Latin

Baba Röwşen - 2

Total number of words is 3877
Total number of unique words is 1742
24.1 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
41.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bir zamanda niçik işler serenjam,
Ýedi asman goýdy maňa ýedi nam,
Asla özüm sahypkyran erer men.
– Göz açgynça kyldyň watany berbat,
Rastyň diýgil, eý-ä äleme ussat,
Beşer oglumy sen, ýa hut perizat,
Asla niçik belent perwaz erer sen?
– Haýbar hysaryny weýran kylyp men,
Kufr ähline şur-u gowga salyp men,
Murtaza men, ibni Abu Talyp men,
Asla özüm sahypkyran erer men.
18
– Röwşene eýlegil adyň müberra,
Ýüzüňde zahyrdyr nury-huweýda,
Ýa meger erer sen ol şiri-Derga,
Asla niçik belent perwaz erer sen?
– Adym Aly, arşy-agla jaýymdyr,
Gije-gündiz gaza haýry-haýymdyr,
Bawer et sözümi, Hak güwähimdir,
Asla özüm sahypkyran erer men.
Elkyssa, Baba Röwşen bilen Hezreti Aly bu sözi tamam kyldylar.
Ondan soň Baba Röwşeniň sellesiniň bir ujun mübärek boýunlaryna
baglap, ýene bir ujun Baba Röwşeniň goluna berdi. Ondan soň, Hezreti Aly
Baba Röwşene sözün taýynlap:
– Eý, Baba Röwşen, zynhar, meniň aýdan sözümden çykmagyl – diýip,
nesihat berip:
– Baba, meni gul diýip, bazara alyp bargyl. Meniň adyma Kaşamşam
goýgul, bahamy sorsalar, müň guluň bahasy diýgil – diýip, Baba Röwşene
garap, bir söz aýtdy:
Saňa, aýdaý ahy-zarym,
Sözüm kabul etgil, Baba.
Mundan özge ýokdur kärim,
Pehm eýläp eşitgil, Baba.
Bu işe ynansyn rakyp,
Hylwat eýle, her ýan bakyp,
Selläňi boýnuma dakyp,
Bir ujundan tutgul, Baba.
Habar sorsalar özüňden,
Dönmegil dogry sözüňden,
Men baraý seniň yzyňdan,
Ýola girip gitgil, Baba.
Ygtyýarymdyr goluňa,
Bakmagyl sag-u soluňa,
Başymy berdim ýoluňa.
Bu şähere satgyl, Baba.
19
Asana düşsün müşgiliň,
Tiz bahaga ýetsin goluň,
Eliňe nagt alyp puluň,
Tizräk mundan gaýtgyl, Baba.
Kaşamşam diý, sorsa adym,
Şoldur saňa, yhtyýadym,
Hasan, Hüseýin zürýadym,
Barsaň, salam aýtgyl, Baba.
Elkyssa, Baba Röwşen bu sözi eşidip, bu sözleri nälaç kabul kylyp,
sellesini Hezreti Alynyň boýnyna dakyp, bir ujundan tutup, Hezreti Alyny
idekläp, şähri-Berberiň gul bazaryna bardy. Bazar adamlary görüp, tomaşa
kylyp durdular. Hemme halaýyklar haýran boldular. Emma Baba Röwşeniň
guluna bir kişi hyrydar bolmady.
Bu şäheriň patyşasynyň adyna Mergup şa diýr erdiler. Emma oşol wagt
derhal şähri-Berberiň patyşasy Mergup şa habar geldi:
– Eý, şahy-älem, bazara bir gul gelipdir patyşa lazym gul eken. Baba
Röwşen şundag pälwan reşidi-mübäriz gul getirip, bazara salan ermiş – diýip,
taryp etdiler. Oşol wagt Mergup şa tagajjup bolup, bir ýasawul gönderip:
«Oşol pälwan guly alyp gelsin» diýdi.
Ýasawul gelip:
– Eý, Baba, saňa patyşa gelsin diýdi. Guly görer ermiş – diýdi.
Ondan soň Baba Röwşen guly idekläp, patyşa gaşyna alyp bardy. Patyşa
görüp, köp guwandy. Oşol wagt wezir-wekilleri, patyşanyň birniçe mähremleri
tomaşa kylyp, haýran boldular. Görerler kim, bir türpe gulam ermiş,
haýbatyndan ýer-u gök titräp durar.
Ondan soň Mergup şa:
– Eý, Baba Röwşen, bu ýigit seniň guluňmy? – diýdi.
Baba Röwşen:
– Beli, meniň gulumdyr – diýdi.
Emma Baba oňa:
– Başyma bir müşgil iş düşdi. Onuň üçin satarmen – diýdi.
Ondan soň Mergup şa:
– Ýa ýigit, sen şu Babanyň gulumy sen? – diýip sordy.
Onda Hezreti Aly:
– Beli, men şul Babanyň guly men – diýdi.
Mergup şanyň zowky gelip:
– Eý, Baba, guluň bahasyny aýtgyl – diýdi.
Baba Röwşen:
20
– Meniň bu gulumyň bahasy müň guluň bahasydyr – diýdi.
Onda Mergup şa:
– Eý, Baba, müň guluň bahasy diýr sen. Guluň ne hünäri bar? Seniň bu
guluň müň guluň hyzmatyn bitire bilermi? – diýdi.
Baba Röwşen:
– Meniň bu gulum dünýäniň gulunyň işin bitirer – diýdi.
Ondan soň Baba Röwşen guluny taryp edip, Mergup şa garap, bir gazal
okady:
Tagrypatyn beýan eýleý, ýaranlar,
Haka ýetgeý ah-u zary bu guluň.
Elinde ejizdir niçe pälwanlar,
Hemaýaty Biribary bu guluň.
Hakyň müň bir ady daýym dilinde,
Resulyň ýarydyr, Allaga bende,
Zülpükar elinde, sylahy tende,
Söweş erer daýym käri bu guluň.
Niçäniň müşgilin asan eýlegen,
Niçäni ýer bilen ýegsan eýlegen,
Niçe şäherleri weýran eýlegen,
Gazat erer daýym käri bu guluň.
Köňlüne jaý kylan zikri-Allany,
Bir gadamda gezer iki dünýäni,
Dagy daga urar, baglar derýany,
Şul erer şöwketi, zory bu guluň.
Nagra tartsa, ýykar dag-u daşlary,
Kast eýlese, tutar uçar guşlary,
Dünýäde bitirer müşgil işleri,
Gerdi-paýy göze däri bu guluň.
Dört gylyjy bardyr bilde ýaragy,
Münen argymagy jennet Byragy,
Sapar kylsa, ýakyn eýlär yragy,
Barmy munda hyrydary bu guluň?
Huda emri bilen bolar söwdasy,
21
Bu söwdaga bardyr Hakyň ryzasy,
Baba Röwşen diýer, özüm mürzesi,
Golumdadyr ygtyýary by guluň.
Elkyssa Baba Röwşen bu sözi tamam kyldy.
Ondan soň Mergup şa:
Eý, Baba Röwşen, seniň guluň bilen meniň üç şertim bar turar. Müşgil
işler turar. Eger şol üç şertimi bitirer men diýse, guluňy alar men. Şertimiň biri
oldur kim, biziň welaýatymyzda bir ulug derýa bar turar. Derýanyň suwy
zeragata köp nogsan kylar. Şol derýanyň başynda müň gul goýup men.
Öhdesinden çykmas. Asla şol derýany bagla bilmesler. Olara baş bolup
baglasa. Ýene biri ol turar, kim, biziň ýurdumyzda bir ulug aždarha bar turar.
Guýrugyndan başynaça on iki parsah ýol turar. Ol ýylan welaýatymy harap
kylar. Ony öldürse. Ýene biri ol turar, kim, Medine şäherinde Aly atly bir är
döräpdir. Şöhraty älemi tutupdyr. Ony öldürmeý, diri tutup getirse – diýdi.
Onda Kaşamşam:
– Şol üç şertiňi bitirermiz, inşa Allatagala – diýip, Hezreti Aly
Şahymerdan hemmesini kabul kyldy.
Ondan soň Mergup şa:
– Indi almak wajyp boldy – diýdi.
Ondan soň Mergup şa:
– Eý, Baba, guluň ady ne turar – diýdi.
Baba Röwşen:
– Guluň ady Kaşamşamdyr – diýdi.
Ondan soň Mergup şa Baba Röwşeni myhman kylyp, yzzat-u hormat
edip, niçe dürli tagamlar dartyp, niçe dürli serpaýlar, şahana lybaslar berip, daň
atandan soň, Baba Röwşeniň eline müň guluň bahasyny berip, rugsat berdi.
Baba Röwşen gider boldy. Erse, Hezreti Aly:
– Eý, şa, maňa jogap bergil, mürzämi ýola salyp uzadaýyn – diýdi. Şa
rugsat berdi.
Emma Hezreti Aly Baba Röwşene «Ismi-agzam» dogasyny taglym berip,
Baba Röwşeni ýola saldy we:
– Eý, Baba Röwşen, mundan aman-sag onda barsaň, Muhammet Mustapa,
ashaplara we meniň perzentlerime bizden salam diýgil – diýip, bir gazal
okady. Gazaly-Kaşamşam bu turar:
Mundan gider bolsaň, Baba,
Mustapaga salam diýgin.
Garyplara puşty-pena,
Rahnemaga salam diýgin.
22
Oňa gurban hassa janym,
Ýüzün görsem, ýok armanym,
Abu Bekr mähribanym,
Öwlüýäge salam diýgin.
Adalatda ol Nowşirwan,
Meýdana girse bir pälwan,
Omar atly sahypkyran,
Şahynşaha salam diýgin.
Özi sahyp magrypatly,
Hak ýolunda ybadatly,
Üçülenji Osman atly,
Ba haýaga salam diýgin.
Sözleri şekerden leziz,
Özleridir jandan eziz,
Hasan, Hüseýin – sahyp-tämiz,
Kerbelaga salam diýgin.
Şujagat bahryda känim,
Tapylmas dürri-galtanym,
Muhammet merdi-meýdanym,
Mah lykaga salam diýgin.
Dagy-daşy ýykar zarby,
Duşmanlara kylar harby,
Özi serdar Omar Kerbi,
Aly jaha salam diýgin.
Munda galsa ýalňyz başym,
Ýanymda ýokdur syrdaşym,
Mälik Aždar jeň ýoldaşym,
Aždarhaga salam diýgin.
Doga kylsynlar subh-u şam,
Ýok erer köňlümde aram,
Selman bile dostum Ahtam,
Kyblagähe salam diýgin.
23
Sagdy-Wakgas, emir Hemzäm,
Hakan Jenäbil mühterem,
Jabyr Apbas ogly Edhem,
Uzrhaha salam diýgin.
Dünýäde kylan hasylym,
Asan eder her müşgilim,
Gammar bile hem Düldülim,
Bibahaga salam diýgin.
Kaşamşam diýr, syna çäkim,
Munda galsa gabry-häkim,
Patma-Zähra jübti-päkim,
Ba wepaga salam diýgin.
Elkyssa, Hezreti Aly bu sözi tamam kylandan soň, Baba Röwşen Hezreti
Aly bilen widaglaşyp, jünäýberdi. Emma Hezreti Aly:
– Eý, Baba Röwşen, ýarym ýolgaça meniň adymy tutgul, ýarym ýoldan
soň Muhammet alaýhyssalamyň adyny tutgul – diýdi.
Ondan soň Baba Röwşen Medinä ýöriş kyldy. Her demde niçe dagdan,
niçe derýadan ötüp barar erdi. Her gadam basanda bir şäheri ötüp, alty gadam
basanda Medine şäheriniň garasy göründi. Emma Baba Röwşeniň wagty hoş
bolup, Hezreti Alyny taryp kylyp, onuň şanlaryna bu muhammesi okady.
Muhammesi-Baba Röwşen bu turar:
Ýedi ýaşda halk içinde şugla görkezen Aly,
Dest-u bazu birle daglar tagtyndan üzen Aly.
Zarp birle şähri-Haýbar galasyn bozan Aly,
Her gazada leşgeri-yslamy düzen Aly,
Haktagala şiridir arş üstünde gezen Aly.
Titrär erdi dag-u daş görse onuň heňňamyny,
Aňlady, tutdy gulaga Taňrynyň ylhamyny,
Erdi kamkam janrubasy, Zülpükar samsamyny,
Asly ady özgedir, goýdy Kaşamşam namyny,
Bir nepesde „Ismi-agzam” aýatyn bilen Aly.
Çaryýary-berhak erer hem pygambere damat,
Kylar erdi her uruşda Mustapa köňlüni şat,
24
Jümle ashaplar hemme Haýdara goýdy ygtykat,
Emr edip Kadyr Eýäm berdi oňa bir Düldül at,
Tohmy-kapyrny jahan eýwanyda gyran Aly.
Eýledi niçe jöhitleriň mekanyny harap,
Daýyma meşgul dogaga göwheri-päki-arap,
Howzy-Köwser şerbetinden, şaýet ol sungaý şerap,
Golyda gürzi teberzin, dilde eýläp yztyrap,
Çah düýbünde döw-periniň menzilin bozan Aly.
Ol Mukatyl Alkama Huşam ile Katranyny,
Hem Jenäbil niçe zeňňi birle ol hakanyny,
Kaýsary-Salar ile Kyrtas memleket hanyny,
Ýer bilen ýegsan ederdi birniçe pälwanyny,
Ymlak-u Salsal ile Antarny öldüren Aly.
Otuz üç müň leşgeri birle Muhammet Mustapa,
On sekiz ogly bilen atlar çapyp Şiri-Huda,
Her tarap haýbat kylyban Zülpükary elgide,
Atyndan ýere düşüp, gaýrat eýläp gäh-gähe,
Pili-Mahmytny tutup, aýlandyryp öten Aly.
Hakyň ýady daýyma köňlüňde hemrahyň seniň,
Ol Uhut dagyna çün basan eser paýyň seniň,
Daşkend-u Nurata barar gadamgähiň seniň,
Şähri-Balh etrapyda ermiş ýatar jaýyň seniň,
Uşbu älem bir mübärek adyga dolan Aly.
Nebsi-şeýtan berhem urdy namys-u arym meniň,
Ahyrete ýüklegen usýan erer kärim meniň,
Taňla mizan üstüde bolgul habardarym meniň,
Iki älem mülkünde sen-sen medetkärim meniň,
Baba Röwşen hassanyň köňlüne nagş olan Aly.
Elkyssa, Baba Röwşen bu tarypy aýdyp barar erdi. Baba Röwşen Hezreti
Bilalyň peýşin namazynyň azanyn eşidip, wagty hoş bolup, Resuly-Hudany
ýat kylyp, pygamber Hudanyň şanlaryna bir muhammes okady:
Siz erer siz iki älem içre janym, ýa resul,
Mähribanym, muşfykym, şahy-jahanym, ýa resul,
25
Wazzuha magraçlyk-u ebru kemanym, ýa resul,
Ruhy-päkiň bolsa şaýet, mähribanym, ýa resul!
Sen biler sen, Hak biler syrry-nahanym, ýa resul,
Barçadan owwal ýaratdy Hak senin dek päkni,
Kaddyňa gördi mynasyp hylgaty-löwläkni,
Göz ýumup açgynça geldiň seýr edip efläkni,
Rehmetiňden binesip etme meni-näpäkni,
Sen eşitgil nalaýy-ah-u pyganym, ýa resul!
Ýedi asman, arşy-kürsi saňa berdi rahny,
Jebraýyl görgen imesdir sen sypatlyg şahny,
Bir yşarat birle iki deň bölüp sen mahny,
Kaýsy waspyňa ibersem bu dili kütahny,
Tarypyňa bolsa kemdir müň zybanym, ýa resul!
Gerdi-naglyňa bolaýdy arşy-kürsi bikarar,
Jümlesi erdi muhaýýa kylmadyň hiç ygtyýar,
Asy ymmatlar üçin kyldyň özüňi hary-zar,
Bagladyň bile-kanagat, riştesin esbi-suwar,
Ýok erer berhaklygyňa hiç gümanym, ýa resul!
Iki älemdir tufaýlyňdan tamamy bährewer,
Mugjyzatyň birle boldy hup höşki-ba semer,
Jümle pygamber içinde sen-sen eý şemi-göwher.
Ýedi asman, ýedi gat ýer saňa iman getirdiler.
Soltanat tagtyna münen saýawanym, ýa resul!
Eneden tapdy töwellüt, Jebraýyldyr daýasy,
Ismi-päkiňe söýenen arşyň dört paýasy,
Hem tufaýlyňdan erer iki jahan sermaýasy,
Daýyma başyňda erdi ebri-rehmet saýasy,
Eýlegil asan terezi rozy-mizanym, ýa resul!
Ol Abu Bekr, Omar, Osman, Aly ýaryň seniň,
Boldy Aksada nebiler görmäge zaryň seniň,
Galdy sünnet ýadygäri dünýäde käriň seniň,
Hak miýesser eýlegeý magşarda didaryň seniň,
Bir kipaýat birle rownakdyr imanym, ýa resul!
26
Maly-mülküm barçasy bolsun tasadduk sen üçin,
Ber şepagat bahrynyň joşun salsaň men üçin,
Bul meniň roýy-syýahym kylmaga röwşen üçin,
Kerbela deştinde galgan ýetmiş iki ten üçin,
Tä tirikdir men köýer bu hassa janym, ýa resul.
Gar içinde zary-girýanyňa gurban bolmadym,
Eýlegen çäki-giribanyňa gurban bolmadym,
Ol Uhut jeňinde dendanyňa gurban bolmadym,
Ýere daman katraýy ganyňa gurban bolmadym,
Häli hem bolsun pida, bu hassa janym, ýa resul.
Owwal-u ahyr umyt erer senden bikal-u kyl,
Şükri-lilla, saňa tabyg eýledi Repbil-Jelil,
Belki, Nugman mezhebimiz milleti şundag delil,
Nagtyň içre arzy-hal eýlär bu Röwşen hassa dil,
Hem durud-u tekbirimdir, hem azanym, ýa resul!
Elgaraz, Baba Röwşen biçäre Medine derwezesinden girip, metjide
baryp, Resuly-Hudany zyýarat kyldy.
Ondan soň pygamber alaýhyssalam:
– Ýa, Baba Röwşen, Murtaza Alyny kaýda goýup geldiňiz? – diýdi.
Şol wagtda Baba Röwşen biçäre:
– Alyny şähri-Berberde satyp geldim – diýip, başyndan geçen günlerini
pygamber alaýhyssalama beýan kylyp, zar-zar ýyglap, bir gazal okady.
Gazaly-Baba Röwşen bu turar:
Şahy-älem, size arzym söýläýin,
Hyýalyň ýadyma düşüp gelemen.
Janymy ýoluňa gurban eýläýin,
Gamyň girdabyna batyp gelemen.
Ýoldaş eýlediňiz Şiri-Hudany,
Alty aýlyk ýola eltdi zamany,
Gul eýledim oşol gymmat bahany,
Alyny Berbere satyp gelemen.
Aly Şiri-Huda Berberde galdy,
Müň eşrepi berip Mergup şa aldy,
Bir niçe nesihat aýdyp iberdi,
27
Onuň üçin dat edibän gelemen.
Bahasy müň guluň bahasy boldy,
Şäher halky ýyglyp görmäge geldi,
Şazadalar üçin gam ýuwdup galdy,
Hasratly hunaba ýuwdup gelemen.
Erte çäştde azm eýledim Berberden,
Göz ýumup açynça aşdym Haýbardan,
Niçe, derýalardan niçe şäherden,
Bir gadam basanda, ötüp gelemen.
Röwşen diýr, galmady köňlüm armany,
Şükri-lilla, boldy derdim-dermany,
Indi maňa ýetse Hakyň permany,
Ahyret ýoluny tutup gelemen.
Elkyssa, Resuly-Huda:
– Eý, Baba Röwşen, indi tiz bol, jöhidiň puluny berip, karzyňyzy sap
kylgyl –diýdi.
Ondan soň Baba Röwşen tagzym kylyp:
– Ajap bolar – diýip, derhal ýola rowana boldy.
Emma oşol wagt görse, ymam Hasan, ymam Hüseýin metjidiň arkasynda
heniz oýnap ýör erdiler. Baba Röwşene gözi düşdi, salam berip, atalaryn sorap,
bir gazal okady. Baba Röwşen hem jogap berdi:
Şazada:
Habar bergil, Baba, kyblagähimden,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
Din yslam rehberi şahynşahymdan,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
Baba Röwşen:
Salam diýp iberdi köňül mydaryň,
Galdy kyblagähiň, şähri - Berberde.
Aman - esen geler Düldül suwaryň,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.

Düldül, Gammar munda, özi pyýada,
Zülpükary erer öýde uftada,
Niçik haly geçer duşman arada,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?
28

Ataň perwa kylmaz lek-lek kişini,
Her tarapa atar dagy-daşyny,
Beýan eýläp bolmaz kylan işini,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.

Rastyň diýgil, Baba, barmy salamat,
Hasratyndan işim ah-u nedamat,
Başyma düşüpdir rozy-kyýamat,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?

Erte-saba geler mülki-jaýyna,
Gözüm intizardyr häki-paýyna,
Satyp geldim kapyrlaryň şahyna,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.

Hiç kararym ýokdur ýaz-u gyşyga,
Alajym ýok erer takdyr işige
Gelermikän, bende bolsa kişige,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?

Gerçe guldur, özi şahy-älemdir,
Bir şäherde mysapyrdyr, bigamdyr,
Haýbatyndan küfr ähline matamdyr,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.

Şa Hasan diýr, hiç bilmedim bähbidim,
Bilmenem kaýsydyr, zyýanym, sudum,
Atam erer gije-gündiz maksudum,
Ne jaýlarda galdy sahypkyranym?

Baba Röwşen diýer, ýa şiri-Jepbar,
Sen özüň Sen garyplara howandar,
Erte çäştde gider Düldül, Zülpükar,
Galdy kyblagähiň şähri-Berberde.
Elkyssa, Baba Röwşenden ymamlar bu sözi eşidip, köp melul boldular.
Ymam Hasan we ymam Hüseýin köňülleri bozulyp, gözlerinden katra-katra
ýaşyn döküp ýygladylar.
29
Emma oşol wagt Baba Gammar ymamlara köňüllik berip, bir gazal
okady. Gazal bu turar:
Men biler men kerdarynyň baryny,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Emri şul bolandyr Biribarymyň,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Erte çäştge jünbüş kylar Zülpükar,
Çarh urup öwrüler Düldül bikarar,
Rowan bolsa gerek janyby-Kerrar,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Mergup şaha yzhar eýleý güýjüni,
Boýun sunsa, alar ilden pajyny,
Haýbat kylsa ýykar tagty-täjini,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Haýbatyndan titrär ýer bilen asman,
Gahr eýlese kylar älemi ýegsan,
Kyrk düýe zer ýükläp misli bezirgen,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Düldül münüp, Zülpükary biline,
Haýbat bilen bakyp sag-u soluna,
Gammar Baba pişwaz çykyp ýoluna,
Aglamaň, ymamlar, geler soltanym.
Elkyssa, ondan soň ymamlar töwekgel Hudaýa goýdular.
Ondan soň Baba Röwşen jöhidiň öýüne baryp, bir gazal okady. Gazal bu
turar:
Bize ýar boldy Mustapa,
Gel hakyňy algyl, jöhit,
Goldadylar Şiri-Huda,
Zynhar bawer kylgyl, jöhit!
Rehm eýläp golumy tutdy,
Bir demde bir ýere ýetdi,
Meniň üçin özün satdy,
Bu hikmeti bilgil, jöhit!
30
Biler men kapyr terziden,
Gutulsam dünýä karzydan,
Gorkar men otly gürzüden,
Eşrepiňi algyl, jöhit!
Müň eşrepi bir çäş bolar,
Süýthoruň wagty hoş bolar,
Sany iki bäş ýüz bolar,
Alyp halas bolgul, jöhit!
Dert berer söýen guluna,
Hoşum ýok dünýä malyna,
Girdim hakykat ýoluna,
Al puluň, ýok bolgul, jöhit!
Karzyňdan bolar men halas,
Men Alyga kyldym yhlas,
Medet berdi, Hydyr, Ylýas,
Röwşen diýr, ýok bolgul, jöhit.
Elkyssa, Baba Röwşen jöhidiň karzyny eda kyldy. Ondan soň Ýehudy
jöhit-betbagt puluny alyp, karzyny sap kylyp, parahat boldy.
Baba Röwşen karzydan halas bolup, öýüne gelip: «Ýa nury-iman» diýip,
juma gijesi, Hudaý emri bilen dünýäden ötdi.
Indi Hezreti Alydan söz eşidiň. Baba Röwşeni uzadyp, özi Mergup şanyň
hyzmatynda boldy. Emma Mergup şanyň Meşhur we Makbul diýen iki weziri
bar erdi. Ol wezirler:
– Eý, patyşahy-älem, döwlet saňa ýar bolsun! Oşol köp pul berip alan
guluňy bir hyzmata buýrup görüň tä köňlümiz jemg bolsun – diýdiler.
Ondan soň Mergup şanyň Gygam diýen bir pälwany bar erdi, kaddykamaty ýüz gez erdi, beher synasy segsen gez erdi. Günde iki ýüz nan, ýüz
goýnuň göşüni iýer erdi. Bir meşk suw içer erdi.
Mergup şa bir kişiden «Gygam gelsin» diýip, habar gönderdi.
Gygam pälwan derhal ýüz otuz gez almaz parasyny biline baglap, kerk
münüp ýöriş kyldy. Gelip Mergup şanyň hyzmatynda karar tutdy. Gygam
pälwan Hezreti Alyny gözge almaý, özüni ulug tutup, bir gazal okady. GazalyGygam pälwan bu turar:
Her ýeter-ýetmeze golum dar imes,
31
Kim bize duş bolsa öler, soltanym!
Aýdan sözüň gulagyma ýaramaz,
Oglan halky höwes kylar, soltanym!
Ýaşlygynda peýmanasyn doldurma,
Gunçalykda täze gülün soldurma,
Ordaga gerekdir muny öldürme,
Mejlisde käsedar bolar, soltanym!
Eziz tenden şirin janyn alar men,
Bir zarp ursam, gara ýere salar men,
Häzir men, hyzmatyň daýym kylar men,
Bu saňa jylawdar bolar, soltanym!
„Lat-Menat” diýer men daýym dilimde,
Ýüz otuz gez almaz para bilimde,
Beýekbaru nabut bolsa golumda,
Ýüregiňde arman galar, soltanym!
Kerkim münüp, meýdan era çykar men,
Bir nagrada daglar başyn ýykar men,
Ýüzüňize gahar bilen bakar men,
Hatyryňa melal geler, solatanym!
Gygam aýdar, hyzmatyňa gelip men,
Niçe gündür ajap dilgir bolup men,
Bir gowgalyk söweş höwes kylyp men,
Her kim öz halyny biler, soltanym!
Elkyssa, Mergup şa Gygam pälwanyň bu sözüne haýran boldy.
Emma oşol wagt Hezreti Aly kerremallahu wejhuhunyň gahary gelip,
syçrap turup, kapyryň seddi-rahyny alyp, bir gazal okady. Gazaly-Kaşamşam
bu turar:
Bir Hudanyň guludyr men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Ýer ýüzünde bellidir men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Niçäni gördüm, geçirdim,
32
Ajal şerabyn içirdim,
Niçe şäherler göçürdim,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Goç ýigit dönmez meýdandan,
Gylyç boýap gyzyl gandan,
Küfr ähli gutulmaz menden,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Gelmeseň, arman eder men,
Ýer ýüzüni gan eder men,
Seni niçe san eder men,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Tomaşa görkezip hana,
Alyşar men döne-döne,
Kaşamşam girdi meýdana,
Gel, pähliwan, söweşeli.
Elkyssa, Gygam pälwan Hezreti Alydan bu sözi eşidip, kerkini oýnadyp,
Hezreti Aly Şahymerdan tarapa ýöriş kyldy. Owwal ýüz almaz parasyny biline
sokup goýup erdi. Ondan soň Gygam pälwan almaz parasyny eline alyp,
Hezreti Ala howala kyldy.
Emma oşol wagt Mergup şa tagtyndan düşüp, özün orta taşlap, aýtdy:
– Haý-haý, Gygam pälwan, men bu guly müň guluň bahasyna alyp men.
Sen bu guly öldürseň, maňa ne jogap berer sen? Indi sen owwal bu gul bilen
göreş tutgul - diýdi.
Onda Hezreti Aly aýtdy:
– Haý-haý, Mergup şa, sen ortadan çykgyl, men niçe mundag: «Pälwan
men» diýenleri owwal köp gören men – diýip, gahary gelip, syçrap turup,
kapyryň golundan tutup, aýlandyryp-aýlandyryp, asmana atyp göýberdi. Görer
bolsaň, Gygam pälwanyň läşi ýetmiş dükanyň paýasyny syndyryp, ýere düşdi.
Ondan soň Hezreti Aly Gygam pälwany dört para kylyp, patyşanyň etrapyna
taşlap erdi. Oşol wagt hemme kapyrlar muny görüp, Hezreti Alydan gorkup,
haýran boldular.
Ondan soň kapyrlar aýtdylar:
– Eý, patyşahy-älem, döwlet saňa ýar bolsun! Indi sen bu gula tizden bir
hyzmat buýurgyl. Ýok erse, bu şäheri harap kylar – diýdiler.
Ondan soň Mergup şa Hezreti Alyny çagyryp, bent başyna hyzmata
buýrup:
33
– Eý, Kaşamşam, biziň bentleriň gaşyna bargyl. Müň gulum işläp
ýatypdyr –diýip bir gazal okady. Gazaly-Mergup şa bu turar:
Men saňa aýdaýyn köňlüm myradyn,
Bolgul hyzmatyma gaýym, Kaşamşam.
Habar algyl serçeşmeýi-derýadan,
Müň gulum bar, işlär daýym, Kaşamşam.
Zorlugyň yzhar et sen uşbu nähre,
Gysym birle guýgul hijdehi nähre,
Ýogsa bisýar zerer kylar şähere,
Harap eýlär mülki-jaýym, Kaşamşam.
Müň gulam daş döker dynmaý bir zaman,
Niçe är ýigitler, niçe zor pälwan,
Demirçi bar, pil-u kätmen perawan,
Aşy-nanym bardyr daýym, Kaşamşam.
Ýel dek ýüwrüp ýetiş, durmagyl asla,
Teşne bolsaň, akar ýanyňda derýa,
Iýer bolsaň näzi-nygmat muheýýa,
Göşt-u çorba, palaw daýym, Kaşamşam!
Mergup şa diýr, eşit ahy-zarymy,
Engam eýleý hazynada barymy,
Köňlüm bitsin, tamam eýle kärimi,
Algyl at, serpaýym daýym, Kaşamşam!
Elkyssa, ondan soň Mergup şa Hezreti Ala pata berip goýberdi.
Şahymerdan Mergupdan pata alyp, serçeşmeýi-derýany baglamaga
jünäberdiler. Hezreti Aly şäherden çykyp, Hudaýtagala bir mynajat okady.
Mynajaty-Kaşamşam bu turar:
Iki älem içre ulug patşa Sen,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy,
Bendäniň halyndan daýym ägä Sen,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Jahan içre meşhur kyldyň özüňi,
Barça bendäň dilde aýdar sözüňi,
34
Älem içre açyp gudrat gözüňi,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Ýokdan bar eýlediň külli eşýany,
Gudrat bilen kylyp arzy-semany,
Arşy-kürsi, lowh-u galam zamany,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Mukaddamdyr asly zatyň binasy,
Ibtidasy ýokdur hem intihasy,
Külli-mahlukatyň derdi-dowasy,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Ybraýym Halyla perman eýlediň,
Ysmaýyl başyny gurban eýlediň,
Jennetden koý berip, asan eýlediň,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Kermge Eýuby eýläp giriftar,
Yusuby zyndana kyldyň sezewar,
Kaşamşamy halk eýlegen Biribar,
Kadyr Alla, Sen biler Sen halymy.
Elkyssa, Hezreti Aly bu sözi aýdyp, niçe wagt ýol ýöräp, derýanyň
başyna bardy. Nägäh, bir ulug azamat arça peýda bolup göründi. Saýasy on
tanap ýeri alyp erdi.
Hezreti Aly şu arçanyň düýbünde oturyp, Hudaýa şükür kyldy. Ondan
soň Hezreti Aly Düldül bilen Zülpükary ýoklap, olary çagyryp, gazal okady:
Bu gün derkar bolduň dagy-daşlara,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi,
Hemrahym erer sen müşgil işlere,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Pasyh diller bilen kelam eýlediň,
Zyban haly bilen salam eýlediň,
Salanda daglary galam eýlediň,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Sen erer sen din ýolumda çyragym,
35
Ýer ýüzüne gökden inen Byragym,
Haktagala beren atym-ýaragym,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Tarahhum eýleýip gelgil gaşyma,
Hokranyp,öwrülip degre-daşyma,
Humaýun dek saýa salyp başyma,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Sen eşitgil perýadyny Alyny,
Mysapyr ýerlerde sorgul halyny,
Gözle bul gün şähri-Berber ýoluny,
Düldül bilen Zülpükarym, gel imdi.
Elkyssa, ondan soň Düldül bilen Zülpükara Şahymerdanyň ýoklaganlary
aýan boldy. Düldül bilen Zülpükar haremde duran ýerinde jünbüşe girdi.
Düldül ýeke myhdan öwrülip, kişňäp, aýlanyp, ýeri ysgap, tanapyny üzüp
Baba Gammaryň gaşyna gelip, hokranyp durdy.
Ondan soň Baba Gammar derhal Düldüli eýerläp, Zülpükary eýeriň
gaşyna asyp, berkidip, Düldüliň guýrugyny işip, ýola saldy.
Emma keramat öwlüýäden berhakdyr, görer bolsaň, Düldül bir sagatda
Hezreti Alynyň gaşyna ýetip bardy. Ondan soň Hezreti Aly şiri-Derga
Düldüliň pişanasyndan öpüp, sypap we birniçe merhemetler kylyp, Düldüli ota
goýberdi.
Ondan soň Hezreti Aly Zülpükary biline baglap, derýanyň başyna baryp,
derýa tomaşa kylyp durdy. Görse, derýanyň başyndaky gullar misli garynja
dek bolup, heläk bolmakdan başga işi ýokdur.
Ondan soň Hezreti Aly bu gullary görüp, bir gazal okady. GazalyKaşamşam bu turar:
Men erer men şu gün merdi-meýdanyň,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Emr edip iberdi bize soltanyň,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Şahy-Mergup aldy türpe gulamy,
Sizlere iberdi bizden salamy,
Kaýda bolsa baryň jaýy-makamy,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Müň guluň bahasy boldy harydy,
36
Bu mahaldyr üstüňize ýöridi,
Şükür ediň, pişanaňyz arydy,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Azat bolmak erer guluň armany,
Şeýle boldy size Hakyň permany,
Hakykat arslany baglar derýany,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Kaşamşamdyr sorsa bende namyny,
Niçäge içiren ajal jamyny,
Pugta eýlär galan işiň hamyny,
Baryň gullar, baryň, azat eýledim.
Elkyssa, ondan soň Hezreti Aly müň guly azat kylyp goýberdi. Hemme
gullar baş-başa bolup, owwalky jaýlaryna bidir gaýtdylar. Emma bir Hebeşi
gul bulardan aýrylyp, bir dagyň kemerinde bukulyp ýatdy. «Biz müň kişi
bolup, bu derýany bent kyla bilmedik. Bu ýigit niçik, ýalňyz derýany baglar
eken» diýip, tomaşa kylyp durdy. Ondan soň Hezreti Aly Zülpükary
gulapyndan çykaryp, ýazdy, Zülpükar ýüz gez süýndi.
Ondan soň Hezreti Aly bir dagyň düýbüne baryp, «Bismilla» diýip,
Zülpükary bir daga saldy. Derhal Zülpükar dagy kesip ötdi. Hezreti Aly şol
dagy göterip, derýa gözüne basdy. Bir katra suw akmady. Mäkäm boldy.
Derýa guryp galdy. Hezreti Aly „Ismi-agzam” dogasyny okap, bäş penjesini
ýere urdy, daşa misli mumyýa dek batyp gitdi. Ýene sogrup aldy.
Barmaklarynyň yzyndan on sekiz nähr suw akdy.
Emma ol Hebeşi Hezreti Alydan bu keramaty görüp, çykyp geldi. Hebeşi
Hezreti Alydan sowal sorap, bir gazal okady, Kaşamşam jogap berdi:
Hebeşi:
Niçik bir pälwan sen aly hümmetli,
Gül ýüzli arslanym, kandan bolar sen?
Gaýratly, jürýetli, zorly, şöwketli,
Meşhury-döwranym, kandan bolar sen?
Kaşamşam:
Adym Kaşamşamdyr, şanyň gulamy,
Din ýolunyň kerweni men hezara.
Gulagyma geler Hakyň ylhamy,
Arş-u kürsüň derbany men hezara.

Terziňden biler men jaýyň yrakdyr,
37
Mekanyň munakgaş, tähsini ýokdur,
Gylyjyň daş keser, niçik ýarakdyr,
Älemde soltanym, kandan bolar sen?

Münen atym Alla berdi gaýypdan,
Zülpükarym geldi Setdar-uýupdan,
Kuwwatym ýetişdi Allam-guýupdan,
Küfr ähliniň gyrany men hezara.

Sen dek goçak hergiz dogmaz eneden,
Peýda bolduň kaýsy göwher däneden,
Perwaz etdiň kaýsy menzilhanadan,
Eý, belent perwazym, kandan bolar sen?

Medine şährinde menzil-mekanym,
Muhammetdir pygamberi-zamanym,
Hasan, Hüseýin erer iki oglanym,
Men olaryň pasbany men hezara.

Alty aýlyk bolsa menzil-mekanyň,
Niçik bu ýerlere düşdi güzaryň,
Häli munda ne menzildir kararyň,
Mysapyr myhmanym, kandan bolar sen?

Bir gadamda ýer ýüzüni gezer men,
Ganym görsem, derrew başyn üzer men,
Musulman bendäniň kärin düzer men,
Gije-gündiz juýany men hezara.

Hebeş aýdar, saňa gurban bu janym,
Köňlümde şol erer arzuw-armanym,
Men gulamyň bolsam, eý-ä soltanym,
Aždarha nyşanym, kandan bolar sen?

Kaşamşam diýr, bende bolsaň Allaga,
Ymmat bolsaň pygamberi-Hudaga,
Saňa hemdem bolaý iki dünýäge,
Yslam ilniň gurbany men hezara.
Elkyssa, ondan soň Hebeşi:
38
– Ýa, Kaşamşam, bu gylyjy niçik ussa ýasap erdi, niçik kim, dagy-daşy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Baba Röwşen - 3
  • Parts
  • Baba Röwşen - 1
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1758
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 2
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1742
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 3
    Total number of words is 3920
    Total number of unique words is 1753
    22.1 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 4
    Total number of words is 3499
    Total number of unique words is 2274
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Baba Röwşen - 5
    Total number of words is 3066
    Total number of unique words is 2103
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.