Latin

Eziz han hakda hakykat - 2

Total number of words is 3543
Total number of unique words is 1885
29.4 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
syrykdyrylýar. Haýsy bir han şol wagtlar şeýle häkimlik hakda arzuw etmedikä diýen sowal ýüze çykýar. Eger şu günüň
nazaryýetinden seredeniňde-de, bu ýerde günälär ýaly zat ýok.
Biziň ümmülmez ýurdumyzy özbaşdaklyk humary gurşap aldy,
ol köp sanly özbaşdak, garaşsyz döwletlere bölündi. Şolaryň
hem kä biriniň territoriýasy Eziz hanyň gurmak islän Tejen ýa-da Mary hanlygyndan uly däl. Käbirleriniň pikiriçe, Eziz han
marksistik pozisiýany tutup, Tejen hanlygyndan kommunizm
gurmaklygy yglan eden bolsa, tüýs bolaýjak zatmyş. . .
Bu ýerde hiç kimi günälär ýaly däl. Biziň garaýyşlarymyzy zamananyň ruhy kesgitläpdi we öz pikirimizden ýokary göterilmek
biziň köpimize başartmandy. Şo sebäpli hem taryh ylmy, onuň
yzy bilen bolsa çeper edebiýat synpy teoriýadan ugur almak bilen, Eziz hanyň şahsyýetine baha bermekde bir taraplaýynlyga,
hatda adalatsyzlyga ýol beripdi. Biz ol hakda diňe erbetligiň
gürrüňini etdik, ony diňe gara reňkde göz öňüne getirdik, ony
öz halkynyň ganym duşmany hasaplap geldik.
Sowet häkimiýetini ykrar eden, başda onuň ynamyna giren,
öz ýigitleri bilen Sowet komandowaniýesiniň söweş tabşyryklaryny berjaý eden Eziz han nädip aklaryň sapyna goşuldyka?
14
enedilim.com
EZIZ HANYŒ SAÝLAN ÝOLY
Maňa şol döwrüň wakalaryny gözi bilen gören Iwan Wasilýewiç Buharenko bilen birnäçe gezek duşuşmak miýesser boldy.
Ol Eziz hanyň Sowet häkimiýetine bolan gatnaşygyna käte şol
wagtlar bolup geçen tötänleýin wakalardyr faktlaram täsir edipdi
diýip hasaplaýardy. Sebäbi döwür çylşyrymlydy, gapma-garşylykly wakalardan doludy. Iwan Wasilýewiç 1918-nji ýylyň
maýynda Gyzyl Goşun otrýadynyň komandiri Stepanowyň ýarag almak üçin Guşga gelendigini gürrüň beripdi. Oňa Tejene-de
gitmek, Eziz han bilen gürleşip görmek, onuň nähili meýliniň
bardygyny bilmek we ýagdaýa görä çäreler görmek hem tabşyrylypdyr. Gyzyl hanyň Eziz hanyň ýanyna gelipdi diýýän Saryja
komissarynyň şol Stepanow bolmagy hem ähtimal. Eziz hanyň
ilata galla paýlandygyny eşidip, komissar ony öwüpdir. Açlyk
ýyllarynda halka çörek paýlamaklygyň nämedigi hakda gürrüň
edip oturmagyň hajaty ýok. Her bir han, her bir feodal beýle
adamkärçilik görkezip bilmez.
Stepanow Eziz hanyň otrýadyny ýaraglandyrypdyr we jigitleriň uly toparyny ýanyna alyp, Daşkende ugrapdyr. Bu ýerde
Eziz hanyň hereketleriniň Sowet häkimiýetine garşy däl diýlip
ykrar edilendigi äşgär. Tejen otrýadynyň bir bölegini Daşkentde
Türküstan hökumetine garawul edip galdyrypdyrlar. Beýleki
bölegini bolsa Dutowyň ak gwardiýaçy goşunlary bilen göreşmek üçin fronta ugradypdyrlar. Frontda Stepanowyň otrýady
jlobin otrýady bilen duşuşypdyr. Bu otrýad Jlobin şäherinde
döredilipdir. Ol eden-etdiligi bilen, biçak düzgün-tertipsizligi
bilen, «aşa rewolýusionerligi» bilen tapawutlanypdyr. 1918-nji
ýylyň sentýabrynda Kakanyň eteginde otrýadyň komandiri Ý.
Rozenberg wepat bolandan soň, onuň esgerleri gutarnykly bozulypdyr we täzeden formirlenmek üçin frontuň öň hataryndan
tyla çagyrylypdyr.
15
enedilim.com
Stepanowyň otrýady bilen jlobin otrýadynyň duşuşygy, has
takygy, çaknyşygy tragiki tamamlanypdyr. Munuňam öz sebäbi
bar eken. Baryp, 1917-nji ýylda Byhowoda jlobinliler rus goşunlarynyň Ýokary baş komanduýuşisi pitneçi general Kornilowy
tussag etmekçi bolupdyrlar. Ýöne Ýokary baş komanduýuşiniň
stawkasyna garawulçylyk edýän teke atly polky muňa ýol bermändir. Ine onsoň jlobinliler daş keşbi Kornilowy goran ýigitlere
meňzeş nökerleri görüp, Stepanowdan olary ýaragsyzlandyrmagy talap edipdirler. Stepanow bu talaby ýerine ýetirmändir we
öldürilipdir. Jlobinliler onuň tutuş otrýadyny ýaragsyzlandyrypdyrlar, şol sanda türkmen jigitleriniňem ýaraglaryny ellerinden
alypdyrlar.
Ýaragsyzlandyrylan jigitler Eziz hanyň üstüne çapar iberipdirler. 1918-nji ýylyň 13-nji iýulynda (şu senä üns beriň!) Türküstan MIK-i jlobinlileriň hereketini pitneçilik diýip ykrar edipdir,
ýöne olaryň şeýle hereket etmegine, hamala, Stepanowyň otrýady ýaragsyzlandyrmak baradaky teklibi ýerine ýetirmänligi
sebäp bolupdyr diýen bahana bilen, Türküstan hökümetine garawulçylyk edýän türkmen otrýadyny hem ýaragsyzlandyrmasa
ynjalmandyr.
Ana, şonuň üçinem ýaragsyzlandyrylan jigitler Eziz hana
çapar ýollapdyrlar. Şol wagtlar, 1918-nji ýylyň 11-12-nji iýulynda
(şu senä-de üns beriň!) Aşgabatda hem Gyzylarbatda kontrrewolýusion pitne tutaşypdyr we Sowet häkimiýeti ýykylypdyr.
Onsoň komissarlarda ynamsyzlyk hem şübhe döreden pitne
türkmen jigitleriniň Türküstan hökümetiniň gullugynda bolup-bolmazlygynyňam ykbalyny çözen borly.
1918-nji ýylyň 16-njy iýulynda milli hanlar-töreler Büzmeýinde gurultaý çagyrypdyrlar. Oraz serdar1 bilen Öwezbaýew2
1
Oraz serdar Dykma serdar ogly – tanymal maşgaladan çykan. Peterburgda Nikolaýew atly goşun uçilişesini gutarypdyr. Oktýabrdan soň Türküstanyň
RSFSR hökümeti tarapyndan yglan edilen awtonomiýasy hakdaky meseläni
çözen Oblast musulman komitetiniň başlygy. 1918-nji ýylyň fewralynda bu
komitet dargalylandan soň, Bäherden raýonynda gizlenip gezipdir. Pitneden
soň ak gwardiýaçy-milletçilikli güýçleriň komanduýuşisi.
2
Seýitmyrat Öwezbaýew – garyp maşgaladan çykan. Üýtgeşik ukyplyly-
16
enedilim.com
Eziz hanyň men-menlik damaryny gyjyklap, oňa pitneçileriň
otrýadyna goşulmagy teklip edipdir, eger şeýtseň, seni hemme
kişi – garyplaram, baýlaram, aristokratlaram han diýip ykrar
eder diýipdir.
Özüni Sowet häkimiýeti bilen birleşdirýän ýalňyz eriş bolan
gyzyl komandir Stepanowy hem ýitiren Eziz han öz ýigitleriniň ýaragsyzlandyrylandygyny eşidip, ýüzüne haýsy tarapdan
howp abanýandygyna akyl ýetirjek bolup uzak wagtlap ejirli
oýlary başdan geçiripdir. Birleri dilde dostdugyna ynandyryp, iş
ýüzünde dönüklik edýärler, başga birleri bolsa oňa han bolmagy
wada berýärler. Ony hemme kişiniň, diňe garyplardyr baýlaryň
däl, Aşgabadyň täze pitneçil hökümetiniňem ykrar etjekdigini
tassyklaýarlar. Özem ol hökümet Eziz hanyň jigitlerini ýaragsyzlandyrmak bilen, ony äsgermezlik eden adamlara garşy urşup
ýör.
Elipbiýdenem, syýasatdanam sowatsyz Eziz han, I. W. Buharenkonyň pikirine görä, bu bolýan zatlara akyl ýetirip bilmändir,
ugruny ýitiripdir. Oňa Oraz serdaryň teklibini kabul etmekden
we öz otrýady bilen bilelikde eýýäm aklaryň eline geçen Mara
gelmekden başga çäre galmandyr.
Şeýdip, bir giden dürli ýagdaýlar, käte bolsa iki tarapyňam
oýlanyşyksyz hereket etmegi Eziz han bilen Sowet häkimiýetiniň
özara gatnaşygyna uly täsir edipdir. Eziz han halk häkimiýetinden barha arany açypdyr. Şeksiz zehinli, merdana hem buýsançly Eziz han özüniň düýnki ak ýürek bilen kömek berip ýören,
olaryň pozisiýasynyň berkemegine ýardam eden adamlaryna
protest bildirip, ak gwardiýaçylaryň hataryna geçýär oturyberýär. Ýene Eziz han, ähtimal, öz isleginiň tersine şeýle ýoly saýlap
gy üçin Türküstan general-gubernatory tarapyndan kadet korpusyna okuwa
berlipdir. Žunkowskiniň bu adamlara beren häsiýetnamasy gyzyklydyr. Oraz
serdar «düýbünden messepsiz. . . mekir». S. Öwezbaýew diňe Enwer paşanyň
şöhratyny gazanmak arzuwyny edýär Beýle bir tanymal maşgaladan däl. Ýöne
gaty gujurly, Serdaryň üsti bilen hereket edýär. Iňňän gyzma hem diliniň eýesi
däl, Sowet häkimiýetiniň garşysyna çykyn eden atly otrýady döretmek üçin
komitetden (Türküstan harby guramasyndan – R. E.) iki million manat pul
alypdyr. (ORMDA, f. 446, op. 2, d. 55, l. 14-15).
17
enedilim.com
almak bilen, täze «hojaýynlaryna» ýaranjak bolup asla pikirem
etmändir. Barrikadanyň aňry ýüzünde-de, ol Eziz hanlygyna galypdyr, özbaşdak hereket edipdir, öz diýenini edipdir, hiç kime
boýun synmandyr, hemişe we hemme zat barada öz ynanjyna
eýeripdir.
Taryh boýunça okuw kitaplaryndan mälim bolşy ýaly, Eziz
han aklaryň lagerine öz ýany bilen 1000 nöker getiripdir, şolaryňam ýary atly jigit eken. Eziz hanyň elinden ölen Aga däli
Hanjaýew bilen Baýram galtamanyň gyzyl gwardiýa otrýadynda bolsa bary-ýogy 50-ä ýeter-ýetmez adam bar eken. Olaryňam
köpusi ýa gaçyp gidipdir, ýa-da Eziz hanyň tarapyna geçipdir1 .
Bu nämäni aňladýar? Bu Tejen ilatynyň Eziz hany öz serdary hökmünde ykrar edendigini, onuň üçin özlerini oda-suwa
urmaly bolsa-da taýýar bolandygyny aňladýar.
Eziz han ak gwardiýaçylaryň hataryna ikirjiňlenmezden ap-aňsat geçip oturybermändir. Oraz serdar: «Ýa-ha biziň bilen
bol, ýa-da bolşewikleriň ýanyna git» diýip, onuň öňünde ultimatum goýanda, Eziz han oňa: «Men patyşa däl, adamlar bilen
maslahatlaşyp göreýin, soň aýdaryn. . . » diýip jogap beripdir.
Aksakgallaryň maslahatynda ýaşulular, mollalar, baýlar oňa
haýal etmän ak gwardiýaçylaryň tarapyna geçmegi maslahat
beripdirler. Ol adamlar diňe syýasy klimata täsir ýetirmek bilen
çäklenmändirler, adamlaryň meýil-matlaplaryna-da uly täsir ýetiripdirler. Olar öz geňeşiniň dogrulygyny esaslandyrmak üçin
Eziz hanyň nökerleriniň ýaramaz ýaraglanandygyny aýdypdyrlar, Oraz serdaryň topy, pulemýoty, köp goşuny bar diýipdirler.
Iň esasy zat bolsa bolşewikler saňa köp gezek dönüklik etdiler,
olaryň türkmen bilen dini hem başga diýipdirler.
Oraz serdar hem onuň arkasynda duran iňlisler Eziz han özleriniň erkini sadyklyk hem köre-körlük bilen berjaý eder ýörer
öýdüpdirler. Ýöne olaryň bu tamasy çykmandyr. Komanduýuşinisem, täze dörän Aşgabat hökümetiniňem buýruklarydyr
görkezmelerini ol ýa-ha ret edipdir ýa-da ýerine ýetirmändir.
1
TSSR MDA. f. 171, po. 1, d. 70, l. 16.
18
enedilim.com
Basym Eziz han bilen Oraz serdaryň mäşiniň bişişmejekdigi
aýan bolýar. Eziz han Oraz serdaryň nökerleriniň ilatyň gallasyny hem beýleki azyk önümlerini elinden alýandygyny bilip
ör-gökden gelýär.
– Halkyň bugdaýyny elinden alma! – diýip, komanduýuşiniň ertir özüne-de daýhanlary talamagy buýurjakdygyny bilen
Eziz han aýdypdyr. – Olar açlygyndan öläýmeli däl ahyry! Öz
halkyňy talajak bolsaň, urşup ýörmegiňem geregi ýok!
Meniň goşuna iýdirmäge zadym ýok! – diýip, Oraz serdaryň
girre gahary gelipdir. – Meniň adamlaryma sen-ä öz bugdaýyňy
beräýesiň ýok!
– Onuň ýaly bolsa munça ýal ýagysyny yzyňa tirkäp ýörmäň
näme?! – diýip, Eziz onuň jogabyny beripdir.
Eziz hanyň Sowetler wagtynda halka galla paýlap, özüne
bolsa şunuň ýaly agyr ýagdaýda hem zat bermändigi üçin Oraz
serdaryň içinde kitüw galan bolmagy ahmal. Eziz han, hakykatdanam, öz çöregi bilen ak gwardiýaçy leşgerleri eklemek islemändir.
Şeýdibem iki serdar oňuşmandyr. Eziz han gyzmalyk edip,
ýaraga ýapyşypdyr. Oraz serdar öz garawullaryny kömege çagyrypdyr. Ýöne olaryň arasyna düşüpdirler. Şu çaknyşykdan soň,
olar biri-birini halamandyr, iki arada duşmançylyk döräpdir. Bu
duşmançylyk üçin sebäp ýeterlik bolupdyr. Tanymal hem baý
nebereden bolan general Oraz serdar tötänleýin han bolup oturyberen garamaýak mirap Eziz gotura göwnüýetmezçilik edipdir.
Arakdan-neşeden habarsyz Eziz han hem hemişe agzyndan arak
ysy aňkap duran Oraz serdary görenden jyny atlanypdyr. Ýaşy
bir çene baran generalsumak özüniň halamalygy bilenem sypaýy hem päkize Eziz handa ýigrenç döredipdir. Bu kelte boýly,
etli-ganly generalyň bilindäki gylyjy hemişe ýere degjek-degjek
bolup süýrener ýatar eken.
«Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýip ýöne ýere
aýtmandyrlar. Ähli goşunyň komanduýuşisi bolan Oraz serdar
Eziz hanyň lepbeý diýip durmagyny isläpdir, ony gowuşgynsyzlykda aýyplapdyr. Onuň pikiriçe, Eziz hanyň jigitleri hem ýürek
bilen, yhlas bilen gulluk etmeýärlermiş, sowet goşunlaryna garşy
19
enedilim.com
geçirilýän operasiýalara gatnaşmakdan boýun towlaýarlarmyş.
«Eziz hanyň türkmen atly otrýady duşmanyň arkasyndan uzaklara aýlanyp, razwedka geçirdi, ýöne bu iş gaty gowşak hem
netijesiz geçirildi»1 diýip, ak gwardiýaçylaryň komandowaniýesine iberilen maglumatda aýdylýar.
1918-nji ýylyň 12-nji awgustynda iňlis interwentleri Artygyň ýanynda serhetden geçip, Baýramalynyň eteginde sowet
goşunlary bilen söweşe girenlerinde, Eziz han öz nökerlerini ak
gwardiýaçylaryň pozisiýalaryndan aýryp, Agalaňa çekilýär. Şol
ýerde onuň ýokdan bar edip tygşytlan bugdaýy bar eken. Ol
frontdanam eli boş gitmändir. Öz otrýadyny ýarag bilen üpjün
edipdir, bir pulemýot bilen bir artilleriýa topuny äkidipdir.
Eziz hany ýene ejirli oýlanmalar öz girdabyna alypdyr. Kimiň tarapyny tutmaly? Bolşewikleriň ýanyna gitmelimi? Oraz
serdaryň ýanyndan ol öz nökerlerini okuň astynda galdyrmajak
bolup gaýdypdyr. Iki at depişer, arasynda eşek öler edesi gelmändir. . . Munuň üstesine-de, iňlisleriň bu ýere süsdürilip gelmesi
näme? Öňki gelmişekler – sarizm bilen onuň kethudalary azmydy? Bolşewikleriň ýerine gelen Aşgabat häkimleriniň olardan
näme gowulygy bar? Doňzuň agy näme, garasy näme? Bary bir
doňuz dälmi?! Eziz han başa gelenini görübermeli bolar diýen
pikire gelýär. Häzirlikçe bolsa öz bugdaýyna berk bolmagy, gyzyllaram, aklaram, iňlislerem Agalaňa goýbermezligi ýüregine
düwýär. Eziz hanyň hemme hereketleri onuň şol wagtlar hiç bir
tarapa-da ynam etmändigini tassyklaýar. . .
Frontda bolsa gan döküşikli söweşler dowam edipdir. Şol
söweşleriň gidişinde Oraz serdaryň yzyna düşen türkmenler köp
gyrlypdyr. Aklaryň hökümeti goşun gullugyna alnan düýnki
daýhanlary öňdäki pozisiýalara iberipdir. Harby düzgün-nyzam
öwredilmedik, reňdar milli donly, gaba telpekli türkmenler gyzyl-esgerler üçin oňat nyşana bolupdyr. Olar telpegini okopdan
çykardygy bes, patladyp urupdyrlar. «Şeýdip gaty köp türkmen
öldi – diýip, şol wakalary gözi bilen gören K. Leýn ýatlaýar. –
Sähranyň buýsançly, päk ýürekli, ynanjaň ogullary, sähranyň
1
ORMDA, f. 446, op. 2, d. 55, l. 13.
20
enedilim.com
rysarlary awantýuristleriň bir toparjygynyň syýasy pyrryldagy
sebäpli bigünä wepat boldular»1 .
Ak gwardiýaçylaryň hem iňlisleriň birleşen güýçleri gyzyllaryň pugta berkidilen pozisiýalaryny alyp bilmän, Kakadan iki
gezek yza çekilipdirler. Sowet komandowaniýesiniň elinde öz
goşunlarynyň tylynda, ýagny Agalaňda ak gwardiýaçylaryň pozisiýalaryny taşlap gaýdan Eziz hanyň otrýadynyň bardygy hakdaky maglumat bar eken. Ýöne olar Eziz hanyň näme niýetiniň
bardygyny bilmändirler. Iň kyn pursatda özleriniň arkasyndan
zarba urar öýdüp howatyrlanypdyrlar.
Şonuň üçinem Zakaspi frontunyň komandowaniýesi iki otrýadyň – Borisoglebow hem Mary otrýadlarynyň güýji bilen
Eziz hanyň otrýadyny Agalaňdan urup çykarmagy, has takygy,
derbi-dagyn etmegi ýüregine düwýär. Ýöne sowet komandowaniýesi şeýle karara gelmezden ozal, Eziz hanyň näme üçin
aklaryň arasynda däl-de, öz dogduk obasyndadygynyň sebäbine göz ýetirjek bolubam azara galmandyr. Sowet komandowaniýesi hatda gan dökmezden ýeňiş gazanmak hakda-da pikir
etmändir. Eziz hanyň närazylygynyň, ikirjiňlenmeleriniň düýp
çeşmelerine, sebäplerine düşünjegem bolmandyr. Eger sowet komandowaniýesi gyzyl komissar Stepanowyň göreldesine eýerip,
Agalaňa parahatçylykly delegasiýa iberen bolsady, ähtimal, Eziz
han gyzyllaryň tarapyna geçse-de geçerdi. Asly daýhan bolan
Eziz hanyň urşasy gelip durmandyr. Ol bimaksat gan dökmejek
bolup aklaryň ýanyndan gaýdypdyr ahyry.
Men Gyzyl aga Saryýewden näme üçin Eziz hanyň nökerleri
sowet otrýadlary bilen söweşe girdiler diýip soranym-da, ol Eziz
hanyň ilki asla hiç kim bilen uruşmak niýetiniň bolmandygyny
aýtdy. «Biz diňe. gorandyk, biziň üstümize geldiler, bizem olara
gaýtawul berdik. Duşman bilen duşman ýalam bolunýar-da. . . »
diýdi. Ol Eziz hanyň Aga däli Hanjaýewi, Baýram galtamany we
beýleki pidalaryny öldürmeginiň sebäbini hem şeýle düşündirdi.
Gyzyl han adamlaryň ölümi hakda bolaýmaly zat ýaly gürrüň berýär. Uruş uruş bolýar, duşmanam duşman bolýar, ýigit
1
MLI TF-niň golýazmalar fondy, d. 136, s. 37.
21
enedilim.com
hökman öz duşmanyny öldüräýmeli, sen ony öldürmeseňem, ol
seni öldürjek. Eger keseki ýurtlular bilen urşulýan bolsa, seniň
janyňa gan çaýkap, ýurduňy, erkinligiňi. . . basyp almaga gelen
basybalyjylar bilen urşulýan bolsa, Gyzyl hanyň sözlerine hä
diýse-de boljak. Ýöne nähak gan dökulmegi, aslynda graždanlyk
urşy diýen zat adamkärçilige sygýan zatmy? Emele gelen ýagdaýyň emri bilen bir halk, bir taýpa, bir tire barrikadanyň dürli
tarapynda galsa, bu kowahada laýyk zatmy? Ýeri, iki ildeşiň,
iki sany daýhan oglunyň – Eziz Çapykow bilen Aga Hanjaýewiň paýlaşyp bilmeýän zady näme diýen sorag ýüze çykýar.
Dogan dogany gyrmaga mejbur edýän gyrgynçylykly urşuň elhenç tragediýasy, akmakçylykdygy hem şundan ybarat. Elhenç
betbagtlyklaryň üstünden elten totalitar sistemanyň geçmişden
alan mirasynyň nogsany hem şundan ybarat. Totalitar sistema
uzak ýyllar boýy hanlaryň hem baýlaryň milli buržuaziýanyň,
milletiň güli bolan intelligensiýanyň, soňra bolsa kulakçylyga
çekilen million we million orta daýhanlaryň edil özümiz ýaly
adamlar bolandygyny gizlejek bolup elinden gelenini edip geldi.
Olaryň başarnygynyň biziňkiden pes däldigini, watany bizden
pes söýmeýändigini, ol hakda bizden pes alada etmeýändigini
gizläp geldi. Ol adamlar halk duşmany atlandyryldy.
Eger sowet komandowaniýesi parasatlylyk, sowukganlylyk,
çeýelik görkezen bolsady, Zakaspide köp gandöküşlikden sypmak boljak eken. Şonda, ähtimal, Eziz hany hem rewolýusiýanyň
bähbidi üçin gorap saklamak bolardy. Ýüzlerçe ýaş ýigitleriň
ömür tanapy gyrylmazdy. Köp sanly gyzyl esgerlerem, şol sanda
Borisoglebow otrýadynyň komandiri Matweýenko hem heläk
bolmazdy. Olar Eziz hanyň garşysyna geçirilen paýhassyz operasiýada heläk bolupdylar we bu soňra Eziz hanyň üstüne esasy
günä hökmünde ýüklenipdi.
Soňra Zakaspi frontunyň rewolýusion harby sowetine ýolbaşçylyk eden, rewolýusiýadan ozal Tejende ýaşan we Eziz hany
tanaýan N. A. Paskuskiý gyzyllaryň yza çekilmeginiň (1918-nji
ýylyň oktýabrynyň ahyrynda sowet goşunlary Tejeni hem tutuş
Mary oazigini taşlap gitmäge mejbur bolupdy) sebäplerini çintgäp, gyzyllaryň otrýadlarynyň Eziz hanyň garşysyna geçiren
22
enedilim.com
operasiýasyna goýberilen ýalňyşlyk hökmünde baha beripdir.
Nikolaý Antonowiç Agalaňyň üstüne hüjüm etmän, gepleşikler
geçirmek üçin ol ýere parahatçylykly delegasiýa iberilmeli eken
diýip hasap edipdir1 .
Bu ýagdaýlaryň düýp manysyna göz ýetirmek üçin şol günlerde bolup geçen wakalary göz oňüne getirip göreliň. «Türkmenistan SSR-nyň taryhynda» şeýle diýilýär: «15-nji oktýabra
geçilýän gije iňlis komandowaniýesi Eziz Çapykowyň bandasyny iňlis ýykgynçylary bilen bilelikde Tejen stansiýasyna taşlady.
Çapykowçylar hem interwentler Tejen şäheriniň ýarysyny ýandyrdylar we parahat ilaty wagşylyk bilen jezalandyrdylar. . . »2 .
Ýöne awtor, näme üçindir, hiç bir çeşmä salgylanmaýar. Bu
«ile äşgär edilen» fakty menem özümiň «Zakaspide bolşewikler
podpolýesi» diýen kitabymda peýdalanypdym. Şonda men Eziz
han Duşagyň eteginde gyzyllar bilen söweşe girdi we olar 60-a
golaý öli adam ýitgi çekdiler diýip tassyklapdym. Gynansagam,
men bu fakty gaty şübheli, belki, juda tendensioz çeşmä salgylanyp getiripdim. Men başga hiç bir ýerden şu getirilen sanlara
tassyknama tapmadym we häzir olaryň dogrulygy mende uly
şübhe döredýär. Beýle şübhe üçin esas ýogam däl.
Hakykat ýüzünde Eziz han şol wagt gyzyllar bilen söweşe
girip biljek däldi diýip, şol bir wagtyň özünde Zakaspi frontunyň hem harby-syýasy bölüminiň ýolbaşçysynyň, hem razwedka
gullugynyň wezipesini ýerine ýetiren I. W. Buharenko şaýatlyk
edýär. Şol günler Eziz Çapykow sowet goşunlarynyň garşysyna
hiç hili iş görmändir. «Munuň üstesine-de, iňlis hem ak gwardiýaçylar komandowaniýesi 14-nji oktýabrdaky uly hüjüm ediş
operasiýasyna Çapykowy hem çekmäge synanypdy – diýip, Iwan
Wasilýewiç dowam edýär. – Iňlis komandowaniýesi Duşak stansiýasynyň ýanynda hüjüme geçmegi ýüregine düwüpdi we şol
bir wagtyň özünde Eziz Çapykowyň gatnaşmagynda Tejen şäherini eýelemek üçinem öz otrýadyny iberipdi. Eziz han iňlisleriň
tabşyrygy bilen Göksüýri hem Tejen stansiýalarynyň aralygyn1
2
MLI TF-niň partiýa arhiwi, f. 51, op. 7, d. 51, l. 35-40.
«Türkmenistan SSR-niň taryhy», t. 2, 1957, 130 s.
23
enedilim.com
-da demir ýoly bozmalydy, şeýdibem Garmansagatda, Tejende
hem Duşakda ýerleşýän sowet otrýadlarynyň hereketini daňyp
taşlamalydy. . . Interwentleriň demir ýoluny bozmak baradaky
tabşyrygyny Eziz han ýerine ýetirmedi. Bu bize iki polkuň güýji
bilen duşmany Duşakdan urup çykarmaga mümkinçilnik berdi,
duşman uly ýitgiler çekdi»1 .
1918-nji ýylyň iýulynyň aýaklarynda, heniz sowet goşunlary
yza çekilip başlamanka, aklaryň Aşgabatdaky pitnesiniň yzysüre öňki ofiser Allaýarow öz nökerleri bilen Sowet häkimiýetiniň
duşmanlarynyň tarapyna geçipdi. Allaýarow Daşkendiň harby halk komissary, soňra iňlis agenti bolup çykan Osipowyň
ynamyndan peýdalanýardy. Ol Osipowdan «ak gwardiýaçylar
bilen göreşmek üçin wagşy diwiziony (400 adamdan ybarat)»
döretmäge 250 müň manat pul alypdyr. Il içinde Allaýar tat ady
bilen meşhurdygyna garamazdan, özüni Allaýar han diýip yglan
edipdir. Gabawa düşen Guşgy garnizonyna garşy harby operasiýalara gatnaşypdyr. Şonuň ýaly hem Tejeniň talanmagyna
işeňňir gatnaşypdyr2 .
1918-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan 15-nji oktýabryna geçilýän gije Tejeniň üstüne çozulmagynyň, şäheriň talanmagynyň,
onuň bir topar ilatynyň öldürilmeginiň, dermanhananyň otlanmagynyň Eziz hanyň otrýadynyň üstüne ýöňkelendigini hem
gepiň gerdişine aýdyp geçmegimiz gerek. Hakykatda bolsa bu
talaňçylyk, wagşylyk Allaýar tatyň wagşy diwiziony, ak gwardiýaçylar, interwentler, hususanam, türkmen geýimi geýdirilen sypaýylar tarapyndan edilipdir. I. W. Buharenko dermanhananyň
eýesi B. L. Barasyň iňlis interwentleri tarapyndan Türkmenistana ýetirilen ýitgini kesgitlemek baradaky komissiýanyň adyna
ýazan arzasyna hem onuň bilen eden ýüzbe-ýüz gürruňine salgylanmak bilen, Tejeni otlanlaryň hem onuň ilatyny gyranlaryň
ak gwardiýaçylar hem iňlislerdigini tassyklaýar. Bu wagşyçylykly eden-etdiligi B. L. Baras hut öz gözi bilen görüpdir. Ýöne ot
ýanman, tüsse çykmaz diýipdirler. Çemine gelen zady sypdyryp
1
2
MLI TF-niň partiýa arhiwi f. 51, op. 7, d. 51, l. 35-52.
SGMDA. f. 110, op. 23, d. 609, l. 262.
24
enedilim.com
goýberse, Eziz hanyňam Eziz han bolmadygy bolýar. Ähtimal,
ata-babalaryna çeken alamançylyk damary gozganan bolmaly,
her näme-de bolsa, şol tragiki gije Eziz hanyň nökerleri eýýäm talaňa salnan şähere barypdyrlar. Dermanhanaçynyň maşgalasyny
hem Paskuskiniň uýalaryny Agalaňa alyp gidipdirler1 .
Garawsyz naçarlary alyp gitmek Eziz hana nämä gerek bolduka? Girew hökmünde äkitdimikä? Ýa-da olary öz nökerlerinden
halas etmek üçin şeýtdimikä? Görnükli sowet işgäri Paskuskiniň, Eziz hanyň adalatly, päk göwünli adam, hökmünde tanaýan
adamynyň uýalarynyň ýesir äkidilmeginiň taryhy henize çenli
gizlin syrlygyna galýar. Iň esasysy ýesir äkidilen aýallara hut
Eziz hanyň özi howandarlyk edipdir we olara hiç zat degilmändir. Hiç kim olary agyrtmandyr, olar aman-sag öýlerine dolanyp
gelipdirler. Dermanhanaça-da hiç zat edilmändir.
Şu ýerde Eziz han, gürrüňlerde, birentek işlerde görkezilişi
ýaly ýowuz, birehim adam hökmünde däl-de, başgarak şekilde
göz öňüne gelmeýärmi näme? Diýmek, halk tarapyndan ykrar
edilen Tejen «hökümdary» iň bir ýowuz zamanada-da arkasyza
arka durmak, biçäre adamlara duýgudaşlyk etmek duýgusyny
ýitirmändir eken. Muňa tüýs türkmen häsiýeti diýerler.
1
MLI TF-niň partiýa arhiwi, f. 61, op. 7, d. 51, l. 35-52.
25
enedilim.com
EZIZ HAN  TEJEN HÄKIMI
Takmynan 1918-nji ýylyň güýzünde Zakaspiniň halky Funtikowyň wagtlaýyn ispolnitel komiteti diýilýän Aşgabat hökümetiniň galplyk perdesidigine, buržuaziýanyň hem ak gwardiýaçy
ofiserleriň şol perdä bukulyp bet niýetlerini amala aşyryp ýörendiklerine göz ýetirýär. Soň-soňlar mälim bolşuna görä, Aşgabat hökümetiniň arkasynda çernosotençi «Türküstan harby
guramasy» durýar eken. Ol guramany bolsa iňlis razwedka gullugy jomartlyk bilen ekläpdir. Adamlar wagtlaýyn ispolkomyň
dargadylandygy hem tussag edilendigi, harby diktaturanyň berkarar edilendigi barada aç-açan gurrüň edipdirler. Ilki batlara
demokratiýa hakda, «aýry-aýry şahsyýetlersiz Sowet häkimiýeti»
hakda bogazyna sygdygyndan gygyran reaksionerler, buržuaz
partiýalaryň liderleri hem ýüzlerinden perdesini syrypdyrlar.
Dolandyryjy toparlar – iňlis komandowaniýesi, aklaryň ştaby,
graždan häkimiýetleri, milli «kethudalaryň» liderleri banka salnan möýlere meňzeýärdiler. Daşyndan göräýmäge hemme zat
allanäme ýalydy. Ak gwardiýaçylar hökümeti iňlisleri «goragçylar» atlandyrýardy. Denikin Oraz serdary generallyga geçiripdi.
Ýeňsikçi general bolsa bar zady unudyp, iňlis interwentleriniň
baştutany Mallesonyň albaýyna imrinýärdi. Bu ýakasy belli razwedkaça Buhara emriniň adyndan birinji derejeli Buhara ýyldyzy
ordenini getirip beripdi. Hakykatda bolsa olaryň bary ikiýüzlülik edýärdi, biri-birine janyny ynananokdy. Iňlisler Türkmenistany 25 ýyllap okkupirlemäge razylyk aljak bolup, ellerinden
gelenini edýärdiler. Milli «kethudalaryň» goltugyna garpyz gysdyrýardylar. Olary wagtlaýyn ispolkoma hem ak gwardiýaçy
ofiserlere garşy öjükdirýärdiler. Şol bir wagtyň özünde-de iki
tarapy-da özleriniň «dostlugyna hem ak ýüreklidigine» ynandyrmaga jan edýärdiler. Azerbaýjandan polkownik Biçerahowyň ak
kazak goşunlary Aşgabat hökumetine kömege geljek bolanda, iň26
enedilim.com
lisler olary Krasnowodskiniň üstünden goýbermändiler. Ol ýerde tas uly çaknyşyk bolupdy. Ana, şonda Aşgabat hökümetiniň
ministri Zimin ýene bir gezek okkupantlaryň «rehimdarlygyna»
sezewar bolup, Mallesonyň «gödekliginden» zeýrenipdi.
Zakaspide täze hojaýynlaryň – iňlisleriň peýda bolmagy hyjuwlary hasda tutaşdyrdy, hilegärlik düwnüni has berk çigdi.
Buržuaz liderleri okkupantlar bilen ak gwardiýaçylaryň arasynda iki ýana urunýardylar. Bir interwentler bilen gepleşikler geçirýärdiler, bir ak gwardiýaçylar bilen. Olar Zakaspini Denikiniň
meýletin goşunynyň komandowaniýesiniň we Sibiriň Ýokary
hökümdarynyň (Kolçagyň) territoriýasy diýip ykrar etmek barada akt taýýarlapdylar. Ýöne munuň özi milli «kethudalara»
tire-taýpa serdarlarynyň, hanlaryň, baýlaryň gizlin maslahatyny
geçirmäge sähelçejigem päsgel bermändi. Şonda «Öwezbaýewiň
partiýasy ruslar bilen gutarnykly arany üzmeli diýip aýak diräpdir, maryly Guljemal hanyň wekilleri bolsa türkmenler ruslarsyz
oňup bilmez diýipdirler».
Denikiniň oswagynyň dokumentlerinde bellenişi ýaly, iňlisleriň «türkmenleriň hem ýomutlaryň arasynda» «arkaýyn propaganda» geçirip ýörmegi, Öwezbaýewiň türkparazlygy, han
Ýomutskiniň «meýletin goşunyň zyýanyna edýän» hereketleri
ak gwardiýaçylaryň komandowaniýesiniň kejebesini daraldypdyr. Ýöne munuň özi «meýletin goşunyň kuwwaty» bilen tanyşmak üçin han Ýomutskiniň baştutanlygynda Demirgazyk
Kawkaza gelen delegasiýasy Denikiniň mähirli garşylamagyna
päsgel bermändir1 .
Şol wagtlar Zakaspiniň şäherlerinde galla ýetmezçilik edipdir. Häkimiýetler azyk toplamak üçin obalara ygtyýarly wekiller
iberipdirler. Ýöne olar eli boş dolanyp gelipdirler. Çärek nobatyna duran adamlaryň hatary barha uzapdyr. Ak gwardiýaçylaryň
«Golos Sredneý Aziýi» diýen gazeti (1918-nji ýylyň 2-iji hem 12-nji oktýabrdaky sanlary) okyjylara ýüzlenip, şeýle zeýrenýärdi:
«Bazarlar-da etiň ady ýitdi. . . Dükanlarda ýag, sabyn, otluçöp
1
ORMDA. f. 446, op. 2, d. 55, l. 16, 89, 92; d. 56, l. 65, 77, 78, 115, 154. TSSR
MDA, f. 580, op, 1, d. 2, l. 278. SGMDA, f. 110, op. 23, d. 3, l. 536.
27
enedilim.com
ýok. . . Gandyň deregine. . . hapa kişmiş. Süýdüň bahasy ýokary
galdy. . . Şäher gubara gark bolup barýar. . . »
Zakaspiniň şäherlerinde, aýratynam Aşgabatda jelepçilik
möwjäpdi. Jelepleriň sany soldatlaryň sanyndan kändi. Spekulýantlar ýagyşdan soň çykan kömelek ýaly köpdi. Azyk önümleriniň bahasy biçak ýokary galypdy.
Aklaryň häkimiýeti galla tapjak bolup, her tarapa urunýardy.
Noýabrda Aşgabatda azyk gurultaýy çagyrylýar. Gurultaýda
Zakaside diňe azyk krizisiniň däl, maliýe krizisiniňem dowam
edýändigi bellenilýär. Gurultaýda ýekeje-de türkmen bolmandyr. Daýhanlar özleriniň ak gwardiýaçy hökümete we onuň
syýasatyna bolan garaýyşlaryny şeýle beýan edipdirler. Funtikowyň hökümeti gazetler arkaly Zakaspiniň graždanlaryna
1917-nji hem 1918-nji ýyllaryň üzülmedik girdeji, ýer, şäher we
beýleki salgytlary tölemek baradaky talap bilen telim gezek ýüz
tutupdyr. Hiç bir zat – ýowuz buýruklaram, geçen ýyllaryň
üzülmedik salgydyny zorluk astynda tölemekden boýun towlan
daýhanlaryň tussag edilmegi hem hökümete öz maksadyna ýetmäge kömek etmändir. Bu daýhanlaryň şol wagtky ahwalyny
hem olaryň ak gwardiýaçylar hökümetine bolan gatnaşygyny
äşgär görkezýär.
Şeýdip eserleriň hem ak gwardiýaçylaryň hökümeti Sowet
häkimiýetiniň gazananlaryny ädimme-ädim ýoga çykarypdyrlar, ýene hemme zat öňki-öňküligine dolanypdyr. Häkimiýetler
galp demokratiýa bukulyp, özleriniň halka garşy syýasaty bilen
adamlaryň gözleriniň açylmagyna ýardam edipdirler. Zakaspi frontunda ýeňlişe sezewar bolan ak gwardiýaçylar bir ýylyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eziz han hakda hakykat - 3
  • Parts
  • Eziz han hakda hakykat - 1
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 1915
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 2
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1885
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 3
    Total number of words is 3475
    Total number of unique words is 1851
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 4
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2100
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 5
    Total number of words is 2749
    Total number of unique words is 1585
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.