Latin

Açar - 3

Total number of words is 3684
Total number of unique words is 2065
32.3 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Göwnäris. Esasy zat ogluň halasyn gyzlaryny. Birem
galyňy ýeňil bolsun diý. Agyr salsa nätjek? Ilden çykmasa
kaýyl men.
– Doly bilip-bilmän düwünçegiňi düwüberýäň-aý.
Howlugyp edilýän iş däl. Entek sora-ide, gör, bil. Pylan zat
diýme.
44
– Howlugýan barmy, gyz? Howlugaňda-da edip biljek
zadyň ýok. Entek jemlenmeli. Häh-mäh edäýer ýaly, hany,
arta-süýşe zadyň barmy? Ýöne tamdyr gyzanda ýap diýjek
bolýan.
– Onda birbada goý muny.
– Ä?
– Birbada goý diýýän şuny. Ätiýaçda goý. Başgasyny
gözle.
Aýnabat geňirgenme gatyşykly gorky bilen:
– O nähili ätiýaç? Dur, gyýw, masgara! Biri bilen arany
açman, başga ýere barsaň... Ätiýajyň näme, gyz?.. Waý, senä muny kinodaky ýaly edip barýaň – diýdi.
Aýalynyň haýsy kinony göz öňünde tutýandygyny
ýadyna saljak bolup, Öwez gözüni süzdi.
– Ýok, sen nämüçin göwnemejek bolýaň? Şony aýt
maňa – diýip Aýnabat halys ynjalykdan gaçyp sorady.
– Birinjiden-ä ara uzak. Soňam gatnaşmaly ýeriň. Aňsat
düşmez...
– Meň nä atam öýüm ýakynmy? – diýip, Aýnabat
äriniň sözüni böldi.
– Dur, how, dur-a bir. Diňl-ä ilki meni.
– Diňleýän. Ýöne uzak diýýäniň hasap däl. Onyň
bahana.
– A bor onda. Mensiz çözüp bilýän bolsaň, meni
nämüçin äkidýäň? Bar git-de, guda bol, sähediňi belle-de,
galyňyny geçir.
Äriniň gep uruş äheňi ýaramasa-da, Aýnabat sabyr
etdi.
– Onsoň? – diýdi?
– Näme onsoň?
– Ara uzak diýdiň-ä ýaňy. Bar bahanaň şomy?
45
– Dogrymy aýdaýynmy, Aýnabat? – diýip, Öwez ýalan
sözledi: – Men esasan kakasyny halamadym.
Aýnabat üşerildi.
– Nämesini halamadyň? – diýip anyk jogaba garaşdy.
– Nädip düşündirsemkäm indi saňa?.. Bilýäňmi, käbir
adamy halys aňryň alanok. Saňa ýagşydan-ýamandan hiç
zadam eden däldir welin, şonda-da ýigrenýänsiň şony. Hiiç iniň söýýän däldir. Görmeseň, gowudyr. Daş duranyňy
kem görmersiň. Çagasynda günä-de ýokdur welin, atasyny
ýigrenseň, nädip gelin edinjek? Bilýän, “Oň bilen ogluň
ýaşaşmaly” diýersiň. Ýenäniň ýenesi bar diýen ýaly, şo
ýylçyr kelle doňuz kakasy boljak bolsa... Aýnabat, meň
ýüregim bir erbetligi syzýar. Birbada goýaly şuny. Oýunjak
iş däl bi.
Nije ýyllaryň dowamynda äriniň agzyndan bular ýaly
çynlakaý gürrüňi ilkinji gezek eşidýändigi üçin Aýnabady
nämälim gorky basdy. Ärine şunça beledem bolsa, ýagdaýy
doly syzmaga onuň aýal duýgurlygy ejiz geldi. Dile
getiräýmeli sowallaryň telimsini ýuwdup oturşyna ol:
– Waý, bilmedim men-ä. Sen menem gorkuzýaň şular
ýaly gürrüňler bilen – diýip, howatyrly seslendi. Uludan
dem aldy. Dem alşynda düşnüksiz gam bilen argynlyk
bardy.
– Galanam näme, kim maňlaýyna ýazylan bolsa, şo
bor-da. Ikimiziň edip biljek zadymyz bolmaz – diýip, Öwez
Aýnabada göwünlik bermek üçin aýtdy.
– Hawa, maňlaýyna ýazylany. Dogry aýdýaň.
Öweziň aýalyna ýüregi awady. Şular ýaly meselede özi
bilen kejeleşip durman ylalaşýandygy üçin Aýnabada
minnetdar boldy. Köňli welin kanagat tapmady. Bikarar
boldy. Öz ýanyndan uruş yglan etdi. “Senjagaz, ýylçyr
kelle, duruber bakaly, ojagaz edeniňi ýerine salaryn entek”
46
diýip, şol ýenjilen gezegindäki ýaly Annagylyja gaýybana
haýbat atdy. Jara balyk tutmaga baran wagty üstüni basyp,
gürpbasdy etmek hyýalyna mündi. Gypynç etmedi. Arman
çekdi. Pylança ýyl bäri köýüp ýatan aryny wagtynda ýerine
salmandygy üçin özüni kötekledi. Alaçsyzlygyna içi ýandy,
agysy tutdy.
Öýüne baransoňam ynjalmady. Daş çykdy. Çil ýakada
çommalyp oturşyna ala-burugsy bolup çilim çekdi.
“Owadan gelin” agyr aýdymmyka? Kynmyka? Öwez
nämüçin öwrenmedikä? Şindiki bagşylar aýdyp ýör-ä. Äý,
ýok, gep aýdymda däl, “Owadan gelni” aýdyp berenem
bolsa, Öwez şol gün ýenjilerdi. Aýdym häki bir bahana.
Bir ýerlerden göz agyrysy ýaly tapylyp, çaga pişik
geldi-de, myrlap, gaharly oturan hojaýynynyň aýagyna
süýkenmäge başlady. Öwez poslan kepje bilen ony urup,
seňseletdi-de, turup hol beýleräkde oturdy. Çala demi
gelip-gidip duran pişige seredip “Kepje o diýen gowy
degmedi. Ykjam degen bolsa, bir uramda ölerdi” diýip
oýlandy. Onda pişiklere garşy myrtar ýigrenç bardy.
Öwez sandyr-sandyr edip, ýene çilim otlandy. Ýene
Annagylyç ýadyna düşdi. “Çilimem diläp çekýär deýýus”
diýip, eşdiler-eşdilmez hüňürdedi.
Fewral, 2013. Mary.
47
EJEMIŇ AGLAN GÜNI
Hekaýa
Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada.
Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde
ejem kakama ýüzlenip:
– Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden
zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden assyrynlyk bilen
kakama seretdim. Ol asuda ses bilen:
– O heleýimden zat artmaýan bolsa, sizi ekläp
bilmezdim-ä. Ekläp otyryn-a, ine – diýdi.
– Minnetiň näme, gyz? Näme diliňe çolan bolýaň?
Ekleýämişin-ä... Bökersiňem eklemän.
Men gorky bilen ýene-de kakamyň ýüzüne seretdim.
Birden ejemi ýenjibermesin diýip howatyrlandym. Sebäbi
ozal şular ýaly galmagal edenlerinde kakam ejeme:
“Ýenjerin. Gaty gidiberseň, suwasalma ýenjerin” diýipdi.
Eger şo diýýänini edäýse, özümiň näme etmelidigim
barada öňünden pikirlenip ugradym. Kakam pikirlerimi
duw-dagyn etdi.
– Onda akyllyja bol. Keseli diläp alýan ýok. Oň ýerinde
özüňem bir goýup gör.
– Keselem bir bahana – diýip, ejem hüňürdedi.
48
– Seň şu guşbeýniň näme pikir edýärýkä? Keselli diýip,
başdaş heleýimi kowaga-da, seni oba göçürip äkider
öýdýäňmi?
– Guşbeýni özüň. Guşbeýni bolmasaň, oba göçjegimi,
göçmejegimi bilerdiň.
Şol gezek kakam gaharly çykyp gitdi.
Şol gezek men ejemden:
– Guşbeýni näme? – diýip soradym. Ol gözýaşyny
gizläp:
– Lal bol – diýdi, guşbeýniň nämedigini aýtmady. Men
muny keýpi kök wagty kakamdan sorap bilerin.
Biz şäherjigiň çetinde, köne jaýyň ikinji gatynda
ýaşaýardyk. Öýde galapyn ejem ikimiz bolýardyk. Ejemiň
aýtmagyna görä, men indiki ýyl mekdebe gatnap
başlamalydym. Şoň üçin kakam maňa suratly kitap bilen
depder, galam getirip berdi. Kakam köplenç gijelerine öýde
bolmazdy. Gündiz gelerdi. Giç agşama çenli ejemiň
ýanynda bolardy. Meň bilenem oýnardy. Kakam ikimiz
köplenç surat çekerdik.
Başga bir gezek nämedir bir zadyň üstünde
gygyryşanlarynda kakam indi gelmejekdigini aýdyp,
ejemiň gaharyny getirdi. Şonda ejem:
– Onda ogluňam alyp git. Maňa çaga gerek däl – diýip,
samsyk gürrüň etdi.
Men möňňürip aglap, ejemiň boýnundan aslyşdym.
– Gitjek däl. Seň ýanyňda galjak – diýdim.
Gapydan çykyp barýarka kakam:
– Akmak heleý diýerler saňa. Çagaň zähresini ýardyň.
Ýürejiginde gorky kesel galsa nätjek?! – diýip, ejeme
käýindi. Ejem onuň yzyndan gygyryp galdy:
49
– Şermendelik etme! Eşidýäňmi, çagany bahanalan
bolup, meni haýalçyratjak bolma. Ojagaz tilki sapalagyňa
men beletdirin. Sypatyň gursun, sypaty guramyş!
Şol gün agşam ýatmak üçin ýerimize girenimizde men
ejemden:
– Eje, meni kakama berip goýbermersiň gerek?
Kowmarsyň gerek? – diýip soradym.
Ejem meni bagryna basyp, ýaňagymdan ogşady.
– Bermen, oglum, bermen. Hiç kime bermen. Bal
oglum, ballar oglum, gül oglum, güller oglum! – diýdi.
– Häli özüň çaga gerek däl diýdiň-ä.
– Ony gaharyma diýäýendirin, oglum.
– Indi diýmegin, eje, gaharyň gelse-de, diýmegin –
diýip men öwretdim.
Ejem başymy sypady. Eli bilen saçymy daraklap
ýatyşyna:
– Saçyňam örübermeli bolupdyr. Kiçeltmeli – diýip,
gürrüňi başga tarapa sowjak boldy.
Men ynjalykdan gaçyp:
– Kakamam kowmarsyň gerek? – diýdim.
– Kowman, oglum, kowman – diýip, ejem jogap berdi.
Biraz dymyp, tirsegine galdy-da, edil uly adam bilen
gürleşýän ýaly äheň bilen gürrüňine düzediş berdi. – Men
kowamog-a ony. Özi gitjek diýýär. Men hiç wagtam
kowmadym.
– Nämüçin gitjek diýýär?
– Bilmedim.
– A sen ony goýberme. Gitme diý. Sakla.
– Nädip saklaýyn? – diýip, ejem gaty kyn sowal berdi.
Nädip saklamalydygyny bilmänim üçin:
– Sakla-da bir zat edip. Goýberme – diýdim.
50
– Saklamasak-da, gidip bilmez. Hälem oýun edip
diýendir. Gitmez – diýip, elem arkaýyn gürrüň etdi. Halys
ynjalygym bolmansoň, men:
– Çyny bilen diýen bolsa näbilýäň? Birden ertir
gelmese, nätjek? – diýip soradym.
Şu sowalym ejemi birneme oýlandyrdy öýdýän. Ol esli
wagt sesini çykarman pikirlenip jogap berdi:
– Geler, gitjek ýeri bolmaz. Hany, ýat indi.
– Birden gelmedi-dä, nätjek?
– Gelmese, gözläp taparys.
– Eje, o heleýi sen gördüňmi?
– Haýsy heleýi?
– Şo obadaky heleýi? Sygyr ýaly symyşlaýa diýdiň-ä? –
diýip ejemiň ýadyna saldym.
– Samsyk çaga! Ululaň gürrüňine goşulma
diýmedimmi saňa?.. Ýat indi. Ukla. Ýogsam, şo heleýe
bererin seni – diýip, ejem ýalandan haýbat atdy.
– Eje!
– Ýat diýýän indi.
Ejem çygjaran gözlerini eliniň aýasy bilen süpürip,
beýlesine öwrüldi. Göz ýaşyny gizleýär diýip, men pikir
etdim.
Şol gezek kakam bäş günläp gara bermedi. Çaky,
öýkelän bolarly.
– Kakam-a gelmedi welin, gözlemäge gidelimi? – diýip
men ejemden soradym.
– Hany, şu günem garaşyp göreli, gelmese, ertir
gidäýeris – diýip, ejem meni begendirdi.
Nireden gözlemelidigini bilmesem-de, kakamy
tapjakdygymyza men berk ynanýardym. Ýöne gözlemäge
gitmeli bolmadyk. Şol gün öýlänler kakamyň özi geldi. Ol
gapydan giren dessine ejem:
51
– Azaşman neneň tapdyň? – diýip ýalňyş sorag berdi.
Sebäbi kakamyň azaşmajakdygy bes-bellidi. Men onuň
häzire çenli öýmüzi tapman azaşan gezegini bilemok.
Ähtimal, kakamyň bäş gün mundan öň öýkeläp gidenini
ejem häzir bilýän däldir, bilse-de, bilmediksireýändir.
Kakam sesini çykarmady. Meň ýanyma geldi-de:
– Hany, salam et – diýip elini uzatdy. Men
salamlaşdym. Ol meniň ýaňagymdan öpdi. Onsoň ejem
bilen kakam beýleki otaga geçdiler. Olaryň pessaý
hümürdileri eşdilip durdy. Seslerinde gödek äheň
duýulmaýardy. Ýogsam, ejem häzir kakamyň üstüne
gygyryp başlar öýdüp garaşýardym, emma o çakym
çykmady. Ol kakamdan ownuk pul alyp, maňa berdi-de:
– Oglum, bar dükana gidip, çörek alyp gel – diýdi. Soň
meni geýindirdi.
Gapydan çykyp barýarkam:
– Köçeden geçeňde seresap bolgun! Puluňa-da gaýym
bol, ýitirip, gaçyryp ýörme. Iň gowusy, jübiňe sal – diýip
berk tabşyrdy. Şol wagt ýadyma düşdi-de, yzyma dönüp:
– Eje, surat depderem alaýaýaýyn – diýdim.
Ejem maňa ýene biraz ownuk pul berip goýberdi. Men
öýmüzden gaty uzak bolmadyk ýerde – köçäň aýagujynda
ýerleşýän dükana gitdim. Çörek aldym, surat depder
aldym, ýene biraz pul galdy welin, oňa-da galam aldym.
Ýolboýy ejem bilen kakamyň sögüşmezligini diledim. Eger
sögüşmeseler, kakamyň obadaky aýaly barada soramagy
ýüregime düwdüm.
Öýe gelsem, kakam aýbogdaşyny gurup, meniň içi
suratdan doly depderimiň sahypalaryny agdaryşdyryp
otyr. Ejem onuň dyzyny ýassanypdyr-da, bir eliniň
barmaklary
bilen
kakamyň
köýneginiň
iliklerini
dyrmalaýar, beýleki eli bilen bolsa onuň arkasyny
52
sypalaşdyrýar, ýuwaş ses bilen bir zatlary süýjüdip gürrüň
berýär. Kakamam diňleýär. Gürrüň arasynda ikisi hem
ýuwaşja gülýär, käte ýylgyrýar. Ejemiň gülüp duran
gözlerinde, mähir çogýan ýüzünde juda seýrek gabat
gelýän, üýtgeşik ýakym gördüm. Häzir onuň özüni juda
bagtly duýýandygy barada gep-gürrüň bolup bilmez.
Elbetde, bu ýagdaýa men şeýle bir begendim, hiç aýdypdiýer ýaly däl.
Kakam meni ýanyna çagyrdy-da, çeken suratlarymdan
birini görkezip:
– Bular kim? – diýip sorady.
– Biý-ä ejem, bu-da sen – diýip, men düşündirdim.
– Hany öz suratyň? Özüňi çekmediňmi?
Dogrudanam öz suratymy çekmek kelläme gelmändir.
Ejem bilen kakamyň ýanyndan öz suratymy çeksem, has-da
gowy boljakdygyna düşündim. Onsoň:
– Häzir çekjek, kaka. Täze depderime çeksem bolarmy?
– diýip soradym.
– Hawa, gowy bolar. Täze depderiňe çekiber indi.
Şatlykdan, begençden ýaňa meniň ýüregim gürsüldäp
durdy. Onsoň bu bagtyýar pursaty uzaltmak üçin men
kakamyň bizi taşlap gitmese gowy boljakdygyny, eger
gidäýse-de, ejem ikimiziň ony hökman gözläp
tapjakdygymyzy, bu barada ejem bilen maslahat
edendigimizi aýdyp bermek kararyna geldim. Ejemiň
halamazlygy-da mümkin, emma barybir onuň hol gün iki
gezek dagyn menden gözýaşyny gizläp, aglandygyny hem
kakama gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. Birem
guşbeýni nämekä? Şuny hem kakamdan soraýsammykam?
Mart, 2013. Mary.
53
SURATKEŞ
Hekaýa
Ülkä belli suratkeş goşgy heserine ulaşdy. Surat çekýän
galamyny döwet galamyna çalşyp, dünýäni unudyp, şygyr
sungatynyň näzini çekip başlady. Gündiz çaý-naharyny
sowatdy, gije ukyny gysgaltdy. Irkildi, ymyzgandy, ýöne
çuň uka çümüp bilmedi. Surat çekýän döwürleri görýän
düýşleri dagy ýele ýanyndanam geçmedi. Şeýdip, bir aý
diýlende küti depderi goşgudan dolduryp, edebi gazetiň
redaksiýasynyň gapysyndan ätledi.
Suratkeşi onda-munda kän görünýän, ýaňy adygyp
ugran ýaş şahyr – bölüm müdiri garşylady.
– Ine, şuňa goşgy diýerler. Gazetiňde güzlediber
birýanyndan. Suratym bilen bile bererin diýseň, onam
getirjek – diýip, suratkeş bir aýlyk zähmetini patladyp
bölüm müdiriniň stoluna oklady.
Goşgy, şygyr diýilse, işdäsi açylyp, ökjesi ýeňleýän ýaş
şahyryň gözleri uçganaklady.
– Beh, dogrudanam? Öz goşgyňyzmy? Hakyt özüňiz
ýazdyňyzmy? – diýip, ol çyny bilen sorady.
– Weý, dagy kim ýazsyn?! Elbetde, özüm ýazdym.
Bölüm müdiri depdere işdämen topulyp, sahypalaryny
gyssanmaç waraklap oturyşyna geňirgenmesini gizlejegem
bolman:
54
– Men sizi diňe suratkeş diýip tanaýardym welin, asyl
siz şahyram oguşýan! – diýdi.
– Pah, bu goşgular gursagymda garrady, ýogsam,
bireýýäm ýazylmalydy. Suratçylyk işim birneme päsgel
berdi. Ynha, indi elim boşaşdy, bir aý bäri diňe goşgy bilen
gidişýän. Entek mende ýeterlik güýç-kuwwat bar,
gaýratym egsilenok. Goşga bolan hyjuwym dyňzap dur,
ýüregim joşýar. Nesip bolsa, şu-gün erte düýpli bir poema
ýazyp başlajak.
Ýaş şahyr agzyny açyp diňläp otyr, suratkeşe
gözügidijilik bilen seredýär. Gör-ä, ülkäň iň bir atly
suratkeşi! Eserleri sergiden sergä gatnaşyp ýören, dünýäň
köp ýerinde tanalýan beýik zehin, tapylgysyz ussat,
tanymal suratkeş indi şygryýetde öz güýjüni synaýar.
Suratçy halky synçy bolýar, gözelligi duýmaga ökde,
tebigat, peýzaž, daşarky dünýädäki sazlaşyk suratkeşiň
gözünden sypanok, ol dürli reňkler bilen görýän zatlaryny
kagyza geçirýär, her eserinde çuňňur mana ýugrulan
pelsepe bar, olary synlap, manysyny çözlemek özüňe bagly.
Bu adam goşga-da uçursyz ökdedir. Eýse näme, gözelligi
duýup bilýän adamdan erbet goşgy çykmaz!
Bölüm müdiri suratkeşiň häsini ýetirdi, gop berdi:
– Tüweleme! Poema başlasaňyz, näme, şowly bolsun!
Höwri köp bolsun! Ýazmak siz bilen, çap etmek biz bilen!
– Okamak paýam okyjyňky! – diýip, suratkeş üstüni
ýetirdi.
– Onda näme, depderiňizi goýup gidiň, üç-dört
günden habar tutuň, menem okaşdyraýyn, başlyklaram
okasyn, hökman çap ederis – diýip, bölüm müdiri tüýs
suratkeşiň garaşýan jogabyny berdi.
Çykyp barýarka suratkeş:
55
– Nememi, suratymam berjekmisiňiz ýa hökmanam
dälmi? – diýip sorady.
– Bereris, hökman bereris. Indiki geleňizde
suratyňyzam alyp geliň.
Suratkeş hoş bolup çykyp gitdi.
Bölüm müdiri hem depderi açyp, goşgularyň birýan
çetinden girdi. Girişi ýalam lapykeç boldy. Keşde çeken
ýaly sünnälenip ýazylan owadan setirler goşgy däl-de,
gury bir sarnama ekeni. Ne tagam bar, ne tagsyr. Duýgam
ýok, pikirem. Bogun ölçeglerinde-de deňlik saklanmandyr.
Setirleriň ahyryndaky sazlaşygy gaty pes. Üstesine-de
durşy bilen öwüt berýän sözler. “Wah, jan agam, goşguda
akyl satmaklykdan haçan eýýäm oba göçdi, okyja akyl
gerek däl, goşgy gerek, goşgy! Beýtme ahyryn! Wah, wah!”
diýip, ol suratkeşe gaýybana ýalbardy. Kejikdi.
Suratkeşlikde uly sungat döreden zehiniň şular ýaly goşga
meňzeş pes setirleri ýazyp biljekdigine ynanasy gelmedi.
“Heý bir üýtgeşijek setir, delje detal, iň bolmanda täze
kapyýa dagy ýokmuka?” diýip, sahypalary agdaryşdyryp
ugrady, goşgy yzyna goşgy okady. Hamana, şeýdende
gowy goşga öwrüläýjek ýaly, ýerinden turup, edil sahnada
çykyş edýän dek ellerini hereketlendirip, labyz bilen gaty
sesde daşyndanam okady. Okadygyça-da körkeýp boldy.
Depderi stoluň üstüne taşlap, duzsuz, ýuwan nahar iýýän
ýaly işdäsi tutuldy, seňrigini ýygyrdy.
“Indi näme etmeli?” diýen sowal ýaş şahyra ejir berip
ugrady. Ýaňy kellesiniň gyzgynyna “Hökman çap ederis”
hem diýäýdimi? Şu öl ýere biten dil diýmeli zadam diýýär,
diýmesiz zadam. Ahyry bir zadyň üstünden baraýan
bolsaň gerek! Ýeri, indi nätjek? Bulary täzeden işläp, her
bendinde bir setiri, ýa bäş-üç sany sözi üýtgedip, tasa
getirerdenem daş. Tutuşlygyna täzeden ýazsaň-a bolaram
56
welin, bi suratkeşiň öňünde nädip durjak? “Hany, meň
goşgym?” diýse, näme jogap berjek?
Ýaňy bir gepinde suratymam beräýseň diýjek
boldumy? Haý, işigaýdan! Adamyň ýaşy gaýdyşsa işem
gaýdar ekeni. Ýa işi gaýdansoň ýaşy gaýdýarmyka?
“Işigaýdan, ýaşy gaýdan! Ýaşy gaýdan, işigaýdan!” diýip,
bölüm müdiri ikibaka gezmeläp ýörşüne hümürdedi. “Ýeri,
goşgy ýazmak nireden kelläňe geldi? Çekiber-dä suratyňy!”
diýip, öz ýanyndan suratkeşe igendi. “Jan agam, goşgyny,
ine, şeýle ýazmaly!” diýip, haýran galdyryjy, ajaýyp bir
şygry döredesi geldi. Nusga görkezäýsem diýdi. Görkezjek
nusgasynyň ýaşuly suratkeş tarapyndan gara şaýa
alynmajagyna üşügi ýeten dessine: “Ýok, munyň-a
bolanok, han ogul, munyň çykalga däl, çykalga däl!
Başgarak bir zat tap” diýip pälinden el çekdi.
Onsoň bölüm müdiri ýatyp-turup, oýlana-oýlana,
ahyry çykalga hökmünde bir pirim oýlap tapdy.
Suratkeşiň geljek gününe gabatlady-da, bir petde ak
kagyzy öňüne alyp, özüçe surat çekip başlady. Çem gelen
zadyň suratyny çekdi. Ugralla çekdi. Birinji kagyza testegelek çyzyk çekdi, ikinjä süýri tegelek, üçünjä üçburçluk,
dördünjä bäşburçluk, bäşinjä ýene bir zat... Galamy haýsy
tarapa ýöräsi gelse, ýöretdi, ýaýdanmady, gypynç etmedi.
Sähelçe wagtyň dowamynda telim “surat” çekdi. Çeken
“suratlaryny” iş otagynyň diwaryna ýelmeşdirdi. Az gördi.
Ýene çekdi. Ýene-de diwara ýelmäp ugrady. Ine, şeýdip,
ber-başagaý bolup ýörkä-de ardynjyrap, gapydan suratkeş
girdi. Salam-helikden soň ol äýneginiň üstaşyry diwardaky
“suratlara” göz aýlap:
– Pah, pah, bu kagyzlar näme? – diýip sorady.
Bölüm müdiri göwnübir jogap berdi:
– Kagyz däl olar, surat!
57
– O nähili surat? Kimiň suraty?
Bölüm müdiri gülmän-yşman:
– Surat-da. Meň çeken suratlam. Geçen gezek gelip
gideniňizden soň mende suratkeşlige höwes döredi. Höwes
däl, höwes diýseň, bärden gaýdýar, söýgi döredi. Şu günler
goşgyny goýup, diňe surat çekýän. Kiçijik çaga wagtlarym
hem surat çekerdim. Ýöne goşga başlap, suratdan elim
sowady. Indi, nesip bolsa, surat bilen goşgyny bile
ýöretmekçi. Ýeri, nädýär, boljakmy? – diýdi.
Suratkeşiň gözleri tegelendi. Üşerildi.
– Beh – diýip, ol bir “suratlara”, bir bölüm müdiriniň
ýüzüne seredip, aýdara-goýara söz tapmady.
– Suratkeşleň sergisine gatnaşmak üçin näme etmelikä?
Men gatnaşaýsam diýýän – diýip, bölüm müdiri gökden
düşen ýaly aňalyp duran suratkeş üçin mojukdan mojuk
gürrüň tapdy.
Ýaşuly suratkeş şübhesini ýaşyrmady:
– Çynyňmy ýa oýun edýärmiň?
– Agam, siziň ýadyňyza oýun düşýär. Men bolsa... Siz
gowy bilýänsiňiz, şo sergide çeken suratlaryňy gowja
bahadan satyp bolýarmyş. Çynmy şol? Men näme etsem...
Suratkeş bölüm müdiriniň sözüni böldi:
– Haý, inim-m! Akmak oglan ekeniň. Akyllyja,
üşüklijemikäň diýýärdim welin...
Bölüm müdiri hem suratkeşiň gepini soňlatmady:
– Weý, agam, näme boldy? Ýa halamadyňmy
suratlarymy? Ýa-da ol sergi diýýänim ugursyz gürrüňmi?
– Seň özüň ugursyz! – diýip, suratkeş gaharly janykdy.
– Oglan, akmak bolmasaň sered-ä! Suratmy şü? Ine, şü
suratmy? Ynha, şu çeken zadyň nämesi surat?
– Ýaşuly-y! Nädiberýäň-aý, ýaşuly? Meň gije-gündiz
ýatman çeken azabym-a bular. Gül ýaly suratlar, sergä
58
niýetläp çekdim – diýip, bölüm müdiri ýasama gahar bilen
çytyldy. Ynjydylan çaga ýaly kesä bakdy.
Suratkeş bolsa köşeşer ýaly däl. Gahary joşup, gitdigiçe
beleň alýar:
– Şu ýaşyma sen ýaly gepe düşmez tünte duşmandym.
Indem duşurmasyn! Ýagşam bir iş eden ekeniň. Saňa kagyz
zaýala diýseň! Ana, seň başarýan işiň! Häý, nadan!
Ine, şu ýerde bölüm müdiri: “Amatydyr-da, Alla!”
diýip, goşguly depderi eline aldy-da, kesgitli:
– Ýaşuly, me, depderiňi al! – diýdi.
Suratkeş äýnegini gözünden aýryp, täzeden dakdy,
aljyrady.
– Ä? – diýdi.
– Depderiňi al diýýän, goşguly depderiňi – diýip,
bölüm müdiri depderi suratkeşiň eline tutdurdy.
Bu wakanyň soňunyň nähili gutarany belli däl. Her hili
gutaryp biler.
21-nji aprel, 2013-nji ýyl. Mary.
59
EŞEK WE KÄBIR BEÝLEKI ZATLAR BARADA
Hekaýa
Bekki goňşy obadan eşek satyn alyp geldi. Daýaw, gök
eşek. Mada däl. Şaýy-july bolmasa-da, tamam esbaby tükel.
Arabasy, agyzdyrygy, keçesi, gaňňasy, hemmesi ýerbe-ýer.
Ozalky eýesi muny satmakçy däl ekeni. Zerura
düşüpdir. Ogly gyz alyp gaçypdyr-da, gyssagara toý
şaýyny tutmaly bolupdyr.
Bekki hem zerura düşüp aldy. Bakyda duran bäş-alty
baş gara malyň iýjek ot-çöpüni meýdandan galtak bilen
daşaýmak aňsat däl. Aýlanyp-dolanyp aldajy gyşam gelip
dur. Dokuzyňy üçe ýetirmek üçin oňam öňünden gaçmaly.
Köneje-de bolsa, bir ulag edinibilse, kemje-kerdem boljak
däl welin, Bekkiňem çagalary ýetişip gelýär. Okatmaly,
öýermeli, çykarmaly. Wagtynda öýerip-çykarmasaň, biri
gyz alyp gaçarmy, ýene biri ýüzüne gara çekip, äre gaçyp
gidermi, nädermi?
Eşek getirilen güni ondan-mundan eşidip-görüp,
goňşy-golam Bekkilere üýşdi. Bekki ilkibada: “Beh, eşek
alamda şunça adam üýşýän bolsa, täze maşyn alaýsam
dagy nähili bolarka? Bulara çaý-suwam bermelimikä?”
diýip, öz ýanyndan biraz gaýga-da çümdi. Ýöne adamlaryň
çaý-suw azaryna däl, gelen ilki bilen eşegiň daşyndan
böwür berip, terslin-oňlyn aýlanýar-da, ur-tut bahasyny
60
soraýar. Bekki hem aýdýar. Onsoň dileg edýärler,
gutlaýarlar:
– Nesip etsin!
– Haýryny bersin!
– Gutly bolsun!
Bekki zol “Taňyrýalkasyn! Aýdanyň gelsin!” diýip,
jogap berýär. Arasynda ýeňsesini gaşap, ýeserlik bilen:
“Nätjek? Boljakmy özi? Ýa oňarmandyrynmy?” diýip,
adamlaryň pikirini bilmek üçin soraýar. “Oňarmansyň”
diýýän ýok.
– Oňarypsyň.
– Sazlapsyň.
– Derdiňe ýarasa, bolanlygy şol.
Eşegem ýat oba düşdüm diýip, ýadyrgap duranok.
Öňüne oklanan ot-çöpe äwmezlik bilen agyz urup, gaty
arkaýyn. Gelenler mahaly bilen dagabermänsoň, ol birki
gezek
hynçgyrdy-da,
özüniň
hakyky
eşekdigini
tassyklamakçy bolýan ýaly, adamlara gep-üýn alyşdyrman,
diň-gögüne garap uzy-yn aňňyrdy. “Ana-da, ana!”
boluşdylar. “Gördüňmi ediberşini!” diýişdiler.
Gelenleriň biri:
– Nesip etsin welin, indi sen muň bilen näme iş etmekçi
bolýaň? – diýip, Bekkiden sorady.
Bekki:
– Öňde-de bir eşek bilen düýäni toýa çagyrypmyşlar –
diýip, tymsala tutdurdy. – Eşek begenip, aňňyryp,
mesirgäp, bolmajysy bolupdyr. Şonda düýe: “Ýer-ow, uzyn
gulak, ýaman hyzzyn atýaň-la? Näme boldy?” diýip
sorapdyr. Eşegem: “Ikimizi toýa çagyrdylar. Men-ä şuňa
begenip, iki bolup bilemok. Sen näme begeneňok?”
diýipdir. Düýe näme diýendir öýdýäňiz? Ha-ha! “Häý, eşek
dost! – diýipdir. – Oň üçin tanapyňa towsup, gaňňaňy
61
garnyňa alma, ikimizi toýa çagyrýan bolsalar, men-ä
guýudan suw çekmeli bolaryn, senem odun daşarsyň”
diýipdir. Ha-ha-ha!
Bu gürrüňi öň eşiden bolsa gerek, Atabaý çypar
gülmän-yşman, göz-gaşyny çytyp:
– Obada ýene kimde eşek bar? – diýip, başga zat
sorady.
Bada-bat:
– Mälikde bar – diýdiler.
– Ýene kimde bar?
– Ho-ol Toýlyda bar. Ýöne oňky mada eşek. Deme
gelen wagty golaýyna eltenok.
– Ýene?
Juda derwaýys zadyň jogabyny gözleýän ýaly, her kim
oýa batdy, obany öýin-öýin hyýalyndan geçirip, başga eşek
tapmadylar.
– Ýaňy-ýaňylaram her öýde bir eşek bardy. Üýtgeşik
jandardyram öýdülmezdi. Ynha, indi Bekkiň eşegine edil
muzeýiň eksponaty ýaly seredýäs. Döwür üýtgäp gidip
otyr. Gerekmejek zatlary aýryp zyňýar, ýerini başga zatlar
bilen doldurýar – diýip, Çary mugallym köpmanyly
gürledi.
Bekki: “Eýse, men indi döwrüň zyňan, gerekmejek
zadyny aldygym boldumy? Özüni oňarmaýan ysnat
boldummy? Onda nämüçin...” diýip, pikir edip ugrady
welin, gapdaldan Jepbar çykyp, onuň pikirini bulaşdyrdy.
– Dogrudanam şo eşekler nirä ýitirim bolduka? – diýip,
ol gyzykly sowal berdi.
Atabaý çypar:
– Hm, şonam bileňokmy? Şäheriň haýwanat
bagyndaky ýolbarslar iýip gutardy – diýdi.
62
Duranlaryň içinde muňa ynanany az boldy. Heý,
ýolbarsam eşek etini iýermi? Haýwanlaryň şasyna ýaraşjak
zatmydyr şü? Ynha, keýik ýa gulan iýer diýseň, hä diýse
bor.
Häliden bäri çetde bir özi gürrüňçilige goşulman
oturan, Şamyrat aga nasyny gapdala tüýkürdi-de:
– Hany, şü eşegi duşap biljegiňiz barmy? – diýip, hiç
kimiň garaşmadyk sowalyny orta atdy.
Üşerilişip, dymdylar.
Şamyrat aga oslagsyz sowallar bilen adamlaryň
sustuny basmagy gowy görerdi. Ilden tapawutly görünmek
üçin hemişe adamlary haýran galdyrmaga çalşardy.
Niçikmi, gürrüňdeşiniň osal ýerini tapdygy bes,
sypdyrmazdy. Hüjüm ederdi. Öwünmegi halaýardy.
Häzirem ol tüýs jaý pursatda hereket etdi. Biraz eglense,
adamlaryň dagap gitmegi mümkindi.
– Barmy? – diýip, Bekki Şamyrat aganyň sowalyny
gaýtalady. – Menem bilemok şony. Öwrenmeli-hä bolar.
Araba goşman-a öňki eýesinden öwrendim.
– Inim Bekmyrat! Bular eşek duşamany bilmez. Gaňňa
salmanam bilmez. Araba goşmanam bilýändirler öýdemok.
Sen bulardan eşegiň haýsy tarapyndan münüp, haýsy
tarapyndan düşmelidigini sora, şonam bilýän däldirler –
diýip, Şamyrat aga igendi.
– Hakyky zat, bilemzok – diýip, Jepbar boýun aldy.
Çary mugallym nägilelik bilen:
– Bilmek geregem däl. Nämä gerek? Eşekdir-dä –
diýdi.
Şamyrat aganyň muňa girre gahary geldi:
– Çary-y! Gerekdir, gaty gerekdir. Eşekdir-dä diýip
kemsidýäň welin...
Ol demsalym oýurganyp durdy-da:
63
– Gaýraky tutly ýaby kimiň çekenini bilýäňmi? – diýip,
Çary mugallymdan sorady.
“Bu sowal nireden geld-aý bu ýere?” diýýän ýaly, her
kim geňirgenme bilen Şamyrat agaň ýüzüne seretdi.
Çary mugallym bilmeýän ekeni.
– Bilemok – diýip, ol gysgajyk jogap berdi.
– Bilýäňizmi? – diýip, Şamyrat aga beýlekilerden
sorady.
Hiç kimden ses çykmady.
Ýaşuly ähmiýetini artdyryp esli dymansoň:
– Bilmeýän bolsaňyz, bilýän otyr ýanyňyzda. Kiçilik
bilmän, soraň – diýdi. Diýdi welin:
– Kim çekdi? – diýişdiler.
– Kakam pahyr çekdi – diýip, ol aşak seredip dymdy.
Duranlar tutly ýap bilen eşegiň näme baglanyşygynyň
bardygyna düşünmän, ýene soragly nazaryny Şamyrat aga
gönükdirdiler. Ýaşuly olaryň wajyp gürrüňi diňlemän,
dagabermeginden ätiýaç edip:
– Nädip çekenini bilýäňizmi? – diýip sorady.
– Kimiň çekenini bilmesek, nädip çekenini näbileli? –
diýip, Atabaý çypar takat etmän, kineli dillendi.
– Kakam pahyr ummadan akylly adam bolan – diýip,
Şamyrat aga köne zamanyň gürrüňini edip ugrady. – Bir
gün, ine, şü gaýraky tutly ýaby çekmeli bolýar. Ýerem
nätekiz. Ýap çekmek kyn däl, nätekiz ýeriň arasy bilen suw
çykarmak kyn. Şo gezek Batman aga aljyrapdyr. Batman
aga diýýänim şo döwrüň başlygy. Aljyrap, näderini bilmän,
kakama ýüz tutupdyr. Kakam, näme, ömürboýy o zatlaň
içinde gezip ýörensoň, darykmandyr, “Arkaýyn bol!”
diýipdir. Onsoň noburyň sakasyna barakgetdin, horjunyň
iki gözünem çägeden dolduryp, eşegiň gerşine basypdyr.
Ýene bir haltanam çägeden dolduryp, keseligine eşegiň
64
ýagyrnysyna ýükläpdir. Onsoň “Byssymylla! Hyh,
janawer!” diýip, eşegi kowup goýberipdir. Özem eline
pilini alypdyr-da, eşegiň ýörän yzyny çapyklap
gaýdyberipdir. Başlyga-da “Meň pilimi uran ýerim
boýunça gazyp gaýdyber ýabyňy” diýipdir.
Şamyrat aga bir gulaga öwrülip diňläp oturan
adamlara seredip kanagat tapdy. Ardynjyrap, täze açyş
eden ýaly, dabaraly gürledi:
– Hergiz bilip goýuň! Üsti ýükli eşek hiç wagt beýik
ýere tarap ýöremez. Ýeriň pesini adamdan gowy bilýändir.
Jepbar:
– Bäh, kellä geljek zat däl-aý. Adamdan emel gutulmaz
– diýip, çyny bilen geňirgendi.
Amaty gelenini bilip, şu ýerde Şamyrat aga bireýýäm
ölüp giden aslyny öwmegi hem ýadyndan çykarmady:
– Kakam pahyryň bilýänini kagyza geçirseň, bir tam
kitap bolardy. Ummadan akylly adam bolan pahyr. Indi ol
adamlar ýok. Biz şolarça bolup bilemzok. Adamlar üýtgedi.
Şamyrat aga barmagyny çommaldyp, beleň aldy:
– Hany, obada eşek münübilýän ulugyz barmy?
Ýokdur. Tapmarsyňyz. Öň eşek münübilmeýän ýokdy, indi
tersine. O-ol eşek münüp, meýdanda kätmen urýan gyzlar
indi oral aýal boldular.
Hamana şu duranlar günäkär ýaly, Şamyrat aga
adamlara gaharly göz aýlady.
– Ikindiň wagty girdi, men ýöräýin – diýip, Jepbar
Güne seretdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Açar - 4
  • Parts
  • Açar - 1
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2171
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 2
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2162
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 3
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 2065
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 4
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2179
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 5
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2072
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 6
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2217
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 7
    Total number of words is 2069
    Total number of unique words is 1283
    37.6 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.