Latin

Çyn güller - 1

Total number of words is 3868
Total number of unique words is 1942
35.1 of words are in the 2000 most common words
47.8 of words are in the 5000 most common words
55.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Arap Gurbanow
ÇYN GÜLLER
(Powest)
Öwez uruşdan gaýdyp gelenden soň öýlendi. Onuň şol wagt ýigrimi ýedi ýaşy
bardy. Bolsa-da, bagtly eken. Onuň öýlenen gyzy obada iň owadan, iň asylly
gyzlaryň biridi. Nurbibi oňa üç gyz dogrup berdi. Öweziň özem görmegeý,
saryýagyz ýigit bolansoň, olardan önen çagalaram biri-birinden zyýadady. Olaryň
ulusyna Miwe, ortanjysyna Sona diýýärdiler. Iň kiçisine yrym edip dördünji
çagamyz ogul bolsun diýip, Bessir adyny dakdylar. Gül ýaly durmuşlary bardy.
Öwez uruşdan gelip, ýene-de obada mugallymçylyk kärine başlady. Ýöne uruş öz
etjegini edipdi. Öweze agyr ýara düşüpdi. Ýaňy otuz bäş ýaşyna ýeteninde şol
ýarasyndanam wepat boldy. Şeýdip maşgala atasyz galdy. Bessir bilen Sona bu
zatlara düşünerden heniz ýaşdy. Miwäniň hemme zada akyly çatýardy.
Kakasynyň ölümine ejesi bilen des-deň aglaşdy. Birdenem onda «Ejem aglap
öler» diýen gorky döredi-de, ejesine ýalbarmaga başlady. «Eje, jan eje,
aglamasana! Sen aglasaň, bizem durup bilemzok!» Ejesi gyzyna düşündiminämemi, garaz, soň aglamady. Ejesi aglamasa-da, ýüreginiň aglap durandygyna
Miwe düşünýärdi. Bir gezek ejesi Miwä arzyny aýdýan ýaly:
— Yzynda ýekeje ogulam galan bolsa, beýle bolmazdy — diýdi.
Nurbibi muny ýanyp-bişip, gynanjyny ýüregine sygdyryp bilmän aýdypdy.
Adamsynyň yzynda ogul galmany üçin, onuň yzynyň ýitdigi hasaplaýardy.
Miwe muňa özüçe düşünipdi. «Ejem muny näme üçin diýdikä?» diýip, haýranlar
galypdy. Gyzyň oglandan niresi kemmişin? Miwäniň ejesine berýän kömegini
oglanlaryň birem berenok ahyryn. Oglan nämäniň alnyndan. Haçan görseň
üýşüşip, köçe-köçe syryşyp, ygyşyp ýörler. Olaryň bar bitirýän işleri köçeden
geçenleriň her haýsyna at dakyp, özünden kiçileri agladyp ýörmek. Mallaryna-da
seredenoklar, içerilerinde-de. Miwe welin indi sygyrlaryna otam ýygyp bilýär,
düýnem ýarty halta ýorunja ýygyp, ýolda birjigem gonman, öýlerine getirdi.
Içerilerinem, howlularynam süpürip bilýär. Ejesi bir ýerik giden wagty,
jigilerinde-de seredip bilýär. Jigileriniň birinem agladyp, ýekeje-de aç-suwsuz
edenok. Ol kirem, polam ýuwup biljek-le, ýöne ejesi oňarmaz öýdýär. Miwe
bularyň hemmesini ejeme kömek bolsun diýip edýär ahyryn. Asla Miwe ýaly öz
ejesini gowy gorýän dünýäde bir barmykan? Onda näme üçin ejesi Miwäni gowy
görenok-da, oglanlary gowy görýärkän? Miwe muňa hiç düşünip bilenokdy.
Özüniň ogul bolup dogulmanlygyna-da gynanýardy. Şondan soň onda oglanlara
gözi gidijilik, bäsdeşlik duýgusy oýandy. Hiç wagt olardan pes oturmazlyga
çalyşdy. Ol muny hut ejesiniň öňünde subut etdi.
Oglanlar gara başlaryna gaý bolup, Miweleriň howlularynyň gapysynyň öňünde
futbol oýnaýardylar. Miwäniň jigisi Sona «Biziň ýanymyzda oýnamaň!» diýse-de,
oglanlar oňa gulak asmadylar. Sona olaryň oýnap ýören pökgülerini alyp suwa
oklady. Miwedenem ullakan bir oglanyň muňa gahary geldi. Sonany urup,
agladyp goýberdi. Muny görüp Miwäniň nähili bolandygyny siz bir bilsediňiz! Ok
ýaly atylyp, Sonany uran oglanyň üstüne topuldy. Bat bilen döşünden itekläp
goýberdi-de, ýüzünden dyrnaçaklady. Geň zat! Ol oglan Miweden ulam welin,
dulugynyň gananyny bilip, uly ili bilen möňňürmäge başlady.
Şol gün Miwe özüniň bu eden batyrlygyny ejesine guwana-guwana gürrüň berdi.
Ejesi oňa düýbünden parhsyz garady. Gaýtam:
— Saçyňy sallap sähel zadyň üstünde urşup, sögüşip ýörmezler — diýip käýedi.
Ejesi käşgä gyzynyň ýüreginde nähili arzuwlary besläp ýörendigini bilýän bolsady,
onda ol Miwä düýbünden başgaça garardy. «Mert gyzym, batyr gyzym» diýip,
bagryna basardy. Ýüzünden-gözünden sypalardy.
Birden ulalaýmak aňsat däldi. Adam ulalyp kemala gelýänçä, durmuşyň müň bir
synaglaryndan geçmeli bolýardy. Bularyň dünýä inenleri ýaňydy welin, eýýäm
kakalary ölüp, ýetimlik dagyny çekmeli boldular. Her hal, olaryň ejesi bardy.
Nurbibi ýaş, sagat aýaldy. Başy dik gezip ýörkä, heýem ol çagalaryny hor edermi?
Nurbibi Öwez ölen ýyly kolhoza sagymçy bolup işe girdi. Başda ol çagalaryny
gündizine çagalar bagyna tabşyrdy. Soň Miwe ulalyp, öý işine ýarap ugrady
welin, çagalaryny şoňa tabşyryp başlady. Miwe jigilerini ejesiniň çak
edişindenem oňat saklaýardy. Nurbibi işden ýadap gelse, öýüň içi süpürilip
ýygnalgydy. Çaýy demlenip, basyrylgy durardy. Nurbibi Sona bilen Bessirden
«agladyňyzmy?» diýip soranynda, «Ýok, aglamadyk» diýip jogap berýärdiler.
Durmuşlar bolsa barha gowulaşyp barýardy. Kolhozam girdejisini ýyl geçdigiçe
artdyrýardy. Onsoň olar hiç zada zar däldiler. Nurbibiniň üç gyzam sag-gurgunja,
keýpleri kök, dünýäni ala-ýaz edip, gülşüp, oýnaşyp, gezişip ýördüler. Olar
ýetimdiris diýip pikirem edenokdylar. Ýetimligiň derdini çekýän Nurbibiň özüdi.
Ýöne welin Öweziň ýoklugy häli-şindi özüni duýduryp durdy. Nurbibi her gyzynyň
ýüzüne bakanynda, Öwezden bir nyşan görýärdi. Hasam iliň kakalary işden
gaýdyp geleninden erbet bolýardy. Beýleki çagalar «Kakam gelýär!» diýşip, uly
şatlyk bilen kakalarynyň öňünden çykýardylar. Nurbibiniň çagalary bolsa,
«kakam gelýär!» sesini eşidip, şol tarapa serederdiler-de, ýene öz işleri bilen
gümra bolubererdiler. Bu zatlar bilenem öwrenişse boljakdy-la welin, başga-da
bir belasy bardy. Nurbibi ýaş, owadan aýaldy. Onsoň, her kimiň gözi şondady.
Her kim oňa lat atjakdy. Telpegi aganlar beýle-de dursun, aýally adamlaryňam
oňa hyrydary gyt däldi. Nurbibi islese-islemese her hili ýakymsyz habarlaram
gulagyna deger durardy. Onsoň ol şeýle habarlary eşidip, onuň pert jogabyny
berip, gaýdyp dil ýarmaz ýaly, petigulysyny bermeli bolýardy. Ine, şonuň ýaly
bolan-da welin, ep-esli günläp ýüregini agyrdyp gezerdi. Ýogsam, tüweleme
geýnere, bezenere zat kändi. Tüýs geýnip, bezenmeli wagtydy. Arman, ol beýle
zatlary edip biljek däldi. Wah, Öwez bolan bolsady, onda geýinerdem,
bezenerdem, gülüp, ýaýynjyrap gezerdi. Bu wagt bezenip, geýnip çyksa, il-gün
näme diýer? «Wiý, bu heleý-ä ärsiräpdir-ow!» diýmezlermi? Onsoňam yzyndan
mejnun bolup ýörenler gyt däl ahyryn. Eger şeýdäýse, örç alşyp, daşyna jyn
üýşen ýaly üýşäýmezlermi? «Ýok, ýog-eý» diýip, Nurbibi ýakasyna tüýkürýärdi.
Şu zatlary pikir edip, käte-käteler Nurbibi çagalaryndan ogrynça, Öwezi ýatlap,
zar-zelil aglardy.
Nurbibiniň çagalaryndan, hasam Miweden göwni hoşdy. Miwe indi ep-esli
bolansoň, ejesine öý işiniň çigit ýalagam aladasyny ýetirenokdy. Nurbibi, onsoň,
nirä gitse, yzyndan arkaýyndy. Miwäniň jigilerem indi, köplenç, arzlaryny ejesine
däl-de, Miwä aýdýardylar. Miwe onsoň olaryň öňünde özüni jogapkär duýýardy.
Bir arzlarynam bitirmän goýanokdy. Miwe dördünji klasda okap ýörkä, ejesi oňa
aýak bilen sürülýän tikin maşynyny alyp berdi. Şol wagtlar maşyna zordan aýagy
ýetýänem bolsa, Miwe sanlyja aýyň içinde maşynda tikin tikmegi suw ýaly
öwrendi. Indi öz geýminem, jigileriniň geýimlerinem, ejesiniň geýminem
Miwäniň özi tikýärdi. Biçip berseň bolanydy. Galanyny gül ýaly edip tikip, gül
ýaly edip bejerip bilýärdi. Olar eşik üstüne eşik tikinýärdiler. Öwez bolanlygynda,
Nurbibi beýle köp, beýle dürli-dürli eşikleri tikdirmese-de tikdirmezdi. Bu wagt ol
muny bilgeşleýinden şeýdýärdi. Ol çagalarynyň kakasyzdygyny bildirmejek
bolýardy. Iller seniň kakalydyňy ýa-da kakasyzdygyňy pikir edip duranoklar.
Derrew eşigiňe seredýärler. Onsoň, Nurbibiniň çagalarynyň geýnişine il höwesdi.
Üç gyzyň üçüsem her gün gurjak ýaly bezenişip çykýardy. Her gün ýuwulgy,
daralgy, her haýsy aýyň bir bölegi ýaly bolşup, bir şahada ösen üç güle
meňzeýärdiler.
Miwe bäşinji klasda okap ýörkä-de, özüni çaga hasaplaýardy. Nurbibiniň gözüne
ol hasam şeýledi. Şol günleriň birinde Miwe süňňünde üýtgeşiklik syzdy. Birhili
agraldy. Ähli bogunlary syzlaşyp ýaltanýandygynam, uklasy gelýändiginem bilip
bilmedi. Bu ýagdaý onda ilkinji gezek bolany üçin, ýüregine howsala, gorky
aralaşdy. Okuwdan gelip, eşigini çalşyrmakçy bolanynda, täp-täzeje, ýukajyk
ýüpek köýneginde garaja tegmiljik gördi. Birdenem biri göräýmesin diýen
howatyr bilen düýrleşdirdi-de, öýüň bir burçunda bukup goýdy. Şondan soň birki
gün birhili müýnli ýaly bolup gezdi. Özüniň bu ýagdaýyny iller bilip duran ýaly,
hiç kimiň ýüzüne göni bakyp bilmedi. Onda şu çaka bolmadyk häsiýetler bolup
ugrady. Miwe şu çaka çenli utanjaňlyk, çekinjeňlik, ýygrykmak ýaly sözleri eşitsede, onuň doly manysyna düşünmeýärdi. Oglanlar ýaly hiç zatdan utanyp, hiç
zatdan çekinip duranokdy. Olar ylgasa, Miwe-de ylgardy, sögüşse, Miwe-de
sögüşerdi. Bardy-geldi, ýakalaşyp uruşmaly bolaýanda-da çekinjiräp durmazdy.
Indi welin adamlardan birhili utanjyrap, çekinjiräp başlady. Sähel zatda ýygrykdy.
Ol şu çaka çenli dünýäniň ähli gurluşy oýun oýnamakda, özüň ýalylardan kem
oturmazlykda, ejeňe kömek bermekde, sapagyňy oňatja bilmekdedir öýdüp pikir
edýärdi. Indi welin ol ýaňy dünýäň ujundan girip ugrandan soň, dünýäniň müň
bir sapalagynyň bardygyny, dünýäden doýma ýokdugyny, ýaşaýyş diýen zadyň
şeýlekin süýjüdigini duýup ugrady.
Miwe! Miwe jan! Sen ony ýaňy duýup ugradyň. Bu dünýäniň süýjüligi entek
öňdedir. Ýöne, süýjüligiň bar ýerinde ajylygyňam bardygyny unutmagyn!
Miwe biçak owadan gyz bolup ýetişdi. Her kimiň ony gelin edinip bilse armany
ýokdy. Elinden dür dökülýärdi. Onuň elde, maşynda tiken keşdeleri il gezdi. Her
kim geýimini şoňa tikdirjekdi. Miwe-de ejesi ýaly işde ýaltanmany bilmeýärdi. Ilki
sapagyny okap, soň gijäniň bir wagtyna çenli iş ederdi. Käte-käteler Nurbibi ony
käýýäp ukladardy. Içindenem: «Gyzyma göz degmesin, alny-bagty açyk bolsun»
diýip, alkyş baryny okardy.
Nurbibi indi başdaky ýaly däldi. Öweziň yzynda ogul galmady diýip, gaty bir
ahmyr çekip ýörenokdy. Miwe öz sözünde tapylypdy. Nurbibi ony oguldan
birjigem kem görenokdy. Bar maslahatçysy, bar tutarygy Miwedi. Miwe indi ol
görýän çagajyk Miwäň däldi. Agrasdy, asyllydy. Gepi-gürrüňi batnykly, şeýlekin
mähriban, şeýlekin mylakatlydy. Ýöne, başga bir zat welin Nurbibiniň halys
ýüregine düşüpdi. Kyndy. Gaty kyn meseledi. Günde-günaşa ýüze gelip
oturmalydy. Miwä sözaýdyjy gelýänleriň aňyrsy-bärsi ýokdy. Tanşam gelýärdi,
nätanşam. Ýetimem gelýärdi, hossarlam. Nurbibiniň bolsa adamyň ýüzüne
gelmäge duranja ýeridi. Wah, şunuň ýaly ýerde Öweziň gerek ýeri-dä! Öwez
bolanlygynda, maslahaty ilki Öweze salardy. Öwez il arasynda özüni tanadan,
tanşy kän adamdy. Her hili kyn ýagdaýdanam başy çykardy, onsoň ol näme
etmelidigini derrew aýdyp bererdi. Hany indi Öwez ýetdirýärmi näme? Nätjek,
Nurbibiniň alajy ýokdy. Baryny özi çözmelidi. «Ýetim oglan öz göbegini özi keser»
etmelidi. Bu mesele-de oňa kömege ýetişýän ýene Miwedi. Ol ejesine: «Heý,
şonuňam aladasyny ederlermi? Gyzymy okatjak diýerler. Gutardy gitdi» diýerdi.
Dogrudanam, «Gyzymy okatjak» diýen söz Nurbibä uly tutaryk boldy. Ol kim
gelse, şony diýýärdi welin, olaryň alajy bolmazdy.
Sözaýdyjylary yzyna gaýtarany bilen bolaýýan bolsa, onda boljak-la welin,
sözaýdyjysyz söz gatýanlaram gyt däldi. Bäşimem şolaryň biridi. Ýogsam şondan
şeýle zat çykar öýdüp, Miwäniň ýatsa-tursa hyýalyna-da gelenokdy.
Bäşime kim-kim, Miweden belet adam ýokdy ahyryn. Miwe indi on ýyldyr Bäşim
bilen bir klasda okap ýördi. Bütin klasda, asla, bütin mekdepde şondan ýuwaş
oglan bardyr diýip Miwe pikir etmeýärdi. Ony gürletmeg-ä beýle-de dursun,
jogap aljak bolsaňam, uly hyllallady. Her gezek tagtanyň öňüne çykyp jogap
berjek bolanynda, wagty bilen geplemezdi, ep-esli wagtlap gözüni asmana dikip
sömeler durardy. Onuň beýdip durşuna diňe bir okuwçylaryň däl,
mugallymlaryňam ýüregi gysardy. Bir zat aýdaýjak ýaly bolup, asyl aýtmazdy
welin, mugallym teý-ahyr durup bilmän: «Hany, gazyk ýuwdan ýaly beýdip
durma-da, bir zat gürlesene, how!» diýerdi. Şondan soň, häliden bäri gülküsini
saklap oturan okuwçylar gyzyl-gyran gülşerdiler. Bäşim şonda-da geplemezdi.
Miwe, ine, şol oglandan hat aldy. Miwe başda ony Bäşim däl, başga biri ýazandyr
öýtdi. Okap agzyny açdy. Beýle-de bir hat boljak eken-ow!
«Sen meni geň görme. Şu haty ýazýançam çeken jebirlerimi sen bir bilsediň!.. Şu
haty ýazýançam tegelek dört ýyl, ýok, ýalan sözledim, seni görelim, seni tanalym
bäri içimi gepledip, umyt edip, delmuryp gezdim. Diýmek, bu hatyň on ýyllyk
taryhy bar. On ýyl geçensoň az ýaly. Emma seredip otursaň, biçak kän wagt.
Ondan bäri näçe özgerişler boldy. Şu geçen ýylyň içinde senem, menem ulaldyk,
sowat öwrenip, adam çykdyk. On ýyl mundan öň senem, menem kiçijikdik. Seniň
ala-böle üýtgeşik, illeriňkiden owadan, towaryp duran gulpagyň bardy. Sen şol
wagtlar gyza däl, ýanyp duran oda meňzeýärdiň. Gara gözleriň ýaldyraşyp,
dogumyňa bäs gelmän oýnaklaşyp durdy. Şol wagtlar sen magazinlerde satylýan,
ýöne diýseň seýrek duş gelýän gymmatbahaly eýjejik gurjaga meňzeýärdiň. Eger
sen adam bolman, dogrudanam gurjak bolan bolsaň, barja dünýämi satyp, seni
satyn almaga taýyndym. Arman, sen gurjak däldiň. Adamdyň. Biriniň gyzydyň.
Seniň bilen oýun edişesim gelýärdi. Seni bezeg edip bütin dünýä görkezesim
gelýärdi. Seniň welin, azaryňa-da däldi. Meni dünýäde bardyram öýdeňokdyň.
Sen ulaldyň. Sen ulaldygyňça meniňem saňa bolan söýgim ulaldy. Indi men şol
söýgimi ýetjek derejesine ýetdi hasap edýärin...»
Miwe haty okan dessine ýyrtyp goýberdi. «Samsyk akyly çaşan! Gel, gel sen
maňa şeýle hat ýazmaly bolduňmy?»
Miwe muňa özüçe düşünipdi. «Ejem muny näme üçin diýdikä?» diýip, haýranlar
galypdy. Gyzyň oglandan niresi kemmişin? Miwäniň ejesine berýän kömegini
oglanlaryň birem berenok ahyryn. Oglan nämäniň alnyndan. Haçan görseň
üýşüşip, köçe-köçe syryşyp, ygyşyp ýörler. Olaryň bar bitirýän işleri köçeden
geçenleriň her haýsyna at dakyp, özünden kiçileri agladyp ýörmek. Mallaryna-da
seredenoklar, içerilerinde-de." gyz caga shu "Ogul bolan bolsa begenerdik" yaly
sozler yaman agyr degyar, islenilman dunya gelen perzent yaly duygy bilen
yashatmak tutush omri boyunca
Şol günden soň Başim okuwda görünmedi. Görnäýen bolsa Miwe Bäşimi ýerden
alyp, ýere sokjakdy. Şol gün Miwe gaharlanyp, titräp gezdi. Diňe öýlerine baryp,
sapagyny, işini bolup, gijäniň birwagty ýerine geçip ýatanynda, Bäşimiň haty göz
öňüne geldi. «Ýalançy, nejis, heýem adam ýedi-sekiz ýaşda-da biri-birini söýermi
diýsene!.. Heý, on ýyllabam şeýdip birini söýüp, gezip ýörüp bolarmy?.. Onuň
kellesinde näme-de bolsa, bir zadynyň ýetmeýändigini ozalam bilýärdim-le!...»
Birdenem, edebi kitaplarda şonuň ýaly zatlara köp duş gelendigi ýadyna düşdi.
Kän uzaga gidip durup näme etjek. Mejnunam, Tahyram... şeýle ahyryn.
«Sendenem bir Tahyr bormy, samsyk!» Bäşimiň ýazan haty hakynda pikirlenmek
Miwä birhili gyzykly bolup göründi. Dogrudanam, Bäşim ony gowy görýän bolsa,
şu geçen on ýylyň içinde Miwe ony aňmazmydy? Miwe näçe pikir etse-de, onuň
bilen gürrüň edenligi-de ýadyna düşmedi. Diňe onuň mölterilip bakýan, birneme
gaharly ullakan gözleri ýadyna düşdi. Bäşim gaty seýrek gülüp, seýrek
ýylgyrýardy. Miwäni ondan daşlaşdyrýan esasy häsiýetleriniň biri-de şoldy.
Bäşim beýleki oglanlar ýaly degşip, gülüşmäni başaranokdy. Onuň nämä gülküsi
tutup, näme gaharynyň gelýändigini özi biläýmese, başga kişiniň biljek gumany
ýokdy. Miwe Bäşim hakynda pikir etdigiçe, ol oňa geň, birhili syrly adam bolup
göründi. Onuň geçen on ýylyň içinde Bäşim bilen bir klasda oturybam ol hakda
pikir edip görmeýşini diýsene!.. Miwe ony pikir etse-de ederdi, ýöne onuň Miwe
üçin hiç bir ähmiýeti ýokdy. Onuň Miwä ýazan hatyna seretseň-ä, ol bu görýän
Bäşimi däl-de, düýbünden başga Bäşime meňzeýärdi.
Miwe ertesi okuwa baranda, Bäşim mydama-da bolşy ýaly, bu gezegem klasda
bir özi (beýleki okuwçylaryň barysy daşardadylar) geçilýän predmetlere degişli
bolmadyk başga bir kitabyň sahypasyny açyp, öz partasynda çüňke gysylyp
otyrdy. Miwe klasa girende, Bäşim oňa tarap bakdy-da, üýtgeşik, geň bir
ýagdaýda ýylgyrdy. Miwe onuň beýle ýylgyrmasyny görse-de, hamala oňa
düýbünden üns bermeýän adam hökmünde, sumkasyny öz oturýan ýerindäki
partalaryň biriniň gözüne saldy-da, şowurdap gelşine ýene-de yzyna, daşaryk
çykyp gidibermekçi boldy. Bäşim şol wagt ýerinden turdy-da, dik duran ýerinden
Miwä sowal berdi.
— Hatymy aldyňmy?!..
Miwe eşitmediksirän bolup, gaharly görnüşde çalt-çalt ýöräp, klasdan çykyp
gitdi. Birküç günden soň Miwe ýene-de okuwa gelende, Bäşimiň klasda özüniň
oturandygyna gabat geldi. Bäşim bu gezegem öňküsi ýaly geň görnüşde Miwä
ýylgyryp bakdy. Miwe öňküsi ýaly hiç zat diýmän, portfelini partasynyň gözüne
salyp, çykyp gidibermekçi boldy. Bäşim duran ýerinden gürledi.
— Miwe, hat ýazanymy bagyşla, gaty görme. Enem-atam bolan bolsa, menem
iller ýaly, öýüňize sözaýdyjy ibererdim.
Miwe onuň ýetimdigini şonda bilip galdy. Şonda Miwäniň özüniňem ýetimligi
ýadyna düşdi. Ol wagta çenli özüni ýetimdirin öýdenokdy. Meniň kakam ýok.
Onda bolsa ikisem. Şonda oňa Miwäniň nebsi agyrdy. Onuň üstünden näçe
gezekler gülendigi ýadyna düşüp, öz ýanyndan gynandy.
* *
Bäşim mese-mälim horlanýardy. Onuň horlanýandygyny diňe Miwe däl, klasyň
ähli okuwçylaram duýýardy. Ol indi öňküsindenem beter tutuk boldy. Ol ozal
näçe tutugam bolsa hiç kime gaharlanyp, hiç kime ajysyny pürkýän adam däldi.
Indi kimem bolsa tapawudy ýok, sähel degjek bolsalar, it ýaly ýüzüni dalap
goýberýärdi. Oglanlar öz aralarynda «Muňa bir zad-a bolupdyr. Düýbünden öňki
Bäşime meňzänok» diýip, gürrüň edişýärdiler. Iller bilmese-de, Miwe bilýärdi.
Bäşim Miwä aşyk bolupdy. On ýyllap Miwäniň adyny ýüreginde besläp gelipdi.
Ahyrynda-da, şol on ýylky arzuw-umytlaryny Miwe bir minutyň içinde ýedi gat
ýere sokup, üstüni tapbatlap, gömüp goýupdy. Onsoň ol neneň horlanmasyn,
neneň üýtgemesin? Ol häzir ýaraly gaplaňa dönüpdi. Bu wagt onuň bilen oýun
etmeklik eliň otluçöpli gury däri bilen oýun eden ýalydy. Belki-de, onuň şu çaka
çepli tutuklygam, köp geplemezligem, gaharly, geň garaýyşlaram ilki başdan
Miwäni söýenligi üçindir? Ony bir özünden başga bilýän ýokdy. Ine, indem
özünden başga diňe ýekeje adam — Miwe bilýärdi.
***
Bäşim mese-mälim horlanýardy. Onuň horlanýandygyny diňe Miwe däl, klasyň
ähli okuwçylaram duýýardy. Ol indi öňküsindenem beter tutuk boldy. Ol ozal
näçe tutugam bolsa hiç kime gaharlanyp, hiç kime ajysyny pürkýän adam däldi.
Indi kimem bolsa tapawudy ýok, sähel degjek bolsalar, it ýaly ýüzüni dalap
goýberýärdi. Oglanlar öz aralarynda «Muňa bir zad-a bolupdyr. Düýbünden öňki
Bäşime meňzänok» diýip, gürrüň edişýärdiler. Iller bilmese-de, Miwe bilýärdi.
Bäşim Miwä aşyk bolupdy. On ýyllap Miwäniň adyny ýüreginde besläp gelipdi.
Ahyrynda-da, şol on ýylky arzuw-umytlaryny Miwe bir minutyň içinde ýedi gat
ýere sokup, üstüni tapbatlap, gömüp goýupdy. Onsoň ol neneň horlanmasyn,
neneň üýtgemesin? Ol häzir ýaraly gaplaňa dönüpdi. Bu wagt onuň bilen oýun
etmeklik eliň otluçöpli gury däri bilen oýun eden ýalydy. Belki-de, onuň şu çaka
çepli tutuklygam, köp geplemezligem, gaharly, geň garaýyşlaram ilki başdan
Miwäni söýenligi üçindir? Ony bir özünden başga bilýän ýokdy. Ine, indem
özünden başga diňe ýekeje adam — Miwe bilýärdi.
Her näme diýseňem, Miwe adam ahyryn. Onda-da illeriňki ýaly rehim damarlary
bar ahyryn. Ol Bäşimi beýdip, kösäp gezip bilmez ahyryn. Miwe şeýle-de etdi.
Şundan şeýlek onuň göwnüne degmezligi öz ýanyndan berk şert edip goýdy.
Bäşim soňam bir gezek:
— Heý, bir jogap berjek dälmi? — diýip sorady. Miwe şonda ýüzüni aşak salyp,
ep-esli pikirlenip gördi. Göwnüne geňeşdi. Emma belli bir netije çykaryp, bilmän:
— Men saňa näme jogap bereýin? — diýdi.
Miwäniň şojagaz jogabyna-da, Bäşimiň ýüzi ýagtylyp gitdi. Elleri-aýaklary
görülmedik geň hereketler etdi.
— Sen meniň hatyma ynansaň bolýar. Sen maňa ynanýan dälsiň? Ýöne hemmesi
dogry. Adamyň durmuşynda şeýle zatlaryň boljak ekenligine özümem haýran
galýan. Bilýän, men ile birhili gülkünç görünýän bolsamam, görünýändirin. Ýöne,
men başda beýle däldim. Hasam, soňky ýyllar seniň ýetişip, gyzyl gül ýaly
ýalpyldap açylyp başlan wagtyňdan bäri erbet boldum. Seni görsem, görmeg-ä
beýlede dursun, sesiňi, adyňy eşitsemem, ysgyn-mydardan gaçýan duruberýän.
Meniň ýagdaýym şeýle, seni gowy görýän, sen diýip ölüp ýatyryn... Nädeýin,
alajym ýok.
Bu sözleri aýdýarka, Bäşim öňki Bäşime meňzänokdy. Sözem, özem üýtgeşikdi.
Çalt, dogumly, dury, tüýs ýürekden syzdyryp, joşup-joşup gürleýärdi. Miwe:
— Sen öňki Bäşimmi beri — diýenini duýman galdy.
— Men şol. Öňki Bäşim. Ýöne, sen ol wagtlar meni düýbünden tanaňokdyň. Üns
bereňokdyň. Ine, indi azajyk üns berdiň. Seret, eýýäm, bir azajyk tanap ugradyň.
***
Miwäniň ýekeje arzuwy bardy. Olam, basymrak bir okuw gutarsa, şu Bäşimli
beladan bir dynsam diýýärdi. Ýogsam, her gün, her sagat onun nazaryndan
sypma ýokdy. Göwnüne bolmasa, Miwe kitap okap otyrka-da, biri bilen gürleşip
durka-da Bäşim oňa, şol içi doly hasratly, içi doly ahmyrly gözlerini dynman dikip
oturan ýalydy.
Hernä, okuwam haý diýmän gutardy. Bular eline gutardyş attestatlaryny
alanlarynda, ýokary okuw jaýlarynda okuwyny dowam etdirmäge ilkinji
ündelenleriň biri-de Miwedi. Ejesi:
— Git, oglum, git ýoluň açykdyr — diýdi.
Hemme gyzlaryňam ejesi Nurbibi ýaly bolaýsa. Ol şu çaka çenli ýekeje saparam
Miwäniň gaňryşyna gaýtmady. Miwe «Eje, men-ä aýdym-saz kružogyna
ýazylandyryn» diýse, «Oňaraýypsyň!» diýdi. Ine, indem «Eje, men-ä uniwersitete
okuwa ýazdylar. Gideýinmi?» diýse: «Git, oglum, git» diýdi.
Nurbibi üç gyzyndan başga kime guwansyn? Hudaý saklasyn. Nurbibiniň başy
ýassyga ýeten güni «Eje jan!» diýip, daşyny gurşap aljak başga kişi däl-de, şu üç
gyzydy. Heý, onsoň olam olaryň göwnüne degermi? Heý, onsoň ol olaryň
diýenine ýok diýermi? Miwe bäş ýyldan okuwyny gutaryp gelse, sowatly, hünärli
adam bolup ýetişse, oňa ýetesi näme bar!?
Miwe uniwersitete dokumentlerini tabşyryp, ekzamen bermek üçin otla münüp,
Aşgabada tarap ýola düşeninde, wagonyň içinde Bäşimem otyrdy. Miwäniň öz
münen wagonyna münendigini görüp, Bäşimiň begenjinden ýüregi böküp gitdi.
Ol bütin ömründe şeýle begenen däl bolsa gerek.
Bäşim otly ugran dessine, Miwäniň ýanyna barjakdy. Arman, onuň ýanynda
ýene-de iki sany gyz bardy. Ol onsoň birbada ebeteýini tapmady. Ol ýol boýy
Miwäniň küpeden daş çykaryny diledi. Miwe weli edil bilgeşleýin edýän ýaly,
ýekeje gezegem çykmady. Her niçigem bolsa, Bäşim köp saklanyp bilmedi. Bir
gazetiň içini halyly üzümden dolduryp, olaryň küpesine girdi.
— Sag-aman gelýäňizmi? Alyň, üzüm iýip oturyň — diýip, ol içi üzümli kagyzyny
gyzlaryň öňünde goýdy. Beýleki gyzlar Bäşime garasalaram, Miwe başyny
galdyrmady. Gyzlaryň garaýagyzy:
— Sizem Aşgabadamy? — diýip sorady.
— Hawa, uniwersitete ekzamen bermäge barýan.
galdyrmady.
— Şeýlemi? A gyz, saňa-da ýoldaş tapylypdyr. Ynha, bu oglanam uniwersitete
ekzamen bermäge barýan eken-ä — diýip, ol gyz Miwäniň egnine kakdy. Miwe
şonda-da kellesini galdyrmady.
— Haýsy fakultete girmekçi?
— Taryh.
— Edil özi-dä — diýip, garagözelek gyz ýene-de Miwäniň egnine kakdy. Miwe
şonda-da kellesini galdyrmady.
— Miwe, senem taryhamy? — diýip, Bäşim sorag berdi.
Miwe ýüzüni daşaryk, aýna tarap öwrüp, çalaja:
— Hawa — diýip, jogap gaýtardy.
Bäşim şoňa-da monça boldy. Hezil edinip uludan demini aldy-da, ýylgyrdy:
— Bolýar, gyzlar, men öz küpäme barjak.
Ap-ak togalajyk gyz:
— Oturyň-da — diýip, sypaýyçylyk etdi.
— Menem ýoldaşlarymyň ýanyna baraýyn.
— Getiren üzümiň üçin sag bol, oglan.
Bäşim giden dessine, gyzlaryň biri öňlerinde bulduraşyp duran halyly üzüminiň
birini dadyp gördi.
— Bal ýaly ekeni! — diýdi.
Beýleki gyzam dadyp gördi. Diňe Miwe datmady.
— Sen näme iýeňok?
— Iýesim gelenok
— A gyz, seniň birhili ýüzüň çytyk görünýä-le, ýa-da yzyňda söýgüliň galdymy? —
diýip, garaýagyz gyz çalaja güldi.
— Aýdyp oturan zadyň näme gyz? Yzymda söýgülim galar ýaly hemme kişini
özüňiz ýalydyr öýdýärmisiňiz?
— Söýuşmek aýypmy gyz, ne beýle gaharyň geldi?! — diýip, ap-ak, tokgaja
gyzam söze goşuldy.
— Biziň-ä gaharymyz gelenok, öz aýdyşyňyza diýýän.
— Men-ä dogrusy — diýip, ap-ak, togalajyk gyz sözüni dowam etdi. — Bir oglany
söýdümem, söýýänem. Olam men diýip ölüp ýatyr. Ejem dagam meni başga
birine berjek boldular welin okuwa gaýtmagym ol beladan dyndardy oturyberdi.
Söýmedigiňe baranyňdan-a asylyp öleniňem gowudyr.
Miwe şu ýerde ejesini ýatlady. «Meniň ejem nähili gowy adam ekeni...»
Garaýagyz sowal berdi.
— Ýeri onsoň, ol söýýän oglanyň näme işledi?
— Yzyňdan barar duraryn diýýär.
— Bile okaýarmydyňyz? — diýip, Miwe söze goşuldy.
— Ýok-la, kolhozyň şofýory-la, pagta daşaýar. Bir görseňem, gurluşyk
materiallarynam daşap ýör,
— Şofýorlykdan başga okan ýeri ýokmy?
— Onunjyny gutarypdyr. Bolýar-da name? Goşunçylykdan öten ýyl geldi.
— Şoňa barjakdygyňy ejeňe duýduraýsaň bolmaýarmy?
— Duýdurdym-la, hakyt bady-baran agladymam!
— Onda näme?
— Olara pul gerek. Ol neressede bolsa pul ýok.
— Gaçyp ötägitseň bolmaýarmy?
— Gaçaýmak dilde aňsat, dogan jan. Ene-ataň ýüzüni ýere basyp gidibermek gaty
kyn zatdyr.
— Ol dogry — diýip, Miwe tassyklady.
— Biz-ä ejemiziň ýüzüne basyp, atan aýagymyzy ätläp bilmeris.
— Söýgi diýen zat gaty erbet zatmyş. Ol ene-atadanam geçiräýýämiş. Şeýdip öz
söýýänleri bilen gaçyp gidýänler kän ahyryn. Ýogsam kimiň ene-atasyna
hyýanatçylygy bardyr öýdýäň — diýip, garaýagyz gyz gürledi.
— Men-ä, dogrusy, öz şofýoryma barmasam, gözümi açyp giderin. Ene-atam
göwnese-de bararyn, göwnemese-de. Neneň görýäň, jora jan? — diýip, togalajyk
gyz Miwä ýüzlendi.
— Biz-ä ol zatlary bilmeris. Biziň-ä heniz onuň ýaly zatlar kellämize-de gelenok.
— Aý, goýup otur, jora jan, bujagaz görk-görmegiň bilen daşyňa tor gurup,
göwnüňi awlap biljek ýigit saňa-da tapylar.
Miwe özüniň owadan ekenligine ýene bir gezek göz ýetirdi. «Men şeýle
owadanam bolsam, meni söýüp ýören näteňenälet» diýip, içini gepletdi. Onsoň
ol gürrüňi öz üstünden sowjak boldy-da, ap-ak, togalajyk gyza ýuzlendi.
— Ýeri, indi tä şol oglan pul tapýança gezip ýörjekmi?
— Ol oglandan pul alaýjak bolsaň-ä, eşegiň guýrugy ýere ýetse gerek — diýip, ol
güldi. — Onuň janyny alaýmasaň, başga zady barmy näme? Inwalid kakasy bilen
garryja ejesi bar. Ol şolary ekläp bilse azmy? Ony göräýseňiz, pulam ýadyňyza
düşmez, zadam. Özüm pul berip baraýyn diýersiňiz. Diňe gözleri nämä degmeýär.
Biliberiň ahyry, eýýäm göresim gelýä-dä...
Gyzlar gürrüňe şeýle bir gyzykdylar welin, Tejen bilen Aşgabadyň aralygyny nähili
geçendiklerini duýman galdylar. Olar uly tolgunma bilen paýtagtyň köp adamly,
owadan, giň perronyna düşüp, her kim öz okajak ýerine tarap nähili gitmegiň
maslahatyny edip durkalar, Bäşim Miwäniň elindäki çemedanyny aldy-da:
— Ýör!.. — diýdi.
Miwe göwünsizlik bilen onuň yzyna düşdi.
***
Berekella, Miwe!.. Berekella, Bäşim!.. Ikisem ekzamenlerden oňat geçdi. Ikisem
uniwersitete kabul edildi.
Haý diýmänem okuwlar başlandy. Bäşim üçin bolsa iň düşnüksiz günler başlandy.
Ol adamlaryň birden üýtgäýşine geň galyp, aňyrsyna çykyp bilenokdy.
Ekzamenler döwründe adamlar düýbünden başgaçady. Her kim ekzamen bilen
garabaşyna gaý, oňat geýinmeden, kino-teatrdan bizar, sag-aman
ekzamenlerden ýykylman okuwa girip bilseler razydy. Barynyň ýüzünde alada,
birhili howsala bardy. Her kim biri-birini görenlerinde hal-ahwal soraşýardylar.
Ilki bilen «nätdiň, geçen saparky ekzamenden nähili geçdiň?» diýip soraýardylar.
Köpüsi bolsa, bijesi galan ýaly ýüzlerini sallap: «Bolmady, ýykyldym» diýip jogap
berýärdi. Şol günler Miwe Bäşimiň ýanyna telim gezek gelipdi. «Ýeri, pylan sorag
düşäýse näme diýerin?» diýýärdi. Ýa-da «şol küti depderiňi maňa-da bersene,
menem okap göreýin-le» diýýärdi. Bir topar zady Bäşimden sorap, ýazyp alýardy.
Şondan ol Bäşimiň gözüne birhili ejiz, birhili gowuşgynsyz görünýärdi. Indi welin
Miwäni tanar ýaly däldi. Ýörişem üýtgeşikdi, geýnişem üýtgeşikdi. Ol indi Bäşim
bir zat soraýmasa ýalandan-çyndan onuň adynam tutanokdy. Hamana diýersiň ol
ozal Bäşimi tanamaýan ýalydy. Hamana diýersiň ol ikisi bir obada ulalyp, bir
obada ösmedik ýaly, bir mekdepde, bir klasda okamadyk ýalydy. Bäşimiň
göwnüne ýeke Miwe däl, ähli adamlar üýtgäpdi. Bary geýnüwlidi, barynyň öz
tirkeşýän adamlary, öz syr berişýän ýoldaşlary bardy. Hiç kimiň Bäşim bilen işi
ýok ýalydy. Ol onsoň özüni ýeke duýdy. Illeriň eşiklerem Bäşimiňki ýaly däldi.
Olaryň geýýän eşikleri üýtgeşik biçüwde, üýtgeşik matadan tikilen eşiklerdi.
Bäşim öz ýanyndan «olar beýle üýtgeşik eşikleri nireden tapýarkalar?» diýip geň
galdy. Onsoň onuňam olara meňzäsi, üýtgeşik oňat geýimler geýesi geldi. Ýöne ol
beýle üýtgeşik eşikleri nireden alsyn? Onuň üçin ilki bilen pul gerekdi. Pul
bolaýanlygynda-da o zeýilli eşikleri magazinlerden tapjak gümanyň ýokdy.
Bäşim oturyp-oturyp, Miwä geň galýardy. Ol her gün bir hili eşik geýinýärdi. Bir
gün ýaşyl geýýärdi, bir gün gyrmyzy. Miwe şeýle bir owadanlaşypdy welin, Bäşim
ony her gezek göreninde haýran galyp, agzyny açyp galýardy. Bäşimiň göwnüne
bolmasa, Miwäniň öňki uzyn saçlary has ýognap, uzalan ýalydy. Onuň ýüzi
öňküsinden has ak, gaşlary has gara görünýärdi. Boýam öňküsinden uzyn, has
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çyn güller - 2
  • Parts
  • Çyn güller - 1
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1942
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 2
    Total number of words is 3956
    Total number of unique words is 1891
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    49.4 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 3
    Total number of words is 3934
    Total number of unique words is 1889
    35.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çyn güller - 4
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1216
    41.4 of words are in the 2000 most common words
    54.5 of words are in the 5000 most common words
    60.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.