Latin

Gökdepe galasyndaky söweş - 3

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2325
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Men ýigrençden we gahardan göwräme zor edip öne ätledim. Egerde kemendiriň meni diri
galdyryň diýen buýrugy bolmadyk bolsa, çopan taýagyndan awunan ýeňsesini tutup gelýän esger
birmahal maňlaýymdan garsyldatjakdy. Men goş haltamyň ýatan ýerine baryp, zatlarymy
ýygnaşdyrdym. Orslaryň goşunbaşysynyň ýanyna tarap eli tüpeňli esgeriň öňüne düşüp öz
erkimiň garşysyna gidip, ýöräp ugradym. Yzda galanlar süriniň daşyny gabap meniň yzym bilen
garama-garama kowup ugradylar.
Orslar ýolboýy haha-haýda-wahahaýdy. Men olaryň gülküsine-de, gürrünlerine-de
düşünmeýärdim. Olaryň tüpeňleriniň günüň şöhlesine ýalpyldaýan nilleri, kemendirleriniň
gamçysy we içime depeniň aýna gonç ädikleri meni ömrümde uçuramadyk nätanyş dünýäme
itenekläp alyp barýardy. Ol dünýä meniň üçin sowukdy, kesekidi we ýigrenjidi. Meniň ädik
ökjesinden awunmagym iň soňky gezek däl bolmagy hem gaty ahmaldy.
Öňki ýaşan tanyş dünýämden barha daşlaşýandygym, onuň asla indi dolanmajakdygy hakdaky
pikirler serime gelip-geçende arkama gyzgyn tagma basylýana dönýärdi. Men ömrümde birinji
gezek göbek ganym daman galadan uzakda günümi ýaşyrmalydygyma düşündim. Öňümde näçe
gijäniň ömrümde görmedik adamlarymyň, kesek ýaly sowuk kesekileriň arasynda geçjekdigi
belli däldi. Garyp çatmamdan, onuň töründe pyt-pytlaýan ýag çyranyň yşygyndan alysda, Ahmet
ahunyň labyzly azan sesini eşitmän nädip günümiň geçjekdigi hiç aklyma sygmaýardy.
Altynjy perdäniň owazy
ORSLARYŇ ARASYNDA
Ilki Asmanyň öňüni gara bulutlar tutdy. Soňra orslaryň müň topy birden atylan dek daş-töweregi
sarsdyryp gök gürledi.
Ýyldyrymyň çakmasyna atlar ürküp, toýnaklary bilen ýer gazap başladylar. Älem-jahan dem
alasy pursat ýagtylyp, yzysüre hem tümlüge gaplandy. Uzak garaşdyrman çabga geldi-de,
dünýäni suw-sil edip gitdi.
Ýagyş uzaga çekmedi. Ýagyp, awusyny pürken gara bulutlar kem-kemden dargaşyp ugrady we
ýassa çenli gögüň ýüzi açylyşdy.
Galada ýassy namazynyň azany aýdylar uçurlary biz orslaryň çadyr gürap, goş ýazdyran ýerine
ýetdik. Hatara düzülen esgerler deýin eginlerini deňläp oturan çadyrlaryň aňyrsy-bärsi
görüňmeýärdi. Çadyr üstüne çadyrdy. Gerişleriň üstünde birnäçe top gurlandy. Orslaryň toplary
galadaky bize aýdyşlaryna görä “Top ýatdy” söweşinde olja alnan ýeke topumyzyň hili däldi,
äpet bir zatlardy, daşynda bäş-alty adam aýlanyşyp ýördi.
Çadyr gurlan meýdanlar esgerleriň ädiginden, atlaryň toýnagyndan ýaňa tozup, gök ot-çöpden
nam-nyşan galmandy.
Bu adamlaryň mallaryň örüsi hakda gaýgy etmeýändigi görnüp durdy. Olar aýagynyň astyna göz
aýalaýan adamlara meňzemeýärdi. Islän ýerlerinde ot ýakyp, islän ýerlerinde ganaw gazyp,
etjeklerini edişip ýören jemendeden her zada garaşybermelidi. Olaryň arasynda gökden düşen
ýaly bolup ýörşüme bu jülgäniň sonarynda uly sürüni güýze çenli bakyp boljakdygynyň
hasabyny çykarýardym.
Meni gören ors esgerleri aňkaryp seredişip galýardylar. Yzymdan mallary sürüp getirenlerinde
olaryň heşelle kakaýyşlaryny bir görsediňiz! Eger-de ýüzbaşylarynyň gykylygy azymly
çykmadyk bolsa, olaryň hersi bir toklyny diriligine ýuwutjaga meňzeýärdi.
Meni çadyrlaryň orta gürpüne eltenlerinde, eli gamçyly kemendiriň atdan böküp düşenini we
onuň daşyny gallap alanlaryny gördüm. Ol başyndaky gaşly papagyny söbügine düşüp ýören
birine berdi-de ýerkümä meňzeş çadyrlaryň birine sümlüp gitdi.
Ýatar wagty golaýlaşypdy. Emma, orsalaryň yatma bilen küýleri ýokdy. Birnäçesi meniň
golaýyma geldi. Olardan biri tüpeňiň gundagy bilen arkamdan itdi. Ýöräp ugradym. Gözümiň
gytagyny sürime aýladym. Birnäçe ors ony gabap alyp gelýärdi.
Her çadyryň golaýynda ot ýanýardy. Esgerler oduň daşyna aýlanyşyp, ala-galmagal
turuzýardylar, olaryň hersi ellerindäki ýarsy içilip, ýarsy içilmedik çüýşelerini ýokary göterip
bokurdaklaryna guýýardylar. Olaryň tüýsi, ala-wagyrdysy maňa ýatdy, sowukdy.
Men olaryň ählijesini ýigrenýärdim. Atasynyň öýüne gelen dek çüýşäniň bokurdagyndan arak
içişip şagal mesligini guruşlaryna, oduň başynda böküşip tans edişlerine myrryhym atlanýardy.
Olar öňde-soňda hesret çekmeli boljakdyna ynanmaýardylar. Goýündyr-guzylaryň ne gözel
ýaýnajak ýaýlasyny depeläp püçege çykarandyklary gara ýatlaryna hem däldi. Sebäbi barybir bu
ýerler olaryň Watany däldi. Olar bu ýere adam öldürmäge gelendiklerini anyk bilýärdiler.
Topdur-tüpeňleriň, naýzalaryň güýji bilen biziň at çapdyryp gezen ýaýlamyzy, owlak-guzy
bakyp ulalan sähramyzy özlerine bakna etmäge gelipdiler.
Meni çadyrlaryň iň soňky hataryna eltdilerde, ýerkümäniň alkymynda eli ýaragly duran esgere
tabşyrdylar. Öz dillerinde birzatlar diýişip gülüşdiler.
Garawul pagsadan galdyrylan kümäniň gapysyny açdy. Men bir giremsoň daşaryny görmegiň
hylalla boljakdygyny bilemsoň yzyrakdan sürlüp gelinýän mallary nädýändiklerini görjek
boldum. Mallary kümäniň çep tarapyndaky oýa gabadylar. Arman, arkamdan inen gundagyň
awusy mallaryň nähili güne düşjegini ahyryna çenli görmäge maý bermedi.
Men südenekläp itilmekden kümäniň içine ýykyldym. Garawul şatyr-şutur gapynyň gulpuny
aňyrsyndan bekledi. Ýagyrnymyň agyrysy biraz kiparlasyn diýip, gymyldaman ýatdym. Garaňky
bilen gözüm öwrenşip ugrady. Kimdir biriniň elini egnime goýanyny duýup gorkdum. Yza
çekildim. Gapynyň jaýrygyndan gelýän ýagta garşymda bir erkek kişiniň duranyny saýgardym.
Ikimizem biri-birimize çiňňerlip bakýardyk. Birden garşymdaky adamyň ýylmanak ýüzi
ýagtylyp gitdi. Has ýakynyma gelen ol adamyň demi ýüzümi çawap gitdi.
— Ýaşbagşy! Asyl bu sen ýalyla-how!
Men geň galdym. Allajanlarym, bendilik ýerzemininde meni tanaýan kim bolup biler? Ol adam
ikinji gezek adymy gaýtalady. Bu ses maňa tanyş sesdi. Onuň gaşlary, bakyşy maňa gaty ýakyn
adamy ýatladýardy. Batyr han! Emma onuň uzyn çal sakaly bardy ahyryn?
Gala getirlen jesetleriň arasynda Batyr hanyň ýokdugy hälki ýyldyrym ýaly beýnimde çakyp
gitdi. Bu ol! Batyr han! Hernäçe begensemem, hak hossaryma ýeriň üstünde, dünýäň giňinde
däl-de şular ýaly ýerkümede sataşanyma hamsykdym. Bütin göwrämi saklap bilmän eňşäp Batyr
hanyň gujagyna ýykyldym. Batyr han şol gadymky sesi bilen: “Mert bol oglum, mert bol. Mert
kişi aglaýan däldir” diýdi. Emma bu sesi häzir oýalygymda eşidýändigime ynanýardym. Ol
ukudaky sesiň gelişi ýaly uzak bir ýerden gelmän gulagymyň alkymynda aýdyldy. Bu şol
ýumşak mylaýym ses!
Biz birek-birege dyz degşir oturyp kän gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Ol sözümi bölmän galadaky
bolup geçen wakalary başdan-aýak diňledi. Söňra özi başyndan geçenleri aýdyp berdi. Ol gelin
almaga ýola çykan kerweniň üstüne orslaryň çozuşyny, ýagy bilen ýüzbe-ýüz söweşen galanyň
batyrlarynyň edermenligini ýekän-ýekän ýatlady. Batyr han hergiz beýleki ýigitleriň jan alyp jan
berişi hakda gürrüň bererdi. Bu gezegem şeýle boldy. Ýöne, obamyzyň ýaş ýigitleriniň şir kimin
ganyma topulyşlaryny gören Batyr hanyň ganatlanyp, özüniň ona-ýigrimä taý gelenligi, gözleri
gök çüýşe ýaly ýylpyldaýan ors esgerleriniň galabasynyň läşini serendigi şeksizdi.
Urşuşyndanam galadakylaryň serkerdesidigini tanandyklary bes-bellidi. Ony şonuň üçinem
öldürmän ýesir alypdyrlar. Gürrüňini tamamladym diýip hasap eden Batyr han ”Indem ertire
çyksak”-diýip sözüne nokat goýdy.
Men onuň näme diýmekçi bolýanlygyny haýdan-hay anyklamak isledim.
— Hä, o nämäň ertiri?
— Ertir, meniň aýagyma-elime gandal urup Skobelewiň ýanyna eltjekler.
— Näme, Skobelewiň özi bu ýerde dälmişmi?
— Ýok, onuň düşlän ýeri hem bu ýerden gaty uzakda-ha bolmaly dälmikä diýýän…
Sözüne dyngy beren Batyr han uludan demini alyp arkasyny ýerkümäň diwaryna diredi.
— Meniň şo generaly bir golaýyndan synlasym gelýä. Göreli, türkmen düzlerini gana boýamagy
niýet edeniň kimdigini? Görmäge gözümiziň nury sag bolsun, eziz Allam!
Gürlän mahaly gaharyna Batyr hanyň duluklary titreýärdi. Sakalynyň syrylandygy üçinem
bolmagy mümkin, onuň ýaňaklary çekilip, ýüz-gözi horlanan ýalydy. Ýüzünde birnäçe ýara
yzlary hem bardy. Maňlaýy ýygyrt-ýygyrtdy. Nazaryndaky gaýgy-hasrat içiňden geçip barýardy.
Men ara böwşeňlik düşende indi nämelere garaşmalydygy, orslaryň güýji hakda soradym. Ol
maňa:
— Şu ýerde görenleň orslaryň bar goşunydyr öýdýäňmi? – diýip sorag bilen ýüzlendi. Soňra-da
maňa garaşman öz-özüne jogap berdi:
— Bu orslaryň öň hatary bolmaly, Skobeliň özi ýene şunçarak goşun bilen yzdan gelýän bolsa
gerek…
— Han aga! Orslaryň munça jan çekip biziň üstümize sürünmesi nämekä? Olara asla, bizden
näme gerekkä?
— Ors galany ele aljak bolýa, galanyň gitdigi türkmenleriň dyzyna çökerilendigini Skobelew
bilýä…onsaň külli türkmeniň düzi-sährasy özüňki…
Daşardan serhoş ors esgerleriniň aýdym aýdýan, şadyýan degişmeleri eşidilýärdi. Gapynyň
agaçlarynyň yşyndan daş töwerek gowy görünýärdi. Belentde ýakylan oduň ýalkymy ep-esli ýeri
ýagtyldýardy. Onuň daşynda birnäçe ors bir çişik esgeriň daşyna üýşüp aşak-ýokaryk bökýärdi.
Ol çişik ors bolsa garmonyň gapdalyndan don kazaklarynyň aýdymyna gygyrmaga başlady.
Ýedinji perdäniň owazy
GIJEKI ÇOZUŞ
Soň-soňlar Adyna han şeýle ýatlardy: ”Seniň galanyň daşyna dowarlary çykaranyňdan
habarlydyk. Agşam namazyna metjide üýşen adamlar seň bir belanyň üstünden barandygyň
kararyna geldiler. Nurberdi han ýigrimi atlynyň başyny jemläp galanyň daş-töweregindäki
obalardan habar tutmagy teklip etdi
Biz tizden-tiz atlandyk. Galanyň daşyndaky öri meýdanlary ädimme-ädim sökdük. Ahyry
ýigitleriň biri seniň ýerde serlip ýatan köpegiň bilen goýnuň läşiniň üstünden bardylar. Biraz
aňyrrakda çopan taýagyňy tapdyk. Itiňem, goýnuňam atyp öldürendiklerini bildik. Esgerleriň,
atlaryň yzyny çaldyk, olaryň gidäýjek ugruny çakladyk. Ýagyşyň yzlary ýuwan ýerine çenli
eglenmän geldik.
Aý, garaz orslaryň ornaşan öýyny tapýançak ýary gijeden agdy. Görsek garawullardan galany
uklapdyr. Ýöne duşman ordasyna golaýlaşmazdan öň atlarymyzyň aýak sesini eşidilmez ýaly
etmegimiz gerekdi. Biz atlarymyzdan düşdük-de eýerleriň aşagyndaky keçäni gatlap olaryň
toýnagyna berk daňdyk. Indi atlarymyza münüp ýatan duşmanyň edil gulagynyň alkymyndan
çapdyryp geçsegem duşmanyň duýjak gumany ýokdy. Biz şeýdip duşman leşgeriniň ýerleşen
ýerine ýakyn bardyk”.
Ors goşunlarynyň düşlän öýy ukynyň kölüne gark bolupdy. Gapa ýaplanyp hor çekip ýatan
garawulyň “horruldysy” gijäniň dym-dyrslygyny böwsüp gelip bize gowy eşidilýärdi.
Tans edip owlak-guzy ýaly böküşen, täze öldürlen toklynyň etinden çişlik bişirip göwün
solpusyndan çykan esgerleriň gulagynyň aşagynda top atylsa-da turjaga meňzemeýärdi. Batyr
han ýerkümäň diwaryna arkasyny berip oturşyna salawat dogalaryny okaýardy, tesbi sanaýardy.
Öň galadan başga ýerde ýatyp görmämsoň meňem gözüme uky gelmeýärdi.
Ýere guran seliniň sypaly düşelendi. Men ellerimi ýassyk edinip arkanlygyna gyşardym.
Daşardaky garawulyň horlamasynyň birsyhly gaýtalanmasyna kirpiklerim garyşyp gidýärdi.
Birsalymdan daşardan del şygyrdy eşidildi. Yzy bilen bir agyr zat ýere çöken ýaly boldy. Az
kem wagt geçensoň bizi saklaýan garawulyň hor çekmesi kesildi.
Hor çekip ýatan garawulyň birden oýanmasy bolup biljek zada meňzemeýärdi. Men ýuwaşlyk
bilen ýatan ýerimden turdum-da gapyň yşyndan daşaryny synlamaga durdum. Aýyň ýagtysyna
bir gara görünýärdi. Ol seresaplylyk bilen töwergine garanjaklaýardy. Öldüren garawulynyň
meýdi aýagynyň aşagynda serilip ýatyrdy.
Batyr hanam üstüni basdyran aladalarynyň aşagyndan çykyp, gapa geldi. Yşlardan daşyna
seretdi. Durşy bilen gulaga öwrüldi. Daşardaky adam indi bize arkasyny öwrüp durdy. Ony
tanamak mümkin däldi. Kim bolanda-da onuň garawuly öldüreni ikiuçsyzdy.
Gapa düşýän kölge soňky sapar hereketlenende Batyr han: “Heý, heý!” diýip, assyrynlyk bilen
ony çagyrmaga durdy. Ol gara Batyr hanyň sesini eşiden badyna çalt aşak oturdy-da, sesiň
nireden gelýänini anyklajak bolýan ýaly diňşirgemäge durdy. Batyr han “Heý, heý” diýip ýene
gaýtalady. Kölege ýuwaşlyk bilen dikeldi-de, töweregine garanjaklap, assa basyp bize tarap
ulalyp gaýtdy, tutuş işigiň öňüni tutdy. Meniň seredýän jaýrygymdan indi diňe onuň elindäki
ýalaňaç gamasy bilen egnindäki gyrmyzy donunyň çeti görünýärdi. Onuň biziňkilerden
biridigine indi şübhelenmeýärdik. Ol gapyny açjak bolup gulpuny çalaja şakyrdatdy. Soň yzyna
gitdi-de öldüren garawulynyň jesedini sermeşdirmäge durdy. Soň gidişi ýaly yzyna gelip gulpa
degdi. Bu gezek gulpa sokulan açaryň towlanýan sesi geldi. Gapy açyldy. Gapyny açanyň Adyna
handygyny bada-bat tanadyk. Bizi görüp ol begenjine uçaýjak bolýardy. Biziňem begenjimiz
oňkydan pes däldi.
Daşyna çykanymyzdan Adyna han: “Yzyma düşüberiň” diýip öňümizden ylgaşlap gerişden
aşmaga başlady. Ýokary dyrmaşyp barşymyza goýunlarym ýadyma düşdi. Adyna hanyň
yzyndan zordan ýetip: „Sürime näme bolar? Meniň goýunlarym galdy“ diýdim. Ol biragyz:
“Goýunlaňňy gaýgy etme. Häzir öz janymyz gutaraly. Oglanlar bir alajyny taparlar, goýunlary
munda goýmazlar” diýip, gerişden aşdy.
Bu sözlerden soň biraz köşeşsemem goýunlarymyň aladasy aňymdan çykanokdy. Oglanlar sürini
bildirtmän alyp çykyp bilermikäler? Goçumyň boýnunda jaňy bar ahyryn! Onuň sesine
duşmanyň ähli leşgeri oýanar.
Gerşden aşan ýerimizde galaň ýigitlerinden biernäçesi atlaryň başyny tutup taýýar duran ekenler.
Bizi görenlerinden garaşyp duranlar ýerli-ýerden atlandylar. Adyna hanam gelşine atyna böküp
mündi. Batyr han ikimizem bir atyň üstünde jaýlaşdyk. Toparymyz bilen gala tarap gamça
basdyk.
Toýnaklaryna keçe geýdirilen atlar bizi ýagdan gyl soguran ýaly edip, göz açyp ýumasy salymda
düz meýdana alyp çykdylar. Men şondan soň türkmenleriň atyň eýeriniň aşagyna näme üçin keçe
atýandyklarynyň syryna düşünip galdym.
Sekizinji perdäniň owazy
BIZ BIRLEŞMELIDIRIS!
Batyr hanyň gelmegi bilen gala ýaňadan janlandy. Oba içine öňki asudalyk, ine-ganalyk
aralaşdy. Agşamlaryna meýdançada kowalaşyp oýnap ugran çagalaryň şadyýan sesleri ýene-de
gelip başlady.
Galadaky meýdança birnäçe sagat mundan öň işini taşlap gelen adamlardan doludy. Olaryň
gürrüňleri bir nokadyň daşynda aýlanýardy. Ol hem Batyr hanyň jemagaty näme üçin
çagyrandygy hakyndady. Ol ir bilen golaýdaky obalara-da “Gala ýygnanmaly” diýip çapar
ugradypdyr.
Birden turan ýelem tutuş türkmen sährasynda başly-barat, biri-birinden üzňelikde ýüzüp ýören
bulutlary galaň dik üstünde toplamaga durdy.
Haý diýmän, egninden hyrlysyny asan atlylar jemlenişdiler. Başlaryna çümre geýen garaköli
telpekleri gar ýaly aklary, kömür ýaly garalary garym-gatym boldy.
Bir gürmege tüpeňini atynyň eýeriniň üstüne kese atyp gelýän başy ak selleli Aga han
baştutanlyk edýärdi. Onuň at üstünde oturşy gahryman sypatdy. Ýüzi daşyndan hyýrsyz ýaly
görünse-de, ol akyly-paýhasy, batyrlygy bilen bu jelegaýlara özüni aldyrypdy. Lomakiniň
leşgerleri sürnüp gelende mertlerçe olara garşy duranlaryň birem Aga handy.
Ol öz nökerleri bilen galanyň içine girenden tä meýdança gelýänçä hemmeleriň nazaryndady,
köpleriň daşdanam bolsa baş atyp Aga han bilen salamlaşyp bilse armany ýokdy. Märekäň
gürelýän ýerine ýetenlerinde bolsa, halaýyk iki ýan serpilip, oňa ýol berýärdi. Metjidiň deňine
ýetenlerinde hut Nurberdi hanyň özi Aga hanyň öňünden çykyp ýaş ýigitlere onuň nökerleriniň
atyny tutuň diýip buýruk berdi.
Aga hanyň gelmegi bilen metjidiň töwereginiň hereketi has hem artdy. Indi esasy gelmeliler
gelipdi diýseňem boljakdy. Günbatardan atabaý yomutlarynyň serdary Hajynazar hanam uzak
ýoldan gelip ýetişipdi. Munça adamyň gala ýygnananyny häzire çenli gören ýokdy.
Men bir çeträkde durdum. Öňümde iki sany pyýada öz arasynda bir jedeli çözüp bilmän
kösenýärdiler. Ýaşy kiçiräginiň kellesinde akgaýma tahýasy bardy, beýlekisiniň egnine bolsa
agyr çäkmeni atylandy.
— Aý, seň aýdýanyň näme-how? Orslar haçan ilerki obalary alypdyr?
— Saňa, piliň gulagynda irkilip galan aga diýerler. Düňýäni suw-sil alsa-da seň habaryň bolmaz!
— Keltagan, mus-muslap durma-da, näme diýjek bolsan diýde dyn-how sen!
— Sen, näme dogrudanam olaň geleninden bihabarmy?
— Habarly bolsam senden sorajakmy-how? Sen-ä tüýs içimi ýakaýdy-ňow…Ol-bi sammysümmi etse-de, goýuň-how şol heleý gürrüňini diýýän! Onsaň olaň, bu, saparky gineraly
kimmiş?
— Men-ä şo ataňediň adyny bilmedi-mäýt…ýene-de Lomakin diýen ýaly bolaýmasa!
Gapdaldan üçünji biri gürrüňe goşuldy:
— Bu sapar yzyna nöker tirkäp gelen başgamyş… Molla Muhammed-ä Skobel diýýä oňa…
—…
— Öz-ä bu enesi ýalamdyk öňki-soňkyň çeni dämiş… Elinden gelse asmany çekip aşak
gaçyraýjakmyş o peläket?
— Bäý-ä!?
— Hawa, hawa! O bir adam sypatyndaky şeýtanyň hut özümiş. Entek söweşe başlamanka
ediberşini görýäňmi!?
— O ganojak, türkmenleriň tohumyny tüketmän yzyma gaýtman diýýämiş, wah, şeý diýen dilini
ýenşesinden cekäýmeli weli...
— Allanyň özi saklasyn!
— Başa gelenini göz görer, bular beýdip garşy-garşy ýygyn gurajak bolsa-ha garakelleden
geçäýmeli bor.
— Aý, ýogsa-da, olaň maksady nämekä? Asyl, olaň göbegi şu galaň içinde gömülen ýalyla-haw!
— Maksady bes belli, olara seň ýeriň gerek.
— Bar, ýeri özümiz beren ekenik-dä, iki sany gotur geçi bilen güýe iýen keçeden başga zad-a
şolaň girisine ilmez! Şeýle dälmaýt, sakaldaş!
— Keltagan, özüňi beýle guwkelle, öýüňem ýaňky aýdyşyň ýaly garyp görkezjek bolma! Üýşüp
ýatan gyzyl-kümüşleriňi nirä gizlejek bolýaň? Seň mal ýatagyňda humly küýzeleriň gömlenini
anyk bilmese saryja orsam her bitini şänik ýaly edip ýurt aşyp gelesi ýok! Olaň pikiri ýeke seň
galaň däl, olar tutuş türkmen ilini özüne bakna etjek bolýar.
— Näme-how, olaň öz tüneginde ýeri, gyzyl-kümüşi azmyşmy? Ýa malyna örüsi gytmyşmy?
— Olarda öri näm işläpdir-how, Keltagan! Alla eşegi ýaratsa-da oňa şah beräýmändir ahyry,
Molla Muhammet olaň ýurduna kän gatnan, a-na şo orslar tomsuna-da possunly gezýä diýýa…
— Şo enesi ýalamadyklaryň bir kassy-ha bar şu ýerde, bolmasa beýdip sürülenişip ýörmezdi…
— Ýa, Keltagan, ikimizi warrygrak görýärmikäler?..
Meýdançanyň beýleki çetinde märeke böwür gurap, ellerini çarpyp bir tomaşa syn kylýardylar.
Ortada iki sany ýaş ýigdekçe güýçlerini synap görýärdi.
— Görüň-ä, bakyň-a, bu işini tükedenlere! Daşynda aksakallaň üýşeni olaň gara ýadyna-da däl.
Näme, düýn-öňňunki ýas olaň eýýäm ýadyndan çykaýdymyka?
— Ýäk, senemäy, Keltagan! Ýaş oglanlara bi azaryňy ýetirmesene! Mydam başyňy aşak salyp
gezip bolmaz ahyry-haw! Olaň bu mahal bir ýerde durasy gelýän däldir. Soňky gezek gijeki
çozuşa çykanlar şo oglanlar dälmi näme?
— Sen, Batyr hany ýesirlikden boşadanlara diýýäňmi?
— Hawa!
— Wah, olam-a şeýle, ýigit kemleri ýokdur, ýöne her zadyň, oýnuňam-çynyňam öz ýeri ýagşy!
— Aý, nä, adam pakyryňky, bir gün aglap, bir guň gülüp, şeýdip alaçaly ýüp iýşip ýören
ýalydyr-da. Her-nä, Alla Batyr hanyň ömrüni uzak edewersin!
— Wah, şony aýtsana, gala gelşigine geläýdi, ýogsa, Batyr hanyň ýoklugynda galaň içi gumgukluk, gabrystana meňzäberdi…
Ýaşuly töwerekdäki bolýan zatlary gojalyk, geçirimlilik paýhasynyň eleginden geçirip,
göreşýänler tarapa nazaryny aýlady-da:
— Alla o ýigitleň ömrüni uzagyndan edewersin her-nä! Goý, göreşsinler, tutluşsynlar, ýogsa-da
olaň ikimiz ýaly gybat etmejegi belli ahyry. Galany orsdan gorajagam ýene şolardyr – diýip,
uludan demini alyp sözüni tamamlady.
Meýdançanyň golaýyndaky öýleriň birinden aglamjyraýan çaganyň sesi gelýärdi. Köşeşdirjek
bolup paltasy daşa degen enesi ahyry çydaman:
— Goý, indi sesiňi! Ýat, ýap üstüňi, ýogsa-da orslary çagyraryn…
Duranlar bu sözlere güljeklerinem, gaharlanjaklarynam bilmediler. Olardan biri başyny ýaýkap:
— Wah, şo orsuň ady ýitsinle! Görü-ňä başymyzy nä günlere saldy?
Şu aralykda-da metjidiň agaç gapysy jygyldap açyldy. Aňyrdan ýuwaşja ardynjyrap Batyr han
çykdy. Hemmeleriň nazary oňa göňükdi. Batyr hanyň yzysüre Aga han göründi, ondan soň
golaýdan we alysdan maslahata gelen tirebaşylar ýeke-ýekeden daşary çykdylar.
Metjidiň daşky sütünine golaý duran Batyr han ähli kişini bir ýere jemlenmäge çagyrdy:
— Hany, adamlar golaýrak süýşüň, bakaly, indiki maslahat siz bilen!
Adamlaryň gowury ýatdy. Öňe süýşüşip, hemmesi bir gulaga öwrülip Batyr hanyň diýjek
sözlerini howada garbap almaga taýýar boldular. Batyr han köpçülige hossary ýaly seredip,
demini dürsedi-de söze başlady.
— Näme diýiljek bolup üýşülendigini düşundirmegiň hajaty ýokmuka diýýän. Ors generaly
Skobel goşuny bilen galanyň alkymynda ýaragyny gezäp ýatyr. Meniň çaklaýşyma görä orslaň
goşuny sekiz müňdenem agýar, olaň elliden gowurak topy, onbir sany hem pulemýoty bar.
Batyr hanyň anyk gürrüňe geçmegi, ors goşunlarynyň, ýaragynyň sanynyň agzalmagy märekäniň
üýşenmesini artdyrdy. Kimdir biri saklanyp bilmän:
— Allanyň özi gorawersin, päli azgyn kapyrdan! – diýdi.
Onuň sesiniň üstüni basyp Batyr hana yüzlenýän biriniň soragy eşidildi:
— Batyr han, orslan näme maksady bar?
Batyr han jogaba derek ajy ýylgyryp oňaýdy. Oňa çenli Aga han Batyr hanyň deňine süýşüp,
sorag berýäne ýüzlendi:
— Maksady belli olaň! Gökdepeden başga ýerde orsuň basylan ýeri ýok. Lomakiniň eňilmesine
ors çydap bilenok, olar Allanyň biziň tarapymyzdadygyna ynanmaýarlar. Olar arlaryny almaga
gelipdir.
Aga han “Senem öz sözüňi aýdaý!” diýen äheňde Batyr hana garady. Batyr han ýerkümede
diwara arkasyny berip otyrka serinden geçiren pikirklerini ýeke-ýekeden daşyna çykaryp,
ýygnananlara ýetirmäge başlady:
— Adamlar orslar biziň erkana ýaşaýşymyzy elimizden almaga gelipdir. Olar Kese Arkajyň
düzüne eýeçilik etmegiň niýetinde. Soňam, näme oňarsalar Lomakiniň aryny ýerine salmak,
türkmeniň erkek göbeklisiniň köküni kesip, adyny ýitirmek maksatlary. Indi, düşnüklimi size?
Märekäň üstünden gaýnag suw guýulana döndi. Hiç kimden ses-seda, hat-da ardynjyramaga het
edenem tapylmaýardy. Aga han ýene-de söz nobatyny aldy:
— Halaýyk, ýene-de bir zady belläň! Ors goşunlary Çatdan Çekişlere çenli harby tälim
meýdanyny döretmek isleýär. Özüni mäkäm durdum edensoň oba yzyna obany, gala yzyna
galany basyp almakçy. Baran ýerlerinde erkek göbekli goýman gyrýä, çapýa. Skobel eýýäm
goşunyna baran ýeriňiziň malyny çapyň, harmanyny otlaň diýip buýrupdyr. Musulman süýdüni
emmedik kapyrlarda kiçä-ula rehim-şepagat bolarmy ýogsa!
Aga han sözüne dyngy berip, durşy bilen gulaga öwrülen adamlarýň söz aýdaryna garaşdy.
Emma, ýerden seda çykýardy, adamlar weli lal-jim. Olaryň ýüzüni gaýgy-alada örtüpdi. Aga
hanyň sözüniň dowamyna garaşýardylar. Ol uzak garaşdyrmady:
— Özüňiz bilýänsiňiz, biziň obalarymyz biri-birinden uzakda ýerleşýär. Goňşy obada näme
bolýanyny bilemzok, bilsegem bir aý geçensoň bilýäs. Ýarag ýagdaýymyzam ýabygorly, her
obadan çyksa on hyrlydan, ýigrimi jöwher gylyçdan köp ýarag çykmaz. Adam sanymyzam az.
Ala meýdana çykyp garpyşara güýjümiz ýok. Onsoňam biziň öýlerimize galanyň içiniň
diňlerine-diwarlaryna penalan ýaly penalajak gümanyňam ýok. Onsoň nädip orslara garşy
durmaly? Eliň aýasy ýaly düzümizde gizlenere, gaçara pena ýok. Dört tarapyň alaň-açyklyk…
Şu ýerde Aga han sellesiniň bir ujy bilen maňlaýyndaky derini syldy. Özüni kemsiz dürsäp:
— Men öňem kän aýtdym, ýene-de aýdýan, gelejekde-de aýtmaga ýaltanman, biziň orsuň
garşysyna goýup biljek iň uly ýaragymyz – biziň agzybirligimiz. Bizi häzir, diňe tireleriň,
obalaryň, galalaryň birleşmegi, bir adama öwrülmegi halas eder! Meniň bar aýtjagym-a şular.
Geplejegiňe rugsatdyr adamlar!
Aga han ahli meseläni çöp döwen ýaly edipdi.
Ýomutlaryň atabaý taýpasynyň serdary Hajynazar han orta çykdy. Ol şeýle diýdi:
— Siz obalardaky adamlar hiç zat etmän ellerini gowşuryp oturandyr öýtmäň. Ýok, beýle däl!
Lomakiniň goşunlary çozanda-da, häzirem ýaş ýigitler gijelerine edil ýyldyrym çakan ýaly
orslaryň üstüne çozýarlar. Siziň hemmäňiz ondan habarlysyňyz. Arman, bu çozuşlaryň peýdasy
az, orslaryň sany bolsa çenden-çakdan kän. Ýigrimi atly, otuz atly bile ýagy gaýtarjak gümanyň
ýok.
Diňleýänleriň içinden kimdir biri onuň sözüni böldi:
— Hajynazar han bu zatlary bizem bilýäs, obalaryň üstüne, abanan howpam bilýäs, ýöne çykalga
hany?
Başga biri, onuň sözüniň üstüni ýetirdi:
— Düşünmez ýaly gürrüň ýok. Skobel elinden gelse sährany eýelejek, biziňem barymyzy gyrjak.
Hany göreliň kim-kimi gyrýar?! Lomakin gelib-ä gönenip gitdi. Muňam düşjek güni şodur-da!
Märekeden ýene-de biriniň sesi çykdy:
— Gepi süýndürmäliň-le haw! Ýagy ýokka döşüňi gaýşartmadan aňsady ýok. Ýankyň aýdyşy
ýaly, näme etmeli indi şony aýdalyň.
Batyr han bu ýere ýygnananlara uzak wagtlap seredip durdy-da hemmelere eşidiler ýaly gatydan
seslenip gürledi:
— Ýaňy Aga han aýtdy näme etmelidigini. Menem onuň aýdanlaryny gaýtalaýaryn, biziň
hemmämiz bir adam ýaly jebisleşmeli, bir-birimize arka diräp orsuň garşysyna çykmaly.
Kethudalaram şu pikire geldiler.
Ol şeýle diýdi-de, öz arkasynda duran aksakallara gözüni aýlady, soň sözüni dowam etdi:
— Indi aýdyljak söz aýdyldy. Ýaşulylar üýşüp Aga hanyň aýdanlaryny goldadylar. Bizi
birleşdirjek güýç, hemmämiziň şu galanyň içine göçüp gelmegimizdir. Galanyň içi giň,
hemmämize-de ýer tapylar. Siz muňa razymy? Şuny aýdaryňyza garaşýarys.
Dem salym halaýyk doňup galdy. Olar bir-birlerine geň galyşyp seredişdiler. Soňra kem-kemden
adamlaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlary uçganaklap ugrady.
— Dogry aýdýaňyz! Ony soramagyň hajaty hem ýok!
— Biziň öýmüz – olaryň öýi! Dogru-da häzir öýleriň aýrylygynyň tapawudy barmy?
— Mende artykmaç iki sany gara öý bar, kim gelse, gelip ýaşabersin!
Batyr han gulagynyň eşidýän gürrünlerinden razy äheňde ellerini asmana göterdi:
— Allam, edeniňe köp müň şükür!
Soňam ýygnanan adamlara ýüzlenip şeýle diýdi:
— Adamlar sizden tamada şeýledi, men biziň hemmämiziň gaýgymyzyňam, şatlygymyzyňam
birdigine ynanýardym. Bir ýere jemlensek, Allada işimizi ugruna eder.Toýam, ýasam bile
tutarys!
Jebisligiň güýjüni aňan adamlaryň göwnüniň galkynýany duýulýardy. Batyr hanyň şadyýan
nazary märekäniň içinden Ahmet ahuny gözläp tapdy. Elleri bilen yşarat edip metjidiň sütünine
arkasyny diräp otyrdy-da ellerini döşüniň deňine ýetirdi. Daşyndakylaryňam hemmesi aşak
oturdy. Ahmet Ahunyň labyzly owazy ýaňlanyp ugrandan märekäniň gowury ýatyp, dymdyrslyk aralaşdy. Ahun her bir musulman üçin mukaddes Kurandan aýat okady:
“Eý, siz imanlylar! Onuň çatyjy ýüpünden mäkäm ýapyşyň we hergiz özara bölünişmäň!”
(Kuranyň 3 süresiniň 103 aýady.)
Ahmet ahundan soň Batyr han doga okady. Biziň hemmämiz ”Ämin” diýip, gol göterdik.
Adamlar dargap başladylar, myhmanlar soň maşgalasy bilen dolanyp gelmek üçin atlanyp,
galanyň derwezesinden çykyp gitdiler.
Garşydan öwüsýän şemal güýçlendi, galanyň ýokarsyna üýşen bulutlaryň topbagyny çar ýana
dargadyp başlady. Galanyň ilaty hem öýli-öýlerine dargaşdylar, her kim göçüp geljek
maşgalalary garşy almaga taýýarlanýardy.
Meýdança boşap galdy. Meniň hiç ýere gidesim gelmeýärdi. Golaý obadaky adamlar gelip
başlaýança şu ýerde, Aga hanyň, Batyr hanyň buýsançly gürlän, halka buýsanan ýerlerinde
garaşmagy niýet etýärdim.
Ahmet ahunyň labyzly okan aýatlary galanyň daşyndaky sähralykda ýaň salýardy. Bir salym
men şeýle arzuw etdim, käşgä orslar ýaragsyz, esbapsyz golaýa gelip, Ahmet ahunyň owadan
labyz bilen azan aýdyşyny oturyp diňlesediler.
Dokuzynjy perdäniň owazy
ÝENE-DE TOÝ
Şo gün asmanyň ýüzüniň nähili reňkdedigi asyl ýadyma düşenok, ýöne gök däldigini weli açyk
bilýän. Eger-de asman şo gün gök öwüsýän bolsady, onda suw, deňiz hakydamda galardy.
Asmanyň ýüzi gara-da däldi. Hat-da gyzylam, mämişi-de däldi. Indi şo güni ýadyma düşürjek
bolsam, asman reňksiz bir görnüşde göz öňüme gelýär. Dogrudanam asmanyň ýüzi reňksizdi.
Maňa bu zatlary başgalara ynandyrmagam kyn. Asla, mümkinem däl. Heý-de gögüň ýüzi reňksiz
bolup bilermi?! Men weli reňksiz asmany gördüm. Hiç bolmanda gördümmikäm öýdýän. Çünki
şo pursatda men bireňk asmanyň, boýagsyz dünýäniň hem edil reňkli dünýä ýaly ýadyňda
hemişelik galýandygyna göz ýetiripdim. Dogrudanam, bu reňksizlik adamyň aňyna baş
bermeýän duýgularynyň – dem alyşynyň, gussa batyşynyň, gözýaş döküşiniň reňkiniň ýokdugy
hem özboluşly bir reňk eken.
Bäbejigiň sesi ýaňlanyp gitdi, birnäçe bäbegiň aglaýan sesi eşidilen bolmagy hem ahmal. Özem
bu ses alysdan-alys ýerden gelýärdi. Çäga sesiniň bu giň düzlügiň niresinden gelýäni maňa
näbellidi. Men müň gatly zehinimiň bu gatynyň aşagynda baslygyp ýatan jogaby agtarýadym.
Näme üçin, näme üçin olar aglaýar? Açlykdanmy? Ýa-da näzik tenine ýa-da ýüregine sanjylýan
agyrydanmy? Näme üçin olaryň dili ýüregine sanjylýan agyryny aýdardan ejizkä? Men olaryň
gözlerinde gorky görýärin. Gorky? Olar nämeden gorkýar? Kimden? Ýok olar orslardan
gorkanok. Gaýta garşysyndaky orslara ýigreňç hem-de hyýrsyzlyk bilen garaýalar. Bir gün geler,
ine, şonda öz atalary bilen egin deňläp duşmanyň garşysyna garpyşyga girmändigine arman
çekerler. Men açyk bilýärin, wagt geçer, olar şo kyn pursatda bäbek bolup aglap ýatmaly
bolandyklaryna, ululara kömek edip bilmändiklerine ökünip aňyrsyna çykyp bilmezler. Atalaryň,
agalaryň ýüreginden duşman güllesi parran geçip gidende, ýagynyň öňünde bolmanda ýene-de
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasyndaky söweş - 4
  • Parts
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 1
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2332
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 2
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2335
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2325
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 4
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2268
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 5
    Total number of words is 3137
    Total number of unique words is 1971
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.