Latin

Eziz han hakda hakykat - 3

Total number of words is 3475
Total number of unique words is 1851
29.3 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dowamynda üç gezek «umumy», «gyssagly», «mejbury» mobilizasiýa yglan edipdirler. Ýöne her hili haýbat atmalaram netije
bermändir. Goşun gullugyna çagyrylýan ruslaram, türkmenlerem ýygnanyş punktlaryna barmandyrlar. Şeýdip, yglan edilen
mobilizasiýalaryň üçüsi hem başa barmandyr. Ägirt uly jeza beriji apparatyň – milisiýanyň, kontrrazwedkanyň yhlas bilen jan
çekmegine garamazdan başa barmandyr. Ýogsa diňe Aşgabadyň
territoriýasynda on bir dürli kontrrazwedka hereket edýär eken.
Şeýle çylşyrymly şertlerde Eziz han ak gwardiýaçy goşunla28
enedilim.com
ryň komanduýuşisi Oraz serdar bilen arany gutarnykly üzüp,
Tejen oazisinde öz häkimiýetini berkarar edýär. Iki serdaryň
arasyndaky ilki jetligiň, soňra bolsa duşmançylygyň gözbaşyny
men tebigatyň özünde – häkimiýet ugrundaky göreşde gorýärin.
Tejen oazisinde öz hanlygyny döretmek ugrunda jan edýän Eziz
hanyň tutuş türkmen topragyna häkim bolmaga dalaş edýän
Oraz serdaryň golastynda gulluk edesi gelmändir.
Barrikadanyň beýleki tarapynda galandygyna garamazdan,
Eziz han henizem öňküsi ýaly Sowet häkimiýetiniň duşmanlary
bilen dil düwüşige gitmändir, onuň garşysyna nähilidir bir çynlakaý duşmançylykly hereketler etmändir. «Tejen etrapynda Hywa
tarapda Eziz hanyň eýelik edýän ýerleri ýerleşýär. Ol öz ilatynyň
arasynda uly abraýa eýe, özem daşkent sowet hökümetine hoşniýetli garaýar. Han iňlislere hem aklara (aşgabat hökümetine)
ynamsyzlyk bilen garaýar1 » diýlip, biziň razwedkamyzyň sowet
komandowaniýesine iberen habarynda aýdylýar.
Ak gwardiýaçylaryň kontrrazwedkasy bolsa ynjalyksyzlanmak bilen Denikine şeýle habar beripdir: «Eziz hanyň özbaşdak
hereketleri, onuň öz bölümlerini frontdan yzyna çagyrmagy hem
ýewropalylara (ruslara, ak gwardiýaçylara – R. E.) garşy ýerli ilatyň arasynda propaganda alyp barmagy. . . oňa gözegçilik etmegi
güýçlendirmäge mejbur etdi. Eziz han dowam edýän häkimiýeti düýbünden ykrar edenok we ruhanylara hem Jüneýit hana
daýanmak bilen özbaşdak hanlyk döretmek planyny çekýär2 ».
Özüniň pikirdeşleri Ulugbaý Gyzylyň, Alty sopynyň işeňňirlik bilen hemaýat etmeginde Eziz han öz otrýadyna nöker toplamagyny dowam etdiripdir. «Ministrler sowetini» döredipdir,
ýerli baýlardan bolan duşmanlarynyň köpüsini tussag edipdir.
Olaryň birnäçesini öldüripdir, birnäçesiniň hununy talap edipdir.
Hunuň möçberi satyn alynýanyň maddy hem jemgyýetçilik ýagdaýyna bagly bolupdyr. Ak gwardiýaçylaryň komandowaniýesi
hökümet bilen bilelikde «täsirli» adamlara garşy eden-etdiligi
bes etmegi hem öz otrýady bilen bilelikde haýal etmän fronta
1
2
SGMDA, f. 110, op. 23, d. 609, l. 262.
TSSR MDA, GÝ. 43, l. 225.
29
enedilim.com
gaýdyp gelmegi Eziz handan birnäçe gezek talap edipdir. Emma
Çapykow häkimiýetleriň erkini berjaý etmekden çürt-kesik ýüz
dönderipdir1 .
Eziz hanyň Zakaspi ülkesini çörek bilen üpjün edýän Tejen
oazisinden bugdaý çykarmagy gadagan etmegi ak gwardiýaçylar
hökümetini gozgalaňa salypdyr. Tejen häkiminiň bu «eden-etdiligi» Zakaspi oblastyny dolandyryjylaryň Soweti diýilýäniň
mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Mejlis, näme üçindir,
Çapykowyň buýrugyny ýatyrmagy frontuň komanduýuşisine
teklip edipdir2 . Şeýle karara gelinmegi hökümetiň iliň arasynda
abraýynyň ýokdugyny görkezýär. Öz abraýyna ynamy bolmany
üçinem ol harby komandowaniýäni çäre görmäge borçly edýär.
Harby komandowaniýe bolsa Eziz hana öz nökerlerini frontdaky
söweş pozisiýalaryna getirdip bilmän ýör.
Elbetde, Çapykow Tejenden galla çykarmazlyk baradaky buýrugyny ýatyrmandyr. «Golos Sredneý Aziýi» gazetiniň (1918-nji
ýylyň 30-njy noýabry, 1919-njy ýylyň 30-njy ýanwary) nägile
äheňi muňa şaýatlyk edýär. Kontrrewolýusion hökümetiň pikirini beýan edýän bu ýarym resmi gazet Aşgabadyň pikirini
hem bähbitlerini düýbünden hasaba almaýan Tejen «häkiminiň»
özbaşdak hereketlerinden hökümetiň aç-açan nägiledigini bildirýär. «Öz ýerinde gallany pula satmagy gadagan edip, diňe
gallaçylara zerur bolan azyk önümlerine satmaga rugsat berýän «tejenli jenabyň görkezmesi» oblastda otrisatel prosesleri
döredýär, syýasy ýagdaýa täsir edýär» diýip, gazet ýazýar.. «Bu
barada aç-açan aýtmaga çekinselerem, umuman, çapykowçylyk
türkmenleriň özüni hem ynjalykdan gaçyryp başlaýar» diýip,
«Golos» pikirini jemleýär.
Eziz hanyň hereketleri häkimiýetleri mazaly ynjalykdan gaçyrypdyr, ýöne şol hereketleriň ýerli ilatda nägilelik döredendigini
tassyklaýan dokumentleri welin men hiç ýerde gabat gelmedim.
Gaýta käbir arhiw materiallary Eziz hanyň tejenliler hakda alada
edendigine we özüçe olaryň ynsanlyk hukuklaryny gorandygy1
2
TSSR MDA, GÝ. 43, l. 224.
TSSR MDA, f. 205, op. 1, d. 1, l. 49.
30
enedilim.com
na şaýatlyk edýär.
Bir gezek, 1918-nji ýylyň noýabrynyň ikinji ýarymynda, tejenli daýhanlar satmak üçin Kakadaky bazara 18 düýe ojar getiripdirler. Raýonyň komandanty Krasowskiý oduny olaryň elinden
alypdyr, eýelerine bolsa her düýe ojar üçin elli manat hödürläpdir.
Puluň hümmetiniň ýokdugyna belet odunçylar puly almakdan
ýüz dönderipdirler. Tejene gelip, öz häkimleri Eziz hana arz
edipdirler. Şol ýylyň 22-nji noýabrynda Eziz han Kaka raýon
komissarynyň kömekçisi Gara işan Ysmaýylowyň adyna şeýle
telegramma iberipdir: «Siziň ygtyýar etmegiňiz bilen, tejenlileriň närazylygyna garamazdan, olaryň elinden on sekiz düýe
odun alypsyňyz. Şonuň üçinem odun eýeleriniň diýen bahasyny
berip, olary kanagatlandyrmagyňyzy teklip edýärin. Ýogsa-da
siziňkilerem men tarapdan rehimsiz zorluga sezewar ediler»1 .
Hawa, Tejen otrýadynyň naçalnigi Eziz han adalaty dikeltjek
bolup, resmi adama haýbat atyp telegramma iberýär. . . Bu Eziz
hanyň edäýjek zady. Ol köplenç soňuna seredip durmandyr.
1919-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda sülçi Skoroskiý şol wagtlar
Aşgabat hökümetiniň funksiýasyny ýerine ýetiriji Jemgyýetçilik
halas ediş komitetiniň buýrugyna salgylanmak bilen, Wagtlaýyn halk-meýdan sudunyň başlygynyň adyna «Eziz Çapykowy
günälemek boýunça deslapky derňewi geçirmek üçin»2 özüniň
Tejen şäherinde we Saragt berkitmesine gidýändigi hakda raport
beripdir. Sülçiniň şeýle gyssagly gitmeginiň sebäbini name bilen
düşündirmek bolar? Bu barada oblastyň gazetleri hem gürrüň
edýärler. Olaryň berýän habarlaryny ak gwardiýaçy komandowaniýäniň we onuň hökümetiniň dokumentleri hem tassyklaýar.
Ol habarlardan Eziz hanyň Tejende, Saragtda hem Mary oazisinde alyp barýan syýasaty babatda uly howsala düşülýändigi
bildirýär.
Saragt poçta-telegraf kontorasynyň uprawlýaýuşisi Mizgirow
diýen biri Aşgabada şeýle habar beripdir: «Şu gün Eziz hanyň
dikmesi, ýerli türkmen Baýram han Saragt gümrükhanasyndan
1
2
TSSR MDA, f. 38, op. 1, d. 26, l. 271.
TSSR MDA, f. 486, op. 1, d. 211, l 1.
31
enedilim.com
gümrükhanany, pullary hem döwlet emlegini özüne tabşyrmagyny talap etdi. Ol tokaý garawulyndanam şeýle talap etdi. Şonda
ol Saragtda Eziz hanyň häkimiýetiniň berkarar edilýändigini,
rus döwlet edaralarynyň ýapylýandygyny, olaryň gullukçylarynyň bolsa işden boşadylýandygyny mälim etdi. Maňa ynanylan
edara barada entek beýle talap edilenok, ýöne ýakyn wagtda
şeýle ediljekmiş diýen gürrüň bar. Baýram hanyň elinde Eziz
han tarapyndan berlen ygtyýarnama we ýaragly güýç bar, onsoň
ýatladan talabym goýulsa, oňa garşylyk görkezmäge ýagdaý ýok.
Ştabyň (ak gwardiýaçylar goşunynyň harby komandowaniýesi
nazarda tutulýan borly – R. E.) maslahaty bilen pars Saragtynda
ýerleşýän iňlis polkownigi Batine ýardam etmegini sorap ýüz
tutdum. . . »1 .
Eziz han ýaz ekişine taýýarlanmak bilen, hojalyk meselelerine uly üns beripdir. Garrybendi hem Wekiliň sakasyny remont
etmek baradaky tehniki işlere gatnaşypdyr. Geljekki hasylyň
ykbaly şu işleriň göwnejaý berjaý edilmegine bagly bolupdyr.
Ak gwardiýaçylaryň metbugat organy Tejen häkiminiň alyp barýan işleriniň bu tarapyna matlaplaýyn baha berip, şeýle ýazýar:
«Gör, nämelere baryp ýetdi!» Soňra rus dilinde gepleýän ilaty
Eziz hana garşy öjükdirmek bilen, aýdylyşy ýaly, oduň üstüne
nebit guýýar: «Eziz Çapykowyň şol görkezmeleri netijesinde
ekerançylaryň ekiş geçirmäge ýagdaýlary ýok, sebäbi rus hem
ermeni milletinden bolap adamlara bu häkimdar tarapyndan
Tejen derýasynyň üstünden geçýän demir ýol köprüsinden bir
werst aşakda görünmek gadagan edilipdir, şonuň üçinem işçileriň erkin hereket etmegine ýol berilmeýär. Hojalyga zyýan
berýän bu görkezmeler uzaga gitmez diýip umyt etmek gerek,
häzirlikçe bolsa olar gamgyn pikirler oýarýar»2 .
Şondan birneme öňräk, 1919-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda
şol «Golos» gazeti matlap bilen şeýle ýazýar: «Tejen türkmen
komitetiniň başlygy Eziz Çapykow golaýda häkimiýetleriň ýerli
administrasiýasynyň üsti bilen Tejenden aşak gidýän ruslaryň,
1
2
ORMDA, f. 449, d. 10, l. 362-364. TSSR MDA, GÝ 46, l. 178.
«Golos Sredneý Aziýi» gazeti, 1919-njy ýylyň fewraly.
32
enedilim.com
ermenileriň hem parslaryň uýezd komissary tarapyndan berlen
şahsy şahadatnamasynyň bolmalydygyny mälim etdi, eger şeýle
şahadatnamasy bolmadyk adamlar demir ýoldan aşakda gabat
gelse, olar tussag ediljekdir. Şeýle görkezme berilmeginiň sebäbi
golaýda bir türkmeniň öldürilendigi bilen düşündirilýär, ony
öldüren ýany rewolwerli ermenileriň biridir diýlip çak edilýär.
Olara Tejenden aşakda köp gabat gelinýärmiş.»
Özünden ýokarda duran häkimiýetleriň hereketleriniň ähli formalaryna garşy göreşýän Eziz hanyň bolşunyň «sebäbini»
düşündirmek kyn däl. Häkimiýetleriň hiç birini ykrar etmezlik
bilen, ol Tejeniň, Marynyň hem beýleki goňşy oazisleriň üstünden öz häkimligini berkarar etmäge ymtylypdyr. Ýöne Garaşhan
ogly Ýomutskiý iňlisleriňem, aşgabatly ak gwardiýaçy hökümetiňem, Denikiniň komandowaniýesiniňem Eziz hana garşy
aç-açan ýa-da gizlin göreş alyp barandygyny tassyklaýar. Bu häkimiýetler ýerli ilaty Eziz hanyň «azdyryjy» täsirinden goramaga
çalyşmak bilen bir wagtda, onuň otrýadyny Sowet häkimiýetiniň
garşysyna gönükdireris diýen umyt bilen ony ýarag, ok bilen
üpjün edipdirler. Eziz iňňän aýgytlylyk bilen hereket edipdir,
öz duşmanlaryny jezalandyrmak üçin iňňän ýowuz çäreleri görüpdir, alasarmyk çärelere ýol bermändir. Onuň otrýadynda
berk düzgün-tertip ýola goýlupdyr, her hili boýun synmajak
bolmaklyk, aýratynam ýarag satmaklyk atuw jezasyna höküm
edilipdir1 .
Eziz han öz nökerlerine, pikirdeşlerine şeýle gazaply daran
bolsa, ol «kesekiler» bilen-ä has-da zabun daraşandyr diýen netije
gelip çykýar. Eziz han birini öldürtmek islese, «myhmany itden
çykaryň» diýäýýär eken diýen gürrüň il arasynda şu günlere
çenli galman gelýär. Onuň itden çykardan adamsy gaty köp
bolupdyr diýýärler.
– Şu diýilýän zatlar dogrumy? – diýip men Gyzyl handan
soradym. Baryp ýatan çypdyrma – diýip, Gyzyl han çürt-kesik
jogap berdi. – Bu sözleri halk Eziz handan öňem bilýär. Hemme zamanda bar sözler. Ol sözleri Eziz handan öň bolup geçen
1
«Türkmenowedeniýe» žurnaly, 1927, No. 2-3, 19 s.
33
enedilim.com
hökümdarlara-da diýdiripdirler. Garawsyz adamlary, onda-da
myhmanyny öldürder ýaly, Serdar beýle namart hem bet ýurek
adam däldi. Türkmenlerde myhman Allanyň wekili hasaplanýar. Bäş wagtyny yrman okan Eziz han diňe hakyky musulman
bolmak bilen çäklenmän, tüýs türkmenemdi.
Men şol soragy Hommat Ezizowa-da berdim.
– Adamlaryň ol Eziz hanyň ogly ahyry, onuň öz atasy barada erbet zat aýtjak gumany barmy diýmegi mümkin – diýip,
Hommat aýtdy. – Dogrudanam şeýle. Özüňiz pikir edip görüň, men ýetmişden geçen adam. Özümiňem, çagalarymyňam
Türkmenistanda bolmadyk ýerimiz ýok. Ýöne henize çenli bir
ýerde-de: «Seniň kakaň ýa-da siziň ataňyz meniň atamy, doganymy ýa-da garyndaşymy öldüripdir» diýen adama gabat gelmedik. . . Özüňiz bilýäňiz, türkmenler gan algysyny ýedi arkalabam
ýatdan çykaranoklar ahyry. Eger, aýdylyşy ýaly, meniň kakam
nähak ýere adam öldürip ýören bolsa, myhmanlaryny «itden
çykardyp» ýören bolsa, gan algyly bir adam dagy bir tapylardy
ahyry.
Ýene şol uzak ýyllaryň gürrüňine dolanalyň. Ak gwardiýaçylaryň ýarym resmi gazeti özüniň Eziz hana duşmançylykly
garaýşyny gizläp durmazdan, ýa-ha bilgeşleýin, ýa-da tötänden,
Saragta jeza beriji otrýadyň ugradylandygyny agzyndan sypdyrýar, özem bu herekete «Çapykowçy häkimlere garşy göreşiň
başlangyjy» hökmünde baha berýär. Bu operasiýa näme bilen
tamamlanypdyr? Bu barada gazet juda gümürtik habar berýär:
«Il arasyndaky gürrüňe görä Saragtda düzgün-tertip ýola goýlupdyr, häkimiýeti basyp alyjylar wejera bolupdyr, ilat ýagdaýdan
razy».
Tejen «häkiminiň» «anarhizmi» aklaryň goşunynyň komandowaniýesini sözüň göni manysynda guduz açara getiripdir.
Aýratynam kimdir biri Agalaňdaky bugdaý zapaslaryna göz
gyzdyraýsa, Eziz hanyň ýanyna-da barar ýaly bolmandyr, ol
bu-barada gürleşmegem islemändir. Galla krizisi bolsa ak gwardiýaçylary hemme zatdan beter ynjalykdan gaçyrypdyr. Işi şow
almadyk Oraz serdaryň ýerine (demokratiýa bilen oýunbazlyk
tamamlanýar, Denikiniň komandowaniýesi diňe türkmenlere
34
enedilim.com
däl, özüniň ruslardan düzülen hökümetine hem ynanmagyny
bes edýär, dolandyryşyň jylawyny öz eline alýar) täze bellenen
front komanduýuşisi general-maýor Lazarew Duşak garnizonynyň naçalnigi polkownik Bondarewe telegraf bilen şeýle görkezme beripdir: «Üpjünçiligi ýola goýan badyňyza tertibe getirilen
bölümleri eşelon bilen Tejene sürüň. Esasan atly goşun bilen
Agalaňy eýeläň. Agalaňdan azyk getirmegi guraň»1 .
Bu harby aksiýanyň näme bilen gutarandygyny bilemok, ýöne bir zat aýdyň: durmuşyň, hemme zadyň esasy bolan çörek
ýene öň hatara çykýar. Özem, görnüşi ýaly, Eziz han gallany
öz halky üçin saklamakdan el çeker ýaly däl. Haýbatly buýruklaram, ýaragly güýç ulanmak haýbaty hem ony gorkuzyp
bilmändir.
1
SGMDA, f. 125, op. 1, d. 157, l. 80.
35
enedilim.com
GIZLIN MISSIÝA
Şol wagtlar dünýä ýüzi nähili aladalar bilen ýaşaýardy? 1918-nji ýylyň ahyry birinji jahan urşunda soýuzdaşy Germaniýanyň
tarapynda urşan Osman imperiýasynyň ahyrky sagadynyň golaýlandygyny alamatlandyrdy. Şol ýylyň 20-nji sentýabrynda
Sowet hökümeti Brest şertnamasynyň Türkiýä degişli bölegini
ýatyrdy. Ondan sähel öňräk bolsa türk goşunlary iňlisler hem
fransuzlar tarapyndan derbi-dagyn edilipdi. 30-njy oktýabrda
Mudrosda Türküýäniň boýun egýändigi baradaky akta gol çekilýär. Bu hakykat ýüzünde Osman imperiýasynyň çagşandygyny
aňladýardy, Anlantanyň harby floty Dardanelle hem Bosfora girdi, Gara deňze aralaşdy. Iňlis, fransuz, grek, italýan goşunlary
Türküýäniň köp möhüm raýonlaryny eýelediler, onuň koloniýalaryny basyp aldylar. Keseki basybalyjylara garşy daýhanlar hereketiniň tolkuny güýçlendi, partizançylyk göreşi ýaýbaňlapdy.
Türküýäniň milli garaşsyzlygy ugrundaky watançylyk hereketine antiimperialistik rewolýusion pozisiýalarda durýan anatoli
milli buržuaziýasy ýolbaşçylyk edipdir.
Daşary ýurt interwensiýasyna garşy göreşiň şu etabynda
Sowet Rossiýasy bilen Türküýaniň bähbitleri ýakynlaşypdyr.
Zakaspiniň milli «kethudalary» hem bimaksat däldiler, türkmen halkynyň öňdebaryjy, progressiw bölegi milli bähbitlere
biperwaý garamaýardy. Munuň üstesine-de Sowet häkimiýeti
antiimperialistik hereketiň tarapynda çykyş edýän proletar däl
gatlaklarda we toparlarda ýeňiş gazanmaga kömek berip biljek
soýuzdaşyny görýärdi.
Ine onsoň 1919-njy ýylyň başynda Germaniýanyň wekili professor Möwlana Muhammet Bereketyllanyň we Türküýäniň wekili kapitan Muhammet Kazym beýiň baştutanlygynda «german-türk missiýasy» Türküstana geldi. Delegasiýanyň çlenleri Hywa,
Buhara, Daşkende baryp görüpdiler, Bereketylla bilen Kazym
36
enedilim.com
beý bolsa öňinçä Owganystanda-da bolupdy1 .
Bu missiýanyň işi hakda gürruň bermäge geçmezden ozal,
birneme öňe gidip, 1972-nji ýylda Hindistana eden syýahatym
hakda azajyk aýdyp geçesim gelýär. Bir bada göraýmäge, bu
biziň tamamyzdan juda daş ýalydyr. Şol gezekki syýahatymda
«Prawda» gazetiniň Delidäki habarçy punktunda maňa gazetiň
öz habarçysy Iwan Mihaýlowiç Şedrowyň ýardam etmeginde
Raje Mahendra Pratap bilen duşuşmak miýesser etdi. Ol uzyn
boýly, hortaň, çokga ak sakgally, togsanyň onundan giren goja
eken. Ýaşynyň köplügine garamazdan, ol giň jemgyýetçilik işini
taşlamandyr. Özüniň çaklanja hususy gazetini neşir edýär eken.
Ol gazetiň sahypalarynda bütindünýä internasional söýgi hem
dostluk hökümetini we döwletini döretmek ideýasyny ündeýär
eken. Meniň gürrüňdeşimiň paýhasy durudy, ýatkeşligi gaty
berkdi. Ol 1919-njy ýylyň 7-nji maýynda W. I. Lenin bilen bolan
duşuşygyny owunjak jikme-jiklikleri bilen ýatlap otyrdy. Ol şol
duşuşyga professor Möwlana Muhammet Bereketylla bilen bile
gatnaşan eken.
Garyp hindi rajasynyň ogly bolan Pratap öz ömrüni Hindistany iňlis kolonizatorlarynyň eýeçiliginden azat etmek ugrundaky
göreşe bagyşlamak üçin, 1914-nji ýylda öz watanyny taşlapdyr
we Owganystanda mekan tutupdyr. Eýýäm şondan soňky ýyl
ol pikirdeşi Bereketylla bilen bilelikde Kabul şäherinde Hindistanyň emigrasiýadaky Wagtlaýyn hökümetiniň döredilendigini
yglan eden antibritan guramasyny döredipdir.
Hindi watançylary öz ýurtlarynda ählumumy gozgalaň geçirmäge taýýarlanypdyrlar, hindi rewolýusionerleriniň beýleki guramalary bilen aragatnaşygy ýola goýupdyrlar, garaşsyz
döwletlerden goldaw agtarypdyrlar. 1918-nji ýylda Pratap hindi rewolýusionerleriniň bir topary, şol sanda Bereketylla bilen
antikolonial guramanyň liderleri hökmünde Sowet Rossiýasyna
gelipdir. Ol delegasiýanyň sostawyna Türküýäniň wekili kapitan
Muhammet Kazym beý hem giripdir. Delegasiýa iňlisler bilen
göreşiň giň programmasyny belläpdir. Hindistanda we Owga1
TSSR MDA, GÝ 50, l. 150.
37
enedilim.com
nystanda Kolonizatorlara garşy gozgalaň turuzmak, ilki bilenem
olary Zakaspiden, Türkiýeden, Eýrandan kowup çykarmak, ýerli
ilatdan ýigrimi bäş müňli goşun döretmek nazarda tutulypdyr.
Kapitan Kazym beý «gozgalaň hereketiniň ýolbaşçylary Jüneýit
han bilen Eziz hanyň öz pozisiýalaryny üýtgetjekdiklerine we
iňlisleri Zakaspi oblastyndan gysyp çykarmaga işeňňir gatnaşjakdyklaryna» Sowet komandowaniýesini ynandyrypdyr. Delegasiýa özüniň iňlis kolonizatorlary bilen barlyşyksyz göreşjekdigini
Welikobritaniýanyň Hindistany hem Türküýäni garaşsyzlykdan
mahrum edendigi bilen, musulmanlaryň mukaddes ýerlerini
Gyzyl ymamyň mazarynyň ýatan ýeri Maşat bilen bilelikde eýeländigi bilen, onuň agressiw syýasatynyň tutuş Gündogara howp
bolup durýandygy bilen düşündiripdir.
Kazym beý Türküstanyň Sowet hökümeti, Hywa hem aýry-aýry türkmen taýpalarynyň serdarlary arasynda töwellaçy
bolmagy öz üstüne alypdyr. Şeýle hem ol Zakaspi frontundaky
harby operasiýalara işeňňirlik bilen gatnaşmaga, Hywa goşunlaryna we türkmenlerden täze düzülen bölümlere ýolbaşçylyk
etmäge taýýardygyny bildiripdir. Türk kapitany şeýle bölümleri
diňe sowet komandowaniýesiniň kömegi hem goldawy bilen däl,
eýsem iki türkmen serdarynyňam kömegi hem goldawy bilen
döretmekçi eken1 .
Geň galmaly ýeri, Türküstanyň harby komissary Domogatskiý delegasiýa ynamsyzlyk bilen garapdyr we Zakaspi frontunyň
komandowaniýesine iberen şifrowkasynda muny gizläp durmandyr. «Hökumet çleni bolamsoň, men bu zatlaryň hemmesine
juda ynamsyz garaýaryn – diýip ol ýazýar. – Buharanyň olara
(delegasiýanyň çlenlerine – R. E.) bolan gatnaşygy hoşniýetli
däl. Owganystanyň hökümet sferalarynda hem şeýle. . . Eger olar
siz belläniňizden soň işe başlasalar, juda hüşgärlik bilen olaryň
yzyndan gizlin gözegçilik etmek gerek diýip hasap edýärin. . . »2
Şunuň ýaly ynamsyzlyk Sowet häkimligine dostlukly garaýan, tüýs ýürek bilen oňa kömek bermäge jan edýän admlary
1
2
TSSR MDA, GÝ 51, l. 200-201
SGMDA, f. 125, op. 1, d. 130, l. 125. TSSR MDA, GÝ 51, l. 198-199.
38
enedilim.com
hem Sowet häkimiýetinden daşlaşdyrypdyr, käte oňa gapma-garşy reaksiýa döredipdir.
Moskwada bolup gören M. Bereketylla Sowet Russiýasynyň
hökümetine ýazyp beren hatynda delegasiýanyň 1919-njy ýylyň
ýanwarynda Buharadan Juneýit hana, onuň üsti bilen bolsa Eziz
hana hat iberendigi hakda aýdypdyr. Şol hatda olara «bolşewiklere dost hökmünde, iňlislere bolsa duşman hökmünde garamak»
maslahat berlipdir. «Iki serdaram (Jüneýit han bilen Eziz han – R.
E.) biziň maslahatymyzy şatlyk bilen kabul etdiler we has anyk
praktiki görkezmeler almak üçin öz kurýerlerini iberdiler – diýip,
Bereketylla ýazýar. – Biz kurýeriň Kagana gelendigi hakdaky
habary Daşkentdekäk eşitdik. Onsoň Daşkent hökümeti serdar
Jüneýide, şeýle hem serdar Ezize özüniň üç sany wekili arkaly resmi hat hem gymmat baha sowgat ibermegi ýerlikli diýip
tapdy. Şol wekillere eger Hywanyň goşunlary bolşewikler bilen
bilelikde Aşgabatdaky britan goşunynyň üstüne çozsa Hywanyň
awtonomiýa bolmagyna razylyk berilýändigini aýtmak we pul
goldawyny teklip etmek tabşyryldy. Şeýle hem eger Eziz serdar
öz türkmenleri bilen iňlisleri taşlap, bolşewikleriň tarapyna geçse, iňlislere goşulyp, bolşewiklere garşy göreşen türkmenleri giň
möçberde amnistiýa teklip etmeklik tabşyryldy. . . »1 .
Sowet wekilleriniň Eziz hanyň kurýerleri bilen gizlin duşuşygynyň faktyny soňra Eziz hanyň nökerlerine baş bolup Gyzyl Goşunyň tarapyna geçen, Eziz hanyň ýakyn egindeşleriniň
biri Gyzyl Saryýew hem tassyklaýar. Ondanam öň «Eziz han
amaşaly Aky gul bilen syçmazlardan Berdi molladan ybarat öz
delegatlaryny gyzyllaryň ýanyna gizlinlik bilen iberdi – diýip,
Gyzyl han ýazýar. – Olara özüniň Oraz serdar bilen tersleşendigini hem gyzyllaryň tarapyna geçmek isleýändigini aýtmagy
tabşyrdy. . . »2 .
I. W. Buharenkonyňam agzyndan men şol gürruňi eşitdim.
Ol Gyzyl han Eziz hanyň otrýadyny alyp gyzyllaryň tarapyna
geçmek bilen, aslynda «Eziz Çapykowyň başlan işini berjaý etdi»
1
2
TSSR MDA, GÝ 51, l. 200-201.
MLI TF-iniň partiýa arhiwi. f. 51, op. 7, d. 51, l. 92.
39
enedilim.com
diýip hasaplaýar. Interwentler gelenden soň, Eziz han aklaryň
frontuny taşlap, «eýýäm şol wagtlar sowet goşunlarynyň tarapyna geçmegi niýet edinip ýören eken. . . ».
Bu wakalara gatnaşan adamlaryň ýatlamalaryny arhiw dokumentleri hem tassyklaýar. Sowet komandowaniýesine iberilen
maglumatlaryň birinde şeýle diýilýär: «Olaryň (iňlis goşunlarynyň – R. E.) tyly 6 müňden 8 müňe çenli ýerli hem regulýar
goşuny bolan Tejen hany tarapyndan goralýar. Ýöne bu han islendik pursatda iňlisleri taşlap gitmäge we bilelikde hereket etmek
üçin hywalylar hem owganlar bilen birleşmäge taýýar. Jüneýit
serdardan we tejenli Eziz serdardan. . . olaryň ikisiniňem owgan
delegasiýasynyň maslahatyny almaga ne respublikan Russiýa
hökümetiniň tarapyna geçmäge razydygyny, şeýle hem Aşgabat
frontunda iňlisleriň garşysyna hüjüme geçmäge gatnaşjakdygyny bildim»1 .
Sowetleriň soýuzdaşlary bilen bilelikde hereket etmäge taýyn
«owganlar» hem «owgan delegasiýasy» diýlip, bu ýerde Hindistanyň Owganystandaky emigrant hökümetiniň premýer-ministri
M. Bereketyllanyň baştutanlygynda daşary ýurtdan gizlin gelen
we perde üçin özüni «owgan delegasiýasy» atlandyran «german-türk missiýasynyň» nazarda tutulýan bolmagy hakykata has
golaýdyr. Munuň üstesine-de Kazym beý Zakaspi frontunyň
rewolýusion harby sowetiniň hemaýat etmegi bilen Türküstanda
ýaşaýan owgan raýatlaryndan wolonter bölümleri, Owganystan
bilen serhetdeş raýonlarda – Saragtda, Mänede, Çäçede bolsa
buluçlardan meýletin otrýadlary döredipdir2 . Şol bir wagtyň
özünde-de serhediň aňyrsyndan ýaragly otrýadyň naçalnigi Hudaýberdiýew diýen biriniň özüniň ýüz sany nökeri bilen biziň
tarapymyza geçmek isleýändigi barada habar düşüpdir3 .
Şol arada Eziz hanyň üstündäki bulutlar has garalyp başlaýar. Eziz hanyň kurýerleriniň Daşkende gideni pugta gizlinlikde
saklansa-da, iňlis razwedkasy nähilidir bir ýol bilen Eziz hanyň
1
TSSR MDA, GÝ 51, l. 151-153
SGMDA, f. 125, op. 1, d. 22, l. 247. Şol ýerde, d. 9, l. 461.
3
Şol ýerde, f. 25859, op. 2, d. 16, l. 379.
2
40
enedilim.com
gizlin mebillerini, onuň sowet komandowaniýesi bilen gatnaşyklaryny aňypdyr we bu barada Denikiniň oswagyna duýdurypdyr.
Şundan soň Eziz hanyň «ygtybarsyzlygy» hakdaky arzalar ýagyp başlapdyr. Mysal üçin, Mary uýezdiniň komissary Eziz
han özüniň pikirdeşleri bilen «oblastda özüniň dowam edýän
häkimiýet bilen parallel hökümetini düzmäge» ymtylýar, «onuň
planyna görä türkmenleriň üstünden ähli häkimiýet Eziz hanyň
dikmeleriniň eline geçmeli. . . » diýip habar beripdir.
Görnüşine görä, Eziz hanyň ykbalyny öňde-soňda oswag çözen bolmaly. Oswag aklaryň komandowaniýesini Zakaspidäki
ýagdaýlar bilen yzygiderli habardar edip durupdyr. 1919-njy ýylyň 29-njy marty diýlip sene goýlan we Ýekaterinodara, Günorta
Russiýanyň ýaragly güýçleriniň baş komanduýuşisi general Denikiniň stawkasyna iberilen «maglumatda» ak gwardiýaçylaryň
kontrrazwedkasy özüniň «türkmen meselesine» bolan garaýşyny beýan edipdir. «Türküýäniň ýykylmagy hem ýaraşyk baglaşylmagy bilen türkmenleriň ruslara bolan garaýşy gowulaşdy –
diýlip, şol gizlin hatda aýdylýar. – Zakaspi hökümetiniň gowşaklygyndan we rus otrýadlarynyň ýaramaz guralanlygyndan peýdalanyp, türkmenler garaz özlerini garaşsyz ýagdaýda goýmaga
ymtylýarlar (Diýmek, «ruslaryň» häkimiýeti diňe güýç bilen saklanypdyr-da, «türkmenlerem» «rus otrýadlaryndan» gorkýar
ekenler-dä? – R. E). Bu ymtylyş dürli taýpalaryň baştutanlaryndan döreýär, olara bolsa rus häkimiýetleriniň garşy goýara zady
ýok («Rus häkimiýetleri» nämäni garşy goýmalyka? Ýene-de
şol guýçmükä?! – R. E.). Bu hereketiň ýolbaşçylarynyň üstünlik
gazanan halatynda we türkmenleriň öz-özlerini edara etmäge
taýýar däldiginiň ýagdaýynda (heý, türkmenlerem bir öz-özlerini edara edip bilerlermi? – R. E.) Türküstanda ruslary talamagyň
(elbetde, türkmenler baş bermez wagşylar ahyry ýöne olar näme
üçin talaýarlar? Kimi talaýarlar? – R. E.) we taýpalar arasyndaky
duşmançylygyň möwjemegi mümkin. . . Türkmenleriň baştutanlary bäş adam bolup Ispolkoma girdiler (denikinçi jeňbazlar
tarapyndan kowlan eserleriň-menşewikleriň hökümeti – R. E.)
we olardan has howplulary Hajymyrat, rotmistr Öwezbaýew
(rus oriýentasiýaly) we Magtymguly handyr. Soňky wagtlarda
41
enedilim.com
öz otrýady bolan Eziz han (galtaman) has-da saýlanýar. . . »1
Bu gizlin maglumatda näçe ikiýüzlülik hem galplyk bar! Ak
gwardiýaçylaryň komandowaniýesi, ýagny hökümeti häkimiýeti
milli buržuaziýanyň wekilleri bilen paýlaşýan wagtynda olara
ynanmag-a beýlede dursun, özleri bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň hemmesini gara çyny bilen ýigrenipdir, hatda «hereketiň
baştutanlarynyňam» intellektual mümkinçiliklerine şübhelenipdir. Denikiniň häkimiýetleri hem edil ak patyşa döwründäki
ýaly türkmenleri ikinji sortly adamlar hasaplapdyrlar, olaryň
«öz-özlerini edara etmäge taýýardygyna» şübhelenipdirler. Ýöne monarhist jeňbazlary gozgalaňa salýan esasy zat ýerli ilatyň
garaşsyzlyga, öz döwletini döretmäge bolan ymtylyşy bolupdyr.
Bilesigeliji hem synçy Eziz han ak gwardiýaçylar bilen bile
hereket edýän iňlisleriň kolonizatorçylyk syýasatynyň düýp manysyna bir wagtlar göz ýetiripdi. Ol özbaşdaklyga ymtylýardy,
häkimiýetlere boýun synmazlyk bilen, özüniň batyrgaý anarhistik hereketleri bilen jogap berýärdi. Arhiw dokumentleriniň birinde men şeýle setirleri okadym: «Eziz han özüni Zakaspiniň ak
gwardiýaçylar hökümetine garaşsyz diýip yglan etdi. Türkmen
hanynyň «özbaşdaklygy, iňlisleri çäre görmäge mejbur etdi»2 .
(Bellik meniňki – R. E.).
Eziz hanyň hereketlerini gözegçilik astyna alan iňlis kontrrazwedkasyna tejenli hanyň gyzyllaryň tarapyna geçmäge taýýarlyk
görýändigi äşgär bolan badyna iňlisler haýal etmän «çäre görüpdirler», «galtaman» Eziz Çapykowy ýok etmeli edipdirler. Ýöne
nädip ýok etmeli? Ony aňsat-aňsat gola salaýyp bilmersiň. Güýç
bilenem bu aňsat başartmaz. Şonuň üçinem denikinçi oswag
iňlis kontrrazwedkasynyň konsultantlarynyň kömegi bilen Eziz
hany tussag etmegiň planyny işläp düzüpdir.
1
2
ORMDA, f. 449, d. 18, l. 362. TSSR MDA, GÝ. 46, l. 178.
TSSR MDA. GÝ 43, l. 224
42
enedilim.com
DUZAK
Atly ýüzlük ýoldan tozan turzup, Agalaň tarapdan gorgunyna
sürüp barýardy. Demir ýol stansiýasyna ýetenlerinden soň atlylar parowozy bug sowrup duran kiçijik sostawyň daşyna halka
boldular-da, eginlerinden bäşatarlaryny aldylar, ýüzbaşy Anna
gowşakdan gözlerini aýyrman duruşlaryna buýruga garaşdylar.
Ol çala baş atmak bilen Anna ganaryň ýolbaşçylygyndaky öňünden saýlanyp alnan on sany nökeri ýanyna çagyrdy, olar bilen
demir ýol perronynyň golaýyna bardy.
Basym wokzalyň sarymtyl kerpiçden salnan beýik jaýynyň
agzyna elli sany atlynyň ugratmagynda Eziz hanyň özi bardy.
Ol wokzalyň jaýynyň açyk duran giň gapysyndan girmedi-de,
onuň çep tarapyndan aýlanyp, daş düşelen basgançakdar bilen
perrona çykdy. Ol ýerde keltejik sostawyň yzyna tirkelen iki sany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eziz han hakda hakykat - 4
  • Parts
  • Eziz han hakda hakykat - 1
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 1915
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 2
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1885
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 3
    Total number of words is 3475
    Total number of unique words is 1851
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 4
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2100
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 5
    Total number of words is 2749
    Total number of unique words is 1585
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.