Latin

Gökdepe galasyndaky söweş - 1

Total number of words is 3709
Total number of unique words is 2332
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
GÖKDEPE GALASYNDAKY SÖWEŞ
Awtor Ýusup Gojuk Barada
Ýusup Gojuk 1968-nji ýylda doglan, ýokary bilimli. Tehran uniwersitetiniň
pars dili we edebiýaty boýunça okuwyny gutarýar. 1986-njy ýyldan bäri hekaýa
ýazýar. Şu güne çenli onuň 20 den gowrak kitaby Eýranyň belli neşirýatlary
tarapyndan köp tiražda çap edildi. Ýusup Gojuk häzirki wagtda her üç aýdan
Eýranda çap edilýän,halkara derejesine eýe bolan „Ýaprak“ atly žurnalyň eýesi
we baş müdiri.
Sözbaşy ýerine
Gökdepe urşundan bäri 120 ýyldanam gowrak wagt geçdi, ýene-de aýlar aýlanar, ýyllar-asyrlar
geçer. Ýöne, Orsýet Patyşasynyň basyp alyjy goşunlarynyň sürünmesinden öz topragyny
goramak üçin “Il bilen gelen toýda baýram” diýip aýaga galan türkmen halkynyň görkezen epiki
gahrymançylygy hakyndaky hakydanyň ýalkymy öçmez.
General Lomakiniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji Ahal-teke ýörüşi wagtynda Patyşanyň goşunlary
bütin Orsýediň basyp alyjylykly syýasatynyň dowamynda ilkinji gezek, ýurduny gaýduwsyzlyk
bilen goran türkmenlerden ýeňildiler (1879 ýylyň sentýabry).
Türkmenlerde “Ýykylan göreşden doýmaz” diýlen bir söz bar. Bu ýeňilişlerinden soň Ahal-teke
oazisini boýun egdirmek üçin orslar ikinji ýörüşe taýýarlyk görüp başlaýarlar. Şeýle maksat bilen
1880-nji ýylyň martynda Patyşa Orsýediniň gaznasyndan 10 million manatlyk serişde
göýberilýär we 11 müň esgerden ybarat ägirt uly goşun 107 top, 11 pulemýot bilen üpjün edilýär.
Ýörüşe ýolbaşçy edilip general Mihail Skobelew bellenilýär.
Türkmenler bu gezegem ors goşunlaryna deňsiz-taýsyz gaýtawul görkezýärler. Gökdepe
galasyny goraýjylar özlerinden ençeme esse köp ors esgerleriniň garşysyna ärligi, mertligi we
türkmen erkinligi üçin pidakärligi ýarag hökmünde ulanýarlar. Galany elden bermezlik uçin
erkekler ellerine köne ýeke nili, ak saply jöwher gamalary alsalar, aýallar we çagalar ellerine ilen
zadyň gyrkylykmy, paltamy, daş topurmy nämedigine aramazdan kese ýerli ýurtbasarlaryň
garşysyna çykýar. Taryhy maglumatlar boýunça galanyň içindäki söweşde san-sajaksyz adam
gurban bolýar. Gala elden giderilenden soň basga düşen bosgunlardan diňe aýallaryň we
çagalaryň sekiz müňe golaýy patyşanyň atly we pyýada goşunlary tarapyndan gylyçdan hem-de
gülleden geçirilýar. Söweşi tamamlamagy Skobelew gala basylyp alynandan üç gün soň(!)
buýurýar. Bu üç günde basypalyjy goşunlar gaýtawul görkezmäge hiç bir ýagdaýy galmadyklary,
aýallary we çagalary wagşylyk bilen gyrypdyrlar. Täze döredilen Zakaspiý döwletine ýolbaşçy
bellenilen Skobelew bu edilen wagşyçylygyň az salymyň içinde dünýä dolmagy sebäpli
wezipesinden boşadylyp Moskwa çagyrylýar. Heniz kyrk hem ýaşamadyk bu ganhor şondan soň
birnäçe aý geçip geçmänkä näbelli bir kesele uçurap ölýär.
Il ýurduny gorap, taryhda yz galdyran hakyky sähra perzentleriniň gaýduwsyzlygy, merdanalygy
powestde bir gahrymanda – Batyr handa jemlemäge synanşyldy. Öz ýurduny, öýüni-ojagyny
gorap ägirt uly gahrymançylyk görkezen, türkmenleriň arasynda Watana söýgüniň, arnamysyň,
mertligiň ýitip gitmezligi üçin şehit bolanlaryň ruhunyň öňünde baş egip, bu powesti şol
merdanalara bagyşlaýaryn.
Bu pajygaly waka her bir türkmeniň kalbynda öçmejek yz goýdy. Ýyllar aýlanyp, asyrlar aşsa-da
halk öz mertlerini unutmaýar we olaryň hatyrasyny saklaýar. Çunki azatlygy we Watany
goranlaryň hatyrasy we olar hakdaky hakyda mukaddesdir.
Powesti pars dilinden rus diline sözme-söz höwes bilen terjime eden Gözel Täjiýewa hem-de bu
terjimeden gollanyp, ony pars dilindäki asyl nusgasy bilen meniň bilen bilelikde deňeşdirip
türkmençä edebi terjime eden ýazyjy dostum Ylýas Amangeldä minnetdarlyk bildirýärin.
Ýusup Gojuk.
Gökdepe galasyny goramak üçin bolan pajygaly şöweşde türkmen halkynyň görkezen
gahrymançylygy we patyşa goşunlarynyň ýerli halky köpçülikleýin gyranlygy hakyndaky
ýatlama nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gökdepe urşynyň taryhy halkyň gahrymançylykly
dessanynda we saz sungatynda öz mynasyp beýanyny tapdy. Ady häzire çenli näbelli bagşynyň
nesillere galdyran ajaýyp mukamy hem bu wakany gürrüň berýär.
Birinji perdäniň owazy
MUKADDES SYR
Gan ýaly gyzaran şapagyň reňkine gök sähra gyzyl öwüsýärdi. Ýaşbagşy uzyn barmakly ellerini
kölegeledip alyslara garaýardy. Kalbyndaky niçiksidir bir ünji ony ynjalykdan gaçyrýardy.
Dogrusy bu ünji ona indi ençeme ýyllar bäri karar bermeýärdi we garşy-garşy birmahal ötüp
giden gyzyl reňkli ýatlamalaryny ýaňadan hakydasyna getirýärdi. Aňyrsy gyrmyzy şapaga
duwlanyp gidýän gözýetim hasratly ýatlamalarynda iki ýana at saldyrýardy.
Ýaşmagy niýet edinen gün sähralygyň beýleki tarapynda, dag gerişleriniň arasynda gizlenip
ugrapdy. Garşysynda egin-egne berip ýatan baýyrlar öz dillerinde alyslarda galan günleriň
ýürekde bitmez ýara goýan wakalary barada pyşyrdaşmaga başlana meňzeýardi.Ýaşbagşy
kalbyndaky orun tutan köne ýaralary hakda hiç kime syr bermeýärdi. Ahyrsoňunda, Orsgeldiniň
toý güni bu köne ýara täzeden gozgady.
Ýaşbagşy yzyna öwrüldi-de gara öyleriň syrgynyna nazar aýlady. Asyl, şu ýerdenem obada
nämeleriň bolup geçýänini synlap durmalydy. Häzir obanyň içi birnäçe gün mundan ozalkysy
ýaly däldi, gaýda-gaýmalaşykdy, bezenen gelin-gyzlar toý aladasy bilen başagaýdy. Her kim bir
işe meşguldy. Bütin oba bir adam ýaly bolup toýa beslenýärdi. Uzaklardan eşidilýän kerwen
jaňlary täze myhmanlaryň gelýändigini habar berýärdi.
Söňky günler oba adamlarynyň iň hözürli günlerine öwrülipdi. Dogrusy obanyň toýam-ýasam
hemmeler üçin birdi. Kimdir biri toý tutsa obaň ulusy-kiçisi öz töyy ýaly şo ýerdedi… Niçikmi
kimiňdir biriniň başyna agyr gün inäýse-de obadakylar ony ýeke goýman, derdini deň
paýlaşýardylar…
Golaýdaky depäniň aňyrsyndaň at toýnaklarynyň tozany göterildi. Ýaşbagşy aňyrdan atyny
gorgunladyp çykan iki kişini gördi, olaryň ýüzleri oba tarap bolsa-da, bagşyny görüp atlarynyň
başyny oňa tarap öwürdiler.
Ýaşbagşy atlylaryň geýen gyrmyzy donuny görenden olaryň kimdigini tanady. Dor bedewleriň
aýagyna göz ilenokdy. Atlylar golaýa gelip atlarynyň badyny gowşadyp, gele-gelmäne atdan
böküp düsdüler-de bagşyn gabadynda aýak çekdiler.
Ýaşbagşy olara çiňerilip diýen ýaly seretdi. Onuň ýüzi ýagtylyp gitdi, ýigitleriň berdaşly
göwresine buýsanç bilen garap durdy. Atlylaryň başyndaky ak silkme telpekleriniň burumlary
şemalyň badyna ykjap, olary haýbatly görkezýärdi. Olaryň biri has-da golaýa geldi. Merdemsi
sesi bilen Ýaşbagşa ýüzlendi:
— Kaka! Bu ýerde ýeke özüň näme işläp ýörsüň?
Aňyrrakda duran ýoldaşy onuň sözüniň üstüni ýetirdi:
— Bagşy aga, ogluň toý güni, seni sylap üstüne märeke bary ýagyp dur, size obada
garaşýandyrlar.
Ýaşbagşynyň olara syryny, has beteri-de olaryň keýpini gaçyrjak zady aýdasy gelmedi. Aslynda,
başgalara içini döker ýaly, kalbyna çöken ýatlama labyryndan özi hem baş çykaryp barmaýardy.
Emma, atlylaryňky rastdy. Bu gün onuň begenmeli günüdi. Ol ýylgyrdy-da garşysyndakylara
bakyp:
— Sen hak aýdýaň oglum! … Zelelei ýok. Maňa, gaýta siz birneme alada bolupdyňyz.
Uzyn böýly ýigdekçe Ýaşbagşynyň ogluna tarap ümläp:
— Ýaşuly, Orsgeldiň häzir atynyň çapýan wagty. Atyň başyny çekmän bir demde Hywa barypgelibiljek! — diýip heziller edinip güldi.
Orsgeldiniň weli utanjyna ýüzi gyzardy. Bagşy oglundan goňşy obalara ugradylan çakylykçylar
barada sorady:
— Orsgeldi, oglum toýa çagyrylanlaň hemmesine habar ýetirlipmi?
Orsgeldiden öňünça, atynyň ýalyny sypap duran dosty jogap berdi:
— Toýa geljegiň aňyrsy-bärsi ýok, bagşy aga! Siz dutaryňyzyň owazyna aşyk myhmandan ýaňa
gapyňyzda ýer tapylmasa gerek.
Dogrudanam, Ýaşbagşyny tanamaýan ýokdy. Onuň dutarynyň owazynyň ýetmedik obasy galan
däldir. Oba çapar ugradylyp bagşynyň toýa çagyrylmadyk, Ýaşbagşynyňam eline dutaryny alyp
çagyrylan ýerine tarap ýola düşmedik güni ýokdur. Bu towereklerdäki toy-baýramlaryň
Ýaşbagşysyz, onuň dutary bilen birlikde “gel bärisiz” geçenini bilýän tapylmaz. Toýlar,
baýramlar Ýaşbagşysyz toýa-baýrama meňzemeýärdi, gyzyksyzdy. Niçikmi Ýaşbagşynyň
dutarynyň sesi ýaňlanyp ugradygy daşdan-u ýakyndan uly-kiçi bary üýşerdi. Onün baran ýerinde
goşa kirişiň owazy dagy-jülgäni, sähralary, gum alaňlarny gaplap alýardy. Bu güň, onuň oglunyň
toý gününde hem çar ýandan myhmanlaryň çozjakdygynyň ujy iki däldi.
Ýaşbagşy ýene-de yzyna gaňryldy, obadaky toý başagaýlygy artmasa kemelmeýärdi, adamlaryň
üýşýän öýi arynyň ketegi ýaly “waň” berýardi. Bagşy ýigitlere:
— Siz baryberiň, serediň myhmanlaryň hyzmatyny kem etmäweriň, menem ynha yzyňyzdan
bararyn! – diýip sargady.
Ýigitler duran ýerlerinden towsup ata mündilerde oba tarap atlarynyň jylawyny göýberdiler.
Bagşy üçin hem indi bu ýerde eglenere bahana galmandy, öýüňde myhmanlar garaşyp durka
ýeke özüň telbe ýaly obaň çetinde aýlanyp ýörmek gelşiksizdi.
Üstüne odun hem-de ýandak basylan uly araba obaň çetinden girip barýardy. Arabaň tigirleriniň
jygyldysy esli wagtlap Ýaşbagşynyň gulagynyň içinde gaýtalanyp durdy we ýüreginde ýaňy
köşeşip ugran ýatlamalaryň ýarasyny täzeden gozgady. Adamlaryň bir topary Garasuwyň
güzerinden gatyrlaryň üstüne atylan meşiklerini suwdan dolduryp başly-barat oba tarap
gelýärdiler. Golaý-goltumdaky gara öýleriň daşyndaky aýallaryň üýşmegini görmek bolýardy,
ýöne olaryň daşaryny suwlaýany haýsy, süpürýäni haýsy saýgarmak kyndy.
Birdenem aýal adamyň agy sesi gelen ýaly boldy. Ýa biri gülýärmi? Toý ýerinde aglanmaz
ahyryn?! Öýleriň birinden ýaňy göze görnüp ugran üç-dört gyz çykdy-da, düzlüge tarap ylgap
gitdi. Olaryň saçyna ören kümüş düwmeleri, toýa dakynan şaý-sepleri şaňňyr-şaňňyr ses edýärdi.
Bu sese Ýaşbagşyň maňlaýyndan sowuk der geldi.
Ol indi öz ýanyndan gyssanmaga başlady. Ädimini çaltlandyryp ugrany hem şoldy weli,
arkasyndan kimdir biriniň mähirli salam berýän sesini eşitdi. Yzyna öwrülende, orta
ýaşlaryndaky bir pyýadanyň kiçijik gyzjagazyň elinden tutup duranyny gördi. Ýaşbagşy
görenden olary tanady, geçen ýyl olar oba gelip-gidipdiler. Elleşip görüşenlerinde bagşy toýa
gelýän myhmanyndan gyzynyň saglygy barada sorady:
— Ýaşuly, tüweleme Siziň eliňiziň derman kemi ýok, Hudaýa şükür, ynha özüňiz görýäňiz
ahyry – diýip, gyzjagazyna mähirli garady.
Ýaşbagşy gyzjagaza göz aýlanyndan myhmanyň aýdýanlarynyň hakykatdygyna göz ýetirdi.
Onuň ýaňajyklaryna adaty sagatlygyň reňki ýöräpdi. Ol kakasynyň gataňsy ellerini göýbermesede utanjyna kesesine bakdy.
Ýaşbagşy ýylgyrdy. Gyzjagaz kakasynyň arkasyna gizlendi. Kakasy:
— Geçen ýyl, Alladan söňky umydymyz sizdiňiz. Öň, Allanyň eradasy bilen Siziň obaňyza
düşdük,.. daşyndan, adamlardan eşitdik…
Ýaşbagşy onuň kesekilerden nämäni eşidip biljekdigini aňýardy. Ellerinde, barmagyny basan
ýeriniň keselini, derdi-belasyny aýyrýan bir gudratyň bardygyny özi-de köp adamdan eşidipdi.
Çünki ol şol elleri bilen oruslaryň birnäçesiniň ganyny döküpdi. Ýöne, bu gürrüňleri adamlaryň
ynamynyň netijesidir diýip hasaplaýardy. Şol pajygaly wakada ganhor basypalyjylaryň janyny
jähenneme ugradandygy üçin köpçülik kalbynyň islegi bilen bagşyň şirin sazlary çykarýan
barmaklaryna keselleri bejerýär diýip hasap edýän bolmagy-da mümkindi.
Ýaşbagşy egnindäki possunyny düzedişdirdi. Sähra tarapdan gelýän sergin howany demine
dartdy. Gara öýleriň arasyndan ýöräp barşyna ädimini ýygjamlatdy.
Obaň çetinde, uly bir oraçanyň öňünde ýene bir söwüşlik bugurçyny ýykyp, aýaklaryny mäkäp
däňyp, ýüzüni kybla tarap bakdyrdylar. Onuň daşyndakylaryň biri, gapdalynda sallanyp duran
gynyndan pyçagyny çykaraga-da çete çekilip çalgy daşyna çalmaga durdy.
Pyçagyň tygyna günüň şöhlesi düşüp ýaldyrap giden-de, Ýaşbagşynyň demi-demine ýetmän
başlady. Ylla diýersiň gamanyň tygy daşa her degende çykarýan çakyr sesi bilen beýnisiniň
ýygyrtlaryna çalynýan ýaly boldy. Pyçagyň her hereketine agyrydan ýaňa kellesi güwläp
gidýärdi. Düýäniň damagyny çalmakçy bolýan kişi gamanyň ýüzüne suw sepişdirdi-de,
pyçagyny täzeden, öňküsindenem batly çalmaga başlady. Aňňyrrakda ýedi ojakda ýedi gazan
atarylypdy. Olaryň aşagyndaky ot barha güýçlenýärdi, şatyrdap ses edýärdi. Obanyň tanymal
aşpezleri toýuň myhmanlary üçin nahar atarmaga taýýarlanýardylar.
Gamasyny iş bitirmäge taýýar hasaplan gassap ara salym salman, gözüni al-asmana dikip ýatan
bugurçynyň kelle tarapyna ýöneldi. Gapdalyndakylar ýerli-ýerden öz etmeli wezipelerini jür
ýerine ýetirmek üçin ykjamlandylar.
Daýaw pyýadanyň gollaryny çermäp, alkymyna dykylyp gelýänini görenden janawar dyzanmaga
synandy, emma daşyna geçen adamlar uzyn boýnuny rehimsizlik bilen ýere basdylar. Bugurça
bar güýji bilen lägiräýmese başga alaç galmandy. Janawer bu dünýädäki iň soňky bozlaýşyny
gutarmanka al-gan daş-töwerege syçrap gitdi. Hat-da gassabyň üşt-başy hem gyzyl gana
boýalypdy.
Ýaşbagşynyň ýüreginiň galagoplugy ýetjek derejesine ýetipdi. Eger-de häzir daş-töwerek çolalyk
bolsa, dünýäsini gaplap alan hesretden ýaňa kellesini dyzynyň üstünde goýup sagatlarça
aglajakdy. Şonda düňýäniň ähli deňizleriniň suwuny jemleseňem onuň gözüňiň ýaşyndan az
gelerlidi.
Obanyň ortasynda uly ak öý dikilipdi. Ak öýüň gapdalynda uk ýaly iňçe agaç dikilip onuň alasmanda galagaýan ujynda guga meňzeş ak ýaglyk pasyrdaýardy. Bu toýuň nirdedigini salgy
berýän nyşandy, ak öý bolsa ýaş juwanlaryň kir-kimirsiz durmuşynyň, bagtynyň alamatydy.
Obanyň ýaş-ýeleňleri dumly-duşda topbak-topbak bolup, atlaryny kişňedip eýläk-beýläk
geçýärdiler. Häzir atlaryň hokranmasyny, kişňemesini eşitmegem Ýaşbagşy üçin horlukdy. Bu
duýguny hat-da ezýet, horluk diýmegem hakykata laýyk däldi. Onuň kalby hasratdan hem-de
tolgunmakdan dolupdy we bu ýagdaý oňa ezýet berýärdi.
Öňler Ýaşbagşy atlaryň çapyşyny görende, at toýnagynyň sesine joşardy, buýsanjy artardy. Häzir
oňa näme bolýarka? Muny onuň özem bilmeýärdi. Häzir ol dutaryna – on iki perdeli gazmasyna
ýetmelidi. Şabram şelpeli kakuwlar etmelidi, aýdyma gygyrmalydy. Agysy ýüregine dolup demi
tutulanyň hynçgyryşy ýaly jukkuldamalydy. Emma, häzir dutardan irdi, onuň wagty däldi. Toýuň
heniz ýaňy başydy, myhmanlar doly ýygnanmandy. Hajygowşandaky ak sakal gojalar, beýleki
obalaryňam saz söýer garrylary, bu jelegaýlaryň pälwan ýigitleri gelmändi. Onuň
hemişekilerdenem üýtgeşik joşup, gara suw bolan ýüzünden gara derini saçyp, hyjuwyna bäs
gelip bilmän ýeke dyza galyp, aýdyma gygyrmagy üçin hemmelriň jemlenmegi hökmandy.
Ýaşbagşy gör-bak, haçandan bäri şeýle güne, şeýle agşama garaşýardy. Ol mydama-da
Orsgeldiniň toýunda özüniň aýdym aýtjakdygyna, aňrysynda baryny edip märekä hezil
berjekdigine ynanýardy. Beýleki toýlardanam has labyzly aýtmak islegi bilen joşýardy. Çünki bu
toý oňa öz geçmişini ýatlamaga ajaýyp bahanady. Kalby atygsap durdy. Onuň geçmişi hakdaky
ýatlamalary Orsgeldi bilen gözlüje ýaşytdaşdy. Perzendi bilen deň ulalan ýatlamalar öt ýaly
ajydy, pajygalydy. Şunça ýyllaryň dowamynda ol bu pynhan syryny hiç kime açmandy. Ne
Orsgeldä, ne-de başgalara dil ýarmandy.
Ençeme at goşulan araba ýaş juwanlar üçin dikilen öýüň golaýyndaky oraçalaryň biriniň deňinde
saklandy. Elleri bukjaly gelin-gyzlar arabadan emaý bilen düşüp, öýe girip gitdiler. Gyzgelinleriň şaý sepleriniň, gyzyl gülýakalaryň şaňňyrdysy Ýaşbagşynyň gulagynda ýaňlandy.
Şaý sepleriň her şaňňyrdysy közüň üstüni ýelpäp geçýän şemal ýaly onuň ganjyrap duran ýaraly
ýatlamalarynyň kesmegini soýýardy.
Orta ýaşan aýallar we ýaş gyzlar öz aladasy bilendi. Çapyksuwarlar çapyşyga taýýarlanýardylar.
Ertir aýrybaşga bir gün dogmalydy. Ýaşbagşy üçinem, Orsgeldi üçinem ertirki gün üýtgeşikdi,
beýleki günlere meňzemejekdi.
Ýaşbagşy toý tutulýan öýe bardy. Oturanlaryň bary bir adam ýaly bolup ör turdular. Dik
duranlaryň arasynda ýaşy boýunça onuň özünden has ululary hem bardy. Bagşy öýdäkiler bile
ýeke-ýeke görüşdi. Adamlar onyň toýuny gutlaýardylar, bagşy bolsa baş atyp oňaýýardy.
Öýüň töründen oňa orun berdiler. Ol agraslyk bilen töre geçdi. Ortara-da ot ýakylypdy, oduň
tüssesi tüynükden ýokary göterilýärdi. Bagşynyň öňüne çay getirdiler, ol howlukman käsesine
çaý guýdy-da, doldurylmadyk käsesini ýokary göterdi. Bir käse içensoň ýassyga tirsegini berdi.
Dutar edil onuň depesinde, tärimden asylgy durdy. Mahmal gabynyň içinde. Bir eli çeperiň tiken
gaby. Nepis, inçe nagyşly. Wagty gelende dutar bu gapdan çykmalydy. Ýaşbagşy bu mynasyp
pursady araýardy.
Hiç bir toýda onyň kalby şeýle bikarar bolmandy. Saza başlamazdan öň ýüreginiň häzirkisi ýaly
şeýle gürsülläp uran wagty ýokdy. Henize çenli dutaryň perdelerine, gapagyna ellerini ýetiresi
gelip hiç haçan häzirkisi ýaly tolgunmandy.
Ýüregi atygsap agzyndan çykaýsam diýýärdi. Ol ahyry ýüreginde nämeleriň gopýanyna düşündi.
Öz düşen ýagdaýy we gaplap alan duýgulary oňa beýle bir nätanyşam däldi. Ol şol duýgular
bilen ulalypdy. O duýgular mydama oň bilen bile ösüp, bile ýaşan eken. Al gany mysaly
damarlarynda aýlanyp durupdyr. Bu duýgusyz asla, Ýaşbagşyny göz öňüne getirmegem mümkin
däl, olarsyz Ýaşbagşy sazanda-da, hiç kimem bolmajak eken. Ol bu düygularyň keşbini
dutarynyň perdeleriniň arasynda görýärdi. Belki-de görýändigini duýýardy. Her gezek şol
perdelerden elini ýöredende barmaklarynyň ujy şol syrly duýgulara galtaşýan ýaly bolup
gidýärdi. Bular bir ajap duýgulardy, arman ýüregiňi daglap gidýän agyrylary bardy.
Daşarda kemsiz garaňky düşsede myhmanlaryň gelmesi dowam edýärdi. Arabalaryň tigirleriniň
jygyldysy, atlaryň hokranmasy, düýeleriň jaňynyň sesi toýa gelýän myhmanlaryň gündizkiden
has köpelýändigini habar berýärdi. Ojakdaky oduň daşyna üýşenler özara gürrüňe gyzyşypdylar.
Emma, Ýaşbagşy hiç kimiň sesini eşitmeýärdi. Ol nazaryny alawlaýan otdan öýüň tärimlerinde
titiräp görünýän kölegelerden gözüni aýyryp bilmeýärdi. Onuň ýüregi hem haýsydyr bir oduň
ataşyndan lowlap durdy.
Ýaşbagşynyň gulagyna diňe ortadaky ýanýan sazagyň ahy-nalasy eşidilýärdi. O sesler kemkemden güýçlenýärdi we onuň ýüregini mynçgalaýardy. Indi Ýaşbagşynyň ýüzünde gahar bilen
gazabyň alamatlary peýda bolupdy, ojakdaky nar-gyzyl öwüsýän köze dikilen göreji başga hiç
zady görmeýärdi. Dili bilen howany ýalap geçýän ot güçlenýärdi, közleriň üstüne atylan sazak
şahalary oduň howruna döz gelip bilmän göçýän seçmeler kimin şatyrdap ses edýärdi.
Tutaşyan sazagyň şatyrdysy gitdigiçe onuň hyýaldaky dünýäsiniň jümmüşine aralaşýardy.
Ýüregi çalt-çaltdan urýardy. Çygar sazagyň tutaşandan soň has güýçli ses edip ýanyşy onuň üçin
yzy üzülmän atylýan oklaryň sesine öwürlipdi. Ojakdan ýokary göterilýän gök tüsse bolsa
däriniň ysyna örülip dem almaga maý bermeýärdi.
Ýaşbagşynyň dem almasy kynlaşýardy. Ol tolgunýardy. Bagşynyň nazary oduň ýalkymyndan
öýüň tärimine düşýän kölegeleri yzarlap bir eýläk, bir-beýläk geçýärdi. Birdenem ol kölegeler
urşujylaryň sandyraýan suduryna meňzäp, göräýmäge edil gapdalyňda garma-gürmelik, alabasgy başlandyr diýdirýärdi. Duýdansyzlykda atlaryň kişňemesine menžäp bir gykylyk gopdy.
Sandyrap duran sudur ýüzünligine gürpüldäp gitdi. Beýlekisi öňe okduryldy. Üçünji bir kölege
sesiniň ýetdiginden bagyryp, süýnmek gollaryny galgadyp galmagalyň gopan ýerini salgy
berýärdi.
Ýaşbagşy nalaç hala düşüpdi. Atlaryň çirkin kişňäp garşydaşyna topulmasyndan, gylyçlaryň
şaňňyrdysyndan paýrap atylýan oklardan onuň gulagy kamata gelipdi. Geň galaýmaly ýeri, ol
kölegeleriň alabasgysynyň içinde eli dutarly iki ýana çarpynýan öz keşbini hem görýärdi. Ol
ýykylýardy, turýardy, gygyrýardy… Gynyndan çykan hanjarlary görýärdi. Olar ýokary galyp
kölegeleriň depesinden inýärdi.
Ýaşbagşy oduň içinde galan ýaly çar ýany bilen lowlaýardy. Onuň kalby lowlap ýanýardy, tenini
bolsa sanjylýan pyçaklaryňkydanam beter agyry gurşap alypdy.
— Orsgeldi! Orsgeldi!
Daşarda kimdir biri onuň oglunyň adyny tutup çagyrýardy. Emma, häzir bu sözler bagşynyň
gulagyna başgaça eşidilýardi we ony, üstlerine ýagy dökülen adamlaryň “Ors geldi, ors geldi”
diýip, bu iki jümläni ilkinji sapar haýda-waý gygyryşýan pursadyna dolaýardy.
Ýaşbagşy özüne geldi-de, oglunyň ady tutulyp gygyrylan tarapa gaňrylyp seretdi. Daşarda
Orsgeldi silkmesini şemala ykjadyp daşyny gallap alan deň-duşlary bilen söhbete gyzypdy. Onuň
elinde kakasynyň köne hyrlysy bardy. Gapdalda bir ýerde yzly-yzyna gümpüldäp göçýän tüpeň
sesleri ýaňlandy. Mundan ýigrimi ýedi ýyl ozal Ýaşbagşy öz obadaşlarynyň ellerinde şeýle
tüpeňleri görüpdi.
Ala meýdan tarapda ýene-de birnäçe gezek tüpeň atyldy. Obanyň ýaş-ýeleňleri Orsgeldiniň
toýunyň hatyrasyna asmana ok ýagdyrýardylar. Ýaşbagşy muňa öňküsindenem beter tolgundy.
Ýatlamalaryň agyr labyry onuň ýüregini gysyp-gowuryp barýardy. Bir gülläniň sesi onuň
gulagynda dynman, üznüksiz ýaňlanmaga başlady. Bu sese sandyrap gitdi. Nagra çekip, ýerinden
towsup diýen ýaly ör galan bagşa hemmeler aňkaryp galdylar.Ýöne weli hiç zat onuň azaryna-da
däldi, ol dulda asylgy dutaryna ýapyşdy.
Gaýra goýmak mümkin däldi. Eger-de ol dutary gümmürdedip ugramasa janyna jaý tapyp
bilmejekdi. Daşynyň mahmal gabynyň bagjygyny gyssanmaç çözüşdirdi-de dutary eline aldy.
Ol hökman çalmalydy, ol hökman aýdyma gygyrmalydy. Ýüreginde baslygyp gemre baglan
dertlerini şabram kakuwlar bilen kakyp-kakyp aýyryp daşyna zyňasy gelýärdi.
Süýnmek barmaklar tarlara kaklyşandan dutar erbet iňledi. Bagşynyň gözleri ýaşa doldy.
Ýüzünden gaýdýan der seýrek, ak sakalyna siňip ýitip gidýärdi.
Daş-töwerekden onuň sesine ylgaşyp gelenler içerä sygar ýaly däldi. Ynjalykdan gaçan
adamlaryň nazary onuň her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy.
Eger-de Ýaşbagşy dutar çalyp başlamadyk bolsady, onda ýüregi kalbyna dolan duýgulara tap
getirmän ýarylaýjakdy. Gör, näçe ýyllap ol bu duýgulary hiç kime duýdurman saklapdy, şu
pursada garaşyp gezipdi. Gözleriniň hanasyna dolan gözýaş damjasy ýaňagyndan togarlanyp
aşaklygyna syrygyp gaýtdy. Eli özüne ne ýer tapýardy ne-de ynjalyk. Ol bu elleri bilen dutaryň
ruhuny oýarmalydy.
Dütar düzülgidi. Ýaşbagşy adaty edişi ýaly titreýän aýasyny olary sypaýan ýaly şekilde
perdeleriň üstünden ýöretdi. Dutaryň sapyndaky perdeleriň bogunlary ýaly kalbyndaky duýgular
mese-mälim bildirip durdy. Ýüregi ynjalyp, gözlerini ýumdy-da Ýaşbagsy dutaryna şabram
kakdy. Şabram kakuwlardan gaýdýan gaýgyly bir mukam öýüň içini doldurdy. Soň bolsa burumburum tüsselere goşulyp tüýnükden daşaryk çykyp, ýyldyzly Asmana çenli göterlip gitdi. Äleme
dolup gidýän bu mukam heniz eşidilen mukam däldi, ony henize çenli diňläp gören ýokdy.
Ýaşbagşyň barmaklary ikinji perdä geçdi.
Ikinji perdäniň owazy
TUTULMADYK TOÝ
Tüpeň sesi eşidildi. Edil häzirkisi ýaly uzaklara ýaňlanyp gidýän tüpeň sesi eşidildi. Edil şu
günki ýalydy şo günem, ok yzyndan ok atyldy, goh üstüne goh gopdy. Şol gün şeýly gohgalmagalyň sesi daňdanyň düýş görülýän, dynçlyga gark bolan adamlaryň ne oýanmaga, ne
ýerinden galyp daşary çykmaga, daş-töwereginde nämeleriň gopýanyny bilmäge höwessiz ýarym
oýa ýarym ukuda mahaly eşidilipdi
Şo gün daşarda nämeleriň bolup geçýänini sesme-ses eşidýärdim; arman, meniň ýerimden
galasym gelmeýärdi. Nurberdi hanyň petekesini gaýşardyp ýören, ähli bäsdeşlerini gyzyl-ütük
edýän, her gün ganatlaryny pasyrdadyp ukudan oýarýan horazynyň sesem bimaza edýärdi.
Köçeden kimiňdir biriniň gülküsi, kimiňdir biriniň gürrüňi, atlaryň aýagynyň dükürdisi
eşidilýärdi. Men ýatlamalaryň gatynda hars urýardym – ejem bilen kakamyň hoş gezen günlerine
gaýdyp barmagyň zaryny çekýärdim. Her näçe jan etsemem olaryň ýüz keşbini göz öňüme
getirip bilmeýärdim. Emma, men her edip hesip edip aýlaryň we ýyllaryň aňyrsynda galan
günlere, orslaryň aýagynyň yzy galan günden has alyslara barmalydym. Lomakiniň, olaryň
goşunbaşylarynyň gelmeginden öňki döwre dolanmalydym.
Çünki orlsaryň daban yzy biziň topraga düşenden soň meniň ýadymda galany diňe agy-efgan,
aýallaryň saç ýaýyp çekýän nalasydy. Öwülýä äkidilýän jesetleriň içinde ejem bilen kakamyň
jesedini saýgarar ýaly däldi.
Bu sesler meni beýnimdäki ýadyma salyp bilmeýän müň towlam ýatlamalaryma erkimi elimden
alyp äkidýärdi. Ähli durkum bilen Batyr hanyň sesini küýseýärdim. Kim ol Batyr han? Batyrhan
maňa tarap ilden saýlanyp gaýdan. Meni bagryna basan. “Mert bol oglum, mert bol” diýen adam.
Soň onuň possunyny ýadyma salyp bildim. Ol Batyr hanyň sesi ýaly ýumşakdy, ýylydy. Ýöne
bir zamanlar maňa ýüzleri düşenine begenip, begençlerinden ýaňa ýagtylyp giden ýüzleri ýatlap
bilmeýärdim. Ýene Batyr hanyň “Erkek bol, oglum, oglum” diýýän sesi gulagyma geldi. Menem
şol günden bäri Batyr hanyň ogly.
Gözümi açsam, daşarda eýýäm jahan ýagtylypdyr. Nurberdi hanyň horazy bogazyna
sygdygyndan gygyrýardy, beýlekiler bolsa onuň yzyny alyp göterýärdiler. Alyslardan, guýynyň
içinden eşidilýän dek läle kakýan gyzlaryň sesi gelýärdi. Ýerimden turdum. Günüň ýagtysy
süýşe-süýşe gapyň jaýrygyndan içeri giripdi. Daşary çykdym. Galaň galyň diwarynyň kölegesi
ýere ýazylyp ýatyrdy we ol gara öýümiň gapysyna ýetýärdi.
Oba adamlary topar tutup Batyr hanyň öýüne tarap ýonelipdiler. O ýerde dokuz başly ak öýler
tutulypdy. Meniň göwnüme gelşine görä, eýýäm, ýaşulylar gelnalyjy kerwene baş bolup goňşy
oba ugran bolmalydy.
Düýn agşam naharyndan soň Nurberdi han Batyr hanyň adyndan ertir säher bilen gelinalyjylaryň
goňşy oba ugradyljakdygyny habar beripdi. Ine, şo habardan soň men, hemmelerden öň turup,
gelinalyjyny ugratjakdygyma öz-özüme söz beripdim. Emma, her näçe ökünsemem ýatyp
galypdym.
Agyldan goýunlaryň mälemesi eşidilýärdi. Agylyň gapysyny açanymdan owlak-guzular üstüme
towsup diýen ýaly öňe atyldylar.Olar maňa özlerini örä çykarar öýdüpdiler. Men hasyr-husur
agylyň gapysyny ýapyp, böwürde, öz başyna, gözenegiň aňyrsyna basylan bededen alyp olaryň
öňüne döküşdirdim.
Goýunlar men nirä ýöresem ädimimi sypdyrman yzyma düşýärdiler. Men goýunlar bir ýerde
basalaşyp durmazlar ýaly bedäni ýetdiginden agylyň her ýerine-her ýerine atyşdyrdym.
Daş çykmak üçin ýönelemden, süriniň başyny çekýän goç maňa tarap gaýtdy. Ol gelip, burumburum şahlaryny dyzyma oýkalap başlady. Onuň böýnundaky jaň hereketine goşulyp
düňňürdeýärdi. Men ýaňadan bede alyp gelip, onüň öňüne aýratyn atdym, ýöne goçuň bede bilen
küýi ýokdy. Ol daşaryk – örä gitmek isleýärdi.
Süri mydama onuň yzyny eýermäge endik edensoň, dowarlaryň bary agylyň işigine tarap ümzük
atýardylar. Burum-burum şahyny indem agylyň gözeneklerine oýkaýan jaňly goçuň ýüňlerini
sypap: ”Bu gün gaýrat ediň, ertir örä gideris, düşündiňmi?” – diýip öz meýlimi aýtdym.
Sürä erk edýän öňbaşy goç bilen çopan itim barka men mydam arkaýyndym. Uky üstümi basan
wagty, ala köpek bilen jaňly goça sürini ynanyp ine-gana ýatýardym. Olaryň hiç bir belany sürä
ýakynlaşdyrmajakdygy ikuçsyzdy. Köpegim sürini möjekden gorasa, şahly goç bir goýnuňam
süriden bölünip gitmegine ýol bermez.
Agyldan çykanma ýarym sagat çemesi wagt geçipdi. Öýde elýaka köýnegimi geýip, Batyr
hanyňka tarap ugradym. Batyr hanyň öýi galanyň edil merkezindedi. Azanyň sesi ýaňlanyp
durýan uly metjit hanyň öýüniň alkymyndady. Metjidiň daş-töweregi injire, dereklere, serwi
agajyna bürelendi.
Metjit bilen Batyr hanyň öýüniň arasynda bazar meýdanjygy ýerleşýärdi we Molla Muhammet ol
ýerde harytlaryny ýaýradyp göçme söwdasyny ederdi. Molla Muhammediň göçme söwdasynda
göwnüň näme islese tapdyrýardy.
Söwda bolmadyk wagty bu ýeri toý tutýanlar üçin göreş meýdançasyna öwrülýärdi. Aýlaryň
ýagşysy remezan gelende agzyňy bekläp, özüňem bu ýere gelmeseň gelişmejek ýalydy. Şonuň
üçinem galadaky uludan-kiçä, ýaşu-garry – hemmeler bu ýere ýygnanardylar. Bu ýerde eňek
bary gymyldardy, tesbi bary sanalardy, gep bary diňlenerdi. Wagt tiz geçip, bir görseň Gün
ýaşyp agşam namazynyň azany aýdylardy.
Men bu meýdança ýetemde tas, doňup galypdym. Örküçleriniň arasynda kejebe gurlan heşdek
maýanyň Batyr hanyň işiginde şol çöküp oturşydy. Ol äwmezden gäwmiş çalýardy. Başlary ak
telpekli, egni gyrmyzy donly, örme guşakly atlylar meýdanyň çetinde, üýşüşip duruşlaryna Batyr
hanyň öýünden kimiňdir biriniň çykaryna we kerweni ugradaryna garaşýardylar.
Bu ne hekaýat? Gelin alyjylar näme üçin häzire çenli ýola düşmeýärkä?
Myhmanlar toý üçin niýetlenip dikilen täze öýlerde çaý içip oturyşlaryna mesaýy gürrüňe
gyzypdylar.Olaryň başyny agyrtmaýan gürrüňleri galmandy: bu ýylky otluk sonarlar, mallaryň
ähli görnüşleri, hat-da gaýraky obalara azar berýän möjek ordasy hakda aýdylma kemi
galmandy.Ýöne bar gürrüňiň ahyry gelin alyjylaryň näme üçin ýola düşmeýänligine gelip
syrygýardy.
Men eglenmezden Batyr hanyň öýüne ýöneldim. Öýüň işigi açykdy, tamda ýygnananlaryň
hemmesi daşardanam kemsiz görüňýärdi. Men eýwana girdimde çökdüm. Sebäbi jaýyň içine
üýtgeşik bir ünjiniň ynjalyksyzlygy dolupdy. Içki jaýda aksakallar otyrdy. Olaryň nazary
bitakatdy. Bir bela gopmadyk bolsa-da biri diýip howuň basylýardy.
Kimdir biri: “Bu bir heleý gybaty bolaýmasyn-how! Ozüňiz bilýäňiz ahyryn, bu wagtyň
adamlary suw görmän tammam çykaryberýärler ahyry…”
Nurberdi han degişmä salyp gürledi:
-Molla Muhammet! Aý-how, sen harydyňy geçirjek bolup ilaty basga salýan dälsi-ňä?!
Hanyň sözüne gatyrak gülenlerem, ýöne ýylgyryp oňaýanlaram, böwrüni diňlänlerem tapyldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasyndaky söweş - 2
  • Parts
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 1
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2332
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 2
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2335
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2325
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 4
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2268
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 5
    Total number of words is 3137
    Total number of unique words is 1971
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.