Latin

Baba Röwşen - 5

Total number of words is 3066
Total number of unique words is 2103
23.6 of words are in the 2000 most common words
37.3 of words are in the 5000 most common words
45.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
piri bolan kutubul-aktabyň sag we sol tarapynda bolýan iki şahsyýetiň biri.
L
Lagl — gyzyl renkli gymmatbaha daş.
Lagnat — nälet, gargyş, käýinç.
Lahza — 1. Az salym, az pursat, göz açyp ýumasy salym. 2. Nazar, garaýyş,
bakyş, gözleýiş.
Lat-Menat — yslamdan öňki butparaz araplarynyň çokunan butlary.
Lazym — 1. Gerek, zerur, gerekli. 2. Musulmançylykda edilmegi hökmany
hasaplanylýan iş.
Lejam — uýan, owsar, agyzzyryk.
77
Lek — 1. Biderek söz, samrama. 2. Sypat bolup gelende: akmak, pes,
gysganç. 3. Hindi sözünden: ýüz müň, her bir zadyň ýüz müň sanysy. Lek-lek
— ýüz müň- ýüz müň. Gm. topar-topar.
Leňňer — labyr (ýakor).
Lerzana — titreýän; titreme gymyldaýan; gymyldama.
Leşger — 1. Esger. 2. Goşun, orda.
Leziz — lezzetli, tagamly, datly, süýji, şirin.
Lä-ilähe illallah Muhammedur-rasulullah — Alladan başga Hudaý ýokdur.
Muhammet Allanyň rasulydyr.
Läş — meýit, jeset.
Lowh — 1. Tagta, daş, ýüzüne hat ýazmak üçin ulanylýan tagta. 2. Gm.
Allatagala tarapyndan ýazgyt ýazylan tagta; köplenç «lowh-u galam» şeklinde
ulanylýar.
Löwläk — eger sen bolmasaň. Hylgaty löwläk — sen bolmadyk bolsaň,
ýaratmazdy. Bu ýerde «Löwläke löwläke lemä halaktul-efläk» diýen kutsy
hadys ýatlanylýar. Onuň manysy: «Eger sen bolmadyk bolsaň, elbetde, ýeriasmany ýaratmazdym».
Lunda-lunda bolmak — bölek-bölek bolmak.
Lutf (Lutp) — 1. Rehimdarlyk, mähribanlyk, merhemetlilik, ýakymlylyk,
ýürekdeşlik. 2. Näziklik, gözellik, ajaýyplyk. Lutp eýle — rehim etmek;
kömek etmek; ýagşylyk etmek.
Lut — pygymberleriň biri; Ybraýym pygamberiň ýegeni. Lutuň häkimlik
edýän şäheriniň adamlary azgynlyk edeni üçin, ol şäheri ýer ýuwudypdyr.
M
Maglum — mälim, äşgär.
Magraç — gök, asman, basgançak, beýik, dokuzynjy pelek.
Magrypat — ylym, bilim.
Magrypdan maşryga — günbatardan gündogara tarap.
Magşar — 1. Sorag edilýän gün. 2. Kyýamat, ahyret.
Mah — aý (wagt), Aý (planeta).
Mah lyka — Aý ýaly, Aý kimin, Aý dek, gözel görkli.
Mahal — wagt, pursat.
Mahlukat — döredilen, ýaradylan (adamzat we haýwanlar).
Mah-u sal — aý we ýyl.
Maksud — maksat, myrat, isleg.
Mar — ýylan.
Mat bolmak — 1. Basylmak, ýeňilmek, ölmek. 1. Mat etmek–– öldürmek.
Matam — ýas, ýas tutma.
Maýyl eýlemek — meýil, meýil ediji; haýran, ýesir ediji.
78
Mazlum — ezilen, horlanan, zulum çekýän.
Medetkär — kömekçi, goldaýjy.
Medine — Saut Arabystan Patyşalygyndaky şäheriň ady.
Mejlis — meýlis, oturylyşyk.
Mekin-u mekan — berk, mäkäm, mäkäm ýer.
Melal — gaýgy, gam, gussa, tukatlyk.
Melamat — käýinç, gyjalat, igenç, iňirdi, teýene.
Melaýyk (bs. melek) — perişdeler.
Melul bolmak — gaýgyly, gamly, hapa bolmak.
Memleket — yurt, ülke, Watan.
Menzil (ks. menazil) — belli bir aralyk düşelge, gonalga.
Menzilhana — düşelge.
Merdi-meýdan — batyr, edermen, gaýratly, gujurly.
Mergup — söýgüli, islegli, geçginli (haryt).
Merhemet — rehimdarlyk, ýuka ýüreklilik, dözmezlik.
Mägwa (määwa) —- ýer, mesgen.
Mährap — metjitde ymamyň durup namaz okaýan ýeri.
Mährem — dost, ýakyn syrdaş.
Mälik Aždar — Mälik ibn Harys Nahaýy. Onuň lakamy Eşteridir. Hezret
Alynyň ýaranlarynyň biri, arap şahyry we serkerdesi. 37-nji hijri (657-658)
ýylynda hezret Aly tarapyndan Müsüriň häkimligine bellenýär. Emma Müsüre
baryp ýetmänkä, oňa zäher berip öldürýärler.
Mest — serhoş.
Mezheb — gidilýän ýol, tutulýan ýol.
Miftah — açar.
Mihter — uly, beýik.
Mikaýyl — adamlaryň gündelik iýmitini ýetirýän perişdelerin biri.
Mirgazap — jellat, jezany ýerine ýetiriji.
Misgin — 1. Biçäre, garyp, gedaý. 2. Gm. Derwüş.
Misli — ýaly, kimin, dek.
Mizan — 1. Ölçeg, agram, mukdar, terezi, ululyk, dereje. 3. Eýranyň şemsi
ýyl hasabynyň, ýedinji aýy (güýzüň başky aýy). 4. Ahyretde adamlaryň günäsi
we sogap işleri çekiljek terezi.
Mugalla — beýik, belent, ýokary. Çarhy-mugalla — beýik çarh, asman, gök,
pelek.
Mugjyza — pygamberlere berilýän adatdan daşary güýç, geň, täsin, ajaýyp.
Muhammes — bäş setirli, on dört, on bäş bogunly şygyr formasy.
Muhaýýa — taýýar.
Muhlys — yhlas ediji, dogruçyl, tüýs ýürekden berlen.
Mukaddam — öň, öňden, bar zatdan öň.
79
Mumyýa — bal eredilende galýan sary reňkli madda, ol gyzdyrylanda
ýumşaýar. Gm. ýumşak.
Munakgaş — nagyşlanan, bezelen, beslenen.
Munys — ysnyşan, ýoldaş, dost, gürrüňdeş.
Murtaza — 1. Saýlanan, saýlantgy. 2. Alynyň lakamy.
Musybet — gaýgy- alada, duýdansyz gelýän apat, kynçylyk.
Muşfyk— şypa beriji, kömek ediji, rehimli, mähriban, merhemetli.
Mübäriz — urşujy, söweşiji, söweşjeň.
Müberra — töhmetden günäsiz çykan, günäsizligi subut bolan, päk, arassa.
Müflis — garyp, ejiz, biçäre.
Mühterem — hormatly.
Mükerrem — hormatly, keramatly.
Mülk — 1. Eýelik edilýän zat. 2. Ýurt, ülke.
Mürze — 1. Kätip. 2. Şazada. 3. Sowatly adamyň tituly.
Mydar — güzeran, ýaşaýyş, gün geçirme, töweregine aýlanýan nokat.
Myh — çüý.
Mynajat — 1. Doga. 2. Ýalbaryp, Hudaýa nalyş etme.
Mynapyk — iki ýüzli, ýaranjaň, şugul, ara bozujy.
Mysapyr — 1. Ýolagçy, syýahatçy. 2. Pakyr, biçäre, goldawsyz.
N
Nabut (näbut) kylmak — ýok etmek, ýoklamak.
Nagra — çirkin ses, gykylyk, gopgun.
Nagt — 1. Bar, bar bolan zat. 2. Sap, halys. 3. Gymmat baha zatlar. 4. Taýýar.
5. Häzir öwgi, taryp, waspnama, waspyny etme.
Naka — düýe, maýa, inen düýe. Nakatulla — Allanyň bagş eden düýesi. Bu
ýerde Salyh pygamberiň daşdan çykaran düýesi baradaky rowaýat göz öňünde
tutulýar.
Nakylany — gürrüňçiler, hekaýatçylar.
Nam — at, ism. Ba namy-Allatagala — Allatagalanyň ady bilen.
Nam-u nyşana — dereksiz, atsyz-sorsuz, gördüm-bildimsiz.
Namy-Alla — Allanyň ady.
Nar — 1. Ot, ýalyn. 2. Bot. Nar (enar). 3. Gm. Ganly ýaş. 4. Dowzah ody.
5.Tagma.
Nazar — göz, göreç, oý, pikir, garaýyş.
Nebi — pygamber.
Nebsi-şeýtan — şeýtanyň meýli.
Nehaýat — tükeniksiz.
Nehý — gadagan, gadagan zatlar, halanmaýan, terk edilen zatlar.
Nejasat — tezek, hapa.
80
Nemaýan etmek — görkezmek, äşgär etmek.
Nemerse — zat, pul, haryt, aklyk we ş. m.
Nägäh — 1. Tötänden, duýdansyz, garaşylmadyk ýerden, 2. Bimahal,
ýerliksiz.
Näheň — uly, ullakan, ägirt uly.
Nähr — derýa.
Nik — ýagşy, gowy, oňat. Nik kerdar — ýagşy işleri edýän, oňat gylykhäsiýetli, güler ýüzli.
Nisar — 1. Gurban, pida. 2. Saçma, pytratma, aýak astyna taşlama.
Nogsan — kemçilik, zyýan.
Nowaz — 1. Saz, owaz. 2. Baýlyk, peýda, haýyr.
Nowazyş — söýgi, mähir, süýji söz, mylaýymlyk, sypaýylyk, gadyrdanlyk,
güler ýüzlülik, mähribanlyk, hoşamaýlyk, ýagşylyk, hoşniýetlik.
Nowşirwan (Anuşirwan) — sasanylar dinastiýasyndan bolan Eýran şasy
Hysrow birinjiniň (531-579) lakamy. Bu patyşa däp boýunça adalatlylygyň
idealy hökmünde suratlandyrylypdyr. Gündogar hronologlary onuň adyny
«adyl» («adalatly») epiteti bilen tutýarlar.
Nugman — 1.Ymam Agzamyň doly ady Abu Hanyfa Nugman ibn Sabyt. 2.
Hyra patşalaryndan bolan Nugman ibn Emr-ul Kaýs Amr Lahmy 403- nji
ýylda tagta çykýar. 3. Nugman ibn Munzyr 592- nji ýylda Nowşirwanyň
tabşyrygy bilen emirlik derejesine ýetýär.
Nuh — rowaýatlara görä, Nuh pygamber agaç ussaçylygy bilen meşgul
bolupdyr. Adamlar onuň çagyryşlaryna gulak asmanlygy üçin, Taňrynyň
buýrugy bilen gije-gündiz ýagyş ýagyp, dünýäni sil alýar. Nuh özüniň ýasan
gämisine öz maşgalasyny, her hili haýwanlaryň bir jübütini mündürip,
heläkçilikden aman galýar.
Nüktedan — gepe çeper, dilewar, belet, inçe tärlere çenli bilýän, nokatmanokat bilýän, jikme-jik bilýän, paýhasly, parasatly, ýiti adam.
Nur — ýagtylyk, yşyk, şöhle, ýalkym, parlaklyk, güneş, aýdyňlyk . Nuryhüweýda — äşgär nur, nury-sapa — sapaly nur.
Nyşana — 1. Alamat, belgi, bellik, ýadygärlik. 2. Maksat, ok atmak üçin
goýulýan belgi.
O
Omar — Omar 581/591-nji ýylda Mekgede eneden bolýar. Abu Bekir ölenden
soň 634-nji ýylda musulman jemagatyna baştutan bolan, hasap boýunça ikinji
halyf. Ol 644-nji ýyla çenli halyflyk edipdir. Dört çaryýaryň biri.
Osman — Osman (Usman) ibn al-Affan — üçünji halyf. Ol 644-656-njy
ýyllar aralygynda halyflyk edýär. Dört çaryýaryň biri. Muhammet
aleýhissalamyň gyzy Rukaýýanyň ýoldaşy. Ol aýal ýogalansoň, pygamberiň
81
beýleki gyzy Umm Gülsüme öýlenýär. Şol sebäpli ol Zun-Nuraýyn (Goşa
şamçyragyň eýesi) diýen hormatly lakama eýe bolýar. Osman pitneçiler
tarapyndan Medinede öz öýünde öldürilýär.
Oşol — şol, ol.
Owwal-ahyr — öňi-soňy.
Ö
Öhde — hötde, başarnyk. Hötdesinden gelmek. (çykmak)-hötde gelmek,
başarmak.
Öwlüýä — 1. Dostlar, kömekçiler. 2. Allatagala ýakyn adamlar, keramatly
adamlar.
Öwsap — wasyplar, öwgüler, taryplar.
P
Paç — bir ýurda getirilýän ýa-da başga welaýata äkidilýän harytlardan
alynýan salgyt, gümrük haky, hyraç, şonuň ýaly-da bir döwletiň bakna
ýurtlardan alýan salgydy. Paç almak.
Pakyr — garyp, ýoksul.
Para — gynalan, ezilep, dagan, tozan.
Parsah — 6 km barabar uzynlyk ölçegi.
Patma — Muhammet pygamberiň uly gyzy. Dört çaryýarlaryň iň soňkusy,
Muhammediň, doganoglany, Alynyň aýaly. Hasan bilen Hüseýiniň ejesi.
Paý — 1. Aýak, ynsanyň we haýwanyň beden agzalaryndan biri. 2. Ggadam;
3. Bir zadyň gyrasy we aşagy;
Paýyz — 1. Bolluk, nygmat, merhemet, peýda, nep. 2. Ylym, bilim.
Pazl — alym, dana, okumyş, bilimli.
Pelek — 1. Asman, gök. 2. Bagt, ykbal, täleý.
Pena — wagtlaýyn, hemişelik däl, ýok bolup gidýän, dini düşündirişe görä,
şu dünýä.
Perhat — Gündogarda giň ýaýran «Şirin—Perhat»
sýužetiniň baş
gahrymany.
Pertow salmak — nur saçmak, ýalkym salmak.
Perwa — alada, gorky, çekinme. Perwa kylmak —alada etmek.
Perwana — kebelek.
Perwaz — uçuş, uçma, joşgun. Perwaz eýlemek — uçmak.
Perýat — gykylyk, galmagal, çirkin ses, dat-bidat
Peýam — 1. Sargyt, habar, ýüzlenme. 2. Salam, salam haty.
Peýmana — 1. Ömür jamy, peýmanasy dolmak-ölmek, ömri tükenmek. 2. Ölçeg. 3. Şerap içilýän käse.
Peýşin — öýle.
Peýwest — 1. Baglanan, birikdirilen, ýapyşdyrylan. 2. Goşmaça hemra.
82
Pähliwan — pälwan.
Pişana — 1. Maňlaý, alyn; 2. Gm. Täleý, ykbal.
Pişwaz — garşylama, öňden çykma.
Posa — ogşama, öpme. Posa almak — öpmek, ogşamak.
Puşt — 1. Arka, ýagyrny. 2. Nesil, urug, asly gelip çykyşy, 3. Goraýjy, sakçy,
howandar, söýget, goldaw. 4. Bir zadyň daş ýüzi. 5. Horasanda bir şäher ady.
Puşty-penah — arka-daýanç, goraýjy, daýanç, direg.
Pür zor — güýçli, kuwwatly.
Pyrak — aýralyk, jyda düşme.
R
Rafyk — ýoldaş, gürrüňdeş.
Rah — 1. Ýol, ýoda. 2. Ugur, ýörelge.
Rahnema — ýol görkeziji, ýolbaşçy, ýol salgy beriji. Rahnemun — ýolbaşçy,
ýol görkeziji.
Rakyp — 1. Bäsdeş. 2. Keseki, bigäne, ýat. 3. Duşman, ýow, ýagy.
Rast — 1. göni, dogry. 2. çyn.
Rawy (ks. rawyýan) — gürrüňçi, rowaýatçy, rowaýat aýdyjy. Rawyýanyahbar— rowaýatçylaryň habar bermegi.
Raz — syr.
Rebbena — biziň Rebbimiz, eý Allamyz!
Refref — at, bedew.
Rehber — ýolbaşçy. baştutan, ýol görkeziji.
Rehmet — rehimlilik, merhemetlilik, mähirlilik, günäsini geçiş.
Renj — 1. Zähmet, jan çekme. 2. Kynçylyk, alada, azap, derdeser.
Repbil-Jelil — Beýik Alla.
Reşid — 1. Dogry ýola düşen. 2. Batyr, edermen.
Rişte — 1. Bag, ýüp, tanap, tap, eriş, ýüplük, sapak. 2. Göni hatarlar, tor. 3.
Bir zadyň ulgamy (gum, dag, baýyr). 4. Kültem (pikir, waka we ş. m.). 5.
Rişme, nogta, uýan, kelleki. 6. Unaş. 7. Pudaklaýyn (iş, kärhana we ş. m.).
Rowan — ugrama, ýöreme, gitme.
Rowaýat — 1. Gürrüň. 2. Wakany düşündirmeklik, halk arasynda agza düşen
söz.
Rownak— 1. Ýaldyrawuk. 2. Görklülik. 3. Ýörgürlik, ötgürlik.
Roýy-syýah — ýüzügara.
Roza — agzyňy beklemek; oraza.
Roz (Ruz) — 1. Gün, gündiz. 2. Wagt, zaman. Rozy-kyýamat — kyýamat
güni.Rozy-mizan — mizan güni, ahyret güni.
Ruhy-päk — Muhammet alaýhyssalam.
83
Rüstem — Zalyň ogly, ep-esli bölegi türkmenlere assimilleşip giden saklaryň
pälwany, Firdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gahrymany. Gündogar
halklarynyň folklorynda we edebiýatynda batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň,
edermenligiň simwoly hasaplanýar.
Rüstemi-Dessan — Dessanyň, ýagny Zalyň ogly Rüstem.
Ryza — 1. Musa Käzimiň ogly Abulhasan Aly şaýylaryň sekizinji ymamy
770- nji ýylda Medinede eneden bolýar. Aly ibn Musanyň lakamy «Ryzadyr».
Onuň ady gysgaldylyp, «Ymam Ryza» ýa-da «Ymam aly ibn Musa-Ryza»
diýlip tutulýar. 2. Razylyk, ylalaşyk.
S
Saba — 1. Daň, ertir ir bilen, daň wagty. 2. Ýakymly şemal, salkyn ýel,
mylaýym şemal.
Sadyk — wepadar, dogruçyl, päk, hakyky, tüýs, berlen.
Sagadat — bagt, bagtlylyk.
Sagdy Wakgas — Muhammet pygamberiň ýaranlaryndan hem-de yslamyň
meşhur we batyr serdarlaryndan biri. Gündogar edebiýatynda elaçyk, sahy,
jomart adamyň simwoly hökmünde tanalýar.
Sagý — 1. Tagalla, çalyşma, jan çekme. 2. Iş, iş etme 3. Ylgamak (haja
degişli).
Sahaba — Muhammet pygamberi gören onuň ýaranlary we egindeşleri.
Sahyp — 1. Eýe, hojaýyn. 2. Ýokary wezipedäki şahs. 3. Dost, ýar. Sahyptämiz — tämizlik eýesi.
Sahypkyran — 1. Bagtly, öňişli, sähetli gün doglan. 2. Eýran patyşalarynyň
epiteti — ýyldyzlaryň biri-birine gabat gelýän wagtynda doglan.
Saky — 1. Meýlisde käselere şerap guýup paýlaýan adam. 2. Suw paýlaýan,
suw berýän. Sakyýy-Köwser — köwser sakçysy, jennet çeşmesiniň suwuny
paýlaýan.
Salamat — 1. Sag, saglyk, her kemçilikden, aýypdan we nähoşlukdan päklik.
2. Howpsuzlyk. 3. Gutulma, halas bolma.
Salawat — Muhammet alaýhyssalama we onuň maşgalasyna edilýän doga.
Sallallahy alaýhy wesellem — Muhammet pygamberiň ady tutulandan soň
aýdylýar. Hudaý ony şöhratlandyrsyn we oňa rahatlyk bersin.
Salyh — Gurhanda ady geçýän pygamberleriň biriniň ady.
Samsam — kesgir gylyç, ýiti gylyç; egrelmeýän gylyç.
Sarsaýyl — köne düşünjelere görä, Ýeriň eýesiniň ady. Derýalaryň eýesiniň
ady bolsa Karkaýyldyr.
Saýawan — 1. Elde göterilýän saýawan. 2. Bassyrma, telär, gapylaryň
üstünde artdyrylýan kölegelik.
Saýyl — dilegçi.
84
Seda — ses, owaz.
Seddi-rah — ýoluň böwedi, päsgelçilik, päsgelçilik zolagy, barýer.
Selman — Selman Parsy. Muhammet pygamberiň iň ýakyn sahabalaryndan
biri.
Sema — asman, gök, pelek. Arzy-sema — Ýer we gök, ýer we asman.
Semer — 1. Miwe, hasyl, iýmit. 2. Agşam, oturylyşyk agşamy, agşamky
gürrüň. 3.Gije garaňkylygy. 4. Netije.
Seňgi-hara — daş, daşyň bir görnüşi, granit.
Serasym — haýran, aljyraňňy, özüni ýitirmeklik.
Serçeşme — çeşmäniň gözbaşy, gözbaş.
Serenjam — 1. Ahyr, soň, gutaryş. 2. Tertip, düzgün.
Sergeşte — sergezdan, ykmanda, başy çaşan, ugruny ýitiren.
Sermaýa — özen, esas, düýp .
Serwer — serdar, başlyk, ýolbaşçy, görnükli şahsyýet, baştutan, aga, eýe,
jenap.
Serw — uzyn boýly owadan agaç. Serwi- näz — owadan, görmegeý, gözel.
Serwi-kaddy — boýy serwi agajy ýaly dim-dik we uzyn.
Setdar-uýup — aýyplary örtüji, kemçilikleri ýapyjy, Alla, Taňry, Hudaý.
Seýr — seýil, gezme, tomaşa etme, gezelenç etme, aýlanma, syýahat etme.
Sezewar — 1. Mynasyp, laýyk. 2. Uçrama, duçar bolma.
Sidretil-muntaha — behiştde ýa-da ýedinji gat asmanda bolan bir agaç.
Sim-u zer — kümüş we gyzyl.
Soltanat — häkimiýet, hökümdarlyk.
Sorak (surag) — yz.
Söwda — 1. Alyş-beriş. 2. Gm. Waka, derdeser, hyýal, söýgi.
Subh-u şam — ertir-agşam, gije-gündiz.
Sud — 1. Nep, peýda, haýyr. 2. Gazanç, girdeji.
Sunmak — bermek; uzatmak, hödürlemek.
Suwara — atly, ulagly.
Suýy-sema — göge tarap, asmana tarap.
Süleýman (Solomon) — b. e. öň 965-928-nji ýyllarda Ysraýyl-Ýehudy
patyşalygynyň şasy. Dawudyň ogly. Pygamberleriň biri. Ol ähli janly-jandaryň
patyşasy bolup, olaryň diline hem düşünipdir.
Sünnet — Muhammet pygamberiň sözleri we işleri, eýerilýän ýol.
Süreýi-«Hel eta» — Gurhanyň 88-nji «Gaşyýe» süresiniň ilkinji aýatynyň
başky sözi.
Syddyk — 1. Dogruçyl, wepadar. 2. Abu Bekiriň ady.
Sydky— dogruçyllyk, ynanç, çyn, hakykat, päk ýüreklilik. Sydky-dil — çyn
ýürekden, çyndan, örän, yhlasly.
Syhr— jady, jadylamak, hile etmek, jadygöýlük etmek.
85
Sylah — ýarag.
Syna — 1. Gursak, kükrek, göwüs. 2. Ýürek. Synaýy-çäk — ýaraly syna.
Syndyrmak — döwmek, bozmak, dänmek.
Sypahsa — serkerde.
Sypat — 1. Sypat. 2. Häsiýet. 3. Keşp, daş görnüş.
Syrat — ahlak, bir adamyň ruhy haly, gylyk-häsiýet.
Syrry-nahan— gizlin syrlar. Ser.Syrry-pynhan— gizlin syrlar.
Syýah — gara.
Ş
Şafkat — rehim, nebis agyrma.
Şahana lybas — şalara mynasyp egin-eşik.
Şahy-älem — älem şasy.
Şahymerdan — 1. Mertler şasy, adamlar şasy. 2. Alynyň ady.
Şahynşah — şalaryň şasy.
Şam-u säher — gije-gündiz, ertir-agşam.
Şaýet — belki, ähtimal, mümkin.
Şemgun — Isa pygamberiň ýaranlarynyň biriniň ady.
Şemi-göwher — göwher şemi. Muhammet pygamber.
Şems — gün. Şemsi-zyýa — günüň ýagtylygy.
Şemşir — gylyç.
Şepagat — biriniň etmişini geçirtmek üçin ara düşmeklik, goraýjylyk,
araçylyk, haýyş, towakga.
Şeraban tahur — (olara) arassa şerbet berer. Gurhanyň 76-njy süresiniň 21nji aýatyndan.
Şerapat — 1. Abraý, hormat. 2. Ululyk, mertebe, dereje.
Şerbet — miwäniň suwundan edilýän süýji içgi.
Şergi-ehkam — şerigatyň düzgüni, kanuny.
Şähr — şäher.
Şähriýar — patyşa, hökümdar, hojaýyn.
Şikwe — şikaýat, zeýrenmek.
Şir endam — şir beden.
Şiri-Derga — Dergähiň şiri, Allanyň arslany. Şiri-Jepbar — Allanyň şiri.
Şiri-žiýan — arlap duran arslan, kükräp duran şir, ýyrtyjy ýolbars, gorkunç
ýolbars.
Şiş — pygamberiň ady.
Şöwket — ululyk, haşamatlylyk, dabara, mertebe.
Şugaýb — pygamberleriň biri. Ol örän hoş owaz we dilewar bolupdyr. Musa
pygamber onuň gyzy Sefurany bilen durmuş gurupdyr.
Şujagat — batyrlyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik.
86
Şükri-lilla — şükür Alla üçindir.
Şundag — şeýle, şunuň ýaly.
Şuryş — gowga, gozgalaň, tolkun, joşgun.
T
Tabyg — boýun egdirmek, tabyn etmek, boýun sundurmak.
Tagajjup — geň galma, haýran galma.
Tagat-ybadat — 1. Tabyn bolma, boýun egme. 2. Namaz okap hem-de dürli
dini kada-kanunlary ýerine ýetirip, Hudaýa gulluk etme.
Taglym (tälim) — öwrenme, öwretme, okatma. Taglym bermek — öwretmek,
sapak bermek, tälim bermek.
Tagrypat — taryplar, öwgüler.
Tagzym — towazyg kylmak — hormatlamak, kiçigöwünlilik, baş egmek.
Tahammul — çydama, kynçylyga döz gelme, takat etme. Tahammyl kylmak
— sabyr etme, takat etme, dözme , çydama, oňuşma.
Takdyr — kysmat, täleý, ýazgyt, maňlaý, ykbal. Takdyry-Huda — Hudaýyň
ýazgydy.
Taksym — şaýlama, paýlanyşyk. Taksym kylmak — bölüşmek, paýlaşmak,
tereke etmek (adam ölende, ondan galan baýlykdan, emläkden, degerli
adamlara ýetdik hakyny bölüp berme).
Talyp — 1. Isleýän, talap edýän, jan çekýän, gözleýän. 2. Okuwçy, talyp.
Tamalluk — ýaranjaňlyk, ýallaklamaklyk, ýaramsaklyk, ýalynjaňlyk.
Tamam — hemme, bütin, gutarnykly, tutuş, soňy.
Tarahhum — rehim etmek, ýürek awlamak, haýpyň gelmek.
Taryk — ýol, ýörelge, ýoda.
Taryp — taryp, öwgi. Taryp-u towsyp — taryp we öwgi.
Tasadduk — sadaka berme, gurban etme, haýyr etme, hudaý ýoly.
Tasma — inçe, uzyn edilip gyýlan ham, gaýyş.
Teberzin — derwüşleriň ýarym aý şekilli paltasy, (asyl manysy «eýerden
asylýan palta» diýmekdir.)
Tekellüm — söz, sözleýiş, gepleýiş, gürrüň.
Tekýe — daýanç, söýeg.
Temenna eýlemek — towakga, haýyş etmek.
Temmet — soňy.
Tenha — ýeke, täk, bir.
Terzi — 1. Tär, usul. 2. Şekil, gylyk. 3. Hil. 4. Hyrsyz, rehimsiz, agyr, kyn.
Teşne — suwsuzlyk.
Tähsin — sag bolsun aýtma, berekella diýmeklik, makullama, öwme,
magtama.
Tokuş — giňişlik.
87
Towazzyg — kiçi göwünlilik, özüňi kiçi tutmaklyk.
Töwekgel — tama, ynam, umyt.
Töwella — ýalbarma, haýyş, dost tutma.
Töwellüt — dogulan, dogma.
Tufaýl — 1. Çagyrylmadyk myhman, parazit. 2. Zerarly, arkaly, üsti bilen.
Tur — Sina ýarymadasynda bir dagyň ady.
Türpe — ajap, täsin.
Tymsal — 1. mysal, nusga, nemuna. 2. heýkel, surat, şekil.
U
Uftada — ejiz düşen, hor düşen biçäre galan, ýalňyz.
Uhut — Medinäniň golaýyndaky bir dagyň ady.
Usýan — 1. Günä, ýazyk. 2. Joşgun.
Uzrhah — ötünç soraýan, günäni geçmegi haýyş edýän.
W
Wa eýlemek — açmak, ýazdyrmak, boşatmak.
Wajyp — hökmany ýerine ýetirilmeli zat. Wajyp el-wujud — barlyk üçin
hökmany (Hudaý).
Wahyt — bir, ýeke täk, Alla.
Wallahu aglam bis-sowap — dogrusyny Alla bilýär.
Wamyk — Uzra — «Wamyk — Uzra» dessanynyň baş gahrymanlarynyň
ady.
Wasl — gowuşma, duşma, birikme.
Waweýleta — (ümlük) haýp, arman, wah!
Wazzuha — 1. Aýdyň, açyk, nurly. 2. Anyk, şübhesiz, ikuçsyz. 3. Daň
ýyldyzy, Gurhany Kerimiň 93-nji süresi
Wehm — gorky, heder, howply.
Welez-zallyn — «gazabyňa uçranlaryň we azaşanlaryň ýoluna gönükdirme».
Fatyha (Alham) süresiniň soňy aýatyndan bölek.
Widag — hoşlaşmak.
Y
Ybadat — Allatagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek we Oňa gulluk etmek.
Ybraýym — Gurhanda ady geçýän pygamber bolup, Halyl lakamly ýagny
«Allanyň dosty». Ogly Ysmaýyl bilen ol Mekgede Käbäni bina edýär.
Butparazlyga garşy hereket edeni we buthanadaky butlary döweni üçin,
Babyl (Wawilon) hökümdary Nemrut birinji Ybraýymy oda taşlaýar. Emma ot
ony ýakman, gaýtam bir gülzarlyga öwürýär.
Ygtykat — ynanç, ynam, uýma, dine tüýs ýürekden berilme.
88
Yhtyýat — ätiýaç, habardar bolmaklyk.
Ylgar — öňdäki, hüjüm edýän.
Ylm-u kemalat — ylym taýdan kemal tapan, ýetişen.
Ylmy-hal — Hudaýy tanamak ylmy, yşk, ylmy, mistika. Ylmy-hal ylmy
Hudaýy tanamak we oňa birleşmek gepleşik arkaly däl-de, güýçli hyjuw we
tüýs ýürekden Alla berilmek arkaly mümkin bolýar.
Ylmy-kal — din, şerigat, akyl ýetirip bolýan zatlar hakyndaky ylym.
Ylýas — pygamberiň biri.
Ymam Hasan — Aly ibn Abu Talybyň Muhammet pygamberiň gyzy
Patmadan bolan ogly. 661-nji ýylda Aly öldürilenden soň, Hasan Yrakda halyf
diýlip yglan edilýär. Ömrüniň ahyrynda ol Yragy taşlap, Medinede ýaşamaga
mejbur bolupdyr. Ol 669-njy ýylda 45 ýaşynyň içinde Medinede aradan
çykypdyr (rowaýata görä zäherlenipdir). Şaýylar onuň ölümi üçin onuň
dawagäri Muawiýäni günäkärläpdirler we şepdip, Hasan «beýik ejir çekiji»
hasaplanypdyr.
Ymam Hüseýin — Aly ibn Abu Talybyň Muhammet pygamberiň gyzy
Patmadan bolan kiçi ogly. 680-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Kufa şäheriniň
ýerli hökümdary Hyjazdanyň nökerleri tarapyndan Kerbala çölünde öldürilýär.
Ymarat etmek — 1. Bina etmek, abat etmek, düzetmek. 2. Abat, jaý, öý,
bina.
Yns-u jyns — ynsan we jynlar.
Yrag — daş, uzak.
Yshak — Ybraýym pygamberiň ogly, Ýakubyň kakasy.
Ysmaýyl — pygamberiň biri.
Ysrapyl — dört perişdäniň biri, ol ahyrzaman bolanda, suruny (surnaýyny)
çalmaly. Suruň (surnaýynyň) sesini eşiden ähli ölüler direlmeli.
Ystyganat — kömek, ýardam, goldama;
Ystykbal kyl — garşylamak, öňünden çykmak.
Yşarat — üm, ümleme.
Ytap — azap, ejir.
Yzhar — görkezme, bildirme.
Yztyrap — aljyraňňylyk, tolgunmak, özüni ýitirmek, ýaýdanmak,
ikirjiňlenmek howsala, ynjalykdan gaçma.
Yzzat — sylag, hormat, şan.
Ý
Ýa — eý.
Ýa halaýyk — eý adamlar.
Ýa Kadyry-Jepbar — eý Kadyr Alla.
Ýa Rahman — eý Alla.
89
Ýa Wakyfy-Esrar — eý, gizlin zatlary, syrlary bilýän, Alla.
Ýahýa — Zekeriýa pygamberiň ogly. Ol hem pygamber.
Ýakup — Pygamberleriň biriniň ady. Yshak pygamberiň ogly, Ybraýym
pygamberiň agtygy, Ýusup pygamberiň kakasy.
Ýaňlyg — ýaly, kimin, dek.
Ýasawul — 1. Ýoly saklaýan atly. 2. Garawul, tertip-düzgüne seredýän,
serenjam beriji.
Ýegsan — deň, barabar, birmeňzeş.
Ýek dest — ýekelli.
Ýezdan — Alla, Taňry, Hudaý. Şiri-Ýezdan — Allanyň şiri, Taňrynyň
arslany. Hezreti Alynyň lakamy.
Ýunus — pygamberleriň biriniň ady.
Ýusup — Ýakup pygamberiň ogly. «Ýusup-Züleýha» sýužetiniň baş
gahrymany.
Z
Zag — 1. Gara. 2. Gök, mawy (göz hakda). Zag çeşm — gök göz.
Zahyr — 1. Daşky görnüş. 2. Mälim, äşgär, belli, aýan.
Zarp — urgy, güýç. Zarby-desti — güýç-kuwwat, el güýji.
Zary-girýan — 1. Aglaýan, eňreýän, gözýaş dökýän. 2. Ejiz, pahyr.
Zeberdest — 1. Ezber, ýeser, zor, başarjaň. 2. Pälwan.
Zekeriýa — pygamberleriň biri. Ol b. e. alty asyr ön ýaşap geçipdir. Şeýtanyň
aldamagy zerarly, duşmanyndan gaçyp, bir agajyň köwegine girip ýatyrka,
byçgy bilen ony kesipdirler.
Zemin — ýer, toprak, gum.
Zeňňi — garaýagyz adam.
Zer — altyn, gyzyl.
Zeragat — ýerleri ekişe taýýarlamak, ýerleşdirmek, bejermek.
Zerer — zyýan, päsgel, zelel.
Zerre — her bir zadyň iň ownuk bölejigi.
Zikri-Alla — Allanyň adyny ýat etme.
Zikri-sena — yzygiderli doga okama, şükür etme.
Zowk — 1. Höwes, hyjuw. 2. Keýp, hezillik, inçe duýgy.
Zulmat — garaňkylyk, tümlük.
Züljelal — Beýikleriň beýigi, Allatagalanyň ady.
Zülpükar — Alynyň meşhur gylyjynyň ady.
Züleyha — Müsür häkimi Ýusup pygamberiň aýaly. Bu rowaýat esasynda
Gündogar edebiýatynda ençeme hekaýa, poema, dessan ýazylypdyr. Şolaryň
biri hem XVII—XVIII asyr türkmen klassyk şahyry Nurmuhammet
Andalypdyr. Onuň «Ýusup — Züleýha» dessanynyň baş gahrymany.
90
Zürýat — bala-çagalar, perzentler, nebereler. Bu söz köplük sanda bolsa-da
türkmen dilinde birlik san şeklinde ulanylýar.
Zyban — dil, söz.
Zynat — bezeg, gözellik, owadanlyk.
Zynhar — 1. Ägä, seresap bolma. 2. Gaçybatalga, goranyş. 3. Häzir bol,
seresap bol, huşgär bol. 4. Dözmezlik, günä geçme, bagyşlama.
Zynjyry-nisbet — degişlilik zynjyry, nesil-daragt zynjyry.
Zyýada — artyk.
Zyýarat — tagzym etmek, baryp görmek.
91
NURMUHAMMET ANDALYP
Baba Röwşen
Çapa taýýarlan Rahymämmet Kürenow
Çap etmäge rugsat edildi 1.12.2010. Möçberi . Ofset kagyzy. Times New Roman garniturasy. Ofset çap ediliş usuly. Çap listi . Sany.
Sargyt №.
A-50084
.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň
Milli golýazmalar instituty.
744000,Aşgabat,Puşkin köçesi,13A.
92
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Baba Röwşen - 1
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1758
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 2
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1742
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 3
    Total number of words is 3920
    Total number of unique words is 1753
    22.1 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 4
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2274
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 5
    Total number of words is 3066
    Total number of unique words is 2103
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.