Latin

Açar - 6

Total number of words is 3702
Total number of unique words is 2217
29.1 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Men şo ýitgini indi-indiler duýup ugradym. Ugurlyugursyz gowgalar başymy hekem edinip, maňlaýymy daşa
uran wagtlarym, soňsuz aladalar bilen çörňeşip, alaç
tapman aljyran çaglarym, ýeriň arkasynda, gögüň
garnynda gonara mesgen, ganat ýaýara mekan tapmadyk
mahallarym ölüp giden şojagaz oglan jigimi küýseýän. Indi
onuň deregini hiç kesiň tutup bilmejegini süňňüm bilen
syzyp, arman edýän, ah urýan. “Eger şo gezek jigimiň
ölümini dilemedik bolsam, belki, onuň täleýi başgaçarak
bolardy. Ulalardy, adam bolardy, köpelerdi, köl bolardy,
ýykyljak wagtym söýenerdi, entän günüm goltugyma gop
bererdi, ejem bilen kakamyň ýel atyna atlanan güni tenha
galmazdym, özümi arkaly saýardym” diýip, şo gijeki bibat
arzuwym, betha dilegim üçin puşman bolýan.
Elbetde, bu zatlar jigimiň maňlaýyna ýazylandyr. Bu
dünýä seýran etmek üçin oňa bary-ýogy bir hepdelik ömür
berlendir. Jigimiň ömrüniň dowamlylygy meniň islegime
bagly däldir. Bolmalysy şeýledir.
Onda nämüçin men jigimiň ölümi üçin özümi günäli
saýyp, ejir çekýän?
24-nji iýul, 2014-nji ýyl. Mary.
109
JERIME
Hekaýa
Çatrykdan sowlup ýaňy bir bat alyp ugradym welin,
Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri “jü-ürt” edip, ala
taýagyny galdyrdy. Ulagy sakladym.
– Şäher ýol gözegçilik gullugynyň işgäri, seržant
Ýolgulyýew – diýip, ol sag elini papagynyň gaşyna ýetirip,
özüni tanyşdyrdy. – Dokumentleriňizi göräýsek...
Resminamalary çykaryp, uzatdym. Görüşdirdi-de:
– El tormozyň işleýärmi? – diýip sorady.
– Howwa-la. Işleýä... – diýip, çekip görkezdim.
– Ýangyn söndürijiň barmy?
– Bar. Görkezeýinmi?
– Ynanýan. Derman gutyň?
– I-ii-i, ana şo ýok. Gutyň özi bar-da, içinde zat ýok.
Aslynda bardy. Hol gün...
Ýolgulyýewiň bulutly ýüzünde Aý göründi. Ol badabat sözümi böldi.
– Ýeterlik şu. Jerime ýazmasak bolanok. Hiý, derman
gutusyz ýola çykylarmy? Ynha barýarkaň gan basyşyň
110
ýokary galyp, başyň aýlanyp, gözüň goşa görüp ugradyda...
– Hudaý diýeweri, Ýolgulyýew! – diýip, menem onuň
sözüni böldüm. – Mende dawleniýe diýen zat ýok. Hiç
wagt başym aýlananok. Suw ýerine arak içen wagtlarymam
gözüm goşa görmändi.
– Içgil-ä dälsiň-dä sen? – diýip, Ýolgulyýew betgüman
boldy. – Hany, şu gutujyga üfläp goýber.
Üfledim. Ol gutujygy işdämen ysgap görensoň,
gaşlaryny çytyp:
– Howwa, näme edeli indi? – diýip, maslahat saldy.
Elbetde, näme etmelidigini bilipjik durun, bir gyzyl
onlugy eline tutduryp, eňibermeli. Eňibermeli welin,
mende şo gyzyl onluk ýok-da. Pul bar, palas ýaly, epin
görmedik ýüzlük syrtky jübimde gös-göni bolup ýatyr.
Ýöne onça puly muňa berip, togsan manat gaýtargy alyp
boljagyna ynamym ýok. Onsoň samsyklyga salyp,
şelaýynsyradym:
– Näme etmekden Hudaý saklasyn! Ynha, şu ýerden
dermanhana sürüp, gutyny dolduraryn.
Muňa Ýolgulyýewiň gahary geldi.
– Onda öňinçä men jerime ýazyp bereýin.
– Dur entek, beýtme! – diýip, men ýalbarmaga
başladym. – Jerime ýazmasyzam oňuşarys-a.
Ýolgulyýewiň gözleri ýiteldi.
– Bol-da oňuşjak bolsaň!
– Wah, şu wagt ýanymda kör-köpük pul ýok. Ýöne sen
gaýgy etme. Men ertiriň özünde saňa elin gowşuraryn.
– Ýo-ok, han aga, munyňdan emel bolmaz. Bu
meselede meň ädim ýanandyr. Öň üç-dört gezek uçugymy
aldym. Muny nesýe etmäli! Ertirki gaýmakdan şu günki
111
süýt gowy. Men saňa on diýip durjak däl, bäşlijek goý-da,
gidiber.
– Wah, sen bäşligiň gürrüňini edýäň, Pul bolsa
nemedip durjak däl-ä. Jübim edil bilbiliň ketegi ýaly şu
wagt.
– Weý, jübiňde bolmasa, telefonyňda bardyr-a. Geçir
meň nomerime. Tapawudy näme?
– Oh, dogrudanam, ine gowy pikir! Häzir, häzir-r... –
diýip, şo bada hasyr-husur el telefonyma ýapyşdym. Ýöne
telefonymyň özi hem dilden-agyzdan galyp, pulsuzlygyň
zaryny çekip ýatan ekeni.
– Gapyşd-ow! – diýip, Ýolgulyýew alaçsyzlykdan
hyrçyny dişledi-de, igenmäge durdy. – Siz ýaly syrnyhlara
akylym haýran. Nä sandykda saklanyňyz bilen köpelýämi
puluňyz? Nädip pulsuz ýola çykyp bilýäňiz? Utanaňokmy?
– diýip, ol meni utandyrdy.
– Utanýan-la, wah...
– Onda näme bu ýerde set-müň gepiň başyny agyrdyp
dursuň? Sen, how, düşün-ä, şo berjek puluňy men öz
jantaýyma urup, hezil edinip ýörendirin öýdýäňmi? Bizde
nä öý-öwzar, çaga-çuga ýokmy? Olary kim eklemeli?
Tomsuň yssysynda güne ýanyp, gyşyň aňzagynda
syňsyraklap, günuzyn ýolda durup... Aňsatmy?
– Aýlygyň...
– Samsyk gürrüň etme! Bir aýlygy nämä ýetireýin
men? Başlygym gum ýalap oňmalymy? Başlygymyňam
başlygy bar. Olar aç ölmelimi?
Şu ýerde onuň halyna çynym bilen nebsim agyrdy.
– Edil seň diýşiň ýaly taňrygargan-a däl bizem. Pulum
bar. Ýöne bölek däl-dä – diýdim.
Ýolgulyýewiň ýüzi ýagtyldy.
– Iri pulmy? Näçelik? Ellilikmi? Ýüzlükmi?
112
– Ýüzlük.
– Böleris onyňy. Sen ony gaýgy etme! Men saňa togsan
manat gaýtargy bersem, bolýar dämi? Al, hany bärik.
Çykaryp berdim. Ýolgulyýewiň keýpi görnetin
göterildi. Ol dim-dik bolup duran puly iki epläp, jübüsine
saldy.
– Hälden şeýtmeli-dä. Häzir, agam jan, gaýtargyňy
berýän, ine, häzir... – diýip, ol beýleki jübüsinden eplemeplem bolup ýatan pullary çykaryp, sanamaga başlady.
Laýyk segsen manat çykdy. Muňa has-da kejikdim.
– Hany, beýleki jübüleriňem gowja dörüşdir – diýip,
nägile hüňürdedim. Nädäýersiň ýeke jübüsinden ýeke
apbasy çykmasa!
– Indi nätsekkäk? – diýip, ol kyn sowal berdi.
Elbetde, men bir jerimäň öwezine on manat artyk töläp
biljek däldim. Şonuň üçinem:
– Çykalga bar – diýip teklip etdim. – Uly ýoluň
ugrunda dursuň, ulag bary geçip dur, sakla ýeke-ýekeden,
gabat geler-ä men ýaly hudaýuranyň biri. Al elinden
onlugyny-da, ber maňa!
– Gaty gowy pikir. Seň kelläň işleýşi erbet däl – diýip,
ol ala taýagyny galdyryp, jürlewügini çasly jürledip, geçip
barýan ulaglary saklap ugrady. Ýöne gapyşsa, gapyşýar
ekeni. Ýolgulyýewiň saklan sürüjileriniň hemmesi dereksiz
bolup çykdy. Birem bir manat goýup gitmedi. Syrnyh
ekenler. Ýürekleri daşdan ýaly, hiç biri Ýolgulyýewiň
ýagdaýyna düşünmedi. Ýogsa, o görgüli käbirlerine
janygyp, düşündirjegem boldy. Düzgüni bozmaňda-da,
ähli resminamalaryň düzüw bolanda-da, utanç ýagşy!
Menem uzak oturmaga takatym ýetmedi.
– Gowusy, ertir geläýeýin. Gyssanmajyrak şu wagt –
diýip, Ýolgulyýewe ýüzlendim.
113
– Wah, şony şeýtseň-ä, hasam oňat boljak, agam. Men
saňa on manat bergili. Ýöne nagt berjek gümanym ýok.
Ynha, ertir düzgüni bozaňda hutma-hut bolarys – diýip,
Ýolgulyýew meni ýola salyp goýberdi. Şeýdip, entek
bozulmadyk düzgüniň jerimesini töläp gaýtdym.
23-nji awgust, 2014-nji ýyl. Mary.
114
TOÝDA
Hekaýa
Men ony ilkinji gezek on bäş-on alty ýaşly ýetginjek
mahalym gördüm. Görşüm ýalam aşyk boldum. Tutaşdym,
lowladym, ýandym, bihuş bolup söýdüm. Onuň görkli
synasy, ýalkym atyan husny jemaly, ýuka gabaklary,
okarasynda mähir çaýkanyp ýatan gara gözleri, pökgerip
duran dodaklary, ter ýaňaklary, ak alkymy... ýüregimiň bir
ýerinde öň görlüp-eşdilmedik bir süýjülik döretdi-de,
entirekläp ýören akylsyz bendiwana döndüm.
Ol iki-üç aýlykda goňşy obalaryň birinden biziň
obamyza, iki köçe gaýramyzda ýaşaýan Hekim agalara
gelin bolup düşüpdi. Nesibe ony Hekim aganyň äpet ýük
ulagyny sürýän ogly Tagana ömürdeş etmek üçin getiren
ekeni. Ýogsa, Tagan kim, o kim?! Tagan bilen onuň bir
ýassygy paýlaşyp, bir öýden örlemegini-hä däl, ikisiniň bir
köçeden ýöremegini hem näler islämok welin, elimden
geljek zat ýok.
Şonda-da söýdüm. Birbada ýaşyryn söýdüm. Hekim
agalaryň şo çaka çenli bardygy-ýokdugy meň üçin des-deň
bolan köne tamy mukaddes bir öýe öwrüldi. Ol öýi
zynatlap ýören uz ýaşmakly, bars bilek gelin bolsa oglan
höwesimdäki ham hyýallaryň, arzuw-islegleriň çür başyna
çykdy. Şoň üçin olaryň öýleriniň töwereginde kän
115
gaýmalap başladym. Şoň üçin ähli oý-pikirlerim bilen
gapylan garaklarymy olaryň gapysynda amanat goýdum.
Girse-çyksa, bärsine bakdyryp, ünsüni çekmek üçin, iň
bolmanda golaýdan synlamak üçin pelesaň urdum, heläk
boldum.
Bir gezek mellekleriniň aýagujundan geçýän akar
ýapdan suw aljak bolup durka tasdan-da baryp: “Getir
bedräňi, suw daşap bereýin” diýipdim. Başarmadym.
Sussum basylyp, bognum ysmady.
Başga bir gezek gapylarynda pete-pet gabat gelende
bogazymy arçap, özüme zor salyp, salam berdim.
Ýaşmagynyň astyndan baş atyp, salamymy alyp-almanka:
– Hekim aga barmyka? – diýip soradym. Şonda:
– Hekim agany nädersiň? – diýip, arkamdan bir ses
eşidildi. Görsem, iki ädim golaýymda egrelip, iki elini
arkasyna tutup, ýaşulyň özi ýüzüme jiňkerilip dur. Amanat
mülke giren gündiz ogrusy ýaly şagga der basdy. Aljyrap,
salamy-beýlekinem unudyp:
– Hekim aga, Tagan ýokmudy? – diýip soradym.
Hekim aga meniň kimiň ogludygymy tanajak bolup,
boýdan-başa synlansoň:
– Taganmy? – diýdi.
– Howwa.
– Tagan-a işde.
Men gus-gury bolan dodagymy ýalap, içeri ýumlugyp
barýan gelniň kamatyndan gözümi aýryp bilmän:
– Haçan gelerkä? – diýip, Hekim agadan soradym.
– Gün ýerine girmän, Tagan gelmez.
– Hä, bor. Giçlik geläýerin – diýip, o ýerden tiziräk
öwüsmek bilen boldum.
– Tagany nädersiň, haw? Eýgilikmi özi? Bir zat
sorajakmydyň? A biz bar-a, ine. Aýdyber näme habaryň
116
bolsa. Kimiň ogly sen? – diýip, Hekim aga yzymdan
gygyryp galdy.
Birki günden Tagan gabat gelip:
– Meni sorap gaýdypsyň-la, how? Keýpinemi? – diýdi.
– Kim? Menmi? Men seni sorapdyrynmy? Behh. Ýok,
ýok-la, how. Başga biridir. Men nämüçin soraýyn? Men-ä
bilemok. Men-ä däl – diýip, haňk-huňk edip, derrew onuň
gözüniň öňünden üýtgedim.
Öýleriniň töwereginde Hekim aga bilen Taganyň
gözüne kän ilibersem, eýgiligiň üstünden eltmejekdigini
huşum göçenem bolsa, bilipjik durdum. Şonda-da maý
tapdygym, toý eşiklerimi geýerdim-de, erkimiň jylawyny
islegimiň
boýnuna
orap,
şolaryň
töwereginde
köwejekläbererdim. Her gün bir sebäbi bahana edinip,
goňşularynyňka barardym. Güýmenip, dümtünip, her
edip, hesip edip, gögele aklymy aparan şo gelniň nazaryna
iljek bolardym. Nazaryna ilerdimem. Ýöne onuň maňa
biparhlygyna, ugrunda oda-köze düşüp ýörşümi
aňmaýşyna kejigerdim. Kejikdigimsaýy utanjyň serhedini,
uýadyň çägini unudýardym.
Bir günem gyzar ikindinler olaryň mellegaralaryndaky
tuduň elýeterdäki çybyklaryny ýalaňaçlap, şapbat ýaly
ýapraklaryny tänderip, tüýdüşdirip, sary-sadylla yranyp
durkam ahmal galyp, Hekim aga üstümi basdyrdym.
– Sen, inim, şu töwerekde bir zadyňy ýitirdiňmi ýa
meň göwnümemi? – diýip, ol meni burça gabady.
– Göwnüňedir, Hekim aga. Men-ä Ilmyrada garaşyp
durdum. Olam geler ýerde gelmedi. Menem ýaman
gyssanmaç. Gelip, meni sorasa, aýdaýarsyň-da garaşyp
gitdi diýip. Indiden soň gelesem ýok-la – diýdim-de,
öňküsinden has agralan gussamy arkamy alyp, ýegşerilip,
117
öýmüze gaýtdym. Şondan soň gündizlerine şo töwerekde
kän görünmedim.
Gijelerine welin, ot gorsaýardym. Irgözinden
ýorgangala urduryp girerdim-de, uzak gijeler oglan
başymy tükeniksiz hesrete goýan gelniň zaryny çekerdim.
Ýaşymyň ondan ep-esli kiçidigine, onuň dokuz-on ýyl ir
dünýä inendigine, ýa-da özümiň şonça ýyl giç doglanyma
ahmyr edip, tä göm-gök bolup, ganjarýança aşaky
dodagymy dişläp, ah urardym. Üstesine-de Taganyň şo
gelniň gyzgyn gujagyna girip, ak gollaryny ýassanyp,
sapasyny görýändigi ýadyma düşende tisginip, iki
egnimden demimi alybererdim. Ne ölüp bilýärdim, ne-de
aýňalyp. Hyýalymda Tagan bilen dikleşip, dünýäde tenha
özüme mynasyp saýan bagtymy onuň elinden alardym,
bagryma basardym. Tä hyýalym düýşe ýazýança söýerdim,
ezizlärdim.
Düýşleriň
bolsa
durmuşdaky
ýaly
serenjamçysy ýok. Düýşler – biserhet! Düýşde nämeler
bolmaýar?
A ol bolsa şo mahallar gün-günden gözilginç bolup
barýan düwünçegi goýnunda göterip ýören ekeni. Ilkinji
perzendini dünýä getirmek üçin buýsanç hem utanç
gatyşykly duýgulara başyny berip ýören ekeni. Elbetde, bu
bolaýmaly zatlar. Tagan atly ýapy ýaly pyýada ýanyndan
örüp ýörse, täze gelniň ýakyn wagtda eline bäbek
aljakdygy düşnükli. Galanam maňlaý işidir. Men onuň
topugyna gan degirmän, köňlüni gama basdyryp, gujagy
boş gezmegini asla islämokdym. Oňa hakymam ýok. O
zatlar meniň islegime bagly hem däldi.
Nähili bolanda-da, şondan soň gözümiň öňünde barha
ýognap, gabaryp barýan gelne bolan yşgym bilniksiz
sowap ugrady. Onuň keseki biriniň halalydygyny, bir
ojagyň oduna tutaşdyrlyk bolmak üçin gelendigini, il
118
deňinde köpelip, köl bolmalydygyny boýnuma aldym-da,
sessiz gyra çekildim. Başymda tupan turuzyp, ýüregimiň
bir ýerinde süýjümtik yza goýan o-ojagaz duýgulary bolsa
geldi-geçer hasapladym, baş bermez arzuwlarymy häki bir
haýu-höwes saýdym, olary ýetginjekligiň ýelginine ýerden
aýagyny üzen boş bolsadylar diýip güman etdim. Şeýdip,
öňküje asuda oglanlygyma dolandym.
Soň ýyllar geçdi. Mekdebi gutaryp, şähere gitdim. Uly
okuwlaryň birine girdim. Arasynda gulluga gidip geldim.
Okuwy tamamladym, hünär aldym. Şäherde galyp, işe
ýerleşdim. Öýlendim. Aýratyn öý-ojak boldum. Perzende
ýüzüm düşdi. Durmuş meni bagt hakdaky aýdymy bilen
hüwdüläp ugrady.
Ine, onsoň ýyldyzy duşup, sähetli güni bellendi-de,
özümden kiçi inimi öýermeli bolduk. Maşgalamyz bolup,
oba toýa gitdik. Toý ýaly gowy zat ýok. Gelnalyjy gelende
şatlyk-şowhundan demim tutulyp, huşum göçdi, el çarpyp,
tans oýnadym. Kimdir biriniň topar çagany yzyna düşürip,
dünýäni unudyp, pul seçip ýörenini gördüm-de, menem
pully kisäme el urdum. Işikdäki sekiniň üstüne çykyp,
hümer berýän toýçularyň üstünden pul seçip ugradym. Ine,
şu ýerde-de:
– Aýuw, ýüwürji-i! Gyý-ýuww! Bärigem seç-ä! – diýen
ses eşidildi. Seredip görsem, ters tarapymda goltugy
çagaly, etli-ganly, lopbuş aýal elini serip, aldygyna
gygyrýar. Ýüz-gözler çyrşajyk, iki sany basdaş, tokarja
gyzjagaz bolsa onuň eteginden aslyşyp maňa seredip dur.
Men on ýyl mundan ozal oglan dünýämi odukdyran
Taganyň gelnini şobada tanadym. Gözünden tanadym.
Onuň diňe gözi üýtgemän galypdyr. Onuň ozalky kaddykamatyndan, tezliginden, sarçlygyndan nyşan galmandyr.
Terligini, näzikligini ýitiripdir. Ýüzi gaýzygypdyr.
119
Maňlaýyna, ýaňagyna ýygyrt düşüpdir. Ak alkymy goşa
bolupdyr, solupdyr, sallanypdyr. Bilekleri has-da ýognap,
gerdenleri ýazylypdyr, ýarsypdyr. Döşüniň aýtymy
giňäpdir. Galbaň göwüsleri aşak düşüpdir. Birmahalky
göze gelüwli, çepiksi bedeni suwly tuluma dönüpdir...
– Biz tarapa-da seç-ä, ýüwürji-i!
Şu ýerde men özümi nä pelek uranyna düşünmän,
düşünjegem bolman, nirede duranymy, näme edýänimi,
näme üçin şeýdýänimi büs-bütinleý unudyp, bir zatlary
samyrdap, alňasap, bar pulumy onuň üstünden
paýyrdadyp seçmäge başladym.
Oktýabr, 2014-nji ýyl. Mary.
120
PALTA
Hekaýa
Gijäň birmahallary aýalym howsala bilen meni ukudan
oýardy:
– Gyw, tur! Bir-ä derwezäni ýumruklaýar. Öýüňe tigir
dakyp, süýräp gitselerem biljek gümanyň ýok. Tur-a!
Men äm-säm bolup, dikelip oturdym.
– Bar, gör-ä indi. Özüni öldürdi, eşdeňokmy
şakyrdysyny?
– Eşidýän... Kim ol?
– Ärim! – diýip, aýalym janyýangynly hüňürdedi. Yz
ýanyndan “Äriň bolsa, bar tur-da, özüň aç-da. Maňa
nämüçin aýdýaň?” diýerimden çekinýän ýaly, äheňini
ýumşatdy. – Men näbileýin kimdigini. Kim bolanda-da,
habaryny almaly bor-a.
Derweze dynuwsyz kakylýardy. “Açmalymy, açmaly
däl?” diýip pikir etdim. Bimahal çak kimkä? Nämüçin
geldikä? Adatça bular ýaly wagt gapy kakýan adam biriniň
öldi habaryny getirýär. Kim öldükä? Ýa öýüni tapman
ýören serhoşmyka?
Behh... Çagyrylmadyk myhman!
Garaşylmadyk adam! Giçden soň... I-i-i... Birden başlyk
bolaýsa! Aradaky ýaly...
Böküp turdum. “Kim sen? Näme gerek” diýmezden,
baryp, derwezäni açdym. Açyşym ýalam tisginip gitdim.
121
Öňümde eli paltaly, çepiksije, nätanyş jahyl haşlap, sojap,
gözüni gyrpman, ýüzüme seredip dur.
– Hawa? Näme hyzmat? – diýip, daşky çyranyň
yşygyna ony boýdan-başa synladym. Pukara bir ýigide
meňzeýär. Eginbaşy köne, aýakgaby ýyrtyk. Özem gaty
ýadaw görünýär.
– Neme... Men şu gaýraky ammaryň garawuly. Üç
günden bir gün nobatçylyk çekýän. Özümem ýaňyrak
öýlendim. Kireýine ýaşaýan.
– Ýeri, onsoň?
– Ýaňy, iş arasynda, edil ýüregim bir zady syzýan ýaly,
öýden habar tutaýyn diýip gitdim. Öýe golaýlamda
içeriden bir hümürdi eşdilýär. Diň salyp görsem, erkek
adamyň sesi. Gelenimi bildirmän, gapa gulak goýup, biraz
durdum. Gürrüňlerini aýyl-saýyl eşitdim. Bigäne erkek
bilen ikiçäk oturan gelniň düzüw gürrüň etmejegi belli zat.
Ýoňsuz bergä batyp, ölüp-ölüp ýeten gelnim azgyn ekeni.
Çermeksiz ekeni. Işde mahalym oslanmajak wejeralyga baş
goşup ýören ekeni. Ine, onsoň şu paltany nädip elime
alanymy bilemok. Haçan aldym, nireden tapdym, bilemok.
Ýöne gapa ýetmänkäm paltaly elimiň gowşanyny bilýän.
“Häzir ikisinem palta bilen çapsam, bular-a öler gider.
Menem ýygnarlar. Basarlar. Iň agyr jezany bererler.
Azgynçylyk edýän-ä olar, jebir çekmelem men. Bu karam
bolýar-a” diýip pikir etdim. Onda näme etmeli? Titräp,
saňňyldap, elim paltaly aýgyt edip bilmän, kän durdum.
Ahyry hiç zadam etmeli däl diýen pikire geldim.
Aýrylyşyb-a biljek däl, nä günlük bilen öýlendim. Bergim
kekirdekden. Bi palta-da gowulygyň üstünden eltjek däl
ekeni. Onsoň görmedik, bilmedik bolup gezibermekden
başga ýol görmedim...
122
– Häk, bolmandyr-ow. Gaty gelşiksiz ýagdaý... – diýip,
men gynandym. Oglana haýpym geldi. – Indi? Menlik
näme hyzmat? – diýip, oňa nädibem bolsa, kömek etmek
isledim.
Ol gara-ört ýüzüni gizläp:
– Sen meni tanamadyňmy? – diýip sorady.
– Hany ýüzüňi bir galdyr, özüňi tanatjak bolsaň!
Ýüzüni galdyrdy. Dikanlap, mazaly synladym. Bir
ýerde gören ýaly. Sudury tanyş. Kimkä bi bedibagt,
allajanlarym?!
– Ýok, tanabilmedim. Äý, huş galdymy indi? Özüň
nemedäýmeseň...
Ol ýene kesä bakdy.
– Hmm... Ir döwür, ýaňy öýlenip, şähere göçäýen
wagtlaryň ýadyňdamy?
– Hawa.
– Kireýine ýaşaýadyň...
– Hawa.
– Gündiz ýatyp, gije ammarda garawulçylyk
çekýäniňem bilýäňmi?
– Behh... Hawa. Sen bu zatlary nireden bilýäň? – diýip,
men haýran galdym. Sebäbi ondan bäri gaty köp ýyl
geçipdi. Hasaplap görsem, kyrk ýyl dagy bolan ekeni. Bu
öňümde duran bolsa, ýaňy kyrkyň ýaryny ýaşana çalym
edýär.
Ol sowala jogap bermän, ýene özüme soragly ýüzlendi.
– Hany, şo döwri oňatja ýadyňa sal. Men hiç kime
meňzämokmy?
Ýene dikanlap, mazaly synladym. Şo döwürde bile
işleşen oglanlarymyň biriniň ogly dagysymyka diýip, şunça
oýlandym. Kime meňzetjegimi bilmedim.
– Bir gören ýüzüm öz-ä... Teý ýadyma düşenok.
123
Ol tanalmanlygyna gynandy, kejikdi. Içini hümledip,
dymdy.
Bimahal çak eli paltaly syňsyraklap ýören bu ýigidiň
aklynyň düzüwdigine şübhäm bolmasa-da, howatyrlanyp,
ony tiziräk ugradanymy kem görmedim.
– Sen ol ammary taşlap gaýdyp, ýaman arkaýyn
welin...
– Arkaýyn däl. Gitmeli men. Ammarda adam ýok.
“Onda näme müň takal okap dursuň bärde” diýip
içimden igendim. Daşymdan bolsa:
– Ammary biri göterip gidibermesin. Sen seresap bol. Iş
ýeriňde otursaň gowy bolar – diýdim.
Ol ýuwdundy. Ajymtyk ýylgyrdy.
– Behh... Seň meni tanamaýşyňa haýran.
Başga wagt bolsa gyzyklanyp, ony hökman tanajak
bolardym. Häzir uky bürüp, heläk edýänligi üçin:
– Tanamadym... Bor onda. Men-ä ýatmakçy. Ukym
gelýär – diýip, gönüledim.
– Nememi... Aý, bolýa, tanamasaň zeleli ýok. Aslyndada men tanyşaýyn diýib-ä gelmedim.
“Onda nämüçin geldiň?” diýip gözüm bilen sorag
berdim.
– Şu paltany gowşuraýyn diýip geldim... Gerek bolsa...
Nähili tentek oglan eken-aý bi?! Ýeri, men seň paltaňy
başyma ýapaýynmy? Ýa paltany maňa berip, hile gurjak
bolýarmyka? Şu palta bilen öýünde bir iş goparyp gaýdyp,
indem günäsine meni şärik etjek bolýan bolmasyn? Şuň
maksady näme? Açyk pyşgyrybam bilenok welin, niýeti
düzüw gümbaş däl. Başymdan bela bolup inmänkä,
nädibem bolsa, ugradaýyn.
– Gerek däl. Palta geregme däl. Başga aýtjak zadyň ýok
bolsa, men-ä ýatjak – diýip, gödeksi jogap berdim.
124
Ol seňrigini ýygyrdy-da:
– Hä, bolýa-da. Geregi ýok bolsa, men-ä ýöredim onda.
Ammary göterip gitmänkäler iş ýerime baraýyn – diýdi.
– Bolýa, sag bol – diýip hoşlaşdym-da, derwezäni
içinden kiltledim. Uludan dem aldym. “Indi bir gitdimikä
şü? Henizem paltasynyň sapyny oýnap duran bolmasyn?”
diýip, derwezäniň yşyndan yşykladym. Ýok, hanha,
paltasyny bir elinden beýlekisine geçirip, çalaja sykylyk
atyp, haýsydyr bir aýdyma hiňlenip gidip barýar. Gijäň
ümsümliginde onuň sykylygyndaky aýdymyň heňi
gulagyma durman gelýär. Öz-ä tanyş ýaly, köne
aýdymlaryň birine meňzeýär. Bu gamgyn aýdymy bu
çaklarda aýdýan ýok. Onsoň men kem-kemden uzaklaşyp
barýan oglan sykylygyna goşup, içimden şol aýdyma
hiňlenip gördüm. Heňini tapdym. Diýmek, öň bir ýerde
diňläpdirin. Nirede diňledimkäm? Birden ýüregimiň iň bir
näzik ýerini pos baglap giden kütek pyçak syhaýan ýaly
bolup gitdi. Gaýtadan derwezäniň yşyndan seretdim.
Seretdim-de, agyr jeňden ýaradar dolanyp gelen esger ýaly,
argyn halda yranyp, ýeňsesini tüňňerdip barýan eli paltaly
ýigdekçäni – mundan kyrk ýyl ozalky geçmişde galan
özümi tanadym.
14-nji noýabr, 2014-nji ýyl. Mary.
125
WELLEK
Hekaýa
Aýalynyň belli günleri sowlansoň Wellegiň ýanyna
mollaçar agasy gelip, igenç gatyşykly öwüt berip gitdi:
– Aý, ho-ow, hiý, utanç-beýleki bolmazmy sende?!
Töweregiňe äňed-ä! Ilde-günde şeýdip ýören barmy?
Bendäň kyrky geçmäkä yzynda şagal meslik edip...
Düýnem-ä içip, wejera bolupsyň. Ses edip aglady diýýäler.
Çynmy şo? Çyndyr-la. Ugrunda bardyr... Bi çagajyklaň
ýüreginde dag goýjak-da. Hä-ä-äý, häk-k!.. Her jüre heleýi
öleni gördük, ýöne sen ýaly... Ondan-a o pahyra degsin et.
Aýat okat. Özüňem bilýänjeleňňi okaber. Indi oňa şondan
başga edip biljek delalatyň ýok. Oglan-oglanjygam-a däl
sen. Kyrkyň onundan giripsiň. Wahh, sen-ä... Ahyry düz
bolaýsyn ýöne...
Wellek agasyna ýagşy-ýaman söz diýmedi. Başyny
aşak salyp, düýphalyň seçegini daraklap, dymdy oturdy.
Bir hepdeden agasy gaýtadan geldi.
– Sen, how, juda bolmasa, nemet, al birini. Heleýem
gerek zat özi. Gyzjagazlaňam höwrüger gider. Ogul ýasap
berjek heleý alsaň... Ömrüňi ýeke ötürip bilerin öýdýäňmi?
126
Ä-ä? Bamy öz nemedýäniň, çemlenip ýöreniň? Ýa gelnejeňe
ugruna çyk diýeýinmi? Şark-murk edelimi?
Wellek gysgajyk jogap berdi:
– Ýok.
– Näme ýok?
– Gerek däl...
– Ýo, sen nemetme, eşidýäňmi?
Wellek çalarak başyny ýaýkady. Şonda onuň gözleri
ümezlän ýaly bolup göründi.
Agasy içini hümledip biraz oturansoň, sesini çykarman
turup gitdi.
Wellek bolsa ölen aýalyny ýatlap, çilim kükedip, kän
oturdy. Agasy ähli zady ap-aňsat edip goýaýýar. Begmyrat
jalaý ýaly mädäň iri bolsa, alaga-da başga heleýe öýlenip
oturybermek müşgilem dälse, däldir. Begmyrat üç aýaly
kowup, dört gezek öýlendi. Soňkusynyňam ol öýde duz
nesibesiniň näçe günlükdigini bilýän ýok. Haçan kowulsa,
kowulaýmaly. Ýok, Begmyrat jalaý bilen Wellegiň aty
birem bolsa, üzeňňisi başga. Wellege heleý gerek däl. Indiki
heleý bolup geljegiň Dursunça bolmajakdygy görnüp
duran zat. Pahyr heleý dagyn däldi. Üşüklidi. Üme
düşgürdi. Diýjek sözüňi ýüzüňden okar oturardy. Bilegini
çyzgap, hyzmat edende-de kemli-köstli bolan däldir. Şu
içeriň külüni şunça artanam bolsa, pahyr ýeke gezek
zeýrenmän eken. Garyp çatmaň ezenegini iliňkiden egsik
etmejek bolup, diş-dyrnak, baý, ýüwürendir-ä. Onsoň
dünýäň ähli uzyn eteklisiniň içinden Dursunyň deregini
tutjagy bardyr öýdýäňmi? Ýokdur. Muny Wellegiň özem
indi bilýär. Öň bilmändir. Öň adaty bir aýaldyr öýdüpdir.
Hökman şeýle bolmalydyr diýip pikir eden ekeni. Emma
Dursun adaty däl ekeni.
127
Wellek on dört ýyl bile ýaşap, aýalyna oýundançyndan bir gezegem mylakatly söz diýendigini ýadyna
salyp bilmedi. Asyl oňa wagt bolmasa nätjek? Gara güzeran
üçin bir depesi, bir dabany degip ýörşüne, aýalyny
söýmäge eli degmändir. Şo on dört ýyl başagaýlykda,
aljyraňňylykda geçäýen oguşýan. Bi durmuş diýilýän zat
oňa gysga ömürli aýalyna gadyr goýmaga-da maý
bermändir.
Şol gün Wellek ajy hasratyň zarbyna goşgy ýazdy.
Ömründe birinji gezek. Öň goşgy ýazyp gören adam däl.
Goşgy okabam ýörenok. Ýöne aňyrsynda dyňzap duran
ahy-nala ony gününe goýmady. Ýüreginde berçigen
duýgularyny, agysyny, hesretini, hemmesini goşga
öwürýänçä ynjalmady. Ýazyp otyrka arasynda bozulyp
agladam.
Onuň Dursun barada goşgudan ýadygärlik dikeldesi
geldi. Goşgyny ölmez-ýitmez derejede yadygärlige
öwürmek üçin aýdym edilse tüýs ýerine düşjek ekeni.
Özem dutarda aýdylýan aýdym bolmaly. Gynançly saza
goşup, aýtsalar! Wellegiň goşgusyna ýazylan aýdymy
diňleýän märeke gözüniň ýaşyny saklap bilmese! Her kim
juk-juk edip, başyny ýaýkap, dünýeden örän, örän ir giden
Dursun pahyry ýatlasa! Ana, ýadygärlik şo!
Ikindinara goşgusyny goltugyna gysyp, Wellek oba
arasynda tamdyrasy bilen toý sowup ýören Ylyas bagşynyň
ýanyna gitdi. Barsa, bagşy öýünde ekeni.
– Bagşym, hany, şuňa bir seret-le, boljakmy? – diýip, ol
gaşy çytylyp duranam bolsa, zor bilen ýylgyryp, goşguly
depderini uzatdy.
Ylýas bagşy depderi açyp-açman:
– Ana, ana, taparsyň bir zat. Bu näme? – diýdi.
– Goşgy.
128
– Wäh-h! Ba-a-a, dogrudanam goşg-aý. Kim ýazdy
muny?
– Men ýazdym.
– Ana, ana, gerek bolsa!.. Çaýa-suwa serediň, haw. Kim
bar?.. Wä-ä, hakaýt özüň ýazdyňmy? Ýazarsyň sen. Sen
edersiň, Wellek batyr...
– Dursuna bagyşlap ýazdym.
– He-e, Dursunam pahyr gidiberdi. Her kim gitmek
üçin gelýä-dä. Ühhe... Indi näme etmeli muny? Men okap
görmelimi?
– Howwa... Oka hany.
Ylyas bagşy dodagyny çeýnäp, goşgyny sessiz okady.
Diňe soňragynda “Zalym ajalyň elinden gutulmadyň,
Dursunym” diýen setirini daşyndan gaýtalady-da:
– Wäh-h! Alypsyň şu ýerini. Gaty gowy. Ör-rän gowy.
Ajaýyp! – diýdi.
Wellegiň ýüzi biraz yagtyldy.
– Indi şuny diýýän, nemedäýsek näder?
– Näme edäýsek?
– Aýdym edäýsek! Dutarda aýdylýan aýdym.
– Hä-ä, tapsana şular ýaly bir zat! Dogry-y! Ýak, walla!
Menem pikir edýän, bi goşgy ýazyp maňa okadya weli
diýýän öz ýanymdan...
– Bolmaz öýdýäňmi?
– Bolar. Bolar-la.
– Dursun pahyry tirsegine galdyryp bilsem diýýän-dä.
– Weý, ras aýdýaň, etmelisi şo. Seň munyňdan aýdym
ýasamak üçin... häzir-r... aýdym etmek üçin-n...
Ylyas bagşy goşga täzeden göz gezdirdi.
– Neme-dä, Wellim, aýdym diýilýän zat nähili
diýsene?! Aýdym – özi ýaman neme zat. Gaty birhili zat.
129
Nähili düşündireýin saňa? Muň goşgusyny ýazanyň bilen
aýdym bolanok-da.
– Heňjagaz gerek diýýäňmi?
– Ana, ana, bardyň üstünden. Heňjagaz däl, gowy heň
gerek. O-da ýolda çaşyp ýatanok, baryp alaga-da aýdyma
geçiriberer ýaly. Bi bir inçe senet-dä. Düşünýäňmi?
Wellek oňly düşünmese-de, baş atdy.
– Howwa-la. Düşünýän-le. Indi näme etmeli men?
Heňini tapyşaýynmy saňa? Gynançly heň bolaýsa diýýän.
– Wah-h, Wellim, heňe salmazdan öňem muň işi bar
ýaly. Meň-ä başym çykanok weli, kapyýa diýýä, zat diýýä,
aýdymda gerek-dä şo zatlaram. Birem many bolmaly.
Ymgyr manyly bolmasa, gurbaga ýaly warryklap
oturanyňdan neme ýok. Diňlänem bolmaz.
– Bagşym, many bar-a. Täzeden okap gör sen.
Ylýas bagşy Wellegiň göwni üçin ýene bir öwre
depderiň gatyny açdy. Daşyndan seretseň, ol Wellegiň bu
ýazan zadynyň netijesizdigine düşünip, bir agyz bolanok
diýmegiň ebeteýini tapman, ejir çekýäne meňzeýärdi.
– Ine, şu ýerine seret, Wellim... Hany, şol! Ynha.
“Çagajyklaň halyna dözmän geläýsene, Dursunym”
diýýäň. Indi şuny şu durşuna aýdym edip aýtsaň, birhili
bolmazmy? Ölüp giden adam gelmez-ä. Düşünýäňmi? Ine,
muňa seret. “Ogul dogrup bermän ölüp gitdiň Dursunym”
diýýäň. Beý diýseň bolmaz-a, Wellim. Ýo, sen gaty görme,
meň-ä başym çykanok bi zatlardan, ýöne aýdym etjek
bolsaň, many bermeli-dä.
– He-e, äý bor, bagşy aga, biz näme, nirede goşgy
ýazyp görüpdiris. Bolmaýan bolsa nemesi ýok.
– Sen nät diýsene! – diýip, Ylýas bagşy birhaýukdan
soň çykalga tapdy. – Tirkewiň ýanyna git.
– Tirkew kim.
130
– Tikgi-i. Ilerki Çaryň ogly.
– Tirkiş gympaýmy?
– Ed-dil özi. Şo tasa getirer munyňy.
– Gazetde işleýämi şo?
– Hawa.
Wellekde ölen aýaly barada ölmez-ýitmez bir aýdym
döretmek baradaky umyt gaýtadan uçganaklady. Mähetdel
etmän, ol gazetde işleýän Tirkişiň ýanyna gitdi.
– Hä-ä, goşgy ýazdym diýsene! – diýip, Tirkiş depdere
göz gezdirip çykdy. – Onsoň, Wellek, sen muny gazetde
çap etdiräýsem diýýäňmi? Ýagny, meň goldawym bilen
goşgyny okyja ýetirmekçi bolýaňmy?
Elbetde, beýle pikir Wellegiň hyýalyna-da gelmändi.
Emma, oýlanyp otursaň, şu-da biçeme däl eken. Gazet
sahypasynda ýalpyldap goşgyň çyksa! Adamlar okasa!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Açar - 7
  • Parts
  • Açar - 1
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2171
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 2
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2162
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 3
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 2065
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 4
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2179
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 5
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2072
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 6
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2217
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 7
    Total number of words is 2069
    Total number of unique words is 1283
    37.6 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.