Latin

Açar - 5

Total number of words is 3702
Total number of unique words is 2072
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düzedeweri! Birigün awa çykjak. Ulagda tykyrdy bolsa, biri
edil taýak bilen depäme urýan ýaly, hiç ynjalygym bolanok
– diýip, ol möhümini aýtdy.
Begli ussa gurallaryny alyp, ulagyň daşyna geçdi.
Eýlesini-beýlesini barlaşdyryp ýörüşine:
– Awa gitseň, näme, aw ganly bolsun! Nämejik
awlaýsam diýýäň? Ýüzüň haýsy tarapa? – diýip,
gyzyklandy.
– Ýüzüm-ä guma! Gumuňam tümüne! Awlajak
zadymam nesibedir. Bilýäň-ä, şu pillä çenli elime tüpeň
alyp, towhuldatman gaýdan wagtym ýog-a. Birem hatasyz
86
ok atanymy eşiden dälsiň – diýip, Gulla mergen şu ýerde
birazajyk öwündem.
Awçylygyň tabyny mazaly ele alan Gullanyň uçursyz
mergenligine belet bolansoň, Begli ussa onuň gaňryşyna
gaýtjak bolup durmady. Tark-turk edip duran ýerinden
dymyp oturmazlygy üçin gepiň gerdişine görä mergene
gep atdy:
– Diýmek, aw etini iýesiň gelipdir-dä?
– Iýesim gelib-ä däl-le. Şükür, aw bolmanda-da açlykhorluk ýok. Bu zatlar häki bir düze çykyp, göwün açmakda.
Gulla mergen ulagyň radiosyny açdy. Dutarda ýerine
ýetirýän bagşylaryň biri joşup, halk aýdymyny aýdýar
eken. Aýdymyň bir ýerinde Gulla mergen süýem
barmagyny gezäp:
– Ussam, diňle şu ýerini, oňatja diňle! – diýdi-de,
bagşynyň sesine ses goşdy:
Ýigidiň bolmasa, ow, ýaragy, aty,
Şony belli biliň, äý, äý, äý, ýokdur gaýraty!
Begli ussa äm-säm bolup dikeldi-de:
– Behh! – diýdi.
– Heý bir many alybildiňmi? – diýip, Gulla mergen
şowhun turuzdy. – Näme diýjek bolýanyny aňdyňmy? Ýa
düşünmediňmi?
– Düşünmez ýaly zat ýok-la. At-ýaragy bolmadyk
adamda gaýrat ýokdur diýýär.
– Ana, ana, seň üşügiň ýiti, ussam! Many alypsyň.
– Muň üçin ullakan üşük gerek däl welin... kim
aýdypdyr muny?
87
– Weý, şu bagşyny tanamadyňmy? Häý, ussam,
aýdym-saz bilen hoşuň ýog-ow.
– Bagşyny tanadym-la. Döwlet Ballykdyr bi. Meň
soraýanym goşgusyny ýazan kim?
– Goşgusynymy? Goşgusyny Magtymguly ýazypdyr.
“Magtymguly, öwüt bardyr sözümde” diýýän ýeri bar-a.
Diňle!
Begli ussa kürtdürip biraz duransoň:
– Äý, Magtymguly ýazanam bolsa, birhili manysy
nemeräk ýaly şuň. Diýýän zadyna sered-ä! “Gaýraty
ýokdur” diýýä – diýdi.
– Ussam, seň özüň nemeräk bolaýma. Many çykaryp
bilmän, Magtymgula bir zat diýjek bolup otyrsyň welin,
goşgy-poşgy bir okaýaňmy sen? – diýip, mergen ussany
haýalçyratdy.
– Goşgy bilen-ä kän aram ýokdur, gardaş. O-ol mekdep
döwri kän okadyk, kän goşgy ýat tutduk. Magtymgulynam
az okan däldiris.
– He-eý, ussam, okanyň bilen many çykaryp bilmeseň,
peýdasy näme? Seň kelläňde demir-dümürden ýaňa goşga
ýer ýok çaky.
– Many çykaryp, biz näme alymmy? Eýse, özüň many
çykaryp biljekmi?
– Weý, elbetde! Gaýratly kişi boljak bolsaň, at bilen
ýarag edin diýýär. Magtymgulyň döwründe bular ýaly
ulag-a bolmandyr. Şoň üçin at diýýänine, ynha, şu meňki
ýaly ulag diýip düşünmeli. Ýarag diýýänem tüpeň-dä.
Meň-ä, özüň bilýäň, ussam, garry atamdan galan ýekenilim
bar. Het-petegimem düzüw. Gullukda-da ýokary derejeli
mergen diýip, hat berdiler. Onsoň, ine, käte-käte ýekenili
alýan-da, dört tigirli “atyma” atlanyp, ýaňky aýdyma
zowladyp, awa çykyberýän. Ýalňyşmy, eýse?
88
Begli ussa ýalňyş diýmedi. Gaharlanyp:
– Düşünjäň näteňed-äý? Ynha, meň ulagymam ýok,
ýaragymam. Indi men bigaýrat boldummy? – diýdi.
Gulla mergen ýöwsellik edip, bada-bat gürrüňi başga
tarapa alyp gaçmaga synanyşdy.
– Wah, gara gözüňe döneýin, ussam, sen düşün-ä! Men
beý diýjek bolmadym. Ulagyňa münüp, tüpeňiň bilen düze
çyksaň, aw etseň, dünýäň hözirini görseň diýjek bolýan.
– O diýýäniňi bilemok, ýöne goşgy ýalňyş. Ters pikir
bar – diýip, ussa çürt-kesik gürrüň etdi.
– Hany, niresi ters, nämesi ýalňyş?
– Aý, how, adamyň gaýratyny at-ýaragy bilen ölçeseň
bolmaz-a! Zanny bigaýrat bolsa, süri-süri at bolanda nä,
set-müň ýarag dakynanda nä? Gaýrat diýilýän zat adamyň
özünde bolmalydyr-a?
– Seň diýýäniňem dogry welin...
– Şony aýdýan-da...
Gulla mergene galsa, bu gürrüň şu ýerde gutarmalydy.
Çünki ol entegem özüniňkini dogry hasap edýärdi.
Ussanyň göwnüni ýykmazlyk üçin ol jedeliň soňuny
gümmi-sümmä urdy.
– Aý, bilmedim-aý, ussam, men-ä.
Şeýdip, gürrüňçiligiň arasyna böwşeňlik düşdi. Gulla
mergen-ä eline esgi alyp, ulagyň aýnalaryny süpürişdirdi.
Begli ussa bolsa käte bir gurallaryny şakyrdadýar
diýäýmeseň, sessiz işini edýärdi. Ine, wagtyň şular ýaly
ümsüm pursatlarynyň birinde mekdebiň edebiýat
mugallymy Nurmyrat köne ulagyny arladyp, bularyň
ýanynda peýda boldy.
Gulla mergen:
– Mollam, seňkide-de tykyrdy köpeldimi? – diýip,
onuň ulagyna ümledi.
89

Ýok-la,
tykyrdy-beýleki
bilen
oňuşjak-la.
Tüsseçykaryna bir zad-a boldy. Sesi erbet. Halys gep-üýn
alyşdyranok.
– Bar derdi şo bolsa, ynha, ussa häzir ony edil gopuz
ýaly edip berer.
Begli ussa eliniň ýagyny esgi bilen süpürip:
– Tüsseçykaryň bir alajyny taparys, Nummat – diýdi. –
Ýöne bu ýerde, ynha, bir düşnüksiz zat bar. Sen bize şony
çözüp beräýseň!
– Başardygymdan. Ýeri, bakaly! – diýip, Nurmyrat
mugallym ykjamlandy.
– Aty bilen tüpeňi bolmadyk adama gaýratsyz diýseň,
dogry bolarmy? – diýip, Begli ussa gygyryp diýen ýaly
sorady. Şonda onuň äheňinde içki dabarasy äşgär duýuldy.
Ýüzünde bolsa “Ýok, dogry däl” diýen jogaba garaşýan
alamat göründi.
Nurmyrat mugallym üşerilip, Gulla mergene seretdi.
– Dur, entek, ussam, beýdip soramasana! – diýip, Gulla
mergen Beglä düzediş berdi-de, yzyndan Nurmyrat
mugallyma ýüzlendi. – Mollam, Magtymgulyň bir goşgusy
bar, “Ýigidiň bolmasa, ýaragy, aty, şony belli biliň, ýokdur
gaýraty” diýýär. Men aýdýan, at diýýäni-hä, ynha, ulag
bolmaly, ýarag diýýänem aw tüpeňidir diýýän. Guma
çykyp, aw etseň, şu zatlar ýigidi ýigit edýär-ä. Dogry dämi,
mollam?
– Nummat, sen şo goşgyň manysyny aýdyp ber bize! –
diýip, Begli ussa soragy has-da anyklaşdyrdy.
Nurmyrat
mugallymyň
ýüzünde
geňirgenme
gatyşykly ýylgyryş peýda boldy.
– Pah-pah! – diýip, ol ussa bilen mergeniň ýüzüne
taýly gezek seretdi. Soň edil mekdepde – okuwçylaryň
öňünde sapak geçýän ýaly, agraslanyp, iki elini arkasyna
90
tutup, dodagyny müňküldedip, eýläk-beýläk ýöräp
ugrady. Ussa bilen mergenem munuň gapdaly bilen ýöräp,
agzyndan gaçjak sözi gapyp almak üçin gulaklaryny
tutdular.
– Ozaly bilen bellemeli zat, her bir şahyryň
döredijiligine öz döwrüniň nukdaýnazaryndan çemeleşip
seretmelidiris – diýip, Nurmyrat mugallym resmi äheňde
düşündirip başlady. Ol kitap dilinde geplemegi gowy
görýärdi.
– Magtymgulyň ýaňky goşgusynyň ýazylanyna
takmynan iki ýarym asyr wagt geçipdir. Diýmek, biz
meselä iki ýarym asyr mundan öňki döwrüň gözi bilen
seretmeli bolýas. Bize taryhdan belli bolşuna görä, o
döwürler çapawulçylykly zamana bolupdyr. Siziň
düşünmeýän ýaňky iki setiriňiz watan goragyna çykan
ýigitlere degişlidir. At diýilýän janawer şo döwrüň iň bir
ähmiýetli söweş ulagydyr. Ýaragam näme, ýarag-da.
Ýaragsyz söweşe girip bolýarmy? Il-ýurdy ýagydan aman
saklamak üçin at bilen ýarag iň bir zerur serişde bolupdyr.
Indi gaýrat barada. Gaýrat sözüniň many örüsi örän giňdir.
Bu sözüň çägine tutanýerlilik, erjellik, gaýdywsyzlyk,
batyrlyk, edermenlik ýaly düşünjeler girýär. Şeýle
bolansoň, biz ýaňky iki setire watançylyk jähtden
seretmelidiris. Ata watanyň, ene topragyň öňündäki
ogullyk borjy, has takygy, ýigidiň gaýraty onuň at-ýaragy
bilen şertlendirilendir. Umuman, geçmişde biziň atababalarymyz bedew atyň gymmatyna naýbaşy derejede
baha kesipdirler. “Atym bar – ganatym bar”, “Aty ýoguň –
ady ýok” ýaly parasatly pähimler muňa şaýatdyr.
Magtymguly bolsa muňa has-da önjeýli düşünipdir. Siz
şahyryň “At ýanynda bellidir” diýen goşgusyny
bilýäňizmi?
91
Nurmyrat mugallym gitdigiçe gyzyşýardy. Häsini
berseň, joşup, labyz bilen goşga okamaga-da taýyndy.
Elbetde, Begli ussa bilen Gulla mergen üçin düşnüksiz
zat galmady.
15-nji mart, 2014-nji ýyl. Mary.
92
AÇAR
Hekaýa
Şol gezek ejem bilen kakam mellekde işläp ýördi.
Menem tamyň kölegesinde ouryp, bir jam erik iýipdim-de,
yzyndan ber-başagaý şänik döwünjek bolýardym. Şonda
telpegini çümre geýen nätanyş bir adam gelip, esasan
kakamyň ýüzüne seredip, bir zatlar diýdi. Aralyk eslije ýer
bolansoň, onuň näme habar getirenini men anyk
eşitmedim.
Nätanyş gidip-gitmänkä ejem bilen kakam pillerini
alyp, gyssanmaç işige ýöneldiler. Olaryň aljyraňňy
hereketlerinden, galagoply ýüzlerinden nirädir bir ýere
şaýlanýandyklaryny soraman biläýmelidi. Elbetde, men
kakamyň “goçguzusy”, ejemiňem “erkesi” bolanym üçin
hiç wagt olaryň ýanyndan galmaýardym. Şo gezegem
üstümiň gumuny dagam kakman, hasyr-husur kakamyň
motorynyň gozagyna aslyşyp mündüm-de, joňkarylyp
oturyberdim.
– Erkäm, sen Hajar bilen oýnaber. Hany, şänikleriňi
nätdiň? Erigiň barmy? – diýip, ejem meni gozakdan sogrup
aldy.
93
Bularyň meni taşlap, birýaňa gitjeklerini gözüm
bilenjik görüp durkam ömür Hajar bilen oýnarynmy?
– Menem gitjek. Menem gitjek siz bilen! – diýip
aglamjyrap, nadaralyk edip ugradym.
Kakam pilini süpürişdirip oturan ýerinden:
– Hany, bi Okga dagy ýokmuka? Tabşyraý şolara. Birki
sagat güýmäp bersinler! – diýip, ejeme maslahat berdi.
Ejemem bilguşagyny çözüp, teläriň üstüne atdy-da,
golaý goňşymyzyň işigine seredip:
– Okga-a! Aý-uw, Okga-a! – diýip, gygyrmaga durdy.
Kakam biraz gatyrganyp:
– Beýdip gygyryp durma ahyryn. Beh... Ýanyna baryp,
ýagdaýyňy düşündir, haýyş et! – diýdi.
Ejem goňşulara garşy ýönelen dessine men hemişeki
gizlenýänje ýerime – aýakly sandygyň aşagyna girmek üçin
öýe kürsäp urdum. Ine, şu ýerde-de penjiräň öňünde
kakamyň motorynyň açarynyň ýatandygyna gözüm düşdi.
Açary garbap aldym. “Muny jübüme salsam-a, derrew
tapyp alarlar. Tapdyklary motora atlanyp, menem taşlap
giderler. Eger men gitmejek bolsam, goý, onda ejem bilen
kakamam gitmesin! Şoň üçin açary ýok etmeli” diýen pikir
kelläme geldi. Ýöne açary nädip ýok etmeli? Nirä zyňmaly?
Uzak oýlanyp durmadym-da, penjiräni açyp, tamyň arka
ýüzünden geçýän suwly ýaba zyňyp goýberdim. Özümem
aýakly sandygyň aşagyna girip, gizlenip ýatyberdim.
Meni derrew tapdylar. Emma açar tapylmady.
– Haýsy penjiräň öňünde goýupdyň? – diýip, ejem
soraýardy.
Kakam bolsa birde bu penjiräni, birde-de o penjiräni
salgy berýärdi. Açary takyk nirede goýanyny onuň özem
bilmeýän bolarly. Birdenem ol:
94
– Oh! Ýadyma düşdi – diýip, atylyp, daşaryk çykyp
gitdi. Elbetde, açary meň alanymy we suwly ýaba
zyňanymy kakam görmändi. Emma şonda-da kakam açary
tapar öýdüp, şo pursat öler ýaly gorkdum. Açar tapylsa,
ejem bilen kakamyň meni taşlap gitjekdigine gözüm ýetip
durdy.
Kakam okdurylyp daş çykanam bolsa, öýe girende
ýüzüni aşak sallap, sust geldi.
– Ýog-a. Käte motoryň özüne dakyp goýaýýardym. O
taýda-da ýok ekeni – diýip, ol pessaý ses bilen günäli ýaly
dillendi.
– Jübiňde goýan-a dälsiň? Jübüleriňi barla hany! –
diýip, ejem ýatlatdy. Onsoň olar iki bolup kakamyň ähli
eşikleriniň jübülerini barlamaga durdular.
– Aý, ýok, men hiç wagt jübimde açar goýamog-a –
diýip, kakam jübülerini çöwürýärdi.
Ejem bolsa:
– Onda haýsy arwah ýoguna ýandyka o artyp
galmyşyň? – diýip jibrinýärdi.
Açar tapylmady. Ony nireden gözlejekdiklerini bilmän,
ýaýdanyşyp durkalar birdenkä ýadyna düşen ýaly, ejem
maňa garap:
– Hany, göniňden gel, motoryň açaryny sen ýygnan-a
dälsiň-dä? – diýip, dözümli sorady.
Men gözümi mölerdip, burnumy çekdim-de:
– Ýo-ok – diýip, sogduryp aýtdym.
Şonda kakam “Açary sen gizlediňmi, goçguzym?
Köseme-de tapyp beräý. Görýäň-ä biz gaty gyssanmaç”
diýýän ýaly, şeýle bir mysapyr, şeýle bir nebsagyryjy
garaýyş bilen meniň gözüme seretdi welin, tas ylgap baryp,
suwly ýaba özümi urupdym. Eger “Açary tapyp berseň,
95
senem äkidäýeris” diýen bolsa, gürrüňsiz boýnuma
aljakdym.
Tizden goňşymyz Okga diýilýän aýal geldi.
– Gaýrat et, goňşy! Kän eglenesemiz ýok. Hä diýmän
geleris – diýip, ejem meni Okganyň gujagyna berdi. Men
elde-aýakda durman, sesimiň ýetdiginden zörledip
aglamaga başladym. Okga bolsa haýyma-maýyma bakman,
meni öz öýlerine alyp gaýtdy. Ana, şonda men ýene bir
zada göz ýetirdim. Her näçe çarbaýlyk etsemem, sesim
gyrlyp, göm-gök bolýançam çyrlap, aglasamam, dözüljek
ýerleri-de bolýar ekeni. Hatda motoryň açaryny tapylmajak
ýere zyňanam bolsam, ejem bilen kakamy ýolundan saklap
bilmejek ekenim. Olary goýbermezlik ýa-da ýanlaryna
goşulyşyp gidibermeklik meniň erk-ygtyýarymda däl
ekeni.
Soň näme boldy? Soň Okgalarda sojap-sojap aglanymy,
ýüzümiň çişip, gözümiň çym gyzyl bolanyny bilýän.
Kemşerip, kemsitmä meňzeş garjaşyk duýgularyň yzasyny
çekip ýatanym ýadymda. Ondan soňky zatlar ýadyma
düşenok. Usurgap uklap galan bolmagym mümkin.
Elbetde, ejem bilen kakam mensiz nirä gidenem
bolsalar, gidişleri ýaly yzlaryna köwlenipdirler. Olaryň
açary tapandyklaryny ýa tapmandyklaryny, motorly
gidendiklerini ýa gitmändiklerini bilemok. Ýadyma
düşenok. Asla men şo zatlary şo gün unudypdyryn
öýdýän. Hakydamyň gizlin bir ýerine salypdyryn-da,
soňam büs-bütinleý ýadymdan çykarypdyryn.
Ondan soň kän gezek ýaplaryň suwy çekildi. Ondan
soň durmuşymda bihasap agylar, sansyz gülküler boldy.
Ondan soň telim sapar içimi tutup, awundym. Käte
başymdan hasrat indi, käte şatlyga şärik boldum. Emma
96
şunça ýyllaryň dowamynda nämüçindir açar barada pikir
etmändirin.
So-oň-soňlar ajal bilen ýaka tutuşyp, ahyry asgynlap
ýan beren mähriban ejem elimde iň soňky demini sanap,
hyrkyldap ýatyrka-da, ömrüni gara zähmet bilen daban
azabyna pida eden jepakeş kakam gözüni müdimilik
ýumjak bolanda-da bu wakajyk ýadyma düşmedi. Olar
meni şo gezekki ýaly wagtlaýyn dälde, hemişelik taşlap
gidensoňam, hatda bassyrmanyň astynda çaň basyp ýatan
şol köne gozakly motory gören wagtymam açarly waka
kelläme gelmedi.
Ýöne, ynha, üstünden kyrk ýyla golaý wagt geçensoň,
şu gün – tüýdülen ýüň ýaly, bölek-büçek bulutlaryň gök
ýüzünden alakjap geçip barýan wagty, sörtük şemalyň
baglardaky gülleri aparmak üçin oýun baryny turuzýan
wagty, golaýdan bir ýerden gül şiresini sorýan bal
arysynyň wyzzyldysynyň eşdilip duran wagty, ýaşaýyş
ugrunda göreşiň ýitileşen wagty... şo açarly waka ýadyma
düşdi. Muňa uly ýoluň ugrunda durkam gapdalymdan
wazlap geçen gozakly motor sebäp boldy. Motoryň
üstünde kakama çalymdaş bir adam, gozagynda bolsa
ejeme meňzeş bir aýal otyrdy. Ýüz keşplerini saýgarmaga
maý bolmady, emma göwnüme bolmasa, ikisi-de kimdir
birini bialaç ynjydan ýalydy, gerekli zadyny unudyp
barýan ýalydy, bir derdi içine salyp, agyr aladanyň astynda
galan ýalydy, ünjülidi, gussalydy. Bu surat, hamana, ejem
bilen kakam bary-ýogy ýekeje gezek, bir pursatlyk maňa
çalasudur görnüp geçmek üçin kyrk ýyllyk geçmişden
çykyp, indem nirädir bir ýere gyssanmaç gidip barýan ýaly
bolup göründi. Ine, onsoň olar meni ýany bilen alyp
gitmeg-ä däl, hatda gabadymda göz açyp-ýumasy salym
eglenmän gidendikleri üçin, diňe şoň üçin şo-ol birmahalky
97
suwly ýaba zyňlan açar, näderini bilmän, jibrinip ýören
ejem, açaryny gözläp elewreýän kakam, ynha, şularyň bary
göz öňümde edil ýaňyja bolup geçen deý janlandy. Şu
ýerde hykga damagym doldy-da, hatarly kerwenden
üzülip galan kimin, delminip, olaryň giden tarapyna
aňalyp galdym.
Meniň şo-ol birmahalky özelenip aglap galyşym ýaly,
olaryň yzynda-da biri boýnuny burup, dodagyny
kemşerdip galan ýaly bolup dur.
26-njy mart, 2014-nji ýyl. Mary.
98
ÝALAN
Hekaýa
Bir gezek, on iki-on üç ýaşly oglankam gyşyň
aýaklarynda goýnumyz guzy taşlady. Kakam entek
sowamaga-da ýetişmedik, birsyhly bugaryp duran we goýy
sülekeýiň içinde sudury oňly saýgartmaýan guzujyga
meňzeş zady eşeni bilen bile köne halta salyp, agzyny
bogdy. Onsoň maňa ýüzlenip:
– Bar ýylyrak geýin-de, händege äkidip, üstüne gum
sürüp gaýt! Çuňrak gömgün! – diýdi.
Kakamyň händek diýýäni obanyň bir çakrym gaýra
tarapynda, ekerançylygyň gutarýan ýerindedi. Halta agyr
däl ekeni. Üstüme hapasy ýokaşaýjak ýaly, ony emaý bilen
göterip, men händege garşy höwessiz ýola düşdüm.
Howa sowukdy. Çakyr aýaz bolmasa-da, gaýradan
ýüz-gözüňi dalap, içiňden geçip barýan şemal şuwlaýardy.
Gök ýüzünde goňras bulutlar Günüň öňüni tutup, howa
garalypdy. Güýz sürüminden soň tagt suwy berlip, azalyň
daraw-daraw yzyndan nyşan galmadyk şüdügärlikden
çüýrän dersiň we çygly topragyň ysy burnuňa urýardy.
Nämälim gorky zerarlymy, sowukda üşänim üçinmi ýa
ýaltalyk etdimmi, bilemok, men şo gezek händege
barmadym. Oglanlyk etdim. Orta ýola ýetemsoň, haltany
99
iki atyzy deň bölýän çiliň gyrasyna taşladym-da, öýe
gaýtdym.
Ertesi kakam bir ýerlerden ýüzüniň ganyny gaçyryp
geldi-de, ýüzüme dikanlap, gazap bilen:
– Düýnki haltany näme etdiň? – diýip sorady.
Meni şo bada galpyldy basdy. “Nädip bildikä?” diýip
oýlandym. Başardygymdan özümi arkaýynlyga salyp:
– Gömdüm – diýip jogap berdim.
– Nirede?
– Händekde?
– Haýsy händekde?
– Şo diýen ýeriňde. Gaýrada.
– Hany, göniňden gel!
– Dogrym...
– Dogryňmy? Ýalan sözleýän bolsaň, boýnuňy
sogyryn!
– Ýalan sözlämog-a.
– Hany, geýin... Ýör, gömen ýeriňi görkez!
Göwünli-göwünsiz geýindim. Kakam pilini egnine
atdy. Händege garşy ugradyk. Öýden çykyp ugranymyzda:
– Häzirem bir pille, dogryňy aýt. Händege gitmän,
ýolda bir ýerde taşlan bolaýma? – diýip, kakam şübheli
sorag berdi.
– Ýo-o, taşlamog-a – diýdim.
– Onda näme etdiň?
– Gömdüm.
– Nirede?
– Händekde.
– Ýör, hany! Görkez!
Gitdik. Haltany taşlan ýerimden sowa geçmek üçin
men atyzyň daşyndan aýlandym. Kakamam yzymda. Ol
käte bir hüňürdäp, käýinýär, zeýrenýär, haşlap, uludan
100
dem alýar. Men bolsa “Häzir piliň ýeňse ýüzi bilen
ýagyrnyma doňdursa gerek” diýip gorkýan. Özümem
“Eýtmeli-beýtmeli, sözümde durmaly. Iki geplemeli däl.
Ursa-da, öldürse-de, şo bir diýenimi gaýtalap durmaly.
Başga ýol ýok” diýip pikir edýärin.
Händege bardyk.
– Hany?
– Şu ýerde gömdüm – diýip, men mydyrdap, hendegiň
bir gyrasyny görkezdim.
– Gömen bolsaň, piliň-beýlekiň yzy bolmalydyr-a!
Hany yz?
Men egnimi gysyp, ýüzümi sortduryp durun.
– Eýse, häzir şu ýerini gazsak, şo halta barmydyr?
– Bilmedim.
– O nähili bileňok? Şu ýerde gömdüm diýýäň-ä.
– Gömdüm öz-ä.
– Ýok, sen gömen bolsaň, gömdüm diý...
– Gömdüm, gömdüm.
– Ana, pil, gaz-da tap şo haltany – diýip, kakam dözüm
bilen buýruk berdi.
Men pili alyp, gazmaga başladym. Haltaň bu ýerden
çykmajagyny kakamdanam gowy bilýän. Şonda-da hyklap,
gazyp durun.
– Hany? Halta hany? – diýip, kakam az salymdan
gaharly sorag berdi.
Men aljyrap, iki ädim gaýra süýşdim.
– Şu ýeri öýdýän – diýip, täze çukur gazyp başladym.
Kakam atylyp gelip, üstüme abandy. Gözi bilen iýäýerli
göründi. Ýakamdan ebşitläp tutup, siltedi. Dişlerini gyjap:
– Nä pohuňy iýip dursuň, doňuz? – diýip, gygyrdy.
Men sandyrap:
– Pohumy iýemog-a... – diýdim.
101
Kakam gaýra çekilip, çilim otlandy. Birazdan:
– Şo haltany näme edeniňi aýtmasaň, şu händege
gapgaryp, özüňi gömýän häzir – diýip, haýbat atdy.
Agaç ýuwdan ýaly, gözümi mölerdip durun.
– Näme etdiň? – diýip, kakam erjellik bilen sorady.
– Gömdüm – diýip, menem şo bir sözümi gaýtaladym.
– Nirede?
– Şu ýerde – diýip, göz-görtele ýalan sözläp, duran
ýerimi görkezdim.
Kakam meni tanajak bolýan ýaly, ýüzüme çiňerilip
durşuna, sandyr-sandyr etdi. Sesini peseldip, edil uly adam
bilen gepleşýän ýaly ýüzlendi:
– Eý, men düşünemog-eý saňa. Ýalan sözlemäni
kimden öwrendiň? Nämüçin dogryňy aýdaňok? Nämüçin
kakaňy aldajak bolýaň? Hä?
– Aldamog-a.
Kakam ýüzüni eňşedip, başyny ýaýkady. Aýdaradiýere söz tapmady. “Ugra şu ýerden” diýen üm bilen elini
salgady. Duran ýerinde aşak çökdi-de, çilimiň tüssesine
boglup, ýüzüni aşak salyp oturyberdi. Maňa tarap
seretmedem, sarsmadam. Onuň o ýerde, ýalazy meýdanda,
sowuk hem çygly topragyň üstünde näçe wagt
oturandygyny bilemok.
Men haltany taşlan ýerime tarap ylgaşlap gaýtdym.
Niýetim, ony nädibem bolsa, tiziräk görer gözden, esasan
kakamdan gizlemekdi. Emma, barsam, goýan ýerimde
halta ýok ekeni. Onsoň: “Kakam haltany görüp, özi bir
ýerde gömendir” diýip çak etdim.
Ertesi daň bilen meni kakam yralap oýardy. Onuň ýüzi
öňküsinden biraz çişgindi,
gabaklary ýellenendi.
Garaýşynda ýadawlyk, argynlyk bardy. Ol ýasawyna
mahsus bolmadyk mylaýymlyk bilen:
102
– Haltany näme etdiň, oglum? Dogryňy aýt! – diýdi.
– Gömdüm.
– Nirede?
– Händekde.
– Hm... Bolýa, ýatyber...
Şondan soň kakam halta barada dil ýarmady.
Soň görüp otursam, meniň haltany taşlan ýerime Källi
aganyň iti sümsünip barypdyr. Haltany süýräp, Källi
agalaryň samanhanasyna eltipdir. Ony pers-ala edip,
içindäkini çekeläp, çeýnäp ýatyrka-da üstünden Källi aga
barypdyr. Elbetde, ol jaý wagtynda baran bolmaly. Ýogsa,
itiň çeýnäp ýatan zadynyň biziň guzymyzdygyny nireden
bilsin? Onsoň Källi aga kakamyň ýanyna gelip:
“Goýnumyz guzy taşlady diýýäň welin, ony näme
gömmänmidiň?” diýip sorapdyr. Kakam: “Gömdük. Hol
händege äkidip gömdük” diýipdir. Källi aga bolsa: “Beh,
onda bi biziň itimiziň çeýnäp ýatan guzusy kimiňkikä?”
diýip, köpmanyly sorag beripdir. “Hany, ýör göreli” diýip
kakam gyzyklanypdyr. Baryp görse, ine, şo maňa berip
goýberen haltasy tüýt-müýt, guzujygyň läşi bolsa
sülekeýini akdyryp öňünde ýatyr. Şol ýerde ol meniň
buýrulan ýumşy bitirmändigimi bilipdir. Elbetde, Källi
aganyň öňünde kakamyň ýüzi gyzarandyr. Men zerarly
bigünä halyna özüni ýazykly duýandygyna aklym ýetip
dur.
Bu wakanyň üstünden kän ýyllar geçdi. Ýalan dünýäň
ýüregine düşünse-de, ýalan sözi ýüregine sygdyryp
bilmedik kakamam bireýýäm gara ýeriň astyna girdi.
Emma kän zatlar undulsa-da, şol waka ýatdan çykyp
gidibermedi. Her gezek dogduk obama, uçurym bolan
höwürgäme salama baran mahalym kakamyň diwardan
asylgy çarçuwaly suratyna nazarym kaklyşýar-da,
103
aljyraýan. Kakamyň biraz gussaly gözleri, nähak
ynjydylana çalym edýän ýüz keşbi uly alada bilen:
“Haltany händege eltip gömmedigiň-ä şo wagt belli boldy.
Ýöne sen ýalan sözlemäni kimden öwrendiň? Hany,
dogryňy aýt!” diýip soraýan ýaly bolup dur. “Men zerarly
endişä galyp, göründe-de rahat ýatyp bilýän däldir” diýen
ünji beýnime urup, ýüregime yza berýär. Şoň üçin suratam
bolsa, men oňa uzak seredip durup bilemok. Çünki ýalan
sözlemäni kimden, nädip öwrenenim hakydamda däl.
Ilkinji gezek haçan ýalan sözlänim hem ýadyma düşenok.
Indiden soň ýadyma düşäýjegi-de gümana.
12-nji aprel, 2014-nji ýyl. Mary.
104
JIGIM
Hekaýa
Gyzylja ýüzi mürşeripjik duran bir oglan jigim bardy.
Kiçijikdi. Ejemiň ony akja gundaga dolap, öýmüze
getirenine ýaňy bir hepde bolupdy. Menem dört-bäş
ýaşlarymdadym.
O döwürler kakam bir ýerlerde garawulçylyk edýärdi,
günaşa ýatymlaýyn işe gidýärdi-de, ir bilenjik gelýärdi.
Bir gün, kakamyň işe giden güni gijara jigim bir zatdan
bimaza bolup çyrlap-çyrlap aglady. Ejem ony elinden
düşürmän, her näçe küşşüklese-de, goýar ýerde goýmady.
Ak saçlary gulagynyň arkasyndan hüwjerip çykyp
duran goňşymyz Sadap daýza gelip:
– Aýna gelin, bi näme dynuwsyz çyrlaýa-la?
Ýaramajak bolýamy? – diýdi.
– Näbileýin, daýza, Gün ýaşaly bäri bir zatdan-a tebil
tapyndy şü. Näme etsemkäm? – diýip, ejem haraý isläp,
Sadap daýzadan sorady.
– Gulajygyna süýt sag, gulagy agyrýandyr.
– Wah, sagdym-la, iki gulagyna-da sagdym – diýip
ejem jogap berdi.
– Onda näme bolup biler? Göz-dil degen-ä däldir-dä
hernä?
105
– Gözmonjugy bar-a, ine! – diýip, ejem jigimiň
gundagyna berkidilen ala monjugy görkezdi.
– Be-e, ýa çile düşäýdimikä?
– Bilmedim-dä...
– Zäk ýakyp gördüňmi?
– Ýok.
– Ýak! Zägem ýak, ýüzärligem tütet! – diýip, Sadap
daýza maslahat berip gitdi.
Ejem arasyny üzmän aglaýan jigimi sallançagyna
saldy-da, birki gezek tapbatlady. Birbada jigimiň sesi galdy.
– Gel, jigiňi üwre birsalym – diýip, sallançagyň bagyny
elime tutdurdy. – Ýöne ýüpüni gaty çekip, gaçyryp
oturybermegin!
Ejem daş çykyp gitdi-de, biraz wagtdan içinde
ýüzärligiň goýy tüssesi tütäp duran köne jamy alyp geldi.
Ony ilki-hä jigimiň üstünden üç-dört gezek aýlady,
soňundanam ajy tüsseden ýaňa tä gözümiz ýaşarýança
öýüň içinde burugsatdy. Arasynda sallançaga ýanap jigimi
emdirdi. Soň bir ýerlerden zäk tapyp gelip:
– Ýeri, indi muny nädip ýakmalyka? Men-ä ugruny
bilýän däldirin. Häk, ýaňy Sadap daýzaň özüne ýakyp ber
diýäýmeli ekenim – diýip, öz-özi bilen gepleşdi. Oňa çenli
jigim ýene aglap başlady. Ejem ony eline alyp, bir daş
çykyp, birde içeri girip, şunça höre-köşe etse-de, peýdasy
degmedi. Jigim elde-aýakda durman, dygysyz gaty ses
bilen aglaýardy.
Biraz wagtdan gapdal goňşymyz Maýsa daýza geldi.
– Aýna goňşy! Bäbejigiň sesi ýaman yzaly çykýa-la?
Üşeden-ä dälsiň-dä? Hany, maňa ber – diýip, ol gelegelmäne jigimi eline aldy. Lak atdy. – Posalajygyň
göwnüne kim degdi? Kim aglatdy seni? Ä? Niräň agyrýar,
moşalajyk?
106
Jigim agysyny kesdi-de, ýene çyrlap başlady.
– Birazajyk gyzgynam bar ýalymy? Ýa göwnümemi?
Çagajyk
göm-gök
bolupdyr-da.
Maňlaýyndaky
damarjyklaryna çenli görnüp dur. Ýüregiň daşdanmy, gyz,
sesine neneň oturybilýäň şeýdip?! Derrew dogtora göter! –
diýip, Maýsa daýza ejeme maslahat berdi.
Ejem ýaýdanyp:
– Kakasy işde ahyryn. Dogtora nädip gideýin? – diýdi.
– Waý-eý! Hökman kakasy äkitmelimi? Özüň dogtory
tapaňokmy?
– Kakasy gelmese, gymyldap bilmen-ä, jan dogan!
– O nämüçin?
– Özi ýokka nädip gideýin? Bolmaz-a!
– Onda kakasynyň yzyndan adam iber.
– Kimi ibersemkäm? Gelermikä?
Maýsa daýza agysyny kesip, köşeşen jigime seredip
durşuna başyny ýaýkady.
– Çagany köseme, gyz, bar, dogtora git.
– Ynjalaýjak ýaly-la. Hany, ertire bir çykaly!
Jigim hakykatdan hem ynjaldy. Käte bir yňranjyraýar
diýmeseň, asuda dem alyp, uka gitdi. Ejem bilen pessaý
sesde hümürdeşip, az salym oturansoň, Maýsa daýza-da
öýlerine gaýtdy. Şondan soň menem oturan ýerimde uklap
galypdyryn. Näçe wagt ýatanymy bilemok, jigimiň iňňäiňňä sesine oýansam, ozalkyja ýatýan ýerimde, ejemiň çep
ýanynda ýatan ekenim. Ejemem ymyzganan borly, ol
hasyr-husur dikelip oturdy-da, jigimi gujagyna aldy.
Emdirdi. Huwwalady. Ejemiň hüwdüsi bilen ýaňy uka
gidip barýarkam, ýene jigim aglap başlady. Uky her näçe
süýji bolsa-da, jigimiň çasly sesine ýatyp bilmedim. Ejem
ony eline alyp, öýüň içinde terslin-oňlyn aýlanmaga
başlady. Men bolsa daşky çyranyň ýarymaçyk penjireden
107
düşýän ölügsi ýagtysyna gözümi çüýjerdip, ejeme
seredýärdim. Onuň nädibem bolsa, jigimiň sesini
goýduraryna garaşýardym.
Şunça höre-köşe edilse-de, wagty bilen agysyny
kesmänligi üçin ahyry jigime gaharym gelip başlady.
Göwnüme bolmasa, ejem oňa birki şarpyk çalsa, sesini sem
edäýjek
ýalydy.
Az
salymdan,
alagaraňkylyga
öwrenişemsoň, jigim bilen bile ejemiňem aglap oturanyny
saýgardym. Ol gözüniň ýaşyny syldy-da, “Näme edeli?
Kakaň yzyndan adam iberelimi, ýa ertire garaşalymy?
Dogtora gidibersek, ertir kakaň gelip näme diýer?” diýip,
maslahat salýan ýaly meň ýüzüme seretdi. Men näme
diýeýin? Sesimem çykarmadym. Beýlemä düňderilip
ýatyberdim. Özümem şo pursatdan başlap, tükeniksiz
iňňildisi bilen ejem ikimizi ukudan goýup, hunaba baryny
ýuwutdyryp ýatan jigimi ýigrenip ugradym. “Bular ýaly
aglak jigi maň-a gerek däl. Aglamaýan, akyllyja jigi
getirmeli ekeniň-dä!” diýip, öz ýanymdan ejeme-de
igendim.
Şu ikarada ýene uklajak bolupdyryn. Oýanyp seretsem,
ejem sessiz gözýaş döküp, jigimi gujagyna gysyp, birsyhly
yralap oturan eken. O bolsa, demini alman diýen ýaly,
çyrlaýar. Şol wagt men “Öläýmese, sesini goýmaz bi. Ölüp,
dynsa, ejemem başga bir aglamaýan jigi getirse!” diýip
arzuw etdim.
Şo gije men jigimiň ölümini iki sagatlyk uka çalyşmaga
kaýyl boldum. Şo gije bagryndan öndüren perzendini
ajalyň eline beresi gelmedik ejem elewräp, azar baryny
çekdi. Şo gije jigimem şirin janyndan aýrylmajak bolup,
kiçijik elleri bilen ejemiň ýakasyndan berk ýapyşyp, çyrçytyr aglady. Şo gije ýaman uzak boldy.
108
Daňa golaý bolsa gerek, uklap galypdyryn. Jigim bolsa,
ertire çykman, ölüpdir. Meniň uklabilmän ejir çekip
oturşyma gözi gyýmaýan ýaly, gara bagyr ejemiň uzak
gijeläp çekýän jebrine dözmeýän ýaly sesini kesip, ölüpdir.
Men bu ýitgini şo wagt duýmandyryn. Ýogsa, şondan
soň ejem maňa başga jigi hem getirip bermedi. Ýeke
ösdüm. Ulaldym. Bekedim. Wagtyň içinden parran geçip
barşyma aglap-aglap, ölüp giden şojagaz jigimi hem
ýyllarboýy ýatdan çykarypdyryn.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Açar - 6
  • Parts
  • Açar - 1
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2171
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 2
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2162
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 3
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 2065
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 4
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2179
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 5
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2072
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 6
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2217
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 7
    Total number of words is 2069
    Total number of unique words is 1283
    37.6 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.