Latin

Hüýrlukga hemra - 6

Total number of words is 1003
Total number of unique words is 587
35.7 of words are in the 2000 most common words
48.3 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
− diýdi. Hemra janyň wagty hoş bolup, atasynyň ýanyna bardy.
– Eý, atajan, Hüýrlukga jan gitmekçi boldy − diýdi. Onda Hysrow şa
− Men wezir agzamlarym bilen ugrabersem näder − diýdi. Hemra jan
– Ajap bolar − diýdi.
Hysrow şa tamam wezir agzamlary, ýar-dostlary, deň-duşlary, hoja, seýit,
kary, işanlary bilen jem bolup, ýola düşüp rowana boldylar. Hemra jan hem öz
deň-duşlary, ýar-dostlary bilen ýelmaýanyň üssine kejebe goýup, Hüýrlukgany
gelin-gyzlar bilen mindirip, bular hem ýola düşdi.
Tamam Hysrow şanyň alamany, Hüýrlukgajanyň perileri Müsir ýurduna
goşylyp ýöriş etdiler. Erse Hemra jan ýola çykandan soň, gökböri berip, at
çapdyryp, mes bolup ýöriberdi. Emma indi habary kimden al, Hysrow şadan. Ol
Misir iline bardy. Baryp wezir-agzamlaryny ýygnap, toýuň enjamyny iýiberdiler.
Toý enjamyny jemläp, bir jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip jar çek
diýdi. Jar budur
– Patyşanyň ýedi gije-gündiz toý-tomaşasy bar. Her kim sazanda bolsa,
göýende bolsa, bagşy bolsa, at çapan, seýis bolsa göreşýän pälwan bolsa, gelibersin
− diýip ýöriberdi. Emma toý başlanyp gitdi. Hemra jan hem öz deň-duşlary bilen
gelip ýetişdi. Söz gysgasyna ýagşy, ýedi gije-gündiz şeýle bir şatlykda geçdi. At
çapdyrdylar, altyn gabak atdyrdylar, göreş tutdyrdylar. Sekizlenji güni toýy
sowdylar. Yzyndan molla-müfti, kazy-kelanlar çagyryp, Hüýrlukga jany Hemra
jana nika gyýyp bermekçi bolanlarynda «Wekilçiligiňi ber» diýse, daş dek bolyp
otyrdy. Wekilçilik ygtyýaryny bermedi. Hüýrlukga:
– Hemranyň asly toprak-adamzatdyr, meniň aslym ol-perizat dururman.
Ikimiziň süňňimiz barabar ermes − diýdi. Emma patyşa halaýyklary jogap berip
goýberdi. Ondan soň Hüýrlukga özi bilen gelen perileri ýurduna gaýtarjak bolup,
Simun kenizi öz ornyna baştutan goýup, külli Herem bagyny, şalyk ygtyýaryna
tabşyryp, bäş agyz söz aýtsa gerek, gör, näme diýýär.
Mundan gider bolsaň Simun kenizim,
Barsaň atam-eneme salam digeý sen.
Hasrat bilen geçdi ýaz bilen güýzüm,
Barsaň deň-duşlara salam digeý sen.
Başgysy perileri baş boluň,
Aý başynda, ýyl başynda duşyşyň,
Jäht eýleýip bir-biriňize gowuşyň,
Barsaň ýar-dostlara salam digeý sen.
Meniň onda daş galypyr watanym,
Hasrat bilen örtenipdir bu tenim,
Mülkim diýip mesgen eýläp watanym,
Barsaň erem iline salam diýgeý sen.
74
Her kimse şa bolar öz mekanynda,
Gaýgy-külfet köpdir Misir ilinde,
Hüýrlukga aýdar adam golunda,
Barsam ganhorlara salam diýgeý sen.
Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Hüýrlukga öziniň bu taýda galanyny
tussag hasap etdi. Dişi ýyljyrap, bir gülmedi. Ondan soň periler jem bolup,
Hüýrlukga bilen birme-bir görüşdiler. Onda Hüýrlukga perilere rugsat berip, ýolga
saldy.
Indi habary kimden al, perilerden al. Az ýörip, köp ýörip, bir niçe gün ýoly ta
kylyp baryp, Semhuryň bagyna ýetişdiler. Bylar ýurdynda karar tapsyn.
Indi habary kimden eşit, Hemra jandan. Hüýrlukgajanyň eýlesine-beýlesine
geçip bir güldirjek bolýar. Emma ol doňan daş dek dişi ýylgyranok. Hemra myny
görip
– Eý, Hüýrlukgajan, beýdip otyrsaň meniň ömrüm hasrat bilen geçse gerek −
diýdi. Hemra jan goluna sazyny alyp, Hüýrlukga garap bäş agyz söz diýse gerek.
Göwnimiň öýüni bent etmiş,
Ak ýüzinde goşa haly sonanyň.
Ak gollary gyrmyzyga boýalmyş,
Gyzyl üstinde ýaşyl aly sonanyň.
Jebriňe dözer men gaşyma bende,
Bu janym galmady jigerde tende,
Arzuw eýläp ýete bilmen her günde,
Hup gurylmyş söhbet-sazy sonanyň.
Ak jeren dek delmiripdört ýana baksaň,
Boýnuňa tylladan heýkelňi daksaň,
Her zaman seýil edip, şadyýan kaksaň,
Gulagyma hup geler sazy sonanyň.
Hemra aýdar bakjalardan goş eýläp,
Meý içeli göwün wagtym hoş eýläp,
Näz eýleme ýakyn ýoly daş eýläp,
Ýandyrdy janym sözi sonanyň.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň, Hüýrlukga jan uludan bir
güldi.
– Hä, indi boldy, meniň şanyma aýdan sözüň. Ýör ikimiz bag seýline çykaly
− diýip, Hemra janyň golundan çekdi. Ikisi gol boýuna salşyp, mähebbet posa
alşyp, çynky peçek gül kimin çyrmaşyp, baga ýöriş kyldylar. Erse baga baryp
ýetişdiler. Baryp baga ser salsalar,güller açylyp bilbiller saýraşyp, bakbaklar dem
çarçyp, çotylar näz eýläp, gumrylar dem tartyp, buzowaşlar ýap gazyp, serçe
75
serenjam berip, gogurlar kethudaçylyk edip, her kim öz şowhy bile bolup, bulaklar
çar-para akyp, miweler pişip, öz agramyna özi düşüp, duran jaýa etişdiler. Bularga
ança wagt tomaşa kyldylar. Erse Hüýrlukgajan aýtdy
– How, Hemra jan, öýle namaz wagty ýetip barýa, indi gaýdaýly − diýdi.
Ýene öňki däp boýynça gol boýyny salyşyp, mähebbet posa alyşyp, çynky peçek
gül kimin çyrmaşyp ýöriş kyldylar. Emma baryp saraýga ýetişdiler. Hysrow şa
Hemrany çagyrtdy. Hemra jan şahyň gaşyna bardi.
– How, kyblgähimatam, hyzmat ne turur bize − diýdi. Şa onda
– How, balam, men garrapdyryn. Ýaşym ýetmişden ötdi. Il hyzmatyna ýara
bilemok. Tagta talaň düşmänkä, şu tagty saňa tabşyrsam diýip, çagyrdym − diýdi.
Onda Hemra jan
– Ata jan, aryn olar − diýip, patyşanyň aýdan sözlerini kabul kyldy.
Hemra jan tagt üssine çykdy. Tamam şanyň şalyk ygtyýaryny aldy. Wezir
wekilleri gol gowşyryp hyzmatynda boldy. Gaýtadan Hemra jana şa toýynyň
maslahatyny etdiler. Toýy sähetli güne goýdular. Sähetli gün ýetip geldi. Bir
jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip,«Jar çekip ugraň» diýdi. Jar manysy
bu turur:
– Hemra janyň şa toýy bar. On iki gije gündiz. Her kim toýa gelse iýjegiişjegi şadan berilýär. Baýgy men diýme, ýagşy men diýme, seýis men
diýme,pälwan men diýme, pukara men diýme, hoja men diýme, seýit men diýme,
işan men diýme, molla men diýme,toýa geliber − diýip, jar uryp ýöriberdi. Rast
köçe, belent köçe, pes köçe, aralap baryberdi.
Emma toý başlanyp gitdi. At çapdyrdylar, altyn gabak atdyrdylar, bagşy
aýtdyrdylar, göreş tutdyrdylar. Pukara garyplara köp-köp yngam berdiler. Söz
kiçesine ýagşy, on iki gije gündiztoý şu halatda geçdi. On üçinji gün toýy
sowdular. Yzyndan baýaky Hüýrlukga wekilçiligini bermändi. Nika hem
gyýylmandy, molla-işan, kazy-kelan ýygnanyp, Hüýrlukgajany Hemra jana nikalap
berdiler. Hemra jan tagt üssinde wagty hoş keýpi kök, hut zyýada bolup, bir bäş
agyz söz diýse gerek. Söz budyr
Şükür hakyň dergaýyndan,
Seni miýesser eýledi.
Men goluňdan igdim bir meý,
Aşyglyk eser eýledi.
Bolmagan işlere men baryp,
Bilbilgöýäni agtaryp,
Kyrk günläp çölde ýalbaryp,
Janymga eser eýledi.
Döwiň penjesinden gaçdym,
Alla diýip ýere düşdim,
Hüýrlukga jany guçdym,
Özimçe eser eýledi.
76
Tutup çaýga saldy bizi,
Gara boldy duşman ýüzi,
Hemra janyň ahyr sözi,
Bu gün muhteser eýledi.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Erse Hemra jany ak öýiň daşyndan üç
gaýtara aýlap işikden saldylar. Bilbagdan ýassyk, dyzdan çymylgan, öňinçä
Hüýrlukga jan taşlady özini, yzyndan Hemra janam taşlady özini. Ikisi bir adam
dek, dal çybyk dek çyrmaşyp, gol boýyna salyşyp, mähebbet posa alyşyp, aşyglar
myrada ýetdi.
Aşyglar ýetdi myrada, ýamanlar galsyn uýada. Ýamanlar galyp näme boljak,
hemmelar etsin myrada.
Soňy
77
MAZMUNY
N. Seýidow. «Hüýrlukga – Hemra» dessanynyň bagşy
Nury Halykow tarapyndan aýdylan nusgasy. Sözbaşy............................................4
Hüýrlukga – Hemra. Dessan.....................................................................................7
78
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Hüýrlukga hemra - 1
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1896
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 2
    Total number of words is 3902
    Total number of unique words is 1815
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1825
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 4
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1774
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 5
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 1710
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 6
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 587
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.