Latin

Gökdepe galasy - 4

Total number of words is 3457
Total number of unique words is 1821
31.8 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
partlatmaga taýýar edilmegi üçinem takmynan 12 sagat gerek
bolupdyr. Diýmek, galany partlatmak baradaky ähli taýýarlyk
işleriniň 11-nji ýanwarda günortana çenli doly tamamlanyp bilinjekdigi takyklanypdyr.
Skobelew aýgytly hüjüme geçiljek güni 12-nji ýanwara süýşüripdir. Nagym gazmak işlerini hem gyssagly dowam etdirmek
barada buýruk beripdir. Nagym gazyjylar üçin 3.000 manat baýrak belläpdir.
Şonuň bilen bir wagtda galany partlatmak şowsuz gutaraýan
halatynda hüjüme geçer ýaly gala tarap garym gazmak işlerini
hem dowam etdirmek, dikligine gazylýan şol garymlary galanyň
düýbündäki garyma ýetirip goýmak barada buýruk beripdir.
Tekeler ruslaryň nagym gazýandygyny duýupdyrlar. Ýöne
Dykma serdar başlyklaýyn munuň heňe geljek zatdygyna ynanmandyrlar. Onsoňam ruslaryň nagym gazyp, galany partlatmagynyň nähili betbagtçylygyň üstünden eltjekdigini göz öňüne
getirip bilmändirler. Ruslar ýeriň astyndan ýol açyp, galanyň
içine aralaşmak isleýändirler öýdüpdirler. Ilata hem muny şeýle
diýip düşündiripdirler. Ruslar ýeriň astyndan deşik açyp çykmakçy bolsalar, çykanynyň kellesini ýeke-ýekeden kakar durarys
diýipdirler. Şeýle maksat bilenem iň gowy güýçlerini şol ýere
jemläpdirler. Hatda Dykma serdaryň tümi hem galanyň partla-
57
dylan ýeriniň golaýynda eken.
8-nji ýanwarda sagat sekizde 8 sany 4 funtluk top bilen galanyň diwaryny topa tutup başlapdyrlar. Diwaryň 10 sažen ýerinde weýrançylyk bolup, açylan gädikden öýleriň tüýnügi görnüpdir. Galany goraýjylar dessine gum çekip, ol gädigi bekläpdirler,
9-njy ýanwaryň säherine çenli diwaryň beýikligini öňki hetdine
ýetiripdirler. Gädik açyjy artilleriýa batareýasy ol ýerini ýene
topa tutup başlapdyr. Emma Skobelew bu işi bes etmek barada
buýruk beripdir. Sebäbi ol şol ýerden diňe aýgytlaýjy hüjümiň
öňüsyrasynda täze gädik açmagy nazarda tutupdyr.
Inženerleriň naçalnigi 11-nji ýanwarda ir bilen öten gije galanyň diwarynyň astyndan esasy nagymdan iki tarapa gol çekilendigini, diwaryň ugry bilen üç ýerde däri ýerleşdirer ýaly öýjügiň
taýýarlanandygyny, ol öýjüklere 72 put däriniň ýerleşdirilip başlanandygyny habar beripdir. Şeýlelikde, galany zabt etmeklige
ähli taýýarlyk işi gutarnykly tamamlanypdyr.
58
- 10 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ir sagat 6-da rus goşunlary aýgytly hüjüme başlapdyrlar. Toplar galanyň diwarlaryndan gädik
açyljak ýeri oka tutupdyr. Pyýada goşun bolsa gädik açylaryna
hem galanyň diwarynyň partladylaryna garaşyp, hüjüme taýýar
bolup durupdyr.
Laýyk 11 sagat 20 minutda galanyň günorta-guşluk burçunda
elhenç partlama bolup, asman-zemini elendiripdir. Goýy gara
tüssedir tozan asmana göterilipdir. Grodekow diwaryň 15 sažen
ýeriniň ýykylandygyny, geçmäge amatly ýol açylandygyny habar
berýär. Kuropatkin bolsa galanyň diwarynyň ýykylan ýerini 9
sažen diýip ýazýar.
Tekeler birbada nämäniň-nämedigine akyl ýetirip bilmändirler. Ýer yranýandyr öýdüpdirler. Bolup geçen betbagtçylyga
akyl ýetirenlerinden soň bolsa gaçmaga ýüz urupdyrlar. Diňe
Dykma serdar bada-bat nämäniň-nämedigine düşünipdir, özüni
ýitirmän saklanypdyr. Gaçmaga ýüz uranlary hem saklamaga
synanypdyr. Emma bu netije bermändir. Has ýürekli adamlar
gaçman, ahyrky demine çenli söweşipdirler.
Galanyň partladylan ýerinde hem, top bilen gädik açylan
ýerinde hem tekeler gaty köp ýitgi çekipdirler. Diňe galanyň
partladylan ýerinde azyndan 700 adam ölüpdir. Galanyň partladylan ýerinde begler bar eken. Wekiller hem olaryň golaýynda
eken.
Galanyň diwary ýarylyp, tekeler gaçmaga ýüz urandan soň,
rus goşunlary hüjüme geçipdirler. Ýaragsyz ilaty ýaş diýmän,
garry diýmän, aýal diýmän, erkek diýmän bir ujundan rehimsizlik bilen gyryp başlapdyrlar. 70 top galanyň diwaryny oka
tutmagyny bes edip, galanyň içini — demirgazyk-gündogar bölegini oka tutup başlaýar.
Taryhda juda seýrek gabat gelýän gyrgynçylyk — genosid
başlanýar. Rus goşunlarynyň şol döwrüň iň kämil ýaragy bilen
59
ýaraglanandygyny, tekeleriň bolsa esasy ýaragynyň sowuk ýarag
bolandygyny, tekeleriň elinden ölen ýa-da ýaralanan rus ofiserleridir soldatlarynyň tas hemmesiniň diýen ýaly sowuk ýaragdan
ölendigini ýa-da ýaralanandygyny Grodekowdan, Kuropatkinden, Maslowdan, Wereşaginden başlap, ähli rus harby işgärleri
tassyklaýarlar. Rus goşunlarynyň çagalary, aýallary hem gaýgyrman bir ujundan gyrandygyny olaryň özleri boýun alýarlar.
Diňe bir boýun almagam däl, munuň üçin buýsanýandyklaryny
hem gizläp duranoklar.
Olar Gökdepe galasy alnandan soňky gyrgynçylygyň bilkastlaýyn edilendigini, onuň galanyň söweşsiz boýun egip-egmezligine bagly bolmandygyny hem aç-açan ýazýarlar. Mysal
üçin, Grodekow Gökdepede şeýle gyrgynçylyk etmegi general
Skobelewiň entek Peterburgdaka pugta ýüregine düwendigini
tassyklaýar. Galanyň diwary partladylyp, tekeler guma tarap
gaçyp başlanlarynda, rezerwde duran toply-tophanaly otrýadyň
başynda durup, olaryň yzyndan hut Skobelewiň özüniň kowgy
gidenligi hem bu tassyklamanyň dogrudygyna şaýatlyk edýär.
Şonda bosgunlaryň yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çenli, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Özem
bosgunlaryň iň güri ýerlerini topa tutupdyrlar. Tekeleriň gaçyp
giden ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowgyçylar
diňe mazaly garaňky düşüp, göz baglanandan, bosgunlaryň hatarlary mazaly seýrekländen soň yzlaryna dolanypdyrlar.
Bosgunlaryň yzyndan kowulanda çagadyr aýal-erkek 8.000
adamyň gyrlandygyny 1881-nji ýylyň 20-njy fewralynda Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine iberen maglumatynda
Skobelew hut öz eli bilen ýazypdyr. Muny beýleki rus harby
işgärleriniň ýatlamalary hem tassyklaýar.
Tekeler galanyň içinde hem ägirt köp pidalar çekipdirler. Olar
23 güne çeken gabaw döwründe 7.000 adam ýitiripdirler. Diňe
60
galanyň alnan güni hem onuň içinde şonça adam ölüpdir. Skobelewiň ekspedision otrýadynyň baş wraçy O. Geýfelder gala
alnandan soň onuň içinden 7.000 jeset tapandyklaryny, şonçarak
jesediňem galanyň diwarlarynyň düýbünde çala ýere duwlanandygyny ýazýar.
Tekeler gabawyň soňky günleri hatda ölülerini jaýlamaga-da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden
jaýlanmadyk 10 – 15 jeset tapandyklaryny ýazýarlar.
A. N. Maslow gabaw döwründe we galanyň alnan güni ölen
adamlary tekeleriň özleriniň 20.000 adam hasaplaýandygyny
ýazýar. Ýurt ugrundaky mukaddes göreşde birnäçe serdarlar,
hanlaram janlaryny gurban edipdirler. Olaryň arasynda Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryň ogly Akberdi han dagy hem bar eken.
Galanyň synan güni 3.000-denem gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Olary tekeler yzlaryna gaýdyp geler ýaly girew hökmünde saklapdyrlar. Galanyň daşynda bir ýere jemläp, daşlaryna
garawul goýlupdyr. Olara diňe ýörite rugsat almak bilen gala
girmäge hem weýran bolan öýlerinden köne-küşül ýorgan-düşek
getirmäge mümkinçilik berlipdir.
Gökdepe galasyndaky adamlaryň nähili wagşylyk bilen gyrlandygyna şeýle faktlaram şaýatlyk edýär. Boýy bary-ýogy 600
sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14.000-e çenli öý, oraça, çatma
dikilen, 40.000-denem köp ilatly kiçijik galanyň içine 23 güne
çeken gabawyň dowamynda 872.000 tüpeň oky, 12.400 top oky
atylypdyr. Diňe gala zabt edilen güni 5.604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müň, atly goşun tarapyndan
12.500 ok atylypdyr. Deňeşdirip görmek üçin 900 günläp dowam
eden Leningrad gabawynda nemes basybalyžylarynyň şähere
148.478 top okuny atandygyny ýatlalyň.
Gala alnandan soň Skobelew 4 günlük talaň yglan edipir. Rus
61
soldatlary altyn-kümüş, şaý-sep, haly-palas diýmän, gözlerine
ýaran zadyň baryny alypdyrlar. Özem saňa ýetdi, maňa ýetmedi
diýer ýaly, olja dawasy bolmandyr. Näçe talaňçylyk etseler, olja
tapylypdyr. 12-nji ýanwarda Skobelew galanyň etegine 227 ofiser
bilen 6.672 soldat jemlän eken. Jemi 6.899 adam. Galadaky her
öýde ýekeje halydan bar eken diýip hasap edeniňde-de, her soldat başyna iki halydan düşüpdir. Gala bolsa tutuş tekäniň ähli
gyzyl-alasy toplanypdyr. Köp öýler haly düşekden, şaý-sepden
doly bolupdyr.
Bir ýerden jerçiler peýda bolupdyr. Türkmen halysynyň bahasy bir bulgur araga gelipdir. Soldatlar ne gözel halyny bir
bulgur araga berip, duran ýerlerinde içýär ekenler-de, ýene haly
getirmek üçin gala düwdenekläp gidýär ekenler.
Rus ofiserleri, aýratynam topçular köp haly olja alypdyrlar.
Topçular okdan boşan gapyrjaklara çenli halydan doldurypdyrlar. Aradan köp wagt geçmänkä, bahasy bir bulgur bolan türkmen halylarynyň nyrhy öz hakyky bahasyndanam birnäçe esse
ýokary galypdyr. Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan ofiserleriň aýallary hat ýazyp, ärleriniň halysyz dolanyp gelmezligini
talap edipdirler. Pylanynyň öýünde bir haly gördüm welin, göriplikden ýaňa gözüm çykara geldi, şolardaky ýaly halysyz gelme
diýip ýazypdyrlar. Maslow soňra 1883-nji ýylda şol halylaryň
bir çetiniň Parižiň Gousman bulwaryndaky Aziýa önümleriniň
magazinine baryp ýetendigini ýazýar.
Grodekow gala alnandan soň talanan zatlaryň bahasyny
6.000.000 manat diýip kesgitleýär.
Gökdepe galasynyň gabalan hem zabt edilip alnan döwründe ruslaryň çeken ýitgileri, beýle bir ullakan tapawut bolmasa-da, dürli çeşmelerde dürlüçe görkezilýär. 1881-nji ýylyň 20-nji
fewralynda Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine iberen
raportynda Skobelew 1880-nji ýylyň 20-nji dekabry bilen 1881-nji
62
ýylyň 12-nji ýanwary aralygynda bir generalyň öldürilendigini,
bir generalyň ýaralanandygyny, 3 ştab ofiseriniň, 11 ober ofiseriň ölendigini, 5 ştab ofiseriň, 35 ofiseriň ýaralanandygyny, bir
çinownigiň ölüp, bir çinownigiň ýaralanandygyny, 267 soldatyň öldürilip, 647 soldatyň ýaralanandygyny, sonra ýaraly 2 ştab
ofiseriniň, 4 ober ofiseriň ölendigini habar berýär. General Kuropatkin: «Biz hatardan çykan 34 ofiseri, 364 soldaty, 71 ýabyny
ýitirdik» diýip ýazýar. «Biziň ýitgimiz: 4 ofiser, 55 soldat öldi,
18 ofiser, 236 soldat ýaralandy» diýip, A. W. Şerbak ýazýar. K.
M. Fedorow hem şu maglumaty gaýtalaýar. «Gabawyň tutuş
dowamynda biziň ýitgilerimiz 1.104 adama ýetdi, gala hüjüm
edilen güni bolsa 398 adam (şol sanda 38 ofiser) boldy» diýip,
P. Geýsman bilen A. Bogdanow «Rus terjimehallar sözlüginde»
ýazýarlar.
Mollagara bilen Gyzylarbat aralygynda çekilen demir ýoluň
harajatyny hem hasap etseň, Ikinji Ahalteke ekspedisiýasyna
21.126.056 manat, diňe Gökdepe alynýança (alty ýarym aýda)
13.545.341 manat çykdajy edilipdir.
Gökdepede gyrlan bigünä adamlaryň jesetleri ençeme günläp, meýdanda porsap galypdyr. Olary wagty bilen ýygnap,
gömüp, otlap ýetişip bilmändirler. Skobelew jeset jaýladyp, soldatlarynyň mädesine degmek islemändir. Jesetleri jaýlamak üçin
gulçulykdan boşadylan 500 sany kürt ýesiri işledilipdir. Olaram
jeset jaýlamagyň deregine talaň bilen meşgul bolupdyrlar, altyn-kümüş gömlen ýerlerini gözläpdirler. Özlerem rus soldatlaryndanam beter wagşylyk edipdirler. Gelin-gyzlaryň altyn gulak-halkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenli
ýüzüklerini barmaklary bilen çapyp alypdyrlar. Ahyry Skobelew
olary gala goýbermegi gadagan etmäge mejbur bolupdyr.
Kürt ýesirleri jesetleri jaýlanlarynda hem el ujundan jaýlapdyrlar. Sähel ýel öwüsse ýa-da duşundan atly geçip gitse-de,
63
olaryň üsti açylyp ýatypdyr. Gulçulykdan boşan pars ýesirleri ozal tekeler tarapyndan ýesir alnan gelin-gyzlarymyz diýip,
türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowularyny seçip-saýlap alyp gidipdirler.
Jesetleri jaýlamak işine rus goşunlarynyň baş wraçy O. Geýfelder ýolbaşçylyk edipdir. Ol özüniň dürli wagtlarda çap edilen ýatlamalarynyň birinde bu barada jikme-jik gürrüň berýär.
Gökdepe galasy alnandan soň dessine Aşgabada tarap süýşüp
başlan goşun pil-palta ýaly gurallaryny ýany bilen alyp gidipdir. Gitmediklerem öz gurallaryny bermändir. Şonuň üçinem
ýer gazar ýaly gural ýetmezçilik edipdir. Ýer gaty bolupdyr.
Onsoň jesetleri üýşürip otlap başlapdyrlar. Ilki jesetleri üst-üstüne goýup, üstüne-de odun üýşürip ýakjak bolupdyrlar. Beýle
edilende jesetler ýanman, ýöne gara-ört bolup galypdyr. Soňra
olary aşagyndan howa geçer ýaly edip, ikiden-üçden, köp bolsa
dörtden üýşürip, üstünem saman diýmän, ders diýmän, tapan
zatlary bilen basyrypdyrlar. Onuň üstündenem öýleriň üzüklerini, durluklaryny basypdyrlar. Geýfelder şeýdip haýal ýakylanda
jesetleriň ahyryna çenli ýanandygyny ýazýar.
Bir-iki ýerde ýaplaryň öňüni böwetläp, esli ýere suw goýberip
ýeri ýumşadypdyrlar. Soňra ullakan çukur gazyp, adam, at, düýe
maslyklaryny şol çukurlara süýräpdirler. Emma munuň bilenem
jesetleri, maslyklary gömüp ýetişip bilmändirler.
Geýfelder başga alaç bolmansoň, soňra galanyň diwarlaryny
onuň etegindäki garymlary dolduryp ýatan maslyklaryň üstüne ýumurdandygyny ýazýar. Galanyň ýokarsyndakylar diwary
ýumrup ýapgyt diwaryň ortasyna süýşüripdirler, ol ýerdäkiler
bolsa ýene aşak süýşürip, garymlardaky sansyz adam jesetleriniň, at, düýe maslyklarynyň üstüne sürüpdirler.
1887-nji ýylda Gökdepäniň üsti bilen geçip giden Geýfelder
şeýle ýatlaýar. Ol wagonyň äpişgesinden Gökdepe galasy gör-
64
nüp başlanda, bu barada ýoldaşlaryna mälim edipdir.
«— Gökdepäniň diwarlary has beýik dälmidi näme? — diýip,
ýoldaşlarymyň biri sorady. — Şeksiz, has beýikdi — diýip, men
jogap berdim. — Ýöne onuň ýokary bölegini köp sanly adam, at
hem düýe maslyklarynyň üstüni gömmek üçin ulanmaly boldy.
Men diwaryň ýokary bölegini bu işe peýdalanmak barada rugsat
bermegini Skobelewden haýyş etdim we özüm ilkinji bolup, ony
ýumurmaga başladym».
Ýöne şonda-da maslyklary wagty bilen gömüp gutaryp bolmandyr. A. W. Kwitka gala alnandan ýarym aý soň, 27-nji ýanwarda galanyň komendanty Wereşagin bilen onuň içine aýlanyp
görendigini, şol wagt hem galanyň diwarynyň partladylan ýerindäki jesetleriň kimsiniň kellesiniň, kimsiniň el-aýagynyň çykyp
ýatandygyny, basan ýeriň maslykdygyny habar berýär.
Şol döwrüň rus harby işgärleri bu deňsiz-taýsyz wagşyýana gyrgynçylygyň sebäbini, hamala 1879-njy ýylda Lomakiniň
ekspedisiýasynyň ýeňilmeginiň rus goşunlarynyň abraýyna, şöhratyna şek ýetirendigi, şonuň üçinem tekeleri göz edip jezalandyrmagyň, rus goşunlarynyň ýeňilmezlik şan-şöhratyny dikeltmegiň zerur bolandygy bilen düşündirýärler. Hamala, aziýalylary diňe şunuň ýaly zalymlyk bilen boýun egdirmek mümkin
diýip tassyklaýarlar. Hamala, «aziýalylaryň diňe küpesine däl,
aňyna-da ýençmelimiş».
Ýöne bu bilkastlaýyn genosidiň köklerini başga zatdan —
kolonizatorlaryň Orta Aziýa halklaryny adam hökmünde-de
görmänliginden, kiltini olary gyrmaga dikenliginden gözlemek
gerek. Grodekowyň, hamala, tekeleriň uruşdan başga zady bilmeýändigi, ýaşaýşa ukypsyzdygy, olaryň hökman ölüp gutaryp
gitmelidigi hakda «welilik satmagy» şuny subut edýär. Onuň
tekeleri «ýer şarynyň ýüzündäki gara tegmil, adamzat üçin masgaraçylyk» atlandyrmagy şuny subut edýär. Skobelewiň niýetini
65
tekeleri gyryp gutarmaga, galanjasyny hem ýesir hökmünde
deňiz kenaryna göçürmäge dikenligi şuny subut edýär. Gala
synandan soň, guma gaçyp giden bosgunlaryň, özem esasan
aýallardan, çagalardan ybarat bosgunlaryň birehimlik bilen 15
wýorste çenli gyrylmagy şuny subut edýär.
Şu ýerde köp zadyň Skobelewiň şahsyýetine, zalymlygyna,
türki halklara bolan ýigrenjine bagly bolandygyny belläp geçmegem artykmaçlyk etmese gerek. Munuň üstesine-de köp ýatlamalarda agzalsa-da, henize çenli üns berilmän gelýän bir häsiýetli
fakt bar. 1880-nji ýylyň 9-njy iýulynda Bamydaka Skobelewe
ejesiniň öldürilendigi hakda telegramma gelipdir.
Skobelewiň ejesi Olga Nikolaýewna ýetimler öýlerini açmak
üçin Rumeliýa gidipdir. Onuň ýanynda ýarym million manat
puly bar eken. Skobelewiň ýakyn dostlarynyň biri Uzatis hem
şol ýerde eken. Ol hem Skobelew ýaly slawýanparazlaryň biri
bolupdyr. Makedoniýany gozgalaňa aýaga galdyrmagyň kül-külüne düşüpdir. Munuň üçinem köp pul gerek bolupdyr. Onsoň
Uzatis Olga Nikolaýewnadan pul diläpdir. Ol bermänsoň, öldürip almagy ýüregine düwüpdir. Gije öz ýoluna barýan Olga
Nikolaýewnanyň öňünden çykyp, ony öldüripdir. Ýöne Olga
Nikolaýewnanyň ýanyndaky diri galan adamlar Uzatisi tanapdyrlar. Şol sebäpli hem Uzatis özüni atyp öldürmäge mejbur
bolupdyr.
I. A. Çansew, hamala, Skobelewiň ejesini Uzatisiň öldürendiginiň soň-soňlar bilnendigini tassyklaýar. W. W. Ýaşerow bolsa
munuň şobada bilnendigini, Uzatisiň özüni öldürmegine onuň
tanalmagynyň sebäp bolandygyny subut edýär.
Her näme-de bolsa, Skobelewe iberilen telegrammada onuň
ejesiniň, hamala, türkler tarapyndan öldürilendigi habar berlipdir. Skobelew uzak gije ses edip, gygyryp çykypdyr. Türklere
haýbat atyp, olardan ar almaga kasam edipdir.
66
Skobelewiň diňe türkleri däl, ähli türki halklary ýigrenendigi
belli zat. Onsoň Skobelewiň «Alynyň aryny Ahmetden çykaran» bolmagy, bu ýagdaýyň onuň tekelere has zalymlyk bilen
daramagyna täsir eden bolmagy mümkin.
67
- 11 Gökdepe galasyny goramakda tekeler görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk, edermenlik, mertlik görkezipdirler. Olaryň watana
wepalylygy, edermenligi, gylyç işletmäge ökdeligi barada rus
harby işgärleri haýran galmak bilen ýazypdyrlar.
Tekelerde dönüklik etmeli diýen düşünje-de bolmandyr. Olar
hatda Dykma serdaryň wagtlaýyn ruslaryň tarapyna geçmegine
hem dönüklik hökmünde garamandyrlar. Munuň beýle bolup
biljegine ynanmandyrlar. Dykma serdary diňe uruşmak islemänsoň ruslaryň arasyna geçen adam hasaplapdyrlar.
Lomakiniň birinji Ahalteke ekspedisiýasyna gatnaşyjy W. A.
Tugan-Mürze-Baranowskiý tekeleriň batyrlygy, gylyç işletmäge
ezberligi hakda gaty köp faktlary mysal getirýär. Gruzin polkunyň praporşigi Beloborodowyň üstüne topulan bir teke gylyç
bilen onuň kellesini kakyp goýberipdir. Onuň göwresi kellesi
alnandan soňam esli wagtlap ýykylman durupdyr, soňra birden
gürpüldäp gaýdypdyr.
Bir gezek alty sany dagystanly bir tekäniň daşyna geçipdir.
Ol diňe gylyjy bilen olaryň altysyny hem ýaralamaga ýetişipdir.
Knýaz Witgenşteýniň ordinaresi onuň üstüne topulanda, onuňam elini çapypdyr. Ahyry dagystanlylaryň biri ony arkasyndan
tüpeňläp öldüripdir.
Watan ugrundaky söweşlerde türkmen aýal-gyzlary hem uly
edermenlik görkezipdirler. Olar her hili kyn güne düşselerem,
ärlerine uruşmaň, duşmana boýun egiň diýmändirler. Gaýta
olar bilen deň durup söweşipdirler.
Bir topar rus soldaty geçip barýarka, olara üç gezek ok atylypdyr. Soldatlar ol ýerde birnäçe adam bardyr öýdüpdirler. Tüpeň
atylan ýeriň daşyny gabapdyrlar. Görseler bir teke gyzy pistoletine ok salyp otyrmyş, gapdalynda-da ýene iki sany pistolet
ýatyrmyş. Ony tutup naçalnigiň ýanyna getiripdirler. Naçalnik
oňa: «Gorkma, biz saňa erbet zat etmeris» diýipdir. «Serdar, men
68
hiç zatdan gorkamok, meniň bilen islän zadyňyzy edip bilersiňiz.
Ýöne, kapyrlar, siz bizden gorkuň hem heder ediň, sebäbi siziň
biriňizem biziň ýurdumyzdan diri gitmersiňiz» diýip ol gyz jogap beripdir. Bu merdana gyzy boşadyp goýbermäge mejbur
bolupdyrlar.
Bir gezek bolsa käliň içinde rus soldatlaryny tüpeňläp oturan
garry aýaly görüpdirler. Soldatlar ony şobada kerçäp taşlapdyrlar. Bir gezek bir ofiser arkasyna güýçli zarba degensoň ýalta
yzyna öwrülse, eli pilli bir kempir ikinji gezek urmaga taýýarlanyp durmuş.
Hatda çagalaram gorky-ürkini bilmän, duşmanyň üstüne
batyrlyk bilen topulypdyrlar. Tugan-Mürze-Baranowskiý dokuz
ýaşly bir teke oglanjygynyň eline ullakan pyçak alyp, Eriwan
polkunyň ofiseriniň üstüne topulanyny görendigi barada ýazýar.
Şular ýaly faktlar rus harby işgärleriniň ýatlamalarynda ýeke-ýeke sanardan kän.
Tekeleriň batyrlygy, ahlak arassalygy olary iň bir wagşyýana ýigrenç bilen ýigrenýän adamlary hem soňra hormatlamaga
mejbur edipdir. Mysal üçin, heniz tekeleri diňe Ýegenbatyr galasynyň üstünden dürbi bilen synlaýan Wereşagin şeýle ýazýar:
«Bu agyzlary ýalaňaç gylyçly adam şekilindäki ganhor ýyrtyjy
haýwanlaryň üýşmeginiň öňünde biziňkileriň toparjygy dürbüde çalaja agaryp görünýärdi». Soňra bolsa hut şol Wereşagin:
«Tekeler nähili görmegeý halk eken! Olaryň ýüz keşbi nähili gelşikli!.. Tekeler gaty akylly hem paýhasly halk eken, men olaryň
gürrüňlerini hezil edinip diňleýärdim» diýip ýazýar.
69
- 12 Synany bäri bir asyr on bir ýyly başyndan geçiren Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup, ýere siňip ýatyr.
Äpet gala — ýalňyz doganlyk mazary. Onuň ýumrulan diwarlarynyň astynda öz mukaddes topragynyň azatlygy, erkinligi
ugrunda başyny goýan müňläp merdana gojalar, ýigitler, aýal-gyzlar, çagalar ýatyr.
Gala hem ony goraýjylar barada indi bir asyrdanam gowrak wagt bäri köp gürrüňler edilip gelinýär. Bu aýylganç gyrgynçylygyň sebäpleri barada, günäkärleri barada gürrüň edildi.
Türkmen halkynyň taryhynda aýgytlaýjy etaplaryň biri bolan
Gökdepe gyrgynçylygy baradaky hakykaty öwrenmek sözüň
doly manysynda gadagan edilenem bolsa, ol hakda faktsyz her
dürli netijeler çykarmakdan çekinilip durulmady. Taryhy sud etmek derejesine barlyp ýetildi. Birleri Gökdepe gyrgynçylygy din
hadymlarynyň, han-begleriň zähmetkeş halkyň boýnuna dakan
zady diýdi, başga birleri halky basybalyjylara garşylyk görkezmek-de günälemek derejesine baryp ýetdi. Birleri ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnamak bilen tekeler uly ýalňyşlyk goýberdi,
ilatyň gyrylmagyna hut şu ýagdaý sebäp boldy diýip tassyklasa,
başga birleri teke hanlaryny, serdarlaryny iňlis emissarlarynyň
oýnawajyna öwrülen adamlar hasaplady. Birleri Ahal oazisini
Russiýanyň sostawyna parahatçylykly ýol bilen birikdirmäge
mümkinçilik bardy diýse, başga birleri şeýle mümkinçiligiň bolandygyny inkär etdi. Birleri Ahalyň basylyp alynmagyny onuň
koloniýa öwrülmegi hasap etse, ýene birleri ony türkmen halkynyň taryhynda progressiw rol oýnan waka hasaplady. Iň ahyrda
hem Ahalyň zorluk bilen basylyp alynmagyny Türkmenistanyň
Russiýa birikdirilmeginiň prosesinde, ýerli ähmiýete eýe bolan
çaknyşyk hasap edip, tutuş Türkmenistan Russiýa meýletinlik
bilen birleşdi diýip tassyklamaga barlyp ýetildi.
Gökdepe wakasy ýaly çylşyrymly, tutuş ýurduň, tutuş hal70
kyň ykbalynda aýgytlaýjy rol oýnan taryhy wakalara haýsydyr
geldi-geçer syýasy bähbitler nazaryýetinden ýa-da haýsydyr bir
aýrylykda alnan anyk mesele nazaryýetinden baha bermek nädogry bolar. Nähilidir birtaraplaýyn netije çykarmak nädogry
bolar.
Gökdepe wakalarynda din hadymlarynyň, han-begleriň uly
rol oýnandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi şol döwrüň
taryhy şertlerinde başgaça bolmagy mümkin däl ahyry. Ilaty
Gökdepe galasyna göçürip getirmekde, galada saklamakda hanlaryň, serdarlaryň zorluk ulanandygyny hem hiç kim inkär edip
bilmez. Ýöne munuň synpy bähbit aralyp däl-de, umumy halk,
watan bähbidi üçin edilendigini hem hiç kim inkär edip bilmez.
Belki, ähli ilatyň Gökdepe galasyna ýygnanmagy ýalňyşlyk
bolandyr. Ýöne bir gala jemlenen halky basybalyjylaryň uçdantutma gyrmaga haky bar diýibem hiç kim aýdyp bilmez. Munuň
özi gyrany däl-de, gyrlany günälemek ahyry. Eger şeýle nazaryýetden seretjek bolsaň, 140 müňdenem köp adamyň göz ýumup-açar salymda gyrylmagyna Hirosimanyň üstüne ilkinji atom
bombasyny taşlan amerikan imperialistleri däl-de, bir şähere
şonça bolup üýşen adamlaryň özleri günäkär bolup çykýar-da!
Ahalyň, tutuş Türkmenistanyň Russiýa parahatçylykly ýol
bilen birikdirilmek mümkinçiliginiň bolandygyny hiç kim inkär
edip bilmez. Belki, şeýle mümkinçiligiň elden giderilmegine
tekeleriň özleriniňem sebäp bolan ýerleri bardyr. Olaryň rus kerwenleriniň üstüne çozan wagtlaram bolupdyr. Teke hanlarynyň
ruslar bilen gepleşik geçirip, öz tiredeşlerine diýenlerini etdirip
bilmedik, gepleşigiň şertlerini berjaý edip bilmedik wagtlaram
bolupdyr. Ýöne aňyrdan gelen basybalyjylara sadyklyk bilen boýun egmändigi, «parahatçylyk bilen birleşmändigi», öz ýurduny,
öz azatlygyny goramak üçin garşylyk görkezendigi üçin türkmen halkyny günälemek bolarmy? Haýsy halkyň ikinji bir halky
71
onuň «meýletinlik bilen birleşmändigi» sebäpli basyp almaga,
gyrgyna bermäge haky barmyş? Basyp almaga hiç kimiň haky
ýokdur, öz azatlygyny goramak bolsa her bir halkyň mukaddes
borjudyr.
Türkmenistanyň basylyp alynmagynyň Gökdepe wakalarynyň hut yzysüre käbir progressiw netijeleriniň bolandygyny hem
hiç kim inkär edip bilmez. Türkmen halky şondan soň ençeme
obalaryň ilatynyň gulçulyga sürlüp boşap galmagyna sebäp bolan alamançylykdan dynypdyr. Ýöne, birinjiden-ä, türkmenleriň
alamançylyk bilen meşgullanandygy kimdir biriniň olaryň ýurduny basyp almaga hakynyň bardygyny aňlatmaýar. Eger şeýle
boljak bolsa, Russiýa Eýrany hem basyp almaly bolardy. Sebäbi
türkmenlerem kürtleriň, parslaryň alamanyndan olardan az ejir
çekmändirler. Ikinjiden, Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi alamançylygyň galmagyny tizleşdirdi diýilse, hakykata has
golaý bolardy.
Her bir zat taryhy şertlere laýyklykda döreýär, her bir zat taryhy şertlere laýyklykda ýitip gidýär. Alaman türkmenleriň oýlap
tapan zady däl. Gulçulyk döwrüniň galyndysy. Ol türkmenlerde
hem eýýäm möwritini geçirip barýardy. Türküstanyň, Hywanyň
ruslar tarapyndan basylyp alynmagy türkmenleri eýýäm gul bazarlaryndan mahrum edipdi. Türkmenler bolsa özleri saklamak
üçin gul, gyrnak getirmän, satmak üçin getiripdirler. Iň esasysy
bolsa alamançylygyň geografiki çäkleri daralyp gelýärdi.
Hamala, Gökdepe gyrgynçylygy ýerli ähmiýete eýe bolan
çaknyşyk bolupdyr, tutuş Türkmenistan bolsa Russiýa meýletinlik bilen birigipdir diýip tassyklaýan adamlaryň taryhy hakykaty
bilkastlaýynlyk bilen ret edýändigine ýa-da taryhdan ýekeje setir
okamandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Gökdepe galasynyň alynmagy ýerli ähmiýete eýe bolan çaknyşyk däldi. Gökdepede tutuş Türkmenistanyň, külli türkmeniň
72
ykbaly çözülipdi. Hatda Skobelew, Grodekow, Kuropatkin ýaly
diňe Ahalyň boýun egdirilmeginde däl, Russiýa imperiýasynyň
harby durmuşynda uly rol oýnan adamlar Gökdepe galasynyň
alynmagyna tutuş Türkmenistanyň boýun egdirilmegi hökmünde garapdyrlar. Munuň özi hakykatdanam şeýle bolupdy. Soňra
1884-nji ýylda Maryda bolan «geňeşiň» netijesi hem 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepede çözülipdi.
Gökdepe galasyny goraýjylar ýeňlenem bolsalar, öz ýurduny,
azatlygyny gorap saklap bilmedigem bolsalar, basybalyjylary özbaşdak bir ýurdy, özbaşdak bir halky basyp alandyklaryny ykrar
etmäge mejbur etdiler. Olar diňe alamançylyk bilen meşgullanyp,
göçüp-gonup ýören wagşy taýpalary mugyra getirmändiklerini, Türkmenistan diýen bir ýurdy basyp alandyklaryny dünýä
jar etdiler. Grodekowyň dört tomdan ybarat memuarlarynyň
«Türkmenistanda bolan uruş atlandyrylmagy» şuny subut edýär.
Onuň üç tomy 1883-nji ýylda çykypdy, ol wagtlar entek Marydaky «geňeş» bolmandy, Türkmenistan heniz Russiýa «meýletin
birikmändi». Kuropatkiniň memuarlarynyň hem «Türkmenistanyň basylyp alynmagy» diýlip atlandyrylandygy şuny subut
edýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň Eýran bilen serhediniň
Kaspiden başlap, tä Babadurmaza çenli türkmen halkynyň arkasyndan, oňa sala salynman çekilendigine, hakykat ýüzünde
munuň Türkmenistanyň territoriýasynyň iňlisleriň kömegi bilen
Russiýadyr Eýranyň arasynda paýlaşylmagyny aňladandygyna
garamazdan, bu aktyň özi şuny subut edýär. 1881-nji ýylyň 9-njy
dekabrynda Tähranda Russiýa bilen Eýranyň aralygynda Kaspi
deňzinden gündogara tarap serhet çekmek baradaky konwensiýa
gol çekilende, heniz Maryda «geňeş» bolmandy, Türkmenistan
Russiýa «meýletinlik bilen» birleşmändi.
Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup,
ýere siňip ýatyr. Bu ýerde ata watanyň azatlygy ugrunda müňläp
73
adamlar başyny goýdy. Olaryň ganynyň ýerine düşmegi üçin,
Türkmenistanyň garaşsyz, özbaşdak ýurt bolmagy üçin ýüz on
bir ýyl gerek boldy. Tebigatyň emrine çäre ýok. Ýere siňip barýan
gala wagtyň geçmegi bilen ýene çöker. Emma minnetdar nesilleriň ýüreklerinde bolsa ol gala barha beýgeler. Ýüz on ýyldan soň
HATYRA GÜNI diýlip yglan edilen 12-nji ýanwary minnetdar
nesiller hiç wagt ýatlaryndan çykarmazlar.
26.10.1991
74
Goşmaça A
Ahalteke oazisiniň obalarynyň spisogy, olaryň
arçynlarynyň atlary we obalardaky öýleriň sany
1881-nji ýyl. 14-nji aprel.
#
Obalaryň ady
Öý sany
Arçynlaryň ady
1.
2.
3.
4.
5.
6.
7.
8.
9.
10.
11.
12.
13.
Gyzylarbat
Bamy
Börme
Arçman
Sünçe
Mürçe
Bäherden
Durun
Garagan
Akdepe
Kelete-Mehin
Ýarajy
Gökdepe
1)
2)
350
150
200
200
40
20
155
60
55
150
250
300
Hudaýberdi han
Mämmetguly han
Dykma serdar
Nurmuhammet serdar
Beki
Weli ýüzbaşy
Orazmyrat ussa
Muhammetdurdy baý
Babasary
Arça serdar
Işmek baý
Aba
350
300
3)
Nowa
Ahal
Gagşal
Bürki
Ganjyk
Tilkiýaby
285
25
90
150
80
200
128
Aman atly
Hajymyrat Bagajy
Gowşak (?)
Pudak
Ata Garaba ogly
Gurban
Halsähet
Annaoraz han
Dowat han
Ataguly
14.
15.
16.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasy - 5
  • Parts
  • Gökdepe galasy - 1
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1787
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1733
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 3
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1667
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 4
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 1821
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 5
    Total number of words is 496
    Total number of unique words is 278
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.