Latin

Eziz han hakda hakykat - 1

Total number of words is 3574
Total number of unique words is 1915
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
enedilim.com
RAHYM ESENOW
EZIZ HAN
HAKDA
HAKYKAT
Seniň taryhyň...
EZIZ HAN
HAKDA HAKYKAT
Rahym Esenow
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, taryh ylymlarynyň kandidaty
«ÇÄÇ» döredijilik-önümçilik birleşigi
Aşgabat – 1992
Eziz hanyň ölümiň öň ýanynda
aýdan sözi
Göni ýürekden atyň —
Gaýdaýyn çynar ýaly.
Ýöne ýüzüme degmäň
Hossarym tanar ýaly!
Il bilen el uzatdym
Orta goýlan okara.
Degmändim,
degdirmändim —
Naçar bilen pukara.
Ynha indi gutardy
Eý, hudaý, ýalan ýaly. . .
— Şundan atyň! —
Görkezýär —
Bir okda alar ýaly!..
Baýram Jütdiýew
MAZMUNY
Eziz han kim bolupdyr? . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
1
Eziz hanyň saýlan ýoly . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 15
Eziz han – Tejen «häkimi» . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 26
Gizlin missiýa . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 36
Duzak . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 43
Hakykat nirede, toslama nirede? . . . . . . . . . . . . . . . 53
i
enedilim.com
EZIZ HAN KIM BOLUPDYR?
Eziz han kim bolupdyr? Gahrymanmy ýa-da görgülimi? Awantýuristmi ýa-da ykbaly tersmi? Taryhy okuw kitaplary, çeper
edebiýat, kinematograf şu wagta çenli ony «talaňçy», «galtaman»,
«basmaçy», «milletçi», gepiň gysgasy, Sowet häkimiýetiniň, diýmek, öz halkynyňam ganym duşmany hökmünde görkezip geldi.
Şular ýaly meňzetmeler bilen häsiýetlendirilýän adamlar hemişe
ideýa duşmanlarynyň hatarynda görülýärdi. Şeýle bir kanuny
sowal ýüze çykýar: eger ol, hakykatdanam, Sowetleriň duşmany
bolan bolsa, näme üçin ony biziň topragymyzy basyp alan iňlisler
bilen bile hereket eden ak gwardiýaçylar atypdyrlar? Näme üçin
ýetmiş ýyldanam köp wagtlap halka garşy, biziň adamlarymyza
duşmançylykly ähli zatlary Eziz hanyň ady bilen baglanyşdyryp
geldiler?
Hawa, ol juda gapma-garşylykly şahsyýet bolupdy, edil özüniň ýaşan döwri ýaly, onuň şahsyýeti hem gapma-garşylyklydy.
Şonuň üçinem oňa diňe synpy pozisiýadan çemeleşmek hem ony
«gyzyl» ýa-da «ak», «ýaşyl» ýa-da «gara» hasaplamak hakykatyň
juda ýöntemleşdirildigi bolardy. Ol ýowuz döwrüň perzendidi,
onuň döwründe diňe ýekeje zada – kim biziň bilen däl bolsa, ol
bize garşydyr diýen pikire gulluk edilýärdi.
Şeýlelikde, Eziz han kim bolupdyr? Onuň hakyky keşbi
nähili, onuň hereketleriniň düýp manysy nämede? Bu sowallara
bir manyly jogap berip bilmersiň!
Uzyn boýly, eginlek, boldumlaç ýüzüne gelşip duran owadan sakgally, eli arkasyna daňylgy Eziz han düýe ýaly mähnet
daşlaryň eteginde durdy, Kaspi tarapdan öwüsýän şemal onuň
agarçäkmeniniň eteklerini galgadýardy. Ol ýaýdanyşyp, güýmeň-samaň edişip duran jellatlaryna pikire batyp seredýärdi.
Ak gwardiýaçylaryň bir wzwod soldaty hem olara komandirlik
edýän çeçen ofiseri, boluşlaryndan çen tutsaň, näme etjeklerini,
1
enedilim.com
nämeden başlajaklaryny bilmeýäne meňzeýärdi. . .
Öz golastylaryna ýuwaşlyk bilen bir zatlary tabşyran ofiser
atylmazyndan ozal gara esgi bilen Eziz hanyň gözüni daňmak
üçin onuň ýanyna bardy. Eziz han ajy gülümsiredi.
– Gerek däl! – diýip, ol azmly seslendi. – Gowusy, siz meniň
elimi çözüň. . .
– Onda, serdar, aňryňyza owrüliň – diýdi-de, ofiser hanyň
ýüzüne duýgudaşlyk bilen garap, onuň elini çözdi.
– Nähili öleňde näme? – diýip, ol agraslyk bilen ofiseriň
ýüzüne seretdi. Ol biygtyýar aşak bakdy. Eziz han çäkmeniniň
bagjygyny çözdi, biz köýneginiň ýakasyny iki ýana serpdi, onsoň
barmagyny gursagyna, edil emjeginiň üstüne dürtüp gygyrdy.
– Eý, soldatlar! Ilkinji gezekde dynar ýaly, ine şu ýerden
atyň!..
Hanyň ýüzüniň ýekeje damaram tisginmedi, onuň bu sözlerinde bilgeşleýin gabarylan bolmakdanam nam-nyşan ýokdy.
Soňra ol ofisere tarap öwrüldi-de, parahat ses bilen haýyş etdi:
– Meni musulman däbi bilen jaýlaň.
Eziz hanyň ýüzi birneme agardy, onuň petir ýaly bezelendigi,
öň göze ilip durmadygam bolsa, şundan soň mese-mälim boldy.
Eziz hanyň özüne erk edip bilşine haýran galan ofiser näme
jogap berjegini hem bilmedi, diňe ylalaşyjylyk bilen başyny atdy,
soňra bolsa soldatlara tarap öwrüldi-de, elini salgady.
Başly-barat atylan tüpeň sesi daglara düşüp ýaňlandy.
Çarlaklar aýlagyň üstünde zaryn ses bilen perwaz urdular.
Eziz han ömrüniň iň soňky minutlarynda özüni şeýle alyp
bardy. Ýöne bu barada bilýän adam gaty azdy. . .
60-njy ýyllarda «Prawda» gazetiniň Türkmenistan SSR-i boýunça habarçysy bolup işleýärkäm, «Zakaspide bolşewikler podpolýesi» diýen kitabym üçin material toplaýardym. Soňra şol
materiallary çeper eserlerimiň üstünde işlemek üçinem peýdalandym. Moskwanyň, Bakuwyň, Daşkendiň, Aşgabadyň arhiwlerini dörüşdirip çykdym. Oktýabr rewolýusiýasyna hem
graždanlyk urşuna gatnaşan adamlar bilen duşuşdym, olaryň
ýatlamalaryny ýazyp aldym. Aýratynam Denikin Oswagynyň
(oswedomitelnoe agentstwo — maglumat toplaýjy agentlik) – ak
2
enedilim.com
gwardiýaçylar kontrrazwedkasynyň arhiw materiallary gyzykly
eken. Näme üçindir, oswagyň Aşgabat arhiwindäki materiallary
«gizlin» diýen grif bilen ýedi gulpuň astynda saklanyp gelýär,
onuň Sowet goşunynyň merkezi döwlet arhiwindäki materiallary
bolsa bir wagtlar aç-açan edildi we olar bilen tanyşmak üçin hiç
kimden ýörite rugsat almagyň geregi ýok.
Meniň kitabymyň golýazmasy oňa Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň ýanyndaky Partiýa taryhy instituty tarapyndan
syn berlenden we talapkär senzuradan geçenden soň, 1974-nji
ýylda Moskwanyň «Mysl» neşirýaty tarapyndan çap edildi. Gaty
köp gyzykly, şol wagta çenli türkmen okyjysyna belli bolmadyk, Eziz hanyň hakyky keşbini açyp görkezýän faktlary şonda
menden biidin aýryp taşlapdyrlar. Beýle adalatsyzlyk bilen men
ap-aňsat ylalaşyp oturybermedim, ýöne, aýdylyşy ýaly, palta
çüwdesini ýumruklamakdan netije ýok.
Eziz hanyň ogly Hommat Ezizow bilen duşuşmagym meniň
şol wagtlar başdan geçiren agyr duýgularymyň öwezini doldy.
Ol meniň kitabymy okapdyr-da, öz kakasy hakdaky maglumatlary jikme-jik eşitmek üçin meniň ýanyma gelipdir. Oňa kakasyny
görmek miýesser etmändir, ol kakasy atylandan ýarym ýyl soň
dünýä inipdir. Meniň aç-açan aýdyp beren gürrüňlerim Hommat
üçin täzelikdi. Ýöne onuň özi hem maňa köp gyzykly zatlary
gürrüň berdi. Onuň şo hili gürrüňleri meniň tapan käbir dokumentlerimiň hem onuň kakasynyň döwürdeşlerinden ýazyp
alan maglumatlarymyň dogrulygyny tassyklaýardy. Arman, ol
zatlaryň köpüsi meniň kitabymdan aýrylyp taşlanypdy.
Eziz hanyň kakasy Gurbanmämmet çapyk serdary Ahalda
Eýrana hem Hywa alamançylyk edip ýören alaman serdary hökmünde tanaýardylar. Ol Herrikgala obasynyň bagşy-miriş tiresindendi. Ol Çapyk lakamyny bolsa parslar bilen bolan söweşlerde kellesine düşen çuň ýara yzlaryndan alypdy. Onuň Salyh,
Kasymguly hem Eziz diýen üç sany ogly bardy: Eziziň ýüzi künji
sepilen ýaly owunjak dürtükden doly bolansoň, oňa Eziz gotur
diýen lakam galypdy.
Bir gezek Kasymguly hyrlyny oýnap otyrka, seresapsyzlyk
edipdir-de, tüpeň göçüpdir, ol hem göni inisiniň ýüzüne degip3
enedilim.com
dir. Hernä, hyrlydaky peşeň okly däl-de, pagtabent eken, ýogsa
uly betbagtçylyk bolaýmaly eken. Şeýdibem, Eziz hanyň ýüzi
owunjak dürtük yzyndan dolupdyr. Bu onuň ýüzuni gaty hyrsyz
görkezýän eken. Eziz hanyň özi bolsa: «Ýüzümizde bir nyşan
bolmasa, bizdenem bir Çapyk serdaryň ogly bolarmy?..» diýip
degişer eken.
Geçen asyryň ahyrlarynda ruslar Gökdepe galasyny basyp
alanlaryndan soň, Çapyk serdar öz garyndaşlary bilen Tejene göçüp barypdyr. Şol ýerde öý ussasy Sary öýçi bilen dostlaşypdyr.
Birinji jahan urşy başlanypdyr. Ak patyşa türkmenlere ynam
etmändir, olary goşun gullugyna almandyr. Diňe meýletin türkmenlerden ybarat bolan Teke polky patyşa goşunynda gulluk
edipdir, söweşlere gatnaşypdyr.
Ine birdenem häkimiýetler erkek adamlaryň front ýakasyndaky tyl işleri üçin alynýandygyny yglan edipdirler. Döwletiň
bu buýrugyny berjaý etmek bilen uýezd naçalnikleriniň özleri
meşgullanypdyrlar. Ýerlerde bolsa bu işi wolostnoýlar hem oba
arçynlary amala aşyrypdyrlar. Ýaşyna garamazdan, her bäş öýden bir adam pälä alnypdyr. Bije atylar eken, kimiň bijesi galsa,
şol hem maňlaýyndakyny görmeli bolupdyr.
Eziz han Agalaň obasynda «gara bijäniň» köplenç agyr maşgalaly garyp-gasarlaryň «bagtyndan çykyp» durandygyny görüpdir. Görüp otursalar, baý hem barjamly adamlar pul baryny
berip, garyp-gasarlary öz ýerlerine tutýar ekenler ýa-da wezipeli
adamlara para-peşgeş berip, öýe ogullarydyr aga-inilerini päleden alyp galýar ekenler, olaryň ýerine bolsa ýene garyp-gasarlar
iberilýär eken. Tutuş Tejen wolostynda ýagdaý şunun ýaly eken.
Kemsidilen adamlaryň arkasyny tutmak, hakykaty berjaý
etmek üçin Eziz han Tejen şäherine wolost naçalnigi Muhammediň ýanyna barypdyr. Wolostnoýyň ýönekeý oba miraby bilen
gürleşesem gelmändir, ol hatda bosagada duran Eziz hana otur
diýibem mürähet etmändir.
– Bu zatlar seniň işiň däl. Eziz gotur! – diýip, Eziz hanyň
sözlerine oňly gulagam asmadyk Muhammet gödeklik bilen jogap beripdir. – Patyşanyň permanlaryna dil ýetirmek abatlygyň
üstünden elter öýtme! Gözüňi Sibirde açdyraryn! – Soňra ol
4
enedilim.com
paýyş sögünipdir.
Degnasyna deglen Eziz han wolostnoýyň üstüne topulypdyr,
ýöne nökerler onuň elini arkasyna towlapdyrlar-da, pugta daňyp,
zyndana taşlapdyrlar. Diňe ýarym aýdan soň Eziz Çapykowa
azatlyga çykmak miýesser bolupdyr. Şeýdibem, olaryň arasynda
duşmançylyk döräpdir.
– Janymdan geçmelem bolsam, men onuň bilen bir ýerde
ýaşaşmaryn. Men Muhammedi Tejenden gümüni çeker ýaly
ederin – diýip, Eziz kasam edipdir.
Agalaňyň daýhanlary Eziz Çapykowyň tarapyny tutupdyrlar, pälä alnanlaryň Russiýa ugradylmagyna päsgel beripdirler.
Jandarmlar «topalaňçy hem ili azdyrýan Eziz gotury» tussag
etmekçi bolanlarynda bolsa, adamlar öz serdarynyň arkasyny
tutmak bilenem çäklenmän, ýaraglanmaga-da başlapdyrlar. Şeýdibem, degnasyna deglen halk Eziz Çapykowy aýgytly göreşe
galan atlylaryň serdary diýip yglan edipdir. Eziz hanyň ýigitleri
şobada wolost naçalnigi Muhammedi ýesir alypdyrlar. Ýöne oňa
nähilidir bir ýol bilen gaçmak hem Tejende gizlenmek başardypdyr. Tejende bolsa şol wagtlar gaty köp garyp-gasarlary pälä
ugratmaga taýýarlyk görülýär eken. Köp obalaryň ilaty Eziz hanyň otrýadyna goşulypdyr. Kim pyýada, kim öz atyna, düýesine,
eşegine münüp gelipdir. Wolostnoý Muhammedi tussag etmek
hem pälä ugradyljak adamlary boşadyp goýbermek üçin, olar
toplumy bilen Tejene çozupdyrlar.
Ýöne şol wagta çenli patyşa soldatlarynyň şäherdäki garnizony gozgalaňçylara gaýtawul bermäge taýýar edilipdir. Şäher
çinownikleridir baý-töreleri hem ýaraglandyrypdyrlar. Demir
ýolunyň ugrunda pulemýot bilen ýaraglanan ýörite bronlanan
parowozy goýupdyrlar. Marydan soldatlaryň goşmaça güýjüniň
gelerine garaşylypdyr. Topalaňçylar Tejeniň etegine ýetýänçäler,
köp adamlaryň gylawy gaçypdyr. Munuň üstesine-de, olaryň
öňünden tire-taýpa aksakgallarynyň, oba arçynlarynyň, atly-abraýly adamlaryň bir giden wekili çykypdyr, gozgalaň etmezlik,
gan dökmezlik barada töwella edipdir. Iň gowusy ak patyşanyň
rehimdarlygyna bil baglamagy, päle alnyşygy ýatyrmagy ondan
haýyş etmegi maslahat beripdir. Wekiller gozgalaňçylara barybir
5
enedilim.com
Tejeni alyp bilmersiňiz, haý diýmän, Aşgabatdan hem Marydan
patyşa goşunlary dökülýär diýipdirler.
Şeýdibem, özakymlaýyn gozgalaňa baş göteren daýhanlar
yza tesipdirler. Tejendäki işçilerem olaryň tarapyny tutmandyrlar. Şundan soň şäherde we obalarda adamlary köpçülikleýin
tussag etmek başlanypdyr. Eziz hana wepaly adamlaryň kiçijik
topary onuň bilen bile Tejen derýasynyň aýagyndaky tokaýlara,
jeňňellere siňip gidipdir. Olaryň yzyndan jeza beriji otrýad iberipdirler. Gaçyp barýan pitneçiler kowguçylar bilen atyşypdyrlar,
ýöne güýçleriň tapawudy gaty uly eken. Eziz han kowguçylaryň
ünsüni esasy topardan çekmek bilen, bäş sany atlyny ýanyna
alyp, Eýrana geçmegi ýüregine düwüpdir. Bu ýerde hem Eziz
han Eziz hanlygyna galypdyr. Eger türkmen daýhanlaryny gozgalaňa galdyran uly baýlar günalerini boýun alyp, baş egip gelen
hem her hili kemsidilmelere çydap, günäleriniň geçilmegini gazanan bolsalar, Eziz han kolonizatorlaryň öňünde baş egmändir.
Eziz han hakda onuň döwürdeşi Garaşhan ogly Ýomutskiniň1 bellikleri üns bermäge laýykdyr: «Tejen raýonynda türkmen
Eziz hanyň syýasy wakalaryň sahnasyna çykmagy hemmeler
üçin garaşylmadyk zat bolupdy. Şol wagta çenli Eziz han hakda
hiç kim hiç zat bilmeýärdi. . . Ol sada, garyp türkmen bolupdyr,
polkownikler Lomakiniň hem Palçewskiniň edara eden döwrün1
Nikolaý Nikolaýewiç Ýomutskiý – patyşa gullugynyň podpolkownigi.
Kontrrewolusion pitneden ozal Ýomutskiý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän
Krasnowodsk uýezdiniň musulman deputatlar Soweti Sowet häkimiýeti bilen
hyzmatdaşlyk saklapdyr. Türküstan gubernatorynyň öňki kömekçisi, Sowet häkimiýeti berkarar edilenden soň ak gwardiýaçy ofiserleriň iňlisler tarapyndan
döredilen, dil düwüşijilikli «Türküstan harby guramasy» diýilýäne ýolbaşçylyk
eden Ý. Junkowskiniň berýän häsiýetnamasyna görä, N. Ýomutskiý «biçak
mekir adam bolupdyr, bolşewikleriň arasynda, türkmen taýpalarynyň arasynda abraýdan gaçypdyr, diňe özüniň köp sanly garyndaşlaryna daýanypdyr.
Bolşewikler döwründe komissar bolupdyr. Krasnowodsk staçka komiteti ony
zýýanly adam hökmünde Çeleken adasyna sürgün edipdir. 1913-nji ýylda
hem general-gubernator tarapyndan bir ýyl möhlet bilen ülkäniň çäklerinden
daşaryk sürgün edilipdir». (ORMDA, f. 446, op. 2, d. 55, l. 14). Oktýabr
rewolýusiýasyndan soň ol uzak ýyllar boýy Moskwadaky respublika üçin
türkmen intelligensiýasynyň ilkinji milli kadrlaryny taýýarlaýan Halk magaryf
öýüne ýolbaşçylyk edipdir.
6
enedilim.com
de uýezd administrasiýasy tarapyndan birsyhly ýanalandygy
sebäpli obadan çykyp gitmäge, administrasiýanyň yzarlamagyndan gizlenip, «alamançylara» goşulmaga mejbur bolupdyr,
serhet ýakasyndaky pars obalaryna birsyhly alaman edip durupdyr.
Öz işleri hem çozuşlary bilen Eziz han şol döwrüň rus hem
pars häkimiýetleriniň adalatsyzlygyna garşy protest bildiripdir.
Ol beýlekiler bilen bilelikde türkmen ilatynyň öz kalbynda gizlin
formada saklaýan protestini aňladyjy adam bolupdyr»1 .
Eziz han ýene-de öz mähriban topragynda duşuşmak umydy
bilen Sary öýçiniň ogly Gyzyl hem beýleki pikirdeş ýoldaşlary
bilen aýrylyşýar. Ýöne bu duşuşyk fewral rewolýusiýasyndan
soň bolup geçer. Bu baradaky habary Eziz han Owganystanda
gezip ýörkä eşider. Il arasyndaky gürrüňe görä şol ýerde Eziz
han Türküstandaky sarizme garşy gozgalaňçylyk hereketiniň
ýolbaşçylarynyň biri, özi ýaly topalaňçy Juneýit han bilen ilkinji
gezek duşuşypdyr. Juneýit han hem Owganystanda rus patyşasynyň hyzmatkär gullarynyň yzarlamagyndan gizlenip ýören
eken.
Hamala, Jüneýit han Eziz hana täsir edipmiş, onuň şahsyýetiniň kemala gelmeginde aýgytlaýjy rol oýnanmyş diýen gürrüňler
bar. Özüm-ä olaryň haýsynyň beýlekisine täsir, edendigini çürt-kesik aýdyp biljek däl. Belki, tersine bolandyr? Şol wagtlara
çenli Eziz han özüniň kimdigini tanadan adam bolupdyr we
ýaşynyň tejenli serdaryňkydan uly bolandygyna garamazdan
Jüneýit hanyň oňa aýgytlaýjy täsir edendigi gaty gümanamyka
diýýärin.
Halk arasynda şeýle rowaýat bar. . . Eziz hakda ozalam köp
eşidip ýören Jüneýit han ony ilkinji gezek görende, oňa göwnündäkini ýaňzydyp şeýle diýenmiş: «Serdar, seniň nähili gowy
ýaragyň bar eken! Donuňam gowy eken! Telpegiň hasam ajap
eken!». Eziz han onuň näme diýjek bolýanyna düşünipdir, ýöne
sesini çykarmandyr. Soňky gezek duşuşanlarynda tejenli serdar Jüneýit hanyň ýanyna sowgatly gelipdir. Ol özüniň iňlis
1
«Türkmenowedeniýe» žurnaly, 1927, N. 2-3, 19 s.
7
enedilim.com
mauzerini hem, kazak karabinini hem gysganmandyr, egnindäki
agarçäkmenini hem gysganmandyr. Hywa, hany hem bergidar
bolup galmandyr. Ol hem tejenli hana kümüş uýanly ýomut atyny beripdir. «Telpegiň-ä dözmediň öýdýän? – diýip, Jüneýit han
mönsürän bolanmyş. – Ýa-da düşünmediňmi? Telpegiň maňa
beýleki zatlaryňdan has gowy ýaraýardy». «– Telpek özümiňki,
han aga – diýip, Eziz han gaba telpegini maňlaýyna süýşürip
jogap berenmiş. – Ol meniň kellämiň bezegi. Telpegimi bersem,
ertir sen meniň kellämi dilärsiň. Kellämi bolsa diňe telpegim
bilen bile alyp bilersiň. . . »
Jüneýit han çyparrak murtunyň astyndan çalaja gülümsiränmiş: «Bu tejenli serdar bilen oýun eder ýaly däl. Ol synagdan
kemsiz geçdi».
Ak patyşa ýykylandan soň, Eziz han ýene Tejene dolanyp gelipdir. Ol döwür Türküstanda iki häkimiýetliligiň dowam edýän
döwrüdi. Tejende-de ýagdaý şeýledi. Eserlerden hem menşewiklerden ybarat deputatlar Soweti hem öz häkimligini ýöretjek
bolýardy, komissarlardyr milisionerleriň geýmini geýen düýnki
patyşa çinownikleri – uýezd, wolost naçalnikleri, pristawlardyr
olaryň kömekçileri hem öz häkimligini ýöretjek bolup jan edýärdiler. «Mollasy köp bolsa, toklusy haram öler» diýen ýaly,
daýhanlaram bir topar hojaýyna elgarama bolup tozupdylar, öz
ýerlerini satyp, lýumpen-proletarlaryň hataryna goşulypdylar.
Onuň üstesine, şol ýyl ekinem bitmändi. Ülke galagoplykdy,
talaňçylyk, ogurlyk artypdy. Ýaş ýigitler baý diýmän, garyp diýmän, öňünden çykan öýlerine kürsäp urýardylar, barja zadyny
talap, malyny hem sürüp gidýärdiler.
1969-njy ýylyň baharynda Murgap raýonynyň kolhozlarynyň
birinden Gyzyl hany gözläp tapanym ýadyma düşýär. Segsene
ýeten gojadygyna garamazdan, ol şol wagtlaram daýawdy, ýaňaklary gyzyl öwsüp durdy, gollary berdaşlydy. Ol şol Çapyk
serdaryň goňşusy hem dosty Sary öýçiniň ogly Gyzyldy. Eziz
hana ýürek bilen berlen Gyzyl aga graždanlyk urşy döwründe onuň söweşjeň kömekçisi bolupdy. Eziz han öldürilenden
soň bolsa Sowet häkimiýetiniň tarapyna geçen Tejen otrýadyna
komandirlik edipdi.
8
enedilim.com
Gyzyl han baryp şol wagtlar, ýagny Oktýabrdanam ozal göreşijiniň şöhratyny gazanan, öz halkynyň azatlygy ugrunda ata
çykan adam diýlip tanalan Eziz han hakda köp täze zatlary gürrüň berdi. Tire aksakgallary, mollalar, baýlar, daýhanlar Tejen
ilatynyň geňeşinde Eziz handan nökerlere baş bolmagy haýyş
edipdirler. Okrugyň iň uly işany oňa il-günüň rahatlygyny bozýan talaňçylara garşy göreşmek üçin pata beripdir. Her obadan
iki sany atlyny Eziz hana nöker edip beripdirler. Şeýlelikde, elli
sany ýaragly nöker ýygnanypdyr. Olara serdarlyk edýän Ezizi
bolsa şondan soň «han» atlandyryp başlapdyrlar. Iňlis razwedkasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklan Ý. Junkowskiý: «Tejenli
Eziz han hakyky han däl. Türkmenler özlerini özlerine degişli
däl at bilen bezemegi halaýarlar»1 diýip, öz hojaýynlaryna habar
beripdir.
Gazaply, ýöne adalatly adam bolan Eziz hanyň aýgytly hereketleri oňa meşhurlyk getiripdir. Onuň otrýady Tejen okrugynda talaňçylygyň tepbedini okapdyr. Ýöne obalarda öňküsi
ýaly açlyk dowam edipdir, çörek tapylmandyr. Russiýadan hem
Daşkentden azyk getirilmändir, ýerli resurslar bilen oňňut etmeli bolupdyr. Halkyň çykgynsyz ýagdaýdadygyny gören Eziz
han baýlaryň artyk gallasyny elinden alyp, daýhanlara paýlap
başlapdyr. Onuň aýagyndan hemme ýere arz edip çykypdyrlar.
Ýöne sada adamlar, mähriban halkynyň azatlygyny arzuw edýän
batyr ýigitler Eziz hanyň töweregine üýşüp başlapdyrlar. Olar
Eziz hanyň amala aşyrýan işlerini halkyň azatlygyna eltip biljek
dogry ýol hasaplapdyrlar2 .
Eziz han öz tiredeşlerinem, pikirdeşlerinem töweregine jemläpdir. uýezd komissarynyň baştutanlygynda Eziz hana garşy
çykýan baýlaryň toparlanyşygynyň isleginiň tersine halk Eziz
hany Tejen deputatlar Soweti bilen goşulyşan türkmen wolost ispolnitel komitetiniň başlygy edip saýlapdyr3 . Halkdan çykan serdaryň şöhratynyň artmagy barly gatlaklaryň gonjuna gor guýup1
ORMDA, f. 446, op. 2, d. 55, l. 13.
MLI TF-niň partiýa arhiwi, f. 51, op. 7, d. 51, l. 35.
3
TSSR MDA, f. 316, op. 1, d. 1, l. 373.
2
9
enedilim.com
dyr. Bu aýratynam togtamyşly baýlarda bassaşlyk duýgusyny
güýçlendiripdir. Beýle ýagdaý tireler arasyndaky duşmançylygy
öjükdiripdir.
Bir gezek togtamyşlar Eziz hanyň ýoklugyndan peýdalanyp,
onuň otrýadynyň Tejende galan toparynyň üstüne çozupdyrlar,
ony ýaragsyzlandyrypdyrlar. Hatda onuň bir jigidini öldüripdirlerem. Basyp alan ýaraglaryny bolsa Hywa iberipdirler. Ol
tüpeňler şol wagtlar Türkmenistanyň demirgazygynda güýç toplap ugran Jüneýit hana satmaga niýetlenen borly. Eziz han Hywa
ýarag alyp giden kerweniň yzyndan kowgy gidipdir, Hywa barandan soň onuň yzyndan ýetipdir. Ýaraglary gaýtaryp alypdyr.
Ol wagtlar ýarag gyzyla barabar eken. Togtamyşlaryň bu duşmançylykly hereketini, aýratynam nökeriniň öldürilmegini Eziz
han geçirdim edip bilmändir.
Mejbury ýagdaýda Hywa gitmegi Eziz hany ýene-de Jüneýit
han bilen duşuşdyrypdyr. Ol wagtlar Jüneýit hanyň at-owazasy
Türküstana dolan eken. Ol diňe rus sarizminiň kolonizatorçylyk
syýasatyna däl, wagtlaýyn hökümetiň hem onuň dikmeleriniňem garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barýar eken. Şol wagtlar
Jüneýit han hakykat ýüzünde Hywa häkimlik edýär eken. Ol
daşyna ýaragly atlylardan ybarat uly otrýad toplapdyr. Ol otrýadyň özenini düzýänem Jüneýit hanyň öz garyndaşlary hem
tiredeşleri eken. Şeýdip ol goňşy uly tirelere hem halklara öz hökümini ýöredipdir. Hatda buhara emiri hem ony äsgermezçilik
edip bilmändir.
Eziz han öýüne gaýdyp gelenden soň öz ýakyn adamlaryna
gören-eşiden zatlaryny aýdyp berenmiş, ol Jüneýit hanyň adalatsyzlygyndan göwnüniň geçendigini mälim edenmiş, çünki
onuň öz tiredeşlerine gol ýapyp, goňşy çowdur, gara-daşly, ýemreli, uşak taýpalaryny pes tutuşyny halamanmyş diýip gürrüň
edýärler. . .
Eziz hanyň «ak guş» bolandygyna güwä geçip biljek däl, ýöne
bu dogry bolaýanlygynda-da, Eziz hanyň şeýle sagdyn garaýşy
hem onuň özüniňem käbir zatlarda Jüneýit hana meňzemegine päsgel bermändir. Emma bu-da Eziz hanyň il arasyndaky
meşhurlygyny ullakan pese gaçyryp bilmändir. Onsoňam Eziz
10
enedilim.com
hanyň döwürdeşleriniň ýazgylary hem il arasyndaky rowaýatlaryň birenteginiň hakdygyny tassyklaýar. «Agdarylyşykdan
(Fewral buržuaz rewolýusiýasyndan – R. E.) soňky emele gelen
häkimiýetsizlik döwründe Eziz han hiç kim garaşman durka özi
ýaly bir topar nägile türkmenlerden kiçiräk otrýad döretdi we
Tejeniň tas hemme ýerini eline aldy oturyberdi – diýip, Garaşhan
ogly Ýomutskiý ýazýar. – Ol hem rus çinowniklerinden, hem
ýerli ilatdan ybarat bolan öňki administrasiýanyň garşysyna, şonuň bilen birlikde patyşa zamanynda halk köpçüligini ezip gelen
käbir belli türkmenleriň garşysyna göreş alyp bardy. Mysal üçin,
ol Saragt raýonyna çozanda ile belli Meňli hany, onuň ogly Baba
hany hem beýlekileri öldüripdir.
Şol wagtky häkimiýet başynda duran wagtlaýyn hökümetiň
wekilleri Eziz hanyň otrýadyna we onuň hereketlerine üns bilen
seredýärdiler. Olar şol bir wagtyň özünde hem-ä Eziz han bilen
ülpetsirän bolýardylar, hemem ony çemlerine salmaga hem ýok
etmäge jan edýärdiler.
Özüniň sowatsyzlygyna hem dolandyryş işlerinde tejribesizdigine garamazdan, zanny gujurly hem talantly adam bolan Eziz
han öz ýanynda ştab ýaly bir zat döretdi we öz otrýadynda tertip-düzgüni ýola goýmagy başardy hem belli bir plan boýunça
hereket etdi1 .
Iki tire arasyndaky baýlary hem, daýhanlary hem öz içine
alan duşmançylyk Oktýabr rewolýusiýasyndan soňam galmandyr. Tejende Sowet häkimiýeti yglan edilenden soň, eser-menşewik deputatlar Sowetinde ullakan üýtgän zat bolmandyr. Deputatlar Soweti Däli lakamyny alan Aga Hanjaýewe otrýad düzmekligi tabşyrypdyr. Ol togtamyşlaryň serdarlaryndan biri bolupdyr.
Eziz hanyň jigidini hem öldüren Aga däliniň nökerleri eken. Ilki
başda 9 adamdan ybarat bolan şol otrýada Baýram galtaman
hem ýazylypdyr. Ol hem «galtaman» lakamyny ýöne ýere alan
bolmaly däl. Şeýlelikde, Eziz hanyň halkyň erki bilen döredilen otrýadyndan başga Deputatlar Sowetiniň görkezmesi bilen
döredilen ýene-de bir gyzyl gwardiýaçylar otrýady diýilýän otr1
«Türkmenowedeniýe» žurnaly, 1927, No 2-3, 20 s.
11
enedilim.com
ýad peýda bolupdyr. Ol otrýadam esasan demir ýol hem şäher
çinowniklerinden ybarat eken. Otrýada köplenç rus ilatyndan
bolan adamlar, ýagny köne patyşa administrasiýasyndan bolan
eserler hem menşewikler giripdir.
Biri-birine duşmançylykly serdarlary hatda Oktýabryň ideýalary hem ýaraşdyryp bilmändir. Türkmenistanda graždanlyk
urşuna işeňňir gatnaşan I. I. Lawrikow Eziz han bilen Aga däliniň arasyndaky duşmançylygy tire agzalaçylygy esasynda dorän
zat hasaplaýar1 . Gyzyl Saryýew hem iki otrýadyň arasyndaky
duşmançylygyň gowşamandygyny tassyklamak bilen, olaryň
serdarlarynyň arasyndaky jetligiň düýp sebäbiniň diňe olaryň
men-menliginden, birek–birekden ar almak duýgusyna jylawyny
berenliginden ybaratdygyny aýdypdy.
Bir gyzyl komissar Tejene gelende, onuň Goşa gorgan diýen
ýerde Eziz han bilen duşuşandygyny, ol komissara hemmekişiniň
Saryja komissar diýýändigini, ýöne onuň çyn adyny ýadyndan
çykarandygyny Gyzyl han gürrüň berdi. Özem şol komissar iki
serdaryň arasyndaky gatnaşygyň gowy däldigi sebäpli ynjalman
gelen borly. Ol Eziz handan: «Sen näme üçin Aga däli bilen
oňşaňok?» diýip sorapdyr. Eziz han hem: «Men Aga däliniň
adamlarynyň elinden ölen jigitlerimiň aryny almaly. . . » diýip
jogap beripdir.
Aga däli Hanjaýew şol wagtlara çenli Eziz hanyň jigitleriniň
diňe biriniň janyna galyp oňmadyk borly. Elbetde, Eziz han hem
«ak guş» bolmandyr, onuň elindenem az adam ölmändir. Özem
olaryň hemmesi Sowet häkimiýetiniň tarapdarlary hem däl eken.
Taryhy edebiýat Eziz hanyň hereketlerine esasan synpy bähbitlerden gelip çykýan ideýa duşmançylygy hökmünde garap geldi.
Totalitarizm hem durgunlyk ýyllarynda biz şeýle diýip tassyklaýardyk. Meniň özüm hem «Zakaspide bolşewikler podpolýesi»
diýen kitabymda Eziz hana köp sahypa bagyşlapdym we ony
belli derejede şeýle adam edip görkezipdim. Eziz hanyň rewolýusiýada oýnan roluna şu hili garaýyş hemmeler tarapyndan kabul
edilen, resmi garaýyş hasap edilýärdi, hemme taryhçylardyr ede1
TSSR MDA, GP 48, l. 288-291.
12
enedilim.com
biýatçylaram şondan ugur alýardylar. Mysal üçin, meşhur bir
taryhçy alymyň işinde Eziz han şeýle suratlandyrylýar:
«Eziz Çapykow Tejen uýezdine baryp tomusda (1917-nji ýyl –
R. E.) dolanyp gelipdi. 1916-njy ýylda «halkyň öňünde görkezen
hyzmatlaryny» perde edinip, bu awantýurist öz arkasynda duran feodal-klerikal elementleriň goldawyndan peýdalanyp, Tejen
raýon türkmen ispolnitel komitetiniň ýolbaşçylygyny öz eline
aldy we Tejen derýasynyň aýagynda hut özüniň ýarym garaşsyz
feodal häkimligini döretmek ýoluna düşdi. Wagtlaýyn hökümetiň organlary onuň işine ýol bermejek bolup synandylar, emma
beýle etmegi başarmadylar. Sebäbi şol wagtlar feodal-klerikal
aldawa uýan yzagalak tejen daýhanlarynyň bir bölegi Eziz hany goldaýardy. . . Ruhanylaryň goldawyndan giň peýdalanmak
bilen, Eziz han hakykat ýüzünde özüniň baýlaryň dikmesidigine garamazdan, Tejeniň yzagalak daýhanlarynyň arasynda
abraý gazanmagy başarypdy. . . Ýöne onuň despotik hokgalary
baýlaryň bir böleginiň hem uýezd türkmen ispolnitel komitetinde ornaşan türkmen jedidleriniň ondan daşlaşmagyna sebäp
boldy. . . »
Meniň bu mysal getiren setirlerim, olaryň awtorynyň Eziz
hanyň daýhanlaryň arasynda her niçigem bolsa, «ep-esli abraýynyň bardygyny» boýun almaga mejburdygyna garamazdan,
göz-görtele tendensioz mana eýe bolup durýar. Şonda-da awtor
hiç bir çynlakaý subutnama, ynandyryjy delil getirmezden, öz
pikirini iliň başyna dakjak bolýar. Ol Eziz hanyň roluny peseltjek, ony abraýdan gaçyrjak bolup, diňe wejeralaýjy boş sözleri,
teýeneli jümleleri ulanýar, bogazyny ýyrtara getirip gygyrýar.
Ol faktlary şeýle aňsatlyk bilen çepbesine çöwürýär. Eziz han
babatda «demagog», «awantýurist» diýen ýaly meňzetmeleri
dannawsyz gaýtalaýar. . . Onuň pikiriçe, eger daýhanlar öz serdaryny goldaýan bolsalar, olar «yza galakmyş», boş wadalar bilen
«ýoldan çykarylanmyş». Eger serdaryň halkyň arasynda abraýy
bar bolsa, onuňam hökman bir «emmajygy» bolmalymyş. Hamala, Eziz han şöhratparazmyş, «hut özüniň feodal häkimligini»
döretmek barada arzuw edýärmiş.
Awtor Eziz hany kiçeltjek bolup, islese-islemese-de, ony arşa
13
enedilim.com
göterýär, onuň hakykat ýüzünde tutuş halk tarapyndan – «yzagalak daýhanlar», «feodal-klerikal elementler», «ruhanylar», «baýlaryň hem türkmen jedidleriniň bir bölegi» we ýene-de «baýlaryň
bir topary» tarapyndan goldanandygyny boýun alýar.
Şunuň ýaly halk köpçüliginiň goldawyndan, hormat-sylagyndan peýdalanyp bilseň başga näme gerek? Onsoň näme üçin
halk arasynda şeýle uly abraýy bolan şahsyýet han bolmaly dälmiş? Bir topar taryhy işlerde Eziz hana ýöňkelýän esasy günä
onuň aklarsyz hem gyzyllarsyz, bolşewiklersiz hem menşewiklersiz öz garaşsyz hanlygyny döretmek barada arzuw edendigine
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eziz han hakda hakykat - 2
  • Parts
  • Eziz han hakda hakykat - 1
    Total number of words is 3574
    Total number of unique words is 1915
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 2
    Total number of words is 3543
    Total number of unique words is 1885
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 3
    Total number of words is 3475
    Total number of unique words is 1851
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 4
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2100
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eziz han hakda hakykat - 5
    Total number of words is 2749
    Total number of unique words is 1585
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.