Latin

Hüýrlukga hemra - 1

Total number of words is 3786
Total number of unique words is 1896
32.1 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
HÜÝRLUKGA − HEMRA
1
Hüýrlukga − Hemra
Bagşy Nury Halykowyň aýdan nusgasy
Çapa taýýarlan we sözbaşy ýazan
Nury Seýidow
Aşgabat − 2018
2
Golýazma hukugynda
Hüýrlukga – Hemra. Türkmen halk dessany. (Çapa taýýarlan we
sözbaşy ýazan N. Seýidow) – Aşgabat, 2018 − 78 sah.
Halkyň söýgüli dessany bolan «Hüýrlukga − Hemra» türkmen
bagşylarynyň ençemesiniň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän dessanlarynyň
biridir. Olaryň arasynda ussat dessançy bagşy Nury Halykowyň aýdan
nusgasy özüniň çeperçiligi, aýdymlara baýlygy bilen tapawutlanýar.
Dessanyň şu teksti bagşydan ýazylyp alnan nusga esasynda çapa
taýýarlandy.
© Nury Seýidow. Çapa taýýarlama we sözbaşy. 2018.
3
«HÜÝRLUKGA – HEMRA» DESSANYNYŇ
BAGŞY NURY HALYKOW TARAPYNDAN AÝDYLAN NUSGASY
Ajaýyp türkmen dessanlarynyň biri «Hüýrlukga - Hemra» halk arasynda
giňden meşhur bolup, ol irki döwürlerden bäri söýlüp diňlenip we okalyp gelinýär.
Ençeme türkmen bagşylary bu dessany ürç edip aýdypdyrlar we ol häzirki wagtda
hem dessançy bagşylar tarapyndan hemişe ýerine ýetirilýär.
«Hüýrlukga - Hemra» dessanyny bagşylardan ýazyp almak işi 1939-njy ýylda
başlanypdyr. Şol ýyl Aba Garryýew daşoguzly bagşy Nazar baga Morsy oglundan
dessanyň doly nusgasyny ýazyp alýar. Häzire çenli dürli ýyllarda 1941, 1950,
1961, 1971, 1980 neşir edilen «Hüýrlukga - Hemra» dessany Nazar bagadan
ýazylyp alnan şol golýazma esasynda taýýarlanylypdyr. Dessany alymlar B.
Garryýew, A. Mirbadalowa, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa çapa taýýarlap,
okyjylara ýetiripdirler.
Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda «Hüýrulykga-Hemra» dessanyny täzeden
bagşylardan ýazyp almak işi başlanypdyr. Bu iş Türkmenistanyň YA-nyň Dil we
edebiýat instituty tarapyndan yzygiderli we guramaçylykly ýola goýlupdyr.
Türkmenistanyň çäginde we ondan daşarda ýaşaýan türkmen bagşylaryndan
dessany ýazyp almakda institutyň alymlary, ylmy işgärleri B. Mämmetýazow, A.
Baýmyradow, A. Borjakow, M. Akmämmedow, B. Welbaýramow, dörtgülli
mugallym G. Bazarow we beýlekiler gatnaşypdyrlar. Şonuň netijesinde, bagşylar
Gyzylarbat şäherinden häzirki Serdar şäheri Baý Tekäýewden, Ýylanly
etrabyndan häzirki Gurbansoltan eje etraby Aşyr Ýazmämmedowdan, Tagta
etrabyndan häzirki Görogly etraby Öre Seýitmädowdan, Muhat Gandymowdan,
Köneürgenç etrabyndan Öre Maksudowdan, Baýar Baýramowdan, Täçnazar
Mätjanowdan, Nury Halykowdan we beýlekilerden dessanyň dürli nusgalary
ýazylyp alnypdyr. Şonuň ýaly-da, Stawropol we Dörtgül türkmenleriniň arasynda
aýdylýan nusgalary hem ýazga geçirilipdir. Häzirki wagtda dessanyň 1939-njy
ýylda A. Garryýew tarapyndan ýazylyp alnan nusgasyndan başlap, soňky ýyllarda
ýazylyp alnan golýazma we magnit lenta nusgalarynyň hemmesi Türkmenistan
YA-nyň Milli golýazmalar institutynda gymmatly medeni miras hökmünde aýawly
saklanýar.
«Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň golýazmalar gaznasynda ýigrimi bäşden
4
gowrak golýazma nusgasy bar. Olaryň arasynda öň çap edilmedik, möçber taýdan
uly, çeperçilik taýdan kämil, beýlekilerden aýdymlary köp bolan bagşy Nury
Halykowyň aýdan nusgasy has-da tapawutlanýar. Ony şol wagtlar Türkmenistanyň
YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup
işleýän, soňra belli dilçi alym bolup ýetişen, uzak ýyllar Döwletmämmet Azady
adyndaky Milli dünýä dilleri institutynda kafedra müdir bolup işlän, filologiýa
ylymlarynyň doktory, professor Aşyrguly Borjakow ýazyp alypdyr. Dessany ýazyp
almak iki etapda geçirilipdir. 1964-nji ýylyň dekabrynda dessanyň ýarsy, 1965-nji
ýylyň iýulynda galan bölegi ýazylypdyr. Milli golýazmalar institutynyň
gaznasynda iki bukjada saklanýan dessanyň birinjisindäki ýazgyda dessanyň
başyndan Hemranyň üstünde Hüýrzagpyranyň eden dawasynyň çözülip,
Hüýrlukga bilen Hemranyň duşuşyk pursatyna çenli wakalar beýan edilýär.
Şondan soňky wakalar, ýagny ikinji bukjadaky ýazgyda Hemranyň Bilbilgöýäni
alyp, öz ýurduna gaýtmakçy bolýan pursatyndan ahyryna çenli bolýan wakalar
beýan edilýär.
Dessanda jemi 69 sany aýdym bar. Her aýdymyň dowamlylygyny orta
hasapdan 3 minut diýip hasaplasak, dessanyň diňe aýdymlary 4 sagada golaý
wagty alýar. Kyssasyny aýtmak üçin hem şonçarak wagt gerek bolýandygyny
hasaba alsak, bagşa bütin dessany başyndan aýagyna çenli aýtmak üçin 7-8 sagat
wagt gerek. Munuň özi başda birnäçe tirme aýdymlary aýdyp, giç agşam sagat 9larda dessana başlan bagşy ony daňyň öň ýanlary, sagat 4-lerde aýdyp gutarýar
diýmegi aňladýar.
Dessandaky 69 şygryň arasyndan biri ikileme (mesnewi), biri bäşleme
(muhammes), galany dörtlemedir (murapbag). Aýdymlaryň arasynda dessan
gahrymanlarynyň ikitaraplaýyn aýdyşyk aýdymlarynyň hem birnäçesi bar. Aýratyn
üns berilmeli zat, beýleki dessanlarda duşmaýan ýagdaýlaryň biri, bu dessanda
üçtaraplaýyn aýdyşyk aýdymy duş gelýär. Hemra bilen Hüýrlukga Bilbilgöýä
ýüzlenip, özlerine kyýamatlyk dogan bolmagyny soraýarlar. Şonda üçüsi Gurhany
ortada goýup, bir bentden gezekleşip, üçtaraplaýyn kyýamatnama (kyýamatlyk
dogan okaşylanda birek-birege dogan bolmak hakynda äht edilip aýdylýan nama,
şygyr, aýdym) aýdyşýarlar.
Lakamy «Oglanlar bagşy» (Sahy Jepbarowyň hem «Oglan bagşy» lakamy
bolupdyr) bolan Nury Halykow 1990-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşigidäki
Gazakkümmet diýen ýerde doglupdyr we 1967-nji ýylda Köneürgenç etrabyndaky
häzirki Maslahat daýhan birleşiginde aradan çykypdyr. Dessanyň ýazylyp alnan
döwürlerinde bagşy 64-65 ýaşlarynda bolup, ol şol wagtlar Köneürgenç etrabynyň
Kommunizm kolhozynda (häzirki Akderýa daýhan birleşigi) we Maksim Gorkiý
adyndaky sowhozynda (häzirki Maslahat daýhan birleşigi) ýaşaýan eken. Ol
döwrüniň belli bagşylary Aşyr bagşydan, Rejep bagşydan, Agamyrat bagşydan
tälim alypdyr.
N. Halykow «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndan başga-da «Saýatly-Hemra»,
«Şasenem-Garyp», «Nejeboglan» ýaly birnäçe halk dessanlaryny ýokary ussatlyk
bilen ýerine ýetiripdir. Onuň repertuaryndaky «Göroglynyň» «Serwijan»
dessanyny aýdan başga bir bagşa duşulmaýar. Professor B. Mämmetýazowyň
5
ýazmagyna görä, «Serwijan» dessanyny bagşynyň dilinden 1943-nji ýylda meşhur
ýazyjy Ata Gowşudow onuň ýaşaýan ýeri bolan Köneürgenç etrabyna baryp ýazyp
alypdyr.
Maňa geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň ahyrlarynda belli görogluşynas,
dessan öwreniji, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Babyş Mämmetýazow
bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we
edebiýat institutynyň Folklor bölüminde birnäçe ýyl bile işlemek nesip edipdi.
Alym bölümiň müdiridi. Meniň «Türkmen halk dördijiliginiň öwreniliş
taryhyndan» diýen temadan ýazýan kandidatlyk dissertasiýamyň ylmy
ýolbaşçysydy. Halypam şol ýyllar bagşy Nury Halykowyň aýdan «HüýrlukgaHemra» dessanynyň çeperçilik taýdan kämil nusgadyny, ony çapa taýýarlap, halka
ýetirmegiň zerurdygyny köp gezek nygtap aýdardy. Şoňa görä, men aspiranturany
tamamlap, institutda kiçi ylmy işgär bolup galan ýylym – 1998-nji ýylda bagşy
Nury Halykowyň aýdan «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň tekstini çapa
taýýarlamagy meýilnamaly iş edip aldym. Dil w edbiýat institutynyň direktoryndan
Milli golýazmalar institutynyň direktorynyň adyna meniň golýazma gaznasynda
işlemegim üçin Haýyşnama hat alyp, dessanyň tekstiniň üstünde işledim. №3016 E
we №1070 F belgili iki bukjada saklanýn dessanyň möçber taýdan uly tekstini çapa
taýýarladym. Şeýdip, halypam Babyş aganyň bu dessan baradaky isleg-arzuwyny
ýerine saldym. Ýöne ony şu wagta çenli kitap edip, okyjylara ýetirmek
mümkinçiligi bolmady.
Şol bir folklor dessany birnäçe bagşydan ýazylyp alnansoň, ol köp
nusgalylyga eýe bolýar. Ýokarda beýan edip geçişimiz ýaly, «Hüýrlukga-Hemra»
dessany hem ýigrimi bäşden gowrak köp nusgaly ýagdaýa eýe. Golýazmalar
gaznasynda dürli döwürde dürli bagşylardan ýazylyp alnan dessanlarymyzyň (şol
sanda «Görogly» şadessanynyň şahalarynyň) köpsanly nusgalary jemlenen.
Elbetde, olaryň uçdantutma hemmesini kitap edip çykaryp bolmasa-da, iň
kämillerini «Pylan bagşynyň aýdan nusgasy» diýip görkezip, okyjylara ýetirmek
zerurdyr. Bu tejribe beýleki halklaryň (özbek, azerbaýjan, türk, gyrgyz, gazak we
beýlekiler) folklor öwreniş ylmynda giňden ulanylýar. Çünki «Her gülüň öz ysy
bar» diýlişi ýaly, her bir bagşynyň şol bir dessany aýdyş ussatlygy, dil-çeperçilik,
mazmun, beýan ediş aýratynlygy, gaýry tapawutlary hem artykmaçlyklary bolýar.
«Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň çapa taýýarlanan teksti okyjylara belli bolan
öňki kitap neşirleriniň mazmunyndan belli bir derejede tapawutlanýar. Tekst
taýýarlanylanda, bagşynyň dil özboluşlylygyny mümkingadar saklamaga çalyşdyk.
Şoňa görä, dessanyň dili edil bagşynyň öz aýdyşy ýaly, türkmenleriň demirgazyk
ýomut şiwesindedir.
Dessanyň çapa taýýarlanan şol tekstiniň şahsy arhiwimde ýatanyna indi 20
ýyl bolupdyr. «Halk üçin, okyjylar üçin» diýlip edilen iş eýesine gowuşsa ýagşy.
Şol niýet bilen bagşy Nury Halykowyň aýdan «Hüýrlukga-Hemra» dessanyny
internet mümkinçiliginden peýdalanyp, giň okyjylar köpçüliginiň söýgüli saýty
bolan www.kitapcy.ml arkaly okyjylara ýetirmgi makul bildim.
Nury SEÝIDOW, ylmy işgär.
2018-nji ýylyň 2-nji dekabry.
6
HÜÝRLUKGA – HEMRA
Rawylar rowaýat kylarlar, kim Misir ýurdunyň patyşasyna Hysrow şa diýip
at berer erdiler. Perzentsizlik dagyny çekip, Allatagala giçden soňra dört sany
perzent berip erdi. Bir aýalyndan Ziwer, Hurşyt atly iki ogly bolupdy. Ikinji
aýalyndan Hemra atly ogly, Güljemile atly gyzy, dört perzendi bardy. Näçe
perzentler berlen wagtda, olaryň on dört ýaşy dolanda aljak diýlip berlip erdi.
Oglanlar on dört ýaşa ýetenden soňra, Kasym weziri baş edip, ogullaryny
Çynmaçyn ýurduna iberdi. «Ölse şol ýerde ölsün, gözüm görmesin» diýip iberip
erdi. Bular kerwen bolup, Çynmaçyn ýurduna bardylar. Agalary äkiden
dünýälerine söwda edip, weç aldylar. Barsalar, Çynmaçyn ýurdy ýaman açlyk
eken. Hemra jan köp açlary ýygnap, bu halky ölmez ýaly edip, ýurduna alyp
gaýtdy. Bir ýerden bir ýere gelende, Hemranyň sanalgy demi dolup, Ezraýyl
munuň janyny almakçy boldy. Onda Hemra Ezraýylga aýtdy:
− Men köp bir şun ýalak aç halky alyp getirýärin. Şolar bilen razylaşaýyn.
Osaň al meni − diýdi.
Hemra gelip halky bilen birme-bir razylaşmaga başlady.
− Biziň wagtymyz doldy. Şu gün biz jan tabşyrýas − diýdi. Onda bu jemagat
halk:
− Biz seniň üçin barymyzyň janymyzy bagyşladyk − diýdiler. Hemra muny
baryp, Ezraýyla aýtdy. Ezraýyl Allatagala bolan işi aýtdy. – Şeýle-şeýle iş boldy,
näme iş edeýin? − diýdi. Allatagaladan neda boldy.
− Janlaryny bagyşlan bolsa, bir çetinden al − diýdi. Ezraýyl halkyň bir
çetinden janyny alyp ugraberdi. Birem «wah» diýip gabagyny çytmady.
Hemmesini saplap boldy. Ýene Allatagaladan neda boldy:
− Şol alnan janlary gaýdyp bermeli, Hemra jana hem beýleki dostlaryna ýüz
ýigrimi ýaş berilmeli.
Şonuň bilen Hemra sag-aman gelip, ýurduna gowşup erdi.
Indi habary kimden eşit, Hysrow şadan eşit. Näge ýatyrka bir düýş gördi.
Düýşünde bir bilbilgöýe patyşany saýrap, beýhuş edip haýran galdyrdy. Şol
ýatyşyny patyşa oýalygym diýip ýatsa, görse düýşi eken. Tisginip ýerinden galsa,
daň wagty bolan eken. Bilbil-de ýok, zat-da ýok. Patyşa heýran bolup oturyberdi.
Emma wezir-wekillerini ýygnap maslahat etmäge başlady.
− Şol bilbilgöýäni tapmak elajy näme bolar? − diýdi. Onda wezirler aýtdylar:
− Eger onuň nirdedigini bilse, gurrandazlar, azaýym hanlar, kitap garaýanlar
bilýär − diýdi.
Patyşanyň ilinde gurrandaz bolsa, palyman bolsa, kitap garaýan bolsa, baryny
ýygnadylar. Gurrandazlar gurra saldy, münejimler kitap bakdy, palymanlar pal
açdy. Bir gurrandaz gurrany ýazyp:
− Şahym bizler gördük. Perileriň şahy Şahruh şanyň bilbilgöýäsi eken. Ony
Hudaýyň özi asan etmese, ömrüň ötünçä-de ýörip ýete bilmeýäň. Üç ýol bar.
7
Olaryň biri barsa gelmez, biri barsa geler gelmezi gumana, biri barsa geler. Ine, şol
barsa gelmez ýol Şahruh şanyň şäherine barýa. Ondan baran adam gaýdyp gelmeýe
− diýdi.
Patyşanyň şeýle düýşüni aýdyp, birnäçe gün jar çekdirildi. Men gitjek diýip
gelen adam bolmady. Muny patyşanyň Ziwer, Hurşyt iki ogly eşidip, atasynyň arz
jaýyna gelip gol gowşuryp salam berdiler. Atasy bularyň salamyny alyp:
–Eý, balalarym, aýdyberiň arzyňyzy − diýdi onda ogullary:
–Şol gören düýşüňiziň hyzmatyny biz bitiris. Şonuň üçin arza geldik − diýdi.
Onda patyşa:
–Siz bitirebilmeseňiz − diýip, ogullaryna näçe töwella etdi. Bular:
–Jogap bermeseň-de gitjek − diýip dyzaşyberdiler. Patyşa näalaç bolup, olara
jogap berdi. Ogullary gerek-ýaragyny alyp, atlanyp ýola düşüp ugraberdiler. Ol
wagt Hemra mekdepde okap ýördi. Okuwy gutaryp öýlerine gaýdyberdi. Gelse,
öňünde iki agasy ýok.
– Niräk gitdi? − diýip sorady. Onda aýtdylar.
– Bilbilgöýäni sorap, şonuň soragyna gitdiler − diýdiler.
– Olar gitse, men-de gitjek − diýip, Hemra ylgap çykyp ýöriberdi. Ýuwrüp
atasynyň arzhanasyna baryp, gol gowşuryp salam berdi. Hysrow şa salamyny alyp
– Eý, balam, nä arzyň bolsa aýdyber − diýdi. Onda Hemra:
– Menem şol bilbiliň soragyna agalarym bilen gitjek − diýdi. Hysrow şa
– Sen ýaş oglansyň. Sen ony tapmarsyň. Heläk bolarsyň − diýdi. Hemra
– Rugsat berseň-de, bermeseň-de gidýen − diýdi. Hysrow şa«Garry ataňy
kime taşlap gitdiň?» − diýip zar-zar aglap, bäş agyz söz diýse gerek.
Bu dünýäni seniň üçin ýygnadym,
Alsaň nesihatym gitme, Hemraýym.
Birniçe gün boýuň gördüm, guwandym,
Menden nesihatdyr gitme, Hemraýym.
Men guwandym, mundan ölmeý galdy diýip,
Oglanlaryň peýmanasy doldy diýip,
Oglanlaryň ýaşy on dört bardy diýip,
Menden nesihatym, gitme Hemraýym.
Pyragyň oduna günde ýana men,
Çarhypelek elwan kimin dönemen,
Ýerinden aýrylan ýalňyz sona men,
menden nesihadym, gitme Hemraýym.
Ne müşgüldir nesihatym almasaň,
Gal diýende ganlar ýygnap galmasaň,
Şundan gidip üç aýa deň gelmeseň,
Çolaşaryn kefen dona Hemraýym.
8
Hysrow aýdar, günüm ah bilen geçer,
Özüm ölen günüm çyragym öçer,
Ezraýly geler kefenimi biçer,
Menden aýra düşer bolduň, Hemraýym.
Elkyssa, Hysrow şa sözüni tamam etdi. Ondan soň anyk gitjegine gözi ýetdi.
Hemra jana nesihat bermäge aýlanyşdy
– Mundan gitseň, araba ýolda, takyr ýerde, suw alan ýerde ýatma. Öwlüýalyk
görseň, köne kümmet görseň, ýatyber. Eger takyr ýerde ýatmakçy bolsaň,
töweregiňe çyzyp ýat − diýdi. Hemra
− Bolar, ata − diýip, atasynyň jogap berenine wagty hoş boldy. Hysrow şa
ogluna hazynahanadan birniçe göwher şamçyrag çykaryp berdi. Sary ýaý, kesgir
gylyç çykaryp berdi. Seýislere şasuwar atyny eýerläp, ony hem Hemra jana berdi.
Hemra ýol azygyny jemläp, dutary arkasyna taşlap, «Alla rahman» diýip, ata galyp
bolup, ýola rowana bolmakçy boldy. Şol wagt Güljemile siňlisi bilen Mähriban
enesi aglaşyp, gözýaş bolup, Hysrowyň ýanyna gelip:
– Agzynyň sarysy gitmedik ýaş oglany sen iberýesiň − diýip, saçlaryny
ýaýyp, ýüzlerini ýyrtyp:
– Hemra jan gitse, bizem gitjek − diýdiler. Hysrow şa ne iş ederini bilmän
sermisar bolup durdy. Şol wagt Kasym wezir geldi. Güljemile bilen Mähribana
töwella etdi:
– Goý, gitsin, bu agalarynyň yzyndan ýeter. Hemra ýurt görüp, ýagşy-ýamany
tanap, adam bolup geler − diýdi. Bu sözi eşidip, Güljemile bilen Mähribanyň
ýüregine teselli aralaşdy. Bular Hemra jana rugsat berip, ak patyýa galdyrdylar.
Patyýa bu turur:
– Göwnüň päk bolsun, göwnüň ak bolsyn, ýoldaşyň hak bolsyn sag-aman
gelgeýsiň, algaýsyň, aldyrmagaýsyň − diýip patyýa galdyrdylar.
Hysrow şa wezir agzamlary, ýar-dostlary bilen Hemrany ýola çykaryp
ýörüberdi. Esli meýdan ýöränden soň, «Uzadandan ýoldaş bolmaz, siz gaýdyň»
diýip, Hemra olaryň gaýtmagyna rugsat berdi. Olar üýşüp otyryp, Hemrany
ugradyp gaýdyberdiler. Hysrow şa gelip, tagtynda karar tapsyn.
Hemra jan ýola düşüp ýöriberdi. Agalary üç-dört mezil öňe düşen ekeni. Bir
sagada galman, Şasuwar at Hemrany agalarynyň yzyndan ýetirdi. Üçüsi goşulyp
ýörüberdiler. Söz keltesine ýagşy. Az ýörüp, üçüsi bir bendergä ýetdiler. Bendergä
ser salyp dursalar, daşyň ýüzünde bir ýazylan hata gözleri düşdüler. Ol hatyň
mazmuny şudy«Üç ýoluň bendergäsy − biri barsa geler, biri barsa gelmez. Biri
barsa ýa geler, ýa gelmez» diýlip ýazylan. Hemra jan muny okyp gördi. Ulusy
Ziwere
– Sen barsa geler ýoly bilen git − diýdi.
Ortanjy Hurşyt agasyna
– Sen barsa ýa geler, ýa gelmez bilen git. Men özüm barsa gelmez bilen
giderin − diýdi.
Üçüsi durup gol goýuphat ýazdylar«Her kimse öňürti şu ýere öwrülip gelse,
yzarlap tapgaýly bolsun». Her haýsy billerinden sogrup, bir-bir ok aldylar. «Bizden
9
nyşana bolsun» diýip, oki jemläp, haty epläp, şol daşyň aşagynda goýdular hem
ähti-wefa etdiler. Hemra jan ozaly bilen Ziwer agasyny barsa geler ýoluna, Hurşyt
agasyny barsa ýa geler,ýa gelmez ýoluna ugratdy, özi hem barsa gelmez ýoluna
düşüp ýöriberdi.
Erse bular gidibersin. Habary kimden al, Ziwer, Hurşytdan al. Biri-birine gol
galdyryp, ikisem barsa geler ýoluna düşüp ýörüberdiler. Hemra jan «Ýekäniň ýary
Hudaý» diýip, gije-gündiz şöwir çekip, bu-da ýörüberdi. Şu barşynda birnäçe gün
ýol ýörüdi. Oglan aryp, çarşap, at aýagyndan bikär bolup barýardi. Gün namazigär
bolan wagty öňünde bir kümmet. Hezret Aly piriň, kyrk çilten gaýyp erenleriň
namaz-jümä okaýan kümmedi erdi. Hemra jan atdan düşüp, aty duşap, ota
göýberip, özi çaý-nahardan keýpini kökledi. Ikindi namazyny okydy. Agşama çenli
oturdy. Gün batdy. Agşam namazyny hem okydy. Hupdan namazyny hem okyp,
kümmediň içinde ýatdy. Şol ýatyşyna gijäniň ýary ötüp, dörtden biri galanda kyrk
çilten gaýyperenler, dört çaryýar jem bolup geldiler. Kümmede ýakyn, ýakyn
geliberende, kyrk çilten gaýyp erenler«Adam ysy bar» diýmäge başladylar. Onda
Şahymerdan pir
– Ol meniň nefes oglum Hemra jandyr − diýdi. Kyrk çilten erenler gelip, jem
bolup namaza durdular. Daň namazyny okyp bolup:
– Bu oglanyň jübti barmy-da, jübti barmy? − boluşdylar. Onda Şahymerdan
pir:
– Jübti bardyr − diýdi.
– Jübti kim bolar? − diýdiler.
Onda Şahymerdan pir aýtdy:
– Herem bagynda Şahruh şanyň gyzy Hüýrlukgajan munuň jübti − diýdi.
Gaýyp erenler.
– Kim getirer-de, kim getirer − boluşdylar. Şahymerdan pir.
– Jogap berseňiz, özüm göz açyp ýumasy salymda häzir ederin − diýdi.
Derrew Hüýrlukgany getirdi. Ony eltip Hemra janyň gujagyna saldylar. Onsaň:
– Kim myňa nika gyýar? − diýmäge aýlanyşdylar. Şahymerdan pir.
– Hemmäňiz jogap berseňiz özümiz nika gyýarmyz − diýdi. Onda:
– Kim wekil bolar? − diýişmäge aýlanyşdylar.
Omar, Osman, Aba Bekr Syddyk:
– Özümiz wekil bolyrmyz − diýdi. Şahymerdan pir nika gyýdy. Olara pata
göterdi. Daň agardy. Bular gaýyp boldular Hemra jan:
– Asly ot peri gol gatýança gol gatmaýyn − diýip ýatyberdi.
Huýrlukga:
– Asly tofrak adamzat gol gatmynça, gol gatmaýyn − diýip, o-da ýatyberdi.
Näme bolsa-da Hemra jan ýatabilmedi. Ozaly Hemra jan, jogaby Huýrlukgadan
sowaly jogap diýse gerek.
Hemra
− Seni görenleriň akly lal bolar,
Perim, nirde bolar mekanyň seniň?
Seni görenleriň işi kyly-kal bolar
10
Perim nirde bolar mekanyň seniň?
Hüýrlukga
− Aslym peri, Şahruh şanyň gyzy men,
Herem bagyndadyr mekanym meniň.
Seniň üçin synalarym daglydyr,
Herem bagyndadyr mekanym meniň.
Hemra
– Perizadym, aslyň aýan eýlediň,
Başyňdan ötenin beýan eýlediň,
Bize aşyklyga güman eýlediň,
Perim nirde bolar mekanyň seniň?
Hüýrlukga
− Sizni aşyk, bizni magşuk diýmişler,
Biziň ilde köpdür altyn-kümüşler,
Men bir peri, mende mekan ne işlär,
Her ýerde häzirdir mekanym meniň.
Hemra
− Başda taňry nä üçin janym almady,
Ajal ýetip, emri peýmanym dolmady,
Eýse, perim seni görmek bolmady,
Her ýerde häzir bolsa, mekanyň seniň.
Hüýrlukga
− Maňa aşyk bolsaň, ýanyp ötersen,
Sabyr kylsaň dost golundan tutarsen,
Ýöriberseň bäş ýüz ýylda ýeter sen,
Bäş ýüz ýyllyk ýoldur mekanym meniň.
Hemra
− Adym Hemra şa Hysrowyň ogly men,
Ýaşym kiçi, han ýanynda uly men,
Pirim Aly, bir Subhanyň guly men,
Perim nirde bolar mekanyň seniň?
Hüýrlukga
− Adym, Huýrlukga Şahruhyň gyzy,
Sen tapmasaň, isläp taparmen seni,
Aslym otdyr, perizat diýerler bizi,
Kyrk günlük ýol bolar mekanym meniň.
Ikisi sözüni tamam etdi. Ondan soň Hemra jan Hüýrlukga gol urmakçy boldy.
Hüýrlukganyň gahary gelip
– Beren malyň ýok, gyýan nikaň ýok, çek eliňi − diýip gygyrdy. Kükreginden
itip çykyp ýöriberdi. Hemra şol halatda ukuda Hürlukganyň ýaňagy diýip basany
tamdyrça, Hürlukga diýip gujaklany mütdeke boldy. Ýassygyny gujaklap porhan
bolup aýlanyp ýör. Bir wagtlar özüni dürsäp, gözüni açsa daň atyp, kümmediň içi
ýagtylyp, gün dogmaga ýakynlapdyr. Hemra hasyr-husur ýerinden galyp, täret alyp
11
namazyny okady. Özi misli aýlandyrylan ýaly bir hili bolup otyrdy. Özüniň
göreniniň düýşdigini bildi. Bir meýdan oýlanyşyp oturyp, Şasuwar atyny äkelip,
ony eberteň-zeberteň eýerläp, jüp aýylny mäkäm tartyp ugramakçy boldy. Hemra
atyna garap
– Dilsiz hem bolsaň dilliden gowy erdiň. Sen şundan bir şymam
aňmaýarmyň − diýip, goluna sazyny alyp, bäş agyz söz diýse gerek.
Misiriň ýurdundan geldim,
Barsa gelmez ýoly beýle.
Pirleriň jemini gördüm,
Aly käse berdi şeýle.
Pirim gelip namaz uýdy,
Kyrklar gelip omyn diýdi,
Hezret Aly käse berdi,
Içip mes bolmuşam şeýle.
Kyrklar geldi bir at goşlap,
Meniň garyp göwnüm hoşlap,
Meni türfe jaýa başlap,
Ajap türfe jaýy beýle.
Hemra diýer döwran sürmese,
Pirim medetgär bolmasa,
Perizat gola ilmese,
Boldy renjim zaýa beýle.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Atdan hiç seda bolmady. Gara dutary
arkasyna taşlap, «Alla rahman» diýip, ata galyp bolup, öňki ýoly bilen ýöriberdi.
Hemra aty gündizine ylgalyna sürerdi, gijeler şöwür çekerdi. Şeýdip birnäçe gün
ýol ýöridi. Oglan ardy, çarşady
Meň öňümden bir bellik bolmady − diýip barýar erdi. Bir belent dag peýda
boldy. Ýol şuňa baryp, urup duruberdi. Eýläk-beýläk aýlanyp, yz kesip gördi. Hiç
ýana çykmady. Hemra bu boluşa hafa bolup goluna sazyny alyp, bäş agyz söz
aýdar gerek.
Kadyr Alla saldyň meni bu derde,
Men neýleýin ýardan aýan bolmasa.
Ýary ýar diýip gezer erdim her ýerde,
Çiltenlerden maňa ýaran bolmasa.
Men gelipmen barsagelmez ýol bilen,
Ýol bardyr ahyr bir gün men bilen,
Göwün mätäjiňi Alladan dilän,
12
Men neýleýin belli mekan bolmasa.
Däli göwnüm Herem handa, men handa,
Ukuda görenim eýleme bende,
Ýat illerde ölüp galsaň, şerbende,
Maksadym-myradym aýan bolmasa.
Hemraýym ýitirdi gül ýüzli ýaryn,
Agzyndan gaçyrdy sabry-kararyn,
Agtaryrmen pany dünýäniň baryn,
Köp ýatmak özüme zyýan bolmasa.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Gara dagyň gerşinden ýol açyldy. Hemra
ýoluny yzarlap ýöriberdi. Gündizler ylgalyna ýördi, gijeler şöwir çekdi. Şol
barabarynda birniçe ýollara ta  kyldy. Töweregine ser salyp barýardy. Ala sazak
köwreýiň içinde gözüne bir gara göründi. Hemra«Basymrak munuň yzyndan
ýeteýin, ýol salgy berer» diýip, şasuwar atyň jylawyny ýazdyryp göýberdi.
Şasuwar at gidiberdi badyna ýakyn-ýakyn baranda ser salsa, başynda selle, egninde
melle, aýagynda köwüŞ moza, golunda ýaşyl hasa bir ak sakally baba duş boldy.
Hemra atdan düşüp salam berip, baryp babanyň goluny aldy. Baba bilen amansaglyk soraşdylar. Baba aýtdy
– Eý, Hemra jan, seniň Hezret Aly piriň bolurmen. Her wagt gynansaň,
gyssansaň, bizi ýat etseň ýetişeris saňa. Sen sabyr kyl, howlukmagyl. Muşakgat
çekmeseň magşugyň wefasy bolmaz saňa. Men şu taýda seniň geleriňe garaşyp
durdum − diýip, gol ýaýyp, Hemra jana pata berdi. Hemra göz açyp ýumsa, görse
baba-da ýok, zat-da ýok. Hemra bir meýdan durup akylyny durlap, ýola düşüp
ýöriberdi. Şol sürüp barşyna-da ýol üstünde uly tüweleý turup ýöriberdi. Hemra
tüweleýe
– Sen meniň ýaryma özümden öň barar ýaly kim bolduň? − diýip, Şasuwary
ýazdyryp göýberdi. Bir meýdan kowalaşyp ýöridi. Tüweleý bara-bara arany açyp
gidiberdi Hemra.
– Menden öňünçä tüweleý barmakçy boldy. Men Hüýrlukga ýaryma bäş agyz
salamymy aýdyp goýbereýin−diýip, atyň üstünde, sazy destinde, bäş agyz söz
diýse gerek.
Bady safa salamymy
Hüýrlukga jana ýetir.
Meniň bu arzy halymy
Keremli soltana ýetir.
Men bolup men şaga nöker,
Gamzaň oky janym ýakar.
Agzy pisse, lebi şeker,
Dişleri dürdänä ýetir.
13
Bir ýar üçin boldum heläk,
Aýra saldy gabha-pelek,
Ak ýüzleri menek-menek,
Gözleri messana ýetir.
Men bolup tut özüňi,
Gam bilen saralt ýüzüňi,
Taňrym üçin şu sözümi,
Ol gaşy kemana ýetir.
Bir ýar üçin boldum hassa,
Habar ýetir ýara-dosta
Bilbilim galdy kafasda
Janymy janana ýetir.
Hemra diýerler adyma,
Hak eşitgeý arzy-dadymy,
Şamu-säher perýadymy,
Hüýrlukga jana ýetir.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Tüweleý «Seniň sözüňi kabul etdim»
diýip aýtmady. Özüniň ugruna ýöriberdi. Şol sürüp barşyna bir boz meýdana çykyp
ýöriberdi. Oglan aryp, çarşap, suwsap barýardy. Bozdan çarwalaryň gazyp goýan
serhowuzy dahyl boldy. Dolup oky bilen gaýdyp ýatan mele suw, töwereginde
dyzdan çaýyr. Ine, birsafali ýer. Hemra:
– Eý, Şasuwar seniň hem gezimiň ýetdi. Menem ýadadym − diýip, şu ýerde
atdan düşdi. Sazagyň gury kötüklerinden çöpläp, tüňçäni horjundan alyp, suwdan
doldurup, çakmagy çakyp, ody ýakyp göýberdi. Hemra jan çaý içip, çilim çekip
wagtyny hoşlady. Ikindi, agşam namazyny şu ýerde okyp yzyndan hupdany okyp,
takyrrak ýere çykyp töweregini çyzyp, düşek salyp, bu gije şu ýerde boldy.
Tisginip ýerinden galyp görse, daň wagty, bolan eken. Täze täreti bilen ertir
namazyny okyp, ýene hem çaý, çilimden wagtyny hoşlap, Şasuwar atyň ýanyna
baryp:
– Senem ýagşyja dynjyňy alansyň − diýip, synap, sylap eýerlemäge başlady.
Aty eberteň-zeberteň eýerläp, jüp aýylny mäkäm tartyp, dutaryny arkasyna taşlap,
«Alla rahman» diýip, ata galyp bolup, ýola düşüp ýöriberdi. Sürhä-sür, barha-bar,
birniçe menzil ýol ýöridi. Oglan ýadap, at aýagyndan bikär bolup barýardy.
Birnäçe dag-derelerden geçdi. Şol barşyna ýol üstünde bir torgaý saýrap asmana
çykyp duryberdi. Hemra janyň göwnüne:
– Bu-da meniň ýaly ýaryndan aýrylyp, ýanyp-köýüp duran janawer eken.
Şundan hem bäş agyz söz sorasam, maňa habar bermezmikä? − diýip, elinde
sazy,dilinde sözi, birniçe ýerlerinden tymsal getirip, torgaýa ýalbaryp, bäş agyz söz
diýse gerek.
14
Asmandaky boz torgaý
Saýramasaň ne bolgaý
Saýramaga dilim ýok
Bile ýörseň ne bolgaý
Bir niçäni görürdim,
Safa bilen söhbetde.
Bir niçäni görürdim.
Gaýgy bilen hasratda.
Men ejiz biçäräni
Gynamasaň ne bolgaý.
Altyn aşyg bolanyň,
Bolarmeken dawasy
Her kimse aşyg bolsa,
Ölmek şonuň rowasy.
Mejnun kibi saýraýşyň,
Bu guşlaryň uýasy.
Men ýarymi ýitirdim,
Galdym arman içinde.
Yşk oduna tutaşyp,
Ýanar boldy ýüregim.
Garyndaşym islemez,
Ýokdur meniň geregim.
Hemra diýer ahyr çykdy,
Bir hudaýdan dilegim.
Men ýarymy ýitirdim,
Bu çölüstan içinde.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. GuŞ öňküdenem beter asmana çykyp,
gözden ýitip ýöriberdi. Hemra haýran bolup, gözläp durdy. Şol gelşine guŞ
asmandan ganatyny düwüp,özün ýere taşlady. Ýere bagryny oýkap ýatyberdi.
Hemra bu guşy bu halda görüp:
– Bu guş menden hem zyýada aşyk eken − diýip haýran galdy. Bir zaman
garaşyp durdy. Guşdan seza bolmady. Hemra ýanyp-köýüp, ýene ýola düşüp
ýörüberdi. Hemra gündizine ylgalyna sürdi. Gijesine şöwür tartdy. Oglan aryp,
çarşap barýar erdi. Öňünden gargalar gagyldaşyp, asmana çykýa, ýene ýere gonýa.
Hemranyň göwnüne geldi.
– Ýa iliň çetinden agaçlyga ýetişdim, ýa harman jaýa geldim − diýip,
Şasuwary ýazdyryp goýberdi. Gelip ser salsa, bir jeren ölüpdir. Gözlerini garga
çokup, doýan gargalar aňyrrak gonup,«arryk-arryk» diýişýärler, zat ýetmedik
15
gargalar «puluň çykdymy» diýýär. Hemra muny görüp, bir sagatlap haýran bolup
durdy.
– Eger kazam ýetip, şu meýdanda ölsem, meniňem boljagym şu − diýip, zarzar ýyglap, golunda sazy, dilinde sözi, bäş agyz söz diýse gerek.
Kadyr Allam, meni salgyn ýoluma,
Gözden akan ganly ýaşyma meniň.
Aman-esen ýetir ýaryň iline,
Gözden akan ganly ýaşyma meniň.
Meniň ýarym almamydyr, narmydyr,
Men geler diýip, şu gün intizarmydyr,
Aman-esen ýary görmek barmydyr,
Hüýrlukga göwün hoşuma meniň.
Aly pirim, dogry salgyn ýoluma,
Özüň medet bergin meniň halyma,
Meni tiz gowşyrgyn gyzyl gülüme,
Hüýrlukga janyma meniň.
Ilden aýra düşdüň, Hemra, pähm eýle,
Ýoldan aýra düşdüň, özüň wähm eýle,
Eý,Hudaýym, özüň maňa rehm eýle,
Gözden akan ganly ýaşyma meniň.
Elkyssa, Hemra jan sözüni tamam etdi. Oglan şu gije şu ýerde demini ady.
Erte irden turup, daň namazyny okyp, ýorgany täzeden eýerläp, «Alla rahman»
diýip, dutary arkasyna atyp, ýola rowana boluberdi. Hemra öňki dessurynda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hüýrlukga hemra - 2
  • Parts
  • Hüýrlukga hemra - 1
    Total number of words is 3786
    Total number of unique words is 1896
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 2
    Total number of words is 3902
    Total number of unique words is 1815
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 3
    Total number of words is 3846
    Total number of unique words is 1825
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 4
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1774
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 5
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 1710
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hüýrlukga hemra - 6
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 587
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.