Latin

Açar - 4

Total number of words is 3722
Total number of unique words is 2179
32.0 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şamyrat aganyň muňa-da az-kem gahary gelen ekeni.
– Sen, Jepbar, şu ýere gelip, eşegi ellediňmi? – diýip ol
ýene-de bir syrly soragy berdi.
– Ýok, ellämok. Ony nämüçin soraýaň?
65
Jepbar böwrüne doňuz diňini salyp, Şamyrat aga
gürläp başlamanka jogabyny üýtgetdi.
– Dur entek, elledim öýdýän. Sypaladym öz-ä.
– Hä-ä bolýa – diýip, Şamyrat aga töwereginde
kejikdiriji duýgulary döredip, dymdy.
Jepbar ýerinden tursa-da gidip bilmedi. Ýaşuly bir zat
diýmekçi bolýar. Ony bilmän, gidib-ä bolmaz.
– Hawa, Şamyrat aga, ýekeje gezek sypalap gördüm.
Ýuwaş eşek ekeni. Hä, sypalamaly däl ekenimmi?
– Ýok, sypala, sypalaber. Ýöne ikindini okajak bolsaň,
täretiňi täzelegin diýjek bolýan.
Şeý diýip, Şamyrat aga hiç zat bolmadyk ýaly, hiç hili
geň gürrüň etmedik ýaly, kesä bakyp dymdy.
Jepbaram bir tünt ekeni.
– Täretim bar-a. Öýläni okamakam täret kyldym-a –
diýip, günortanky eden işini ýatlady.
– Ýene täzelemeseň bolmaz. Eşege eilini degireniň
täreti bozulýandyr – diýip, Şamyrat aga başyny belent
tutdy.
Bekki Şamyrat agaň ýüzüne seredip, myssa ýylgyrdy.
“Ýeri, bu gürrüňi nireden oýlap tapdyň? Häzir bu duranlaň
biri subut et, ynanamok diýse nätjek?” diýip pikir etdi.
Eýse, onuň ýaşulyny ýalançy edesi gelmedi, dilini dişledi.
Şamyrat aganyň bolsa töweregindäkileriň ählisiniň
agyzlaryny öweldişip, aňkarylyp duranlaryny görüp,
ýüregi joşdy. Adamlary ýene bir gezek haýran galdyryp
bilenligi üçin buýsandy.
– Eşegiň aslyny bilýänsiňiz-ä. Ýa onam bileňzokmy?
Onam aýdyp bereýinmi? – diýip, ol süründi.
Aýtsa, aýdyp bererdem welin, şu ýerde öý eýesi Bekki
garasöýmezlik etdi-de, adamlary tiziräk dagytmak
maksady bilen:
66
– Weý, hany, beýdip eşegiň ýanynda durmalyň-la! Öýe
gireliň-le! – diýdi.
Adamlar: “Ýok-la öý bolmaz. Işim kän. Ýene bir gün”
diýişip şo bada hersi bir tarapa dagaşyp gitdiler. Jepbaram
ýeňsesini gaşap, iňkis bilen öýüne gaýtdy.
Şamyrat aga-da ýerinden turdy. Aýtmaly möhüm bir
zady unudyp, indem ony hakydasyna getirjek bolýan ýaly
eşege seredip biraz oýurganyp durdy. Aýdara degerli zat
ýadyna düşmänsoň, Bekkä ýüzlenip:
– Eşeg-ä meňem edinesim gelýär welin, arman elim
ýuka. Işigiňde gannyzyny titredip, hynçgyryp duran eşegiň
bolaýsa! Menem bardyryn haw diýip, obany ýaňlandyryp
aňňyryp dursa-da! Şuňa şeýle bir höwes edýän welin, hiç
zadyň çaky däl. Häk... – diýip, arman bilen başyny
ýaýkady. Şol wagt ol Bekkiniň gözüne “Şu eşegiňi maňa
beräý. Eşegiň gadryny men senden has gowy bilýän”
diýerli göründi.
Soň Şamyrat aga:
– Setdaram ýaman kejeňek. Hol arada eşek alaly
diýsem, “Ýykylyp bir ýeriňi döwdürersiň. Hany indi eşek
çapyşyk geçirilýämi öňki ýaly. Indi gezek atyňky. Eşek dälde, at çapylýa indi” diýýä. Hamana, men o zatlary
bilmeýän ýaly – diýip, öýdeş oglundan zeýrendi.
Bekki: “Beh, bi işigaýdan eşegi nätjekkä? Meňki ýaly
ot-çöp daşara mal-garasy ýok. Eýläk-beýläk gidere oglunyň
suw ýaly aýagulagy bar. Ýaşam ýetmişden aňyrda” diýip
pikir etdi. Näçe pikir etse-de, eşegiň ýaşula nämüçin
gerekdigine teý düşünip bilmedi.
Ýetirilmesi derwaýys habar ýadyna düşdi öýdýän,
“Hä, dur entek” diýip, Şamyrat aga dikeldi. Eşegiň
öňündäki suwly bedrä garap:
67
– Aýyn bolmasa, at diýýändirler. Atam gowy janawer,
şekim ýok. Ýöne eşekden egsik ýeri kändir – diýdi.
Bekkiniň kellesinde “Haryň işi hardyr, dostlar, müň
magtasaň atça bolmaz” diýen setirler biygtyýar gaýtalanyp
ugrady.
– Ine, şü janaweriň suw içýän bedresinden senem içip
bilersiň – diýip, Şamyrat aga dowam etdi. – Ýöne atyň
suwa ýakylýan bedresinden suw içmek haram bolýar,
bilseň. Sebäp näme diýseň, ady eşegem bolsa bi janawer
suwy dişinden syzdyryp içýär. Bedresine demi düşýän
däldir. Emma welin, at muň ýanynda halamadyr. Içýän
suwuna pyşgyrýandyr. Sarkdyryp, dökan-saçan edýändir...
Häk, ýaňky Jepbara aýtmalydym şuny.
Şamyrat aga kädisini çykardy-da, düýbüne pitikläp,
umumy gürrüň etdi:
– Eşegem bolsa, hyzmatyny görjek bolsaň, janaweriň
göwnüne ýetmelidir. Bilmedik zadyň bolsa, soramak aýyp
däldir, arkaýyn sorabergin. Öwrederin.
Bekki gysgajyk:
– Bor – diýdi. Ol geplemsek bolsa-da, Şamyrat aganyň
ýanynda kän gürlänokdy.
Şamyrat aga nasyny atdy-da, öýüne gaýtdy. Dodagyny
müňküldedip, nasyň pinegini görüp gelşine bir wagtlar
kakasynyň eşekden düşüp, täretini täzeleýänini ýa
täzelemeýänini göz öňüne getirjek boldy. Hiç ýadyna salyp
bilmedi.
Maý, 2013 ý. Mary.
68
ÝOLDA ÝOLUGAN
Hekaýa
Düzüm-düzüm durna uçdy, hatar-hatar gaz geçdi.
Topar tutup gelen gara-gara gargalar şüdügär meýdanyň
üstünde dynuwsyz gagyldaşdylar.
Guran ot-çöpleri rehimsiz dalap, şahalardaky soňky
ýapraklary aparyp, agaçlary ýalaňaçlamak üçin giçki
güýzüň sörtük şemaly şuwlap başlady.
Agyr ýüküň astynda ýegşerilip gelýän bulutlar ýere
juda golaýlady. Gözýetimi çalymtyk duman örtüp,
sähranyň üstüne ýukajyk perde çekildi. Çisňäp, ýagyş
ýagyp başlady.
Ýagşa ezilmezlik üçin bir bölek karton kagyzy
depesine tutup, Baýram uly ýola çykdy. Geçýän ulaglara
goluny salgamaga başlady. Kän garaşmady. Goýy gyzyl
reňkli ulag gabadynda saklandy. Orta ýaşan sürüji
boýnuny süýndürip, aýnasyny açdy-da, Baýramyň
69
salamyny howlukmaç alan dessine nirä barýanyny
soramazdan-zat etmezden:
– Mün, mün, ýedi ýoluň üstünde ezilip durma, mün! –
diýdi.
Baýram ulagyň öňki gapysyny açyp, mündi. Ýerleşdi.
Yzky oturgyçda ýeke oturan garry aýala salam berdi.
Şondan soň sürüjä ýüzlendi:
– Şähere barýan. Ugrumyz bir bolsa...
– Ugrumyz bir – diýip, sürüji onuň sözüni böldi. –
Bizem şähere. Men-ä inimiň täze alan jaýyny gutlaýyn
diýip barýan. Näzik eje-de şäherde ýaşaýan oglunyňka
myhmançylyga barýar. Ýok, ýalňyşdym, myhmançylyga
däl, agtygynyň geňeş toýuna barýar.
Yzky oturgyçda oturan Näzik eje gozganjyrady,
müçesine mahsus bolmadyk dury hem ýiti sesi bilen:
– Geňeş toý dä-äl, Akat jan! – diýip, sürüjä düşündirdi.
– Geňeş toý nireden kelläňe geldi? Bu bir häki maslahat.
– Tapawudy näme? Türkmeniň maslahatynyň yzam
toýa ýazýar-da. Maslahat bilen geňeş ikisem bir zat ahyryn.
– Näbileli, jan dogan. Gyz agtygym üçin eli saçakly
gelýän bar diýensoňlar, oturybilmedim. Halaşypmyşlar.
Tanaman-bilmän halasy ýok-la welin, şonda-da bir habar
tutmasam, ynjalmadym.
Az salym dymdylar.
– Zamanasyna görä ýörelgelerem üýtgäp barýar –
diýip, birhaýukdan Näzik eje köne döwri ýatlady. – Öňki
zamanlarda öýlenjek oglany dürli hili ýol bilen synap görer
ekenler. O mahallar, näme, şindiki ýaly taýyn demir ojak
bolmandyr. Asyl ýaňy-ýaňylaram gazany gazma ojakda
atarardylar. Onsoň giýew boljak ýigidiň işe çulumlygyny
barlamak üçin ojak gazdyryp görüpdirler.
Akat çyny bilen geňirgenip:
70
– Beh, äl-aýt, üýtgeşik synag ekeni. Onsoň ojak gazyp
bilmedige gyz bermedilermikä? – diýip sorady.
– Öý-işik nesibesi bolanyň müjerret öteni ýokdur-la.
Her kim deňini tapyp alandyr. Ýöne, näme, ojagaz synag
kimiň nähili iş başarýanyny bes-belli edip dur-da. “Heleý
hamyrda belli, sölite suwda” diýen ýaly, giýew boljagyňam
kimdigi ojak gazanda tanalýan bora çemeli.
“Hä, hümm” edişip, ýene biraz dymdylar.
Ýene Näzik eje gürrüň bilen ýol kesdi:
– Indi zamana üýtgedi. O-ojagaz synaglaň möwriti
ötdi. Indi giýew boljak ýigide ojak gazdyryp, synagdan
geçirmegiň derkary ýok. Indi ýigidiň bilimine, üşügine
seredýärler. Eli hünärli bolsa, çagasynyň aç-ýalaňaç
gezmejekdigine her kimiň gözi ýetip dur. “Hänärli är hor
bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz” diýipdirler. Könekileň
aýtmadyk zady barmy?!
– Gaty dogry aýdýaň, Näzik eje! – diýip, Akat hem
gürrüňçilige nakyl bilen at goşdy. – “Hünärli ýigit – miweli
agaç” diýipdirler-ä. Ýaşlykda hünär edinseň, çöregiňi gury
çeýnemersiň!
Näzik eje uludan demini aldy-da, içki aladasyny
ýaşyrman, diline getirdi:
– Akat jan, ynha, menem şoň endişesini çekip gelýän.
Gyz agtygym halaşypdyr, taň edipdir. Şäher ýerinde oturan
beýnisi bekemedik gyzyň ömürlik ýoldaş diýip saýlany
adam çykýan ýerlerden bolaýsa, ne ýagşy! Maňlaýyndan
çykjak ýigit bikär bolman, günemasy üçin ýüwrüp ýören
galjaň, halal iýýän oglan bolawersin diýip dileýän. Esasy
zat, elinde hünäri bolsun diýýän.
– Hemme zat göwnüňe görä bolýandyr, Näzik eje.
Niýetiň ýagşy bolsa, päliň düzüw bolsa, nädäýersiň, basan
71
ýerinden ot çykýan, gyzyl ýaly köreken duşaýsa! – diýip,
Akat göwünlik berdi.
– Belki, şeýle bolsun-da!
Akat ýene bir zatlar diýmäge çemlenip otyrka ulag bir
näsazlyk tapynyp, siltenip ugrady.
– Beh, bi nädýär-aý? Muňa näme bold-aý? – diýip,
Akat gözlerini elek-çelek edip, özündenmi ýa ýanynda
oturan Baýramdanmy sorady. Oňa çenlem ulagyň motory
öçdi.
– Ýangyjy gutarandyr, ýangyjy gutarsa şeýdýä dämi
şü? – diýip, Näzik eje ulaga degişli bilýän ýeke-täk zadyny
sorady.
– Ýangyjy bar-a. Ýaňy ýola düşmänkäk doldurdyg-a –
diýip, Akat naýynjar äheňde jogap gaýtardy.
– Onda nämedenkä? Ýaňam-a gopuz ýaly işläp durdy
bi haýran!
– Häzir bileris. Bilerisem, düzederisem.
Akat daşyna çykdy-da, ulagyň kapotyny galdyrdy.
Entek howry gitmedik motoryň ýylysyna çoýunýan ýaly,
eglip, ellerini öňe uzadyp, ulagyň hereketlendirijisine
ýaýdanmaç seretdi. Kemini belli-külli bilmeýänligi onuň
kesesinden äşgär boldy.
Baýram ulagdan düşdi.
Yzýany bilen Näzik eje-de çykdy.
– Bu-uww, daşary gaty sowapdyr-a. Ýalazy ýeriň
şemaly edil içiňden geçip barýar... Akat jan, nämesi
bozulypdyr? Düzeljekmi özi? – diýip, ol ulag eýesine gaty
kyn sowal berdi.
– Düzeler-le. Düzelmän, gitjek ýeri nire?! – diýip, Akat
giň göwrümlilige saldy. Emma niresinden başlajagyny
bilmeýän ýaly, işe girişibermedi. Bir-de töweregine
72
garanjaklap, birde-de motoryň eýlesini-beýlesini elleşdirip,
güýmeň-süýmeň etdi.
Ýagyş bolsa güýçlendi. Gitdigiçe güýjeýän şemalam
ýagşyň iri damjalary bilen öňünden çykan ähli zady
şarpyldadyp, urup başlady.
Baýram uzak saklanyp bilmedi.
– Agam, rugsat ber, menem bir göreýin-le şuny! –
diýip, ýüzüni eňşedip duran Akata ýüzlendi.
– Şeýtsene! Görsene! Eýesiz haýran, uzak ýoluň orta
gürpünde bozulaýmalymy?
Baýram penjegini çykaryp, ýeňlerini çermedi. Wagt
ýitirmän, motoryň tok geçirijilerini barlaşdyrdy. Şol
ýerdenem kemini tapdy.
– Üýtgeşik bolan zat ýok, agam, ine, şu ýerleri biraz
çyg çekipdir. Wagtyň geçmegi bilen gowşap, könelýär-dä.
Onsoň şular ýaly ýagynly howada bozuljak bolup dur.
Häzir muny, ynha, şeýdip, dakarys welin, edil sagat ýaly
işlär durubiýr...
– Dogrudyr. Ähtimaldyr. Eslije wagt münüldi.
Könelendir. Howa-da bulaşdy duruberdi – diýip, Akat
üzlem-saplam hümürdedi.
– Hany, agam, indem bir otlap gör.
Akat otlap gördi. Ulagyň motory guratlygyny
mazamlap, dury ses bilen işlemäge başlady.
Gaýtadan ýola düşdüler.
– Ömrüň bolsun, inim! Edil Hydyr ata bolup ýetişdiň.
Sen sataşmadyk bolsaň, Näzik ejäni gaty kösejek ekenim.
Janawer, demir-dä. Dili ýok ýetmezini aýdar ýaly. Ýogsa,
mähetdel etjekmi men?! Näme kär edýän diýdiň, inim?
– Ulag bejerýän, agam.
– Ana, ana, gördüňmi? – diýip, Akat joşgunly gürledi.
– Jaý wagtynda duş geldiň. Seni bize Hudaýyň özi duçar
73
edendir. Sowukda kösenmesinler diýip, ulag ussasyny bize
ýoldaş edendir.
Näzik eje-de Baýramyň öwgüsini ýetirip, alkyş aýtdy.
– Asyl, Akat jan, bu oglan muny dem salymda düzetdi
oturyberdi. Hünärine hötde gelýäniň iş edişi şular ýaly
bolýar. Taňryýalkasyn, guzym! Eliň gözüň dert görmesin!
Hudaýym, ak gyz ýoldaşyň bolsun!
– Ullakan eden işimiz ýok-la. Bular ýaly näsazlyklary
elujundan düzedip bolýar. Onuň hiç bir kynçylygy ýok –
diýip, Baýram pespällik bilen sypaýy gürledi.
Ondan-mundan gep atyşyp, ýene biraz ýol
geçensoňlar, ulag şäheriň çetinden girdi.
– Akat jan, onda ilki bilen meni düşür. Gözi ýolda
galandyr bulaň – diýip, Näzik eje düşmeli ýeriniň
salgysyny bermäge başlady. Şonda Baýramyň ýüzünde
geňirgenme gatyşykly bilesigelijilik peýda boldy.
Hakykatdan hem ogly-gelni, agtyklary Näzik ejä
garaşyp duran ekeni. Onuň ýüküni düşürmäge
kömekleşýän wagty uýaljyrap duran uly gyzy görüp,
Baýramyň ýüzi gyzardy. Tolgundy. Galdyrap, gabak
astyndan garaýan gyzyň gözlerinden: “Enem bilen nähili
gabatlaşdyň? Ýa öňden tanaýardyňmy?” diýen sowaly
okap, syrly ýylgyrdy.
Uzak eglenmediler. Akat bilen Baýram hoşlaşyp gitdi.
Näzik eje bolsa gysgajyk salam-helikden soň gelnine
gürrüň berýärdi:
– Häli gelmelidik. Ýolda düşen günümizden habar al!
Akat janyň maşyny bozulyp, tas meýdanda galypdyk.
Howa-da sowuk. Eşek öldüren şemal içiňden geçip barýar.
Ýagyşam, sadagaň gideýin, edil bedreden dökülýän ýaly
guýup dur. Entegem, ýaňky oglanjyk dadymyza ýetişäýdi.
Maşynyň motoryna elini degren dessine, hemmesi düzeldi
74
duruberdi. Asyl ol demriň piri bolsa, nätjek. Çynar
janyňam maňlaýyndan şolar ýaly il derdine ýaramly, eli
hünärli biri çykaýady-da! Jan, Allam, ýatsam-tursam,
dilegim şo!
Durşy bilen bir gulaga öwrülip, enesiniň gürrüňlerini
diňläp duran Çynar gyzardy, bozardy, edaly ýylgyrdy.
2-nji noýabr, 2013-nji ýyl. Mary.
75
BALYKÇY
Hekaýa
Derýa boýunda bir balykçy ýaşaýardy. Gojalypdy.
Soňky wagtlar onuň işleriniň weji ýokdy. Tory köplenç boş
çykýardy.
Balykçynyň kempiri lagşan öýüň gapysynda oturyp,
“ah-wah” edýärdi, kembagallykdan zeýrenýärdi. Goja ony
köşeşdirjek bolup, her näçe jan etse-de, peýdasy ýokdy.
Kempiriň gün-günden gygy ajaýardy.
“Ertekidäki ýaly tylla balyk toruma düşse, menem bu
güzaplardan dynsam!” diýip, goja balykçy öz ýanyndan
arzuw ederdi. Äriniň toruna ähli islegiňi ýerine ýetirip
duran jadyly balygyň düşjekdigine kempir kes-kelläm
ynanmaýardy.
Goja ömürboýy günemasyny balyk bilen aýlady. Ýaş
wagtlary tory bir gezegem boş çykmandy. Aýalyna:
“Gazanyňy ataryber. Men tory boşadyp gaýdaýyn” diýip,
çykyp giderdi-de, salymyny bermän, eli täze balykly yzyna
dolanardy. Ýaňy-ýaňylaram güzerany hiç neneň däldi.
Buruljyrap, aç ýatany ýadyna düşenok. Onsoň işleriň
şowuna bolmadyk wagty goja: “Şo ýyllar derýada balyk
ummasyz köp bolandyr. Indi mundan bereket göterilendir,
rysgal-döwlet gidendir” diýip pikir ederdi. Käte bolsa:
“Soňy görünmeýän zat barmy näme? Dyngysyz tutup
otursaň, näçe bol bolsa-da, bir gün teýi tükenmeli bolar.
Kempir ikimiz munuň ähli balygyny gara bokurdakdan
76
ötüren bolmagymyz hem mümkin. Eger şeýle bolsa,
indiden beýläk nädip ýaşamaly?” diýip, gaýga giderdi.
Balykçynyň muşakgatçyl kempiri bolsa barmagyny
gezäp: “Sen töňňe! Sandan galan nalajedeýin bolmasaň, iki
eliňi burnuňa sokup, boş dolanarmyň?” diýip, gyjalat
bererdi. Goja kempiri bilen sanaşyp oturmazdy. “Eýse,
kempir galat aýdanok. Töňňe kemim galmandyr. Hiç
zadyň alnyndan bolmaýan gury san bolaýdym öýdýän”
diýip, maňlaýyny ýumruklap, özüni köteklärdi. Wagt-wagt
bolsa “Ýeri, atan torum boş çykyp dursa, men nädeýin?
Eliňe, diliňe düzelýän zatmydyr bi? Aw diýilýän zat nesibe
ahyryn! Nesibäňde bolmasa awuň oňmaz!” diýip, içini
geplederdi.
Şular ýaly, kejikdiriji, gara günleriň birinde ir bilen
kempir:
– Aňkasy aşan, mahaw! Ikarada söw syryp, boş gezip
ýörme-de, bir zat getir. Yzyňa boş dolanma! Asyl boş geljek
bolsaň, öýe gelýän ýodany ýadyňdan çykar! – diýip zabun
gürrüň etdi.
Goja pelekden dat edip, derýa boýuna gitdi. Baryp,
toruny çekdi. Görse... ine, toruň içinde bir zat ýatyr. Goja
ony eline alyp, seretse, çüýşe! Agzynda-da jebis dykysy bar.
Ilki hyýaly muny eliniň tersi bilen çykan ýerine zyňmakdy.
“Hany, agzyny bir açyp göreýin, içinde näme barka?”
diýen pikir kellesine gelip, dykyny çekdi. Şo bada çüýşäniň
agzyndan zogdurylyp, çal tüsse çykdy. Tüsse gitdigiçe
ulalyp, jadyly ertekidäki ýaly, sähel salymda gojanyň
üstüne abanyp duran äpet mahluga öwrüldi. Onsoň
howada asyl-asyl bolup duran ýerinden:
– Pah-pah, dünýäň ýüzi üýtgäp gidipdir-ow! – diýip,
haýran galyp, adam dilinde gepledi.
77
Haýran galmakdan ötri gojany wehim basdy.
Gorkudan ýaňa onuň eli sandyraýardy, aýaklary
tibirdeýärdi.
– Balykçy, sen gorkma! Men saňa kyrk müň ýyl
garaşdym – diýip, çüýşeden çykan tüsse geň-taň gürrüň
etdi.
– Sen kim? – diýip, goja sorady.
– Men – jyn! Aslym tütünem bolsa, özüm gowy jyn.
Emma şunça ýyl çüýşede ýatmaly boldum.
– Günäň näme? Kim seni beýtdi? – diýip, goja biraz
özüni dürsänsoň gyzyklandy.
– Biler bolsaň, balykçy, meniň iň uly duşmanym
aýalymdyr. Meni çüýşä salanam şol – diýip, jyn kyrk müň
ýyl mundan ozalky geçmişi gürrüň bermäge durdy. – Biz
jynlar taýpasynyň atasy Abyljynyň neslinden bolarys.
Ýaşymy aýdyp bersem, özüň hasap et! Men seniň toprak
aslyňdan has uludyryn. Hatda Azazyl Şeýtan hem menden
kän kiçidir. Aýalym ikimiz okumyş jynlardandyrys. Men
bir-ä gaýypdan bihabardyryn, birem çüýşeden çykmagyň
tärini bilýän däldirin. Gaýry ähli zadyň syry maňa aýan.
Men muňa ylym bilen ýetdim. Emma okumyş bolsa-da,
aýalymyň okuwy meňkiden pesdir, ylmy telperdir. Ol
menden ökde çykjak bolup, her jüre işlere baş goşup gördi.
Ýöne her gezek asgyn geldi. Onsoň göriplikden ýaňa
näderini bilmän, ahyrynda hilä ýüz urdy. Bir gün gelip:
“Kiçelip, şu çüýşäň içine sygmagy başararmyň? Başarsaň,
seniň ylmyň güýçlüdigine boýun bolaýyn!” diýdi. Men oňa
ynanyp, çüýşäň içine girip, görkezdim. Aýalym şo bada
çüýşäň agzyny petikledi-de, suwa atyp goýberdi. Men
çüýşede akyp, dünýäň ähli ýerine aýlanyp çykdym.
Derýalaryň, kölleriň, deňizleriň, ummanlaryň içinde meniň
görmedik ýerim ýokdur. Suwuň astynda-da kän ýatdym.
78
Bir gün, Nuhuň eýýamynda bir kölüň ýakasyna akyp gelen
wagtym özüň ýaly balykçyň çolpusyna ilip, suwdan
çykdym. Emma çüýşeden çykyp bilmedim. Balykçy
kelesaňlygyny edip, sögünip, gargynyp, dykysyny
açmazdan, çüýşäni suwa zyňyp goýberdi. Eger meni
çüýşeden çykaran bolsa, onuň islendik hyýalyny hakykata
öwrüp berjekdim. Şundan soň müň ýyl gowrak ýatamsoň,
suwuň astynda zümerret daşlaryny çöpläp ýören bir balyk
meniň ýatan çüýşämi gymmat bahaly daşdyr öýdüp,
ýuwutdy. O balygam bir gün tora düşdi-de, balykçynyň
hem onuň akly gysga aýalynyň ajalyna sebäp boldy. Çünki
balygyň içinde bir gysym zümerret daşy bardy. Balykçy:
“Garran wagtymyz bizi hiç bir zada mätäç etmez. Hiç kime
görkezme! Bir ýerde ýygşyryp goý!” diýip, bu daşlary
aýalyna ynandy. Aýaly bolsa äriniň gepine gulak
gabartmady. “Bular ýaly gymmat daş patyşaň
hazynasynda-da ýokdur” diýip, ol goňşy aýallaryň
ýanynda öwündi. Hakykatdan hem şanyň hazynasynda
zümerret daşy ýokdy. Bu gürrüň günübirin ýurduň
patyşasynyň gulagyna ýetdi. Ol öwezine hiç zat bermän,
zorluk bilen gymmatbaha daşlary olaryň elinden aldy-da,
aýalyna sowgat berdi. Patyşanyň aýaly daşlardan monjuk
ýasandy. Emma ýasan monjugy boýnuna ýetmedi. Onsoň
ol azyrganyp: “Balykçyny gyssa, olarda başga-da bardyr,
senden gizleýändirler” diýip, ärine arzyny aýtdy. Patyşa
balykçy bilen aýalyny çagyryp, azm urdy. “Gizlän
zümerret daşlaryňyzy çykaryp bermeseňiz, başyňyz
ölümli!” diýdi. Olar, elbetde, özlerinde ýok zady berip
bilmediler. Patyşa bolsa gazap edip, balykçyny we onuň
aýalyny ölüme höküm etdi. Eger şo gezek, balykçy çüýşäni
suwa oklaman, meni azat eden bolsa, men olary ölümden
gutaryp bilerdim. Adam diýeniň gözli kör bolar ekeni.
79
Elindäki bagtyny görmän, suwa zyňyp goýberäýýär. Ine,
onsoň şunça ýyl ýatyp, ahyrynda-da seň toruňa ildim.
Goja jynyň gürrüňini agzyny açyp diňledi.
– Indi, balykçy, meni çüýşeden çykaranyň üçin nähili
islegiň bolsa, bitirmäge taýyn. Möhümiňi aýt! Men
howlukýan. Aýalymy tapyp, onuň jezasyny bereýin –
diýip, jyn gojany gyssady.
– Beýle bolsa, meňem kempirime göz görkez. Ysmaz
keseline duçar bolsun!– diýip, goja islegini aýtdy.
– Bolanymy? Bary şumy? Bu islegiň-ä bitdi, balykçy!
Kempiriň ölmez-gülmez halda mum-helim bolup ýatyr –
diýip, jyn şo bada gözden gaýyp boldy.
Goja bolsa toruny suwa atdy-da, öýüne gaýtdy. Gelip
görse, hakykatdan-da kempiri ysmaz derdine ýolugyp,
gözüni agdar-düňder edip ýatan ekeni. Balykçy ilki muňa
begenmänem durmady. “Indi maňa beren ezýetiň üçin
jezaňy çekersiň” diýip, içinden heşelle kakdy. Emma nähak
begenen ekeni. Goja muňa biraz giç göz ýetirdi. Çünki
şondan soň kempiriň azary artdy. Onuň iýjek tötegini hem
balykçynyň özi agzyna tutup bermeli boldy. Şeýdip,
gojanyň güni has-da agyrlaşdy. Ol öňküje mydarasyny hem
ýitirdi. Onsoň bu ýagdaýa çydaman, bir gün eline hälki
çüýşäni alyp, jynyň gözlegine çykdy. “Senjagaz, jyn, bir
gabat geläýmezmikäň?! Emel bilen al salyp, ýaňadan çüýşä
salyp, soňam boşadyp, täzeden arzy-halymy aýtmasam,
boljak däl” diýip pikir etdi.
Eýse, gojanyň arzy-halyny diňläp, işini bitirmek üçin
jynyň çüýşä gaýtadan girip-çykmasy zerurmy? Çüýşä
girmände başarmaz öýdýäňmi?
13-nji fewral, 2014-nji ýyl. Mary.
80
TELPEK
Hekaýa
Pah, bi telpekmi? Telpek dagyn däldir!
Munuň asly Demirgazykda, sowuk ülkelerde ýaşaýan
haýsydyr bir suw jandarynyň derisi. Arzan däl. Ganymatja
bahasy bar. Beýle telpegi her öňýeten şahyna ildirip
biläýenok. Üstesine-de islän wagtyň islän ýeriňden
tapdyrybam duranok.
Hasapçy munuň yşgynda kän gezdi. Öz ýanyndan
muňa “Hojaýynlaň telpegi” diýip at berdi. Ýigrimi ýyla
golaý wagtyň içinde edaranyň ýolbaşçysy telim çalyşdy.
Emma ýaşyna, hüý-häsiýetine garamazdan, şular ýaly
telpek olaryň hemmesinde bardy. Hasapçy dürli kärdäki
adamlaryň başgabyna seredip, uly wezipesiniň bardygyny
ýa ýokdugyny takyklamagy endik edinipdi. Çaky köplenç
dogry çykardy. “Edara hojaýyn bolmak üçin hökman şular
ýaly telpegiň bolmagy şertdir” diýen ynanç hasapçynyň
ýüreginde bireýýäm şine urupdy.
Onsoňam ol:
“Başlyklyga göterýän şo telpegiň özi bolmasyn? Şony
geýenleň içinde emel ýetmedigi barmy? Ýok! Ýöne-möne
telpek däl şü. Göze görünmeýän bir gudraty bar. Ynha,
menem bir gün bu telpekden edinerin. Onsoň ulurak kürsä
münsem gerek” diýip soňky günler kän pikir edýärdi.
Hasapçy: “Gymmadam bolsa, edinmeli! Şu ýyl
hökman edinmeli!” diýip, belli-külli karara gelensoňam, tä
81
gyş alkymlaýança telpegiň arzuwy bilen ýatyp turdy. Wah,
özüne galsa, bu söwda hälä galmaly däl. Öýde ähli zadyň
hasabyny ilik-düwme çykaryp oturan aýaly hem bar.
“Men-ä, ynha, şuny şeýdäýendirin” diýip, ondan bigeňeş
bir iş edip bolýarmy näme? Nädibem bolsa, gep-gürrüň
bilen başyny aýlap, ilki hä diýdirmeli. Onsoň munuň
puluny jemlemekde-de iş bar. Bahasy hele-müçük däl
ahyryn. Gyş bolsa, ynha, gaşyny çytyp, ýüzüni asyp dur.
Häzir gopmasaň, indiki ýyla çenli ýene şol öňki esgi
papagyň başyňdadyr.
Hasapçy ahyry bagta töwekgellik etdi. Üç sany telpegi
geýip-çykaryp, aýnaň öňünde ýarym sagat duransoň,
saýlap-seçip, ine, şu telpege eýe çykdy.
Pah, bi telpekmi? Telpek dagyn däldir. Sen munuň
ýylylygyny aýtjakmy, şar-gara tüýleriniň lowurdysyny
diýjekmi, mymyklygyny wasp etjekmi? Esasy zat,
haýbatyna seret, haýbatyna!
Hasapçy muny başyna geýdi weli boýy bir gez
beýgelen ýaly bolaýdy. Asyl beýgeldi. Edil şu pursatda
özüniň
ýokary
wezipeli
bir
edara
başlygyna
meňzeýändigine birjigem şübhe etmedi. Çünki telpek onuň
küýkerip ugran göwresini dim-dik etdi. Ädim urşy gözgörtele üýtgedi, ol apaň-apaň basyp, özi bilmezden ýolugra
gabat gelýän tanyşu-nätanyş adamlaryň käsiniň telpege
gözügidijilik bilen garaýandyklaryna hoşal bolup, käsiniň
bolsa oňa asla ünsem bermeýändigine biraz kejigip, öýüne
geldi.
Aýaly “Nesip etsin! Toýa geý!” diýmegiň deregine:
– Bir aýlyk gazanjyňy berip alanyňam şümi? – diýip,
dodagyny çöwürdi.
Ýeri, ähli zadyň gymmatyny puluň mukdary bilen
ölçeýän heleýe nädip gep düşündirersiň? Hasapçy
82
aýalynyň sözleri üçin darygyp durmady. Ol täze telpegiň
işdeşleriniň arasynda turuzjak şowhunyny göz öňüne
getirip, eden söwdasyndan kanagat tapdy, ýeňil dem aldy.
Ertesi işe baranda ilki bilen aýallar egele bolup,
hasapçynyň daşyna üýşdüler. Ýiti-ýiti synlap, munuň
hakykatdan hem tapdyrmaýan gyt telpekdigine göz
ýetirensoňlar: “Nesip etsin! Gutly bolsun! Toýda tozsun!”
diýip gutladylar. Haýsy dükandan alanyny soradylar.
Bahasy bilen gyzyklandylar. Gaznaçy gelinleriň biri
süýnüp-sarkyp:
– Meňem öýdäki hojaýynyma bu çaka almalydyk
welin, ol gara reňki halanok, çalyny gözleýär, tapsak,
puluny gaýgy edemzok – diýip, öwünjek boldy. Emma
hasapçy oňa geplemäge maý bermedi.
– Tapyp bilse, puluny sanabiljek kän, ýöne teýinde
bolmasa, nätjek? Çal reňk-ä asylam gyt – diýip, onuň
badyny aldy. “Her öňýeten muňa mynasybam däl” diýesi
geldi. Ýöne çekindi. Gaznaçy gelin giň göwrümlilik bilen:
– Tapylýança garaşaýarys. Ölesimiz ýok – diýdi.
– Tapylarmyka? Bular ýaly telpegi tikmegi gadagan
edipdirler diýibem-ä gürrüň bar. Men-ä eşitmiş welin,
telpek tikýän edara indi possun tikýärmiş. Sebäbi telpeklik
deri tapdyranok diýýär. Bi, how, gözüňe, söweýin, Gyzyl
Kitaba girizilen gymmat jandaryň derisinden tikilen-ä.
Tohumy tükenip ýören bolsa, näbilýäň? – diýip, hasapçy
göz-görtele ýalan sözledi.
Emma bu gürrüňe ynanan bolmady. Aýallaryň käbiri
ýaňsyly ýylgyrdylar. Käsi bolsa: “Ýalan sözläňde ýapa bir
degir” diýýän ýaly, gaharlanyşyp, gaşlaryny çytdylar.
Hasapçy:
83
– Ine, görersiňiz! – diýip, eşidiler-eşidilmez
mydyrdady. Ol şular ýaly telpegiň tapylmazlygyny we ony
geýýän adamlaryň köpelmezligini ýürejigi bilen isleýärdi.
Telpek işdeş erkekleriň hem nazaryndan sypmady.
Olaryň käbiri halys ýürekden, käbiri ýasama ýylgyryp,
gutladylar. Käbirleri bolsa, temegini diň-göge tutup,
seňriklerini ýygryşyp, göripligini ýüze çykardylar. Başlyk
bolsa: “Tüweleme! Senem şeýdip, käte bir tüýüňi täzele,
how. Gowam gelişýär” diýip, adaty gürrüň etdi. Şeýlelikde
telpek garaşylan gudraty görkezip bilmedi.
Emma hasapçy ruhdan düşmedi. “Herki zadyň öz
wagty bar” diýip, özüne göwünlik berdi. Telpegiň hakyky
güýjüni görmek üçin ýene biraz sabyr etmek gerek. Eýsemde bolsa, ol şunça ýyl ýalňyş pikir eden däldir.
Emma
hasapçynyň
durmuşynda
üýtgeşiklik
bolubermeýärdi. Ol adatdakysy ýaly işe gelýärdi, telpegini
ýanyndan goýmaýardy. Wagt geçdigisaýy iş ýerindäki
adamlar telpegi ýatlaryndan çykardylar. Hiç kim ähmiýet
bermedi. Telpegem şo bir durkunda durmaýar. O-da edil
adamlar ýaly wagtyň zabun kanunyna boýun. Şeýlelikde
ýyllar geçip, telpegem könelişýärdi. Emma hasapçynyň
ynanjy çat açmady. Ol entegem umyt edýärdi. Bir nesibeli
güne garaşýardy. Soňky ýyllar bolsa ol telpek bilen
gepleşmäni hem çykardy. Dogry, telpek dil açanokdy, diňe
hasapçynyň aýdýanlaryny sessiz diňleýärdi. “Meni uly
kürsülere geçirjegiňe hiç hili şübhäm ýokdur. Meni ýokary
götermeli sensiň. Men garaşýandyryn” diýip, ol telpege
ýüzlenerdi.
Käte hasapçynyň günäsi sebäpli telpegiň hem çetine
degilýän wagtlary bolýardy. Bir gezek bir toýda hasapçy
ýaşyna gelişmeýän süwümsizlik bilen gelinleriň birine lak
atdy. Gelin bolsa: “Telpegiň başyňy iýsin! Haram ölen
84
şagalyň derisinden tikilen şylhasynyň myrdaryny aşyryp!”
diýip, telpegiň mertebesini peseltdi.
Telpegiň hut hasapça mynasyp görülmedik wagty-da
boldy. Işdeş aýallaryň biri hasapçy bilen sözi azaşanda
çekinmezden-zat etmezden, onuň bäbenegine barmagyny
sokaýjak bolup: “Şüýem özüne erkek diýip, kellesine telpek
geýip ýör. Heleýiň gyňajyny daň başyňa, bigaýrat!”
diýipdi.
Bir gezegem hasapçy ömür etmeýänini edip, bir
günlük telpeginden aýra ýatdy. Şonda ol bir meýlisde
agdyk içip, serhoş boldy-da, öýüne gaýdanda telpegini
ýadyndan çykaryp gaýtdy. Emma nesibesi aýrylyşmandyr.
Telpegi oňa ertiriň özünde gowşurdylar.
Ýyl yzyna ýyl geçdi. Günlerde bir gün hasapçynyň
kazasy dolup, o dünýä göç etdi. Ajal oňa telpegi bilen
hoşlaşmaga-da maý bermedi. Telpek eýesiz galdy. Kän
wagtlap derde ýaramajak, köne egin-eşikleriň arasynda
ýatdy.
Ahyrynda öý bikesi muny tapyp aldy-da, ekin üstüne
gidende ýany bilen äkitdi. Eltip, garantga geýdirdi.
Garantgaň başynda ekiniň başyny alyp duran wagty telpek
är işini bitirdi. Bakjany guş-gumrudan gorady. Emma
güýzüň aýaklarynda telpek ýitirim boldy. Ony zibil dörüp
ýören şäherli kemmagalyň biri utanman-yşman ogurlady.
Zibil dörmekden başga-da ol adamlaryň iň bir gelimgidimli ýerinde oturyp dilegçilik hem edýär ekeni. Şonda
telpek onuň matlabyny aýan etmek üçin gerek bolupdyr.
Şeýdip, telpegiň durmuşynda ömrüň täze menzili
başlandy.
Fewral, 2014 ý. Mary.
85
ÝIGIDIŇ GAÝRATY
Hekaýa
Bir gezek Begli ussanyň ýanyna Gulla mergen geldi.
Mergeniň dagda-düzde ýöreýän haýbatly ulagynyň bir
ýerlerinde tykyrdy peýda bolupdyr-da, ol şony bejertmek
üçin gelen ekeni.
– Ussam, gözüňe döneýin, şo tykyrdyny tap-da, kemini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Açar - 5
  • Parts
  • Açar - 1
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2171
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 2
    Total number of words is 3763
    Total number of unique words is 2162
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 3
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 2065
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 4
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2179
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 5
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2072
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 6
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2217
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Açar - 7
    Total number of words is 2069
    Total number of unique words is 1283
    37.6 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.