Latin

Çyn güller - 4

Total number of words is 3600
Total number of unique words is 1216
41.4 of words are in the 2000 most common words
54.5 of words are in the 5000 most common words
60.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Süýtde agzy býşen, suwy üfläp içer» diýleni dogry eken. Ol indi biçak eserdeňdi.
Her basan ädimini oýlanman basmaýardy. Ýogsam oňa lak atan ýigitler kän
boldy. Miwe olaryň birine-de ýüz bermedi. Bar ünsüni okuwa berdi. Onuň bu
häsiýeti oňa öňküsinden-de oňat gözellik berdi. Indi öňki ýaly däldi. Miwe biçak
asylly bolansoň asylsyzlar onuň golaýyndanam geçip bilenokdy.
Miwede şu häsiýetler başda bolan bolsa, belkäm Bäşimem uniwersiteti taşlap
gitmezdi. Muňa Miwäniň barha gözi ýetip ugrady. Ol indi Bäşimi has-da çaltçaltdan ýatlap başlady. Ol Bäşimi, onuň gylyk-häsiýetlerini göz öňüne getirdigiçe,
şonça-da oňa göwni ýetdi. «Dogrudanam, ýigit diýeniň şeýleräk bolsa ýagşy»
diýip, içini gepletdi.
Soňabaka Miwäniň Bäşimi biçak göresi geldi. Göwnüne bolmasa, Bäşim bir gün
gelip gapyny kakaýjak ýalydy. Bibijemal käte-käteler Bäşimi ýatlap, ol barada
öwgüli gürrüňler edip başlanynda Miwe ony gabanyp başlady.
Wah, Bäşim! Bäşim! Ol bu güne ýetmek üçin, gör, näçe ýyllar garaşdy. Ine, indem
Miwe ony gowy görüp başlanynda ol bu ýerden uzakda gezip ýördi. Ol Miwäniň
özüni söýendigini biläýse, onuň nähnli begenjekdigini göz öňüne getirip görüň!
Begenjinden ýüregi ýarylaýmagam mümkinŞeýde-şeýde ýaz geçip, tomus düşdi.
Miwe kanikulda öýlerine gaýtdy. Bu ýerde welin Miwe Bäşim bilen
duşuşjakdygyna şübhelenmeýärdi. Bolmajak bolsa, bolmaz ekeni. «Bäşim obada
ýok. Ol goşun gullugyna gitdi» diýdiler. Miwäniň bar höwesi gaçdy. Bäşim
uniwersiteti taşlap gaýdanynda otla ýetişip bilmänligine bu sapar hasam beter
gynandy. Miwäniň göwnüne şol gezek otla ýetişen bolsa, bar zat düzeläýjek
ýalydy. Eger ol ýetişäýenliginde Miwe her ederdi, hesip ederdi, Bäşimi
uniwersitetde galmaga yrardy. Eger şeýdäýen bolsa Bäşim bilen bäş ýyl bileje
okardy. Bileje kanikula gaýdardy. Şeýdäýen bolsa, gör, nähili gowy boljakdy.
Miwe Bäşimi öz arkadagy hasaplaýardy ahyryn.
**
Bäşim şofýorçylygy heniz goşun gullugyna gitmänkä öwrenipdi. Şonuň üçin ol
goşunçylyk döwründe tankçylyk bölüminde gulluk etdi. Ol indi goşunçylykdan
geleli bäri kolhozyň ýük çekýän maşyny bilen garabaşyna gaýdy. Ol bu günler
ýetişibildigi şähere gök önüm daşaýardy. Onuň işden gelip, maşynynyň oduny
söndürenem şoldy welin, tutçulygyň arasyndan «Bäşim!» diýen ses eşidildi.
Bäşim allaniçiksi bolup, tisginip gitdi. Öz gulagyna özi ynanmajak boldy.
«Mümkin däl» diýip, içini gepletdi. Ses ikinji gezek, soň üçünji gezek
gaýtalanandan soň, şol tarapa nähili bolup, ylgap barandygynam duýman galdy.
Ol ýap-ýaňyja-da bu dünýäde gezip ýördi. Eýýäm, şu göz açyp-ýumasy salymyň
içinde başga dünýä baryp düşdi. Onuň öňünde Miwe durdy! Bäşim bir agzam
gürlemän, geň galyp, agzyny açyp durdy. Şol önki Miwe! Sähel dagy üýtgäýse
nädersiň. Şol jan algyç eziz gözler, şol bir wagtky şar gara uzyn saçlar. Bäşimiň
yşky göterilip, gözleri ot ýaly ýanyp başlady.
— Bu men, Miwe. Tanamadyňmy?
— Ol näme diýdigiň? Heýem men seni tanamarynmy? «Bäşim!» diýeniňden
sendigiňi bildim. Ýöne geň galdym. Sen meniň ýanyma gelersiň öýdüp, ýatsamtursam hyýalyma gelmeýärdi. Häzirem birhili, düýş ýaly, ynanmajak bolup durun.
— Ýok, Bäşim. Ynan. Bu men saňa garaşa-garaşa garaşmaz boldum. Ahyryn özüm
seni gözläp tapdym.
— Eýgilikmi?
— Elbetde, eýgilik.
— Sen nire, bu ýerleri nire?
— Görýän welin seniň hiç zatdan habaryň ýog-ow? Men ozalam şeýlemikän diýip
çak edýärdim. Seni görmänime näçe ýyl geçendigini bilýärmiň?
— Bilýän Miwe. Üç ýyl geçdi.
— Dogry. Meniňem saňa üç ýyldan bäri garaşyp ýörşüm. Sen uniwersiteti taşlap
gideniňde uniwersiteti däl, meni taşlap gitdiň. Sen gidenje günüň özümiň ýeke
galandygyma düşündim. Yzyňdan ýetjek bolup, wokzala ylgadym. Emma gijä
galan ekenim. Otly ýaňyja ugrady diýdiler. Eger ýetişen bolsam ölsemem seni
goýbermezdim. Şondan bärem ýoluňa garap ýörşüm. Ahyrynda ynha, saňa üç
ýyldan soň duşdum.
Dogrudanam, Bäşim üçin bu zatlara ynanaýmak kyndy. Miwe ilkinji gezek onuň
bilen şeýle ýakyn durup, tüýs ýürekden gürrüň edýärdi. Miwe Bäşime has golaý
durdy.
— Men seniň ýanyňa ötünç soramaga geldim.
— O nämäň ötünji? — diýip, Bäşim geň galdy.
— Men seniň päk söýgiňi harladym. Sen meni ýüregiňden syzdyryp, hat ýazdyň.
Men bolsam hatyňa jogap bermän seni şu çaka çenli kösäp geldim. Sen maňa
dag-deräni, çöl-beýewanlary söküp, doglan günüme çyn güllerden çemen baglap
getirdiň. Men bolsam seniň getiren gülleriň ýüzüne urdum. Özgä göwün berdim.
Ine, şonda men düýpsüz derýa gark boljak bolup durkam, sen gelip meni halas
etdiň. Şeýdip sen ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.
— Bäşim, sen maňa dogryňy aýt. Sen meniň günämi geçýärmiň ýa-da
geçeňokmy?
— Bu taýda günäňi geçip-geçmez ýaly näme bar? Seniň diýýän zatlaryň bir wagt
bolup geçen zatlar. Ondan bäri aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Men bar zady bir wagt
unutdym.
— Diýmek, sen menden razy-da?
— Müň-de bir razy.
— Sag bol! Ýaşyň uzyn bolsun!
— Miwe!
— Gulagym sende.
Şol wagt Bäşimiň gelnejesiniň sesi eşidildi.
— Bäşim! A-ýu, Bäşim!..
— Seni gelnejeň çagyrýar... Meni bir göräýmäwersin — diýdi-de, Miwe
tutçulygyň içi bilen öýlerine tarap, aýagaldygyna ylgap gitdi. Bäşim nätjegini
bilmän delmuryp galdy. Yzyndan ylgabam bilmedi, dur diýip gygyrybam bilmedi.
Ol Miwäniň ilden ogrynça ýanyna gelip gidenini äşgär edip biljek däldi. Ine,
onsoň onuň yzyndan iki elini uzadyp, boýnuny süýndirip galdy. «Gelneje!
Gelneje! Janym gelneje!» diýip, öz ýanyndan zeýrendi. «Ýeri, meni çagyrjak
bolsaň, başga wagt tapmadyňmy? Oňa diýjek sözüm bardy ahyryn. Hana indi
diýjek sözümiň birinem diýip bilmän galdym. Ol maňa beren ähli jebirleri üçin
ötünç sorady. Ony beladan halas edenim üçin alkyş okady. Dogrudanam, men
ony halas edipdim. Men oňa «Indi nobat seňki, senem meni halas et!»
diýjekdim. Arman, diýip bilmän galdym... Ol meniň bilen razylaşyp, hoşlaşyp
gitdi. Ol indi dolanyp, hiç haçan meniň ýanyma gelmez».
— Bäşim diýýän men saňa! — diýip, gelnejesi bu gezek has batly gygyrdy.
— Ine, bardym, gelneje!
Bäşim ylgap, gelnejesiniň ýanyna bardy.
— O taýda näme işläp ýörsüň?
— Hiç zadam işlämok.
— Ýanyňdaky kimdi?
— Aý, bir tanyş gyzym.
— Miwe ýalak-la.
— Aý, ýok gelneje, Miwä-hä däl.
— Onda kim?
— Sen ony tanamarsyň.
— Meniň tanamaýanymy sen nireden tanap ýörsüň? Adyny aýtsaň bilerin.
Bäşim çalaja güldi.
— Şonuň adyny bilmek hökmanmy, gelneje.
— Wiý, bilsek gowy-da, oglan. Bizem indi toý aladasyndan dyndar ahyry. Illeriň
seniň ýalakysynyň eýýäm telim çagasy bar. Çekinme-de aýt, gowy maşgala bolsa
gudaçylyga barjak.
— Aý, onuň gowulygyn-a söz ýokdur.
— Wah, şeýle bolsun-da, Hudaýym. Seniňem gowy görýäniň bolsun-da hernä.
Adyna näme diýdiň
Bäşim bu gezek bir gyzyň adyny tutmasa, gelnejesiniň elini ýakasyndan
sypdyrmajagyna düşünip durdy. Ol her näçe pikirlense-de. Bibijemaldan özge
gyzy göz öňüne getirip bilmedi. Bibijemal göz öňüne geleninde göwnüne ol
Bäşimiň ýüzüne gülümsiräp bakan ýaly boldy.
— Adyna Bibijemal diýýärler.
— Gowy gyz diýdiňmi?
— Gowy bolup, ne gowy. Uniwersitetde şondan gowy gyz ýok.
— Ol asyl okan ýören gyz diýsene?
— Hawa.
— Okasa gowy-da näme? Bu wagt okamaýan gyz barmy näme?
— Menem şony diýýän-dä.
— Onuň ýaly bolsa derrewjik ugruna çykaýaryn, Bäşim jan.
— Sen entek howlukma gelneje, wagty geleninde özüm aýdaryn.
— Wagty geleninde diýip, indi beri uzaklaşdyrma, oglan. Illeriň «Haçan ýuwürjiňi
öýlendirjek?» diýen sözünden bizar-peteňim çykdy. Indi besdir. Herki zadyň öz
çeni-çaky bardyr.
***
Şeýdip tomus geçdi, güýz geldi. Miwe indi uniwersitetiň dördünji kursunda okap
ýördi. Ony indi öňki Miwe diýseň ynanar ýaly däldi! Öňküsinden horlanypdy.
Öňküsi ýaly oňat geýinjek bolup, özüne timar berjegem bolup ýörenokdy. Ol indi
ähli ünsüni okuwa beripdi. «Bar-bar, okuwdan bar» diýýärdi. Ol indi öňküsi ýaly
sähel zada jakgyldap gülüp ýörenokdy. Kän bir gepe-gürrüňe-de goşulyp
ýörenokdy. Haçan görseň aladaly, nämedir bir zatlaryň pikirini edýärdi. Onsoň ol
sähel wagtyň içinde birnäçe ýaş ulalan ýalydy.
Ine, bu günem ol jaýda bir özi, stoluň başyna geçip, nämedir bir zadyň pikirini
edip otyrdy. Edil şol wagtam Bäşimiň gelnejesi gapydan girdi.
— Nurtäç daýza! Sen nire, bu ýerleri nire? Geleweri-de geçeweri!..
— Miwe jan, asyl bu senmi? Tüýs üstünden geläýşimi diýsene? Bu-ýa asyl, oňat
bolaýdy. Ýeri, gurgunmyň? Sag-gurgunja okap ýörmüň?
— Saglyk, Nurtäç daýza. Sag-gurgun okap ýörüs.
— Aý, şeýle bolsun-da, hernä. Okuwyňyzam-a agyr düşýändir. Haçanky okap
ýörşüňiz. Indi azalmaýarmy?
— Aý, indi agramyny azaltdyk-la. Şu ýylam bir sag-aman geçiräýsek, onsoň bir
ýylymyz galýar. Aý, onsoň diplom işi diýer, praktika diýer, geçip gider-le. Sen
azajyk otur, Nurtäç daýza. Men derewjik çaý-naharyň ugruna çykaýyn.
Miwe ylgap daş çykdy. Ol begenjinden nätjegini bilenokdy. Ony başga biri däl,
Bäşim iberendir öýdýärdi. Miwe onuň näme aýdaryna garaşyp, howlugyp, ölüpöçüp barýardy. Ara kän salym salmanam eli kitirli gaýdyp geldi. Çäýnek-käse
çykaryp, Nurtäjiň öňünde çaý-nahar goýdy.
— Sen bu ýerini nähili tapdyň, Nurtäç daýza!
— Bäşim jan tapmaz ýaly etmedi ahyryn. Gönije baraýmaly edip salgy berdi.
Gapyda oturýan aýaldan seni soradym welin olam haýsy jaýda ýaşaýandygyňyzy
aýtdy. Onsoň menem gönüje geldim-de, gapyňyzy kakaýdym.
Miwäniň ýüregi hasam böküp ugrady. «Aýdyşym ýaly-la. Ony meniň ýanyma
Bäşim iberipdir» diýip, içini gepletdi. Nurtäjem Mnwäniň içini bilip duran ýaly:
— Meni Bäşim iberdi — diýdi. Miweniň ýüzi bir agaryp, bir gyzaryp gitdi. Demini
tutup diýen ýaly Nurtäjiň indiki aýtjak sözüne garaşdy.
— Bibijemal diýen gyzam seniň ýanyňda ýaşaýarmy?
Miwäniň ýüzi duw-ak boldy. «Eý, Hudaýjan eý, bu şeýle bolup çykarmy?» diýip,
gorkujygyndan dili tutuldy. Tas elindäki käsesini gaçyrypdy. Miwe zordan özüne
geldi.
— Hawa, bile ýaşaýas.
— Hany, ol ýokmudy?
— Magazine gidipdi. Häzir geler.
— Şeýlemi?.. Aý, onda bir azajyk garaşaýaryn-da...
Miwe Nurtäjiň özi üçin gelmändigine ymykly göz ýetirdi. Bu oňa çydap-çekerden
agyr degdi. Gynanjyndan ýürek-bagry ört alyp, özüni daga-daşa urasy geldi.
Onuň häzirki çekýän jebri, Bäşimiň ähli çeken jebrinden ýüz esse agyrdy. Onuň
häzir gürlemeg-ä beýle-de dursun, gymyldamaga-da haly ýokdy. Ol häzir öz
ýanynda Nurtäjiň oturandygynam unudypdy. Bibijemalyň gapyny açyp, içerik
gireninem duýman galdy.
Bibijemal Miwäniň bir özüdir öýdüpdi. Nurtäjiň oturanyny görüp, birhili boldy.
Gapyda duran ýerinden ýokaryk geçip bilmän:
— Salam! — diýdi.
— Gurgunmyň janym, aman saglykmydyr? — diýip Nurtäç oturan ýerinden
Bibijemalyň salamyny aldy. Birdenem:
— A gyz, sen Bibijemal bolaýma? — diýip sorady.
— Hawa? — diýip, Bibijemal aňka-taňka boldy. Gözüni elek-çelek edip bir
Nurtäje, bir Miwä seretdi. Miwäniň ýüzi boz-ýazdy. Ol özüne näçe erk etjek
bolsa-da, onuň agyr oýa batanlygy görnüp durdy. Bibijemal Miwä hökman bir zat
bolandyr öýtdi.
— Miwe, näme boldy? Eýgilikmi? — diýip sorady
— Eýgilik bolman näme bolsun? Hudaýa şükür, elbetde eýgilik — diýip, Nurtäç
ýyrş-ýyrş etdi.
Bibijemal elindäki kagyza dolangy zatlary tumboçkasynyň üstünde goýdy-da,
oturgyjy alyp, Miwäniň ýanynda oturdy. Nurtäç şu iki aralykda Bibijemala oňatja
syn etdi. «Tüweleme munuň eýjejik gyzdygyny!» diýip, içini gepletdi. «Bolsa-da,
Bäşim jan gyz saýlab-a bilipdir...» Nurtäjiň ozalam göz öňüne getirip ýöreni edil
Bibijemal ýaly gyzdy. Bibijemal orta boýly, saryýagyz, uzyn saçly, gyýma gaşly,
gözleri gülüp duran gyzdy.
— Sen Bibijemal bolsaň, seniň ýanyňa meni Bäşim iberdi.
Bibijemal Bäşim sözüni eşideninden tarsa ýerinden turdy-da, el çarpdy. Nurtäç
muňa aňka-taňka boldy.
— Siziň Bäşim diýýäniňiz Meredow Bäşim dälmi?
— Hawa.
— Nähili? Sag-gurgunmy?
— Sag-gurgun.
— Sag-gurgun bolsa, bu wagta çenli näme üçin hat ýazman, gara bermän oňup
bildikä?
— Wiý, Miwe bilýär ahyryn. Ol goşunçylyga gidip geldi ahyryn.
— Şeýlemi? Miwe, bilýän bolsaň näme aýtmadyň, gyz? Men bolsam bizden şu
wagta çenli habar tutmanlygyndan öýkeläp ýörün. Aý, bolýar, sag-gurgun gelen
bolsa bolýar.
— Hudaýa şükür, sag-aman geldi.
— Siz Bäşimiň nämesi?
— Gelnejesi.
Bibijemal bu gelen aýalyň Bäşimiň gelnejesidigini bilip, öz bolşundan özi utandy.
— Şeý diýseňizläň! Gelnejesi diýseňizläň!
— Hawa. Ol meniň iň körpe ýüwürjim.
— Hany, aýtsaňyzlaň, ol näme kär edýär. Okaýarmy, işleýärmi?
— Goşunçylykdan geleli bäri, kolhozyň ýük maşynyny sürýär.
— Okuwa dagy girjek diýenokmy?
— Jany sag bolup gezip ýörse indi okar-da näme?
— Aý, hawa-la, dogry aýdýaňyz. Esasy zat saglyk-la. Jany saga okuw her wagtam
tapdyrar-la. Ýöne, men onuň näme üçin uniwersiteti taşlap gidenine henizem
haýran galyp ýörün. Ýogsam biz onuň bilen ýaňy bir öwrenişip ugrapdyk. Bäşim
gowy ýigit. Men ony biçak gowy görýän.
— Wah, gowy göreniň gowy-da, Bibijemal jan. O-da seni gowy görmese, meni
seniň ýanyňa ibermezdi ahyry.
Bibijemalyň göwnünde henizem aýry zat ýokdy. Bäşim ony düýbünden başga zat
üçin iberendir öýdýärdi.
— Dogrudanam, Bäşim iberdimi? Onuň ýumşy bar bolsa, özi gelip bilmedimikä?
— Özem daş ýerde däl, şu ýerde, Aşgabatda. Maşynyň goşuny almaga geldi. Ol
meni synla diýip iberdi.
— Kimi? Nämäni?
— Seni, Bibijemal jan, seni. Onuň şu dünýäde senden başga gowy görýäni ýok.
Ynha indi üç ýyldyr, ony öýlendirjek bolup, öýlendirip bilmän ýörüs. Haýsy gyzy
agzasaň ýok diýýär. Onda özüň aýt diýseňem aýdýan zady ýok. Ahyryn seniň
adyňy tutdy. Bibijemal bolanynda kim bolýar diýsem, uniwersitetde bile okanym
diýdi. Öýleri nirede, nireden habar tutmaly diýsegem aýdyp bilýän zady ýok. Ol
seniň nirede ýaşaýanyňy bilmeýän bolara çemeli. Onsoň şu taýyk – okaýan
ýeriňe geläýdim.
Bu wagt Bibijemalyň utanjyndan ýüzi dym-gyzyldy. Hälki saryýagyz gyz diýseň
ynanar ýaly däldi. Miwäniň ýüzi bolsa barha agarýardy.
— Bäşim bäş doganyň iň kiçisi. Kakasy bende aradan çykanynda Bäşim bolaýsa
dört-bäş ýaşyndadyr-da. Ejesi pahyr iki ýyl soň aradan çykdy. Kakasy ýetmiş dört
ýaşynda, ejesi ýetmiş üç ýaşynda ýogaldylar. Ine onsoň men Bäşimiň iň uly
gelnejeleri bolamsoň, hem eje, hem gelneje ornunda galyberdim. Şonam bir
abraý bilen bir oňat maşgala öýlendirip bilsem, men onsoň uly aladadan dynýan.
Ýogsam gyz, gören «Bäşimi haçan öýerýäňiz?» diýip, ýürek-bagryňa düşýärler.
Wah, bize galsa öýlendirjek-le, onuň özi edenok. Biz-ä şonuň göwnüne ýaraýan
gyzynyň üstünden baryp bilmedik. Ynha, indi, Hudaý köp görmesin bolaýdy.
Onuň gowy görýän gyzyny öz agzyndan eşidäýdik. Asyl sen şol Bibijemal diýsene!
Ýüwürjimiň ähli gyzdan seçip-saýlany diýsene! Bize düşseň-ä ökünmersiň,
Bibijemal jan! Illeriň bize ýetip bilseler armany ýokdur. Her kim döwlet ýoksun
diýip, bir döwüm çöregimizden dadyp gidenlerine-de, monça bolýandyrlar. Ýöne
seniň göwnüňde näme barlygyny welin, özüň biläýmeseň, biz bilip biljek däl-dä.
Bibijemal utanjyndan dym-gyzyl bolup, ýere bakyp oturan ýerinden, ýüzüni
galdyryp bilmän gürledi.
— Biziň-ä Bäşim ýaly ýigide ýetip bilsek armanymyz ýok.
—Wah, dilleriňe döneýin, Bibijemal jan?.. Biziňem Hudaýdan diläp ýörenimiz
seniň ýaly gyz-da. Sowadyň bar, gül ýaly görk-görmegiň bar, özümiz ýaly ýüregiň
açyk, onsoň biz senden gowusyny nireden tapaly. Onda men-ä Bäşime şeý
diýibem aýdaýjak. Gül ýaly maşgala, meniň-ä synym oturdy diýjek. Neneň
görýäň? Sen şoňa razymy?
— Razy — diýip, bu gezek ýylgyryp jogap berdi.
— Razy bolsaň sagat ýedide birinji bagyň işigine bar. Ol saňa garaşar, Bibijemal
jan. Duşuşyň, gürleşiň, soň çigi bolmasyn. Onda men turdum. Sag-salamat boluň.
Wiý, ýogsa-da, men indi siziň öýüňize-de barmalydyryn ahyryn. Öýüňiziň
nirededigini menem bilemok. Bäşim janam bilenok. Bibijemal jan, bir kagyzjygyň
ýüzüne öýüňiziň adresini düşnüklije edip ýazyp ber. Meniň indi howlugym özüm
bilen. Toýuň ugruna çykjak. Rugsatmydyr, Bibijemal jan?
— Menden-ä rugsat.
— Birden öýüňiz razy bolman durubermesin.
— Men razy bolanymdan soň...
— Sag bol, Bibijemal jan. Gyz diýeniň şeýle bor. Oňarýaň, Bibijemal jan, oňarýaň.
Öz bagtyň üçin özüň göreşmeseň, kim göreşsin? Ejeň, kakaň barmydyr?
— Hudaýa şükür, bardyr.
— Olar näme işleýän adamlar?
— Ikisem kolhozçy.
— Nähili, gowy adamlarmydyr!
— Meniň üçin-ä ýeriň ýüzünde ejem bilen kakamdan gowy adam ýok.
— Gowy bolany gowy-da. Ýöne olar maňa salybilen salgydyny salaýmasynlar.
Şoňa bir kömek berewergin, Bibijemal jan.
— Ine, oňa welin edip biljek kömegim ýok.
Nurtäç gorkdy. Olar salgydy biçak agyr salarlar öýtdi.
— Olar şeýle gymmatçylmydyr?
— Elbetde.
— Be, şeý diýsene? Biziňem-ä ýere-göge sygman üýşüp ýatan zadymyz ýokdur.
Aý, näme, Miwe-de özümiziňki-le. Gizläp oturasy zat ýok. Näçeräk bolar öýdüp
pikir edýäň? Bibijemal jan, gülme ahyryn. Men çynym bilen soraýan. Öňünden
çen-çakyny bilseň gowy-da, gyz.
— Edil bolaýjak ýerinem aýdyp biljek.
— Aýt, Bibijemal jan, aýt. Çekinme.
— Aýtsam şeýle...
Miwe-de bilesi gelip. Bibijemalyň ýüzüne çiňerildi.
— Iller göwherden bolmasa alanok. Aý, bolýar, men gyzyldanam bolsa alaýjak.
— Gyzyldan diýýäniň name? — diýip, Nurtäç durup bilmedi.
— Gyzyldan diýýänimmi? Gyzyldan diýýänimiň biri ýüzük, biri gulakhalka.
— Wa-ýeý! Seň aýdyp oturan zatlaryňy! O zatlaryň gürrüňini etmesene. Onsuz
bolmaz-la. Ýeri, onsoň näme?
— Onsoňmy? Onsoň men size iň agyr saljak salgydymyzy aýdyp bereýin.
— Aýt, Bibijemal jan, aýt. Hany, iň agyr salgydyňyzam eşideli.
— Eşitseňiz, oňa-ha Bäşimiň özi diýýärler. Şondan başga bize uly baýlyk gerek
däl.
Nurtäç baryp Bibijemaly gujaklady. Saçlaryndsn sypalady. Taýly gezek
ýaňaklaryndan ogşady. Begenjinden aglady.

— Miwe, näme boldy? Eýgilikmi? — diýip sorady.
— Eýgilik bolman näme bolsun? Hudaýa şükür, elbetde eýgilik — diýip, Nurtäç
ýyrş-ýyrş etdi.
Bibijemal elindäki kagyza dolangy zatlary tumboçkasynyň üstünde goýdy-da,
oturgyjy alyp, Miwäniň ýanynda oturdy. Nurtäç şu iki aralykda Bibijemala oňatja
syn etdi. «Tüweleme munuň eýjejik gyzdygyny!» diýip, içini gepletdi. «Bolsa-da,
Bäşim jan gyz saýlab-a bilipdir...» Nurtäjiň ozalam göz öňüne getirip ýöreni edil
Bibijemal ýaly gyzdy. Bibijemal orta boýly, saryýagyz, uzyn saçly, gyýma gaşly,
gözleri gülüp duran gyzdy.
— Sen Bibijemal bolsaň, seniň ýanyňa meni Bäşim iberdi.
Bibijemal Bäşim sözüni eşideninden tarsa ýerinden turdy-da, el çarpdy. Nurtäç
muňa aňka-taňka boldy.
— Siziň Bäşim diýýäniňiz Meredow Bäşim dälmi?
— Hawa.
—Nähili? Sag-gurgunmy?
— Sag-gurgun.
— Sag-gurgun bolsa, bu wagta çenli näme üçin hat ýazman, gara bermän oňup
bildikä?
— Wiý, Miwe bilýär ahyryn. Ol goşunçylyga gidip geldi ahyryn.
— Şeýlemi? Miwe, bilýän bolsaň näme aýtmadyň, gyz? Men bolsam bizden şu
wagta çenli habar tutmanlygyndan öýkeläp ýörün. Aý, bolýar, sag-gurgun gelen
bolsa bolýar.
— Hudaýa şükür, sag-aman geldi.
— Siz Bäşimiň nämesi?
— Gelnejesi.
Bibijemal bu gelen aýalyň Bäşimiň gelnejesidigini bilip, öz bolşundan özi utandy.
— Şeý diýseňizläň! Gelnejesi diýseňizläň!
— Hawa. Ol meniň iň körpe ýüwürjim.
— Hany, aýtsaňyzlaň, ol näme kär edýär. Okaýarmy, işleýärmi?
— Goşunçylykdan geleli bäri, kolhozyň ýük maşynyny sürýär.
— Okuwa dagy girjek diýenokmy?
— Jany sag bolup gezip ýörse indi okar-da näme?
— Aý, hawa-la, dogry aýdýaňyz. Esasy zat saglyk-la. Jany saga okuw her wagtam
tapdyrar-la. Ýöne, men onuň näme üçin uniwersiteti taşlap gidenine henizem
haýran galyp ýörün. Ýogsam biz onuň bilen ýaňy bir öwrenişip ugrapdyk. Bäşim
gowy ýigit. Men ony biçak gowy görýän.
— Wah, gowy göreniň gowy-da, Bibijemal jan. O-da seni gowy görmese, meni
seniň ýanyňa ibermezdi ahyry.
Bibijemalyň göwnünde henizem aýry zat ýokdy. Bäşim ony düýbünden başga zat
üçin iberendir öýdýärdi.
Dogrudanam, Bäşim iberdimi? Onuň ýumşy bar bolsa, özi gelip bilmedimikä?
— Özem daş ýerde däl, şu ýerde, Aşgabatda. Maşynyň goşuny almaga geldi. Ol
meni synla diýip iberdi.
— Kimi? Nämäni?
— Seni, Bibijemal jan, seni. Onuň şu dünýäde senden başga gowy görýäni ýok.
Ynha indi üç ýyldyr, ony öýlendirjek bolup, öýlendirip bilmän ýörüs. Haýsy gyzy
agzasaň ýok diýýär. Onda özüň aýt diýseňem aýdýan zady ýok. Ahyryn seniň
adyňy tutdy. Bibijemal bolanynda kim bolýar diýsem, uniwersitetde bile okanym
diýdi. Öýleri nirede, nireden habar tutmaly diýsegem aýdyp bilýän zady ýok. Ol
seniň nirede ýaşaýanyňy bilmeýän bolara çemeli. Onsoň şu taýyk – okaýan
ýeriňe geläýdim.
Bu wagt Bibijemalyň utanjyndan ýüzi dym-gyzyldy. Hälki saryýagyz gyz diýseň
ynanar ýaly däldi. Miwäniň ýüzi bolsa barha agarýardy.
— Bäşim bäş doganyň iň kiçisi. Kakasy bende aradan çykanynda Bäşim bolaýsa
dört-bäş ýaşyndadyr-da. Ejesi pahyr iki ýyl soň aradan çykdy. Kakasy ýetmiş dört
ýaşynda, ejesi ýetmiş üç ýaşynda ýogaldylar. Ine onsoň men Bäşimiň iň uly
gelnejeleri bolamsoň, hem eje, hem gelneje ornunda galyberdim. Şonam bir
abraý bilen bir oňat maşgala öýlendirip bilsem, men onsoň uly aladadan dynýan.
Ýogsam gyz, gören «Bäşimi haçan öýerýäňiz?» diýip, ýürek-bagryňa düşýärler.
Wah, bize galsa öýlendirjek-le, onuň özi edenok. Biz-ä şonuň göwnüne ýaraýan
gyzynyň üstünden baryp bilmedik. Ynha, indi, Hudaý köp görmesin bolaýdy.
Onuň gowy görýän gyzyny öz agzyndan eşidäýdik. Asyl sen şol Bibijemal diýsene!
Ýüwürjimiň ähli gyzdan seçip-saýlany diýsene! Bize düşseň-ä ökünmersiň,
Bibijemal jan! Illeriň bize ýetip bilseler armany ýokdur. Her kim döwlet ýoksun
diýip, bir döwüm çöregimizden dadyp gidenlerine-de, monça bolýandyrlar. Ýöne
seniň göwnüňde näme barlygyny welin, özüň biläýmeseň, biz bilip biljek däl-dä.
Bibijemal utanjyndan dym-gyzyl bolup, ýere bakyp oturan ýerinden, ýüzüni
galdyryp bilmän gürledi.
— Biziň-ä Bäşim ýaly ýigide ýetip bilsek armanymyz ýok.
— Wah, dilleriňe döneýin, Bibijemal jan?.. Biziňem Hudaýdan diläp ýörenimiz
seniň ýaly gyz-da. Sowadyň bar, gül ýaly görk-görmegiň bar, özümiz ýaly ýüregiň
açyk, onsoň biz senden gowusyny nireden tapaly. Onda men-ä Bäşime şeý
diýibem aýdaýjak. Gül ýaly maşgala, meniň-ä synym oturdy diýjek. Neneň
görýäň? Sen şoňa razymy?
— Razy — diýip, bu gezek ýylgyryp jogap berdi.
— Razy bolsaň sagat ýedide birinji bagyň işigine bar. Ol saňa garaşar, Bibijemal
jan. Duşuşyň, gürleşiň, soň çigi bolmasyn. Onda men turdum. Sag-salamat boluň.
Wiý, ýogsa-da, men indi siziň öýüňize-de barmalydyryn ahyryn. Öýüňiziň
nirededigini menem bilemok. Bäşim janam bilenok. Bibijemal jan, bir kagyzjygyň
ýüzüne öýüňiziň adresini düşnüklije edip ýazyp ber. Meniň indi howlugym özüm
bilen. Toýuň ugruna çykjak. Rugsatmydyr, Bibijemal jan?
— Menden-ä rugsat.
— Birden öýüňiz razy bolman durubermesin.
— Men razy bolanymdan soň...
— Sag bol, Bibijemal jan. Gyz diýeniň şeýle bor. Oňarýaň, Bibijemal jan, oňarýaň.
Öz bagtyň üçin özüň göreşmeseň, kim göreşsin? Ejeň, kakaň barmydyr?
— Hudaýa şükür, bardyr.
— Olar näme işleýän adamlar?
— Ikisem kolhozçy.
— Nähili, gowy adamlarmydyr!
— Meniň üçin-ä ýeriň ýüzünde ejem bilen kakamdan gowy adam ýok.
— Gowy bolany gowy-da. Ýöne olar maňa salybilen salgydyny salaýmasynlar.
Şoňa bir kömek berewergin, Bibijemal jan.
— Ine, oňa welin edip biljek kömegim ýok.
Nurtäç gorkdy. Olar salgydy biçak agyr salarlar öýtdi.
— Olar şeýle gymmatçylmydyr?
— Elbetde.
— Be, şeý diýsene? Biziňem-ä ýere-göge sygman üýşüp ýatan zadymyz ýokdur.
Aý, näme, Miwe-de özümiziňki-le. Gizläp oturasy zat ýok. Näçeräk bolar öýdüp
pikir edýäň? Bibijemal jan, gülme ahyryn. Men çynym bilen soraýan. Öňünden
çen-çakyny bilseň gowy-da, gyz.
— Edil bolaýjak ýerinem aýdyp biljek.
— Aýt, Bibijemal jan, aýt. Çekinme.
— Aýtsam şeýle...
Miwe-de bilesi gelip. Bibijemalyň ýüzüne çiňerildi.
— Iller göwherden bolmasa alanok. Aý, bolýar, men gyzyldanam bolsa alaýjak.
— Gyzyldan diýýäniň name? — diýip, Nurtäç durup bilmedi.
— Gyzyldan diýýänimmi? Gyzyldan diýýänimiň biri ýüzük, biri gulakhalka.
— Wa-ýeý! Seň aýdyp oturan zatlaryňy! O zatlaryň gürrüňini etmesene. Onsuz
bolmaz-la. Ýeri, onsoň näme?
— Onsoňmy? Onsoň men size iň agyr saljak salgydymyzy aýdyp bereýin.
— Aýt, Bibijemal jan, aýt. Hany, iň agyr salgydyňyzam eşideli.
— Eşitseňiz, oňa-ha Bäşimiň özi diýýärler. Şondan başga bize uly baýlyk gerek
däl.
Nurtäç baryp Bibijemaly gujaklady. Saçlaryndsn sypalady. Taýly gezek
ýaňaklaryndan ogşady. Begenjinden aglady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Çyn güller - 1
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1942
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 2
    Total number of words is 3956
    Total number of unique words is 1891
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    49.4 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 3
    Total number of words is 3934
    Total number of unique words is 1889
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 4