Latin

Baba Röwşen - 4

Total number of words is 3499
Total number of unique words is 2274
23.6 of words are in the 2000 most common words
37.3 of words are in the 5000 most common words
45.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Haý-haý, namartlar, gaýrat kylaweriň, gaçmaňlar. Sizler köp siz. Bir
adam ot bolanda ne ýerni ýakar? – diýdi.
Patyşa her niçe jähd-u sagy kyldylar, kapyrlar koý erdi-gurt darydy we
gamyş erdi-ot darydy. Köçelerden gyzyl gan her tarapa akdy, göýä zemin-u
zaman lerzana geldi. Ahyryl-emr Mergup şa janyndan umyt üzdi.
Elkyssa, erteden peýşingeçe gan dökdüler. Emma bu urşa ýedi gat
asmanyň perişdeleri täsin galar erdiler.
Kapyrlardan gaçany gutuldy, oturany tutuldy.
Erse, kapyrlaryň galanlary: «Elaman-elaman» diýip, aman çagyryp,
perýat kyldylar. Ondan soň Hezreti Aly bu kapyr butparazlara iman arza
kyldy. Kapyrlar sydky-jany birlen musulman boldular. Hezreti Aly kapyrlaryň
buthanalaryny ýykyp, metjid-u mährap kyldy, azan-kamat jary boldy.
Ondan soň Mergup şa musulman bolanynyň şüküranasyna Hezreti Ala
garap, bir gazal okady. Gazaly-Mergup şa bu turar:
Şükr edeýin Hudaýyma,
Bu döwlete laýyk boldum.
Rehim eýledi halyma,
Kapyr erdim, sadyk boldum.
Bizden salam Mustapaga,
Ahmet atlyg rahnemaga,
Kerem etsin binowaga,
Ýüzün görmeý aşyk boldum.
Abu Bekr, Omar, Osman,
Pygambere ermiş ýaran,
Arzym ýetir Şahymerdan,
Köňül birle tassyk boldum.
Niçe ýyllar ötdi hebes,
Küfürgine haýy-höwes,
Şükri lilla tapdym muhlys,
Belalardan paryk boldum.
Umydym köp Hezretinden,
Oşol bahry-rehmetinden,
Çykdym küfr küfrlüginden,
60
Bu gün ähli-taryk boldum.
Ýamanlardan ýaman erdim,
Ýüregi doly gan erdim,
Bir zeň basan çoýan erdim,
Jöwahyrdan artyk boldum.
Ýamanlardan halas bolup,
Bir gulam men, muhlys bolup,
Keduretden alys bolup,
Ýagşylara rafyk boldum.
Saňa gurban hassa janym,
Sen-sen dinim hem imanym,
Sebäp bolduň, eý, soltanym,
Men hem ähli-towpyk boldum.
Şahy-Mergup tapdy çäre,
Kimýa boldy seňgi-hara,
Şükür eýläp Biribara,
Aýnadan hem aryg boldum.
Hezreti Aly niçe kapyrlary bir günde musulman kyldy.
Emma Mergup şa bu döwlete köp hoşwagt bolup, gije-gündiz namazdan
özün aýyrmas erdi.
Elkyssa, Hezreti Aly Mergup şany öz ýurduna patyşa kyldy. Ondan soň
niçe metjid-u medreseler bina kyldylar hem niçe şäherleri musulman kyldylar.
Ondan soň Hezreti Aly Medinä gider boldy. Mergup şa Hezreti Ala bihet
hyzmaty-gulamana kylyp, adetsiz we nehaýatsyz tamalluk we iftiharlar bilen
kyrk düýä tylla ýükläp berdi.
Ondan soň Hezreti Aly şähri-Berberi Mergup şa berdi. Kyrk düýä zer
ýükläp, misli bezirgen bolup, Medineýi-münewwere garap jünäýberdi.
Hezreti Aly şäherden hemra çykan musulmanlara:
– Imdi sizler jaýlaryňyza gaýdyňlar – diýip, nowazyş kyldy.
Erse, Mergup şa derhal atyndan özüni taşlap, Hezreti Aly bilen hoşlaşyp,
Hezreti Ala garap, bir gazal okady. Gazaly-Mergup şa bu turar:
Bu gün azm eýleseň mülki-diýara,
Jismim içre şirin janym, hoş imdi.
Synamy çäk edip, bagrymy para,
61
Jandan artyk mähribanym, hoş imdi.
Gül ýüzüň görmesem, ýokdur kararym,
Senden özge bolmaz köňül mydarym,
Ölinçä gulamyň, eý, şähriýarym,
Hak iberen ulug janym, hoş imdi.
Zynhar, byradarlyk hakyny hakla,
Dogaýy-haýr edip, ýadyňda sakla,
Günäkär guluň men, magşarda ýokla,
Eý, ezizim, kämiranym, hoş imdi.
Mustapaga ýetir arzy-halymy,
Taşladym köňülde kyl-u kalymy,
Sarp edeý ýoluňda mülk-u malymy,
Hakykat bahrynda känim, hoş imdi.
Salam aýtgyn Abu Bekr, Omara,
Hezreti-Osmana, şazadalara,
Külli sahabalar, azadalara,
Hoş tekellüm, hoş elhanym, hoş imdi.
Kadyr Eýäm, Özüň ýetir hetdine,
Başym gurban etsem serwi-kaddyňa,
Peýamymy bir-bir ýetir Medinä,
Şirin dilli nüktedanym, hoş imdi.
Mergup şah diýr, gözden jemalyň uçdy,
Jydalyk hasraty köňlüme geçdi,
Mejnunyň söwdasy başyma düşdi,
Ýüregimde hoş armanym, hoş imdi.
Elkyssa, ondan soň Mergup şa Hezreti Aly bilen hoşlaşyp, zar-zar ýyglap
galdy.
Emma Hezreti Aly Şahymerdan kyrk düýäni tylladan ýükläp, Medinä
tarap, rowana boldular. «Ismi-agzamy» okap, düýelere dem saldy, weliniň
keramaty bilen ol düýeler Düldülden hem tizräk ýörip, ýyndam boldy.
Erse göz ýumup, açynça niçe menzil ýollary taý kylyp, Medineýimünewwere dahyl boldular.
62
Medine halky eşidip, pişwaz öňünden çykyp, ystykbal kyldylar. Hezreti
Aly kerremallahu wejhuhu ashaplary we ýar-u dost, kowum-akrabalaryny
görüp, hoşwagt bolup, jemyg sahabalar birlen görşüp, uşbu ebýaty okady:
Barça gelgen, gadyrdanlar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Mähriban ýar-u ýaranlar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Gezip geldim dagy-düzi,
Ýene gaýdyp gördük sizi,
Kapyr gyryp, bolduk gazy,
Geliň, janlar, görüşeli.
Abu Bekr, Omar, Osman,
Ol Hezrete sizler ýaran,
Gaýdyp geldi Şahymerdan,
Geliň, janlar, görüşeli.
Niçe çekdim hijran bary,
Sapar kyldym Rumdan nary,
Gezip geldim çöller sary,
Geliň, janlar, görüşeli.
Sagdy-Wakgas, ymam Japar,
Abulmugjan, Mälik Aždar,
Hyzmatkärim Baba Gammar,
Geliň, janlar, görüşeli.
Hasan, Hüseýin – eziz janym,
On sekiz gujak oglanym,
Muhammet merdi-meýdanym,
Geliň, janlar, görüşeli.
Patma-Zähra jübti-päkim,
Hanypaýy-syna çäkim,
Akl-u huş, pähmi-edräkim,
Geliň, janlar, görüşeli.
Tap getirmeý amudyna,
63
Şähri-Berber girdi dine,
Murtaza geldi Medinä,
Geliň, janlar, görüşeli.
Elkyssa, Hezreti Aly Şahymerdan jümle sahabalar birle görşüp, Medine
metjidine baryp, Hezreti Muhammet alaýhyssalamny zyýarat kyldy. Emma
pygamber alaýhyssalam Hezreti Alyny görüp, hoşwagt bolup, sagynyp erken.
Hezreti Alynyň pişanalaryndan posa alyp, köp nowazyş kyldy.
Ondan soň halaýyklar biçäre Baba Röwşeniň ruhlaryna fatyha okyp,
doga kyldylar.
Ondan soň Hezreti Aly kyrk düýe zeri jemyg sahabalara, birniçe binowa
biçärelere we pakyr-u misginlere taksym kylyp berdi.
Hezreti Alynyň perwazlary şunça iş kyldylar, dostlar şat bodular,
mynapyklar mat boldular.
Ondan soň iki düýe zer galdy.
Elgaraz Hezreti Osman gany, oňa bir ýarym düýe zer degdi. Emma
Hezreti Aly gallaç, ýarym düýe zer degdi. Hezreti Aly ony hem haýyr kyldy,
dostlar şat boldy, duşmanlar gamgyn boldy. Ilähi hemme mömin gullary
ferdaýy-kyýamat pygamberiň şepagatyndan mahrum kylmagaý sen. Ämin we
Rebbil älemin.
Wallahu aglam bis-sowap.
Temmet.
64
Sözlük
A
Abu Bekr Syddyk — (568-634-nji ýyllaryň töweregi) birinji halyf. Dört
çaryýaryň biri. Muhammet alaýhyssalamyň üçünji aýaly Aýşanyň (Äşäniň)
kakasy. Ol Muhammet pygamberiň iň ýakyn maslahatçylarynyň, yslamy
ýadawsyz wagyz edijileriniň biridir. Şonuň üçin oňa musulman däbinde asSyddyk (dogruçyl, wepaly dost) lakamy berlipdir. Ol iki ýyldan gowrak (632634) halyflyk edipdir.
Abu Talyp — Abu al-Muttalybyň ogly. Alynyň kakasy. Muhammet
alaýhyssalamyň terbiýeçisi. Muhammet pygamber bütin ömrüniň dowamynda
bildiren mähribanlyklary we goldawlary üçin atasy Abu al-Muttalyba hem-de
agasy Abu Talyba çuňňur minnetdarlyk duýgusyny saklapdyr.
Abulmihjan — sahabalaryň biriniň ady.
Adem — ýokluk, ýok bolma.
Adetsiz — sansyz-sajaksyz, hasapsyz.
Agma — kör.
Ahmar — gyzyl reňk.
Ahmedi-Muhtar — Muhammet pygamberiň bir ady.
Ah-u nedamat — gaýgyly, puşmanly, ökünçli ah.
Ahyret— kyýamat.
Ahyryl-emr —ahyrynda, iň soňunda.
Aksada bolmak — uzakda bolmak.
Alaýhyssalam — Oňa salam bolsun. Pygamberleriň ady agzalan ýerde
aýdylýar.
Alham — Gurhanyň «Fatyha» süresi.
Allahu-ekber— Alla beýikdir.
Allam-guýup (Allamul-guýup) — gaýyp zatlary biliji, syrly, gizlin zatlardan
habarly. Alla, Taňry, Hudaý.
A:ly jaha — ýokary mertebeli, beýik derejeli.
Aly ibn Abu Talyp — Osmandan soňky dördünji we iň soňky halyfy (656661). Ol 661-nji ýylda öldürilýär. Aly araplaryň kuraýyş taýpasynyň haşym
urugyndadyr, ol yslamy esaslandyran Muhammet pygamberiň doganoglany,
onuň Patma diýen gyzynyň adamsy.
Amud — 1. Gürzi. 2. Dik, perpendikulýar. 3. Sütün. Amudy gürzi geran —
agyr gürzi.
Andalyp — bilbil.
Anka — halk rowaýatlara görä, Kap dagynda ýaşaşan fantastiki guş.
65
Aperin (ümlük) — 1. Berekella! 2. Öwgi, taryp.
Argymak— 1. Dag keýigi. 2. Bedew at.
Arş — asman, dokuzynjy gat asman. Adamzadyň akylynyň ýetmeýän diňe
Ýeke täk Biribaryň bilýän ähli älemleri öz içine alýan ylahy tagty.
Arşy-agla — iň ýokarky asman.
Arşy-kürsi — asmanyň arş bölegi bilen onuň aşagyndaky kürsi.
Arzy-sema — ýer-asman.
Asan — aňsat, ýeňil, sada.
Aslah — ýaraglar.
Asy — günäkär, ýazykly, günäli, etmişli.
Asy ymmat— günäkär millet, ýazykly halk.
Ashap — sahabalar.
Aýalment — maşgalaly, öýlenen, köp çagaly.
Aýan — äşgär.
Azada — 1. Azat, erkin, boş. 2. Mähriban, hormatly, merhemetli, mähirli,
mertebeli. 3. Päk, arassa, tämiz. 4. Liliýa, serwi agajy.
Azamat — uly, beýik, äpet.
Azm — 1. Niýet, meýil, maksat. 2. Ugrama, ýola düşme. Azm eýlemek —
ugramak, ýola düşmek.
Azym — beýik, uly.
B
Ba — bilen, bile, bilelikde. Ba namy — ady bilen. Ba semer— netijeli,
miweli.
Ba wepa — wepaly, wepadar, ygrarly.
Baba Gammar — Alynyň hyzmatkäri.
Bady-hazan — güýz şemaly.
Bag Eremi — Erem bagy. Rowaýata görä, bu örän owadan bagy Şeddat atly
örän zalym patyşa ýetişdirenmiş.
Bahabar bolmak — habarly bolmak.
Bahr — deňiz, umman. Bahryl-amyk — çuň deňiz, çuňňur umman. Bahrylhaýat — dirilik deňzi. Bahry-rehmet— rehmet deňzi.
Balh — Owganystanyň demirgazygynda gadymy bir şäheriň ady.
Balhy-ap — Owganystanda Amyderýanyň bir goly bolan Balhab derýasynyň
boýundaky bir şäher ady.
Bargäh — köşk, saraý, ýaşalýan ýer, adamlar kabul edilýän jaý.
Bark — ýyldyrym, ýylpyldy, şöhle, ýagty.
Bawer — ynam, ynanç, ynanma, dogry hasaplama.
Behak— 1. Doly esasda, doly kanuny ýol bilen. 2. Dogry, hak, adalatly.
66
Beher— her bir, her haýsy, her biri.
Beli — hawa.
Benagäh — birden, birdenkä, tötänden, duýdansyz.
Berbat etmek — ýitirmek, ýele sowurmak.
Berber — 1. Dellekçi. 2. Owganystan bilen Eýranyň serhedinde ýaşaýan
kowumyň ady.
Berhak — adyl, wepaly, hakyky, dogry, rast.
Berhem — 1. Bulaşyk, garyşyk, dagynyk, çalam-çaş. 2. Aljyraňňy,
gyssanmaç.
Berhyýa — Süleýmanyň Asaf atly weziriniň kakasynyň ady.
Berna — ýaş, görmegeý.
Bester — düşek, ýatak.
Beşarat — şatlyk, bir zady habardar etmek, buşlamak.
Beşer — ynsan, adam, adamzat.
Bethaýbat — betgelşik, gelşiksiz.
Betnema — betgelşik, gelşiksiz, erbet görnüşli.
Beýekbar — birden, tötänden, garaşylmadyk ýagdaýda.
Bezirgen — söwdagär, täjir.
Bährewer — işi şowuna bolýan, işi şowlaýan, bagty getiren.
Biarman — armanly, maksadyna ýetmedik.
Bibaha — bahasyz.
Bigam — gamsyz, aladasyz.
Bikal-u kyl — gepsiz-gürrüňsiz, şeksiz, şübhesiz.
Bilal — sahabalaryň biri, meşhur azançy. Onuň sesi örän güýçli we owazly
bolupdyr.
Binowa — biçäre, ejiz, pukara, betbagt, garamaňlaý.
Bismilla — Allanyň ady bilen.
Bisýar — köp, kän, artyk, bol, güýçli.
Bişärik— şäriksiz, bişärik, tenha, ýalňyz, ýeke-täk.
Biygtyýar — ygtyýarsyz.
Burran — ýiti, kesgir, ötgür.
Byradar— dogan, garyndaş.
Byrag — Muhammet alaýhyssalamyň atynyň ady.
Ç
Çah — guýy, çukur.
Çar — dört.
Çarçamak — ýadamak, armak, ysgyndan düşmek, çagşamak.
67
Çarh — 1. Bagt. 2. Çarh, tigir. 3. Gümmez. Çarhy-mugalla — beýik çarh,
asman, gök, pelek.
Çaryýar — Muhammetden soňky dört halyf: Abu Bekir (632-634); Omar
(634-644); Osman (644-656); Aly (656-661).
Çeşm — göz, garak, göreç. Çeşmi-nem — gözýaş. Çeşmi-seýil —
gözýaşlaryň sili. Çeşmi-humar — süzgek göz, serhoş göz, gyzaran göz, dälije
göz.
Çäk — paralamak, ýyrtmak.
Çäki-giriban — ýakasyny ýyrtmak.
Çäşt — 1. Guşluk wagty. 2. Ertirlik nahary.
D
Dag — 1. Yz, belgi, tagma. 2. Gaýgy-hasrat. Dagy-peder— atasyndan aýralyk.
Dahyl — 1. Girýän, aýak sekýän. 2. Dahylly, degişli. 8. Içki görnüş. 4.Girme,
giriş. Dahyl bolmak — 1. Aralaşmak, girmek, gatyşmak. 2. Gowuşmak,
sataşmak, birek-birege duş gelmek.
Daman — etek, eňňit, ýapgyt.
Damat — köreken, giýew.
Danyýal — pygamberleriň biri. Ahamenitler patyşalaryndan Kureşiň we
Darýuşyň döwründe ýaşan pygamber. Dawut pygamberiň neslinden.
Dawut — ýehudy patyşalaryndan we pygamberlerinden biri bolup,
Süleýmanyň kakasydyr. Ol ýaşlykda çopançylyk edipdir. Dawudyň örän
ýakymly sesi bolupdyr. Ol «asmandan inen» dört kitabyň biri «Zebury» owaz
bilen okar eken. Ol ömrüniň köpüsini sowut dokamak we demir işi bilen
meşgullanyp geçiripdir. Şoňa görä, Dawut Gündogar rowaýatlarynda demriň
piri hasaplanylýar.
Daýa — 1. Eneke. 2. Göbek ene.
Daýym— hemişe, mydama, hemme wagt.
Dembe-dem — yzly-yzyna, hemişe.
Dendan — diş.
Derban — gapy sakçysy, garawul.
Dergäh — 1. Bosaga, gapynyň öňi. 2. Köşk. 3. Patyşanyň huzury, Hudaýyň
ýany.
Derhal — şol bada, derrew, şol wagtda, şol mahal.
Derdi-dowa — agyrynyň, keseliň emi, däri-dermany.
Derdi-elem — 1. Agyry, kesel, nähoşluk. 2. Gaýgy, gam, gussa.
Derdi-hah — derdimiň dermany.
Derkar — gerekli.
68
Dest— 1. El, gol. 2. Zarp, zarba, urgy. Desti-bagt — bagt goly. Çöp desti elide
şemşir ere mahylyk — Zarp bilen uranda ýönekeý taýak ýarym aýa meňzeýän
gylyja öwrülýär.
Dest-u bazu — el, gol we egin, omuz.
Deşt — sähra, çöl, düzlük.
Dide — göz, göreç.
Dilgir— tukat, gamgyn.
Dilhah — göwün isleýän, islegli, söýgüli.
Dil — ýürek, kalp.
Doga — Allatagala ýalbarmak, Alladan dilegini dilemek, doga. Dogaýyhaýr— haýyrly doga.
Durud-u tekbir — doga, salam.
Düldül — Alynyň meşhur atynyň ady.
Dürri-galtan — togalak dür.
Dürri-naýap — tapylmaýan, seýrek duş gelýän dür.
Dürri-ýetim — ýetimleriň düri, Muhammet alaýhyssalam.
E
Ebri — bulut. Ebri-rehmet— rehmet buludy.
Ebru — gaş.
Eda I — töleme, ýerine ýetirme, kanagatlandyrma, aýdyş, ses, owaz, heň,
äheň, saz, nota. Eda kylmak — kanagatlandyrmak, tölemek, ýerine ýetirmek,
aýtmak.
Eda II — 1. Towlanma, näz kereşme. 2. Öjükdirme.
Edhem — sufist aşyklaryň biri.
Edräk (Idrak) — akyl, düşünje, pikir, paýhas.
Efläk — 1. Asman, gök. 2. Bagt, ykbal, täleý.
Ejazat — rugsat.
Elaman — ýetişiň, kömek ediň. Perýaty-el-aman — kömege çagyrýan ses.
Elgaraz — bir söz bilen aýdanda, gysgaça aýdanda, sözüň gysgasy, gepiň
keltesi.
Elhan — owazlar, äheňler, mukamlar.
Elkyssa — garaz, gepiň gysgasy.
Emir — häkim, hökümdar.
Emr — buýruk, tabşyryk.
Enaýat — rehim, kömek, goldaw, alada, ýagşylyk.
Enduh — gam, gussa, gaýgy, ünji. Enduh-u sütem- sütemli gaýgy.
Engam — halat, serpaý, sowgat, peşgeş, muzd, bereket, nygmat.
Ermiýa — pygamberleriň biriniň ady.
Erre — byçgy, ary.
69
Esbi-suwar — ýyndam, ýüwrük at.
Esedylla — Allanyň şiri. Hezreti Aly.
Eşhedu-en-lä-ilähe illallah we eşhedu-enne Muhammeden abduhu we
rasuluh — Alladan başga Hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň Allanyň
guly we ilçisidigine şaýatlyk edýärin.
Eşrep — Eýranda ulanylýan gyzyl pul.
Eşýa — zatlar.
Ew ednä — «... ondan-da ýakynrak» Nejim süresiniň 9-njy aýatyndan bir
bölek. Bu aýatda Muhammet pygamberiň arşa göterlende Allatagala bilen
ýaýyň iki ujundan, hatda ondan-da ýakynrak golaý halda gepleşendigi
aýdylýar.
Eýýup — Hudaý tarapyn gurt düşüp, heläkçilik çeken pygamber. Ol
sabyrlylygy bilen ezýet çekmeden jydapdyr. Klassyky edebiýatda sabyrlylygyň
nyşany hasaplanýar.
Ezraýyl — jan alyjy perişde.
Ä
Ähl — 1. Bir işe ýa-da ýere degişli bolan adamlar. 2. Maşgala, är-aýal. 3. Bir
işiň, hünäriň eýesi. Ähli-taryk— sopular, tarykatyň ýoluny tutýanlar. Ählitowpyk — üstünlik eýeleri, towpyk eýeleri.
Ähdi-peýman — äht etmek, söz bermek.
Ämin — şeýle bolsun, Ýa Rep dogamyzy kabul et!
Ämin we Rebbil älemin — Älemleriň eýesi bolan Allatagala dogalarymyzy
kabul eýle!
F
Fath kylmak — boýun egdirmek, basyp almak.
Fatyha — 1. Kuranyň başky süresi. 2. Doga, alkyş.
Ferdaýy-kyýamat — kyýamat güni.
G
Gabry-häk — mazaryň topragy.
Gadamgäh — gadam basylan ýer.
Gaflat — gapyllyk, habarsyzlyk, duýdansyzlyk.
Gahr — gahar-gazap. Gahry-Huda — Allatagalanyň gazaby.
Galam — 1. ýiti tyg, kesgir ýarag. 2. Gamyş taýajyk. 3. Ruçka. 4. Pahna,
şine.
Gallaç — eli ýukalyk, mätäçlik, ýoksullyk.
Gamhor — dertdeş, gaýgy-hasraty deň çekişýän.
70
Gammar — Alynyň atbakary. Düldüli seýisleýän şahs.
Gant-asal — süýji bal, bal ýaly, şeker ýaly.
Gany — baý, mal-mülküň eýesi, barly, gurply, mally, döwletli.
Ganymat — gadyr-gymmaty, olja.
Gapyl — habarsyz, bihabar, duýdansyz.
Gar — gowak.
Gaýry — başga, özge.
Gaýyp — görünmeýän, göze görünmezlik, ýaşyryn, gizlin, syrly.
Gaza — din we watan üçin alnyp barylýan söweş.
Gazal — 1. Liriki şygryň formasy. 2. Keýik, jeren, gözel, söýgüli.
Gazat — gaza sözüniň köplük sany. Diň we watan üçin alnyp barylýan
söweşler.
Gazy — göreşiji, söweşiji, ýeňiji.
Geda — garyp, gedaý.
Gende — ýaramaz, hapysa, erbet.
Geran — gymmat, artyk, ýokary, agyr.
Gerd (gert) — çaň, tozan, tot. Gerdi-nagly — atyň nalynyň çaňy. Gerdi-paý
— aýak tozany.
Gerdun — 1. Pelek, asman, maňlaý, takdyr, ýazgyt, 2. Aýlanýan, çarh,
tigir.
Gez — 1. Ölçeg birligi: 1 m 05 sm. 2. Gezek, mertebe, gaýta.
Gäh-gäh — käte-käte, mahal-mahal, wagt-wagt.
Girdap — aýlaw, öwrüm, suwuň aýlanyp akýan çuň ýeri.
Giriftar — tutulan, ele düşen, bent edilen, ýesir alnan, tussag edilen, sezewar
edilen.
Girýan — aglaýan, eňreýän, aglaýan halda, aglap, agyly, gözi ýaşly.
Göşt — et.
Gubar — 1. Çaň, tozan, tot. 2. Gaýgy, gussa, gam. 3. Kine.
Gulam — hyzmatkär. Gulamy-biderem — dirhemsiz gul. Mugt hyzmatkär.
Gulap — gyn, guty, gap, bir zadyň daşy.
Gurt darydy — gurt ýyrtdy, dargatdy.
Gürzi — demirden ýasalan tokmak.
Güwäh — şaýat.
Guwwas — suwa çümüji.
Gygam — Baba Röwşen dessanynda Mergup şanyň pälwanlarynyň biriniň
ady.
Gylap — gylyjyň gyny, gyn.
H
Hab — uky. Hab-u hyýal — düýş, hyýal, uky.
71
Habyp — 1. Ýakyn, ýoldaş, ülpet, dost. 2. Söýgüli, gözel. 3. Pygamberiň
sypaty.
Hajat — 1. Isleg, mätäçlik, gereklik. 2. Çokunma, ýalbarma.
Hakan — Gündogar hökümdarlarynyň, şol sanda Hytaý hökümdarlarynyň
tituly.
Hakykat — çyn, dogry, dürs, her bir zadyň esasy, asly.
Halk (ks. Halaýyk) — 1. Ýaratma, döretme. 2. Il, märeke. Halk eýlemek —
ýaratmak, döretmek. Hallaky-jahan— dünýäni ýaradan, jahany döreden; Alla.
Haly zebun — pes adam, ejiz, namart.
Halyky-ýekta — ýeketäk ýaradyjy. Alla.
Halyly-basapa — sapaly dosut. Ybraýym pygamber.
Hamdy-sena — öwgi we alkyş, öwgi hem doga.
Hamyýy-magşar — magşarda goraýan, ahyretde eýe çykýan.
Hanadan — 1. Dinastiýa, atly — abraýly topar. 2. Abraýly, hormatly, sylagly.
3. Gm. myhmansöýer, aşly — çörekli adam.
Hanaýy-dili musaffa — sap ýüregiň öýi.
Handan — gülüp duran, gülýän, şadyýan, açyk, güler ýüzli.
Harb — uruş, söweş.
Harem — 1. Mukaddes zat, mukaddes ýer, Käbe. 2. Aýallaryň ýaşaýan otagy.
3. Aýal.
Hargäh — çadyr.
Hary-zar — pespäl, nalyş edýän.
Hasan -Hüseýin — Muhammet pygamberiň gyz agtygy. Hezreti Alynyň
ogullary.
Hasrat — gam, gaýgy, gussa, tukatlyk.
Hassa — ýadaw, gamly, gussaly, gaýgyly, hassa.
Ha:sse — ýörite.
Hatyr — oý-pikir, akyl.
Haýa — utanç, çekinjeň.
Haýbar — Medinäniň sekiz menzil aralygynda ýerleşýän ýedi galaly ýeriň
ady.
Haýrul-beşer — adamlaryň gowusy (Muhammet pygamberiň ady).
Haýry-hah — haýyr isleýän.
Haýý — diri, janly. Haýýul-Gafur — Alla, Taňry, Hudaý, hemişe diri bolan
ýalkaýjy.
Hebes — ýaramaz, bihuda, peýdasyz, biderek.
Hemaýat eýlemek — kömek, ýardam, goldaw etmek.
Hemdem — çyn dost, hakyky dost, ýürekdeş dost.
Hemra — ýoldaş, gürrüňdeş.
Heňňam — uruş, söweş, jeň.
72
Herasan — gorkuly.
Herçent — hernäçe, şunça.
Hetdi — çägi.
Heýli — 1. Örän, adatdan daşary, hetden aşa, biçak. 2. Köp, kän, bol.
Hezar — müň. Set hezar — ýüzmüň, bir lek.
Hezer (heder) — gorky, ätiýaç, çekinme, saklanma.
Häki-paý — aýak tozany, aýak çaňy.
Hijdehi nähr (hejdeh) — on sekiz derýa.
Hijran — aýralyk.
Hikmet — akyllylyk, parasatly söz.
Hoşamat aýtmak — hoş söz aýtmak.
Hoşwagt — wagty hoş, keýpi çag.
Howzy-Köwser — behiştdaki süýji suwly howuz.
Höşk — gury, gurak.
Hudawend — Taňrynyň buýrugy.
Humar — serhoş.
Hun — gan.
Hunaba — ganly ýaş, azap çekmeklik, gan ýuwutmaklyk.
Hunbar — gan döküji, gan akdyryjy, gan dökülýän.
Hup — 1. Gowy, ýagşy, oňat. 2. Gözel, owadan, ajaýyp. 3. Mähirli, mübärek.
4. Söýmeklik, gowy görmeklik.
Hurd-u kelan — uly-kiçi.
Hükemaýy-külli-älem — ähli älemlere höküm ediji. Alla.
Hümmet — 1. Goldaw, hossarçylyk, hoşniýetlilik, kömek. 2. Gujur, gaýrat,
güýç. 3. Pikir, oý, aň. 4. Üns berme, aladasyny etme, azara galma, jan çeken,
yhlas etme. 5. Mümkinçilik. 6. Ukypsyzlyk.
Hüweýda — mälim, aýan, açyk, äşgär, belli.
Hüýr — jennetde bolýan owadan gyz.
Hydyr — pygamberleriň biri.
Hyjalat — 1. Kepderileriň saýrap-saýrap, ekstaz ýagdaýyna düşmesi. 2.
Turma, galkma, bökme, bökjekleme. 3. Tizlik. 4. Belentlik. 5. Çiş (ýara). 6.
Ogry, garakçy. Säher hyz — säher saýraýan, säher bilen turýan.
Hylgat — halat, serpaý, owadan geýim.
Hylwat — gizlin, ýalňyz, ýeke.
Hysar — 1. Gala, berkitme. 2. Gadymy mukamyň ady.
I
Ibn — ogul, ogly, perzendi. Ibni Abu Talyp — Abu Talybyň ogly. Hezreti
Alynyň lakamy.
Ibtida — baş, başlangyç, öň, owal, ilki.
73
Idris — pygamberleriň biri. Idrisiň ady Kuranda hem gelýär.
Iftihar — öwmek.
Ihtimam — üns berme, dykgat etme, çalyşma, jan etme, alada.
Ilähi — eý bar Hudaýa.
Iltipat eýlemek — 1. Mähribanlyk, rehimdarlyk. 2. Üns berme, alada.
Iman — biriniň aýdýan zadyny çyn ýürekden kabul etmek; şübhesiz ynanmak;
Imanyň esasylary Allatagalanyň birligine, perişdelerine, kitaplaryna,
pygamberlerine, ahyret gününe, kadere ýazgyda, ýagny haýyr we şeriň Alla
tarapyn ýaradylýandygyna we öleniňden soňra direljekdigiňe ynanmak.
Imdi — indi.
Imes — däl.
Inşa Allatagala — eger Alla islese, inşalla.
Intiha — soň, ahyr, yz.
Intizar — garaşmak, gözüň ýolda galmak.
Isa — Esasy dört sany uly pygamberleriň biri bolup, oňa wahy arkaly „Injil”
ýollanylýar. Dünýä dinleriniň iň gadymylarynyň biri bolan hristian dinini
esaslandyran pygamber hasaplanýar. Ol Palestinanyň Beýtullah obasynda
doglupdyr. Ejesiniň ady Merýem. Isa pygamber hakda Kuranda hem köp
aýatlar getirilýär, hatda Muhammediň pygamber boljakdygyny öňünden
aýdanyň hem Isa pygamberdigi bellenýär.
Isgender — Aleksandr Makedonskiý (b. e. öň 356—323 ýý.) Makedoniýa
patyşasy Filip ikinjiniň ogludyr. Ol Eýran, Hindistan, Arabystan ýaly ençeme
döwletleri basyp alypdyr. Gündogar halklarynyň köpüsiniň folklorynda we
edebiýatynda onuň, şahsyýeti bilen baglanyşykly birtopar rowaýatlar we çeper
eserler döredilipdir. Rowaýata görä, Isgenderiň iki gulpagy ýa-da iki şahy
bolupdyr. Şol sebäpli oňa Zülkarneýn lakamy berilipdir. Birnäçe rowaýatda we
Nowaýynyň, «Seddi Iskenderi» («Isgenderiň diwary») diýen eserinde
Isgenderiň, iki bolandygy tassyklanýar. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä,
beýleki Isgender iki asyr ýaşapdyr. Şonuň üçin oňa hem Isgender Zülkarneýin
diýlenmiş.
Ismi agzam — beýik at, Hudaýtagalanyň ady. Allatagalanyň atlary sanalýan
doga.
Işwe — näz, gamza, şiwe. Bu söz aslynda araplarda gözüň gowy görmezligi
manysynda aýdylan, parsy we türki halklarda serhoş göz, sözlük bilen
baglanyşdyrylyp, bu söz ýokarky mana eýe bolupdyr.
J
Jala — güýçli ýagyş, çabga.
Janruba — göwnüňi özüne çekýän, dilber.
74
Janyby-Kerrar — Alynyň tarapdary.
Jary bolmak — ýerine ýetirilmek, durmuşa geçirilmek, hakykat ýüzünde
amala aşyrylmak, akmak, ýaýramak.
Jebin — gorkuly, haýyş ediji; maňlaý.
Jebraýyl — Allatagala bilen Muhammet pygamberiň arasynda (wahyý) habar
gatnadýan perişde.
Jemg — hemme, ähli. Jemygy-pygamber — ähli pygamberler.
Jemşid-u hakan — gadymy Eýran şalarynyň biri. Abulkasym Firdöwsiniň
meşhur «Şanama» atly eseriniň gahrymanlarynyň biri.,
Jeň — uruş, söweş, dawa.
Jenädil — 1. Müsürde bir ýeriň ady. 2. Daş, harsaň. 3. Güýçli, kuwwatly,
daýaw.
Jennet — uçmag, behişt.
Jähd-u sagy — tagalla, jan çekme, yhlas, çalyşma.
Jigergüş — 1. Iň söýgüli adam, iň ýakyn adam. 2. Perzent, çaga.
Jilwe — nur, ýalkym, şugla, ýalpyldy.
Jirjis — pygamberleriň biri. Öz ynanjyndan dänmänligi üçin, ony para-para
edýärler, emma ol ýene diri galýar.
Jöwahyr — 1. Gymmatbaha daş, göwher. 2. Çeper çöz, parasatly söz. 3.
Asyl, hakykat, esas.
Juýan — 1. Soraýan, ideýän. 2. Gyzyklanýan, höweslenýän. 3. Gözleýän,
agtarýan.
Juýbar —1. Uly ýap, kanal, derýa. 2. Birnäçe çeşme we derýajyklar akýan
ýer. 3. Derýa kenary. Juýbary-gam — gam derýasy.
Jümle — ähli, hemme.
Jünäp — entemek, gezmek.
Jünäýber — gitmek; ýola rowana bolmak.
Jünbüş — hereket, gymyldy.
Jürýet — gujur, gaýrat, batyrgaýlyk, ýüreklilik.
Jylawdar — öňde barýan atly.
K
Kaby-köwseýn — 1.Ýaý atylanda el tutulýan ortasy bilen uçlarynyň
arasyndaky iki aralyk. 2. Gm. Hudaýa ýakyn iki perişde. 3. Mygraç gijesinde
Muhammet pygamberiň Allatagala bilen gepleşendäki aralyk.
Kadd — boý, syrat.
Kadyr Möwla — güýçli, gudratly, gurply, kuwwatly, ähli zada güýji ýetgujy
Alla.
Kahhar — güýçli gahar eden, ýok eden, gaharlanmak güýjüne eýe bolan —
Allatagalanyň sypatlarynyň biri.
Kaknus — mifiki guşuň ady. Rowaýata görä, oda köýüp, heläk bolýarmyş.
75
Kamat — boý, göwre, syrat, sypat, beden gurluşy.
Kamkam — 1. Uly pyçak. 2. Deňiz. 3. Möhüm we uly iş. 4. Jomart adam,
taýpa başlygy. 5. Bir gylyjyň ady.
Karkaýyl — köne düşünjelere görä, derýalaryň eýesiniň ady.
Kaşşak — garyp, pukara.
Katgy-nazar — seretmezden, garamazdan.
Katra — damja. Katra-katra — damja-damja.
Katran — 1. Patyşanyň ady, «Zeýnelarap» dessanynyň gahrymanlarynyň biri.
Kaýda — nirede, haýsy ýerde.
Kaýsary-Salar — musulman Gündogarynyň edebiýatynda Rim we Wizantiýa
imperatorlarynyň tituly; sezar (kesar).
Kaýsy — «haýsy» sözüniň gadymy görnüşi; «nähili?», «neneňsi?» diýen sorag
aňladýan çalyşma.
Keduret — 1. Garalyk. 2. Gaýgy-gam; näsazlyk.
Kelemeýi-şahadat — güwä geçmeklik sözi. Eşhedu-en-lä-ilähe illallah we
eşhedu-enne Muhammeden abduhu we rasuluh—Alladan başga Hudaýyň
ýokdugyna we Muhammediň Allanyň guly we ilçisidigine şaýatlyk edýärin.
Keman — 1. Ýaý, ok atýan sowuk ýarag. 2. Ýaýa meňzeş atlar, meselem gaş.
Keman ebru — sop. Müridiň öz aýyby sebäpli derejesiniň aşak düşmegi we
soňra yhlasy, gaýraty bilen gaýtadan öňki makamyna ýagny derejesine
gelmegi. a) aşygyň uly joşgy bilen kynçylyklara sezewar bolmagy.
Kemer — 1. Bil, guşaklyk, guşak. 2. Dagyň ýapgydy.
Kerbela — Yrakda bir şäheriň ady Kerbela çöli — horluk-suwsuzlyk çöli,
azap meýdany. Ymam Hüseýniň ölen ýeri.
Kerdar — edilen iş, iş, amal, etmiş.
Kerem — 1. Sahylyk, jomartlyk, elaçyklyk, gysganmazlyk, aýamazlyk. 2.
Asyllylyk, rehimdarlyk, dözümsizlik, akýüreklilik.
Kerk — şahburun (nosorog).
Kerm — gurt, gurçuk. Kermi-belaga — bela bolup inen gurçuk.
Kerrar — 1. Öwrülýän, dönýän, jöwlan urýan, aýlanýan. 2. Hüjüm ediji,
hemle urujy, dönüp-dönüp hüjüm edýän. 3. Hezreti Alynyň lakamlarynyň biri.
Çünki ol söweşde duşmana gorkusyz-ürküsiz gaýta-gaýta, dönüp-dönüp hüjüm
eder eken, hiç bir zatdan endişe etmez eken.
Kerremallahu wejhehu — Allatagala onuň ýüzüni nurlandyrsyn.
Kesapat — 1. Hapa, kir. 2. Gür, ýygy. 3. Zyýan.
Keşan — künde, zynjyr, aýaklary baglamak üçin ulanylýan agyr zynjyr.
Keşt — gezelenç, syýahat. Keşt etmek — gezmek, syýahat etmek, gezelenç
etmek.
Kette ner — uly iner. gm gaýduwsyz, batyr.
Käm — 1. Agyz. 2. Meýil, isleg, islenýän, arzuw edilýän zat, erk, maksat.
76
Kämiran — maksadyna ýeten, arzuwy hasyl bolan, bagtly.
Kän — magdan, gazylyp alynýan ýer.
Käsedar — saky, şerbet we şerap guýujy.
Kibi — ýaly.
Kimýa — himiýa.
Kipaýat — 1. Kömek, haýyr, goldaw, ýardam. 2. Zehinlilik, başarjaňlyk.
Köşki-rowak — töweregi açyk eýwanly köşk.
Kowum-akraba — garyndaş, ýakyn adam.
Kowus — 1. Ýardam, kömek, medet. 2. Şyh Abdylkadyr Gilany (1166-njy
ýylda ölen). «El-Kowsal-agzam» ady bilen meşhur bolan uly mistik pir.
Koý — goýun, dowar.
Kuhy-hamun— tekizlenen dag, ýykylan dag.
Kurb — 1. Ýakynlyk. 2. Baýlyk, barlylyk. 3. Sop. Allatagalanyň tagatybadatyna ýakyn bolmak.
Küfr — kapyrlyk, dine ynanmazlyk. Kufr ähli — kapyr halky.
Külli — ähli, hemme, her bir zat. Külli-mahlukat— ähli ýaradylan zatlar.
Külpet — 1. Görgi, azap, kynçylyk, muşakgat, zähmet, derdeser, biderek
zähmet, argynlyk. 2. Gyrnak, çory, hyzmatçy aýal
Külpetzede — ezýet çekýän, azap görýän.
Kürsi neşin — 1. Tagtda oturan patyşa. 2. Häkim. 3. Metjitde wagyz aýdýan
adamyň oturýan ýeri.
Kütah — gysga, kelte. Dili kütah— dili gysga.
Kyblagäh — 1. Daýanç, direg, arka, arkadaýanç, goragçy. 2. Kaka – ata. 3.
Hoşniýetli.
Kyl-u kal — galmagal, gykylyk, garyşyk gürrüň, gybat.
Kysmat — 1. Bölek, paý. 2. Ýazgyt, täleý, ykbal, maňlaý.
Kyýas — 1.Ýardam, kömek, kömege gelýän, dada ýetişýän. 2. Sopularyň uly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen - 5
  • Parts
  • Baba Röwşen - 1
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1758
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 2
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1742
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 3
    Total number of words is 3920
    Total number of unique words is 1753
    22.1 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 4
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2274
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 5
    Total number of words is 3066
    Total number of unique words is 2103
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.