldi we ýumruklaryny düwüp:
— Saňa eliňe ýarag alardan ir, ylga metjide tarap! – diýip azymly gygyrdy.
Batyr han meniň jogabyma garaşman diňli gala tarap okduryldy. Men metjide gitmäge mejbur
bolupdym. Aýallar eýýäm o ýere ýygnanypdy we gorkularyna bir-birine gysmyljyraşyp durdular.
Aýallaryň biri sesiniň ýetdiginden Alladan kömek bermegini dileýärdi. Hemmeler bilýän dogadileglerini gaýtalaýardylar. Ýene-de sarsgyn gaýtalandy. Metjidiň ýykylman galan penjireleri
şarkyldap daşyna açyldy. Men galanyň diwarynyň ýene-de bir böleginiň weýran bolandygyny
aňdym. Metjitde çirkin ses köpeldi. Daşardaky ok-däriniň sesi barha güýçlenýärdi, diýmek
söweş metjide tarap golaý gelýärdi.
Bir demir penje ýüregimi kükregimden goparyp mynçgalaýan ýalydy. Metjidiň içi garaňkydy.
Ýeke-täk çyra birinji sarsgynda ýere gaçyp kül-uşak döwlüpdi. Birdenem metjidiň gapysy darka
açyldy. Işikden giren iki sany orsuň kölgesi göründi. Olary görüp, biz jaýyň törüne çekildik.
Orslar tüpeňlerini öňe gezäp öz dillerinde bir zatlary diýýärdiler. Alagaraňkyda olaryň ýüzünigözüni görüp bolmaýardy. Emma olaryň gözüniň möjegiňki ýaly ähli zada açgöz bakýandygyny
aňýardym.
Aýallaryň şaý-sepleriniň şyňňyrdysyny eşidip, ors esgerleri et ysyny alan aç ýyrtyjylar dek töre
baka ýörediler. Ýagty ýerden girip, gözleri garaňka öwrenişmänsoň, gapana basaýjak ýaly
howatyrly ätleýärdiler. Tüpeň sesi eşidildi. Atylan ok bir aýalyň döşünden degipdi we ol köki
çapylan sary gamyş mysaly ýere ýykyldy. Ahy-nala birden göge göterildi. Biz ürken süri ýaly
metjidiň beýleki böwrüne eňdik. Ýene-de tüpeň sesi ýaňlandy. Bu sapar aýallaryň başga biri ýere
ýazyldy. Gorkudan gözleri hanasyna sygmaýan aýalyň alaçsyz keşbi gözümde galdy.
Aýallaryň we çagalaryň agysyndan ýüregim lerzana gelýärdi. Bokurdagym gurapdy, demim
ýetmeýärdi, gözümiň görýänlerine ynanasym gelmeýärdi. Birdenem doňup galdym. Esgerler
ýykylyp ýatan aýallaryň jesediniň ýanyna bardylar-da ädikli aýaklary bilen ölen göwreleri
eýlesine agdardylar. Metjidiň içine ýazylan namazlyklar aýallarýň teninden dökülýän gandan
gyzyl reňke boýaldy. Orslar aýallaryň başujyna geçdilerde dyz epdiler hem-de betnyşan gülüşip
başladylar.
Olaryň maňa golaý oturany ölen aýallaryň biriniň ýakasyndaky gülýakasyny goparyp aldy. Ol
jesediň gulagynda ýalpyldap duran gulakhalkalary görüp, it ýylgyryşyny etdi. Pikirlenip durman
altyn halkalary-da çekip gopardy…
Meniň mundan artyk saklanmaga takadym galmandy. Ganym depäme urupdy. Burça gysylyp
namart ýaly bu bolup geçýän ahwalatyň synçysy bolup biljek däldim. Niýeti uzaga çekmek, bihal
ölüme deňdi. Men ak saplyny gynyndan çykaryp golaýdaky orsuň üstüne özümi zyňdym. Barabarmana bar güýjüme pyçagy onuň gursagyndan göýberdim.
Esger bir “Ah” çekdi-de gürpüldäp gitdi. Ýere ýykylansoňam bir büzülip, bir ýazylyp, jany
çykýança towlandy.
Jöwherim sapyna çenli göwrä çumen ekeni. Esgeriň titremesi galan desine men bütin göwrämiň
gagşaýandygyny, dişlerimiň bir-birine degip şakyrdaýanyny duýdum.
Özüme gelemde beýleki esgeriň döşüme tüpeňini çenäp duranyny gördüm. Ol mäşäni gysdygy
bar zadyň gutardygydy. Şonuň üçinem ölmänkäm sesimiň ýetdiginden gygyryp kalbyma
ýygnanan ähli ýigrençleri daşyna çykarasym geldi. Çünki, meniň gijä galmagym, şol berç baglan
ýigrençler bilen ölüp gitmegim hem mümkindi. Garşymda ýekeje barmagy bilen mäşäni gysyp
janymy alyp biljek esgeriň göni gözüne seredip: “Kapyr, Hudaýsyz!“ diýip gygyrdym.
Men sesimde ýaňlanan ýigrençden ýaňa endiräp gitdim. Soňam bogazym doldy duruberdi,
gözüme ýaş aýlandy. Men bir adamyň beýleki birine ýigrenjiniň şeýle eýmenç güýje eýe bolup
biljekdigi hakynda pikirem etmändirin!
Birdenem tüpeň göçdi. Men weli ýykylmadym, maňa derek orsuň esgeri çäşerip ýatyrdy.
Görsem, işikdäki goýy tüssäniň aňyrsynda Batyr han durdy. Ol jaýdakylary gyssaýardy:
— Baryň, daşary gaçyň! Gaçyň, Gaçyň! Galada durmaň, sähra, gaýra guma gaçyň, başyňyzy
gutaryň!
Gorkudan haýy gaçan aýallar, çagalar metjitden çykyp, gözleriniň ilen tarapyna gaçýardylar.
Men weli ýerimden butnap bilemokdym. Öz gözlerime ynanman garşy-garşy bir serilip ýatan
esgerleriň, birem gana bulaşan aýallaryň jesedine seredýärdim. Depämden dabanyma çenli der
basyp, sojap haşlaýardym.
Mende öň bolmadyk duýgular oýanýardy. Nädip birini öldürip bildimkäm? Şu güne deňiç, adam
öldürmek hakynda pikirem etmändim, onsoňam meň ýaşymam adama ýarag çenemäge het eder
ýaly däl ahyryn… Asyl, men mundan owal kimiňdir biriniň deminiň sogrulan pursadyny ýa-da
jan bermek üçin düwülip-ýazylyp ýatanyny görmändim.
Az salymam bolsa men hakykatdanam başga bir düňýäde bolup görüpdim. Daşda galan öňki
dünýämden biri elini uzadyp, egnime kakýardy we edepli, edaly ses bilen: “Ýaşbagşy, men seň
bilen! Ýör, bu ýerden gideli! Bol, ylga, o ýerde saňa mal bakan sähraň garasýar!” diýýärdi.
Bu Batyr hanyň sesidi. Ol bokurdagy dolanyň sesidi. Ýaryljak-ýaryljak duran sesdi. Hatda bu
sesde ýalbarma äheňem bardy. Ol elimden tutup, gapa tarap çekýärdi. Daşary çykamyzda meniň
bar görenim ýere ýazylyp ýatan adam jesetleridi, gulagymda hem Batyr hanyň aýdan iň soňky
sözleri şo ýaňlanyp durdy: “Ýaşbagşy, eglenme! Sähra tarap, git! Başyňy gutarjak bol!”
Soňra, özüme gelemden soň, Batyr hanyň meni metjitden erkime bakman çekip çykarandygyny
bilip galdym. Jümle-jahan däriden kükeýärdi. Daş-töwerege seredemde, orslaryň çar tarapdan
gala çozýandyklaryny gördüm. Türkmenler topuň düşen ýerlerindäki oýlarda, ýykylman galan
öýleriň içinden tüpeňleriniň nilini gezäp ýatyrdylar. Aýak üstüne galan ors esgerleri ýoränden şol
nillerden ot çykyp gidýärdi. Emma, çypar esgerler atyp aňyrsyna çykardan köpdi.
Men öýüme tarap ylgadym. Galadan çykmankam, meniň etmeli işlerim bardy. Men dutarym
bilen Batyr hanyň buşluk hakyma beren jaňly öwejini halas etmelidim. Bu ahyrzamana meňzeş
dowzah odunyň içinde süri çekeň serkäniň jaňynyň düňňürdisine, Batyr hanyň sowgadyna
guwanyp ýetişmändim.
Öýden dutarymy alyp, agyla tarap eňdim. Uruş apatyndan ürken mallar bir böwüre çekilpdir,
gapyny açyp olary daşyna kowdum. Bir böwri weýran bolan galadan jaňly öwejiň şahyndan
mäkäm ýapyşyp, giň meýdana tarap ylgadym.
Ýerden göterilen tozan bilen oňa ýaýran däriniň ysy, tüssesi agyr ümür çöken ýaly galanyň
üstünden bu golaýda aýryljaga meňzemeýärdi. Galamyzdan çykmankam in soňky sapar onuň
içine intizar gözler bilen bakdym. Şo bada başyna ýaglyk bürenen aýalyň eline palta alyp, depesi
çöken öýden çykandygy gözüme kaklyşdy. Onun gözünden başga ýeri pugta saralgydy. Ol aýal
adamdy. Emma haýbaty bilen erkek kişimikä diýdirýärdi.
Ýaraly ýolbarsa çalym edip duran bu naçar kimkä? Onuň çep elinde arlyga dolanan çaga-da bar
ýaly… Ol gyrmyzy çabyda bürenensoň siňe seredäýmeseň ýeke özümi ýa-da gujagynda biri
barmy, asla aňşyrar ýaly däldi. Iki öýüň arasyndan geçjek bolanda oňa orslaryň iki sany esgeri
pete-pet geldi.
Aýal sägindi. Onuň göreji ors esgerleriniň mawy gözleri bilen kaklyşdy. Ol çep elindäki göterip
gelýän dolangy ýaglygyny gursagyna berk gysdy-da, sag elini ýokary göterdi. Paltaň ýüzi
ýalpyldap gitdi. Orslaram onuň elindäki paltasyny görenden imanlary göçüp, gygyryşdylar, iki
tarapdan ol aýalyň üştüne sürünip ugradylar. Olaryň tüpeňiniň ujuna dakylan hanjar gorkunçdy.
Indi aýalyň gaçara ýeri galmandy. Arkasyndan ýykylan öýüň tärimi, uklary direýärdi, öňünde
bolsa iki esger, iki ors, iki tüpeň, iki gülle…
Maňa mundan artyk garaşmaga puryja galmandy. Elimde dutardan başga zat ýokdy. Dutaryň
sapyndan tutup men haraý gözleýän aýala kömege ylgadym.
Aýal nirä gaçsamkam diýip, gidere ugur tapmaýardy. Ol häzir aýagynyň aşagynda ýer ýarylsa
ýere girmäge taýýardy,emma duşmanyň eline düşjek däldi. Esgerleriň ýüzi aňryk, aýala tarapdy.
Naçar maşgala biçäreliginden ýaňa guduzlana döndi. Ol aýal birbada gorkan ýalam edipdi.
Emma bilýärdim ol öz ölüminden gorkman çagasyny ajalyň gara kölegesinden gaçyrjak
bolýardy. Çagasyny halas etjek bolup ol göni ölüme garşy, esgerleriň üstüne okduryldy. Emma,
tüpeňiň goşa nili onuň bokurdagyna direldi-de, gymyldamaga ýer goýmandy. Alajyny ýitiren ene
paltasy bilen esgerleriň tüpeňini ýokarlygyna kakyp göýberdi-de, “Ýa Alla!” diýip, paltasynyň
badyny ýatyrman aýlap esgeriň gabat geleniniň depesinden inderdi. Esger aham çekip bilmän,
kellesini tutmaga-da ýetişmän arkanlygyna gaýtdy.
Indi aýala göz-açyp ýumasy salymlyk maý gerekdi. Ýoldaşynyň ölenini gören esgeriň ünsi
bölündigi gaçmaga mümkinçilik boljakdy. Emma, esger gazaba münüp, mäşäni gysdy. Naçar
aýal jynssyz bir gygyrdy-da elindäki paltasynyny gaçyrdy. Ýöne, gursagyna berk gysan
çagasyny welin mäkkäm saklady. Ýykylanda-da çagasynyň aşagyna ýykyldy, iň soňky jany
çagaly eline jemlenen ýaly bäbegini goýbermeýärdi. Çaga jansyz ýatan enäň göwresiniň üstünde
galdy.
Bu waka şeýle bir çalt bolup geçdi welin, men çagşap ýatan zatlaryň arasynda geçýänçäm, diri
galan ors esgeri bäbek bilen bolman egilip ol aýalyň boýnundaky gülýakasynamy, gulagyndaky
altyn halkasynamy birzatlara güýmenýärdi.
Ylgap gelşime dutarymy aýlap, garabaşyna gaý esgeriň depesinden inderdim. Dutaryň kädisiniň
zarbyna “Ah” çeken kapyr dyzyna çökdi-de tükgeligine ýykyldy. Dutaryň diňe sapy elimde
galypdy. Ýerde ýatan ors esgeri ýene-de özüne gelen ýaly boldy. Şüýşenekläp dikeljek boldy,
ýene ýüzi gum garbap ýykyldy. Ol jan howluna basyp almaga gelen erkin sährasynyň gana
boýalan topragyna agyz urdy, çägesöw gumuň palçygy onuň bokurdagyna tegek boldy.
Çypar esgeriň göze ilginç sary saçynyň arasyndan gyzyl gan akmasyny dowam etdirýärdi…
Bäbegiň aglaýan sesine ilki, başga dünýäden gelýändir öüýtsemem, soň onuň iki ädim gapdalda
baky uka giden edermen zenanyň goltugynda aglap ýatandygyny gördüm.
Başyna oran ýaglygynyň çigni ep-esli wagtlap çözülmänsoň, duşmana ýaraly ýolbars kimin
topulan merdana gelniň kimdigini tanamadym. Tanamsoň weli, onki süňňüm gowşap gitdi. Ol
Batyr hanyň gelnidi, Adyna hanyň aýalydy, goltugymda çyrlaýan bäbek bolsa hanyň ilkinji,
ýeke-täk agtygydy. Men eglip bäbegi götermekçi bolamda enesi çagasyny şeýle bir berk
gujaklapdyr weli, onuň goluny ýazmak başartmajak ýalydy. Göýä, diýersiň ölmezden öň ol
çagasyny adam oglunyň eline düşürmezlik üçin “gaýdyp elim açylmasyn!” diýip, Alladan dileg
edene meňzeýärdi.
Ahyrsoňunda, ähli güýjümi ýygnap, bäbejigi şir ýürekli enesiniň elinden boşatdym. Bu ahwalata
gark bolup durşuma, bir pikir kelläme geldi. Men Batyr hanyň batyr gelniniň ýarasyndan akan
gana barmagymy batyrdym-da, onuň çyrlaýan bäbegiginiň maňlaýyna degirdim. Ýaňy düňýäden
dem alyp başlan ynsan perzendiniň akja maňlaýynda barmak yzly gan tagmasy galdy…
Men dowzaha örülen galadan çaltyrak daşlaşmak isleýärdim. Ýolda gara tütün bolup burugsaýan
öýleriň aralygynda mäläp iki-baka at salýan jaňly öweji gördüm. Onuň jaňynyň düňňürdisi bu
düňýä bilen hoşlaşan mähriban adamlarymy çagyrýardy.
Häzir weli Batyr hanyň buşluk hakyma beren öweji-de, onuň jaňynyň uzaklara gidýän owazy-da
ünsümi uzak özüne çekmedi. Men indi elimdäki bäbejikden başga hiç zat hakda pikir
etmeýärdim. Ýykylan diwarlaryň, gana boýalan meýdançanyň içinden geçip barýarkam, o ýerde
bu ýerde orslaryň garşysyna açyk döşlerini gerip garpyşýan, duşmanyň tüpeňleriniň ujuna
dakylgy hanjara penje urýanlaryny gördüm. Şol çölüň algyr börüleriniň arasynda Batyr hanyň,
Adyna hanyň we gör, indi nijeme ýyllar didaryna zar galan mähriban obadaşlarymyň hem
bardygyna men omrüm boýy berk ynamda gezýärin
On üçünji perdäniň owazy
ORSGELDINIŇ MAŇLAÝYNDAKY GAN YZY
Ýaşbagşynyň maňlaýyndan syrygyp gaýdýan der damjalary dutaryň kädisine damýardy. Kirişleri
gyrylan dutar sazandanyň derinden ýaňa ezilip gidipdi. Ýaşbagşy gussa batyp hem tolgunyp,
ýüzüni aşak salyp sessiz otyrdy. Dutarynyň kirişleri gyrylşy ýaly onuňam bokurdagy gyrylypdy.
Agyr dymyşlyk höküm sürýärdi. Ojakdaky oduň ýalnyndan ýokary göterilýän ýalkym
oturanlaryň ýüzünde oýnaýardy. Hemmeler Ýaşbagşynyň şindizem titreýan ellerine, kirşe degip
ganan barmaklaryna uly bir syryň şaýady hökmünde seredişýärdiler.
Orsgeldi maňlaýyny goýan goşa dyzyny gujaklap otyrdy. Ol maňlaýyny dyzyna däl-de, weýran
bolan galanyň kerpiçlerine goýan ýalydy. Endam-jany lowlap ýanýardy. Maňlaýynda gatap
galan gana çenli syzýardy. Orsgeldiniň bütin bedeni sandyramaga başlady. Ol bu sandyramasyny
saklajagam bolmady. Gözleri göräýmäge gurydy, emma bokurdagy dolup, geplemäge maý
bermeýärdi. Gözýaşyny saklajak bolup eden çytalaşmasy tükendi. Ol ara bir dem maý saldy-da,
möňňürip göýberdi.
Orsgeldiniň ahmyrly agysy gara öýüň tüýnüginden burum-burum tüssä goşulyp çykyp, ümsüm
sähranyň alagaraňkylygyna ýaýrap gidýärdi.
GB 2006-09-04
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 1
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2332
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 2
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2335
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2325
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 4
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2268
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 5
    Total number of words is 3137
    Total number of unique words is 1971
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.