Latin

Gökdepe galasy - 2

Total number of words is 3544
Total number of unique words is 1733
28.3 of words are in the 2000 most common words
39.9 of words are in the 5000 most common words
47.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolupdyr. Düýeleriň ölüm-ýitimini nazarda tutsaň, ätiýaç üçin
ýene 10 müň düýe gerek bolupdyr.
Ýöne munça düýäni tapmak aňsat däl eken. Şonuň üçinem
Skobelew şu wagtdan, heniz Maňgyşlakdaky çarwalar gyş ýurdunda otyrkalar düýe toplamagyň ugruna çykmagy teklip edipdir. Çarwalar göçüp başlansoň düýe tapmagyň gaty kyn boljagyny, gaty köp wagt talap etjekdigini aýdypdyr. Ol 1880-nji ýylyň
17-nji ýanwarynda general-leýtenant Obruçewe ýazan hatynda
eger düýeler wagtynda tapylmasa, 1881-nji ýylyň güýzünde te-
19
kelere zarba urmak hakda pikir etmegiňem mümkin däldigini
nygtapdyr.
Düýe tapmak meselesi, hakykatdanam, gaty kyn bolýar. Ýomutlaryň Etrekden aňry geçmegi sebäpli, zerur mukdarda düýe
toplamak başa barmaýar. Düýäni Orenburgdan hem Galmykystandan gözlemek meselesi ýüze çykýar.
Bu ýagdaý demir ýol gurmak zerurlygyny görkezýär. Gyzylarbada çenli demir ýol çekmek dogry bilinýär. Bu aralyga iki
aýyň dowamynda demir ýol çekmek bolar diýip hasap edýärler.
Skobelew goşuny keçe bilen üpjün etmek, öý bilen üpjün
etmek barada hem düýe hakda alada edişinden pes alada etmändir. Ol azyk zapasyny toplamak barada hem köp çäreler görýär.
Gökdepe galasyna hüjüme başlamazdan ozal, iň bärkisi 1881-nji
ýylyň birinji iýulyna çenli ýeter ýaly azyk jemlemegi wezipe edip
goýýar.
Ekspedisiýanyň ugrajak başlangyç punktunyň Mihaýlowsk
aýlagy bolmagy, goşuny agyz suwy bilen üpjün etmek zerurlygyny döredýär. Munuň üçin her gije-gündizde azyndan 10.000
bedre suw berip biljek opresnitel gurmak gerek bolupdyr.
Ahal oazisini basyp almagyň başga-da dürli ýollary teklip
edilipdir. Şol teklipleriň birinde Ahal tekelerini iki tarapdan —
Gyzylarbat hem Mary tarapdan gysaja almak nazarda tutulypdyr. Munuň üçin Türküstan hem Orenburg harby okruglary bile
hereket etmeli bolupdyr.
General-maýor Meýer bolsa Buhara hem Hywa hanlygynyň
üsti bilen ilki Mary syndyrylsa, Ahal tekeleri alaçsyz galar diýen
pikiri öňe sürüpdir. Muny ol iň arzan düşjek wariant diýip düşündiripdir. Eger Kaspi tarapyndan hüjüm edilende 20 million
manat harçlamak gerek bolsa, Meýeriň warianty bary-ýogy 7
million manada düşjekmiş.
General-maýor Gluhowskiý hem ahally tekeleriň üstüne iki
20
tarapdan — Kaspiniň hem Marynyň üsti bilen hüjüm etmegiň
tarapdary bolupdyr. General-maýor graf Borh bolsa Etrek hem
Krasnowodsk tarapdan hüjüm edip, Bamyda birleşmeli hem şol
ýerde ornaşmaly diýen teklibi orta atypdyr. Ýöne bu plany amala
aşyrmak üçin demir ýol gurulmagy zerur bolupdyr. Bu plany
amala aşyrmak üçin diňe azyk bilen demir ýoluň gurluşygyna
1880-nji ýylda 10 – 13 million manat harç etmeli eken.
Bu teklipleriň käbiri soňra nazarda tutulypdyr.
Orta atylan köp teklipleriň arasynda Gyzylarbatda berkişip,
ol ýere Krasnowodskden demir ýol çekmeli diýen pikiriň üstünde durulýar. Skobelew Gyzylarbady, hatda Goçy, Zawy, Gyzylçeşmäni, Bamyny eýelemezden demir ýol gurup bolmajakdygy
hakdaky pikir bilen ylalaşypdyr. Ýöne ekspedisiýanyň Gyzylarbadyň alynmagy bilen çäklendirilmegine, soňra demir ýol
gurulýança garaşylmagyna düýbünden garşy çykypdyr. Ol eger
ruslar Gyzylarbatda berkişseler, tekeleriň hökman hüjüme geçjekdigini, olar yza serpikdirilenden soň bolsa, urşuň kanunyna
görä, ýeňlen duşmanyň yzyna düşüp, ol nirä gitse, şol ýere, ýagny Gökdepä gitmeli boljakdygyny öňünden görüpdir. Ruslar
demir ýol gurmak bilen meşgullanyp, hereketsiz ýatsalar, tekeler
olaryň tylynda partizançylyk urşuny ýaýbaňlandyrarlar, bu bolsa Orta Aziýanyň şertlerinde düýbünden ýol berilmesiz zatdyr
diýipdir.
Skobelew goşunlaryny top bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns beripdir. Ol Orta Aziýa halklarynyň topa nähili garaýandyklaryna belet eken. «Orta Aziýada gan dökmezden ýeňiş
gazanmak toplaryň sanyna gös-göni proporsionaldyr» diýip, birsyhly nygtaýar eken. Şonuň üçinem ol Gökdepäniň eteginde her
müň goşunyna 10 – 12 top hasabyndan, azyndan 80 – 100 top
jemlemegi maksat edinipdir we bu maksadyna doly ýetipdir.
Skobelew toplardan peýdalanmagyň ýollaryny hem inçeden
21
öwrenipdir. Ol 1880-nji ýylyň 21-nji aprelinde 3-nji gwardiýa
grenader artilleriýa brigadasynyň komandiri M. A. Zinowewe
ýazan hatynda teke berkitmelerine garşy artilleriýany nähili peýdalanyp boljakdygy hakda sorapdyr. Zinowew şol ýylyň 8-nji
maýynda Warşawadan iberen jogabynda nähili toplary, nähili granatlary, nähili merdiwanlary ulanmalydygy barada anyk
çyzgylar, hasaplamalar getirip jogap beripdir.
Gökdepe galasy gabalanda toplary peýdalanmagyň dürli
ýollaryny ulanypdyrlar. Mysal üçin, galadaky öýler gaty güri
dikilensoň, olara top oky kän täsir etmändir. Şonuň üçinem
piroksilin raketalary, kerosinli granatlary ulanypdyrlar.
Gepiň gysgasy, Lomakiniň ekspedisiýasynyň şowsuz gutarmagynyň düýp sebäbi oňa ýeterlik taýýarlyk görülmändigi hasaplanypdyr we Skobelew bu ýalňyşy gaýtalamazlyk üçin, iňňän
uly taýýarlyk görüpdir. Goşuny uzak wagta ýeter ýaly azyk,
ok-ýarag bilen üpjün etmek barada, mallar üçin bol ot-iým taýýarlamak barada ähli zerur çäreleri görüpdir.
22
-5Tekeler täze ekspedisiýanyň guralýandygyny, oňa hem general
Skobelewiň naçalnik bellenendigini 1880-nji ýylyň aprelinde,
heniz Skobelew Türkmenistana gelmänkä eşidipdirler. Bu barada
tekelere gökleň Kertik molla habar beripdir.
Ol wagtlar Nurberdi han diri eken. Onuň wekilleri Wepadar han, Aman atalyk han, Polat han dagy hem Büjnürtde eken.
Olaram özlerine mälim bolan zatlary habar beripdirler. General
Skobelewiň ýaşdygyny, köp uruşlara gatnaşandygyny, Kokand
hanyny boýun egdirendigini, oýun eder ýaly adam däldigini
aýdypdyrlar.
Bu habary eşiden Nurberdi han Yzgantda maslahat çagyrypdyr. Ähli ilaty Gökdepä ýygnamaly edipdirler. Nurberdi han bu
işi Dykma serdar bilen Gurbanmyrat işana tabşyrypdyr. Gala
göçmäge göwnemeýänleri gyrmak üçin olaryň ygtyýaryna müň
atly perraç beripdir. Ýöne gala göçmäge garşy adam bolmandyr.
Diňe Diňlidepäni goramaly edipdirler. Ony doly gurup gutarmak işine girişilipdir.
Nurberdi han kömek sorap, marylylara çapar ýollapdyr. Aprelde Marydan 4.000 atly Tejene tarap ugrapdyr Saryklaram kömek bermek üçin atlanypdyrlar. Ýöne Nurberdi hanyň aradan
çykmagy bilen köp zatlar üýtgeýär. Tejende jemlenen marylylar
hem ýollaryny üýtgedýärler. Olaryň bir bölegi Horasanyň Jam
okrugyna, bir bölegi bolsa Gökgala alamançylyga gidýär.
1880-nji ýylyň 7-nji maýynda Skobelew Çekişlere gelipdir.
Şol wagtlar Zakaspide 25 rota, 8 ýüzlük, 8 sany at goşulan top,
10 sany at goşulmadyk top bilen bir komanda, jemi 4370 adam,
1786 ýaby (1439-sy goşun hataryndaky, 347-si hem ýükçi ýaby)
bar eken. Bu Tergukasow döwründäkiden has az eken.
Skobelew geleninden beýläk goşunlary ok-ýarag, azyk-suwluk bilen üpjün etmek barada uly işler geçirýär. Şonuň bilen bir
wagtda hem ol oazisi öwrenmek maksady bilen barlag ýörişleri23
ni gurap durupdyr. Kem-kemden öňe süýşmek bilen bolupdyr.
Özem baran ýerlerinde obalary, ekin meýdanlaryny weýran etmegi, ýakmagy buýrupdyr. Netijede Bamy bilen Gökdepe aralygyndaky ähli obalar weýran edilip, ähli ekinler otdan geçirilipdir.
Bamydan günbatardaky orulmadyk ekinleri bolsa rus goşunlary
orup, azyk zapaslarynyň üstüni doldurypdyrlar.
Ruslar 1880-nji ýylyň sentýabrynda Gyzylarbady almagy göz
öňünde tutupdyrlar. 1881-nji ýylyň martyna çenli beýleki güýçleri hem Gyzylarbada jemlemeli eken. 1881-nji ýylyň aprelinde
Börmäni, sentýabrda hem Duruny almaly, diňe şondan soň aňyrlygyna Gökdepä gitmeli eken. Emma Skobelew bu plana eýerjek
bolup durmandyr. Çaltlyk bilen öňe süýşüpdir. Eýýäm 1880-nji
ýylyň 31-nji maýynda Bendesene gelip ornaşypdyr.
Goçda ruslar ekin saklaýan ýaşulyny ýesir alypdyrlar. Ol Gyzylarbadyň, Goçuň, Zawyň, Gyzylçeşmäniň, Bamynyň ilatynyň
ruslaryň çozjagyny eşidip, bir aý mundan ozal göçüp gidendiklerini aýdypdyr.
Skobelew Hojagaladan Bendeseniň üsti bilen artilleriýa üçin
ýalňyz gowy ýoluň bardygy üçin Bamyny eýelemegi ýüregine
düwüpdir. Bamynyň eýelenmegi bilen oazis iki bölege bölünipdir we uruşýan ýerli ilat galla oragy bilen meşgullanmakdan
mahrum bolupdyr. Munuň üstesine hem Bamy Gökdepe galasyna Gyzylarbada garanda 50 wýorst golaý bolupdyr. Bamyda
rus goşunlarynyň öz tylyny tekelerden goramagy üçinem gowy
şertler bar eken.
Skobelew Türkmenistana gelenden soň 34-nji günde Bamy
eýelenipdir. Şeýlelikde onuň goşunlarynyň öň hatarlary Gökdepäniň 112 wýorst golaýyna gelip, hut şol «günüň ertesi tekeleriň
taşlap giden ak ekinlerini arkaýyn ýygnamaga başlapdyrlar. Bu
bolsa goşunlaryň azyk üpjünçiligini gowulandyrypdyr. Skobelew Namangandaky tejribesine daýanyp, zapas çörek bişirdip
24
başlapdyr.
Ruslar Bamyny eýeländen soň, Diňlidepede maslahat geçirilipdir. Köp adamlar ilatyň guma tarap çekilmegine rugsat berilmegini talap edipdirler. Parahatçylyk islänler bolupdyr. Ýöne
gepe çeper Gurbanmyrat işan, Rahmanberdi işan1 , Magtymguly
han dagy öz diýenlerini etdiripdirler. 1879-njy ýyldaky ýeňişlerine salgylanyp, galany alyp bolmajakdygyny tassyklapdyrlar.
Galada galmagy, uruşmagy gazanypdyrlar. Gökdepe galasy şol
wagtlaram doly gurlup gutarylman eken. Ýöne onuň gurluşygy
gaty gyssagly dowam etdirilipdir.
Skobelew goşunyň hereketsiz ýatmagyny ýol bermesiz zat hasap edipdir. Ýene öňe süýşmegini dowam etdiripdir. Ol 1880-nji
ýylyň 1-nji iýulynda ýanyna 800 atly, 10 top, 8 raketa stanogyny
alyp, Gökdepäni barlap görmek üçin ýörişe çykypdyr. Börmede,
Arçmanda bolupdyr. 5-nji iýulda bolsa Gökdepe galasyndan 12
wýorstlikde ýerleşýän Ýegenbatyr galasyny eýeläpdir. Maýor A.
Wereşagini ýanynyň 70 adamy bilen bu ýerde galdyrypdyr. Oňa
galany goranmaga taýýar etmegi tabşyrypdyr. Özi bolsa beýleki
goşunlary bilen Gökdepäni barlamaga gidipdir.
Tekeler Skobelewiň öňünden köp atly hem pyýada goşun
çykarsalaram, olara zeper ýetirip bilmändirler. Skobelew gije
sagat dördüň ýarynda Sekizýaba Ýaňgalanyň alkymyna gelipdir.
Sagat dörtde Diňlidepäni topa tutup başlapdyr.
Toply, uzaga atýan kämil ýaragly goşun bilen tekeleriň güýji
deň gelmändir. Pyýada goşun hem, atly goşun hem ruslaryň ok
ýeterine baryp bilmändir. Ruslar nirä gitseler, uzak aralykdan
olaryň yzyna düşüp ýörmekden başga çäre tapmandyr. Skobelew ýitgi çekmän diýen ýaly agşam ýene Ýegenbatyr galasyna
dolanyp gelipdir.
1
Grodekow hem, Spolatbog hem şeýle ýazýar. Ýöne Kerimberdi işan
bolsun gerek — awt.
25
Durun bilen Ýegenbatyr galasynyň aralygynda başga goşun
ýokdugyna göz ýetiren Dykma serdar 6-njy iýulda gije ruslaryň
üstüne çozmakçy bolupdyr. Tekeler rus goşunlarynyň tylyna
aýlanypdyrlar. Garrykäriz galany eýeläpdirler. Ruslaryň yza
çekiljek ýoluny kesmek üçin, Dykma serdar Gulbatyr serdary
600 atly bilen ugradypdyr.
Dykma serdar eýelejek punktlaryny eýeländen soň, gala habar beripdir. Pyýada goşuny iki kolonna edip sürmegi buýrupdyr. Bir kolonna Öwezdurdy serdaryň baştutanlygynda gum
tarapdan, ikinji kolonna Nurmämmet serdaryň ýolbaşçylygynda
dag tarapdan hereket edipdir. Gum tarapdan gelýänler barmaly
ýerine öz wagtynda barypdyr. Dag tarapdan gelýänler bolsa
ruslaryň saklawyna uçrap, aňryk hereket edip bilmändirler.
Onsoň Dykma serdar öz atlylary hem Öwezdurdy serdaryň
pyýada goşuny bilen rus goşunlarynyň elli ädim golaýyna barýar. Ýöne dag tarapdan gelmeliler-ä gelenok, gum tarapdan
gelenleriňem köpüsi gorkup yzyna gaýdýar. Rus lageri şeýle
ümsümlik bolansoň, Dykma serdar hem çozmaga ýürek edip bilmeýär. Aslynda-da Diňlidepedäki hanlar güýçlerini ýitirmejek
bolup, bary-ýogy 2.000 pyýada goşun iberen ekenler.
Şol gije tekeler hüjüm eder öýdüp, ruslar hem biçak gorkupdyrlar. Maýor Wereşagin tekeleriň duýdansyz çozmagynyň
öňüni almak üçin, giden meýdanyň baglaryny çapdyryp, galanyň daş-töweregini ýalazy meýdan edip goýupdyr. Soldatlara
seslerini çykarman, hüjüme garaşmak buýrulypdyr.
Soň Dykma serdar özleriniň gaty golaý barandygyny, ýöne
rus goşunlarynyň şeýle ümsümliginden heder edip, dökülip
bilmändiklerini, eger şol wagtlar ruslar tarapyndan ýekeje tüpeň
sesi eşidiläýse, gürrüňsiz çozjak ekendiklerini gürrüň berenmiş.
Eger şol gije tekeler köpçülikleýin dökülen bolsalar, olaryň az
sanly rus goşunlaryny mynjyradyp taşlaýmagy mümkin eken.
26
Surat 6.1: Dykma serdar
27
Rus goşunlarynyň Ýegenbatyr galasyny eýelän güni Gökdepä Marydan Berkeli hanyň baştutanlygynda 800 atly gelipdir.
Saryklardanam Legank hanyň ýolbaşçylygynda 150 atly gelipdir.
Olar hem söweşe gatnaşypdyrlar.
6-njy iýulda tekeler kän zyýan çekmändirler. Öli hem ýaraly
45 adam ýitiripdirler. Marydan gelenler 5, saryklar hem 2 adam
ýitiripdirler. Ýöne 7-nji iýulda Arçmana tarap yza çekilýän rus
goşunlaryny yzarlanlarynda türkmenler 200-e çenli adam ýitiripdir. Ahalyň belli adamlaryndan bäherdenli Hudaýýar han,
börmeli Allanur bilen Nefes-Karabelah2 , Marydan gelen Berkeli
han ölüpdir.
2
Grodbkow şeýle ýazýar. Belki, Nepes Garabally ýa-da Nepes Garabeladyr.
Nepes Garabalak bolmagam mümkin — awt.
28
-6Gökdepe galasynyň gurluşygy diňe Skobelewiň 6-njy iýuldaky
çozuşynyň öň ýanynda doly gutarylypdyr. Gökdepe galasyny
öwrenmek üçin ruslar telim gezek barlag geçirip, galanyň planyny telim gezek çekipdirler. Ýesirlikden gaçan rus soldaty Petiniň
maglumatlary esasynda galanyň içiniňem takmyny planyny çekipdirler. Ýöne galanyň instrumental takyk ölçegi 1881-nji ýylda
geçirilipdir.
Grodekow «Türkmenistanda bolan uruş» diýen kitabynda
gala hakda iki ýerde maglumat berýär. Ol ilki göz çeni bilen
geçirilen ölçeglere salgylanyp şeýle ýazýar:
«Aýgytly hüjüme geçiljek döwre çenli biziň duşman galasy
hakdaky maglumatlarymyz , şunuň ýalydy.
Diňlidepe daşyna diwar çekilen dörtburçlukdan ybarat. Onuň
taraplarynyň uzynlygy: ab 366 sajen1 , cd 294 sajen, bd bilen ac-iň
her haýsy 600 sažen. Ac-den beýleki taraplaryň hemmesi göni
çyzyk formasynda bolup, diňe ac-iň ortasy galanyň içine halka
şekilinde çala egrelipdir.
1879-njy ýylda diňe cd ganaty burçundan başlap suwly ýaba
çenli gurlupdyr; burçuň golaýynda açyk giňişlik bar; tutuş diwar
köne eken, käbir ýerleri ýykylypdyr; galanyň iç ýüzünde garym
ýok.
1879 – 1880-nji ýyllaryň gyşynda Diňlidepede hiç kim ýaşamandyr.
1880-nji ýylyň maýynda biz Bamyny eýelemek üçin Duzlyolumdan çykyp ugranymyzda tutuş oazisiň ilaty Diňlidepä
ýygnanypdyr we iýul aýyna çenli berkitme gurlup gutarylypdyr,
diwarlary bolsa çyzgyda görkezilen derejä ýetirilipdir.
Galanyň diwarlary 2 sažene çenli beýiklikdäki üýşürilen gumdan ybarat; onuň galyňlygy düýbünde 5 sažene çenli, ýokarsyn1
Sažen – 3 arçyn ýa-da 2,13 metr.
29
da 2,5 sažene ýetýär. Üýşürilen gumuň daşyna toýun pagsa
geýdirilipdir. Diwaryň üstünde onuň iki erňegindenem beýikligi 2 arçyn2 palçyk diwarjyk galdyrylypdyr, daşky diwarjygyň
galyňlygy 1,25 arçyn, içki diwarjygyňky 1 arçyn. Daşky diwarjykda her arçyn ýarymdan tüpeň atmak üçin 3 werşokdan3 ybarat
gözara ýasalypdyr. Diwaryň iç ýüzünde ýokary çykmak üçin
gaty ýygy-ýygydan basgançak ýasalypdyr, özem ol ýapgyt basgançaklar bir adam geçer ýaly edilip ýasalypdyr. Galanyň daş
ýüzündäki garym tutuş diwarlaryň daşyna aýlanýar. Garymyň
çuňlugy hemme ýerde deň däl. A burçunda hem umuman ac
we cd taraplarynda 2 sažene ýetýär, ab tarapynda, aýratynam b
burçuna golaý ýerlerde 1 sažene ýetýär, bc tarapynda bolsa 1-den
2 sažene çenli ýetýär. Garymyň ýokary erňekleriniň giňligi 2 –
2,5 sažen. Garymyň içki hem daşky raýyşlary kert. Garymyň raýyşlary ýykylmaz ýaly basgançak ýa-da aýmança ýasalmandyr,
diwaryň hem daşky garymyň raýyşy çala eňňit bolup gidýär.
Galanyň iç ýüzündäki garymyň giňligi 7 sažen, çuňlugy bolsa
1 saženden 2 sažene çenli. Içki garym galanyň diwarlaryny bejermek, galňatmak hem beýgeltmek üçin 1880-nji ýylyň baharynda
gazylypdyr.
Galanyň 9 çykalgasy bar. Olaryň giňligi köplenç ýerde 2
saženden 2,5 sažene çenli. Çykalgalaryň garşysynda garymyň
daşky erňeginden alty ädimlikde 1 arçyn galyňlykda, 3 arçyn
beýiklikde, uzynlygy çykalganyň giňliginden has artygrak palçyk diwar bar. Çykalgalaryň derwezesi ýok. Garymyň üstünde
köpri gurulmandyr, diňe her çykalganyň garşysynda 1,5-den
2 arçyna çenli inlilikde böwet goýlupdyr, diňe çykalgalaryň birindäki böwet top arkaýyn geçip biler ýaly giňlikde goýlupdyr.
Galanyň içki garymyndaky böwetler daşky garymyňkydan giň.
2
3
30
Arçyn — 0,74 metr.
Werşok — 4,4 sm.
Galanyň içi käte çala oýtaňrak ýerleri bolan düzlük meýdan.
A hem s burçlaryň töweregi birneme alaňrak. Diňlidepe ab hem
as taraplardan 100 saženlikde ýerleşýär. Onuň beýikligi 10 sažene ýetýär. Depäniň üstünde daş-töweregi garymly top bar.
Galanyň içi maşgalalaryň okdan goranmagy üçin başly-barat
gazylan çuň tümlerden doly.
Diňlidepeden 100 sažen günortarakda her tarapy 26 sažen
bolan inedördül gala bar. Onuň palçykdan hem daşdan salnan
diwarynyň beýikligi 2 sažene, galyňlygy 1 arçyna ýetýär, onda
gözaralar hem galanyň üstüne çykmak üçin ýörite çykalgalar
ýok. Galanyň inliligi arçyn ýarym bolan agaç derwezesi bar.
Galanyň daşyna ýalpak garym çekilipdir.
Gala Sekizýapdan suw gelýär. Ýabyň iki goly bar, olaryň
ikisi hem Diňlidepeden aňrylygyna çykyp gidýär. Olaryň suwuny aňsatlyk bilen sowmak boljak. 1880-nji ýylyň baharynda
galanyň ilaty b burçunyň golaýyndaky oýtaňrak ýerde diametri
1 saženden artygrak, ýapgyt aýmançasy bolan guýy gazypdyr.
Guýudan içmäge ýaramly suw çykypdyr».
Soňra Grodekow 1881-nji ýylda instrumental ölçegler esasynda alnan has takyk maglumatlary getirýär:
«Diňlidepe nädogry, süýnmek formadaky dörtburçluk gala.
Taraplarynyň uzynlygy: günbatar ganaty 675 sažen, demirgazyk
ganaty 420 sažen, gündogar ganaty 720 sažen, günorta ganaty
hem 240 sažen. Tutuş perimetri (daş-töwe-reginiň uzynlygy) 4
werst4 55 sažen. Demirgazyk ganatyn-da 3, günbatar ganatynda
9, günorta ganatynda 1, gündogar ganatynda hem 8 çykalgasy
bar. Käbir çykalgalar daş ýüzünden ullakan ýarym aýlaw gaçy
bilen penalanypdyr, bu bolsa daşky garymy gapdaldan goramaga mümkinçilik berýär. Çykalgalaryň giňligi 1 saženden 2 sažene
4
Werst – 1,06 km.
31
çenli. Daşky garymyň çuňlugy 6 futdan5 9 futa çenli, onuň daşky
erňeginde basgançaklar hem aýmançalar ýasalypdyr. Garymyň
giňligi 12 futdan 17 futa çenli.
Daşyna palçykdan pagsa geýdirilip, gum üýşürilip ýasalan
galanyň diwary garymyň düýbünden başlanýar we beýikligi 14
futa ýetýär. Galanyň diwarynyň aňry ýüzünde birgiden çukurlykdan ybarat içki garym bar, onuňam ölçegi daşky garym bilen
barabar diýen ýaly. Diwaryň galyňlygy düýbünde 5 sažene, ýokarsynda bolsa 3 saženden 4 sažene çenli ýetýär, özem hemme
ýerde diýen ýaly guşaklyga ýetip duran içki hem daşky aýmançalar bilen jäheklenipdir. Içki aýmançalar duşman galanyň içine
kürsäp uran pursatynda peýdalanmak üçin ýasalypdyr. Ähli
Orta Aziýa galalarynda bolşy ýaly, duşman gala aralaşan pursatynda dowamly goranmak üçin niýetlenen şol aýmançalarda
gözaralar goýlupdyr.
Diňlidepäniň içi tekiz meýdan. Onuň demirgazyk-günbatar
burçunda 7 sažen beýiklikdäki gumdan galdyrylan depe bar.
Depeden birneme günortarakda kiçijik gala bar. Galanyň demirgazyk-gündogar burçunda bol süýji suwly guýular gazylypdyr».
Soňra Grodekowyň bu maglumatlaryny A. N. Kuropatkin
hem «Türkmenistanyň basylyp alynmagy» diýen kitabynda şo
durşuna diýen ýaly gaýtalaýar.
Galanyň içine ýygnanan ilatyň we öýleriň sany barada rus
harby işgärleri dürli döwürlere degişli dürlüçe maglumatlary
getirýärler. Grodekow bir ýerde: «Galanyň içi öýlerden doludy,
olaryň sany 13.000-e ýetýärdi; öýleriň arasynda demirgazykdan
günorta tarap giň ýol goýlupdyr» diýip ýazýar. Başga bir ýerde galadaky öýleriň, çatmalaryň sanynyň 15.000-e golaýdygyny
aýdýar. Ýene bir ýerde galadaky ilatyň 14.000 öýlüdigini ýazýar.
Her öý başyna 5 adamdan hasap edip, galadaky ilatyň sanyny
5
32
fut – 30,48 cm.
aýallardyr çagalar bilen bilelikde 70.000 hasaplaýar. Ýarag götermäge ukyply adamlary 14.000 hasaplaýar. Ýöne ol gala göçüp
gelýän maşgalalaryň sanynyň köpelýändigini, şonuň üçinem
Diňlidepäniň ähli ilatynyň 100.000-denem geçjekdigini ýazýar.
Marydan gelen adamlar bilen bilelikde ýarag götermäge ukyply
adamlaryň sanyny bolsa 25 – 30 müňe ýetirýär. Başga bir ýerde bolsa galadaky erkek adamlaryň sanyny 12 müň hasaplaýar.
Skobelewiň 1880-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky çozuşy wagtynda
galada 18 müň maşgalanyň, 25 müňe çenli goraýjynyň bolandygyny tassyklaýar.
Gökdepe galasyndaky tekeleriň sany hem ýaraglanyşy barada Grodekow şeýle ýazýar: «Gökdepedäki goraýjylaryň sany
30.000-e çenlidi, olardan atly goşun 10.000-e çenlidi, galada ýaşaýan ähli ilatyň sany bolsa 45.000-e ýetýärdi. Goraýjylaryň 5.000-e
golaý tüpeňi bardy, olardan 600-si tiz atýan tüpeňdi, 6 funt kalibrli bir mis top we iki sany stanokly çoýun zemburek bardy. Sowuk
ýarag, gylyç hem naýza goraýjylaryň hemmesinde bardy».
Spolatbog Gökdepä 25 müň maşgalanyň ýygnanandygyny,
marylylary, çarwalary, alilileri hasap etseň, galada 35 – 40 müň
adamyň bolandygyny ýazýar.
W. N. G. diýip gol çeken biri şeýle ýazýar: «Diňlidepäni goramak üçin otrýadyň üstünden geçip gaýdan obalarynyň ähli
ilaty aýallary we çagalary, emlägi we azygy bilen şol ýere ýygnanypdy. Olaryň umumy sany 30.000-e ýetýärdi. Biz bu sany
obanyň kwadrat sažen hasabyndaky meýdanyna paýlasak, onuň
tutýan meýdanynyň her 4 kwadrat saženine üç adama golaý
düşýändigini bileris: şundan hasap tutanyňda, obanyň öýden
hyryn-dykyndygy baradaky netijä gelmek mümkin. Eger ilatyň
umumy sanyndan aýallardan ybarat ýarpysyny aýyrsak, galan
ýarpysyndanam garrylardyr çagalara düşýän dörtden bir bölegini aýyrsak, alan 7.500 sanymyz galany goraýjy uly adamlaryň
33
takmynan sanyny aňladar. Ýöne galany goraýjylaryň hakyky
sany has köpdi, sebäbi söweşlere diňe 16 – 17 ýaşly ýetginjekler
däl, hatda aýallaram gatnaşýardy».
Başga bir ýerde W. N. G. şeýle ýazýar: «Obanyň ilatynyň
umumy sany 45.000 diýip hasaplanýardy, olardan 20.000-si söweş
esgeridi, geçen ýylda bolşy ýaly, söweşlere hatda 14 – 15 ýaşly
çagalaram gatnaşýardy».
Galanyň ilatynyň 45 müň töweregi bolandygy, uruşmaga
ukyply adamlaryň 20 – 25 müň adam bolandygy, urşa hatda 14 –
15 ýaşly çagalaryňam gatnaşandygy başga-da köp çeşmelerde
agzalýar.
34
-7Skobelewiň 1880-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky çozuşyndan soň, galadaky ýagdaýlar has çylşyrymlaşýar. Syçmazlar bilen begler galany taşlap, guma göçmegi talap edipdirler. Wekiller bilen bagşydaşaýaklar bolsa uruşmagyň tarapynda durupdyrlar. Bu ýagdaý
Magtymguly hanyň täsirini belli-külli gowşadypdyr. Ýörite maslahat çagyrylypdyr. Dörthanlylyk döräpdir. Daşary meselelerde
Magtymguly hana sarpa goýulsa-da, ol il ýüzüne ähli tekäniň
hany hasaplansa-da, içki meseleleri her tiräniň özi çözmeli edipdirler. Wekillere Magtymguly han, syçmazlara Mämmetguly
han, beglere Orazmämmet han, bagşydaşaýaga Hezretguly han
han saýlanypdyr. Syçmazlar göçmeli diýip aýak depip duransoňlar, uruşmagyň tarapdary Mämmetguly han Dykma serdar bilen
Gurbanmyrat işanyň zor salmagy netijesinde han saýlanypdyr.
Her han öz tiresine baştutanlyk edipdir, her han galanyň öz
tiresi tarapyndan salnan ganatyny gorapdyr, her han öz tiresiniň
galadan göçüp gitmezligi üçin jogap beipdir. Ýurt üçin şeýle
agyr pursatda ilhanylary bilen arany bozmazlyk üçin, parslaryň üstüne alamana gitmezlik karar edilipdir. Allaberdi şyhdan,
Şükür helilden, Mahytdan1 hem Garagandan2 ybarat hormatly wekiller iberilýär. Olar Ruhnut Döwleden şu kyn pursatda
çozmazlygy haýyş edipdirler. Özleriniňem ýekelikde-de alaman
etmejekdiklerine söz beripdirler.
Wekiller Ruhnut Döwle Tährandan jogap alýança, Maşatda
dokuz gün bolupdyrlar. Ruhnut Döwle Tährandan jogap alyp,
teke wekillerine şahyň ähli ilhanylara Ahal bilen il bolmagy buýrandygyny aýdypdyr. Özem tekeler tarapyndanam ýekeje-de
alamanyň bolmazlygyny talap edipdir.
Şondan soň tekeler Eýrana arkaýyn gidipdirler, gurşun, peşeň
1
2
Spolatbog şeýle ýazýar. Belki, Mahmytdyr — awt.
Spolatbog şeýle ýazýar. Belki, Gara handyr — awt.
35
satyn alypdyrlar. Iki gezek däri alypdyrlar.
Maşada giden hormatly wekiller iňlis agenti Apbas han bilenem duşuşypdyrlar. Grodekowyň tassyklamagyna görä, tekeler iňlislere janlaryny ynanmandyrlar. Hindistandan ermeni söwdagäri bolan bolup gelen iňlis polkownigi Stýuart hem,
kapitanlar Gill bilen Botler hem tekeler bilen gatnaşyk açyp bilmändirler. Tekeler iňlis adamy bolan bolup ruslar öz aralaryna
aralaşar öýdüp gorkupdyrlar. Şonuň üçinem tekeler diňe Apbas
hana ynanypdyrlar. Sebäbi, birinjiden, ol musulman bolupdyr,
ikinjiden, ony tutuş Maşat tanapdyr, üçünjiden, Maşada gelýän
adamlar ony iňlis hökümetiniň adamy, iňlis konsuly hökmünde tanapdyrlar. Ol iňlisleriň tekelere goşun kömegini berjegini
aýdypdyr. Ýöne tekeler iňlislerden Apbas hanyň şol gezek Magtymguly hana sowgat iberen dürbüsinden hem rewolwerinden
başga hiç hili kömek almandyrlar.
Tekeler ruslaryň Eýrandan azyk çekýändiklerini bilipdirler.
Olaryň skladlarynyň nirelerdedigini hem bilipdirler. Olar ruslaryň azyk skladlaryny talap biljek ekenler. Ýöne Eýrany öjükdirmejek bolup, ne Eýrandan azyk çekýän rus kerwenlerine päsgel
beripdirler, ne azyk skladlaryny talapdyrlar.
Tekelerde ruslaryň güýji hakda anyk maglumat bolmandyr.
Dürli «myş-myşlar» ýaýrapdyr. Gökleňler we rus goşunlaryna
hyzmat edýän jigitler ruslaryň 100 topunyň bardygyny habar
beripdirler. Dykma serdar bolsa özüniň diňe 12 top görendigini,
ýöne olaryň gaty çalt atýandygyny, şonuň üçinem 100 topmuka diýdirýändigini tassyklapdyr. Ýöne onuň bu maglumatyna
ynanmandyrlar. Şeýle-de bolsa tekeler köp wagtlap Skobelewiň
bar güýji onuň 6-njy iýuldaky çozuşyna gatnaşan goşundan ybaratdyr öýdüp gezipdirler we bu ýagdaý olaryň ruslara garşy
uruşmagy ýüregine düwmeginde belli derejede rol oýnapdyr.
1880-nji ýylyň 30-njy iýulynda tekeler 4.000 pyýada goşun
36
bolup hüjüme çykýarlar. 600 sany maryly hem saryk atlysy-da
olara goşulýar. Pyýada goşun iki bölege bölünipdir. Bir bölegine
Hezretguly han bilen Öwezdurdy han serdarlyk edipdir. Bu bölegiň öňünde Bendeseni almak wezipesi goýlupdyr. Ikinji bölege
Gurbanmyrat işan bilen Orazmämmet han serdarlyk edipdir. Bu
toparyň wezipesi Bamy bilen Bendeseniň aralygyndaky telegraf
aragatnaşygyny bozmakdan, Bama çozup, ol ýerdäki garnizony
ýok etmekden, ol ýerdäki toplary ele salmakdan ybarat bolupdyr.
Dykma serdaryň atlylary Hojagalany almaly eken. Atlylaryň bir
bölegi bolsa Bama çozjak pyýada goşuna kömek etmeli eken.
Ýöne pyýadalar ruslar ýene Gökdepä çozjakmyş diýen habary eşidip, çagalaryny goramak üçin yzyna, gala gaýdypdyrlar.
Dykma serdar öz atlylary bilen Hojagala çozupdyr. Ýöne ony
alyp bilmändir. Diňe mal sürüp gaýdypdyr.
Awgustyň ahyrlarynda ruslar jansyzlaryň üsti bilen Gökdepedäki tekeleriň ruslaryň üstüne çozmak üçin uly taýýarlyk görýändigini eşidipdirler. 3-nji sentýabrda bolsa jansyzlar 600 atlydan,
600 pyýadadan ybarat toparyň Mihaýlow liniýasyna ýetmek üçin
ugrandygyny habar beripdirler.
Mundan başga-da Öwezmyrat serdar Batagyň, Gulbatyr serdaryň toparlary Bendesene, Hojagala tarap hereket edipdirler.
Emma olar üstünlik gazanyp bilmändirler. Grodekowyň tassyklamagyna görä, tekeler her gezekki çaknyşykda ruslardan 5 – 6
esse köp ýitgi çekipdirler.
Tekeleriň 14-nji sentýabrda Gazanjyga eden çozuşy hem şowsuz gutarypdyr. Şonda 10-njy sentýabrda Gökdepeden çykan
tekeleriň hemmesi 1.000 adamdan kän däl eken, özem esasan
Gökdepe bilen Bamy aralygyndaky obalaryň adamlary eken.
Tekeler ruslaryň üstüne çozup üstünlik gazanyp bilmänsoňlar, esasy ünsüni kerwen talamaga, Gökdepe galasyna göçüp
gelmekden, ruslara garşy uruşmakdan ýüz dönderen nohurlary
37
talamaga beripdirler. Dykma serdar Nohury weýran etmäge, ilatyny bolsa zor bilen Gökdepä göçürip getirmäge kasam edipdir.
Ýöne ruslar nohurlara wagtynda kömege ýetişipdirler.
Tekeler ýeke-täk ýa-da kiçijik toparlar bolup, gijelerine ruslaryň üstüne duýdansyz çozup durupdyrlar. Olar gylyçlaryny
agyzlaryna alyp, ýalaňaç gelýär ekenler. Rus soldatlarynyň üstüni gapyl basyp, öldürýär hem ýaragyny alýar ekenler. Ýöne
olar beýle batyr hereketleri üçin köplenç janlaryndan geçmeli
bolupdyr.
Ruslaryň kem-kemden öňe süýşmegi, olara garşy çozuşlaryň
şowsuzlyk bilen gutaryp durmagy galany goraýjylary ruhdan
gaçyryp başlapdyr. Marylylar ruhdan duşüp, yzlaryna gaýdypdyrlar. Gökdepe galasyny taşlap gitmeli diýýän adamlar barha
köpelipdir. Mara, Saragta, Hywa, Eýrana göçmegiň gürrüňi
edilipdir. Hatda tekeleriň bir bölegi galany taşlap gidipdir. Kuropýatkiniň tassyklamagyna görä, oktýabr aýynda 1.000 öýli
Tejene, 1.500 öýli Mara göçüpdir.
Oktýabr aýynda dört han ýörite maslahat geçirmäge, ilatyň
galadan göçüp gitmezligi üçin gaty berk çäreler görmäge mejbur
bolupdyr. Göçýänleri saklamak üçin 800 atly bellenipdir. Olara
galadan gaçyp gidenleri zorluk bilen yzyna gaýtaryp getirmäge,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasy - 3
  • Parts
  • Gökdepe galasy - 1
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1787
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1733
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 3
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1667
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 4
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 1821
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 5
    Total number of words is 496
    Total number of unique words is 278
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.