Latin

Gökdepe galasy - 3

Total number of words is 3592
Total number of unique words is 1667
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
olaryň emlägini özlerine almaga hukuk berlipdir.
Maslahat galada galmagy hem goranmagy karar edipdir. Onda ekin ekmek üçin ýer sürmelimi-dälmi diýen meselä hem seredilipdir. Gapma-garşylykly pikirler orta atylypdyr. Ýöne Maşatdan Apbas hanyň iňlisleriň kömek berjekdigine umyt döredip
ýazan hatynyň okalmagy bu meseläniň oňyn çözülmegine sebäp
bolupdyr. Gökdepe bilen Gäwers aralygynda hemme ýerde ekin
ekilipdir.
Goranmagy pugta ýüregine düwen tekeler Gurbanmyrat işany kömek soramak üçin Mara iberipdirler. Olar kömek sorap
38
Hywa hanyna hem hat ýollapdyrlar. Seýit Muhammetrahym
han tekeleriň hatyny Amyderýa bölüminiň naçalnigi polkownik
Grotengelme iberýär. Grotengelm hana tekelere Skobelewiň gaharyny getirmän, Ak Patyşanyň rehimdarlygyna boýun synmagy
maslahat bermegi tabşyrypdyr. Han şeýle hem edipdir.
Tekeler kömek sorap Hywa ýomutlaryna hem ýüz tutupdyrlar. Ýöne olar Hywa hany biziň kömek berjek bolýanymyzy
bilen badyna bu hakda ruslara habar berer, olaram biziň öýümizi başymyza ýumrar diýip, ruslardan howatyr edýändiklerini
aýdypdyrlar.
Käbe hojany tekeler Büjnürt hany Ýarmämmet hanyň ýanyna
kömek soramaga iberipdirler. Ýarmämmet han diňe tekeleriň
dört hanynyň biri gelse resmi jogap berjekdigini aýdypdyr. Resmi däl suratda bolsa ýa ruslar bilen ýaraşmagy, ýa-da gaçyp
gitmegi maslahat berýärin, ýogsa baryňyz —gyrlarsyňyz diýip
jogap beripdir.
Aşgabat bilen Gökdepäniň garşysynda ýaşaýan Şuja ud-Döwle wagtdan peýdalanmagy, tekeleriň malyny talamagy ýüregine
düwüpdir. Pöwrizäniň üsti bilen uly alaman etmekçi bolupdyr. Munuň üçin 1.500 atly, 2.000 hem pyýada goşun toplapdyr.
Ýöne Skobelew oktýabr aýynda tekeleriň göçmäge bolan meýliniň artýandygyny bilip, olar göçüp gider öýdüp gorkupdyr.
Şonuň üçinem bu wagt tekeleriň üstüne alaman etmegiň wagty
däl diýip, ruslaryň Eýrandaky wekili Zinowewiň üsti bilen Şuja
ud-Döwläniň alamana gitmegini goýbolsun etdiripdir.
Hakykatdanam, tekeleriň galany taşlap gitmek meselesi ruslary hem olaryň özünden pes biynjalyk etmändir. Olar tekeler
göçüp gider öýdüp gaty gorkupdyrlar. Sebäbi bu ruslaryň ähli
planyny puja çykarmak howpuny salypdyr.
Rus goşunlarynyň 1879-njy ýylda Gökdepe galasynyň eteginde ýeňlişe sezewar bolmagy olaryň ýagdaýyna uly täsir edip-
39
dir, rus goşunlarynyň ýeňilmezdigi hakdaky pikiriň düýbüne
palta urupdyr. Adamlaryň aňynda hut şeýle pikiriň pugta ornaşandygy sebäpli ruslar azajyk goşun bilen bütin Türküstanda
asudalygy saklap gelipdirler. Şonuň üçinem Skobelew parahatçylykly ýol bilen näçe territoriýa eýelense-de, rus goşunlarynyň
abraýyny dikeldip bilmez diýip hasap edipdir, tekelere berk jeza
bermegi, rehimsizlik bilen gyrmagy ýüregine düwüpdir. Tekeleriň Gökdepe galasyna ýygnanmagy bolsa muňa iňňän amatly
şert döredipdir. Olary bir zarbada derbi-dagyn etmäge mümkinçilik beripdir.
Ikinji tarapdan bolsa, general Kuropatkiniň tassyklaýşyna
görä, tekeleriň Mara ýa-da Tejene çekilmegi uruş möhletiniň
uzalmak, Türkmenistanyň ikinji Kawkaza öwrülmek howpuny
salypdyr. Şonuň üçinem Skobelew tekeler galadan giderler öýdüp gaty gorkupdyr, olaryň gitmezligi üçin elinden gelen ähli
çäreleri görüpdir. Ol Şuje ud-Döwläniň alamanyny hem şol sebäbe görä goýbolsun etdiripdir.
Skobelew Gökdepe galasynyň alynmagyna tutuş oazisiň boýun etdirilmegi hökmünde garapdyr, şondan soň tekeleriň garşylyk görkezmäge moral güýç tapmajakdygyny bilipdir.
Gökdepe bilen Gäwers aralygyndaky ilatyň ýer sürüp, ekin
ekmäge başlamagy, ruslary birneme arkaýynlaşdyrypdyr. Olar
muňa tekeleriň galany taşlap gitmek niýeti ýok diýen manyda
düşünipdirler.
40
-8Noýabryň ortalarynda Gökdepe galasyna hüjüme gatnaşjak goşun otrýadlary Bama gelip başlapdyr. Bamydan çykyp hüjüme
gitmeli esasy güýçleriň birinji kolonnasy 26-njy noýabrda şol ýere jemlenipdir. Ol kolonna 26 rotadan, 3,5 ýüzlükden, 67 topdan
ybarat eken. Birinji kolonna Bamydan çykandan soňra hem bu
ýere goşunyň jemlenmegi dowam edipdir.
30-njy noýabrda rus goşunlary Gökdepeden 12 wýorstlik-de
ýerleşýän Ýegenbatyr galasynda peýda bolupdyrlar. Birinji dekabrda bu ýere 2.000 adam 15 günlük azygy bilen jem bolupdyr.
Otrýadyň 700.000 patrony, dürli toplar üçin 6.704 snarýady, 2.000
sany sapýor guraly bar eken.
Ruslar Ýegenbatyr galasyny eýelänlerinden soň, alty aýyň
dowamynda olaryň daýanç punkty bolup hyzmat eden Bamy
öz harby, strategiki hem söweş ähmiýetini ýitiripdir. Skobelew
kem-kemden ähli güýçlerini Ýegenbatyr gala jemläp başlapdyr.
Skobelewiň goşunlarynyň Ýegenbatyr galasyny eýelemegi
şeýle bir garaşylmadyk ýagdaý bolupdyr, hatda tekeler goýun
sürülerini hem äkitmäge ýetişmändirler. Ruslar müňläp dowar
olja alypdyrlar.
Ýegenbatyr galasyndan hüjüme geçilmegi intendant, artilleriýa hem gospital serişdeleriniň jemlenmegine bagly bolupdyr.
Skobelew Ýegenbatyr galasyndan aýgytly hüjüme bu ýere 4.000
pyýada goşun, 47 top, 9 sany ýüzlük kazak, 2 eskadron dragun,
goşunlar üçin 2 aýlyk azyk, her bir tüpeňe 300 ok, her bir topa 3
komplekt snarýad toplanandan we 4-nji gospitalyň bir bölümi
getirilenden soň başlamagy ýüregine düwüpdir. Şonuň üçinem
Ýegenbatyr galasyna goşunlaryň jemlenmegi bilen bir wagtda
bu ýere Bamydan azyk daşamak işi hem dowam etdirilipdir.
Ruslar Ýegenbatyr galasyny eýelänlerinden soň, tekeler olar
ýüzüniň ugruna hüjüme geçerler öýdüpdirler. Ýöne olar hüjüme
41
geçmänsoň, 1-nji dekabrda özleri hüjüme geçipdirler. Atyşykdan
soň, agşam ýene gala dolanypdyrlar.
4-nji dekabrda rus goşunlary galanyň hem onuň töwerekleriniň topografiýasyny öwrenmek üçin hüjüme geçipdirler. Tekeler
bilen bolan çaknyşykda 4 adam ölüpdir, 19 adam ýaralanypdyr.
Agşam rus goşunlary yzlaryna gaýdanda, tekeler olaryň yzyna
düşüpdirler. Ýöne şol wagt Aý tutulypdyr. Tekeler yzlaryna
gaýdypdyrlar.
Ruslaryň Ýegenbatyr galasynda ornaşyp, häli-şindi barlag
hüjümlerini geçirip durmagy, tekeleri ynjalykdan gaçyrypdyr.
Dekabryň 12-sinden 13-ne geçilýän gije goňurlaryň galanyň daşynda ýerleşýän 1.000 maşgalasy Nurka-lauwyň1 baştutanlygynda guma göçüpdir.
18-nji dekabrda ruslar baş barlag (generalnaýa rekognossirowka) hüjümini geçiripdirler. Oňa «generalnaýa» diýilmeginiň
sebäbi dört sany general — Skobelew, Grodekow, Petrusewiç
hem Annenkow — gatnaşypdyr. Şonda general Annenkow Ýaňgalanyň ýanynda golundan çalaja ýaralanypdyr.
Ýaňgala ruslar hem, tekeler hem uly ähmiýet beripdirler. Skobelewiň oňa uly üns bermeginiň sebäbi ol ýerden Germaba ýol
açmak mümkin eken. Mundan başga-da ol Sekizýabyň ugrunda
ýerleşipdir, obanyň eýelenmegi bilen suw meselesi çözülipdir.
Tekeler bolsa ruslaryň Ýaňgala zor salýanyny görüp, olar muny
galanyň suwuny sowjak bolup edýändirler öýdüpdirler.
Ýaňgalany syçmaz Mämmetguly han 2.000 pyýada goşun
bilen gorapdyr. Ilki ol ýerde Dykma serdaryň atlylary hem bar
eken. Ýöne soňra ol atlylaryny gala geçiripdir. Galadan bolsa
Ýaňgalany goramak üçin ýene 2.000 pyýada nöker alypdyr. Ýöne
olar bilen uzak gidip bilmändir. Mämmetguly han Ýaňgalany
taşlapdyr. Dykma serdary bolsa rus artilleriýasy yzyna gaýtma1
42
Grodekow «Nurkelau» diýip ýazýar. Belki, Nury kelewdir — awt.
43
44
ga mejbur edipdir. Ýaňgala goralanda Magtymguly hanam bar
eken. Ol wekillere serdarlyk edipdir.
20-nji dekabrda Ýaňgalanyň ruslar tarapyndan eýelenmegi
tekeleri gaty gorkuzypdyr. Olar uly maslahat geçiripdirler. Hemme kişi ruslar suwy sowar, suwsuz galarys diýen pikirde eken.
Şonuň üçinem olar gyssagly suratda guýy gazyp başlapdyrlar.
Olar ruslaryň suwy sowmak barada pikir etmeýändigine göz ýetirýänçäler on bir sany guýy gazypdyrlar. Soň gorky gaçyşypdyr
hem guýy gazmak bes edilipdir.
21-nji dekabrda, Ýaňgalanyň alnan gününiň ertesi Mara kömek sorap giden Gurbanmyrat işan 2.000 atly alyp gelipdir. Marydan gelen atlylara Gajar Topaz han serdarlyk edipdir. Şol gün
ruslaryň lageri Diňlidepeden 800 sajen aralykda eken.
Ruslar eýelän ýerlerinde garym gazyp ornaşypdyrlar. Tekeler
olar ilkinji parallelden hüjüme başlar öýdüpdirler. Emma ruslar
gala hüjüm etmäge howlukmandyrlar. Hem söweş bilen barlag
geçiripdirler, galany, onuň töwereklerini öwrenmeklerini dowam
etdiripdirler, hem galany gabamak niýeti bilen keseligine, dikligine garymlar gazyp, öňe süýşmeklerini dowam etdiripdirler.
22-nji dekabrda söweş bilen geçiren barlaglaryndan soň, ruslar Gökdepe galasyna onuň günorta-gündogar burçundan hüjüm
etmek amatly diýen netijä gelipdirler. Sebäbi bu burç beýleki
burçlardan ýiti eken. Bu bolsa galanyň günorta hem gündogar
ganatlaryny gözegçilik astynda saklamaga we gabaw işlerini
uzaga çekdirmän, iki gapdallaýyn ot açmaga mümkinçilik beripdir. Galanyň günorta ganatynyň garşysyndaky meýdan birneme
alaňrak bolup, demirgazyga ýapgyt bolup gidýär eken we galanyň içine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär eken. Gündogar
ganatynyň garşysyndaky meýdan bolsa aşak ýapgyt gaýdýar
eken hem galanyň içini gözden gizleýär eken. Galanyň günorta
tarapyndaky suwly hem gury ýaplar lager bilen gabaw işleri-
45
niň arasynda gizlin aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik
beripdir. Gabaw işleriniň möhledini gysgaldypdyr. Mundan
başga-da galanyň gündogar ganatynda diňe ýalaňaç diwardan
ybarat gowşak ýeri bardyr öýdülip çak edilipdir. Galanyň şol
ýeri ençeme ýerinden jaýryk atan eken.
Ruslar galany gabamak işlerini 20-nji dekabrdan başlapdyrlar.
Ruslaryň birinji paralleli gazyp başlanlaryny gören tekeler olar
muny gizlenmek üçin edýändirler öýdüpdirler. Sebäbi olaryň
özleri hem pars galalaryny şeýdip gabar ekenler. Ruslaryňky
ýaly uly garymlar gazmasalaram, gabawdakylaryň gözünden
gizlenmek üçin çukurlar gazypdyrlar.
Emma ruslaryň birinji parelleli gazmagy gabawyň başlanmagyny aňladypdyr. Ruslar şondan soň garym gazyp, kem-kemden
öňe süýşüp başlapdyrlar. Olaryň soňra nagym gazmak üçin çeken gizlin garymy galanyň daşyndaky garymyň edil alkymyna
barypdyr.
Ruslaryň garymlar gazýanyny görselerem, tekeler olaryň
maksadyna doly düşünmändirler. Orslar-a doňuz ýaly bar ýeri
dörüp çykjak diýipdirler.
Tekeler galany taşlap gider öýdüp gorkýan Skobelew tekeleriň her bir hereketine eserdeňlik bilen üns beripdir. 22-nji dekabrda galadaky goh-galmagalyň köpelenini eşiden Skobelew tekeler
galany taşlap göçüp gitjek bolýandyrlar öýdüpdir. Olar gaçyp
giden halatyňda öňlerini kesmek üçin general Petrusewiçi Gökdepe galasynyň gara-görnüm gaýra-gündogarynda ýerleşýän
Juma gala iberipdir.
Juma galanyň daşy baglyk eken. Özem ol ýerde köp bede,
saman zapasy bar eken. Köp mukdarda däne gömlüpdir. Ruslar
ol ýere baryp, bede, saman alyp gaýdýar ekenler.
Rus soldatlarynyň Juma gala bede, saman almak üçin gidýändiklerini bilen tekeler hem olary garawullapdyrlar. Gulbatyr
46
serdaryň baştutanlygynda 400 adam Juma galasyny saklamaga
gidýär. Gulbatyr serdar ýanyna 60 adam alyp, galanyň özünde galypdyr. Beýleki atlylar bolsa baglaryň, haýatlaryň içinde
gizlenipdir.
23-nji dekabrda daňdanlar ol ýere baran Petrusewiçiň atlylaryny tekeler ot bilen garşylapdyrlar. Çaknyşyk gaty güýçli
bolupdyr. Iki tarap hem uly ýitgi çekipdir. Şol söweşde ölen
general Peotrusewiçiň maslygy telim gezek elden-ele geçipdir.
Ahyry Gulbatyr serdar atlylarynyň bir bölegi bilen galany
taşlap gaýdypdyr. Bagyň içinde, haýatlaryň düýbün-de gizlenen
tekeleriň hemmesi diýen ýaly gyrlypdyr. Gulbatyr serdar gaýdandan soň, galada diňe onuň eýeleri galypdyr. Ruslar olaryňam
baryny gyrypdyr.
Bu söweşi tekeler özleri üçin ullakan şowsuzlyk hasaplapdyrlar. Olar ruslara nähili zyýan ýetirendiklerinden bihabar ekenler.
Diňe üçünji gün Dykma serdar geçip barýan jigitlerden tekeleriň
bir generaly hem köp soldaty öldürendiklerini bilipdir. Şol gün
ruslar öli hem ýaraly 72 adam ýitiripdirler.
Soň ruslar Juma galasyndan köp däne olja alypdyrlar.
Nurberdi han ölenden soň, Dykma serdaryň roly güýçlenip
başlapdyr. Ruslaryň galanyň alkymyna gelmegi bilen bolsa ol
hakykat ýüzünde tekeleriň baş serdaryna öwrülipdir. Goranmak işlerine bütinleý şol ýolbaşçylyk edipdir. Ilat hem oňa berk
ynanypdyr. Şonuň üçinem, resmi suratda ol baş komanduýuşiý
diýlip yglan edilmese-de, maslahatlarda esasan Dykma serdaryň sözi geçipdir. Tekeler şondan ozal hiç wagt hiç bir adama
Dykma serdara ynanyşlary ýaly ynanmandyrlar. Hemme kişi
onuň buýrugyna boýun bolupdyr. Hatda indi maslahatlary hem
onuň özi geçirip, özi ýolbaşçylyk edipdir.
Şeýle maslahatlaryň biri tekeleriň 1880-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky gijeki çozuşynyň öň ýanynda bolupdyr. Esasan gylyç,
47
pyçak, syryklaryň ujuna gyrkylyk, syndy berkidilip ýasalan naýza bilen ýaraglanan tekeler şol döwrüň iň kämil ýaragy bilen
ýaraglanan rus goşunlaryna kär edip bilmändirler. Diňe sowuk
ýarag bilen garpyşma söweşine ökde tekeleri ruslar golaýyna
eltmändirler. Atlylar hem ok ýetere baryp, atlaryny oka berip
bilmändirler.
Şonuň üçinem tekelere diňe gije duýdansyz dökülmek mümkinçiligi galypdyr. Dykma serdar maslahatda gije çozmak bilen
ruslary gyrmagy wada beripdir. Gije çozuşa gitmäge döwtalaplaryň öňüne düşüp, özüniň hem gitjekdigini aýdypdyr.
Maslahat Dykma serdaryň bu teklibini uly umyt bilen gollapdyr. Gije duşmanyň üstüne çozmaga döwtalap 4.000 adam
ýygnanypdyr. Olaryň arasynda syndysyny taýagyň ujuna daňan
aýallaram bar eken.
Çozuşa giden adamlaryň öz ähdinde durmagy üçin hanlar
hem aksakgallar galanyň derwezeleriniň agzyny saklapdyrlar.
Olara gorkusyna yzyna gaýdyp gelenleri ýa-da gitmek islemeýänleri öldürmek tabşyrylypdyr.
Dykma serdar deslapdan Marydan gelen Topaz hany öň hatara, özüniň çozjak ýerini gabamaga hem oka tutmaga iberýär.
Tekeler üç hatar bolup çozupdyrlar. Ilki hatarda hüjüme gidýän erkek adamlar bolupdyr. Olar ýanlary bilen tüpeň almandyrlar. Aýaklary ýalaňaç, gollary çermelgi, donlaryny arkasyna
çalyp daňyp, elleri gylyçly, jöwher pyçakly, gyrkylykly söweşe
gidipdirler...
Ikinji hatarda gidenler ölüleri hem ýaralylary ýygnapdyrlar.
Tekeler ölüsini ýa-da ýaralysyny söweş meýdanynda galdyryp
gitmegi gaty namys bilipdirler. Üçünji hatar olja ýygnaýanlardan
ybarat bolupdyr. Olar ok, ýarag olja almaga gyzyp, has öňe gidenlerini duýman galypdyrlar we birnäçesi janyny pida edipdir.
Olja ýygnaýanlar gaty çakgan işleýär ekenler. Sanlyja minutyň
48
içinde garymlarda galan tüpeňleri almaga, öli soldatlaryň geýmini sypyrmaga ýetişipdirler.
28-nji dekabrdaky gijeki çozuş tekeleriň ikinji Ahalteke ekspedisiýasy döwründe gazanan iň uly şowly ýeňşi bolupdyr. Olar
şol gün ullakan ýitgi çekmändirler. Bu ýeňşe olaryň özleri has-da
buýsanypdyrlar, rus goşunlarynyň azyndan ýarpysyny gyrandyrys öýdüpdirler. Tekeleriň çak edişi ýaly bolmasa-da, şol gezek
ruslar, hakykatdanam, uly ýitgi çekipdirler. Apşeron polkunyň
4-nji batalýonynyň baýdagyny elden gideripdirler. Ony gypjakly
Begenç diýen biri olja alyp, öýüniň gapdalynda dikip goýupdyr.
Tekeler mundan başga-da bir topy ýanynyň iki gapyrjak oky bilen olja alypdyrlar2 . 5 sany ştab hem ober ofiseri, 91 kiçi çinli
soldaty öldüripdirler. Bir ofiser bilen 32 kiçi çinli ýaralanypdyr.
Jemi 129 adam hatardan çykypdyr.
Bu ýeňiş tekeleriň ruhuny göteripdir. Ruslar galany alyp
bilmez diýen umyt döredipdir. Hut şol günüň ertesi olar olja
alan topuny ulanyp başlapdyrlar. Emma top okunyň nädeniňde
ýarylýandygyny bilmändirler, şonuň üçinem olaryň atan oklary
ýarylmandyr we ruslara hiç hili zeper ýetirip bilmändir.
Rus soldatlarynda bolsa tekeleriň bu ýeňşi belli derejede ruhuçökgünlik döredipdir. Goşun ýadady, oňa birki gün dynç
bermeli, garymlary tertibe salmaly diýen adamlar tapylypdyr.
Skobelew muňa çürt-kesik garşy bolupdyr. Biz bu ýere garym
gazmaga gelemzok, öňe süýşmek üçin geldik, gyssanmak gerek, basym bar zady gutarmak gerek diýipdir. Bu ýeňlişiň öz
goşunlarynda galdyran täsirini ýumşatmak, tekeleriň bolsa has
gylaw almagyna ýol bermezlik üçin, birnäçe zerur çäreleri amala
aşyrmagy buýrupdyr. Garymlar ýalpak bolansoň, olaryň içinde ýatman, arka ýüzünde ýatmak, çukur gazyp, gum üýşürip
2
Spolatbog çykgytda "topy köhmelli Myrat batyr getirdi" diýip ýazýar.
Belki, "köşüli" bolmalydyr — awt.
49
goranmak barada görkezme beripdir. Bu bolsa tekeleriň soňky
gijeki çozuşlaryna erbet täsir edipdir. Ruslar garymyň içindedir
öýdüp, olaryň üstüne dökülen tekeleri garymyň arka ýüzünden
ot bilen garşylapdyrlar.
Tekeleriň gijeki çozuşynyň ruslaryň ýagdaýyna hiç hili täsir
ýetirmändigini subut etmek üçin, her edip-hesip edip, galanyň
diwarlarynyň edil alkymynda ýerleşýän Pürli meýdan galasyny
eýelemegi Skobelew ikinji paralleliň sag flangynyň naçalnigine
buýrupdyr. Bu buýruk berjaý edilipdir.
Ruslar basyp alan obalaryna, galalaryna täze at dakypdyrlar. Ýegenbatyr galasyna Samur berkitmesi, Duruna Orenburg
berkitmesi, Arçmana Poltawa berkitmesi, Keletä Krym berkitmesi, Gajar gala Daýanç (Opornoe) berkitmesi, Ogurly gala Atly
goşun (Kawaleriýskoe) berkitmesi, Ötgür gala Olga galasy, Taňryguly azman galasyna Prawoflangowaýa gala, Meretdurdy gala
Melniçnaýa (Degirmenli) gala, Pürli meýdan galasyna hem Welikoknýažeskaýa (Beýik knýaz) galasy diýip at beripdirler. Şol
galalaryň birenteginiň türkmençe adyna gabat gelinse, birnäçesiniň türkmençe ady ýitip gidipdir. Mysal üçin, Ohotniçýa (Awçy)
galasy diýilýän kiçijik galanyň türkmençe adyna biz şu wagta
çenli okan çeşmelerimiziň hiç birinde duş gelmedik.
Gökdepe galasynyň günorta-guşluk tarapynda, onuň diwaryndan bary-ýogy 240 ädimlikde ýerleşýän Pürli meýdan galasy
gabawyň soňky döwründe aýratyn uly rol oýnapdyr. Ol tä 29-njy
dekabra çenli tekeleriň elinde eken. Pürli meýdan galasy Sekizýabyň bir golunyň sag tarapynda ýerleşipdir. Onuň golaýjagynda,
ýabyň çep kenarynda hem iki sany kiçijik gala bar eken. Olaryň
Türküstan atlandyrylan biri Pürli meýdan galasyndan 120 ädim
çepde ýerleşýär eken. Awçy galasy bolsa Gökdepe galasyndan
bary-ýogy 50 saženlikde ýerleşipdir. Ruslar galalaryň üçüsine
hem Welikoknýažeskaýa diýip at beripdirler. Şonuň bilen bir-
50
wagtda her haýsyny aýratynlykda hem atlandyrypdyrlar.
Pürli meýdan galasynyň, aýratynam Awçy galasynyň eýelenmegi ruslar üçin gaty uly ähmiýete eýe bolupdyr. Awçy galasynyň bir çüňkündäki diňiň üstünden Gökdepe galasynyň içi
tutuşlygyna diýen ýaly görnüp durupdyr. Ol ýerden rus soldatlary galanyň içinde gezip ýören adamlary hem atyp bilipdirler.
Galanyň içinde ok çöpläp ýören çagalaram olaryň okundan heläk
bolupdyr. Iň esasysy bolsa indi ruslar bu ýerden galanyň içine
yzygiderli gözegçilik edip, ol ýerde nämeler bolup geçýänini
synlap bilipdirler.
28-nji dekabrdaky üstünlikdeň ruh alan tekeler 30-njy dekabrda hem gijeki çozuşlaryny gaýtalapdyrlar. Bu gezekki çozuşa
6.000 adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda olja ýygnamak üçin
gidýän aýallaram bolupdyr. Olar indi gorkman, ýanlary bilen
çuwal alyp gidipdirler.
Bu gezek Dykma serdar ruslaryň arkasyna aýlanmak, olaryň hereketine gözegçilik etmek üçin heniz howa ýagtyka ogly
Akberdi hany 40 atly bilen iberipdir. Akberdi han yza çekiljek
bolanda, ruslaryň üstüne hüjüm etmekçi bolupdyr. Ýöne güýçli
garşylyga sezewar bolupdyr.
Akberdi handan ruslaryň tylynda hem berkitmeleriniň bardygyny eşiden Dykma serdar Topaz hany olaryň tylyna iberipdir.
Özi bolsa öňki hüjüm eden ýerinden hüjüm etmegi ýüregine
düwüpdir. Ol hüjüme atly goşun ibermändýar.
Bu gezek tekeler 70 adam ýitiripdirler. Ýöne bu gezegem olaryň hüjümi şowly bolupdyr. Ýene-de bir rus topy olja alnypdyr.
Ýöne bu gezekki topy kimiň getireni jedelli bolanmyş. Aşgabatly
Polat siýaki3 diýenlerem barmyş, Mämmet düýeli4 diýenlerem
bolanmyş.
3
4
Spolatbogda şeýle — awt.
Spolatbog "Mamed deýeli" diýip ýazýar — awt.
51
30-njy dekabrda ruslardan bir ofiser bilen 52 soldat ölüpdir.
Iki sany ober ofiser bilen 96 soldat ýaralanypdyr. Bu gezegem
28-nji dekabrdaky ýaly, öldürilenleriň köpüsi sowuk ýaragdan
ölüpdir. Ýaralananlaram sowuk ýaragdan ýaralanypdyr.
Bu gezegem tekeler rus goşunlarynyň ýarpysyny gyrandyrys
öýdüpdirler. Ruslar indi yzlaryna gaýdarlar diýip tama edipdirler. Emma ertesi ruslar gala has golaý gelipdirler.
1881-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda rus goşunlarynyň sag ganaty galanyň diwarynyň 40 sažen golaýyna, çep ganaty bolsa 75
sažen golaýyna barypdyr. Bu bolsa rus goşunlarynyň nagym
gazyp, mina işlerine başlamagyna mümkinçilik beripdir. Skobelew mina işleriniň ýolbaşçysy Rutkowskä 2-nji ýanwarda ir
sagat 8-de minalaýyş işlerini başlamak, onuň maksatlary hem
ahyrky netijesiniň nähili boljakdygy barada maglumat bermegi
talap edipdir.
Nagym gazyp, galanyň diwarynyň astyna däri goýmak üçin
gala bilen aralygyň ölçegi alnypdyr. Ruslaryň ýarym aýlaw garymyndan Gökdepe galasynyň düýbündäki garym aralygynyň 29
sažen 6 werşokdygy, garymyň çuňlugynyň iki arçyndygy, giňliginiň ýedi arçyndygy anyklanypdyr. Işler gala şeýle bir golaýjakda
geçirilipdir welin, tekeler ruslaryň garymlaryna ýokardan daş,
kesek oklap durupdyrlar.
Mina galereýasynyň gazylyp başlanan pursatynda ýalňyşlyk
goýberilipdir. Ol gaty çepe burlupdyr hem çep tarapdaky garyma baryp diräpdir. Galereýanyň diwarlary opurylyp, ullakan
deşik emele gelipdir. Soňra bu ýalňyşy düzedipdirler.
52
-91880-nji ýylyň 30-njy dekabryndaky çozuşdan soň, tekeler maslahat edipdirler. Maslahatda ýene bir gezek hüjüm edip görmeli
diýen karara gelipdirler. Bu gezek ýa ölmäge, ýa-da duşmany
ymykly ýok etmäge döwtalap adamlaryň sany 12.000-e ýetipdir. Ruslaryň üstüne 4-nji ýanwarda çozmak bellenipdir. Galany
goraýjylar bu gezekki çozuşa uly umyt baglapdyrlar. Iň batyr
adamlar hüjüme gatnaşypdyr.
Duşmanyň üstüne iki tarapdan hüjüm edilipdir. Utamyşlar
günorta tarapdan hüjüme geçipdirler. Olara Dykma serdaryň ogly Akberdi han serdarlyk edipdir. Demirgazyk tarapdan hüjüme
geçen togtamyşlara Topaz han bilen Gul batyr serdar ýolbaşçylyk edipdir. Ruslar gaçmaga ýüz uranlarynda, olaryň yzyndan
kowmak üçin, atly goşun pyýada goşunyň yzyndan ýöräpdir.
Ýöne olar artilleriýanyň odundan uly zyýan çekipdirler. Dykma
serdar hanlar bilen bilelikde derwezäniň agzynda galypdyr.
Tekeleriň agşam sagat 7-lerde, gün batyp aý dogar aralykda
başlan hüjümi şowuna bolmandyr. Olar güýçli garşylyga duçar
bolupdyrlar. Aýratynam top oky olary köp paýhynlapdyr. Çozuşa gatnaşanlar gaty köp bolansoň, olar yzlaryna gaýdanda,
derwezeleriň agzynda uly dyknyşyk emele gelipdir we olar top
okundan köp zaýa bolupdyrlar.
Ilki bilen togtamyşlar yzyna dolanypdyr. Olar öli hem ýaraly
köp adam ýitiripdirler. Olaryň ýanyna Dykma serdaryň özi
gidipdir. Olary ýene birhowa saklanmaga mejbur edipdir. Ýöne
gylyçlaşmaga girişmek üçin eýýäm giç bolupdyr.
Şol gün tekeler gala gabalyp başlanaly bäri çeken ähli ýitgilerindenem köp ýitgi çekipdirler. Bagyr obasynda öz puluna mekdep açan Kerimberdi işan daňdan namaz okap otyrka,
gapdalynda top ýarylyp ölüpdir. Gelenleri bäri ähli söweşlere
işeňňirlik bilen gatnaşan marylylar bu gezek 200 atlysyny ýitiripdir. Şol günüň ertesi olaryň köpüsi gaýdypdyr. Diňe Topaz han
53
ýanynyň bir bölek atlysy bilen ahyryna çenli galypdyr.
6-njy ýanwarda agşamara biçak güýçli harasat gopupdyr.
Apy-tupan garymlaryň raýşyndaky gumlary sowrup, gözüňi
açar ýaly bolmandyr. Asmany gara bulut büräp, tüm-garaňkylyk bolupdyr. Hiç zat görünmändir. Ruslar tekeler bu pursatdan peýdalanyp çozarlar öýdüp, howsala bilen garaşypdyrlar.
Hakykatdanam, şol wagt çozan bolsalar, tekeleriň uly üstünlik
gazanmaga mümkinçiligi bar eken. Ýöne olaram ruslar hüjüme
geçerler öýdüp gorkupdyrlar. Çozuşa ýürek etmändirler.
7-nji ýanwarda çozuşda heläk bolan tekeleriň jesetleri porsap
başlapdyr. Şonuň üçinem Skobelew atyşygy wagtlaýyn bes etmek, tekelere jesetlerini ýygnamaga maý bermek üçin, olar bilen
gepleşik geçirmekçi bolupdyr. Skobelewiň buýrugy bilen podpolkownik Ýomutskiý ýanyna üç sany adam alyp, galadakylara
ok atmaňyzy bes ediň diýip gygyrypdyr. Ýanyna üç sany adam
alyp gelen Myrat hana gepleşik geçirmekçidiklerini aýdypdyr.
Skobelewiň ýanyna tekeler tarapyndan Hajymyrat han eli
ýalaňaç gylyçly gelipdir. Skobelew oňa tekeleriň maslyklaryny
ýygnamagy üçin atyşygy wagtlaýyn bes etmegi teklip edipdir.
Hajymyrat han galada wagtlaýyn ýaraşyk baglaşmaga ygtyýarly
adamlaryň ýokdugyny, olaryň guma gidendigini, şolarsyz mesele çözüp bilmejekdiklerini mälim edipdir. Hakykatda bolsa
tekeleriň gepleşik geçirmekden, atyşygy wagtlaýyn bes etmekden ýüz döndermeginiň başga sebäpleri bolupdyr. Olar ruslar al
saljak bolýandyr, jesetleri ýygnamaga çykan adamlary oka tutjak
bolýandyr öýdüpdirler. Onsoňam Pürli meýdan galasynyň garşysynda galan jesetleriň köpüsi yzyna gaýdan marylylar bilen
aşgabatlylaryňky eken. Galadakylar olaryň jesetlerini ýygnamak
islemändirler.
Ruslar eger uruşmak isleýän bolsaňyz, aýallardyr çagalaryňyzy bir galadan çykaryň diýip teklip edenlerinde hem galany
54
goraýjylar bu teklibe aldaw hökmünde garapdyrlar. Aýallardyr
çagalar galadan çykan badyna ruslar olary ýesir aljak bolýandyrlar öýdüpdirler. Mundan başga-da aýallar gidensoň, erkekler
hem uruşdan ýüz dönderip gider diýip gorkupdyrlar. Şeýle
pikiri öňe süren Gurbanmyrat işan bolupdyr.
Şol gün Magtymguly hanyň öýünde maslahat geçirilipdir.
Bu gezek hanlar urşy bes etmegiň, ruslara boýun synmagyň
tarapyny tutupdyrlar. Emma Dykma serdar beýle etmek üçin
indi juda giçdigini aýdypdyr. Onsoňam öýüň daşynda duran
ýaşlar ruslara boýun egmek hakda gürrüň gidýändigini eşidip,
gylyçlaryny ýalaňaçlap, içerik kürsäp giripdirler. Ýaraşyk hakda
hiç kime gürrüň etdirmejekdiklerini aýdypdyrlar. Şundan soň
tekeler ýaraşyk etmek niýetleriniň ýokdugyny aýdyp, ruslara
gygyrypdyrlar.
Ýarym sagada çeken gepleşik şunuň bilen tamamlanypdyr.
Galanyň üstüne ýygnanan tekeler öz penalaryna çekilipdirler.
Ilki ok atmak gezegi tekelere berlipdir. Olar gepleşik wagty gaty
mertlik edipdirler. Hatda ok atmaga gezek berlenden soňam galanyň üstündäki birki sany teke heniz gizlenmäge ýetişmedik iki
sany rus soldatyna basymrak gizleniň, häzir ok atyp başlaýarys
diýip gygyrypdyr.
Ýöne 4-nji ýanwardaky şowsuzlykdan soň tekeler ymykly
ruhdan düşüpdirler. Olar ruslaryň garşysyna degerli bir çäre
görüp bilmändirler. Diňe garaşmak bilen çäklenipdirler. Ruslar
bolsa gabaw halkasyny barha daraldypdyrlar, güýçli hüjüme
başlapdyrlar.
Galanyň astyna nagym çekmek işi hiç bir päsgelçiliksiz güýçli
depgin bilen dowam etdirilipdir. Onuň beýikligi 4 futa golaý,
giňligi 3,5 futa golaý bolupdyr. Onuň içi bilen diňe emedekläp
gitmek mümkin eken.
7-nji ýanwarda inženerleriň naçalnigi minalaýyş işleriniň 9-n-
55
ji ýanwarda gutarjakdygyny Skobelewe habar beripdirler. Şundan soň Skobelew 10-njy ýanwarda ir sagat 7-ä hüjüme geçmek
üçin zerur zatlaryň baryny taýýar edip goýmak barada buýruk
beripdir. Ýöne wentilýatoryň esli wagtlap kadaly işlemändigi
sebäpli, nagymyň 10-njy ýanwarda ir sagat 7-de däri goýmaga
taýýar bolup ýetişmejekdigi äşgär bolupdyr.
9-njy ýanwarda 10 sagat 20 minutda geçirilen täze ölçegler nagymyň gazylyp başlanan gizlin garymyndan galanyň diwaryna
çenli aralygyň 17 sažen däl-de, 15 sažen ekenligini görkezipdir.
Şol wagta çenli bolsa onuň 10 saženi gazylypdyr eken. Ýene-de
galanyň düýbündäki garymyň aňry ýakasyna çenli 5 sažen, diwaryň astyna çenli bolsa 7 sažen galypdyr. Nagymy diwaryň
astynda-da 1 sažen gazmak nazarda tutulypdyr. Diýmek, ýene-de 8 sažen gazmak gerek eken. Soň nagymyň gutaran ýerinden
diwaryň ugry bilen iki tarapa her biri 2 ýarym saženden ybarat iki sany gol gazmak gerek bolupdyr. Galanyň diwarynyň
astyna däri çekmek, partlatmaga taýýarlamak üçinem azyndan
4 sagat gerek bolupdyr. Netijede, bir gijäniň dowamynda munça
işi ýerine ýetirip bolmajakdygy takyklanypdyr.
Ruslar nagym gazmak işini gündiz dowam etdirmäge-de
çekinipdirler, tekeler muny duýarlar, onsoň bu iş degerli netije
bermez öýdüpdirler.
Ruslar gala zabt etmekligi ýa-ha 10-njy ýanwardan yza tesdirmeli bolupdyrlar, ýa-da galany partlatmakdan el çekmeli bolupdyrlar. Dogrusy, Skobelewiň özi hem, onuň töweregindäki
adamlaram galanyň partladylmagynyň şeýle uly netije berjekdigine ynanmandyrlar, oňa ikinji derejeli çäre hökmünde garapdyrlar. Tekeler nagym gazylýanyny duýarlar, garyma çozup,
ähli işimizi puja çykararlar öýdüp gorkupdyrlar. Hut şonuň üçinem nagym gazmak işleriniň ýolbaşçysy kapitan Rutkowskiý
bu işden el çekip, galanyň diwaryny top bilen ýumurmaklygy
56
maslahat beripdir.
General Skobelew galanyň diwaryny hem partlatmagy, hem
top bilen ýumurmagy ýüregine düwüpdir. Top bilen ýumrup
gädik açmak üçin galanyň partladyljak ýerinden günbatarragy
saýlap alypdyr. Şonuň üçinem ol nagym gazmak işlerini bes etmän, gala zabt ediljek gününi yza süýşürmek kararyna gelipdir.
Hasaplamalar nagym gazmak işiniň her sagatda 1,5 – 2 futdan dowam etdirilende bir gije-gündizde 42 fut geçmek mümkindigini görkezipdir. Däri goýuljak ýerleriň däriden doldurylyp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gökdepe galasy - 4
  • Parts
  • Gökdepe galasy - 1
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1787
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1733
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 3
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 1667
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 4
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 1821
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gökdepe galasy - 5
    Total number of words is 496
    Total number of unique words is 278
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.