Latin

Hüýrlukga hemra - 2

Total number of words is 3902
Total number of unique words is 1815
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gündizine ylgar urup, gijesine şöwür tartyp ýöriberdi. Şu barabaryna birniçe
daglardan, birniçe çöllerden aşdy. Oglan ýadady. At aýagyndan bikär boldy. Şol
barşyna öňünden bir gabyrystanlyk dahyl boldy. Baýaky atasynyň beren nesihaty
ýadyna düşdi. Gün ikindi wagty boldy. Şasuwary mäkäm baglap, öňüne selin
taşlady. Eýerkeçäni ýazyp, özi uzyn uka gitdi. Hemra ýadapdyr. Şol ýatyşyna
ýatyp galyberdi. Gijäniň ýary ötüp, dörtden biri galan wagtda kyrk çilten gaýyp
erenler, dört çaryýar, hezreti Aly piri häzir boldy. Kyrk çiltenler «Adam ysy gelýe»
diýmäge başlady. Onda hezret Aly pir aýtdy
– Ol meniň nefes oglum, Hemra ol köp muşakgat çekip, gynanyp gelýe −
diýdi. Onda:
– Munuň jübütini basymrak gowuşdyrmak gerek − diýişdiler. Onda hezret
Aly piri
– Hemmäňiz jogap berseňiz, özümiz, enşalla, gowşurarmyz − diýdi. Onda
bary rugsat berdi. Birden Hemra tisginip, ýerinden galsa, daň eles-gofas bolup, gün
çykmaga ýakynlaşyp gelýär. Ur-da-tut ýerinden galyp, geýim-gejimini geýip, ertir
namazyny okamaga durdy. Namazy tamam edip, öňünçä sag egnine salam berdi,
16
sagyndan bir gün çykyp ugrady. Soňundan sol egnine salam berdi, sol
tarafyndanam bir gün çykyp ýokari galmaga başlady.
– Barsa gelmeziň nyşany şu bolsa gerek. Şu wagta çenli iki gün dogdy diýip
eşitmedim, Allatagala maňa her hili gudrat görkezmäge başlady − diýip aglamaga
başlady. Hemra
– Umyt bilen çykdym Misir ýurdundan, men bu günüň haýsysyna gideýin −
diýip, zar-zar aglap, sazyny eline alyp, bäş agyz söz aýdar gerek. Gör, bak, näme
diýýär
Aly pirim rehm eýlegil halyma,
Men şu günüň haýsysyna gideýin?!
Meni gönder özüň dogry ýoluma,
Men şu günüň haýsysyna gideýin?!
Pälim azyp bu meýdana gelip men,
Indi senden gutulmazym bilip men,
Aýralyk derdinden juda bolup men,
Men şu günüň haýsysyna gideýin?!
Jem bolup, kyrk çilten erenler gelse,
Bir garyp gulundan habardar bolsa,
Allahym rehim edip, nazaryn salsa,
Men şu günüň haýsysyna gideýin?!
Garyp Hemra diýrler meniň adyma,
Hudaýym, sen özüň ýetiş dadyma,
Sygynyp çykyp men pir ussadyma,
Men şu günüň haýsysyna gideýin?!
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň, hudaýa şükür edip, kybla
tarapyny gözläp, çök düşüp oturyberdi. Gara atly, ýaşyl naýzaly, başy selleli, egni
melleli ak sakal kişi häzir boldy.
– Eý, balam, gam çekip, gamgyn bolmagyl. Men Hezret Aly piriňdirin.
Balam, ýum gözüňi − diýdi. Hemra gözüni ýumdy.
– Balam, gözüňi aç − diýdi. Hemra gözüni açyp, ser salsa endamli bir giň
ýatan bag çarbagyň ortasynda dur. Töweregindäki haýatlary asman bilen barabar.
Pir aýtdy:
– Eý, balam, bu bagy tanaýarmyň? − diýdi. Hemra
– Bilmezmen − diýdi. Piri.
– Bilmeseň seniň ýaryň Hüýrlukganyň bag çarbagydyr − diýip, gol ýaýyp, ak
patyýa berdi. Hemra gözlese, ol gözünden gaýyp boldy. Hemra jan eýlesinebeýlesine oýlanyp, seretmäge başlady. Bagyň içinde iňlär siňek görmedi.
– Pah, pah, ajaýyp jaýlaryň bar eken − diýip, aýlanmaga başlady. Şol aýlanyp
ýörşüne şasyfanyň üstünde, güjera agajynyň teýinde iki sany ak öýe gözi düşdi
17
«Bissimylla» diýip, gafyny açyp, kybla tarapyndaky öýe girdi. Ortada bir gazan
gaýnap dur, teýinden çykýan bir çog ýok. Demlenip häzir bolup duran palaw. Bu
palaw näçe bir zatlardan bişirilen palawdy. Çarhy pyýaz, dogry käşir, tahýa ýagy,
owründi bürünç, jüýje horazyň göşüdi. Sap-sary bolup, özi ýahna bolup galypdyr.
Hemra jan
– Pah, pah, zaňňaryň gyzy, bizi geler diýip, häzirläp goýupdyr − diýip, goluny
ýuwup, «bissimilla» diýip, elini uzatdy. Şol wagt asmandan bir kepgir oýnap gelip
degdi maňlaýyna. Hemra jan çykyp ýazyberdi penjäni. Yzyny gözlese, hiç zat ýok.
Durup oýlanyşdy. «Günçykardaky öýi-de bir barlaýyn» diýip, gatyrak ýörip baryp,
onuňam gapysyny açdy. Ortada bir gazan gaýnap dur. Teýinden bir çog çykanok.
Gazanyň içinde berre guzynyň göşi özi bişip, özi düşüp, göşler süňkden jyda
bolup, her gapyrga-da bäşbarmagyň dişi ýaly soňkaýşyp dur. Hemra jan muny
görüp
– Pah, pah, zaňňaryň gyzy, ajygyp gelende işgeneden dadyp wagtyny
hoşlasyn − diýip goýupdyr. «Bissimilla rahman rahym» − diýip elini uzatdy. Şol
wagt asmandan bir susak oýnap gelip degdi maňlaýyna. Hemra çykyp, ýazyberdi
penjäni. Oglan«Bu barsa gelmeziň nyşanasy boldumy?» diýip haýran boldy.
Seredip dursa, kyrk gez ser howuz, içi sement bilen suwalan howuz suwdan dolup
çaýkanyp ýatyr.
– Gel, bu zatlar-a maňa nesip etmedi. Suw içip bir içimi sowudaýyn − diýip,
howuza baryp eňegini basdy. Suw aşak düşüp gidiberdi. Tekjek-tekjek aşak düşdi.
Hemra jan defesine seretse, defesinde kyrk tekjek dur.
– Aldym seniň habaryňy, aşak düşüp-düşüp, birden ýokary çykyp, meni
alajaksyň, men bildim − diýip, ýuwrüp ýokary çykyp ýörüberdi. Hemra
– Bu zatlar-a maňa nesip etmedi. Indi bagdan bir garnymy doýraýyn − diýip,
baryp bagy aralasa, dürli miweler pişipdir, al-ýaňak alma, gelinbarmak üzüm,
muňkaly şepdaly, synygy erik bişip, öz agramyna özi düşüp, güller açylyp,
bulaklar çar-para akyşyp dur. Bilbiller saýraşyp, bak-baklar dem tartyp, buzawaşlar
ýap tartyp, serçeler serenjam berip, hüpüpükler taraşmanlyk edip, gurbakgalar
miraplyk edip, gogurlap kethudaçylyk edip ýören jaýa ýetişdi. Hemra heýran bolup
duruberdi. Bir sagat tomaşa edip durdy.
– Gel, indi şu miweden ýygaýyn − diýip, miwä elini uzatdy. Şaha ýokary
göterilp ötegitdi. Hemra bu halaty görüp, köp hafa boldy.
– Eý, Hudaýym-a, «Jenneti görmek bar-da,datmak ýok» diýip eşidýedim, ras
ekeni. Indi, Hudaýym, özüň maňa rehm etgil − diýip, zar-zar ýyglap, birniçe
ýerden tymsal tapyp, bäş agyz söz diýse gerek.
Ýeliň piri Mirhaýdar,
Eňil pudagy-pudagy.
Säher wagty ösen ýeller,
Eňil pudagy-pudagy.
Mugteser kyldym säherde,
Uçradym men ýowuz ýerde,
18
Ömür boldum men bu ýerde,
Eňil pudagy-pudagy.
Kimsäni gör, aýyşdadyr,
Kimsäni gör, nalyşdadyr,
Tup ol agaç behiştedir,
Eňil pudagy-pudagy.
Hemra aýdar dat erenler,
Bize patany berenler,
Säher wagty ösen ýeller,
Eňil pudagy-pudagy.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Şol wagtda kybla tarapyndan bir güýçli
şemal gelip, baga degdi. Şahalar azaň-azaň boluberdi. Bir erigiň şahasy ýere degdi.
Hemra üstüne atlaýyn mindi. Bir miwe eline ildi, gözüni ýumup agzyna saldy.
Gözüni açsa, afa-safaçylyk bolupdyr. Miwelerden halanyndan iýip, wagtyny
hoşlap, birniçe wagt baga aýlanyp gezdi. Birden häki kabla bilen işgene ýadyna
düşdi.
− Indi baryp iýip bolamazmyka? − diýip, oglan ýörüberdi. Baryp kybla
tarapdaky ak öýüň gafysyny açdy. Barsa kabla öňki durşuna dur. Goluny ýuwyp,
«bissimilla» edip iýmäge başlady. Iýip otyr, defesini gözleýär. Garnyny
doýyrýança hiç ýerden zat bolmady. Oglan usul bilen yzyny gözläp, çykyp
ýöriberdi. Günçykardaky öýüň baryp, işigini göterdi. Görse, hälki işgene şol
durşuna dur. Golyny ýuwup, «bissimilla» edip almaga başlady. Mundan hem iýip
otyr, defesini gözleýär. Iýip mäkäm garnyny doýurdy. Oýlanyşybraga-da çykyp
ýörüberdi. Oglan baýaky serhowza tarap ugrady. Usul bilen baryp, howza agzyny
basdy. Suw içip ýatyr. Oglan defesini gözleýär. Suw içip boldy. Hiç üýtgeşik zat
bolmady. Çykyp ýörüberdi.
– Emeli tetik eken, indi bildim − diýip, baga garşy ýörüberdi. Baryp baga
girip, bagyň içindäki her tür haýwanlara tomaşa edip, keýfini kökläp, altyndan bug
berlen käkillerini ýazyp gatberip, birnäçe wagt tomaşa etdi. Gün günorta
ýakynlaşdy. Oglanyň eti gyzyp, ukusy tutup, agyrlyk basmaga başlady.
– Gel, gaýta gelende maňa tomaşa etdirmeýerlermi. Bir uklap dynjymy alaýyn
− diýip, Hemra bagdan çykyp ýöriberdi. Şol gelşine baýaky serhowzuň boýuna
gelidi. Gelse, howyzyň döweregi gün düşmeýän agaç, boýy şasyfa.
– Päh, zaňňaryň gyzy, köp safaly jaýyň bar – diýip, güllere garap ýöriş etdi.
Bir, iki gujak ýaly güli ýygyp aldy. Bir dessesini düşedi, bir dessesini ýassandy, bir
dessesini örtündi. Oglan:
− Dynjymy alaýyn – diýip, uka ýörüberdi.
Indi bu söz bu ýerde dursun. Indi habary kimden eşit, Hüýrlukgadan eşit.
Simun kenizi ýanyna çagyryp aldy.
– Eý, Simunjan, men Hemra jan ýaryma sataşmakda kyrk gün möhlet
beripdim. Şol kyrk gün şu gün doldy. Ol gelendir. Semhuryň bagnyna gitmek
gerek – diýdi. Hüýrlukga şol wagt:
19
– Bir sagada galman jemleniň – diýip, kenizlerine, döwlerine buýruk berdi.
Sagada galman bary jem boldy. Hüýrlukga olaryň öňüni-ardyny jemläp, öňi bilen
perilere
– Siz habar tutuň – diýip buýurdy. Kyrk peri kepder lybasyna girip, uçup
ýöriberdi. Yzyndan döwlere emir etdi.
– Sizler baryberiň – diýdi. Olar hem gök gübürdän ýaly, gübürdeşip, silkinşip,
gogur lybasyna girip ýörüberdi. Yzyndan bir zaman afy-safalyk bolup durdy. Özide bir silkinip, totu guş lybasyna girip, uçup ýörüberdi.
Kenizler baga ýakynlaşyp:
– Adam ysy gelýe – diýişmäge başlapdyrlar. Onda Simun keniz:
– Eý, gyzlar, bu bibimiň ýary Hemra jan gelendir. Şonuň ysydyr – diýdi.
Kenizler bagyň depesinde kepder bolup, üç mertebe aýlandy. Aşaklap-aşaklap
özlerini taşladylar. Jem bolup bir galta urdular. Boldy bir bölek gyz. Şol wagt
ukuda ýatan Hemra janam oýandy. Gyzlar nämedir öz dilinde gürrüň edip, üçdendörtden tirkeşip, baga aýlanmaga başladylar Hemra jan gyzlary görüp, gülüň
teýinden gözläp ýatyberdi.
– Bularyň haýsysy Hüýrlukgaka? Birden bir habar gatsam, bulara dik
düşermikä – diýip, uly oýlanyşga gitdi. Şol oýlanyp ýatyşyna bir meýdan geçensoň
boluberdi bir afy-tupan, gök gübürdedi, ýyldyrym çakdy. Iki sany gogur gelip,
bagyň üstünden üç mertebe aýlandy. Aşaklap-aşaklap, özüni taşlap goýberdi.
Taşlanda bagyň içi ala gümmürdi bolup, ýer lerzana geldi. Ýaňky gogurlar bir
galta urdy. Boldy bir iki sany döw. Aýagy ýerde, depesi gökde. Gepleşseler bagyň
içi bolýar ala-zenzele. Hemra jan munam ser salyp görüp ýatyrdy.
– Eý, zaňňaryň ogly, päliň azyp gelipsiň bu taýa. Bu döwleriň eline düşseň,
müň janyňdan bir jan galmaz – diýip, gaýym bukulyp ýatyberdi. Hemra jan
imanyny öwrüp.
– Ýa pirli Hezret Aly, bu belany özüň dep etgeýsiň – diýip, bilen safagyny
okymaga aýlanyşdy. Bagyň içi bir iki sagat şol afy-tupanlygynda durdy. Afysapaçylyk bolup, iki sany toty guş bagyň üstünden üç gezek aýlanyp özüni taşlady.
Bir galta urdy, boldy iki sany perizat. Ýöräp ötägitselerem, ýeriň gaýmagyny kä
bozýar, kä bozanak. Ondördi gijäniň aýy kimin, bir gijäniň gary kimin, gözleri
süzülip duran, galam-gaşly, hünji dişli, gara saçly, pisse dahan, mürçe miýan, agy
ak, garasy gara, gyzyly gyzyl, haly hal, ýokary dodagyndan daman ballar aşaky
dodagyna minnet bilen düşýär. Daraýy köýnek egninde, endam janynyň bary süýşä
guýlan suw ýaly mälim bolup dur. Hemranyň bulara gözi düşüp, baýaky gorkusyny
ýatdan çykardy. Ok atjak mergen ýaly ýene gözläp ýatyberdi. Olar öz dillerinde
totu kimin jilwe berip sözleşýärler. Emma oňa Hemra düşünmedi.
– Gel, men ajalymdan gorkup ýatmaýyn, bulara habar gatman ölsem, biarman
giderin – diýip, ysytma degen ýaly, endamyna hem degdi bir galdyratma, hiç özüni
saklap bilmedi, şol halda sazyny çala-çula düzüp, bulara garap, bäş-alty söz diýse
gerek.
Şükür hakyň dergaýyndan,
Gözel göründi, göründi.
Ýaryň soňky jemalyndan,
20
Göwnüm imrendi-imrendi.
Arz aýdaýyn patyşaýyma,
Ýalbaraýyn Hudaýyma,
Agzymdan çykan ahyma,
Daglar defrendi, defrendi.
Rugsat ber, gideýli,
Bagyňdan güller tireýli,
Kaddy boýuňy göreýli,
Sallan ýör indi, ýör indi.
Aşyk men ala gözüňe,
Şekerden şirin sözüňe,
Çaprazly hal-hal ýüzüňe,
Hakdan nur indi, nur indi.
Ýakma Hemraň ýüregini,
Sal boýnuna bilegiňi,
Barça guluň dilegini,
Möwlam ber indi, ber indi.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi, Hüýrlukga Hemranyň sözüni diňläp durup
eşitdi. Simun kenizi ýanyna çagyryp:
– Häzir köşge garşy ugraň diýdi. Kenizler ýygnanyşyberdiler. Özi duran
ýerinde bir galta urdy. Iki sany totugyş bolup uçup ýöriberdi. Yzyndan hem kyrk
keniz hem bir galta urdy. Bularam bir bölek kepder bolup, bularam uçup ýöriberdi.
Yzyndan döwlerem bir galta urdy. Boldy iki sany gogur, harlap, düwläp, bagyň
içini ala-zenzele edip, bularam göterildi.
Indi habary kimden al Hemradan. Harmanjaýda galan hakgulla ýaly bir özi
galyberdi. Hemra:
– Dillerim lal bolsun, näme üçin habar gatdym, bir zaman görüp dursam
mährim ganardy. Jenneti görmek bar-da, ganmak ýok diýeni dogry eken – diýip
puşeýman edip, zary-girýan bolup oturyberdi.
Indi habary kimden eşit Hüýrlukgadan. Kenizlerini, döwlerini köşkde jemläp
alyp,«Hasy» keniz diýip, uruberdi abry-zabry.
Hasy keniz:
– Nä hyzmat – diýip ýetip geldi. Onda Hüýrlukga aýtdy:
– Eý, zaňňar keniz, özüň görüp gaýtmadyňmy? Hemranyň bagyň içinde
ýatanyny. Gidişiňden gelşiň basym bolsun, git-de şony getir. Eger ýolda oňa azar
berseň, deriňi diri soýduryp, gözüňi oýdyryp, dik aşak gömdirin – diýdi. Hasy
keniz:
– Buýrugyňa gulluk – diýip, baga garşy ýörüberdi. Bagdan çykmanka
yzyndan Selip keniz ýetdi.
– Aý, bibijan, niräk barýarsyň? – diýdi.
21
Onda:
– Hüýrlukganyň ýary Hemrany äkelmäge barýan – diýdi. Onda ol:
– Men saňa bir gürrüň aýtjak. Eger şol oglan bagyň içinde bar bolsa, bir gije
dartyşsak, dalaşsak, oýnaşsak, gülüşsek, soň ony ertesi eltende bibimiz gupbamyzy
döwýemi? – diýdi.
Onda Hasy keniz:
– Ýagşy aýdýarsyň, Selip jan. Bizem bir gije wagtymyzy hoşlaly – diýdi.
Kenizler maslahaty şuňa goýup ýörüberdiler. Hüýrlukga oturan ýerinde göwnüniň
bozulanyny aňlapdy. Ýetip-ýetmänkä yzyndan «Haýsy keniz» diýip jar
gygyrdyberdi. Kenizler şol barşyna Hemranyň ýanyna bardylar. Barsalar, şa
syfanyň üstünde bir oglan ýatyr, görmäne göz gerek. Ondördi gijäniň aýy kimin,
gara gözli, güler ýüzli, altyndan bug berlen käkilleri o çekgesinden bu çekgesine
çyla berip düşýär. Misli afy-tap mysaly. Muny gözläp, munuň jemalyna gark
bolup, kenizler huşundan gidip, darak gaýtdy bolup gaýdyberdiler. Bir sagat ýaly
ýatyp agzy-burunlarynyň suwuny akdyryp ýerinden galdylar. Hemra jana tarap
ugraberjek bolanda «Hasy keniz» diýen tawuş gulaklaryna ildi.
– Indi biziňki bolmady – diýip, yzyna garşy aýlanyberdiler.
Hemra bulary bu halda görüp, tomaşa edip oturybersin.
Kenizler ylgaşyp, Hüýrlukganyň ýanyna ylgaşyp bardylar. Hüýrlukga gazap
bilen:
– Hasy keniz, hany Hemra? – diýdi.
Onda ol
– Bibijan, oglanlykdan gyzma gylygyň galmaýar. Men saňa gören oglanymy
saz bilen beýan edeýin – diýip, bäş agyz söz diýse gerek.
Bibijan, bag içinde bir oglan gördüm,
Görmedim onuň deý owadan gözli.
Ýaňaklary hal-hal, ýüzleri zerli,
Görmedim onuň deý owadan gözli.
Nä sebäpden gül dek ýüzüň sargara,
Bagrym başy boldy göz-göz ýarala,
Ýa Hemradyr, ýa Hemradan habarly,
Çyn göwher düzülmiş bir syny zerli.
Ony görenler köp çeker ah bilen ahy,
Gökde bulut oýnyr, derýada mahy,
Hemra bir gedadyr, ol gözel şahy,
Görmedim onuň deý owadan gözli.
Hasy keniz diýer aýan eýlesem,
Görenim bir-bir beýan eýlesem,
Seniň Hemraň diýip, guman eýlesem,
Dallar arasynda boldum heserli.
22
Elkyssa, Hasy keniz sözüni tamam etdi. Hüýrlukga Hasy kenizden ugurly
gürrüň eşitmedi. Gahary gelip, bir sagat ýaly otyrdy. Yzyndan
– Döw Haşrak – diýip, abry-zabry uruberdi.
Döw:
– Nä hyzmat! – diýip häzir boldy.
Onda Hüýrlukga aýtdy.
– Eý, döw Haşrak, Hemra bilen kyrk günlük wadam bardy. Şol wadam dolup
ol baga gelipdir. Şony baryp äkelgeýsiň. Eger oňa gazap bilen penje urup, ony
tisgindirseň, seniň iki gözüi oýdyryp, deriňi diri soýdyryp, dik aşak ýere gömdirin.
Özüňe-de ýarym sagat wagt berermen. Derrew ugra – diýdi.
Döw biçäre götinjekläp, yzyna gözleý-gözleý ýörüberdi. Aňyrrak çykyp,
duran ýerini bäş-alty gezek depgiledi, turdy bir ala tozan. Şol harasadyň içinde
galta urup, gogura öwrülip, uçyp ýöriberdi. Baga baransoň, döw uly oýlanyşyga
gitdi. Ol «adamzat» diýip eşitse-de görmändi. Onuň adyndan gorkýardy.
Hemranyň çigit ýaly azarsyz gelmegini-de Hüýrlukga aýdypdy. Äkitmäýin diýse,
Hüýrlukgadan gorkýar, äkideýin diýse öz janyndan gorkýar. Döw boldy sermisar.
Oýlanşa-oýlanşa bagyň depesini üç gaýtara aýlandy, özüni ýere taşlady. Bagyň içi
ala şakyrdy boldy. Hemra gözlese, baýaky döw gelipdir. Muny gören Hemra şol
toplan gülleriniň teýine girdi. Döw-de oýlanşyp, götinjekläp «Näme-de bolsa
gözüm görmesin, syrt tarapymdan gelsin» diýip, götinjekläp geliberdi. Şol gelşine
Hemranyň ýanyna ýakyn-ýakyn gelip, gülüň üýşmegräk duran ýerin «şu dälmikä»
diýip, netijäni salyp goýberdi. Güli göterip, gürläp asmana galdy. Beren süregi
ýarym sagat bolsa, döw on bäş minuda galman ýetip bardy. Eltip güli
Hüýrlukganyň ýanynda − öňünde goýdy. Hüýrlukga dergazap bolup
– Men saňa gül getir diýdimmi? Hemrany getir diýdim. A zaňňar. Hemra
hany – diýdi. Onda döw:
– Menem öz janymdan gorkunjyma şu gülüň içinde bardyr diýip, alyp
gaýtdym. Şunuň içini gözleseň bardyr – diýdi.
Hüýrlukga gülüň arasyny dörüp, Hemrany tapyp aldy. Emma Hemra gorkup
tisginipdir. Oglanyň gursagy tirfildeýärdi. Hüýrlukga birniçe wagt Hemranyň
gursagyna elini goýup oturdy. Yzyndan aýtdy.
– Eger Hemra öňki kaddyna gelmese, seni hiç bir zada höküm edilmedik
zulum bilen öldürin – diýdi.
Döw, biçäre näme iş etsin, aglap oturyberdi. Birnäçe wagt «eýlesin ber-de,
eýlesin ber» bolup, Hemrany göterip, şemala göterdiler. Atdan ýykylan at oglan
ýaly, Hemra gözüni açmady.
Indi habary kimden al, Hüýrlukgadan, dutary döşüne goýup bäş agyz söz
diýse gerek.
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Sefil boldum ýar derdinden.
Ýar derdiňe köýe-köýe,
Ölür boldum ýar derdinden.
23
Gördüm, näçelerini gördüm,
Başyma söwdalar saldym,
Misire kyrk gaýra bardym,
Baryr boldum ýar derdinden.
Gündizlikde parahat ýok,
Gijesinde takadym ýok,
Gaýry mundan muşakgat ýok,
Ölür boldum ýar derdinden.
Adymyz Hüýrlukgadyr,
Pany älem biwefadyr.
Çekdigim jebri-jefadyr,
Çeker boldum ýar derdinden.
Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Hemrany kenizler şol elden-ele tutup,
şemalladyp ýördüler. Hasy keniz akylly keniz erdi.
– Bar-da huş gülünden bir-iki, üç sany gül eken – diýip, Selip kenize buýurdy.
Selip keniz bir etek ýaly gül ýygyp geldi. Birini aýryp taşlap, birini Hemranyň
burnuna tutmaga aýlanyşdylar. Hemra bir çakdan soň gözüni açdy. Erse kenizler:
– Bibim, jany bar-da, bibim, jany bar, bibim, buşluk-da, bibim, buşlyk – diýip
gygyryşyp:
– Söýünjini bol ber – diýmäge aýlanyşdylar. Hüýrlukganyň wagty hoş bolup,
Simun kenizi ýanyna çagyrdy.
– Bar-da hazynahanadan göteribildigiňi göterip gaýt – diýdi. Simun keniz
birnäçe tylla teňňäni göterip geldi. Hüýrlukga üstüne bäş tylladan, on tylladan
goýup, her kime serpaý bermäge başlady. Birnäçe serpaý, birnäçe tylla teňňe berdi.
Kenizler hem serpaýlandylar, hem pullandylar. Hemra öňki kaddyna geldi. Ondan
soň Hüýrlukga
– Siz adamyň çolalygyny berjek dälmisiňiz, indi gidiberseňiz bolmaýamy? –
diýdi. Onda kenizler birbada han ýaly meýdana çykdylar. Hasy keniz kenizleriň
öňüne düşüp.
– Munuň git diýenine gidibermeli däl, bizem munuň ugrunda az heläkçilik
çekemzok. Ýörüň yzyňyza gaýdyň – diýdi. Kenizler ýene toparlanyp gaýdyp
geldiler. Hüýrlukga:
– Näme üçin gaýdyp geldiňiz? – diýdi. Onda Hasy keniz ilerräk durup
– Bibijan, saňa bir arzym bar. Her ýeten adamzat padyman sygyr çopan, geçi
bakan, ötel-geçen, saýak sandyran seniň ýaryň boluberýämi? Seniň turşyň defäňe
çykypdyr. Sen akylly bolsaň«Şu keniz-öýden halanyňy tut, bir gije hudaý hakyna
saňa mymandarçylyk edesim bar» diýseň bolmaýarmy? Şonda seniň özüňe agyz
urup, kenizler üçin agzyny bölmese, şonda seniň ýaryň. Bolmasa bu bir gezip
ýören adamzatdyr-da – diýdi. Bu maslahat Hüýrlukganyň göwnüne jüňk düşdi.
– Eý, myhman oglan, şu kenizlerden halanyňy tut, saňa hudaý haky üçin bir
gije myhmandarçylyk edeýin – diýdi. Hemranyň Hüýrlukgadan beýle tamasy
24
ýokdy. Bu sözi eşidip, diň asmandan geldi. Hemra aýtdy
– Eý, Hüýrlukgajan, men kenizleriň, çorularyň üçin gelemok, sen diýip
geldim. Maňa muň ýaly agyr gürrüň aýtmasaň boljakdy – diýdi. Elinde sazy, kime
aşyk ekenini beýan edip, bäş agyz söz diýse gerek.
Alys ýoldan gelsem, saňa beg bolsam,
Seniň göwnüň nedir, nä hyýaldadyr?
Ýol ýöriseň, aýakyňa ýol bolsam,
Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr.
Alys ýoldan geldim seni görmäge,
Sen gidipsiň syýa zülfüň örmäge,
Meniň göwnüm gujagyňa girmäge,
Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr.
Alys ýoldan geldim seni dost diýip,
Sen çykmasaň çykar janym gyssanyp,
Meniň göwnüm ak gollaryňy ýassanyp,
Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr?
Alys ýoldan gelsem, saňa gul bolsam,
Ýol ýöriseň, aýakyňa ýol bolsam,
Goýun kibi çar tarapa il bolsam,
Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr?
Hemra aýdar, guçsam inçe biliňden,
Gujaklap boýnuňdan, öpsem ýüzüňden,
Pisse dodagyňdan, şirin sözüňden,
Seniň göwnüň nedir, ne hyýaldadyr?
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukga beslenip, kenizleriň
ýüzüne garap:
– Heý, akmaklar, indem gitjek dälmisiňiz? Kenizler birbada ürküp
ýörüberdiler. Aňyrrak baransoň, ýene Hasy keniz kenizleriň öňüne çykdy.
– Munuň git diýenine gidibermelimi biz? Hüýrlukga kümmetde ýatdyk
diýýedi. Eger şondan jogap sorasa, maňa jogap berse, ol şonuň ýarydyr, bolmasa
gezip ýören adamzatdyr – diýip, ýene-de kenizleri toplap, öňüne salyp gaýdyberdi.
Hüýrlukganyň gaşyna gelip, ýene toplanyp duruberdiler. Hüýrlukga:
– A zaňňar kenizler, indi näme üçin geldiňiz? – diýdi. Hasy keniz ýene-de:
– Bibijan, saňa arzym bar – diýdi.
Hüýrlukga dergazap bolup
– Aýt arzyňy, arzyň tükenmeýemi seniň – diýdi. Hasy keniz
– Bibijan, abaýlaman keple. Sen baýak «Kümmetde ýatdyk, bäş alty agyz
ýambur-ýumbur etdik» diýipdiň, şondan habar sora. Jogap berse, Hemra ýaryň,
25
bolmasa munuň bäş agyz sözüne aşyk bolma. Muny geçi bakanda öwrenipdir, düýe
bakanda öwrenipdir, iň bolmasa bagşy diňlände öwrenipdir. Sen ýetgeçden özüňe
çekýärsiň – diýdi.
Hüýrlukga oturyp oýlanyşdy.
– Eý, myhman oglan, saňa bäş-alty agyz soragym bar. Şoňa jogap berseň,
seniň görjek hezzetiň aňyrsy ýok, eger jogap bere bilmeseň görjek görgiň aňyrsy
ýok, ura-ura ýurduňdanam aňryk geçireris – diýdi, gaty gazaba mündi. Onda
Hemra:
– Eý, Hüýrlukga, sowalyňy beriber, men hak aşyk. Beter jogap bererin –
diýdi. Indi Hüýrlukga goluna sazyny alyp, Hemradan sowal sorap, Hemra jogap
berip, bäş agyz söz aýdar gerek.
Hürýlukga
–Säher wagty ýatganyňda,
«Tur» diýenler kimler edi?
Tutup dessi dabanyndan,
«Ýör» diýenler kimler edi?
Hemra
–Säher wagty ýatganymda,
Aly babam «tur» diýdiler.
Tutup dessi dabanymdan,
«Hatam ýola gir» diýdiler
Hürýlukga
–Kybla sary bakyp duran,
Ýüzünden nur akyp duran,
Bäş wagt namaz okyp duran,
Namaz uýgan kimler edi?
Hemra
–Kybla sary bakyp duran,
Ýüzünden nurlar akyp duran,
Bäş wagt namaz okyp duran,
Hezret Omar pirler edi.
Hürýlukga
–Senem gördüňmi ol düýşi?
Hakygat erenler işi.
Uzyn boýly gara kişi,
Wekil bolgan kimler edi?
Hemra
–Menem gördüm ol düýşi,
Hakykat erenler işi.
Uzyn boýly gara kişi,
Hezret Osman pirler edi.
Hürýlukga
–Gezerdi ganym kastynda,
26
Düýrme gylyjy dessinde,
Ol otyrgan tagt üstünde,
Nika gyýgan kimler edi?
Hemra
– Gezerdi ganym kastynda,
Düýrme gylyjy dessinde,
Ol otyrgan tagt üstünde,
Şahymydan pirler edi.
Hürýlukga
–Hüýrlukga, zar eýlesem,
Birin-birin ýat eýlesem,
Hakykat yktykat eýlesem,
Pata beren kimler edi?
Hemra
–Hemra, zar eýlesem,
Birin-birin ýat eýlesem,
Hakykat yktykat eýlesem,
Hak Mustafa nurlar edi.
Elkyssa, iki sözlerini tamam etdiler. Hüýrlukga kenizlere gazap bilen nazar
salyp:
– Indi näme iş etjeksiňiz? – diýdi. Kenizler öňki ýaly toplanşyp gitmän, goýun
kimin pytrap ýöriberdiler. Indi habary kimden eşit. Hüýrlukgadan. Bil bagdan
düşekçe ýazyp, dyzdan ýassyk taşlap, geýnen geýimlerini çykaryp, bir daraýy
köýnek bilen darak gaýtdy bolup, özüni çymylgana taşlady. Hemra hem gapdalyna
özüni oklady. Hüýrlukga ýatdy.
– Asly toprak, adamzat el gatynça el gatmaýyn – diýip ýatdy.
Hemra jan bolsa:
– Asly ot hem aýal, özi gol gatmasa, men bisabyrlyk etmäýin – diýip, bu-da
ýatyberdi. Şeýdip üç gije-gündiz geçdi.
Indi habary kimden eşit Hüýrlukgadan. Dördünji güne gadam basdy, her
näme bolsa-da, aýal oglan çydam berip ýatybilmedi. Çymylgandan sogrulyp
çykyp, ojak başyny çalşdyryp bezm etmäge başlady. Çakmagy çakyp, ody ýakyp,
ody belentden galyp, suwuň durusyndan çaý goýup, çäýnek-käsäni arassalamaga
başlady. Oňa çenli çaý gaýnady. Gyzyl çäýnek, gara-ala käse, çöp çaý, safakly
nabat, naýy bir gez çilim taýynlap, garşy temmäki häzirläp, oduň töwereginden
aýlanyberdi. Yzyndan gazançany ataryp, çişde-kebapda, çaýda-şerapda
bolupbersin. Hemra ýorganyň astyndan gözläp ýatyrdy. Hüýrlukga ser salsa, on
dördi gijäniň aýy kimin, gözleri süzülip duran, agzy oýmak ýaly, lebi gaýmak ýaly,
galam gaşly, hünji dişli, gara saçly, pisse dahan, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal,
menek-menek, suw içse alkymyndan, käşir iýse bykynyndan görünýä, geýne
bilenini geýnip, dakyna bilenini dakynypdyr, asyly gönjük, tylla heýkel, endamyna
sefipdir atyr suwy, mum kokyp, Hemrany ýatan ýerinde ýatyrmady. Ysytma bolan
adam ýaly, ýerinden galyp, iki egnini kakyp otyr. Munuň bolup otyryşyna
27
Hüýrlukganyň gözi düşdi.
– Eý, Hemra, bolup oturşyň nähili? – diýdi. Hemra:
– Eý, Hüýrlukga meniň bir köne ysytmam bardy. Bir begenemde tutýady. Bir
gynanamda. Şu gün begenemde tutjakmyka diýýän.
Onda Hüýrlukga:
− Eý, Hemra, çaý iç, çilim çek, şerap iç kebap iý. Onsoň ysytma tutsa göreýin
– diýdi. Hemra çaý içip, çilim çekip, kebap iýip, mes bolup oturdy. Hüýrlukga
oturyp oýlanyşdy
– Asly toprak adamzat. Özüm habar gatmasam, bu maňa müň ýylda-da gol
gatyp biljek däl – diýip, tylla desseli gazmany goluna alyp, rugsat berip, bäş
keleme söz diýse gerek.
Alys ýoldan gelen ejiz myhmanym,
Sürewer Hemra janym, döwran seniňdir.
Saňa gurban bolsun bu şirin janym,
Sürewer Hemra jan, döwran seniňdir.
Aşyg bolsaň azat etgin ölümden,
Bagban bolup tirgil täze gülümden,
Elip dek kamatdan, inçe bilimden,
Guçawer Hemraýym, döwran seniňdir.
Emeweri leblerimiň gandyny,
Tutawer pany dünýä pendini,
Ak synam üstünde tylla bendini,
Çetewer, Hemraýym, döwran seniňdir.
Kişi beýle gahar edermi dostuna,
Gylyç alyp çapsyn meni dessine,
Çykaweri ak synamyň üssüne,
Sürewer, Hemraýym, döwran seniňdir.
Hüýrlukga, men haklymy çaşyryp,
Kenizleri töweregime üýşürip,
Saňa syry pynhan goýman ýaşyryp,
Bolawer, Hemraýym, döwran seniňdir.
Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukga salygly duran
düşege darak gaýtdy bolup taşlaberdi. Hemra janam özüni gapdalyna taşlady.
Aşyklar gol boýnuna salyşyp, mähebbet posa alşyp, dal çybyk deý çyrmanşyp,
gyzyl gül kimin oraşyp, maksat-myratlaryna ýetip ýatybersin. Şol ýatyşlaryna
Hemera daň säher çagynda tisginip oýandy. Atasynyň «Üç aýa çen gelmeseň,
çolaşar men kepen dona Hemraýym» diýen nesihaty ýadyna düşdi. Onuň yzarlap
çykany hem Bilbilgöýädi. Goluna ilen bilbil ýok, bu-da ýadyna düşdi. Iki agasy
bilen bile gaýdypdy. Olardan habary ýok. Agadan, deň duşdan, Misir ilinden,
28
watandan aýrylany ýadyna düşdi. Ýurdundan çykanyny hasaplap görüp otursa, üç
aýdan on gün ötüpdir.
– Atama şerbende, ýüzügara boldum – diýip, ýerinden laňňa galyp, bir ah
çekdi. Ýene-de kellesini ýassyga goýup, gaýta ýatyberdi. Ýene uka gidiberdi. Näge
Hüýrlukga oýa ýatyrdy. Hüýrlukganyň göwnüne «Menden başga-da yzynda ýary
galan eken-ow, bolmasa ne üçin ah çekdi» diýip, çymylgandan çykyp, Hemranyň
kellesini dyzynyň üstünde goýup aglamaga başlady. Hüýrlukganyň gözünden akan
ýaşlar Hemranyň ýüzüni ýuwup gitdi. Görse, Hüýrlukga aglap otyr. Hemranyň
oýananyny bilip Hüýrlukga
– Eý, Hemra, meniň saglygymda ne üçin gam çekdiň? Ýurduňda menden hem
başga eý görýän ýaryň galan bolmasa beýtmezdiň? – diýdi. Şu ýerde Hüýrlukga
Hemra jana garap, bäş agyz söz diýse gerek. Owaly Hüýrlukga, gaýtargysy
Hemradan:
Hüýrlukga
–Adamzat ähtiniň epru myhmany,
Sen ne üçin ahy-pygan çekesen?
Perizat ähliniň göwün hoşgähi,
Sen ne üçin ahy-pygan çekesen?
Hemra
–Atam bilbilgöýe gördi düýşünde,
Onuň üçin ahy-pygan çekemen.
Ajap söwdalara saldy başymy,
Onuň üçin ahy-pygan çekemen.
Hüýrlukga
–O nä guşdur seniň yzlap çykanyň,
Şirin janyň yşk oduna ýakanyň,
Saňa aýyp dälmi aglap bakanyň,
Sen ne üçin ahy-pygan çekesen?
Hemra
–Atam bilbilgöýe gördi düýşünde,
Nä hasratlar düşdi meniň başyma,
Dogan gardaşlarym ýokdur gaşymda,
Onuň üçin ahy-pygan çekemen.
Hüýrlukga
–Hüýrlukga aýdar, göwün mätäjim,
Gözüm göreji, defämde täjim,
Men peri men, tiz görer men elajin,
Sen ne üçin ahy-pygan çekesen?
Hemra
– Hemra diýer bize kysmat şu boldy,
Ýol jebrinden gözüm ýaşy sil boldy,
Diýşdäki wadamyz ýedi ýyl boldy,
Onuň üçin ahy-pygan çekemen.
29
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hüýrlukga hemra - 3
  • Parts
  • Hüýrlukga hemra - 1
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1896
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 2
    Total number of words is 3902
    Total number of unique words is 1815
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1825
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 4
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1774
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 5
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 1710
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 6
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 587
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.