Latin

Gökdepe galasy - 1

Total number of words is 3592
Total number of unique words is 1787
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nargylyç Hojageldiýew
GÖKDEPE
GALASY
Seniň taryhyň...
Nargylyç Hojageldiýew
GÖKDEPE GALASY
Gysgaça taryhy oçerk
TSSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi
Myrat Annanepesowyň redaksiýasy bilen.
«Çäç»
Döredijilik-önümçilik birleşigi
Aşgabat - 1991
Nargylyç Hojageldiýew, «Gökdepe galasy».
Aşgabat. «ÇÄÇ» döredijilik-önümçilik birleşigi, 1991.
Suratçy N. Berdiýew
Digital görnüşe geçiren: Garabatyr, 2010
PDF-a geçirildi: 20. Iýun 2010
10 10 1 2
- Sözbaşy Nargylyç Hojageldiýewiň bu taryhy oçerki maňa jikme-jik mälim
temadan ýazylypdyr. Bir ýüz on bir ýyl mundan ozal Gökdepede bolup geçen halk tragediýasy ýatdan çykaryp bolmajak
taryhy wakadyr. Taryhçylar bu waka dürli wagtlarda dürli hili çemeleşdiler. Sarizmiň harby ekspansiýasyny ýuwmarlajak
bolup, ýerli halkyň gahrymançylygyny peseltjek, onuň wekillerini aýyplajak, gala üstünde bolan söweşiň ähmiýetini kiçeltjek
bolup synanyşdylar. Iň soňky döwürlerde-de Ahalyň tutýan territoriýasynyň, onuň ilatynyň möçberini hasaplap, hamala, bütin
Türkmenistan bilen deňişdireniňde diňe alty-ýedi prosent bolýar,
şonuň üçinem Gökdepe tragediýasy Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginde esasy waka bolan däldir diýen ýaly metodologik
taýdan yrga tutaryga ýüz urdular. Munuň özi taryha düýbünden
nädogry çemeleşmegiň mysalydyr. Her bir halkyň taryhy ykbalyny kesgitleýän aýgytly wakalar bir günde ýa-da birnäçe günde
bolup geçýär. Mysal üçin, Russiýanyň taryhynda Kulikowo söweşi, Poltawa söweşi, Borodino söweşi we ş. m. aýgytlaýjy rol
oýnapdy. Türkmen halkynyň taryhynda-da Gökdepe galasynda
bolup geçen agyr söweşiň ähmiýetine hiç bir jähtden kembaha
garamak bolmaz.
Bu taryhy oçerkiň ady «Gökdepe galasy» bolsa-da, onda başdanaýaga Ahalyň basylyp alynmagy hakda gürrüň barýar. Onda
Gökdepe wakalary, birinji we ikinji Ahalteke ekspedisiýalary, patyşa goşunlarynyň sany we sostawy, ýarag üpjünçiligi, galany
goraýan halkyň ýagdaýy, söweşiň gidişi we elhenç ýagdaýda
tamamlanyşy, umuman, dogry we takyk beýan edilýär.
Elbetde, oçerkde käbir ýetmezçiliklerdir nätakyklyk hem gabat gelýär. Mysal üçin, gala ýykylandan soň ýesir alnan 3000
aýal-gyz galanyň daşynda däl-de, içinde Diňlidepäniň gündogar
ýüzünde daşy garawully saklanypdyr.
Galanyň gurlup başlanan wagty anyk däl. Ol 1879-njy ýy1
lyň awgustynda başlandy diýsek, onda 28-nji awgustda eýýäm
ep-esli derejede taýýardy ahyry. Belki, has irräk, ýagny 1877-nji
ýylda başlanan bolmagy ähtimaldyr.
N. Hojageldiýewiň sada, düşnükli dil bilen ýazylan bu taryhy
oçerkini okyjylar höwes bilen okarlar diýip tama edýäris.
Myrat Annanepesow,
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi.
2
-1Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup, ýere
siňip ýatyr. Onuň bir tarapy Gökdepe raýonynyň merkezi bilen
utgaşyp gidýär, bir tarapy bilen arany demir ýol liniýasy kesip
geçýär. Şäher tipli posýolok köne galanyň üstüne süýşmegini
dowam etdirýär. Onuň günorta-gündogar tarapynda gurulýan
jaýlar bilen arada diňe asfalt ýol bar. Bir wagtlar giden açyklyk
meýdanda ýeke özi seňňerläp oturan gala daş-töwereginden görer gözden gizlenip barýar. Birentek hojalyklaryň uçastoklary
galanyň diwary bilen degşip oturansoň, köp ýerlerde galanyň
diwary ýarylyp, mal ýataklary, hajathanalar galanyň içine geçirilipdir.
Galanyň demirgazyk-günbatar çüňkräginde, galanyň harabaçylygy ýaly ýere siňip gitmedigem bolsa, öňki haýbatly keşbini
ýitiren Diňlidepe egnini gysyp otyr. Türkmenistany basyp almaga gatnaşan rus harby işgärleriniň ýazgylarynda «Diňlidepe»
sözi «Gökdepe» sözi bilen tas deň derejede diýen ýaly ulanylýar,
özem «Gökdepe galasy» diýen manyda ulanylýar. Bu jähtden
«Gökdepe» hem «Diňlidepe» sözleri sinonim hökmünde gelýär.
Munuňam öz sebäbi bar. Köne Gökdepe häzirki Gökdepe galasyndan on-on iki kilo-metr demirgazyk-günbatarrakda ýerleşýär
eken. Tutuş şol etraplar hem Gökdepe atlandyrylýar eken. Şonuň üçinem Gökdepe galasy köne Gökdepeden esli aralykda
ýerleşýän Diňlidepäniň daşyndaky boş meýdanda gurlanam bolsa, ilkibatlara galanyň Diňlidepe ady ýöränem bolsa, soň-soňlar
Gökdepe galasy diýen at esasy orna geçipdir.
General Skobelewiň ekspedision otrýadynyň ştab naçalnigi
general N. I. Grodekowyň tassyklamagyna görä, Gökdepe galasy
ilki gurlaýan batlaryna dürlüçe atlandyrylypdyr. Nurberdi han
oňa Ýaňyteke diýer eken. Ilat Ýaňyşäher, parslar bolsa Täzeşäher
diýip at beripdir. Ýöne Grodekowyň bu maglumatynda göze
dürtülip duran nätakyklyk bar. Ýerli ilatyň Ýaňyşäher diýip,
3
parslaryň bolsa Täzeşäher diýmegi böwrüňi diňledýär. Grodekow parslaryň atlandyryşyny rus diline terjime edip alandyr
diýmäge hem esas ýok. Sebäbi ol Ýaňyteke, Ýaňyşäher, Täzeşäher diýen sözleriň üçüsini hem asyl nusgasynda getirýär.
Gökdepe galasy gysga wagtyň içinde, 1879 – 1880-nji ýyllarda, bary-ýogy bir ýyldan sähel gowrak wagtda gurlupdyr. Özem
şol döwürde-de galanyň gurluşygynda birnäçe gezek arakesme
bolupdyr. Ýöne gala gurlan döwründenem has az ýaşapdyr. Doly gurlup gutarylandan soň ýarym ýyla-da ýetmän, doly weýran
bolupdyr. Özem gala şeýle bir elhençlik bilen weýran edilipdir
welin, gurlaly bäri bary-ýogy ýüz on ýyl gowrak wagt geçen ägirt
uly desganyň asly keşbini göz öňüne getirmegem mümkin däl.
Elbetde, galanyň harabaçylygynyň şeýle derejä ýetmeginde
soňky birentek ýagdaýlaryň — oňa aýawsyzlyk bilen seredilmeginiň, içinde giden meýdana üzüm ekilmeginiň, köp ýerleriniň
tekizlenmeginiň, awtogaraj, benzobaza döredilmeginiň, şonuň
ýaly hem 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň — uly täsir edendigini
inkär etmek bolmaz. Ýöne aslynda gala alnaýan badyna-da gaty
weýran edilipdir. Galanyň diwarynyň esli bölegi aşagyna däri
goýlup partladylypdyr. Ol ýerden birneme günbatarrakda esli
ýeri topa tutulyp, gädik açylypdyr. Galanyň diwarlarynyň köp
ýeri bolsa onuň daşyndaky hem içindäki garymlardaky adam, at,
düýe maslyklaryny gömmek üçin olaryň üstüne ýumrulypdyr.
Bu zatlaryň hemmesi barada soňra ýeri gelende jikme-jik gürrüň
ederis.
4
-2Gökdepe galasynyň gurulmagyna patyşa Russiýasynyň 1879-njy
hem 1880 – 1881-nji ýyllarda Ahalteke oazisini basyp almak maksady bilen guran harby ekspedisiýalary sebäp bolupdyr. Geçen
asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlaryndan sarizm Ahalteke oazisine ymykly ümzük atyp ugraýar. 1874-nji ýylyň 31-nji martynda
Zakaspi bölümi tarapyndan ýörite uprawleniýe döredilip oňa
general-maýor Lomakin naçalnik bellenýär.
General Lomakin tekeler bilen gepleşikler geçirip başlaýar.
Ýöne dürli sebäplere, dürli bahanalara görä, Ahalteke oazisiniň
parahatçylyk bilen rus raýatyna geçirilmek mümkinçiligi sypdyrylýar. Günorta-günbatar hem Günorta Aziýada has düýpli
harby maksatlary göz öňünde tutýan patyşa Russiýasy iňlisleri
hem parslary öjükdirmejek bolup, Ahaly öz raýatyna birikdirmek barada galp hem alasarmyk syýasat alyp barýar. Munuň
üstesine-de polkownik Markozow tarapyndan tekeleriň talaňa
salynmagy, rus goşunlary bilen tekeleriň arasynda häli-şindi
ownuk çaknyşyklaryň bolup durmagy, öňki hoşniýetli, ynanyşykly gatnaşyklaryň düýbüni ymykly opurýar. Tekeleriň ruslara
bolan ynamy gaçýar. Olar ruslara garşy göreşmegi belli-külli
ýüreklerine düwýärler.
Patyşa Russiýasy Ahalteke oazisini ymykly eline almasa, Horasana çykyp we iňlislere garşy durup bilmejekdigine mazaly
göz ýetirýär. Şonuň üçinem, ownuk çaknyşyklar peýda bermänsoň, Ahalteke oazisini birzarba basyp almagy ýüregine düwýär.
Ýörite harby ekspedisiýa gurmak bellenilýär. 1879-njy ýylyň
23-nji ýanwarynda bu plan imperator Aleksandr II tarapyndan
tassyklanýar.
Ekspedisiýanyň öňünde Gökdepäni hem Maryny eýelemek
wezipesi goýulýar. Ekspedisiýanyň ygtyýaryna 16 1 /4 batalýon
(her biri 450 adamdan – 7.310 adam), 18 ýüzlük, 2 atly eskadron
(2900 adam) we 34 top (400 adam) berilýär. Şonça güýçden here5
ket edýän goşuna 4.000 pyýada, 2.000 atly goşun, 16 top alynýar.
Beýleki goşunlar bolsa hereket edýän goşunlar bilen olaryň bazasyny birleşdirmek üçin peýdalanylýar. Ekspedisiýanyň hajatlary
üçin 6 aýa 1.872.540 manat bölünip berlipdir. Ekspedisiýanyň
naçalnigi edilip birinji Kawkaz goşun korpusynyň komandiri,
rus-türk urşunda uly şöhrat gazanan general-adýutant Lazarew
bellenýär we Zakaspi harby bölüminiň goşunlarynyň wagtlaýyn
komanduýuşisi diýlip atlandyrylýar.
Lazarew 1879-njy ýylyň 23-nji martynda Çekişlere gelýär.
Şol wagt Dykma serdaryň ogly Akberdi han hem 1878-nji ýylyň
sentýabrynda Çatda ýesir düşen iki sany rus soldatyny ýanyna
alyp, Çekişlere baran eken.
Ol iki ýesir alynmazyndan ozalam tekeler alty sany rus soldatyny ýesir äkidipdirler. Muňa jogap edip ruslar teke kerwenini
talapdyrlar we on dört sany tekäni şol alty rus soldatynyň deregine ýesir alypdyrlar.
Ýesir alnan alty rus soldatynyň ikisi ozal goýberilipdir. Iki
sanysyny bolsa 1877-nji ýylda Gyzylarbadyň eteginde ýesir alnan
ogly bilen çalyşmak üçin bir baý ýaş dul aýal satyn alypdyr.
Ikisini bolsa Akberdi han on dört teke ýesiri bilen çalyşmak üçin
alyp gelipdir. Şeýlelik-de, Akberdi han gelende, türkmenleriň
elinde ýene şol dul aýalyň elindäki iki rus ýesiri galan eken.
Ýöne general Lazarew ol iki ýesiri özüm boşadaryn diýip,
Akberdi hany gaty gowy garşylapdyr. On dört teke ýesiriniň
on dördüsini hem boşadypdyr. Dykma serdara metal pul bilen
ýüz manat, Akberdi hana hem elli manat aýlyk belläpdir. Ol
tekeleriň gürrüňsiz boýun egmegini talap edip, Akberdi handan
Dykma serdaryň adyna şeýle hat iberipdir:
«Men, general-adýutant Lazarew, Ak Patyşa tarapyndan uly
goşun bilen sähra ýöriş geçirmek üçin bellendim. Siziň tiredeşleriňiz mundan birnäçe ýyl ozal biziň Mihaýlow aýlagynda ýer-
6
leşýän otrýadymyzyň üstüne çozuş edipdirler, geçen ýyl bolsa
olar Hojagala çozupdyrlar. Şonuň üçinem men siziň galtamanlaryňyzy mugyra getirmäge we sizde asudalygy berkarar etmäge
borçludyryn. Siziň üstüňize aç-açan barýandygymy mälim edýärin we eger siz uruşmakçy bolsaňyz, men muňa örän şatdyryn.
Ýöne gurhanda: «eger seniň duşmanyň özüňden güýçli bolsa,
onuň ygtykadyna garamazdan, gara güýç hökmünde oňa boýun
syngyn» diýlendir. Bu sözleri hem meniň maslahatlarymy teke
halkyna ýetir.
23-nji martda men Çekişlere sag-aman geldim we seniň ogluň
Akberdi hanyň şol ýerdedigini gördüm, bu meni gaty begendirdi.
Men seniň akylly-başly hereket edendigiňi we biziň beýik Ak
Patyşamyza gulluk etmegi ýürekden arzuw edýändigiňi gördüm.
Şu haty halka mälim eder ýaly, ogluňdan iberýärin. Ýadyňda
sakla, biziň tekeleriň üstüne ýörişimiz ümsümligi we asudalygy
berkarar etmekden we siziň aýdylany etmeýänleriňizi mugyra
getirmekden ybaratdyr.
Kimde-kim Ak Patyşa päk ýürekli hem yhlasly hyzmat etse,
men ony goraryn, kimde-kim meniň diýenime boýun bolmasa,
men ony ile göz edip jezalaryn. Mundan ýaňa hatyrjem bolaýyň.
Golaý wagtda men öz goşunlarym bilen siziň üstüňize ýöriş ederin. Meniň maslahatymy Ahal tekelerine aýt. Goý, olar
men öz ýerlerine baramda, boýun synyp öňümden çyksynlar.
Eger olaryň boýun synyp gelmek niýeti ýok bolsa, onda olara
duýduryp goý, soňra hiç zady menden görmesinler.
Biziň hemmämiz pygamber Adam atanyň perzentleridiris.
Biziň her birimiz öz dini ygtykatymyzy berk saklamalydyrys.
Siziň dini ygtykatyňyz bilen biziň hiç hili işimiz ýok! Gaýta biz
öz dini ygtykatyny mukaddes berjaý edýän adamlary halaýarys. Men diňe siziň zalym hem kakabaş adamlaryňyzy mugyra
getirmek üçin barýaryn.
7
Çekişlere gelenimden soň, men siziň ähli ýesirleriňizi boşatdym. Häzirki wagtda sizde biziň iki sany soldatymyz galdy. Eger
siz olary maňa gaýtaryp berseňiz gowy bolardy, eger gaýtaryp
bermeseňiz, olary meniň özüm ýeriň astyna giren bolsalaram
taparyn.
Goý, tekelerden birnäçe atly Çatda polkownigiň ýanynda
gulluk etsin. Goý, birnäçe batyr hem gujurly atly meniň bilen
bile tekeleriň üstüne gitmäge taýýar bolsun».
Ruslaryň çozmakçy bolýanyny eşiden tekeler Aşgabatda maslahat geçirýärler. General Lazarewiň Dykma serdara iberen haty
hem şol maslahatda okalýar.
Ol wagtlar Nurberdi han Maryda eken. Onuň ýerine ogly Berdimyrat han hanlyk edýär eken. Ýöne ol ýaş bolansoň,
Nurberdi hana ýakyn iki sany adam — Orazmämmet han bilen
Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edýär eken.
Aşgabatda bolan maslahat ruslary goýbermeli däl, olara garşy uruşmaly diýen karara gelýär. General Lazarewiň Dykma
serdara iberen alty ekzemplýardan ybarat hatyny bolsa mergenler hyrlylaryny oklamak üçin peýdalanypdyrlar.
8
-3Aşgabatda bolan maslahatda alty müň pyýada hem atly goşuny
Bendesende jemlemeli edilýär. Berdimyrat han Orazmämmet
handyr Gurbanmyrat işan bilen dört müň atly, iki müň hem
pyýada goşun alyp, Bendesen geçidine tarap ugraýar. Bendesene
baranlaryndan soň olar pyýada goşunlary şol ýerde galdyrýarlar.
Berdimyrat han bilen Dykma serdar bolsa dört müň atly goşuny
alyp, rus goşunlarynyň öňünden çykmak üçin Hojagala gidýär.
Tekeleriň atly goşunynyň Hojagalanyň ýolunda ruslar bilen
bolan çaknyşygy şowsuz gutarýar. Orta ýolda olara atly kazaklar duşýar. Tekeler olary uzakdan oka tutýarlar. Emma oklary
ýetmän, olara hiç zat edip bilenoklar. Ruslar bolsa uzaga atýan
ýaraglary bilen iki tekäni öldürýärler, dokuzysyny bolsa ýaralaýarlar.
Tekeler öz oklary ýeter ýaly golaý aralyga baryp bilmän, yzlaryna Bendesene gaýtmaga mejbur bolýarlar. Gaty çalt hereket
edip, şol gijäniň özünde pyýada goşuny hem alyp, Börmä çekilýärler.
Börmede ýene maslahat geçirilýär. Ahalyň ähli ilatyny Gökdepä ýygnanmaly edýärler. Hemme ýere habar berilýär. Gyzylarbat bilen Gökdepäniň aralygyndaky ilat Gökdepä göçüp başlaýar.
Gökdepä göçüp başlan ilaty penalamak üçin atly hem pyýada
goşun iki günläp Börmede saklanýar. Mundan başga-da, ilatyň
Gökdepä ýygnanmagyna maý bolar ýaly, ruslary, bolmanda, on
gün saklamak maksady bilen olaryň arasyna Dykma serdary
hem Sopy hany ibermeli edýärler.
Dykma serdar bilen Sopy han ruslar özlerini tussag eder
öýdüp köp ýaýdanýarlar. Ahyry öz tirelerini raýatyna almak
haýyşyny bahana edip, Lazarew boýnunyň ýüzüne otbaşy çykyp ölenden soň, onuň ýerine galan general Lomakiniň ýanyna
barýarlar.
Ýöne Dykma serdaryň obasy Börmäniň hem Sopy hanyň oba9
sy Gyzylarbadyň ilaty Gökdepä göçmän, guma çekilýär. Arçmanyň hem baý maşgalalary göçse-de, göçmäge gurby bolmadyk
altmyş öýli ruslara garşy uruşmak meýliniň ýokdugyny bildirip, göçmän galýar. Şolardan başga Gökdepe bilen Gyzylarbat
aralygynyň ähli ilaty Gökdepä jemlenýär.
Gökdepe bilen Gäwers aralygynyň ilaty göçmän, öz ýurdunda galýar. Ýöne bu aralygyňam uruşmaga ýaramly ähli erkek
göbeklisi Gökdepä ýygnanýar.
Mara Nurberdi hana, ähli Etek ilatyna habar ýollanýar.
Gökdepede ýene maslahat geçirilýär. Ýene ruslar bilen uruşmaly diýen karara gelinýär. Köne Gökdepe gum eteginde bolup,
suwuny sowmak aňsat bolansoň, Diňlidepäniň ýanynda berkitme gurup, iň soňky damja ganyna çenli söweşmäge uly il bolup
kasam edýärler.
Galanyň gurulmagy üçin Diňlidepäniň saýlanyp alynmagynyň birnäçe sebäpleri bolupdyr. Sekizýabyň gollarynyň birnäçesi
Diňlidepäniň golaýjagyndan geçipdir. Bardy-geldi ruslar Sekizýabyň suwuny Ýaňgalanyň ýanyndan sowaýanlarynda hem Diňlidepäniň ýanyndan süýji suwly guýular gazmak mümkin eken.
Mundan başga-da galanyň içindäki Diňlidepäniň üstünden bütin
daş-töwerege gözegçilik etmek mümkin bolupdyr.
Diňlidepäniň haçan we kim tarapyndan bina edilendigi belli
däl eken. Parslar üýşüripdir, kürtler üýşüripdir diýýänler bar
eken. Käbirleri bolsa ony ýemreliler gurupdyr diýýär eken.
Dykma serdar bilen Sopy hanyň ruslaryň arasyna knýaz
Dolgorukowyň ýanyna 1879-njy ýylyň 13-nji awgustynda baranlygyndan hasap tutsaň, Gökdepe galasynyň gurlup başlanan
wagty, aňry gitse, şol ýylyň awgustynyň birinji ongünlüginiň
aýaklaryna gabat gelýär.
Galanyň düýbüni ähli ilat ýerleşer ýaly giň tutupdyrlar we
gaty gyssagly gurupdyrlar. Galanyň gurluşygyna Berdimyrat
10
han bilen Orazmämmet han ýolbaşçylyk edipdir. Hezretguly
han bilen Öwezdurdy han bolsa olara kömekçi edilip bellenipdir.
Galany ähli ilat üýşüp gurupdyr. Uly-kiçi, aýal-erkek hemme kişi meýletin işläpdir. Galanyň dört ganaty tekeleriň dört
sany esasy tiresiniň — syçmazlaryň, wekilleriň, begleriň hem
bagşydaşaýaklaryň arasynda bölüşilipdir. Her on maşgala paý
bölünip berlipdir.
Ýöne tekeler näçe gyssagly işleselerem, 1879-njy ýylyň 28-nji
awgustyna, ruslaryň hüjüme geçen gününe çenli galany gurup
gutaryp bilmändirler. Onuň günorta ganatynyň boýy ýaryna
hem ýetirilmändir. Galanyň beýleki ganatlary hem doly bitirilmändir. Onuň içindäki öýler görnüşer oturar eken.
Tekeler ruslar galanyň günorta tarapyndan, galanyň gowşak ýerinden hüjüme geçerler öýdüpdirler. Beýle etmegi ruslara
olaryň arasynda bolan Dykma serdar hem maslahat berenmiş.
Galanyň günorta ganatynyň gurlup gutarylmanlygyndan başga,
bu tarapdan tekeleriň suwuny hem sowmak mümkin eken. Ýöne
1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda ruslar galanyň demirgazyk-günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Tekeler ruslaryň öz
gowşak tarapyny bilmeýändigine göz ýetiripdirler.
Ruslar güýçli zor salýarlar. Tekelerem güýçli garşylyk görkezýärler. Iki tarapdanam köp ýitgi çekilýär. Tekeler gepleşik
geçirmekçi bolýarlar, emma ruslar tekeler wagt utjak bolýandyrlar öýdüp, gepleşik geçirmekden ýüz dönderýärler.
28-nji awgustda bolan söweşe ruslar tarapyndan 3.024 adam
gatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol gün
olar 453 adam ýitiripdirler. Tekeler 600 berdanka olja alypdyr.
Ýöne bu ýa-ha ruslaryň ýitiren adamlarynyň sanyny azaldyp
görkezýändiklerini tassyklaýar, ýa-da diri galan rus soldatlarynyňam birenteginiň ýaragyny taşlandygyny aňladýar.
Tekeler galany gahrymançylyk bilen gorap saklamagy başa-
11
rypdyrlar. Ýöne olar gaty uly ýitgi çekipdirler. Olaryň öli hem
ýaraly hatardan çykan adamy 2.000-e ýetipdir. Spolatbog bu sany
3.000-e ýetirýär. Özem tekeler top okundan köp zyýan çekipdirler. Olar entek tüm gazyp top okundan goranmagy bilmeýän
ekenler.
Şol gün Berdimyrat hanyňam öýüniň üstüne granat düşüp,
onuň aýalyny, iki çagasyny öldüripdir. Kakasynyň dogany Gurban hanyň kellesini alypdyr. Söweşde Berdimyrat hanyň özi hem
agyr ýaralanypdyr we iki günden soň aradan çykypdyr. Ony
Diňlidepäniň ileri ýapysynda jaýlapdyrlar. Mazar häzire çenli
saklanypdyr.
Berdimyrat hanyň deregine Orazmämmet han han hem beýemçi diýlip ykrar edilýär.
Tekeler ýigrimi sekizinji awgustda özleriniň ýeňenini, ruslaryň güýçden gaçanyny bilmändirler. Olar ýene hüjüme geçer
öýdüpdirler. Giç agşam ölen adamlaryň jesetlerini ýygnap ýörkäler, köp adamlar ruslara boýun synmagy talap edipdirler.
Gije agyr ýaralanan Berdimyrat hanyň ýerine han diýlip ykrar edilen Orazmämmet hanyň öýünde maslahat bolýar. Oňa
ähli hormatly aksakgallar hem işanlar gatnaşýar. Maslahat gaty
uzaga çekýär. Uly çekeleşikden soň, ahyry Orazmämmet hanyň
hem Gurbanmyrat işanyň garşy bolmagyna garamazdan, ruslar
bilen gepleşik geçirmeli diýen karara gelipdirler. Wepadar han
bilen Polat hanyň baştutanlygynda ruslaryň üstüne wekil ibermeli edipdirler. Olara ruslardan Ýegenbatyr galasynyň ýanyndaky
kärizlere çenli yza çekilmegi, şol ýerden nähili talaplarynyň bardygyny aýtmagy haýyş etmegi tabşyrypdyrlar.
Ýöne maslahat gaty giç gutarypdyr. Şonuň üçinem wekiller
ertir daň bilen gitmeli edilipdir. Olar daňdan sagat dörtde ruslaryň lagerine barypdyrlar. Emma ol ýerden ruslary tapmandyrlar.
Sebäbi rus goşunlary bary-ýogy iki günlük azyk bilen gelensoň,
12
galany alyp bilmejegine göz ýetirip, yza çekilmegi zerur bilipdir. Olar gije sagat üçde, tekeleriň wekilleri barmazyndan bir
sagat öň giden ekenler. Tekeler ruslaryň yza çekilýändigini bilenlerinden soň gepleşik geçirmegi goýbolsun edipdirler. Diňe
ruslaryň Bama tarap çekilýändigini görüp, özleriniň ýeňendigine
göz ýetiripdirler.
Ruslar tä Bama ýetýänçä tekeler talaň maksady bilen olaryň yzyna düşüpdirler. Olara ullakan zyýan edip bilmeselerem,
iki-ýeke çykanlary, goragsyzrak kerwenleri talap, mal olja alypdyrlar.
Tekeler uly pidalar çekip gazanan ýeňşiniň hatyrasyna uly toý
tutupdyrlar, at çapdyrypdyrlar. Atlary ýeňlip giden duşmanyň
giden ugruna tarap çapdyrypdyrlar.
Rus goşunlary Börmede gyşlamagy ýüregine düwüpdir. Goş-golamlary, azyk-suwlugy getirmek üçin Bendesene 500 düýeden
ybarat kerwen iberilipdir. Ýöne birden garaşylman durka, Lomakin 8-nji sentýabrda ir bilen şol gün sagat 12-de ugramaly diýip
buýruk beripdir. Sebäbi ruslar Nurberdi han eýýäm 15 müň goşun bilen Arçmana gelipdir diýen habar alypdyrlar. Eger tekeler
Bendesen geçidini alaýsalar, ruslara yza çekilmäge-de ýol galmajagy äşgär bolupdyr. Munuň üstesine-de düýeler gyrlyp başlapdyr. Yza çekilmäge ulag tapylmazlyk howpy döräpdir. Hatda
ýaralylary äkitmek üçin jogapkär G. Sarjew munuň üçin zerur
bolan 42 düýäni hem tapyp bilmändir. Onuň dadyna Pereýaslaw dragun polkunyň diwizion komandiri polkownik Nujewskiý
ýetişipdir, ol 132 düýe berip biljekdigini mälim edipdir.
Bendesen geçidinden geçenlerinde ruslar köp maddy ýitgi
çekýärler. Diňe bir günüň dowamynda 345 düýe ölüpdir. Sülsadyň ýary ýitirilipdir. Olary çapyp, zaýalap taşlapdyrlar. 17
gapyrjak oky gömüpdirler. Soň olary düýekeşlerden eşidip, tekeler tapyp alypdyr. Garaz, ruslar aç-suwsuz, ulagsyz, weýran
13
halda zordan Bendesene özlerini atypdyrlar.
Ýöne ruslaryň Bendesende-de uzak saklanyp bilmejekdiklerine gözleri ýetipdir. Şonuň üçinem olar ýene Tersakana tarap
yza çekilipdirler. Eýýäm 16-njy sentýabrda şol ýere barypdyrlar.
Tersakanda Zakaspi harby bölüminiň goşunlarynyň wagtlaýyn
komanduýuşisi edilip general Tergukasowyň bellenendigi barada buýruk alynýar.
Rus goşunlary Tersakanda hem gaty agyr ýagdaýa düşüpdir. Azyk, ulag, keselhana ýetmändir. Düýeler gyrlyp, müňläp
maslyk aňkap, dem alar ýaly bolmandyr. General Tergukasow
Tersakanda-da saklanyp bilmejekdigine göz ýetiripdir. Ol Çekişlere yza çekilipdir. Goşunlarynyň köpüsini günbatar kenara
geçiripdir. Täze ekspedisiýa güýçli taýýarlyk görüp başlapdyr.
Ruslar dagdan aňryk geçensoň, Orazmämmet han ýene maslahat çagyrýar. Ruslar indi dolanyp gelmez diýip, Bama çenli
ähli ilatyň öz obalaryna göçüp barmagyna rugsat berýärler. Diňlidepede diňe birnäçe baý maşgala galýar.
14
-4Ruslar Diňlidepäniň üstüne hüjüm edenlerinde, aýagy çykyp,
ýaraman ýatan Nurberdi han hem gutulyp, sentýabrda Ahala
gelipdir. Ony ýene han belläpdirler. Nurberdi han Yzgantda
mekan tutupdyr, şol ýerde uly ýygnak geçiripdir. Ýygnakda
Diňlidepedäki galany gurup gutarmaly edipdirler. Togtamyşdan hem Utamyşdan müň maşgalany hanyň ýanyna göçürip
getirmeli, müň sany perraç ýygnap, hanyň ygtyýaryna bermeli
edipdirler. Perraçlary eklemek üçin, hana ilata salgyt salmaga
rugsat berlipdir.
Perraçlar tekeleriň her tiresinden 200 – 300 atlydan toplanypdyr we olara syçmazdan Öwezdurdy han, begden Orazmämmet
han, wekilden Myrat han, bagşydaşaýakdan hem Hezretguly
han ýolbaşçylyk edipdir. Olara Ahalyň serhetlerini goramak,
polisiýa hem awangard gullugyny berjaý etmek tabşyrylypdyr.
Galany gurup gutarmaly diýen karara gelinse-de, gyş ugurly
işlenmändir. Ýaz ýene gyssagly işe başlanypdyr.
Nurberdi han gyş ýene syrkawlapdyr. Syrkawka-da 1880-nji ýylyň martynyň ahyrynda Diňlidepä göçüp barýar. Apreliň
28-nde hem şol ýerde aradan çykýar. Rus harby işgärleriniň
ýatlamalarynda hemme ýerde Nurberdi hanyň ölümi hakda şu
wersiýa gaýtalanýar. Hemme ýerde onuň syrkawlap, öz ajalyna
ölendigi tassyklanýar. Emma S. Öwezbaýewiň «Gönübek» makalasynda şol wakalara gatnaşan türkmeniň dilinden Nurberdi
hanyň duşmanlar tarapyndan hile bilen öldürilendigi gürrüň
berilýär.
Nurberdi han ölenden dört gün soň, onuň ogly Magtymguly
han ähli Ahalyň hany diýlip yglan edilipdir. Han bellenende
Magtymguly han ýaş eken. Ol şol wagta çenli hiç wagt urşa,
alamana gatnaşyp görmändir. Ylym öwrenipdir. Orazmämmet
han oňa wezir bellenipdir. Gurbanmyrat işan bolsa tutuş Ahalyň
kazysy edilip bellenipdir.
15
Surat 5.1: Magtymguly han
16
Britan agenti Apbas han Magtymguly hany han bellenmegi
bilen gutlap, Maşatdan hat iberipdir. Iňlisleriň tekelere kömek
berjekdigine ynandyrypdyr. Goçant hem Daraýygez ilhanylary-da tekelere goranmagy maslahat beripdirler.
Gürrüňimiz bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmasa-da, şu
ýerde gepiň gerdişine bir zady belläp geçmegimiz gerek. Şu çaka
çenli iňlisleriň Gökdepe urşunda oýnan roly birtaraplaýyn çişirilip gelindi. Hamala, tekeleriň uruşmagyna esasy sebäp bolan zat
iňlisleriň olary ruslara garşy öjükdirmeginden ybaratmyş. Hakykatda bolsa, iýul aýynda tekeleriň Maşada baran wekillerinden
Apbas hanyň Magtymguly hana sowgat hökmünde dürbi bilen
rewolwer iberendigini hasap etmeseň, tekeler iňlislerden jinnek
ýaly hem harby kömek almandyrlar. Äýrandanam suwytly alnan
zat ýok. Gurşun, peşeň, iki gezek hem däri satyn alypdyrlar.
Öz topragyny goramaga gezek gelende türkmenler hiç kimiň
öjükdirmegine mätäç bolmandyrlar. Onsoňam taryhy faktlar
tekeleriň iňlislere-de, parslara-da janlaryny ynanmandyklaryna
şaýatlyk edýär. Bu babatdan olaryň «Daily News» gazetiniň habarçysy O’ Donowana bolan garaýşyna salgylanmak ýeterlikdir.
Köp taryhçylaryň işlerinde, ýazyjylaryň çeper eserlerinde
O’Donowanyň esasy maksady tekeleri ruslara garşy öjükdirmekden ybarat bolan ýaly edilip görkezilýär. Hakykatda bolsa
ol, ozaly bilen, öz žurnalistlik käriniň bähbitlerinden ugur alan
adam. Ol Ahalteke ekspedisiýasyna gatnaşmak, wakalary gözi
bilen görmek isläpdir. Onda-da ilki ruslaryň arasynda bolup
görmek isläpdir. Ekspedisiýa gatnaşdyrylmagyny haýyş edip
ruslara ýüz tutupdyr. Ýöne Skobelew ekspedisiýa iňlis habarçylarynyň-a däl, rus habarçylarynyňam gatnaşmagyny gadagan
edipdir. O’Donowanyň haýyşy kanagatlandyrylmandyr.
Diňe şundan soň O’Donowan tekelere ýüz tutmaga mejbur
bolupdyr. Tekeler gala goýberer diýen umyt bilen Bagyra gelip-
17
dir. Ýörite hat ýazyp, Magtymguly handan gala goýberilmegini
sorapdyr. Emma tekeler dürli bahana bilen rus içalylarynyň gala
aralaşmagyndan gaty gorkupdyrlar. O’Donowan hem iňlis habarçysynyň donuna giren rus içalysy bolaýmasyn diýip gorkan
maslahat ony gala goýbermeli däl diýen karara gelipdir.
Taryhy faktlar türkmenleriň ýeňilmeginiň esasy sebäpleriniň
biriniň olaryň dünýäden üzňe galandygyndan, hiç kimden kömek bolmanlygyndan ybaratdygyny tassyklaýar. Eger tekeler
iňlislerden ýarag kömegini alan bolsadylar, eger olar ruslara garşy diňe sowuk ýarag bilen uruşmaly bolmadyk bolsadylar, belki,
ruslara galany almak başartmazdy. Gökdepe urşunda ýaragyň
ýeňendigi hemme kişä belli zat.
General Tergukasow 1879-njy ýylyň noýabrynda Ahaly almagyň planyny düzüpdir. Ol kem-kemden öňe süýşmegi, her bir
eýelän punktunda berkitme gurmagy nazarda tutupdyr. Tergukasowyň plany boýunça tutuş Ahalteke oazisini eýelemek üçin
dört ýyl wagt, 40.000.000 manat hem pul gerek bolupdyr.
Tergukasowyň bu plany kabul edilmändir. Oazisi eýelemek
üçin dört ýyl wagt sarp etmegi uzak görüpdirler. Oňa çenli
tekeler uruşmagy öwrenerler, Ahal ikinji Kawkaza öwrüler diýip
gorkupdyrlar.
Tergukasow ýaraman, 1879-njy ýylyň dekabrynda özüniň
komanduýuşilik wezipesinden boşadylmagyny haýyş edipdir.
Onuň ýerine 21-nji pyýada goşun diwiziýasynyň brigada komandiri general Murawew wagtlaýyn komanduýuşiý bellenipdir.
Kawkaz naçalnikleri ekspedisiýany geçirmegi rus-türk urşunda tapawutlanan şol ýerli generallaryň birine tabşyrmagy
maslahat beripdirler. Emma hökmürowan imperator Orta Aziýadaky uruş bilen praktiki taýdan tanyş bolan general Skobelewi
ekspedision otrýada naçalnik edip bellemegi Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisine tabşyrypdyr.
18
1880-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda general Skobelew imperator Aleksandr II bilen uzak wagtlap gürrüňdeş bolupdyr. Patyşa
ekspedisiýa üçin goşunyň hem pul çykdajylarynyň çäkli bolmalydygyny aýdypdyr. «Häzirki döwürde Russiýanyň bu zatlary
çäksiz harçlap bilmejekdigini ýatda saklamak gerek. Ýöne goşun
sözüň giň manysynda ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmelidir»
diýipdir. Ol 1879-njy ýylda hem goşunda artykmaç adamlaryň
köp bolandygyny belläpdir.
Harby ministr graf Milýutin general Skobelewe otrýadyň
sostawyny kesgitlemegi, goşunlary jemlemegi, ekspedisiýany
tiz wagtda geçirip boljakdygy-bolmajakdygy barada oýlanmagy,
ekspedisiýany demir ýolsuz geçirmegiň mümkindigini ýa-da
mümkin däldigini aýdyňlaşdyrmagy teklip edipdir.
1880-nji ýylyň ýanwarynyň ikinji ýarymyndan Skobelew baş
ştabyň ekspedisiýany guramak baradaky maslahatlaryna gatnaşyp başlaýar. Dürli pikirler orta atylýar. Köp adamlar demir
ýolsuz hiç zadyň mümkin däldigini tassyklaýarlar. Skobelew
ekspedisiýanyň şowly gutarmagyny diňe demir ýol bilen baglanyşdyrmagy ýalňyş hasaplaýar. Ol demir ýola käbir beýleki
serişdeler ýaly ikinji derejeli zat hökmünde garapdyr. Esasan
düýä daýanmagy dogry hasap edipdir.
Goşuny düýe bilen üpjün etmek üçin 13 müň düýe gerek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasy - 2
  • Parts
  • Gökdepe galasy - 1
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1787
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1733
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 3
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1667
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 4
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 1821
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 5
    Total number of words is 496
    Total number of unique words is 278
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.