Latin

Açar - 1

Total number of words is 3793
Total number of unique words is 2171
30.4 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
KAKAMYRAT ATAÝEW
AÇAR
Hekaýalar
2015 ý.
1
Ataýew Kakamyrat.
Açar. Hekaýalar. Türkmen dilinde. 2015 ý. 146 sah.
©2015
2
ÜLEŞIK
Hekaýa
Bir gün gijara ýanyma dostum Sahy geldi.
– Dost, köne şaý-sep satýan tanyş-bilşiň ýokmy? –
diýip, ol öýe girmän, aýak üstünden habaryny berdi.
– Saňa gerek bolsa, tapylmajak zat bolmaz, gardaş –
diýip, men onuň tüýs göwnünden turaýjak jogaby berdim.
Sebäbi hakykatdan hem meniň köne şaý-sepler bilen iş
salyşýan bir tanşym bardy.
– Ähä! Şeýtsene, tapsana! – diýip, Sahy ýyrş-ýyrş etdi.
– Nämä gerek ol?
– Maň-a gerek zady ýok. O zatlardan başymam
çykanok. Ýöne bir myhmanym bar. Şaý-sepiň ölemen
hyrydary. Pullyja özem. Şu wagt öýde garaşyp otyr.
– Onsoň nememi, ikimize näme peýda bar bu
söwdadan?
– Ikimizemi? Gözleýän zadyny tapyp bersek, ýüz müň
manat berjek diýýä.
– Aý, ýog-a! Beýle bolsa, ýör onda. Ýöne ulag gerek
bolar. Barmaly ýerimiz ýakyn däl.
– Weý, Hatamyň iňňeden çykma, gopuz ýaly, täzeje
ulagy bar-a. Şoňa äkit diýeris.
Dostumyz Hatamyňka bardyk. Ýagdaýy aýtdyk.
– Hmm, bäh-h... – diýip, ol ellerini owkalaşdyrdy. – O
ýüz müň manada menem şärik edýäňizmi onsoň?
– Bolýa. Senem bir paý edäýeris – diýip, Sahy ikimiz
ylalaşdyk.
3
Gitdik. Ýüzugra Sahynyň myhmanyny alyp, meniň
köne şaý-sepleri satýan tanşymyňka ugradyk. Barsak,
tanşym tirseginiň aşagyna per ýassygy çekip, keserip,
derläp, çaý süzüp ýatan ekeni. Bir käse çaý içýänçäk
Sahynyň myhmany bilen meniň tanşymyň gepi-sözi alyşdy
ötägitdi. Myhman möhümini mälim etdi, tanşym
sandygyndan hülle ýaglyga düwülgi şaý-sepleri çykaryp
görkezdi. El uruşdylar, söwda etdiler, hasaplaşdylar.
Turduk. Gaýtdyk.
Söwdasy küşat müşderi wada eden ýüz müň
manadyny Saha gowşuransoň, öýüne gaýdarman boldy.
Ony hormat bilen ýola salyp, ugratdyk. Soň biziň öýümize
geldik. Ulagdan düşüp:
– Içeri gireliň! – diýip mürähet etdim.
– Indi giç boldy. Içeri girip oturmarys – diýip, Hatam
aýtdy.
– Peýdamyzy şu ýerdejik paýlaşalyň. Soň her kim öýliöýüne! – diýip Sahy teklip etdi.
Daşky çyranyň ýagtysyna puly paýlaşmaga durduk.
– Iki sanymyza otuz bäş müňden, birimize-de otuz
müňden ýetýär – diýip, Sahy sesini sandyradyp aýtdy.
Men bada-bat:
– Şo iki otuz bäş müňüň biri meňki – diýip
öňürtiledim. – Şaý-sepi tapan men.
– Onda beýleki otuz bäş müňem men almaly bolýan.
Sebäbi müşderi meňki – diýip, Sahy Hatama köpmanyly
garady. Onuň garaýyşyndan “Sen otuz müň alsaňam
bolýar” diýen manyny okap, Hatam:
– Duruň, duruň! – diýip, aljyrap ellerini galgatdy. – Şo
ýüz müň manady biz üç bolup paýlaşmaly dälmi? Deňderman bölüşmeli dälmi? Öňünden gepleşdig-ä.
4
Sahy ikimiz “Howwa-da, howwa” boluşdyk. Hatam
barmak büküp, hasap etmäge başlady.
– Ýüz müň manady ylaýyk üç-ä bölüp bolanok. Ony
üçe üleşdirjek bolsak, herimize otuz üç müň üç ýüz otuz üç
manatdan ýetýär. Bir manadam kesir galýar. Dogrumy?
– Dogry welin, hany, olar ýaly ownuk pul barmy? Iň
maýda pulumyz bäş müňlük – diýip, Sahy ýatlatdy.
– Onda hasabyny çykaryň. Deňje bölüşeliň-dä.
– Dostum Hatam! Şu söwdaň esasy sebäpkäri men.
Myhman meňki. Eýse, şo müşderi bolmadyk bolsa, şujagaz
pula ýüzüňiz düşermidi? – diýip, Sahy özüni mazamlady.
Onuň bu gürrüňine gaharym gelip:
– Gardaşym Sahy! – diýdim. – Müşderiňe dawam ýok.
Ýöne harydy tapyp beren kim? Haryt tapyp bilmeseň, müň
sany müşderiň bolanda nä peýda?
– Dostlar, beýtmäliň-le muny! Ulag gerek diýdiňiz, ýok
diýmedim, deň şärik bolýas diýdiňiz, şümi indi deňlik
edişiňiz? Biriň alyjy tapdym diýip, beýlekiň satyjy tapdym
diýip, artykmaç paý alybermelimi?
– Ulagly äkidip-getireniňi diliňe çolaýaň-maý? – diýip,
men alaryldym.
– Senden başga-da ulagly kan-how. Ýeriň-gögüň diregi
ýeke özüňdirin öýdýäňmi? – diýip, Sahy hem meni
goldady.
– Aslynda başga birini görmeli ekeniňiz-dä. Munyňyz
indi namardyň gürrüňi.
– Onda näme edeliň? Şu puly des-deň edip üçe bölüp
bolmajagy-ha belli – diýip, men olaryň ýüzüne seretdim.
– Ertir naharhana baryp, günortanlyk edineliň şu pula.
Hemmesini sowalyň. Näme düşse, iýip-içeliň! – diýip, Sahy
teklip etdi.
Men onuň bu pikirini unamadym. Şoň üçin:
5
– Meň-ä ertir başga aladam bar – diýip, bahana etdim.
– Ýok, ýok, bolmaýa – diýip, dostum Hatam hem
göwnemeýändigini delile getirdi. – Hemme kişiň işdäsi deň
däl. Biri horan, ýene biri kem işdä. Ýok, deňlik bolmaýa
beýtsek.
– Onda näme edeliň? Tapyň özüňiz bir çykalga – diýip,
Sahy janagyryly gygyrdy.
Hatam ýeňsesini gaşap, ýeser gürrüň etdi:
– Bije atalyň! Men-ä kaýyl bijäme. “Bijeli oglan
aglamaz” diýipdirler – diýip, teklibini nakyl bilen berkitdi.
– Sen pikir edip gör – diýip, Sahy Hatama barmagyny
çommaltdy. – Häzir meň bijämden otuz müň manat çyksa,
hiý, adalatly bolarmy? Esasy iş eden men-ä.
– Meňem eden işim kiçi-girim däl – diýip, öz
gezegimde onuň jogabyny berdim. – Bije diýýäniňizem
göwnämok. Henize çenli bije çekip, utan ýerim ýok. Şu
ugurdan meň maňlaýym pes. Bäş müň manat utdurjagyma
gözüm ýetip durka ömür bijä kaýyl gelerinmi?
– Beýle ownukçyl bolmasaňyzlaň! Nädýäňiz-aý?
Biriňiz bäş müň manat kem alan ekeniňiz-dä. Şoň üçin
Kyýamat gopanog-a! – diýip, Hatam akyl satdy.
– Aý, han aga, Kyýamat gopmaýan bolsa, özüň bäş
müň manat kem alaý – diýip men suňşurdym.
– Wah-h, ýaňky myhmana ýene bäş müň goşaý üstüne
diýmeli ekenik. Şonda herimize ylaýyk otuz bäş müňden
ýetjek ekeni. Kellä gelmändir – diýip, dostum Sahy
düwülgi ýumrugyny maňlaýyna urup, çyn ýürekden
ahmyr etdi.
Şol wagt telim ýyl bäri işsiz ýatyp, kembagal galan
duldegşir goňşym ardynjyrap, ýanymyza geldi-de:
6
– Goňşy, häliden bäri ala-galmagal bolşup, ýatmaga
goýmadyňyz. Näme paýlaşyp bilmeýän zadyňyz bar? –
diýip sorady.
– Ýüz müň manady üçe böljek bolýas, birimize bäş
müň manat kem ýetýär – diýip, men düşündirdim.
– Onsoň?
– Deň şärik bolup durka kimiň bäş müň manat
utdurasy gelýär?
– Haý, goňşy sen-ä! Üç sany sakgally-sarmykly pyýada
bolup...
– Şepe-e! – diýip, Hatam goňşymyň sözüni böldi. –
Birinjiden-ä, mende sakgal ýok, ikinjidenem pyýada däl.
Ine, suw ýaly ulagym bar.
Goňşym Hatama diýýämiňem diýmedi, maňa
ýüzlenip:
– Bar dawaňyz şo bäş müň manatmy? – diýip sorady.
Men sessiz baş atdym.
– Me bäş müň manat! – diýip, goňşym jübüsinden epin
görmedik täzeje pul çykaryp elime tutdurdy. – Şuň bilen
çözülýä dämi dawaňyz? Hany, dagalyň onda! Men ýatjak.
Ukym gelýä.
Ana, şeýdip, goňşym biziň çykgynsyz meselämizi
duran ýerinde ap-aňsat çözüp beräýdi. Biz oňa rahat gije
bilen süýji uky arzuw edip, öýli-öýümize dargadyk.
22-nji iýul, 2005-nji ýyl. Mary.
7
ÝÜP
Hekaýa
Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.
Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.
Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen
orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,
külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň
deregi ýüpek, ýüň ýa geçi çöpüri bolman, eýsem, hut pagta
süýüminden işilen. Reňki goýy gök bolup, ozalbaşky
uzynlygy ýedi-sekiz gulaç dagyn bardy.
Guýudan suw çekmek üçin ulanylýan, kim bilýär,
nijembir külpetleri başdan geçiren öňki, köne ýüp halys
sary gidensoň, bir gün doly suwly bedräniň agramyna tap
getirmän üzülipdi. Onuň bir bölegi öý bikesiniň elinde
galyp, beýleki bölegi bedre bilen bilelikde guýynyň
düýbüne gidipdi. Onsoň öý bikesi bazara gidip, ine, şü
ýüpi satyn alyp geldi. Şeýlelikde bu ýüp heniz täze mahaly
özi ýaly täp-täzeje bedre bilen guýa sallandy. Ömrüniň bir
ýyla golaýy şol ýerde ötdi. Munuň kömegi bilen günde
telim bedre suw çykaryldy. Şunça wagtyň dowamynda
munuň kömegi bilen guýudan çykarylan suwy bir ýere
guýsaň, uly bir güzer gürrüňsiz emele geljekdi. Ýok, bu
ýüp ojagaz suwy götereni bilen ejizlemändi, tapdan
düşmändi. Entek güýç-kuwwaty ýetikdi. Içi suwly goşa
8
bedräni asanyňda-da durkuny üýtgetmän, çydam etjekdigi
kesesinden görnüp durdy. Emma bir gün öýüň agyr ýüzli
hojaýyny suw sorujy nasos getirip gurnady-da, guýunyň
suwuny gara güýje daýanmazdan, tilsimat arkaly çykaryp
başlady. Aýalyna-da:
– Wawwasy bar ýaly ulanyň. Döwäýmäň. Ýaman
ynjyk zatdyr diýip tabşyrdy.
Bor diýip, äri bilen ylalaşaýmaly aýaly gözüni-gaşyny
çytyp, “Seň özüň ynjyk” diýerli göründi. Bir pursat
oýurganyp kesä bakdy-da, ters gürrüň tapdy:
– Özünden özi bozulyp, erteki gün bize yňňyldajak
bolsaň, şu wagt ýok et, gözüm görmesin – diýip, öýe
getirilensoň yzyna äkidilmejegine göz ýetirip duranlygy
üçin aýtdy. Şeýdip, geljekde bolaýmagy ähtimal dawany
häzirden öz peýdasyna çözüp goýdy.
Aýalyna juda belet bolansoň, öýüň hojaýyny ätiýaçly
gürrüň etdi.
– Özünden özi bozulybermeli bormy, how! Tapýan
gürrüňiň näteňet? Iňňeden çykma gopuz ýaly täzeje nasos
ahyryn bi . Şalpaň tutman ulansaň, ýaman uzaga gider.
– Şalpaň tutup, näme, bu artybyň üstüne artlaýyn
münüp, alys ýere gelnanja gitjek bolýan barmy?
– Gereginden artyk işledip, agram bermeseňiz hiç
zadam bolmaz. Esasy zat, motory ýanmasa bolýa. Motory
ýansa, bejerjek gümanyň ýok. Şoňa seresap boluň – diýip,
äri başardygyndan sypaýy düşündirdi.
Aýaly soňam birgiden içýakgyç hem kejir gürrüňler
etdi. Äriniň gitdigiçe ýüzüniň gany gaçdy, boýnunyň
ýüzündäki damarlary gatady, ýuwaş-ýuwaşdan eli
sandyrap başlady.
Ýüpi bolsa, bedräň sapyndan çözüp aýyrdylar-da,
odur-budur saklanýan köne tamyň garaňky burçuna oklap
9
goýberdiler. Bu ýerde-de ýüp bir ýyla golaý hereketsiz
ýatdy. Onsoň bir gün öý bikesi köne tamy dörüşdirip ýörkä
ýüpi tapyp aldy-da:
– Asyl bärde ýatyr eken-ä. Ýer ýykyp, gözläp, tapman,
biri ogurlandyr öýdüp ýördüm – diýip, öz ýanyndan
hümürdäp, kakyşdyryp-silkişdirip, alyp gitdi. Eltip,
işikdäki üzüm teläriň maňlaý sütünlerinden adam boýy
belentlikde ýuwulan geýimleri serip guratmak maksady
bilen daňyp goýdy. Ýüp bu ýerde-de bir ýyla golaý durdy.
Şunça wagtyň dowamynda giden egin-eşigiň ýuwulansoň
serilip guradylmagyna sebäp boldy. Bir gezek bolsa, uly,
agyr halyny ýuwdular. Ýüp tutuş bir günläp ýuwulansoň
has-da agralan halyny göterip durmaly boldy. Şol gezek
her näçe dartylsa-da, sozulsa-da, üzülmedi, gaýrat etdi.
Soň, gurbanlyk ýetip gelende hojaýyn öý bikesinden
soramazdan-zat etmezden, ýüpi tutuşlygyna çözüp aldyda, tamyň arkasyndaky garrap, gasyn-gasyn bolan erik
agajynyň gapdal ösen uly şahasyndan geçirip, körpe
gyzyna hiňňillik ýasap berdi. Ine, onsoň hiňňillige öwrülen
pursadyndan başlap ýüp töweregiň çagalaryny gezekli
gezegine uçurmaga başlady. Emma hiňňillik bolmak
ýuwulan geýim-gejimleri guradýan ýüpüň wezipesinden
has agyr bolup çykdy. Muňa münýän çaga bolsa-da, eýläkbeýläk hallanlap bir uçýarlar welin, heý çydar ýaly däl.
Özlerem üznüksiz, şo-ol uçuşyp ýörler. Ýadanoklaram.
Ahyry goňşy çagalaryň biri özüni saklap bilmän, ýykylyp,
burnuny ganatdy. Muňa-da öý bikesiniň bijaý gahary geldi.
– Hany, baryň, dagaň öýli-öýňüze. Bu ýeri, näme,
çagalar bagymy? Ugraň, ugraň, hiňňillik uçulýan ýer däl
bäri – diýip, ol adaty yzgytsyzlygy bilen çagalary kowup
goýberdi.
10
– Senem, gyz, ýok et hiňňilligiňi, häý, hiňňilligi başyny
iýmiş!.. Özümçe bar-ýok, galyň uzyn etekliň artykmaç gepgürrüňi derkaryma däl – diýibem ýeňselerini tüňňerdişip,
hersi bir tarapa dagap barýan çagalar hem eşider ýaly gaty
sesde gygyryp, gyzyna haýbat atdy. Şundan soň hiňňilligiň
töweregi çolardy. Bir ýerden bir samsyk şemal tapylyp,
hiňňillik bilen birsellem oýnady-da, irip-ýadap, güw gitdi.
Birhaýukdan goňşularyň gurbanlygyndan gerk-gäbe doýan
agyr ýüzli hojaýyn geldi-de, uzyn-uzyn gägirip, çilim
otlandy. Onsoň ähli agramyny hiňňillige atyp, uçup
görmek üçin bat aldy. Şu ýerde ýüp çydamady. Gap
bilinde-bir ýerde halys ejizlän ýeri bardy. Ana, şol ýerinden
şarpa üzüldi. Üzüldi-de, hojaýyny ýeriň ýüzüne bulap
urdy. Hiňňillige, has anygy ýüpe hapa-hapa sögünip,
hojaýyn epeý gowresine gelişmeýän çalasynlyk bilen
ýerinden galdy. Üst-başynyň tot-tozanyny üfleşdiripkakyşdyryp durşuna daş-töweregine äňetdi. Hiç kim gören
däldir öýtdi. Aýaly gören eken.
– Waý, meň kir serýän ýüpüm! Ak girse-de, aň
girmedik, meýit! Doňuz ýaly bolup, nätdiň ony? Çagaň
aklyça-da ýok aklyň. Indi men kirimi nirä sereýin?
Peýdaňdan zyýanyň kän hojalyga. Garnyňy eşegiň garny
ýaly edip... Sypatyň gursun, sypaty guramyş! – diýip, öý
bikesi gargyndy.
Äri biraz özüni dürsäp, sapajak-supajak etdi.
– Agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de, wyzyrdap durma.
Ömürlik zat barmy nä. Ýüpdür-dä, bir gün üzülmeli bor-a.
Wagty-sagady gelende adam ölüp gidýä...
Ýüpi
welin,
iki
bölek
bolansoňam
ýatdan
çykarmadylar. Bir bölegini-hä öýüň körpe gyzy özi ýaly
çagalar bilen ýüp bökdi oýnuny oýnamak üçin aldy. Bäş-on
gün oýnansoň, irdimi ýa başga has gowy ýüp tapdymy,
11
muny bassyrmanyň aşagyna oklap goýberdi. Beýleki bölegi
bolsa erigiň gapdal ösen uly şahasyna oralşyna birki aýlap
ýatdy. Onsoň bir gün öýüň agyr ýüzli hojaýyny ýeňil
ädimler bilen şäherden kiçijik güjük alyp geldi. Ýaňy
süýtden kesilen it çagasyny erik şahasyna oralgy duran ýüp
bilen daňyp goýdy.
Aýalynyň muňa bolmajysy boldy:
– Öýlänligiňi ölüp tapýan halyňa, ýeri, iti nämetjek?
Özüňi oňardyň-da, indi it galdymy?
– Şul öýden jabjynyp, sen girip-çykyp ýörkäň başga it
geregem däl, welin, onda-da durumsyzlyk edip alaýdym,
seni ýekesiretmejek boldum. Aý, ýürek ýuka-da... Ýöne
ahmal bolma, bi seňňäly ganjyk däldir, erkek güjük bi –
diýip, keýpi kök hojaýyn ömürboýy tütünsiz ýakyp gelen
aýalyny duzlady.
– It ýaly bolsamam, ýene senden gowudyryn. Sen itçede ýok. Doňuz sen. Içip, mesirgäp, gören ýeriňde ýatypturup ýörsüň. Hapysa, haram meýdiýanan... – diýip, öý
bikesi hem munuň bilen deň sanaşdy.
Agyr ýüzli hojaýyn aýalynyň kemsitmelerine jogap
hökmünde ýasama äsgermezçilik bilen it ýylgyrşyny edip,
güjügine ýüzlendi:
– He-eý, janawer, bir ganjyk heleýe deňedi diýip,
menden gaty göräýmegin. Aslynda bi heleý sençe ýok.
Ýöne nätjek, alaç ýok, ikimiziň maňlaýmyzda bardyr-da
muň elinden çörek iýmek. Men-ä, näme, ömürboýy...
Hojaýyn güjügine ýüzlenip aýdyp duran sözlerini
soňlamaga ýetişmedi. Sebäbi bu gezek öý bikesi onuň bilen
deň sanaşyp durmagy artykmaçlyk hasap etdi-de,
gapdalynda duran suwly taňkany ärinden dazyrdadyp
saldy. Emma taňka nyşana degmedi. Guýrujagyny
bulaýlap, hojaýyna ýalynjaňlyk edip duran güjüge
12
gyltyzyrak degip geçdi. Beýle zada garaşmadyk güjük
çyňsady, urundy. Nirä-de bolsa, bir ýere sümülmek üçin
gaçmaga synanyşdy. Emma ýüp goýbermedi.
Är-heleý bolsa mundan soňam bir-birine diýmesiz
sözleri diýip, aýtmasyz zatlary aýdyşdylar.
Şol gün agşam güjük çyňsama gatyşykly uzyn-uzyn
uwlamasy bilen öý eýelerini gaty birahat etdi. Ertesi
hojaýyn güjügi şähere äkidip, zyňyp geldi. Şeýlelikde
ýüpüň bir bölegi güjük bilen gitdi.
Ýüpüň beýleki bölegi welin bassyrmanyň aşagynda
çaň basyp, kän ýatdy. Bir günem agyldaky iki goýnuň biri
aşa düşüp, ýüzüni sallady.
– Kaka, goýnumyz pyçaga gelipdir – diýip, körpe gyzy
ejesiniň öwreden sözlerini kakasyna ýetirdi.
Agyr ýüzli hojaýyn böküp ýerinden galdy-da, agyla
tarap haýdady. Ine, şu ýerde ýüpüň galan bölegi goýny
güýlmek üçin gerek boldy. Güýldüler. Damagyny çaldylar.
Onsoň, näçe ýyldyr, guransoňam henize-bu güne çenli
sogrulman duran garaly agajyndan asyp soýmak üçin hem
şu ýüpi ulandylar.
Hojaýyn goýny soýup bolup, damakgan akdyrylan
çukuryň üstüne atylan çöp-çalamlary ýakyp otyrka:
– Şular ýaly heleýiň bolsa, malyň ýa aç öler, ýa-da aşa
düşüp öler – diýip, burnuna salyp hüňürdedi.
– Gyrylsyn! Ölsün! Bolmanam äriň kartkeş bolsa,
malyňam artmaz, zadyňam! – diýip, öý bikesi hem gep alyp
galmady.
– Ataň öýüňe daşap ýörseň, zadyň artarmy?
– Daşajak. Öl, ölýän bolsaň. Sen ýaly tapanymy
kärtkeşlere ýal etmesem bolýa... Seni adam eden meň atam
öýüm dälmi?
13
Şol gezek bular sögüşip, ýüpi ýatlaryndan çykardylar.
Soň kimdir biri ony bassyrmanyň aşagyna oklady. Ýüp bu
ýerde-de idegsiz kän ýatdy.
Howa sowap, gyş golaýlap, dünýäň ýüzi wagtlaýyn
tukat keşbe giren mahaly öý bikesi sögünip-gargynyp, bu
ýüpe çykap, işikden mellegiň aýagujyna gyzyl çybyk bolup
ýatan gowaça küdesini daşady. Onsoň gysgaragam bolsa,
ýene bir zerur zadyma ulanaryn diýip, ýüpi üzüm
agajynyň şaha bölen ýerine gysdyryp goýdy.
Başga bir bisähet gün gündiziň günortany öý eýesiniň
ýeňles duýgulara hem bipeýan oý-pikirlere akyl-huşuny
aldyran, hüwjük saçly, neşebent ogly bir ýerlerden ýüzüni
ak tam edip geldi-de, özüni asyp heläklemek niýeti bilen
ýüpi bassyrma agajyndan aýlap geçirdi. Halka ýasady.
Dözümli-dözümli çekişdirip, berkdigini ýa däldigini barlap
gördi. Aýagynyň aşagyna ýemşik-ýumşyk köne bedräni
düňderip goýup, halkadan boýnuny geçirdi. Onsoň
pikirlenmän-zat etmän, bedräni depip goýberdi. Ýok,
bolmady. Ýalňyş ölçän eken. Ýüp uzyn bolup, aýagy ýere
degip dur. Bu ýagdaý asylyp ölmäge ýeterlik sebäp bolup
biljek däl. Nätmeli? Etjek alajyň ýok. Ajalyňa gol bulaýanyň
çyn bolsa, ýüpi gysgaltmaly. Aýagyň aşagyna-da bedre dälde, hol çelegi düňderip goýmaly. Ol ilki bilen çelegi
düňderip goýdy. Ýüpi hem biraz gysgaltdy. Emma
bolmajak bolsa bolmaz eken.
– Waý-ý, il-gün ýeteweriň! Dat-bidat, ýeteweriň-uw! –
diýip, öý bikesi iniňi tikeneklediji gorkunç hem çirkin ses
bilen gygyryp, bir ýerden peýda boldy. Ajal kerwenine
daklyşmak üçin ber-başagaý bolup duran oglan oslagsyz,
haýýar sese ziňk edip gitdi. Ejesi bolsa eýýäm haçan ýetip
gelip, ýaňky köne bedräni oglundan aýlap saldy. Bedre
14
nyşana jaýdar degdi. Ogly “hyk” edip, bir büküldi-de, şol
pursadyň özünde zut gaçyp gitdi.
Öý bikesi ak tam bolan repide ýaly ýüzüni gaharly
görnüşe getirip, özüni aşak goýberdi. Uçjak guş ýaly
galpyldap oturşyna edil häzir aglamalydygy ýadyna
düşmedi. Onsoň elleriniň, aýaklarynyň titremesine,
ýüreginiň
adaty
däl
gürsüldemesine,
sesiniň
sandyramasyna we üýşüp gelen goňşulara kän bir ähmiýet
bermän:
– Wah, tohumy tükenen! Seň ataňdan nä gün gördüm
men... Aňsat ölüm gözleýäňmi, ýerýuwdan! – diýip
gargyndy.
Bassyrma agajyndan ýüpi çözüp aýyrmadylar. Yrym
edip, gara towuk asdylar. Soň ýüp towuk bilen bilelikde
nirädir gürüm-jürüm boldy.
Maý, 2010 ý. Mary.
15
HAM-HYÝAL
Hekaýa
Allaň özi abraý berewersin, Bazar ýeke-hä ýatyp-ýatyp,
bir sarydiş aýaly duluna geçirmek barada ham-hyýala
münendir!
Nurgylyjyň “Dul halky gaty oýnatgy bolar eken. Başy
boş heleý hakda näme gürrüň etseň, güp ynanýar” diýenini
ol eşitmedi öýdýän. Ýa eşidibem eşitmezlige saldymyka?
Aý, ýok, eşiden däldir. Eşiden bolsa, hökman yzyna
dolanardy. Nurgylyjyň dagy-duwara şular ýaly samsyk
oýun etmezligi üçin içikdiriji sözleri suňşurardy. Iň
bolmanda ýaşy altmyşdan geçen adamy oýnamagyň
utançdygy, öziniň her bir aýdylan gepe ynanyp ýören
oýnatgy däldigi barada, garaz, bir zatlar diýerdi. Eger
muňa-da bogny ysmasa, onda öýke-kine ederdi. Ýok, Bazar
ýeke öýke-kine etmedi. Gaýtam, öz ýanyndan Nurgylyja
alkyş okady, ony tapbiler, aladaçyl oglan hasap etdi, özüne
ýakyn hossar saýdy.
Garaňky gatlyşansoň, ol janyny gul-gula salýan
meseläniň ilki-hä anygyna ýetmek üçin, soňundanam, eger
ugruna bolsa, çynyrgatmak niýeti bilen Artyk Garanyň
16
ýanyna bardy. Barsa, Artyk Gara çiň-arkan düşüp ýatyşyna
Gurhandan aýatmy, süremi, gaýtalap okap, dilini ýençýär
eken.
Bazar ýeke:
– Pah, pah, tüweleme, tüweleme! – diýip, özüniň
gelendigini duýdurdy. Onsoň gysgajyk salam-helik
alyşdylar. Öý eýesi myhmana oturara ýer görkezensoň:
– Ýekäm, işdäň bolsa, çekinme, nahar getirsinler,
mürähed-ä däl – diýip, mürähet etdi.
– Bereket bersin, şepe, men naharly, ýaňja iýdim –
diýip, Bazar ýeke-de öz gezeginde ýalan sypaýçylyk bilen
jogap gaýtardy.
– Şeýlemi? Seret ýagdaýyňa, soraýa diýme ...
-Diýmen, diýmen.
– Nememi, ýekäm, senem gara içýäňmi?
– Men çaý dannamok, şepe, gök, gara, parhy ýok.
– Al, onda, ine, gara çaý şü. Oňat demini alan bolmaly
– diýip, Artyk Gara demlenip, basyrylyp goýlan, çärýeklik
diýilýän kiçijik çäýnegi myhmanyň öňüne süýşürdi. – Sen
maňa seretme-de, içiber. Gün ýaşansoň çaý bilen kän bir
ugrum ýok...
– Böwrek heläk edýämi?
– Bo-ow, gaty heläk etýä. Ind-ä mekge gulpagam
peýda edenok.
– Böwregini kesdirip ýörenem-ä bar. Peýda eder
öýtseň, senem kesdirip goýbärler. Baýak Hojagulyň heleýi
bir böwregini kesdiripdir diýdiler. Nepi degendir, giripçykyb-a ýör.
– Ih! – edip, Hojagulyň ady agzalandan Artyk Gara
dikeldi. – Hol arada ýüzüni garaňka tutup, Hojaguly geldi.
Gelip, oýkanjyrap otyr. “Beh, bu näme, haw, azaşyp dagy
düşdümikä? Mundan öň tapýan gapysy däl bu. Halymy
17
soramaga gelmedig-ä belli” diýip otyryn. Oturyp-oturyp, iň
soňunda näme diýendir öýdýäň?
– Ýeri, näme diýdi?
– Namaz öwredäýseň diýýä. Baý-bo-ow, senmi namaz
okajak diýdim.
– Be, be, şü Hojagulymy? – diýip, Bazar ýeke çyny
bilen geň galdy.
– Hakyt şü Hojaguly.
– Ýa-heý, walla, oň sypaty namaz okajaga meňzänog-a.
– Menem diýdim şony. ”Bi göwräň, bi garnyň bilen
nädip eglip-galjak” diýdim. ”Oýun etmesene” diýýär. ”Aýhow, oglan, oýun däl, çypbakaý çynym, garnyňdan
habaryň barmy, nädip synja kyljak” diýdim. ”Synja näme
bolýar” diýýär gaýtam. ”Sen synjanam biljek bolma,
beýlekinem” diýdim. ”Namaz seň işiň däl, hötdesinden
gelip bilmersiň” diýdim. ”Bu gün başlan ýaly edersiň,
ertirem başarman taşlarsyň” diýdim. ”Öňem-ä bir aşyk
abraýyň ýok” diýdim.
Bazar ýeke Artyk Garanyň soňky sözleri hakykatdan
hem diýenligine güman edip:
– Bä-ä, şepe, göni şeý diýdiňmi? – diýip sorady.
– Diýdim. Göni şeý diýdim. Hä,
name
oňarmandyrynmy?
– Ýok, ýok, oňarypsyň, sazlapsyň.
– Ýekäm, men, dogrusy, namaz öwretmegi zähmet
göremok. Ýöne bi Hojaguly Hudaýa al saljak bolýar. Ana,
şony halamok.
Bazar ýeke düşünmedi.
– Hudaýy aldaryn öýdýär. Hojagula özüni aldatsa,
ondan Hudaý boljakmy?! – diýip, Artyk Gara ýene
düşnüksiz gürrüň etdi.
18
Göz öňünde Hojagulyň keşbi anyk janlasa-da, onuň
nähili ýol bilen Hudaýy aldajak bolýandygyna Bazar
ýekäniň akly kesmedi. Şoň üçin ol:
– Hojagulyda oýun köpdür. Her zat eder – diýip,
dagynyk gürrüň etdi.
– Döwi gelen wagtlary hökimeti talap, ogurlyk edip,
halal-haram ýygnady. Indem namaz öwrenäge-de,
Hudaýyň öňünde akja jüýje boljak bolýar. Eýsem, häzir
men saňa agzymdan gelenini aýdyp, hapa-hapa sögsem,
soňundanam ”Wiý, bilmändirin, bagyşla” diýsem, nähili
bolar? Be-e, bolmaz-a, oglan!
– Bolmaz, bolmaz.
Ondan-mundan bimany gep atyşyp,
ýene biraz
oturdylar. Nurgylyjyň gadyr bilmez ärden ýanan, indem
ýekelik dagyny çekip ýatan başy boş aýal baradaky süýji
gürrüňleri Bazar ýekä teý ynjalyk bermänsoň, ol
ýaýdanybraga-da esasy gürrüňe ýol arçady:
– Şepe, senden bir zady soraýyn diýip ýördim. Sen
bilýäň diýdiler...
Artyk Gara sesini durlamak üçin ýeňil ardynjyrap:
– Weý, soraber, soraber, bilýän zadymy aýdyp bereýin
– diýip, ätiýaçly jogap berdi.
– Nememi, şü ýokarky gatlada oturýan Jumany
tanaýaňmy?
– Juma... Juma... Juma...
– Bir ýerlerde ketde diýdiler. Siziň edaraňyzda başlyk
dagam bolaýypdyr öýdýän.
– Ih, Juma garynmy?
– Juma garynmyka? Şodur-la. Tanaýaňmy şony?
Artyk Garanyň ýüzüne dabara indi. Ol içki joşgunyny
diline getirip, höwesli gürledi.
19
– Pah, Juma garyny ýasanam tanaýan. Kakasyna
Öwezgeldi syrnyh diýerdiler. Ady özüne şaplaşyp dur.
Syrnyh diýseň syrnyhdy. Ömür boýy nas atandyr welin, öz
adyna kädisi ýokdy pahyryň. Il bir gowy zat, ölýänçä nasy
iliň kädisinden boldy. Ýogsa, pohdan ýasalýandyr, bahada ýok... Ýekäm, sen menden uly bolubam tanaňokmy
şony?
– Şepe, sen köpüň adamsy, çakylygyň kän, tanyş-bilşiň
köp – diýip, Bazar ýeke öý eýesine gop berdi. – Ýöne adyny
eşidýärdim, gören bolmagymam ahmal toýda-beýlekide.
Juma garyn...
– Juma garynyň özüni kakasyndanam gowy tanaýan.
Gaty belet çöpüm. Pensiýa çykmazymyň öň ýany edarada
prorab boldy. Häzirem şo ýerde. Kakasynyň pohuça-da
ýokdur. Salam-heligem bilenok. Edarany tozduran şo-da.
– Bizden-ä birki müçe kiçi öýdýän?
– Gowrak kiçidir. Garyn salyp, gomalyp ýörensoň,
ýaşyndan uly görünýändir. Baý, özem bir hapysa welin,
tabakdaş bolar ýaly däl. Men-ä näme, özüň bilýäň, gabady
gelse, gönümelligimi edip goýberýän. Çekinip duramok.
Bir gezek şäherde biriniň sadakasynda otyrkak gaty
gaharymy getirende dalap aldym. “Sen dagyn heleý bolup
dörän bolsaň, är almazdy” diýdim. “Äwüp-säwüp, bir
bagtyýanyň başyndan iläýseňem, günde eş-şek ýaly taýak
iýerdiň” diýdim.
Şepesiniň şol sözleri Juma garynyň göni ýüzüne gelip
diýendigine şunça güman etse-de, Bazar ýeke ýene onuň
ugrundan gopdy.
– Bä-ä, duzlapsyň-aý! – diýdi.
– Gaty duzladym. Ölinçä içinden çykmaz ýaly
edendirin. Şondan soň meň bilen kän ugry bolmady.
Salamam ajal ýaly sowuk. Pensiýa çykalym bär-ä
20
göremogam. Arada gürrüň etdiler heleýiniň talagyny
beripdir diýip.
Şu ýerde Bazar ýekäni galpyldy basdy. Ýüzi gyzdy. Ol
beýnisine baryp urýan gyzgyn ganyň sarsgynyny açyk
eşitdi. Ýeke dyz oturyp, ykjamlandy-da, Nurgylyçdan
eşidenlerini sowal hökmünde gaýtalady:
– Hany, o heleýiň özi turup giden ýaly-la?
Artyk Gara “Sen ony kimden eşitdiň?” diýmedi. Diýen
bolsa Bazar ýeke näme jogap bererdi?
– Heleýiniň turup giden ýeri ýok, ýekäm. Otyr.
Menden sora. Oň sebäbi bar. Juma garyn bireýýämden bäri
şäherde heleý saklaýa. Gazanjy oňat bolansoň, şu çaka çen
bildirmän gezipdir. Onsoň bir ýerden gulagyna ýetendirdä, bi heleýi muny biläge-de, Juma garyny öýünden
kowýar.
Bazar ýekäniň gözleri uçganaklady.
– Bä, bä, ýaman heleý oguşýan?
– Günäsini it götersin welin, o heleýiň özüniňem gepgürrüňi ýetik. Çermegine onçakly gaýym däl ýaly.
– Şäherdäkisiniň, ä?
– Ýok, haw, gatladakyň gürrüňini edýän, başdaş
heleýi. Şäherdäkisiniň näçe derýaň suwuny içip, haýsy
güzere näçe inenini Ýokarky bilen özünden başga bilýän
ýok.
Bazar ýekäniň muňa ynanasy gelmedi.
– Haýt, haýt, şepe, gatyrak gitdiň öýdýän. Juda bir
beýle-de däldir – diýip, ol halys ynjalykdan gaçyp sorady.
– Hergiz gatyrak gidýän däldirin, ýekäm, göwnüňedir.
– Görmän-bilmän biriniň maşgalasyna eýle-beýle
diýip, günä göterme diýjek bolýan.
21
– He-eý, ýekäm, ýa sen meni gepletjek bolýaň, ýa-da...
A-haw, oglan, düzüw maşgala bolýan bolsa, Juma garyna
ikinji heleý bolup barmaz-a.
– Ähtimaldyr. Ikinjisi şeýledir. Şekim ýok. Ýöne
başdaşy asylly maşgala ýaly-la? Biz-ä tanamzok, dogrusy.
– Weý, sen tanamasaňam, biz tanaýas ony. Başdaşyna
asyllylyk sürtseňem ýokmaz. Tüýs Juma garynyň taýy.
Ýurtýykan, darsdaban. Men o heleýi birinji gezek göremde
tanadym. Juma garynyň alkymyna dykylyp, iki elinem
bykynyna urup, bir zat öwredip dur eken. Bir-ä ärine zat
öwredýän heleý, birem iki elini bykynyna urýan heleý
düzuw däldir. Hergiz bilip goýgun, ýekäm.
– Çermegine gowşagrak diýdiň welin...
– Gowşagrak däl, gaty gowşak. Asyl çermeksiz.
– Sen ony birinden eşitdiňmi?
– Birinden däl, kän adamdan eşitdim. Görenem bar.
Juma garynyň özem bilýär diýdiler.
Şundan soň Bazar ýekäniň iň soňky umudy hem puç
boldy. Onuň ozalam sykyma gelen göwresi hasam kiçeldi.
Gowşady. Onsoň ol dagy näme diýerini bilmän:
– Geň-taň göremzok – diýdi.
– Juma garyn sataşan bolsa gerek. “Deň etmän, duş
etmez” diýýär. Duşmanyň heleý bolmasyn!.. Juma garynyň
nädip prorab bolanyny eşitdiňmi, ýekäm?
Bazar ýeke höwessiz:
– Ýok – diýdi. Bu gürrüňi onuň diňläsiniň
gelmeýändigi kesesinden görnüp durdy.
– Häzir men derrewjik ýassymy okap alaýyn. Onsoň
aýdyp beräýerin.
– Täretiň barmy? – diýip Bazar ýeke juda dymyp
oturmazlyk üçin sorady.
– Täretim bar.
22
Artyk Gara namazlyga mündi.
Hezili gaçansoň, Bazar ýekäniň çaý bilen hoşy
bolmady. Ellerini bykynyna tutup, üstüne abanyp duran
haýýar aýalyň keşbi onuň oý-pikirlerinde ýigrenç gatyşykly
düşnüksiz gussa döretdi. Öý eýesi namazlykdan düşen
dessine ol gürrüňi başga ýana sowmak maksady bilen:
– Şepe, ine, şu namaz okalyp bolansoň, iki egniňe
salam berilýär. Şoň näme manysy bar? – diýip, ýalandan
gyzyklandy.
– Pah, şonam bileňokmy? Dawut pygamberden galan
ol. Dawudyň kyrk ogly bolan. Kyrk ogluna ymam bolup,
namaza durar eken. Onsoň bir gün namaz okap durka “Ýer
ýüzünde men ýaly kyrk ogluna ymamlyk edýän adam
barmyka” diýip, men-menlik edýär. Namazy gutaryp
gezekli-gezegine iki egniniň üstaşyry yzyna seredýär.
Seredýär welin, kyrk oglunyň kyrkysam seždä gidipdir-de,
gatap galypdyr. Ana, şondan galan. Ana, men-menlik
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Açar - 2
  • Parts
  • Açar - 1
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2171
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 2
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2162
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 3
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 2065
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 4
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2179
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 5
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2072
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 6
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2217
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 7
    Total number of words is 2069
    Total number of unique words is 1283
    37.6 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.