Latin

Baba Röwşen - 3

Total number of words is 3920
Total number of unique words is 1753
22.1 of words are in the 2000 most common words
34.0 of words are in the 5000 most common words
39.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
suw dek kesip gitdi, heýli hünärment ussa eken – diýip aýtdy.
Onda Hezreti Aly Düldül bilen Zülpükary taryp kylyp, bir gazal okady.
Gazaly-Kaşamşam bu turar:
Bil hezara, şemşirimiň namyny,
Kapyrlaryň ýolun keser, Zülpükar.
Misli aždarha dek açyp kämini,
Şäherleri ýalňyz basar Zülpükar.
Söweş güni Hakyň ady dilimde,
Müň lek leşger bolsa sag-u solumda,
Keser bolsa jünbüş kylyp golumda,
Siltegende ýüz gez öser Zülpükar.
Alar duşmanlaryň seddi-rahyny,
Göklere çykarar kapyr ahyny,
Ýedi ýer astynda gähi mahyny,
Gazap kylyp, salsam, keser Zülpükar.
Gabzasydyr nagşy-jennet ahmary,
Oňa ýetmez hergiz duşman zereri,
Kär eýlemez syhr-jady eseri,
Özüni Düldüle asar Zülpükar.
Ezraýyl suw berip, deste gonduran,
Jebraýyldyr gökden ýere inderen,
Niçe kapyrlary dine gönderen,
Zäherli mar kimin towsar Zülpükar.
Kaşamşamyň gaza kylmak käridir,
Alla hemra kylan howandarydyr,
Haktagalla beren Zülpükarydyr,
Kapyrlary birden basar Zülpükar.
Elkyssa, Hezreti Aly bu sözi tamam edenden soň, Hebeşi:
– Ýa Kaşamşam, özüňiz munça zeberdest sahypkyran bolmasaňyz
Zülpükaryňyz munça ötgür bolmas erdi. Bildim ki Allatagala nazaryn salandyr
we ýene bildim ki siziň diniňiz rast we Hudaňyz we Resulyňyz berhakdyr.
Özüňiz şiri-Derga siz. Indi ne diýsem, musulman bolar men? – diýdi.
39
Onda Hezreti Aly:
– Şul kelemeýi-şahadaty üç mertebe taglym kylyň – diýip, aýtdy:
– Lä-ilähe illallah Muhammedur-rasulullah Eşhedu-en-lä-ilähe illallah we
eşhedu-enne Muhammeden abduhu we rasuluh – diýgil.
Babaýy-Hebeş Hezreti Alynyň aýdanlaryny diýip, sydky-jany birlen
musulman boldy.
Ondan soň Hezreti Aly:
– Dört çaryýarlary bir gözde görmek gerekdir – diýdi. Babaýy-Hebeş:
– Hudaýy bir bildim, seni bir bildim. Ondan özge maňa, hiç nemersäniň
derkary ýok – diýdi.
Hezreti Aly:
– Eý Baba gaýta beter kapyr bolduň – diýdi.
Ýene başdan ygtykat birle musulman boldy. Ondan soň Hezreti Aly,
Hebeşä pendi-nesihat kylyp, bir gazal okady. Gazaly-Aly bu turar:
Kim ki dahyl olsa dini-yslama,
Hudany bişärik bilmek gerekdir.
Köňlüňi berkidip şergi-ehkama,
Muhammede ymmat bolmak gerekdir.
Gaýry diniň işi daýym kesapat,
Mömin tapar günde paýzy-şerapat
Gije-gündiz kylyp tagat-ybadat,
Nehýin taşlap, emrin almak gerekdir.
Din yslam ýolunda köpdür şerapat,
Roza, namaz, eýlär haýr-u sahawat,
Kapyr ählin görseň, misli nejasat,
Söhbetinden yrak bolmak gerekdir.
Dillerinde daýym zikri-senadyr,
Pygambermiz ymmatlara penadyr,
Dört çaryýar misli ulug derýadyr,
Guwwas bolup özüň salmak gerekdir.
Abu Bekr Syddyk nury-sapadyr,
Omar adyl, Osman sahyp-haýadyr,
Kaşamşam diýr, Aly Şiri-Hudadyr,
Dördüsin bir gözde görmek gerekdir.
40
Elkyssa, ondan soň Şahymerdan:
– Eý, Hebeş, seniň öwlatlaryň musulman bolsun, her kim seniň öwladyňy
kapyr bilip, hyzmat buýursa, ýetmiş puştuma lagnat bolsun – diýip, doga
kyldy.
Ondan soň Hebeşiniň köňli hoş bolup, musulman bolanyna şükür edip,
Hezreti Alyny taryp kylyp, bir gazal okady. Gazaly-Hebeşi bu turar:
Eý, ezizim, sen dilim miftahyny wa eýlediň,
Ýol ýitiren niçe men dekleri bina eýlediň,
Maňa hup döwlet erer sen, seýri-sähra eýlediň,
Uşbu ýerlerde mübärizlik temenna eýlediň,
Şükri-lilla men gedany il era şa eýlediň.
Rehberim sen-sen, ezizim, eýlediň gamdan jyda,
Şatlyk eýýamy geldi, kyldyň matamdan jyda,
Zynjyry-nisbet lejamy ata-enemden jyda,
Teniň mülki boldy azat, ol jähennemden jyda,
Köňlüme aýş-u tarap zowkuny berpa eýlediň.
Barçasy erken hebes owwalky ötgen mah-u sal,
Kim bu pursat hoş erer köňlümde zowky-Züljelal,
Synam içre jaý tapypdyr ylmy-hal-u ylmy-kal,
Gorka men, maňa bu döwlet bolmagaý hab-u hyýal,
Bark ýaňlyg zulmaty-dili hüweýda eýlediň.
Döwletiňden men kibi uftada boldy bährewer,
Niçe gündür kim, ajap halatda men şam-u säher,
Iltipat eýläp Resulalla düýşüme girdiler,
Tanadyp erdi sizi maňa eý-ä kimýa nazar,
Uşbu misgin başyma bir türpe söwda eýlediň.
Bu Hebeş misgin saňa bolsun gulamy-biderem,
Her mübärek paýyňa janymy gurban eýlerem,
Gende boldy hatyrymdan külpeti-enduh-u gam,
Ystyganat boldy sizden, Haktagaladan – kerem,
Eý myhmanym, hanaýy-dili musaffa eýlediň.
Elkyssa, ondan soň Hezreti Aly Hebeşi azat kylyp:
– Bargyl, Baba, seni iki jahan azat kyldym – diýdi.
41
Babaýy-Hebeşiň wagty hoş bolup, ýola rowana boldy. Baryp, Balhy-ap
diýen jaýda mekan kylyp oturdy.
Emma Hebeşiň üç müň öýli öwlady bar erdi. Munuň iki müň öýlüsi
musulman boldy. Bir müňi bulardan aýrylyp, kapyrlara goşuldy.
Hezreti Aly Şahymerdan derýany baglap, şähri-Berbere garap rowana
boldy. Mergup şanyň bargähinde karar tapyp durdy.
Ondan soň Mergup şa sordy:
– Ýa, Kaşamşam, derýany bagladyňmy?
Hezreti Aly:
– Beli, bagladym – diýdi.
– Mergup şa Makbul wezire garap:
– Indi Kaşamşamy aždarha buýurgul – diýip, wezire yşarat kyldy.
Ondan soň Makbul wezir Alyny aždarha buýrup, birniçe ýerlerden
tymsal getirip, bir gazal okady, Gazaly-Makbul wezir bu turar:
Bu gün baryp, tokuş eýle aždarha,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Senden bir at galsyn biziň illerde,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Türpe bethaýbatdyr, bir ulug jandar,
Ýeke sen, ýanyňda ýokdur howandar,
Hümmet eýle ejiz bolsun ol aždar,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Görende özüňi yhtyýat eýle,
Gözüň açgyn, ýagşy parasat eýle,
Bargynça Allaga mynajat eýle,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Dem dartanda dagy alar damaga,
Asgyranda daglar uçar semaga,
Seniň üçin sygnarmyz Lat-Menaga,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Ýüz müň leşger gider agzyga peýwest,
At-u ýarag, gatr-u hargähi ýek dest,
Külli mahluk içre türpe zeberdest,
Öz Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
42
On iki parsahdyr kaddy-kamaty,
Göýä ýer ýüzüni tutar haýbaty,
Aman-esen gelseň, şahyň döwleti –
Bar, Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Makbul diýer, medet bersin Hudaýyň,
Biribaryň bolsun seniň penahyň,
Müň aždar hem bolsa, ýykar öwsapyň,
Bar, Hudaýyň ýaryň bolsun, Kaşamşam!
Elkyssa, ondan soň Hezreti Aly aždarha garap, jüneýberdiler. Emma
Hezreti Aly şähri-Berberden çykyp, jemygy-pygamberleri ýat kylyp, bir gazal
okady. Gazaly -Kaşamşam bu turar:
Ýer-u gökni halk eýlegen ýa Rahman,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Barça müşgil Seniň eliňde asan,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Niçik mahlukatdyr bilmen ol aždar,
On iki parsahdyr kamaty ekser,
Behaky-hormaty jümle pygamber,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Barçanyň atasy Hezreti-Adam,
Şiş nebi-ýu Nuh nebiýi-mükerrem,
Hezreti Musa-ýu Isa-ýu Merýem,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Dawud-u Süleýman, Lut-u Berhyýa,
Simiýan, Şemgun-u ýene Ermiýa,
Hezreti Danyýal Şugaýb-u Ýahýa,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Hezreti Idris-u Ýunus, Isgender,
Hezreti Nugman-u Zekerýa meger,
Ybraýym, Ysmaýyl, Yshak pygamber,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Ýakubyň köňlünde Hakyň senasy,
43
Kyrk ýyl zyndan boldy Ýusup balasy,
Asy ymmatlaryň puşty-penasy,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Razy bolan Jirjis ýetmiş kazaga,
Sabr eýlegen Eýýup kermi-belaga,
Janyn beren Salyh nakatullaga,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Rehm eýlegil Hydyr, Ylýas hormaty,
Tarahhum kyl Kowus, Kyýas hormaty,
Arş-u kürsi, löwh-u galam zynaty,
Şu gün maňa medet berer günüňdir.
Sidretil-muntaha Jebraýyl üçin,
Karkaýyl, Sarsaýyl, Ezraýyl üçin,
Hezreti Ysrapyl, Mikaýyl üçin,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Kaşamşam diýr, şemsi-zyýa hakyndan,
Aý-u ýyldyz, arz-u sema hakyndan,
On sekiz müň älem dünýä hakyndan,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Elkyssa, Hezreti Aly Şahymerdan aždarhany üç günlük ýoldan gördi.
Aždarha misli dag dek bolup, ýer ýüzüni tutup ýatypdyr. Hezreti Aly
Şahymerdan gazap bilen bir nagra urdy, zemin-u zaman, mekin-u mekan bir
bolup, titräberdi. Ýer bilen asman lerzana geldi.
Emma oşol wagt aždarha hem oýanyp, haýbat bile pyşgyryp, agzyn açyp,
bir dem tartdy. Daglar ýerinden gozgaldy. Ýerler lunda-lunda boldy.
Hezreti Aly ýene bir nagra urdy, aždarha serasyma bolup, beýhuş boldy.
Ýene huşuna gelip, gaharlanyp, bir dem tartdy, daglar kül bolup aldyna
geldi. Hezreti Alynyň mydary galmady, aždarhanyň agzyna ýakyn boluberdi.
Aždarha ýene bir dem tartdy. Hezreti Alynyň asla aýaklary ýer tutmady.
Aýaklary gähi onda, gähi munda boluberdi.
Onda Hudaýtagala hezreti Jebraýyl alaýhyssalama:
– Baryp, habybyma habar bergil ki, şirimi tomaşa kylsyn – diýdi.
Hezreti Jebraýyl Resuly-Huda bul sözi baryp habar berdi. Onda ResulyHuda otuz üç müň sahaba birle bir belent jaýa çykyp, tomaşa kyldylar. Hezreti
Jebraýyl aýtdy:
44
– Gelip, meniň golumyň arasyndan garaňlar.
Resuly-Huda otuz üç müň sahabalary birlen Hezreti Jebraýyl
alaýhyssalamyň gollarynyň arasyndan garadylar. Gördüler ki, Hezreti Aly
aždarha barar erdi.
Emma Hezreti Aly aždarhany bu sypatda görüp, Resuly-Hudany ýoklap,
Muhammet pygamberi çagyryp, medet diläp, bir gazal okady. Gazaly-Hezreti
Aly bu turar:
Bu derdime eýle derman,
Ýa Mustapa, senden medet!
Ýüzüň görmän, ölsem arman,
Ýa Mustapa, senden medet!
Kylsam bu dünýäden güzer,
Hoş gal imdi haýrul-beşer,
Salgyl bu halyma nazar,
Ýa Mustapa, senden medet!
Sen-sen maňa rehber ýakyn,
Sal pertowyň eý, mah jebin,
Uftadalary ýoklagyn,
Ýa Mustapa, senden medet!
Sen erer sen Hak habyby,
Iki jahan andalyby,
Bolgul bu derdim tebibi,
Ýa Mustapa, senden medet!
Menzilgähiň magraç erer,
Başyňda göwher täç erer,
Aly size mätäç erer,
Ýa Mustapa, senden medet!
Elkyssa, ondan soň Şiri-Hudanyň hallary Resuly-Huda aýan bolup,
Resuly- Huda şol wagtda Hudaýtagala dergähine bir mynajat okady:
Hükemaýy-külli-älem Sen, ne hökmüň bolsa perman et,
Erer Sen Kadyry-berhak, Özüň müşgili asan et.
Alyny Saňa tabşyrdym, medet kyl Patyşahym Sen,
45
Bu kapyr aždary-pür zor, Hudaýym Sen, musulman et.
Ajaýyp betnema mahluk, mysaly kuhy-hamun dek,
Alyga hümmeti bergil, bu aždarny perişan et.
Özüňiň ha:sse şiriňdir, Aly ibni Abu Talyp,
Ol äriň ki haýbatyndan belalary herasan et.
Ýigrimi ýaşa ýeten soň şirim diýip wada kyldyň,
Şiriňiň zarby-destiden ony ýer birle ýegsan et.
Kerem kylgyl Alyga Sen, bu mahlugy adem kylsyn,
Alynyň ärligini bu jahan içre nemaýan et.
Esedylla welidir diýp, Alyny ýat edip dur Sen,
Alynyň bir nagrasyndan ýer-u gökleri lerzan et.
Ilähi Sen hemaýat bol, belalardan pena bergil,
Şiriňniň urgan zarbydan, aždarhany sergezdan et.
Sebäp nedir ol aždara Aly şiriň duçar oldy,
Galam eýläp kesip ötsün, Zülpükar tygny burran et.
Muhammet diýr, Hudawend-ä, Alyny Saňa tabşyrdym,
Aman tut jümle duşmandan, Özüň waslyňa gurban et.
Elkyssa, ondan soň pygamber sallallahy alaýhy wesellemiň mübärek
dogalary Hudaýtagalanyň dergähinde kabul bolup, Hezreti Ala zor ata kyldy.
Hezreti Aly özüni saklap, bir nagra urdy, göýä Hezreti mihter Ysrapyl sur
tartan dek ýer-asman titräp galdy.
Ondan soň aždarha bir dem dartdy. Aly herçent leňňer taşlady, asla bir
ýerde dura bilmedi. Aždarha Hezreti Alyny demine dartyberdi.
Ahyr Hezreti Aly Zülpükaryny çykaryp, aždarhanyň agzyna tutdy. «Ismiagzamy» okap, aždarha garap ýöriberdi. Görer bolsaň, Huda emri birlen
aždarhanyň agzyndan girip, guýrugyndan çykdy. Zülpükar aždarhany iki bölek
kyldy.
Ondan soň Hezreti Aly: «Bu tasma patyşa nyşana bolsun» diýip,
aždarhanyň arkasyndan, uzyn bir tasma aldy.
46
Ondan soň Hezreti Aly şähri-Berbere ýöriş kyldy. Hezreti Aly ýolda
mundag ulug jandaryň ölenine köňli bozulyp, pelekden şikwe kylyp, ýene bir
gazal okady. Gazaly-Kaşamşam bu turar:
Biwepa dünýä sen, ahyr öter sen,
Saňa gelip, kimiň köňli şat boldy.
Bähbidiň ýok, günbe-günden beter sen,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Hezreti Adamy haýran eýlediň,
Howanyň çeşmini girýan eýlediň,
Nuh kowmuny garky-tupan eýlediň,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Öz nuryňdan peýda kyldyň Isany,
Tur dagynda raz aýtdyryp Musany,
Başyn erreledip ol Zekerýany,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Ybraýym Halyly taşladyň nara,
Mansuryň başyny çekdirdiň dara,
Hezreti Ýusuby saldyň bazara,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Lukmany müň derde dowa eýlediň,
Idrisiň mesgenin mägwa eýlediň,
Her kime müň dürli söwda eýlediň,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Wamyk üçin Uzra derýada ýüzdi,
Leýli üçin Mejnun sergezdan gezdi,
Şirin üçin Perhat daglary gazdy,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
On dört aşyk ötdi zar ýyglap senden,
Togsan dört müň meşaýyhlar jahandan,
Ýüz ýigrimi dört müň pygamber – ärden,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Mülki-Iskender bilen Hezreti Selman,
47
Ýene kaýsar bilen Jemşid-u hakan,
Hany Suhrap, Zerkum, Rüstemi-Dessan,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Ne patşalar ýöriş kyldy üstüňden,
Etrapyňy almak üçin kastyňdan,
Ahyr arman bilen öler destiňden,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Kaşamşam diýr, senden tapmadym bähbit,
Ulug aždarhany eýlediň näbut,
Hasyl bolmas senden hiç kime maksut,
Saňa gelip, kimiň köňli şat oldy.
Elkyssa, Hezreti Aly Mergup şanyň dergähine baryp aždarhadan alan
nyşanasyny çykaryp, Mergup şanyň aldynda goýdy. Kapyrlar tasmany görüp,
hemme täsin-u aperin galdylar. Hezreti Ala ten berdiler.
Ondan soň Mergup şa hoşwagt bolup, Hezreti Alyny taryp-u towsyp
kylyp, bir gazal okady. Gazaly-Mergup şa bu turar:
Hakykat arslan eken sen,
Meni biarman eýlediň.
Göýä bir Lukman eken sen,
Derdime derman eýlediň.
Aldym bu gymmat bahany,
Bagladyň ulug derýany,
Hem öldürip aždarhany,
Müşgilim asan eýlediň.
Şährime köp erdi zerer,
Lat-u menat kyldy nazar,
Derýa bilen wehmi-aždar,
Ýürek bagrym gan eýlediň.
Halal eken beren pulum,
Sahypkyran çykdy gulum,
Bu köýen syýahy köňlüm,
Gün-günden röwşen eýlediň,
48
Mergup şa diýr, maňa döwlet,
Ine gaýrat, ine hümmet,
Döwran sürüň dem ganymat,
Köňlümi şadman eýlediň.
Elkyssa, Mergup şanyň Matlap han diýen bir weziri bar erdi. Özi sazanda
erdi. Şähri-Haýbaryň hany Omar Antaryň weziri erdi. Hezreti Aly şähriHaýbary fath kylyp, Omar Antary tutup öldürende, bu Matlap han diýen
betbagt gaçyp gelip, Mergup şaha hyzmat kylyp ýörüp erdi. Oşol Matlap han
owwaldan Hezreti Alyny görüp erdi. Emma Matlap han Hezreti Alyny görgeç
tanady. Benagäh Matlap han şanyň dergähine gelip erdi. Nazary Hezreti Ala
düşdi. Özünden gitdi. Zamandan soň huşuna gelip, Mergup şaha garap:
– Eý, Mergup şa, seniň ýagşy guluň bar erken. Indi men seniň bu guluňy
tanydym. Seniň bu guluň Hezreti Alynyň özüdir – diýip, Matlap han bir gazal
okady. Gazaly-Matlap han bu turar:
Şahy-Mergup imdi gaýtdy döwletiň,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Ajal gelip, meger doldy möhletiň,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Jeň babynda şerhi gelmes enjama,
Aýdanyn etmeseň, kylar heňňama,
Bir delalat eýlär, owwal yslama,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Meýdana girende yhtyýaty bar,
Uçar her tarapa, keramaty bar,
Ýedi asman goýan ýedi ady bar,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Amr Antar diýen bir är bar idi,
Özi hatarynda kette ner idi,
Iki arslan bir-birine darydy,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Başa sanjyp dört müň batman täjini,
Ýedi müň şäherden alyp pajyny,
Bul ötürdi şundag ärden güýjüni,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
49
On ýedi müň batman gürzi-gerany,
Ýetmiş kerkiň derisinden galkany,
Heläk etdi oşol merdi-meýdany,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Atynda bil, segsen nogta bar erdi,
Her nogtasyn niçe pälwan götärdi,
Aty bilen göge atyp iberdi,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Matlap han diýr, şahym, bolgul habardar,
Saňa zerer ýetirmesin beýewar,
Nagra tartsa, geler Düldül, Zülpükar,
Bu guluňnyň asyl ady Alydyr.
Elkyssa, Mergup şa Matlap handan bu sözi eşidip:
– Eý Kaşamşam, sen bizi «Adym Kaşamşamdyr» diýip aldap sen,. Sen
bize adyňy rast aýtgyl – diýip bir gazal okady. Gazaly-Mergup şa bu turar:
Owwal başda baglap berdiň derýany,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Dep eder sen ýerden gelgen belany,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Kaýdan geldiň munda paýy-pyýada,
Özüňi satdyryp biziň arada,
Rüstem kylmas munça işi dünýäde,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Bize bu gün zorlugyňy bildirdiň,
Köp kylmagan işi ýalňyz dyndyrdyň,
Tenha baryp, aždarhany öldürdiň,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Tabşyraýyn seni Laty-Menaga,
Aly bolup bizi salma belaga,
Lat haky çün ýalan aýtma araga,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Mergup şa diýr, habar bergil bu sagat,
50
Bile-bilmen köňlüm boldy hyjalat,
Sende bardyr munça zory-şujagat,
Alymy sen, özgemi sen, beyan et!
Elkyssa, Hezreti Aly Mergup şadan bu sözi eşidip, haýran boldy. «Aly
men» diýse, gowga köp bolar we eger «Aly ermes men» diýse ýalançy bolar.
Ahyr tahammul kylyp, pikirlenip, bir söz aýtdy. Gazaly-Hezreti Aly:
Bawer eýläň, küffar ähli,
Men imes, men bilgin Aly,
Häzir durgan rakyp haýly,
Men imes, men bilgin Aly.
Şähri-Şibli erer jaýym,
Gije-gündiz Hak penahym,
Arş-u kürsi menzilgähim,
Men imes, men bilgin Aly.
Menzilimden düşdüm yrak,
Damanymda gerdun pyrak,
Kişi bilmes menden sorak,
Men imes, men bilgin Aly.
Meniň adym Kaşamşamdyr,
Aýralyk derdi elemdir,
Iki dünýä bir gadamdyr,
Men imes, men bilgin Aly.
Birniçe azadalardan,
Jyda men dildarylardan,
On sekiz şazadalardan,
Men imes, men bilgin Aly.
Kaşamşam diýr, ahyr maksut,
Küfr ählini eýläp näbut,
Şähri-Berber bolsa möwjut,
Men imes, men bilgin Aly.
Elkyssa, Mergup şa bu kybap sözlere düşünmedi. Hezreti Aly:
51
– Eý, Mergup şa, meniň bir adym Kaşamşamdyr we ýene bir adyma
Haýdary-Murtaza diýrler. Meniň köne keselim gozgamasdan burun başga sözi
goýgul we her niçik hyzmatyň bolsa buýurgul – diýdi.
Emma Mergup şa:
– Eý, Kaşamşam, indi seniň sözüňe ynandym. Sen buýrulan işi berjaý
etdiň – diýdi we ýene:
– Pälwan halky ýalan sözlemez. Bu Aly ermes erken. Bu guluň ady
Kaşamşamdyr. Ol Kaşamşamdan başga imes. Men oňa ýene bir hyzmat
buýraýyn. Iki hyzmatymy bitirdi – diýip, Hezreti:
– Indi ýene bir hyzmatym, Aly diýen äri tutup, diri getirseň, ýüzün bir
görsem armanym ýokdur. Ondan soň toýlap, seni azat kylar men – diýdi.
Onda Hezreti Aly:
– Inşa Allatagala, Alyny görer sen. Her kim Kaşamşamy görse, Alyny
görer – diýdi.
Elkyssa, Mergup şanyň Meşhur diýen weziri:
– Eý pälwan, imdi baryp, Alyny tutup getirseň mähribanlyk kylyp, köp
engam berip, seni azat kylarmyz. Zynhar diri getirgin – diýip, Kaşamşama
buýrup bir gazal aýtdy:
Eý, Kaşamşam, saňa arzym söýläýin,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
Lagly-jöwahyrlar nisar eýläýin,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
Köňlüňden gamlary berbat eýläýin,
Pälwanlar içinde ussat eýläýin,
Köp engamlar berip, azat eýläýin,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
At-u serpaý, ýagşy ýaraglar bereý,
Ýüki eşrepiden otuz ner bereý,
Ýene hem kyrk düýe sim-u zer bereý,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
Dargadawer köňülleriň gubaryn,
Ne diýseň bereýin maksadyň baryn,
Bereýin şährimiň külli ygtyýaryn,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
Meşhur aýdar, daýym bahabar bolgul,
52
Ger goluňdan gelse, diri getirgil,
Bir tomaşa kylaý soňra öldürgil,
Bize baryp, tutup getir Alyny.
Elkyssa, bu sözi tamam edenden soň Şiri-Huda:
– Eý, Mergup şa, eý, Meşhur wezir, Aly diýenleri zyýada zor pälwandyr.
Her adamyň Ala güýji ýetmez. Ondag bolsa-da indi, eý, Mergup şa, sen maňa
kyrk pälwan bergil we ýene ýedi düýe ýüki zynjyr bergil – diýdi.
Ondan soň Mergup şa her ýerden saýlap, kyrk pälwan berdi we ýedi düýe
ýüki zynjyr berdi.
Ondan soň Kaşamşam Berber şäherinden çykyp, ýola rowana boldy.
Elgaraz, Hezreti Aly bir menzil ýöränden soň, bir meýdanda düşüp,
pälwanlara özün tanadyp, bir gazal okady. Gazaly-Kaşamşam bu turar:
Bu gün äşgär eýleý syrry-pynhanym,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Mergup şaha kylan ähdi-peýmanym,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Şanyň haky gerdenimde galmasyn,
Magşar güni Taňrym ytap kylmasyn,
Är oldyr, wadasy ýalan bolmasyn,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Bu söwdaga salgan Biribarymdyr,
Her säherler çeken ahy-zarymdyr,
Abu Bekr, Omar, Osman ýarymdyr,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Uşbu hyzmatlary kylan özüm men
Gul bolup şähere gelen özüm men,
Ýer ýüzüne gowga salan özüm men,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
Kaşamşam diýr, bize Hakdan permandyr,
Hak ýolunda daýym başym gurbandyr,
Rehm eýlese, barça müşgil asandyr,
Eý, pälwanlar, tutuň-baglaň, Aly men.
53
Elkyssa, kyrk pälwan bu sözi eşidip, her haýsy bir ýana gaçdylar. Hezreti
Aly:
– Haý-haý, nadanlar, waý, namartlar, öz başym haky üçin gaçmaňlar.
Gelip, meni tutup baglaňlar. Men sizlere degmez men – diýdi.
Ondan soň pälwanlar gorka-gorka Hezreti Alynyň ýanyna gelip tutdular.
Ýedi düýe ýüki zynjyr bilen Hezreti Alynyň elini, aýagyny bagladylar we
mäkäm edip, boýnyga zynjyr dakyp, Mergup şanyň gaşyna alyp geldiler.
Emma Hezreti Alynyň mübärek gollary ýedi düýe ýüki zynjyr bilen
bagly durar erdi. Aly Şahymerdan bent içinde köňülleri gam basyp, şol wagtda
bir müstezat okadylar:
Saldyň maňa bir türpeýi-gam külpeti-söwda,
Ýa Wahydy-Kahhar.
Enduh-u sütem, renj-u elem, şuryşy-gowga,
Ýa Kadyry-Jepbar.
Bent etdim özümi tutup, köp duşman araga,
Bilmen ne sebäpden.
Gam besterinde hasrat-u gam munys-u hemra,
Ba dideýi-hunbar.
Pyýada galyp men bu kapyrlar era tenha,
Ýok ýanymda gamhor.
Ýok imdi bu şäher içre maňa munys-u hemdem,
Şazadalarymdan.
Lutp eýle Özüň halyma, eý Halyky-ýekta,
Ýa Ahmedi-Muhtar.
Şafkat kylawer uşbu zaman hassa guluňa,
Uftada bolupdyr.
Täsin galar bu işime ol çarhy-mugalla,
Ýa munysy-gamhor.
Küffar iliniň bendisi men ýokla guluňy,
Ejizlere rehim et.
Bu arzy-dilim ýetse idi Kadyry-Alla,
Ýa Wakyfy-Esrar.
Sagdy Wakgas, Abulmihjan, hem Mälik Aždar,
Ýa Jagfary-Taýýar.
Hormat kylyban hakky-Resuly-«ew ednä»,
Hallaky-jahan bes.
Halymy görüp ýyglaşarlar hüýr-u melekler,
Ýa Wakyfy-Esrar.
Öz-özümi bagla diýe bendi bolup men,
54
Ýa Ahmedi Muhtar.
Arzy-dilini sorgujy ýok, ýanymda gamhor,
Uftada bolup men.
Kapyrlaryň bendine düşüp men, ýokla guluňy,
Ýa Rep, Ýa Ahmedi Muhtar.
Bu aryz-dilim ýetse idi Kadyr Alla,
Takdyry-Hudadyr.
Şepagat kylawer Syddyk, Omar bile Osman,
Mätäji-doga men.
Külpetzededir bendi kapyrlar arada,
Ýa Haýdary-Kerrar.
Elkyssa, kyrk pälwan Hezreti Alyny tutup, bendi kylyp, iş bitiren kişige
ogşap, Mergup şanyň aldyna alyp geldiler.
Emma şol wagt Hezreti Aly Mergup şa özün tanadyp, bir gazaly
kapyrlara garap okady. Gazaly-Kaşamşam bu turar:
Şahy Mergup, bahabar bol,
Aly atlyg arslan özüm.
Bawer eýläň sag bilen sol,
Oşol Şahymerdan özüm.
Geldim Huda emri bilen,
Eşidiňler, hurd-u kelan,
Ysmaýyl sypat şol zaman,
Hak ýolunda gurban özüm.
Meýdanda gan saçmak üçin,
Şirin jandan geçmek üçin,
Din ýoluny açmak üçin,
Gelen sahypkyran özüm.
Fath eýleýip bag Eremi,
Weýran etdim men Haýbary,
Haýbatym tutar älemi,
Şujagatly pälwan özüm.
Refref geldi Mustapaga,
Münüp çykdylar semaga,
«Kaby-köwseýn ew ednaga»,
Şiri-Hak men derban özüm.
55
Bozdum baryp şähri-Zerni,
Jenädil birle Haýbarny,
Öldürdim döw sypat perni,
Zülpükary burran özüm.
Magrypdan maşryga namym,
Eşidiňler, hak kelamym,
Düldülim, Gammar gulamym,
Bilseň, Şiri-Ýezdan özüm.
Kaşamşam diýr, ýa Mustapa,
Bir tarrahum eýle maňa,
Küfür ähli, boluň ägä,
Bu gün merdi-meýdan özüm.
Elkyssa, Mergup şa bu sözi eşidip, gorkup tenine titreme düşdi.
Onda wezir-wekilleri:
– Eý, patyşahym, munça köp gorkmaň. Bir adam ot bolanda ne ýeri ýakar
– diýdiler.
Onda Mergup şa:
– Eý, halaýyklar, indi maňa bir geňeş beriň – diýip, bir gazal okady.
Gazaly-Mergup şa bu turar:
Maslahat beriň, ýaranlar,
Aly gelmiş diýaryma.
Kürsi neşin pähliwanlar,
Gulak sal ahy-zaryma.
Şäher halkyn ýygyň baryn,
Mirgazap gursunlar daryn,
Golun açmaý kylyň kärin,
Näheň düşmüş güzerime.
Habar beriň il-u halka,
Şähri-Zingär, şahy-Anka,
Käbil şahy Abu Şakga,
Hamy bolsun bu kärime.
Şähri-Yklym hany-Tehrak,
56
Gamhorumdyr Katran, Ymlak,
Weýran boldy köşki-rowak,
Ylgar döksün hysaryma.
Mergup şa diýr, eşit zarym,
Galmady sabry-kararym,
Ýygylsynlar dosty-ýarym
Sap tartsynlar kenaryma.
Elkyssa, Mergup şa bu sözi tamam etdi. Ondan soň «Tizräk ýetişsinler»
diýip, çar tarapa ýasawul iberdiler. Emma kapyrlar çar tarapdan şähri-Berbere
jem bolup ýöriş kyldylar. Bir tarapdan üç lek, bir tarapdan dört lek, beýleki
tarapdan bäş lek ýene bir tarapdan alty lek kapyrlar ýygyldylar.
Oşol wagt Hezreti Alynyň üstüne ýedi müň leşger kapyr geldi. Ýene ýedi
müň ulug namdar pälwan geldi we ýene ýedi müň berzeňňi kapyrlary geldi.
Elgaraz, kapyrlar top-top tutup, her ýerden geler erdiler.
Emma oşol wagt Hezreti Aly aýaklarynda keşan, gerdenlerinde zynjyr,
bu kapyrlary görüp, oşol halda mübärek köňülleri perişan bolup, şazadalary we
birniçe sahabalary ýat kylyp, kapasdaky bilbil dek saýrap, bir muhammes
okady.
Uşbu demde Mustapa rehber gerek erdi maňa,
Sorsa halymy eger Syddyk gerek erdi maňa.
Jeň silahyny geýip, Omar gerek erdi maňa,
Osman atlyg sakyýy-Köwser gerek erdi maňa,
Zülpükar-u Düldülim, Gammar gerek erdi maňa.
Ol Hasan birle Hüseýin erdi jahanda zynatym,
Iki gözüm röwşeni erdi iki dürri-ýetim,
On sekiz şazadalar erdi jahanda döwletim,
Bitirer erdi uruş babynda her maslahatym,
Ol Muhammet Hanapy meşhur gerek erdi maňa,
Bergeý erdi bu gam-u külpet era dilhahylyk,
Ba salamat merdi-meýdan soltanat bargähilik,
Iki müň batman amudy gürzi-geran aslahylyk,
Çöp desti elide şemşir ere mahylyk,
Ol Abu Bekr-u Omar, Osman gerek erdi maňa.
Şolmudyr ähdi-wepaňyz, eý şahy-aly-jah-a,
Galsam her maglum içre bahabar erdi maňa,
57
Isteýip yslam leşgerni, aýlanyp kyldy doga,
Küfür ählin görende dem tartyp misli aždarha,
Ah, bul gün Mäliki-Aždar gerek erdi maňa.
Hiç kişi bilmes meniň munda soragymdan habar,
Hanadanlar barçasyn kyldym bu gün katgy-nazar,
Sagynyp istäp meni şazadalar kimden sorar,
Hak olarga salmagaý Ýusup deýin dagy-peder,
Edhem-u Musa Ryza, mazhar gerek erdi maňa.
Ah, neýleý uşbu gün sahypkyranlar bolmady,
Jeň silahyny geýen ol pähliwanlar bolmady,
Ýeke galdym kapyr içre mähribanlar bolmady,
Käbeýi-maksudym ol şiri-žiýanlar bolmady,
Omary-Alla deýn ärler gerek erdi maňa.
Şähri-Haýbar baranymda meniň birle ýar idi,
Özleri sahypkyran-u hem sypahsalar idi,
Külli ashaplar içinde bir ajaýyp ner idi,
Sekiz ýüz batman amut, gürzi-gerany bar idi,
Ol Musaýýyp gazy dek serwer gerek erdi maňa.
Eý, Kaşamşam, Hak Özüdir jümläni bar eýlegen,
Rehm edip, ataşy Ybraýyma gülzar eýlegen,
Kaknusy öz nalyşydan dahyly-nar eýlegen,
Iki älemde ýene birlikni yzhar eýlegen.
Mustapa dek hamyýy-magşar gerek erdi maňa.
Elkyssa, Hezreti Aly gördi, kim, niçe kapyrlar jem bolup, durarlar.
Ondan soň Hezreti Aly Hudaýtagalanyň ulug ärlerini ýat kylyp, gazap birle
nagra tartdy. Ol nagrany eşidip, derhal Düldül bilen Zülpükar häzir boldular.
Hezreti Aly Düldüli görgeç bir zor kylyp, ýedi düýe ýüki zynjyry para-para
kyldy.
Düldüli münüp, Zülpükary gylapyndan çykaryp, gollaryna alyp, kapyrlary
gyra başlady. Resuly-Hudany ýat edip, salawat iberip, wagtlary hoş bolup, bir
nagt okady. Nagty-Hezreti Aly Şahymerdan:
Her lahza ýat eýleý sizi,
Hamdy-senahym, ýa Resul!
Iki älem içre meniň,
58
Puşty-penahym, ýa Resul!
Külli asyga rehber özüň,
Hem jümleden beter özüň,
Saky özüň, Köwser özüň,
Hem patşahym ýa Resul.
Senden erer her mahlukat,
Pazlyň erer bahryl-haýat,
Hem päksiň sen, hem ýagşy zat,
Hem aly-jahym, ýa Resul!
Saky özüň, Köwser özüň,
Hem jümläge rehber özüň,
Asylara beter özüň,
Hem patyşahym, ýa Resul!
Lutp eýlegin, şahy-jahan,
Bolsun tasadduk hassa jan,
Hem din erer sen, hem iman,
Hem derdi-hahym, ýa Resul!
Ylm-u kemalat sendedir,
Berdi saňa Haýýul-Gafur,
Behakky şeraban tahur,
Aňla bu ahym, ýa Resul!
Kyldym jahanda köp hata,
Neýleý, neteý, waweýleta,
Behak süreýi-«Hel eta»,
Geçgil günähim, ýa Resul!
Sen-sen Kaşamşama rafyk,
Gäh bahşeşiň bahryl-amyk,
Bildir maňa rahy-taryk,
Adyl güwähim, ýa Resul!
Elkyssa, Hezreti Aly: «Allahu-ekber» diýip, Zülpükary çekdi, göýä
kyýamat gopan dek boldy. Şäheriň içinde şuryş-u gowga asmana çykdy.
59
Emma Hezreti Aly kapyrlary bir-birine ýetirmeý gyrar erdi. Şol halda Mergup
şa perýat kylyp:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen - 4
  • Parts
  • Baba Röwşen - 1
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1758
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 2
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1742
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 3
    Total number of words is 3920
    Total number of unique words is 1753
    22.1 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 4
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2274
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 5
    Total number of words is 3066
    Total number of unique words is 2103
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.