Latin

Eziz han hakda hakykat - 5

Total number of words is 2749
Total number of unique words is 1585
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hökümet tebigaty boýunça halka garşydy, şonuň üçinem olary
ýykmak gerek bolupdy. Monarhiýa diýip göz ýaş dökýän, rewolýusiýadan ozalky Russiýany ideallaşdyryp görkezýän adamlara
hiç düşünip bilemok. Şol Russiýa özüniň garyplygy bilen, yzagalaklygy bilen dünýä bellidi. Ilatyň 90 prosenti sowatsyzdy.
Orta Aziýada bolsa ondanam köpdi. Patyşa Russiýasy hakda,
onuň gedaýçylykda hem çykgynsyz ýagdaýda ýaşaýan halklary
hakda, mätäçlik, açlyk zerarly aýaga galan adamlaryň gozgalaňlary hakda ýürek awamak bilen ýazan beýik rus klassyklarynyň,
Ýewropa hem Gündogar syýahatçylarynyň kitaplaryny okap
görüň. Diňe Rewolýusiýa Russiýany hem, onuň milli künjeklerini garaňkylykdan çykardy. Taryhy taýdan kanunalaýyk Beýik
Rewolýusiýa adamzat taryhynda täze eýýamy açdy. Gürrüň
diňe uçdantutma sowatsyz, syýasatdan arasy daş, bir döwüm
çöregiň, uly maşgalany iýdirip-içirmegiň, geýindirmegiň juda
kyn aladasy bilen ýaşan urşuň elhençliklerini başyndan geçiren türkmen daýhanlarynyň ony kabul etmäge nähili derejede
taýýar bolandygy hakda gidip biler. Daýhanlar Sowet häkimiýetiniň ideýalaryny we şygarlaryny gürrüňsiz kabul etdiler diýip,
özümizi hem, özgeleri hem aldajak bolmagyň geregi ýokmuka
diýýärin. Näme üçin?
Adam özüniň tebigaty boýunça şeýle ýasalypdyr – ol öz wata58
enedilim.com
nyny, mähriban topragyny ideologiýadan, durmuşa geçirilmedik
jemgyýetçilik ideýasyndan ileri tutýar, Daýhan ogly Eziz hanam
şeýle bolupdyr. Ýöne ony öz tarapyna çekmekçi bolanlaryň hemmesi-de bu ýagdaýy hasaba almandyrlar. Owadan şygarlaryň
öňe sürülmegi bilen zähmetkeş adamlaryň durmuşy gowulaşmandyr, gaýta gün-günden erbetleşipdir.
Eziz han hakda tä şu günlere çenli hem agalyk edip gelen
neobolşewistik ideologiýa laýyk gelýan, ençeme onýyllyklar bäri
gaýtalanyp gelinýän ýerliksiz hem toslama zatlar ýazylyp gelinýär. Hatda çeper eserleriň birinde ol rus patyşasy bolmagy
arzuw edip ýören adam edilip görkezilýär. . . Elbetde, okamagy,
ýazmagy bilmeýän, gol çekmegiň deregine kagyzyň ýüzüne syýa çalnan başam barmagyny basýan düýbünden bisowat adamy
beýik imperiýanyň monarhy hökmünde göz öňüne getirmek
kyn.
Ine, taryhy şeýle derejede ýoýup geldiler, taryhy şahsyýetiň nädogry obrazyny döredip geldiler. Elbetde, munuň üçin ol
eserleriň awtorlaryny günälemek mümkin däl. Bu olaryň betbagtlygy. Dowam edip gelen sistemanyň – adamy, şol sanda
«adam ruhunyň inženerlerini» hem «nurbatjyga» öwren sistemanyň döreden betbagtlygy.
Eziz han hakda aýdylýan zatlara ynanjak bolsaň, ol gaty despot adam, iliň pikirini hasaba almaýan adam bolupdyr. Bolup
biläýjek zat, sebäbi zamana gaty ýowuz bolupdyr. Ýowuz zamanany hem şu günüň ölçegleri bilen däl-de, öz ölçegleri bilen
ölçemek gerek. Şu ýerde parasatly bir adamyň aýdan sözlerini ýatlamak ýerlikli bolsa gerek: «Her kimiň öz hakykaty bar.
Ýöne adamlar başga kişiniňem hakykatyny görmegi hem oňa
hormat goýmagy öwrenmeseler, gabahatlyk zynjyrynyň halkasy
hiç wagt üzülmez». Bolşewikleriň syýasatynyň mähek daşy bolup duran synpy teoriýa diňe bir hakykaty – häkimiýetiň güýjüni
ykrar edýärdi. Ýöne zorluk adamlary, halk köpçüligini kesekiniň
erkine tabyn etmegiň iň gowy serişdesimikä? Eýsem mejbury
edip adamlary öz yzyň bilen alyp gitmek bolarmy? Fransuz
ýakobinçileri zorluga daýanypdylar, bolşewiklerem olaryň göreldesine eýeripdiler. Duşman boýun egmese, ony ýok edýärler!
59
enedilim.com
Dogry, bu sözler has soňrak döräpdi. Ýöne ondan ozalam, ondan
soňky ýetmiş ýylyň dowamynda-da köp nesiller «halk duşmany
hasaplanmak» howpy astynda ýaşap geldi. Resmi pikir bilen
razylaşmadyk, öz pikirini aýtmaga het eden adamlaryň bary
halk duşmany hasap edilýärdi.
Ine, şu ýagdaýlaram Eziz han hakda özüme mälim bolan
materiallary öz wagtynda okyjylara ýetirmäge päsgel beripdi.
Bu tema düýbünden gadagandy. Resmi ideologiýa ol hakda bir
manyly pikirdedi – Eziz han serdaryň oglumy, onuň kakasy hökman ekspluatator, ganhor bolaýmaly. Şonuň üçinem onuň ogly
hem han. Ýöne aslynda Eziz han han däldi, sada orta daýhandy,
obanyň mirabydy. Ony gaty adyllygy hem dogruçyllygy üçin
halkyň özi han saýlapdy. Onuň kakasy Çapyk serdar bolsa ýaş
wagtlary alamana serdarlyk eder eken. Ýöne soň garyp düşüpdir
we 1911-nji ýylda Ahaldan Tejene göçüp barypdyr. Şol ýerde
onuň özem, kakasy Nepes Kuwat hem, ähli ilen-çalanlary hem
daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr.
Ýöne serdarlyk talanty Eziz hanyň ganynda bar borly. Onuň
garry atasy Kuwat hem ýaş wagty alamançylyk edipdir, Eýrana,
Hywa gidipdir. Ony alamançylyk etmäge mejbur edipdirler. Ol
öz melleginde parahat işläp ýörkä, eýranly gyzylbaşlar ony ýesir
edip äkidipdirler. Ol tä obadaşlary satyn alaýýança, tutuş üç
ýyllap ýesirlikde bolupdyr. Ýöne ýesirlikde geçirilen ýyllar boş
geçmändir. Kuwat pars dilini öwrenipdir, arap hatyny öwrenipdir. Herrikgalalylar ony alaman serdary edip saýlapdyrlar.
Ol gaýduwsyzlykda hem adyllykda obadaşlarynyň ynamyny
aldamandyr.
Şeýdip bu neberäniň şöhraty nesilme-nesil artypdyr. Eziz
han hem özüniň şahsyýetiniň sagdynlygy bilen ata-babalarynyň
şöhratyna şöhrat goşupdyr. Ol halka päk ýürek bilen gulluk
edipdir, mätäçlere goldaw beripdir, biçäreleri gorapdyr. Ol neşe-de çekmändir, aragam içmändir. Diňe käte suw çilimine agyz
degrer eken. Häkim hökmünde Tejen etraplarynda çäklendirilmedik hukukdan peýdalanan hem bolsa, beýleki köp feodal
hanlar ýaly oýnaşam tutunmandyr, kesekiniň aýalyna-da göz
gyzdyrmandyr. Öz aýallary bilen oňupdyr. Onuň üç aýaly bar
60
enedilim.com
eken. Musulmançylyk köp aýallylygy ýazgarmaýar, yslam her
bir erkek adama dörde çenli aýal almaga rugsat edýär. Muhammet pygamberiň özüniňem dört aýaly bolupdyr.
Eziz hanyň başdaş aýaly oňa Hajymuhammet diýen ogluny dogrup beripdir, ýöne görgüli ýaş üstünden ölüpdir. Onuň
beýleki bir aýaly Ogulnäzik dakylma eken. Ol Eziz hanyň uly
agasy Kasymgulynyň aýaly eken. Ogulnäzikden Ogulabat diýen
gyz bolýar. Eziz han öldürilenden dört aý soň bolsa Döwranmuhammet diýen ogly bolýar. Otuz iki ýaşly daýhanlar serdary
Kaspiniň kenarynda atylandan alty aý soň bolsa onuň üçünji
aýaly Aýnabat Amanmuhammedi (Hommady) dogurýar.
Bagşy-miriş neberesiniň abraýy Ahalda gaty uly eken. Herrikgalalylar öz ildeşleriniň tussag edilenini eşiden batlaryna tutuş
oba bolup diýen ýaly ony boşatmak üçin Aşgabada şäher türmesine gelipdirler. Ýöne ol ýerden Eziz hany tapmapdyrlar. Ak
gwardiýaçy häkimiýetler halk tolgunyşygyndan heder edip, ony
irgözinden Krasnowodskä äkidipdirler.
«Zakaspide bolşewikler podpolýesi» diýen kitabymda il arasynda uly abraýy bolan Eziz hanyň köp hereketleriniň ukrain
anarhisti N. I. Mahnony ýatladýanlygy hakda ýazypdym. Ony
Mahnonyň türkmençe wariýanty hasaplamak mümkin.
Eziz han 1916-njy ýylyň gozgalanynyň ýolbaşçylarynyň biridi. Ol patyşa administrasiýasyna garşy batyrgaýlyk bilen çykyş
edipdi. Soňra bolsa Owganystanda gizlenipdi. Eziz hanyň daýhanlar arasyndaky abraýy artypdy. Mahno hem sarizme garşy
çykandygy üçin ýaş wagty ölüm jezasyna höküm edilipdi. Soňra
bu jeza ömürlik katorga bilen çalşyrylypdy. Elbetde, gep bu iki
daýhan serdarynyň terjimehalynyň daşky meňzeşliginde däl,
ýöne olaryň arasynda umumylyk kän.
Fewral rewolýusiýasy tarapyndan azat edilen Mahno hem
Eziz han ýaly (iki serdar ýaşytdaş diýen ýaly eken, türkmen
serdary öz ukrain «gardaşyndan» diňe iki ýaş uly eken) watanyna dolanyp gelýär. Ony halk daýhanlaryň howandary, halkyň
bagty ugrunda göreşiji hökmünde, ýeriň adyl paýlanmagynyň
tarapdary hökmünde garşylaýar. Ony daýhanlar Sowetiniň başlygy we daýhanlar deputatlarynyň ýerli Sowetiniň başlyklygyna
61
enedilim.com
saýlaýarlar. Tejenli daýhanlar hem pitneçi Eziz hana uly ynam
bildirýärler, ony halk häkimiýeti organlaryna saýlaýarlar.
Oktýabrdan soň Eziz han Türkmenistanda, Mahno Ukrainada Sowetlere gulluk etmäge isleg bildirýär. Mahno W. I. Lenin,
Ý. M. Swerdlow, F. E. Dzeržinskiý bilen duşuşýar, Eziz han bolsa
Türküstan respublikasynyň hem Zakaspi oblastynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barýar. Ol Öwezberdi Kulyýewy, Gaýgysyz
Atabaýewi tanaýar eken, N. A. Paskuskiý bilen ýakyn tanyş eken.
Olaryň ikisi hem goşun formirowaniýelerini düzüpdirler. Mahno
gozgalaňçylar goşunyny düzüpdir. Eziz han türkmen ýigitleriniň
atly otrýadyny döredipdir. Eziz hanyň atly otrýadyny Türküstan
respublikasy Dutowyň ak kazaklar bandasy bilen göreşe iberýär,
onuň bir bölegi bolsa garnizon gullugyny etmäge bellenýär.
Mahnonyň şöhraty butin Ukrainany gurşap alýar. Ol 72 wolostdan ybarat ägirt uly territoriýa kontrollyk edipdir, pomeşikleriň, germanlaryň, nemes okkupantlarynyň garşysyna partizançylyk göreşini alyp barypdyr. Resmi taryh ylmy Mahnony
«tüýs kontrrewolýusion tip» hasap edýänem bolsa, ol Sowet häkimiýetiniň duşmanlaryna garşy göreşmek bilen, özüni ajaýyp
serkerde hökmünde görkezipdir. Partizançylyk urşunyň taktikasyny kämillik derejesine ýetiripdir. Denikiniň garşysyna
söweşlere gatnany üçin, onuň goşunlarynyň üstünden ýeňiş gazanany üçin N. I. Mahnonyň Gyzyl ýyldyz söweşjeň ordeni bilen
sylaglanandygyny köp adamlar bilýänem däldir. Şol döwürlerde
bu beýik sylaga mynasyp bolan adamlary barmak basyp sanaýmalydy. 1918-nji ýylyň ahyrynda, 1919-njy ýylyň başlarynda
«kombrig-batka» we onuň bölümleri Ýekaterinslawa batyrgaý
hüjüm edýär, soňra bolsa Gyzyl Goşuna goşulyp, Petlýura garşy,
denikinçiler bilen söweşýär. Gepiň gysgasy, onuň goşuny aklara
garşy işeňňir söweşýär.
Eziz hanyň Sowetleriň tarapdary bolmagy üçin, ýene gaýtalaýaryn, sypaýylyk, sabyrlylyk, öňünden görmegi başarmak, ylalaşyga gitmek, bir günlük bähbitlerden geçmek gerek bolupdyr.
Ýöne gizläp oturmagyň hajaty ýok, köp komissarlaryň men-menligi köp zada päsgel beripdir. Eziz hanyň özbaşdaklyga, erkin
hereket etmäge bolan ymtylyşy sowet komandowaniýesi tarapyn62
enedilim.com
dan berk garşylyga sezewar bolupdyr. Olar tejenli serdar hem
onuň ýakyn adamlary bilen parasatly, sabyrly gatnaşyk etmegiň
deregine, harby konflikte gidipdirler, ýaragly güýç ulanypdyrlar.
Zakaspi frontunyň ýolbaşçylary, onuň partiýasyýasy baştutanlary Eziz hanyň aklar döwründe hem, gyzyllar döwründe hem
daýhan hojalyklarynyň erkinligi ugrunda dalaş edýändigini hasaba almandyrlar. Eziz han daýhanlar hojalygy babatda (suw
desgalaryny remont etmekde, ilatdan salgyt ýygnamakda, baýlaryň artykmaç gallasyny konfisklemekde we ş. m.) özbaşdak
syýasat ýöretmäge ymtylypdyr. Bu ýagdaý daýhanlaryň esasy
köpçüligi tarapyndan goldaw tapypdyr. Ol gaty uly garamaty –
ile çörek bermek garamatyny öz egnine alypdyr. Açlyk ýyllarynda beýle etmek her kime başardyp duran zat bolmandyr.
Batka Mahno hem öz halkynyň aladasyny edipdir. Özüniň
kontrollyk edýän territoriýasynda kommunalar-obşinalar döredipdir, azyk salgydyny gadagan edipdir. Daýhanlaryň gallasyna
göz gyzdyran adamlaryň hemmesini kowupdyr. Troskiniň «daýhanlary talamak» meýline garşy çykypdyr. Mahnonyň «anarhistlik» hereketleri şol döwürlerde harby-deňiz halk komissary
bolup işlän hökmürowan L. D. Troskini gahar-gazaba mündüripdir. («Mahnoçylyk» diýen terminiň awtorynyňam Troskiý
bolandygyny aýdyp goýalyň).
Gepiň gysgasy, gödek, güýje daýanmak syýasatynyň ulanylmagy Eziz hany hem, Mahnony hem sowet häkimiýetinden
daşlaşdyrypdyr.
Häzir, Eziz hanyň öleli bäri şunça ýyllar geçensoň, men öz ýanymdan oýlanýaryn. Eger Eziz han şonda Sowet häkimiýetiniň
tarapyna geçäýen bolsa, diri galardymy? Diri galardymyka diýýärin. . . Aýratyn hem entek Sowet häkimiýetiniň ýeňen halkyň
erkini beýan edýan, entek totalitar sistemanyň nogsanlaryndan
azat döwründe, entek bütin ýurduň üstüne, her adamynyň üstüne Staliniň eýmenç kölegesiniň abanmadyk döwründe. Sowet
häkimiýeti entek «halklaryň beýik serdarynyň» demir penjesine
düşmändi. Ol wagtlar Sowet häkimiýeti geçirimlilik edip bilýärdi, düýnki synpy duşmanlarynyň günäsini bagyşlap bilýärdi.
Sowet häkimiýeti 1920-nji ýylyň 21-nji aprelinde Zakaspi ob63
enedilim.com
last rewolýusion komiteti tarapyndan «Birinji Türkmen maslahatynyň razylygy bilen» «ak gwardiýaçylar bilen türkmen oblastyndan gidenleriň hemmesine» dabara bilen günä geçişlik
yglan edipdi. Rewkom ýaňy döräp gelýän buržuaziýanyň, milli
intelligensiýanyň köp wekilleriniň atlaryny, şolaryň arasynda
Oraz serdaryň, Bekki Berdiýewiň, Han Ýomutskiniň, Nikolaý
Ýomutskiniň we beýlekileriňem atlaryny agzap, olary «Sowet häkimiýetiniň bilkastlaýyn duşmanlary hasap etmezlige çagyrypdy.
Olaryň hemmesini «Rewolýusion tribunalyň öňünde jogapkärçilik çekmejek bolsalar, bu buýrugy takyk berjaý etmäge» borçly
edipdi1 .
Eziz han Sowetleriň tarapyna geçmäge gyssanan bolsady,
ähtimal, ol diri galardy, türkmen topragyny interwentlerden hem
ak gwardiýaçylardan arassalap, öz nökerleri bilen Kaspi deňzine
ýetmek miýesser ederdi. Onuň kömekçisi hem pikirdeşi Gyzyl
aga Saryýew şeýdipdi. Ol öz atlylary bilen gyzyllaryň tarapyna
geçip, aslynda öz serdarynyň pikirini durmuşa geçiripdi.
Hasratly otuzynjy ýyllarda, türkmen halkynyň görnükli
adamlarynyň milli intelligensiýanyň gülüniň tutuşlygyna diýen
ýaly jezalandyrylan döwründe Eziz hanyň ykbalynyň nähili boljak ekenligini kim bilýär? Eziz hanyň otrýadynda gulluk eden
Gyzyl Saryýew, Berdi Kerbabaýew, Annamyrat Saryýew dagy
hem «halk duşmanlarynyň» keç ykbalyndan halas bolup bilmändiler. Olar tussaglygyň, ýanalmagyň ähli jebir-jepasyny başlaryndan geçirmeli bolupdylar. Ýöne her niçigem bolsa ykbal olara
garaşyk edipdir diýmeli. Olar öz mähriban topragynda, öz öýünde, ýakyn adamlarynyň arasynda uzak ýyllap ömür sürdüler.
Ýöne beýle ykbal hemmelere miýesser etmedi.
37-nji ýylyň elhenç tragediýasy öň Eziz handa gulluk eden
köp jigitlerden sowa geçmedi. Olar «kontrrewolýusion» işde,
«iňlisleriň we ak gwardiýaçylaryň peýdasyna» içalylyk etmekde
aýyplandylar. Tussag edilenleri, uzak möhlet bilen ýyl kesilenleri, sürgüne iberilenleri, bigünä ýerinden atuwa höküm edilenleri
ýeke-ýeke sanap çykmak mümkin däl. Olara hem fiziki, hem
1
TSSR MDA. f. 12, op. 2, d. 5, l. 50.
64
enedilim.com
ruhy sütem edildi. Hatda Eziz hanyň garyndaşlaryna çenli, rewolýusiýadanam ozal ölüp giden doganlarynyň çagalaryna çenli
sürgün etdiler. Salyh Çapykowyň gyzy Amangözelem şolaryň
arasyndady. Soňra ol belli türkmen magaryfçysy hem ýazyjysy Baba Japarowyň aýaly bolupdy. Baba Japarowyň özüniňem
görmedigi görde galypdy. Oňa ynam etmändiler, bir topar wezipeden kowupdylar. Onuň köp golýazmalary diňe Eziz hanyň
doganynyň gyzyna öýlenendigi üçin öz wagtynda çap edilmän
galypdy.
Eziz hanyň nökerleriniň biri, ýüzbaşy Anna gowşak hem kesilen ýyly türmede sagatma-sagat oturyp çykypdy. Oňa ýöňkelýän
bar «günä» 1916-njy ýylda Eziz han bilen Owganystana gidenligi
hem soňra onuň otrýadynda gulluk edendigidi.
Eziz hanyň ogullarynyň üçüsi hem türmäniň gözeneginiň
aňyrsyna dykylypdy. Kakasy ölende ýaňy ýedi ýaşyna ýeten Hajymuhammet onuň keşbini çala göz öňüne getirip bilýärdi. Hiç
wagt kakasyna ýüzi düşmedik, ýaňy on sekiz ýaşyna giden Döwranmuhammet bilen Amanmuhammedi hem gaýgyrmandylar.
Hajymuhammet bilen Amanmuhammet (Hommat) türmede tas
on ýyllap oturanlaryndan soň, sag-aman öýlerine gaýdyp gelipdi. Döwranmuhammet türme durmuşynyň agyr jebrine çydap
bilmändi hem gurban bol
Hommat Ezizowdan oňa näme günä ýöňkändiklerini soraýaryn.
– Sülçiniň kellesine gelen zadyň baryny. . . – diýip, ol jogap
berýär. – Eziz hanyň otrýadynda näçe atly bolupdyr diýip soraýarlar. Ol zatlary men nireden bileýin. Men ol wagtlar dünýä
inmändim ahyry. «Näme, kakaň garyndaşlary ýa-da nökerleri gürrüň bermeýärmidi?» diýip, sülçi ýene soraýar. Her kim
bir zat diýýärdi, biri ýüz atly diýýärdi, ýene biri bäş ýüz atly
diýýärdi diýip jogap berýärin. . . Ýöne men kakamyň nökerleriniň sanyny birneme az edip görkezmäge çalyşýardym. Ýöne
bir ýapyşalgajyk tapsa razy sülçä meniň aýdýan sanlarymam
ýeterlikdi. Diýmek, seniň kakaň hemme nökerleri atly, ok-ýaragly eken diýip, sülçi öz-özünden toslap başlaýardy. Olary bu
zatlar bilen üpjün eden kim? Eziz han! Diňe baýlarda şunça nö65
enedilim.com
ker bolup bilýär. Baýlar bolsa Sowet häkimiýetiniň duşmanlary.
Garyplarda nöker bolanok. Diňe baýlarda, diňe duşmanlarda
bolýar. Sen bolsaň, Hommat, şeýle duşmanyň ogly. . . Şeýdip,
şeýdip günä baryny ýöňkeýärler. Onsoň saňa diňe gol çekäýmek
galýar. Bary bir gol çekdirýärler.
– Sülçüler Eziz hanyň üç aýalynyň bolandygyny bilýärdilermi?
– Elbetde, bilenokdylar. Bilen bolsalar ýene bir maddany
ýelmärdiler. Kakamyň aýallary üçinem jogap bermeli bolardy –
diýip, Hommat gülmän-yşman, gara çyny bilen dowam edýär. –
Ýogsa ogul atasy üçin jogap berenok diýýän Staliniň özüdi. Bu
baryp ýatan galatlyk eken. Bizden atamyz üçin jogap sorabildiler.
Ýogsa Eziz hanyň öz halkynyň öňünde etmişi ýokdy, halkyň
öňünde onuň ynsaby päkdi. . .
Eziz hanyň diňe ýekeje gyzy Ogulabada ykbalyň rehimi inipdi. Ol golaý ýyllarda aradan çykýança Aşgabat raýonynyň «Sosializm» kolhozynda ýaşapdy. Bagtyna, ony tussag etmändiler,
türmä dykmandylar. Ony halas eden zat durmuşa çykyp, familiýasyny üýtgedenligi bolsun gerek. Häzir Eziz hanyň diňe
ýeke ogly Amanmuhammet (Hommat) diri gezip ýörenem bolsa,
onuň kökleri çüýräp, atsyz-sorsuz ýitip gitmedi. Onuň dogduk
obasy Herrikgalada, goňşy Ýasmansalyk obasynda, Aşgabatda –
tutuş Türkmenistanda Eziz hanyň köp agtygy, çowlugy ýaşap ýör.
Olaryň hemmesi ýüze golaý bar. Eger Çapyk serdaryň yzynda
galan neberesini sanajak bolsaň, şükür, ondanam köp. . .
Tejenli daýhan serdary Eziz han hakda şu wagta çenli mälim
zatlaryň bary şu. Taryhyň belli bir döwründe öçmez yz galdyran
bu ajaýyp şahsyýetiň taryhyny öwrenýän wagtyňda biygtyýar
halda şol döwür bilen biziň akgynly şu günlerimiziň arabaglanyşygy hakda oýlananyňy duýman galýarsyň.
Taryhy hakyky dörediji halkdyr diýip tassyklaýan wagtymyzda, biz muňa çynymyz bilen ynanýarys. Ýöne islendik taryhy
eýýamy haýsydyr bir şahsyýet, ol ajaýyp şahsyýet bolsun ýa-da
ýigrenji şahsyýet bolsun – tapawudy ýok, alamatlandyrypdyr.
Million adamlaryň ykbaly bir adamynyň erki, islegi, paýhasy
bilen kesgitlenipdir. Olar jemgyýeti islän ugurlaryna gönükdi66
enedilim.com
ripdirler. Isleseler, progrese hem rowaçlyga gönükdiripdirler,
isleseler, açlyga, jebir-jepa, uruşlara gönükdiripdirler. Bu ýagdaýlaryň, tutuş halklary heläkçilige getiren halatlary hem seýrek
bolmandyr. Beýle ýagdaýlar golaý taryhy geçmişde-de az bolmandy.
Rewolýusion 1917-nji ýyl, heläkçilikli 30-njy ýyllar, ýowuz
41-nji ýyl. . . 85-nji ýyl näme?.. Ýa-da täze döwlet hem partiýa
işgärleriniň erki bilen SSKP-niň arenadan düşen, soňra bolsa
dünýädäki uly döwletleriň biri SSSR-iň çagşan ýyly bolan 91-nji
ýyl näme?.. Biziň – million-million adamlaryň özümiziň sowet
graždanydygymyza buýsanyp ýörenimiz düýn dälmidi näme?
Birdenem öz göwnümiziň tersine uly Watanymyzy ýitirdik oturyberdik.
Bu zatlar nämäniň netijesi? Şahsyýetleriň isleginiňmi, döwlet işgärleriniň şowakör syýasatynyňmy? Ýa-da bu baş bermez
tebigy hadysamy? Adamzat jemgyýetiniň taryhy ösüşi bilen şertlendirilen kanunalaýyk hadysamy? Ýeri, kimi taryhy dörediji
hasap etmeli? Halkymy ýa-da syýasy işgärleri?
Öz döwründe Eziz hanyň ykbalyny çözen kim? Türkmen
daýhanlarynyň, tutuş halkyň geljeginiň ykbalyny, onuň haýsy
jemgyýetde nähili ýaşamalydygyny, haýsy sistemany saýlap almalydygyny kesgitlän kim? Halk arasynda «çagyrylan ýeriňe
irinme, çagyrylmadyk ýeriňde görünme» diýen pähim bar. Bu
ýerde çagyrylmadyk ýerine gelmeg-ä däl, kesekiniň öýüne zomap girdiler, onda öz kanunlaryny hem düzgünlerini berkarar
etdiler, halamadyklaryny öldürdiler, halanlaryny ýalkadylar. Gepiň gysgasy, kesekiniň metjidine öz dinleri bilen girdiler.
Eziz hanyň ömrüni «siwilizasiýaly» gelmişekler üzdüler. Ony
edil wagşy, ýyrtyjy bir haýwany awlan ýaly awladylar. Belki, ol
britan korolewasynyň päkligine kast etjek bolandyr? Belki, ol
Monomahyň patyşalyk telpegine dalaş edendir?
Eziz hanyň bar «günäsi» onuň öz mähriban topragynda agalyk edip ýören kesekileriň garşysyna çykyş edenliginden, öz
mähriban ülkesini, özüni söýen hem mynasyp serdar diýip ykrar
eden halkyny özüniň edara etmek islänliginden ybaratdy. Onsoňam ol töweregindäki adamlaryň hiç birine meňzemeýärdi,
67
enedilim.com
özüni sadyk hyzmatkärine öwürmek isleýän adamlara meňzemeýärdi.
Eziz hanyň zanny şeýledi, onuň başga hili bolmagy mümkin
däldi. Ol öz zamanasynyň ogludy, çylşyrymly, gapma-garşylykly
şahsyýetdi. Artykmaç taraplaram bardy, kemçiliklerem. «Sähra
rysarynyň» keşbi gümürtik zamananyň umumy fonuna kybap
gelmändi. Ol «meşhur nesillerden» bolan köp adamlardan parasatly hem uzakdan görüji bolup çykypdy. Ol halkyň azaryny
ýüregi bilen syzypdy. Galplyga, gabahatlyga tap getirip bilmändi. Onuň ynjalyksyz, düşnüksiz zamanada, könäniň weýran
edilen, täzäniň bolsa gurlup ýetişilmedik zamanynda doglup,
şol zamanada ýaşamaly bolandygy üçin ol günäkärmi? Onuň
paýyna biziň döwrümize meňzeş döwürde, könäniň, ýöne entek we ömrüni gutarmadyk zatlar bilen birlikde diňe möwritini
geçiren zatlaryň däl, eýsem mukaddes, ömürlik, şonuň üçinem
mähriban zatlaryňam weýran edilip taşlanan, olaryň deregine
bolsa kabul ederlikli zadyň döredilmedik zamanynda ýaşamak
düşüpdi.
Bulaşyk zamanalaryň kanuny şeýle. Durmuş şeýle.
68
enedilim.com
Rahym M. Esenow, Eziz han hakda hakykat.
3 goýberiliş
«ÇÄÇ» döredijilik-önümçilik birleşigi
Aşgabat — 1992

Terjime eden N. Hojageldiýew.
Resenzent taryh ylymlarynyň doktory, professor K. Muhammetberdiýew.
Redaktor Ý. Annagurbanow.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz
getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen
hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki
informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin
hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

PDF-a geçirildi: 17. Ýanwar 2016
«Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Eziz han hakda hakykat - 1
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 1915
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 2
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1885
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 3
    Total number of words is 3475
    Total number of unique words is 1851
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 4
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2100
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 5
    Total number of words is 2749
    Total number of unique words is 1585
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.