Latin

Gökdepe galasyndaky söweş - 2

Total number of words is 3717
Total number of unique words is 2335
27.5 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Diýmek Molla Muhammedem şu ýerde. Men oturan aksakallara ýaňadan göz aýladym.
Dogrydanam Molla Muhammet Batyr hanyň gapdalynda howlukman çaý owurtlap otyrdy. Men
indi nämäň nämedigini aňyp ugradym. Molla Muhammet täze haryt bile täze bir habaram getiren
borly. Ýöne hemmeleri serpmeden gaýdan ýaly eden habaryň düýbi düz bolsada biri?!
Dogrusy, her gezek bir täze habar tapmak Molla Muhammediň indi endigine örülip gidipdi. Ol
çuwal-çuwal harytlaryndan başga-da ganar-ganar habaram getirerdi. Haryt alyş-çalyş edip
göçme söwdasy bilen türkmen ýaýlalarynyň ähli obalaryna aýlanyp çykansoň adamlar onuň
harydyny-da, getirýän gürrüňlerini-de ynanjaňlyk bilen kabul ederdiler.
Molla Muhammet başyny ýaýkady-da kinaýa bilen:
— Nurberdi han, Taňry ýalkasyn! Men hakda beýle hatyrjem pikir edýänsiňem öýtmändirin? –
diýdi-de sözüniň yzyny Batyr hana gönükdirdi.
— Men öz bilýänimi aýtdym. Galanam özüňiz biliň, erteki gün bihabar galdyk diýmeseňiz
bolýa…
Batyr han oturyp bilmän:
— Orsuň goşunbaşysyna kim diýdiň? – diýip sorady.
Molla Muhammediň gür gaşlary bürşüp gitdi:
— Meniň eşitmeşime-hä Skobelew diýýä… Skobelew!
Ol sözüni tamamladym diýen terzde käsesine ýaňadan çaý guýundy. Kimdir biri saklanyp
bilmän:
— Sen nirden bilýäň olaň biziň ili basyp aljagyny?
Ýene biri jogaba garaşman:
— Lomakiniň guýrugyny ýamzyna gysyp gidişini gördüňiz, saryja ors yzyny köwlener ýaly
bolmady heý! Indikisi nämekä bulaň?
Molla Muhammet jogap bermese ynjalmajagyny bilip şeýle diýdi:
— Meň bu gürrüňleri toslap tapmaýany-ma belli… Bu gürrüňi baryp birki hepde öň Kawkazda
eşitdim. Belkem orslar eýýäm şu töwerekdedir, kim bilýär?
Batyr hanyň göwnüne ünjiň aralaşany daşyndanam aňdyrýardy. Dogrusy bu ýerdäkileriň
birahatlanmadygy galmandy. Jaýa doly çäýnekler getirilip, boşanlary äkidilýärdi. Orslar hakda
eşidenimden öten agşamky gören düýşüm, ejem bilen kakamyň keşbiniň göz öňüme gelmeýşi
ýadyma düşdi.
Ýaňý bir gulaklar orslaryň geljek-geljeginden dynypdy. Bu gün ýene-de ýörüşli gürrüň orta
düşdi.
Batyr hanyň ýüzüne konelişen aladalaryň buludy çökdi. Bu aladalar garşy-garşy gozgaýan köne
ýaralara meňzeýärdi. Öýüň içini agyr dymyşlyk gurşady.
Meýdançanyň gyrasyndaky derekleriň kölegesinde dik duran Adyna hanyň ýüzi gamaşykdy.Ol
egni iňňeden çykma gyzyl donly, aýagynda aýna gonç ädigi günüň şöhlesine ýylpyldaýardy.
Gyýma balagynyň gapdal jübüsinden Molla Muhammetden alan sagadynyň zynjyry görünýärdi.
Adyna han il gözünden ogrynça, aram-aram jübüsinden sagadyny çykaryp, onuň süýşmeýän
dillerine umyt bilen seredýärdi.
Adyna hanyň nökerleri Toýly, Myrat we beýlekiler onuň daşyny gaplap durdular. Ol
ýoldaşlarynyň söhbetinden üzülmeýän ýaly bolup görünse-de, barybir bar küýi içerdedi,
ýaşulylaryň geljek netijesine sabyrsyz garaşýardy.
Batyr han ahyry ümsümligi bozup:
— Her näçe kelle dowsegem, toýy dowam etmekden başga ýolumyz ýok. Eýýäm günorta
golaýlap ýör. Bu wagta biz gelin alyp gelmeli ahyry… Men gudalara günorta çenli
gelinalyjymyz barar diýip lebiz etdim. Är lebizden, koý bogazdan diýýä… Türkmenler başyny
goýar welin lebzinde durar. Beter gijä galman ýola düşeliň! – diýip, ýaşulylara ýüzlendi.
Oturanlaryň içinde belli pikire gelip bilmeýänleri kändi. Batyr han: ”Allany çagyryp öň atlylary
ugradalyň, kerwenem ýuwaş-ýuwaş barybersin, ýogsa aňyrdakylaram “näme boldyka?” diýip
kyn güne galar” diýip sözüniň yzyny ýetirdi-de, ýola gitjeklere ak pata ber diýýän şekilde
ýerinden gobsunyp, gapdalrakda oturan Ahmet ahuna yşarat etdi.
Içerden Kuranyň aýatlary okalyp ugrandan, jaýyň daşyndakylaram ýerli-ýerden dyz epmäge
başladylar. Ahmet ahunyň öz endigi boýunça hiňlenip okan aýatlary daşardakylara eşidilýärdi.
Batyr hanyň “Ämin” diýen güňleç sesi geldi. Töwür galdyrylandan soň hemmämiz ýerimizden
galdyk.
Jaýdan ilki aksakallar, olaryň yzysüre hem beýlekiler daş çykdylar. Batyr han ýaşynyň bir çene
baranlygyna garamazdan hemişe şähdiaçykdy, ata atlananda jahyllara gaýra dur diýdirýärdi.
Egnine possun atynan, kellesindäki garaköl telpegi has hem azmly görüňýäň Batyr han eýwana
çykdy-da: “Aty getiriň!” diýip buýruk berdi.
Kimdir biri ylgaşlap meýdançany okkessir geçip gitdi, sähel salymdan gyr atyň jylawyndan idip
yzyna köwlendi. At satanlakdy, ýaly ösgündi, geň galaýmaly ýeri boýnunda birnäçe gara
tegmiller bardy. Hanyň aty-da, beýleki atlardan aýyl-saýyl tapawutlanýardy. Gyr at diňe Batyr
hany golaýyna eltýärdi. Il içinde Batyr hanyň Gyr atynyň aňyrsy Göroglunyň atyna baryp
ýetýämiş, toýnagy gyzansoň onuň yzyndan ýel hem ýetip bilmeýämiş diýen ýaly her hili
gürrüňler bardy. Bu gürrüňleriň rowaýat däl-de, hakykatdygyna, Batyr hanyň atynyň
şemaldanam ýüwrükdigine özümem şaýat.
Batyr han atlanýança hemmeler, üstünde gelin getiriljek kejebe gurnalan heşdek maýa-da,
öňatlylaram, Tagan baýyň iki gäwmiş goşulan agaç arabasy-da, onuň üstündäki kerwene
goşuljak aýal-ebtatlaram, erkeklerem ugramaga taýyn bolupdy.
Dabany ýer tozadýan, gyzmaç ýigitleriň birnäçesi ýola düşen kerwenden öňe saýlanyp galanyň
demir derwezesinden ok bolup çykdylar. Olaryň galanyň daş ýüzünden asmana atylýan tüpeňiniň
sesi Arkajyň düzüne ýaň salýardy.
Adyna han assa gülümjiräp deň-duşlary bilen ak öýe girdi.
Kerwene goşulan düýeleriň iň soňkusy jaýlaryň aňyrsyna öwrülip gözden ýitensoň men boşap
galan meýdança nazar aýladym. O erde Molla Muhammediň sopbaş özi galypdy. Ol esli wagt
göze görünmeýän ýüpe baglanan ýaly bir nokada seredip durdy-da, başyny ýaýkanyny duýman
galdy. Soňra başyny aşak salyp goşuna tarap gaýtdy. Men ylgawymy ýazdyrman barşyma
galanyň iç ýüzündäki basgançaklary bilen onuň üstüne çykdym. Kerwen öz maýdalyna galadan
barha daşlaşyp barýardy.
Biziň galamyzyň diwarlary belentdi, başy ho-ol asmanda hellew atýardy. Diwaryň bişirilen
kerpiçden örülen iň ýokarky bäs-alty hatary gyzylymtyl reňkde has-da göze ilginçdi. Kä-ýerleri
bolsa ýaňý diş çykýan çaganyňky ýaly aňňy-tüňňidi.
Men galanyň her ýerräkde gurlan garawul diňine baryp, kerwen gözden ýitýänçä yzyndan garap
durdum. Galanyň daşynda janly-jemendäniň hereketi kesildi, lemmer-lemmer gara bulutlar
galanyň üstüni büredi. Barha güýçlenýän şemal olary kowalap kerweniň yzyndan ýetirmäge jan
edýärdi. Birdenem, toplanyp bir-biriniň üstüni basan bulutlar çakyşaga-da gögi lerzana
getiräýjek, şol çakyşmadan soň bolsa bedreden guýulýan dek çabga gelip galany suw-sil edip
gidiberjege meňzeýärdi.
Üçünji perdäniň owazy
KERWENIŇ ÝOLUNDA GALAN GÖZLER
Galada galanlaryň mazasy gaçypdy. Nirä barsaň, niräňe seretseň orslaryň ýaňadan çozuşy hakda
gürrüň edilýärdi. Molla Muhammediň getiren habary gündiziň günortany arassa Asmanda
ýyldyrym çakan ýaly bolupdy.
Molla Muhammediň öz aladasy özüne ýetikdi. Galaň merkezindäki meýdançada ýaýradan
harytlarynyň daş-töweregi adamdan ýaňa hyň berýärdi. Erkek bolsun aýal bolsun parhy ýok, her
kim gerek zadyny soraýardy.
Emma adamlaryň ünjüsi, birahatlygy ýüzlerinden bildirip durdy. Gün ýaşmak üçin düýlenip
ugrapdy. Göwünlere aralaşan ünji ulalýardy. Adamlaryň bir topary Batyr hanyň öýüniň daşyna
üýşüpdi. Olaryň hemmesi bir adam ýaly Nurberdi hana seredişýärdiler. Batyr hanyň galada ýok
günleri bar kişi Nurberdi hana gulak asýardy.
Maňa duran ýerimden Nurberdi hanyň ýüzi görüňmeýärdi, ýöne onuňam ýagdaýynyň hiç
kimiňkiden enaýy däldigi aňdyryp durdy.
Kimdir biri gözüni kölegeledip uzaklara seredip durşuna:
— Basym agşam düşer, kerwenden weli habar-hatyr ýok. Nurberdi han ýeri muňa näme
diýersiň? Näme etmeli?
Nurberdi han gaýga üstüni basdyrana:
— Nätmeden Hudaý saklasyn! Heniz agşama çenli maý bar ahyry. Wagtyndan öň basga
düşmegiň hajaty ýok. Müň gaýgy bir iş bitirmez. Onsaňam biziň medetkärimiz Perwerdigär
Alladyr!
Şeý diýdi-de, Batyr hanyň eýwanyndaky gülli keçäniň üstüne çökdi. Nas kädisini çykaryp, eliniň
aýasynda jemlän nasyny diliniň astyna atyp göýberdi. Berk gysan dodaklaryny müňküldedip
aşak bakyp oturdy. Häzirki pursatda onuň her bir hereketi iliň göz astyndady. Nurberdi hanyň
bolşundan, hereketinden her kim bir many çykarýardy. Her näçe giňlik etse-de, hanyň ýüreginiň
jümmüşindäki ünji-gaýgyň yzasy aýrylyp gidibermeýärdi.
Märekeden boýy saýlanyp duran Adyna han hemmelerden beter aladalydy. Onuň bir ýerde
durmaga karary ýetmeýärdi, bir içeri girýärdi, bir daş çykýardy, bir oturýardy, bir turýardy,
garşy-garşy sagadyna seredýärdi. Ak derekleriň uzyn hatarynyň deňinde bir öňe, bir yza
ýöreýärdi.
Ol pälwansypatdy, gerdenleri tegelenip durdy, omurdanlary şiriňki ýaly öňe omzaýardy, deňduşlaryndan me-saňa saýlanýardy. Onuň bü günki sowukganlylygyny ýitirip, özüni saklap
bilmeýşi meni geň galdyrýardy. Ol garşy-garşy kisesinden elýaglygyny çykaryp ýüzündäki
burçak-burçak der damjalaryny sylýardy.
Adamlaryň köpüsi galanyň daşyna çykypdylar. Her kim ilerdäki depäniň üstüne çykyp,
boýunlaryny üzere getirşip kerweniň giden ýoluna garaýardy. Galanyň dort künjündäki asmana
göterilen garawul diňlere çykyp gelin alyp gelýänleri hemmelerden öň görmegi arzuw edip
alyslardan nazaryny aýryp bilmeýänlerem köpdi. Birdenem garawul diňlerden kimdir biri:
“Gelýäler, gelýärler! Hon-ha öňatly tozanlap gelýä!” diýip, çasly gygyrdy.
Hemmeler dem almasyny saklap ses gelen tarapa öwrüldi. Köp garaşylan habar dogrusy
duýdansyz ýaňlanypdy. Emma, göwünlerimizi dolduran tolgunmalardan, ünjilerden soň eşidilen
“Gelýäler” diýen habar ganat bagladyp guş bolup uçurypdy. Asmana zyňylýan telpekler galanyň
diwaryndanam ýokary saýlanýardy, adamlar bir-birlerine: “Gözüň aýdyň!” diýişýärdiler, däri
gapgarylan peşeňler çar ýandan gümpüldäp göçýärdi.
Adyna han şatlykly sesler eşidilip ugrandan gyssanmaç daşary çykdy. Daşyndakylar eýýäm
uňjüni undup, oňa degisýärdiler. Begenjinemi, utanjynamy onuň elleri, aýaklary bir ýerde
durmaýardy.
Nurberdi han ellerini galgadyp, şatlykly habara duýdansyzlykda üstüni basdyran adamlara
görkezme berýärdi:
— A-how, näme öwelşip dursuňyz! Galaň gapysyny giňden açyň, Batyr han gelýä…Boluň,
boluň, durmaň ahyry…
Garaşmakdan eňki giden gala birden janlandy.Gelin alyjylary garşylamaga taýynlanyp ugradylar.
Nurberdi han öz öýüne baka gyssanmaç ýöneldi, kän eglenmän, eline dutaryny alyp çykdy. Bu
dutaryň arkama-arka geçip, iň ahyrynda Nurberdi hana gelip ýetendigine we hanyň ony gözüniň
göreji ýaly saklaýandygyna hemmeler beletdi. Nurberdi han ädimlerini gowşatman Batyr hanyň
eýwanyna baryp girdi-de:
— Adamlar, belläp goýuň! Kerweniň öňatlysynyň baýragy ynha, şu dutardyr!
Öňatlynyň aljak baýragy, dogrudanam deňsiz-taýsyzdy. Bu dutaryň täsin owazyny menem
diňläpdim. Onuň kädisiniň daşyna oýulyp nagyşlar çekilendi, göreni özüne çekýärdi. Birdenem,
dutara eýe çykjak atla gözüm gitdi. Onuň atyny gara suw edip galanyň derwezesinden girişi,
“Adamlar gözňiz aýdyň, kerwen Babarapdan geçip gelýär” diýip habar berişi, Nurberdi hanyň
elinden nagyşly dutary alyp maňlaýyna sylyşy göz öňümde janlandy.
Men ylgawymy ýazdyrman galanyň diňine tarap howlukdym. Dutara eýe çykjak ýigidiň
kimdigini bilmäge gyssandym. Basgançaklaryň iki-üç tekjesinden üştiaşry towsup ýokarlygyna
galdym. Ol ýere eýýäm köp adam ýygnanypdy. Olaryň hemmesi-de gözleriniň köküni gyryp
kerweniň görünjek tarapyna seredişýärdiler.
Iňrik garalyp başlapdy. Gitdigiçe goýalyşýan garaňkyda gyr atyň sudury göründi. Galanyň dört
künjündäki diňlerden şatlykly sesler eşidildi. Begenjine hemmler herekete gelipdi. Çagalar
böküşýärdiler, ulular birek-biregiň gerdenine kakýardylar. At haý diýmän gala tarap
golaýlaýardy. Birdenem mähelläniň sesi lowurdap ýanýan oduň üstüne suw guýulanda birden
sönüşi ýaly tapba ýatdy. Atyň üstünde hiç kim ýokdy. Ol ýekedi we haly perişandy. Mundan
soňky iniňi düýrükdiriji duýgular duýdansyz, göz açyp ýumasy salymda adamlaryň erkini
ellerinden alypdy. Adam bary aňk bolup galypdy. Men galanyň depesinde toplanan şabyrdap
ýagmaga taýyn gara bulutlar ýagybam bilmän, agramyna-da bäs gelip bilmän başymyza
çökäýermikä öýtdüm.
Nädip galanyň diňinden aşak düşenim ýadyma düşenok. Derwezeden gala girip gelýän gyr atyň
töýnagynyň başly-barat sesi ýüregimiň urgusy bilen deň çykýardy. At, Batyr hansyz yzyna
gelenine namys edýän mysaly başyny göterip bilmeýärdi. Ol ýüzüni sallap galanyň ortasyndaky
meýdança geçip barýardy. Adamlar öz gözlerine ynanmaýardylar. Alaçsyz halda, tykgyrdap
deňlerinden geçip barýan atyň yzyna düşüp, meýdança tarap gaýtdylar.
Halaýyk agzyna suw alan dek gepsiz-gürrüňsiz aňk bolup galypdy. Hiç kimiň hat-da hyýalyna
gelen çaklamalarynam daşyna çykarasy, uçursyz bir belanyň gopanlygyna ynanasy gelmeýärdi.
Meniň gulaklarymy dykyp eşitmejek bolýan sözlerimi, içimden haýsydyr bir güýç gaýtalaýardy:
“Boljak iş boldy, ynan!”.
Bu sözlerden aýagym çolaşýardy, başym aýlanýardy, kelläme taýak bilen urlan ýalydy. Men
elimde baryny edip Batyr hanyň öýüne ugradym.
Barsam eýýäm hemmeler bu taýa, gara suw bolan atyň daşyna üýşen ekeni. At janawar:
”Menden zat soramaň” diýýän dek, ýalyny ikiýana bulaýardy. Uzyn-uzyn kişňeýärdi. Onuň
kişňeýşi aýdym aýda-aýda sesi gyrlyp giden bagşyny ýadyňa salýardy.
Nurberdi han bu ahwalata uzak seredip durup bilmän baryp atyň boýnuna elini goýdy, ýalyny,
daýanykly omurdanlaryny sypalady. Olaryň ikisi bir-birlerine düşüňýän dek esli wagtlap
ynjalykly kadda gelip bilmediler. Batyr hanyň gyry bu derdinişmä çydap bilmän ýer peşedi-de,
art aýaklarynyň üstüne galyp bar güýjüne aýylganç kişňedi.
Nurberdi hanyň gözlerine ýaş aýlandy. Adyna han bolsa bu bolup geçýän ahwalatyň
düýşüdigine-de, huşudygyna-da ynanman, ýüregi sogrulan dek gözlerini alaçsyz tegeläp
galypdy. Onuň tegelenen gözleri bir zadyň omurlyp, döwülip barýanyny görýäne meňzeýärdi.
Nurberdi han Adyna hanyň ýanyna geldi-de onuň golundan tutdy. Ol goluň çiginleri gahargazapdan düwülip köýneginiň ýeňini ýyrtaýjak bolýardy. Handan ses-seda çykmaýardy. Diňe
Adyna hanyň: “Hany kerwen? Hany kakam?” diýip, berk gysan dişleriniň arasyndan çalaja
pyşyrdany eşidildi.
Aýallar, olaryň yzysüre hem çagalar aglaşyp başladylar. Molla Muhammet dukanyň tekjesiniň
aňyrsyna geçip, şybygyny temmäkiden doldurmaga durdy. Aýallaryň agysy uly orlaşyga
ýazypdy. Molla Muhammet olaryň sesini eşidip, çilimini uzyndan-uzyn sordy, soňra ellerini
dyzyna urup: “Lä ilaha il-allah! Özüň gowusyny edeweri Allam!” diýdi-de ýerinden galdy.
Ahyry Nurberdi han gataňsy ellerini Adyna hanyň golundan aýyrman durşuna adamlara
ýüzlendi:
— Adamlar, entek, ruhdan düşerden irdir. Men Batyr hanyň diridigine Allanyň birligi ýaly
ynanýan! Görüň-ä, onuň atyndan gan çykan ýeri ýok, diýmek basga düşer ýaly bahana ýok!
Nurberdi han her häçe giň göwünlik etmäge çalyşsa-da adamlaryň özüne doly ynanmaýanlygyny
aňýardy. Ýola gidenleriň yzynda galanlaryň barybir saly suw üstündedi. Nurberdi han ýaşýeleňlere garap:
— Baryň, eli ýarag tutanyň atlanyň, haýal etmän kerweniň ugruna çykmaly!
Ýigitler onuň bu sözüne mähetdel atly-atyna garşy ylgady. Adyna han bykyny gylyçly, eli hyrly
tüpeňli atlanyp, hemmeden öň yzyna geldi. Ýigrimä golaý atly toplanan dessine Nurberdi han
Adyna hanyň üzeňňisinden tutup durşuna olara iň soňky sargytlaryny tabşyrdy:
— Ýolda-yzda esewan boluň! Gelin getiriljek oba howlugyň, kerweniň baranny-barmanny
anyklaň! Gaýypdan bir ahwalata uçrasaňyz gala çapar ugradyň, biz gelýänçäňiz garaşjakdyrys.
Öňlerinde nähili garaňky işleriň duranlygynyň bir çetini aňýan ýigitler duran-duran ýerlerinden
atlaryny gamça basdylar. Olar galanyň derwezesinden ok ýaly atylyp çykdylar.
Atlylar gidensoň dünýäň ähli ýüki ýeke öz başyma düşen ýaly halda galypdym. Demime
sorýanym howa däl-de, gyzgyn çäge, gyzgyn gurşun bolup demligimden geçýärdi. Meýdançadan
daşlaşyp barşyma galanyň diňine çykmaga hyýal edýärdim. Emma, aýaklarym diýen etmeýärdi.
Aty gelip, özi galan Batyr hany gaýdyp hiç mahal görmerin diýen pikir bile ölsemem ylalaşyp
biljek däldim. Meň haýyma-waýyma bakman kelläme ornaşmak isleýän wehimli oýlary
kowmaga gurbatym çatmaýardy. Asla, göwrämi götermäge-de mende güýç galmandy,
köýnegimiň ýakasyndan mäkäm ýapyşyp özumi saklajak bolýardym. Diňe, dilime öz-özi gelýän:
“Allajan özüň gora! Biziň dadymyza özüň ýetişeweri jan Alla” diýip gaýtalaýardym. Gözümiň
öňünde nokatlar, suw köpürjigi ýaly düwmejikler, çüýşe ýaly damja peýda boldy. Onuň
aňyrsyndan tozana siňip barýan, biri-birine gatyşan ýigrimi atly uzaklaşyp barýardy.
Zordan garawul diňine çykdym, gaýgy-hasratdan ýaňa mejalym galmansoň, düşelen kerpijiň
üstünde şüýndim. Ýürek öz ýerine sygmaýardy. Ol şeýle bir çişip ulalypdy welin, içimde dem
almaga ýer göýmandy. Birdenem men dodaklarymyň, eňeklerimiň gagşap gidýändigini duýdum.
Gözüm garaňkyrap, endam-janymy galpyldy eýeledi. Gözüme ilýän zatlaryň bary bir ýana
gyşaryp, ýykylyp barýardy. Ýerinden süýşüp, ornuny üýtgedýän dünýäni saklap biljek güýç
galmandyr. Şol çagşap barýan dünýäniň jümmüşindenem Batyr hanyň sesi gelýärdi: “Mert bol
oglum! Mert bol!”
Şapak gyzarypdy. Narynç reňke boýalan Gün gan ýüzünde çaýkanýan gaýygyň içine girýän
mysaly ýaşyp barýardy.
Dördüňji perdäniň owazy
ÝAS TUTÝAN HALAÝYK
Agşam düşüpdi. Daş-töwerek dym-dyrslykdy. Meniň göwnüme bolmasa alnymyzdan ýylyň iň
garaňky, iň uzak gijesi çykypdy. Hiç kimiň gözüne uky gelmeýärdi. Giden atlylar daňa golaý
gaýdyp geldiler. Ne at aýaklarynyň, ne at üstündäkileriň, ne-de tüpen sesi bardy. Adamyň özüne
däl-de, kölegesine meňzeş ýigrimi atly galanyň içine girdi.
Olar ýeke däldi. Olaryň eýeriniň üstünde ýa erkek kişiniň, ýa-da aýal maşgalanyň jesedi
keserdilip basylandy. Bu hadysany gören gala bir göwrä öwrülip aga doldy. Soňy gelmez
görünýän orlaşykdan turan gopgun galanyň üstünden aýrylmajaga meňzeýärdi. Saçdy penjepenje ýolunýan. Bogaza dykylan düwünlerdi ýarylýan.
Ahmet ahunyň agşam namazynyň azanyny niçiksi aglaman aýdyp bilenine ynanmak kyndy.
Getirilen jesetleriň ýüzüni kybla öwrüp, metjidiň gaýrasyndaky ak derekleriň aşagynda goýdular.
Pajygaly, biwagt gelen ajalyň ysy çar tarapa ýaýraýardy. Kerwen bilen gelin almaga gidenleriň
içinde diňe Batyrhanyň jesedi tapylmandyr. Gidenleriň barmadyk obasy, sökmedik ýodasy
galmandyr, emma galanyň arkadagynyň läşiniň üstünden baran bolmandyr.
Bu jelegaýlaryň gözüniň göreji Batyr hanyň kysmatynyň keçliginden ýaňa etjek alajymyň
ýoklugyna çydaman nirädir bir ýerlere başymy alyp gaçyp gidesim gelýärdi.
Özümi sag-aman öýe bir ataýyn diýen niýet bile ilerligine ugradym. Bäş ädim geçip-geçmän
yzyma gaňrylanymy duýmandyryn. Jesetleriň hersiniň baş ujunda pelteli çyra pyt-pytlap kynlyk
bilen ýanýardy. Çyralar hatara düzülip goýlan merhumlardan baky aýrylyşýandygyna düşünýän
dek kem-kemden öçmäge hyýal edýärdi.
Zordan ädilýän aýaklarym meni garypja çatmama sag-aman aşyrdy. Girişime bir böwüre
çokdüm. Öňlerem şular ýaly teň hala düşemde, öýüň bir böwründe galman oturýardym, az-owlak
özüme gelemsoň şatudyň töňňesinden ýasan dutarymy ele alýardym. Tohumy Balhdan getirilen
şatut gör-bak nijeme ýyllap häzirki gyzyl-gana bulaşyp ýatan jesetleriň ornunda şahalaryny
düňýä ýaýyp oturypdy.
Ellerim, barmaklarym diýenimi etmejek bolýardy. Ünsümi bir ýere jemlemek üçin dutarymyň
perdelerinden nazarymy sypdyrmazlyga çalyşýardym. Emma bolmajak bolsa bolmaz ekeni.
Dutaryň sapyndaky, gapagyndaky şahalar kesilensoň göz-göz bolup galan yzlar bu gün atyň
eýerine basylyp getirilen şehitleriň gana boýalan gözlerine meňzeýärdi. O şekiller ýene az
salymdan bolsa iň soňky demine çenli duşman bilen garpyşan är ýigitleriň gazaply ýüzlerine
öwrülýärdi.
Dutaryň kirişlerine elim degenden olar sandyrap titräp gidýärdi we özboluşly bir heň emele
gelýärdi. Indi gaýdyp biziň aramyza dolanyp gelmejek tanyşlaryňdan duýdansyz aýra düşmegiň
nalyşy küýzeden çogan suw dek perdelerden öz-özi akyp durdy. Diregi çöken çatmajygymda
baky aýraçylygyň hasraty ýaňlanýardy. Wagt geçer, belkem uzagyndan şu günki ak derekleriň
aşagynda hatarlanyşyp ýatanlaryň keşbini göz öňüne-de getirip bilmerin, ýöne aýralygyň
hatyrasyna ýüregimden gaýnap gaýdan owazy eşidemde welin edil şu günki ýaly aglaryn.
Bäşinji perdäniň owazy
ORSLAR GELDI
Bu gürrüňi kimden eşidenim ýadymdan çykyp gitse-de, manysy hakydamda hemişelik galypdyr:
“Adamzadyň her güni şuwlap geçen ýele meňzeýär, käte
arkaňdan, käte-de garşyňdan ösýär. Barybir günler ýel kimin ötüp geçýär, olardan ýatlamalardan
başga zat galmaýar” Adamzadyň şatlygam, gaýgysam baky däl,
baky zat olary gezekleşdirip getirip duran durmuş kanuny. Şol pajygaly wakadan soň birnäçe
güň geçdi. Oba kadaly ýaşaýşyna dolanyp geldi. Meň elim işe barmaýardy. Hat-da gapydaky
mallary örä kowmaga ýa-da öňküler ýaly galanyň diňine çykyp günüň doguşyny ýa-da gyzyl ot
bolup ýaşyşyny synlamaga-da höwesim ýokdy. Esli günläp galanyň içinden çykman güýmenen
bolup ýöremsoň ahyry dowarlary galanyň daşyndaky öri meýdana çykarmagy ýüregime
düwdüm.
Artykmaç gymyldy janyma ýakmasa-da, giň meýdana çyksam dünýäm giňäýjek ýalydy. Gülgülälege bürenen sähra hasratdan gurşup giden ýüregimi janlandyrar diýen inçejik tamam bardy.
Gün mazaly ýokary galyp, günorta golaýlapdy. Arkajyň düzünde gögeren güller al öwüsýärdi.
Goýundyr guzylaryň endigan pyşgyrmasyndan başga bütin älemden ses-seda çykmaýardy. Men
baýyryň gerşine çykyp daş-töwerege göz aýladym. Aşakda dyza ýeten çemenlikde agyp-dönýän
suriň serkesiniň janynyň sesi gelýärdi.
Mallaryň gapdalyna seňkilläp ýadan goýun itim ýanyma gelip süýndi. Öň aýaklarynyň üstüne
gaba kellesini goýup gözlerini ýumdy. Goýunlar otlamakdan bizar bolandyklaryny görkezmek
üçin bir-biriniň gapdalyna baryp toplanyşyp ugradylar.
Uzakdan gala gara çyzyk bolup görünýärdi. Daş-töwerekde özümden başga ynsyň garasy
görünmänsoň ýekelikdenmi nämmi kerwene gidenleriň at eýerine ýüklenip getirilen aýylganç
güni ýadyma düşdi. Ynha, bu gün ýene-de gyzyl dona bürenen däli meýdanlaryň ýaraşygy, gyr
atyna atlanyp awa çykanda ala meýdanlary janlandyran, yzyndan garap galan çagalary, ululary
buýsandyran Batyr hanyň gürüm-jürüm ýitmegi maňa hiç ynjalyk bermeýärdi.
Depämden basýan pikirleriň gaýdyp gelmegi ýene-de dem almamy kynaldyp ýüregimi gysdyrdy.
Mydama ýanymdan aýyrmaýan dutarymy gabyndan çykardym. Oturan ýerimde ymykly
ornaşdym-da dutaryň tarlaryny bir perdeden düzdüm. Assajadan “Garybymy” tirňildedip
ugradym. Bir ýerlerden uçup gelen mollatorgaý asmanda asyl-asyl bolup durşuna ganatlaryny
kakmaga başlady. Mollatorgaýyň ganatlarynyň şabyrdysy bilen galadaky toý güni gäwmişe
dakylan araba münüp gidenler, çöküp oturan ýerinden çaýkanyp turan heşdek maýanyň
üstündäki kejebe, paýyrdadyp asmana ok atan ýigitler göz öňüme geldi. Birdenem men Batyr
hanyň atynyň ýer peşäp çarpaýa galyşyny ýaňadan gördüm…
Häzir atyň aýylganç kişňemesi dünýäni doldurar öýtdüm. Emma, oňa derek bütin älem-jahan ak
dumana boýaldy durberdi. Kerweniň giden tarapyndan çogup çykan
ak bulut topbagyny bozman göni maňa tarap süýşüp gelýärdi. Lemmer-lemmer ak bulut
golaýlaşyp, göz açyp ýumasy salymda çigillemleriň, jümjümeleriň üstüni örtüpdi.
Meň gözümiň öňünde janlanan ýüzler, keşpler gaýyp bolup gidýärdi. Hat-da Batyr hanyň tanyş
keşbi hem öz-özünden eräp gidene dönüpdi. Gapdalymda ýatan agras köpek üýrüp başlady.
Onuň sesi adatdakylardan üýtgeşikdi, gazaplydy. Ukudan oýanan dek gözlerimi açdym: goýun iti
sülekeýini erninden akdyryp, dişlerini gyjyrdadyp erbet hyrlaýardy.
Möjegiň ýa-da gaýry haýwanlaryň, keseki itleriň bir menzilden ysyny almaga endik eden
köpegiň beýdip ynjalykda gaçyşyny birinji sapar görýärdim. Barha golaýlaşýan atlaryň
hokranmasy we olaryň toýnaklaryň sesi eşidildi. Aljyrap daş-töwerege garanjakladym. Ilki öz
gözlerime ynanmadym. Baýyryň aňyrsyndan sap-sap bolup ors leşgerleriniň göwresi kemkemden ýokarlygyna saýlanýardy. Olaryň ýaragy, esbaby gurgundy. Atlaryň dükürdisinden
ýaraglaryň günüň yşgyna ýalpyldysynyň göz gamaşdyrmasyndan ors esgerleriniň ummasyz
köpdügini bilmek kyn däldi. Sanajak bolsaňam olara san ýeter ýaly däldi. Olar howlukman
depäniň aňyrsyndan ýokary galyp gelýärdiler. Men dutarymy hasyrhusur gabyna saldym-da
çopan taýagymy alyp ýerimden galdym.
Bu ahwalatyň düzüwliligiň alamaty däldigini mallaram syzyp, ilki-hä diňşirgenişdiler soňra-da
bir-birlerine gyslyşdylar. Köpek agzyny hatap ýaly açyp üýrmesini dowam edýärdi.
Orslar indi depeden bärligine eňip ugrapdylar. Nyzama durup ädimleýän esgerler beýikden pese
hasam çalt ýöreýärdiler. Olaryň barha golaýlaşýanyny halamadyk köpek azymly üýrdide-de öň
hatardaky esgerlere topuldy. It bat alypalmanka gürpüldäp tüpeň sesi çykdy. Köpek asmana
bökdi, döşüniň üstünden çogdurylyp çykýan gan çigillemlere syçrap gitdi.
Men beýdip gol gowşuryp durmaly däldigini bilýärdim. Emma şu ýagdaýda näme etmelidigini
aklyma aýlap bilmeýärdim. Çopanyň taýagyndan başga nämesi bar diýsene!? Gaharyma
elimdäki egri taýagy aýlap, itimi atan esgere saldym.
Howadan kelemenläp baran egri taýak gaýşaryp gelýän esgeriň edil dik depesinden patlap iýndi.
Ol ýere ýazylyp gitdi.
Nyzamyň yzyndan ýöräp gelýän uzynak ors bir zatlar diýip gykylyklady.Men zyňan çopan
taýagymy almaga ylgajak boldum. Ýene tüpeň sesi ýaňlandy. Edil alkymymdaky goýun serilip
gitdi. Mallar tasygyp dargap başlady. Golaýymda mal galmady. Men nyzamdaky esgerleriň
arasynda özüme özüme tarap tüpeň çeneýänleri gördüm. Birden arkamdan nätanyş bir dilde ses
eşidildi. Ýeňsäme öwrülsem, gaşly papagyny maňlaýyna çümrüp geýen biri azmly gygyrýar.
Onuň
bu bolşundan nyzamdakylara buýruk berýändigi aňdyrýardy. Ol ýylanyň agzyndan çykan dek
boýnuny silkip duran dor atyň üstündedi. Sag goluny ýokary göterdi-de, bir zatlary yşarat etdi,
atyny göni meniň üstüme sürdi. Edil bäş ädim öňümde atdan böküp düşdi. Aýagynda dyzyna
çykyp duran aýnagoňç ädigi bardy. Elindäki teletin uçly gamçysyny oýnadyp maňa tiňkesini
dikdi.
Daýanykly pyýadanyň özüne laýyk edilip tikilen harby lybasy bardy. Gerdenindäki
pogonlarynyň seçekleri hereketine görä öwşün atýardy. Onuň beýlekilere görä ýolbaşçýrakdygy
me-saňady. Ol bir maňa birem sürä seredýärdi.
Goýunlar biri-birine gysylyp haşlap durdylar. Elindäki gamçysyny oýnamasyny bes etmeýän ors
kemendiri: “Ýakşi-i, Eý, kiçi jigit! Sen mana ýarady bar..” diýip ýyrş-ýyrş etdi.
Men häli aljyrap oňa başga, düşnüksiz bir dilde gürleýärmikä öýtsem, asyl ol türkmençe aşa
şüýndirip gürleýärdi we kynlyk bilen sözlemini jemleýärdi. Papagyny çümre geýensoň gözi
görünmeýärdi. Hortapdy, gara murtlary jaýtaryp durdy.
Ol meni boýdan-başa täzeden synlady-da:
— Seniňki oglan niçiksi obadan?
Men oňa jogap bermedim. Asla oň bilen gürleşmek hem islemeýärdim. Ok degen goýnumyň
janhowluna agyr haşlamasyndan ýaňa bokurdagym dolupdy. Demim damagyma dolup
geplemäge maý bermeýärdi. Orsuň kemendiri gala tarap gamçysyny uzadyp: “Sen şo
galadanmy?” diýip sorady. Men ýene-de sesimi çykarmadym.
— Hä, näme geplemeýärsiň-ä? Galada atlylar köpmi? Galaň goragy gaty berk diýýäler,
şeýlemi?!
Bokurdagyma tegek bolan düwün has ulalan ýalydy. Asyl, häzir gepläýemde-de sesim daşyma
cyzjak däldi. Ol gamçysynyň sapyny meni alkymyma ýetirip bat bilen ýokary galdyrmakçy
boldy. Men ilkinji gezek onuň gözlerini gabat garşymda, golaýdan synladym. Ol arkaýyn meniň
ýüzüme seredýärdi we onuň jümjüme güli bilen reňkdeş gök gözleriniň aňyrsynda niçiksi
tüweleýiň gizlenip ýatanlygy näbellidi. Ol: “Galanyň ady Gökdepemi, şeýle dälmi?” diýip
sorady.
Jogaba garaşman gamçysy bilen ýüzüme urdy. Gamçyň awusyna ýüzüm laplap gyzýardy. Men
ýigreňç bilen oňüň çypar ýüzüne garadym. Meniň bolşuma jany ýanan kemendir duýdansyz
ädikli aýagy bilen içime depdi. Beýle haýynlyga garaşmamsoň arkanlygyna tüwdürlip gitdim.
Içimi tutup büküdip towlandym. Ol gözüni alardyp gaty ses bilen:
— Biz seň özüňem, mallaryňam äkideris! General Skobelew gökdepelini golaýdan görmegi
arzuw edýär! – diýdi. Soň bolsa öz dilinde bir zatlar diýip alagalmagal turuzdy. Men
onuň sesini aýyň sesine meňzetdim.
Birden, guýunyň içinden gelýän dek gulagyma serkäniň jaňynyň sesi eşidildi. Ol äwmän gelşine
meniň öňümde saklandy. Dag yaly öwejiň gözlerinde edil doganyň, agaň ýa-da dostuň
görejindäki ýaly mähribanlyk bardy. Serkäniň burum-burum şahyndan mäkäm ýapyşyp
ýerimden galdym. Şol barmana-da arka tarapdan bir esger ýanyma geldi we sögýäne meňzeş
edip gygyrdy. Ol maňa eliňi galgadyp öňe ýöre diýýän ekeni. Men seň gepiňe düşünemok, aslla
düşüňmegem islämok diýmek üçin oňa tarap öwrüldim. Görsem ol hälki meniň taýagymdan
awunan daýanykly esger ekeni. Meniň ýerimden butnamajagymy aňansoň ol tüpeniniň gözüne
ok surdi-de göni maňlaýyma çenedi. Ol agzyndan gelen paýyş sözleri aýdyp maňa azm urýardy.
Men onuň çypar sary gaşynyň büzülip-ýazylyşyna, maňlaýynyň gasynjyklaryna ýygnanan der
damjalaryna syn edýärdim. Az salymlyk ikimiziň nazarymyz kaklyşdy. Onuň gözleri aýnadan
ýasalan dek ýyldyraýardy, asyl ol gözler ömründe gyrpyldan gözede-de meňzemeýärdi. Ol
arasyny kesmän sögünmesini dowam edýärdi, iň soňundan: “Perýot jigit, perýot!” diýip, tüpeňiň
gundagy bilen ýeňsämden itdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasyndaky söweş - 3
  • Parts
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 1
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2332
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 2
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2335
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2325
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 4
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2268
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasyndaky söweş - 5
    Total number of words is 3137
    Total number of unique words is 1971
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.