Latin

Çyn güller - 3

Total number of words is 3934
Total number of unique words is 1889
35.9 of words are in the 2000 most common words
50.0 of words are in the 5000 most common words
57.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
salyp barşyna, käte-käte-de ýüzüni göge tutup, şeýle bir gülýärdi welin, hoşuňa
gelsin!.. Miwe muny hut Bäşimiň içini ýakmak üçin edýän ýalydy. Şeýle gaty
gülmäge utanmaýarmyka? Ol beýle hezil edinip güler ýaly Mele oňa näme gürrüň
edip berýärkä? Bäşimiň içi ot alyp, näderini bilenokdy. Bäşim neneň ýanmasyn,
neneň içi-bagry ot almasyn? Ol indi, gör, näçe ýyldyr Miwe diýip däli-porhandy.
Miwe üçin bar zatdan geçipdi. Ol Miwe üçin hut, ölmäge-de taýyndy. Bu bolýan
zatlara seret! Mele welin eýýäm onuň bilen jübüt bolşup, bileje gezelenç edip
ýördi. Miwäniň bolsa gülküsi dag aşýardy. Ana, olar ýene sowuldylar. Bäşim
olaryň sowulan ýerinden sowulyp bilmedi. Eger sowulaýsa olar Bäşimi
görjekdiler. Eýýäm olar bir oturgyçda garaňka duwlanyp otyrdylar.
Olar kän oturdylar. Bir sagat, ýarym sagat, iki sagat oturdylar. Bäşimem irginsizlik
bilen olara tomaşa edýärdi. Hernä sag-aman turdular. Bärligine ýöräp ugradylar.
Bäşim gaýra çekildi. Ullakan agajyň aňyrsyna duwlandy. Olar Bäşimiň sypdyrman
synlap durandygyňy aňlan ýaly, çalaja gürleýärdiler. Miwe-de indi hezil edinip
gülmesini goýupdy.
Olar uly köçä düşdüler. Soň köçäniň uniwersitet tarapyna geçdiler. Olar ýene
durdular. Ýene ep-esli gürleşdiler. Ahyryn aýrylyşdylar.
Mele bilen Miwäniň biri-biri bilen hoşlaşyp, aýrylyşanam şoldy welin,
«Binamys!» diýip, biri Bäşimiň ýeňsesinden itekläp goýberen ýaly boldy. Bäşim
atylyp, Meläniň yzyndan ýetdi.
— Eý, ýigit, hany aýak çek! — diýip, Meläniň golundan tutdy. Mele oslagsyz
ýerden golundan tutulanyna allaniçiksi boldy. Tanajak bolup, Bäşimiň ýüzüne
seretdi.
— Bo-how! Asyl, bu senmidiň? Ýüregimi ýardyň-aý! Men-ä seni kimsiň
öýdüpdim.
— Hawa, men Bäşim. Senden eşik satyn alan oglan.
— Wah, derrew tanadym-la. Ýeri, sag-gurgun okap ýörmüň? Bu wagt nireden
gelýäň?
— Aý, menem seň ýaly gezip ýörün.
— Gezseň gowy edýäň. Näme hyzmat?
— Meniň saňa hiç hili hyzmatym ýok.
— Bolýar-da onda. Hoş sag bol.
— Dur! Dur! — diýdi-de, Bäşim onuň ýoluny saklady.
— Näme?!
— Ýaňky gyz bilen işiň bolmasyn.
— O näme diýdigiň? Haýsy gyz bilen?
— Mönsürän bolmasana. Bilmän aňyrsyna-da geçýänsiň.
— Düşnükliräk aýt-la how, ýüregime düşüp durma-da.
Bu wagt Bäşimiň gahary ýetjek derejesine ýetipdi.
— Düşnükliräk aýtsam, ýene-de bir gezek Miwe bilen bir ýerde göräýsem,
menden oňlulyk tamasyny etme.
— Be-he! Be-he! — diýip, Mele Bäşimiň alkymyna dykyldy. — O-how, sen
janyňdan irip ýören bolaýma. Sen maňa haýbat ataň bolýaň-la. Men seni
bilýärmiň, näderin?
— Hiç zadam etmersiň!
Mele bir eli bilen Bäşimiň eňeginden birki gezek galdyryp goýberdi.
— Sen entek meniň ýanymda çagajyksyň. Birden ýöne agzyňy-burnuňy gan ýalan
ganjyga dönderäýmäýin.
— Senden gorkýan adam ýok.
Mele bu «erni suwluja» oglanyň nä sebäbe özüne haýbat atýandygyna, onuň
gorkman şeýle batyrgaý gürleşip bilýändigine geň galdy. Onsoň onuň emmasyny
bilmek isledi.
— Sen näme üçin Miwäni menden gabanýaň?
— Ol meniň obadaşym.
— Obadaşyň bolanynda näme?
— Seniň aýalyň bar, çagaň bar.
Meläniň üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy.
— Ony saňa kim aýtdy? — diýip sorady.
— Kim aýdany bilen nä işiň?
— Sen ýalan sözleýäň.
— Baryp ýatan ýalançam, kezzabam senden öňe geçmez.
Mele biraz salym ýüzüni aşak salyp, böwrüni diňläp durdy. «Bujagaz oglanyň ähli
planymy bozaýmagy mümkin. Gowusy munuň ýumşak damaryny tapjak
bolaýyn» diýen netijä geldi
— Sen maňa diýjek sözüňi bilip diý, how. Men seniň çak edişiň ýaly adam däl.
Men ogram däl, kezzabam däl. Men edibilsem ile ýagşylyk etjek bolýan. Seniň
özüň gördüň-ä sen maňa eşik, aýakgap tapyp ber diýeniňde ýumşuňy bitirdim-ä.
Men Miwä gezek geleninde şeýle. Men oňa etsem ýagşylyk ederin, ýamanlyk
etmerin. Ýöne kimem bolsa biri seni mazalyja aldapdyr. Ýöne sen Miwäni
menden biçak gabanýaň welin, sen ony söýýän bolaýma?
— Bildiň. Söýýän.
— Olam seni söýýärmi?
— Ýok. Ol meni söýenok.
— Aý, şeý diýsene? Boldy, boldy. Bary düşnükli boldy. «Peýdasyz perişdeden
aşna döw ýagşy» diýipdirler. Söýmese etjek alajyň bolmaz, jigim. Gowusy sen
maňa gahar edip ýörme-de, gaýtam maňa kömek et. «Arkaly köpek gurt alar»
diýipdirler.
— O nähili kömek?
— Sen meni Miwäniň ýanynda öw. Onuň ýanynda Meläniň aýaly barmyş, çagasy
barmyş diýip diliňi ýaraýma. Şeýtseň meniňem saňa kömegim ýeter. Sen bir
student ýigitsiň. Dünýäde başga gyz gytmy näme?
— Ýok, men öläýsemem Miweden el üzmen. Ol-a bir, ikinjidenem, ölýänem
bolsam seni onuň bilen gezdirtmen.
Meläniň ony süýji dil bilen aldap bolmajagyna gözi ýetdi. Mele Bäşimi güýç bilen
boýun egdirmek isledi.
— Sen onda meniň diýenimi etjek däl-dä, şeýlemi?
— Hiç haçan.
Mele Bäşimiň ýakasyndan tutdy. Bäşimem onuň ýakasyndan tutdy. Onýança iki
sany oglan gelip, her haýsy Bäşimiň bir elinden tutdy. Olar:
— Nätmeli? — diýip, Meläniň buýrugyna garaşdylar. Mele azajyk pikirlenen ýaly
etdi-de:
— Ýeri, bolýar-da. Bu gezek bagyşlalyň. Ol entäk ýaş bolýar. Birneme
ganygyzgynlyk etdi. Zeleli ýok. Gahary ýatyşansoň öz ýalňyşyna özi düşüner.
Bujagazyň biziň elimizden sypyp, gitjek ýeri nire? Oňa haçan temmi bersegem
bolar.
Mele Bäşime garap şeýle diýdi:
—Bar, seni bu gezeklikçe azat edýän. Ýöne bilip goý, meniň aýalymyň bardygy
hakynda Miwäniň ýanynda ýa-da başga biriniň ýanynda dil ýaraýsaň, janyňdan
umydyňy üzdügiň biläý. Ýekeje günem diri gezdirmerin.
Bäşim ýüzüni sallap ýatakhana gaýtdy. Ol özüni hiç zadyň alnyndan däl hasap
etdi. Bäşim Meläni gorkuzmakçydy, gaýtam onuň özüni gorkuzyp goýberdiler.
«Ýeri meniň bu masgara bolup gaýdanymy Miwe eşidäýse nähili bolar? Ol meniň
ýaly gorkagy başyna ýapsynmy?» diýip, içini gepletdi. Ol muňa şeýle bir namys
etdi welin, gahar-gazapdan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Onuň häziriň özünde Mele
dagyň yzyndan ýetesi geldi. Olar bilen tä bellisini edýänçä gyzyl ýumruga girişesi
geldi. Heý, akly çaşan Bäşim! Olary gijäniň içinde nireden tapjak diýsene? Bir
adamynyň üçüň garşysyna edip biljek zady näme diýsene!..
Bäşim Miwä oturyp-oturyp geň galýardy. «Heý, şeýle-de kellesizlik bolarmy?
Heý, şeýle-de özüňi aldatdyrmak bolarmy?» diýýärdi. Miwäniň dostuny duşman
saýyp, duşmanyny dost saýyşyna geň galyp, aňyrsyna çykyp bilenokdy. «Men
oňa ýol bermen! Men oňa ýol bermen!» diýýärdi. Bäşim näçe «näme bolsa şol
bolsuna» urjak bolsa-da bolmaýardy. Miweden umydyny üzüp bilmeýärdi. Ýöne
welin indi onuň Miwä bolan garaýşy üýtgäpdi. Onda Miwä bolan söýgüsine
ynamsyzlyk döredi. Bu oňa hemme zatdan agyr düşdi. Ol pikir Bäşimi uzyn
gijeläp horlady. Bu näme beýle bolýarka? Näme üçin Miwe Bäşimi ýigrenýärkä?
Miwe şu geçen ýyllaryň içinde Bäşimiň göwni üçin ýekeje dagam hoş söz
bermedi. Ynha indi ençeme wagtlar geçdi. Bäşimiň hatyna-da ýagşydanýamandan jogap gaýtarmady. Bäşim ýoldaşlaryndan ogrynça telim sapar
aýnanyň öňüne baryp, özüni synlap gördi. Emma özünden hili kem, hiç hili aýyp
tapmady. Indi Miwe şeýdip Bäşimiň ömür-boýy ýüreginde zäk goýaýarmy? Bäşim
Miwesiz geçjek günlerini göz öňüne getirip bilenokdy. Miwäni başga biriniň
gujagynda görse Bäşim näme işlär?
Bäşim Miwäni Mele bilen ikinji gezegem gördi. Olar bu gezek tirkeşip kino
girdiler. Bäşim bu gezegem içini tutup galdy.
Indi Bäşime öňki Bäşim diýseň ynanar ýaly däldi. Hiç kim bilen gürleşmeýärdi. Hiç
kim bilen tirkeşmeýärdi. Gün-günden horlanyp, gün-günden eräp-akyp barýardy.
Biçak yzgytsyzlanypdy. Sähel zada gahary gelýärdi. Biri bir zat sorasa azgyrylyp,
ýüzüni alyp goýberýärdi. Bäşim öz syryny näçe ýaşyrsa-da, ýoldaşlary onuň güngünden horlanýandygyny, onuň düýbünden öňküliginiň ýokdugyny aňlap
durdular. Olar ondan:
— Saňa näme bolýar? Ýa-da ýaraňokmy? — diýip sorardylar. Bäşim näme diýsin?
— Göwnüňizedir. Maňa hiç zadam bolanok — diýip jogap berýärdi. Bäşim bu
zatlary ýüregine sygdyryp bilmän, ahyryn Miwäniň ýanyna bardy.
— Sen Mele bilen tirkeşmäňi bes et. Ol seniň taýyň däl — diýdi. Onuň bu sözüne
Miwäniň gahary geldi. Bäşimiň ýüzune-de seretmän jogap berdi.
— Meniň kim bilen tirkeşip, kim bilen tirkeşmänim saňa galypmy?
— Ol žulik, baryp ýatan ýalançy.
— Näme diýsene, Bäşim han. Men senden akyl soramok. Öz akylym özüme ýetik.
Sen meni yzarlap ýörmäňi bes et. Öz deňiňi gözle. Müň gylymdan bir gylymam
saňa ýetmez, şony bilip goý.
Bäşim ýüzüne urlan ýaly bolup, onuň ýanyndan gaýtdy. Miwäniň özüni şeýle
kemsidendigine ýanyp, bir ölüp bilmedi.
***
Şol günleriň birinde Bäşim ýoldaşlary bilen gezelençden gaýdyp gelýärkä, bir
wagtky özüniň eşik satyn alan ýerinde Meläniň maşynynyň durandygyny gördi.
Bäşim öz ýanyndan «ol ýönelige duran däldir» diýen netijä geldi. Suw içjek
bahanasy bilen ýoldaşlaryndan yza galdy. Garaňka duwlanyp, ep-esli wagt şol
tarapa seredip durdy. Birden onuň gulagyna Miwäniň gülkisi eşidildi. Ana-da
onuň özi göründi. Ine, saňa gerek bolsa!.. Bäşimiň gahardan ýaňa ýüzi lap-lap
ýanyp başlady. Miwäniň ähli hereketleri sag adama däl-de, meý içip, mes bolan
adama meňzeýärdi. Mele onuň golundan tutup gelýärdi. Miwe yzyny üzmän
gülýärdi. Arasynda aýdymam aýdýardy. Bäşim Miwäniň şeýle perişan halyny
birinji gezek görýärdi. Onuň bu bolup gelşinden Bäşimiň özi utandy. Özüniň eziz
görýän, iň mähriban gyzynyň şeýle ýagdaýa düşendigine namys edip, içiniň
ýangynyna bir ölüp bilenokdy. Miwe şeýle ýagdaýda maşyna münäýse soňunyň
oňlulyk bilen gutarmajagyna Bäşimiň akyly çatyp durdy. Mele Miwäniň gulagyna
çawuş çakýardy. Miwe bolsa beter gülýärdi. Miwe maşyna münermikä ýa-da
münmezmikä diýen pikir Bäşimi otdan alyp, suwa taşlaýardy. Hernä heniz-ä
münenokdy. Bäşimiň ylgap olaryň ýanyna barasy geldi. Näme bolsa şol bolsun
diýip Miwäni ýenjip, ýatakhana alyp gitmegi ýüregine düwdi. Şol hyýal bilen
ugrajak boldam welin, edil gulagynyň ýanynda biri gürledi.
— Ýigit, garaňkynyň içinde näme işläp dursuň? Näme, birinden gorkýarmyň ýada birini aňtap durmuň?
— Sen kim? — diýip, Bäşim onuň ýüzüne seretdi.
— Eşigimden tanaňokmy?
Bäşim onuň milisiýa organynyň işgäridigini bilip, ör-gökden geldi.
— Tanadym. Tanadym, ýoldaş uly leýtenant.
— Dogryňy aýt. Bu taýda ýeke özüň näme işläp dursuň?
— Şolara seredýän.
— Kim olar?
— Ikisem tanyş. Biri kursdaş, obadaş gyzym. Beýlekisi Mele.
— Näme üçin olara bukulyp seredýäň? Olardan gorkýarmyň?
— Näme üçin gorkaýyn. Biçak gaharym gelýär. Şol gyzy süýräp ýatakhana eltesim
gelýär. Ony Mele içirendir. Ýogsam beýle häsiýet Miwede ýokdy. Ol obada iň bir
abraýly ýeriň maşgalasy ahyryn. Seret, onuň güläýşini! Göwnüme bolmasa,
birneme enteýärem. Sag bolanlygynda bu zatlar onuň öldürseň etjek zatlary däl
ahyryn.
— Biri-birini söýýän bolsalar, seniň nä işiň? Bizde söýgi azat ahyryn.
— Ýok, ýok Miwäniň ony söýmäge haky ýok. Meläniň aýaly bar, gyzy bar
diýýärler. Ol žulik, spekulýant. Ýoldaş uly leýtenant, siz maňa kömek ediň!
— Nähili kömek?
— Eger ol gyz maşyna münäýse oňlulygyň üstünden barmaz. Ol heläk bolar. Men
ölerin, ýöne oňa bermerin.
Bäşim birden ýüregi ýarylan ýaly gygyrdy:
— Serediň! Serediň! Ana, mündi. Olar gider. Olary hökman saklamaly.
Bäşim olaryň yzyndan ylgamakçy boldy. Uly leýtenant onuň elinden tutup
saklady.
— Arkaýyn bol. Olar hiç ýerigem gaçyp gidip bilmezler.
— Hana, maşyn ugrady.
— Zeleli ýok, bizem olaryň yzyndan galmarys.
Uly leýtenant beýleräkde, agajyň kölegesinde duran gara «Wolgany» görkezip:
— Hany, mün! — diýdi.
— Ý’ak, walla, şun-a oňardyňyz, ýoldaş uly leýtenant. Ýöne şolardan galmaň.
Bilýän, munuň soňy erbetlik bilen gutarar.
— Ol gyzyň adyna kim diýdiň? — diýip, uly leýtenant sorady.
— Miwe.
— Sen ony gowy görýärmiň?
— Men size dogrusyny aýdaýyn. Men onuň ugrunda ölmäge-de taýyn. Men onuň
ugrunda çagalykdan ser-sepil bolup ýörün. Ol žulik bolsa, on bäş günüň içinde
penjesine gysjak bolýar. Ýeri, birden bolmasyz zat bolaýsa onuň ejesine näme
jogap bererin? Oba nä ýüzüme baryp bileýin? Howlugaly, ýoldaş uly leýtenant.
Olar birden gözden sypaýmasynlar.
Uly leýtenant çalaja güldi.
— Men ol maşynly ýigidi ozalam çalaja tanaýan. Ýöne ony heniz jenaýatyň
üstünde welin tutup bilemzok. Bize fakt, subutnama gerek. Onsuz bolmaýar.
Meläniň maşyny Pöwrize ýoly bilen wazlap barýardy. Ýöne uly leýtenantam
ondan kän bir arany açanokdy.
Mele-de ahmal däldi. O-da ätiýaçlygy elden berenokdy. Özüniň
yzarlanaýmagynyň gaty mümkindigine düşünip durdy. Şeýdibem ol uly leýtenant
bilen Bäşimiň gözüne sap atmagy başardy. Ol maşynynyň ähli çyralaryny
söndürdi. Büreli oý diýen ýere ýeteninde maşynyny çepe sowdy.
Uly leýtenant onuň birden gözden gaýyp bolanlygyna haýran galdy. Mele
maşynyny çalt sürendir öýdüp, öz maşynynyň ähli gazyny basdy. Ýöne welin her
näçe sürse-de, Mele dagynyň maşyny gara bermedi. Hamana diýersiň, edil guýa
gaçan ýalydy. Uly leýtenant maşynyny saklap, azajyk pikirlenip durdy. Bäşim
maşynyň içinden daş-töweregine ýaltaklap oturyşyna: «Ardurja ýitirdig-ow»
diýip, içini gepletdi.
— Indi olary tapyp bolmasa nähili bolar? — diýip, uly leýtenanta sowal berdi.
— Taparys.
— Soň tapanyň näme peýdasy bar?
Uly leýtenant birden maşynyny yzyna öwürdi. «Başga gidere ýeriň bolmaly däl»
diýip, özbaşyna gürledi. Ep-esli ýol geçip niräkdir bir ýere gelip saklady. O-da
Meläniň edişi ýaly maşynynyň çyralaryny söndürdi. Uly ýoldan çepe sowuldy-da,
maşynyň motoryny öçürdi.
Mele bilen Miwe bu wagt maşynlaryny çökedräk ýerde goýup, özleri bolsa ýabyň
gündogar tarapynda, gür baglygyň arasynda, aşaklaryna düşek ýazyşyp, gürleşip
otyrdylar. Miwe biçak arkaýyndy. Onuň hiç zatdan gorky-ürküsi ýokdy. Ol
nämeden gorksun? Onuň ýanynda Mele otyrdy ahyryn. Mele Miwä gezek
geleninde şeýle rehimdar, şeýle sahy, şeýle mylaýymdy. Miwäniň abraýy üçin
hany-manyndan geçjek ýigit ahyryn. Mele Miwä garap:
— Miwe jan, heý, menden bagtly adam barmykan — diýip sorady. Miwe:
— Bar — diýip, jogap berdi.
— Ýok, bolup bilmez.
— Bolup biler.
— Kim ol?
— Men.
Mele hezil edinip güldi.
— Aý, saňa döneýin! Oňardyň-aý. Hany, gel, ýanyragymda otursana.
— Wiý, mundan beter nähili ýanyragyňda oturaýyn.
— Aramyzdan gyl geçmesin.
— Şu oturyşymyz bolýar, Mele.
— Me, şujagaz limonatdan azajyk owurtla.
— Ýog-eý, ozalam köp içdim. Bir hili kelläm aýlanyp, ýüregim bulanyp dur.
— Ýüregiňe döneýin — diýip, Mele Miwäniň döşüni sypalap goýberdi. Miwäniň
dünýäsi gyjyklanan ýaly boldy. Gowşajyk güldi. Eginlerini ýygyrdy. Mele ikinji
gezek sypalanyny özem duýmady. Miwäniň daş ýaly bolup duran döşlerine bir
eliňi ýetireniňden soň ikinji ýola saklanmak mumkin däldi.
— Wa-ýeý! Asyl bu seň eliňmidi!? — diýip, Miwe ýüregi ýarylan ýaly bolup
ýerinden turdy.
— Miwe jan, meni öldürmejek bolsaň beýtmesene! Hany, otursana!.. Heý, şeýle
howany, şeýle dury asmany görüpmidiň? Bu ýerde azajyk oturmanyň özi dünýä
malyna degýär ahyryn. Men bu taýyk haçan diýsemem gelip bilýän. Ýöne sen
bolmasaň bu ýerini başyma ýapaýynmy? Sen bolmasaň maňa bu ýeriniň açyk
howasam gerek däl, dury asmanam. Başyňa-gözüňe döneýin, azajyk oturaýsana.
Menem bir hezil edineýin-le!
— Bolýar. Oturaýyn. Ýöne eliňe sak bol!
Miwe oturdy.
— Miwe jan, seniň menden näme üçin çekinýändigiňe düşunemok. Sen meniňki
ahyryn.
Miwe jogap bermedi.
— Sen meni gowy görýäňmi ýa-da gowy göreňok?
— Gowy görmesem seniň bilen bu ýerlere gelmezdim-ä. Maşynyňa-da
münmezdim. Elbetde, gowy görýän.
— Men welin seni ýöne bir gowy göremok. Seniň üstüňde ölüp barýan. Seni
janymdanam eziz görýän. Saňa öýlenmesem, men diri gezmen. Şoňa düşün. Sen
näme üçin meniň elimden gorkýaň? Meniň elim seniň eliň ahyryn. Diňe elim däl,
aýagymam, gözümem, gaşymam, şirin janymam seňki ahyryn. Sen bir zady pikir
et Bu ýerde ikimizden başga hiç kim ýok ahyryn. Men baý, pulum kän. Şolaryň
bary seniňki. Ýöne şu gün sen maňa rehim et!
Mele Miwä kem-kem golaý süýşýärdi. Ol indi Miwäni tas gujaklap diýen ýaly
otyrdy. Miwäniň howry, Miwäniň jemaly ony ýakyp-gowrup barýardy. Mele
özüni tutup bilmän saňňyl-saňňyl edýärdi. Ine, ol birdenem öz maksadyny amala
aşyrmaga girişdi. Aç möjek ýaly bolup Miwäniň üstüne özüni oklady. Onuň
zarbyna Miwäniň kellesi baryp peliň gyrasyna gütläp degdi. Miwe
gorkusyndanmy ýa-da kellesi biçak gaty degenindenmi, huşsuz ýatyrdy. Meläniň
gökdäki dilegi ýerde gowşupdy. Hezil edinip Miwäniň ýüzünden, gözünden ogşap
başlady. Miwäniň dodak degmedik, ot ýaly gyzgyn dodagyna dodagyny ýetirdi.
Hernä Miwe şol wagt huşuna gelip, «Waý!» diýip gygyrdy-da, «Ýaşy kesilen!
Meýdi yranan! Ýerçeken!» diýip, ähli güýç-gaýratyny goýup Meläniň elinden
sypjak boldy. Mele ony sypdyrmajak bolup, elinde baryny edýärdi.
Şeýdip dalaşmanyň soňy aldym-berdimli söweşe ýazdy. Bu wagt ar-namys
ugrunda söweş gidýärdi. Miwe ölmelidi welin öz gyzlyk namysyny gorap
saklamalydy. Mele-de ölmeli welin, öz maksadyna ýetmelidi.
Miwe bilen Meläniň söweşi barha gazaba münýärdi. Miwe her näçe urunsa-da,
sypyp bilenokdy. Miwe ahyrynda ugur tapman Meläniň egninden agyz saldy.
Miwäniň dişi Meläniň teninden mazaly geçen bolsa gerek. Mele: «Eý, wäk!»
diýip, bir eli bilen egnini tutdy. Miwe şu pursatdan peýdalanyp ýerinden turup,
gaçmakçy boldy. Mele çöküne düşüp oturan ýerinden Miwäniň bilinden tutmaga
ýetişdi. Miwe bu gezek oňa güýç bermedi. Iki eli bilen Meläni bogmaga başlady.
Mele ölümüň öýünde onuň elini bokurdagyndan aýyrdy.
— Asyl, şeýlemi?! — diýip, Mele jübüsiniň bir ýerinden pyçak çykardy-da,
Miwäniň döşünde goýdy.
— Gowulyk bilen razy bolaý! Ýogsam...
— Pyçak çenemäni bildiň. Urmanam bil, bigaýrat!
— Ýogsamam diri gidesiň ýok. Iň soňky gezek soraýan. Razy boljakmy ýa-da
boljak dälmi?
— Öläýseňem...
— Ine, onda...
Meläniň pyçagy Miwäniň depesinde ýaldyrap göründi. Ýöne pyçak şol duran
ýerinden aşak inip bilmedi. Bir güýçli el onuň pyçakly elinden mäkäm tutupdy.
Şol wagt bularyň ýüzüne çyra tutuldy. Miwe Meläniň pyçakly elini tutup duranyň
Bäşimdigini tanady. Mele elindäki pyçagy ýaba oklamakçy bolup, çep eline
geçirmekçi bolanynda Bäşim onuň beýleki eline-de ýapyşdy. Ine şonda pyçagyň
ýalaw ýaly ujy Bäşimiň goluny ýalap geçdi.
Uly leýtenant özüniň kimdigini aýdyp, dokumentini gerkezdi-de, Meläniň eline
gandal geýdirdi. Jübüsinden ýaglyk çykaryp, Bäşimiň eýýäm al gana boýalan
goluny berkden berk daňdy. Olaryň dördüsem uly leýtenantyň maşynyna
mündüler.
— Men maşynymy näme etmeli? — diýip, Mele uly leýtenantdan sorady.
— Hanha, olar geldiler. Olar seniň maşynyňy GAÝA tabşyrarlar.
Uly leýtenantyň aýdyşy ýaly bir maşyn ýoldan sowlup bulara tarap çyrasyny
ýalpyldadyp gelýärdi. Uly leýtenant ol gelýän maşynyň içindäkiler bilen oturan
ýerinden trubkada gürleşdi-de, ýola düşüp, maşynyny göni şähere tarap sürdi.
Şol agşam ilki bilen poliklinika baryp, Bäşimiň ýarasyny görkezdiler. Wraç:
—Goluny daňyp dogry edipsiňiz. Ýogsam köp gan gitmegem mümkin eken —
diýdi. — Gorkuly zat ýok, tiz gutular.
Wraç Bäşimiň ýarasyny tikdi, soňam däri-derman edip, ak hasa bilen oňat edip
sarady. Soň milisiýa bölüminde Miwedenem, Bäşimdenem düşündiriş hat
ýazmagy haýyş etdiler. Miwe tolgunmadan ýaňa henizem özüne gelip bilmändi.
Onsoň şol ýagdaýşda bäş-alty setirden köp ýazyp bilmedi. Bäşim bolsa, bolşuny
bolşy ýaly edip, baryny ýazyp berdi. Milisiýa bölüminde gerek bolsa olary ýenede çagyrjakdyklaryny aýtdylar.
Mahlasy, şol gün Miwe bilen Bäşim gijäniň bir mahaly ýatakhana gaýdyp geldiler.
***
Miwe şol gije hiç zatdan baş çykaryp bilmän, güň ýaly bolup ýatdy. Meläniň sende ýok, men-de ýok, birden nejis adama öwrülmegi, milisiýa işgärleriniň, Bäşimiň
öňünde ryswa bolmagy ony dälilik hetdine ýetiripdi. Şeýle ajaýyp durmuşda,
şeýle adalatly gurluşda şeýle elhençlikleriň bolup biljek ekenligine haýranlar
galýardy. Miwäniň eneden dogup, öz-özüni şeýle ýigrenen gezegi bolmandy. Ol
özüni iň akylly, iň batyr, iň owadan gyzlardandyryn öýdýärdi. Emma göz açypýumasy salymyň içinde bagtyň ýatsa ýatyp oturyberjegine diňe indi düşünip
galdy. Ol başyna inen bu oslagsyz beladan sag-salamat gutulyp bilendigine şeýle
bir begendi welin, hiý ýöne goýaý? Ýeri, şol wagtlar Bäşim dagy ýetişmedik bolsa
nähili bolardy? Şol pikir kellesine geleninde, «Owf!» edip, ýatan ýerinden
turanyny duýman galýardy. Onuň has-da gorkýan zady, bu wakany ähli
uniwersitet biler öýdýärdi. Eger şeýle bolaýsa onuň bu ýerden baş alyp gaçyp
gidäýmese, başga alajy ýokdy.
Miwe daň atanynda-da uklamandy. Bir otagda ýaşaýan jorasy Bibijemal ýuwnup,
çaý-nahar edinip, okuwa gitjek bolup durka-da, Miwe oýady.
— Görýän welin seniň bu gün okuwa gitmejegiň çyn boldy-how. Gaty ýaramaýan
bolsaň-a, doktor çagyraly.
— Ýok la, juda beýle däl-le, ýagşy-la. Soňurrak dagy gowulaşmazmykam?
— Niräň agyrýar? — diýip, Bibijemal sorady.
— Galan ýerlerim bilen oňuşjak-la. Biçak kelläm agyrýar.
— Kelle agyry dermany mende bolmalydyr — diýip, Bibijemal öz tumboçkasyny
açyp, derman tapyp berdi.
— Sag bol, jora jan. Kelle agyrym aýrylsa gutularynam-la.
— Toý bolanlygynda-da, beýle kän oturmaly ekeniňiz-dä — diýip, Bibijemal
Miwä igenjek boldy. (Bibijemalyň toý diýmesiniň bir emmasy bardy. Joralary
ondan öten agşam «Uzyn gijeläp nirede bolduň?» diýip soranlarynda Miwe olara
«Bäşimiň garyndaşlary toý etdi. Bäşim ikimiz şoňa gitdik» diýip aldapdy).
— Bolýar-da onda. Sag-aman gutul. Seniň ýaraman ýatandygyňy aýdarys —
diýip, Bibijemal okuwa gitdi.
Jorasy okuwa gidip, jaýda Miwäniň bir özi galanynda ýene düýnki waka göz
öňüne geldi. Ýene-de Meläniň pyçagy ýaldyrap göründi. Göwnüne bolmasa
Meläniň onuň teninden Ezraýyl ýaly penjelän ýerleri gyzyp-gyzyp gitdi. Miwe ony
ozalky dişlänini az görüp, ýaňadan dişläsi geldi. Dogrudanam, şu wagt gapydan
Mele geläýse, onuň etini iýse-de doýjak däldi. Bäşimi onuň pyçakly elinden tutup
durany ýadyna düşüp, «Bäşim jan!» diýip, pyşyrdanyny duýman galdy. «Men
seni ozal tanamaýan ekenim. Sen meniň bagtym üçin doglan ekeniň. Eger sen
bolmadyk bolsaň...» Miwe ýarym-ýaş aglady. «Meniň üçin olam ýaralandy. Ol şol
wagt meniň üçin ölmäge-de taýyndy ahyryn!... Ol nejisiň hakyt aýaly, çagasy bar
eken-ä! Bary milisiýanyň jaýynda äşgär boldy. Olar dogry edýärler. Ony güm
etmeli. Ýok etmeli. Men-ä ujyz sypdym. Ýöne o nejisden ujyz sypyp
bilmedikleriňem bolmagy mümkin ahyryn...»
Miwäniň özünden şeýle göwni geçen gezegi bolan daldir. «Bäşim maňa: «Sen
ýalňyşýarsyň. Mele gowy adam däl» diýse men gaýta onuň ýüzüni aldym. Iň
akmak adam-a men ekenim» diýip, Miwe öz maňlaýyna urdy. Onuň häzir kim-de
bolsa biri bilen derdinişesi gelýärdi. Ol bu wagt öz ýanyna iň ýakyn adamsynyň
gelmegini isleýärdn. Ol näçe pikirlense-de, Bäşimden ýakyn adamy göz öňüne
getirip bilmedi. Ol ömründe ilkinji gezek Bäşimi küýsedi.
Bäşimiňem ýagdaýy Miwäniň ýagdaýyndan öwerlik däldi. Indi ol bar zady
başyndan aýlap urupdy. Indi oňa uniwersitetem gerek däldi, beýlekem. Onuň bar
maksady, bar arzuwy Miwedi. Ine, Miwe-de beýle bolup çykdy. Asla Bäşimiň
uniwersitetde okamak hyýaly ýokdy. Ol oba hojalyk ugrundan okamak isleýärdi.
Onuň öler jany toprakdy. Ol ýaňyja sürlen ýeriň ysyny bar zatdan oňat görýärdi.
Ol hasyl bitmejek ýerlerdenem hasyl alasy gelýärdi. Onuň üçinem Bäşim tehnika
erk edip bilmelidigine oňat düşünýärdi. Bäşime galsa çaý-çöreginem öýde
edinjek däldi. Iş üstünde, meýdanda, açyk howada iýip-içesi gelýärdi. Ol ýaňy
ösüp başlan ýaşyl oty, ýaňy gämiklän ekini dünýäniň bezegi, durmuşyň özeni
hasaplaýardy. Ol uniwersitete diňe Miwe üçin giripdi. Miwe bilen bäş ýyl bileje
okaryn, oňa mydama kömegi ýetirer duraryn. Aý geçer, ýyl geçer, garaz, onuň
göwnüni taparyn. Ölmesem ir-u-giç Miwe meniňki bolar diýip pikir edýärdi. Ol bu
ýerde — uniwersitetde diňe Miwe üçin ýaşap, Miwe üçin okap ýördi.
Ine, indi bary gutardy. Miwäniň ony hiç haçan gowy görmändigine, hiç haçan
gowy görmejekdigine-de, ymykly göz ýetirdi. Ony indi bu ýerde daňybam saklap
boljak däldi. Onuň çaltrak bu ýerden gaçyp gidesi gelýärdi. Soňrak joralary gelip,
Miwäniň halyny soradylar. Miwe:
— Ýagşy, ýöne ysgynym ýok — diýip, bahana tapdy. Özi bolsa, ogryn-ogryn
joralaryna syn edýärdi. Miwe olar bir zat aňlandyr öýdüp, öler ýaly gorkýardy.
Hernä olaryň gepi-gürrüňleri, özlerini alyp baryşlary zat aňlana meňzänokdylar.
Ýöne jorasynyň bir gürrüňi welin Miwäni ör-gökden getirdi. Onuň Tuwak diýen
jorasy:
— Men-ä Bäşimiň uniwersitetden çykyp gidenine gynandym, gyz — diýdi.
— Şoňa-ha bizem gynandyk — diýip, Bibijemal jogap berdi.
— Dogrusyny aýtsam, biziň kursumyzda Bäşimden ökdesi ýokdy.
— Şondan asyllysam ýokdy.
— Dogry aýdýaň, jora, baryp ýatan türkmeniň sada ýigdidi.
— Men-ä dogrymy aýtsam, Bäşimi biçak gowy görýärdim — diýip, Bibijemal
ýüregindäkini daşyna çykardy.
— Nädäýdiň gyz? Sen-ä oňaraýdyň. Ondan gowusy, men ony söýýädim
diýäýsene.
— Aý, söýýän bolsam bar, söýýän ekenim-dä, Dogrusy, söýmänäm duramokdym.
Bar adamdan şol gözüme yssy görünýärdi. Ol uniwersitetden çykyp gitdi diýdiler
welin, ysgynym gaçaýdy. Gynanjyma agym tutuberdi. Dogrudanam, men ony
öler ýaly söýýän bolaýmaýyn. Şu wagtam göresim gelip dur.
Gyzlar Bibijemalyň gürrüňine gülüşdiler. Tuwak olaryň gülküsini kesdi.
— Gülüşmäň gyzlar. Bibijemalyň ýagdaýy ýalu ýagdaý her birimiziňem başymyza
düşmegi mümkin. Bibijemal ýüregindäkijesini aýdýar. Bassyr-ýussur edip
duranok. Biz ýaly içindäkisini daşyna çykarman ýörenok. Onsoň kimiň kimi oňat
görüp ýörenini näbiljek?
— Gyzlar, Bäşim okuwdan näme üçin çykdyka? — diýip, Miwe hemmä degişli
sowal berdi. Ol şeýdip, joralarynyň pikirini biljek bolýardy.
— Biz-ä bilmedik.
— Elbetde, bir sebäbi bardyr. Ýogsam okuwdan çykmazdy. Yzyndan hat gelen
bolmagam mümkin.
Bäşimiň näme sebäbe okuwyny taşlap gidendigini Miwe bilipjik durdy. Tas
«Meniň üçin gitdi!» diýip gygyrypdy. Hernä saklandy. Miwe pikirini daşyna
çykarman saklanyp bilendigine müňde-bir şükür etdi.
Birdenem hälki men ýaramok diýip, halymsyran bolup ýatan gyz tarsa ýerinden
turdy. Hasyr-husur şkafdan geýimlerini aldy-da, derrew geýindi. Hiç kimiň
ýüzüne bakman, ot alany bar ýaly bolup jaýdan çykyp gitdi.
Miwe şol çykyp gidişine, ýatakhananyň ikinji gatyna çykyp, Bäşimnň ýaşaýan
jaýynyň gapysyny kakdy. Hiç kim jogap bermedi. Ýene kakdy, ýene jogap
bolmady. Ylgap ýatakhanadan çykdy-da, töwerege ser saldy. Emma Bäşime gözi
düşmedi. Soň ol uniwersitetiň töwereklerini gözledi. Ol ýerde-de Bäşime duş
gelmedi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bu wagt Bäşimiň tirkeşýän ýoldaşlaryndanam
hiç kim ýokdy. Sagadyna seretdi. Ine şonda Tejen tarapa gidýän otlynyň ýene
ýigrimi minutdan ugraýandygy ýadyna düşdi. Ylgap Proletar köçesine düşdi.
Gapdalyndan bir maşyn geçse elini galdyryp başlady. Maşynlar edil dilleşen
ýalydylar. Birem duranokdy. Miwe aljyrap, maşyn saklajak bolup, köçäniň
ortasynda alakjap ýördi. Şol wagt batly ýöräp gelýän «Jiguli» maşyny ýelgini
bilen tas Miwäniň ýüzüne ýere beripdi. Şolbada güýçli tormoz berlen maşyn
Miwäniň edil ýanjagazynda saklandy. Şofýor ýigit kellesini maşynyň aýnasyndan
çykardy-da, Miwä tarap bogazynda baryny edip gygyrdy.
— Näme, gözüň ýokmy? Ýa ajalyňa howlugýarmyň? Köçäniň ortasynda durubam
maşyn saklajak bolarlarmy?
— Bagyşlaň, ýoldaş, men howlugýan.
— Nirä?
— Wokzala.
— Mün!
«Jiguli» Miwäni göz açyp-ýumasy wagtyň wokzala eltip taşlady. Miwe ylgap
perrona çykdy. Miwe otlynyň soňky wagonlaryny görüp galdy. Göwnüne
bolmasa biri oňa «Miwe!» diýip, gygyran ýaly boldy. Miwe ony öz ýanyndan
Bäşimiň sesi diýip çaklady.
Miwe kartda utulan oýunçy ýaly bolup, ýüzüni sallap, yzyna gaýtdy. Bäşimiň
«Miwe!» diýip, gygyran sesi häzirem gulagyna eşidilip duran ýalydy. Emma soň
ol hiç ýerden Bäşimi tapmady.
Miwe özüne iň ýakyn adamdan aýrylandygyna şonda düşünip galdy. «Onuň bu
näme etdigi bolduka?» diýip, zol-zol özüne sowal berýärdi. Öz sowalyna özi
jogap berýärdi. «Bilýän, ol diňe meň üçin okuwyny taşlap gidendir. Men onuň
göwnüne degdim. Men onuň iň belent arzuwyny, maňa bolan söýgüsini aýak
astyna salyp depeledim. Men beýtmeli däldim. Ol meni hiç haçan bagyşlamaz...»
Bäşim telim günläp Miwäniň göz öňünden aýrylmady. Nirä baksa Bäşim oňa ala
gözleri bilen seredip durdy. Şondan soň Miwe büs-bütin üýtgedi. Indi öňküsi ýaly
sähel zada jakgyldap gülmeýärdi. Agraslanypdy. Onda nähilidir alada, nähilidir
ünji bardy. Ol özüniň mundan ozalky bolşuna öz ýanyndan howatyr etdi. Abraý
diýen zadyň gyrkylan erkeçdigine, sähel gowşak tutsaň eliňden sypyp
gidýändigine ymykly göz ýetirdi. Miwe ýap-ýaňylaram dünýäde iň gymmatly zat
oňat geýinmek, owadanlyk diýip düşünýärdi. Şol iki baýlygyň bolsa bar zady ele
salsa bolar öýdýärdi. Miwe hut şeýle pikire gulluk edýänligi üçin-de özüne taý
edip, Meläni saýlap tutupdy. Sebäbi Mele görmegeý ýigitdi. Onuň aýak astynda
öz maşyny bardy. Ýöne Meläniň ýüreginde näme baryny welin Miwe bilip
bilmeýärdi. Iň erbedem Miwe ony biljegem bolmandy. Ine, Miwedäki şeýle
häsiýetlerem ony belent uçurymdan tas dikbaşaşak gaýtarypdy. Onuň dadyna
Miwäniň garaşmaýan adamsy — Bäşim ýetişipdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çyn güller - 4
  • Parts
  • Çyn güller - 1
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1942
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 2
    Total number of words is 3956
    Total number of unique words is 1891
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    49.4 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 3
    Total number of words is 3934
    Total number of unique words is 1889
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 4
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1216
    41.4 of words are in the 2000 most common words
    54.5 of words are in the 5000 most common words
    60.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.