Latin

Hüýrlukga hemra - 5

Total number of words is 3945
Total number of unique words is 1710
26.8 of words are in the 2000 most common words
40.0 of words are in the 5000 most common words
46.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Agalaň bendi bolandy,
Çykgyl, oglum, men göreýin.
Perizada aşykmy sen
56
Pyrak içine galanmy sen
Ölikmi sen, dirikmi sen
Çykgyl, oglum, men göreýin.
Gamgyn ataň şat bolsa,
Şat bolup, ülkäge barsa,
Teniňde janyň bar bolsa,
Çykgyl, balam men göreýin.
Ýyglady halaýyk barça,
Hiç kim derdi ýokdur mençe,
Bu göre gelgen Hysrow patyşa,
Çykgyl Hemram, men göreýin.
Elkyssa, Hysrow patyşa sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi.
Hemra janyň öňki gahary gelmekmi, öňkä ýedi esse gahary geldi.
– Bu çaşan patyşa meni goýmajak boldy − diýip, çykarman otyrdy. Ýene-de
Hemra jan çydam berip otyra bilmedi.
– Gamly atam ýanyp-köýip durmasyn, gel, şuňa gözümden aýra düşenligimi
beýan edeýin mynda näderka? − diýip, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Käbäm menden habar alsaň,
Atam iki gözim ýokdur.
Düzip gitdim, bozyp geldim,
Käbäm iki gözim ýokdyr.
Çaý içinde ýalňyz galdym,
Açylan güller dek soldym,
Ilim-halkdan jyda boldym,
Bu ýerde gamhorym ýokdyr.
Hemra diýr ýagşy kaýda,
Söwer ýardan ýokdyr peýda,
Tä ölinçäm ýatjak çjaýda,
Käbäm iki gözim ýokdyr.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hiç ýerden habar bolmady.
Hemrajanyň ýüregi gysmaga başlady. Şol wagtda Hemranyň enesi essinden gidip
ýatyberdi. Kenizler huş gülüni getirip, Mähribanyň burnuna tutdylar. Bir-iki
sagatdan Mähriban huşyna geldi. Çynki nowbahar ýyglap, çaýa bagryn gerip, bäş
keleme söz aýtsa gerek.
Çaý içinde hemdem bolyp, müftela bolgan balam,
Barmý sen bu çaý içinde hem jyda bolgan balam.
57
Gam bilen hijran oduna synasy dolgan balam,
Barmy sen çaý içinde müftela bolgan balam.
Sagynyp ata-enesin her tarapga delmuryp,
Güljemile siňlisin gaýgy-hasratda goýyp,
Enesiniň janyna gaýgy-ataşlar goýyp,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Bir nowça güfta ediň ol husny ziba balam,
Mahri, çejdim zähri bilen synasy dolgan balam,
Ol ata-enesinden hem jyda bolgan balam,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Mähribanyň sen erersiň güýç ýüregi kuwwaty,
Ba hasrata neýleýin, ýadyma düşip ady,
Indi niräge baraýyn, kime diýeýin dady,
Barmy sen bu çaý içinde müftela bolgan balam.
Elkyssa, Märiban sözün tamam etdi. Hemra jan çaýyň içinde ata-enesiniň
Güljemile siňlisiniň, ýar-dostlarynyň, Misir halkynyň bir jemalyny görsem diýip,
ýüregi joş uryp, hem Hüýrlukga jany ýat edip, Hemra jan bäş keleme söz aýtsa
gerek.
Misiriň ilinden gelen beglerim,
Habar beriň, biziň iller amanmy?
Saýasyna gün düşmeýen baglarym,
Ter açylan täze güller amanmy?
Hasa bedew minip şikär edenim,
Algyr laçyn salyp telbe kakanym,
Golunda oýnadyp, aýrak ýykanym,
Ýaşylbaş sonaly göller amanmy?
Eläjim ýok, çaýdan çykyp gaçmana,
Ganatym ýok, gaýyp-gaýyp uçmaga,
Huýrlukga inçe bilden guçmaga,
Huýrlukga inçe biller amanmy?
Hiç peýda tapmadym, aşna-bilşden,
Ýaman horluk gördüm iki gardaşdan,
Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan,
On iki aýdan gelen ýyllar amanmy?
Bu baglaryň almasy bar, nary bar,
Biziň täleýleriň näden şory bar,
Hemra diýer, her kimiň özine laýyk ýary bar,
58
Ýardan aýra düşen güller amanmy?
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Duran halaýyk Huýrlukga diýen ady
eşidip, «aperin, tasin» diýip haýran galdylar. Eşitmedik atlary erdi. Ondan soň hiç
ýerden habar bolmady. Birnäçe sagat garaşyp durdylar. Güljemile siňlisi gara
saçynyň ýaýyp, gül ýüzüni ýyrtyp, çünki nöwbahar ýyglap, bäş keleme söz aýtsa
gerek.
Iki agam diýip güman eýleme,
Hemra agam, şirin janym bamysyň?
Bu garaňky çaýda öziň myhman eýleme,
Hemra agam, natuwanym, bamysen?
Mähnet çekdiň, rahadym görmediň,
Bäş gün ýalançyda safa sürmediň,
Öwgal haýsy nesibäni bilmediň,
Şirin janym, garyp agam, bamysyň?
Güljemile aýdar, janym gardaşym,
Pyrakyňdan akar boldy gözýaşym,
Bu çaýyň içinde ýalňyzdyr başym,
Baş penaýym, şirin janym, bamysyň.
Elkyssa, Güljemile sözüni tamam etdi. Bu söz baryp, Hemra jana ýetişdi.
Hemra janyň ýüregine ot düşüp, misli perwana dek ýanyp-köýüp, otyryp erdi.
Çaýyň içinde Hemra jan hofukmaga başlady.
– Eý, Hudaý, maňa ýalançynyň şemalynam gaýgyrdyňmy − diýip, zar-zar
ýyglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Kadyr Alla söwda saldyň başyma,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Eneden ýalňyz men, ýokdy gardaşym,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Çölde ýatan asylaryň haky üçin,
Ol Muhammet Mustafanyň haky üçin,
Ýakup ogly ol Ýusubyň haky üçin,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Alty aýlyk bolar ordasy,
Arasynda köpdir çöli, sahrasy,
Neneň meniň täleýimiň garasy,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
59
Aşyg Hemra zary ýary ýüzine,
Ýanar boldym pyragyna, odyna,
Ýarym galmyş didar kyýamatyna,
Safa, ne üçin ýar serine dönmersen
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Gaýta çaýyň içi öňkidenem kapas
boldy. Hemra jan Hudaýga şükir kylyp, on iki ymam, dört çaryýary ýat edip, çaýyň
içinde bir daşy ýassanyp ýatdy. Şol wagtda uka gitdi. Bir sagat çemesi uklady.
Düýşinde on iki ymam, dört çaryýar, gaýyp erenler. Şahymerdan pir:
– Eý nefes oglym, gam bolyp ýatmagyn häziriň özinden sen ýagty dünýä
çyksaň gerek. Kyrk çilten erenler, on iki ymam, dört çaryýar gol göterip, pata
berdiler. Tisginip ýerinden galsa, görse düýşi ekeni, çaýyň içinde bir güýçli şemal
peýda bolupdyr. Hemra jan Hüýrlukganyň ýanyndan gaýdanda depe saçyndan bir
pyşta saçy ýakasyna bent edipdi. Hüýrulykga
– Eý, dostum, şuny başyňa iş düşende şu saçymy tütetseň ýetişerin − diýipdi.
Alyp kükürt çakyp, tutaşdyryp göýberdi. Saç düýrülip, asmana çykyp ugraberdi.
Özi hem daň säher çagy erdi. Tylla kädiň üstünde, kyrk gat çymylgan per düşegiň
üstünde ýatan Hüýrlukganyň damagyna ol saç baryp dakyldy. Hemranyň başyna
düşen işleri Hüýrlukga birin-biri gördi. Ýerinden galyp, bir nagra çekdi. Kyrk
mährem töwereginde häzir boldy. Özüniň ýok ýerine baştutanlyk edýän Simun
keniz diýen kenizi bar erdi
– Eý, bibijan, daň säher çagyndaky bu nalyşyň ne beladyr − diýdi. Onda
Hüýrlukga jan
– Perýdyň ýorgydy şeýledir − diýip, ala gaýyşly gazmany ak mämäniň
ortasynda goýup, kenizlere delmuryp, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Eý, ýaranlar, jemi bolup geliňiz,
Menden habar alarmysyz, periler
Zäher saldy meniň içen aşyma,
Menden habar alarmysyz, periler
Binowa bilbiliň güli solmasyn,
Dünýä gelen kişi asla ölmesin,
Hiç bir adamzat men dek bolmasyn,
Ondan habar bilirmisiz, periler
Daň erte ýatyrdym gaflat düýşimde,
Çoh söwda görmüşem Hemra başynda,
Birniçe halaýyk onuň daşynda,
Ondan habar bilirmisiz, periler
Adamzat uçramasyn ajal okuna,
Bendäni almasyn pelek sanyna,
Hüýrlukga söwdüginiň adyna,
60
Gaýta başdan bu gün ýatdyk, periler.
Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi, onda Simun keniz aýtdy:
– Onuň dek iş bolan bolsa, biz hem leşger ýygnaýly − diýdi. Bu maslahaty
Hüýrlukga makul gördi. Bir jarçyny çagyryp alyp, goluna bir dinar berip
– «Hüýrlukganyň maslahaty bar» diýip çar çekiber − diýdi. Jarçy ras köçe,
pes köçe, jar çekip ýöriberdi. «Hüýrlukganyň maslahady bar» diýip, sagada galman
kyrk miň perinin başyny jem erdiler. Kyrk top aldylar, kyrk baýdak göterdiler.
Hüýrlukganyň özi ýygynyň öňini çekip, serdarlyk edip ýöriberdi. Sürhä-sür, barhabar, birnäçe gün ýol ýöridiler. Hemra janyň ýatan çaýyna ýakyn geldiler. Hysrow
şanyň alamany daşdan bir duman görüp
–Gafyllykda biziň üssimizi bassar − diýip, dowyl berip, çaýkanyşmaga
aýlanyşdy. Emma Hysrow şanyň ýygyny çet gyragyndan bölünip, ondan, onbäşden
gaçmaga başlady. Şol bara-baryna, elliläp, ýüzläp, bölünip-bölünip gaçyberdi.
Hemra jan çaýyň içinde oturan ýerinden muny aňyp, ýygyna teselli berip
–Meniň ýagty jahana çykmagym ýakyn geldi,bu gelýen ýygyn meniň
Hüýrlukga ýarymdyr − diýip, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz
diýse gerek.
Garyp göwnümiň rehberi,
Bu duman ýar dumanydyr.
Dargatmaňyz bu leşgeri,
Bu duman ýar dumanydyr.
Duşmanlar şul göýe saldy
Şükür ylylla, ýalkady,
Hüýrlukga janym geldi,
Bu duman ýar dumanydyr.
Dumanlar gözümi aldy,
Gam-gussadan içim doldy,
Allahym rehm kyldy,
Bu duman ýar dumanydyr.
Ylgar edipdir yragy,
Akdy gözümiň garagy,
Ýandy Hemranyň çyragy,
Bu duman ýar dumanydyr.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hysrow şanyň ýygyny gelip orunlyornynda durdy. Hüýrlukga janyň bu ýygyna gözi düşdi.
– Men Hemraga aýdypdym, «Başyňa iş düşende meni çagyr» diýip. Bu ara
ýolda toý tutupdyr. Men toýuňa barmaýyn − diýip, arany ýedi-sekiz tanap meýdan
edip düşdi. Emma Hüýrlukga jan ýygynyna ara berip, tertibe salyp ýöriberdi.
61
Hemra jan
– Ine geler, ynha geler − diýip, kän garaşdy. Hüýrlukga janyň geler müddeti
ötdi. Hemra jan çaýyň içinde zar-zar aglap, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi,
bäş keleme söz aýdar gerek.
Ýowuz günler düşdi başa,
Geler bolsaň, ýar, gel indi.
Rehim eýle gözde ýaşy,
Geler bolsaň, ýar, gel indi.
Sensiz ýerde çekdim mähnet,
Başymga gondy kyýamat,
Hälem bu demdir ganymat,
Gel indi, aýym, gel indi.
Gyz golunda tylla ýüzük,
Juwan golunda bilezik,
Uzyn boýly serwi näzik,
Gel indi, janym, gel indi.
Hemra diýer geçdim senden,
Şirin janym çykdy tenden,
Eger el üzmeseň menden,
Gel indi, janym, gel indi.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Indi habary kimden al,
Hüýrlukgajandan al. Onyň ýüregine bir howp düşdi. Kenizlereine aýtdy
– How, kenizler, meniň ýüregim gysmaga başlady, ýöriň şu ýygyndan baryp
habary alaýlyň − diýdi. Kenizler
– Ajap bolar, bibim − diýip, kyrk kenizi jem boldular. Hüýrlukgajan
kenizleriň öňüne düşüp, gaz ýörüşini edip, Hemra janyň ýatan çaýyna ýöriş kyldy.
Erse gelip görse, Hemra jan çaýyň içinde durur. Hüýrlukga jan şuny görüp,
huşyndan gidip ýykyldy. Kenizler huşt gülünden getirip ysgatdylar, aby-hoýaz
suwundan üssine sepdiler. Bir sagatdan soň, Hüýrlukga jan huşuna geldi. Huşuna
gelip, aglamaga başlady. Onda Mährem kenizi, Simun kenizi aýtdy
– Eý, bibijan, her kim başyna iş düşse merdana bolup, mert bilini guşamak
gerek. Myňa bir çäre kylaýly − diýdi.
Onda Hüýrlukga jan aýtdy
– Başyňa döneýin, Simunjan, çäresi ne turur, men bilmesem − diýdi. Onda
Simun aýtdy:
– Bizler bilermiz. Bu çaýyň içine meni taşlasaň, men Hemra jany alyp
çykarmen − diýdi. Hüýrlukga bu maslahaty makul gördi. Hüýrlukga
– Döw Haşrak − diýip, abry-zabry uruberdi. Haşrak döw häzir boldy.
– Lepbeý. Nä hyzmat − diýdi.
62
Hüýrlukga:
– Bar, saňa göz açyp ýumynça puryja, Semhuryň bagyna baryp, segsen gulaç
ýüpek arkan işip häzir kyl − diýdi. Döw harlap göterilip ýöriberdi. Bir sagatda
getirip häzir kyldy. Emma ýüpek arkany Simun janyň biline bent edip, Hüýrlukga
çaýga taşlady. Emma Simun jan garaňky çaýa baryp düşdi. O künçini, bu künçini
gözledi, Hemrany tapmady. Otyryp oýlanyşdy
– Alla janym, Hemra bu çaýyň içindeýok boldy gerek. Men muny çagyryp
göreýin diýip, çunki ebni nowbahar ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek.
Yşgyňda çykdy janym, güldir meni, Hemraýym,
Teşneläp çölde galdym, gandyr meni, Hemraýym.
Zülpleriň hup ýaraşar, düşer ýaňaga, dilber,
Seni söýüp sataşdyk, ýüz miň jepaýa, dilber.
Köp ýyglatdyň yzyňda ýandyr meni, Hemraýym,
Yşgyňda çykdy janym, güldir meni, Hemraýym.
Ýusup bilen Zylyha söwmek sen dek mynany,
Köp ýygladym yşgyňda güldir meni Hemraýym.
Simun aýdar saklagyl, beýle ähdi-wefaňy,
Sen bolmasaň neýleýin ýalançy bi wefany.
Elkyssa, Simun keniz sözüni tamam etdi. Ondan soň Hemra jan:
– Men bu ýerdedirin − diýip, ses berdi. Simun keniz öňünçä arkasyna
Hemrany bent edip çykardy, ikilenji özi çykdy. Hýürlykgajanyň Hemradan beýle
tamasy ýok erdi. Hemra janyň iki gözi ýok, ýüzi gyzyl gan, ýer sermäp oturan kör.
Emma Hüýrlukga jan Hemrany, bu halatda görip:
– Myňa ne çäre kylarmen. Allatagala myny tizräk ýygnasyn − diýip, çunki
ebni now bahar ýyglap hem Hemranyň ölümini diläp, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Şu gün gara gözüň ýok görseň ýagty jahany,
Kişi mundag bolarmy, jyda bolsa tende jany,
Ýakdy meni, örtedi bu gün ýalançy jany,
Aslyňy beýan kylsam, Misir şähriniň soltany,
Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näme boldy
Her dem turdym ýerimden, saglygyňa guwandym,
Ataň-eneň yrza bolsun diýip, menziliňe göýberdim,
Şükür ylylla ölmeýin, gaýta ýüziňi gördim,
Haşrak döwi mindirip, bag-erama iberdim,
Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näm boldy
63
Ile äşkär eýledim, Hüýrlukga adymy,
Kime beýan eýleýin synamdaky odumy,
Indi nirä baraýyn, kime aýdaýyn dadymy,
Eý, Hudaýym, kabul kyl meniň köňül şadymy,
Men aýlansam gözüňden, ýarym, saňa näm boldy
Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi. Hemra jan Hüýrlukga janyň
sözüni başdan-aýak yzarlap düşünip otyrdy. Hemra
–Meniň bir tamam şundan erdi, bu-da meniň ölümimi diläp otyr. Waý,
Allatagala, maňa güýjiň ýetmeýemi, meni tizräk algaýsyz − diýip, elinde sazy
bolmasa-da, dilinde sözi, zar-zar aglap, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Owal adyň Rahman Rahym,
Menden amanadyň algyn, Hudaýym,
Gahar etseň, edersiň ýer bile egsan,
Goýma amanadyň algyn, Hudaýym.
Ýörär erdim din ýolunda jan edip,
Ýetimi güldirip, garyby şat edip,
Goýma meni köp ýygladyp, zar edip,
Menden amanadyň algyl, Hudaýym.
Peýmana dolgaly on dört ýaş edi,
Iki agam meniň bilen kaş edi,
Iki gözüm bardy, wagtym hoş edi,
Menden amanadyň algyl, Hudaýym.
Hemra janyň dilinde Aly Murteza,
Gardaşymdan geldi maňa bu bela,
Hudaýym, sen rehim eýlegil bu hala,
Ýogsa amanadyň algyl, Hudaýym.
Elkyssa, Hemra jan zar-zar aglap sesini tamam kyldy. Hüýrlukgajan:
– Ne üçin muňa azar berdim, ýanyp duran oduny ölçerdim − diýip, özüni
ýolup ýele berdi, ýel getirip maňlaýyna urdy. Zar-zar agalmaga başladi. Ondan soň
otyryp oýlanyşdy
– Bu bir muňly biçäredir, göwnüni aldamak bolar − diýip, çünki now bahar
ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek.
Gafyl erdim, ýaňy geldim gaşyňa,
Aýlanaýyn nerkes gara gözüňden.
Dostum Hemra, ne gün düşdi başyňa,
Aýlanaýyn nerkes gara gözüňden.
64
Nesimi dek ýar ýolunda soýuňlar,
Üssüm soýup, gara gözüm oýyňlar,
Gözüm alyp, ýar gözünde goýyňlar,
Aýlanaýyn, Hemra, seniň gözüňden.
Kişiniň agasy şeýle bolarmy,
Basyp onyň gara gözün oýarmy,
Kyýamatyň webalyna galarmy,
Aýlanaýyn, dostum, seniň göziňden.
Hüýrlukga aýdar, ýandym odyňa,
Ýanyp eda boldym, ýaryň derdine,
Dostlar galyp, duşman gitsin ýurduna
Aýlanaýyn, dostum, seniň gözüňden.
Hüýrlukga aýdar bagtym ötendir,
Ýaradandan kysmat şeýle bolandyr,
Dostlarym ýyglaşyp, duşman gülendir,
Aýlanaýyn, ýarym, seniň gözüňden.
Elkyssa, Hüýrlukgajan sözüni tamam etdi. Hüýrlukgajanyň aýdyşy ýaly,
Hemranyň göwni Hüýrlukgadan çenden hoş boldy.
– Eý, söwer ýarym, iki dünýälik ýoldaşym, senden tamam şeýle erdi. Meni
häzir Allatagala bir minuda galdyrman alsa, senden razydyryn diýdi. Onsaň Hemra
jan joşup, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Hoş gelip sen, perizadym, bu ýere,
Ine, meniň halym sordyň, söwdügim.
Öz gardaşym saldi meni bu çaýa,
Armanym ýok, gördüm seni, söwdügim.
Aman-esen Misir şäherine barsam,
Çemen baglap, täze güllerin tirsem,
Mübärek jemalyň dal boýyň görsem,
Şükür edeýin galan deme, söwdigim.
Gelmedi diýip, meniň ýolum gözleýen,
Kesip-kesip jiger bagryn duzlaýan,
Her zaman ah uryp derdim sözleýen,
Güljemile janym görsem, söwdügim.
Hemra aýdar meniň saraldy ýüzüm,
Halaýykga dessan bolsun bu sözim,
Eýäm razy kylsa düzelse gözüm,
Atam-enem jany görsem, söwdigim.
65
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Hüýrlukgajan bu sözi eşidip,
aglamaga başlady. Onda Simun kenizi aýtdy.
– Her kim başyna iş düşse, mert bolup, merdana bilini guşamak gerek.
Aglamak bilen iş bitmese gerek. Sen Hemra janyň gözüniň idegine çyksaň. Goluňa
sazyňy alsaň, ylgarrak namalar çertseň, Hysrow şanyň baryp alamanyna, şaýatki
Hemranyň gözünden derek tapylsa gerek − diýdi. Onda Hüýrlukgajan:
– Maňa bu maslahaty ýagşy berdiň − diýip, kabul kyldy. Erse ala gaýyşli
gazmany goluna alyp, çunki nowbahar ýyglap, delmuryp, dört tarafyna garap,
Hysrow patyşanyň alamanyny aralap, şirin janyndan geçip, genji-hazynasyndan
geçip, bir bäş keleme söz aýdar gerek. Söz Hüýrlukga jandan
Hemranyň gözünden beriň bir habar,
Tenden aýryp, şirin janym bereýin.
Bir ýanyna sürsün sowky-sapany,
Herem bagyň ygtyýaryn bereýin.
Ýörär edi Herem bagda mes olyp,
Murgy zarly baglaryň güllerin tirip,
Ondan aýra düşdüm, bu ýerge gelip,
Täji-tagtym, ygtyýarym bereýin.
Herem bagda ýörär edi Şasuar,
Bu gün mende ýokdur zerre ygtyýar,
Ýagşy kişi Hakdan myradyn tapar,
Oňa şalyk ygtyýarym bereýin.
Huürlukga aýdar budyr dilegim,
Yşk oduna ýandy meniň ýüregim,
Hemranyň gözi erdi meniň dilegim,
Maly-mülküm külli barym bereýin.
Elkyssa, Hüýrlukga jan sözüni tamam etdi. Ýanyp, köýüp, aýlanyp ýöriberdi.
Hysrow şanyň alananyna bir, bir aýlandy. Hemranyň gözünden derek tapmady.
Aglap-aglap, yzyna gaýtdy. Erse, çaýyň başyna geldi. Erse, Hemranyň hem
gözünden tamasy bar erdi. Derek tafylmansoň, aglap, aglap, gan ýyglap, öz
ölümini özi diläp
– Gözgyny edip goýynçaň algyl − diýip, bäş keleme söz aýdar gerek.
Ýalançyda görir gözüm bolmasa,
Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä
Alladan dilesem, ölüm bolmasa,
Neneň edip aldanaýyn bu dünýä
66
Kimseler patyşadyr, kimseler wezir,
Kimsäge zulumdyr, kimsäge jebir,
Allanyň rehimine köp kyldym sabyr,
Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä
Bu dünýä diýgeniň bir ajap jaýdyr,
Owaly horramdyr,ahyry waýdyr,
Iki gafylyja kerwen saraýdyr,
Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä
Beg bolaýyn diýsem, ilim bolmasa,
Baý bolaýyn diýsem, malym bolmasa,
Ýalançyda görir gözüm bolmasa,
Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä
Hemra bu gün boldy biçäre,
Köp şükir eýleýin rahmany sabra,
Köp agladym goýma meni bu jebre,
Neneň edip ýaranaýyn bu dünýä
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Emma Hüýrlukgajan öňki aglamagy
aglamakmy, zary gurýan bolup, bagyrmaga başlady. Simun keniz çydam berip
otyra bilmedi. Towsyp ýerinden galyp
– Seniň derdiňe, bibijan, çäre kylarmen − diýip, Hysrow şanyň ýygnyna aýak
aldygyna ylgap ýöriberdi. Baryp Hysrow şanyň alamanyny aralap, şanyň goşunyna
bardy. Baryp patyşadan Bilbilgöýä guşy sorady. Patyşa buýrdy
– Kasym wezir, baryň Bilbilgöýäni alyp geliň − diýdi. Kasym wezir
Bilbilgöýäni altyn kafasy bilen alyp geldi. Simun keniz Bilbilgöýäni alyp
gaýdiberdi. Getirip Hüýrlukgaga berdi. Hüýrlukga altyn kapasyň agzyny açdy.
Syçrap bilbil meýdana çykdy. Bilbilgöýä guş Hüýrlukga ser salsa,reň peti
galmandyr, gözleri meýnisine ýapyşyp, saçlary aluwda bolupdyr. Muňa
Bilbilgöýäniň rehimi gelip, jak jak uryp, bir gezi ýokary galyp:
– Hemra janyň gözi mendedir − diýip, habar berse gerek.
Perizadym, melul bolma,
Hemra janyň gözi mendedir,
Gaýgy hasratdan galma,
Hemranyň gözi mendedir.
Meniň deýin bilbil ýokdur,
Bilseň Rum, Isfyhanda,
Seniň deýin peri ýokdyr,
Kaşgar bilen Çynma-çynda.
67
Gelir erdi meni alyp,
Rugsady güle dolanyp,
Ýaradana şükir kylyp,
Hemra jan Misir iline.
Perim, seni şat etmesem,
Ygtykat perýat eýlesem,
Bilbil diýr dorusyn söýlesem,
Hemranyň gözi mendedir.
Elkyssa, bilbil sözüni tamam etdi, ganatynyň teýinden çykaryp, Hemranyň
öňinçä sag gözüni, soňyndan sol gözüni berdi. Hüýrlukganyň wagty hoş bolyp, tas
ýüregi ýarylyb erdi. Hemranyň wagty hoş bolyp, tas asmana uçyb erdi. Üçüsi şu
ýerde otyryp, derdi gamdan, başdan ötenden gürrüň etdi. Gürrüň birnäçe wagta
çekdi. Ondan soň Hemra jan aýtdy:
– Sen atam-enemiň, Güljemile janymyň, Hüýrlukga ýarymyň,bütin Müsir
halkynyň bitirmedik işini bitirdiň, sen maňa kyýamatlyk gardaş boldyň − diýip,
bilbile aýtdy. Onda Hüýrlukgajan:
– Sen ýagty dünýäniň çyragy bolduň, hiç kimniň bitirmedik işini bitirdiň,
meniň hem kyýamatlyk gardaşym bol − diýdi. Bilbil ikisiniň hem aýdanyny kabul
kyldy. Üçüsi Gurany ortada goýyp, kyýamatlyk gardaş okaşdylar. Ondan soň,
Hemra janyň wagty hoş bolup, bilbile garap, owaly Hemra jan, yzy Hüýrlukga jan,
soňra Bilbilgöýe − üçüsi kyýamatnama aýdyşdylar.
Hemra:
– Janym bilbil, janym bilbil,
Sen bolgyl, kyýamatlyk gardaş.
Süňk hossarym, howandarym,
Damardaky ganym bilbil.
Hüýrlukga:
– Sen eýlediň müşgili asan,
Hudaýym, zyýada ýasan,
Göňlim baldy bahry-bossan,
Külli ygtyýarym bilbil.
Bilbil:
– Hemra şahym, gam iýmegil,
Dünýäni haşöter, bilgil,
Rahmany ýada salgyl,
Her demiňde, gardaş Hemra.
Elkyssa, üçüsi sözüni tamam etdi. Hüýrlukganyň wagty hoş bolyp
– Döw Haşrak − diýip perman etdi. Döw Haşrak minuda galman häzir boldi.
Onda Hüýrlukga aýtdy:
– Sagada galman Heremiň bagyna bargaýsyz. Heremiň bagyndan bir ak gül,
bir gyzyl gül getirgeýsiz. Aby haýat suwyndan bir käse suw getirgeýsiz. Şony alyp
68
gelgeýsiz. Eger-de sagatdan gijä galsaň, deriňi soýyp, saman tykarmen − diýdi.
Döw biçäre gök güwürdän ýaly güwirdäp, takyrdap asmana çykyp, ýöriberdi.
Baryp Heremiň bagyndan bir ak gül, bir gyzyl gül, aby haýat suwyndan bir käse
suwy jem edip, sagada galman, Hüýrlukganyň ýanynda häzir boldi. Getirip
Hüýrlukgajanyň ýanynda goýdy. Aby haýat suwy bilen Hemranyň göz ornyny
hekimler üç mertebe ýuwdular, gözüni üç mertebe ýuwdular. Gyzyl gül bilen
jaýyny syrdylar, ak gül bilen ornyna goýdular. Hemra janyň gözüni daňyp
goýdular. Birnäçe wagt garaşdylar. Hemra janyň gözi röwşen bolmady. Ondan soň
Hysrow şa çunki ebni nowbahar ýyglap bäş agyz söz aýdar gerek.
Kadyr Alla, men bir ejiz guluň men,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Bu ýagty jahan zyndandyr maňa,
Bu gün maňa medet berer günüňdir.
Ol Misir şährinden çykmyşam bäri,
Otuz üç müň sahabanyň serweri,
AbuBekir garyplaryň rehberi,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Dostlar gutulmadym gam ile zertden,
Ýüregim doludyr, gam bilen dertden,
Taňrynyň arslany ýa Şahymerdan,
Bu gün bize medet berer günüňdir.
Garyp Hysrow aýdar hanyň sözüni,
Başda Aly nefes etdi özüni,
Körfe guzym Hemra janyň gözüni,
Nuryn berer bolsaň berer güniňdir.
Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Birnäçe wagt garaşyp otyrdylar.
Ondan soň hekimler ylmy hemaýat kyldylar. Ondan hem Hemranyň gözi
açylmady. Ondan soň Mähriban enesi çünki nowbahar ýyglap:
– Hemra jan üçin hem gözümi bagyşlaýyn, Haktagala kabul kylgaý seň −
diýip, ýanyp-köýüp, bäş keleme söz aýtsa gerek.
Men ölirmen iller, boluňlar bahyl,
Ozaly men bu Allaga sygyndym,
Özüň höküm eýlegil, rebbim jemil,
Ybraýym, Ysmaýyl, saňa sygyndym.
Bu ýagty jahanda düşdim zyndana,
Misli sarwan dek çyksam meýdana,
Zar, zar ýyglap, ýalbarsam Şahymerdana,
Ýa, Muhammet Mustafa, saňa sygyndym.
69
Ozaly rehm kilgyl gudratly Ganbar,
Men ejiz men, Hakdan özge kimim bar,
Özüň asan kil, gudratly setdar,
Abu Bekir, Omar saňa sygyndym.
Mähriban diýer bolupdyr bagtymyz gara,
Ýa,Allahym eýlegil bu derde çäre,
Ýalbaraýyn derdim artyp bir para,
Ýakup ogly Ýusup, saňa sygyndym.
Elkyssa, Mähriban sözüni tamam etdi. Hemra janyň gözi hiç röwşen bolmady.
Ança halaýyklar durup ýyglaşdylar. Allatagala gol ýaýyp, mynajat kyldylar.
Hekimler kitap garadylar, gurrandazlar gurrasaldylar, hiç çäre kyla bilmediler.
Andan soň Güljemile siňlisi zar-zar ýyglap, Hemra janyň gözüni diläp, bu hem bäş
agyz söz diýse gerek.
Başyňa döneýin, döwletiň guşy,
Aýlanamen, Hemra, seniň gözüňden.
Ýigitler serweri, ýygynyň başy,
Aýlanamen, agam, seniň gözüňden.
Men zar-zar ýygladym çöli-muganda,
Ýat kylyp agladym, dili zybanda,
Başda kismatyn bilmez her bende,
Aýlanamen, janym, seniň gözüňden.
Güljemiläň gözde ýaşy egsilmez,
Taňrynyň tagdyryn bendesi aňmaz,
Özi asan etse bir deme galmaz,
Aýlanamen, Hemram, seniň gözüňden.
Elkyssa, Güljemile sözüni tamam etdi. Birnäçe wagt garaşyp oturdylar.
Hemranyň gözi röwşen bolmady. Andan soň Kasym wezir zar-zar aglap, elinde
sazy, dilinde sözi, çunki nowbahar ýyglap, bir bäş agyz söz diýse gerek.
Eý ýaranlar musurmanlar,
Dünýäde ýigit ölmese.
Ne müşgildir, şa guluna,
Başynda gözi bolmasa.
Kim girdi hakyň ýoluna,
Teswisin alyp goluna,
Ne kysmatdyr şa guluna,
Döwletiň guşy bolmasa.
70
Ölmesin, dostlar, ölmesin,
Rakyplar jahana gelmesin,
Açylgan güller solmasyn,
Bagynda bilbil bolmasa.
Kasym diýer sözlär sözi,
Saýrar çemeniň bilbili,
Bagy eremiň täze güli,
Açylyban hem solmasa.
Elkyssa, Kasym wezir sözüni tamam etdi. Halaýyk gol göterip, Allatagala
mynajat etdiler. Birnäçe dogalar okadylar. Onuň bilen-de Hemra janyň gözi
röwşen bolmady.
Indi habary kimden al, Hüýrlukgajandan al. Ol ýanyp-köýip, kyrk çilten
erenleri ýat edip, Allatagala mynajat kylyp, bir bäş keleme söz aýdar gerek.
Owal adyň Rahman Rahym,
Pygambere inen Gurhan haky üçin,
Gudratyndan ýaratdy ýedi gat ýer asman,
Muhammet Mustafa, Şahymerdan haky üçin.
Gara eýle duşmanlaryň ýüzüni,
Kabul eýle şikessäniň sözüni,
Lutfyň bilen açyl ýaryň gözüni,
Hezret Aly Şahymerdan haky üçin.
Ahyret başçysydiniň göwheri,
Taňrynyň guly Aba Bekiri,
Hudaga köp ýyglap, kylsam şüküri,
Ol Muhammet pasly şahry haky üçin.
Hüýrlukga aýdar, budyr dilegim,
Hijr odyna köýdi meniň ýüregim,
Hemranyň gözüdir meniň dilegim,
Omar, Osman, Aba Bekir haky üçin.
Elkyssa, Hüýrlukga sözüni tamam etdi. Ondan soň kyrk çilten gaýyp erenler,
birnäçe perişdeler jem bolyp geldiler. Emma Şahymerdan pir Hemrajanyň gözüni
üç gaýta sypalady, bir gysym toprak berdi, «gözüne sürtgil» diýdi. Hemra jan alyp
gözüne sürtdi. Hemra janyň gözi öňkisindenem röwşen boldy. Şahymerdan pir
patyýa göterip, Hemra janyň gözünden gaýyp boldy. Hemra jan ýagty jahany
gördi, Hysrow atasyny, Mähriban enesini, Güljemile siňlisini, Hüýrlukga ýaryny
gördi. Tamam öziniň mekdepde bile okan ýar-dostlaryny gördi. Misir şäherini
baryp gördi. Galan demine şükür edip, goluna sazyny alyp, duran ýygyn bilen saz
71
bilen görişse gerek, gör bak, näme diýýär.
Eý, ýaranlar, musyrmanlar,
Geliň, janlar, görüşeýliň.
Hoja, seýit, ulamalar,
Ulyg, kary, görüşeýli.
Biziň bilen mekdep bolan,
Gol tutuşyp bile gezen,
Bir-biriniňsyryn alan,
Deň-duşlarym, görüşeýli.
Bilbil çeker ahy-zary,
Gülden gaýra bolmaz ýary,
Hoja, seýit, ulyg, kary,
Kary işanlar, görüşeli.
Bilbiliň bagryn paralap,
Gülüň ýüzüni ýaralap,
Muhannes ýüzi garalar,
Zalym aga, görüşeli.
Hemra aýdar, odyr işim,
Nä belaga düşdi başym,
Iki dünýäde ýoldaşym,
Hürlykgam, görüşeýli.
Emma Hemra jan sözüni tamam etdi. Duran ýygynyň hemmesi bilen uludan
kiçä görşüp çykdy. Ondan soň, Hysrow şa Hemra jany ýanyna çagyryp aýtdy
– Eý, balam, dünýäde bir zat bilen gowşan ekeniň. Munyň dek perizat hiç
kimge gowşan däldir. Indi şuny ýurduňa alyp gitmek eliňden gelermi? − diýdi.
Onda Hemra jan
– Ary geler, atajan, menden aýra jany bolmaz − diýip, goluna sazyny alyp,
Hüýrlukga janyň ýanyna bardy. Hemra jan
– Eý, Hüýrlukgajan, galan deme şükir edeýli − diýip, bir bäş keleme söz
aýdar gerek. Gör bak, näme diýýär.
Gel, gideli biziň ile perizat,
Ikimize myndaý zaman tapylmaz,
Aýşy-aşratda döwrany sürsek,
Ikimize myndaý zaman tapylmaz.
Bu dünýede bäş gün oýnagan galar,
Taňry her kimsäni bir göre salar,
72
Bir güni bizden amanadyny alar,
Şükür kylsak jana midar tapylmaz.
Säher wagty öser aýralyk ýeli,
Degresinde saýrar şeýda bilbili,
Öz ýurduňda galdy Eremiň güli,
Ikewmize gül reýhan tapylmaz.
Hemra diýer, gitsek Misir ýurdyna,
Gol bereýli erenleriň merdine,
Hemme doga etsin onuň derdine,
Ikewmize jana mydar tapylmaz.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Onda Hürlykgajan aýtdy:
– Sen şahyr sen. Her sözleri diliňe dolar sen. Seniň haraba baýguşhana
ýurdyňa kim gitjek − diýip, ters garap otyryberdi. Hemra janyň myndan beýle
tamasy ýok erdi.
– Alla janym, myňa ýokmaýan gürrüň aýtdymykam − diýip, aýdan sözüne
puşeýman kylyp, köp oýlanyşyga gitdi. «Gel, şuňa bir degişmeräk, geler-geçer söz
aýdyp göreýin» diýip, onda näderkä diýip, bäş keleme söz aýdar gerek, gör bak
näme diýýär.
Perizadym, melul bolma,
Misir bize il emesmi
Dolanyp goýnuňa girsem,
Ol güli reýhan emesmi
Çöllerde ýeke gezenden,
Ata-eneden bezenden,
Hijran oduna dözenden,
Ýar gujagy jan emesm
Misiriň bagyna bardym,
Birnäçe döwranlar sürdüm,
Kysmat tartyp seni gördüm,
Aşyga myrat emesmi
Şol bilbilni menden alan,
Tutup bizi çaýga salan,
Hemra jandan jyda galan,
Ol iki zalym emesmi
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Ondan soň Hüýrlukgajan
– Ozalda şunuň ýaly ýakymly söz aýtsaň bolmadymy, göre girjek, görden
73
çykjak diýdiň, meni köp sermisar etdiň, gör bolsa-da wagtynda görübereris, indiki
galan döwrany şatlykda sürmek gerek, senden aýra janym bolmaz, giderin ýurdyňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hüýrlukga hemra - 6
  • Parts
  • Hüýrlukga hemra - 1
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1896
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 2
    Total number of words is 3902
    Total number of unique words is 1815
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1825
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 4
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1774
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 5
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 1710
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 6
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 587
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.